Latin

Topraga duwlanan ägirt - 07

Total number of words is 3865
Total number of unique words is 2300
30.9 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gadryny bilipdirler,onda-da şeýle bir bilipdirler,hi goýaý!Indi,pälwanlara hormat
edilmeýär,päheýde weli.Hawa,ýaňky Juma ýasy pälwan erte göreşe çykmaly welin
diýýär,ejesi oňa bir şa käse gowurdagy “iý,gurplan” diýip beripdir.Pälwan ony iýip
ýatypdyr,ýagny,ýatan bolup ýatypdyr.Ejesi uka giden badyna,gorküýzedäki gowurdagy
tutuşlygyna gazana atyp gyzdyrýar-da iýýär.Sebäbi,ejesiniň beren gowurdagy bilen
göreşe çykyp boljak däldi.Ertesi ol göreşde ýeňiş gazandy-da,on goýun sylag
alyp,täzeden gorküýzäni gowurdakdan doldurdy.Pälwanlar gor edinmeseler bolanok
ahyr,päheýde welin.
–Altymyrad-a az yýýär,şonda-da ýeňiş gazanýar diýýärler,başlyk.
–Onuň bir emmasy bar,Begjan beg-diýip,Rahmanberdi aga jogap berdi.-Ol alty
ýaşyna çenli ene süýdüni emdi.Ogul doguran enäniň süýdi gyz doguranyňkydan agyr
gelýändir,has goýy,ýokumly bolýandyr,ine,onuň emmaly ýeri,päheýde weli
–Munda,başga-da bir emma bar!-diýip,Tirkişiň uly ogly Aýdogdy söze goşuldy.Oňa
garry atasynyň ady dakylanlygy üçin,Kakajan,Kakyş hem diýýärdiler-Altymyrada günde
bäş ýüz manatlyk talon berýärler,ýagny, belli naharhanalarda naharlanar ýaly rugsat haty
berýärler,oňa bolsa zordan ertirlik,günortanlyk nahar düşýär,agşamlaryna aç ýatmaly
53
bolýar.Şoň üçin ol gijelerine otly çeleklerinden kömür,sement ýaly ýükleri
düşürip,iýjegini özi gazanmaly bolýar,şeýdibem tijenýär.
–Wah-waheý,päheýde weli!-diýip,Rahmanberdi aga janykdy-Adamlaryň aňyndan
günä,sogap,halal-haram düşünjeler ýok bolaýdymy-ka?Ol aýrylan bolsa biz ýaman güne
düşeris.Ýolbaşçylar bize”Baryň, daşary ýurtlarda özüňizi gowulykda görkezip,türkmeniň
adyny
dünýä
ýaýradyň!”diýýärler.Altymyradam
tüýs
şony
edýän
gerçek!Onsoň,”Türkmenistany ikinji Küweýte öwürerin”diýýänler,pälwana gowuja ýal
iýer ýaly ýagdaý döredip bilmeýärlermi-kä?Sportda,harby işde,syýasatda daşary ýurda
kimligiňi aýan edip bolýar.”Duşmana haýbat ýagşydyr”diýip,könelerimiz aýdypdyr
ahyryn,päheýde weli!Çapawulçylyk edýän bir hana “kömek”diýip,köşekli düýe
iberipdirler.Olam:”O-how,berdiňiz taň etdiňiz,indi düýe sagyp bilýän beriň!”diýipdir.Oňa
bir garryny ugradýarlar.Ol bolsa düýe sagmadan başga-da, han nirede ot basypdyr,nirede
ýatypdyr,nirede at saklapdyr,nirede goraghana ýerleşdiripdir,şulary öwrenip,onuň
kömegi bilen hany gysypdyr we barýan hapa ýolundan sowupdyr.Şol garry ýaly,döwlet,
sportçylaryň,söwdegärleriň baryp gelen ýerlerinden köp peýdaly zatlary,at-abraýy
alýandyr ahyr...
-Rahmanberdi aga,o diýýänleriň häzirki döwre degişli däl-diýip,sesini çykarman
oturan Orazberdi dillendi-Olar ýaly işler üçin indi ýörüte gulluk bar,dogru-da walla.
-Aýtjak bolsaň,başlyk,otly duralgalarynda,uçarhanalarda,awtoduralgalarynda namaz
okap, täret kylar ýaly mümkinçilik döredilse diý!Daşary ýurtdan myhman gelse ony
nädip garşylajak?-diýip,Begjan molla janykdy.
-Altymyrat şu meseleler barada hem kellesini agyrdýar.Men onuň ilkinji
türgenleriniň biri.Ol ýaş wagty çepiksije,mütüje,oglandy,hatarda iň yzda, boýy zordan
görünýärdi,dogryda walla.Men Tirkişe:”Aý,agam,agyr atletika sportyň iň agyr,iň erbet
ugry,ol adamy zaýalaýar,tök edýär.Altymyrady ondan çetleşdireli!”diýdim.Emma
ol:”Etrapda ştangany ilkinji bolup getiren,oňa ýüregini beren,saňa-da ştanganyň
sapyndan tutmagy öwreden men.Seniň diýýänleriň ýalan!Gel,gel,sen muny
aýtmalymy?Düzgünini berjaý etseň gorkuly zat ýok”diýdi.
–Başlyk,näme üçin ýaryşda sen ýa-da Garýagdy Altymyradyň türgeni bolman
Abramýan bolýar? Oňa ilkinji sapaklary beren ikiňiz ahyryn!?-diýip,Begjan molla sorady
–Biz,etrapda çagalary okadýarys,aýlygy şondan alýarys.Altymyrada türgen bolmak
üçin
Döwlet tarapyndan ýörüte bellenilen bolmaly.Olam Türkmenistanda iki
adam,dogruda walla.
–Oňa harç gerek diýsene,päheýde weli! Olam, ikinji Küweýte öwrüljek ýurtda ýok!diýip,Rahmanberdi aga başyny ýaýkady...
Şol wagt “gelýär-de, gelýär” boluşyp adamlar gozgalaň tapdylar.Garybata otly
duralgasyna, Altymyradyň öňünden çykmak üçin giden oglanlar gelendir öýütdiler,emma
gelen Meret daýy bolup çykdy.
Bärde,ir
ertirden nahar-bişi taýýarlaýanlar diýermiň,aýdym-sazy aýtjaklar
diýermiň,obadaky janköýerler diýermiň:”Ynha geler”diýip,garaşýardylar.Oguldurdy
daýza bolsa-oňa Otja eje,Ody eje hem diýýärdiler-çempion ogluny dabaraly garşylamak
üçin iki ýana zowzullaýardy.Şeýle ýagdaýda kimem bolsa biri bir zat soraýsa,jogabyny
bermäge akly çatmaýan ýaly,esli wagtdan soraýanyň ýüzüne çiňerilip serederdi.Ähli
küýi bolsa başga ýerdedir.
-Gelýärmi?Geldimi?Hany,ol nirede?-diýip,elewräp ugraýardy.
Ejesiniň ýagdaýyna düşünip duran gyzlary onuň bolşuna gülerdiler.Orazgül jykyrjykyr gülüp:”Näme ol
“nirede” diýýäniň,eje?Biz-ä palawa käşir geldimi diýip
54
gürleşýäs.Sen näme soraýarsyň,jan dogan?-diýýärdi.Şeý diýse-de olam ejesiniň bu
soragyna aňry ýany bilen düşünýärdi.Ejesi özüniň söwer ogluny,şan-şöhrada,at-abraýa
beslenen ogluny görmäge howlukýardy.
Adamlaryň içinde her hilisi bardy.Altymyradyň üstünlikleri bilen ömür
gyzyklanmaýan,asla gyzyklanmajak,ony tanamaýanlar her hili gürrüňleri tapyp
ugradylar.Olaryň biri “Altymyrat uçar bilen Mara gaýdypdyr,olam tehniki sebäplere görä
yzyna dolanypdyr,indi bäş sagat gijä galyp geler”diýip,bir gep tapdy-da,Altymyrady
tanaýanlardan,onuň üstünligine guwanýanlardan bolan boldy,dogrusy onuň abraýy bilen
abraýly boljak boldy.Adamlaram,näme.sada,biri bir zat diýse ynanýar.Ynanmaga esas
hem bar.Otlynyň gelmeli wagty geçip gidipdi.Galdylar bir azara.Oňa-muňa jaň
edip,uçarly gürrüňiň dogrylygy barada soraýany haýsy,Aşgabada jaň edýäni
haýsy,Garybata jaň edýäni haýsy.Myhmanlar bolsa yzy üzülmän dökülip dur.Orazberdi
hem sada,o bi gürrüňlere pitiwa edýänlerden däl,ýogsam:”Goýuň how,şu gürrüňleri,ol
otly bilen gelmeli”diýse-de ýeterlik ,emma onam diýenok.Ýöne oňa derek Tirkişiň gyzy
Zybagözel,ýola garap ot-elek bolýan enesine:”Ene,bu gürrüňlere ynanma,Alty bir
sagatdan şu ýerde bolar,onuň ýanynda bir ors ýigidi hem bar”diýip,Oguldurdy daýzany
köşeşdirjek bolýar.Ene bu gürrüňe hasam tazygyp:”A-gyz,bi orsly gürrüň nireden
çykdy?Ýa
balam
jana
bir
zat
bolaýdymy-ka?”diýip
elenýär.Aýgözel
bolsa”Toba,essagpurylla, eje, tolgunma,Zybagözel aýdýan bolsa dogrudyr.Ol takyk ylmy
gowy görýär.Etrabymyzda küşt oýny boýunça birinjiligi oýnamaga alanok”diýýär.
Döwlet joňk,Aman jyk-jyk,Artyk öýkelek dagy biş-düşe kömekleşýärler.
--2—
-Bäşinji synpda okaýarkam, pul bereňok diýip,Şamyrat kel meni urdy-diýip,Döwlet
joňk gazanyň aşagyna odun saldy-Özümiň-ä güýjüm ýetenok,Altymyradyň ýanyna
baryp:”Şeýle,şeýle,kömek et!”diýdim.Olam şol pursat öňüme düşdi-de,keli öýünden
çagyrdy,iki elini tutdy-da:”Hany,öz eliň bilen gowuja ur!” diýdi,menem urup arymy
aldym.Ol dostlary üçin janyny bermäge taýýar.
–Aý,senem çala çalsalaram Altymyrady arka tutunýarsyň,züwwetdin,diýsänim!Seň
öz kelläň bolmazmy?Haçana çenli ony arka tutunjak?-diýip,Aman janykdy.
–Şony men senden soramalymy?-diýdi-de,Döwlet joňk eline ilen sübsäni alyp,ony
kowalap başlady.Aman aňyrdan ýetip gelýän Şamyrat keliň arkasyna duwlandyda,gorandy.
–Näme,how,joňk,eliň gijeýärmi?Gyjeýän bolsa pagta gitmeli bolaýma,birdendiýip,Şamyrat,akja köýnegine gelşik berýän garaja boýunbagyny düzetdi-Men hojalyk
ýolbaşçysy.Menden rugsatsyz siňek hem uçmaly däl.Çempionymyz daş edip geldimi?
-Gelenok!-diýip,Döwlet jogap berdi.
–Bä,näme üçin gelmedi-kä?Men häzir ony daş edip bileýin-Şamyrat kel kemerine
asylgy howa telefonyny alyp,nirädir jaň etdi,yzyndanam-Otly iki sagat gijä
galypdyr.Çempionymyz häzir peýda bolar-diýdi.
Ol ýaşulylaryň ýanyna baryp salamlaşdy,saglyk amanlyk soraşdy.Aman jyk-jyk bir
ýerden oturgyç tapyp,ony ýaglygy bilen süpürdi-de,Şamyrada berdi.
–Arçyn,näme,bi mal ýataklary ýykyp ugrapsyň-la,traktordyr-maşynlar ýitirim
bolýar?-diýip,Rahmanberdi aga sorady-Gabat gelene mallary satýarmyşyň
diýýärler.Edeniňi edip ýörmeli boldumy,indi,päheýde weli?
55
-Hawa,Rahmanberdi aga,şo diýilýänleriň jany bar.Biz önüm öndürýäris,döwlet şol
öndürilen önüm üçin hasaplaşyk geçip bilenok,bizem daýhanyň öňünde bergili.
Onsoň,ýagdaýdan çykmak üçin,”obadaky gozganmaýan emläkleri bellenilen bahadan
satyp,daýhanlar bilen hasaplaşmaly” diýdiler.Hojalyga ýolbaşçylyk etmek her ýeteniň işi
däl ahyryn.Bizem onuň üçin,daş edip kelle döwýäris.
–Döwlet alan önümleriniň bahasyny töleýändir.Men oňa ynanjak däl.Bu ýerde
başga bir oýunlar,seniň syrly oýunlaryň bolmaly,päheýde welin!
-Rahman aga,sizem maňa,daş edip ynanman geçdiňiz.Beýle ýagdaý diňe biziň
obamyzda bolsa onda meniň syrly oýunlarym diýip bilersiňiz,emma hemme obalarda
emläkler satylýar,kolhoz mallary döwletiň haýryna geçirildi.Bizem indi galanja zady
daýhanlara berýäris.
–Hawa,türk patyşasy Turgut Ozal gelende “kolhozlary dargadyjy bolaýmaň”
diýenem bolsa,ony etmediler.Indi senem daýhanyň öz zadyny,zähmediniň kanuny
hakyny berýärin diýip,emlägi dargadýarsyň,päheýde weli!?Beýle etmäge seniň hakyň
ýok!Biz halkdan mal,araba,zähmet gurallaryny ýygnap kolhoz gurduk,senem indi ony
dargadybermelimi?Eger kolhoz dargadyljak bolsa onda onyň emläkleri şol ilkinji kolhoz
guranlaryň nesillerine paýlanyp berilmeli.Siz nädýärsiňiz?
-Rahman aga,men daş edip,diýleni edýärin.Önüm alynsyn,alynmasyn, lomaýja
aýlygym ýöräp dur.”Hojalyga ýolbaşçylyk etmegiň ýollary”diýen ylmy iş hem ýazyp
başladym.Onda “önüm almagyň ahyrky netijesine däl-de,öz edýän işiňden alýan
lezzetiňe guwanmany başar”diýen daş ýaly jümle we taslama bar.
–Taslamaňy suwuň ýüzüne ýazýansyň,şeýlemi?
-Ýok,daş edip akja kagyza ýazýaryn.Onsoňam çykdajy etmeli pullary bir
harçlaýyn,önüm öndürmegiňem
bir zady bolar-da!Önüm üçin alymlar işleýär
ahyryn!Meniň ylmy işimde jaýlaryň üstüne gowaça ekip otuz sentnerden pagta alyp
boljagy,uzyn gapyrjakly maşynlaryň gapyrjagyna bugdaý ekip,60 sentnerden däne alyp,
şol maşynlar bilenem gönümel ambara tabşyryp boljagy ylmy nuktaý nazardan daş
edip,kesgitlenilýär..
–Şamyrat kel diýýänä,goý,şu samsyk gürrüňleriňi,päheýde welin!.Wah,seň kel
kelläňi syranymda saçyňy däl,kelläňi aýyrmaly ekenim,Meň ýanymda gepleme!diýip,Rahmanberdi aga onuň al petinden aldy-“Biz öz ykbalymyzyň halysyny özümiz
dokaýandyrys,durmuşdaky
şowsuzlyklaryň
sebäplerini
öz
hereketlerimizden
gözlemelidiris”diýip,kakam pahyr aýdardy.Sen şulary aňyňda aýlap, soň geple!
-Rahman aga,birinjiden-ä,sen ilki öz daşkyrak iniň mis ýaly gyzaryp duran kel
kellesini syryp,soň şol päkiň bilen meni kel etdiň.Indem maňa kel diýen
bolýaň.Ýöne,ýamanlyksyz ýagşylyk ýok diýleni,keller keselhanasyna düşüp ors dilini
öwrendim.Oň üçin sag bol! Indi bir maňa beýle gyşyk gürrüňleriňi aýtma!Özüňi
oňar!Yşgolda edýän işiň ýok.Kyrk bäş minudy oturyp geçirýäň.”Hökümet, il-gün üçin
okumyş çaga ýetişdirjek bolup gassirit boldum”diýen bolýaň!Gowy okadýan bolaňda
obamyzdan kasmanawt ýa ýazyjy çykardy.
–Eýsem
Altymyradyň
obamyza
getiren
abraýy,şan-şöhrady
olardan
azmy,başlyk?Ýazyjy Anna Paýtygy,şahyrlar Ata Täzebaýy,Allanazar Rejebi nätjek?
-Begjan molla,sen bir ara goşulmasana!-diýip,Şamyrat kel janykdy-Geçiň öň aýagy
ýaly,oba mollasy boljak bolup,daş edip,ähli zada burnyňy sokýaň!
-Molla bolmaň aýby ýok,başlyk,onam biri etmeli.
–Rahman agaň köneden bilimiň ýetik bolsa-da,şol-a,daş edip, molla bolaýasy
gelenok!
56
-Wah,şony aýtsana,başlyk!-diýip,Begjan aga seslendi-Onuň özüne ýetik sebäbi
bar.Biri biri bilen uruşsa,ýa gyzyny alyp gaçsa,ilki bilen molla olary ýaraşdyrmaly
bolýar,onsoň ol iki tarap üçinem ýaramaz adam.Onam Rahmanberdi edesi gelenok.Molla
boljak bolsaň ýagşa-da,ýamana-da ýaramaly,ýüzüňe sögüp dursalaram jana diýmeli.Ho
gün pylanynyň ogluna nika gyýmaly boldy.Rahmanberdi aga ondan boýun towlady,soň
maňa haýyş etdiler.Barsam,men gyzdyryn diýýän gelniň garynjygy tümmeripjik
dur.Adamlarda utanç-haýa galmady,şonda-da nädeýin,günä-de bolsa men ol ýumşy
bitirdim.Ýaşlar ýaşlyk edipdirler,gyzam ýapyşalgaň ýapyşanyny wagtynda
bilmändir.Beýle ýagdaý bolýan zat.Onsoň olara kömek etmeli bolýar-da,başlyk.
–Ýagşam bir iş edýär ekeniň,sen günä edipsiň,päheýde weli-diýip,Rahmanberdi aga
sögündi.
–Ol gelin türkmen çagasy-ha däldir!?
-Ýok,ukrain gyzy.
-Asyl şeýledirem öýtdüm-le!-diýip,Şamyrat kel elini oýkalaşdyrdy-Şu syçalakga
barmagym ýaly müçeje adamyň daş edip sekiz ogly boldy, onuň koreý,kürt,
azerbeýjan,tatar,uýgur,türkmen gelinleri bar,hohol gelinem oňa goşulan bolsa sany
ýedi,tüýs internasional maşgala bolýar.Iň kiçi ogluna bolsa,ol jöhüt gyzyny alyp
berjekmişin.Ýakynymyzda,daş edip gazçylaryň Şatlyk şäherçesi açyldy,onda adyny tapan
milletiň bar,indi ony geň hem görmeli däl.
–Begjan,ýaňky syryňy gursagyňa sygdyryp bilmediňmi?Il aýbyny ýygşyrypýülmemeli sen dälmi näme,päheýde welin?!Molla boljaga bu gelişenokdiýip,Rahmanberdi aga başyny ýaýkady.
–Ony men aýtmasamam il bilýär,başlyk.Il içinde mundan mojugragam bar-diýsede,Begjan aga gowşady.
–Hany,täze molla,sen daş edip aýt,arak halalmy,haram!?-diýip,Şamyrat kel onuň
aragy gowy görenligini,indi namaza başlansoňam içmesini goýanlygyny ýaňzydýan ýaly
sorady.
–Başlyk,arak musulmançylykda haramdyr.Rahmanberdi aga aýdaýmasa men onuň
taryhyny bilemok.
–Aýdyp beräýerin-diýip,Rahmanberdi aga söze başlady-Adam atamyzyň uly ogly
Kabyl inisi Habyly öldürip,öz başyna kowçum bolup ýaşap başlapdyr.Onuň atasyna
bolan duşmançylygynyň artmagyndan peýdalanan şeýtan Arak diýen baş aýlaýdyjy içgini
döredipdir.Şeýlelikde adam kowmunda dünýäde ilkinji içişlik başlanýar.Arak olary
adamçylykdan möjege,möjekden doňuza,soňam,bir-birini sylamaýan deýýuslara
öwürýär.Idris pygamber muňa çydaman Kabyly we kowumlaryny ýesir alýar,gulçulyga
öwürýär.Din üçin ilkinji uruş yglan eden Idrisdir.Ol mata dokamak,harplary döretmek,hat
ýazmak we asman jisimleriniň ylmyny çykarypdyr.Kabylyň nebereleri Nuhyň tupanynda
ýok bolýarlar.Nuhuň gämisi azerbeýjanyň Garabaglyk daglyk ýurdundaky Juwza atly
dagynyň depesinde düşleýär.Nuh pygamber üzüm çybygyny gämä atan hem bolsa ony
tapmandyr.Ony
ogurlan
şeýtan:”Üzümiň
üç
suwuny
berseňiz
tapyp
bereýin”diýipdir.Gämiden düşüp üzüm ekenlerinde,şeýtan üzümiň ilkinji suwuny
tilkiniň,ikinjisini ýolbarsyň,üçünjisini doňuzyň gany bilen suwarypdyr.Olardan arak
döräpdir.Gämiden düşen adamlar gowy ýaşapdyrlar,köpeldikleriçe azyp,arak içip
başlapdyrlar.Oguzhan döwrüne çenli adamlar kapyra öwrülipdirler.Pygamberimiziň
döwründe düşegini mäkäm tutan arak,adamlary ýaman güne salypdyr,birini baý etse
birini garyp,birini çagasyndan aýyrsa birini kapyr edipdir.Yslamyň ilkinji
ýyllarynda,Nahyl süresinde aýdylşy ýaly,Taňry “hurma,üzüm agajynyň miwelerinden
57
mest ediji içgileri edinersiňiz”diýeni üçin,içgi hasam möwç alypdyr.Içgi içen ilki tilki
bolup,görmedik-bilmedik adamsy bilen dostlaşypdyr,mes bolanda ýolbars ýaly
topulypdyr,jomartlyk edip,ähli zadyny berişdiripdir,ondan soň doňuz ýaly agynap,hiç bir
ýaramaz işden gaýtmandyr,iň ýaman işlerem şonda edilipdir,humar oýunlary
oýnapdyrlar.Şeýle ýagdaýda Hezteri Omar we Jebeliň ogly Mugaaz Pygamberimiziň
ýanyna gelip maslahat sorapdyr,onda ol:”Soralýan iki zatda, arakda we humar ediji
oýunlarda
uly günä bar we peýda-da bardyr,ýöne günäsi peýdasyndan
köpdür”diýipdir.Şundan soň adamlar arakdan daşlaşyp başlaýarlar.Edil häzir,biziň
gulagymyza ýetýän käbir maglumatlarda bolyşy ýaly,namazda içgili bolmajak
bolup,ýassy namazyny okap,içip ýatýarlar,ertire çenli humary aýrylansoň,erte namazyny
okap,täzeden içipdirler.Öýle namazyna çenli ýene sag.Günlerde bir gün,şeýle ýagdaýda,
Sadywakgasyň kellesine içgi zerarly ýara düşürýärler.Omar ony Pygamberimiziň ýanyna
alyp barýar.Netijede şeýle höküm gelýär:”Eý,iman getiren jemagatlar,arak gadagan
edilen zatlaryň iň ulusydyr.Ol adamynyň ygtyýaryny elinden alyp,ony halk arasynda
masgara edýän zatdyr.Her bir başy aýlaýjy zat hem arak hökmündedir...” Şu hökümden
soň musulmanlar arak,dürli humar oýunlary,çilim,nas bilen ymykly hoşlaşýarlar.Ine,
onuň taryhy-ha şeýleräk,Begjan molla! Häzirki ýaşlar Hudaýdan saglyk dileýärler,toýtomgada bolsa gözlerine gelýänçä içip,keselleýärler,päheýde weli...
–Rahmanberdi aga,Hindistanda “Nilufar” atly bir gül barmyş.Onuň balyna aşyk
arylar güle gonanda,ýaňky gül ýuwaş-ýuwaş penjesini ýumup,aryny ýuwutýarmyş.Şol
gül ýaly,senem meni daş edip penjäňe salyp barýaň-la!?-diýip,Şamyrat kel
gülümjiräp,eliniň aýasyny gaşady...
Şol wagt “gelýär-de gelýär” boluşyp,adamlar suwsan goýun ýaly,ýetip gelýän
maşynlaryň ýanyna ylgaşlap bardylar.Maşyndan düşen Altymyrady götergiläp alyp
gaýtdylar-da,jaýyň öňünde ýokary zyňyp-gapyp başladylar.Maşyndan düşen Oleg bilen
habarlaşýanam ýokdy.Ol Rahmanberdi aganyň ýanyna geldi-de, edep bilen salam
berdi,elleşip çykdy,yzyndanam soralmasa-da-Hiç bir sebäpsiz gijä galyp geldik!diýip,özüni günäli saýýan ýaly boýnuny burdy.
–Meniňem ömrümde bir gezek şeýle ýagdaý bolup geçdi,ýöne onuň düýpli sebäbi
bardy-diýip,Rahmanberdi aga Oleg öz ýanynda oturanyndan soň jogap berdi-1948-nji
ýylyň 5-nji oktýabrynda,giç agşam men Arçmandaky garyndaşlarymy görüp,otly bilen
yzyma,Mara gaýtmaly boldum.Bamy obasynyň deňine gelenimizde,otly depgini
haýalladyp başlady,oba ýetmänem saklandy.Men otlynyň aýnasyndan daga tarap
seretdim.Görsem,aý
ony
söz
bilen
düşündirer
ýaly
däl,dag
tarapdan
alakalar,ýylanlar,pyşbagalar we beýleki süýreniji jandarlar süri bolup,otly ýolundan
guma tarap geçýärdiler,asyl olaryň öňi-soňy görünmeýärdi.Olar otlynyň tigriniň
aşagynda galyp,öňe hereket etmäge maý bermeýärdi,tigirler duran ýerlerinde boş aýlanyp
durdylar.Şeýle “bosgunlaryň”arasy çala kesilende otly öňe hereket edýärdi,emma ýene
durmaly bolýardy.Şeýle ýagdaý tä Gökdepe gelýänçäk dowan etdi.Ony hiç söz bilen
düşündirip bolmaýardy.Şeýdip,Aşgabada üç sagada golaý gijä galyp geldik.Ýöne Mara
gelýänçäk,tizligini artdyran otly iki sagat wagtyny utdy we aýyň bäşine irden Garybata
geldi.Men,Garybatanyň günbatarynda ýerleşýän gowaça mendanlarynda pagta
ýygýan,çatmada ýaşaýan maşgalamyň ýanyna bardym.Ol toşap gaýnadýar ekeni.Pagta
ýygýar,käte gelip gazanyny bulaýar.Menem oňa kömek etdim,ýöne ýarygijeler ýatyp
galypdyryn.Gije sagat
dörtlerde ýatan çatmamyz şatyrdap,iki ýama bulanyp
başlady.Henizem
toşabyny
gaýnadýan
aýalym
meni
oýaryp:”Bir
zad-a
bolýar,tur!”diýip,meni oýardy.Oýansam,aýaklarymyň aşagy müňňüldäp,özüm hem
58
yranyp gidýärin.”Ýer yranýan bolaýmasyn!?” diýip,aýalymyň ýüzüne seretdim,şol bada
hem otlynyň gijä galmasynyň sebäpleri ýadyma düşdi.Asyl,janly-jandarlar ýer
yranjagyny öňünden bilip,dagdan çöle gaçar ekenler...
Şol wagt Oguldurdy daýza gujagyny gerip:”Meniň balam janym gelipdir!Meniň
pälwan göz-guwanjym gelipdir!”diýip,Altymyrady bagryna basdy.Ikisi hem ep-esli wagt
gujaklaşyp durdylar.Ejesi sessiz aglaýardy,Altymyrat hem gözýaşyny aýasy bilen
sylýardy.
–Wah,jan balam, seniň bu üstünligiňi Çaryýarjan bilen Kakajan kakaň görüp
bilmediler-dä!-diýip,esli wagtdan soň ejesi seslendi.-Esasanam Kakajanyň,sen barada
nähili arzuwlary bardy...Ýöne,bular oňa aýan bolandyr,hökman aýan bolandyr...
–Eje jan,hut şeýledir...
–Inim,tamamy ödediň,gutlaýaryn!-diýip,agasy Tirkiş onuň elini gysdy,soň
Orazberdi,gyz doganlary,synpdaşlary gutladylar,olaryň ýerini mugallymlar eýelediler.
–Iner ogul,erjelligiň bilen ýeňiş gazandyň,berekella!Durmyşyň haýsy ugrunda
bolsaňam,ärlerçe durjagyňy subut etdiň!-diýip,Rahmanberdi aga ony bagryna basdy-daGuzym,sen “Feth”süresini gaýtalamany ýadyňdan çykaran-a däldiň!?-diýdi.
–Ýok,Rahmanberdi aga,gaýtalaýaryn.Edil aýdyşyň ýalydyr.
–Gaýtalagyn.Ol seniň şu üstünlikleriň gözbaşydyr.Kuranda “iň peýdaly işler irginsiz
zähmet bilen gazanylýandyr”diýilýär.Özüňden başga saňa düşünjek,kalbyňy
rahatlandyrjak zat ýokdur.Diňe özüňe bil baglagyn we bilgin,näme hakda pikir edýän
bolsaň,durmuşyň hem şeýledir.Dost-duşmany tanamagyň ölçegi puldyr,kim puluň
duşmany bolsa hakyky dost şoldur-Rahmanberdi aga kiçijik Gurhan kitabyny
goltugyndan çykardy
-Şuny al,arapça ýazgyly,türkmençe düşündirişli Kurany-kerim!Mydam ýanyňda
göter,oka,öwren!Munda ähli zatlar ýazylandyr,geçmişe,geçýäne,geljege düşündiriş
berilendir,suwdan ot alynyşy,magdan çykarylyşy,olaryň adamzada berjek peýdalary
aýdylandyr.Demir süresiniň 25-nji aýatynda:”Biz demri ýaratdyk,bu magdanda güýçkuwwat we adamlar üçin peýda bardyr”diýilýär,ony bolsa,Enbiýa süresiniň 80-nji
aýatyndaky:”Dawuda zyýan ýetmeginden saklaýan sowut-demirdon- ýasamaga tälim
berdim”diýmesi tassyklaýar.
–Dawud pygamber nähili adam bolupdyr,hormatly ýaşulymyz? Men onuň adyny
özümi bilip başlanymdan bäri eşidýärin!?
-Oglum,ol çopançylyk edip,çöl beýewanlarda mallarynyň yzynda,öýlenip bilmän
gezip ýörüpdir.Ýurda gazaply,gaty daýaw,garşysyna çykyp bolmajak ýagy
dökülýär.Patyşa:”Kim şu ýagyny ýeňip bilse şoňa gyzymy berjek”diýip,jar
çekdirýär.Muny Dawud eşidip gelýär,görse,Jalawut adyny alan minara ýaly bir äpet
pyýada,demir donuny galgadyp dur diýýär,diňe maňlaýyndaky ýeke gözi açyk.
Dawud sapanyny aýlap-aýlap,ýumruk ýaly daşy atyp goýberýär welin,olam baryp
Jalawudyň
maňlaýyndan degýär-de,dag gaýdan ýaly güpüläp gaýdýar.Şeýdip
duşmandan üstün çykýar.Emma,patyşa ähdinden dänip,gyzyny bermeýär.Muňa nebsi
agyran Lukman hekim:”Oglum,sen bozulma,men saňa hat-sowat öwrederin,gyzlaryň özi
aýagyňa ýykylyp geler ýaly ederin”diýip,otuz ýyllap oňa 12 müň hikmeti,nebaty(magdan-minerallar
baradaky
ylym),Şejerady-(ösümlikler,ot-çöpler
baradaky
ylym),Mahlukady-(adamlar,guşlar,mör-möjekler baradaky ylmy) öwredýär.Şondan soň
ol öýlendi,kyrk ogly boldy,demirdon ýasamagyň ussady,demre hökmüni ýöredýän adam
boldy...
59
Bir gün namaz okap otyrka ol:”Menden başga şeýle baý,kyrk ogully adam dünýede
barmy-ka?!”diýip,men-menlik satdy.Namazyny tamamlap yzyna öwrülse, ogullarynyň
bary ölüpdir diýýär.Ol muňa erbet bozulyp,aglap-aglap,bir ogul bermegini Alladan
dileýär.Alla oňa bir ogly-Süleýman pygamberi berýär...Aýtjak bolýanym,şeýle menmenliklerden,şöhratdan daşda durmany başargyn...
-Ony gutlamaga bize-de gezek ber,how,Rahmanberdi aga!-diýip,Akmyrat
çepbe,woleýbolda görkezen ilkinji üstünlikleri üçin Altymyrada “Hormat hatyny”
gowşurdy. Tirkiş Tagan ony öýüne- aýdym-sazly myhmançylyga çagyrdy.
–Tyrry kaka,salowmaleýkim!-diýip,Altymyrat, segsen naýzaly oraçadan-öýden
çykan,itseň ýykyljak, arryk ýaşuly bilen gadyrly görüşdi.Ol goňşy Hallygözel gelniň
gaýyn atasydy.Üç-dört ýyllykda aýaly öleninden bäri üst-başyna seretmeýärdi.Egnindäki
donunda göläň gulagy ýaly matalar sallanyşyp durdy.-Tyrry kaka,nähili ýagdaýlaryň,öýiçeriler,mal-garalar sag-gurgunlykmydyr?
–Saglykmy,han!Sen kimiň ogly?
-Men Orazdurdynyň ogly Altymyrat!
-Hä,çyn daýhanyň ogly diýsene!Daýhançylyk edýämiň?
-Men sportçy, daş göterýän.
-Un kärhanasynda agyr haltalary göterýän diýsene!Başga hünäriň ýokmy?Peýdasyz
daş göterip ýörenden hünär edinmeli ekeniň,bolmanda kakaň ýaly daýhançylyk et.Ol
durmuşyňda has gerekli bolar.
–Men daş götermekde birinjiligi alyp geldim,Tyrry kaka.
–Hä,şeý diýsene!Sag-aman geldiňmi?Olam bolýa weli...Alty jan, saňa bir zat
aýtjak!Özüňden uly adam bilen salamlaşaňda salam berip,jogaba garaşmaly.Ol öňürti
saglyk-amanlyk soraşýança ýaşkiçi soraşmaly däl.Ilki bilen şuny berk belle!Indiki aýtjak
zadym..-diýip,Tyrry aga onuň golundan tutup bir gyra çekdi.
–Gäbi azan, Altymyratdan heleý sorajakdyr,päheýde welin-diýip,Rahmanberdi
mollum seslendi.
–Alty jan, diňle!-diýip,Tyrry aga sözüni dowam etdi-Men indi üç ýyl bäri
dulçylygyň azaryny çekýärin.Gelnim Hallygözele gözüňde bolsun diýip,bazara gitse
tabşyrýan,olam bolýa diýip gidýär,ýöne gaýdyp gelende:”Atasy, bazar heleýden doly
welin,olar meň teklibime kellelerini ýaýkaşyp durlar,edenoklar!”diýýär,ertesi
bolsa:”Atasy şu gün-ä aýallara bir zat bolupdyr,bazarda-da,duralgalarda-da
görünmediler"diýýär.Menem
sypaýyçylygymy
elden
bermän:”Bä,Hallygözel
şeýlemi?Aý,özüň-ä,gaýyn ataň aladasynda gezýärsiň welin,nesibeli gün bardyrda”diýýärin.Sen aýt,dogrudanam aýallar indi bazara baranoklarmy?
-Men-ä bilmedim,Tyrry kaka jan.Aşgabatda-ha,aýallardan ýaňa bazarda ýerem ýok.diýip,Altymyrat çyny bilen jogap berdi.
–Bä,şeýlemi?Hallygözele Aşgabadyň bazaryna git diýäýsemmikäm?Ýogsa-da,saňa
ol ýerde täze jaý beripdirler ahyryn.Hi,Tyrry kakaňa başy boş bir maşgala tapdyrmazmy?
-Tapsa bolar-la,ýöne men...
–Hä,ýönesi näme?Puluň ýokmy?
-Gep pulda däl,Tyrry kaka , wagtym ýok! Goşun gullugynda men...
-Tyrry kakaň üçin wagt tapaýsana,Alty jan!
-Ol saňa wagtam,heleýem tapar,päheýde welin.Ýör,Altymyrat jan, adamlar
garaşýarlar-diýip,Rahman aga ony obadaşlarynyň arasyna alyp gitdi.Ýatakda duran gök
eşek Altymyrady tanadymy nämemi,güýçli sesi bilen aňňyrdy.
60
–Wah,jana-la!-diýip,Altymyrat eşege seredip ýylgyrdy-Süýdüni içip, gyzamykdan
saplanyşym ýadyma düşýär welin,muny görsem “eje” diýip gygyryberesim gelýär...
–Eşegiň süýdi müň derdiň dermanydyr.Daşary ýurtda ony dollara
satýarmyşlar,päheýde welin-diýip,Rahmanberdi aga ýylgyrdy.
Altymyrat daýow,ýylda bir kürre berýän gök eşegi bilen günde diýen ýaly ota
giderdi,kürrejigem,hyzzynlap olaryň ýanynda-dyr.Onuň bilen oty köp getirip
bolýar,üstünde gaýşaryp oturyp hem bolýar.Oňa münseň beýleki deň-duşlaryňdan
saýlanan,akyllanan ýaly bolýarsyň.Ilki-ilkiler ýygan otuny eşege atyp bilmän
kösenerdi.Adam dura bara tejribe toplar ekeni.Rahmanberdi aga-ha:”Segsene ser
ursamam durmuşdan öwrenip gelýän”diýýär.Olam soňa baka,ýarym goltukdanam
azyrak,göterip biläýjek iki bölejik oty ýüpe daňyp,eşege ýüklemäni öwrendi,soň üstüne
näçe ot atsaň atybermelidir.Yzyndanam,eşegiň kellesiniň üsti bilen mes ýüklenen ota
münersiň,şonda edil tagta çykan ýaly bolýarsyň.Dur diýseň butnamaýan,ýöre diýseň
ýöreýän ýuwaş eşegiň gowy taraplary artygam bolsa, eşek-eşek bolýarda,käte ýaramaz
gylygam tapaýýar.Üsti otly bolsun,otsuz bolsun,tapawudy ýok,söýgüsi güýjäp, deme
gelende,ol,erkek eşek gördügi agzyny patjykladyp,boýnuny süýndirip duruberýär.Islegi
çakdan agdykdyr-da,janaweriň.Erkek eşegem erkek eşek-dä,(Rahmanberdi aganyň”adam
erkek eşekdir” diýmesi bardy) üstünde ot bar,adam bar,gözüne ilenok,dyzap
gelýär.Altymyrat böküp,zordan gaçyp ýetişýär...Haýwan-da! Eşek deme gelse,sygyr
buka,at höwre,pişik mawa,it ýala gelse,haýalary bolmaz ekeni.Altymyrat bolsa
“bar,ber”diýip,ýeňsesinden itekläp duranlarynda, zordan bir gyza güljagaz sowgat
berdi,şonda-da ýere giräýjek boldy.Bular bolsa...Aý,hawa-da,ýönelige haýwana haýwan
diýmändirler ahyryn.Rahman aga aýtmyşlaýyn,”adamlaryň içinde-de,haýwanlara
goşaýmalylary
bar”.Ýöne
olar
az
sanly.Şoňa-da
şükür
etmeli...
Altymyrat şeýle pikirleri aňynda aýlap,adamlaryň arasyna siňip gitdi.
Şol gün Orazdurdyýewleriň öýünde gijäniň ýaryna çenli,uly toý,baýramçylyk
dowam etdi.Onda Tirkiş Taganyň sazandarlyk etmeginde,onuň ogly Magtymguly özüniň
şirinden näzik aýdymlaryny aýdyp berdi...
Pälwan Garrygalada
.
Altymyrat Garrygala,gulluk ýerine gaýdyp geldi.Gullukdaşlary ony uly şowhun
bilen garşyladylar,hasam Gurban Annaoraz begenjine ony göterip:”Edil şu ýeňşi özüm
gazanan ýaly guwanýaryn” diýdi.Ýogsam,onuň özi hem ýaňy-ýakynda sambo göreşi
boýunça respublikanyň çempiony bolupdy.Harby bölümiň komandiri bolsa:”Ýeňişli
dolanyp geldiň,gutlaýaryn!Tamamy ödediň.Harby bölümde aýratyn ornuň bardyr.Şony
ýadyňdan çykarma!”diýdi.
Şeýlelikde ol gulluk borjuny dowam etmäge başlady.Indi her bir esger ony
görenden hormat bilen garşylaýardy we gutlaýardy,gerek zadyň bolsa aýdaý
diýýärdi.Altymyrada zat gerek däldi,ol özüne beýle üns berilmegini asla
islemeýärdi.Gazanan ýeňşi hem zerurlyk däldi,diňe ýeňilmäni halamaýanlygy üçin
ýeňýärdi.Dogry, utulmak agyr düşýärdi.Şeýle ýagdaýda ştanganyň ýanyna gelip,kemçilik
goýberen ýerlerini öwran-öwran seljererdi,daşy gaýtalap-gaýtalap götererdi.Indi,özüne
bolan ynamyň artmagy bilen sowukganlylygy,ýaýallygy hem peýda bolupdy,şol bir
wagtda
garşydaşynyň etjek hereketlerini öňünden aňyp başlapdy.Munuň özi
garşydaşynyň güýçsizligini aňlatmaýardy.Ol, öz üstünde işlemäni gowşadan güni, olaryň
öňe geçjekligini bilýärdi.Bir halamaýan zady,köp sorag beriberseler bolanokdy.Soraglara
61
jogap bermeseňem gelşiksizdi.Jogap berseňem dogryňy aýtmaly bolýardy,olam köp
zatlaryň üstüni açýardy.Netije-de,sport ýolbaşçylaryň nägililikleri peýda bolýardy,igenç
köpelýärdi,garaz,peýda-ha ýokdy.Onuň dymma häsiýetine şu sebäplerem urna bolýan
bolmagy mümkindi.Ol öz mümkünçiligine görä hereket edýärdi.Goşarda güýjüň çogup
durmasa,biliň berk bolmasa,arzuw-hyýal bilen öňe çykyp bolmaýar.Agyr atletika onuň
öz-özüni synagdan geçirmegi,nämä ukyplydygyny özüne görkezmegi üçin gerekdi,ol
bolsa ýaryşlarda däl-de,türgenleşikden başlanýardy.Ol näçe wagtlap öz derejesini
saklajagyny bilmeýärdi,ýöne başardygyndan ony uzaltmagyň arzuwynda-dy.Dogry,şikest
alsaň başga mesele,ýöne ony hem garşydaşyň bilmeli däldi.Ähli ýaryşlarda çykyş etjek
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 08
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.