Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14

Total number of words is 3634
Total number of unique words is 2076
29.6 of words are in the 2000 most common words
42.2 of words are in the 5000 most common words
49.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ol meniň bilen gaharly gürleşdi, degişli zähmet hakymy bolsa
“Aýyň aýagyndan öň pul ýok” bahanasy bilen bermedi (men
ony ýarym ýyl soň aldym).
Oba gelip, iki gün boldum-da, barmaly wagtymdan bir
hepde gijä galyp, dekabryň 22-sinde Aşgabada aspirantura
ugradym.
Birinji bölümiň soňy
190
IKINJI BÖLÜM
PAÝTAGTDA
ASPIRANTURA
Öýlänki reýsde Aşgabat howa meýdanyna gelip düşdüm.
Elgoşlarymy Babagulynyň öýünde goýup, iş gününiň ahyryndada bolsa, ýolbaşçylara gelenimi bildirmek maksady bilen instituta
geldim. Alym-kätip Mariýa Stepanowna Harlanowa aspirantura
kabul edilenler barada çykarylan buýrugy elime berdi. Gaýybana
okuwa diňe bir adam—şol wagtky “Sowet Türkmenistany”
gazetiniň baş redaktory Begenç Kerimi, gündizki bölüme bolsa
üç adam kabul edilipdir. Üç dersiň ählisinden “bäşlik” baha alan
Toýly Guzyçyýewiň ady birinji, iki “başlik”, bir “dörtlük” alan
Jeren Kekilowanyň ady ikinji, bir “bäşlik”, iki “dörtlük” baha
alanym üçin, meniň adym ahyrky—üçünji orunda ýazylypdyr.
Alym-kätip bilen bilelikde men direktor Hamzaýewiň
huzuryna-da girip çykdym. Salam-helikden soň, ol maňa ýene
birki gün gelmedik bolsam, deregime başga birini almakçy
bolanlygyny aýtdy, erte sagat üçde-de, täze kabul edilen
aspirantlary ýygnaýanlygyny habar berdi.
Ertesi ýygnanyşykda Hamzaýew aspirantlaryň günde işe
gelmelidigini, ýakynda çap edilen “Türkmen diliniň sözlügi”
diýen düşündirişli sözlükde bir harp ýalňyşyny düzetmäge
institutynyň ähli işgärleriniň we aspirantlarynyň kömek
bermelidigini duýdurdy, sözüniň ahyrynda-da Toýla özüniň
ýolbaşçylyk etjekdigini, meni bolsa moskwaly alym, SSSR
Pedagogik ylymlar akademiýasynyň akademigi, özbek dilini
suwara bilýän Wiktor Wasilýewiç Reşetkowyň huzuryna
iberjekdigini habar berdi.
Men aspiranturanyň düzgünlerini bilmeýärdim. Ýolbaşçyň
nireden bolsa, gülberiňi arkaňa daňyp, dessine onuň ýanyna
eňibermelidir, onuň ýaşaýan şäherinde-de okamalydyr
öýdýärdim. Türkmenistanly aspirantlara moskwaly alymlaryň
ýolbaşçy bellenmegi ýetdirmeýän dereje hasaplanýan eken.
191
Meniň ondanam habarym ýokdy. Şonuň üçin ýygnanyşyk
gutaransoňam men “Size aýtmaly zadym bar” diýip, kabulhanada
saklandym. Ikiçäk galanymyzdan soň Hamzaýewe ýüzlendim:
— Maňa moskwaly alym Reşetkowyň huzuryna gitmeli
diýdiňiz.Sag boluň, ýöne men Moskwa gidip biljek däl.
— Näme üçin?
— Birinjiden-ä, meniň aspirantura girýänligimi eşiden
tanyşlarymyň käbiri diňe Sizi—Hamzaýewi halypa tutunmagy
maslahat berdiler...
— Meselem, kimler?
— Kursdaşlarym Myrat Penjiýew bilen Bally
Baýramdurdyýew, soňam Oba hojalyk institutynyň prorektory
Iwanow.
— Sen Nikolaý Andreýewiçi nireden tanaýarsyň?
Giriş synaglaryny tabşyranymdan soň, şol institutyň
mugallymy, obadaşym Rozy Jumaýewiňkide bilen bile oturmak
miýesser etdi. Ol gowy adam eken, türkmen dilini hem bilýän
eken. Şonda meniň bilen içgin tanşyp, şeýle maslahat berdi.
— Ýagşy, ikinjiden?
— Ikinjiden, men maşgalaly, üç çagam bar. Görýän weli,
olary göçürip getirmäge-hä ýaşaýyş jaý ýagdaýy mümkinçilik
berjek däl ýaly. Käwagt oba baryp gelmek üçin Moskwadan
Aşgabat amatly.
— Ynandyrdyň. Eger Toýly razy bolsa, ony Moskwa iberip,
seni öz ýolbaşçylygyma alaýaryn. Bar, Toýlyny çagyr!
Çagyrdym. Toýly höwes bilen Moskwa gitmäge razy boldy.
Şol günüň ertesinden biz sözlügiň ýalňyşyny düzetmäge
girişdik. Ýalňyş diýip, ullakan ýalňyşam däl: sözlükde “Leninçi”
sözi “Lelinçi” görnüşinde ýazylypdyr. “Türkmen diliniň sözlügi”
ýaly tutumly we uly işde birdir-ikidir ýalňyş tapylýar, emma
weli ol döwürde Lenin, Stalin, Marks, Engels ýaly marksizmleninizm klassyklarynyň atlarynda goýberilýän ýalňyşlara
syýasy äheň berlip, günäkärlere berk çäre görülýärdi. Meselem,
şol ýyllarda Hojambaz raýonynyň gazetinde STALIN diýen
atda T we A harplarynyň orny çalşyrylyp, SATLIN görnüşinde
çap edilendigi üçin gazetiň redaktory we ýene bir işgär jenaýat
192
jogapkärçiligine çekilipdi. Şeýle howpdan gutulmak üçin hem
on müň nusgalykda çap edilip, her alty kitabyň daşynda kagyz
dolanyp, berk daňlan we etiketka ýelmenip, satuwa iberilmäge
taýýarlanan 1700 çemesi karton gapyrjagy ýük maşynlarynda
instituta getirdik we institutyň häzirki jaýyna ýerleşdirdik. Her
işgäre neşirýatdan getirilen bir H harply möhürjik, birnäçe
almazpäki we iki-üç adama bir tipografik reňk guýlan möhür
ýassygyny paýladylar. Her kim günde alty gapyrjagy açyp,
içindäki sözlükleriň “Lelinçi” sözündäki ikinji L harpyny
gyryp, ýerine N harpyny basmalydy, soňra gapyrjagy öňki ýaly
daňyp, ony leksikografiýa bölüminiň müdiri Gurban Ataýewe
tabşyrmalydy. Köp işgär sanlyja günde bu hysyrdyly işiň
hötdesinden geldi.
1963-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, biz kandidatlyk
minimumyny tabşyrmak üçin, filosofiýa we çet dili (meniň
üçin pars dili) dersleri boýunça ýörite okadylýan sapaklara
gatnaşyp başladyk. Ýanwaryň ortalarynda Hamzaýew ýanyna
çagyrdy-da, meni institutyň häzirki zaman türkmen dili
bölümine berkidýänligini aýdyp, şu ugurdan hem özüme tema
saýlamagy tabşyrdy. Bölüm müdiri Bäşim Çaryýarow, ylmy
işgärler Tagangeldi Täçmyradow, Muhammet Hudaýgulyew
we Berdi Hojaýew dagy bolup, maňa “Türkmen dilinde köplük
kategoriýasy” diýen temany hödürlediler. Men üç aýlap köplük
kategoriýasy boýunça türkologiýada edilen käbir işler bilen
tanşyp, çeper eserlerden esli material hem topladym.
Birazdan soň bi temany uniwersitetde Roza Hazratowa
diýen bir aspirantyň işläp ýörendigini habar berdiler. Bu habar
dogry bolup çykdy. Men ähli ýygnan zatlarymy Roza berdimde, täze temanyň gözlegine çykdym. Hamzaýew maňa dile
degişli öz kitaphanamyzda bar bolan ähli awtoreferatlar bilen
tanşyp, şularyň haýsam bolsa birini işlärin diýen niýet bilen
jemi on tema saýlap, göni bir aýdan kabulhanasyna gelmegimi
tabşyrdy. Arman, men ýolbaşçymyň huzuryna gelmeli wagtymy
bellemändirin, bu bolsa esli wagtdan soň meniň ýüzümiň
gyzmagyna getiren sebäpleriň biri boldy (bu barada soňra gürrüň
bererin).
193
Tejribeli dilçiler bilen maslahatlaşyp we kitaphanada işläp,
men on sany tema saýladym. Olaryň arasynda Türkmenistanyň
toponimikasy (ýer-ýurt atlaryna) degişlisi-de bardy. Hamzaýew
bu temany gowy gördi. Huzuryna barmaly wagtymdan esli gün
geçenden soň, ol meni ýanyna çagyrdy we: “Diňe bir türkmen
dilinde däl, eýsem beýleki türki dillerde-de toponimika henize
çenli işlenen tema däl, sen ilkinji bolarsyň. Şu temany al, ýöne
tutuş Türkmenistanyň ýer-ýurt atlary gaty köp bolýar. Onuň
belli bir bölegini alarsyň, belki-de “Günbatar Türkmenistanyň
toponimikasy” diýip, temany çäklendirmeli bolarsyň. Munuň
üçin Çöller institutynyň direktory Agajan Babaýew bilen
maslahatlaş” diýip, meni onuň ýanyna iberdi. Agajan Geldiýewiç
meniň Lebapda önüp-ösenligimi sorap bilenden soň, belet
ýerimiň toponimikasyny ýygnamak aňsat bolar ýaly, şu etrabyň
ýer-ýurt atlaryny işlemegi maslahat berdi. Ol bu babatda dessine
Hamzaýew bilenem telefonda gepleşdi. Ikisiniň gelen netijesi
boýunça-da meniň kandidatlyk dissertasiýamyň ady “GünortaGündogar Týrkmenistanyň toponimikasy” bolup galdy. Bu
sebit Tejen-Sarahs etraplaryny, tutuş Mary welaýatyny, Lebap
welaýatynyň hem demir ýoldan gündogaryndaky etraplaryny öz
içine alýardy.
Agajan Babaýew toponimikanyň geografiýa ylmy üçin
örän ähmiýetlidigini, bu temany işlemekde özüniň maňa
degerli kömek berjekdigini duýdurdy. Men täze temama degişli
edebiýatlar bilen tanyşmaga girişdim.
Aprel aýynda oba baryp gelmek üçin Hamzaýewden rugsat
soradym. Ol näçe gün gerekligini sorady. “Bir hepde ýeter”
diýdim. Ol “Gidiber” diýdi-de, iş stolunyň üstündäki ýörite
galam-ruçka goýulýan bir enjama çatylan kitapçanyň gatlaryny
agdaryşdyryp, onuň bir sahypasyna bir zatlar belleşdirdi.
Men ol kitapçanyň her tagtasynyň aýyň günlerini görkezýän
serpme kalendardygyny ol wagt bilmeýärdim, onuň degişli
tagtasyna Hamzaýewiň meniň gelmeli gününi bellänligini-de
aňşyrmandyryn.
Bahar pasly. Tebigatyň gözel çagy. Bu çagda önüp-ösen
obam has hem gözel görünýär. Men obada bir hepde däl-de,
194
15 gün bolup, Aşgabada dolandym. Gödek ýalňyşlygym, olda meniň gelen dessine Hamzaýewiň ýanyna girmän, oňa hiç
zat duýdurman, sapaklara we kitaphana gatnap başlamagym
boldy. Bu wakadan bir aý çemesi geçenden soň, Hamzaýew
institutdaky aspirantlaryň ählisini, özüniň ýolbaşçylyk edýän
alymlarynyň hem birnäçesini kabulhanasyna ýygnady. Menem
geldim, emma maňa “Daşarda garaş” diýdiler. Esli wagtdan soň
çagyrdylar. Içeri girdim. “Gapyny ýap-da, işik agyzda dik dur”
diýdiler. Durdum. Hamzaýew ýerinden turdy-da, biraz dymyp,
soňra oturanlara ýüzlendi:
— Siziň köpiňiz—meniň okuwçylarym. Şu wagta çenli
siz meniň bir diýenimi iki aýtdyrman ýerine ýetirip gelýärsiňiz.
Emma meniň täze alan aspirantym, ynha, şu gapyda duran
ýigit, meni eýýäm iki gezek aldady. Ilkinji gezek oňa tema
saýlap, göni bir aýdan ýanyma gelmegi tabşyrdym, emma ol bir
ýarym aýdanam gelmedi. Ahyrda ony özüm ýanyma çagyrdym.
Görüp otursam, ol ýanyma gelmeli wagtynam bilmeýän eken.
Mundan biraz öňem ol oba baryp gelmek üçin bir hepde rugsat
sorady. Möhleti onuň özi kesgitledi. Ol on gün diýse-de, iki
hepde diýse-de, rugsat berjekdim. Ýöne ol bir hepde sorady,
emma on bäş gün obada bolup geldi. Meni bu aspirantyň üçünji
gezek aldamajagyna ynamym ýok, oňa-da men çydap biljek däl.
Maslahat bermegiňiz haýyş edýärin. Näme etmeli? Siziň ähliňizi
maslahata çagyrdym.
Meni içeri goýbermän, daşarda saklanlarynda, mesele
gowy bişirilen bolmaga çemeli: Hamzaýew sözüni kesen
dessine oturanlaryň ählisi biragyzdan çykyp geplemek üçin söz
soradylar. Men bu oturanlaryň ählisini tanaýardym, käbiri bilen-ä
ysnyşmaga-da ýetişipdim. Emma bu gün weli çykyp gepläni
meni edil ilkinji gezek görýän ýaly, agzynda-da Alynyň gylyjy
bar ýaly, üstüme sürnüp gepleýär, halypany aldamagyň edil
ogurlyk etmek ýaly gabahat işdigini aýdyp, meni utandyrmaga
çalyşýar. Ilkinji bolup Sapar Kürenowa söz berildi, ol uzak
gürledi, soňra Aşyrguly Borjakow, Aky Annamämmedow dagy
çykyp geplediler. Bularyň “ýazmaça düşündiriş almaly” diýýäni
haýsy, “ikinji gezek gaýtalasa, aspiranturadan kowmaly” diýýäni
195
haýsy, garaz, her kim meni kötekleýär. Aky Annamämmedow-a:
“Ýeri, dost, ýolbaşçyňy iki gezek aldamaga seniň nähili
ynsabyň çatdy? Hany, jogap ber” diýibem gyssaýar. Ýüzümi
gyzardyp durun. Ahyrda-da çydamadym. Elimi galdyrdym-da,
Hamzaýewe ýüzlendim:
— Ýoldaş mugallym, maňa ýeterlik boldy. Günäme
düşündim. Öňküler üçin ötünç soraýaryn. Ömrümde gaýdyp
şeýle iş etmejekdigim barada Size we şu oturanlaryň ählisine
söz berýärin.
Şeýle diýenimden Hamzaýew ýerinden turdy-da:
— Ähliňiz boş, gaýdyberiň—diýdi. Artykmaç hiç zat
diýmedi. Şunuň bilenem ýygnak tamamlandy.
Günäňi boýnuňa goýup görülýän çäreleriň täsiri başgaça
bolýan eken. Men şol günden başlap Hamzaýewden çekinip
başladym. Onuň tabşyryklaryny başdansowma ýerine ýetirmäge
miltem edip bilmedim, bir diýenini iki aýtdyrmadym. Saçsakgalymy ösdürip ýa tagaşaksyz geýnip, oňa görünmäge-de
çekindim.
JAÝ GÖZLEGINDE
Aspirantura girenleriň arasynda Toýly Guzuçyýew ikimiz
obaly bolup, şäherde ýaşaýyş jaýyna mätäçdik. Ol döwürde
tutuş akademiýada aspirantlar öýi ýa-da umumy ýaşaýyş jaýy
ýokdy. Şonuň üçin AşGES köçesinde Toýlynyň tapan jaýynda
ikimiz kireýine ýaşamaga başladyk. Hojaýynymyz Ýusup
diýen azerbaýjan ýaşulusy Toýlynyň tanşy eken. Ol bir wagtlar
uniwersitetde komendant bolup işläpdir. Biz onuň jaýynyň
ýerzemininde (podwalynda) bir otagda ýerleşdik. Otagymyz
ýylydy, ýöne garaňkydy, gündizine-de çyra ýakyp oturmalydy.
Üstesine-de çyglydy, gündogardan ýagyş gatyşykly ýel bolaýsaha basgançaklardan aşak eňýän suw jaýyň sement polunda
durlanar durardy. Şonuň üçin bir aý çemesi ýaşanymyzdan soň,
bu jaýdan çykyp, telestudiýanyň ýakynyndan, Bedenterbiýeçiler
köçesiniň ugrundan uly howlynyň bir otagyny kireýine tutduk.
Edebiýat institutynyň aspiranty Şamuhammet Halmuhammedow
196
hem bile ýaşamak üçin bize goşuldy.
Bu jaýymyz gowudy. Howlynyň günorta tarapy boş
baýyrlyk bolany üçin, bahar aýlary onuň tebigaty hasam
gözel görünýärdi. Howlynyň hojaýyny uzak wagtlyk bir ýana
gidenligi üçin, bu ýerde onuň garryja ejesi, gelni we 4-5 sany
ýaş çagasy ýaşaýardy. Öý eýesiniň tanşy Şamuhammet (ýörgünli
ady Şapy) biziň aspirantlygymyzy, tertipli oglanlardygymyzy
aýdandan soň, garry eje bizem howlusyna goýberdi, ýöne weli
garaňky düşenden soň gapyny açmajaklygyny, ony kakyp azara
goýmazlygy we bimaza etmezligi öňünden duýdurdy. Garaňky
düşenden soň ýaşaýan ýeriňe gelmän bolýarmy? Gelerdik.
Näçe kaksagam, gapy açylmazdy. Men ýoldaşlarymyň kömegi
bilen haýata çykyp, Toýlyny we Şapyny ýokary çekip alardym.
Haýata çykanyň bilen iş gutarmaýar: derwezäniň çepindäki
aşhana bilen sagdaky esasy jaýyň arasy şifer bilen örtülendi.
Ýuwaşlyk bilen onuň üstünden geçip, mellegiň o başyna çenli
uzalyp gidýän üzüm teläriniň agaçlaryndan sallanyp, aşak
düşmelidi. Ençeme gezek şeýdip, ýatakjaýa ýetipdik. Ynha, bir
gün weli ýaman ýerde gaý turdy: Şapy ikimiz öňki usul boýunça
şiferden geçdik-de, sallanyp howla düşdük. Ýaşaýan otagymyzy
açyp, içeri giren badymyza-da daşarda uly şakyrdy peýda boldy.
Agyr göwreli Toýly şiferiň üstünden geçen wagty tagaşyksyz
hereket eden bolmaly: şifer döwlüp, Toýly aşak gaýdypdyr,
ýöne ol üzüm teläriniň ýokarky ýanagajyna ýapyşyp ýetişipdir.
Biz şakyrdyny eşidip, ylgap daşaryk çykdyk. Nämäniň
nämedigine göz ýetirýänçäk, ýokarky agaçdan asylyşyp, hallan
atyp, ýakyndaky sütüne ýetmäge dyrjaşýan Toýlynyň agramyna
çydaman, ejizje telär tutuşlygyna şakyrdap, uzaboýuna gapdala
gyşardy, sanly salymda-da üstündäki göm-gök, emma heniz
bişmäge ýetişmedik boldumly we gür üzüm çybyklary bilen
birlikde ýere ýazyldy ýatyberdi. Bu alaşakyrda oýanyp, garry
eje-de daş çykdy. Hol mellegiň törüne çenli uzalyp gidýän
dalbaryň bagryny ýere berip ýatyşyny biraz synlap durdy, soňam
sesisni çykarman, içeri girip gitdi.
Ertir ir bilen turduk, agşamky etmişimizi synladyk. Ýoluň
iki gyrasyna öl guma gömlüp dikilen ejizje telär söýeleriniň düýbi
197
çüýräp gidipdir. Bu ýylky boldumly üzümiň zarbyna, üstesinede Toýlynyň bir sentnerlik agramyna çydaman, sähel gyşarandan
ähli tagta söýeleriň düýbi döwlüpdir. Garry eje-de ýatan üzümiň
üsti bilen aşhana nähili geçjegini bilmän, nebsagryjylyk bilen
bu pajygaly “peýzažy” synlaýardy. Toýly düýbi garalyp, çüýräp
giden bir söýäni üstüne çüýlenen agaçlardan aýyryp eline aldy,
garry eje eşider ýaly edibem, Şapa ýüzlendi:
— Şapy, görsene bu tagtany, düýbi çüýräp gutarypdyr. Bu—
dalbar güýçlüräk ýel bolsa ýa-da üstündäki ýüki biraz agralsa,
öz-özündenem ýykyljak ekeni.
— Hawa, göwnüňe teselli beriber. Bu etmişiň bize birnäçe
gün iş bolaýsa gerek.
Şapy meni ýanyna çagyrdy, ikimiz howlynyň töweregindäki
haýatdan baýra tarap aşdyk. Ýakynjakda telestudiýa üçin iki gat
uly jaýyň gurluşygy gidýärdi. Biz şoňa ugradyk. Gurluşygyň
garawuly Ata agany Şapy tanaýan eken. Asyl Ata aga biziň
hojaýynlarymyzyň garyndaşy bolup çykdy. Ol eýýäm biziň
“işimizi” synlap ýetişipdir. Şadyýan ýaşuly salamymyzy aldyda, gülümjiräp:
— Ýer-ow, ýigitler uzyn dalbary tep-tekiz edäýdiňizmi?
Nädip ony beýle endigan ýykyp bildiňiz? —diýdi. Soňra
bälçikligini goýdy-da, iş gürrüňine geçdi. —Ol dalbary heniz
üzümler ýaşka wagtlaýyn edipdik. Özümem ejiz teläriň üzümleri
uzak götermejegini aňýardym. Boljak iş bolupdyr. Bu ýyl şol
üzümler hasyl getirmändir hasap ederis. Sementi şu gurluşykdan
bererin. 20 sany berk dörtgyraň tagta taýýarlap goýdum, olary
howla çekiň. Meniň howlymda beton etmek üçin çagyl we çäge
bardyr. Legen-ä siziň howlyňyzda-da ikisi bar. Çaýdan soň
menem bararyn. Işe başlaly — diýdi.
Ilki dalbaryň iki tarapyna dikilmeli söýeler üçin çukurlar
gazdyk. Soňra üstüne özi ýaly berk tagta kakylan söýeleri
dikläp, göni hatar edip, çukura oturtdyk we düýbüni betonlap
çykdyk. Ertesi üstüne keseligine atylýan tagtalary berkitdik.
Şapy belent kürsiniň üstüne çykyp, kese agaçlary çüýläp duran
Toýla ýüzlendi:
— Hany, Toýly, şol çüýläp duran tagtaňdan asyl-da, hallaň
198
atyp gör. Bu dalbaram bir synagdan geçip, seniň agramyňa
çydajakmy ýa ýok?
— Aý, bu telär düýe assaňam götär-le. Sebäbi ussasy
özümiz.
Üçünji güni üzümleri ýeke-ýekeden teläriň üstüne çykaryp
berkitdik. Üzümiň hasyly zer-zaýa boldy diýäýmeseň, telär
öňküden has gözel bolup, howlyny bir hili görke getiräýdi.
Ýöne öz eden telärimize uzak guwanmak miýesser etmedi.
Bir hepde geçdimi, ýokmy-garry eje biziň ýaşaýan otagymyza
ýegenini getirjegini aýdyp, jaýy boşatmagymyzy talap etdi.
“Eýesine gerek bolsa, goňşusyna haram” diýleni. Hasaplaşyp,
jaýy boşatdyk. Ilki ýakynjakdan, telestudiýa çykýan Baýramaly
köçesiniň aýagujunda, Çehow köçesiniň gaýry gyrasynda
ýaşaýan azerbaýjanlynyň howlusyndan bir otagy kireýine
tutduk-da, ullakan “ZIM” kysymly taksä üçimiziň goşlarymyzy
hem birbada ýükläp, täze jaýymyza göçdük. Bu ýerde tomus
kanikulyna çenli ýaşadyk. Kanikuldan gelip, Tekebazaryň
ýakynjagyndan, Zülpükar aga diýen ýene bir azerbaýjanyň
howlusyndan bir otagy kireýine tutduk, goňşy otagda-da
Aşyrberdi Kürt ýaşaýan eken. Toýly ikimiz bu jaýda dört aý
çemesi bolduk (Şamuhammet o wagt Moskwada, ýolbaşçysynyň
ýanynda işleýärdi).
Bu jaýymyz gaty amatlydy. Instituta bäş-on minutda
pyýada barmak bolýardy. Iň esasy-da, Tekebazar ýakyn bolany
üçin, azyk babatda alada azdy. Bazar sowulmazynyň öň
ýanynda Toýly bazara gidip, gök önümleri arzan bahadan satyn
alyp gelerdi (umuman, Toýly söwda etmäge we utmaga gaty
ökdedi). Hepdäniň belli bir gününde bu bazarda soýlan malyň
arassalanan (diňe dişleri kakylmadyk) kellebaşy we aýaklary
satylýardy. Kilogramy hem kyrk köpükdi. Toýly hem hepdede
dört aýak bilen bir kelle getirip, ilki dişlerini kakardy, soňra
olary syrçaly bedrä gapgarardy-da, üstüne suw we bir gysym
duz guýardy, elektrik gaýnatgyjy (kipýatilnigi) içine atybam esli
wagt gaýnadardy. Bardy-geldi, myhman geläýse (ikimiziňem
yzymyzdan myhman köp gelerdi) Toýly olaryň öňünde kellebaş
goýup:
199
— Birje dowarymyz bardy, siziň geljegiňizi eşidip, şony
soýduk. Alyň, iýiň—diýerdi. Käbirleri onuň sözüne ynanardam.
1963-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrlarynda bizi pagta
ýygymyza sürdüler (ol döwürde aspirantlar hem ýygyma
iberlerdi). Biz Toýlynyň iline—Tagta etrabynyň Temeç obasyna,
Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Berdi Seýitmämmedow diýen
gowy adamyň brigadasyna düşdük. Aksaraýyň diňi diýen
gadymy ýadygärligiň ýakynyndaky meýdan düşelgesinde iki
aýdanam gowrak, tä Täze ýyl baýramçylygyna çenli ýaşadyk
we pagta ýygdyk. Toýly biziň ýolbaşçymyz Muhammetjuma
Öwezgeldiýewiň kömekçisi edilip bellendi. Men bizden bir ýyl
öň aspirantura giren Sapar Baýlyýew bilen bir ýerde ýaşadym we
pagtany bile ýygdym (filologiýa ylymlarynyň doktory, professor
Sapar Baýlyýew häzir Magtymguly adyndaky TDU-da işleýär).
Sapar ikimiz köp pagta ýygmakda aspirantlaryň arasynda birinji
ýeri eýeledik, munuň üçin biz Aşgabada dolanyp gelenimizden
soň, sagat we Akademiýanyň Prezidiumynyň Hormat haty bilen
hem sylaglandyk.
Ýygymda biz esli pulam gazandyk, ol biziň ähli eşiklerimizi
täzelemäge ýetdi. Gar ýagyp, körek ýygymyna geçilenden soň-a
girdejimiz hasam artdy, sebäbi atyzlarda körek gaty kändi,
onuň her kilogramyna 5 köpük tölenýärdi. Suw basan atyzlarda
körekleri sowuk urman, göm-gök bolup oturan üçin, ol köregiň
bir fartugy 10-13 kilogram gelerdi. Şonuň üçinem körekden
näçe sentner, hatda tonna islesegem ýygyp bilýärdik.
Biziň ýygan köregimiz pagta harmanynyň ýanyndaky boş
meýdanda uly we belent depäni emele getirdi. Ýagan galyň gar
onuň üstüni örtdi, bizi-de iki-üç günläp işden dyndyrdy. Sowuk
howany geçirmeýän galyň garyň astynda öl körek mazaly
demigip gyzypdyr, bir ertir turup seretsek, topbak köregiň ikiüç ýerinden goýy tüsse towlanyp, asmana göterilýär. Şol wagt
brigadir Berdi aga daljygyp ýanymyza geldi-de:
— Oglanlar, munça köregi oda beräýsek, meniň gözümi
türmede açdyrarlar. Gaýrat edip, ony giň meýdana ýaýratmaga
kömek ediň. Men size näçe diýseňiz körek ýazaryn—diýdi. Biz
işe girişdik.
200
Garly, sowuk howada ýanyp, bugaryp ýatan köregiň üstüne
çykyp işlemekden erber zat ýok bolsa gerek, çünki ondan çykýan
howur sanly salymda hammamyň gyzgyn bugunda oturan ýaly
edýär, ýanan pagtanyň we çigidiň agras ysy bolsa aňkaňy aşyryp
barýar. Biz günortana çenli içki eşikli işläp, köregiň ýanan
ýerlerini gowy dagatdyk we ody öçürdik. Ýene ýanaýmaz ýaly,
öýlän bu “depäniň” galan ýerlerini hem dagadyp çykdyk.
Şu pagta ýygymy döwründe sähel elimiz boş bolanda
ýa-da işden soň köplenç Toýlynyň öýüne ýa-da onuň dogangaryndaşlarynyňka myhmançylyga gitdik. Ylaýta-da Toýlynyň
kakasynyň dogany, Tagtanyň öňki “Türkmenistan” kolhozynda
25 ýyllap başlyk bolup işlän Çörli Toýly bilen meniň sulhum
alyşdy. Ol käte gozakly motorynda yzymyzdan gelip, Toýly
ikimizi öýüne äkiderdi, ertesi irdenem getirip giderdi.
Men şu pagta ýygym möwsümi döwründe Çärjew
pedinstitutynda bile okap, bile bir otagda ýaşan, şol wagt bolsa
ýakyndaky Bedirkent obasynda mekdep direktory bolup işleýän
Nury Kakyşow bilen hem iki-üç gezek duşuşdym.
Täze ýylyň alkymynda pagtaçylar üçin ýörite düzülen
otluda bizi Aşgabada ugratdylar. Berdi aga akademiýadan
gelenler üçin ilki dowar öldürip, zyýapat etdi, hoşlaşygyň öň
ýanynda-da her kime Aşgabada äkitmek üçin bir sany äpet
garrygyz gawundan paýlap çykdy. Daşoguz wokzalynda-da bizi
elin ugradyp goýberdi.
***
1964-nji ýylyň sowuk ýanwaryny men Toýly bilen
Tekebazaryň ýakynyndan kireýine tutan otagymyzda geçirdim.
Otagda peç ýa-da başga hili ýylylyk çesmesi ýokdy. Has sowuk
bolanda, Toýlynyň kellebaş bişirýän syrçaly bedresini suwdan
dolduryp, suwy elektrik gaýnatgyçda gowy gyzdyrardyk, ony
sowugyň esasy gelýän ýeri bolan gapynyň ýakynynda goýup,
ýorganlarymyzy başymyza çekerdik. Bedredäki suwuň ýüzüniň
doňup galýan günlerem bolardy.
Aşgabatda şunça ýere göçüp-gonsagam,
biziň
201
pasportlarymyzyň belli bir adrese ýazgysy (propiskasy) ýokdy.
Aşgabatda ol soralybam durmaýardy. Emma munuň ejirini men
Moskwa baranymda çekdim.
Moskwanyň merkezi kitaphanasynda işlemek üçin
ýanwaryň aýagynda bir aýlyk ylmy iş saparyna gitdim. Bile
giden ýoldaşlarym bilen Türkmenistanyň Arbat köçesindäki
wekilhanasyna
bardym.
Propiskalalylar
wekilhananyň
ýatakhanasyna ýerleşdiler, hiç ýere propiskamyň ýoklugy üçin,
maňa 24 sagadyň dowamynda Moskwany boşatmaly diýip
höküm edildi. Alaç ýok, men esli gün hususy jaýlarda köp pul
töläp, kireýine ýaşadym. Diňe Aman Kekilowyň “Moskwa”
myhmanhanasyndadygyny eşidip, onuň ýanyna baranymdan soň,
ol Türkmenistanyň wekiline jaň edip, maňa hem wekilhanada
ýerleşmäge kömek etdi.
Moskwadan gelip, ol ýerden getiren ylmy materiallarymy
tertipleşdirmäge başladym. 1964-nji ýylyň bahar aýlarynyň bir
güni Akademiýanyň Prezidentiniň Prezidiumynyň agzalarynyň
we MK-nyň hem-de Ministrler Sowetiniň jogapkär işgärleriniň
aspirantlar bilen duşuşjakdygyny, onda aspirantlaryň ylmy
işleri, ýaşaýyş durmuşlary, dissertasiýalaryň möhletinden has
gijikdirilip goralmagynyň sebäpleri barada gürrüň ediljekdigini
habar berdiler. Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy: men bu
duşuşykda çykyp gepläp, içimi dökmekligi berk ýüregime
düwdüm. Nämeler diýjegimiň hem anyk planyny çekip,
çykyşa gowy taýýarlandym. Sözümi häzirki Prezident, instituty
gutaranymda rektorymyz we mugallymymyz bolan Şaja Batyrowa
gönükdirip aýtjakdym, emma duşuşyga Batyrow gelmedi.
Ýygnaga wise-prezidentler S.R.Sergiýenko, Tagan Berdiýew,
MK-nyň, Ministrler Sowetiniň we şäherkomyň wekilleri, şeýlede institutlaryň direktorlary gatnaşdylar. Ýygnagy Sergiýenko
açyp, bizden edilýän talaplar, wezipelerimiz barada gürrüň etdi,
bu ugurda institutlarda goýberilýän kemçilikleri sanady. Soňra ol
çykyp geplejeklere söz berdi. Ilki direktorlardan birkisi gepledi.
Maňa söz ýetmän galaýmasyn diýen howsala bilen menem elimi
galdyrdym. Söz berildi. Ýygnak orus dilinde gidýänligi üçin,
menem şol dilde gepledim. Çykyşymyň takmyny mazmunyny
202
beýan edeýin: Akademiýa diýlende, al-asmanda howalap duran
mukaddes köşk, hakyky ylym ojagy göz öňüne gelýärdi. Bu
ýerde işleýän meşhur alymlaryň arasyna düşmegi ýürekden
arzuw ederdik. Emma biziň bu göz öňüne getirmelerimiziň ýöne
bir salgymlygyna aspirantura girenimizden soň düşünip galdyk.
Aspiranturada okaýan bir ýarym ýylymyzyň dowamynda biziň
durmuşymyz, ýaşaýyş jaýymyz, gün-güzeranymyz barada hiç
kim ýeke gezegem gyzyklanmady. Ähli ýokary we orta okuw
jaýlarynyň ýörite ýatakhanalary bar, hatda meniň obamdan
kinomehanikleriň 6 aýlyk kursuna gelen iki oglan gelen dessine
ýatakjaý aldy, pasporty hem propiska edildi. Emma akademiýanyň
aspirantlary ýatyp-turmaga-ha däl, eýsem pasportyny propiska
etdirmäge-de jaý tapanoklar. Şol sebäpli men Moskwa ylmy
iş saparyna gidenimde, 24 sagadyň dowamynda bu şäherden
çykmaly edildim. Aspirantlaryň ykbaly ynanylan adamlar olar
hakda ymykly alada etmeseler aspirantlaryň öňünde goýulýan
wezipeleriň çözülmesi aňsat düşmez.
Meniň çykyşymy soňky geplänler hem goldadylar. Jemleýji
sözümde Sergiýenko-da:
— Dil-edebiýat institutyndan çykyş eden hol aspirantyň
sözüniň jany bar. Biz şu hepdäniň ahyrynda aspirantlar öýi
üçin jaý bermegini ýokary organlardan haýyş etjek. Siziň hem
goldamagyňyzy soraýaryn—diýip, prezidium stolunda oturan
MK-nyň, Ministrler Sowetiniň we şäherkomyň wekillerine
ýüzlendi.
Hakykatdan-da, köp wagt geçmänkä meni T.Berdiýew
ýanyna çagyrdy. Bardym. Ol:
— Hol günki ýygnakda jaý barada çykyş eden oglan sen
dälmi? — diýip sorady.
— Hawa, men.
— Sen bolsaň, şol çykyşyň bize gowy ýarady we aýgytly
hereket etmäge itergi berdi. Düýn 3-nji mikroraýondan Lewitan
bulwarynyň ugrundaky 3 sany uly bölekden durýan 3 gat jaýyň
günbatarky uly bölegini aspirantlar öýi hökmünde akademiýa
berdiler. Men ony aýlanyp gördüm. Otaglary uly. Her iki
aspiranta bir otag berjek. Jaý meselesini ýiti gozganyň üçin,
203
saňa şol jaýdan bir otagy saýlamaga rugsat berýärin. Ýanyňa-da
isläniňi alyp bilersiň.
— Sag boluň, Tagan Berdiýewiç! Institutymyzyň
aspirantlary ýaşajak gatdan Toýly ikimize bir otag berseňiz bolar.
Bize 3-nji gatdan 105-nji otag ýetdi. Zülpükar aga bilen
hasaplaşyp, hoşlaşyp, dessine täze jaýymyza göçüp geldik.
Wakalardan öňe geçip aýtsam, men bu jaýda Toýly bilen 3 ýyl
ýaşadym. 1967-nji ýylyň martynda obadan maşgalamy Aşgabada
getirenimsoň bolsa bu jaýy Toýla goýup, ýene kireýine jaý alyp
ondan çykdym.
Ilkinji ylmy saparlar
Aspiranturanyň birinji ýyly (1963) tema saýlamak, Aşgabat
kitaphanalarynda saýlanan tema degişli bar bolan edebiýatlar
bilen tanyşmak, geografik kartalardan meniň öwrenmeli
territoriýamyň ýer-ýurt atlaryny göçürip, onuň kartotekasyny
düzmek bilen geçdi. Onuň daşyndan şol ýyl filosofiýadan we pars
dilinden kandidatlyk synaglaryny tabşyrdyk (men ikisindenem
bäşlik aldym).
1964-nji ýylyň başynda saýlan temama (toponimika)
degişli öňki Soýuzyň respublikalarynda ýazylan dissertasiýalar
we Aşgabatda ýok edebiýatlar bilen tanyşmak, iň esasyda, merkezdäki uly alymlaryň maslahatyny almak maksady
bilen ylmy ýolbaşçym Hamzaýew meni Moskwa şäherine bir
aýlyk iş saparyna iberdi. Pasportymyň propiskasyzdygy üçin
myhmanhana kabul edilmesem-de ( bu barada öňde ýatlapdym),
men gelen dessime Moskwanyň iň esasy kitaphanasyna ýazylyp,
işe başladym. Merkezi Ylymlar akademiýasynyň Dil bilimi
institutynda alymlaryň jemlenişýän gününi anyklap, degişli
sagatda Hamzaýewiň duşuşmaly diýen alymlarynyň ýanyna
geldim. Ilki duşuşanym baryp 50-nji ýyllarda I.W.Staliniň
dil bilimi baradaky işlerinde ady agzalýan meşhur alym
B.A.Serebrennikow boldy. Dünýäniň esasy dillerinden 12-sini
suwara bilýän bu alym şol döwürde institutyň direktory eken.
Türkolog bolmasa-da, toponimikanyň teoriýasyna degişli onuň
204
käbir işleri bardy. Hamzaýewiň özüne ýazan hatyny okap, ol
meniň dissertasiýamyň plany bilen tanyşdy, oňa birnäçe düşediş
hem girizdi.
Institutda ikinji duşuşanym E.W.Sewortýan
boldy.
Azerbaýjan diliniň dürli meseleleri babatda ençeme kitaplar
ýazan bu meşhur alym hem meniň iş planyma degişli birnäçe
bellik etdi.
Belli türkolog, Garagalpagystanyň, Türkmenistanyň we
Orsyýetiň ylymda at gazanan işgäri, professor N.A.Baskakow
(1905-1996) bilen duşuşygym weli ömürlik ýadymda galdy. Bu
şeýle boldy.
Bir gezek agzalan instituta gelenimde, bildirişler tagtasynda
N.A.Baskakowyň türki halklaryň umumy elipbiýi barada çykyş
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.