Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23

Total number of words is 3554
Total number of unique words is 2118
27.8 of words are in the 2000 most common words
40.6 of words are in the 5000 most common words
47.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Jerime üçin 92 şillingiň barmy?
— Ýok.
— Bar pulumyzy sowduk. Her kimde 5-10 şilling galdy.
Ýöne satyn alan magnitofonymyzy sataýmasak?
— Näçe içseň, “Bawar” piwosyny, “koka-kola” içgisini
we çakyr berip durlar. Myhmançylykda dagy çaý içmäninde
bolanokmy?
— Beýle işi indi gaýtalamarys.
Ýolbaşçymyz jerimäni özüne berlen ätiýaçlyk puldan
tölejekdigini aýdyp, mundan beýläk ägä bolmagy, çünki bu
ýurtda etmişiňi gizlemegiň mümkin däldigini duýdurdy.
Awstriýada gözümiň giden ýene bir zadyny ýatlaýyn.
328
Bu ýurtda ähli ýerde: obalarda-da, şäherlerde-de hiç zat zaýa
edilmeýär. Her obada artykmaç miwäni toplap alyp, ondan
konserwalar we dürli önümler taýýarlaýan kiçi sehler bar.
Lins şäheriniň ýakynyndaky bir obada kiçijik ýük maşyny
bilen gezip, 15 hojalygyň gündelik sagýan süýdüni ölçäp satyn
alyp, şu obaly telekeçi ondan peýnir, mesge we dürli önümleri
taýýarlaýan eken. Şeýle telekeçileriň her obada ençemesi bar
diýdiler.
Daşary ýurtlarda meniň gatnaşan uly konferensiýalarymyň
ýene biri 1994-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýäniň başkenti
Ankara şäherinde bolup geçdi. “Türk ýazuw dili simpoziumy”
diýip at berlen bu ýygnanyşyga dünýäniň türki dilli döwletlerinden
we türki kowumlar ýaşaýan 50 ýurdundan 300 çemesi alym, şol
sanda Türkmenistandan M.Saryhanow, B.Saryýew we men,
Türkiýede işläp ýören kärdeşlerimiz S.Kürenow, J.Gökleňow
we G.Geldiýew dagy gatnaşdylar. Bir hepde dowam eden bu
ýygnakda türki dilleriň fonetik, morfologik we leksik taýdan
umumylyklary ara alnyp maslahatlaşyldy, ähli türki halklaryň
biri-birlerine türki dilde düşünişmegini has ýeňilleşdirmek
üçin, şol umumylyklary ösdürmegiň ýollary salgy berildi. Şu
uly ýygnagyň gelen netijesine laýyklykda ähli türki dilleriň
deňeşdirme fonetikasyny, grammatikasyny, olaryň esasy
sözlerini öz içine alýan umumy sözlügini düzmek planlaşdyryldy
we şol ýylyň özünde bu işe girişildi. Türkmenistandanam bu
sözlügi düzmäge birnäçe alym gatnaşýar.
Döwletimiz Garaşsyz bolany bäri, Türkiýäniň ençeme alymy
Aşgabatda, käbirleri bolsa meniň öýümde-de myhmançylykda
bolup gitdi. Ankara simpoziumynda olaryň köpüsi bilen
duşuşdym.
Türkiýäniň (onda-da diňe Geliboly we Stambul şäherlerini)
ilkinji gezek 1973-nji ýylyň maýynda gämili Ortaýer deňziniň
kenaryndaky ýurtlarda turistik gezelençde bolanymda
görüpdim. Ol döwürde toparyň ýolbaşçylary bize ýerli ilat bilen
gepleşmezligi, adres, kitap alyşmazlygy berk tabşyrypdylar.
Ankaradaky ýygnanyşyk döwründe weli biz türk arkadaşlarymyz
bilen açyk-aýan, garyndaşlarça gürleşdik, olaryň çakylyklarynda
329
bolup gördük. Şolaryň biri barada gürrüň bereýin.
Bu ülkede myhmany köplenç restorana çagyryp hezzetleýän
ekenler. Biz hem birnäçe gezek şeýle çakylykda bolduk.
Şolaryň birinde Aşgabatda gurluşyk işlerini alyp barýan “Muti”
firmasynyň başlygy, indi iki-üç ýyldan bäri Ankarada işleýän
dilçi alym Jepbar Gökleňowyň gowy tanşy Mutiýa hanym
we onuň garyndaşlary bizi başkentiň iň gözel “Ankara ewi”
restoranyna çagyrdylar. Restoran şäheriň belent nokatynda,
Ankara galasynda ýerleşýär. Birbada müňden gowrak adam
kabul edilip bilýän bu restorana öňünden ýazylmaly. Mutiýa
hanymyň biz üçin goýduran 15 orunlyk stoluna onuň özi
we ýakynlary Türkmenistandan gelen bäş dilçi alym: Jepbar
Gökleň, Sapar Küren, Berdi Sary, Mämmetdurdy Saryhan we
men bolup üýşdük. Iýip-içenlerimiz, Ankaranyň iň meşhur
aýdymçylarynyň çykyşlary, ýarym ýalaňaç we ýalaňaç gyzlaryň
tanslary hakynda gürrüňi uzaltman, bu ýerde bizi täsin galdyran
käbir zatlar barada gürrüň bereýin.
Garaňky gatlyşansoň, restoran hyryn-dykyn dolýan eken.
Ýöne weli şunça mähelläniň içinden arak, konýak, hatda piwo
ýaly alkogolly içgileri içýän bir adama-da gözümiz düşmedi.
Diňe öňki Soýuzdan gelen myhmanlar bolaýmasa, restoranda
bu zährimary içýän ýok. Ähtimal, şu zerarlydyr, bu ýurduň
jemgyýetçilik ýerlerinde sögüşmeg-ä beýlede dursun, hatda
gaharlaşýan biri-birine gyňyr göz bilen seredýän kişä-de
gabat gelmersiňiz. Bu ýagdaýa köp adamyň üýşýän ýerlerinde
(restoranlarda, awtobuslaryň gapylarynda) “Haýyş: ýylgyryň!”
ýa-da “Gülümjiräň!” ýaly şygarlaryň ýazylmagy hem öz täsirini
ýetirýän bolsa gerek.
“Ýagşyny göreňde pikir et, ýamany göreňde şükür et”
diýlişi ýaly, bu ýurtda göwnümize ýaramadyk zatlary hem
gördük. Şolaryň esasy – çilim belasy. Türkiýede edaralarda-da,
awtobuslarda-da, beýleki köpçülik ýerlerde-de uludan-kiçä köp
adam çilim çekýär (sigara içýor). Ýaş gyzlaryňam eli sigaretli.
Şu sebäpli agzalan restoranyň içi biraz wagtdan soň ot alan
jaýyň içine döndi: goýy tüsse zerarly, stolda gabat garşyňda
oturan ýoldaşyňy zordan tanap bolýar. Güýçli howa sorujylar
hem jaýyň içini arassalap ýetişmeýär.
330
Ýatlanan simpoziumdan ýyl ýarym geçenden soň, 1995nji ýylyň sentýabrynda ýene esli günläp Türkiýäniň Ankara
we Stambul şäherlerinde bolmak miýesser etdi. Bu gezek
Türkmenistanyň we türkmen halkynyň ýoýulman, dogruçyl
ýazyljak taryhy üçin ýurduň uly kitaphanalaryny, golýazmalar
hazynalaryny aýlandym. Biziň gören bu ylym ojaklarymyzyň
ählisinde bilgisaýarlar (kompýuterler) goýlupdyr, olaryň boş
duran biriniň öňünde oturyp, harply düwmeleri basmak arkaly
gerekli awtoryň ýa-da zerur temanyň adyny ýygyp, sanlyja sekunt
garaşsaň bolany, şol awtora ýa tema degişli näçe kitabyň bardygy,
olaryň jemi sany, atlary dessine ekranda peýda bolýar, haýsy
gerek bolsa, şifirlerini ýazyp, kitaphana işgärlerine getirdäýmeli.
Eger isleýän kitabyň ýok bolsa, bilgisaýar ony ýurduň haýsy
kitaphanasyndan tapyp ýa sargap getirip boljakdygyny habar
ýerýär.
Moskwa, Peterburg, Daşkent ýaly uly şäherleriň atly
kitaphanalarynda köp işläp, olaryň seýrek kitaplary hem-de
gadymy uly sözlükleri özünde jemleýändigine gözüm gidipdi.
Ankara we Stambul kitaphanalarynyň ylmy hazynasyny,
ylaýta-da türki dillere degişli agramy bir putdan geçýän äpet
sözlüklerini görüp, bu ylmy ojaklara has hem buýsanjym
artdy. Türk Dil Kurumu we Türk Taryh Kurumu diýilýän ylym
ojaklaryň baý kitaphanarynda türk ýaşlary bilen birlikde öz
dogduk diýarymyzyň ýigitleriniň okap oturandyklary has hem
begendirdi. Olaryň arasynda hut meniň işleýän institutymyň
aspiranty Rejep Geldiýew hem bar eken. Ankaradaky Türkiýe
milli kitaphanasynyň okalgasynda bolsa ýanyma bir talyp
ildeşimiz gelip, adymy tutup salamlaşdy. Tanyşdyk, görüp
otursam,ol öz obamyň ýigidi, şu ýerdäki uniwersitetiniň taryh
fakultetinde okaýan Myrat Jumagulyýew bolup çykdy.
Ankaradan Stambula ugramazymyzyň öň ýanynda Jepbar
Gökleňow hoş habar getirdi we bir haty ýoldaşlarymyň arasynda
maňa gowşurdy. Onda türk dilinde şeýle ýazylypdyr:
Ankara, 25.09.1995
Hormatly professor, doktor
Soltanşa Atanyýazow!
331
Türki diller babatda ýerine ýetiren gymmatly hyzmatlaryňyz
hem-de goşandyňyz nazara alnyp, Türk Dil Kurumunyň Bili
bölüminiň 1995-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky mejlisinde Siz şu
Kurumuň habarçy agzalygyna biragyzdan saýlandyňyz. Ylmy
hyzmatlaryňyza hormat etmek bilen şony Size habar bermäge
şatdyryn.
Türkiýe Jemhurýetiniň Atatürk adyndaky
Medeniýet, Dil we Taryh boýunça
Ýokary guramasyna (akademiýasyna)
Degişli Türk Dil Kurumynyň başlygy
professor, doktor
Ahmet B.Erjilasun.
Hatyň mazmuny bilen tanşan ýoldaşlarym şu şatlykly
waka bilen meni gyzgyn gutladylar, Jepbar bolsa buşluk talap
etdi. Dogry, men bu ýakymly habary Aşgabatda eşidipdim.
Mejlisiň geçen gününiň ertesi şol ses berişlige gatnaşan türk
professory, edebiýatçy alym, Halkara Magtymguly baýragynyň
laureaty Fikret Türkmen Aşgabada jaň edip, ony maňa habar
beripdi. Gutlan ýoldaşlaryma hoşallyk bildirip, bu belent ady
bellejekdigimi aýtdym we Jepbaryň maslahaty bilenem ýolda
iýip-içer ýaly zatlar aldyk.
Ankaradan Stambula bizi ýokary klasly tiz ýöreýän rahat
awtobusda ugratdylar. Onuň üsti edil uly uçarlaryň içinde
oturan ýaly, iki sürüjisi we bir hyzmatkäri bar. Awtobus köp
ýerde tizligini 150 km-den aşak düşürmän ýöreýär, üstünde-de
näçe içseň çaý, kofe, miwe suwlary, süýjüler bolup, iki gezek
gyzgyn nahar hem berýärler. Olaryň üstüne bizem Aşgabatdan
äkiden zatlarymyz, şeýle-de türkmen konýagydyr balzamy bilen
ýetirip, meniň habarçy agzalygymy belledik.
Awtobus Ankaradan çykyp, esli ýöränden soň, hyzmatkär
ýigit her kimiň öňüne ykjam ýol gutularyna gaplanan naharlary
goýup çykdy. Jepbar Gökleňow oturgyjyndan turup, öňe geçdide, oturanlara ýüzlendi:
— Adamlar, Türkiýe döwletiniň şaýolundan 150 km tizlik
bilen barýan awtobusyň üstünde türkmen ylmynyň daşary
332
ýurtlarda dabaralanmagyna bagyşlanan dabarany açyk hasap
edýärin. Soltanşany alym hökmünde ülkämiz gowy tanaýar, ol
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň agzasy, ýöne daşary
ýurt akademiýasynyň biragyzdan habarçy agza saýlanmak –
alyma uly hormat, çünki çet ülkede keseki alymlaryň daşky
sypaty, baýlygy, tanyş-bilşiniň köplügi hasaba alynman, diňe
onuň ylmy işlerine baha kesilýär. Türk Dil Kurumu hem bu
alymyň türkologiýa babatdaky işlerini nazara alyp, oňa şu belent
ady berdi. Adaty bolmadyk dabaramyzy “hamyr ujundan petir”
hökmünde kabul edip, tosty türkmen ylmynyň şu günki ýeten
ýokary derejesi üçin, Soltanşa hem täze üstünlikler arzuw edip
götereliň.
Oturanlar Jepbaryň sözüni goldadylar. Şeýdip, şatlykşagalaňlyk bilen gadymy Stambula aýak basdyk.
Stambulda, esasan, Topgapy saraýynyň we Süleýmaniýe
medresesiniň golýazmalar hazynalarynda işläp, bu ýerde
türkmenleriň taryhyna degişli ençeme işleriň bardygyna göz
ýetirdik. Bu hazynalar juda baý bolup, deňsiz-taýsyz golýazma
eserleriniň on müňlerçesini özüne jemleýär. Men sünnälenip
bezelen, sahabyna, jiltlerine zer tutulan ýa-da altyn çaýylan
kitaplary köp görüpdim, emma Süleýmaniýe medresesiniň
has bek we berk jaýynda saklanýan kitaplary görüp, aňk
boldum. Türk patyşalaryna we beýlerine sowgat hökmünde
taýýarlanan käbir kitaplary görmäge göz gerek. Bularyň
arasynda altyn jiltlileri-de, haty zer bilen ýazylanlary-da, ähli
sahypalaryň setirleriniň arasyny sünnälenip, ýukajyk altyn
gabyk ýelmenenleri-de bar. Golýazmalaryň restawrasiýasy we
saklanyşy babatda-da türk arkadaşlarymyzdan öwrenere zat köp.
Ynha, Süleýmaniýe medresesindäki golýazmalar hazynasynyň
timarlaýyş ussahanasy. Bu uly ýagty jaýda üç erkek we on
sany aýal-gyz işläp otyr. Olar ýörite iş eşiginde, döşüniň çep
tarapyna-da suraty ýelmenen we ady, familiýasy ýazylan ýarlyk
dakylypdyr. Bular täze getirilen golýazmalaryň ýyrtylan-ýirilen
ýerlerini ýelmäp, hapalanan sahypalaryny dürli erginleri we
ýitije pyçaklaryň kömegi bilen arassalap rejeleýärler.
Stambulda Mahmyt Kaşgarynyň 1072-nji ýylda ýazyp
333
gutaran üç tomdan ybarat meşhur “Türki sözler diwany”
(“Diwan lugat it-türk”) atly eseriniň asyl nusgasynyň saklanýan
ýeri bolan “Millet” atly kiçeňräk golýazmalar kitaphanasyna
baryp bu ölmez-ýitmez eseri üç gezek togap edip elimiz bilen
tutup gördük. Bu ýerde eseriň fotonusgasyny sowgat berdiler.
Türkiýe barada gürrüň edýärkäk men 1997-nji ýylda bu
ýurtda türk diliniň uly baýramçylygyna gatnaşyşymyz hakda-da
gysgaça ýatlap geçeýin.
Maý aýynyň ortasynda tutuş Türkiýe türk diliniň toýuny
toýlaýar. Bu ýylky dabaralary Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisi
gurap, oňa türki döwletlerden bir deputat (senator) bilen bir dilçi
alymy myhmançylyga çagyrypdyr. Türkmenistandan bu dabara
Mejlisimiziň ylym, bilim we medeniýet baradaky komitetiniň
başlygy professor Garly Mälikgulyýew ikimiz gatnaşdyk.
...Biz baýramçylykdan birnäçe gün öň, 9-njy maýda
Türkiýä uçduk. Stambulda 4-5 sagat saklanýandygymyz üçin,
uçar meýdanynda bizi garşylan köne tanşymyz, Türkmenistanyň
Stambuldaky konsuly Nurberdi Amanmyradow şäheriň käbir
gözel ýerlerini, şol sanda deňziň kenarynda Saparmyrat
Türkmenbaşy tarapyndan ýakynda düýbi tutulan Türkmenistan
seýilbagyny aýlap görkezdi, soňra bizi Ankara ugratdy.
Gijäniň ýarynda gelenligimize seretmezden, Ankarada bizi
TBMM-niň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Türkiýedäki
ilçihanasynyň işgärleri Annaguly Nurmämmedow we meniň bir
wagtky aspirantym Saparmyrat Garataýew dagylar garşyladylar.
Baýramçylyk dabaralary 12-nji maýda Ankarada
Atatürküň mawzoleýine gül goýmakdan we onuň ýadygärligini
hormatlamakdan başlandy. Soňra myhmanlar uzyn hatar
bolup, Ankaradan Garamana ugradylar. Ankara-Garaman
aralygy 363 km. Sagdaky pessejik Gara dagyň etegini syryp
gidýän garaýol bilen barşyňa özüňi Köpetdagyň etegindäki
baýyrlyklardan barýan ýaly duýýarsyň. Bir wagtlarda Türkiýä
göçen ata-babalarymyzyň edil
ata Watanlaryndaky ýaly
tebigaty saýlaýyşlaryny diýsene! Ekin meýdanlarynyň ýokary
derejede bejerilişine gözüň gidýär. Dag eteklerinde düme arpa,
bugdaý ekilen atyzlar ýaşyl öwüsýär. Suw pürküjiler bilen
334
suwarylýan atyzlar hem ýygy-ýygydan duş gelýär. Garamana
golaýlaşdygyňça, garaýoluň gyralarynda dumly-duşa uzalyp
gidýän aýakly ýaplar (aýagyň üstündäki beton ternawlar) has
gürelýär. Joýajyklar arkaly suwarylýan baglaryň bejerilişi bu
ýerdäki daýhanlaryň ökde bagbanlardygyndan habar berýär.
Ýöne ýerden Anadoly Türkiýäniň galla ammary we gök önüm
hem-de miwe mekany hasaplanmaýan eken. Köke, süýji, biskwit,
tüwi, däne, un önümlerini, şeýle-de arpadan piwo gaýnadyp,ony
gutujyklara gaplaýan zawod-fabrikler bu iliň obalarynda-da näçe
diýseň bar. Olaryň önümleriniň belli bir bölegi Türkmenistanada
iberilýär. Ynha-da türk diliniň paýtagty hasaplanýan Garaman
şäheri.Şäheriň eteginde bizi bu iliň walisi (häkimi) Haky Teke,
şäher häkimi (belediýe başkany) Ýaşar Ewjen we beýleki resmi
adamlar, generallar, jemgyýetçilik wekilleri garşyladylar.
Bu ile we onuň merkezi şäherine şöz adyny geçiren garaman
diýen türkmen urugynyň bu etrpada ýaşaýanlaryň köpçüligini
emele getirýänligi üçin, garamanlaryň geçmiş taryhyna ser
salalyň.
XIII asyryň başlarynda Çingiz hanyň ordalary Türkmenistany
paýhynlansoň bu ýerdäki türkmenler dumly-duşa dargaýar.
Häzirki Sarahs etrabynda ýaşaýan garamanlardan bölünip,
Eýranyň üsti bilen Anadola aralaşan garamanlaryň uly bölegi
(ýarym million çemesi il) Nury sopy Sädeddiniň baştutanlygynda
Anadoluda ýurt tutunýar we 1256-njy ýylda Garaman ogullary
begligi diýen öz döwletini (begligini) döredýär. Bu döwlet 230
ýyllap, tä 1487-nji ýylda Osmanly döwletine birikdirilýänçä
dowam edýär we gülläp ösýär. Ol gadymy Larende şäherini
paýtagt tutunýar, oňa-da soňra Garaman diýip at berýärler.
1261-nji ýylda Nury sopynyň ogly Mähmet beg beglige
baştutan bolýar. Şol döwürlerde seljukly begliklerinde we
soltanlyklarynda resmi dil hökmünde halka düşnüksiz arap we
pars dilleri rowaç eken. Mähmet beg bu däbi bozup, 1277-nji
ýylyň 13-nji maýynda şeýle perman çykarýar: “Şimdengeri
(şindiden geri, ýagny mundan beýläk) hiç kimesne (kimse)
gapyda, diwanda, mejlisde, seýranda türkmen dilinden özge
(dilde) söz sözlemesinler”. Mähmet begiň bu permany häzirki
335
türk diline geçirilip, “Bu günden soňra ähli ýerde: diwanda,
dergähde, bargahda, mejlisde, meýdanda týrk dilinden özge
dil ulanyljak däldir” görnüşinde Garaman şäheriniň ähli
parklarynda we gelim-gidimli ýerlerinde ýazylyp goýlupdyr.
Türkiýede şol permanyň çykan güni—1277-nji ýylyň 12-nji
maýy türk-türkmen diliniň resmi dil diýlip yglan edilen güni
hasaplanylýar we 1960-njy ýyldan bäri bu sene milli baýram
hökmünde bellenip geçilýär. Garamanlylar bolsa uly buýsanç
bilen öz şäherini şu diliň başkenti (paýtagty) hasaplaýarlar.
Şäherde Türkmen (Türk ) dili parky, Mähmet beg parky ýaly
gözel seýilgähler bolup, olaryň görnükli ýerlerinde türk dili
babatda aýdylan ajaýyp şygarlar daşlaryň ýüzüne ýazylyp
goýlupdyr. Olaryň käbirlerini ýatlap geçeýin:
M.K. Atatürk: “Türk dili iň baý dillerden bolup, ol aňlydüşünjeli işlenilmelidir. Ülkesini we garaşsyzlygyny goramany
başaran türk milleti dilini-de çet dilleriň boýuntyrygyndan
gutarmalydyr”.
Atatürk: “Türk diliniň mertebesini belende göterip, ony
öz aslyndaky gözelligine we baýlygyna gowşurmak üçin bütin
döwlet gurluşymyzyň gündelik aladasy hem-de özüni jogapkär
saýmagy zerur”.
Ýahýa Kemal Baýatly: “Türk dili agzymda enemiň
süýdüdir”.
F.Hüsni Daglarça: “Türk dilim – ses baýdagym meniň”.
Fridrih Şiller: “ Dil ulusyň aýnasydyr. Ol aýna bakdygyň
zaman öz hakyky şekiliňe gözüň düşer”.
Bernard Şou: “Ene dilini suwytly bilmeýän adam başga dili
gowy öwrenmäge-de ukyply däldir”.
Oktaý Akbal: “Türk ulusyna hormat türk dilini söýmekden
başlanýar”.
O.Hanjarlyogly: “Dilini unudan millet öz milletligini-de
ýitirer”.
Haky Teke: “Milli bitewiligimiziň gözbaşy dildir. Eger atababalar we nebereler biri-biriniň diline düşünmeseler, olaryň
arasynda medeni we ruhy garpyşma orta çykar”.
Garamanlaryň uly bölegi Türkiýä göçen hem bolsa,
336
olaryň käbir toparlary ata Watanda galypdyr. Häzirki Sarahs
etrabyndaky 1-nji we 2-nji Garaman obalarynyň ilaty şol
gadymy garamanlaryň nebereleridir.
Garamanlaryň ýene
bir bölegi Samarkantyň ýakynyndaky Nurata we Goşrabat
etraplarynda duş gelýär. Bu ýerden olaryň bir bölegi 1370-nji
ýyllar çemesinde Hytaýa göçüp, Pekiniň 50 kilometrliginde,
Ýanszy derýasynyň boýunda ýurt tutunýarlar. Salar türkmenleri
diýip at alan bu il Akman we Garaman diýen iki uly taýpa
bölünýär. Bellemeli ýeri, bu ilde Garamanyň we Akmanyň
jaýlanan hanakalary hem mukaddes ýere öwrülipdir.
Garaman şäherindäki dil baýramçylygy Mähmet begiň
parkynda bu begiň öz permanyny ile yglan edip durşuny
suratlandyrýan äpet heýkeline gül goýmakdan we kiçijik
mitingden başlandy. Soňra baýramçylyga gelen myhmanlar we
şäherliler Dil parkynyň içi bilen geçip, Ýunus Emräniň jaýlanan
hanakasyna zyýarat etdiler, metjitde onuň hatyrasyna aýat
okaldy. Ýunus Emre parkyny we onuň görnükli ýerinde şahyra
dikilen ajaýyp heýkeli hem synladyk. Ýunusyň ile ýüzlenip
goşgy okap duran şekiliniň aşagynda mermer daşyň ýüzüne
onuň şu meşhur bendi köwlüp ýazylypdyr:
Geliň, tanyş bolalyň,
Işi aňsat kylalyň.
Söýeliň, söýüleliň,
Dünýä kimseýe galmaz.
Soňra Dil baýramçylygyna bagyşlanan şagalaň geçjek
şaýoluna tarap pyýada ýöriş başlandy. Myhmanlar üsti mata
örtülen tribunalarda ýerleşensoň, şaýolda bir wagtky 1-nji
Maý demonstrasiýasyny ýada salýan şagalaňly ýöriş başlandy.
Tribunanyň öňünden okuwçylar, talyplar, şäher zähmetkeşleri
öz ukyplaryny görkezip geçdiler. Okuwçy gyzlaryň ýerine
ýtiren ençeme tanslary, ylaýta-da “Kaşyk tansy” hut biziň
folklor ansambllarymyzyň çykyşy ýaly. Derwüşler, galandarlar,
Osmanly esgerler tribunanyň öňünden geçip, öz orunlaryny
şäher zähmetkeşlerine berýär.
337
Dil baýramçylygynyň yzy uly ylmy konferensiýa ýazdy.
Onda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan,
Gagauziýadan, Rumyniýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan,
Horwatiýadan, Ýugoslawiýadan, Kiprden, Gresiýadan jemi 21
ýurtdan gelen dilçi alymlaryň türki dilleriň dürli meselelerine
bagyşlanan ylym çykyşlary boldy. “Türkmen onomastikasynda
gadymy saklaradn galan yzlar” diýen temada meniň eden
çykyşym hem alymlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
GIDER BOLSAŇ, ÝOLLAR ÝAKYN EÝRANA
Ýakyn goňşymyz we serhetdeşimiz
Eýran bilen
Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar taryh döräli bäri
dowam edýär. Bu baryş-gelişler dürli döwürlerde dürlüçe
öwüşgin alypdyr, köplenç dostlukly, birek-birege mähirli we
ýygy bolupdyr.
Köpetdagyň güneýinde we guzaýynda ýaşaýan halklaryň
ykballary aglaba kybapdaşdyr, geçmiş taryhlary hem biribirinden aýrylmazdyr. Hut şonuň üçinem bu gadymy goňşy
halklar iňňän irki döwürlerde-de ýakyn gatnaşykda ekenler.
Häzirki uçarlaryň we awtomobilleriň sanlyja sagatda alýan
ýoluny hepdeläp, aýlap, uzak ýoly ýakyn edip gatnaşypdyrlar.
Gider bolsaň, ýol uzakdyr,
Eýran, Turan, Hindistana.
Ynha, beýik Magtymgulynyň “Bu dahana” diýen
goşgusyndan alnan setirler. Olarda Eýran ýoly gaty uzak
diýlip görkezilipdir, emma biziň ajaýyp döwrümizde,
ata Watanymyzyň öz Garaşsyzlygyny almagy we ilkinji
Prezidentimiz S.A.Nyýazowyň goňşy ýurtlar bilen doganlykdostluk gatnaşyklaryna ak pata bermegi netijesinde şol hupbatly
we uzak ýol ýakyna öwrüldi duruberdi, tutuş sowet eýýamynda
Türkmenistan bilen Eýranyň serhedine Hytaý diwary çekilen
bolsa, Garaşsyzlygymyzyň sanlyja ýylynda şol berk diwar
böwsülip, Güdürolumdan, Baçgyrandan we Gowşutdan
338
Eýrana geçer ýaly awtomobil ýollary, Sarahs – Maşat demir
ýoly, Aşgabat – Tähran howa ýoly ýaly gatnawly we dostlukly
ýollar açyldy. Şonuň üçinem biz Magtymguly şahyryň ýatlanan
setirlerini “Gider bolsaň, ýollar ýakyn Eýrana” görnüşinde biraz
üýtgedip, şu bölüme sözbaşy edip aldyk.
Dogrudan-da häzirki döwürde günortadaky uly goňşymyz
bolan Eýran döwleti Garaşsyz we Bitarap diýarymyzyň ilaty üçin
iň gelim-gidimli ýurda öwrüldi, Eýranyň Türkmensährasynda
we Ahalda hem-de Balkanda ýaşaýan ýüzlerçe türkmen
maşgalalary 70-80 ýyldan soň biri-birleri bilen duşuşyp,
garyndaşlyk gatnaşygyny täzeden ýola goýdular. Iki döwletiň
arasynda alymlaryň, döredijilik adamlarynyň, işewür toparlaryň
birek-biregiňkä gelim-gidimi has ýygylaşdy. Magtymguly
günlerinde ildeşlerimiz uly toparynyň şahyryň we onuň atasy
Azadynyň Aktokaýdaky guburyna zyýarata gitmegi, ymam
Homeýniniň günlerinde bolsa Tähranda onuň ýas dabaralaryna
gatnaşmagy indi däbe öwrülip gitdi.
Ynha, 1997-nji ýylyň iýyn aýynyň başynda Türkmenistanyň
dürli welaýatlarynyň, etraplarynyň we şäherleriniň wekillerinden:
alymlardan, ruhanylardan, mugallymlardyr wraçlardan, işçidaýhanlardan düzülen uly topar (jemi 150 çemesi adam) bolup,
Homeýniniň aradan çykan gününiň 8 ýyllygy mynasybetli
Eýranda geririlýän ýas dabaralaryna gatnaşmak üçin Tähran
şäherine ugradyk. Aşgabatdan Baçgiran geçelgesine gelip, bize
garaşyp duran 5 eýran awtobusyna ýerleşdik we Köpetdagyň
güzaýyny syryp, günorta tarap ugradyk. Belentli-pesli dag ýoly
bilen bizdäki Nohur, Könekesir ýaly dag obalaryna çalymdaş
Dürbadam, Ymamguly, Hajy Nasyr ýaly birnäçe obanyň
üstünden geçdik. Olardaky pagsa jaýlar biziň obalardaky ellialtmyş ýyl öňki jaýlary ýada salýar. Ýoluň ugurlarynda ekmäge
ýaramly ýerler ekilipdir. Obalarda kökerilip saglyp duran
goýun sürülerine-de köp duş geldik.
Günortanlyk az salym Goçantda düşlänimizden soň,
Tährana gidýän uly asfalt bilen ýola rowana bolduk. Faruž,
Şirwan, Büjnürt, Aşhana, Dinudeşt, Alyabat şäherleriniň
üstünden geçip, Türkmensähra aýak basdyk. Haýp ýeri,
339
Türkmensähra gelýänçäk, mazaly garaňky düşdi, şonuň üçinem
biz eýranly arkadaşlarymyzyň watanyny gowy synlap bilmedik,
ýöne ýol ugurlarynda naharlanmak, namaz okamak ýa-da aýak
ýazmak üçin saklanan şäherlerimiziň ählisinde türkmenlere duş
geldik. Gürgene gijäniň ýarynda gelenligimize seretmezden, bu
şäherde üç-dört sany türkmen ahuny bize garaşyp duran eken.
Gürgende iki sagat dynç alyp, ýene ýola rowana bolduk.
Çuň gorplaryň we kert gaýalaryň depesinden aýlaw-aýlaw edip
geçirilen dag ýollaryny külterläp, ertir ir bilen Tährana girdik.
Homeýniniň ýas dabaralarynyň geçjek gününden esli öň
gelenimiz üçin, biziň toparymyzy her gün şäheriň gözel ýerlerine
gezelenje äkitdiler. Ilki bilen on million ilatly Tähranda täze
gurlup ýörlen metropoliteni synladyk. Moskwanyň, Peterburgyň,
Daşkentiň, Bakuwyň metrolarynda köp gatnanym üçin, bu
desga meni onçakly gyzyklandyrmaýardy. Emma weli 40-50
metr ýeriň aşagynda metro gurýanlaryň hupbatly zähmetini
synlanymdan soň, bu gurluşygyň juda güzaplydygyna we örän
gymmat düşýänligine gözüm ýetdi. Daşary ýurtly firmalaryň
gatnaşmagynda birinji ýoluň diňe bäş kilometrlik bölegi indi
rels düşelmäge taýýarlanypdyr, häzir onuň duralgalarynda
bezemek, inelge-çykalgalary tehniki taýdan sazlaşdyrmak ýaly
işler alnyp barylýar. Biz rels düşeljek tümeýler (tünneller) bilen
bu bäş kilometrlik ýoly awtobuslarda eýläk-beýläk geçibem
gördük. Metro gurujylar Tähran metropolitenini ilkinji
açanlaryň, awtobuslarda-da bolsa, bu ýoly ilkinji geçenleriň
türkmenler bolanlygyny aýdyp, bizi gutladylar.
Ymam Homeýniniň Eýranyň baştutany bolan 8 ýylynda
ýaşan, işlän, ahyrynda-da aradan çykan ýönekeýje jaýyna baryp,
bu beýik ynsanyň durmuş ýoly, ýaşaýyş obrazy bilen tanyşdyk.
Homeýni örän ýönekeý, salyhatly, mylakatly adam bolupdyr.
Onuň çaý-suwuna seretmek üçin ýörite goýlan adamyň
gürrüň berşiçe, Homeýni hyzmatkärlerine azar bermezlige
çalşypdyr, gaýtam özi çaý gaýnadyp, hyzmatkäre hyzmat eden
gezeklerem kän bolupdyr. Homeýni bu ýaşan jaýyny bezamäge
hiç kime rugsat bermändir, iliňkiden üýtgeşik öý goşlaryny hem
edinmändir. Ol işlände-de halynyň üstünde oturyp işläpdir.
340
Soňra syn eden Ryza Pehlewiniň we Ahmet şanyň
Gökköşk atly kaşaň köşkleri, Homeýniniň jaýynyň tersine, aşa
bezemenligi, göreni aňk edýänligi, altyn, kümüş, zümerret ýaly
gymmatbaha metallaryň we daşlaryň gözüňi gamyşdyrýanlygy
bilen tapawutlanýar. Staliniň, Çerçilliň we Ruzweltiň
gatnaşmagynda 1943-nji ýylda meşhur Tähran konferensiýasy
hem şu jaýda geçipdir.
Bizi Tährandan 150 kilometr günortada ýerleşýän we
Eýranda yslam ynkylabynyň sallançagy hasaplanýan Kum
şäherine-de äkitdiler. Bu şäher Azym metjidi ýaly örän
bezemen we uly metjitleri, köp sanly dini okuw jaýlary, ymam
Ryzanyň dogany Fatmaýy Mäsuma hanymyň kaşaň hanakasy
ýaly zyýaratgähleri, şeýle-de bu şäherden çykan abraýly dini
hadymlary bilen meşhurdyr. Daşary ýurtlara gitmezinden
öňinçä, ymam Homeýni şu şäherde sekiz ýyllap ýaşapdyr. Biz
onuň töwerekdäki jaýlardan asla tapawutlanmaýan 5—6 otagly
ýeke gat öý-muzeýine-de baryp gördük.
Dünýäniň 43 ýurdundan ýas dabaralaryna gatnaşmaga
gelenler Homeýniniň agtygy Hasan bilen hem duşuşdylar.
4-nji iýunda ertir ir bilen biz Homeýniniň jaýlanan ýerine—
Tährandan 15—20 km uzaklykdaky uly metjide gitdik. Metjidiň
öňündäki uly ýol ýas ýörişiniň geçýän ýerine öwrülipdir.
Onlarça, belki-de, ýüzlerçe müň gara eşikli erkekler we ýüzgözünden başga ähli endamy ýere süýrenip barýan gara ýapynja
bilen örtülen aýallar topar-topar hatara düzülip, bu ýoldan geçip
gidýärler. Erkekleriň käbir toparlary sag elindäki seçekli gamçy
ýaly zynjyrlary bilen marş sazyna goşup, çep we sag eginleriniň
üstünden aşyryp, öz arkalaryny saýgylap barýarlar.
20—30 müň adma ýygnanan metjitde, Homeýniniň jaýlanan
ýerinde geçen ýas mitinginde Homeneýi ýykyp gepledi. Ol bu
ýas dabaralaryna gatnaşýan ýet ýurtly musulmanlary gyzgyn
gutlady.
Şu ýerde aýallaryň eşikleri barada käbir zatlary belläp
geçeýin.
Baçgiran geçelgesinde Eýran awtobuslarynda bize
paýlanan orusça bukletde ýazylyşyna görä, aýallar bu ýurtda
341
hajab (ejap, ýagny ýüzünden başga ähli ýerini örtüo gezmek)
düzügünini berjaý etmeli. Türkmen aýal-gyzlarynyň eşikleri bu
düzgüne dogry gelýän eken, ýöne aýal-gyzlar başyna ýaglyk
atyp, ýüzünden özge endamyny ýapmaly (bu babatda bukletde
ýörite aýdylýar).
Eýranda aýal-gyzlaryň okaýan, tomaşa jaýlarynda,
ýygnaklarda, hatda awtobuslarda oturýan ýerleri hem
erkekleriňkiden aýratyn, arasy germewli. Biziň synlan aýalgyzlarymyz, hatda kiçi okuwçy gyzlaram diňe gara reňkli örtgi
ýapynýarlar.
Tähranda bolan günlerimz biz Kurany labyz bilen okaýan
meşhur karylar bilen hem duşuşdyk. Siriýada, Liwanda we
Eýranda geçirilen karyçylyk konkurslarynda birinji orny eýelän
Hajy Abylkasym tutuş Kurany ýatdan bilýär. Ony synlamak üçin,
zalda oturanlar Kuranyň islendk süresinden bir sözlem okap,
onuň haýsy aýata we sürä degişlidigini soradylar. Abulkasym ol
soraglara dessine jogap berdi.
Eýran radiosynyň karylary Seýit Abbas Anjam, Behruz
Ýargül, Hemit hem-de Mejit Şerafetmenler we Haýdar Jawdam
dagynyň Kuran okaýyşlary has-da täsirli boldy. Olaryň hor
bolup, örän ýakymly ses bilen, onda-da bri pes, beýlekisi belent
owaz bilen okaýan aýatlary diňleýjileriň kalbyny heýjana salýar.
Bu karylar Kurany labyzly okamaklygy sungat derejesine
ýetiripdirler.
4 gün Tähranda bolup, Semnan, Damgan, Sebzewar we
Nişapuryň üsti bilen Maşada düzlükden gidýän başga ýol bilen
yza dolandyk. Ýol boýy idegi ýeten, düýbünde ýeke düýp haşal
ot gögermedik baglary synladyk.
Ynha-da Nişapur şäheri. “Göroglyny” okan her bir
adam bu şäheriň adyny bilýär. Gyraty ogurlan Hyrsbibi ýada Şahmamaýy—Zulman diýen kempir we onuň äri Leňňer
baba şu şäherden edilip görkezilýär. Bular eposda erbet
adamlat hökmünde getirilipdir. Sasany şasy Şapur tarapyndan
düýbi tutulan Nişapur şäheri ol tipler bilen däl-de, görnükli
matematik, filosof, astronom, tebip we rubagyçy, ömrüniň esli
bölegini Maryda geçiren şahyr Omar Haýýam (1048—1122),
342
Eýranyň iň atly sopy şahyry Şyh Attar Weli (12 asyr) ýaly äpet
şahslary dünýä berenligi bilen meşhurdyr. Biz şäheriň 5—6
kilometr eteginde bu şahyrlaryň mazarlaryna zyýarat edip, aýat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.