Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22

Total number of words is 3584
Total number of unique words is 2148
29.1 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
geýmäge oňaýly bolar ýaly, beýlesine öwrüp goýupdyrlar.
Biziň Mazaryşeribe gelen günümiz yslam dininiň şaýy
mezhebine uýýanlaryň mäherrem ýa-da aşura diýen dini-ýas
baýramyna (aşyr aýynyň onuna) gabat gelendigi üçin, bu iki
günde şaýylar ýas tutýan ekenler, aýdym-saz edilmeýän eken.
Bizem bu däbe eýerip, aýdym-sazy goýdolsun etdik. Akmyrat
baýyň saraýyndan çykyp, şäherdäki Hezret Alynyň meşhur
hanakasyna zyýarata gitdik. Yslam dinine uýýanlaryň ikinji
Mekgesi hasaplanýandygy üçin, bu gün bu meşhur mawzoleýiň
diňe bir içi däl, eýsem töwerekleri hem dünýäniň dürli
künjeklerinden zyýarata gelenlerden ýaňa hyň berýär. Daşy-içi
syrçalanyp, köp ýerine altyn çaýylyp ýa altyndan guýlup ýasalan
bu kaşaň ýadygärligi görmäge göz gerek. Onuň derwezesinden
içerdäki uzyn däliziň ugrunda aýakgabyňy çykaryp, howlynyň
içersinde aýakýalaň gezmeli. Bizem aýakgaplarymyzy bir
ýerde toplap goýduk-da, topar bolup, howla girdik. Howlynyň
ortarasyndaky garaňky jaýyň bir çetinde goýlan darajyk
deşikden Hezret Alynyň mazaryna syn etdik. Soňra bu giň
ymaratyň howlusynyň bir tarapynda gurlan uly metjitde okalan
aýat-töwirde bizem el galdyrdyk.
314
Ýeri gelende aýtsak, Mazaryşerip (ýa-da gysgaça mazar)
şäheriniň ady şu mazar bilen baglydyr, manysy: “Şeribiň,
ýagny mukaddes adamyň – Alynyň mazary”. W. W. Bartoldyň
ýazyşyça, soltan Sanjaryň döwründe (XII asyrda) şu ýerdäki
(Hojahaýran – S.A.) obasyndan Alynyň mazary “tapylýar”.
Hakykatda weli hiç wagt Aly bu töwerekde bolmandyr. Çingiz
han bu etraplary ýer bilen ýersan edenden soň, Alynyň “mazary”
ýatdan çykarylýar. XV asyryň soňky çärýeginde Baýazyt
Bistaminiň neberesi Şemseddin Muhammet Käbilden gelip,
kitapda ýazylanlar “esasynda” ol mazary täzeden “tapýar”. Şu
ýerden “çykan” ak daşyň ýüzünde şeýle ýazgy bar eken: “Şu
mazar Allanyň arslany we iň ýakyny, onuň ýerdäki wekiliniň
dogany Alynyň mazarydyr”. 1480-1481-nji ýylda şu daşyň
“açylyşyna” Hyradyň hökümdary soltan Hüseýin (Soltansöýün)
Baýkara hem gatnaşýar. Soňky ýyly bu mazaryň üstüne kaşaň
gümmezli jaý salnyp,ol zyýarat edilýän meşhur ýere öwrülýär
(W.W.Bartold Soç., I tom 129 s.). Biziň häzirki synlaýan
ymaratymyz hem şol salnan we soňra üsti ýetirilen hem-de has
bezelen kaşaň binanyň özüdir.
Bu şäherde bolan günlerimizde agşamyna biz günde
general Dostumyň karargähinde dynç aldyk. Bu ýer şäherden 30
km çemesi uzaklykdaky bir obajykda ýerleşip, sowet ofiserleri
üçin salnan ýörite jaýlardan ybaratdy. Oňa barýan ýollar we bu
oba harbylar tarapyndan berk goralyp saklanýan eken. General
Dostumyň özi hem bu ýerde biziň bilen bile boldy, bile
naharlandy, käte çet ülkelerden gelen myhmanlary hem biziň
ýanymyzda kabul etdi. Şeýle kabul edişlikleriň biri barada
gürrüň bereýin.
Ikinji agşam nahardan soň bu ýere Özbegistanyň 12 adamdan
ybarat alymlar toparyny getirdiler. Bu topar Zahyreddin Babyryň
1993-nji ýylda dabaraly bellenjek 510 ýyllyk ýyl dönümine
taýýarlyk görmek maksady bilen mundan iki aý öň “Rafik”
kysymly maşynda Daşkentden çykypdyr. Ol Aşgabatdan Maşada
geçip, Eýrany, Pakistany, Hindistany, Türkiýäni, birnäçe arap
ýurduny aýlanyp, Käbile, ondan hem şu ýere gelipdir. Toparyň
baştutany, Özbegistanyň Hamza adyndaky sungatşynaslyk
315
institutynyň direktory, sungatda at gazanan işgär, sungatşynaslyk
doktory, professor Tuhtasyn Gafurbekow özbek alymlary bilen
ýeke-ýekeden oturanlary tanyşdyrmaga başlanda, Dostum onuň
sözüni böldi-de, türkmençe gürläp, olary biz bilen tanyşdyrdy.
Sözüniň arasynda-da :
— Siz meniň türkmençe gürleýşime düşünýärmisiňiz?—
diýip sorady. Özbek alymlary:
— Beli, ýahşy tüşünemiz, ýahşy tüşünemiz – diýip jogap
berdiler. Tanyşlygyň yzy aýdym-saza ýazyp gitdi. Ilki Akmyrat
Çaryýew, Muhammet Muhammetnyýazow we Çaryýar Jumaýew
dagy saz çaldylar. Soňra özbek alymlary bilen bile ýören
Özbegistanyň at gazanan artisti Edhemjan Ismaýylow aýdym
aýtdy.Bu duşuşygy ýerli bagşy Gapbar Kemal özüniň uzyn saply
özbek dutaryny çalyp, Magtymgulynyň sözlerine birnäçe aýdym
aýtmak bilen jemledi.
Biz şu agşam özbek alymlarynda bir zady öwrendik.
Olar general Dostum bilen görüşenlerinde-de, sözleşenlerindede, sowgat gowşuranlarynda-da, özlerini gaty edepli alyp
barýarlar. Ilki gol gowşuryp, eglip, iki eli salamlaşýarlar.
Yzyna gaýdanlarynda-da, dolanyp gaýdybermän, uzak aralara
çenli götinjekläp, şol durkuny saklap gaýdýarlar. Sözüni hem
“hormatly”, “siziň alyhezretleriňiz”, “saýyn” ýaly sözler bilen
başlaýarlar. Muny synlap, biz içimizden “Her niçigem bolsa,
han gören halk-da” diýip oýlandyk we toparymyz bilen ikiçäk
galanymyzda, bu uly häkim bilen indiden beýläk öz deň-duşuň
bilen gürleşen ýaly däl, eýsem ýokary etiketi saklap, “siz”
diýip, sözüňde hem “hormatly”, “saýyn” ýaly sözleri ulanyp
gürleşmegi dilleşdik. Şondan soň şeýle-de etdik.
Biz Mazaryşeribiň şäherini hem aýlanyp gördük. Urşuň yz
ýany bolany üçin, bu uly şäherde harby ýagdaý dowam edýär.
Adamlaryň köpüsiniň egni ýaragly. Şäherde ilat köp. Hapaçylyk
höküm sürýär. Şäheriň gurluşy-da, adamlaryň özlerini alyp
baryşlary-da, bazarlardaky galmagal-da Hindistanyň we
Pakistanyň şowhunly şäherlerini ýada salýar. Şäher ilatynyň
köpüsi täjik, hazary, özbek, türkmen. Biziň Türkmenistandan
gelendigimizi bilip, isle dükanlarda bolsun, isle-de bazarda
316
ýa-da ýoluň ugrunda, - türkmenler daşymyza güwwe üýşýär.
Her kim Türkmenistany, öz garyndaşlaryny, Kerkiniň üstünden
haçan ýoluň açyljaklygyny soraýar (Ymamnazaryň üsti bilen
geçýän bu ýol 1995-nji ýylyň 25-nji dekabrynda açyldy).
Mazaryşeripde bolanymyzda,
indi birnäçe ýyl bäri
Aşgabatda ýaşap, täjirçilik edýän türkmen ýigidi Abdylwahhap
bizi özüniň gurluşygy tamamlanyp barýan uly saraýynyň
ýerzeminine çagyryp zyýapat etdi. Çak bilen, birki gektar
meýdany tutup ýatan bu uly saraý iki gat ýermezinden we bäş
gat ýerüsti jaýlardan ybarat bolup, Moskwadaky GUM-y ýada
salýar. Her gatda ol hatardan beýlekisine geçmek üçin ötelge
köprüler bar. Saraýyň aşaky gatlarynda söwda dükanlarynyň
müňlerçesi işleýär, ýokarky gatlarynda bolsa gurluşyk gidýär.
Saraýyň üsti soňra tutuşlygyna aýna bilen ýapylmaly.
Zyýapatdan soňra bizi Abdylwahhabyň atasy Abdyrazzak
ahunyň medresesine eltdiler. Giden uly howlyny eýeläp ýatan bu
medresede okaýan talyplaryň üç ýüz çemesi, şeýle-de Abdyrazzak
ahunyň baştutanlygynda beýleki ahunlar we müderrisler bizi
garşy aldylar. Medresäniň baý kitaphanasynda şu etraplaryň,
şol sanda Türkmenistanyň taryhyna degişli golýazmalaryň hem
saklanýanlygyna göz ýetirdik, ýöne gysga wagtlyk duşuşykda
ol golýazmalar bilen ymykly tanyşmaga mümkinçilik bolmady.
Mazaryşeribiň ýakynyndaky Döwletabat diýen ilde Gultak
obasynyň barlygyny eşidipdim. Şonuň üçin hem bu şäherde
şol obanyň adamlaryndan derek tapmak maksady bilen birnäçe
adama ýüz tutdum. Derek tapyldy. Gaýtmazymyzdan bir gün öň
meni Habybylla we Haýrylla diýen haly alyp-satýan ýaş täjirler
bilen tanyşdyrdylar. Olar meni obalaryna äkitmek islediler,
emma gatnawyň hatarlydygy üçin, meni oba goýbermediler.
1996-nji ýylda Habybylla Aşgabada gelip, meniň öýümde
myhmançylykda bolup gitdi. Onuň ata-babasy Burdalygyň dälde, Garabekewüliň Gultagyndan eken.
***
Iýul aýynyň yssy günleriň birinde, ertir nahary bile edinip,
317
Abdyreşit Dostum we onuň ýanyndaky ýokary hökümet adamlary
biziň bilen mähirli hoşlaşdylar, ak ýol we Türkmenistanyň
Prezidenti hormatly S.A.Nyýazowa, Lebap welaýatynyň
häkimine, şeýle-de tutuş türkmen iline salam aýdyp, hoş niýetler
arzuw etdiler. Dostum biziň her birimize öz portretini gol çekip,
sowgat berdi.
Ýeňil maşynlarda uçar meýdanyna çykdyk. Bu gezek bizi
täzeje sowet dikuçaryna mündürdiler. Edil öňki ýaly, ýene-de
biziň münen maşynymyzyň gapdalyna başga bir dikuçar goşuldy.
Az salymdan Hamýaba gelip düşdük. Bizi äkitmeli
awtobusyň Kerkiden gelip ýetmänligi üçin, öňümizden çykan
ýeňil maşynlarda ýene oba geldik. Hamýapda dört-bäş sagat
dynç aldyk. Uly myhmanhanada aýdym-saz diňlendi. Men
daşda, balhy tutlaryň aşagynda oturyp, ýerli ýaşululardan bu iliň
taryhyna, diline, ýer-ýurt atlaryna degişli ençeme zatlary ýazyp
aldym.
Şu ýerde kalbymy lerzana getiren bir zat ünsümi çekdi.
Bile döwre gurap, düşek başynda gürleşip oturan alty-ýedi
ýaşulymyzyň töwereginde, giň supanyň erňeginde 9-12 ýaşly
oglanjyklaryň ençemesi biziň sowal-jogaplarymyzy sessizüýnsüz diňläp otyrdylar. Meniň hat ýazyşyma olaryň gözüniň
gidýänligi mese-mälimdi. Men bu ýagdaýy synlap: “Şu çagalar
sowatsyz bolaýmasyn” diýip pikir etdim. Gürrüňçiligiň arasyna
böwşeňlik düşen dessine, men bu oglanjyklara ýüzlendim:
— Hany, ýigitler, içiňizde hat okap-ýazyp bilýäniňiz bolsa,
meniň ýanyma geliň.
Oglanjyklar biri-biriniň ýüzlerine seredişdiler, hiç haýsy
ýerinden gozganmady. Onýança on iki ýaşlar çemesindäki
sellelije ýetginjek ýanyndaky oglana ýüzlendi:
— Bar, molla pylanyny (adyny unudypdyryn) çagyryp
gel. Biziň aramyzda, ana, şol oglan mollada okady. Ol okabam,
ýazybam bilýär.
Ýüregim sarsyp gitdi: bu nä elhençlik?! Uly obanyň
mekdep ýaşly ýüzlerçe oglanlarynyň içinden diňe birisi okapýazyp bilýär. Galanlary sowatsyz. Aýal-gyzlar beýlede dursun,
ýaşuly nesliň arasynda-da sowatly adam ýok. Şonuň üçinem
318
her bir galam tutany bu il molla hasap edýär. Obada elektrigem,
radio-da ýok. Diňe ýek-tük barly adamlar öz hususy elektrik
stansiýalaryny otlap, öýlerine yşyk berýärler we telewizor
görýärler.
Dürli çeşmeler Owganystanda 2,5– 3 million çemesi
türkmen, ondan has köp özbek, hazary, täjik halklarynyň
wekilleriniň ýaşaýandygyny habar berýärler. Oba ýerlerinde
olaryň sowatlylyk derejesi hem Hamýapdakylardan
tapawutlanmaýan bolsa gerek. Onlarça ýyllaryň, asyrlaryň
dowamynda feodal owgan hökümetiniň owgan (paştu)
halkyndan beýleki az milletleri kemsitmek, olary gula öwürmek
syýasatyny ýöredenine içiňi hümledip, agyr duýgulara batanyňy
duýman galýarsyň. Sowet häkimiýetini näçe syndyrsagam, şol
ýyllar içinde Türkmenistanda ähli halkyň uçdantutma sowatly
bolandygyny unutmak mümkin däl. 70-nji ýyllaryň dürli
döwürlerinde meniň gözüm bilen gören arap ýurtlaryndakylar,
Hindistan, Pakistan, Eýran, Türkiýe ýaly ýurtlaryndakylar
bilen deňeşdirende Türkmenistandaky okuwçylaryň sowatlylyk
derejesiniň, hatda alymlaryň ylmy gözýetimleriniň hem ol
ýurtlardaky egindeşleriniňkiden asla pes däldigini, belki,
artyrakdygyny çekinmän aýdyp bilerin. Beýle deňeşdirmeler
mähriban ülkämiziň ähli ilatynyň sowatlylyk derejesine uly
buýsanç döredýär. Şonuň bilen birlikde-de, tutuş owgan halkyna,
şol sanda bu ýurtda ýaşaýan türkmen, özbek, täjik, hazary, arap
ýaly azlyk milletlere ilki bilen asuda durmuş, soňra-da deňlik,
azatlyk, milli galkynyş, medeni we ruhy ösüş arzuw edeniňi
duýman galýarsyň. Bu arzuwlaryň hasyl boljagyna-da berk
ynanýarsyň, çünki Owganystanyň häzirki häkimiýetleriniň
tagallalary bu umytlaryň hasyl boljakdygyna ynam döredýär.
Çaltrak şeýle-de bolawersin, çünki diňe şu ýagdaýda biz
arkadaşlarymyz bilen ymykly aragatnaşygy ýola goýup, olardan
durmuşyň köp ugurlary: ahlak terbiýesi, din, etnopedagogika,
harby tälim, oba hojalygynyň we maldarçylygyň sowet häkimiýeti
ýyllary içinde bizde ýitirilen ýa-da unudylan görnüşleri hemde tärleri babatda ençe zatlary öwrenip bileris. Galyberse-de,
türkmen alymlary üçin Owganystan türkmenleri halkymyzyň
319
etnografiýasyny, taryhyny, gadymy edebi mirasyny, dilini,
şiwelerini öwrenmekde iň ygtybarly we tapylgasyz hazynadyr.
***
Hoşlaşmaly wagt gelip ýetdi. Kerkiden iberilen awtobus
bäş sagat çemesi gijigip gelenden soň, biz hamýaplylar bilen
içgin hoşlaşyp, biri-birimize araçägiň iki tarapynda-da ýygy
we mähirli duşuşyklary arzuw etdik. Rozybaý, Aşyr pälwan,
inžener Ahmet dagy Türkmenistanyň Basaga serhetine çenli
biziň awtobusymyzy ugratdylar. Biz olar bilen mähirli hoşlaşyp,
serhetden geçdik.
Gurultaýlar, konferensiýalar, simpoziumlar
Aspiranturada okap ýören ýyllarymdan başlap, tä häzirki
güne çenli ýer-ýurt, adam we tire-taýpa atlary, türki dilleriň
dürli ugurlary (şiweşynaslyk, diliň taryhy), şeýle-de türki
halklaryň taryhy we taryhy ýadygärlikleri ýaly wajyp meselelere
bagyşlanyp geçirilýän ululy-kiçili ýygnanyşyklaryň onlarçasyna
gatnaşmak miýesser etdi. Olaryň ählisi barada gürrüň bermek
mümkin däl, munuň geregi-de ýok. Ýöne ylmy gözýetimimiň
giňelmegine, alym hökmünde umumysoýuz, soňra bolsa dünýä
onomastlarynyň we türkologlarynyň arasynda tanalmagyma
kömek eden käbir ýygnanyşyklary gysgaça ýatlamak isleýärin.
1965-nji ýylyň ýanwar aýynda Peterburgda Sowet Soýuzynyň
toponimikasy boýunça birinji Bütinsoýuz konferensiýa bolup
geçdi. Oňa öňki Soýuzyň ähli respublikalaryndan we uly
şäherlerinden 200 çemesi alym, şol sanda tutuş ýurdumyzda
tanalýan E.M.Mozaýew, W.A.Nikonow, S.L.Berg, A.P.Dülzon,
A.K.Matweýew, A.I.Popow, Ýe.M.Pospelow, K.K.Seluýko
ýaly uly toponimistler gatnaşýardy. Ilkinji iş gününiň birinji
ýarymynda uly alymlaryň umumy meselä bagyşlanan
çykyşlary diňlendi, öýlän bolsa ýygnaga gatnaşyjylar ýedi
topara bölündiler. Men “Kawkazyň, Krymyň, Gazagystanyň
we Orta Asyýanyň toponimikasy” toparyna gatnaşyp, onda
320
ilkinji gezek ylmy çykyş etdim. Ýygnakda çykyş etjekleriň
köplügi üçin, on minut üçin niýetlenen çykyşlary alty minutda
okap gutarmaly edildi. Topara başlyklyk ediji E.M.Murzaýew
ýaş toponimistlere, şol sanda maňa-da ilkinji nobatlarda söz
berdi. Tejribesizligim zerarly çykyşymy köpçüligiň ünsüni
çeker ýaly derejede ýazmanlygyma soňra, ylaýta-da azy ýaran
alymlaryň çykyşlaryny diňlänimden soň göz ýetirdim. Çykyş
edýärkäm, Murzaýew sözümiň arasyny iki gezek dagy kesip,
“gysgalt,” “jemle” ýaly duýduryş etdi. Her niçigem bolsa, şeýle
uly foruma gatnaşmagym maňa köp peýda berdi: Soýuzyň dürli
künjeklerindäki kärdeşlerim bilen tanyşdym, adres we kitaplar
alyşdym. A.Abdyrahmanow (Gazagystan), G.F.Sattarow
(Tatarystan), H.Hasanow (Özbegistan) ýaly alymlar bilen
tanyşlygyň yzy soňra dostluga öwrülip gitdi. Şu konferensiýada
men ilkinji gezek tankyt edilip hem gördüm. Bu şeýle boldy.
Gazak alymy Ýaňybaý Koýçubaýew ak, gara, gök, sary
ýaly reňk atlarynyň toponimleriň düzüminde reňk aňlatman,
başga manyda ulanylýandygy barada çykyş etdi. Meselem,
onuň pikiriçe, Akgum, Aksuw ýaly goşma atlaryň ak sözi akyk
(akmak, orusça течь) işliginden bolup, bu atlar “akýan gum”,
“akýan suw” ýaly manylarda bolmaly. Ak we gara sözleriniň
toponimiýada reňki aňlatmaýanlygy barada belli türkolog,
akademik A.N.Kononow baryp 1954-nji ýylda ýörite makala
ýazypdy. Ýa.Koýçubaýew onuň bu nädogry pikirini has ösdürip,
gök, sary sözleriniň hem türki ýer-ýurt atlarynda diňe göçme
many aňladýandygyny öňe sürdi. Türki dilleri gowy bilmeýän
E.M.Murzaýew, ylaýta-da W.A. Nikonow Koýçubaýewiň bu
pikirini goldap, ony öwüp arşa çykardylar. Menem söz soradym
we şeýle pikiriň nädogrudygyny, ak, gara, göksary sözleri bilen
gelýän türkmen ýer-ýurt atlarynyň bu pikiri tassyklamaýandygyny
aýtdym. Toponimika äleminde şol döwürde has meşhur
alymlar saýylýan Murzaýewe we Nikonowa meniň tankydym
ýaramady. Toparyň ahyrky mejlisinde W.A.Nikonow çykyşlar
babatda jemleýji sözünde Koýçubaýewiň pikirini ýene bir gezek
goldady, akademik W.A.Kononow ýaly dünýä belli türkologyň
öňe süren bu pikirine haýsydyr bir ýaş türkmen aspirantynyň
321
şübhelenýändigini bolsa berk tankytlady.
Reňk atlarynyň toponimiýadaky manysy barada ady agzalan
alymlaryň öňe süren nädogry garaýyşlary bu ylmyň wekilleriniň
arasynda 20-30 ýyl höküm sürdi, köp kitaplara girdi. Diňe başga
bir görnükli gazak alymy, türkologlaryň arasynda toponimika
boýunça ilkinji bolup dissertasiýa goran Galy Konkaşpaýewiň
orus dilinde ýazylan ýörite makalasynda bu garaýyş ýiti
tankytlanyp, degerli mysallar arkaly onuň nädogrudygy subut
edilenden soň, ondan el çekildi.
Ylmyň belli bir ugruna bagyşlanyp geçirilýän şeýle
konferensiýalar meniň ýaly ylma ýaňy girişen ýaşlaryň şol
meselä çuň aralaşmagyna, öňki Soýuzyň dürli künjeklerinden
gelen alymlaryň ysnyşmagyna gowy itergi berýärdi. Ylmy
durmuşymda möhüm waka bolan şeýle ýygnanyşyklaryň
ençemesine: Moskwada (köp gezek), Peterburgda, Kiýewde,
Odessada, Minskide, Rigada, Kişinýowda, Bakuwda (üç
gezek), Gazanda, Ufada, Daşkentde (bäş gezek), Buharada,
Samarkantda, Duşanbede, Almatyda, Bişkekde (üç gezek) we
beýleki şäherlerde dürli ýyllarda bolup geçen konferensiýalara
gatnaşyp, olarda garalan meselä dahylly temalar boýunça
çykyşlar etdim, ençeme jedellere gatnaşdym. Konferensiýalaryň
materiallarynda şol çykyşlar çap edildi. Şeýle ýygnanyşyklarda
tanşan we dostlaşan alymlarym bilen tä Soýuz dargaýança
ymykly aragatnaşyk sakladym: hat ýazyşdym, barşyp-gelişdim.
Ençeme kitabym çykyp, adygyberenimsoň, şeýle
ýygnanyşyklaryň birnäçesine (Bakuwa, Daşkente, Bişkege)
hormatly myhman hökmünde-de çagyryldym, toparlara
başlyklyk hem etdim.
Daşary ýurtlarda geçirilen uly ýygnanyşyklara gatnaşmak
we olarda çykyş etmek hem miýesser etdi. 1982-nji ýylyň
awgust aýynda Germaniýanyň Leýpsig şäherinde Onomastika
boýunça XV bütindünýä kongresi geçirildi. Bir hepdeläp dowam
eden we dünýäniň ýüz çemesi ýurdundan alymlar gatnaşan bu
uly forumda men “Magtymgulynyň döredijiliginde ulanylan
has atlar” diýen temadan çykyş etdim we ençeme gezek ylmy
jedellere goşuldym. Kongresden soň öňki Sowet Soýuzyndan
322
baran sekiz alym bolup, biz N.A.Baskakowyň baştutanlygynda
ýene bir hepdeläp Germaniýanyň Drezden, Howburg, Potsdam,
Berlin ýaly şäherlerine gezelenç etdik. Şu ýerde Drezdeniň surat
galereýasyna tomaşa edişimiz barada gysgajyk gürrüň bereýin.
Bu meşhur muzeý we ondaky deňsiz-taýsyz suratlar barada
öňem köp eşidipdim, okapdym. Muzeýiň girilgesinde nemes we
orus dillerinde "1942-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe Drezden
muzeýiniň eksponatlaryny tanalmadan we ýok bolmadan
halas eden sowet goşunyna minnetdardyrys. Munuň nyşany
hökmünde mydama muzeýe sowet esgerleri mugt goýberilýär"
diýlip ýazylypdyr. Ýarym günläp edilen gezelenç wagtynda
biz muzeýde Germaniýada gulluk edýän sowet esgerleriniň
4-5 toparyna duş geldik. Bir toparda türkmendir diýip çaklan
oglanymyň ýanyna bardym-da, orus dilinde:
— Ýeri, ýigit, gulluk gowy gidýärmi? – diýip soradym.
— Erbet däl.
— Özüň gulluga nireden geldiň?
— Türkmenistandan.
— Onuň niresinden?
— Aşgabatdan.
— O-ho! Onda sen türkmençede gepleýänsiň?
— Hawa-la.
Şondan soň biz türkmençe gürleşdik:
— Adyň näme?
— Aşgabat.
— Kimiň ogly?
— Gurbandurdy Geldiýewiň.
Edebiýatçy Gurbandurdy Geldiýewi gowy tanaýardym.
1970 ýa 1971-nji ýylda uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty
fakultetinde döwlet synag komissiýasynyň başlygy bolanymda,
ol meniň kätibim bolupdy, soňra ençe ýyl bir institutda bile-de
işläpdik. Häzir professor, uly alym G.Geldiýew Azady adyndaky
pedinstitutda we Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda türkmen
edebiýatyndan sapak berýär. Men onuň ogly bilen Germaniýada
duşanyma begenip, içgin hal-ahwal soraşdym, komandiri
bilen gürleşdim, ondan rugsat alyp, Aşgabat we onuň faraply
323
gullukdaşy bilen surata düşdüm. Aşgabada gelenimden soň
hem suratlary taýyn edip, Gurbandurda habar berdim we tutuş
maşgalany begendirdim.
Konferensiýalar temasyndan daşlaşýanam bolsam, daşary
ýurtlarda başdan geçiren şeýle wakalarymyň ýene biri barada
gürrüň bereýin.
1973-nji ýylyň maýynda Müsüriň Aleksandriýa şäherinde
gezelençlerden boş wagtlarymyz peýwagtyna şähere aýlanyp
ýördük. Ýanymda-da aşgabatly kanal gurujy, Sosialistik
Zähmetiň Gahrymany Täçmyrat Bäşimow bilen Daşoguz şäher
durmuş hyzmaty kärhanasynyň başlygy Annamyrat bardy. Esli
gezenimizden soň, heniz biziň gözümiziň öwrenişmedik harby
eşigindäki bir arap esgeriniň biziň yzymyzdan galman gelýänini
duýduk. Dursak durýar, ýöresek ýöreýär, dükanlara girsegem ýa
yzymyzdan girýär, ýa-da gapyda garaşýar. Ýolda, töweregimizde
adam az wagty Annamyrat hapa sözler bilen sögündi:
— Bu samsyk esger nä pisini aşyryp, şu betnyşan lybasy
bilen kölegämiz ýaly yzymyza düşüp ýör.
Onýança esger Annamyrada ýüzlendi:
— Agam, sögmäň. Maňa üns bermäň-de, ýöräberiň. Ata
Watandan gelenligiňizi gep-sözüňizden aňyp, yzyňyzdan
galybilmän gelýärin.
Biz aňk-taňk bolduk, sögünç üçin ötünç soradyk. Soňky
gürrüňlerden hem Sowet Soýuzynyň araplara meňzeş garaýagyz
esgerlerini Müsüre getirip, arap harby eşiginde gulluk
etdirýändiklerini ýöne sowet esgerleriniň bu toprakdadygyny hiç
kime äşgär etmeli däldigini, onuň harby syrdygyny bilip galdyk.
Asly Saýat etrabyndan bolan bu esgeriň salamyny Aşgabada
gelenimden soň ony ene-atasyna ýetirdim.
Ýene daşary ýurt ylmy konferensiýalaryna dolanalyň.
1984-nji ýylda öňki Soýuzyň abraýly ykdysatçy
alymlaryndan ybarat bolan uly delegasiýa goşulyp, Awstriýanyň
halk uniwersitetleriniň işi bilen tanyşmaga we olarda çykyş
etmäge gitdim. Wenada, Insbrukda, Linsde, Zalsburgda we
beýleki şäherlerde işleri gowy ýola goýlan halk uniwersitetlerine
baryp gördük. Dogrusyny aýtsam, halk uniwersiteti diýilýän
324
okuw jaýlarynyň niýet-maksadyna men şu ýurtda düşünip
galdym. Her şäherde, hatda uly obalarda hem şeýle okuw jaýy
üçin köşk ýaly jaýlar gurlup, olar haýsy ugurdan berýänine
baglylykda zerur enjamlar bilen üpjün edilipdir. Uniwersitetler
okuwyň başlanmazyndan iki-üç aý öň ýerli gazetlerde, radio we
telewideniýede ilatyň haýsy hünäre isleg bildirýänligini sorap,
bildiriş berýär. Belli bir ugur, diýeli, agaç ussaçylygy, radiotelewizor ussasy, kompýuterçilik, orus dili, türk dili, umuman,
islendik hünär boýunça diňleýjileriň ýeterlik mukdary arza berse,
şol ugruň hünärmenlerinden uly aýlyk berlip işe çekilen, hatrda
uzak ýerlerden we ýurtlardan çagyrylyp getirilen mugallymlar
okuw möhletiniň dowamynda (üç aý, alty aý, bir ýyl) sapak
geçip, diňleýjilere hünär öwredýärler we diplom berýärler. Orus
dili we türk dili öwrenilýän toparlarda men hem çykyş etdim.
Awstriýada Orta Asyýanyň durmuşy bilen has içgin
gyzyklanýan ekenler. Muňa ýurduň dürli şäherlerinde halk
uniwersitetlerinde bolan duşuşyklar güwä geçýär. Duşuşyga
ýygnanan märeke ilki Sowet Soýuzynyň her respublikasyndan
we uly şäherlerinden gelen alymlar bilen ýeke-ýeke tanyşdyrylyp,
soňra olardan haýsy respublika we haýsy mesele bilen
gyzyklanýandygy soralýar. Ýerli ilat köplenç Orta Asyýadan
gelen alymlaryň gürrüňine höwes bildirdi. Hut meniň özümem
Wenada türkmen atlary, beýik kompozitor Mosartyň dogduk
mekany Zalsburgyň saz öwreniji toparynyň öňünde türkmen
aýdym-sazlary barada söhbet edip, soraglara jogap berdim.
Insbrukda türkmen halylyary babatdaky gürrüňçilikde ýerli
adamlaryň halkymyzyň bu sungaty bilen içgin gyzyklanyp, ol
hakda köp zatlary bilýändigine göz ýetirdim. Bu ýurduň haly
dükanlarynda türkmen halylary juda köp bolup, olara Buhara
halysy diýilýän eken. Meniň çykyşymdan soň, insbrukly bir
diňleýji özüniň türkmen halylaryny ýygnaýandygyny, dürli
ýurtlardan şeýle halylaryň on ýedi sanysyny satyn alandygyny,
indi Aşgabada gidip, ol ýerden iki ýüzli (iki tarapyna-da çitme
çitilen) halyny edinmek isleýändigini aýtdy.
Awstriýada biz nemes faşistleriniň 335 müň ýesiri gabap
saklap we olaryň 122 müňüsini gynap, daş daşadyp öldüren
325
ýeri bolan Mauthauzen konslagerine baryp gördük. Häzir bu
ýerde muzeý döredilip, gynap öldüren sowet generaly D.M.
Karbyşewe-de uly ýadygärlik dikilipdir. Muzeýde görkezilen
45 minutlyk dokumental filme tomaşa edip, biz iki günläp
essimize gelip bilmedik.
Mauthauzeniň töweregi otly, tokaýly meýdanlar. Bu ýerde
biz öz jeňňellerimiziň ajäýyp guşlarynyň – sülgünleriň ilki
jorkuldaşýan seslerini eşitdik, soň ony ençeme gezek gözümiz
bilen gördük. Awlamak düýbünden gadaganlygy sebäpli, bu
janawarlar adamlar bilen öwrenişip gidipdirler. Olar ýoluň
gyralarynda adamlaryň hut 10-15 metre ýakynlygynda-da
daranyşyp otyrlar. Gürrüň berişlerine görä, urşuň yz ýanlarynda
Lebap jeňňellerinden tutulan onlarça sülgün Çehoslowakiýa
getirilip köpeldilipdir we erkinlige goýberilipdir. Olar barha
köpelip, tutuş Ýewropa ýaýrapdyrlar.
Awstriýada (umuman, Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde)
tebigaty gorap saklamaga juda uly ähmiýet berilýär. Oba we
şäher jaýlarynyň töwerekleri gürzarlyga we ot-çöpe basyrylyp
otyr, hatda gurlup duran jaýa hyzmat edýän tehnika hem oňa azar
ýetirmeýär. Tokaýlarda-da maşyn, traktor hatda adamlar üçin
hem ýörite ýol edilipdir, ondan çykmak, tokaý çemenliklerini
basgylamak gadagan.
Tokaýda dynç alnanda-da, ol ýerden diňe ýekeje gül
ýolmaga rugsat berilýär. Çemen bogaýsaň ýa-da ýodadan çykyp
otlary basgylaýsaň, nireden çykanyňy bilmersiň, tokaýçy ýanyňa
geler-de, ep-esli mukdarda jerime salar.
Meniňçe, Ýewropa ýurtlarynda uludan-kiçä ähli adamyň
düzgün-tertibi berk saklaýanlygyň sebäbi diňe bir ilatyň
medeniýetli we düşünjeliliginden däl, eýsem düzgüniň sähelçe
bozulanlygy üçin berk çäre görülýänligindendir. Bir mysal
getireýin. Awstriýada biziň münen awtobusymyzyň şofýoryna
Karl diýýärdiler. Çalt ýöreýän täzeje awtobus ol şäherden
beýlekisine gidende, awtobanlary (çalt ýörelýän şaýollaryň)
aňrybaş derejede tekiz we hiç ýol bilen kesişmeýänligine hem-de
ýoluň gyralarynyň mal geçmez ýaly edilendigine seretmezden,
Karl maşynynyň tizligini 100 km-den geçirmeýärdi. Men onuň
326
sebäbini soradym. Ol awtobuslary ýollarda 100-den aňry
çaltlykda sürmegiň gadagandygyny aýtdy.
— Eger süräýseň?
— Süräýseň, ýollaryň ugrunda tizligi ölçeýji gizlin
fotoawtomatlar goýlup, ol haýsy maşynyň ýoluň niresinde
düzgüni nähili bozanlygyny merkeze habar berýär. Öýüňe
gelmänkäň, öňüňde tölemeli jerimäniň kagyzy ýatandyr.
— Näçeräk jerime tölemeli?
— Ol seniň düzgüni ýeňil ýa gödek bozuşyňa bagly.
Meselem, men şu ýolda tizligi 125-e ýa-da 150-ä çykaraýsam,
4-5 ýüz dollar möçberinde jerime tölemeli bolaryn.
Ynha, hut şuňa görä, Alp daglarynyň ähli ýeri, tokaýlar,
çemenlikler, oba we şäherleriň içleri örän arassa, meýdana
taşlanan zat ýok. Meýdan haýwanlaryny, guşlary ürküzip
ýörenlere-de gabat gelmersiň. Şonuň üçin parklaryň köllerindede ýabany guşlar hiç hili gorkusyz-ürküsiz ýöreşip ýörendir.
Ştrausyň parkynda wals baýramçylygyna gatnaşanymyzda,
diňe bir parkyň içinde däl, eýsem öwrüm berip duran tomusky
meýdançada tansa tomaşa edip oturan adamlary arasynda-da
owadan tawuslar arkaýyn sülmürişip, gezişip ýörler. Gepiň
gysgasy, Ýewropa ýurtlarynda adam bilen tebigatyň özara
gatnaşygy juda göwnejaý. Ýene bir bellemeli zat, ol-da bu ýurtda
düzgün bozýan adam ýok, heran – haçan düzgüni bozulaýsa-da
dessine onuň üsti açylyp, berk çäre görülýär. Bu ýurtda etmişe
görä hökman jeza berilýändigi bilen baglanyşykly, ýene bir
wakany gürrüň bereýin.
Wena myhmanhanasynda Duşenbe uniwersitetiniň
ykdysadyýet fakultetiniň dekany, ýaşuly professor Mamadýor
Mamatnazarbekow, Bişkegiň hasaplaýyş merkeziniň direktory,
professor Şaýlobek Musakožoýew we men iki otagly maslahat
geçilýän jaýly uly apartamentde ýerleşdik. Toparymyzyň
ýolbaşçysy bu jaýa jogapkär hökmünde meniň adymy ýazdy.
Mamadýor ekäniň günde iki-üç gezek gök çaý içmek endigi
bar eken. Ol çaý gaýnadýan elektrik gaýnatgyjyny we kiçijik
termosyny ýany bilen getiripdir. Bir gün biz kino gidenimizde,
Mamadýor eke bankada çaý gaýnadypdyr, ýöne ol bankany ýüzi
327
aýna ýaly ýylpyldap duran ýalaňaç stoluň üstünde goýupdyr.
Gyzan bankanyň goýlan ýeri ap-ak tegmil bolupdyr. Mamadýor
eke ol tegmili ýakgysy bilen gyryp aýyrmak isläp, stoluň
syrçasyny goparyp, öňküdenem beter edipdir. Kinodan gelip,
stoluň burçuna goýlan kagyzy galdyryp, bolan işe göz ýetirdik.
Ertir ir bilen Awstriýanyň beýleki şäherlerine ugramalydyk.
Mamadýor eke stoluň soýlan ýerini gizleýän kagyzy almazlygy
sargap, ugraýançak hiç kim bilmese, onda bu beladan aman
sypjakdygymyzy ýaňzytdy. Awtobus ugran badyna-da ol “öf-f!”
edip, uludan demini aldy.
On günläp ýurduň şäherlerine aýlanyp, ýene Wena gaýdyp
geldik, ýöne başga bir myhmanhana ýerleşdirdiler. Öňki üçlere
ýene apartament ýetdi. Jaý bilen tanşyp ýörkäk, stoluň üstünde
goýlan bir kagyza gözümiz düşdi. Ol nemesçe ýazylypdyr.
Şaýlobek göz gezdirip, bu kagyzyň meniň adama ýazylandygyny
aýtdy. Onýança-da ýolbaşçymyz, moskwaly akademik gapydan
girdi. Meniň adymy tutubam öňki ýaşan myhmanhanamyzda
çaý gaýnadyp, stoly zaýalandygymyzy, eýýäm telefon edip, oňa
habar berendiklerini, şu hatda-da 92 şilling jerimäniň (getirmek
üçin ähli çykdajylar bilen birlikde stoluň doly bahasynyň)
ýazylandygyny aýdyp, stoly kimiň haraplandygyny sorady.
Mamadýor eke sesini çykarmady. Ýolbaşçymyz maňa ýüzlendi:
— Apartamente sen jogapkär. Kim stoly ýakdy?
— Men ýakdym.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.