Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15

Total number of words is 3548
Total number of unique words is 2067
29.5 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
48.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
etjekdigi habar berlip, onuň boljak güni we sagady görkezilýärdi.
Bu ýygnanyşyga menem gatnaşdym. Ol institutyň türkologiýa
bölüminiň giň dälizinde geçdi. Bu jaýa her kim öz oturjak
oturgyjyny goňşy otaglardan getirmelidi. Menem şolaryň
birinden oturgyç sorap aldym, adyny eşiden-u-eşitmedik uly
alymlarymyzyň deňinde oturmaga ejap edip, oturgyjymy iň
yzdaky hatarda goýdum.
Çykyş başlandy. Men Baskakowyň işi bilen tanşypdym,
adyny hem köp eşidipdim, emma özüni görmändim. Ýöne onuň
bilen duşuşmalydym, Hamzaýewiň oňa iberen haty-da bardy.
Keşbi ýadymdan çykaýmaz ýaly we köp orsuň içinde görsemem
tanaýyn diýip, oturyp gürrüň berýän Baskakowyň ýüzüne gowy
syn etmek isledim, emma öňdäki epeý pyýadalar onuň öňüni
gallap, maňa görkezmeýärdi. Öňe eglip, daýaw pyýadanyň
sagyndan Baskakowy görjek boldumam weli, çep gapdaldaky
iki aýagy poldan sähel ýokary göterilen oturgyjymyň beýleki
aýaklary sement poluň üstünden typdy-da, oturgyç aşagymdan
çykyp, honda zyňlyp gitdi. Ýykylmadym, ýöne şakyrda yzlaryna
öwrülip, maňa seredýänleriň öňünde gaty utandym. Oturgyjymy
getirip, ýerimde oturdymam weli, Baskakow: “Takalym bilen
takadyny alyp ýykmagy ýüregime düwen diňleýjilerimden
häzirlikçe ilkinjisi serreldi” diýip, köpçüligi gülüşdirdi. Men has
beter gyzardym.
205
Duşuşygymyzda utanja goýan bu säwligimi Baskakow
ýüzüme salmady. Işim barada degerli maslahatlaryndan soň,
ol maňa W.A. Nikonow we E.M. Murzaýew bilen duşuşmagy
maslahat berdi. Iş otagyndan olar bilen men barada gürleşdi.Öňki
SSSR-de toponimika babatda köp işler bitiren bu uly alymlaryň
kitaplary maňa eýýäm tanyşdy. Şol gezek W.A.Nikonowyň
Moskwa döwlet uniwersitetinde toponimika kursy boýunça
okadýan sapaklaryna-da gatnaşdym.
E.M.Murzaýew bilen bu ilkinji tanyşlygym soňra halypa
bilen şägirdiň aragatnaşygyna, ýygy ylmy hyzmatdaşlyga
öwrülip gitdi. Türki toponimika boýunça köp işler bitiren bu
meşhur alym baryp 1930-njy ýyllaryň ortalarynda Merkezi we
Demirgazyk Garagumda hem-de Günbatar Türkmenistanda
birnäçe aý işläpdi, onuň guýularyny we gollaryny düýeli terslinoňlyn aýlanypdy. Şol ekspedisiýalaryň netijesi barada ol ençeme
kitaplar ýazdy. Geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, 90
ýaşy arka atan E.M.Murzaýew Mongoliýa, Hytaý, Wýetnam,
Germaniýa ýaly ençeme ýurtlaryň hormatly akademikligine
saýlandy, öňki SSSR-iň Döwlet baýraklarynyň laureatlygyna
hem birnäçe gezek mynasyp boldy.
Moskwada geçiren şu iş saparymda öz dissertasiýama
degişli esli material toplap, Aşgabada geldim. Işi ýazyp başlamak
üçin indi Günorta-Gündogar Türkmenistanyň ýer-ýurt atlary
barada ýerlerdäki oba ýaşulularyndan maglumat almak zerurdy.
Şol maksat bilen hem maý aýynda 45 günlük ilkinji ylmy iş
saparyma obalara ugradym.
Ýurda belet kärdeşlerim bilen maslahatlaşyp, ilki barmaly
ýerimi anyklaşdym we Tejene ugradym. Etrabyň “Bilim”
bölüminden berlen salgy we adres boýunça-da ýer-ýurt
atlarynyň taryhyny yzarlap, Tejen obalaryna gitdim. “Bilim”
bölüminden ýanyma ýol belet soramanyma weli soňra ökündim.
Näbelet ilimde gitjek ugrumy, düşjek we barjak ýerimi bilmän,
köp kösendim. Uak wagtym ýola gitdi. Şonuň üçinem Tejen
ilinde (häzirki Babadaýhan etraby bilen birlikde) jemi bolan
bir hepde wagtymyň içinde diňe 5-6 obada bolup, 15-20 adam
bilen gürleşip bildim. Olardan Artyk Çaşa, Suhanberdi Gurban
206
ýaly bu iliň taryhyna belet ýaşululardan köp zat ýazyp aldym.
Tejenden ýük maşynyna münüp, Sarahsa gitdim. Sürüji
sary saçly, mawy gözli, emma türkmen dilinde arassa gürleýän
ýigit eken. Ýolda men onuň orus bolubam türkmen dilini nädip
beýle suwara öwrenenligini bilen gyzyklandym. Ol özüniň
orus däl-de, nemesligini, türkmen obasynda önüp-ösenligini,
nemesleriň ählisiniň nemes, orus we türkmen dillerini gowy
bilýänligini gürrüň berdi (arman, ol ýigidiň adyny unudypdyryn).
Dogrudan-da, şol saparda ýaňky sürüjiniň ýaşaýan birinji
Ýalawaç obasynda bolanymda, bu ýerde nemesleriň türkmenler
bilen aralaş ýaşaýandygyny, biri-biriniň toý-märekesine we
ýasyna gatnaşýandygyny gürrüň berdiler, hatda bir toýda
türkmen bagşysyny diňläp oturan iki sany nemes ýaşulusynada gabat geldim. Bu ýerdäki nemesleriň öz milli atlary bolup,
türkmenler olary türkmenleşdirip tutýan ekenler: Gagylawuz
aga (Knaus), Dawut (Dawid), Hanjar (Handor) we başgalar. Geň
ýeri, şol bir ýoluň ugrundaky nemes öýleri türkmenleriňkiden
ýer bilen gök ýaly tapawutlanýardy: nemesleriň köçeleri arassa,
jaýlary medeniýetli, haýatyň we jaýyň daşy suwalyp aklanandy,
ýerzemininde-de özüniň taýýarlan kwas, braga, çakyr, arak,
konýak ýaly dürli içgileri, gaýnadylyp, guradylyp we duzlanyp,
gyş üçin taýýarlanan gök önümler we miweler saklanýardy.
Şu obada we Sarahs şäherçesinde jaýlarynyň daşyny timarlap,
agyrdyp ýören nemes aýallaryna-da köp duş geldim.
Sarahsa gelip düşüp, şäherçäniň 1-nji orta mekdebine
bardym, direktora maksadymy aýtdym we ýolbelet bermeklerini
haýyş etdim. Baýram Annagulyýew diýen ilgezik we şadyýan
ýigidi ýanyma goşdular.
Il içine ylmy sapara ilkinji çykyşym bolany hem-de
tejribesizligim sebäpli, men gerekli we gereksiz zatlaryň eslisini
göteripdirin: 3-4 köýnek, içki eşikler, 2-3 balak, 10-15 bloknot,
2 çüýşe syýa (ol döwürde ýolagçy üçin tapylgasyz bolan häzirki
şarikli ruçkalar ýokdy), hatda ätiýaçlyk üçin alnan kakadylan
çörek, fotoapparat, fotoplýonkalar we başgalar. Mahlasy
çaklaňja ak çemodanym depip dykylan ýalydy. Tejende men
ony boýun ýanymda göterenim üçin, biraz gynandym. Emma
207
Sarahsda bu işim ýeňilleşdi duruberdi. Tejenden derýanyň
boýuny syryp sarahsa gaýdýan çarkandakly ýol (ol wagt gara
ýol ýokdy), yssy howa, üstesine-de kabinada motor tarapa
ýaplanyp goýlan çemodana motordan geçen gyzgynlyk öz
etjek işini edipdir: çemodandaky syýa sorýan awtoruçkalar
üçin göteren syýaly çüýşämiň biri çişip ýarylyp, eşiklerimi,
kagyzlarymy, çöregi we beýleki zatlarymy haraplapdyr. Men
Sarahsyň uniwermagyndan bir uly portfel, bir neýlon köýnek
we bir balak aldym-da, çemodany Baýramyňkyda taşladym.
Ýüküm ýeňläýdi. Ýanymam ýoldaşly bolany üçin, Sarahsyň
ähli obalaryny sanlyja günde aýlanyp çykdym, hatda käbir
ýadygärliklerini görmäge-de ýetişdim.
Maýyň aýagynda Sarahsda tebigatyň täsin hadysasy ýüz
berdi. Baharda ýagyş köp ýagany sebäpli, bu ýyl tebigat eçilmek
eçilipdi. Ähli ýer gülala-güllükdi, gyzylly-ýaşylly mahmal
örtükli meýdanlary görmäge göz gerekdi. Ynha, birdenem
dürli reňkli kebelekler köpelip ugrady. Baharda kebelek geň
görülýän möjek däl. Emma bu ýylky kebelek dünýäni tutdy
ötägitdi. Diňe bir Sarahsda däl, Mary we Lebap welaýatlarynyň
ähli ýerinde şol ýyl kebelek iş berdi. Ähli gök ot-çöpi we ekini
ýalmap-ýuwdup barýan bu zyýankeş möjek pagtaçylyga has
beter zeper ýetirdi. Men Türkmengalada we Ýolötende gijesine
pagta atyzlarynyň gyralarynda goýlan çyralara köp duş geldim.
Çyralaryň aşagynda bolsa ullakan suwly jamlar bardy. Olaryň
gijeki garawullary suwly gabyň ýüzündäki öli kebelekleri
wagtal-wagtal aýryp, suwy täzeleýärdiler. Şol ýyl hem il içinde
kebelekli ýyl diýen ady aldy.
Sarahsdan soňra men Tagtabazar, Guşgy (häzir Serhetabat),
Murgap, Sakarçäge, Mary etraplaryny aýlandym. Maňa
berlen möhlet gutarany üçin, Aşgabada dolandym. Ýöne wagt
gyssaýardy. Barmaly etraplarymyň ýene 11-si bardy. Şonuň
üçin Aşgabatda on gün çemesi bolup, indiki iş saparyma
taýýarlandym. Maliýe ýylynyň ýarymy tamamlanyp, ýarym ýyl
üçin komandirowkalara goýberilen puluň gutaranlygy sebäpli,
Hamzaýew tölegli ylmy sapara iberip bilmejekligini, emma
öz hasabyma gitmäge razy bolsam, näçe aý diýsemem rugsat
208
berjekligini duýdurdy. Men üç aý rugsat aldym we tutuş kanikul
döwrümi (iýul-awgust aýlaryny) hem-de sentýabry ylmy
saparda geçirdim.
Ilki Türkmengalada, Baýramaly etraplarynda iki hepde
bolup, Çärjewe geldim. Ondan hem göni öz obama baryp, ikiüç gün öýde boldum. Irden bäri münülmän duran motosiklimi
süpürip, ýaglap uzak ýola taýýarladym. Şeýdip, Lebap
welaýatyndaky obalary motorly aýlandym. Bu gezek ýolda
kösençlik çekmänligim üçin, iň çetki obalara çenli bardym, baý
material hem topladym.
Şu motorly saparymda Amyderýanyň çep kenarynda
ýerleşen etraplaryň awtoinspektorlary maňa köp azar berdiler,
çünki münýän motorymyň beýlekilerden üýtgeşikdigi sebäpli
(ol Wengriýanyň “Pannoniýa” kysymly motosiklleriniň täze
görnüşidi), awtoinspektor motora tomaşa etmek üçinem gören
ýerinde saklaýardy. Daşyndan aýlanyp, gowy syn edensoňam
onuň dokumentlerini, meniň motor sürmäge, hukuknamamy
talap edýärdi, motoryň nomersizliginiň sebäbini soraýardy.
Bu zatlaryň hiç birem mende ýokdy, çünki Amyderýanyň
sag kenaryndaky etraplarda garaýol bolmany üçin, nomer,
hukuknama, kellä geýilýän demir telpek ýaly zatlar talap
edilmeýärdi. Şeýle saklanan ýagdaýlarymda men käbir
postlardan şahsy dokumentlerimi görkezip sypardym, emma
aşa talapkär inspektorlar weli motorymy milisiýanyň howlusyna
gabaýardylar. Beýle bolanda men ýerli häkimiýetlere ýüz tutup,
şolaryň kömegi bilen motorymy yzyna alardym.
***
Iş saparyndan Aşgabada sentýabryň ahyrynda dolanyp
geldim-de,
dört ýarym aýyň dowamynda il içinden
toplan materiallarymy rejeläp, olary sözlük görnüşinde
kartoçkalaşdyrmaga girişdim. Ýylyň soňky çärýeginde bolsa
dissertasiýamyň birinji babyny ýazmaga başladym. Ýazmak
babatda iş saparlar zerarly öz düzen planymdan üç-dört aý
yza galdym, ýitirilen wagtyň öwezini dolmak üçinem kitaphana
209
açylandan tä ýapylýança, soňam öýde gijäniň bir wagtyna çenli
işledim.
1965-nji ýylyň başynda ýazyp boldum eden babymy
garalamadan arassa kagyza göçürip, elýazma görnüşinde
ýolbaşçyma berdim. Ol bu kagyzlary waraklap çykdy-da:
— Hatyň owadan we düşnükli eken, şonuň üçin baby
elýazmada okaryn. Ýöne bäş-on günde yzyna bererin diýip
biljek däl. Saglygymyň ugry ýok. Institutdaky ýagdaýa hem
özüň belet — diýdi.
Men hoşlaşyp çykdym. Halypama rehimim geldi. Dogrudanda, onuň ýüz-gözüniň ugry ýokdy, reňňi saralyp, ruhy öçük
görünýärdi. Egnindäki bir wagtky modaly kostýumynyň kibti
salparyp, içindäki eýesiniň müzzeren we horlanan durkundan
habar berýärdi.
Okyjylaryň Hamzaýewiň halyna gowy düşünmekleri üçin,
men bu uly halypanyň durmuş ýoly we institutyň şol wagtky
ýagdaýlary barada gysgaça gürrüň bereýin. Ýöne ilki bilen,
wakalardan öňe geçip, Hamzaýewiň elýazmamy çalt okap
berenligini, ýüzüme hiç zat diýmese-de, Myrat Penjiýewiň we
Aman Kekilowyň ýanynda meniň elten babymyň deslapky
nusgasyna gowy baha berenligini ýatlap geçeýin. Iki aý çemesi
wagtdan soň oňa gowşuran ikinji babymdan görgüli halypam
diňe 15-20 sahypa okap, bellik edipdir, galanyny okamaga bolsa
ýetişmändir...
Maşýan Hamzaýew we onuň ömrüniň soňky iki ýylynda
institutdaky ýagdaýlar
Görnükli dilçi alym,
Türkmenistan Ylymlar
akademiýasynyň habarçy agzasy Maşýan Hamzaýew 1915-nji
ýylda Etrek etrabynyň Çat obasynda dogulýar. Geljekki alymyň
kakasy Hemze aganyň şu obada Etrek derýasynyň kert kenaryny
gazyp, kesip bejeren olumy (güzeri) Hemzeolum diýen at bilen
şu wagt hem bellidir.
Hamzaýewiň okap bilim alan ýerleri şulardyr: Etrek internaty,
Aşgabat pedtehnikumy, Aşgabat pedinstitutynyň dil we edebiýat
210
bölümi (ony gutaran ýyly 1934). Ol 1934-1937-nji ýyllarda
Daşoguzyň, Aşgabadyň we Daşkentiň pedtehnikumlarynda,
Daşkentdäki Marksizm-leninizm institutynda, 1938-nji ýylda
bolsa Aşgabat pedinstitutynda türkmen dilini okadýar.
M.Hamzaýew Beýik Watançylyk urşunyň başyndan tä
ahyryna çenli komandir bolup söweşýär. Uruşdan gelenden
soň ýene ylmy-pedagogik işini dowam etdirýär, 1946-1950-nji
ýyllarda Aşgabat pedinstitutynyň dosenti wezipesinde işleýär.
Ol 1948-nji ýylda “Türkmen dilinde lokal düşümler” diýen
temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.
M. Hamzaýew 1949-1951-nji ýyllarda akademiýanyň Dil we
edebiýat institutynyň dil sektorynda uly ylmy işgär bolmak bilen,
merkezi akademiýanyň Dil bilimi institutynda doktoranturanyň
kursuny geçýär, şol bir wagtyň özünde-de Moskwanyň
M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetinde dosent
bolup işleýär. 1952-nji ýylda Aşgabada dolanyp, akademiýanyň
Dil bilimi institutynda ilki bölüm müdiri, 1953-nji ýyldan tä
ömrüniň ahyryna çenli hem direktory bolup zähmet çekdi.
M. Hamzaýewiň galamyndan çykan ylmy işler, makalalar
we okuw kitaplary sanardan köp. Olar barada H.Muhyýewiň we
S.Kürenowyň “Türkmen dilçileri” (Aşgabat: Magaryf, 1988)
diýen kitabynda maglumat berilýänligi üçin, men bu ýerde onuň
gatnaşmagynda hem-de gös-göni ýolbaşçylygynda ýazylan
we neşir edilen, türkmen filologiýasyna-da uly abraý getiren,
il içinde meşhurlyk gazanan düýpli işleriň käbirini ýatlaýyn:
“Türkmen diliniň sözlügi” (1962), “Rusko-türkmenskiý
slowar” (1956), “Türkmen diliniň orfografik sözlügi” (1963),
“Rus we türkmen dilleriniň deňeşdirme grammatikasy”
(1964), “Türkmençe-rusça sözlük” (1968), “Türkmen diliniň
grammatikasy, fonetikasy we morfologiýa” (1971) we başgalar.
Bulardan “Rusça-türkmençe sözlük” hem-de “Türkmençe-rusça
sözlük” diýen iki işiň awtorlary, şol sanda Hamzaýew hem 1970nji ýylda Türkmenistanyň döwlet baýragynyň ilkinji laureatlary
boldular.
Ýeri gelende aýtsam, Hamzaýewden soň instituta direktor
bolanlaryň hiç biriniň döwründe-de atlary agzalan äpet
211
sözlüklerdir kitaplar ýaly kollektiw bolup ýazylan uly, görnükli
işler neşir edilmedi. Beýle diýilse, institutyň neşirleri bilen
ýakyndan tanyş adamlaryň: “Moskwada 1986-njy ýylda çap
edilen iki tomluk “Uly rusça-türkmençe sözlük şeýle iş dälmi?”
diýip soramaklary mümkin. Soragyň jogaby aňsat: bu işiň esasy
özeni Hamzaýewiň ýolbaşçylygynda taýýar edilip, 1956-njy
ýylda bir tom görnüşinde neşir edildi. Iki tomlugyň binýady hem
Hamzaýewiň döwründe tutuldy we esasy işi şol döwürde edildi.
Türkmen dil bilimini ösdürmek babatda köp hyzmatlar
görkezen M.Hamzaýewiň göwnüni galdyran we saglygyna
zeper ýetiren hadysalar hem şol döwürde az bolmandy. Meniň
pikirimçe, olaryň esasysy şu alymyň ýolbaşçylygyndaky
Orfografik komissiýanyň çykaran we 1960-njy ýylyň 21nji awgustynda Türkmenistan Ministrler Soweti tarapyndan
tassyklanan karary bolsa gerek. Esasy ýörelgeleri M. Hamzaýew
tarapyndan işlenip düzülen bu kararda Ikinji lingwistik gurultaý
tarapyndan kabul edilen iki sany esasy dürs ýazuw kadasyna
düzediş girizilýärdi:
1. ”Ahyrlary z, l, n, r, s, ş seslerine gutarýan iki bogunly
sözleriň
a) birinji bogny açyk bolsa, b) çekimlileri gysga
aýdylsa, w) ikinji bogundaky dar çekimliniň öňündäki ses açyk
bolsa (emma d, z däl), onda şeýle sözleriň yzyna çekimli bilen
başlanýan goşulma goşulanda, olaryň ikinji bognundaky dar
çekimliler düşürilýärler. Meselem, köwüş-köwşi, bogun-bogny,
sygyr-sygry” diýen kada üýtgedilip, dar çekimliler düşürilmesiz
edilýärdi (meselem, köwüşi, boguny, sygyry).
2. Lingwistik gurultaýyň “u, ü dar dodak çekimlileri
iknji bogundan yzky bogunlarda ýazylmaly däl (meselem,
düşündiriş, okuwçylar)” diýen kadasy hem üýtgedilip, u, ü
dar dodak çekimlileri birinji bogundan aňryk geçirilmesiz edildi
(düşindiriş,okywçylar).
Ýeterlik derejede işlenmän, bu babatda ençeme jedelli
meseleler hasaba alynman, iň esasy-da, jemgyýetçilik we dilçi
mugallymlar bilen geňeşilmän, gyssagly kabul edilendigini
hasaba almasak, Orfografik komissiýanyň kabul eden bu karary
diliň iň kyn, çylşyrymly hasaplanýan iki kadasyny we ony
212
S. Atanyýazow 1983
213
Çepden saga: oturanlar N. Kakyşow we A. Kekilow.
Dik duranlar: H. Muhammedow we S. Atanyýazow 1955
Inim Myrat döwek döwýär. 1962.
214
Döwlet Begenç (ýegen) we atam Atanyýaz Hemra. 1974.
Türkiýeli taryhçy alym, “Türkmenler (Oguzlar)” diýen
kitabyň awtory, Halkara Magtymguly baýragynyň laureaty
Faruk Sümer bilen. 1993.
215
Akademik P. Azymow bilen. 1986.
Stawropol ülkesiniň Neftekumsk şäherinde Beýik
Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna bina
edilen ýadygärlik. Çepdäki türkmen esgeriniň şekili üçin
ýerli bagşy Arfapolat Kartalyýewyň suraty ülňi edilipdir.
1976.
216
Merkezi Garagum. Derwezäniň ýakynyndaky Bükri
obasynyň gara öýleri. 1974.
Azerbaýjandaky Mugan daglarynyň eteginde ýaşaýan
terakimeleriň arasynda. 1988.
217
Samarkant welaýatynda ýaşaýan Nurata türkmenleriniň
Ergeş Jumanbilbil adyndaky sowhozy. Sowhoz edarasynyň
öňünde şahyr Jumanbilbile dikilen ýadygärlik. 1975.
218
219
S. Atanyýazow maşgalasy, ogul-gyzlary, gelinleri we agtyklary bilen. 1997.
okuwçylara öwretmegi has ýeňilleşdirýärdi. Şonuň üçin bu karar
metbugatda çap edilensoň, ony A.Gudratyllaýew, N.Nartyýew,
S.Kürenow ýaly ençeme alymlar goldap, gazetlerde çykyş
etdiler. Karara garşy çykanlar hem boldy. Sözi geçýän wezipeli
adamlaryň we käbir uly dilçileriň şu topara goşulmasy
kabul edilen ol kararyň 1963-nji ýylyň 19-njy noýabrynda
ýatyrylmagyna getirdi.
Entek karar ýatyrylmanka we bu babatda güýçli jedel
gidýän döwründe, Hamzaýewiň ýolbaşçylygynda ýakynda
neşir edilen “Türkmen diliniň sözlügi” (1962) hem-de “Türkmen
diliniň orfografik sözlügi” (1963) diýen derwaýys sözlükler indi
ähmiýetini ýitiren işler hökmünde arzanladyldy (50 köpük) we,
netijede, bu galyň kitaplar bazarda çigit satýanlar tarapyndan
sanlyja günde düw-dagyn edildi. Tutuş kollektiwiň uzak
wagtlap çeken hysyrdyly zähmetiniň miwesi we guwanjy bolan
ol kitaplaryň entek ile doly ýaýrap ýetişmänkä ýok edilmegi,
galyberse-de, Orfografik komissiýanyň kabul eden kararynyň
ýatyrylmagy Hamzaýew üçin agyr urgy boldy.
Munuň üstesine, Hamzaýewiň direktorlyk eden soňky iki
ýylynda institutda etik we ahlak düzgünler gowşap, işgärleriň
arasynda agzalalyk başlandy. Şeýle ýagdaý ilki Edebiýat
institutynda döräp, soňra goňşy Dil bilimi institutyna-da aralaşdy.
Kollektiw iki-üç topara bölünip, biri beýlekisiniň garşysyna ilki
assyrynlyk bilen, soňra bolsa aç-açan göreşe girdiler. Ýazylýan
golly we golsuz arzalary barlamaga gelýän komissiýalaryň yzy
üzülmedi. Ulularyň dawasynda aspirantlaryň roly ujypsyzam
bolsa, bu toparlaýyn garşylyklaryň zyýany bize-de ýetýärdi.
Partiýanyň (men obada mugallymkam, partiýanyň hataryna
giripdim), kärdeşler arkalaşygynyň ýa-da umumy kollektiwiň
hasabat-saýlaw ýygnaklarynda gizlin ses berilse, bize iki
toparyň wekilleri hem özlerine ses bermegimizi, şeýle etmesek,
dissertasiýa goramagymyzyň kyn boljagyny duýdurýardylar.
El göterip ses berlende, iki toparyň wekili hem garşysyna ses
berenleri aç-açan sanap, atlaryny ýazyp alýardylar. Bir gezeg-ä
meni dilçi alymlaryň biri Lenin bagyna çagyrdy-da, täze
akyma goşulmagy, Hamzaýewiň garşysyna ses bermegi teklip
220
etdi (toparlary guran adamlaryň aglabasynyň häzir aramyzda
ýoklugy, sag gezip ýörenleriniň käbirleri bilen bolsa häzirem
bile işleýänligim üçin, olaryň adyny tutmakdan saklanýaryn).
Men oňa: “Ýolbaşçyňyň garşysyna git diýeniňden institutdan
git diý, gideýin. Emma ýolbaşçyma garşy çykmaryn. Eger şeýle
teklip gaýtalansa, ýygnakda köpçülige ýetirjek” diýdim. Şondan
soň şeýle teklip bilen ýanyma gelen bolmady.
Iki institutdaky
dartgynly ýagdaý häkimiýetleriň,
partkomlaryň we akademiýanyň ýolbaşçylarynyň hem ýüregine
düşen bolmaly. Netijede, 1964-nji ýylyň güýzünde bu iki
institut birikdirilip, oňa Moskwada işläp ýören belli edebiýatçy
alym Baýmuhammet Garryýewi çagyryp, direktor bellediler.
Hamzaýew bolsa direktoryň orunbasary bolup galdy. Emma ol
bu wezipede köp işlemedi, azrak wagt syrkawlap ýatansoň,1965nji ýylyň baharynda uniwersitete işe geçdi.
Kanikulyň öň ýanlarynda
hal-ýagdaýyny soramaga
Hamzaýewiň öýüne bardym. Ol meniň işimiň ikinji babyny
okamaga girişendigini, özüniň biraz ýarawsyzlygyny, ýakynda
hem Moskwanyň etegindäki sanatorileriň birine dynç almaga
gitjekligini gürrüň berdi. Ýolbaşçym bilen ahyrky duşuşygym
şol boldy.
Soň eşidişime görä, Hamzaýew aýaly bilen Moskwa dynç
almaga gidipdir. Esli wagt sanatoride bolupdyr, gaýtmazynyň
öň ýanynda-da Moskwada syrkawlap aradan çykypdyr. 1965nji ýylyň iýul aýynyň ahyrlarynda ony Moskwadan getirip
jaýlapdyrlar. Men ol wagt kanikuldadym. Obada radionyň,
telewizoryň ýoklugy, gazet-žurnallaryň hem wagtynda
barmaýanlygy üçin, men Hamzaýewiň ýogalanyny eşitmedim.
Ony tötänlikde bilip galdym.
Awgustyň başlarynda
Garabekewülde ýaşaýan
garyndaşlarymyzyňka myhmançylyga bardym. Şol ýerde bir
oturyşlykda tabagyň aşagyna saçak deregine ýazylan gazetdäki
ýas habaryna gözüm düşdi. Gara reňkli çarçuwanyň içindäki
tanyş şekil-Hamzaýewiň suraty. Gözümiň öňi garaňkylap, başym
aýlanyp gitdi. Gazetiň şol habarly ýarysyny ýyrtyp aldym-da
tabakdaşlaryma “Men häzir geljek” diýip, olara hiç zat aýtman
221
turdum. Öý eýesine-de meni çaltrak Çärjewe aşar ýaly ýagdaý
döretmegini haýyş etdim. Ilki Çärjewe gelip, soňam Aşgabada
uçdum. Hamzaýewiň üçi, ýedisi sowlupdyr. Öýde diňe aýaly bar
eken. Men ýarym sagat ýaly oturdym-da, el galdyryp turdum.
Şol gün ahyrky uçar bilen ýene Çärjewe gaýtdym.
***
Kanikuly gutaryp, Aşgabada geldim. Ýolbaşçymyň
ýogalanlygy sebäpli, ähli tanyşlarym maňa duýgudaşlyk
bildirýärler, indi näme etmelidigimi maslahat berýärler. Ata
Salyhyň inisi, edebiýatçy alym Kaka Salyh-a ýolbaşçydan
aýrylmagyň aspiranty nähili kynçylyklara eltýändigini öz çeken
azaplarynyň mysalynda giňden gürrüň berdi. Ol ilki 1954nji ýylyň başynda Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri
akademik W.A.Gordlewskini ýolbaşçy tutunypdyr. Iki ýyla ýetipýetmänkä ol aradan çykypdyr. Soňra belli edebiýatçy E.E. Bertels
Kakanyň ýolbaşçysy bolup, olam bir ýyldan soň ýogalypdyr.
Ahyrynda-da Kaka N.A.Baskakowyň
ýolbaşçylygynda
dissertasiýany tamamlap, diňe 1962-nji ýylda, dokuz ýyldan
soň gorapdyr. Özüniň azaply ýoluny gaýtalamazlygym üçin,
ol maňa dissertasiýany diňe Hamzaýewiň ady bilen goramagy,
başga ýolbaşçy tutmazlygy maslahat berdi. Men şeýle-de etdim.
Sentýabryň ortalarynda şol wagtda akademiýanyň
jemgyýetçilik ylymlary bölüminiň akademik-kätibi bolup işlän
Pygam Azymow meni ýanyna çagyrdy. Bardym. Salam-helikden
soň, ikimiziň aramyzda şeýleräk gürrüň boldy:
— Ýolbaşçyň uly alymdy. Biwagt aradan çykdy. Seniň
entek aspirantlyk möhletiň dolanok. Şonuň üçin saňa başga
birini, meselem, Zylyha Muhammedowanyň ýolbaşçy belläýsek,
nähili görýäň?
— Pygam Azymowiç, men işimiň agramly bölegini
Hamzaýewiň talabyna laýyk taýýar etdim. Şonuň üçinem,
mümkin bolsa, başga ýolbaşçy tutunman, işi merhum halypam
Hamzaýewiň hormatyna, şonuň ady bilen gorajak.
— Gowy pikiriň bar.Ýöne ýolbaşçysyz saňa kyn bolar.
222
Soňam halypasyz dissertasiýa goran ýok bolsa gerek.
— Hany, Öde Abdyllaýew dissertasiýany ýolbaşçysyz
ýazdy diýýärler. Ýa ol gürrüň ýalanmy?
— O-how, sen özüňi kimler bilen deňeşdirýärsiň? Öde
okanda-da, işlände-de edil ýanyp duran ot ahyryn. Sen Öde
bolubilmersiň?
— Bir adamyň başaranyny beýlekisem, islese, başarar,
Pygam Azymowiç. Ödäniň gutaran peduçilişesini Kerkide
menem gyzyl diploma gutardym. Institutda onuň okan derslerini
menem okadym.
— Beýle özüňe göwnüň ýetýän bolsa, onda men hökman
ýolbaşçy tutun diýjek däl. Ýazan bölümleriňi getirseň, menem
okap bererin. Gaýrat et.
Azymowa minnetdarlyk bildirip, hoşlaşyp çykdym.
Noýabryň başlarynda dissertasiýamy elýazmada doly
taýyn edip, leksikografiýa bölüminiň maslahatyna goýdum. Işi
goramaga hödürlediler. Ýöne institutyň alymlar geňeşi gorajak
wagtymy yza süýşürdi, sebäbi işiň bir baby boýunça ýazylan
makala žurnalda çykyp ýetişmedi, ýogsam tema degişli alty
makalam çap edilipdi. Dekabryň 15-nde aspirantlyk möhletim
gutardy. Men leksikografiýa bölüminde uly laborant bolup
işe başladym, işgärleriň taýýar işlerini maşinkada çap etdim.
Iki aýdan özbaşdak işlemäge “Türkmenistanyň toponimik
sözlügini” düzmek tabşyrylansoň, meni kiçi ylmy işgärlige
geçirdiler, indi aýlygym 98,5 däl-de, 112,5 manat boldy.
Tabşyrylan sözlügi men iki ýylda düzüp gutarmalydym, ol müň
sözi öz içine almalydy, göwrümi 5 çap warak bolmalydy.
Günorta-Gündogar Türkmenistanyň geografik atlarynyň
düşündirişli sözlügini düzüp, ony dissertasiýama goşupdym.
Diýmek, bu işde meniň tejribäm bardy, diňe Türkmenistanyň
beýleki etraplarynyň ýer-ýurt atlary barada dürli çeşmelerden,
iň esasy-da, il içinden maglumat toplamalydy.Şol maksat bilen
aprel aýynda Ahal, iýunda Balkan, oktýabrda hem Daşoguz
welaýatlarynyň ähli etraplaryny jemi üç aýlap aýlandym we
zerur maglumatlary ýygnadym. Geografik kartalardan we
beýleki degişli çeşmelerden alnan maglumatlary hem üstüne
223
goşup, 1966-njy ýylyň ahyryna çenli sözlügiň esasy “gurluşyk
materialyny”— ýer-ýurt atlarynyň kartotekasyny taýýar etdim.
Bu işleriň daşyndan, dissertasiýa goramagyň möhleti gelip
ýeteni üçin, men oňa taýýarlyk gördüm, ençeme wagtymy
bu hysyrdyly işe sarp edip, dekabryň 26-synda ony goradym.
Goralyşygyň zerur dokumentleri doldurylyp, Moskwa-Ýokary
attestasion komissiýa iberilensoň, fewral aýynda zähmet
rugsadymyň geçen ýyldan galan ýarym aýyny sorap alyp, obama
gitdim.
Obada birki hepde gezdim, soňra atam ýanyna çagyrdy-da:
— Alymlyk okuwyňam-a gutardyň. Toýuňa baryp gelenler
uly alymlaryň seniň işiňe gowy baha berenligini aýtdylar. Indi
näme etsem diýýärsiň? Gelip, obada işlejekmi ýa-da Aşgabatda
galjakmy?— diýip sorady. Men oňa:
— Ata, diplom Moskwada tassyklanýar. Şony elime
alanymdan soň, şu meseläni gutarnykly çözmekçi. Çärjewdäki
pedinstituta işe alsalar, şol ýerde mugallym bolsam diýen
pikirimem ýok däl. Şu pikir başa barsa, oba gelip-gitmegem
aňsat boljak — diýdim.
— Diýmek, bu ýylam sen Aşgabatda bolmakçy-da. Eger
beýle bolsa, maşgalaňy hem şu gezek äkit. Çagalaryň iki ulusyny
goýup git. Gowy ýerleşeniňden soň, olary hem ýa äkidersiň, ýada elterler. Dört ýyllap bulardan aýra ýaşanyň besdir.
— Ata, bir otagly jaýda iki bolup şärikli ýaşaýarys. Jaý
ikimize-de deňlik. Ondan Toýlyny çykaryp, çagalary eltip
bilmerin. Şonuň üçin ilki şäherden kireýine bir jaý tapyp, bulary
soň äkidäýsem bolmazmyka?
— Bolmaz. Şunça wagt ýaşan tanyş şäheriňde bir çykalga
taparsyň. “Kerwen ýolda düzüler” diýipdirler.
Atamyň teklibi bilen razylaşmakdan başga çäre galmady.
Çagalardan ikinji klasda okap ýören Agamyrady we 4 ýaşly
Maýany goýup, 5 ýaşly Gözel bilen heniz birem ýaşamadyk
Gadamy äkitmeli diýen karara geldik. Şol dördimize gerek
ýorgan-düşek we gap-çanak ýaly zerur zatlary göterip, Aşgabada
Almaz Gapbarow diýen obadaş mugallymyňka düşdük. Almaz
uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň agşamky
224
bölüminde okap, gündizine şäheriň 34-nji mekdebinde işleýärdi
we çagalary bilen şu mekdebiň bir tarapynda haýsydyr bir
maksat bilen gurlan 3-4 otagly jaýda ýaşaýardy.
Şäheriň Gaža diýilýän bölegindäki howlularyň birinden bir
otag kireýine alyp oňa göçüp bardyk-da, ýaşamaga başladyk.
Iýunyň ahyrlarynda institutdaky iş jaýymyzda sözlük
düzmek bilen gümra bolup otyrkam, ýanyma Ruslan Alymowiç
Ergeşow geldi. Ol indi welaýat bilim bölüminiň müdiri däldi,
Çärjew şäherinde 12-nji proftehuçilişäniň direktory bolup
işleýärdi. Aşgabada haýsydyr bir maslahata çagyrypdyrlar,
ýygnak gutaransoňam bir wagtky okuwçysyny kandidatlygy
goranlygy mynasybetli gutlamaga gelipdir. Men tolgunyp, oňa
öz minnetdarlygymy bildirdim. Iş gününiň ahyry bolany üçin,
kagyzlarymy ýygnaşdyryp, mugallymym bilen daş çykdym.
Bu günlükçe zerur işiniň ýoklugyny sorap bildim-de, ony öýe
myhmançylyga çagyrdym.
Ergeşow meniň ýaşaýan howlymy, onuň içindäki bişip
duran üljeleri we gowy getiren ýaş almalary, ýaşaýan otagymy
synlady, çagalar bilen salamlaşdy. Çaý başynda-da ol meniň
ýaşaýyş ýagdaýym bilen gyzyklandy.
— Ýaşaýan howlyň-a giň eken. Hojaýynlar tanşyňmy? Olar
bilen gowy oňuşýarmyň?
— Oňşugymyz gowy. Ýöne tanyş ýa garyndaş däl.
— Şu otagyňa näçe töleýärsiň?
— 25 manat.
— Institutda aýlygyň näçe?
— 112 manat 50 köpük.
— Az eken.75-80 manat 4 adam üçin az bolýar. Iki çagam
obada diýýärsiň. Olary getiräýseň-ä ojagaz pul iýip-içmäňize-de
ýetmez. Mundan beýläk näme etmek isleýärsiň?
— Ýoldaş mugallym, häzir-ä oňşup ýörüs, ýorganymyza
görä aýak uzadýarys. Ýakynda kandidatlyk diplomymy aldym.
Indi uly ylmy işgär diýen wezipä saýlaýsalar, onda aýlygym
köpelýär...
— Näçe bolýar?
— 250.
225
— Şol wezipä saýlanjagyň beri anykmy?
— Ýok, kandidat bolubam üç-dört ýyllap bu wezipäni
alman ýörenler bar.
Onda saňa maslahatym şeýle. Çärjewe geç, ata-eneňiň
halyndan habar almagyň hem ýeňil bolar. Meniň uçilişämde
mugallym bolsaň, 250 manady şu günden başlap töläýin.
Iki otagly jaýam boş dur. Bu teklibime razy bolmasaň,onda
pedinstitutda işle. Onuň rektory Kakajan Muhammetberdiýew –
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.