Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18

Total number of words is 3554
Total number of unique words is 2169
28.8 of words are in the 2000 most common words
41.4 of words are in the 5000 most common words
47.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Yndyr-harman
Yryz-wyždan
Eje-mama
Eýrek-aşlanan derini
ýumşatmak üçin ulanylýan
agaç
Ekeji-uly aýal (gyz) dogan
Elli iki-merhumyň aş
sadakalarynyň biri (onuň1i,3-i,7-si, 40-y,52-si, ýagny
süňňüniň dargan güni,100-i
we ýyly bellenýär).
256
Üwemek-üýşürmek
Ülken-uly, ullakan
Üremekzaýalamak,zaýalanmak
Hozow-eke
Ho:la-alýuminiý
Ho:latelsek-alýuminiý jam
Hotan-agyl
Höre-malyň öň aýagynyň
sagyna, art aýagynyň çepine
urulýan duşak
Ça:na/şa:na-garda typylýan
sanýa
Elteri-bagana
Ernew-ýalta
Esrik-mes, pýan
Emçi-tebip
Epmek-çörek, nan
Astrahan türkmenleriniňkide
XVI-XVII
asyrlarda
Maňgyşlakda
we
Balkan
töwereklerinde dürli sebäplere görä ýaşaýşyň agyrlaşanlygy
üçin, iri türkmen taýpalarynyň suwly ýerlere, taýpalaryň çowdur
birleşigini degişli igdirleriň, çowdurlaryň we söýünjajylaryň
hem Demirgazyk Kawkaza göçmekleri netijesinde, Hazaryň
kenarynda galan abdallaryň, igdirleriň we beýleki az sanly iliň
güzerany has erbetleşýär. Şonuň üçin bular hem (esasan, abdallar
we igdirler) Astrahana aralaşýarlar. Ýöne orus häkimiýetleriniň
belli bir ýeri bölüp bermänligi, hatda ýerli ilatyňky ýaly
jaý gurmaga-da rugsat bermänligi üçin, olar ýerdölelerde
(behitlerde) ýaşap, Maňgyşlak-Astrahan aralykdaky ýaýlalarda
göçüp-gonupdyrlar. Diňe 1912-nji ýyldan soň bu türkmenlere
agaç, kerpiç jaý salmaga, ýylky, gara mal saklamaga rugsat
berilýär, emma gök ekinlere we baglara zyýan edýär bahanasy
bilen, olara öwrenişenje mallaryny — düýe we goýun-geçi
saklamak gadagan edilýär (A Jykyýew.Astrahan türkmenleri.Dünýä türkmenleri.-A.:Ruh, 1994.-115 s.).
1976-njy ýylyň sentýabr aýynda bu tükmenleriň arasynda
ylmy iş saparynda bolanymda, olaryň ýaşululary öz ata257
babalarynyň bu ýere 1825-1845-nji ýyllar töwereginde göçüp
gelendigini aýtdylar. Şonda abdallar Wolganyň çep kenarynda
ýerleşipdirler, bu ýerde öňden ýaşap ýören tatarlar, nogaýlar,
gazaklar we türkmenler olaryň obasyny Türkmenagyl, oruslar
bolsa Turkmenka diýip atlandyrypdyrlar. Häzirki döwürde
bu obada 5-6 hojalyk türkmen galyp, beýlekileri Zasarewo
(türkmençe Tieksuw) derýasynyň boýuna göçýärler. Bu ýerde
Funtowo-1 we Funtowo-2 diýen türkmen obalary emele gelýär,
ol obalar Astrahan şäherinden 20 km günorta-gündogarda
ýerleşýärler. Igdirleriň ýaşaýan Atal obasy bolsa bu şäheriň
17 km günortasynda,
Gyzan derýasynyň ýakasyndadyr.
A.Jykyýewiň maglumatyna görä, bu ýerde abdallaryň jan sany
takmyn 1200, igdirleriňki bolsa 600 çemesi adamdyr.
Astrahan (Hajytarhan) türkmenleri hem, edil Stawropoldaky
ildeşleri ýaly, şol bir taýpalat birleşigine girenligi üçin, bularyň
däp-dessurlary-da, egin-eşigi-de, naharlary-da,
dilleri-de,
esasan, birdir. Ýöne weli bularyň Türkmenistandan iki asyr
soň gaýdanlygy, häzir hem Stawropol türkmenleri bilen däl
(asla olar Stawropoldaky
garyndaşlaryny bilmeýärler),
eýsem Daşoguzdaky we Şagadamdaky taýpadaşlary bile ýygy
gatnaşyk saklaýandygy sebäpli, bu iki garyndaş toparlaryň
arasynda käbir tapawutlar hem göze ilýär. Meselem, Stawropol
türkmenleri çörege epmek/etmek diýýän bolsa, Astrahan
türkmenlerde nan sözi ýörgünlidir. Soňkularyň öý goşlarynda,
düşek-ýassyklarynda, keçeleriniň (kiýizleriniň) nagyşlarynda,
aýallarynyň
şaý-seplerinde
Türkmenistanda
ýaşaýan
garyndaşlarynyňky bilen umumylyklar has köp, ýöne bularda
gelin üçin galyň tölenmeýär, galyň ýerine mähir diýen at bilen
gyzyň ene-atasyna az mukdarda pul berilýär.
Men bu ilde bolanymda, ýaşuly nesliň dini däp-dessurlary
gowy berjaý edýänligine göz ýetirdim. Her uly obada, kiçi
obalaryň iki-üçüsinde bir metjit bolup, onda diňe namaz
okalman, eýsem nika gyýmak, merhumlara jynaza okamak,
täze doglan çaga azan aýtdyrmak ýaly zatlar hem şolaryň üsti
bilen amala aşyrylýar. Munuň üçin metjidiň gaznasyna diňe
bellenen mukdardaky puly töläp, mollany alyp gaýdybermeli
258
eken. Atal obasynda bolanymda, maňa goňşy obadaky metjitde
juma namazyna gatnaşmak miýesser etdi. Ýuwnup-ardynyp,
toý eşiklerini geýnip gelen müňden gowrak erkek adam galyň
düşeklerin üstünde ýaý berip, tertipli oturdylansoň öňdäki üç sany
ymama eýerip, namaza durduk. Namazyň yzyndan pul sanamak
üçin her obadan üç-dört adam saýlanyp, olaryň oturan märekäniň
hatarlaryny aýlanyp, ilki ýokary dini gurama üçin, soňra-da
metjit üçin pul ýygnadylar. Hakyň ýoluna aýdylan pullary hem
metjide berýän ekenler. Myhman bolan öýümiň eýesi Zulbuhar
Şadurdyýewiç Edgerow bilen metjide ugramazymyzdan öňinçä
goňşy aýallaryň birnäçesi sadaka aýdan pullaryny metjide
tabşyrmagy haýyş edip, oňa gowşurdylar. Namazdan soň ýokary
dini gurama we metjit üçin ýygnalan pullary obalardan saýlanan
adamlar sanap, resmileşdirip, metjidiň gaznasyna tabşyrýan
ekenler.
Bu ilde-de, Stawropol ülkesinde-de remezan aýlarynda
maňa Ýaremezana gezýänleri synlamak, öýleri gezip, olaryň
aýdýan Ýaremezan sanawaçlaryny diňlemek miýesser
etdi. Ýöne bularda Ýaremezana Şaremezan diýilýär. Aýyt
baýramçylygynda her öýde uly saçak ýazylyp, üsti dürli-dürli
ir-iýmişden, öýde taýýarlanan süýjüliklerden doldurylýar. Erkek
adamlar bolsa 5-6 bolup, bir ýaşulynyň ýolbaşçylygynda öýlere
aýlanyp, doga-töwir edýärler.
Wolganyň aşak akymynda, gyzyl balyklaryň iň köp ýerinde
ýaşaýanlygy we balyk tutmak bilen meşgullanýandyklary,
gök ekinlerden hem gowy hasyl alýandyklary üçin
Astrahan türkmenleriniň durmuşy, girdeýjisi Stawropoldaky
garyndaşlarynyňkydan görnetin gowy. Şonuň üçinem bu ilde
gurplulygyň nyşany bolan maşyn, motorly gaýyk, motosikl,
telewizor ýaly zatlary her öýde diýen ýaly görmek bolýar.
Astrahan türkmenleriniň edebi dildäkiden tapawutly
sözleriniň aglabasy Stawropol türkmenleriniňki bilen
meňzeşdigi we olaryň öňde getirilendigi üçin, bu ýerde biz diňe
şu türkmenleriň özüne mahsus bolan we Stawropol ülkesinde
duş gelmedik az sanly sözleriniň sanawyny bermekçi (bu ýerdede uzyn çekimliler iki nokat bilen bellendi). Ol sözlere üns beren
259
her bir okyjy Astrahan türkmenlerinde balykçylyga degişli
adalgalaryň ösenligine, hatda tulen, sewrýuga, ýakor ýaly orus
sözleriniň aslynyň hem bu etrapdaky iliň düwlen, şewrik, jakyr
sözlerindendigin göz ýetirse gerek.
Şiwe sözleri
Balga:bak-palawkädi
Ajä-ýeňňe
Bataga-basaga, balyk
Aýlak-örän
işlenýän ýer (promysel)
A:rky-aňyrky
Kiwit-dükan, magazin
Argyç-açar
Kukuk-ikatýok
Baka-gurbaga
Kä:ke-kaka
Böten-başga
Myşyk-pişik
Burjak-sübsejöwen
Nebit/ýylym-tor (orusça
Ga:zanöý-aşhana.
newod)
Gapga-derweze
Özek-arna
Go:ra-mellek
Suwluk-polotense
Gö:kça:ý-süýtli gara çaý
Tagtabet-öz içindäki topçan
Gyrtowuk-sülgün
Tefe-potolok
Gä:ne-sakyrtga
Tiýek-teý, ast
Darmak-derýanyň goly,
Uwak-maýda, ownuk
goşandy
Uýa-a) uýa, kiçi gyz dogan,
Düwlen-tulen
b) ini, w) höwürtge
Düýetowuk-indýuk
Ha:lly-gurply
Dä:de-a) ata,
Hortma-balyk (beluga)
b) baba
Çagala-çarlak
Jakyr-ýakor
Çiýa:n-leňňeç
Jyr-aýdym
Şewrik-sewrýuga.
Ýeýöw-pyýada
Ýöňke-a) tal, b) tal
çybygyndan bejerilen sübse
Kartep-kartoşka
Täjigistan (jylyköl) türkmenleriniňkide
Täjigistandaky
Jylyköl ilini bilmeýän, onuň adyny
eşitmedik adam tutuş Lebapda tapylmasa gerek. Bu ada
260
ýaşlykdan meniňem gulagym öwrenişipdi. Goja Jeýhunyň iki
ýakasynda Jylykölde garyndaşy bolanlar, oňa gidip gelýänler,
hatda ol il bilen gudaçylyk gatnaşygyny edýänler hem az däldi.
1975-nji ýylyň maý – iýun aýlarynda 30 günlük iş sapary
bilen Jylyköle gitdim. Aşgabatda ýaşaýan ykdysadyýetçi
alym, asly Jylykölli Hudaýberen Garaýewden barmaly
ýerlerimiň salgyny alyp, ilki Duşenbä, ondanam awtobusly
Gorgandepä geldim. Jylykölüň üstünden geçip, Penç şäherine
gidýän awtobusa münübem salgy berlen Jarýaka obasynyň
deňinde düşüp, brigadir Aky Hudaýýaryň öýüni sorap tapdym.
Hudaýbereniň hat üsti bilen habar berenligi üçin, Aky meniň
geljegimi bilýän eken. Tanyşlyk we salam-helikden soň Aky
meni atasy Allaberen aga bilen goýup, özi işine gitdi.
1904-nji ýylda Halaç etrabynyň Pelwert obasynda
doglan Allaberen Hudaýýar 1927-nji ýylda Jylyköle göçüp
gelipdir, Täjigistanda partiýa mekdebini gutaryp, ilki Jylyköl
raýispolkomyna, soňra-da 16 ýyl şu kolhoza başlyk bolupdyr1
Köp zatdan habarly, Jylyköl türkmenleriniň taryhyna belet bu
ýaşuludan, naý (gargy tüýdük) we dutar çalýan sazanda bagşy
Allaberdi Ýoldaşdan2 , şeýle-de goňşulary batyl bagşy Ýazmyrat
Jumatdan
hem köp zatlary ýazyp aldym3. Ertesi günortanlyk
___________
Jylykölli ýaşulular Allaberen aganyň il bähbidini özüniňkiden ýokary
tutanlygy barada şeýle bir zady gürrüň berdiler. Öňki SSSR YA-nyň akademigi,
Moskwada Gündogarşynaslyk institutynyň köp ýyl direktory bolan meşhur
taryhçy alym Babajan Gafurow Täjigistanda kompartiýanyň birinji sekretary
bolup işlän döwründe, özüniň bir wagtky dosty Allaberen aganyň öýüne
gelýär. Köp wagtlap uly wezipelerde işlese-de, onuň öý-öwzarynyň iliňkiden
üýtgeşikdäldigini görüp, Gafurow pensiýada ýören Allaberen agadan näme
haýyşynyň bardygyny, ulag, jaý sorasa-da kömek etjekdigini ýaňzydýar.
Allaberen aga-da kolhoz üçin iki sany traktor soraýar. Köpçüligiň bähbidi
üçin edilen haýyşdan hoşal bolup, Gafurow dilegi dessine bitirýär.
2
Diňe bir bagşy bolman , Allaberdi Ýoldaş 1940-50-nji ýyllarda
ýakalaşma göreşi boýunça tutuş Täjigistanda ortany baglan baş pälwan hem
bolupdyr.
3
Aýdym repertuary üç-dört gijä ýetýän, üstesine ençeme dessany
(meselem, “Görogly” eposynyň 13 şahasyny,
“Ýusup-Ahmet”,
“Babaröwşen”, “Şazada Muhammet”, “Ýusup-Zylyha”, “Saýatly-Hemra”,
“Zöhre-Tahyr” dessanlaryny ýatdan bilýän Ýazmyrat bagşy türkmen
telewideniýesinde we radiosynda hem köp çykyş etdi. Onuň 10-15 aýdymy
bolsa fonda ýazylyp alyndy.
1
261
Aky işden geldi-de, kolhozyň türkmen bölüminiň başlygy Tagan
Bagjikowyň öýüne barmalydygymyzy aýdyp, öz maşynynda
onuňka äkitdi.
Ýolugra obanyň ýerleşiş tertibini synlap barýaryn. Diňe
gara öýler ýok diýäýmeseň, oba şäherçesine göçülmezden
öňki öz ýaşaýşymyz ýadyma düşüp gitdi: suwy biziň,
obalarymyzyňkydan has çalt akýan ululy-kiçili ýaplaryň
ýakalarynda ýerleşýän öýleriň hersiniň arasy esli bar. Aglabasy
üsti şifer bilen örtülen öýleriň gapdalynda tomus oturmak üçin
giň supa (ýeri beýgeldilip, üstüne palçyk suwalyp edilen tekiz
aýmança) bolup, oňa birnäçe äpet balhy tutlar kölege berýär. Bu
ilde melleklerem biziňkilerden ep-esli uly.
Epeý göwreli, ýüzi nurana Tagan başlyk öňümizden çykyp,
bizi mähirli garşy aldy we maňa ýüzlendi:
— Adyňy eşidip ýörüs, radioda çykyşlaryňy diňleýäris,
gazet-žurnallarda makalalaryňy okaýarys. Asyl, meniň öýümdehä seniň üç-dört kitabyň hem bar. Ynha, bu gün özüň bilenem
duşuşdyk. Biziň ilimizi, dilimizi öwrenmäge hoş geldiň.
— Sag boluň, Tagan aga. Menem şu wagta çenli Jylyköl
türkmenlerini gözüm bilen görmegiň arzuwyndadym.
Başlygyň yzyzna düşüp, hol balhy tutlaryň kölegesinde
oturanlara tarap ýöneldik. Ýoluň ugrunda ullakan, tegelek
howuz bar. Howzuň ortasyndaky berk sütünden onuň kenarynyň
üç tarapyna inli tagta paýapyl gidýär. Her paýapylda birki sany
uzyn saply süzgüçler bar. Meniň ünsli seredýänligimi görüp,
Tagan aga howza tarap ýöredi we oglanjyklaryň biriniň adyny
tutup: “ Bar, el ýaly nan getir” diýdi.
Bulanyk suwunyň kä ol ýerde, kä bu ýerde müňzäp gidişi
howuzyň içinde balygyň köpdüginden habar berýär. Paýapyla
çykyp, getirilen çörekden suwa taşlanymyzdan soň-a balyklar
ala-şapyrdy boldular. Tagan aga süzgüçleriň birini aldy-da, bize
ýüzlendi:
— Hany, heriňiz bir süzgüç alyň. Öz tutan balygyňyzy
özüňize gowrup berjek.
— Her gezek süzende birki balyk çykýardy. Balyk tutmagy
çagalara ynanyp, biz oturanlara tarap ýöneldik.
262
Tagan başlyk çar tarapa uzyn şahalaryny ýaýradyp, esli
meýdana goýy kölege berýän balhy tuduň ýogyn sütüniniň
töweregini tutuşlygyna pollapdyr. Onuň aşagynda uzyn ýazylan
saçagyň daşynda 20-30 adam döwre gurap otyrdy. Salamlaşyp,
ählisi bilen görşüp çykdyk. Görkezilen ýerde oturanymdan soň,
Tagan aga maňa ýüzlendi:
— Soltanşa, seniň burdalyklydygyňy bilip, men şu ýakyn
töwerekde ýaşaýan garyndaşlaryňdan bir toparyny ýygnadym.
Şularyň hemmesi diýen ýaly burdalykly. Içinde Mekandan gelen
meniň garyndaşlarymdanam birkisi bar.
Şondan soň ilki ýaşulular, soňra meniň deň-duşlarym sorag
baryny ýagdyrdylar. Burdalygyň ýagdaýyny, ol ýerdäki dogangaryndaşlaryny soradylar. Bilenimden jogap berdim. Soraşybam
bu burdalyklylaryň köpüsiniň 1930-39-njy ýyllarda, käbirleriniň
bolsa has öň Jylyköle gelendigine göz ýetirdim.
Çaý-nahardan soň, esli gürleşip oturdyk. Soňra ýaşulularyň
biri Tagan aga ýüzlendi:
— Garyndaş bilen tanyşdyranyň üçin sag bol, Tagan.
Turmankak, bir zady anyklalyň. Biziň ilde myhman bir öýden
gaýdýan däldir. Hemmämiz myhmany öýe çagyrmakçy. Ilki
myhmanyňy kimiňkä eltjek?
— Ony özüňiz biliň. Ýaşulular näme diýse, şol bolar.
Şondan soň ala-gowur bolşup, ilki kimiňkide
myhmançylykda bolmalydygy, soňra nirä barmalydygy barada
teklipler orta oklandy. Oturanlaryň has ekabyrragy Akmämmet
aga teklipleri şeýle jemledi:
— Çakylyk obanyň gaýrasyndan başlanyp, soňra ilerligine
dowam etmeli, ertirine biriniňkide, günortan beýlekiniňkide,
agşamam üçünjiniňkide bolmaly. Hany, biriňiz kagyz-galam
alyp, nobatyň tertibini belläň.
Men mundan artyk saklanyp bilmedim-de, gürrüňe
goňuldym:
— Sag boluň, garyndaşlar. Myhmanparazlyk däbiňizi
gowy saklanlygyňyza çäksiz guwanýaryn. Ýöne bir zady nazara
alaýsaňyz: men Jylyköle myhmançylyga däl, işlemäge geldim.
Bie aýyň dowamynda bu iliň ähli türkmen obalaryny aýlanyp,
263
olarda ýaşaýanlaryň dili, ýer-ýurt, tire-taýpa we adam atlary,
nakyllary, şahyrana döredijiligi barada maglumat toplamakçy.
Şu ýerde bile oturanymyzy hasaba alyp, ýeke-ýekeden ähliňiziň
öýüňize baryp bilmejekligim üçin meni bagyşlaň.
Jedel täzeden başlanarly bolanda, Tagan aga we oturan
mugallymlar meni goldadylar. Ýene gürrüňi Akmämmet çalyş
jemledi:
— Inim, il bähbitli iş edýänligiň üçin, biz dyzap durjak däl,
ýöne, Tagan, Aky, siz rugsat berseňiz, şu gün myhmanyňyz
meniň öýümde bolmaly. Şu oturanlaryň ählisi hem öýe barmaly.
Şu ýerde myhmanyň işi barada maslahatlaşyp, ertirem oňa
rugsat bereris.
Teklip kabul edildi. Akmämmet aganyňkyda üýşenleriň
kömegi bilen men Jylyköl töweregindäki Gumseňňir, Kolhozabat
we Şährituz etraplarynda 15 çemesi türkmen obasynyň, 4 sany
türkmen orta we we 7-8 sany hem sekizýyllyk mekdepleriniň
barlygyny anyklap, öz etmeli işlerimiň meýilnamasyny düzdüm.
Ertesinden hem şoňa görä işe başladym.
***
Täjigistan türkmenleriniň köp bölegi Wahş derýasynyň
boýunda, Jylyköl, Kolhozabat we Gumseňňir etraplarynyň
çygrynda biri-birinden onçakly uzak bolmadyk obalarda
ýerleşýär. Bu ilatyň aglabasy Lebap
etraplaryndan we
Owganystandan gelen ärsarylardan, az sanly hem salyr,
olam ýaly taýpalaryň wekillerinden ybarat. Men bu topar
obalaryň we türkmen mekdepleriniň ählisinde bolup, oba
ýaşululary, mugallymlar bilen duşuşdym, mekdeplerde “iň
soňky jaňlara”, çeper höwesjeňleriň çykyşlaryna tomaşa
etdim. Oba intelligentleriniň, kolhozçylaryň oba hojalygyň
öňdebaryjylarynyň öýlerinde bolup, bu iliň hojalygy ýörediş
däpleri, endikleri, maşgala gatnaşyklary, zähmet çekişleri, dynç
alyşlary, dünýägaraýyşlary bilen ýakyndan tanyşdym, käbir
toýlara we ýaslara-da gatnaşdym.
Gumseňňir etrabynyň obalarynda pagta meýdanynda
264
türkmen aýal-gyzlary bilen birlikde gowaça kätmenläp ýören
nemes gelin-gyzlaryny hem köp gezek synladym. Gumseňňir
şäherçesinde nemesleriň üýtgeşik öýlerini gördüm. Bu öýleriň
şifer örtgüsiniň üstüne 80 sm belentlikde telär edilip, üzüm
goýberilipdir. Jaýy salkyn saklamakdan başga-da , beýle dalbar
ençeme tonna üzüm hasylyny berýän eken.
Pagtaçylaryň dynç alýan meýdan düşelgelerinde täjik we
türkmen ýaşulularynyň 15-20-siniň bile namaza duranyny, onuň
başga bir jaýynda täjik zenanlarynyň namaz okap oturanlaryny
gördüm. Umuman, bu ýerde ýaşaýan tajikleriň meýdan
düşelgelerini metjit hökmünde peýdalanýandyklaryny, şonuň
üçinem ýerli häkimiýetleriň täjik obalaryna tipli düşelge gurmak
üçin serişde goýberýänligini gürrüň berdiler. Biri-biriniň
dillerine düşünmeselerem, türkmen we täjik ýaşulularynyň
meýdanda bile işläp, bile çaý içip oturan ýerlerine-de gabat
geldim.
Daglyk ülke bolany üçin, Wahş jülgesinde tomsuň
ortalarynda-da gök gürläp, çagba, jöwenek, doly, buz ýaly
peläket ýagynlar köp ýagýan eken. Hatda jülgäniň ençeme
ýerinde şeýle ýagynlary döredýän bulutlary topa tutup, olary
pytradýan ýörite gulluklar hem işleýär. Jarýaka obasynda şeýle
buz ýagnynyň şaýady boldum.
Aky Hudaýýaryň öýünde otyrdyk. Ynha, birdenem jaýyň
şiferi daşlanýan ýaly ala-şakyrdy bolup başlady. Ylgap daş
çykdyk. Öň ýeke-ýekeden, soňra bolsa yzyny üzmän her biri
pile ýaly, aşygyň gabarysy ýaly buzlar asmandan eňip, ýeriň
ýüzünde tans edip ugrady. Sanly salymda ýer şakyrdaşyp ýatan
buzlar bilen örtüldi. Aşagynda duran şiferli bassyrmamyzyň
üstündäki balhy tuduň diňe bir ýapraklaryny däl, eýsem onuň
näzik çybyklaryny-da sypyryp, batly ýagýan buz öz astyna
galyň düşek edindi.
Buzuň ýagan zolagynyň ini bir kilometr çemesi bolup,
onuň geçen ýeri soňam ençeme günläp bildirdi durdy. Bu
peläkete uçran agaçlar düýbünden ýalaňaçlandy, gamyşlar
ütülen, oda tutulan ýaly boldy, gülläp başlan gowaça we gök
ekinler-ä ýere siňip gitdi, olary täzeden ekdiler. Täze gyrkylan
265
we buz ýagnynyň aşagynda galan dowarlaryň, ylaýta-da owlakguzularyň köpüsi gyrlypdyr. Goňşy täjik obasynda pagta bejerip
ýören wagty açyk meýdanda galan ýaş gyzjagazlaryň ikisi bu
tebigy hadysanyň gurbany boldular. Ýagan buz ençeme maşyny
aýnasyz goýupdyr, demriniň üstüni hem petir bezän ýaly edipdir.
Amyderýa boýlaryndaky ilatyň ýaşaýşy bilen deňeşdirende,
Jylyköl türkmenlerinde ençeme gadymy däpleriň saklananlygy
mese-mälim görünýär. Meselem, aglaba ilatyň kiçi mellekli
kolhoz şäherçelerinde topbak oturman, pytraňňy ýaşaýanlygyny
aýtmanymyzda-da milli egin-eşikleriň, öý goşlarynyň gowy
saklananlygy muňa güwä geçýär. Lebap boýlarynda aýal
bogmaçlar (börükler) zor bilen gadagan edilen bolsa, bu ýerde ol
milli forma her ädimde duş gelýär. Men çaýy urugyndan bolan
aýallaryň başyna geýýän sary leçekli haýbatly börüklerine
diňe şu ilde duş geldim. Diňe bir Garabekewül we Burdalyk
aýallarynyň däl, eýsem Garabekewül etrabynyň Çaýy obasynda
ýaşaýan öz garyndaş aýallarynyň bogmaçlaryndan hem has
üýtgeşik bolany üçin, men reňkli plýonkada milli eşikli çaýy
aýallarynyň suratyny aldym1. Arman, seresaplygy unudanlygym
zerarly, ol suratlary “Zorkiý-dört” diýen fotoapparatym bilen
birlikde ogurlatdym. Bu şeýle boldy.
Dynç günleriň birinde Kolhozabatly mugallymlar bilen
Wahşyň boýuna suwa düşmäge gitdik. Obadan esli saýlanyp,
tokaýly kenarda maşyny goýup, suwa düşdük. Suwuň içinden
maşynyň öň tarapy görnüp durdy, yzyny gamyşlyk tutýardy.
Maşynyň üstünde “Spidola” radiopriýomligi Aşgabatdan
berilýän günortanky aýdym-saza gygyrýardy. Eşiklerini
maşynyň
içinde goýanlaram bardy, men gapdaldaky ýylgynyň
___________
Ýeri gelende aýtsak, Jylyköl çaýlary Garabekewüldäki garyndaşlaryny
bilmeýärler, çünki olar öň Owganystanyň Uzyngyşlyk obasynda oturyp,
1933-nji ýylda ilki Şährituz etrabynyň Jargorgan obasyna, soňra-da şu ýere
göçüp gelipdirler. Çaýylaryň bu iki toparynyň arasynyň üzülenine köp wagt
geçenligi sebäpli, olaryň diňe bir eşiginde däl, eýsem gepleşiginde-de käbir
tapawutlar duýulýar. Meselem, edebi dildäki aga, uly aýal (gyz) dogan,
alýar-gelýär, alanok ýaly sözleri Garabekewül çaýlary aga, eke, alýo:r,
gelýo:r, alan ýo:k, Jylyköl çaýlary bolsa ka:ka, dä:de, alýa:r, gelýa:r,
alana:k ýaly görnüşlerde ulanýarlar.
1
266
üstüne atdym. Suwa düşdük. Bile gelenlerimiziň birisi derýanyň
ortasyndaky dilkenek adajykda çägä agnap ýatsa, beýlekisi
gyradan şu ada getirilen oduny ýakyp, tüňçede çaý gaýnadýardy.
Men ýalpak suwuň aşagynda görnüp ýüzüp ýören balyklary
tutmak bilen meşguldym. Çaý gaýnady, çaý içdik, garbandyk.
Nahardan soň çilim küýsänim üçin, kenardan çilim getirmäge
gitdim (men ol döwürde çilim çekýärdim). Köýnegimiň
jübüsindäki doly gap çilimden iki-üç dänesi galyp, başgasy
alnypdyr. Menden başga çilim çekýän ýok. Göwnüme şübhe
gidip, beýleki jübimdäki dokumentlerimi barladym. Pasportym,
iş saparynyň gerekli kagyzlary, ýazuw depderçäm ýerbe-ýer,
ýöne pasportyň içindäki 375 manatdan derek ýok, onuň ýerine
ýazuw depderçämden ýyrtylyp alnyp, “Спасибо!” (“sag
bol”) sözi ýazylan ak kagyz goýlupdyr. Depämden gaýnag
suw guýlan ýaly boldy. Beýleki jübülerimi hem barladym.
Balagymyň jübüsinde goşar sagadym bardy, onuň bagyny alyp
özüni goýupdyrlar. Mydama günde gezilen üçin, aýnasy jygdajygda ýarylyp, sifrleri zordan saýgardýan sagadymy köne görüp
almandyrlar. Maşyna seretsem, yz gapylary, yzyndaky goş
sandygy hem açyk. Içimiň ýangynjyna çilim otlandym. Kenara
gelip, ýoldaşlaryma seredýärin. Olar arkaýyn çaý içýärler, meni
ýanlaryna çagyrýarlar. Men mekdep direktory Jumakulyň adyny
tutup, “Bärik gel!” diýip yşarat etdim. Geldi, maşyny barlamaga
durdy. Bir näsazlygyň bolanlygyny aňyp, beýleki iki ýoldaşymyz
hem geldiler. Maşynyň içine atylan eşikleriň jübülerindäki
pullar, goşar sagatlary, kabinanyň zat salynýan ýerindäki
magnitofon kassetalary we meniň fotoapparatym gürüm-jürüm
edilipdir. Maşynyň yz tigirleriniň ýelini çykaryp yzyndaky
goş sandygyndaky tigri, nasosy we açarlaryny hem alypdyrlar.
Ählimiziň keýpimize sogan dograldy. Yz çaldyk. Iki welosipediň
yzy bar, asfalta çykan soň, olaryň haýsy tarapa gidenligi hem
belli däl. Töwerekde janly-jemende ýok. Ýoldaşlarymyzyň
biri ýakyndaky obadan maşynly tanşyny getirdi. Tigirlere ýel
berlensoň, ýüzümizi sallaşyp, yza dolandyk.
Ilkinji gezek aýak basan ülkäňde kör-köpüksiz galmagy
göz öňüne getiriň. Ýolda agyr pikirlere gümra bolup, pul
267
ogurladanymy aýtman, Aky Hudaýýardan ýüz manat pul karz
soramaly diýen netijä geldim. Ýöne ýoldaşlarym giden pulumy
dört bolup tölemekçidiklerini aýtdylar. Men kes-kelläp garşy
çykdym. Myhman bolan ýerimiň eýesi, mekdebiň direktory
Jumakul öýünde üç ýüz manat uzadyp, şuny almasaň gaty
görjekdigini aýtdy. Menem: “ Eger beýle bolsa, onda bu puldan
biraz karz alaýyn. Aşgabada baran dessime-de yzyna bereýin”
diýip, ýüz manat aldym. Aşgabada gelen günüm hem ony
telegraf bilen iberdim.
Puldanam beter bu ilde surata düşürilen reňkli plýonkaly
gowy fotoapparatymyň gidenine gaty gynandym.
***
Jarýaka obasynda bolanymda, ilki bilen bu etraba adyny
geçiren Jylyköli baryp gördüm. Kenarlary gorp atyp ýatan çuň
jar, düýbünde-de gyşyna doňmaýan köl bar. Geçmişde şu ýerde
oturan gazaklar şol köle jyly köl (“ýyly, doňmaýan köl”) diýip
at dakypdyrlar. Kafirnigan (türkmençe Kapyrläheň) we Wahş
derýalarynyň boýlarynda gazaklar häzir hem köp, olar ý sesi
bilen gelýän türki sözleri köplenç j sesi bilen aýdýarlar (ýylyjyly, ýyl-jyl, ýaýla-jaýla, ýok-jok). Ynha, şolaryň köle dakan ady
soňra oba we etraba geçip, ahyrda-da şu iliň tutuş ady hökmünde
ulanylmaga başlapdyr.
Bu kölli jaryň aýagy Wahş derýasynyň ýakasynda ýerleşýän
meşhur Ýolbars tokaý (orusça Тигровая балка) gorughanasyna
ulaşyp gidýär.
Jylykölden Şährituz etrabyna ugramazymyň öň ýanynda,
belleşilen günde men ilkinji myhman ýerim Aky Hudaýýarlara
geldim. Aky we Allaberdi Ýoldaş dagy meni bu gorughana
äkitdiler. Wahş we Amyderýa jülgelerinde bitýän ýylgyn
toraňňy, jünewüt, gyzgan, gamyş, galam ýaly ot-çöpler bu ýerde
gür jeňňelligi emele getiripdir.
Ýolbars tokaý diýen at bu ýerde öň ýolbarslaryň köp
bolandygy bilen bagly ýüze çykypdyr. Gürrüň berişlerine görä,
käte ýolbarslaryň oba gelip, howlynyň düýplerinde arlaýan
268
wagtlary hem bolupdyr. Şu gorughananyň Pälwan tokaý diýen
ýerinde, dagyň eteginde Ýolbarsly diýen öwlüýä hem bar. Onuň
adyna sebäp bolan waka şu asyryň başlarynda ýüz beripdir.
Ýazmyrat bagşy ol barada şeýle gürrüň berýär. Şu ilde Hanzada
diýen pälwan adam bolupdyr. Bir gün tokaýda gezip ýörkä,
uly ene ýolbars öňünden çykyp, göni onuň ýüzüne seredip
duruberýär. Hanzada ilki aljyrajak ýaly edýär, soň özüni dürsäp,
ýolbarsa seretse, onuň gözünden haýbat däl-de, gamgynlyk,
kömege mätäçlik ýaly garaýşy duýýar. Teý-ahyr ýolbars yzyna
öwrülýär, yzyna garanyp, ýuwaşja gidiberýär. Hanzada onuň
yzyna düşýär. Ýolbars pälwany çagajyklarynyň ýanyna eltýärde, gyra çekilýär. Bu çagajyklary sarygarynja basypdyr. Hanzada
olary garynjalardan arassalaýar, aşagyna ot-çöp düşeşdirýär.
Şondan soň pälwan her gün ol çaga ýolbarslara seredip, etdir
çörek berişdirip gaýdýar. Çagajyklar ulalýar soň-soňlar olar
Hanzada pälwanyň öýüniň ýakynyna gelip ugraýarlar. Pälwan
olary kowsa-da gitmeýärmiş.
Günlerde bir gün Gorgandepe begi uly toý edýär.
Toýa Hanzada pälwan gitjek bolsa, ýolbarslary hem yzyna
düşüberipdir. Kowsa-da, hiç yzyndan galmandyr. Pälwan
ýolbarslary bilen toýa ýakynlaberende, eşekler aňňyryşyp, atlar
hokranyşyp, düýeler bozlaşyp, ala-güpürdi bolupdyr. Muny bege
habar berýärler. Begem pälwany toýa getirmän, ony serpaýlap,
özüniň we ýolbarslarynyň iýjek-içjegini berip, yza gaýtarmagy
buýurýar.
Pälwandan ýykylyp, içi ýanyp ýören ahmyrlynyň biri:
— Beg, sen ol pälwandan gorkýan ýaly, egnine serpaý
ýapdyň, halat-serpaýy öňünden çykaryp berdirdiň. Hanzada
bolsa ýolbarslaryny seniň toýuňy bozmak üçin bilgeşleýin
getirdi ahyry — diýýär. Beg bu töhmete ynanyp, yzyndan
nökerlerini iberip, pälwany we onuň ýolbarslaryny atdyrýar.
Olary häzirki Ýolbarsöwlüýä diýen ýerde jaýlaýarlar. Bu ýerde
Hanzada pälwanyň we iki ýolbarsyň mazary häzirem bar (bu
wakany beýany barada serdiň: Halyk Jumatow. Gurgandepeli
türkmenler.-Edebiýat we sungat.-1991-15 fewral)
Ýolbars tokaýda ýekegapan, şagal, möjek, tilki ýaly
269
ýyrtyjylar köp bolmaly. Gorughanada sülgün, towşan, sugun
ýaly awlanýan haýwanlaryň köpdügine-hä özüm bir gezek göz
ýetirdim. Uly asfalt ýoldan aýrylýan kiçiräk gara ýol gorughana
girenden soň, ýoly kesip geçýän towşanlary, maşyndan ürkmän,
ýoluň iki gyrasynda daranyşyp oturan sülgünleri synladyk.
Awlanmaýanlygy üçin, olar adamdan onçakly heder edip
duranoklar.
Gür jeňňelligiň içi bilen egrem-bugram bolup gidýän we
täzelikde asfaltlanan tekiz ýol bizi teý-ahyr medeniýetlije ak
jaýa getirdi. Bu jaý we onuň töwereginiň timarlanyşy Ýewropa
hökümdarlarynyň tokaýda aw etmegi we dynç almagy üçin
gurdulan köşklerine çalym edýärdi (sowet sistemasynyň
hökmürowan döwründe bu jaýyň hut şol maksat bilen
gurlanlygyny men soňky gürrüňlerden bilip galdym).
Jeňňellikdäki bu köşkde bizi gorughanada işleýän dörtbäş sany ýigit bu jaýa garawullyk edýän ýaşuly orus garşylady.
Obadaşy we tanyşlary bolany üçin, Aky ol ýigitlere Aşgabatly
myhman bilen gorughana gezenje barjakdygyny duýduran
bolmaly: biz bu ýere gelenimizde, eýýäm dälize düşek ýazylyp,
töwerek tämizlenip, gazanlaryň aşagyna ot ýakylan eken.
Salam-helikden soň, 7-8 otagdan ybarat bu köşge we onuň
töwereklerine tomaşa etdik. Suwa düşülýän güzere tä suwuň
düýbüne çenli tutawaçly tagta basgançaklar edilipdir. Suwuň
içinde aýak oturdylan gurlan basdyrmany, günüň aşagynda
ýatmak üçin edilen tagta sekini hem görmäge göz gerek. Suwdan
çykan ýerinde duşlar bar. Jaýyň töweregi asfaltnanypdyr.
Köşgüň bir gapdalyndaky kiçijik jaýlarda üç sany ululy-kiçili
sugun göleleri idedilýän eken. Olary bu tokaýdan tutupdyrlar.
Bu jaýlaryň gapdalynda biz bäş-alty sany uly sugunlary hem
gördük. Ol eldeki mal ýaly, adam bilen öwrenişip gidipdirler,
hatda biri eline taýak alyp gorap durmasa, bu janawarlar
gazan başynda nahar guýmaga-da maý bermeýärdiler. Bu ýere
gelýänler sugunlara çörek berip, olary halys öwrenişdiripdirler.
Nahara oturylandan soň-a olar däliziň germewinden böküp
geçip, poluň üstünde takyrdaşyp, degnamyza degirdiler. Diňe
jaýyň garawuly Mitýa (Dmitriý) eline çöregiň böleklerini alyp,
270
olary yzyna düşürip, agyla gabap gelenden soň, biz arkaýyn
oturdyk.
Nahar başynda Mitýa daýy meniň adymy eşidip,
gülümjiredi-de, çalgyrdyrak türkmen dilinde:
— Şalar geliberse, biziň üçin ýaman däl. Zahyr şa gelende,
birnäçe günläp hezil edipdik. Bu gün Soltan gelen bolsa, ýenede hezillik bolar — diýip degişdi.
Mitýa daýynyň bu aýdanlarynyň jany bar eken: oturanlar
Owganystanyň patyşasy Muhammet Zahyr şa heniz tagtdan
agdyrylmanka (1973), öňki SSSR hökümetinden şu gorughanada
dynç almaga we aw awlamaga rugsat bermegi haýyş edenligini,
Moskwanyň buýrugy boýunça sanly günde bu şa üçin köşk
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.