Latin

Topraga duwlanan ägirt - 13

Total number of words is 3886
Total number of unique words is 2332
32.4 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
aňmandyryn”
diýip,
ýerinden
turaýjak
ýalydy.(Altymyrat
soň-soňlaram
Orazgüliň,ejesiniň sesine meňzeş sesini eşitse tisginip gidýärdi.)
Ertesi, ýaňy daň atyp ugranda, doganlar,merhumyň erkek dogany bolmany üçin
dogan hökmünde sylanýan Rahmanberdi mugallym,Tirkiş Tagan dagy bolup, türkmeniň
köne däbi boýunça,daşarda,öýe girilýän gapynyň agzynda hemmesi bir wagtda aglap, ses
etdiler.Bimahal çykan ses ýaýrap,ajy aýralygyň habaryny oba adamlaryna ýetirmelidi.Bu
däp Dowud pygamberden galypdy.Kyrk oglunyň öňünde ertir namazyny okan pygamber,
özüniň men-menligi zerarly ogullarynyň ölenligini görüp,gapysynyň agzynda etbet sesi
bilen aglapdyr.Türkmenleriň hem ýakynlary gaýdanda üýşüp,ir ertirden aglamaklary
şondan galypdyr...
Bu gün gyşyň aňzakly güni öz ornuny ýaza berene döndi,doňaklyk çözüldi,ýakymly
şemal turdy,gün ýalpyldap çykdy-da, has ýakyna gelen ýaly boldy.Guşlar howsalaly ses
etdiler,ýapraklaryny döken ýalaňaç baglar aglaýan ýaly yrandylar,sygyrlar zaryn
molaşyp,eşek yzly-yzyna aňňyrdy.Altymyradyň ýüregi boşap,buggaryp galana
döndi,kimdir biri onuň ýolbarsyňky ýaly ýüregine elini uragada,göwresinden gysyp
çykaran ýalydy...
Gyşyň güni kyrk tüýsli diýselem adamlar bu täsin üýtgeşikligi gowulyga
ýorup:”Gün hem pahyryň köňli ýaly gyzgyn,ýüregi ýaly mylaýym,açyk
boldy”diýdiler.”Kim garyp,ölen garyp”diýilşi ýaly,olar ýas ýere nämedir bir zady kömek
etjek bolup,azara galýardylar,Bu hakykatdanam şeýle bolmalydy. Bolmasa käbir adam
gaýdanda güýçli tupanyň turmagyny,sanlyja adamyň ýasa gelmegini näme bilen
düşündirjek? Her gelenem: ”Gelnejemiz gaýdaýdymy?”diýip,duýgudaşlyk bildirýärdi.
Şeýle ýagdaýda merhumyň hossarlarynyň hasraty birneme gowzaýan ýalydy...
Hawa,Altymyrat ejesini gyşyň ýaz ýaly bir gününde ýere duwlady.Gonamçylykdan
gelen batlaryna bolsa sowuk şemal turup,gar syramaga başlady.Gyşdaky ýazyň howasy
mähriban ejesi bilen ýere giren ýaly ýom-ýok boldy...Ýeri,muny näme bilen düşündirip
boljak!?...
Altymyradyň kalby boşan ýaly boldy.Ýüregini howsala gaplanda derdini
paýlaşjak,dogry ýol salgy berjek iň ezizi ýok.Bu heniz çagalykdan doly saplanyp
bilmedik ýigit üçin diýseň agyr pursat.Ejesi altmyş ýaşady.Ol ejesiniň her ýaşyna bir
gyzyl bägül sowgat getirdi.Ony gowşuryp bilmedi.Ýöne ýigrimi ýaşanlygyna
garamazdan,Watanyň,iliň öňünde onuň bitiren işi başga bir adamynyň bütin ömründe
bitirip biläýjek işlerindenem artyk bolmasa pes däldi.Ol Afinada, Olimpiýa oýunlarynda
ýeňiji bolanlaryň altyn heýkeljikleriniň ol ýerdäki ýörüte muzeýde saklanýnlygyny öz
gözi bilen gördi.Şeýle heýkeljigi ol ejesi üçin ýasadar, hökman ýasadar.Öz heýkeljigi
bolsa indiki Olimpiýa oýunlarynda şol muzeýiň bir burçuny eýelär.Hökman eýelär...
--5-
105
Altymyrat ejesiniň ýedisini sowýança ýas ýerinde oturmaly boldy.Oba adamlarynyň
arasynda Oleg Komlew hem bardy.Gynanç bildirip gelip gedýän adamlara seredip
oturşyna Altymyrat,bir hakykata göz ýetirdi,olam adam nirede gezse-de, göbek ganynyň
daman ýerini küýsemegi.Obasyny terk edenine alty ýyl dagy bolupdy,emma käte bir
gelip,ejesini görüp gidýänem bolsa, ol döwür onuň üçin altmyş ýyla dönüpdi.Asyl
seredip otursaň,oba oňa maddy nygmatam,ruhy höregem bolýar ekeni.Her gezek
ýaryşdan soň oba geldigi goruny täzelemek,täze uly üstünliklere badalga almak üçin
durmuşynyň başlangyjyna höwes ederdi,ejesini mähirli gujaklasa,agalary,gelnejeleri,aýal
doganlary bilen görüşse,soňundanam melleklerine aýlanyp,daş bolmadyk ýerden akyp
geçýän nobura suwa düşse,birhili köňli rahatlanyp,dünýäsi giňän ýaly bolýardy.Bu
täsin,düşündirip bolmajak ýagdaý,onuň pikiriçe şol göbek ganly gürrüňe bagly
bolmalydy,ýogsam, oba beýleki obalardan üýtgeşik däldi. Obanyň günbataryny jähekläp
oturan gonamçylykdy,günortasy Mary-Aşgabat demir ýoly,demirgazygy öň nobur,indi
ösüp-örňän goňşy obanyň arasyny bölýän ene zeýkeş,gündogary uly obanyň bir bölegi..
Hawa, bu oba beýlekilerden üýtgeşik bolmasa-da,Altymyrat üçin üýtgeşik.Obanyň
baglyga bürenip,gündogara uzalýan giň köçeleri,günortasynda,demir ýol bilen aralygy
tutýan belent çägelik,onda otlaşyp ýören sygyrlar,bölek-bölek dowarlar -bularyň bary
ony özüne çekýär.Çig kerpiçli pessejik jaýlarynda ejesi bilen ýatandyr welin,käte-käte
daş bolmadyk ýerden geçýän otlynyň şakyrdyk-şakyrdygy ony hüwdülär,ýaňy irkilersiňsygyrlarynyň ýaşajyk gölesini ýalandaky hamrak sesi oýarar,şonda olam ejesi bilen
gujaklaşyp uklap galar.Käte işikdäki tut agajynda saýraýan bilbiliň sesine oýanarsyň
welin,oňa doýma ýokdur.Dünýäde beýle ajaýyp,ýakymly mukam başga bardyr
öýtmersiň!...Öz obasynyň ogrysy hem,husydy hem oňa eziz.Dosty Şamyrat keliň puly
kändir,emma zerur gerek bolanda,20 teňňäni-de alyp bilmersiň,ýogsam,beýle ownuk
dileg üçin başy buýsançly,tutanýerli ýigidiň sözüni zaýalanyna-da degmeýärdi.Her zatda
bolsa şujagaz waka onuň ömrüne sapak boldy.Adam diňe öz güýjüne bil baglamaly,hiç
wagt hiç kimden kömek soramaly däl,gaýtam,özüň ile kömek berer derejä ýetmeli diýen
maksady öňünde keserdip goýmaly boldy.Ony etjek bolsaňam:”Iliň bähbidi,abraýy üçin
özüňi doly açyp görkezmelidi,göreşmelidi”.Ol şeýle hem edýärdi.
Uzyn boýly,gyzma häsiýetli,aşa husyt we lakgy Şamyrat kel bilen onuň häsiýeti
gabat gelmese-de,garaz oňuşmaly bolýardy.Şamyrat gapydan kowulsa äpişgeden
ätleýärdi,göwnüne zat almazdy.Bir-birine gapma-garşy häsiýetler ikisini aýrylmaz dosta
öwrüpdi,ikisiniň
gujur-gaýratlary,hakdan
içen
zehinleri
birek-birek
üçin
zerurlykdy.Heniz görülip eşidilmedik üstünliklere ymtylmak Altymyrat üçin mukaddes
arzuw bolşy ýaly,bir teňňeden ikini ýasap,uly baýlyga eýe bolmaga ymtylýan Şamyrat
keliňki hem kel hyýaly däldi.Iki bilen ikini goşup bilmese-de,ol öz maksadynda örän
tutanýerlilik görkezýärdi,hatda ýakyn dostuny hem sylap goýmaýardy.Hut ukypzehinleri,islegleriniň gapma-garşylyklary sebäpli bu ikisi bir-biriniň ýetmezini
dolýardylar.Ine,häzirem Şamyrat,patada oturanlygyna garamazdan şol bir eňegine
başlapdy.
–Altyň nebsi ýok.Men onuň ýerinde her çempionlygy üçin belli mukdarda puluň
tölenmegini daş edip sorardym.”Bolmasa gymyldajagam däl”diýerdim.Men, ine, diňe
pulum bilen şu derejäni gazandym,nesip bolsa daş edip ýokary hem çekilerin.Bir gezek
Moskwa gidip geleýin,onsoň görersiňiz...Alta aýdyp-aýdyp dilim syryldy,täsir
edenok.Janyna nebsi agyrman,gelejegi üçin harç ýygnajak bolman, iliň,ýurdyň abraýy
diýip basyp otyr.Bir ýerine şikest ýetmesin,ýetäýse,abraýyň çogup dursa-da,puluň
bolmasa ýüzüňe seretmezler.Bilýäň-ä,beýiklige bökmek boýunça dünýä çempiony
106
Waleriý Brumeliň düşen gününi?Ol aýagyny döwdüripdir, bejertmäge bolsa serişdesi
ýok.Näme üçin döwlet onuň şan-şöhradynyň,syýasy abraýynyň,az bolmadyk girdejisiniň
eýesi bolýar-da,kesellän güni ýüzüni öwürýär?Sen şondan gowy bolarsyň
öýüdýärmiň?”Garry Kasparow küştden gelýän girdejilerini döwlete bermän,hususy
hasabyna geçirtdi” diýip, gazetler ony ýazgardylar.Ilki oňlamadyk bolsamam,asyl ol
dogry hereket edýär ekeni.Goý, gazanan pulunyň salgydyny
tölesin,galanynam öz
islegine görä ulansyn.
–Şamyrat,meseläniň wawwaly ýerini gozgady-siýip,Oleg seslendi-Sporty ösdürmek
üçin her bir sportçynyň gazanýan üstünliklerinde onuň peýdaly tarapyna ünsi
çekmeli,gazananlaryny özüne bermeli,özbaşdak türgenleşik geçýänleri goldamaly.Adamy
medeniýetli,sportçy bolmaga mejbur edip bolmaz,ýöne onuň üçin şert döretmeli,fiziki
medeniýeti,aýratyn güýji bolanlar sylanýan,hormatlanýan adamlar hasaplanmaly,şonda
durmuş gyzykly,täsirli bolar.
–Sen ýene bärden gaýdýarsyň,adama sylag-hormat däl,pul gerek,pul.Pulum köpeldi
welin, öňki pitjiň atýanlar boýunlaryny burup,daş ýaly öňümde durlar.
–Dost jan,sen ähli zady pul bilen ölçeýärsiň,men bolsa çykyş edenimde öňdeligi
almaly diýip demire ýapyşýaryn-diýip,Altymyrat söze goşuldy-Çykyş edýänleriň menden
has güýçlilerem bar.Ýaryş gutaranda özümiň ýeňiş gazananymy hem
bilmezdim,beýlekileriň biri alandyr öýderdim,ýöne haçan-da meni gutlap
başlanlarynda,ýeňiş gazananymy bilip galýardym.Ine, Afinada Koreýaly bir oglan
gujaklap,maňlaýymdan ogşap,meni göterýär welin,özüme ynanman,şol birinjiligi alandyr
öýdüp, ony gutlaýaryn.Tälimçim Abramýandan:”Ol meni gujaklaýar welin,birinji ýere
düşdümi?”diýip soranymda:”Birinji ýeri sen aldyň,sen”diýip, begendirdi.Asyl üçünji ýer
alana birinji ýere düşdi diýip dursam netjek!
-Olary aýyl-saýyl etmek tälimçiniň işi.Garşydaşlaryň göterýän agramlarynyň
hasabyny ol alyp barmaly,olam seniň ukubyňa bil baglap,nobatdaky göterjek agramyňy
salgy bermeli.
–Oleg,ol şeýledir.Ýöne meň-ä Alta berjek maslahatym,agyr daş göterip,janyňy
howp astynda goýman,çagalary sporta höweslendirjek bolman,bir sport mekdebinde iş
tapyp,çagalaryň tälimçisi bolup işläber diýjek.Mekdeplerde sport sapaklary ýatyrylan
wagty,sport meýdançalaryna ekin ekilen wagty,neşäniň arakdan arzan wagty onuň sporty
ösdürjek bolup wagz edip ýörmesi ýokary ýolbaşçylara ýakmaz, olaryň gözünden
düşersiň,onsoňam, tälimçiniň aýlygy,çempionlygy üçin alýan hakyndan ýokary
bolmasa,pes däl.Şeýle dälmi,Rahmanberdi aga!?-diýip,Şamyrat aýak ýoluna gidipgelip,Tyrry aganyň ýanyna çöken Rahmanberdi agadan sorady.
–Mugallymlaryň aýlyklarynyň ýokarydygy hak-diýip,Rahmanberdi aga jogap berdi.
–Soňky günlerde türkmeniň gadymylygy barada gürrüňler ýaýrady.Öňler baýle zatlary
eşidemzokdyk.Käbirleri munda orslaryň eli barmyş diýýärler.Sen bir köp okan,köp
bilýän adam.Bu geplerde maňyz barmydyr?
-Şamyrat beg, türkmeniň gadymylygy dogrydyr,ýöne ony şu güne çenli biziň
bilmezligimizde orsuň günäsi ýokdur.Türkmeniň aňyrsy,taryhy,has dogrusy Saltyklar
imperiýasy barada arap çeşmelerindäki ýazgylar 1950-nji ýylyň başlarynda rus dilinde,
Leningrat-da çap bolup çykdy.Olar onlarça kitaplardan durýar.Özüni taryhçy hasap
edýän
her
bir
adam
Türkmenistanyň
golýazmalar
institudyndaky
ýazgylara,alym,akademik Bertelsiň ýazgylaryna ýüzleý göz gezdirse-de,onuň
dogrylygyna düşüner.Orslar ol kitaplary gyzyklanýan adamlar okasyn diýip
çykardylar,emma kim olary okady?Türkmen alymlary öz gadymy mirasy barada iş
107
ýazandan ýoýulan görnüşdäki ors taryhyna syn ýazanlaryny gowy gördüler.Biz
geçmişimizi bilmeýänligimiz üçin başgany günäkärlemäge hakymyz ýokdur.Şony berk
belle,Şamyrat!Ýene bir zat aýdaýyn!Hiç kim bize namaz okama,sünnet etdirme,dapdessuryňy berjaý etme diýmedi.Eger diýlenem bolsa ony özümizden gözlemeli,başganyň
boýnuna atmaly däl.Pribaltika,Kawkaz döwletleri şu güne çenli öz ata-baba elipbiýlerini
saklap gelýärler,biz bolsa täze türkmen elipbiýini döretmeli diýip samsyk gürrüň
tapýarys.Türkmen ýetmiş ýylyň içinde dört gezek elipbiýini çalşyrdy,indi bäşinji gezegiň
gürrüňini edýärler.Her gezek elipbiý çalyşanda ata-ene bilen çaganyň arasynda gala
döreýär,elli ýyllyk boşluk emele gelýär,olar birek-biregiň ýazgylaryny okap,ýazyp
bilmeýärler.Kim näme diýse-de,men-ä şu täze elipbiýiň döremegine garşy.Men size ýene
bir zat aýdaýyn,şuny berk belläň!Biziň gadymy däp-dessurymyz,ýol-ýörelgämiz yslam
dinine gabat gelensoň,Pygamberimiz:”Türkmenler şeýle beýik halkdyr”diýipdir.Näme
üçin onuň beýle eradaty bar?Halat-hadyslarda Allatagala aýdypdyr:”Eger-de men bir
kowmumyň üstüne gazabymy inderjek bolsam ,şeýle bir kowmy ýaratdym,ony şolaryň
üstüne indererin”diýýär.Şol kowum türkmenlerdir.Gepden gep tapylýar,päheýde weli.
Pygamberimiz
aýdypdyr:”Türkmenleriň
ýanlaryna
ýaman
niýet
bilen
barmaň,göwünlerine degmäň! Olar gaty gaýratlydyr,namysjaňdyr.Olar bilen
atyşmaň,sebäbi olaryň özleri bu ýola geldi...” Ine,ata-babalarymyzdan habar alsak, şeýle
halk bolupdyrys.
Biz Hudaýa ynanýas,ol ýaradyjy,ondan başga ýaradan ýok,gözümiziň görýänini,
gulagymyzyň eşidýänini Allatagala döretdi diýip ynanýarys.Allatagala:”Ýaratdym men
ynsany özümiň aýratyn sungatym bilen,owadan,özüme meňzeş edip ”diýipdir.Şol sebäpli
gujur-gaýrat,ar-namys,ýiti hüşgärlik biziň ganymyzda bar.Onsoň bizi ýeňen bolmaz.Käte
ýeňerler,emma ol uzaga gitmez.Ony pälwanymyz subut edýär. Şeýle dälmi,Altymyrat
jan!?
-Dogrudyr,Rahmanberdi mollym-diýip,Altymyrat jogap berdi...
Ine,şeýle-şeýle gürrüňleriň başyny agyrdyp,Altymyrat ejesiniň kyrkyny sowdy.Bir
böwşeňlik ara düşende,umytly nazaryny Altymyrada aýlaýan Tyrry kakasy dillendi.
–Alty jan,bir hoş habar aýdarsyň diýip,gözüm ýoluňdadyr!
-Tyrry kaka jan, seň aladaňy etmesem bolmaz-a!-diýip,Altymyrat,egin-eşikleriň täze
hokgalaryny mazamlaýan dürli ýaşdaky aýal-gyzlaryň bir bukja ýygnalan suratlaryny
goltuk kisesinden çykaryp,oňa uzatdy.Ol muny Aşgabatdan,Oleg bilen gözellik otagyna
baranda satyn alypdy.
–Hawa,Alty jan,bulaň näme?
-Tyrry kaka jan,men-ä “saýla-da seç” diýip,gelinleriň özlerine derek suratlaryny
alyp geläýdim.Olar işli,alyp gaýdyp bolanok.Bulaň birini saýlap,şu bolýar diýseňiz şoň
ugruna çykaýmasam...Nähili görýäňiz?
-Alty jan,köp sag bol!Ozalam seň şeýtjegiňi,iş bitirip geljegiňi bilýärdim.Ýok,sen
ösersiň,ýokary galarsyň,Rahmanberdi ýaly “Aý,indi garrady,aňy gaçdy,heleý nämesine
gerek, otyrsyn tüneginde myrdaryny aşyryp”diýmänsiň,gaýtam, gelinleriň hersiniň
suratyny alyp,bukja ýygnap getiripsiň.Şamyrat kel muny etmez,öldürseňem etmez. Ol
özüne alar,ýöne maňa hödürlemez.Häzirem ol Şatlykda biriniň başyny aýlap
ýörmüşin.Ýok,ol düzelmez. Bulaň üçin welin, sag bol,iner ogul!Bu tüýs seň bitiräýjek
işiň!
-Tyrry kaka jan,menem bir zat soraýyn.Näçe ýaşda öýlenmek has amatly?
-Ýaş bolsaň-a ir,meň ýaly garry bolsaňam görýäň-ä,ýagdaýymy-diýip,Tyrry aga
jogap berdi.
108
–Onda men nädeýin?
-Senmi?Hany erte daň atsyn,daňlyk gyzarsa Hudaýyň urdugy,gün ýaşyp şapak
gyzarsa Hudaýyň berdigidir,şonda netije belli bolar.Ýogsam derdimiz ...
–Henizem şol öýlenmek gürrüňmi?Tyrry seň derdiňi suw bejär,suw bejermese ot
bejär,ot bejermese tyg bejär,kesip gýbererler-diýip,bularyň ýanyna gelen Rahmanberdi
aga ýylgyryp,ara goşuldy-Seň
heleý nämäňe gerek,päheýde welin?Öýüňde iýdiripiçirýärler,kiriňi ýuwýarlar,arkaýyn ýatyp turýarsyň,göwnüň islän ýerine gidýärsiň.Heleý
alsaň oň zawud ýagyny,unyny,odunyny,hurşuny tapjak bolup elewrär ýörersiň-dä!Ýeke
bolsaň aňsad-a,päheýde weli!...Altymyrat jan,men-ä gaýtmakçy.Kabul bolsun!
-Mollym,taňryýalkasyn!Ýör,men sizi ugradaýyn!...
Adamlar dargaşansoň Altymyradyň köňli boşap galana döndi,bir ýerde oturyp karar
tapmady,daş çykdy,içeri girdi.Göwnüne bolmasa ejesi bir ýerden çykagetdin:”Balam
jan,,meni göresiň geldimi?”diýäýjek ýalydy.Ýanynda gürleşip,pikir alyşyp,derdinişer
ýaly adam ýok,her kim eklenç,iş aladasy bilen ýetişiksiz günde.Şeýle ýagdaýda ol nobura
baryp,suwuň akymyna,şaggyldysyna syn etmäni halardy..
Indi noburdaky,olaryň öňki suwa düşýän “Gumgüzerimiziň”(ol indi
“Täzebaýgüzer”adyny alypdy)bol
suwy,gyrasynyň gür gök agaçlary bolmasada,garaz,içi gazy garasyny görmedik ýapdan nehilidir bir suw akýardy.Ýaz çaglary
ulygyz ýaly sülmüräp,gollaryny suwa atan leýlisaçlara seretmek hezillikdi,näzijek
ýaprajyklar ýaýylyp,dury suwuň ýüzünde tolkuna görä hereket edip ýüzýärdiler we
näzijek
ýaprajyklaryny
sypaladyp,kirşenden
arassaladýardylar.Häzir
olar
ýalaňaçlanyp,ýalaňaçlygyna utanýan ýaly,başyny suwa sokup,Altymyradyň ýetim galyşy
ýaly ýetim görünýärdiler...
Birdenem ol tisginip gitdi.Ýok,oňa päsgel berýän ýokdy,ol kalbynda peýda bolan
pikire tisginipdi.Ol pikir ýazda sallanyp suwa düşýän leýlisaç gollarynyň,ýekeje güli
peşgeş beren,heniz adyny hem bilmeýän gyzynyň örülmän öňüne atan saçlaryna
meňzeşligidi.Ýaňy köçäniň sozuljyrap ýatan gumaksy ýolunda,gara köwşüni ak ýüpege
meňzeş
çaňlara
basyp
gelýärkä-de,beýle
pikir
hakydasynda
peýda
bolmandy.Diýmek,onuň peýda bolmagy üçin suwuň gyrasynda oturmagy gerek ekeni.
Örküç-örküç tolkunlar bat bilen gelip,gelişi ýaly hem geçip gitselerem,leýlisaç ýabyň
gyrasynda,başyny egip, saçlaryny ýaýyp dur.Altymyrat:”Ne gözel saçlaryňy suwa
batyrma,jan gözel gyz!”diýýär,gyz bolsa:”Waý,enaýy-da,gyz”diýip jogap berýär.
“Gumgüzer”atly noburyň gyrasynyň tally,tutly,kä ýerleri erikdir almaly kenary diňe bir
Altymyradyň däl,tomusda oba oglan-gyzjagazlarynyň hezil edip suwa düşýän
ýeridi.Kimdir bir pulmesiniň beýleki kenarda täze guran öýüne geçmek üçin ýasan
paýapyly çagalardan dolýardy.Olar ondan özüni suwa oklaýardylar,şallakmende
oýnaýardylar,soňundanam kenardaky urpak guma bagryny berip,güne ýanyp
ýatardylar.Belki,Altymyradyň süňňüne hem şeýle ýol bilen topragyň agraslygy
siňendir?Belli däl,ýöne ol bir zada gözüni ýetirdi,olam,şol gül beren gyzy ýatlaly bäri
kalbynyň üýtgänligi.Indi oňa Günüň ýaşyp barmasam,Aýyň şöhlesem,Asman
gümmezem,çöregiň hümmetem,durmuşyň gymmatam,özüniň gussaly kysmatam,ýaňky
ertekisem hemmesi täzeden başlanýan ýalydy.Ejesi bar wagty hiç zady pikir etmedik,hatda öýlenmegide onuň üstüne atyp,(eýsem türkmen çagasynda ony ejesiniň üstüne
atmaýany barmydyr?)dünýäni topugyna saýmadyk oglan,indi ähli zatda öz göbegini
özüniň kesmeli boljagyna düşündi.Hat-da öýlenmek meselesinde hem.Heniz dünýäniň
emer-damaryna doly düşünip barmasa-da, ol,birine garaşýan ýalydy,gün ýaşdygy Günüň
dogaryna,Gün dogdygy ýakymly ýaramly şöhlesiniň uzak dowam etmegine
109
garaşýardy,elewreýärdi.(Ejesi gaýdaly bäri gijäni halamaýardy).Nämä garaşýar,kime
garaşýar?Belki,ýekeje gül beren şol gyza garaşýandyr?Belki bu çyrpynmalar başga
zatdandyr?...Ol şeýle oý-pikirlere gumra bolup günüň ýaşanyny hem duýmady.Asmany
gaplan gara bulutlar ýere gaçaýjak bolýardy.Ilki ýagyşdan başlap,soňuny gara ýazan
tebigat akja dona bürenipdi.Bu gün asmanam ejesiniň gam-gussasyna goşulyp,ilki gözýaş
döküp,soň gar sepeläp:“Indi köşek,köşeş,rahatlan!Öleniň yzynda ölme ýok,giň
bol!”diýýän ýalydy...
Ol edil şu wagt,daş bolmadyk aralykdaky şol ýatlanylýan gyzyň penjiräniň öňünde
daşaryk bakyp,kimedir birine garaşýan ýaly, tukatlanyp oturanlygyndan bihabardy...
Şol günüň ertesi Altymyrat raýon merkezindäki türgenleşik mekdebine bardy.Ol
ýerde ilkinji duşany Oleg boldy.
-Ýüzüň dagy näteňet,how!-diýip,ol sorady.
–Aý,dost jan,meniň ejem janym,agalarym göz öňümden gidenok.
–Öleniň
yzynda
ölme
ýok.Rahmanberdi
aga:”Allaň
berenini
ýaşamaly,söýmeli,söýülmeli”diýýär-ä!Ýigrimi ýaşadyň,bir gyzyň ýüzüne bakyp
göreňok.Olar bolsa sen diýip ölüp ýatyrlar.Saňa hat ýazýan gyzlaryň sany-sajagy ýok,sen
bolsa...Şol gül beren gyzyň,meselem..Ýogsa-da,şol gyz seniň bagtyň bolaýmasyn?-Oleg
Altymyradyň ýüzüne dykanlap bakdy-Ol seniň çöken göwnüňy seýiklejek,azaşan
durnasyny söýeglejek bagtyň bolaýmasyn?Kyn günüň perişdesidir ol,maňa ynanaý!
-Dost jan,näme maslahat berýärsiň?
-Maslahatym,häziriň özünde çogdam güli eliňe al-da,onuň öňünden
çyk,gowşur!Adyny sora,duşuşaly diý,garaz,gürleş.Bolmaz-a,how,özüň-ä dünýäni aňk
eden pälwan ýigit,şu syçalakga barmagym ýaly gyzjagazdanam çekinip
ýörsüň!Özem,ölen-ýitenleriň gürrüňini az et,ýogsam,Ezrail aramyzda kaňkap
ýörmüşin,kimi alyp giderkäm diýip...A-na,a-na görýämiň,bankyň jaýynyň aňyrsyndaky
howlyny?Zöhräň köşgüne meňzäp duran, pessejik haýatly,öňi gök eýwanly jaýy?Onuň
gapysyny,äpişgesini,sypyşyp ugran üçegini häzirlikçe gaýybana ýüzüňe syl.Sebäbi onda
seniň eý görýän perizadyň ýaşaýar.Ýör,asyl,ajdarha ýaly ejesi bolsa-da,men ony çagyryp
bereýin!-Oleg sagadyna seretdi-de-Ýogsa-da,gyz häzir okuwdan gelmeli.Onýança,Mälik
agadan bir gujak gül alyp gaýdaly!-diýip,ol Altymyradyň utanýan diýmesine garaman
goltugyna girip,ýöräp ugrady-Men saňa bir zady gürrüň bereýin.Agşam bir pynhan ýerde
söýgilim bilen duşuşdym,onuň pamyk ýaly ýumşajyk,näzik ellerini sypaladymda:”Maýa,saňa bolan söýgimi ýüregimiň pynhan ýerinde göterýän, ony saňa aýtman
gezip ýörmegimde jinnek ýaly günäm ýok.Sen menden gaty görme!Söýýäniň günäsi
bagyşlanýandyr,hat-da eliňi şeýdip sypalap dursa-da”diýdim.Dogrudanam,meniň bu
herekedimde günämiň ýoklugyna Allada şaýatdyr,sebäbi her gün onuň suratyny
ýassygym aşagynda goýup ýatýaryn,arzuwlap uklap galýaryn.Belki,Alla jan arzuwymy
eşidendir? Gyz maňa nähilidir ykbal,durmuş barada pelsepe otarýar,meni bolsa onuň
gyzgynjak elleri,billeri gyzyklandyrýar.”Bu eller öňki näzikligini ýitirdi,näsaglara sanjym
edýänligim üçin gatady”diýip,ol akja dişlerini görkezip,mähirli ýylgyrýar.Bu
ýylgyryş,tabynlyk magnit ýaly özüne çekýär-de,onuň gyzaran ýaňaklaryndan nädip
öpenimi hem bilmändirin...
Dogry,ors gyzlaryny ogşamak aýybam däl,emma men oňa:”Seň buýsanjyňy
barlamak isledim” diýip samsyklapdyryn.,ol bolsa gyzyl burç ýaly gyzaryp:”Saňa-da
düşüner ýaly däl!”diýýär.Bolsa-da,Hudaý janyň özi beýle gözelligi ýaradyp bilipdir,ony
söýmezlik mümkin hem däl,şeýle owadan eşikdä-hä hasam.Men oňa “ seniň yşgyňa
düşüp,söýüp ýaşamagyň eşretine düşünip başladym,saňa melul bolup,näme edip,näme
110
goýanymy hem bilemok,asla beýle belent ajaýyp duýgunyň öňünde durjak bardyram
öýdemok!”diýip, bagryma basmak isledim,emma ol döşümden itip:”Oglan,akyllyja
bol!”diýip, badymy gaçyrdy..
–Heý,ýagşam bir iş edipsiň.Zalywadyň Görogly agasy bar-da,derrew bagryna
basjak,bir ýerine ýapyşjak!Göroglynyň kyrk ýigidiniň serkerdesi Tebli batyr
Esenhana:”Göroglyny gola düşürmegiň ýeke ýoly bar.Ol gelin-gyzlara gyzmadyr.Geçjek
ýolunda olar mejlis-märekede dursunlar.Şonda Görogly gülüp-oýnap,olary taryp etmän
hiç ýere gitmez”diýýär.Esenhan bilen döwüşmäge barýan Görogly bolsa, ýoldaky gelingyzlary görüp,boýnundaky galandar haltasyny aýryp, demir donunyň üstünden köne-syna
eşiklerini çykaryp,Gyratyna münüp,murtuny towlap golaý gelýärde:”Goluňyz bilen bir
meý
beriň!”diýip,bir
gazal
aýdar
boldy...Meý
içip-içip
atyny,ýaragyny
aldyrdy,tutuldy,ýesir düşdi,zordan ölmän sypdy.Senem häzir bol,how,dost jan!?Gelingyzlaryň aly kändir-diýip,Altymyrat ýylgyrdy.
–Göroglynyň uýasy Gülşirin bu habary Agaýunus perä aýdanda ol:”Eý,Gülşirin
jan,seniň agaňa näme bolsun?Onuň özi dogry ýoldan ýöränok,işi bolgusyzlyk.Biriniň
gelnine ýa gyzyna bir zat diýendir,şoň üçin tutulandyr"-diýip, jogap berýär.Bizem,näme
Göroglynyň inileri-dä!-diýip,Oleg hezil edip güldi.
–Näme,dost jan,indi senem Görogla meňzemekçimi?Oňa bir meňzeme,how!diýip,Altymyrat janykdy-Ol on bir ýaşyna ýetende öz okadýan mollasyny it ýenjen ýaly
ýençýär,onsoň atasy Jygaly beg agtygyny okuwdan alyp galmaga mejbur bolýar,ýigit
çykanda agasy Genjimiň goýunlaryndan ogurlaýar,galyň tölemän Agaýunusa
öýlenýär,Hudaýdan perzent dilemän at dileýär,ýurt söküp ýören 40 galandary sygyr
soýup naharlaýar.Ýöne soň Ysfihan şäherine gidip,şol galandarlary tapýar we eden
ýagşylygyny diline çolap,şolaryň üsti bilen ep-esli zat edinýär.”Il agasy don ýakasy”
bolmak isleseň, bir ötegçä eden hemaýatyň mazamlanmaýar.Dogry dälmi?
-Dogry-diýip,Oleg razylaşdy-Ol şeýle adam bolupmy?
-Men henizem,dost jan onuň eden işleriniň köpüsini aýdamok.Ol Budur gassabyň
ogly Öwezi aldap,alyp gaçýar we zor bilen özüne ogullyk edip alýar,türkmeniň
hökümdaryka, iki aýagyny göre sokup oturan ykmanda kempire atyny ogurladýar,dogan
okaşan dosty Bezirgeni biriniň gepyne gidip öldürýär,özem oňlanmajak bu hapa işi
namartlyk
bilen
amala
aşyrýar.Ol:”Çaýdan,çilimden,şerapdan
habaryň
barmydyr?”diýip,özüne ýüzlenenlere:”Wah,ýüregimiň üstünden ýalaňaç ýörediň”diýip
jogap berýär we özüniň aňrybaş neşekeşdigini,serhoşdygyny görkezýär.
–Bä,şeýlemi?Onda-da,döwlet derejesinde bu şadessanynyň baş gahrymanyndan
görelde,nusga alyň diýip gije-gündüz wagyz edýärler.Men-ä,düşünýän däldirin.
–Düşünmedik bolsaň indi bilip goý,dost jan!Şular ýaly zatlar Görogly şadessanynyň
ýaňy-ýakynda çap edilen nobatdaky kitabynda bar.
-Bor-la,how,men-ä ýöne aýdaýdym!.Mugt gürrüň,diňlede
oturda. Onsoňam,Göroglyny öň okap görmändim welin,indi okamaly etdiň! ...
--6—
Olar ep-esli aralykda ýerleşýän “Witjik”diýdimi,”Lipçik”diýdimi,şeýleräk atly
dukanyň gapdalyndan geçip,etrabyň merkez uniwermagynyň garawuly Mälik aganyň
ýanyna bardylar.Ol dukanyň öňündäki ýarym aýlow meýdançada ýetişdiren güllerine
serenjam berýärdi.Altymyrat sowuk urmazlyk üçin üsti basyrylan bägüllere seredip
agzyny açdy.Her gn geçýän hem bolsa,gaty bir üns bermänligi üçin,edil beýle gözelligiň
111
barlygyny guman hem edmeýärdi. Öwrümli, aýlowly köçäniň öwrümine görä ekilen
güller,özüniň gözelligi,ýaraşyklylygy bilen haýran galdyrýardy.Ýok,olar ýöne bir güller
däldi,bir-birinden reňkdar,owadan,bark urýan güllerdi,ýaňy açylyp barýany,indi açyljak
gunçalar,parlap bark urýanlary bardy.Toplum-toplum gülleriň bir reňkden baýlekä
geçmegi ýörüte çekilen suraty ýadyňa salýardy.Üns berip seretseň,olar dürli
manyny,durmuş öwrümlerini salgy berýän ýalydy,ýapraklar türkmen keşdesini,sary
bägüller ejesiniň ketenisini,mawy bägüller asmany ýadyňa salýardy.Bu gözel
meýdançany synlaýan her bir adam,diýmäge söz tapman dymýardy.Mälik aga bu
gözelligi garawullyk işiniň daşyndan döredýärdi.
Oleg,özüne mahsus sypaýylyk bilen (umumanam ors ýigitleri sadadan
mylaýymdylar) Mälik aga bir zatlary düşündirdi,olam edip duran işini taşlap,bilindäki
üzüm gaýçysy bilen dürli reňkli bir topbak gül ýygyp berdi.Şu ýerde Olegiň şäher tipli
şäherjikde ýaşaýanlygy aýan boldy.Dukana girip,gülleriň daşyny owadan kagyz bilen
doladyp çykanda,Altymyrat oňa göz ýetirdi.Indi,daşy kümüşsöw kagyzyň içinde ýaňky
güller hasam gelşige gelipdi.
Olar sport meýdançasyna gaýdyp gelenlerinde,mekdep okuwçylaryň uly bölegi
köçeden geçip barýardylar, bir topar,olaryň yzynda,iki-ýeke barýany,soň ýene uly topar
geçýärdi.Altymyrat üçin olaryň hemmesi bir meňzeş gyzdy,ýöne ol olaryň içinde özüniň
gül gowşurmalysynyň ýoklugyny bilýärdi...Ahyrym,geçjek geçip gutaranda,öňki
geçenlere asla meňzemeýän,üýtgeşik owadan,gelşikli,ýüzi mehirli gyza gözi düşdi.Onuň
ýeke gelmegi amatlydy,ýogsam gyzlaryň arasynda güli gowşuryp hem biljek däldi.
–Bar,bar çyk öňünden!-diýip,Oleg ony iteläp goýmady.
Gyş donunyň ýakasyny galdyryp gelýän gyzdan eýmenen hem bolsa, Olegiň iteläp
gyssamagy zerarly,näme bolsa şol bolsuna urup,onuň öňünden çykdy.Ýüregi
gürsüldäp,agzyndan çykaýjak bolýar.Arada bary-ýogy on,on bäş ädim,emma oňa
tükeniksiz,aňyrsy görünmeýän ýol bolup görünýär.Utanjyna gözüni ýumýar.Ýok,ol
bolmaz,gaýtam, gözüni giňden açyp,geçen gezek gül gowşuranda seredip bilmedik hem
bolsa, bu gezek ony içgin synlamaly.Gap-garaja saçlary öňüne taşlanan,oň üstünden
öýme ýaglyk atylan,bezemen donunyň aşagyndan gyzyl keteni köýnegi çykyp duran
ortadan uzyn boýly gyz.Keteni köýneginiň eteginiň darlygyny göreniňde,nädip ýöräp
bilýärkä diýip,howpurgaýarsyň.
–Salam!-diýip,Altymyrat gabadyndan geçiberjek bolan,goýun gözleri gülüp duran
gyza ýüzlendi.Onuň ýüzi gaty tanyş ýaly göründi.Öňki gezek gowy seredip bilmänsoň,bi
gezek seretse,tanyş ýaly.Birdenem birki ýyllykda gören “Aýgytly ädim” kinosy ýadyna
düşdi,şobada bu gyzyň kinodaky Artygyň söýgülisi Aýna meňzeýänligine göz ýetirdi.Ol
edil bir almany iki bölen ýalydy.
–Salam-diýip,gyz jogap berdi.
–Şu güller menden saňa,sowgat!Adym Altymyrat!
-Gag bol.Tanaýan.Seni tanamaýan barmy?Radio,teleýaýlym,gazet-jurnallarindi diňe
sen barada ýazýarlar.
–Adyňy soraýjakdym men-ä!
-Güller!-diýip,ol mylaýym ýylgyryp, elindäki gülleri ysgap durka jogap berdi.
–Hawa,güller gowujadyr,ýöne men seniň adyňy soraýan!?
-Adym Güller-dä!
-Güller!Güller diýýärmiň?-Ol tasdanam”nädäýdiň aý muny,garajürjeneje
gyz!”diýipdi.
–Adym Güller bolsa Güller bolar-da!Geň gördüňmi?
112
-Geň,ýöne gowy at-diýip,Altymyrat mylaýym ýylgyrdy.
–Öňem,edil şu ýerde gül sowgat beripdiň,sag bol,Alty!Ol ýadymdan çykanok.
Gaýgy-gam zerarly beýle hoşamaý söze,şatlyga zar bolany üçin onuň derisy
ýaýrady,aşygy alçy gopdy,düşnüksiz bir duýga gaplandy.Şeýle ýagdaýda Rahmanberdi
aga:”Hudaý kömek etjek bolsa sebäp tapar”diýýärdi.Ol dogrudyr.Gaýgy-gussa gaplanan
köňül ýuwaş-ýuwaşdan galkynsa,nurlansa,şatlansa onuň dogrulygy dälmi?Dünýäde
gaýgy-gamsyz adamynyň nurana ýüzünden owadan zat ýokmuşyn.”Alty,sag
bol!”diýip,Güller gapdalyndan geçip barýarka hem ol pikirlerinden saplanyp
bilmedi,ýogsam näler gürleşesi gelýärdi,ýöne, diline badak atylan ýaly
bolaýdy.Zordan:”Sag bol,Güller!”diýip,jogap berdi...
–Ony öýüne çenli ugratmalydyň-diýip,Oleg igendi-Saňa-ha bir döw çalypdyr.Näme
boldy?Utanýaňmy?Dura-bara öwrenişersiň.Menem ilki duşuşygymda çekinipdim.Ol
bolýan zat.Hawa,onsoň,ýene duşuşmagy wadalaşdyňmy?Wah,sen onam eden
dälsiň?Adyny bir soradyňmy?
-Hawa.Ady Ballar,onuň,Ballar!
-Ballar diýdiňmi?
-Ýok,Güller!
-Gowy ady bar ekeni.Ony bir ýadyňdan çykarma,how!Ýygy-ýygydan duşuşmak
nesip etsin.Gowy,görmegeý gyz,sypdyrma,bolýarmy?!
Dostlar, ýene köp gürrüňleriň başyny agyrdyp,üç günden duşuşmagy
wadalaşdylar.Gün ýaşyp barýardy.Günbatarda peýda bolan çalymtyk ýuka bulutlar ilki
çalarak garalyp,soň gyzardy.Şeýle ýagdaýda Rahmanberdi aga:”Gije aňzak,ertir güneşli
bolar”diýýär.Onuň aýdyşy ýaly, gijäniň aýazyna gapydaky injir agajynyň şahalary
jatylaberdi.Ol şeýle bolmalydy.Rahmanberdi aga bilmän zat aýmaýardy.Ol aýry-aýry
guşlaryň
asmanda
uçuşyny
synlap,sesini
diňläp,ertirki
boljak
howany
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 14
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.