Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28

Total number of words is 3667
Total number of unique words is 1988
31.2 of words are in the 2000 most common words
42.8 of words are in the 5000 most common words
48.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
neşirinde-de, häzirki nusgasynda-da Türkmenistanyň geografik
atlaryny orus dilinde ýoýup, asyl nusgasyndan has daşlaşdyryp
ýazmak däbe öwrülipdi. Meselem: Garrygala—Kara-Kala,
Esenguly—Gasan-Kuly, Bokurdak—Bahordok, Ýylanly—
Ilýaly, Daşhowuz—Taşauz, Kaka—Kaahka, Garagum—
Kara-Kumy, Amyderýa—Amy-Darýa, Jojukly—Ju-Ju-Klu,
Ýolöten—Iolotan we ş.m. Şeýle gödek ýoýulmalaryň garşysyna
men metbugatda birnäçe gezek çykyş edipdim. Ynha, häzir
weli şol nogsanlary düzetmäge gatnaşmak meniň paýyma düşdi
duruberdi. Men düzgünnamany ünsli öwrendim we güýçli
dilçiler bilen maslahatlaşyp, ondaky bäş sany esasy düzgüni
düýbünden üýtgetmegi talap etdim. Ol düzgünler şulardyr:
1. Tradision (däbe öwrülen) at hökmünde ýoýlup ýazylýan
atlary orus dilinde asyl nusgasyndaky ýaly ýazmaly. Meselem:
Amu-Darýa däl, Amyderýa, Kara-Bogaz-Gol — Garabogazköl,
404
Kara-Kumy — Garagum, Balhan — Balkan, Baýram-Ali —
Baýramaly, Iolotan-Ýolöten we ş.m.
2. Ýogyn çekimlileriň öňünden gelýän g seslerini k
bilen çalyşman, türkmen dilindäki ýaly ýazmaly: Kara-KumyGaragum, Kara-Kala — Garrygala, Kipçak — Gypjak, Karaman
— Garaman we ş.m.
3. Sykylykly (щипящий) ş, şýa, ç, ž seslerinden soň y, ýu,
ýa seslerini ýazmazlyk
babatdaky orus diliniň dürs ýazuw
kadasyny türkmen geografik atlary babatda ulanmaly däl.
Meselem: Awçi däl — Awçy, Ajy-Ýab — Ajyýap, Çinarly —
Çynarly, Karry-Çirla — Garryçyrla we ş.m.
4. Goşma atlary goşup ýazmaly: Kzy-Kly-Bend dälGazyklybent, Amu-Darýa — Amyderýa, Kara-Kumy —
Garagum we ş.m.
5. Orus diline ýat bolan bäş sesi aşakdaky ýaly bermeli:
a) j ähli ýerde dž ses utgaşmasy arkaly ýazylýar.
b) ň sesi ng (goşa ňň hem bir ng), emma g, k sesleriniň
öňündäki ň diňe n arkaly ýazylmaly: Esenmeňli — Esenmengli,
Çaňly — Çangly, Çarşaňňy — Çarşangy, Maňgyşlak —
Mangyşlak we ş.m.
w) ö sesi sözüň başynda (şol sanda, goşulyp ýazylýan goşma
sözleriň ikinji sözüniň başynda hem) o, sözüň ortasynda ýo arkaly
ýazylmaly:Ögem — Ogem, Garaözek — Garaozek,Dördül —
Dýordul, Gökje — Gýokdže we ş.m.
g) ü sesi sözüň başyna u, sözüň ortasynda ýu arkaly
berilmeli: Üçajy — Uçadžy, Köneürgenç — Kýoneurgenç, Jülge
— Džulge we ş.m.
d) Ä sesi sözüň başynda a, ortasynda we yzynda ýa sesi
arkaly ýazylmaly: Änew — Anew, Gämi — Gýami, Käriz —
Kýariz we ş.m.
Bu esasy belliklerden başga-da, men düzgünnamanyň
ownuk-uşak säwliklerini düzetmegi salgy berip, on sahypadan
ybarat syn ýazdym. Bu syn terminologiýa komissiýasyndada makullandy we şu bellikleri düzedip çap etmeli diýlip,
karar kabul edildi. Onuň aşagyna komissiýanyň alym-kätibi
Meretmuhammet Çaryýew ikimiz gol çekip, Ýokary Sowetiň
405
prezidiumyna tabşyrdyk.
Biziň belliklerimiz Moskwada uly gowur döreden bolmaly:
olary düzetmän çap etmäge Aşgabatdan iberilen karar ýol
bermeýär, düzetmäge-de harby edaralar garşy. Düzgünnama öz
wagtynda çap edilmese, ony düzen edaranyň plany ýerine ýetjek
däl. Şu zatlary göz öňünde tutup, syny ýazan Meretmuhammet
ikimizi Moskwa çagyrmaly we her edip-hesip edip, bizi
talaplarymyzyň köpüsinden el çekdirmeli diýen karara gelnipdir.
Şonuň üçinem Moskwada Domodedowo howa meýdanyna
düşüp, el goşlara garaşylýan jaýa giren badymyza aeroportyň
radiosy biziň adymyzy tutýar: “Aşgabatdan gelen Atanyýazow
we Çaryýew, size plan nomerli gara “Wolga” garaşýar”.
Gara “Wolgada” “Düzgünnamany” düzüji bir aýal we bir
erkek adam bar eken. Olar bizi Kremliň ýanyndaky “Moskwa”
myhmanhanasynyň lýuks nomerinde ýerleşdirdiler we bir sagat
dynç alyp, ýuwnup ardynyp, soňra restorana gitmelidigimizi
habar berdiler, “Bardy-geldi, maşyn gerek bolsa, ynha, şu nomere
jaň ediň, ýaňky “Wolga” geler, ol tä Aşgabada gidýänçäňiz size
hyzmat etmeli” diýibem çykyp gitdiler. Otagda ýeke özümiz
galandan soň, pikir edýärin: “mundan sähelçe öň pasportyňda
ýaşaýan ýeriňi hasaba alýan ýazgy ýok diýlip, Moskwadaky hut
öz wekilhanamyzyň jaýyndan ýer berilmän kowlup ýörenem
bizdik, bu gün bolsa lýuks jaý, gara “Wolga”, restoran. Bu
zatlaryň bir çöpi bolmaly. Men edip oturan pikirimi daşyma
çykardym:
— Meretmuhammet, şu wagta çenli Moskwa gelenimizde,
myhmanhanadan ýer almak uly aladamyz bolardy. Moskwaly
tanyşlara gawun-garpyz ýaly zatlary sowgat getirip, restoranada biz çagyrardyk. Bu gezek tersine. Munuň bir emmasy
berdyr. Hernä öz nukdaýnazarymyzy goramaly ýerimizde berk
duruberi.
— Gaty berk durarys. Ýöne geografik atlar meselesine sen
gowy belet. Özüň goran, özüň çykyş et, men seniň aýdanlaryňa
goşularyn.
Ertesi bizi GUGK-nyň geografik atlar baradaky
komissiýasynyň mejlisine äkitdiler. Biz baranymyzda, komissiýa
406
gatnaşýanlar (jemi 30-35 çemesi adam) zala ýygnanypdyr. Eýho-o! Mähelläniň ýarysy çemesi harby adamlar. Onda-da nähili
çinler! Gözüňi gamaşdyrýan zer pogonlaryň hersinde birdenikiden ýyldyz bar. Görkezilen ýere geçip oturdyk. Ýanymyza
Kawkaz biçüwli bir adam gelip salamlaşdy, elleşip görüşdi,
haýsysynyň Atanyýazowlygymyzy sorady. Soňra öz adyny aýtdy:
Gaýoz Iliç Donidze. Men bu türkolog alymy ylmy işlerinden
tanaýardym. Onuň türki toponimiýa babatda makalalary
bardy. Donidze haty gowy taýýarlanlygymyzy, belliklerimiziň
hem ýerliklidigini, bu babatda özüniň bize tarapdardygyny
ýaňzadyp, ýerine geçdi. Ýygnagy graždan eşikli professor açyp,
gün tertibini yglan etdi. Mesele köp eken, ýöne biziň meselämiz
öňe geçirildi. Her belligimize aýry-aýrylykda garalyp,
aýratynlykda karar kabul etmek babatda ylalaşyldy. Birinji
belligimiz-tradision atlaryň ýazylyşy. Köpçülik biziň pikirimizi
goldamady. Märekeden sussum basylyp, özümem gowy çykyş
edip bilmedim. Ikinji belligimiz ýogyn çekimlileriň öňünden
gelýän g sesleriniň k sesi arkaly ýazylyşy (Karakum). Munda-da
Donidzeden başga ähli adam biziň belligimize garşy çykdy.Bu
sapar men iki-üç gezek çykyş edip, öz nukdaýnazarymyzy berk
goradym. Sözüme pitiwa edilmejegine gözüm ýetensoň, başlyga
ýüzlenip, has ýiti gepledim:
— Ýoldaş başlyk, siziň dykgatyňyza hödürlän we üýtgetmegi
talap edýän belliklerimiz diňe bir Çaryýew ikimiziňki däl, olary
türkmen dilçileri we Türkmenistan hökümeti goldady. Ol
bellikleri kabul etmän, ýeke-ýekeden ret edip durjak bolsaňyz,
siziň mejlisiňizde bizip işimiziň ady ýok. Biz zaly boşatjak.
Medeniýetli, salyhatly alymlaryň we uly, epeý harby
adamlaryň arasynda gaharlanyp, meniňki ýaly gömelteý çykyş
edilmeýän bolara çemeli: bu sözlerim oturanlara bulutsuz gün
gök gürlän ýaly täsir etdi, olaryň köpüsi gaňrylyp, maňa täzeden
seretdiler. Başlyk menden biraz köşeşmegi haýyş edip, ýanynda
oturan bir ofisere g we k sesleri bilen başlanýan geografik atlaryň
kartada tutýan ornuny takmyny kesgitläp gelmegi buýurdy we
10 minutlyk arakesme yglan etdi.
Kompýuterde hasaplap, türkmen toponimiýasynda g we k
407
sesi bilen başlanýan atlaryň 15-20 % bardygy yglan edilensoň,
harby adamlar yzly-yzyna çykyş edip, biziň teklibimiziň kabul
edilip bilenmejekdigini, çünki bu işiň harby ýagdaýda ullakan
bulam-bujarlyga getirjekdigini, dürli masştably kartalaryň ähli
görnüşini täzeden çap etmäge mejbur bolanjakdygyny, munuň
bolsa ummasyz serişde talap edýänligini janygyp-janygyp
düşündirýärdiler. Gepleýänleriň ählisi delillerini bize düşnükli
bolar ýaly edip, bize ýüzlenip aýdýardylar. Şeýlelikde, ikinji
belligimizem kabul edilmedi. Ýöne weli mundaky ýiti çykyşym
oturanlara täsir etdi, soňky üç belligiň üçüsi-de biziň isleýşimiz
ýaly kabul edildi. Muňa seretmezden iki belligimiziň yza
gaýtarylany üçin biz düzgünnamanyň kabul edilmegine garşy
bolduk.
Ertesi awtorlar bizi günümize goýmadylar. Biri meni şu
düzgünnamanyň rejeleýjisi belledip, oňa düşýän puly gitmänkäk
alyp berjekdigini aýtsa, beýlekisi geografik atlar barada taýýar
işimiz bar bolsa, ony çalt çykarmaga kömek etjekdigini ýatladýar.
Men öňde agzalan, emma neşir planyndan galdyrylan sözlügimi
kitap görnüşinde daşladyp, ony ýanyma alypdym. Sözlügi görüp
awtorlar ony neşir etdirmegiň ugruna çykdylar. Bu mesele bilen
meni GUGK-nyň uly başlyklarynyň biriniň huzuryna äkitdiler
(arman onuň adyny unudypdyry). Harby adamlar tarapyndan
goralýan alty gat jaýyň ikinji gatyndaky uly kabulhana bellenen
wagtda bardyk. Gapyda kätibiň ornunda oturan gartaşan maýor
gelenligimizi habar berip çykdy-da, “Giriň” diýdi. Girdik.
Graždan eşikli, gözi äýnekli ýaşuly adam ýerinden turup, zalyň
ortasynda bizi garşy aldy, uly jaýyň burçunda goýlan stoluň
töwereginden bize oturmaga ýer görkezdi.
— Oturyň. Men size gök çaý bereýin. Türkmenler gök çaý
içýärler. Urşuň öň we soň ýanlarynda Garagumda işlänimde,
men türkmen çaýyny köp içipdim — diýip, özi barada gürrüň
bermäge başlady. Çaý başynda bu uly başlyk meniň sözlügimi
waraklamaga oturdy. Hamala, türkmen diline düşünýän ýaly,
onuň käbir sahypalaryna esli salym seretdi. Soňra:
— Gowy sözlük. Ynha, bize şeýle işler derwaýys. Eger muny
orus diline terjime edip getirseňiz iki aýa goýman çap ederis
408
diýdi. Menem sözlügi terjime etmek üçin wagt gerekligini, ilki
öz ene dilimde çykartmak niýetimiň bardygyny aýdanymsoň,ol:
— Goý, şeýle bolsun. Men bu işi çaltlaşdyrmagy
Ýokary Sowetiňiziň Prezidiumynyň başlygy Annamuhammet
Gylyjowdan we akademiýaňyzyň prezidenti Pygam Azymowdan
haýyş ederin. Eger hat gerek bolsa, hatam ýazyp bileris—diýdi.
Men resmi hat ýazmagy haýyş etdim. Oturan stolumyzda-da
kätibi çagyrar ýaly düwme bar bolmaga çemeli: maýor içeri
girdi. Ol haty nähili äheňde taýýarlamak babatda buýruk alyp,
meniň kitabymyň adyny hem onuň içki sahabyndan göçürip daş
çykdy, birki minutdan hem üç nusgalykda çap edilen hatyň birini
maňa berdi, ikisiniň hersini bir uly bukja ýerleşdirdi. Olaryň
biri Gylyjowa, beýlekisi Azymowa ýazylypdyr. Bukjanyň
ýüzünden çilepleýin (diagonallaýyn) uly gyzyl çyzyk geçip,
onda “Hökümet haty” (Prawitelstwennoýe”) diýen ýazgy bar.
Biz by salyhatly adam bilen mähirli hoşlaşdyk. Bu
hatlaryň ertäniň özünde iberilen ýerine gowuşjakdygyny aýdyp,
düzgünnamanyň hilini gowulaşmagyna eden ýardamymyz üçin
bize hoşallyk bildirdi.
Dogrudan-da, hatda bizden has öň Aşgabada gelipdir.
Olaryň mazmuny barada Gylyjowyň Azymowa näme diýeni belli
däl, emma Azymow meni gözläpdir we çalt tapyp, öz huzuryna
ibermegi tabşyrypdyr. Gelen dessime bardym. Azymow meniň
gidenligimi bilmeýän eken, bu babatda ol dil ýarmady. Aramyzda
şeýleräk gürrüň boldy:
— Şu ýylky plana goşulmadyk sözlügiň ykbaly nähili?
Direktoryňyz bu barada hiç zat diýenokmy?
— Ýok. Ol hakda özümem direktordan huç zat haýyş
etmedim.
— Zyýany ýok. Sözlügi akademiýanyň prezidiumyna
goýlan neşir paýynyň (limitiň) hasabyna nobatdan daşary ederis.
Işiň ähmiýetini nazara alyp, men ol hakda eýýäm buýruk berdim.
Buýrugy Moskwadan gelen hatyň berdirendigini bilýänem
bolsam, bu hakda zat diýmän, minnetdarlyk bildirip oňaýdym.
Azymow soragyny dowam etdi:
— Sözlük neşire taýýarmy? Onuň rejeçisi (redaktory) kim?
409
— Öňki gezek gelenimde oňa rejeçi bolmagy sizden haýyş
edipdim. Sizem razy bolupdyňyz.
— Beýle zat bolup bilmez. Ylmy işlere rejeçi bolmak
prezidentiň wezipesine girmeýär, oňa meniň wagtymam ýok,
rejelän işimem ýok.
Azymowyň bu sözleri hakykata dogry gelmeýärdi, käbir
dilçi alymlaryň (meselem, Berdi Hojaýewiň) çap bolan işleri
prezidentiň rejelemegi bilen çykypdy. Uly wezipedäki ýaşuly
adamlaryň aýdan sözlerini ýadymdan çykaraýmak endigini
nazara alyp, Azymow hiç bir wagt rejeçi bolmagy boýnuna
almadygam, hatda bu babatda öň gürrüň gozgalmadygam bolsa,
men bir depen ýerimi depip, ýalan sözledim:
— Şu işe özüm rejeçi bolaýaryn diýipdiňiz, Pygam
Azymowiç!
— Haý, näbileýin. Men beýle zady hiç kime söz berýän
däldirin öz-ä.
Atan okum nyşana degdi, Azymowyň biraz gowşap
alasarmyk ýagdaýa düşenini aňanymsoň, hasam ekabyrlandym:
— Şeýle zady aýtmasyn-a aýtdyňyz, ýöne gaýtmyşym
etjek, beren sözümi yzyna aljak diýseňiz, onda başga gep.
— Ýeri, bolýar, berlen sözüň yzynda durmaly bolar. Işiň
birinji nusgalygyny şu gün getir.
Azymow işi ymykly okap, onuň her sahypasynyň aşagyna
gol çekipdir. Men onuň käbir belliklerini düzedip, işi neşirýata
tabşyrdym.
“Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere girer” diýlişi ýaly,
gysga wagtda sözlük ýygyldy, ýöne göwrüminiň ululygyna
(16,6 çap warak) seretmezden, bu iş ýuka sahapda çykarylmaly
edilipdir. Neşirýatda bu babatda eşidip, Azymowyň ýanyna
ylgadym. Gapydan giribem:
— Pygam Azymowiç, sözlük tiz çykýar, ýöne onuň
sahabyny (daşyny) ýoka kagyzdan edýärler. Sözlük diýeniň
bir gezek okalyp taşlanýan kitap däl, ol günde-günaşa seredilip
durmaly gollanma. Şonuň üçin onuň daşyny hiç bolmanda
kartondan etmek barada buýruk beräýseňiz—diýdim.
Azymowyň nämedir bir zatlara gahary gelip, keýpsiz oturan
410
wagty eken. Ol:
— Sözlügiň nämedigini sen maňa düşündirme. Näme indi
akademiýanyň prezidenti kitabyň daşyna goşulmalymy? Sen
näme, meni oglan-oglanjyk hasaplaýarmyň? Bar, beýle ownuk
zatlary Atabal Saparowiç bilen çöz—diýdi.Ýüzüme urlan ýaly
bolup çykdym. Biraz özümi dürsänimsoň, Atabal Saparowiçiň iş
otagyna girip, oňa salam berdim. Ol özüne mahsus äwmezeklik
bilen ilki äýnegini aýryp, stoluň üstünde goýdy, soňra esli salym
sesini çykarman ýüzüme seredip durdy-da:
— Gurgunmy, Soltanşa, ýeri, näme iş bilen geldiň? Gaty
aladaly görünýäň-le — diýdi. Men sözlügiň ýagdaýyny, bu
babatda Azymowyň ýanyna girenligimi aýtdym. Azymowam
“Sözlük gündelik ulanylýan, ýana göterilýän gollanma. Onuň
daşy gaty, has gowusy, lederine gaplanan bolmaly. Bu meseläni
Atabal Saparowiç çözsün” diýip, siziň ýanyňyza iberdi —
diýdim. Saparow öňki endigi boýunça esli ýüzüme seretdi,
soňam maňa oturgyjy görkezdi:
— Hany, otur, bakaly, Azymow buýran bolsa, seniň kitabyňy
zerden gapladarys.
Ol jaň edip, akademiýanyň maddy-tehniki önümçilik
bölüminiň baştutany Awesowy ýanyna ýagyrdy. Gelensoňam:
— Azymowyň rejeçi bolmagynda şu ýigidiň kitaby çykýar.
Onuň jildi gaty we lederinli bolmaly. Bu—prezidentiň buýrugy.
Sende şol zatlar barmy?—diýip sorady.
— Häzir kartonam, lederinem ýok. Eger Azymow buýran
bolsa, onda Moskwa gidip getirmeli bolaryn. Hat-peteklerimi
düzedip, ertirem ugraryn.
Awesow gidenden soň, menem sag bol aýdyp daş çykdym.
Ikinji gatdan düşüp barýarkam galpyldy basýar: “Awesow
haýsydyr bir dokumente gol çekdirmek üçin Azymowyň ýanyna
barsa, ol Moskwa näme üçin gidýänligini sorar. Sözlüge karton
we lederin getirmek üçinligini aýdaýsa, meniň ägim açylar.
Bulaşdyran bolaýmasam ýagşydyr”. Bagtyma, Azymow ertesi
ir bilen bir ýana uçupdyr, ähli kagyzlara-da A. Saparow gol
çekipdir. Azymow ol zatlary bilmän galdy. Meniň kitabymyň
jildi liderinli, ýüzüne-de ady zer reňk bilen ýazylyp çykdy.Ýöne
411
bu sözlük doly däldi, oňa materiallar howul-halat ýygnalypdy.
Şonuň üçin atlas düzmek üçin obalara sansyz saparlar döwründe
men onuň üstüni ýetirip, 1979-njy ýylda bu işi iki esse ulaldyp
çapa taýýarladym. Öňki sözlük bary-ýogy 3000 sözi öz içine
alýan bolsa, bu sözlüge 7000 söz girizildi.
Işi taýýar görnüşde rejelemäge Azymowa berdim. Ol indi
prezident däldi, biziň institutymyzda bölüm müdiridi. Azymow
işiň göwrümini gördi-de:
— Gaty uly iş edipdiň, ýöne muny çap edirmek kyn bolar.
Men indi prezident däl. Şonuň üçin aakademiýanyň häzirki
prezidenti Agajan Geldiýewiç Babaýewden ikinji rejeçi bolmagy
haýyş edeli. Ol seniň halypaň, özi-de geograf. Toponimikany
geografiýa ylmy hem öwrenýär—diýdi, Babaýewi bu işe
etmegi-de öz üstüne aldy. Şeýlelikde, bu uly işi iki prezidentiň
rejegärlik etmeginde 1980-nji ýylda çap boldy. Ähli gazetler
we žurnallar ol barada öwgüli synlaryň jemi 40 çemesini çap
etdi. Diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem goňşy döwletleriň
gazet-žurnallarynda-da bu barada uly-uly makalalar ýazyldy
(meselem, Moskwada 3 makala, Özbegistanda 5, Azerbaýjanda,
Gyrgyzystanda, Gazagystanda hem hersinde birden syn neşir
edildi). Bu sözlük Türkmenistanyň Ylym we tehnika baradaky
döwlet baýragyna hödürlenip, 1983-nji ýylda oňa mynasyp
boldy.
Şiweleriň atlasy düzülip gutarylansoň, 1980-nji ýylda
Pygam Azymow maňa özüniň tagllasy bilen ýakynda açylan
terminologiýa bölümine işe geçmegi teklip etdi we:
— Terminologiýa—diliň gyzykly ugry. Isleseň, terminleri
derňe, sözlük düzjek diýseň, sözlük düz. Şu bölümiň planyna
onomastikadan derňewleri hem girizeris. Belki, bu ugurdan
gowy bir temany planlaşdyryp, ony doktorlyk dissertasiýasy
edinersiň—diýdi. Men razylaşdym. Bu bölümde ilki bilen P.
Azymow, W. Mesgudow we men üç bolup, gysgaltmalaryň
sözlügini taýýarladyk (ol 1985-nji ýylda çap boldy), soňra men
özüme türkmen tire-tabpalarynyň atlarnyň düşündirişli sözlügini
düzmegi planlaşdyrdym. Iki ýylda ýerine ýetirilen bu göwrümli
iş “Slowar turkmenskih etnonimow” (“Türkmen tire-taýpa
412
atlarynyň sözlügi”) at bilen orus dilinde çap edildi. Şondan soňra
men etnonimleriň dil we etnografik derňewini planlaşdyryp, ony
1990-njy ýylda doktorlyk dissertasiýasy hökmünde goramaga
hödürledim.
1986-njy ýylda P.Azymow terminologiýa bölüminiň
müdirligini maňa tabşyryp, özi pensiýa gitdi, ýöen ylmy
konsultant hökmünde ol günüň birinji ýarymynda öz iş otagynda
işlemegi dowam etdirdi.
1980-nji ýyllardan başlap, P.Azymow dagynyň 7—8-nji
klaslar üçin ýazylan “Türkmen dili” diýen okuw kitaby gazetžurnallaryň sahypalarynda ençeme gezek ýiti tankyt edildi.
Azymow tankydy agyr kabul edýärdi. Şeýle makalalaryň
birinden soň, ol meni iş otagyna çagyrdy. Bardym. Azymow
görüp oturan kagyzlaryny meniň öňüme süýşürdi-de:
—Ynha, gör, murgaply oba mugallymy Ata Akbäbäýew
diýen bir ýigit özüçe okuw kitabyny düzüp, maňa görkezmage
getiripdir. Erbet däl, mugallym bolup işleýänligi, dilçi
mugallym hökmünde tejribesiniň bardygy duýulýar. Ýöne
onuň kitabynyň teoretiki taraplary gowşak, ylym bilen iş
salyşmaýandygy bildirip dur. Bu ugurdan ýazylan biziň okuw
kitaplarymyzyň nähili tankyt edilýändigini özüňem birýärsiň.
Köpüsi nädogram bolsa, käbir bellikleriniň jany ýok däl. Şonuň
üçin şu golýazmany we biziň okuw kitabymyzy gözden geçir,
senem ýedi ýyl mekdepde mugallym bolduň. Tejribäň ýeterlik.
Seni we Atany awtorlaryň hataryna goşmagy men Magaryf
ministrliginden haýyş etjek—diýdi. Şeýlelikde, öň üç awtoryň
(P. Azymowyň, H. Baýlyýewiň we M. Çaryýewiň) atlary bilen
çykarylýan, özi-de 7—8-nji klaslara niýetlenen “Türkmen dili”
diýen okuw kitabyny ýazýanlaryň hataryna Ata ikimiz goşulyp,
olary esli wagtlap işledik, gönükmelerini başybitin çalyşdyk,
mazmuny terbiýeçilik işine hemaýat eder ýaly tekstleri saýladyk.
M. Çaryýew we P. Azymow gözden geçirensoň, olar neşir
edilip, mekdeplere hödürlendi. Bu kitaplar döwletimiziň dilçi
mugallymlary tarapyndan ýokary baha mynasyp hem boldy.
M. Çaryýew, A.Akbäbäýew üçimiz ýokary klaslarda
türkmen dilini okatmagyň metodik gollanmasyny hem ýazyp
413
çap etdirdik. Okuw kitaplaryna gatnaşmagym barada gürrüň
edilende, ýaşlara edep-terbiýe öwretmek maksady bilen
“Edepnama” diýen kitaby ýazyp, köpçülige hödürlänligimi
ýatlamakçy. Bi kitap mekdeplerde “Edep” sapagy okadylan
ýyllarda esasy gollanma hökmünde ulanyldy.
Okuw kitaplaryny we gollanmalary düzmekde bize Pygam
Azymowyň baý tejribesi, onuň maslahatlary uly goldaw
berdi. Ylmy ata hökmünde bu uly alymyň hut meniň özüm
üçin eden tagallalaryny men minnetdarlyk bilen ýatlaýaryn.
Alym hökmünde adykmagymda-da Pygam Azymowyň roly
az bolmady. Arman, ady belli bu meşhur alymyň 80 ýaşyny
toýlamaga ýaňy taýýarlyk görüp başlan uçurlarymyzda, 1994nji ýylyň 27-nji sentýabrynda awtomobil heläkçiliginde ol wepat
boldy. Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun, uly halypa!
Akademiýada işlenen uzak döwrüň dowamynda ylmyň
dürli ugurlary boýunça köp meseleleriň başy agyrdyldy, gazetžurnallarda müňden aşa, ylmy ýygyndylarda we ylmy žurnallarda
ýüzlerçe makalalarym çap bolup çykdy. Olaryň ählisi barada
gürrüň etmek, hatda gysgaça syn bermegem mümkin däl, onuň
geregi-de ýok. Ýöne şu ýatlamalary okap çykan käbir okyjyda
meni gyzyklandyran, ylmy derňewlere imrendiren meseleleriň
nämelerdigini bilmäge, bu barada neşir etdiren işlerim bilen
tanyşmaga höwes döremegi mümkin. Şuny nazara alyp,
özümiň şu wagta çenli çap bolan ululy-kiçili kitaplarymy (ylmy
makalalary däl) sanap geçmegi makul bildim (Iş haýsy dilde
ýazylan bolsa, onuň ady şol dilde getirildi).
414
1. Toponimika Ýugo-Wostoçnogo Turkmenistana.
Awtoreferat.—Aşhabat. 1966.— çap warak.
2. Türkmenistanyň toponimik sözlügi.—A: Ylym, 1970.—
16,6 ç.w.
3. Ýeriň dili. –A.: Türkmenistan,1971.—2,3 ç.w.
4. Türkmen diliniň gysgaça dialektologik sözlügi.—A.:
Ylym, 1977.—10 ç.w. (jemi 4 awtor bolup ýazylan iş).
5. Adyň näme?—A.: Magaryf, 1978.—2,3 ç.w.
6.Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli
sözlügi.—A.: Ylym, 1980.—31,8 ç.w.
7. Dialekt leksikasy.—A.: Ylym, 1980.—6 ç.w. (kollektiw).
8. Türkmenistanyň toponimiýasy.—A.: Ylym, 1981.—10
ç.w.
9. Söz mülküne syýahat.—A.: Magaryf. 1984.—17,55 ç.w.
10. Pygam Azymow (biobibliografiýa).—A.: Ylym,
1984.—5.73 ç.w.
11. Russko-turkmenskih slowar, sokraşeniý,--.: Ylym,
1985.—30,53 ç.w (P. Azymow W. Mesgudow b.n b-de).
12. Türkmen dilinden metodik gollanma.—A.: Magaryf,
1988.—9,25 ç.w. (3 awtor).
13. Slowar turkmenskih etnonimow.—A.: Ylym, 1988.—
15,04 ç.w.
14. Türkmen dili. VIII klas üçin okuw kitaby.—A.:Ylym,
1989.—8,5 ç.w. (4 awtor).
15.
Türkmen adam atlarynyň sprawoçnigi.—
A.:Türkmenistan, 1989.—32,76 ç,w. (3 awtor).
16. Türkmen dili. IX klas üçin okuw kitaby. –A.: Magaryf,
1990.—8,3 ç.w. (4 awtor).
17. Etnonimy w turkmenskom ýazyke. Awtoreferat
doktorskoý dissertasii. –A.: 1990.—2 ç.w.
18. Pygam Azymow (biobibliografiýa). Üsti ýetirilen ikinji
neşir—A.: Ylym, 1990.—8,05 ç.w.
19. Türkmen adam atlarynyň düşündirişli sözlügi.—A.:
Türkmenistan, 1992.—21,4 ç.w.
20. Edepnama. –A.: Ruh, 1992.—4,5 ç.w.
21. Türkmen dili. VII klas üçin okuw kitaby.—A.:Magaryf,
415
1993.—8,5 ç.w. (4 awtor).
22. Şejere (Türkmeniň nesil daragty).—A.:Turan-1,
1994.—20 ç.w.
23. Etnonimi w turkmenskoý ýazyke.—A.:1994.—14,1
ç.w.
24. Türkmen adam atlary (ZAGS-lar üçin gollanama), --A.:
Ruh, 1995.—22 ç.w. (# awtor).
25. Türkmenistanyň welaýatlarynyň, etraplarynyň,
şäherleriniň, şäherçeleriniň we obalarynyň atlary.Türkmen,
rus we iňlis dillerinde ýazylyşy boýunça gollanma.—A.: Ruh,
1995.—4 ç.w. (3 awtor).
26. Sakar ili.—A.:Ruh, 1996.—11 ç.w.
27. Täsinlikler dünýäsine syýahat.—A.: Türkmenistan,
1999.—3,5 ç.w.
Ikinji kitabyň soňy.
416
SÖZSOŇY ÝERINE
GEÇILEN ÝOLLARYŇ KYSSASY
Ilimizde belli filolog al, köne mugallym, özüni türkmen
intelligensiýasynyň görnükli hem işjeň wekili hökmünde tanadan
Soltanşa Atanyýazowyň “Ýola elten ýodalar” atly awtobiografik
eserine sözsoňy ornundaky şujagaz ýazgylary başlamak maňa
aňsat düşmedi. Awtoryň hysyrdyly zähmet hem üýtgeşik talant,
halkyna, diline, geçmişine söýgi hem buýsanç arkaly gazanan
sepgitleri, kitabyň aňyrsynda duran sadadan gyzykly gürrüň
edip bilýän awtoryň gabarasy meni, dogrusyny aýtsam, biraz
ýaýdandyrjak boldy. Onuň şeýle gyzykly, okyjy üçin köp geňtaýlyklary açýan sözünden soňky gürrüňime uç tapmajak ýaly
boldum.
Ýöne ol uç eseriň öz adynda eken.
Bir akyldar “Maňa daýanç nokadyny tapyp beriň, men
dünýäni çepbe çöwreýin” diýipmiş.
“Ýodalaryň” gürrüňine daýanç nokady onuň öz adynda
eken.
Bu nämäni aňladýar?
Munuň özi Soltanşa aganyň ýüzlerçe sahypalayk, müňlerçe
sözlemlik mazmunyň özenini şol mazmuna gaty jaý ýelmenen
atda ýerleşdirip bilendigini aňladýar. Şonça mazmuny özünde
jemläp bilen halatynda at simwolik mana eýe bolýar. Çünki
simwol—Böwenjikdir. Böwenjigiň näçe bolsa-da, näme bolsada doýdum-doldumy bolmaýşy ýaly, simwol hem näçe manymazmunyň bolsa öz içine sygdyryp otyr. Ol munça tagamy hem
manyny içime sygdyryp bilemok diýýän, şonuň üçinem guraksy
shemalara geçirip bolýan, çeperçilik öýkeni görnüp duran,
417
estetik ýyndamlygy samanhana çenli bolan Allegoriýa däl.
Soltanşa aganyň filolog hökmünde näderejede kämilligini,
talantynyň tereňligini görkezip bilýän ol simwol—Ýoldur. Ýol
türkmeniň intelligent hem intellektual dilinde indi ýüzlerçe
ýyllar bäri köp many gatlaklaryna eýe bolan söz. Munuň
düýp sebäbi bolsa bu halkyň ruhunyň aýratynlygyndan gelip
çykýar. Türkmeniň taryhyny okasaň, onuň taryhy durmuşynyň
mydama göç-hä-göçlük bilen, taýpalaryň hem tireleriň onlarça,
hatda ýüzlerçe ýyllyk migrasiýasy bilen baglanyşyklydygyny
görýärsiň. Türkmen at üstünde, atam ýol üstünde. Içki ýaşaýyş
energiýasy dyňzap duran türkmen tas müň ýylyň dowamynda
Ýewraziýanyň ägirt giňişliklerinde ondan-oňa halk bolup, ulyuly taýpalar bolup göçüp-gonupdyr. Şonuň üçinem “ýol” bir
gatlakly sözlüginden türkmeniň aňynyň, ruhunyň hem diliniň
esaslaryny, özenini aňladýan simwola öwrülipdir.
Ýol bolsa diňe tapyşdyranok, ýol aýrylyşdyrýar hem.
Aýrylyşmak, aýralyk geçmiş nostalgiýasy bilen baglanyşykly.
Islendik başga bir Gündogar halky ýaly, türkmende-de geçmişiň
kulty güýçli.
Gökden uçan bölek durna,
Biziň iller ýerindemi?
Ýa-da:
Uçup barýan ak guşlar,
Meniň joram sagmydyr?!
Durna, ak guşlar hem ýolagçylar.
Klassyk türkmen şahyrlarynda ýoluň içki täze simwolik
gatlaklary açylýar. “Ýol” indi diňe ruhy hem geografik alyslyga
däl, eýsem ahlaky, ömür alyslyklaryna eltýän zat bolup durýar:
Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar,
Razy men,üstümden basyp ötseler...
418
Bu ýollardan dogry barga düz aşdy...
Ýol uzak, garaňky, duman görüner...
Çyn derwüşler ýo, diýiň aglar...
Şeýlelikde, ýol sözüniň dürli many gatlaklaryny göz
öňünde tutup, diňe şondan soň, S.Atanyýazowyň şu kitabyny
okamaga girişseň, kitabyň awtor tarapyndan göz öňünde tutulan
many barlygyna doly düşünip bolar diýip pikir edýärin. Çünki
okamany hem başarmak gerek, sebäbi diňe ýazmak däl, eýsem
ondan-da beter—okamak sungaty bolsa gerek. Ýazmak bagtyna
bir gezeklikçe—ýazyp gutarýançaň eýe bolýarsyň, okamak
bagty bolsa ömürlik—her gezek kitaby eliňe alanyňda berilýär.
Ýöne ol bagtyň ölçegi düşünip bilşiňe bagly bolýar.
Düşünmegiň düýp manysynyň bolsa many köpdürlüligi
aňlamaklylyga barýany üçin, “Ýola elten ýodalaryň”
mazmunyndaky käbir many ýumaklaryna üns çekmek isleýäris.
1-nji gatlak: ÖMÜR ÝOLLARY
Soltanşa aganyň bu kitaby awtobiografik powest hökmünde
häsiýetlendirýär. Diýmek, awtor öz dili bilen özüniň başdan
geçiren ömür wakalary hakda gürrüň berýär. Şonuň üçinem
eserde, umumylaşdyryp alanyňda, bäş sany many gatlagy
bolan “ýollaryň” iň üstküsi ömür ýollarydyr. Uly alymyň, doga
intelligentiň ömür ýollary diýenimizde, ilki bilen, onuň alym
bolýança, şahsyýet hökmünde doly formirlenýänçä geçen ömrüni
göz öňünde tutýaryn. Munuň özi, gödek aýdylanda, alymlyk
ömrüniň “garalamasy”, ömür owkadynyň aşhanasyndaky bişdüşlerdir. Eýse miweli agajyňam her ýyllyk ömrüniň miwä çenli
döwri, miwe bişenden soňky, ýagny şol agajyň daş-töwrek üçin
manysynyň doly açylan döwri bolýar ahyryn.
Ýöne ömür menzilini gymmatlygy taýdan birhili ala
tutup bahalandyrmak—bu biziň pikir ýöredişimiz. Öz ömri
hakda gürrüň berýän adam üçin bolsa olaryň ikisi-de deň, asyl,
belki, onuň üçin beýle bölünişik hem ýokdur. Men Soltanşa
419
aganyň kitabynyň birinji bölümini okap, dogduk mekan,
asyl, ata-baba, dogan-garyndaş diýlen düşünjeleriň onuň üçin
näderejede ezizdigine göz ýetirdim. Lebabyň gözel tebigatynyň
ussatlyk bilen suratlandyrylyşy bu awtorda ýazyjyk ukybynyň
birkemsizdigine güwä geçýär. Muňa göz ýetirmek üçin, iň
bolmanda powestiň ilkinji, “Dogduk mekana” atly bölegini okap
çykmak ýeterlik. Awtor öz hakydasyna gidýär. Eýýäm ilkinji
sahypalarda Soltanşa aganyň intellektiniň, pikirleniş stiliniň baş
aýratynlygy göze ilýär: onuň hakydasynda giňişligiň hem wagtyň
ýollary sepleşip gidýär. Öz dogduk mekanyna gaýybana syýahat
edýän awtor ol ýerdäki taryhy ýadygärlikleriň, harabalaryň,
kökleriň arasynda durup, çuň pikire batýar. Diýmek, ol wagtyň,
taryhyň ýollaryna düşüpdir. Awtoryň hakydasynda iki hili
alyslygyň: ýakyn alyslygyň we daş alyslygyň bardygy badabat göze ilýär. Daş alyslyk ony iki müň—iki ýarym müň ýyllyk
uzaklyga alyp gidýär. Eýsem-de bolsa, taryhy wagtyň şeýle giň
serhetlerinde syýahat edip bilýän aň, teoretiki pikirlenmäniň iň
ýokary derejesine ýetmekden başga-da, aýry-aýry pursatlarda
inçe duýgulary başdan geçirip bilýär. Wagtyň gizlin, pynhan
owazlaryny eşitmäni başarmak üçin iň esasy zat ýürek gerek
bolara çemeli.
Hakydanyň ýakyn alyslygy diýenimde men alymyň
çagalyk ýatlamalaryny göz öňünde tutupdym. Şu ýerde meni
aňk eden, illerem haýran galdyrjak fakt awtoryň gaty irki—
baryp 4—5 ýaşyndaky gören-eşiden wakalaryny gaty anykly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.