Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10

Total number of words is 3576
Total number of unique words is 2017
27.7 of words are in the 2000 most common words
39.3 of words are in the 5000 most common words
46.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
nagyşlanyp, sahypa nomerleri goýlup, 12 sany okuwçy depderi
kitap görnüşinde çatylypdyr, Alla Kadyra mähsus ezberlik
bilen tikilipidr, jilt, sahap edilipdir. Bu elýazma kitabyň “Giriş”
bölüminde
ony ýygnamaga gatnaşan okuwçylar barada
maglumatlar, kitabyň yzynda bolsa maglumat beren adamlaryň
sanawy-shemasy ýerleşdirilipdir. Shemada informatorlar barada
10 sany maglumat (ady, familiýasy, ýaşy,, millleti, sowady, käri,
maşgala durmuşy, ýagny maşgala agzalarynyň sany, haýsy žanry
gürrüň berenligi, adresi we bellik) getirilýär.
Iň soňky sahypada elýazmanyň suratçysynyň, tehniki
redaktoryň atlary, onuň ýazylmaga başlanan (15. XII.1959) we
gutaran (19.I.1961) seneleri, şeýle-de bu kitabyň 12 depderden,
276 sahypadan durýanlygy ýazylypdyr.
Bu elýazmany Alla soňra Türkmenistan milli golýazmalar
institutyna tabşyrypdyr, ol institutyň golýazmalar hazynasynda
945-f nomerli bukjada saklanýar.
Allanyň bu elýazmasyny folklorçy alymlar köp
peýdalanypdyrlar. Hatda onuň sahabynyň iç ýüzüne öz
awograflary ýazylan kagyzlary ýelmän alymlar hem bar.
Meselem, azerbaýjan alymy M. Hatemi we moskwaly görnükli
edebiýatçy, professor Halyk Görogly dagy şeýle kagyzda “Halk
döredijiligini şeýle gözellik we ezberlik bilen ýygnamagy
başaran mugallyma şan-şöhratlar bolsun! 6 ýanwar 1968 ýyl”
diýen ýazgyny galdypdyrlar.
Geň ýeri, Alla Kadyrow elýazmalary mawy syýa we
okuwçy perosy bilen basma, ownujyk harplarda, okuwçylaryň
öýjükli depderiniň her çyzygynda bir setiri ýerleşdirip ýazypdyr
(umumanm Alla institutda ähli konspektleri, bloknotyna ýazýan
zatlaryny hem basma harpda we biziň bilen deň çaltlykda
ýazýardy).
Soňra Alla obalardan türkmen ertekileriniň uly toplumyny
ýygnap, ony hem uly elýazma kitap görnüşine getiripdir. “Ýedi
dawagär” diýen at bilen ony-da milli golýazmalar institutyna
tabşyrypdyr (inwentar nomeri f-1293).
Bu iki elýazmanyň içindäki ertekileriň köpüsi dürli
neşirlerde peýdalanylypdyr, olaryň galanlaryny hem Allanyň
131
özi 1994-nji ýylda “Ýedi dawagär” ady bilen “Magaryf”
neşirýatynda aýratyn kitapça görnüşinde çap etdirdi (128 sah.).
Alla Kadyrowyň toplan ertekileri Nöküsde garagalpak
dilinde hem neşir edildi (1995). “Halk pähiminiň miwesi” atly
bu kitaba giriş makalasyny hem Allanyň özi ýazypdyr.
Aspirantura döwründe kireýine jaýda bile ýaşan
ýoldaşym, filologiýa ylymlarynyň doktory, folklorçy professor
Şamuhammet Halmuhammedow Daşogyza ylmy iş saparyna
gidende, Alla Kadyrowyňkyda myhmançylykda bolupdyr. Ol
gaýdyp gelenden soň, Allanyň tutuş bir uly otagy kitaphana
edinendigini, Aşgabadyň kitaphanalarynda tapylmaýan seýrek
kitaplaryň hem onda bardygyny gürrüň berdi. Tekjelerdäki
kitaplaryň ilki gowy timarlanyp, formaty deň sahaplayp, soňra
temalar boýunça bölünip, nomerlenip, örän tertipli goýlandygy,
nätanyş adamyň hem görkezgiç boýunça gerekli kitabyny
dessine tapyp bilýändigi, bu şahsy kitaphananyň çendenaşa
baýdygy Şamuhammedi aňk edipdir.
Alla öz kitaphanasynda öňki “Sowet edebiýaty” (häzirki
“Garagum”) žurnalynyň, “Türkmenistan”, “Mugallymlar
gazeti”, “Edebiýat we sungat” gazetleriniň hem tutuş 20-30
ýylyň dowamyndaky nomerlerini rejeläp saklapdyr.
Obada mugallym döwrümde Alla Kadyrowyň öz öýünde
maşgala diwar gazetini aýda bir gezek yzygiderli çykarandygyny
onuň bilen bile işleşen oba mugallymlary we Allanyňkyda birnäçe
gezek myhmançylykda bolan edebiýatçy professor, şahyr
Ahmet Mämmedow dagy hezil edip gürrüň berýärler. Ilki çen
bilen “Göreldeli maşgala”, soňra bolsa “Döwletli ojak” ýalyrak
at bilen Allanyň çykaran bu gazeti bezeliş jähtden-de, özünde
ýerleşdirilen informasion we edebi makalalaryň çeperçiligi
babatda-da adygan mekdeplerde çykarylýan diwar gazetlerden
pes oturmaýar eken. Onuň baş makalasy umumy maşgala degişli
ýazylyp, gazetiň galan uly böleginde şu maşgalanyň gündelik
işlerini suratlandyrýän habarlar, gyzyl syýa bilen ýazylan öwgüli
makalalar, öz wezipesini ýerine ýetirmedikler hakyndaky
feletonlar, ýiti tankytlar, goşgular we hekaýajyklar, iň soňky
sütüninde bolsa şu maşgala bilen baglanyşykly teýene, henek132
ýomaklar, gülküli wakalar, tapmaçalar ýerleşdirilipdir.
Gazetiň tankydy makalasy maşgala ýygnagynda ara alnyp
maslahatlaşylyp, gelnen netijeler we görlen çäreler hakynda
gazetiň indiki sanynda habar berlipdir. Alla Kadyrowyň şahsy
arhiwinde bu maşgala gazetiniň 50-den gowrak sany saklanýan
bolmaly.
Alla Kadyrowyň geň-taň häsiýetleriniň ýene biri barada
gürrüň beýin. Alla sagat götermezdi, emma islendik pursatda ol
bir, köp bolsa iki minut tapawut bilen sagady aýdyp bilýärdi.
Bile işleşen ýoldaşlarynyň aýtmagyna görä, sagady bolmasa-da,
Alla sapaklaryna we ýygnaklara edil wagtynda gelýän eken.
Dürli sebäplere görä, Alla Akdepe etrabyndan
Garagalpagystandaky türkmen mekdepleriniň birine—
Hojaili etrabynyň Hamza adyndaky kolhozyna işe geçýär.
Bu ýerde hem onuň enjamlaşdyran edebiýat otagy tutuş
Garagalpagystanda adygyp, edebiýatçy mugallymlaryň görelde
almak we öwrenmek üçin gelim-gidimli merkezine öwrülýär.
Garagalpagystanda Allanyň zahmetine adalatly baha-da berilýär:
ol ilki “Halk magaryfynyň otliçnigi” diýen nyşana, soňra-da
“Garagalpagystanyň at gazanan mugallymy” diýen hormatly
ada mynasyp bolýar. Özbegistanyň Pedagogik ylmy-ýarlag
institutynyň Garagalpagystan filialynyň habarçy agzalygyna
hem saýlanýar (öň Allaberen Aşgabatdaky şeýle institutyň
habarçy agzasydy).
Alla Kadyrow birnäçe gezek aspirantura-da girjek boldy.
1965-nji ýylda Magtymguly adyndaky TDU-da edebiýatdan
gaýybana aspirantura dokument tabşyryp, Mäti Kösäýew, Öde
Abdyllaýew, Jora Allakow dagyny haýran galdyryp, olaryň
bäşligini aldy, Amma Milleriň uly göwrümli “Parsça-orusça
sözlügini” tutuşlygyna diýen ýaly ýat tutanlygyna seretmezden
ol pars dilinden we filosofiýadan synagdan geçip bilmedi.
Ýöne weli bu zatlar edebiýatyň ylmy meselelerinden Allanyň
elini sowatmady. Ol mugallymlar üçin niýetlenen gazetžurnallarda ençene makalalar neşir etdirdi, edebiýatçylaryň dürli
ýygnanyşyklaryna hem işjeň gatnaşdy. Edebiýat ylmyna içgin
höwesi, çuň söýgüsi we çenden aşa erjelligi nazara alnyp, Alla
133
Kadyrow Nöküse, Garagalpakystanyň Berdah adyndaky döwlet
uniwersitetine işe çagyryldy, ol bu okuw jaýynyň filologiýa
fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty bölüminde türkmen
edebiýatyndan sapak berdi. Häzir Allaberen Kadyrow hormatly
dynç alyşda.
ROZYMÄHMET ROZYGELDIÝEW
Halajyň Gyzylaýak obasyndan gelen Rozymähmet biziň
içimizde iň ekabyrymyz we daýawymyzdy. Ol nemes dili
bölüminde okasa-da, kursdaşlarym Eýýämberdi Şahanow we
Şerip Hallyýew bilen birlikde men Rozymähmet bilen iki ýyllap
bir otagda ýaşadym.
Rozymähmet gowy okady, çet ýurt dili fakulteti boýunça
ýeke-täk stidendiat boldy, institutda nemes dilinden ilkinji
bolubam gyzyl diplom aldy. Okuwy gutaransoň ol iki-üç ýyl
mugallym, 15 ýyl hem obasyndaky uly mekdebiň direktory
bolup işledi. 1977-nji ýylda kolhozçylaryň haýyşy we
biragyzdan goldamagy netijesinde ol Gyzylaýak obasyndaky
“Lebap” kolhozyna başlyk saýlandy. O döwürler bu kolhoz yza
süýrenýän hojalykdy. Rozymähmediň başlyk bolan ýyly ähli
planlar dolduryldy, kolhoz barha ösdi, öňe gitdi. Ol 1985—95nji ýyllarda diňe bir welaýatda iň öňdäki hojalyk bolmak bilen
çäklenmän, tutuş Türkmenistan boýunça-da tanymal hojalyklaryň
birine öwrüldi. Rozymähmet 17 ýyllap, tä 1994-nji ýylda dynç
alşa gidýänçä, başlyk bolup işledi. Magtymgulynyň 250 ýyllyk
ýubileýi mynasybetli Rozymähmediň ýolbaşçylygynda Idrisbaba
medresesi gowy rejelendi, kolhoz obalary tertipleşdirildi, ýollar
asfaltlandy.
1993-nji ýylda Gyzylaýak obasynda Zynharynyň 200
ýyllyk ýaş toýy dabaraly bellendi. Bu toýa taýýarlyk görlen
döwürde Gyzylaýak we Esenmeňli obalary has hem gözel
görke getirildi. Häzir şäher bilen bäsleşip oturan bu obalarda
muzeý, medeniýet köşkleri, juwazlar, elektrik degirmenleri ýaly
medeni-hojalyk desgalary sanardan kän. Obanyň şeýle ýokary
ösmeginde Rozymähmet Rozygeldiýewiň tagallasy biçak uly.
134
Rozymähmediň zähmetine mynasyp baha hem berildi.
Ol Türkmenistanyň oba hojalykda at gazanan işgäridir,
Türkmenistanyň otliçnik mugallymydyr. Rozymähmet ordenmedllaryň ençemesi, Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň
Prezidiumynyň birnäçe Hormat haty bilen hem sylaglandy.
EÝÝÄMBERDI ŞAHANOW
Kursumyzda iňňän gowy okaýan we gyzyl diplom alanlaryň
biri hem Eýýämberdidi. Ol-da Halajyň Ahunly Gyzylaýak
obasyndandy. Men onuň bilen üç ýyllap bir otagda ýaşadym.
Eýýämbedi gaty guramaçydy, zähmetkeşdi, bir sözlüdi, nahar
bişirmäge-de ökdedi. Onuň göreldesi we tagallasy bilen
kursdalarymyzdan Myrat Penjiýew, Rejepmyrat Gökow, Nury
Kakyşow dagy we men klassyky göreş boýunça türgenleşik
okuwlaryna gatnaşyp başladyk, tiz wagtda diňe bir welaýatda
däl, eýsem tutuş Türkmenistanda hem bu göreş boýunça baýrakly
orunlary eýeledik.
Okuwy gutaransoň, Eýýämberdi öz obasynda otuz bäş ýyl
çemesi, tä 1988-nji ýylda aradan çykýança abraýly mugallym
bolup işledi.
Men Eýýämberdiniň obasyna köp bardym. Bir gezek
ol maňa Gyzylaýaga gelmegi, bu obada ýaşan we ýakynda
aradan çykan Mollaöde Hudaýberdiniň we molla Rozygeldiniň
golýazma kitaplaryny Goýazmalar institutyna tabşyrmaga
kömek etjekdigini habar berdi. Muhammetjuma Öwezgeldiýew,
Annagurban Aşyrow we men dessine Gyzylaýaga gitdik,
aýdylan kitaplaryň we dokumentleriň 200-den gowragyny hem
Aşgabada getirdik.
Eýýämberi Şahanow ýazyjy Naryman Jumaýew bilen
ýakyn gatnaşykdady, çünki ýazyjy ýaşlygynda olaryň öýlerinde
ençeme ýyllap ýaşapdyr.
***
Ýatlanmaga
mynasyp kursdaşlarym başga-da bardy.
135
Meselem, tagtaly Nury Kakyşow, baýramalyly Muhammetguly
Osmanow, dänewli Şerip Seýidow, garabekewülli Soltan
Akyýew, halaçly Abdyrahman Söhbedow we Hudaýguly
Muhammedow dagy ençeme ýyllap öz obalaryndaky orta
mekdeplere direktorlyk eden bolsalar, murgaply Orazmuhammet
Annaorazow, halaçly Jora Rozyýew dagy etrap partiýa w sowet
organlarynda dürli ýolbaşçy wezipelerde işlediler. Maryly Durdy
Berdigulyýew bolsa köp ýyllap Marynyň Kemine teatrynyň
aýdym-saz toparynda dutarçy bolup, ile özüni tanatdy.
***
Institutda sporta gatnaşyşymyz babatda-da käbir zatlary
ýatlamakçy.
Üçünji kursda okaýarkak, şäherde klassyky göreş bölümi
açyldy. Bir otagda bile ýaşaýan ýoldaşym Eýýämberdi
Şahanowyň yrmagy bilen men, Eýýämberdiniň özi we
otagdaşymyz Nury Kakyşow, soňra bolsa Myrat Penjiýew we
Rejepmyrat Gökow dagy oňa ýazylyp, türgenleşige girişdik. Bir
aý geçip-geçmänkä-de trenerimiz Aşgabada—Türkmenistanyň
birinji spartakiadasyna ýaryşa alyp gaýtdy. Ýaňy türgenleşige
başlan gögele sportsmeniň oýny adygan pälwanlaryňky bilen
deň gelýärmi? Ýeňildik. Ýöne weli köp zatlary öwrendik.
1956-njy ýylyň maýynda geçen ikinji spartakiadada R.
Gökow, M. Penjiýew we men baýrakly orunlary eýeledik.
Biz Moskwada, Bütinsoýuz ýaryşda Türkmenistanyň sport
abraýyny goramalylaryň hataryna hem goşuldyk, ýöne ol
ýaryşyň möhletiniň döwlet ekzamenleri bilen gabat gelenligi
üçin, Moskwa gidip bilmedik.
Obada mugallym bolup işlän döwrümde-de welaýatyň
çempiony hökmünde meni welaýata birnäçe gezek ýaryşa
çagyrdylar.Men olaryň käbirine gatnaşdym we birinji orny
eýeledim.
Adygan sportsmen hökmünde, obada mugallym döwrümde,
bedenterbiýe mugallymy ýok wagty, bu sapagy hem okatdym,
kolhozda göreş bölüminiň açylmagyny gazanyp, onuň türgençisi
136
boldum.
***
Döwlet synaglarynyň ahyrkylaryny tabşyrdyk. Institut
bilen hoşlaşmaly wagtymyz gelip ýetdi. Dört ýyllap bile
okan, öwrenişen ýoldaşlarymyzdan aýrylyşyp, her kimiň öz
mekanyna gitmelidigi ýada düşende, kalbymyza bir hili tukatlyk
aralaşýardy.
Diplomy dabaraly ýagdaýda gowşurdylar. Okan okuw
jaýymyzyň howlusynda gurlan we tomusky tomaşa jaýyny
ýada salýan meýdançanyň sahnasynda mugallymlarymyz, onuň
uzyn oturgyçlarynda bolsa dürli fakultetleri gutaryp, mugallym
hünärini alanlar ýerleşdiler.
Gyzyl diplom alanlara (şol sanda maňa) şu dabarada
doplomy rektor Şaja Batyrowyň hut özi gowşurdy. Soňra Şaja
Batyrow orus dilinde instituty gutaranlary gyzgyn gutlap,
hoşlaşyk sözüni sözledi. Onuň yzyndan bizi okadan mugallymlar
çykyp geplediler.
Konsertiň yzyndan biz “A” toparymyz bolup, şäheriň
medeni seýil bagynda hoşlaşyk mynasybetli surata düşdük.
Institut bilen hasaplaşmak, işe iberilýän dokumetlerimizi
düzetmek, ýatakjaýymyzy komendanta tabşyrmak ýaly ownukuşak işler hem birki gün wagtymyzy aldy.
Şol döwürde gyzyl diplom alanlary dürli edaralara işede çagyrýardylar. Meselem, maňa Aman Kekilow türkmen
edebiýaty, mugallymymyz Japar Alladatow bolsa syýasy
ykdysadyýet kafedrasynda mugallym bolup galmagymy teklip
etdiler. Şol wagtky Çärjew welaýat komsomol komitetiniň birinji
sekretary Nepes Çakanow meni ençeme gezek şu komitetde
işlemäge çagyrdy (Çakanow meni institutyň komsomol
komitetiniň agzasy hökmünde alyp baran işlerimden tanaýardy).
Ýöne men öz obamda ýönekeý mugallym bolup işlemegi berk
ýüregime düwenligim üçin, ol çagyryşlaryň hiç birini kabul
etmän, göni Burdalyga işe gaýtdym.
Wakalardan öňe geçip ýatsam, Nepes Çakanow meni
137
obada-da günüme goýmady: işleýän mekdebime we öýüme
Hojambaz etrabynyň ýolbaşçylary bilen gelip, maňa etrabyň
komsomollaryna baştutanlyk etmegimi köp teklip etdi. Ýöne
men dürli we degerli deliller tapyp, onuň tekliplerini ret etdim.
OBAMYZA MUGALLYMÇYLYGA
1956-njy ýylyň iýun aýynyň ahyrynda diplom alyp, oba
geldim. Gyzyl diplom alanlar barada welaýat gazetinde iki-üç
gezek ýazandyklary üçin, okuwy nähili gutarandygymy bilýän
käbir obadaşlarym, garyndaşlarym, esasanam mugallymlar meniň
diplomymy görmäge gelip, meni gutladylar. Ol döwürde diplom
toýy diýen zat ýokdy. Toý etmäge öýümizde mümkinçiligem
kemdi. Gapdalynda gara öý dikilen ýekeje otagdan ybarat
tamymyz bardy. Indi şonda 8 jan bolup ýaşamalydyk. Şonuň
üçin men dessine ol tama ýabşyryp, bir koridorly otag salmagy
atama teklip etdim. Ol razy boldy. Men galtak bilen geljekki
ýaýyň ýerini beýgeltdim, aşagyna çäge dökdüm. Iýul aynda dört
pagsa edip, üstüne tut we tal agaçlaryndan balar (pürs) atdyk-da,
üstüni basyrdyk. Gyşa çenli ähli işlerini gutaryp, bu otagy men
özüme ýaşaýyş we iş jaýy edindim.
Meniň işlemeli ýerim Burdalygyň merkezindäki orta
mekdep bolup, ol meniň öýümden 10 kilometr uzakdady. Men
gatnap işlemelidim, emma öňde atamyň daýaw eşeginden başga
ulag ýokdy. Ilkinji nobatda welosiped edinmelidi, emma oňa
ýeter ýaly atamda pul ýokdy. Bir-iki adamdan karz soradym.
Karza-da geçmedim.
Awgustyň başynda men istitutyň işe iberýän hatyny we
diplomyň nusgasyny Hojambaza—etrabyň bilim bölümine
tabşyrdym. Meni bölümiň müdiri, uruş maýyby, çep eli ýok
Bäşim Reýimowyň özi kabul etdi. Diplomy gördi, gutlady.
Meniň geljekdigimden habarlydygyny, eýýäm Burdalygyň
merkezindäki orta mekdebiň ýokary klaslarynda okatmak
üçin hepdede 22 sagatlyk iş ornuny, ýaşamaga-da bir otagly
jaý taýyn edip goýandygyny habar berdi. Soňra ol ýaşaýyş
durmuşym barada sorady. Sowalgalyk pul ýagdaýym bilen
138
gyzyklananda, men obadan gatnar ýaly ulag (tigir) edinmek
üçin, aljak aýlygymyň hasabyna öňünden biraz karz pul
bermegi haýyş etdim. Ol dessine buhgalteri ýanyna çagyrdyda, şaňa şol wagtyň pulundan müň manat bermegi buýurdy.
Buhgalteri gören dessime men böküp turup, “Salam, ýoldaş
mugallym!” diýdim. Ol oba mekdebinde meni okadan we soňra
beýleki bir mugallymym, Türkmenistanyň at gazanan mekdep
mugallymy Seýitmyrat Rahymow bilen durmuş guran tatar gyzy
Mawliha Rahymowady. Ol meni gutlap, dessine-de aýdylan
puly getirip berdi. Men ol puluň bir bölegine welosiped satyn
alyp, ony Burdalyga (100 km) münüp gitdim. Puluň galanynada mekdepden berlen jaýa goýmak üçin krowat, stol-stul we
ýorgan-düşek aldym.
Şol gezek we soňam ençeme sapar Bäşim Reýimow
we etrabyň baştutany Begelek Öwezow hem-de bir wagtky
mugallymym, şol döwürde raýispolkomyň başlygy bolup işleýän
Seýitmyrat Rahymow dagy maňa Burdalyk mekdebine direktor,
hiç bolmanda okuw müdiri bolmaklygy köp teklip etdiler, ýöne
men kejeňekligime tutup, diňe ýönekeý mugallym boljagymy
berk aýtdym. Olaram soňra maňa azar bermediler.
Häzir Burdalygyň üç kolhozynda jemi 10 sany orta mekdep
bar, emma ol döwürde merkezden başga ýerde orta mekdep
bolman, ýediýyllyk we başlangyç mekdepler bardy. Nurly
Äzerowdan we Amandurdy Babalakowdan başga ýokary bilimli
mugallymam ýokdy. Häzirki döwürde müňlerçe ýokary bilimli,
hünärli işgärleriň zähmet çekýän tutuş Burdalyk ülkesinde şol
döwürde men ýokary bilim alan üçünji mugallymdym. Dogry,
menden öň bu mekdepde türkmen dilinden bir ýyllap Gurban
Pirliýew okadypdyr (asly dänewli Gurban instituty menden bir
ýyl öň gutarypdy. Pedagogika ylymlarynyň doktory, professor,
Türkmenistanyň döwlet baýragynyň hem laureaty bolan G.
Pirliýew köp ýyllar Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory bolup işledi.
Ol 1996-njy ýylda aradan çykdy).
Bellenen güni, 15-nji awgustda men mekdebe işe geldim.
Mekdebiň direktory orus dili, botanika, arifmetika ýaly birnäçe
139
ders boýunça oba (Gultak) mekdebinde maňa sapak beren Raziýa
Hüseýinowa diýen tatar aýalydy. Ol haýsy dersden okatsada, okuwçylaryň ünsüni çekip, olaryň hormatyny gazanyp
bilýän ökde mugallymdy. Okuw müdiri bilen birlikde ol meniň
5—10-njy klaslaryň ählisinde türkmen dili we edebiýatyndan
okatmalydygymy duýdurdy, soňra olar maňa ýaşamaly jaýymy
görkezdiler. Ol Burdalyk özbaşdak etrap döwründe ispolkomyň
başlygynyň ýaşan 3 otagly, howluly jaýynyň bir otagydy, beýleki
iki otagynda Burdalyk şäherçesiniň kinoçysy, meniň deň-duşum
Anis diýen tatar ýigidi öz garryja enesi bilen ýaşaýardy. Işim köp
bolanda we ýagyş-ýagmyrly günlerde men şu otagda ýaşadym,
sapaklara hem şu otagda taýýarlandym, ýöne köplenç men
dogduk obama gatnap işledim.
***
Okuwlar başlandy. Klaslara girip ugradym. Ilki uçilişede,
soňra pedinstitutda pedpraktikada esli bolanymyz üçin, men
ilkinji sapaklara özbaşdak giren günlerimde-de ýaýdanyp,
aljyrap durmadym. Klaslar we okuwçylar bilen çaly öwrenişip
gitdim.
Mekdepde örän tiz bir zada göz ýetirdim: meniň okadýan
8 — 10-njy klaslarym bilen deňeşdirende, 5 — 7-nji, ylaýtada 6-njy klasda tertip gaty gowşakdy. Munuň öz sebäbi bar:
ýediýyllyk hökmany okuw bolany üçin, bu klaslara mahsus
ýaşly kiçi okuwçylaryň arasynda bir klasda iki, üç, hatda dört
ýyl oturan we töweregindäki kiçi ýaşlylardan boý, göwre, ýaş
babatda esli saýlanýan ýigitler bardy. Olaryň özleri ýa şolaryň
ýolbaşçylygynda beýleki käbir okuwçylar bezzatlyk edýärdiler.
Mugallymyň gözi beýläk bolanda ýoldaşlaryny daşjagaz ýa-da
düýrlenen kagyz bilen urmak, tagta çagyrylan ýoldaşyna badak
atyp ýykmak, galmagal etmek ýaly tertipsizlikler olar üçin
adaty zatdy. Direktor, okuw müdiri, iňlis dili mugallymy Ahmet
Gafarow, uruşda sag aýagyny aldyryp gelen Gully Durdyýew
ýaly käbir mugallymlar bolaýmasa, bu “okuwçylaryň” çekinýän
kişisi ýokdy, täze gelenleriň, ylaýta-da gyz mugallymlaryň
140
gözüniň öňünde nas atmak, çilim çekmek, paýyş söz aýtmak
ýaly zatlardanam gaýtmaýardylar. Täze gelen mugallymlary
bular öz synagyndan geçirýärdiler.
Meniň sapaklarymda-da şeýle bezzatlyklaryň birnäçesi
boldy. Tagta çagyrylan kiçi ýoldaşyny badak atyp ýykan
“okuwçyny” men sapakdan soň saklap gürleşdim, utandyrjak
boldum, bolmady. Sapakdan çykardym, ol beýleden aýlanyp
gelip, maňa görünmän, äpişgeden dürli hereketler bilen
ýoldaşlaryny gülüşdirmäge durdy. Şeýle “synaga” sezewar edilen
diňe men däldim. Käbir mugallymlar-a 6-njy klasa girmekden
ýüz döndürdiler. Bu klasda ähli mugallymlaryň gatnaşmagynda
ýygnagam geçirildi, ol “okuwçylaryň” käbiriniň ene-atalary
bilenem gürleşildi. Emma düzelýän zat ýokdy.
Sentýabryň ortasynda okuwlar ýatyrylyp, pagta ýygymyna
çykyldy. Men 20 gün şol okuwçylara baştutanlyk edip, pagta
ýygdyrdym. Köp pikir ediben köpüň ünsüni özüne çeker ýaly
satiriki diwar gazetini çykarmaly diýen netijä geldim. Uçilişede
çyzgy, dürs ýazuw we surat ýaly derslere köp üns berilýänligi
üçin, men surat çekmegi başarýardym (şol ýyllar men gaty
matanyň-holstuň ýüzüne ýagly reňkler bile öz portlerimi
hem çekipdim. Satiriki suratlar üçin nusgalary Moskwanyň
“Krokodil”, tatarlaryň “Çaýan” (“içýan”), özbekleriň “Muştum”
(ýumrugym”) ýaly žurnallaryndan alyp, men pagtadan dynç
günlerimde oňat bezelen we suratlary akwarel bilen elde
çekilen, has bezzat iki okuwçynyň gülküli suratynyň aşagyndada ýumoristik goşgy setirlerini ýazylan gazeti taýýarlap, oňa
“Gapan” diýen at goýdum. Mekdepde asylan bu gazeti ertesi ir
bilen pagta ýygymyna şu ýerden maşynly ugraýan okuwçylar
okap hezil etdiler. Bu gazeti we onuň soňky çykan sanlaryny
görmäge ulular hem köp geldi.
Wakalardan öňe geçip ýazsam, okuwçylaryň kömegi
bilen üç ýarym ýylyň dowamynda bu gazetiň jemi 25 nomeri
goýberildi. Terbiýeçilik işine oňat ýardam beren bu gazet
satiriki gazetleriň welaýat sergisinde1960-njy ýylda birinji
baýraga mynasyp boldy, üç sany redkollegiýa agzasy we men
goşar sagady, mekdebimiz bolsa ullakan diwar sagady hem-de
141
kitaplaryň uly toplumy bilen sylaglandy.
“Gapana” düşmejek we özüniň üstünden deň-duşlaryny
güldürmejek bolup, bezzat okuwçylaryň ençemesiniň
düzelenligini aýtmakçydyryn. Şol okuw ýylynyň ortalarynda
ýediýyllyk mekdeplerde “okaýan” 17—18 ýaşly köpýylçylaryň
okuwdan çykarylyp, zähmete iberilmegi mekdepde tertibiň hasda gowulaşmagyna getirdi.
Hepdede 22 sagat okatmak okuwy ýaňy gutaryp gelen
ýaşlar üçin ullakan ýük däldi. Boş wagtymyz köpdi, käte bir kino
göräýmesek, Burdalykda başga hili tomaşa jaýlary-da ýokdy. Ol
döwürde telewizory bilmeýärdik (men ilkinji gezek telewizory
1959-njy ýylda Moskwada gördüm, 1961-nji ýylda bolsa
ony Burdalykda birinji bolup, Gultak obaly Hemra Gaýyrow
öýünde gurdy). Şonuň üçin men we tirkeşýan ýoldaşlarym saz
çalmagy hem-de surat almagy öwrenmeli diýen karara geldik.
Ilki bilen Rostow şäherine sargap, surat apparatyny, plýonka,
fotokagyz, fotohimikatlar, surat ulaldyjy, saz guralyndanam her
kime bir mandolina getirtdik. Mekdebiň saz mugallymy Guba
bagşy Mämmedowy gününe goýman, günde bir sagat ondan
saz çalmagy öwrendik. Surat almagam kyn däl ekeni, oňa-da
ökdeleşdik. Bu öwrenilen hünärler soňra maňa gerekli bolup
çykdy.
Saz barada aýdylanda, men tiz wagtda mekdebiň aýdymsaz toparynda Guba bagşynyň ýanynda mandolina çalyp, köpüň
öňünde edilýän çykyşlara gatnaşdym. Gultak obasyndaky
mekdebe işe geçenimden soň bolsa özbaşdak aýdym-saz toparyny
açyp, ençeme oglana saz öwretdim. Biziň bu toparymyz diňe bir
Hojambaz etrabynda däl, eýsem, welaýat boýunça-da ýediýyllyk
mekdepleriň arasynda birinji orny eýeledi (1962). Ýöne meniň
saz çalyşym ýabygorlyrak bolmaga çemeli, çünki etrap we
welaýatlardaky çykyşlarymyzda maňa saz çaldyrman, meniň
taýýarlan toparyma beýleki sazandalar sazandarlyk edýärdiler.
Surat almak hünärini ymykly öwrenmegim hem soňra maňa
pedagogik işde, umuman, durmuşda gowy kömek etdi. Mekdep
bilen baglanyşykly alan suratlarymy diwar gazetinde ulandym,
dürli temalardan fotomontažlar hem etdim.
142
Suraty plýonkadan fotokagyza geçirmek üçin elektrik
yşygy gerek, ol yşyk Burdalykda agşamyna we ertirine
ýakylýardy, biziň obamyzda-ha asla elektrik ýokdy. Şonuň üçin
men obada kiçijik jaý edip, depesindäki deşikden düşýän günüň
yşygyny surat ulaldyjynyň içinden geçirdim we şeýdip, özüme
fotolaboratoriýa edindim. Şondan soň gündizine Gultakda,
agşamyna bolsa Burdalykdaky otagymda surat çykarmaga
mümkinçiligim boldy.
Gündizine gyssagly surat çykarmak zerurlygy hem wagtalwagtal ýüze çykýardy, çünki şol döwürde diňe bir Burdalykda
däl, eýsem tutuş Hojambaz etrabynda-da surat alyp bilýän adam
ýokdy. Dokument ýa başga zat üçin gyssagly surat gerek bolsa,
uzak obalardan hem meniň ýanyma gelýärdiler. Menem olary
mähetdel etmän, uzagy bir-bir ýarym sagadyň dowamynda
möhümini bitirip goýberýärdim. Hyzmatym üçin pulam
almazdym, atam hem kiçi zat üçin hak-heşdek almazlygymy
mydama sargardy.
Okuw ýyly gutaryberende 8-nji we 10-njy klas
okuwçylarynyň ýörite gutardyş suratlaryny, beýleki klaslaryň
hem toparlaýyn suratlaryny aldyrmak üçin, etrabyň dürli
mekdepleri meni çagyrardylar. Ol suratlar üçin okuw müdiri
bellenen nyrh boýunça pul ýygnap bererdi. Ol pul harajatlarymy
doly ödärdi, esli peýda-da galardy.
Etrabyň 17 — 18 ýaşly ýigitlerini harby hasaba almak,
soňra hem gulluga ibermek üçin, ýylda iki gezek olary harby
komissariat komissiýa etmäge çagyrardy. Harby komissar
maýor Turçenkow şolar bilen birlikde meni hem 5—10 günlük
komssariata gelmäge mejbur ederdi. Çakylyk-buýrukda meniň
surat alýan gurallarym bilen gelmegim, eger buýrukdan boýun
towlasam, degişi jeza çekjekligim ýazylýardy. Harby komissaryň
buýrugyny ýerine ýetirmezlige hiç kimiň haky ýokdy. Menem
çakylygy müdire ýa direktora görkezip, ýylda iki-üç gezek
Hojambaza birnäçe günlük giderdim.
Turçenkow maňa ýatyp-turmak we surat çykarmak üçin
öz ýaşaýan jaýynyň bir otagyny boşadyp, äpişgelerini hem yşyk
geçmez ýaly edip bererdi. Ol harby bilet üçin bejeren suratlarymy
143
satdyryp, puluny meniň bilen deň bölüşerdi.
Şol döwürde men gazetlere-de käte surat ibererdim, olaryň
käbiri çap hem edilerdi.
1959-njy ýylda men mekdepde fotografiýa okuwlaryny
açyp, on çemesi oglana surat almagy we ony işlemäni öwretdim.
Şol oglanlaryň içinden Gylyçmyrat Hallyýew soňra TASS-yň
we dürli gazetleriň fotohabarçysy hökmünde adygyp gitdi, onuň
alan ençeme suratlary öňki SSSR-de we dünýä möçberinde
geçirilen fotosergilerde köp gezek birinji we ikinji baýraklara
mynasyp boldy.
***
Ilkinji okuw ýylynyň birinji ýarymy geçip gitdi. Onuň iki
aý çemesini pagta ýygyp geçirdik. Üçünji çärýege başladyk.
Fewralyň aýagynda meniň ýüregimi sarsdyran şatlykly
we gaýgyly wakalaryň ikisi bolup geçdi. Men mekdepde
sapakdakam, 23-nji fewralda atam enemi Burdalygyň
keselhanasyna getiripdir, az salymdanam inim bolupdyr. Men
soňky sapakdan çykyp, mugallymlar otagyna barýarkam, kimdir
biri ylgap gelip, ogul doganymyň bolandygyny buşlady. Men
ilki ynanmadym, ýöne men sapakdakam enemi obadan maşynda
bäbekhana getirendiklerini we ony mekdebe gelip, maňa
duýdurmaklaryny haýyş edendiklerini eşidenimden soň weli
ynandym. Uly arakesmede okuw müdirimiz Ýagşy Annaýewiň
maňa gowşuran aýlygyndan buşlukça ýüz manat buşluk berdimde, bebäkhana ylgadym.
Bäbekhana keselhananyň içindedi, arasy hem mekdepden
uzak däldi. Meniň gelýänimi gören syrkawlar we olary
soramaga gelen tanyşlar öňümden çykyp, inimi buşladylar.
Men şatlygyma alan aýlygymyň ählisini olara paýlap berdim.
Ynha, bäbekhananyň gapysynda wraç goňşym, asly halaçly
Hudaýberen Çaryýew ýylgyryp dur. Olam: “iniň boldy. Buşuk!”
diýip, meni bagryna basdy. Pulumyň gutaranlygy üçin, men oňa
goşar sagadymy çözüp berdim.
Meniň bu waka şatlanmagymyň öz sebäbi bardy. Şu
144
wagta çenli biz alty dogandyk. Iň ulusy mendim. Menden soň
maşgalamyzda ogla näçe garaşsagam, yzly-yzyna gyz doguldy.
Täze bäbek çaga ogullaryň ikinjisidi. Maňa taý bolany üçin,
soňra onuň adyna “Jora goý” diýenlerem, Taýly diýen ady
saýlan garyndaşlaram boldy. Ýöne meniň inime Myratdan başga
ady göwnemeýändigim üçin, olaram meniň bilem ylalaşdylar.
Maşgalanyň şatlygy uzaga çekmedi. Men her gezek
bäbekhana gelenimde, enem aglap-eňräp, bu ýerde ýüreginiň
gysýandygyny aýdyp, öýe äkitmegimi haýyş etdi durdy. Onuň
halyna dözmän, menem lukmanlar bilen gepleşip, martyň 1-inde
ýük maşynynyň kabinasynda enemi öýe äkitdim (ol wagtlar
ýeňil maşynlar ýokdy).Çarkandakly ýolda esli böküp, maşyn
gapymyzda gelip durdy. Enemiň bäbegini elinden alyp, özünem
göterip diýen ýaly düşürdik-de, ýerine eltip ýatyrdyk. Öýümizde
şatlyk-şagalaňlyk başlanyp gitdi.
Enemiň ýagdaýynyň erbetdigini men aňmandyryn, enemiň
özi ony maňa duýdurmazlygy berk sargapdyr. Men hemişeki
ýaly, ir bilen Burdalyga işe gidip, agşamlyk hem öýe dolanyp
gelýärdim. 4-nji mart güni hem şeýle boldy. Ertirlik çaýdan soň
men doganlarym bilen degşip-gülşüp, welosipedli Burdalyga
ugradym. Bir sagat okadyp, ikinji sapaga girdim. Täze temany
düşündirip duran wagtymda, direktor Hüseýinowa gapyny açdyda, meni çagyrdy. Çykdym. Ol enemiň erbet keselländigini, örän
tiz öýüme ýetmelidigimi habar berdi. Men klasdaky zatlarymy
almaga içeri girjek bolsam, ol meni goýbermedi-de: “Sen basym
ugra, zatlaryňa we klasa özüm serederin” diýdi. Men ýaşaýan
howlymda diwara söýelgi welosipedime ylgap ýetdim-de,
dessine ýola düşdüm.
Agyr pikirler beýnimde at salýar: “Näme bolduka? Ertir
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.