Latin

Topraga duwlanan ägirt - 06

Total number of words is 3806
Total number of unique words is 2274
31.7 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sündürip seredýärdiler,orta boýly,dolmuşa ýakyn göwreli,şar gara saçly, görmegeý
oglanyň gelejekki Soýuzyň çempiony boljagyny bilmeýärdiler,”Aý, ýöne bir dynç alyp
ýörkä, wagtyny geçirýän güýmenjesidir” öýdýärdiler.Altymyrat hem özüniň bu ýaryşa
gatnaşmaly boljaklygyny heniz anyk bilmeýärdi.Ol tälimçä bagly zatdy.Ştanga gatnaşýan
ýaşlaryň sany azlyk edenokdy,oňa kimiň bijesiniň düşjegi näbellidi.Onsoňam,Altymyrat
nire,Soýuzyň ýaryşyna gatnaşmak nire!Şol sebäpli bolsa gerek,haçanda oňa:”Sen
ýaryşda,Türkmenistanyň ýygyndy komandasynyň hatarynda çykyş etmeli”diýenlerinde,
ol ynanjagyny hem bilmedi,ynanmajagyny hem...
Dogrudanam, Aşgabat sirkiniň jaýynda şeýle ýaryş gurnalypdy.Altymyrat ol ýere
baranynda,onlarça tomaşaçy meýdançada gezim edýärdi.Kimdir biri:”O-how,bu ýaryşyň
44
geçirilýänligini ýaňy eşidip,ylgap gaýtdym,öňünden tomaşaçyny habardar etseler
janköýerleriň sany gaty köp bolmaly ahyryn!” diýse,beýlekisi:”Biz sport ýaryşlaryny
mahabatlandyryp
bilemzok”diýýärdi.Dogrusy,soňky
aýdylanyň
jany
bardy.Muny,Altymyrada gabat gelen,Türkmen Döwlet uniwresitetiniň bedenterbiýe
bölüminiň bir jogapkär işgäri hem tassyklady,ol:”Men sport ugrundan çorba sowadan
mugallym bolsamam,sirkde beýle ýaryşyň geçirilýänini tötänlikde eşitdim.Şäherde
bildirişler ýok,radio,teleýaýlym habar berenok”diýdi.
Altymyrat sirkiň gapysynyň agzynda,Türkmenistanyň sport
ussatlary
Kustodowyň,L.Koşaýewiň,Gurban Mätiýewiň,Gennadiý Kiwgazowyň suratlaryny
görüp,diýseň begendi.Bulary kimdir, janköýeriň biri asan bolmalydy.Latyfulla Koşaýew
1934-nji ýylda
Helsinkide geçirilen halkara sport ýaryşynda ajaýyp ýeňiş
gazanypdy,ýagny, ştangany birden ýokary götermekde 124 kg netije gazanyp,dünýäniň
rekordyny täzeläpdi.Orta agramda çykyş eden şol ildeşimiziň rekordy 24 ýyldan soň
täzelendi.Koşaýew soň şular ýaly sirkde çykyş edip,ussatlygyny
subut
edipdi,Türkmenistana aýlanyp,täsin oýunlaryny görkezipdi.Ol sag we çep tarapda duran
dört sany düýeden gaýdýan ýüpleri golundan geçirip,saýgylanyp kowulýan düýeleri
butnaman saklap bilýärdi,mähnet derwezä meňzeş ullakan tagtany döşünde goýup,ýatan
ýerinde, üstünden ýeňil maşyn geçirýärdi.Onuň ýerine ýetirýän howply oýunlaryny sanap
çykmak mümkin däldi.
Gennadiý Kiwgazow bolsa Altymyradyň ildeşidi,Sakarçägelidi.1980-nji ýyllarda
Kiwgazow,Berdi Göki bilen bilelikde welosiped ýaryşy boýunça diňe bir
Türkmenistanda däl,SSSR-de hem öňdäki orunlary eýeläpdi.Aşgabatly Nurgeldiýew
mydama onuň bilen ýaryşardy,ýöne Gennadiniň tutanýerliligi,erjelligi,ýadamazaklygy
rüstem gelerdi.Şol döwürler ondan görelde alyp,welosiped sportyna ýazylan ýaşlaryň
sany gaty köpelipdi,hasam beter onuň aýal dogany Alla Kiwgazowa erjellik
görkezip,welaýat ýaryşlarynda iň gowy netijeleri gazandy.Soňky ýyllar Gennadiý
Kiwgazow,özüne mümkünçilik döredilmänligi sebäpli orsýete gidip, yzyna
dolanmady.Alla Kiwgazowa bolsa dogduk mekanynda galyp,welosipediniň üstünden
düşmän ilata gazet-jurnal paýlap geldi,özem ene-atasynyň Sakarçägedäki mülkünde
ýaşaýar. Ýaşynyň bir çene baranlygyna garamazdan Alla daýza ýaryşlarda köpleri yza
galdyrýar...Bu gürrüňleri oňa Tirkiş kakasy aýdyp beripdi.
Hawa,Altymyrat,sirkiň kiçeňräjik bir otagynda ahyrky taýýarlyk ýagdaýynda
durdy.Onçakly bir tolgunmasa-da,garaz,özüni oňaýsyz duýýardy,şol sebäplem ýaryşyň
gidişine syn edesi gelmeýärdi.Agasy Orazberdi,adatça edişi ýaly, ýuwaşlyk bilen geldide:”Inim, hany,bir göz görkez!Medwediň zähresi ýarylar ýaly et!Şu ýaryşda gowy netije
gazansaň,öser gidersiň.Sebäbi , Soýuzyň sport boýunça esasy ýolbaşçylary Aşgabada
geldiler.Gaýrat et,inim!”diýip,onuň göwnüni göterdi.Ol başyny atdy-da,oturan ýerinde
irkildi.Orazberdi gelip turuzmadyk bolsa adynyň çykýanlygyny hem biljek däldi.Bu
ýaryşda ol,75 kilogram agramda çykyş edip,ştanga götermegiň iki görnüşi boýunça 322
kilogram göterip Soýuzyň çempiony boldy.Onuň ildeşi,ýakyn dosty Oleg Komlew 82
kilogram agramda çykyş edip,Şuwalow 56 kilogram agramda çykyş edip,öz agramlary
boýunça Soýuzyň çempionlary boldular.Ýogsam, bu ýaryşa,15 respublikadan jemi 90
golaý sportsmen gatnaşýardy,dürli agramda çykyş edýän toparlarda 10-12 golaý
sportsmen bardy.Şolaryň içinden öňe saýlanmak-bu heniz Türkmenistanda görülen zat
däldi.Bütinsoýuz ýaryşda Türkmenistandan bir wagtda üç çempion!Özlerem,ömürlerinde
ilkinji ajaýyp üstünlige eýe bolanlar!.
45
Dogrudanam, bu uly,ajaýyp üstünlik. Ýaryşyň guramaçysy, SSSR-iň agyr atletika
boýunça federassiýasynyň jogapkär işgäri, halkara hukukly bekewül K.Artemýew
ýaryşdan soň:”Ýaryş gowy geçdi,arman, tomaşaçy az boldy.Men muňa gaty geň galdym.
Ajaýyp üstünlik gazanan Oleg Komlewiň, Altymyrat Orazdurdyýewiň,Şuwalowyň
ýeňişlerini habarçylar dünýä jar etdiler, emma Aşgabadyň ýaşaýjylary ondan habarsyz.
Bu nähili beýle bolýar? Bu geçirimsiz ýagdaý ahyryn!”diýdi.
SSSR-iň baş tälimçisi Alekseý Medwedow bolsa:”Bolgariýada, oglanlar 9 ýaşyny
dolduranda agyr atletika alýarlar.Görýän welin,siziň hem ýetginjekleriňiz olardan kem
oturmaýan ýaly.Siziň içiňizde 13-14 ýaşlarynda ussat bolanlary bar.Munda öňe gidişlik
aç-açan duýulýar.Mihail Şuwalow,Oleg Komlew,Altymyrat Orazdurdyýew ýaly ussatlar
ýakyn ýyllarda uly sport ýaryşlarynda çykyş eder diýen umudym bar.Altymyradyň
ştanga galdyryşy hiç kimiňkä meňzänok,göwnüme bolmasa,dünýä arenasynda uly atabraýa eýe bolan,Olimpiýa çempiony,dünýäniň rekordyny 43 gezek täzelän,7 gezek
dünýä çempiony Ýuriý Wardanýan gaýdyp gelen ýaly boldym.Altymyradyň fiziki
sagdynlygy bilen ruhy sagdynlygy gabat gelse,güýçli ştangaçy bolup ýetişer diýen
tamam bar”diýdi.Tälimçi Abramýan bolsa Altymyrada:”Güýçli bolasyň gelýän bolsa
diňe ştanga üns ber!Woleýbol –oýun!Esasy türgenleşigiňden boş wagtyň oýnaber,ony
gowy görýän bolsaň!”diýip,maslahat berdi.
Altymyradyň çempion bolmagy,adamlara, bulutsyz howada,gündüziň güni, güýçli
gök gübürdändenem ýokary täsir etdi.Heniz ol oglany tanaýan ýokdy,adyny
eşitmeýärdiler.Birdenem öňe çykyp;”Ine,men!”diýip,özüni görkezdi oturyberdi.Dürli
ýurtlardan gelen jurnalistler Altymyradyň daşyna ýygnandylar.
–Sen bu ýeňişiňi kime bagş edýärsiň?
-Ilkinji ýeňişimi,haçan geler diýip,gözüni ýola dikip oturan mähribanyma-ejem jana
bagyşlaýaryn!
-Belki sen adyňy dünýä ýaýmak maksady bilen çempion bolýansyň?
-Çempionlyk-adamynyň tehniki we psihiki mümkünçiliginiň belli bir ugra
gönükdirilmegi,tutýan maksady,edýän arzuwy netijesinde döreýär,ýöne onuň çägi
ýokdur,ada-şöhrada hem hiç hili dahyly ýokdur-Hakykatdanam,oňa “Sen näme üçin
çempion bolmak isleýärsiň”diýen soragy berýänler kändi.Ýöne,ony soraýanlaryň özleri
oňa düşünmeýän bolsalar,onda aýdara-diýere zat galmaýardy.Oňa asla düşünip hem
bolmaýardy,ol edil gözýetim ýaly, ýakynlaşdygyňça senden daşlaşyp barýandyr.Onuň
her bir ýeňişiniň teýni, çagalykda oýanýan maksatlaryndan,arzurlaryndan gözlemelidi,ol
bolsa ýedi gat ýeriň astyndaky syr bolmagynda galýandyr. Şonuň üçin bu soragy
berýänler onuň jogabyny ilki özlerinden gözlemelidi.
–Sportçylara gün-güzeranyny zordan aýlarlyk aýlyk berýärler.Sen haýsy serişdäniň
hasabyna ýaşamak isleýärsiň?
-Bilmedim.Ýöne meni meseläniň harajat tarapy däl-de,azat hereket tarapy
gyzyklandyrýar.Muny diýsemem,bir gezek obamyzda mugt kino görkeziljek diýen
habary eşidip ylganymy,hatda ylgamakda obada taýy bolmadyk saryýagyzja gyzyň
yzyma eýerip bilmän ‘Maňa garaş”diýip gygyrýanyny bilýän.
–Diýmek,durmuşda harajat hem gerek ekeni,mugt bolanda beýle ylgaýan bolsaň?
-Men muny size düşündirip bilemok.
–Ýurdyňyzda azatlyk ýokmy?
-Bar.
–Material tarapy gyzyklandyrmaýan bolsa onda agyr daşy göterip,janyňy howp
astynda goýmagyň manysyna düşünemok!
46
-Şoň-a menem düşünemok.
–Ýene-da ýaryşlara çykmakçy-my?
- Hawa,sebäbi men bu oýna gaty gyzykýaryn.Adam özüniň nämä ukuplydygyna
gözüni ýetirýänçä, kalbyna ýakyn güýmenjesini saýlaýar.Şonsuz durmuşynyň gadryny
bilenok.
–Siz Altymyrat barada näme aýdarsyňyz?-diýip,jurnalistiň biri Abramýana
ýüzlendi.
–Goşun gullugynda bolýanlygy sebäpli,alty aýdan soň,hiç hili türgenleşik
geçmezden,öňki göterýän agramynyň üstüne ep-esli agramy artdyryp göterýän adamy
sylamazlyk mümkin däl.Bular ýaly üstünlige gaplaň ýürekli bolmak gerek!Gören
bolsaňyz,Altymyrat agyrlykdan birjikde çekinmeýär.Bu ýakyn gelejekde biziň ençeme
dünýä rekordlarynyň täzelenmeginiň şaýady boljagymyzyň subutnamasydyr.Ol türkmen
sportynyň dünýä çykmagynyň gözbaşyny başlar...
Şol wagt Altymyrady telefona çagyrdylar.
–Balam jan,saglygyň nähili?Aýagyň gowy boldumy?Gullukdan boşatdylarmy ýa gaçyp
gaýtdyňmy?-diýip,telefonda ejesiniň galagoply çesi eşidildi.
–Eje jan,salowmaleýkim!Gullukdan wagtlaýyn boşatdylar,ýaşlaryň arasynda geçirilýän
ýaryşa gatnaşmaly boldum.Men onuň ýeňijisi.
–Balam jan,çynyňmy?
-Eje jan,dogrymy aýdýaryn.
–Allajan ejeň dilegini kabul edipdir,Dawud pygamber iki eli bilen goldapdyr.Sag bol,jan
balam,ejeňi gaty begendirdiň.Tälimçiňe,ermeni ýigidine,tüýs ýürekden minnetdarlygymy
ýetir.
–Bolýar,eje jan.Bu habary radio-dan eşitdiňizmi?
-Sygyrlar maňa zat diňlemäge maý berenoklar,ýöne süňňüm syzdy-da,Tirkiş kakaň
kömegi bilen jaň edäýdim,çyrçyklansyň öýütdim-de,tolgundym,Indem,gowy habar
eşitdim.Allajan,onuň höwri köp bolsun!Balam,ata-baba aýtgy bar,”ene süýdünden ganan
çaga iglemez,çyrçyklamaz,çyrçyklaýsa-da uzaga gitmez,süňňi-synasy,üşügi,zehini
hyjuwy gowy öser,oýlanmak duýgusy,bir işe başlasa tutanýerliligi,ýakynlaryna
mähremliligi artar”diýilýär.Sen-de bularyň bary jemlenendir,jan balam!
-Eje jan,ikimiz bir göwre bolup,adymyzy dünýä ýaýarys,türkmeniň kimligini
tanadarys.Sen meni goldasaň bolýar.
-Balam,her namazda dileg edip goldaýandyryn!Häzirjek bolgun!Bir ýeriňi
agyrdaýmagyn!Dyzyň gowy boldumy?
-Eje jan,dyzyma zat bolanog-a!
-Ejeňe ýalan sözlemegin,balam!
-Hä,dyzym gowy boldy,eje jan!-diýip,Altymyrat
basketbol oýnanda aýagynyň
agyrsynyň ejesine baryp ýetişine geň galyp jogap berdi.Ene oglunyň her bir herekedini
syzýan,duýýan bolmalydy-Eje jan,sag bol,aýal doganlaryma salamymy ýetir.Men
gyssanýan,işim bar!Sag bol!-diýip,ol telefony ýerinde goýdy.
Jurnalistler Abramýandan,Komlewden,Şuwalowdan sorag-jogap alyp,ýüzlerini ýenede Altymyrada tarap öwürenlerinde,ol:”Bagyşlaň!Gyssagly işim çykdy!”diýdi-de,daşyna
üýşen dost-ýarlary bilen daşary çykdy.Şol çykyşyna-da, dynç almaga Pöwrüze jülgesine
gitdi.Onuň ýanynda Oleg,Mihail,ýaryşy görmäge gelen obadaşlary we agasy Orazberdi
bardy.
–Oleg,dost jan,seni,Mihail seni hem,umuman, ors ýigitlerini men gaty gowy görýän-dä!diýip,Altymyrat Olegiň boýnundan gujaklady.
47
–Türkmen dilini türkmenlerden gowy bilýänim üçinmi? –diýip,Oleg sorady.
-Hawa,oň
üçinem
bolsa
bardyr
welin...Dost
jan,birinjiden,sen
gaty
adyl,dogruçyl,hemmelere deň göz bilen seredýärsiň,ikinjiden,sada,çaga ýaly ynanjaň,içi
güjükli däl,üçünjiden Aşgabada,Pöwrüz-ä bäş barmagyň ýaly “belet”!Özüň öňe
düşüp,naharlaýmasaň,biz hiç ýerini tapýan däldiris!
-Belet diýen bolup, Kosmosda kino görjek bolup,azaşyşymyzy ýatlaýansyň?Sen indi
ähli ýere mendenem belet bolduň.Ýöne,naharlamaly bolsa,onuň gürrüňi
bolmaz!Kakam,Anatoliý Wasilýewiç Komlew şu ýerde,içeri işler ministrliginiň sagaldyş
öýünde dynç alýar.Ol eýýäm biz üçin stol taýýarlap goýandyr.Ýörüň baralyň!
-Ýok,dost jan,men oýun etdim!-diýip,Altymyrat boýun towlajak boldy.Onda-da
oglanlar ony Pöwrüze jülgesine giren ýeriňde ýerleşýän içeri işler ministrliginiň dynç
alyş öýüne alyp bardylar.Ol ýerde Anatoliý Wasilýewiç ogluna garaşyp duran ekeni.
Uzyn boýly,arrykdan inçe göwresine ýeňillik bilen erk edýän Anatoliý Sakarçäge
etrap ýol gözegçilik bölüminde işleýärdi.Ol türkmen dilini,däp-dessuryny,girimçykymyny suw içen ýaly bilensoň,orsdyram öýdmeýärdiler,ýöne Tolik daýy diýip
ýüzlenäýýärdiler.Etrap magarif guramasynda sürüji bolup işleýän inisi Kolýa bilen oňa
türkmenleşip giden orslar diýýärdiler.Aslynda,olara ors diýmäge diliň hem
baranokdy.Olaryň kakalary Wasiliý Komlew 1920-nji ýyllaryň başlarynda SankPeterburgdan Türkmenistana,Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyna hünär öwretmek
üçin iberilipdi.Ol güýçli körükçidi,ähli zatdan başy çykýan hertaraplaýyn ussady.Iki
ogly,üç gyzy hut Sakarçägä geleninden soň dünýä inipdi.Ony ýokary wezipelere
çagyrypdylar,emma göwnemändi.Ogullaryna
kiçigöwünliligi,sadalygy,adyllygy
öwredipdi.Agasy orta boýly bolsa-da,Anatoliý kakasy ýaly uzyn boýly,alçak,sahy
adamdy.
–Men sizi oglum Olegiň çempion bolmagynyň dabaraly baýramçylygyna
çagyrýaryn!Bu diňe meniň däl,Türkmenistanyň içeri işler Ministrliginiň işgärleriniň we
Siziň hem baýramçylygňyz.”Dinamo” sport kluby bize degişli,sizem onuň
agzalary.Ynha,siz üçin ýörüte taýýarlanyp goýlan stola geçibermeli!-diýip,ol oglanlary
güler ýüz bilen garşylady.
El-ýüzi ýuwmaly bolanda,nahar iýmeli bolanda Döwlet joňk iliň öňünde-di,Artyk
öýkelek mürehäde garaşýardy,oňa,jaýa gir,çyk,tur,otur diýip durmalydy,diýmeseň
durandyr aňkaryp,Aman jyk-jygyň bolsa şol bir bolşy,elini ýuwmaly bolsa-da,naharhana
girmeli bolsa-da, ilki gapydan jyklaman girmez.Gyzamykdan galan endik,aýrylyp
gitmez ekeni.Olaryň bary Orazberdi bien stoluň bir tarapyna,Altymyrat bilen ataly ogul
we Mihail bolsa beýleki tarapyna çökdüler.
Anatoliý içgini gowy görýärdi.Derrew keýpi göterildi.
–Oglum ejesine çekipdir,onuň 82 kilogram agramy bar,men bolsa 67 kilogram.Maňa
çeken bolsa çempion bolmazdy.Şeýle dälmi?
-Aý,ýok,türgenleşseň gazanylmajak menziliň bolmaz-diýip,Orazberdi özüne berilen
soraga jogap berdi.
–Näçe çagaň bar?
-Üç oglum bar..
–Oglanlaryň atlaryny bilýärmiň?
-Atlaryny...diýip,Orazberdi sakyndy.Häzir dogrudanam çagalarynyň atlary onuň
ýadyna düşmeýärdi.
–Meniň bir goňşym bar.Dört aýal alyp,hersindenem bir,iki çagasy bar.Käte
köpçülikde:”Hudaýa şükür,bäş oglum bar.Nesip bolsa,ulalsalar kakalaryny
48
idärler”diýip,öz-özünden hoşal bolup,loh-loh gülýär,çagalarynyň atlaryny hem
bilenok.Wah,şu wagt öz eliňde terbiýelän çagaň seni tanaýarmy,beýle gyýşyk terbiýe
alanlar seni tanar ýaly...
–Tolik aga, sen ýol gözegçilik gullugynda işläýdiňmi?-diýip,Orazberdi sorady.
–Hawa, Ata pyýan lakamly Ata Meret bilen işläpdim.Baý,sögüner-dä,,”ýolda düzgün
bozmalara gözüňi ýumýaň” diýip.Göz ýumman nädeýin,barysy tanyş adamlar.Men-de
şeýle bir häsiýet bar,ony saňa nädip düşündirsem-käm?Ony
gündogoryň
bir
akyldarynyň goşgusy bilen düşündirjek bolaýyn:
Goý,daglar gaty bir beýik hem,gaty bir pes hem bolmasyn,
Goý,adamlar gaty bir ägirt hem,gaty bir nadan hem bolmasyn,
Goý,baýlyk gaty bir agtyk hem,gaty bir ýetmezem bolmasyn,
Goý,toprak adatdan daşary tekiz,adatdan daşary dag-dere bolmasyn,
Goý,bagt adatdan daşary çogup,adatdan daşary egsik bolmasyn,
Çoý,şular ýaly deňlikde, adamzat,janly-jandar parahat,bagtly ýaşasyn!
Ine,men durmuşda şulardan ugr alýaryn...Indi bir çagalaryň ady ýadyňa düşdümi?
-Düşdi.Ulujamyň ady Nazar,Merdan we Mergen...
–Haý,berekella!-diýip,Tolik daýy çakyşdyrmak üçin bulguryny Orazberdä
uzatdy.Orazberdi içen bolan bolýady,emma içmeýärdi.Umumanam,olaryň maşgalasynda
arak içip ýörenem ýokdy.Olam tohum yzarlaýan bolmalydy.
Hawa,olar bu gün giçlige çenli hezil edip oturdylar...
Şu oturlyşykdan iki aý soň Anatoliý Wasilýewiç ýol hadysasy zerarly wepat
boldy.Ýola gözegçi bolsa-da,özüni ýol hadysasyndan gorap bilmedi,görgüli...
Ilkinji ýeňşi,öz-özüni we öz ýetmezini ýeňip geçmek üçin Altymyradyň ştanga ymykly
gaýdyp gelmegine sebäp boldy.Ol ýeňil oýun gözläpdi,emma agyr atletikany saýlap
almaly bolupdy...
Pälwan geldi,oba
--1-Her bir ýaryşda,göreşde,umuman durmuşda öňde bolmak meselesi Adam Ata, How
eneden bäri dowam edýän bolmaly.Adam Ata äpet daşlary ýarag hökmünde,öý
ýasanmak üçin ulanyp başlan döwürlerinden bäri,olam bar.Öňde bolmak,birinjilige eýe
bolmak baradaky jedeller giň köpçüligi perwaýsyz goýmaýar.Munda milli buýsanç,milli
mertebe ýatyr.Altymyradyň Aşgabat ýaryşynda gazanan ýeňişi şeýle buýsanjyň has-da
joşmagyna,gaýnamagyna getirdi.Nirä barsaň Altymyradyň gürrüňini edýärdiler.Biri
Komlewiň çempion bolandygyny,Altymyradyň ikinji ýeri alanlygyny tekrarlasa, başga
biri Şuwalowy hem goşup,üçüsiniň hem hersiniň öz agramynda çempion bolandygyny
guwanç bilen belleýärdi,Türkmenlerde beýle üstünlik öň görülen
zat däl
diýýärdiler.Altymyrat üçin-ä, kimiň çempion bolanlygynyň tapawudy
ýok-da,üç
çempionyň Türkmenistanly bolmagy wajypdy.Onuň üçin at möhüm däl-de,öňde goýan
maksadyna ýetmegi möhümdi.Dogry,milli buýsanç hem gerekdir,ýöne Altymyrat üçin
öz-özüni ýeňip bilmegi gerekdi...
On günlük rugsatdan soň ol Garrygala,goşun gullugyna gaýdyp barmalydy.Agasy
Orazberdiniň maslahaty boýunça bäş-alty gün Pöwrüzede dynç alyp,soň oba,ejesini
görüp gaýtjakdy.Oňat, Oleg Komlew hem onuň bilen bile dynç almaga razylyk beripdi.
Ýaşynyň birneme uluraklygyna garamazdan,Oleg Altymyrady gowy görýärdi,onuň bir iş
etjek bolanda irmezek-armazaklygy hoşuna gelýärdi.”Onda adam üçin gerek gowy
häsiýetleriň hemmesi bar,ýöne ol oňa azlyk edýär.Ol jogabyny tapyp bolmaýan sorag
49
belgisi.Onuň tükeniksiz tutanýerliligi,päsgelçilikleri ýeňip geçmekdäki erkliligi hiç zat
bilen deňär ýaly däl,daşyndan seredeniňde parahat görünse-de,gaty galjaň.Ol maňa:”Sen
güýçli,ýöne tutanýerliligiň ýeterlik däl”diýýär.Dogry,men onuň ýaly nirädir bir ýere
gyssanýanyň keşbinde bolmasamam,öňümde goýan maksadyma ýetmek üçin
ymtylýaryn.Belki ymtylyş onuňky ýaly güýçli däldir.Ýerimden aňsatlyk bilen
turup,etmeli işlerimi galjaň edýärin,ýöne,Altymyrat ýaly,sagatlap,hiç bir çöpüň başyny
galdyrman ýatýanlardan däl.Käte ol bir wagtda bir näçe zada güýmenip bilýär,şonuň
bilen birlikde gazetlerden,radio-telegörnüşden gerekli maglumatlary alýar,men ony edip
bilemok.Käte ol bolgusyz sebäpler üçinem gatyrganýar,hat-da sögünýärem,yz ýany
bilenem şeýle bir mylaýym welin,haýran galýarsyň.Ol özünde şeýle häsiýetleriň köpüsini
jemleýär welin,olaryň haýsysyny bijebaş etjegiňi biler ýaly däl...”
Oleg,jülgäniň içinden akyp geçýän çeşmejigiň sakasyny görkezeýin
diýip,Altymyrady ýodajyk bilen ýokary,daga alyp barýarka, kellesinde şu pikirleri
aýlady,hat-da Altymyradyň:”O-how,Kosmosda kino görüşimiz ýaly azaşaýmaly?”diýen
soragyny hem eşitmedi.Dagyň arassa howasy,gök asman,aýna ýaly dury çeşme,gyrymsy
tokaý,al-asmana
uzalýan
dag
gerişleri,asudalyk...Dem
aldygyňça
öýkeniň
giňeýär,göwnüň açylýar.Azar berýän ýok.Iki güne ýeter ýaly azyklary,gowy dynç almaga
mümkünçilikleri bar.Emma Altymyrat birden birahatlyk tapdy-da:
-Biziň adam aýagy düşmedik ýere gelenimizi gören ýokdur-da!?Aý,ýok,gideli,men
tebigaty torç edesim gelenok!-diýdi-de,turmakçy boldy.
–Bu ýere bizden öňem gelen kän,gör,ot ýakylyp,nahar bişirilipdir!-diýip,Oleg ony
rahatlandyrmak isledi.
–Günä iş edýäs,dost jan,gaýdaly!
-Tebigatyň köşeşdiriji güýji hem seniň kejirligiňi ýeňip bilenok-da!-diýip,Oleg
goşlaryny ýygnamaga başlady-Bilip goý,şeýle gezelençler peýdalydyr.
–Hawa,dost jan,peýdaly-diýip,Altymyrat ýokardan aşak düşüp gelýärkä jogap berdiGünüň dogup-ýaşyşy,gözel tebigat,şildiräp akýan çeşme kalbyňy rahatlandyrýar,ýöne
maňa bir zat ýetenok..
–Näme ýetenok?Özüňi şeýle gözel tebigatyň bir bölegi hasap edip,gerek güýjüňi
ondan alyp durmagyň bagtlylyk dälmi?
-Bagt,dost jan meniň üçin ine,şu geýip-geýip lenji çykan penjegim ýaly bir zat.
Menem,senem,öz
agramymyzda
SSSR-iň
çempiony
bolduk.Bu
ýeňişe
guwanaýjak,rahatlanaýjak ýaly,emma ol bolanok.Ýaryşdan soň täze arzuwlar köräp
başlaýar.Men, grek eposynyň gahrymany Sizif
ýaly,arzuwly belentlige ýetjek
bolup,ýetip bilmän oňa ymtylýanlaryň biri.Daşy ýokary galdyrjak bolup togalaýan,emma
galdyryp bilmeýän daşym meniň kalbym.
–Eýsem,şol daşy togalap barýan wagtyň öz içki duýgularyňy paýlaşmak islegi
döremeýärmi?
-Şeýle pursatda ýürek syrymy garşydaşym bilen paýlaşýaryn,ýagny,onuň ýüzündäki
alamatlar bilen özümiň nähili netijäni gazanjagymy bilýärin,dost jan.
–Bä,seňki üýtgeşik ekeni.Men-ä,türgenim Abramýan näme diýse,şony
edýärin.Sportsmeniň ykbaly türgene baglydyr-da!Şeýle dälmi?Men seniň başgaça pikir
edýäniňi bilýärin.Munda her kimiň öz ýoly bar...
Olar gaýdyp,Pöwrüzede,Altymyradyň kireýine ýaşaýan jaýyna geldiler.Jaý eýesiniň
bäş-alty sany çagasy Altymyradyň daşyna ýygnandylar, gujaklaýany haýsy,boýnundan
aslyşýany haýsy,göter diýip aglaýany haýsy.Altymyrat ýatýan tekjesiniň aşagyndan bir
50
guty süýji çykaryp,çagalara paýlady.Gowur bir salym peselen ýaly bolsa-da,süýjülerini
iýenlerinden soň täzeden güýjäp başlady.Özem barysy birden gygyrýar.
–Nädip munda ýaşaýarsyň?-diýip,Oleg janykdy.
–Aý,dost jan,özüm şeýle köpçülikde ulaldym-da!Dogry,käte halys çydaman
howlynyň daşynda,köçäniň ugrunda türgenleşik geçýärin.
–Sen birhili oglan!-diýip,Oleg janykdy-Kakamyň dynç alýan ýerinde gül ýaly sport
meýdançasy,ýatak jaýy bar.Bolman-da, gül ýaly myhmanhana bar.
–Kireýine jaý alyp ýaşasam arzan düşýär.Dost jan,men öz göbegimi özüm
kesmeli,günümi özüm görmeli.Ejemiň mensizem azary ýetik..
–Arzan-a düşýändir welin,bi goh-galmagalda türgenleşig-ä däl,gije ýatyp hem
bilmersiň ahyryn!
-Aý,öwrenişdim-le!Nädeýin!Sport mekdebindäki ýatak jaýymy aldylar.Onsoň
menem bir ýerde ýaşamaly bolaryn ahyr.Dost jan,zyýany ýok,bäş gün bolaryn,soň oba
giderin,ondanam Garrygala,gulluga...
Olar howludan çykyp,daşky oturgyjyň birine çökdüler.
–Dost jan,şu ýerde oturybereli.Içerden-ä gowy bolar.Otag gaty yssy-diýip,Altymyrat
seslendi.
–Dynç alyş öýüniň jaýy hem ýakyn ekeni.Ondan eşidilýän goh-galmagala ýatyp
bilmersiň.
–Aý,hawa,kynyrag-a bolýar.Men oňa öwrenişdim.
–Sen belli bir agram saklamaly,güýç toplamaly,türgenleşik geçmeli ahyryn?!
-Dogry,aýdýaň,dost jan.Ýöne men ýorganyma gör-ä aýagymy uzadýaryn.Ýadyma
düşýär.Orazberdi,Bäşim üçümiz ýatýas welin,maňa ýorgan ýetenok,ýa aýagym
açylýar,menem derrew olaryň ikisiniň arasyna sokulýan-da,hezil edip ukumy
alýaryn.Oňly ýatyp bilmeseň,gowy naharlanmasaň eliňe daş alasyň gelmez ekeni,sport
seni ýadadýar.Ýöne men muňa öz yslegim bilen geldim,kynçylygam çekmeli
bolar.Türgenleşýärkäň ünsüň başga zatlara sowulmasa ýagşy.Nätjek,daşary adamdan
doly,daş göterip durkaň dynç almaga gelenler ony-muny soraýarlar,gelşiksiz ýagdaýa
düşýärsiň.Dogrusy,sport eşiginde aýal oglan-uşagyň öňünde türgenleşik geçmägede
çekinýän,derleseň eşigiňi çykaryp bolanok. Türgenleşik geçip,otagyma gyssagly
ylgamaly bolýan.
Şol wagt eleşan eşikli,aýagy çepekli,sakgal-murt basan hor ýigit olaryň ýanyna
geldide:
-Bir manatjyk beräýiň!?-diýip,elini serdi.
Altymyrat sesini çykarman pul berdi-de,eleşan daşlaşandan soň:-Dost jan,ol her gün
pul dileýär.Geroine aňyny aldyrypdyr.Nebir oglan,gaty ökde sazanda...Aýdym-saza baş
goşanlar şeýle zaýa bolaýýarlarda...-diýip,başyny ýaýkady.
-Çempion baý adamdyr diýýändir.
–Dost jan,belki şeýledir.Men oňa öz gün-güzeranymy zordan aýlaýanlygymy nädip
düşündireýin?Ýogsa-da,ýaňky pul diläni görenimde Çary däli kakam ýadyma
düşýär.Çary däli...Sen ony tanamaly.Piliň çagasy ýaly,mydama raýonda hölt-hölt eder
ýörerdi.
–Hawa,ýadyma düşýär.Ömür ýuwulmadyk ýyrtyk penjegi,nä reňkdeligi bildirmeýän
köýnegi, kiselerinden kagyzdyr kitap galyndylary çykyşyp duran kül reňk plaşy
bardy.Sorasaň haýsy ýurduň nirede ýerleşýänligi,meýdanyny,paýtagtyny hat-da
patyşasynyň adyna çenli takyk aýdyp berýär.Awtobuslaryň,uçarlaryň,otlynyň gitjek
wagtyny,haýsy edara nirede ýerleşýär,haçan işleýär,ýolbaşçysynyň ady näme,haýsy sorag
51
bilen kimiň ýanyna barmaly, soraýmalydyr.Çünki däli diýselerem akly bi
görünýänleriňkiden artykdy.
–Dost jan,ol ýönelige däli adyna alan dälidi,çünki, akylly adama gelişmeýän
hereketleri ederdi.Meselem, jalbary aşak düşüp,syrty görünip dursa-da, oňa üns
bermezdi,şonuň üçin hem belki, oňa plaş geýdirendirler?Ýa-da,uly ile akyl satyp
oturandyr welin, birdenem möňňürer goýberer,yzyndanam:”Aglap berenim üçin bir
manat ber!”diýip,elini serer.Berseň begenip sag bol diýer,bermeseňem däliligi gozgap
sögünip ugrar,onsoň gaçyp gitmägä razy bolarsyň...
- Emma bilimi görlen däldir.Oňa bilim uran hem diýýärdiler.Onuň öýünde
kebelekleriň muzeýi bar diýip eşitdim.Özüm-ä göremok,ýöne görenleriň gürrüň
bermeklerine görä:”Onda tebigatyň çäksiz taslamasyna duçar bolýarsyň.Iňňän inçelik
bilen reňklenen ýaly, kebelekleriň bir-birine meňzemeýän ganatlaryndaky gözellikler
seni özüne bendi edýär-de,ertekiler dünýäsine düşürýär.Kebelejikleriň,ýönekeýje
bezegden çylşyrymly bezege geçýän görnüşleriniň ýerli ýerinde oturdylmagy gaty täsin
galdyrýar.Agzyňy açyp galanyňy duýman galýarsyň”Muny Çary kakanyň özi gaty
gyzykly gürrüň berýär diýýärler,şonda onuň sesi şatlanyp,goýun gözleri yşnaklanarmyş...
–Dogrudyr,dost jan.Men-ä obada ýaşamsoň,ony käte görýärdim,her duşanda:”Bir
manat beräý!”diýse berýärdim.Sen ony gündelik görüp ýören,gowy tanaýansyň.
–Gowy görýän agasy uruşa gidip gelmändir,şondan soň kellesi üýtgäpdir-ä
diýýärler...Hany,indi näderis?Men-ä Sakarçägä-öýe gidip geljek.
–Dost jan,menem seniň bilen gitjek!Ejem jany görüp gaýdaýyn.Häzir,azajyk
garaş,öýden goşlarymy alyp çykaýyn-diýip,Altymyrat howla girip,eli boş ýagdaýda
gaýdyp geldi-de:-Çary kakam ýygnan pullaryny üç litrlik aýna gutyda gömenmiş.Gowy
gözleseg-ä tapsa bolar,hä dost jan!?-diýdi.
-Düşünmedim.Näme diýjek bolýaň?Hä,puluň gutarandyr.Pul bu gün mende bar,ertir
sende bar.Ikimiziň aýry zadymyz ýok!Barja goşlaryňy al,ýör gideli!...
Olar şol gün agşam otla münüp öýlerine ugradylar...
Obada bolsa:”Ynha,Altymyrat öňünden çykarys,gutlarys”diýip,adam bary
garabaşynagaýdy.Mugallymlar Rahmanberdi aga,Illi Kadyr,ýaşulylar Annaberdi
mantior,Annaberdi mugallym,Garýagdy Hojaguly,Ata Muhat,Tirkiş Tagan,oba mollasy
Begjan aga,Garýagdy Aşyr,Orazberdi dagy,bagyň aşagyna atylan düşeklerde oturyp,
gözlerini ýola dikip garaşýardylar.Ýaşlaryň arasynda kart,küşt oýnaýanlary,oýunda dawa
turuzyp,galmagal edýänleri hem bardy.
–Orazberdi,pälwan iniň ýeňiş gazanypdyr.Mal soýansyň-a?-diýip,Rahmanberdi aga
oňa ýüzlendi.
–Hawa, soýdum.
–Päheýde weli,ol-a bolaýypdyr.Eti ýagly bolsun,duşman aýagy bagly bolsun!
-Aýdýanyňyz bolsun,ýaşuly.
–Tüweleme,etjek dabaraňyz oň bolsun,mübärek bolsun!
-Taňryýalkasyn,ýaşuly.Size-de toý etmek nesip etsin-diýip,Orazberdi jogap berdide,kart oýnuna güýmenýän ýaşlara-Turuň how,baryň nahar bişirýänlere kömek ediň!diýip gygyrdy..
–Aý,indiki ýaşlar mes bolýar-diýip,Begjan molla olara bakyp janykdyBaşlyk,bilýäň-ä,şeýle döwürler boldy,eşegiň hamy hem tapylman ýarym-ýalaňaç
gezdik,şonda-da orak orardyk,suw tutardyk.Günorta çaýa çykarsyň welin,syrtyň
ýyrtykdyr,onsoň ony tutup,bildirmejek bolup buruljyrarsyň.Orakdan soň meýdana
eşekli,düýeli ders çekerdik,öýüň ýakynjakdyr,emma baryp bilmersiň.Şeýdip,azar baryny
52
görüp yşlärdik...Ýa-da,aýdaly,göz dikip oturan malyň käte agzyňa buýrsa,käte haram
öläýýär.Şeýle ýagdaýda,dinimiz damagy çalynmadyk mala haram diýýär.Emma açlyk
belasy,ýüzleý hem bolsa garaz,dine dogry gelmeýän bu işi kanunlaşdyrýar,ýagny ölen
maly depseň gymyldaýar,şu ýagdaýam ony janly diýip hasaplamaga esas
berýär.Onsoň,onuň damagyny çalyp,halalladym diýip,göwnümizi aldardyk,has dogrusy
“Depme halal ederdik”...Häzirkiler-ä...Ähli zady depme halal etjek boluşyp durlar.Ýaşlar
biziň basan yzymyzça-da ýok!
-Ýaşlar gowy,özümiz erbet-diýip,Rahmanberdi aga garşy çykdy-Päheýde weli,aýn
bolmasa ogly atasyça ýok diýýärsiňiz.Ol beýle däl.Ogluň ata meňzemegi atanyň ogluna
berýän terbiýesine,bilimine,mährine bagly.Bular töleglidir.Çaga näçe mähir siňdirseň
şinça-da yzyna gaýtarýandyr.Özümden mysal getireýin.Molla bizi jezitçe
okadardy,bizem oglanlar bolup özara jezitçe hat alyşardyk,bu bolsa okamany,ýazmany
çalt öwredýär.Onuň daşyndan ors dili mugallyma gatnap,ony hem öwrenerdik,öz
aramyzda diňe ors dilinde gürleşmegi ýola goýardyk.Kim ors dilinde gepleýärkä arasyna
türkmen sözüni goşsa, şonuň boýnuna düýe süňküni asardyk.Oglunyň gowşak,ýa
kemakyl,ýa ýalta,ýa gazaply bolýanlygy üçin atasy günäkärdir.Men çagalaryma öz
mährimi siňdirýärin,olaram indi,garran çagym meni mähirli saklaýar.Ýa-da ine,häzir
ýaşlar pul baryny harçlap daşary ýurtdan haryt getirýärler.Sen olara baýajak bolýar
diýýärsiň.Ol pikir nädogry.Olar öz aladalarynyň daşyndan ýurduň haryt bolçulygyna
azda-kände bolsa-da,goşantlaryny goşýarlar.Ýogsam,olaram baryny orta goýup,näbelli
ýola baş goýman,arkaýyn,rahat ýaşap bilýärler ahyr...
–Ýok,başlyk,seni gepde ýeňip bolmaz-la-diýip,Begjan molla närazy terzde seslendiMen bir zat diýsem tersine gep tapýarsyň.Gowusy,aýt,Altymyrada näme sylag
beripdirler?
-Bilmedim men-ä.Bir bulgur beripdirler-ä diýýärler...
–Bulgur däl ol,kubok!Dogruda walla -diýip,Orazberdi ara goşuldy.
–O näme bolýar,başlyk?
-Ýaryşda ýeňijä beriýän baýrak ol, Begjan akga!
–Obamyzda,Ýasylardan bir pälwan bardy-diýip,Rahmanberdi aga seslendi-O
döwürler Tejenden,Hywadan Mara,Marydan Hywa göreşe gider ekenler.Pälwanlaryň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 07
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.