Latin

Topraga duwlanan ägirt - 32

Total number of words is 3850
Total number of unique words is 2256
30.7 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
durmagy dogry tapdylar.Orazberdiniň ”Men seni Moskwa alyp gideýin.Bagtymyzy şol
ýerde synaly”diýmegi bilen Altymyrat hem razylaşdy.
Şeýlelikde,nosilkanyň bir gapdalyny ilçi,bir gapdalyny Naum Süleýmanow
tutup,Altymyrady keselhanadan çykaryp,uçar menziline getirdiler,”Nähili kömek gerek
bolsa habar edäýgin”diýibem ugratdylar...
Altymyrat awgust aýynyň 31-ne Ankaradan öýüne gaýdyp geldi.Indi ony,öz
ýakynlaryndan başga garşylaýanam ýokdy.Halkyň at-abraýyny,şan-şöhratyny asmana
göteren gerçek,türkmen kanahaty,türkmen geçirimliligi bilen ýowuz keseliň ejirini
çekip,öýünde iki hepde bolmaly boldy.Keselli bolsaňam iki hepde däl,bir sagadyňy aýt...
265
--2—
Olar uçar mümkünçiligine görä Moskwa bardylar.Garaşsyz ülkäniň her bir adamsy
ilkinji nobatda özüniň gelendigini belletmek üçin Moskwada ýerleşýän Türkmenistanyň
ilçihsanasyna barmalydy.Olar şeýle hem etdiler,sentýabr aýynyň on bäşinde,aýazlyja
agşam ilçihananyň gapysyny kakdylar.Olardan başga-da, iş sapary bilen gelen ýene iki
adam bardy.Oňat,ilçi Nurgylyjow hem bar ekeni.Ol ilki sapara gelenleriň resmi
kagyzlaryna seredip,myhmanhana ýerleşdirdi,soň Orazberdiniň arzyny diňläp,atawatanynyň ogullaryny güler ýüz bilen garşylamagyň deregin, ýüzüni çytyp,arkan
gaýşyp:”Näme üçin bu ýere geldiňiz?Başga myhmanhana ýokmy?Men diňe iş bilen
gelenleri kabul edýän,kesel bejertjekler kömegi başga ýerden gözlesinler”diýip,
gatyrgandy,gygyrdy. Orazberdiniň:”Keselhana birki gün garaş diýensoň, Sizi arka
tutunyp,inimi alyp geldim”diýmesine,”Bolanda näme Altymyrat!Bolanda näme dünýä
çemiony?Men-de ýer ýok”diýip,gapyny içinden ýapdy.Orazberdiniň:”Men çykgynsyz
güne düşüp geldim.Daşary
ýurtda öz raýatyna gönüden-göni goldaw bermeli
halyňa,biziň ýüzümizi almaň näme?Hany seniň gulluk,watançykyk borjuň?”diýmesine
gulak hem asmady.Orazberdi Türkdäki türkmen ilçisiniň özüni garşylaýşyny
ýatlady.Onda öz öýüňe gelen ýaly garşylandy,Moskwada bolsa türkmene howandarlyk
etmeli adamynyň adamkärçiliksiz hereketi ýüregine çüý bolup çümdi.Dogrusy,beýle
ýaramaz,wyjdansyz adamy saýlaň diýseler, Türkmenistanda başga tapylmazlygam
mümkündi.Ine,onsoň,gaharyny ýatyryp,dilini dişlän Orazberdi,çigrek howada,gapynyň
agzynda çugutdyryp,üşäp,galpyldap oturan Altymyradyň üstüne egnindäki paltosyny
atdy-da:”Gaýrat et,inim,men häzir Aşgabat bilen gepleşip geleýin”diýip,nirädir bir
ýerlere,aragatnaşyk nokadyny gözläp gitdi.Ýogsam,rugsat berilenliginde, ilçihanadan
Türkmenistanyň ähli künjegine jaň etse bolýardy ahyryn.Ol taksili gidip,aragatnaşyk
menzilinden Türkmenistanyň sport komitetiniň başlygyna jaň etdi,ýagdaýlary gürrüň
berdi,kömek etmegini sorady.Şeýdip,yzyna gaýdyp gelse,Nurgylyjow ýerinde ýok.Dynç
almaga gidenmişin.Ertesi sagat onlarda işe gelen ilçi,degerli adamlaryň jaňyndan
soň,”Öň aýdaýmal-a!Tanamadyk sylamaz diýipdirler, düşünmändirin” diýen bolup,
ýallaklap,bialaç ýagdaýda ilçihananyň myhmanhanasyna olary kabul etdi.Uzakly gijäni
sowuk howada,daşarda geçiren,onsuzam, böwreginden ejir çekýän Altymyradyň ýagdaýy
hasam agyrlaşdy.Çagyrylyp getirilen “Tiz kömek”lukmany kesellini barlap,böwrek
goýýan keselhananyň baş lukmanyna jaň etdi-de,ýagdaýyň agyrlygyny,häziriň özünde
keselhana ýerleşdirilmese bolmajagyny aýtdy,onuň razylygyny bilenem,Altymyrady
keselhana alyp gitdi.Ilçihanada bary-ýogy dört sagat bolup,indem inisini keselhana alyp
barýan Orazberdi Nurgylyjowyň eden “kömegine” minnetdarlyk bildirip,”Türkmende
goýnam öz aýagyndan asýarlar geçinem”diýilýändir,şony ýadyňdan çykarma.Öz ekeniňi
alarsyň,edeniňem çekersiň”diýdi...
Orazberdi muny bilmän aýtmaýardy.Ol söwda işgäri Nyýazgylyç Nurgylyjowyň
pesligini,pisligini, bähbidi üçin bigünä adamy türmä salmaga taýyndygyny,baryp ýatan
gözboýagçydygyny öňem azda-kände eşidipdi,oňa”Ondan häzir bolgun,aýdan gepinden
dänmäni hiç zatça görýän däldir, maýdaçyldyr,syrty görnüp dursa-da,mekirlige ýüz
urýandyr, töhmetçildir” diýipdiler.Ýöne, ilçi adyny göterýän, uly wezipäni eýeleýän
adamy beýle pes derejede görmegi onuň üçin örän agyr urgy bolupdy.Beýle adam
ýaramaz hereketleri üçin hökman göz görmelidi,sebäbi özüniň edip biläýjek,eýeleýän
wezipesi boýunça etmäge borçly işini bitirmeýän doňýürekler öňde-soňda göz
266
göräýmelidi.Ol tebigatyň kanunydy.Durmuşda hasapsyz zat ýokdy.Orazberdi “edeniňi
çekersiň”diýende hut şulary göz öňünde tutupdy....
(Şu ýerde,Orazberdiniň sözüniň dogrylygyny subut edýän bir habary getirmekçi
bolýarys.2004-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmen gazet-jurnallarynda Prezidentiň
permany peýda boldy,onda “Hyýanatçylykly etmişleri üçin Türkmenistanyň Belgiýa
döwletindäki adatdan daşary hem ygtyýarly ilçisi
N.Nurgylyjowyň işinden
boşadylyp,diplomat derejesinden,alan baýrak-serpaýlaryndan,diplomatlara berilýän
döwlet ýeňilliklerinden mahrum edilýänligi,Aşgabatdan öz obasyna mejbury ýagdaýda
göçürilýänligi” aýdylýardy.Onuň öz obasynda hem abraýy bolmanlygy üçin, öýünden
çykyp bilmän,eli hasaly bir garry adama öwrülipmişin.Orazberdi öňde-soňda şeýle
habary eşitjegine ynanýardy,hat-da bu berilen jezadan has mojugragy berler öýdüp
garaşýardy.Her zadam bolsa geçirimli Alla ýene onuň özi bilen deň bolmandyr,ýöne
edenini çekýänligi welin köre hasadyr...)
Orazberdini böwrek keselhanasynda Altymyradyň ýanynda ýerleşdirdiler.
Altymyrady gowy barlagdan geçiren lukman Orazberdini çagyryp şeýle diýdi.”Biz
çempion ýigidi barlagdan geçirdik,etmeli işleri anykladyk.Indi iniňiziň bedenine gabat
gelýän böwrek tapmaly.Onuň üçin böwrege edilýän esasy talaplarymyzy şäherlere
ugratdyk.Ol haçan tapylar,kesgitlemek mümkin däl,belki bir aýdan,belki bir ýyldan,belki
ondanam
köp
wagt
gerek
bolar,bilmedim,sebäbi,alynjak
böwrek
iniň
ýaşyna,häsiýetine,gan düzümine,endigine we ýene şular ýaly togsan görkezijisine gabat
gelýän biri ölmeli,bizem onuň böwregini goýmaly.Bize diňe garaşaýmak galýar.Indi
seniň etmeli işiň barada.Keselhanamyz tölegli .Şu günden başlap bir aýyň dowamynda 25
müň dollar geçirmeli,düýn onuň 2,5 müň dollary Türkmenistanyň sport miistrliginden
gelip gowuşdy.Indi siz,galan 22,5 müň dollary getirmäniň aladasyny
etmeli.Dogry,hemme lukman böwregi aýryp-goýup hem bilenok,bilýänleriň bahasy bolsa
çökder.Biz maslahatlaşyp dünýä çempiony adyny alan gerçek üçin iň pes muzdyň
tölenmeginiň aladasyny etdik...”
Orazberdi ol ýerden inisiniň ýanyna geldi.Altymyrat eýýäm böwrek çalyşmanyň
syrlaryny ýanynda ýatan dagystanly bir keselliden eşidipdi. Oňky bir betbagtlygyň üsti
bilen bagtly boljak bolma ýaly bir zat bolýardy,ýagny, edil özi ýaly ýaş,edenli,
daýanykly,syratly ýigit şäherdir obalaryň birinde aýlanyp ýörkä,olam kölegesi ýaly onuň
yzyna düşüp, haçan ýol hadysasyna gabat geler diýip garaşyp ýörene meňzeýärdi,
garaz,arkaýyn gezýän adamynyň ölümini gönüden göni dilemese-de,şondan enaýy
bolmadyk,öz eli bilen adam öldüren ýaly bir zat bolýady.Ol-a ölmeli,olam onuň
böwregini alyp diri gezmeli.Ýok,beýle hereket onuň durmuş düşünjesine düýbünden ters
gelýärdi.Garynjany ynjytmany halamaýanam kimdir biriniň ölümini diläp
bilermi?Ondan-a,şu abraýy bilen ölüp gideni ýagşy bolaýmasa...
–Meniň şan-şöhrata,uly abraýa beslenen inim,gaýgy etme,ähli zat düzeler,dogruda
walla-diýip,Orazberdi ýüzüni sallap oturan Altymyradyň gapdalynda çökdi.
–Abraý öz abraýy bilen özüni goramaly dälmidir,agam jan?Nähili abraýymyň
bardygyny ilçihanada göz ýetirdim.
–Aý,olar ýaly,garny doýsa-da gözi doýmadyk haramzadaň
özgä nepagaty
degmez.Gözi dagy nähili,goňurjamyzyňka meňzäp dur.
–Ýok,agam jan,men onuň gürrüňini edemok,men her bir türkmen ömürlik buýsanyp
gezer ýaly abraý gazanyp bilmedimmikäm diýýärin.Seniň üstünligiň şol ilçi ýaly iň bir
biabraýlara-da gürrüň etmäge ýer goýmasyn diýjek bolýan.
267
–Gaýgy etme,enşalla,entejik sen özüňi görkezersiň,dogruda walla.Ýöne men
adamlaryň şol ilçi ýaly aşa perwaýsyz bolmaklaryna düşünip bilemok.Özüňe etmejek
zadyňy ile etmeli däldir-ä?Ir-u-giç bendesine ýaman garan belasyna sataşar.
–Agam jan, aramyzda gowy adamlar kän-diýip,Altymyrat gapdalynda ýatan köp
sanly gazet-jurnallara tarap başyny atdy-Nebitdagly,Maryly janköýerlerim meniň
saglygym barada gyzyklanyp,gazede sorag ýollapdyrlar oňa bolsa bedenterbiýe we sport
ministri Annaýew jogap beripdir,ýagny ol:”Altymyrat Moskwanyň böwrek çalyşýan
institudyna iberilenligi üçin onuň 1996-njy ýylda ABŞ-nyň Atlanta şäherinde geçiriljek
Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp gatnaşmazlygy baradaky meseläni ikinji orna goýup,indi
biz onuň başdan geçirjek böwrek çalyşmasynyň şowly bolaryna bil baglaýarys” diýipdir.
Görýäňmi, minisrtiň özi jogap beripdir.
–Inim,men sähel ýaramasaň seni idejek,ýakynlaryňdan başga aladaňy etjek ýok
diýjek bolýan,dogruda walla.Urugbaýda bolan bir ýaryşda baş emin belli futbolçy Peläni
meýdançadan çykarypdyr,adatça şeýle ýagdaýda ýerli janköýerler heşelle kakmaly,
emma olar gazaba münüp,Peläniň gaýtadan yzyna getirilmegini gazanypdyrlar.Bizde
şeýle,seň aladaňy etjek adalatly janköýerler azlyk edýär diýjek bolýan.Biziňki”Ojak
başym sag bolsun,jümle-jahan sil alsyn”diýleni bolýar.Ýeri bolýa,ýaňramany
goýaly,dogryda walla.Indiki maslahat!?
-Indikiň näme agam jan,öýe gidip serişde ýygnarsyň.Böwrek mugt çalyşylmaýar
ahyr.
–Inim,diliň siňňildili ýaly-la,dogryda walla.Öýe gidip geleýin,böwregiňi
çalyşsynlar,onsoň senem baldyrlaryň küýze ýaly,bilekleriň digir ýaly,ýagyrnyňy aştagta
ýaly,garnyňy gapak ýaly edip ýene ýaryşa çykarsyň,dogryda walla..
–Agam jan,garnym hiç mahalam gapak ýaly bolan däldir,bolmazam.Ýöne... Aý,
bolýala diýip ol sakyndy.Ol “Maňa indi böwrek çalyşsamam peýdasy degmez,gowusy
azaryny
çekip,sanalgym
dolýança
gezibereýin”diýmekçi
boldy,Rahmanberdi
aganyň”Geňeşseň köp bilen geňeş,syryňy bir bilen sözleş”diýenine eýermekçi
boldy,birdenem öýe gaýtmakçy bolýan agasynyň keýpini bozasy gelmän,dilini dişledide-Agam jan,gitseň Maksat jana alan maşynymy eltip ber,gelnime,dogan-garyndaşlaryma
salam aýt,”ol gül ýaly ýaşaýar,tut ýaly sagat”diý!-diýdi...
Orazberdi şol gün uçar bilen Aşgabada gaýtdy.Gelşine-de,”Dinamo”sport klubynyň
başlygy Mämmedowy öňüne salyp,içeri işler ministri Kasymowyň huzuryna
bardy.Mämmedow diňe özüni kabul edýänligi üçin,Orazberdä garaş diýdi-de,jaýa
girdi.Ep-esli wagtdan soň çykdy-da ol, ähli zat ýerbe-ýer,pulam tapylýar,beýlekem
diýip,Orazberdini begendirdi.Hoş söze monça bolan Orazberdi bir hepde garaşdy,iki
hepde garaşdy,netije ýok.Mämmedow bir ýere sapara gidipdir,ministrem kabul
edenok.Onsoň şol wagt sport ugurlaryna gözegçilik edýän Türkmenistanyň ministrler
kabinetiniň orunbasary Orazgeldi Aýdogdyýewiň ýanyna barmak üçin nobada
ýazyldy.Bir hepdeläp çekilen horluklardan,kynçylyklardan soň.ahyrym Aýdogdyýew
ony kabul etdi.”Siz saglygy saklaýyş ministriniň ýanyna göni baryň,men jaň
etdim.Meseläni şol ýerde edil çöp döwen ýaly ederler.Türkmeniň abraýyny asmana
göteren Altymyrada kömek etmesek bolmaz-a,ol biziň borjumyz-a”diýip,agzynda aş
gatyklap,gülüm-ýalym edip,Orazberdini ynandyryp,ugradyp goýberdi.Çäreden çärä
gatnaýan saglyk ministri Çary Taganowyň ýanyna üçünji gün baryp,arzyny aýtmak
Orazberdä başartdy.Öň söwda işgäri bolan Çary,Orazberdiniň “bary-ýogy iki-üç gün
galdy,şoňa çenli pul geçirmesem Altymyrady keselhanadan çykarýarlar,kömek ediň
“diýen ýalbarmasyny diňledi-de:”Onça puly nireden tapaýyn?Ony Aýdagdyýew boýnuna
268
almadyk bolsa men nädeýin?Kesellän seň iniň,puly özüňiz tapmasaňyz biz
nädeli?Ýöne,hany,synanyp bir göreýin”diýip,gözlerini oýnakladyp,gümmi-sümmi etdide,ugradan bolan bolup,boş sözleri bilen Orazberdini jaýyndan çykaryp goýberdi.Paltasy
daşa degen Orazberdi ýene öňki hereketlerini gaýtalady,gaýtadan ilkinji baran ýerine
bardy,emma hiç hili netije çykmady.Futbol pökgüsi ýaly,ondan-oňa “depip”,boş sözler
bilen gaýtaryp durlar.
Ol”Berimsiz baýlara barandan keremli daglara baryny”edip,nätjegini bilmän baýra
çykdy,oturdy,oturdy,öz-özünden zeýrenip aglady.”Wah,Rahmanberdi aga” geçiň
ýüz,sözüň düz,geçiň üç sözüň puç”diýip,ýönelige aýtmaýar ekeni”diýip,başyny
ýaýkady.Onda-da,näme,aglap oturanyň bilen iş bitenok,hereket etmeseň bereket
ýok,onsoň “Şunda-ha adamkärçylyk ysy bar bolsa gerek” diýip,sport ministri
Durdymuhammet Annaýewiň ýanyna bardy: ”Ýagdaýlar şeýle-şeýle,birek-birege
salýarlar,mesele çözülenok,nätmeli?Wagt bolsa geçip dur,kömek edýänem
ýok!”diýip,aglady.Durumsyzdan dözümsiz ministr eýläk-beýläk jaň edip,bir sagat
wagtyny sarp etdi,eglendi,bolmajagyny bilip,ahyrym, Türkmenistanyň daşary işler
Ministrine jaň etdi,ýagdaýlary düşündirdi,kömek sorady.Ministr şol günüň özünde
keselhana on müň dollary geçirmegi wada berip,Orazberdiniň ýüküni azajyk hem bolsa
ýeňletdi..
.(Ol hakykatdanam pul geçiren ekeni,ýöne Orazberdi ony Niýazowyň janyna kast
edilme wakasy döwründe bilip galdy.Bir gün arkaýyn otyrka onuň öýüne bäş-alty adam
gelip, sygyr ýatagyň içini dörjeläp,basylgy bedeleri uzyn simleri bilen syhlap agdardüňder etdiler.Keýpden çykanlaryndan soň öýüň içini,agajyny goparyp düşegiň
aşaklaryny,ýorganlaryň arasyny barladylar.Näme gözleýänlerinem aýdanoklar.
Ahyrym,öýden-daşardan zat tapman,olaryň biri on müň dollar geçirilen hasaplaşyk
resminamany Orazberdiniň öňüne taşlady-da:”Ine,ministriň Altymyradyň böwregini
çalyşmak üçin keselhana geçiren resmi kagyzy.Beýle uly kömek eden adamyny Siz
hökman öýüňizde gizläp saklaýan bolmaly”diýip,gyssap ugrady.Emma Orazberdi ol-a
gizlemek ekeni,ol adamy ömründe bir gezegem görmändigini özelenip aýdansoň,olar
“Eger ol geläýse,şobada özlerine habar bermegi,habar berilmese,başynyň ölümli,malynyň
talaňly boljagyny duýduryp,dil hat aldylarda gitdiler.Orazberdi bu wakany häzirem
gorkman ýatlap bilenokdy...)
-Ministr boýnuna aldy,indi pul geçer-diýip,Annaýew Orazberdini arkaýyn etdi-Sen
zady pikir etme,hemme zat gül ýaly bolar,iniň gaýdyp ýene sporta dolanar.Lukmanlar
işine ökdelediler.Angliýada ýaşaýan Stiwen diýen adam täzeden dünýä indi diýseňem
boljak.Lukmanlar birbada onuň içki agzalarynyň altysyny(şolaryň arasynda
bagyr,böwrek,aşgazan hem bar) çalşypdyrlar,şondada ölmän gezip ýörmüş.Alty hem
gowy bolar,gaýgy etme...
Orazberdi ministriň hoşniýetli sözlerini diňländen soň, oba gaýtdy,sygyrlarynyň
birinden öňňesini satdy,boýnuna torba asyp gedaýçylyk etmese-de,garaz, öýme-öý diýen
ýaly aýlanyp,oba adamlaryndan,dogan-garyndaşlaryndan pul ýygnady.Onuň möçberi üç
müň dollardan sähelçe geçdi. Bary bilen bazar eýläp gaýtmakçy bolup durka-da,iti
goňurjasyny maşyn basdy.Alada köküni edibem ony aýak üstüne galdyrdy.Inisi Bäşim
“Ýa,senem Oraz kaka,bir it üçin ser-sepil bolup ýörsüň.Munyň ýaly gaýyň aýagyňy
basan ýeriňdenem taparsyň-a”diýýär,emma ol”Heý,Bäşşim,Bäşşim,goňurjam meni
ölümden gutard-a,çakjak bolan ýylany dişläp aýyrdy.Itimi gowy görýändirin,ýadyňdan
çykarma!”diýdi.Soň sygyry kesel tapyndy,garaz,eýdip-beýdip bir aýdan soň
Altymyradyň ýanyna Moskwa bardy.
269
–Agam jan,işikdäki erikler,baglar nähili?-diýip,salam-helikden soň Altymyrat
sorady.
–Ejem öldi,olaram gurady,zeý aldy,zeý.Zeýle ýere nar ekmeli diýýärler.
–Üzüm gowy hasyl berdimi?
-Şu ýyl-a ugry bolmady.Suw bolmady,sowuk aldy,dogruda walla.
–Guýydan suwaryp bolar-a,agam jan?
-Guýymyz ajady.Ony eşegem içmediksirän bolýa.
–Sygyrlaryň nähili?
-Birinden öňňesini satdym,dogruda walla-diýip, satanyna ökünýän ýaly äheňde
jogap berdi.
–Agam jan,sygyrsyz gün aýlap bolmaz diýýädiň-le?
-Hädeýin,zerurdan zerury bar.Saňa pul gerek.Aý,onsoňam mal saklamak
kynlaşdy,öri ýok,ot ýok.
–Melburna gideli diýenimde sygryňy satyp giden bolsaň,men beýle güne düşmeli
däldim,agam jan.Men ilki sende,Soň Abramýanda,soň ýene sende,senden soň Baýmyrat
Hangurbanda,iň soňunda-da Remezanowda türgenleşik geçdim.Şolaryň içinde seniň we
Baýmyradyň iş alyp baryşy maňa ýarady.Ýöne,köplük pohlyk diýleni,her türgen özüçe
türgenleşdirýär.Olar üçin synag meýdanyna öwrüldim.Meni şu güne düşüren türgen
çalşygy diýip hasap edýärin.Meselem, çempion ýetişdirdim diýen ady aljak bolýan
Remezanow güýçli sanjymlar bilen agramymy gerekli derejä ýetirdi,olam böwrege täsir
eden bolmaly,belki içen suwumyň täsiri ýetendir,bilmedim.Onuň üçin özüm
günäkär,sanjym gerek däl diýmändirin,suwy içmeli däldim.Indem,ynha,serişdesiz
kösenýäs.Maşynymy satmaly ekeniň,agam jan?!
–Bäşime alyjy tap diýip tabşyryp gaýtdym.Ýogsa-da, ýaponlardan getiren ştangaňa
alyjy bar.Sataýsak nädýä?
-Ol Gylyç kakamyň sowgady,onsaňam ony agyr atletika merkezinde ýaşlar
türgenleşsin diýip goýdum.Bu ugra gyzyklanýan ýaşlaryň sany artsa,maňa şondan uly
bagt ýok.
–Inim,seňki “Geç-ä jan gaýgy,gassaba ýag”diýleni bolýar,dogryda walla.Saglygyň
barada gürrüň gidende...
–Ýok!-diýip,Altymyrat agasynyň sözüni böldi-Aýtjak bolýanyňa düşünýän,ýöne
men ony islämok-Ol gatyrak gidip,agasynyň sözüni gödek bölenine gynanýan ýaly gepiň
ugruny üýtgetdi–Tyrry kakam meni soradymy?
-Asyl,haçan maňa meskewden bir ors mätişge getirer diýip,süňňi ýeňlän ýaly gözi
ýolda. Rahmanberdi aga salam aýtdy.Ol oglunyň ryskyny aýrypdyr.Hötjetligi ýetik
Annaberdi agaň bir ogly öýlendi,Annaberdi mollumyň salgytda işleýän agtygy paýtagta
işe çekildi,Garýagdy Hojaguluynyň körpe gyzy gaýraky oba durmuşa çykdy,özem ony
arçynlaryň münýän lekgewoýyna ýükläp alyp gitdiler.Begjan molla toý-tomguda saz
çalmasyny ýygjamladypdyr,indi oňa “Akly çaşan”diýýärler.Obamyz ikä bölünip bir
bölegine Azym,beýleki bölegine Atamyrat arçyn boldy,Myrat Çary bolsa daýyň
Amanmuhammet Nepesiň “Hanhowuza eýe gerek”diýip,ýazyp-ýazyp,täzelikde açdyran
etrabyna häkim boldy.Aýdara goýara başgada zat kän.Şol bir gören obaňdyr-da!
-Beý diýme agam jan.Maňa obamyň gündogardan günbatara uzaýan iki gyrasy baga
bürenen köçeleri,günortadaky çäge depeleri,onda otlaşyp ýören sygyrlar,bölek-bölek
dowarlar,ýany nanhaltaly,güjükli çagalar bularyň bary gyzykly.Çig kerpiçden galdyrylan
pessejik jaýda ejem bilen ýatansyň welin,ilerden geçýän otlynyň şakyrdyk-şakyrdygy
seni hüwdülär,ýaňy irkilersiň sygrymyzyň ýaşajyk gölesini ýalandaky hamrak sesi
270
oýadar.Şonda menem ejemi gujaklap ýatyp galýan.Käte işigimizdäki ýasy ýaprakly
şatutda saýraýan bilbiliň sesinden doýup bilmersiň,Dünýäde beýle ajaýyp,ýakymly
mukam başga bardyr öýdmersiň.Şeýle bir...
-Hany,sen aýt,ýagdaýyň nähili?-diýip,Orazberdi onuň sözüniň arasyny böldi.
-Agam jan,ýagdaýym suwda kädi münen ýaly.
–Alty,beý diýmesene,gündelik edilýän sansyz sanjymlary görüp duryn ahyr.Günaşa
bir eliňden gan alyp,peşewden arassalanan ganyňy beýleki eliňe goýbermekligiň özi
çydar ýaly däl.Al,gelnejeň süýtli nan iberdi,iýip otyr.
–Sagja bol,iýen ýaly göräý,işdäm ýok,agam jan.
–“Aşdan uly bolan Alladan daş bolar” diýleni,dogryda walla.Al,iý!
Altymyrat agasynyň göwni üçin tamşanan boldy.Urulýan çökder sanjymlar onuň
işdäsini ýakana meňzeýärdi.
–Agam jan,çagalaryň agzyndan kesip pul getiripsiň.Ony etmeli däl ekeniň.Men
eýdip-beýdip
günümi
görerdim-dä.Ukrainadan
Sawçenko
az-owlak
pul
ýollapdyr,türkiýeden Naum Süleýman iki müň dollar iberipdir,ýene ýollajak
diýýär.Lukman bilen gepleşip,ýagdaýymy düşündirdim,haýyş etdim,ýalbardym.Ol
umumy bahadan bäş müň dollary aýyrdy.Seniň getiren pullaryň bilen ýigrimi müňe
golaýlaşdy. Galanynam,näme görübermeli bolarda.Keselhana bergi meselesi aradan
aýrylmasa çüý ýaly böwrüňe dürtülip dur....
Dogrudanam,häzir onuň ömri haýsydyr bir tapylmaly pula baglanypdy,pul tapylsa
ýaşajak,tapylmasa ölüp gitjek.Adam ömrüniň bahasynyň beýle pese gaçanyna
gynanýarsyň.Birine kömek etseň,özüň hem şol kömegi alyp biljegiňi bilmeli.Şeýle
jemgiýete kämil diýse bolar.SSSR döwründe her bir kesellä,çagalara göwreli
aýallara,agyr kesellilere mügt hyzmat edilerdi.Şol döwürde ol bolaýmaly zat diýip hasap
edilerdi.Indi ähli zat tölegli hyzmata geçdi welin,geçmişiň şol gymmatlyklarynyň
nädejede adama peýdaly bolanlygynyň möçberini aňsa bolýardy.Şol döwürde-de,häzirem
Altymyrat başardygyndan mätäji beýlekisi diýmän kömek edip geldi,ýöne onuň üçin özi
kömege garaşmady.Kömek Naumyňky ýaly, garaşylmadyk ýagdaýda gelse gowy,şonda
jemgiýetiň sagdynlygyny kesgitläp bolýar.
–Men baý diýip döşüne kakyp ýören Şamyrat ýanyňa gelýärmi,ýagdaýyňy
soraýarmy?
-Agam jan,ol birki günlikde gelip iki ýüz dollar taşlap gitdi.Jany sag bolsun.
–Uçar menzilinde terjimeçi Orazgylyja gabat geldim,dogryda walla.Ol seniň
janköýerleriň tarapyndan,lçihana ugradylan bäş ýüz dollary ber diýip,Şamyrada
gowşurandygyny gürrüň berdi.Eýsem Şamyrat saňa onuň iki ýüzüni getirdimi?
-Şamyratdyr-da,agam jan,sen oňa näbeletmi?!Gerekdir alandyr.
–Bolmaz-a,oglan,heý diýmäýin diýsem.Dogryda walla.Onuň döşüne kakyp ýörmesi
nire,keselli üçin berilýän pula zar bolmasy nire?-diýip,Orazberdi gaharyna döz gelip
bilmän sesini gataltdy-Ýogsa-da, beýik Magtymguly”Öňde garyp bolup soňra baýan
är,Iýmez içmez ol baýamak biläni”diýmänmidir,dogryda walla?Häzrki döwrüň
baýlarynyň gözleri puldan doýanok,sebäbi olaryň aň-düşünjeleri,medeniýeti pes.
–Agam jan,ýuwaşyrak!-diýip,Altymyrat üm bilen gabat garşysynda ýarym ukuly
ýatan altmyş ýaşlaryndaky ýaşulyny görkezdi-Onuň hem ömri pul bilen
ölçenilýär.Böwrek tapyldy,puly ýok.Ýagdaý şeýle dowam etse iki günden ony
keselhanadan çykarjaklar. Barja pulumy oňa beräýesim gelip dur.
–Sen öz gaýgy et,inim,dogruda walla.
271
–Agam jan,biziň betbagtlygymyzam şundan başlanýar-da.Her kim öz gaýgysyny
etse iliň gaýgysyny kim eder?Buýsanjaň türkmen peselmeli däldir.Men keselimi bejerýän
lukman-professordan”1996-njy ýylda boljak Olimpiada-da, agyr daşy däl-de,misli bir
sypal dykylan haltany galdyrýan dek ştangany galdyryp
bilerinmi?”diýip
soradym,ol”Saňa daş däl,jan gaýgyka nädip beýle pikirlenip bilýäň!Ankarada bejergi
alanyňda Israiliň, Küweýtiň lukmanlary öz hyzmatlaryny hödürläpdirler,aýagyňy depip
olary saýlamagyň deregine hyzmatdan ýüz öwürip ýalňyşypsyň.Arap döwletlerinde
böwrek tapmak aňsat,bu ýerdäki ýaly onlarça aýlap garaşyp ýatmaly däl,onsoňam,
böwregiň bedene uýgunlaşma derejesi ol ýerde 75 göterime ýetýär,özüňem orslaryň
sowugyna öwrenişmedik,arap bolmasaňam araba ýakyn,yssa öwrenişen oglan” diýdi.
Wah,o zatlary bilmesem näme?Men sport komitetiniň jogapkär adamlarynyň sözlerine
ynandym.Lukman başgada bir zat aýtdy:”Türkmen hökümeti rus döwletine ýüz
tutup,özara hasaplaşygyň hasabyna gerekli puly keselhanamyza geçirdip bilýär” diýdi.
Oňa düşünýän düşünmese,men düşünemok.
-Hawa,türkmençilik edip biz gaty köp zatlara düşünmeýär ekenik.Muňa men soňky
aýlarda gören-eşiden zatlarymdan göz ýetirdim,dogryda walla.
–Gizläp nädeli,aýdýanyň dogry,agam jan,ýöne biz şoňa-da şükür edýäs.Il öňünde
dilimiz gysga bolmasyn diýip,ýorganymyza görä aýak uzadýas,ýalňyşýan ýerimiz bar
bolsa-da näme geçirewersinler...Agam jan,maslahat bilseň sen oba gaýtmaly,işiň
bar,mal-garaň bar.Ikimiz jaňlaşyp durarys.Şu hata ýene bir göz gezdireýin,onsoň ony
aýalym Güllere gowşurarsyň-diýip,Altymyrat dört eplenen iki tagta kagyzy eline alyp,
içinden okap başlady...”Salam,Gülüm!Ýagdaýlaryň nähili?Maksat jan azar bermän
durýarmy?Ýanyňa ejeň ýygy-ýygydan gelip,halyňdan habar alýandygyny eşidip
begendim.Ejem dünýeden gaýdanyndan soň men seň ejeňi has-da gowy görüp
başladym.Ol meniň maşgalama enem-atamyň etjek kömeklerini edýär.Onuň üçin Alla
janyny sag etsin.Ejeň meni hem edil öz ogly ýaly gowy görýär.Onuň göwrüminiň
giňligi,parasatlylygy,okumyşlygy maňzyňa batýar,meniň üstünliklerime seniň bilen deň
derejede begenýändigine ynanýan.Maksat janyň sporta,saza,edebiýata,durmuşa bolan
höwesini artdyrmakda ejeňe taý geljek terbiýeçi ýok.Şoň üçinem ol terbiýeçi! Meniň
çuňňur ynanjyma görä biziň agzybirligimiziň gözbaşynda seniň ejeň dur.Ony senem
hatyňda agzapsyň.Başgaça bolmaly hem däl.Sebäbi ýakynyň seniň gowy günlerňdede,ýaramaz günleriňde-de gerek!
Gülüm,saňa näme diýmekçi bolýanlygym ýadymdan çykyp barýar.Hawa,Maksat jan
indi bir ýaşyny doldurandyr.Ony çagalar bagyna berip dogry edipsiň.Terbiýeden daşary
haýsam bolsa bir ugrdan goşmaça bilim bermek örän wajyp mesele.Munyň üçin seni
öňküdenem beter söýýärin.Sen bilýäň-ä,men hiç wagt beýle sözleri agzyma alagyç
däldigimi!Meň kakam daýhan,ejem öý hojalykçy aýal,seň kakaň mugallym,ejeň çaga
terýiýeçisi.Bu meselede ejeňden gowy maslahat berjek ýok.Kakam daýhan hem
bolsa,göreşde asgyn gelmändir,babam Şalar pälwan döwrüniň sylanýan adamsy
bolupdyr,seň ejeň,kakaň hem şeýle ynsanlar,onsoň oglumyz Maksat jan olardan pesde
bolmasyn diýjek bolýan.Şonuň üçinem şu günlerden başlap onuň terbiýesi esasy orunda
durmalydyr,onda-da ejeň maslahatyna eýerersiň.
Gülüm!Keselhanada seni ýatlap ýatyryn.Dogrusy,içim gysýar.Kesellä näme
gerek?Oňa hoş,ýakymly söz,mylaýym,gülüp duran ýüz,mähir gerek.Bu ýerde olaryň
hemmesi hem bar.Şonda-da,ýakynyň ýyly sözi,dost-ýarlaryň maslahaty,edýän aladalary
maňa ýetenok.Haýsam bolsa ýol hadysasyna uçrap ýa-da öz ajalyna öleniň,görkezijileri
boýunça maňa gabat geljek böwregine garaşyp ýatmakdan başga elhenç zat ýok ekeni.Bu
272
bir adamyň betbagtlygyna garaşyp ýatan ýaly bir zat bolýar.Keseli saýlab-a
almandym,nädeýin,Allaň edenine kaýyl bolmaly bolýarda.Saňa aýtmaly hem dildir
welin,bardy geldi alla amanadymy alaýsa meni göbek ganymyň daman topragyna
duwlamalysyň.Bilýän,bulary okaňda sen gorkarsyň.Gorksaňam,men muny saňa
aýtmaly.Wah,men bilýänle,sen entejik ýaş,durmuşda ýanyp-köýüp gören däl.Ýöne
dünýäde baky zadyň bolmaýanlygyny senem bilýänsiň,menem.Bu çarhypelegiň mizemez
kanuny.Her zatda bolsa bilgin,Maksat jan hem muny bilsin,biziň mizemez mertebämiz
bardyr,näçe wagt geçse-de bidilgir etmez.Seni,oglum Maksat jany gaty göresim
gelýär.Gelip bilseň gowy bolardy..Bagyşla,meni sanjyma çagyrýarlar.Hoş,sag-salamat
bol!Öz Altyň...”
Altymyrat haty okap boldy-da,dört epläp Orazberdä berdi.Orazberdi şol günüň ertesi
uçar bilen Aşgabada gaýtdy...
---3-Mylaýym ýylgyryşy,tebigy ýumşaklygy,ýukaýürekliligi,sadalygy bilen Altymyrat
göreni özüne çekýärdi.Onuň özem daşyny gurşaýan adamlaryň ýüzünde ,bagtyýarlyk,
hoştaplyk,asyllylyk alamatlaryny göresi gelýärdi.Köplenç islegi hasyl bolýardam. Ol,
ýanynda ýatan,Mahaçgalaly,özünden esli ýaş uly adama edil perzendi ýaly hyzmat
etdi.Özüniň çykgynsyz ýagdaýda ýatanlygyna garamazdan,oňa gerek zadyny alyp
berdi,iýdirdi, içirdi,herekediniň çäkliligine garamazdan daş bolmadyk ýerde ýerleşen
dukandan ir-iýmiş,gök
getirip berdi,ýanynda oturyp”Ynha,basym keseliňden
açylyp,öýüňe gidersiň”diýip,teselli berdi.Orazberdiniň getiren üç müň dollaryny oňa
hödürledi,emma Salam aga ony alman:”Mahaçgalaly telekeçiler böwrek
çalyşma,onkologiýa,ysmaz,süýji keseller bilen kesellänleri paýlaşyp,çykdajysyny öz
üstüne aldylar.Ertir meniň üçin pul geçirýärler”diýdi.(Ine,türkmen telekeçileriniň
öwrenäýmeli zady)Dogrudanam,pul geçirildi,ol böwregini çalyşdy.Emma oturdylan
böwrek bary-ýogy iki aý işledi.Şeýle ýagdaýda,ýaşulynyň agyr keseli,ömrüniň
sanalgylygy Altymyrady hasam tijendirdi,hasam ysnyşdyrdy.Onuň tebigy ýasalşy
şeýledi.Adamyň
öljegi
bilinip
durka,oňa
bolan
söýgi
has-da
artar
ekeni.Belki,Altymyradyň aladalary,minnetsiz söýgüsi ölüp gitmeli adamyň ömrüni bir
günem
bolsa
uzaldandyr,belki
şeýledir.Ony
diňe
Alla
bilýär.
Bir gün Altymyrady daşary çagyrdylar.Çykyp görse,özi bilen deňduş dyzmaç
pyýada:”Men kakamyň göwnüne degdim,ölmänkä goý,ol meni bagyşlasyn,aýdyp
ber”diýýär.Altymyrat “Azajyk garaş”diýip,otaga girdi-de,ýaşula ýüzlendi.
-Bolandyr-diýip,Salam aga agras jogap berdi.
–Eger siziň ogluňyz kakaňyz,sizem onuň ogly bolsaňyz onda kakaňyzyň käýinjini
çekip bilermisiňiz?Özüňiz kakamy käýindirdim diýdiňiz.Adam ömründe nähilidir bir
ýalňyşlyk goýberýändir.Ogluňyza adatdan daşary berk daramak,günäsini geçmezlik ýaly
ýagdaýlara siz nähili garaýarsyňyz?Ol heniz çaga,kakasy hökmünde siz muny
ýadyňyzdan çykarmaly dälsiňiz.
–Oglum,sen meni alasarmyk ýagdaýda goýaýdyň-la!-diýip,Salam aga ysgynsyz
jogap berdi-Näme,dogmam geläýdimi?
-Hawa,gaýdyp ýüzüni görmen diýen dogmaňyz gelipdir.Aýagyma ýykylyp
aglady,günäsini boýnuna aldy.Men onuň özüni alyp barşyndan çen tutsam,ol ýüregi bilen
çyndan toba gelen ýaly...
–Küýküni gabyram düzetmez.
273
–Bilýän,siziň
gaharyňyz gelipdir.Ol hakykatdanam ýüzüni görmezlige
mynasypdyr,ýöne gahar diýlen närse sowulandan soň adam pakyr öz edeniniň
dogrylygyna, nädogrylygyna düşünip bilmän azara galýar.Siz maňa ýeke ogluňyzyň
bardygyny,onam çyn ýürekden söýýändigiňizi gürrüň beripdiňiz.Häzir ony kabul edip
günäsini geçseňiz,ýene öňküňiz ýaly söýersiňiz,belki ,ýene bir ýakmazyrak iş
etse,gaharlanarsyňyz.Muňa durmuş diýýärler.Her zatda bolsa ol ýaşlyk edipdir,ony
bagyşlaň!
-Oglum sen sada bolýarsyň,bar zada ýüregiň bilen ynanýarsyň.Ol gelen bolsa ýaman
matlaply gelendir.Men ony aňýan.
–Ogluňyz meni bagyşlasyn diýip aglady.Umuman dargin halky ýukaýürek bolmaly.
–Oglum,seni öz oglum ýaly görýärin,ýüregim bilen söýýärin.Keselli wagtyň
daşymda hasanaklaýarsyň.Muny ýeke dikrarym hem etmez-diýip,ol gözüniň ýaşyny
syldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 33
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.