Latin

Topraga duwlanan ägirt - 02

Total number of words is 3831
Total number of unique words is 2333
30.3 of words are in the 2000 most common words
43.3 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
–Balam jan,kim bilen arany sazlanmyşym?
-Eje,bilmedik bolmasna.Ezraýyl perişde bilen,dagy kim bolsun!-diýip,Tirkiş jogap berdi.
Edil şol pursat baglaryň ýapraklaryny şabyrdadyp,Altymyrat göründi.Onuň elindäki
waharmandan üst-başyna şire akyp,öl-myjjyk edipdir.Ol dört bölek bolan waharmany
sekiniň bir çetinde goýup:
-Elimden gaçdy-da-diýip, madyrdady.
-Gaçsa zeleli ýok,balam jan,dişimizden gaçyp bilmez,juda hapalanan bolsa mala
bereris—diýip,ejesi onuň başyny
sypady,soňam:-Wah,balam jan,suwa düşüpdir,
geýimlerini çalyşaýmasaň bolmaz-la!-diýdi.
Altymyrat gidiberjek bolandan Tirkiş:-Eje,muňa ýaňky pikirimizi aýdaly-diýdi.
-Wiý,özüňjik aýdaý,ogul!Kakaň ýogalansoň öýüň diregi sen-diýip,Oguldurdy daýza
uludan demini aldy-Hawa,ogul sen!-diýip,oňa tiňkesini dikdi.Tirkiş
gülümsiräp
Altymyrada seretdi.
-Eşitdiňmi inim, ejem-ä rugsady berendir.Indi senden-çig hamyrdan çörek bişirmeli.Ol
çörek ýalpyldap duran owadan
bolmaly
hem juda tagamly bolmaly.
-Gyzlar
üçinem
tagamly
bolmalydyr-diýip,Kakajan
degişdi.
-Diňe gyzlar üçin däl,tutuş halk üçin tagamly bolmaly-diýip,Tirkiş sözüni dowam etdiIndi owsaryň elimizde.Ýaňy “gawun elimden gaçdy” diýdiň.Gawunyňsaglygyň,gawunyň-baýlygyň,gawunyň ömrüň,ony eliňden gaçyrmaly däl. Kakam pahyr
“Gawunyň sopusy mazy,itiň sopusy tazy,şa sopusy kazy”diýmäni halardy. Ertirden seniň
bilen berk türgenleşip başlarys,eliňden gawunyň gaçmaz ýaly edip terbiýeläris.Bilmeýän
zadyň bolsa öwrederis.Ýarym-ýalta bilmek bilmezlikden pesdir. Bolýamy?
-Bolýa,ýöne men näme etmeli?
-Biziň aýdanymyz bilen bolmaly.
-Aýdýanyňyz ýaramasa öz aýdanymy ederin.Şoňa razy bolsaňyz ..-diýip,Altymyrat
sümügini çekdi...
Tirkiş doganlaryň ulusydy.Ol orta mekdebi gutaryp,ýokary okuw jaýyna girip bilmän
Aşgabatda işläpdi,boş wagtlary agyr atletika bilen meşgullanypdy.Bir ýyl geçipgeçmänkä ol ştanga götermekde ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy,köp
ýaryşlara gatnaşyp, daş götermegiň iki görnüşi boýunça ussatlyga dalaşgär boldy.Bu
üstünlikler oňa şol wagtky M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniňm
bedenterbiýe bölümine okuwa girmägä kömek etdi,okuwy 1970-nji ýylda gutaryp
Sakarçäge etrabynyň “Kolhozçy” meýletin sport jemgiýetinde agyr atletika boýunça
tälimçi bolup yşe başlady.Bu jemgiýet kolhozlardan gelýän harajatlaryň hasabyna öz işini
alyp barýardy. Tirkiş häzirem şol ýerde,ştanga bölüminiň ýapylanlygy sebäpli,woleýbol
bolüminde işleýärdi,ýaşuly,ýaşkiçileriň arasynda sylanýady.Şonuň üçinem onuň daşyna
ýaşlar ýygnanýardylar...
Pälwan okuwa barýar.
Güýz paslynyň tämiz,asuda günleriniň birinde Altymyrady okuwa aldylar.Bu gün
onuň ömür ýadyndan çykar ýaly bolmady.Aýal doganlary ony hammama salyp,sabynlapsabynlap,güýçli elleri bilen gazap-gazap, ýuwdylar welin,endamynyň agyrysy hepdeläp
gowşamady,Orazgüliň-ä barmaklarynyň yzy iki hepdeläbem aýrylmady.Ol okuwa
11
gitmejek bolup“köwşüm ýok,penjegim täze däl” diýip, nadaralyk etdi.Emma,hany,
alaýyn diýse ejesiniň üýşüp duran puly barmy ?Dokuz çagany iýdirip içirjek bolsaň
harajat tapylmaýardy,egin-eşik hakda-ha gürrüňem etmeli däldi.Ýer işleýänligi üçin
köplenç ejesiniň köwşüniň sag taýy ýyrtylýardy,onsoň öňki ýyrtylan köwşünden saklap
galan çep taýyny sag aýagyna sokup oňýardy.Birneme tagaşyksyrak bolýanam
bolsa,nätjek,öýde ulansa bolýardy.Täzesini alaýmaga ejesiniň puly ýokdy.Ejesi
“Garyplyk,garrylyk,ölüm üçüsi,bilmedim men haýsy uly-kiçisi”diýip zeýrenerdi.Onsoň
gyz doganlarynyň kömegi bilen okap,hat-da ýazyp bilýänem bolsa,Altymyradyň ibaly
aýakgaby ,egin-eşigi ýokdy.Onuň deň-duşlary bolsa täzeje geýimli,lowurdap duran
torbaly,köwüşli.Gyz doganlarynyň :”Bol,şu eşikleriň bilen okuwa ugra, bolmasa alty
ýaşa çenli ejemi emenligiňi
ile aýdarys”diýmeleri hem peýda bermedi.Onsoň,
Aýgözel,Gurbangözel,Orazgül dagy pagta ýygymyndan düşýän pula onuň diýen
zatlaryny alyp berdiler-de,reňkli galam bilen iki depderi eline tutduryp okuwa
ugratdylar.Şonda
Altymyrat:”Menem ulalaryn,işlärin,size hökman-hökman sowgat
ederin”diýdi-de, ejesi bilen mekdebe gitmäge razy boldy.Ejesi oňa:”Balam jan,okuwa
başlaňda ýoldaşyň bilen gürleşmegin,iki ýana oýkanjyrap oturmagyn,mugallym näme
diýse ýerine ýetirgin”diýen tabşyryklary berip,mekdepden yzyna gaýtdy.Emma ilkinji
günlerden tä nämäň-nämedigine göz ýetiriýänçä,oturan ýeriňde oýkanmaly hem
boldy,aýdybilmän ýerine buşuganlaram boldy.Okuwa öwrenişip gitmegiň bilen bu zatlar
kem-kemden galar ekeni.Diýmek,ejesiniň aýdýanlary dogry bolsa-da, bada-bat ýerine
ýetirip bolmajak zat ekeni.Onuň ejesini emenligi,mekdepde hem aýan bolsa nätjek!Ol ilki
ilkiler şu sözden gorkup kän gezdi,agzyna alanlar bilen salyşdy.Soň-soňlaram toýa-zada
baranda “ejesini emýän”diýip,adamlaryň ýaňsylamaklary,onuň soňky üstünlikleriniň
gözbaşynda durýan bolmalydy.Bu hakykatdanam şeýledi.
Altymyrat birinji synpyň ahyrlarynda eýýäm ökde okuwçylaryň sanawuna
giripdi.Ol hatda öz synpyndan beýleki okuwçylaryň hem ýetişigini öz üstüne alan
ýalydy,daşyndan seredeniňde şeýledi,emma ol öz okaýan synpynyň beýleki synpdan öňe
saýlanmagyny
isleýärdi.Hut
şol
sebäpli
hem,
soňky
ýyllar,esasan
matematika,fizika,himiýa sapaklaryndan,her gün her okuwçydan sapak soralmagyny
Rahmanberdi mugallymdan talap edip ugrady.Okuwçydan sapak soralyp
durulsa,ýoldaşlaryny ýüňsakgal etmejek bolup,gowy okaljagyny ol bilýärdi.Sapagyň
arasynda ýa-da deslapky sapak ýaryşynda öz synpynyň öňe saýlanmagynyň aladasyny
edýärdi.Mekdep direktory Narly mugallymyň ýanyna baryp:”Ýoldaş direktor!Gowy
bilim alyp,ýokary okuw jaýlaryna girip biler ýaly,bizi pagta otagyndan,ýygymyndan alyp
galyň!Bizi gowy okadyň!Öňde synagdan geçme borçlarymyz ýatyr ”diýýärdi.Ol sapak
soralan badyna,ýa-da ekzamende ýerine geçmän,duran ýerinde onuň jogabyny aýdyp
berýärdi,ýoldaşlaryndan hem şuny talap edýärdi.Döwlet joňk,Aman jyk-jyk ýaly birneme
pesräjik okaýanlary hem sürä goşjak bolup jan edýärdi,sapakdan soň mekdepde galyp, ýa
öýüne getirip sapak öwrederdi,çala hötjetlere:”Maňa gulak asyň,agzybir
boluň,”Agzalanyň ili hansyz,halky sansyz,saçagy nansyz”bolýandyr diýerdi.
Ol özüniň ýumşaklygy,kiçigöwünliligi,dostlaryny ýürekden söýýänligi,menmenlikden daşlygy bilen olary özüne çekýärdi,ýogsam, Döwlet joňk-da hötjetlik azlyk
edenokdy. Käte matematika,fizika ýaly kyn sapaklaryň öý işlerini jan edip düşündirende, Döwlet joňk:”Alty,men saňa mekdep naharhanasyndan limonad alyp
berjek”diýýärdi,Altymyrat bolsa:”Alyp berer ýaly men näme etdim?Kömek bermek
borjum ahyryn!Gaýdyp şu sözüňi gaýtalama!”diýerdi.Uly arakesme-de ol dostlaryny epesli aralyga,öýüne alyp gidip,suw,sygyr çalyny içirýärdi,özem bu ýagdaý gündelik
12
gaýtalanýardy,ýogsam,oglanlaryň içinde mekdebiň golaýynda ýaşaýanlary hem bardy.
Rahmanberdi mugallymyň berýän terbiýesi,okuw okadyş usuly täsir etdimi,nämemi,
olaryň synpy mydama öňdeligi eýeläp başlady,muňa Altymyradyň:”Oglanlar,saýhally
bolup,sesimizi çykarman sapagy diňlesek,mugallymlar bizi gowy görerler”diýip durmagy
hem peýda edýärdi.Altymyrat özünden sapak soralmadyk güni mugallymyň öňüne
geçerdi-de:”Ýa-ha maňa bäşlik goý ýa-da islän ýeriňden sora!”diýip,kesgitli aýdardy,
şonda:”Şu gün-ä geçilem daga ýaýrady”diýip,Rahmanberdi mugallym göwni hoş halda
ýylgyrardy we goşmaça mysallary bererdi.”Onda içimi köwlejeg-ow !?” diýip,Altymyrat
hem berilen mysallary işlemek bilen bolýardy.Umuman,Rahmanberdi mugallym sapagy
durmuşa baglamaga gaty ökdedi.Ýazyjy-şahyrlar barada gürrüň edende,şol ýazyjynyň
kitaplaryny getirip görkezerdi we düşündirerdi.Ýa-da Mätäjiniň “Bugdaý”goşgusy arkaly
bugdaýyň ýere sepilenden gök öwsüp çykyşyny,däneläp,guş-gursak däneleriň altyn
öwüşgünini,el bilen,mal bilen döwseň ýyl boýy iýjek dänäňi alyp bolýanlygyny
düşündirýärdi.Çaga mekdebe aýak basan gününden Rahmanberdi mugallym onuň bilime
höwesekligini anyklaýardy.Çagada höwes bolsa ony ösdürmek ýeňildi,başga bir
tarapdan onuň bilime höwesi
ene-atanyň bilimine, terbiýesine hem baglydy.
Başga çagalaryňky belli däl,Altymyrat üçin-ä, mugallym edil Hudaý ýaly sylanýan adam
bolmalydy.Onuň her aýdanyny doga edip dakynmalydy,hormat goýmalydy. Narly,
Rahmanberdi,Tirkiş,Akmyrat ýaly mugallymlaryň aladalary bilen baglar bagbanyna görä
ýetişýerdi.Ol şeýle bolmalamdy.
Mekdebiň sport meýdançasynda dürli oýunlar oýnamaga mümkünçilik bardy,
woleýbol, basketbol,futbol,ylgamak ýaly oýunlary oýnasa bolýardy.Uly arakesme-de ýada okuwdan soň,Altymyrat oglanlary daşyna ýygnap:”Geliň eý,türgenleşeliň,ýaryşda
ýeňiji bolalyň”diýip,woleýbol oýnuny gurnaýardy,netijede olaryň synpy ýaryşda öňdeligi
eýeleýärdi.Beýle oýunlara Rahmanberdi,Akmyrat ýaly mugallymlaryň gatnaşmagy
jogapkärçiligi artdyrýardy.Sapak okadýan mugallymyň bile pökgi oýnasa ol seni köp
zada borçly edýärdi,sebäbi,mugallym ýaramaz okaýany oýna goýbermeýärdi.Mekdebiň
töweregine bag-bakja ekmeli bolanda hem Altymyrat öň hatarda bolup, ýoldaşlaryna:
”Mekdebimiziň daşy bag-bakja bürense,gör,nähili gözel bolar!”diýip düşündirýärdi,
nahallary hem öýünden getirerdi.(Ýeri gelende bellemeli zat,onuň eken baglary häzir
hem gögerip,gök öwsüp otyrlar).
Ýok diýselerem her çaganyň kiçeňräjik ýetmezi bolardy.Aman jyk-jyk meselem
“R”diýip bilenokdy,soň-a öwrendem welin.Garpyz diýmegiň deregine Gaýpyz
diýerdi.Şol sözi gaýtalap Amanyň gaharyny getirerdiler.Altymyrat sapak aýdyp durka,eli
bilen garpyzyň şekilini çyzyp,agzyny müňňülleden badyna,gaýduwsyz gaharjaň Aman
elindäki ruçkasyny zyňdy.Ruçka Altymyradyň egniniň üstünden geçip,ýazgy tagtasyna
baryp çümildi. Altymyrat mugallym görmänkä ruçkany tagtadan aýryp,sapagy aýdyp
ýerine geçende ony eýesine hormat bilen gowşurdy.Bolsa-da göze görüner-görünmez
belalardan Alla ony gorady,ýogsam ruçka onuň gözüni kör edip hem bilýärdi ahyryn...
Ýeri gelende bellemeli zat,bilim almak,köp zady bilmek,çeper eserleri irginsiz okamak
oňa ýagşy-ýamana düşünmäni,gülmäni,gynanmany,aglamany öwretdi.Jaý ussasy jaý
gurjak bolanda ähli zady hasaplaýar,ölçeýär,ýa-da ýönekeýje ýaly bir mata kesýän
gaýçyny ýasamak üçin demirçi ussa,hasapçy fizik,suratçy ýaly ussalar gerek.Bir adam
bilen gowy gaýçy ýasap bolmaýar.Adam köp ugurly,bilimli,ylymly bolmaly.SSSR
döwründe çagalara berilýän bilimiň derejesi dünýäde birinji orunda durýardy.Dünýä
ylmynyň 90 göterim ösüşi SSSR-iň beren ylmynyň netijesinde ösdi.Muny amerkan
alymlary boýnuna alýarlar.Ýewropa-da azat bilim beriş ýoly bar,isle fizika sapagyna
13
gatnaş,isle gatnaşma,öz işiň!Emma Sowet mekdeplerinde welin ony edip
bilmersiň,hemme sapaklardan hökman gowy biläýmelisiň.Şol sebäpli çagalaryň bilim
alyşy,mugallymyna bolan sylag-hormaty ýokary.Orslar bize” namaz okama,sünnet
etdirme,,metjid saldyrma “diýmedi.Biz geçmişde bolan nogsanlyklarymyzyň köpüsini
orslaryň üstüne atmaga ýykgyn edipdiris,emme beýle pikir düýbünden nädogrydyr.
Mysal üçin halklaryň dostlugy,mylakatly gatnaşygy ýaly wawwaly mesele-de syýasat
goşulsa ol özüniň ähmiýetini ýitirýär,wajyplygyny peseldýär.Adam üçin dünýäde millet
ýa tire däl,ilkimji nobatda ýokary terbiýeli,ylym-bilimli bolmagyň wajyp.Edil, Ýer
şarynyň hemme kişä deň bolşy ýaly...
Her gün diýen ýaly,Altymyrady onunjy synpda okaýan dogany Çaryýar mekdebe
alyp gidýärdi we getirýärdi.Çaryýar kem-kemden horlanyp barýardy.Nähilidir bir kesel
ony heläk edýärdi .Oguldurdy eje:”Wah,çagama näme bolaýdy,gyz?Işigimizdäki şatut
ýaly gurap barýar-la,bi?Ikisi bir günde ýykyldy ýatyberdi-le!””diýip, erbet howsala
düşýärdi
Dogrudanam,şatut otuz ýyldan bäri olaryň işiklerine saýa bolup gelýärdi.Ony
Oguldurdy eje öz eli bilen oturdypdy.Her bir ýapragy aýa ýaly tudyň aşagy
saýalydy,salkyndy.Ine,birdenem, ol üstüne ýaganja gara
çydaman
ýan berdi
duryberdi.Emma guramady.Görlüp oturylsa,bir çopanyň tudyň düýbüne taşlap giden
ýylgyn taýajygy
bilen gelen sarygarynjalar
az salymyň içinde köpelipýaýrap,wagtyň,ýel-ýagmyryň,harasadyň
alyp bilmedik äpet agajyny
ýykyp
goýberdi.Barmak bilen basanyňda onlarçasyny mynjyradyp boljak kiçijik möjejik şol
agajyň tepbedini okady.Her bir adam şol agaç kimin, durmuşyndaky garşylyklaryň
onlarçasyny ýeňip geçýänem bolsa ,ahyrym bir sebäp bilen ölmeli.Ol hakykat.Biziň her
birimiz ykbalyň bize ýollaýan harasatlarynyň,apy-tupanlarynyň öňünde gaýa dek durup
bilýäris,emme käte,özümiziň ýüreklerimizi howsala salýan ýaňky barmagyň bilen
mynjyradyp bolýan sarygarynjalardan ejiz gelýäris.Öňde bir alymyň aýdyşy
ýaly,”ownukçyl bolardan ömür juda gysga ahyryn! ”Işigimdäki tut gyşardy welin,
balam Çaryýar jana bir zat boldy!”diýip,Oguldurdy daýza gözüniň ýaşyny syldy.Ol hem
edil Altymyrat ýaly çyrçyklydy,aýňalman,ahyrym ýaňy özüni tutup ugranda,böwrekde
daş döräp,on sekiz ýaşynda bejerip bolmaýan kesele uçrapdy..
Şol gün Altymyrat heniz towuklar oýanmanka oýandy-da,oýaly-ukuly halda
ýatdy.Ejesi :”Eý Huda,bol Huda !Çagama rehim et Huda!” diýip,onuň gapdalynda ýatan
ýerinden turdy-da,täret almaga çykdy.Gyş bolsun,tomus bolsun, ol daşarda täret alýardy,
yzyndanam :”Wah-wah-eý!”diýip,namazyny okardy.
Ine,bu günem namazyny okady,pejiň oduny tutaşdyrdy,tüňçäni oturdyp, içerini
tertipleşdirdi.Soň mallaryň ýatagyny arassalady,sygyryny sagdy,ot-suw berdi. Gelip
:”Tur,balam jan,daşaryny bir görüp gel!Görseň geň galarsyň.Rahmanberdi Söýegiň
telpegi ýaly
tokga-tokga gar ýagýar!”diýdi.(Eger
ýagyş ýagýan bolsa ol
hökman:”Kümüş
ýaly ýagmyr ýagýa,sen bolsa
ol gözelligi synlaman
ýatyrsyp”diýerdi).Altymyrat Rahmanberdi aganyň silkme telpegi ýaly bolup ýagýan gary
görjek bolup,epişgeden garady,görse, telpek ýaly garam ýok,beýleki-de.Adaty bir gar
syrap dur.Öýüň işiginden uzalyp gidýän mellekdäki ýapraklary heniz doly gaçyp
ýetişmedik baglaryň üstüne akja un sepelenen ýaly,käbiri edil leýlisaç ýaly akja
şahalaryny
aşak sallapdyplar.Serçeler topar tutup, işikdäki teläriň aşagynda
jürkülleşýärdiler,iki sany alahekge towuk keteginiň töwereginde,ýumurtga peýda
boldugy
alyp gaçaýyn diýip garawullaýardylar.Olar Altymyrady görselerem
gaçmadylar,ýöne ol köwşüni düzetmek üçin egilende, gak-da -gak boluşyp uçup
14
gitdiler.Daşarynyň arassa howasy göwnüňi göterýärdi,mellekden çüýrän dersiň,ýere
gaçan ýapraklaryň ysy gelýärdi.Altymyrat sygyr dersiniň ysyny halamasa-da,ejesi:”Öz
malyň dersi özüňe bereket bolup ýagýandyr,bagymyzyň,üzümimiziň hasylyny göterip
bilmän durşyny gözüň bilen gördüň ahyryn.Malyň dersi bolmasa olar beýle hasyl
bermezler -diýip,düşündirýärdi.-Ýadyňa düşýän bolsa baglar ýazda juwan gyz ýaly
dikgerýärler,tomusda şaýly gelin ýaly bezenýärler,güýzde çagasy bolan ene ýaly
ýegşerýärler.Hol,iki düýp gyzyl şetdalynyň
ýagdaýy beýleki
baglaryňkydan
agyrdyr,olar güýzde düzüm-düzüm
hasylyny
göterip bilmän şahasyny
omurýarlar.Bilýärmiň,men saňa şetdalynyň gollarynyň aşagyna direg ber diýenimde,sen
ony göwünli-göwünsiz ýerine ýetiripdiň,netijede, şatdalynyň agyr hasyl getiren iki goly
omurlyp,hasyly heniz doly bişip ýetişmän-kä guradylar,bişmedik hasyl bolsa garry
mamaň ýüzi ýaly müşşerip, kiçelipdir!Men saňa öňem aýtdym,ýene aýdaýyn,ogurlyk
etme,ejizeganym bolma,kişi zadyna göz gyzdyrma,sögünç sözi agzyňa alma”diýerdi,ýada Altymyrat:”Eje,pylany şeýle-şeýle diýip sögündi”diýäýse dagy ejesi:”Bar,gitde
agzyňy,dişiňi gowy ýuwup gel!Gaýdybam şeýle sözi agzyňa alma!”diýerdi.Altymyrat
ejesiniň aýdýanlaryna indi düşünip ugrapdy.Ejesiniň tabşyryklaryny göwünli-göwünsiz
ýerine ýetirýänligi üçin şeýle ýagdaý döräpdi..Ejesi käte:”Wah,balam jan,saňa iş
buýran dilimi agaja daňyp ýençsediler! Jan balam, baglar bir ýylda adamynyň uzak
ömrüniň dowamynda,ýaşlyk,juwanlyk,garrylyk döwrüni başdan geçirişi ýaly döwri
başdan geçirýär.Idegi wagtynda etmeseň süllerýär.Agaçlaryň ykbalyna nebsiň agyrsyn
ahyryn!”diýýär.Ejesi gap-çanaklary ýuwmany,öz-özüňe seretmäni öwredişi ýaly:”Erkek
öz içki geýimlerini hem özi ýuwmalydyr”diýýär.Dogrudanam onuň, baglar hasyl
getirende
datly miwelerden
gereginçe symyşlap
ýören wagty,bilbilleriň
saýrap,ikiatýogyň ömrüňi sanaýan wagty ,çigildem gülleriniň beýleki gülleriň tebigaty
bezän wagty,arassaja içki eşiklerini saýlap geýýän wagty bu zatlaryň ýadyna düşmeýşini
diýsene!Eden işleriniň telekdigini tassyklaýan ýaly,bir baýguş
erik şahasynda
jakyrdady.Baýguşy ini söýmese-de,azar bermän ol ýapragy doly düşmedik üzüm
düýpleriniň aşaklaryna seredip,galan-gaçan murthoşalary gözledi.Öňler dekabr aýy däl,
täze ýyldan soňam ,hat-da üzümleriň gyrkylýan döwründe-de, galan-gaçan üzümi tapsa
bolýardy,bu ýyl welin hiç zat ýok.Soňky döwürlerde,owgandaky uruşdan gaçyp
töwerege ýaýran owgan guşy diýen bir allajy peýda boldy-da,üzüm hasyl-a beýlede
dursun,häzir bolaýmasaň gözüňem çokup gitjekler.
“Akýap”adyny göterýän oba Mary welaýatynda ady belli üzümçilik obasy
bolansoň,şol bela guşlaryň bary şu künjege ýygnanan ýaly.Ýöne,oňa derek obanyň
adamlarynyň, gyz-gelinleriniň barysy diýen ýaly,uzyn boýly,burunlagraga-da syratly,
sypatlydy...
-Balam jan,üzümleriň aşagynda sermenip ýörme-de,gel,eliňi-ýüzüňi ýuw,çaý içeli!Garry
eneňem geldi-diýip,ejesi ony çagyrdy.
-Eje,garry enem näçe ýaşady?Segsenden-ä geçendir?
-Aý,jan balam,men-ä şony bilmedim.Altmyş ýaşap barýan welin,onuň şol bir
durşy.Gowusy,sen ony özünden soraýsana!Ol ,öýde,Çaryýar jana em edip oturandyr .
Altymyrat agasy Çaryýaryň ýatan otagyna
girip,elini uzadyp salamlaşmakçy
boldy,emma Çaryýar ysgynsyzlykdan ýaňa gepläp hem bilmän,gözi bilen jogap
berdi.Garry ene onuň arkasyna nämedir bir zatlary çalýardy we içinden doga okaýardy.
-Ene,sen-ä ýüz ýaşansyň?-diýip,Altymyrat sorady.
-Guzym,näme diýýäň?
-Ýaşyň näçe diýýän!
15
-Bilmedim,guzym...
-Atamyň haçan ölenini bilýäň-mi?
-Garry ataň ölenine üç müçe dagy geçendir.Men şonda ondan-mundan galypdym...
-Gördüm diýsene!?Diýmek seniň ýaşyň ýüze golaýlandyr!
-Nädeýin guzym,Alla uzak ýaş berse men günäkär däl-ä!-diýip,garry günäsinde
tutulan ýaly gyzardy-da,içki otagyň gapysyny açyp:-A gyz,Aýgözel,tur-a,indi,güni
depäňde dogurmajak bolsaň !-diýdi.
–Ene,sen kiçijik çaga bolupmydyň?
-Hawa,Alty jan.
–Saňa-da käýýedilermi?
-Aý,hawa,şeýle zat bolupdy.
–Onda senem garagolluk edensiň!Maňa bolsa öwüt berýärsiň-diýip,Altymyrat
seslendi.
-Ene,Çaryýar doganjygym ýatmady,gijesi bilen gyzdyryp çykdy.Men ýaňy azajyk
irkilipdirin-diýip,Aýgözel içki otagdan çykyp,görmekli ýüzüni sypady.
-Men ýaňy ony zäk bilenjik suwadym welin,gyzgyny aýrylypjik gider.Gije meni
turuzmaly ekeniň-ä!
-Azar bermäýin diýdim-dä,ene!
-Kakasyny küýseýär ol,kakasyny.Gorkma! Alla bizlik bolsa alyp çykarys,enşalla!
Garry sözüni soňlap soňlamanka
Tirkiş,Kakajan,Orazberdi ,Bäşim dagy
öýe
girdiler,Oguldursun daýzada aglamjyrap girdi.
-Balam janym gidip barýa...Allajan,janymy al, guzyma degme!-diýip,ol möňňürip
başlady.
-Eje,nämä aglaýaň!Mert bol!-diýip,Tirkiş ejesini gujaklady.
-Bäşim,bar Altymyratjany al-da goňşylara bar!Gelnejeme enem gelsin diýýä diý!diýip,Aýgözel olary ugratdy...
Ol Çaryýary iň soňky gezek görýärdi.Geň galmaly zat,Çaryýar ölen güni şatudyň
ähli ýapraklary birden döküldi.Oguldursun daýza ony çapmaga-da dözmän,süýräp,jaýyň
ýeňsesine geçirdi.Bag bilen Çaryýar neressäniň arasynda näme gatnaşyk bar, bilmesede,Altymyrat agasynyň şatudy gujaklap,gürleşyp duranynyň ençeme gezek şaýady
bolupdy.Juwan ýaşdaky oglanyň ölümi enäni çökeripdi.Indi ol Altymyradyň boýnuna
doga dakyp,nähilidir bir zatlary okap, öýde ýüzärlik tütedip;”Balamjana bir göz
degmesin!”diýip,çüfläp,samrap duranlardan boldy.”Meniň şujagaz balam janyň arkasyny
Dawut pygamber sypalandyr,sebäbi oglumda onuň bäş barmagynyň yzy bar.Bu güýçly
ynsan bolup ýetişer”diýerdi.”Bol,balam jan,günäň dökülsin!?”diýip.yrymçyl ene ogluny
şaman otdan
bökdürerdi.Altymyrat:”Eje,günäm nirämden dökülýär?”diýip
sorardy.”Günä-de,sogabam adamyň kellesinde ýerleşýär,balam.Her adam sogaby
beýnisinde galdyryp,günäsi bar bolsa elmydama ony dökmelidir”diýip jogap bererdi.Ol
Altymyradyň daşyna kökenek bolup,oňa diňe gowy zatlar aýdyp bererdi,töweregiň
gowulyklary bilen tanyşdyrjak bolardy,”Balamjanyň
gözleri diňe gowylygy
görsün”diýip,daragtlaryň guran şaha-şuhalaryny aýyrardy,öýüň töweregini juda arassa
saklardy.
Gowulyk gören gözleriň,
Gowulygy döreder.
Balamyň gyzgyn mähri,
Dagy-daşy ereder...
16
Ene bu sözleri gaýtalamany gowy görerdi,aslynda ony kimiň ýazanlygyny hem
bilmeýärdi.Gep kimiň ýazanlygynda däldi,sebäbi ol ähli
adamlaryň ýüreginiň
duýgusydy,owazydy.
Oguldurdy daýza, mekdep-internada işe gidende,dikgirdäpjik ýöreýän Altymyrady
hem ýany bilen alyp giderdi.Oňat ol şu ýerde okaýardy.Mekdepde saz mugallymy bolup
yşleýän Tirkiş Taganyň çalýan şirin sazlary Altymyradyň kalbynda dünýä gözellikleri
hakynda,adamlaryň şat we bagtyýar durmuşy hakynda.il we adam ykballary hakynda
düşünjeleriň peýda bolmagyna getirýärdi.Onuň “Bolarmy” ”Balsaýat” .”Nowaýy”
sazlaryny,Öwezgeldi Tekäniň aýdymlaryny höwes bilen diňleýärdi.”Balam jan,,senem
Tirkiş kakaň ýaly örän tutanýerli bolgun!Ol ýaşlygyndan kiçijik akkardion edinip,saz
çalmany öwrendi.Soň ol şu ugrdan okuwa gitdi.Gutaryp mekdepde mugallym bolup yşe
başlady.”diýip,ejesi ony höweslendirýärdi.
–Hany,jijim aýt,sen näme edip bilýärsiň?-diýip,bir gün Tirkiş ondan sorady.
–Hiç zat edip bilemok.Men irginsiz mugt kino göresim gelýär.
–Goşgy bileňokmy?
-Bilýän,ejem öwredýär.
–Hany,onda maňa bilýäniňi aýdyp ber-dä!Ýa gorkýarmyň?
-Ýo,gorkamk-diýip,ol jogap berdi,şol bir wagtda uly adamyň berýän beýle soragyny
halamady.Sebäbi bu soragdan soň öň hiç zatdan gorkmaýan hem bolsaň gorkup
başlaýardyň,birden okajak zadyň ýadyňa düşmän dursa tätjek?
-Ilerimiz garynja,garynjada ýorunja-diýip,ol okap başlady-da,birdenem sesini tapba
kesdi.Ol eýýäm gorkusyna başga-başga zatlary diýip durdy ahyryn.
–Aýdyber,jigim,seň gowy sesiň bar ekeni-diýip,Tirkiş onuň arkasyna kakdy
Ol ýene goşgy okap başlady,özem ýene-de garynjadan.Ýok,oňky boljak däldi.Şol
sebäpli ol gözniň owasyny ýaşdan doldurdy.
-Berekella,jigim,berekela!-diýip,Tirkiş ne bir iş eden ýaly ony ýokary galdyrdyAýdaly sen sahnada çykyş edipsiň diýeli,soňundan tomaşaçylara näme
diýmeli?Bileňokmy? Şeýle ýagdaýda sen olara başyňy egmeli.
–Ýok,başymy egmen.Döwlet joňk tersleşende maňa:”Öňümde başyňy eger ýaly
ederin”diýýä.Başymy egmen!Sebäbi ol meniň gorkaklygymy aňladýar.
Tirkiş onuň jogabyna hezil edip güldi-de,gujaklap,maňlaýyndan öpdi.
Umuman Tirkiş gaty mylaýymdan,gowy adamdy.Onuň at-abraýa eýe bolup gidişi
barada hem ejesi oňa gürrüň beripdi.
Bir gün potratda pagta ýygyp ýörkä, gyz jigisi gelip:”Öwezgeldi diýdimi,Teke
diýdimi,biri seni çagyrýar”diýende ,Tirkiş:”Olar ýaly adam bize gelmez”diýse-de,
öýüne gaýdýar.Görse, Öwezgeldi Teke diýýär.
-Öwezgeldi,sen-maýt?
-Bolubilseg-ä şol bolmaly.
-Hany öýe gir, ornaş!
-Ornaşarys,gümür-ýamyr ederis.Ýöne sen ilki bilen maňa sazyňy
diňlet!Ýarasa,ýanym bilen alyp gitjek,ýaramasa-da
duzuňy dadyp turjak,gaty
görmesizden-diýýär. Onuň çalan sazyny diňleýärde:”Yzlamaýan
bolarmy”sazyňy ýene bir gezek çal!”diýýär,soňam :”Men seniň öňüňde dyza
çökýän,çeper eliňi ogşaýan.Indi,sen meniň sazandam bolarsyň. Sen-how,potratda näme
işleýärsiň,ikimiz potradyň adamsy däl ahyryn.Biziň elimiz,dilimiz işlemeli”diýip,ony
öýünden alyp gidýär.Şeýdip, olar Nurýagdy Tokgany hem ýanlaryna alyp, çykyş etmäge
başlaýarlar.Men bulary giňişleýin aýdýanlygymyň sebäbi,sen öz obaň zehinli adamsyny
17
tanap goýmaly,öz obaň abraýyny hasam galdyrmagyň aladasy bilen bolmaly...Ýene bir
bilip goýmaly zadyň,saňa gyzamyk çykanda,Tirkiş Tagana saz çaldyryp, gök eşegimiziň
süýdüni hem içiripdim,keseliň kellesini aýlamak üçin gyzjagazyň eşigini
geýdiripdim,(gyzjagazlara bolsa oglanyň eşigini geýdirerdik).Bular türkmeniň gaty
gadymdan gelýän däbidir.Gyzamykdan içiň ot bolup ýanýan çagy, gök eşegiň buz ýaly
sowuk süýdüni içirerdim welin,sen hekgeripjik, ýeriňden galýaňda,sallançak uçup,Tirkiş
Taganyň çalýan şirin sazlaryna hiňlenibererdiň:”Maňa gök goýnuň süýdüni
getiriň!”diýip...Käte
bolsa
sen:”Eje,Tirkiş
kakam
Durdy
aganyň
“Zöhrejanyny”çalýar,diňlejekmi?”diýerdiň, gulagyma hiç zat ilmänsoň,menem
“Oglumyň bolmajysy bolaýypdyr,özüň kömek et,jan Alla!”diýip,gorkyma dileg
ederdim.Asyl sen onuň öýünde çalýan sazyny eşidýär ekeniň,ýogsam ol obanyň günbatar
çetinde ýaşaýardy ahyryn...Şulary sen bilip goýgun!..
Bir günem Tirkiş eli gyjakly gapyda dur.”Hany,Alty jijim,bir aýdymjyk aýdyp
ber!”diýip.Tirkiş gyjak çalýar,Altymyrat heňňalyk uçup oturan ýerinden aýdym aýdýar.
“Ilerimiz ýorunja,gülün ýygnar garynja,
Indiki gül çykýança,gaýdyp gelsin gelneje!”-diýip,ýaňy öýlenen Orazberdiniň atasy
öýüne gaýdyp giden gelni barada bir zatlary samraýar.
–Haý,berekella,inijigim zordur!-diýip,özi barada edilýän alada guwanan Orazberdi
onuň arkasyny sypaýar.
–Meň şujagaz balamyň bilmeýän zady ýokdur!-diýip,ejesi ogluny gujagyna gysýar...
Her gün işe gidende we işden gaýdanda ene ogluny ýanyndan goýmazdy. Öýe gelip
nahar-şor etmeli bolsa-da,tikin tikmeli,namaz okamaly,mal-gara seretmeli bolsa-da,
Altymyrat ýanyndadyr.Ir turup ýuwunman saçaga ýapyşsa:”Balam jan,ol pişijege
seret!Seret! Ilki ýüzüni,soň aýaklaryny ýuwdy,indem goltuklaryny ýuwýar.Sen bolsa
ýüzüňi ýuwmaga ýaltanýarsyň!”diýerdi,onda ogly :”Eje,pişik dili bilen ýuwunýar
ahyryn!”diýende,ejesi:”Ol heniz kiçijik,ulalanda dili bilen ýuwunmaz,ýöne ol sen ýaly
ýalta däl.”diýip,oglunyň ýüzüni ýuwmagyna itergi bererdi.Soň,ol mal-gara seretmegi,suw
bermegi,ot dökmegi öwredýärdi.Ejesi :”Sygryň süýdi agzyndadyr,baksaň, süýt,çig
gaýmak iýesiň gelse,oty köp bermelidir,ýaltanmaly däldir.Dawyd pygamber diňe demiri
däl,mal-halam
halapdyr,olary
idedipdir”diýerdi.Şeýdip,ol
oglunyň
kalbynda
mala,tebigata,töwerege söýgi oýarýardy.
Bir gün ejesi işden gaýdyp gelende:”Balam jan, gölejigiň bir zatlar diýýä
welin,suwsan bolaýmasyn?Hany suw görkezip gör!-“diýip,çagasyny işe ugrukdyrmagyň
tärlerini gözleýärdi,başga bir gün, enesini emeninden soň iki ýana alakjap ýören gölejigi
görkezip:”Bar,balam jan,tazygyp gidibermez ýaly ony daňyp goýber!” diýýärdi,
Altymyrat:”Men ony daňyp bilemok”diýende ejesi:”Göläni ine, şeýdip daňmaly” diýip,
gondybag daňmany öwretdi-de:”Oglum,Dawud pygamber ýaly düşbüje bol.Olam
mütüje çaga,soň çopan-çoluk bolupdyr, demire dil bitiripdir,sebäbi,Lukman hekimiň
otuz ýyllap hat-sowadyny öwrenipdir.Ol iki müň hikmeti ýatdan bilipdir”diýdi.
-Eje,Rahmanberdi mollym
sapagy gaty gowy öwredýär,gyzykly alyp barýardiýip,Altymyrat seslendi.
-Rahmanberdi-gonambaşy edäýmeli
adamdyr,ylym-bilimde turşysy depesine
çykanlardandyr.Sebäbi aňyrsy(Ulugberdi ahun)
ahun çykyşly nesil.Ol synlaryny
süýräp,bu syrgyndan gaýraky syrgyna aýlanyp,maksatsyz gezip ýören gojalardan
däl.Onuň her pursady maksatly.Häk,bilimi dagy ýokary bolanda ol ýatan daşy pagş-para
etjeklerden,özem adygan Körmolla şahyryň inilerinden.Ýadyňda galar ýaly men saňa
Rahmanberdi
mollumyň
aňyrsyny
aýdyp
bereýin.Diňle!Suhanyň
lakamy
18
Körmolla,kakasynyň ady Öwezberdi,atasynyň ady Molla Sakar ,ýagny Sakarda doglany
üçin şeýle diýipdirler.Molla sakar kärendeçilik edip gününi görüpdir,hor-homsy
ýaşapdyr,gabahat açlyk zerarly dünýäden gaýdypdyr.Onsoň onuň ogly Öwezberdi”Bagt
gözläp” Mara göçüp gelýär we atly ahunlardan bolan Abdylla işanlara talaban
durýar.Zähmet hakynyň deregine,ogullaryny,öz döwrüne görä sowatly etmegi
başarýar..Soň ol,Sakarçägä,biziň obamyza göçüp gelýär,kärendesine ýer alyp ornaşýar.
Öwezberdiniň uly ogly Ulugberdi,yhlasly okanlygy üçin,oglan okadarlyk derejesine
ýetýär,ortanjy ogly Annaberdi biwagt aradan çykýar,Suhan bolsa kakasy bilen
daýhançylyk edip başlaýar.Daýhançylyk etse-de ol,esli wagtyny deň-duşlary bilen sazsöhbet etmek,kyssa diňlemek.gijelerine ýygnanyp,her hili hyýaly hekaýatlar aýdyşmak
bilen gününi geçirýär.Ol örän şähdiaçyk,giňgöwrümli bolupdyr,ýaňy 23 ýaşa ýetende
bolsa ,mama keseline duçar bolup,görejinden mahrum bolupdyr, şondanam ”Körmolla”
lakama eýe bolupdyr.
Rahmanberdiniň kakasy Söýeg aga,ahunlyga ýetenligi üçin Ulugberdi ahun adyny
alan adamynyň ogly.Ol 1939-nji ýylda tutulýar.Onuň iň soňky haty gürji ilinden
gelýär.Şondan soň Söýeg agadan gördüm-bildim ýok.
Rahmanyň bilimi ýokary hem däl,ýöne onda okuw okatmagyň ussady diýen nyşan
bar,özem
hasapdan,fizikadan,bagbançylykdan,maldarçylykdan,çyzgydan,suratdan
çagalara sapak berýär,hat-da orta,ýokary bilim alýanlar hem onuň ýanyna gelip,özleriniň
diplom işlerini ýazdyrýarlar.
-Eje,ol maňa yhlas edip bilim öwredýär.Diňe maňa däl,ýokary synplara hem şeýle
öwredýär.Ho gün,mekdebiň ýanynda gurulýan medeniýet öýi binasynyň depesine
çykyp,kiçi,orta,uly ulylykdaky daşlaryň hersini aýratynlykda taşlap,aşak gaçma tizliginiň
kanunyny öwretdi,soňam altynjy synpdaky okuwçynyň kellesini sypalap: ”Düşündiňmi,
guzym?”diýip sorady,ol hawa diýdem weli:”Şu gün geçim daga ýaýrady”diýip,hoş boldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 03
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.