Latin

Topraga duwlanan ägirt - 09

Total number of words is 3694
Total number of unique words is 2102
30.3 of words are in the 2000 most common words
41.6 of words are in the 5000 most common words
48.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tälimçisi Oleg Pisarewskiniň ýolbaşçylygynda Germaniýa gitmeli edilipdi.Oleg Komlewe
bolsa Aşgabada gitmek üçin ýol petegi we sowalga berilipdi.
–Burun!(ol Bruno Abramýana “Burun”diýip ýüzlenýärdi)-Siz maňa sowalgany gaty
az berýärsiňiz-le?!-diýip,Oleg janykdy.
-Saňa petegiň ýany bilen az owlak sowalga berildi.Görkezen netijäňe seredeniňde
saňa olam kän.Hakykatda men Goffmanyň edişi ýaly, seni şu ýerde taşlap gitmeli.
Düşünmediňmi?Amerikan
ştangaçylarynyň
beýemçisi,
millioner
Bob
Goffman,Şwesiýada geçirilen dünýä çempionatynda, kanadaly agsak ştangaçy Dag
Henburizden ýeňilenligi üçin,iki Olimpiadanyň we dünýäniň alty gezek çempiony Jem
Dewesi,bir köpük sowalga bermän, Stokgolmda taşlap gidýär.Onsoň ol görgüli öýüne
gaýtmak üçin çaýhanalarda aýdym aýdyp,bilmese-de tans edip,ýoluna pul
gazanýar.Dogry,men seni oňky ýaly bu ýerde taşlap gidemok,ýöne gereginden artyk pul
hem bermek islämok.Düşündiňmi?
-Düşündim-diýip,Oleg başyny atdy.
Altymyrat Olegi ugradan-da,ýanyndaky barja puluny berdi-de:
-Söýgi uçurýar,ganatlandyrýar diýýärdiň welin,taýagyň beýleki ujy hem bar ekenä,dost jan!?-diýdi.
–Meniň şowsuzlygymy göz öňünde tutýansyň,düşünýän.Ýöne,bu ýerde söýgüniň
täsiri ýok.Ýoň,onuň sebäbi,ýoň.
–Ýeri bolýar,dost jan.Oglanlara salam aýt.Nesip bolsa menem ýarym aýdan dagy
gulluk ýerime barsam gerek.Görşeris!
Dostlar gujaklaşyp hoşlaşdylar...
Germaniýa, Afina,Samarkant.
Altymyrat Naum Süleýman ogly bilen Germaniýa yçmak üçin Moskwanyň
Domodedowa menziline gelipdi.Uçmaga iki sagat wagtyň barlygy sebäpli olar ilki
garbandylar soň köpsanly gazet-jurnal nokatlaryna aýlanyp,okar ýaly kitap,gazet
gözlediler.Altymyrat agyr etletika
boýunça tälimçileriň maslahat beriji
çykyşlaryny,gyzykly ýatlamalaryny okasy geldi,emme beýle gazetdir-jurnala.kitaba gözi
ilmedi.Dogry,sportyň birnäçe görnüşleri barada ýazýan şol bir jurnalistiň makalasyny
“Sowetskiý sport” gazetinde okasa boljakdy,emme häzir-ä şolam tapdyrmaýardy.Munuň
sebäbi,agyr etletika boýunça aýratyn neşir edilýän gazet-jurnallar ýok diýen ýalydy.Ony
çem gelen jurnalist çem gelen gazetinde çap edýärdi,olam redaktoryň sportyň şol
71
görnüşine bolan garaýşyna baglydy.Agyr atletka barada ýazmak üçin oňa gowy
düşünýän,tilsimlerini aýyl-saýyl edip bilýän ökde tälimçi ýaly jurnalist bolmalydy.Beýle
jurnalistler ýokdy.Onsoň käte bir çykýan makalalar ýaryşyň geçişinden habarsyz ýazylan
ýaly bolup görünýärdi.
Okamaga zat tapmadyk Altymyrat bir çüýşe suw alyp,sport gezetiniň täze sanyna
seredip oturan Naumyň gapdalynda çökdi-de,näme üçindir birden Groznaly Muhady
Sedoýewi ýatlady.1987-nji ýylda fransiýanyň Reýmse şäherinde geçen Ýewropa
çempionatynda bürünç medala mynasyp bolan Muhadynyň näme üçin kellesine gelenini
özem bilenokdy,ýöne,haçan-da ol Naim Süleýman ogly bilen öz öňünde peýda bolanda
Altymyrat birhili aljyrajak ýaly etdi.Onda käte şeýle düşnüksiz ýagdaý bolup
geçýärdi,ýagny, kimi ýatlasa şol adam bada-bat peýda bolýardy,ýa-da ýaryşda kimiň
nähili netije gazanjagyny,haýsy orna düşjegini öňünden aýdyp otyrdy.Ýap-ýaňy Naimiň
ýagdaýyny Naumdan soramaly diýip pikirlenipdi,şol bada ol onuň öňünde peýda boldy.
Altmyş kilogram agramda çykyş edýän Bolgarýaly Naim,köp wagtdan bäri öňdeligi
elden bermän gelipdi.Onuň adatdan daşary üstünligini,birden götermekde 152,5
kilo,itekläp götermekde 190 kilo,jemi 342,5 kilogram agramy indi, esli ýyl bäri hiç kim
gaýtalap bilmeýärdi,hat-da ol derejä ýetiljegem belli däldi.Ol 1984-nji ýyldan bäri
öňdeligi elden bermän gelýärdi.Soňky ýyllar lukmanlar oňa ştanga götermek gadagan
diýipdiler.Ol nätjegini bilmedi,keselini bejerdeýin diýse mümkünçiligi ýok,serişdesi
ýok.Nätsin.Hakykatda welin,Naimiň soňky ykbaly şeýleräk bolupdy.Ony türk Prezidenti
Turgut Ozal ýurduna getiripdi.1986-nji ýylda,türk metbugatynyň habar bermegine
görä,Bolgarýadan gaçyp,Primer Ministre degişli uçar bilen türk topragyna aýak basan
Naim,Türkiýe bilen Bolgariýanyň arasyndaky köp wagtlyk gozgalan jedele sebäp
bolupdy.Naimi ýurduna getiren Turgut Ozal bolgarlara bir million dollar töläp,girizilen
bolgar haryt gadagançylygyny aradan aýyrdy,onuň Olimpiada gatnaşmagyny üpjün
etdi.Ýurduň Prezidentiniň hut özüniň bu sport ussada bolan beýle uly
aladasy,ýatlanylmaga mynasyp işdir.Bu asylly hereket Ozalyň ýokary adamkärçiliginden
habar berýär.Naimiň Atlanta-da geçen ýigrimi altynjy tomusky Olimpiýa oýunlarynda
görkezen gaýraty bilen dünýäniň hem-de bäsdeşleriniň ykrar etmegini gazanmagy Rim
metbugatynda uly ýaň döretdi.Ýunan döwlet telegörnüşi bolan “ЭT-1”-däki göz-göni
görkezişde:”Naimiň örän uly sportçydygyna şek ýokdur.Onuň göteren ştangasyny her kes
göterip bilmez.Leonidis hem Atlanta-da bir döw bilen ýaryşdy we kümüş medal
aldy”diýip habar berdi.Gündelik gazetler bolsa:”Üzül-kesil bir hakykat bar,Naim ştangada birinjidir we şeýleligine hem galar”diýip ýazdylar,gazetleriň ýene birinde “60
kilogram agramda 335 kilogram göterip,sport taryhyna giren gerçek başga
ýok”diýilýärdi...
Altymyrat Muhadynyň,Naimiň öňünden çykyp,gadyrly salamlaşdy,saglyk-amanlyk
soraşdy,hasam elli ýaşa aýak basan Naimiň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
–Ýagdaýym erbet däl-diýip,ol jogap berdi.
–Bolgariýa barýaňyzmy?
-Ýok,Stambula.Iki ýyl bäri men türk raýaty.
–O nähili?Dogduk mekanyňy çalşaýdyň-my?
-Keseliňi bejertmäge kömek berilmese,ýaşamaga şert döredilmese nire gowy bolsa
gitmeli bolýarda.Keseliňe serişde gözläp,eliňi serip,obama-oba,şäher söküp aýlanyp
ýörjekmi?Aýlananyňda ýeterlik serişde gazanjagyňy bilýärmiň?Menem watanymy terk
edesim gelenok,ýöne kyn güne düşen ýagdaýyňda watan seni goldamaýan bolsa
nätjek?Hudaýa
şükür,uly
mülküm,köşk
ýaly
jaýym,uçarym
bar,girdejim
72
ýeterlik.Saglygymy bejerdiler.Türk ýaşlaryna tälim berýärin-diýip,Naim sagadyna
seretdi.
–Wagtymyz boldy.Alty sen nir-ä?-diýip,Muhady sorady.
–Germaniýa,ýaryşa barýaryn.
–Spotsmene sahsy eýe gerek,bolmasa ömrüňi saparda geçirmeli bolarsyň,serişde
gözleginde gyltyma kowalaşar ýörersiň.
–Naim,agam jan, düşünmedim!?
-Düşünmez ýaly zat ýok.Seni mahabat üçin alyp barýarlar,az-owlagam puljagaz
bererler,wessalam.Serişdäň ýeterlik bolsa beýle ýollara baş goşmarsyň.Şony aýtjak
bolýan.Ýeri,sag bolmaşak,onda!-diýip,Naim hoşlaşdy.Muhamedi hem elini uzatdy-da:
-Watan mukaddesdir,gör-dä!-diýdi...
Haçan-da uçara münenlerinde,häliden bäri bir zat sorajak bolýan Naum ýaryldy.
–Alty,ýaňkylaryň ýanynda eglendiň-le!?
-Naimiň saglygyny soradym.Näme?
-Watan dönügi bilen gürleşmek bolmaýar.Üçlügiň jansyzlary hemme ýerlerde
ysyrganyşyp ýörler.
–Adam bilen salamlaşmak,saglygyny soramak gadagan däldir-ä?
-Mümkün boldugyça olardan daşda durmaly.
–Men ony başarman-diýip,Altymyrat gönümelligi bilen jogap berdi-Nädip
doganyňdan ýüz öwürjek?Biz,men,sen,Naim üçümiz bir dogan,üç döwlet ahyryn.1220nji ýylda,Ärtogrul begiň başda durmagynda,ata-babalar Marydan Anadola bardylar,türk
döwletini döretdiler, 1050-1070-nji ýyllarda bolsa ruma degişli ýerleri eýelän seljuk
türkmenleri azerbeýjan şalyklaryny döretdiler.Birek-birekden gaçara ýerimiz
ýokdur,gaýtalap aýdýaryn,bir dogan üç döwletdiris.
–Bä,şeý diýsene.Bilmändirin.
–Bilmeseň şeýle,Haum dost.Wenger alymy Wamberi:”Türkmenler özleriniň medeni
merkezini azerbeýjan topragy diýip ykrar edipdirler”diýip ýazýar.
–Onuň ýazgylaryndaky käbir nätakyklary bellemekçi.Ol bu ýazgyny ýazanda
türkmenleriň “Saýatly-Hemra”dessanynda aýdylýan “Häzirbeýjan” aýdymyny göz öňüne
tutan bolmaly.Muny azerbeýjanyň sungat öwreniji alymy Gazanow şeýle
düşündirýär:”Azerbeýjanlar özleriniň “Wagzaly” aýdymynyň heňini Garagoýunly
türkmenlerden alypdyrlar”diýýär.
–Diýmek,türkmen medeniýetiniň merkezi azrebeýjan topragy däl-dä,Maru-ŞahuJahan topragy bolmaly,sebäbi Garagoýunlylar taryhda hut şu ýerden göçüp barypdyrlar.
–Belki şeýledir-diýip,Naum razylaşdy...
Altmyş adamdan ybarat SSSR-iň ýaşlar ýygyndy komandasy Germaniýanyň
Magdeburg şäherine geldi.Ýaryş üç gün dowam etdi.Altymyrat 75 kilogram agramda
çykyş edip,iki görnüş boýunça 345 kilogram göterip,Halkara sport ussadynyň normasyny
ýerine ýetirdi.Şol günem ol,baş tälimçi Oleg Pisarewskiniň rugsat bermeginde,
Magdeburg şäheriniň ýaşlar ýygyndy komandasynyň agzalary Marko Şpanel,Andreý
Poiteks,Tomas Kantuasy,Mihail Şubert ýaly, deň-duş ýaşlar bilen duşuşdy,pikir
alyşdy.Komandanyň baş tälimçisi Gerhard Deutçer,topar bilen ýaryşa gelen türk tälimçisi
Turgut Özen hem olaryň arasynda bardy.Gürrüňçiligiň soňunda Gerhard şeýle diýdi;
-Men Brest ýaryşyndan bäri seniň gazanýan üstünlikleriňe yzygiderli syn
edýärin.Sen-de,Alty,üýtgeşik bir güýç bar.Ştanga senden gorkýar.Şeýle arassa, çilimden,
arakdan,beýleki neşelerden daşdaky ştangaçy maňa howa ýaly gerek.Gizlin däl,käte,
ýaryşdan soňky üýüşmeleňlerde,özara gürrüňdeşlikde:”Men pylan hilli dermany atdym
73
welin peýda edäýdi”diýip, içki syrlaryny özara paýlaşýan sportçylar köpeldi.Beýle
ýagdaý köpçülige aýan edilmeýär,galyberse-de,sportçylaryň hasaba alyş barlaglary
döwre görä kämilleşdirilmedi,ine onsoň şeýtanyň-dermanyň kömegi bilen gysga döwürde
ýokary netijeleri gazanýanlaryň sany artyp başlady.Beýle dermanlar bolsa haýsy
dermanhana barsaň bar.Onsoň,gazanylýan rekordlaryň kömelek ýaly köpelip,birdenem
azalyp barýanlygynyň şaýady bolýarsyň.Seniň görkezýän netijeleriňe syn edenimde men
onuň endigan,kem-kemden ýokary galýanlygynyň şaýady boldum.Hakyky sportçynyň
netijesi şeýle hem bolmaly.Şol sebäpli men seni komandamyň hataryna çagyryp,özüň
ýaly arassa oglanlara,arassa ýol bilen ýokary netije gazanyp bolýanlygynyň göreldesini
görkezmegiňi isledim.Ýaşlaryň arasynda ýaramaz endikleriň ýaýrama howpy bar,şondan
gorkýaryn.Men ine,özara şertnama taýýarladym.Her ýyl ýaryş geçirilýän döwri gelip,
komandanyň adyndan çykyş edip bermeli,gazanyljak netijelere garamazdan saňa ýylda
350 müň amerikan dollaryny tölemegi boýnuma alýaryn.Gowy netijeler gazanylsa
görkezilen pul iki-üç esse galdyrylar.Şertnama nemes we rus dillerinde,iki nusga,okap
gol çekäýmeli.Ýogsa-da,ýanymda türk tälimçisi hem şeýle teklibi orta atýar.Isle bize
gel,isle olara bar,isle iki şertnama gol çek,ol öz işiň-diýip,ol kagyzlary Altymyradyň
öňüne süýşürdi.
Altymyrat kagyzlara seretmedem,gol hem goýmady.
–Men bu çylşyrymly zatlara düşünemok!Öz edip biläýjek zadymy welin
aýdaýyn.Ýaryş döwri, bir hepdelik gelip,komandanyň haýryna çykyş edip bereýin,ondan
artyk saklanyp bilmerin.Sebäbi,ýurdumdan çyksam ýüregim gysýar.Nirede bolsamam
ýagdaýym şeýle,bagyşlaň!
-Meniň diýýänim hem şol bir zat.Ol şertnamada görkezilen.Bizň düzgünimizde
taraplar özara şertnama baglaşmaly,gol çekişmeli.Şeýle ýagdaýda görkezilen puly
aljagyňa kepil geçse bolýar.Gol çekmeseň,näme berseler oňarsyň,bermeselerem oňarsyň.
–Aý,näme berseňiz beräýseňizläň!-diýip,Altymyrat jogap berdi.
–Men beýle adamy ömrümde görmändim-diýip,Gerhard başyny ýaýkady.
Başyňy ýaýkamaz ýaly däldi.Altymyradyň herekedini näme bilen düşündirjegiňi
biler ýaly däldi,türkmençilikmi ýa bir ýany samsyklyga direýän hötjetlik,Hatam taý
bolmaklykmy ýa dost-doganlyk ýörelgesinden ugr alýan kiçigöwünlilik!?Düşündä,düşünseň!...
Ýaryşdan soň, gaýtmaly bolanda Altymyrat baş tälimçi Olegiň ýanynda oturmaly
boldy.
–Oleg daýy,şu ýyl Seulda Olimpiýa oýunlary geçirilýär.Oňa gatnaşasym gelýär
welin,näme etjegimi bilemok-da!?
-Arzuw etmek gowy zat-diýip,ol çala ýylgyrdy-Ilkinji aýtjak zadym,Olimpiada
ýygyndy komandanyň düzümi geçen ýyl tassyklandy,oňa gatnaşmak üçin dünýä
ýaryşlarynda ýokary netije gazanyp,özüňy ykrar etdirmeli,bolmanda geçen ýylyň
aýagynda tälimçiň Abramýanyň aýgytly hereketleri bilen,”hiç kime näbelli sportsmeniň
uly netijeleri gazanyp biljekligi baradaky ykrarnamasy” gowuşmaly.Olaryň ýok ýerinde
sportçy ýygyndy komanda goşulmaýar.
–Ol düzgünden çykyp bolmaýarmy?
-Ýok,bolanok.
–Olimpiada-da çykyş etmek ömrümdäki iň ýokary arzuwymdy-da...
–Sen intejik ýaş,tejribäň ýeterlik däl.
–Alty oňa derek öz agramy boýunça Soýuzyň iň tejribeli sportçylarynyň onlugyna
girdi-diýip,Naum söze goşuldy.
74
–Ol dogry,Altynyň gelejegi bar,ýöne indi giç! Indiki oýunlara gatnaşarsyň!
-Wah,Oleg daýy jan,oňa dört ýyl garaşmaly ahyryn-diýip,Altymyrat başyny
ýaýkady.
–Altynyň görkezen netijeleri geçen Olimpiadalarda medally orunlary
alanlaryňkydan pes däl,artyk ahyryn! –diýip,Naum seslendi...
–Dogry,ýöne...Galanynam, täze baş tälimçi Wasiliý Alekseýew çözýär.Şondan
soramaly...
Gürrüň şunuň bilen tamamlandy.Ýöne, Altymyrat baş tälimçi A.Medwedewiň
ýerine geçen Wasiliý Alekseýewe bil baglap biljekdi ahyryn.Brest ýaryşynda ol özi ýaly
sportçydy,indi bolsa baş tälimçi,SSSR-iň baş tälimçisi.Ol hökman kömek eder.
Sowet ştangaçylary mydama bolgarlar bilen ýaryşyp,egin-egne berişip gelýärler,ikisinde
hem öwrenäýmeli tejribeler,tälimler bar.Hemme ýerde bolşy ýaly,sportda hem nesil
çalşygy bolaýmaly zat.Ýigrimi ýyl bolgarlaryň baş tälimçisi bolan Iwan Abajiýewiň
ornuna,onuň kömekçisi,Olimpiýa çempiony Norair Nurykýan geçdi,şobada ruslar hem
baş tälimçisini çalşyrdylar.Alekseýew soňky on ýylda tälimçilik bilen meşgullanan adam
däl,ýöne onuň bu orna geçmeginde rus janköýerleriniň we beýleki respublikalaryň
tälimçileriniň goldowy bar...
Hawa,Altymyrat Alekseýewi hökman görmeli,gürleşmeli,ýöne nädip?Indi ol
öňküler ýaly her bir ýaryşa çykyp,öz-özüni türgenleşdirip durmaz,belki çykyş hem
etmez.Şonda-da ol ony görmeli...
Moskwada Altymyrada,Afinada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin
taýýarlyk görmelidigi aýdyldy.Näler öýüne gidesi,ejesini göresi gelse-de, ol üç aýlap bu
ýerde taýýarlandy,öýe gidip geleýin diýse-de goýberilmedi.Garaz,göwün diýen
taýýarlygyny görüp bilmedi,netije-de,Afinada geçen dünýä çempionatynda,ştanga
götermegiň bir görnüşi boýunça altyn medala mynasyp bolan hem bolsa,umumy netijede
ikinji orna düşdi...
Altymyrat Afina gelen güni,dynjyny hem alman, gök dona bürenen dag-jülgeleriň
arasyna siňip giden Olimpiýa şeherjigine bardy.Beýleki gadymy şäherler ýaly,ol köp
sanly ýer yranmalardan,gowgalardan,uruşlardan,diýdimzor hökümdarlardan,uzak
ýyllaryň geçmeginden ýykylyp ýumrulypdyr.Bu ýerde dünýäde ilkinji gurulan sport
desgalary bar.Şäherde ýaşalmasa-da,köçeler syýahatçylardan,sportçylardan hyryndykyn.Olar edil Altymyrat ýaly,uly baýramçylyk bolan Olimpiýa oýunlary dünýä sowgat
beren şaherjige ilkinji nobatda syýahat etmegi öz borçlary hasap edýärler.Altymyrat
hem daş basgançaklar bilen başlanýan derwezeden girip,ýokary galyp başlanda,ilkinji
nobatda Gimnas atly sütünlere gabat geldi.Olaryň aşagynda gadymy grek ýeňil we agyr
atletlary türgenleşik geçýär ekenler.Sütünleriň sag ganatyny üsti ýapyk kolanna sütünler
topary tutýardy,oňa ýapyk sport meýdançasy-ygal wagty sport çäreleri geçirilýän
meýdança hem diýilýärdi.Bu gadymy stadiony tebigatyň özi guran ýalydy,onuň
demirgazygy Kronion dagynyň ýapgydy bolup,ol tebigy tribuna hökmünde hyzmat
edýärdi.Ortada Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga rugsat edilen ýeke-täk zenanyňDemetri hudaýynyň şekili bardy.Stadionda 40-50 müň adam ýerleşip,oýunlara tomaşa
edip bilýärdi.Ondan birneme aňyrrakda 66 x66 metr inedördil meýdança bardy.Palestra
ady bilen belli bolan bu howly göreş,ýumruk söweşi-boks ýaly sport çärelerini geçirmäge
hyzmat edipdir.Ýaryşa goýberilen ähli sportçylar hut Gimnos meýdançasyna
ýygnanyp,açylyşyň dabaraly ýörüşine başlaýardylar.Ýörüş dabarasy iň uly ymaratyňLeonidaýon köşgüniň gapdalyndan geçýärdi.Onuň kaşaň jaýlarynda ýokary derejeli
myhmanlar ýerleşýärdi.Ondan aňyrda gadymy greklerde Olimpiýa oýunlarynyň
75
goragçysy hasap edilýän Zews hudaýyň äpet hramy-ymaraty bardy.Onuň içinde Fidiý
atly heýkeltaraşyň pil süňkünden we altyndan ýasan Zewsiň heýkeli ýerleşipdir.Ol 800
ýyllap bu ýerde duranyndan soň Konstantimopola-Stambula göçürilipdir,şondan soň
heýkeliň yzy ýitipdir,ýöne ony şol döwrüň altyn-kümüş pullarynda görmek bolýar
diýýärler.Onda tagtdaky Zews hudaýyň sag elinde Ýeňişiň hudaýy bolan ganatly
Nikäni,çep elinde bolsa ikiýüzli keseri saklap oturan şekili barmyşyn...
Ýöne,Altymyradyň gulagyna degişine görä,bu şäherde Zewsiň heýkeli başga-da bar
diýýärler.Olimpiýa kanunlaryny bozanlara,oýunlary äsgermezlik edenlere salynýan
jerimeden düşýän serişde Zewsiň heýkellerini taýýarlamak üçin harçlanypdyr.Zewsden
soň ikinji orunda durýan Gera atly hudaýyň hramy häzirem Olimpiýa oýunlaryna hyzmat
edip gelýär,ýagny onuň bosagasynda Gün şöhlesinden Olimpiýa oduny almak ýaly
dabara her dört ýyldan geçirilýär.
Olimpiýa şäherçesinde diňe bir Hudaýlaryň heýkel-ýadygärlikleri däl,başga-başga
heýkellerem bar.Bu ýeriň kanunyna görä,Olimpiýa ýaryşynda üç gezek ýeňiş gazanan her
bir sportçy bellenen ýerde öz heýkelini oturtmaga hakly bolupdyr.Altymyrat olaryň
birini,göreşde alty gezek çempion bolan Milan Krotonskiniň heýkelini gördi,özi hem iň
bolmanda üç gezek Olimpiýa çempiony bolup,”Milanyň ýanynda heýkelimi
ýerleşdirerin” diýip, arzuw etdi.Emma arzuwyna ýetip bilmedi,özüne bagly bolmadyk
sebäplere görä,oňa hat-da golaý hem baryp bilmedi.Bu arzuw gerçegiň kalbynda daşa
öwrülip,doňup galdy.Doňan daş bagry zaýalady,bagyr öz gezeginde böwrege täsir
etdi.Belki,gerçegiň ölümine sebäp bolan zatlaram şulardyr?...
Ol Olimpiýa oýunlaryny gowy görüşi ýaly,onuň taryhyny hem bilmeli diýip pikir
edýärdi.Bu ýerde ol ony ilik-düwme öwrendi.
Ilkinji Olimpiýa oýunlary biziň eramyzdan öňki 776-njy ýylda geçirilipdir,ol soň
biziň eramyzyň dördünji asyryna çenli dowam edipdir,emma şol döwrüň imperatory
Feodosiýa birinjiniň buýrugy bilen ýatyrylypdyr.Oýunlar 1896-njy ýylda täzeden
başlanýar.Altymyrat olaryň haýsy ýylda haýsy şäherde geçenligini ýatdan bilýär,hat-da
1916-njy ýylda altynjy,1940njy ýylda on ikinji,1944-nji ýylda on üçünji Olimpiýa
oýunlarynyň geçirilmezliginiň sebäplerini hem bilýär.Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň
1924-nji ýyldan bäri geçirilýänliginden hem habarly.Ol gadymy Afina adaty bir ýaryşa
gatnaşmak üçin gelipdi,emma gözüne ilen gözellik kalbyny heýjana salypdy.Hiz wagt hiç
ýerde ol beýle tolgunmany başdan geçirmändi.Grek topragynyň her daban ýeri kalbyna
çuňňur ornaşdy.Ol topraga aýak basanda özüni misli bir Olimpiada gatnaşýan ýaly,Seul
Olimpiadasynyň kümüş medalyny gazanan özbek dosty Muhammedýanow bilen gürleşip
duran ýaly duýdy.Ümbilmez bir güýç bedenini gurşady,ýyldyrym çakyp gelen jaladan
soň tämizleşen salkyn şemal burnuna urdy,ýuwunan ýapraklar ygşyllaşyp,gara saçyny
ýelpedi,ýaz bolmasa-da ýaz paslynyň lezzetini duýdy.Bu beýik sportyň täsiri netijesinde
döreýärdi...
Afinadan gaýdyp gelende, Altymyradyň gulluk ýerini Garrygaladan Aşgabada
geçirdiler,gullukdan welin boşatmadylar.Ol indi hem gulluk edýärdi,hem türgenleşik
geçýärdi.Bir aýdan soň, bölüme täze gelen komandir esgerlere harby ýaraglary
görkezmäge alyp gitmek üçin hatara duruzdy.Komandir öňden geçip,esgerleriň egineşigini synlady,ilik ildirmedigi bar bolsa bellik etdi,kemeriň,ädigiň arassalagyny gözden
geçirdi,käsine duýduryş berdi, ortasynda duran Altymyradyň ýanynda saklandy-da:
-Esger,Orazdurdyýew!Saňa komandirleriň iň ulusy ýüzlense-de, başyňy şeýle belent
tutgyn!Meniň bilenem arkaýyn gürleşip bilersiň.Kakaňa,ştanga ýaryşy boýunça uly harby
76
bölümiň uly çempiony bilen salamlaşdym,elleşdim diýip,arkaýyn aýdyp bilersiň.Ol öz
oglunyň beýle uly hormata mynasyp bolanlygyna guwanar-diýip,Altymyrada ýüzlendi.
–Bolar,ýoldaş komandir.Kakam ýok,ýöne ejeme ony aýdaryn-diýip,Altymyrat
ýylgyryp jogap berdi.
-Ýüzlenmäge rugsat ediň,ýoldaş komandir!-diýip,esger Gurban Annaoraz
seslendi,rugsat alanyndan soň:-Siziň öňüňizdäki esgere Altymyrat Orazdurdyýew
diýýärler.Ol ştanga boýunça SSSR-iň,ýaşlaryň arasynda dünýäniň çempiony.
–Asyl şeýlemi?-diýip,gelişiksiz ýagdaýa düşen komandir görüşmek üçin
Altymyrada elini uzatdy-Tanamandyryn.Tanamadyk sylamaz diýleni.Aýdaýmal-a!Asyl
şeýleräk gürrüň bardy welin,üns hem bermändirin-Altymyrat bilen salamlaşan komandir
iki ädim yza çekildi-Ýeri bolýar.Häzir men sizi ýaraglar bilen tanyşdyrmaga alyp
gitjek.Üns berip synlaň,soragyňyz bolsa beriň!-diýdi-de,harby bölümden daşda bolmadyk
meýdança esgerleri alyp bardy.
Meýdança-da dürli ýaraglar,toplar,BTR-ler,tanklar,gaýry enjamlar hatara
goýlandy.Olaryň içinde görnükli ýerde,dürli reňkler bilen reňklenen tank Altymyradyň
ünsüni çekdi.Ol teleýaýlymda gören bolaýmasa ýa suratyna sereden bolaýmasa T-75
harby tanky ýakyndan synlap görmändi.Şol sebäpli tankyň o ýerini,bu ýerini
sypalap,ýanyndan aýrylasy gelmedi.Komandir muny aňdy.
-Hany,pälwan esger,Orazdurdyýew,aýt!Bu tank nähili zat!
–T-75 kysymly tank,erbet tolgunan DT-75 traktor ýaly bir zat.Ony Orazmyrat Ýasy
sürende tolgunýan traktoryň ediberýän işlerini gözüm bilen görendirin.
–Bä,bä,ýaman däl.Onda bu näme?-diýip,komandir,meýdan saglyk bölüminde
ulanylýan gapyrjakly maşynyň gapdalyndaky goşmak belgini we nyşany görkezip
sorady.
–Goşmag-a goşmak,bilmedim welin, beýlekisem Orazmyrat kakamyň aýaly Körgyz
gelnejemiň çaý içjek bolşyna meňzeýär.
– Ýylanyň zäheriniň bulgura dökülip durmasy-saglygyň nyşany.Az mukdardaky
zäher dermandyr.Ýöne seniň degişme äheňdäki jogaplaryň maňa ýaraýar.Ýene bir sorag
berjek.Adam maýmyndan emele gelipdir diýýärler,meniň mysalymda şoňa nähili
garaýarsyň?
-Ýoldaş komandir,men siziň taryhyňyzy bilemok,bagyşlaň!-diýip,Altymyrat onuň
büdür-südür,gelşiksiz ýüzüne seredip jogap berdi-Ýöne,öýlenip bagta ýetipsiňiz-ä
diýýärler.
–Hawa,bagtly.Indi oňa göz ýetirdim.Ýöne giç...
Olar gülüşip hezil etdiler.Kän bir gepläp ýörmese-de,Altymyradyň jogaplary ýöne
bir gezip ýöreniň jogaby däldigini bildirýärdi...
Altymyrat bäş aýdan soň,Samarkantda geçirilýän ýaşlar arasyndaky Soýuzyň
çempionatyna gatnaşdy,ştanga götermegiň iki görnüşi boýunça 160+202,5=362,5
kilogram netije gazanyp,birinji orna çykdy we altyn medala mynasyp boldy.Bu barada
“Sowetskiý sport” gazetinde,(13.12.1988)”Olimpiýa gatnaşan öňki sportsmenleriň ýerini
kim eýelär?”atly makala çap edildi.Onda şeýle diýilýär:”Samarkantda Olimpiýa
oýunlaryna taýýarlygyň çäginde SSSR-iň kubagy we çempiony diýen ada eýe bolmak
üçin ýaryşlar örän çekeleşikli we gyzykly geçdi,täze-täze rekordlar gazanyldy.Jemi on
toparda çykyş eden sportsmenleriň gazanan netijeleri we orunlary “tehniki görkezijiler”
diýen setirlerde görkezilýär.Onda görşüňiz ýaly,5-nji toparda,75 kilogram agramda çykyş
eden sportçylaryň başyny Aşgabatly Altymyrat Orazdurdyýew çekýär, Maýkoply
Krasnow
355
kilogram
netije
gazanyp
ikinji
orunda
barýar...”
77
Gazet bulary ýazmak bilen Altymyradyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkünçilik
berýän netijäni gazanandygyny belleýär.Ýöne,käbir sebäplere görä,Altymyrat(biz ony
ýokarda agzap geçenem bolsak,şu käbir sebäplere görä diýen sözi näçe ýazasym
gelmese-de,bolanok,onuň ýeňişleri käbirimiziň gözümizy çöp bolup gaçana
meňzeýär)Soýuzyň olimpiýa komandasynyň hataryna düşmedi.Ýogsam onuň göterýän
agramy Olimpiada-da medally orunlary alanlaryňkydan ýokary bolmasa pes
däl.Megerem,ýaş,tejribesi ýeterlik däl diýendirler.Dogry,ýaş ýigidiň “Soýuzyň ýygyndy
komandasyna dalaş etmegi hem kiçi üstünlik däl “diýjekler bardyr,”Ol uly ýola ýaňy
gadam basdy,gelejegi öňde”diýýändirler,ýöne,SSSR-iň çempiony bolup,yzyndaky bilen
tapawudy 7,5 kilograma ýetip,ýene tejribesi ýetenok diýip bahana tapmaklyk gaty bir
ynandyryjy däl.
Başga bir tarapdan Samarkant ýaryşynyň möhüm tarapy gelejekki Olimpiýa
oýunlaryna barýan ýoly külterläp başlamagydy,bu ýolda bolsa biz näçe täze
sportsmenleriň adyny eşideris,näçe duýdansyzlyklara duşarys.Onda Altymyrat ýeňiş
gazanar diýip çaklamak ähmiýetli däl .Käte ýeňiş gazanar diýeniň ýeňilip,hiç kime
näbellisi hem öňe çykaýýar.Gazanylan netijelerden çen tutsaň-a,öňde diňe Altymyrat
görünýär.Soýuz çäginde ýoň bolan bir ýörelge bar,ýaşlar gaty köp ýaryşlara
gatnaşdyrylýar,agramlary,ýaşlary boýunça ýeňiş hem gazanýarlar,ýöne dünýä arenasyna
çykyberýäni welin ýok.Hytaýda bu başgaça,ýaryşlar kän bir geçirilip durulmasa-da,uly
ýaryşlaryň öňünde saýlanan ýaşlar dünýä ýaryşlaryna gatnaşdyrylýar,gowy netijeleri hem
gazanýarlar.Altymyrat hem hut şeýle ýoluň tarapdary,sebäbi her sportsmen öz ýüzüni
diňe uly ýaryşlarda görkezesi gelýär.Bolmasa onuň garşydaşy köpelýär,esassyz
gürrüňlere sebäp döreýär.Altymyrat köp sanly ýaryşlaryň netijeleri boýunça däl,ştangada
görkezip biljek ýokary netijäni özünde jemleýän häsiýeti,höwesi,mümkünçiligi,
tutanýerliligi,güýji boýunça ýaryşa alynmagyny isleýär.Dürli häsiýetleri özünde jemleýän
ştangaçynyň
hakyky
keşbini,bolmaly
häsiýetleriniň
sanawyny,goý,alymlar
taýýarlasynlar.Onuňky ýol salgy bermek.Ine, onsoň,bir ýetginjek türgeniň ýanyna
gelip:”Meniň iki ýyldan uly ýeňiş gazanjagyma ynamym bar,barlap gör!”diýse,öň ol hiç
ýerde çykyş etmedigem bolsa,türgen öz tejribesine bil daglap ýa-da ýokardaky ýaly
ştangaçyda bolmaly häsiýetleriň işlenip taýýarlanan modeline bil baglap ony ýaryşa alyp
biler.Hytaýda şeýle hem edilýär,ýylyň ýylyna ýokary netijeler gazanylýar, köp serişde-de
tygşytlanýar.Altymyrat hut şeýle düzgüniň tarapdarydygyny köp ýerlerde ýaňzydypdy,bu
bolsa käbir tälimçileriň,ýolbaşçylaryň gaharyny getirýärdi,”Agzyndan süýdüň ysy
gitmedik halyna akyl satýan”Altymyrat şonda-da ynamly herekedini goýmaýardy.Onuň
mamladygyny “Sowetskiý sport” gazediniň 1-ji dekabar 1988 ýyldaky sanynda
çykan:”Seuldan Barselona çenli”atly makala hem tassyklaýar.”Seulda geçen Olimpiada
yzda galdy,ýöne onuň netijeleri sport bilen dahylly adamlaryň,ýokary derejedäki
spotçylary
taýýarlamaga jogapkär hünärmenleriň bolup geçenleri aňynda
aýlamagyna,seljermegine itergi berdi.Indi esasy ýaryşlarda gazanylýan netijeleri
seljerip,geljek dört ýylda,indiki Olimpiadanyň Barselona barýan
ýolunyň iň
amatlysyny,peýdalysyny,sportsmenleriň güýçlisini saýlamak zerurlygy ýüze çykýar.Bu
düýpli meselä jogap tapmak üçin noýabr aýynda Moskwada ylmy-tejribe ýygnanyşygy
öz işine başlady.Onda Soýuzyň spota dahylly edaralary,ýygyndy komandanyň
tälimçileri,respublikalaryň sport ýolbaşçylary,sporta dahylly alymlar gatnaşdylar Bu
ýygnanyşykda sportyň hemme görnüşi boýunça baş tälimçileri çykyş ederler,sport
ekspertleri ýetilen menziller we edilmeli işler barada maglumat bererler hem-de 1992-nji
ýylda boljak Olimpiýa oýunlaryna taýýarlykly barmak üçin ýeke-täk ýörelgäni işläp
78
düzerler,ýygyndy komandalaryň statusy-düzgüni üýtgediler,ýaş ösdürimleri ýygyndy
komandalaryň hataryna çekmek meselesi ýönekeýleşdiriler..”
Habarçy E.Alekseýewiň ýazan şu habarynyň aşagynda:”Agyr atletika boýunça
Olimpiýa-92-ä taýýarlyk ýaryşlarynyň Samarkantda geçirilenligini,onda-da,Altymyrat
Orazdurdyýewiň 75 kilogram agramda çykyş edip,altyn medalyň eýesi bolanlygy”barada
habar berilýär.Bu habar ýönelige getirilmedi.Ol:”Seul Olimpiadasynda 75 kilogram
agramda çykyş etjek sportsmen Soýuzda ýok” bahanasy bilen,Altymyrat
gatnaşdyrylmadyk bolsa-da,indiki oýunlarda onuň gatnaşyp biljekdigine umyt
döretdi,sebäbi onda ýaşlary ýygyndy komandanyň hataryna çekmek meselesi
seredilipdi...
Hawa, şu ýerde ýene bir agzalmaly zat-1988-nji ýylyň jemi boýunça iň ussat
sportsmen hökmünde Türkmenistan boýunça ilkinji onluga gireniň Altymyratdygy
buýsançly zatdyr.Gazetde çap edilen bu habary dykgatyňyza ýetirýärin.
Geçen 1988-nji ýylyň jemi boýunça iň güýçli sportçylaryň düzümi.
1.Altymyrat Orazdurdyýew-agyr atletika.
2.Mihail Şuwaýew
- --=----.
3.Oleg Komlew
---.---.
5.Leýla Kazymowa
dzýu-do.
6.Oksana Kokorina
---.---.---.
7.Nataliýa Drujinina
---.---.---.
8.Marina Dunaýewa
akademiki küreklemek.
9.Armans Karamýan
sambo.
10.Mähri Öwezowa
küşt.
Taganrog,ABŞ.
--1-1989-nji ýyl Altymyradyň uly üstünlikler ýyly boldy.Ol ýigrimi ýaşa aýak
basdy.1987-nji ýylda goşun gullugyna alynyp,şu ýylyň güýzünde möhleti dolýardy,ýöne
şonda hem ol dürli ýaryşlara gatnaşyp,ýokary netijeleri gazandy.1989-nji ýylyň başyndan
ol Germaniýanyň Magdeburg şäheriniň ýygyndy komandasynyň düzüminde çykyş etmek
üçin,beren sözünde tapylmaga ugrady.Asyl şol ýerde iki ýüzden gowrak sportsmenleriň
gatnaşmagynda halkara ýaryş hem geçirilýär ekeni.Onuň ýanynda ildeşi Oleg Komlew
hem bardy.Uçara münülen badyna,başga mahal wagt tapmaýan ýaly,ol kisesinden bir hat
çykaryp:
-Söýgülimden gelipdir.Okap bereýinmi?-diýip,Altymyrada ýüzlendi.
–Uçara münýäs welin,gyzyň nobatdaky hatyny okap berjek bolýaň?Ol gizlin
bolmaly dälmi,dost jan?!
-Başga ýerde okar ýaly wagtymyz barmy?.Biz mydam eňhä-eň,ahyryn. Ýalanmy?
Dostumdan gizlin syrym bolmaz,senem şeýle bol,bolýamy?Söýgülime üç hat ýazdym,
ynha-da jogaby.Muny Burun getirip berdi.Diňlejek bolsaň okajak.Bolmasa-da...-diýdi-de
ol,jogaba garaşman okap ugrady.”Salam haty.Salam Oleg jan!Men Maýanyň tarapyndan
Oleg jana,Alta we meni soranlara dogaýy salam.Men sag-gurgun,okap ýörün,nesip bolsa
şu ýyl okuwymy gutarýaryn.Seniň ýagdaýlaryň neneň?Demir bilen araň ýagşymy?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 10
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.