Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20

Total number of words is 3534
Total number of unique words is 2112
25.9 of words are in the 2000 most common words
37.6 of words are in the 5000 most common words
44.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hem-de täsin labyzda olam şiwesinde gürleşýärler. Görlüp
oturylsa, keseki milletden gelen gelni öz şiwesinde gürletmegi
bu türkmenler iň zerur däp hasaplaýarlar.
Türkmengüzerli ýaşululardan bu welaýatdaky türkmen
obalarynyň salgysyny aldyk. Olar bize her türkmen obasynda
bir gün durmak üçin, azyndan iki aý gerek boljakdygyny
duýduryp, 10—12 günüň dowamynda bize esasy uly obalary
aýlanmagyň ýoluny, adresini, hatda her obada kimleriň ýanyna
barmalydygymyza çenli aýtdylar. Samarkant töwereklerinde
12 sany Türkmengyşlak atly obalar bolup1, olaryň aglabasynda
Nuratadan göçüp gelen türkmenler ýaşaýan eken. Biz olaryň
wekilleri bilen Nuratanyň özünde duşuşmagy ýüregimize
düwüp, Pastdargom etrabynyň Ýokary Çandyr, Parçagaraçandyr,
Nowçandyr, Enekeçandyr obalarynda uly kowçum bolup
oturan çandyrlaryň, Samarkant etrabynyň Ketdegorganaryk
obasyndaky we Paýaryk etrabynyň Hoşrabat obalaryndaky
hydyrilileriň, Juma şäheriniň etegindäki esgileriň arasynda
birnäçe gün bolduk.
Nurata türkmenlerini, ata-babalarymyzyň bir wagtky watany
bolan we Seýdi ýaly klassyk şahyrlarymyzyň goşgularynda
___________
Samarkant we Buhara welaýatlaryndaky türkmenleri öwrenen orus
alymy W.G.Moşkowanyň ýazmagyna görä, türkmen urug-tireleriniň aatlary
dakylan obalaryň sany Samarkant welaýatynda 51, Zerewşan wlaýatynda 23,
Ferganada 8, Daşkentde 7, Nuratada hem 6-dyr. (W.G. Moşkowa. Nekotoryýe
obşiýe elementy w rodoplemennom sostawe uzbekow, karakalpakow
w turkmen.//Trudy Instituta istorii i arheologii AN Uzb.SSR.—1950.—
t.2.—S.16
1
286
öwran-öwran ýatlanýan Akdag-Garadag etraplaryny görmegi
haýsy türkmen arzuw etmeýär? Meniň bu arzuwym 1975-nji
ýylda hasyl boldy.
Nurata bilen Samarkant şäheriniň arasynda esli ýol bar.
Bize bu türkmenleriň esasy merkezi bolan Joş obasyna barmagy
maslahat berdiler. Nurata gidýän awtobusa münüp, Joş obasynyň
deňinde düşüp galdyk. Obanyň merkezinde Ergeş Jumanbilbil
adyndaky uly sowhozyň edarasy ýerleşýär. Onuň öňündäki gülli
aýmançanyň ortasynda bolsa bu sowhaza ady dakylan şahsyň—
Özbegsitanyň halk şahyry Ergeş Jumanbilibiliň (1868—1937)
äpet heýkeli howalap dur. Mekdepde bizi bu şahyryň ömri we
döredijiligi bilen tanyşdyrdylar, onuň 100 ýaş toýuna gabatlap
çykarylan saýlanan eserleriniň iki tomlugyny sowgat berdiler.
Bizdäki Durdy Gylyjy we Ata Salyhy ýatladýan bu halk
şahyrynyň dilinden birnäçe dessan ýazylyp neşir edilipdir.
Ergeş şahyr eli bilen ýazan terjimehalynda aslynyň özbek
halkynyň türkmen taýpasynyň gazaýakly toparynyň garakese
(karakisa) urugyndan molla Jumanbilbiliň maşgalasynda
doglandygyny ýazypdyr (Ergeş Jumanbilbil ugli. 1 žild.—
Toşkent, 1971.—7 sah.). Bu ýerde agzalýan gazaýak—mala
salkynýan tagmadyr, ol gazyň aýak yzyna meňzeýär. Geçmişde
bu tagma salyp taýpasynyň hususy möhüri bolupdyr. Bu ýagdaý
Nurata türkmenleriniň we salyr taýpasynyň garyndaşlygyndan
habar berýär. Muny 1370-nji ýyldan öň Nurata we Oşrabat
etraplaryndan Hytaýyň paýtagty Pekiniň ýakynyna (Sýunhua
welaýatndaky Ýanszy derýasynyň boýuna) göçüp baran
türkmenleriň häzire çenli salar diýen etnik adyny saklamagy
hem tassyklaýar (Tenişew E.R. Stroý salarskogo ýazyka.—M.:
Hauka. 1976.—26 sah.). Üstesine, Nurata türkmenleriniň
mirşikär (bizde mürüşgär), gökdonly, ürgenji, maňňyşlow
(maňňyşlaly), taz (daz), bagajat (bagaja), çynak (çonak), arbap,
mergen, goňrat, töre ýaly etnik atlary hut şol görnüşinde ýada ýaý içindäki şekilde Türkmenistanyň, ylaýta-da salyrlaryň
ýa-da öň salyr birleşgine giren taýpalaryň urug-tire atlarynda
gaýtalanýar. Ýene bir bellemeli zat, ol-da Nurata türkmenleriniň
öýlerinde türkmen halylarynyň köpdügidir. Olaryň gölleri bolsa
287
Kerkide we Halaçda dokalýan halylaryň gölleri bilen meňzeş
(Kerki göl haly). Biz şeýle halylara we haly horjunlara Joş
bazarynda hem köp duş geldik. Şeýle faktlaryň tutuş toplumy
Nurata türkmenleriniň özeniniň salyrdandygyny ikuçsyz aýan
edýär.
Nurata türkmenlerinde 14 perdeli (belbagly) dutar, kowuz
(naý, gargytüýdük) ýaly saz saz gurallary ulanylypdyr. Biz Joş
obasynda birkarsak, beşkarsak we tokguzkarsak ýaly mukam
atlaryny hem belläp aldyk.
Samarkantdan Türkmenistana tarap gitdigiňçe türkmen
obalarynyň sany gürelýär. Buhara welaýatynyň ähli
etraplarynda, ylaýta-da Romitan, Şafrikan, Galaasiýa, Buhara,
Kagan, Swerdlow, Garaköl etraplarynda kowçum bolup ýaşaýan
türkmenleriň sany juda köpdür. Olaryň aglabasy salyr, saýat,
baýat, garawul, ýandyr, hydyrili, azrak bölegi hem ärsary, esgi,
sakar, çowdur, ata taýpalarynyň wekilleridir. Bu ilde özbekleşip
giden halaaç we teke türkmenlerine hem duş geldik. Garaköl
etrabynyň Saýat oba “Oktýabr” kolhozynda saýatly, salyr we
ärsary wekilleri bilen birlikde özlerini maryly (taýpasy belli däl)
hasap edýän bir topbak ilat ýaşaýar. Alat etrabynda bolsa orta
asyr dilçisi Mahmyt Kaşgarynyň sanan 24 türkmen taýpasynyň
içinde ululygy babatda şol wagtda 4-nji orunda durýan ywa
türkmenleriniň uly toplumy bar. Ywalar öňki Soýuzyň çäginde
Alatdan başga hiç ýerde duş gelmeýär.
Kaşgaderýa welaýatynda hem türkmen obalarynyň sany
az däl. Mübärek etrabynda birnäçe esgi obasy, Saryk obasynda
saryklar, Köneşäher we Naýystan obalarynda ärsarylar
ýaşaýarlar.
1924-nji ýylyň milli bölünişginde Gyzylgum çölüniň kartasy
çyzgyç bilen ikä bölünýänçä, bu gum tutuşlygyna Nerezim we
Burdalyk begliklerine degişli eken, ondaky köne guýularyň hem
köpüsi lebaply baýlar tarapyndan gazylypdyr. Bu welaýatdaky
esgiler we Baharystan etrabynyň iki uly obasyny emele getirýän
pamyklar bolsa geçen asyryň ahyrlarynda Nerezim oazisini
Jeýhun suwy basandan soň şu welaýata—Gyzylgumuň ileri
eteginden onuň gaýra çetine göçüp gelen ildir (ýeri gelende
288
aýtsak, özlerini esgiler bilen garyndaş, emma özbaşdak türkmen
taýpasy hasap edýän pamyklar diňe şu welaýatdan başga ýerde
duş gelmeýär).
Naýystan obasynyň binýady hem bir asyrdan gowrak
mundan öň burdalyklylar, has takygy meniň obadaşlarym
tarapyndan tutulypdyr. Öň obanyň orny gultakly molla Wepa
diýen adamyň ýazlagy eken. Bir gezek wezir-wekilleri bilen
awa-şikäre çykan Buhara emiriniň ýoly şu ýazlagyň üstünden
düşýär. Molla Wepa emiri gowy garşy alýar, hezzet-hormat
edýär. Şol gezekde emir hem oňa şu ýeri hatlap, mülk edip berýär.
Şondan soň Gultakdan göçüp gelenleriň tutan bu obasyna ilki
molla Wepa gyşlagy, gargy (naý) gamşyna baý bolany üçin hem
Naýystan diýen at galýar. Häli-häzire çenli meniň obadaşlarym
bilen naýystanlylaryň arasynda guda-garyndaşlyk gatnaşygy
dowam edýär.
Şu obadan 20—30 km uzaklykda, gumuň içinde Gultak
diýen täze şäherçe peýda boldy. Özbek gazçylarynyň bu uly
mesgeninde öň gultakly baýyň gazdyran guýusy bardy. Kükürde
baý gaz käni açylansoň, bu ýerde gazçylaryň şäherçesi emele
geldi.
Ýeri gelende aýtsak, Gyzylgum çölüniň gaýra eteginde,
Garşy sährasynda ýaşaýan türkmen obalary uruş döwrüniň açlyk
ýyllarynda Lebapda, ylaýta-da Jeýhunyň sag kenarynda oturan
garyndaşlarynyň, şol sanda biziň obamyzyň hem maňlaýyndan
diräpdi. Meniň atam hem Kesbiniň, Kesanyň bazarynda äkiden
zatlaryny satyp, deregine Naýystandan ençeme gezek eşekli
galla getiripdi (Naýystan bilen biziň obamyzyň arasynda ini
70—80 kilometr bolan Gyzylgum çöli ýatyr).
Kaşgaderýa welaýatyndaky ärsary, çandyr we pamyk
obalarynda Magtymgulynyň, B. Kerbabaýewiň, N. Saryhanowyň
we Furkatyň atlaryny göterýän baş-alty sany uly türkmen
mekdepleri hem bar.
Garşyda we welaýatyň beýleki şäherlerinde gülüň köpdügi
göreni aňk edýär. Gülli şäherler hökmünde Ýewropada meşhur
bolan Kanny, Monte-Karlo, Wena ýaly şäherlerde hem bolup
görüpdim. Emma ýollaryň, ýodalaryň ugruna, aýmançalara
289
ekilen prezident bagülleriniň köplügi babatda Garşy bilen
bäsleşip biljek başga şäher ýok bolsa gerek. Bu ýerde ýörite
gülçülik sowhozy döredilip, şäherleri we şäherçeleri gülzarlyga
öwürmek hem hut döwlet derejesindäki alada öwrülipdir.
Garşyda ýene bir ünsi çekýän zat, ol-da şäheriň gök bazary
boldy. Bu ýerde gök önüm satýanlaryň aglabasy kerkili daýhan
ýigitler. Türkmenistanyň gök bazarlarynda ir-iýmiş we gök
satýan özbek hem-de täjik söwdagärleriniň ala tahýalaryna
biziň gözümiz halys öwrenişip gidipdir. Emma Garşy we
Tallymerjen şäherleriniň bazarlarynda weli düýbünden tersine:
bazarlaryň gök satylýan hatarlarynda dört burç ala tahýaly ýerli
satyjylardan Antguýy galpak diýilýän Kerki tahýalaryny geýen
ildeş ýigitlerimiziň sany has agdyk. Gök önümi ir ýetişdirmekde
zähmetsöýer özbek we täjik daýhanlaryndan ozduryp, olaryň
bazarlaryny eýelemegi başaran kerkili ildeşlerimize aperin
aýdaýmak galýar.
Amyderýanyň ýokary akymynda, Köýtendag etrabyndan
tä Jylyköl türkmenleriniň obalaryna çenli uzalyp gidýän
uzyn
zolakda Surhanderýa ýa-da Termez türkmenleri
ýerleşýärler.
Iňňän gadymy döwürlerden bäri oturymly
ýaşaýan bu ildeşlerimiziň etnik düzümi Lebapda we Jylykölde
ýaşaýan ilatyňky bilen birdir. Welaýatyň Kepderhana,
Petdekeser, Aýryktam, Arally, Baldyr, Bataş, Gabyrdyaryk,
Garakemer, Garma, Göwülliköl, Däliaryk, Joýjeňňel, Kekeýdi,
Maýmyntokaý, Mukryaryk, Nowşäher, Salawat, Üçtut,
Halwadaş, Hoşman, Çakyş, Şorap, Ýaňyaryk ýaly onlarça
obasynda aglaba ärsarylar, şeýle-de olam, şyh, mukry ýaly
türkmen taýpalarynyň wekilleri ýaşaýarlar. Bu ilde türkmen
dilinde mekdepleriň ýokdugy üçin, ýaşlaryň dilinde we egineşiginde millilik ýitip barýar, emma uly nesil dil aýratynlygyny,
aýal-gyzlar hem milli eşiklerini gowy saklapdyr.
Şu welaýatyň Dänew etrabynda, Surhan derýasynyň ýokary
akymynda, Halkaýar derýasynyň iki boýunda Türkmendeşt
diýen giň territoriýa bolup, onda türkmenjüz (ýüz) diýen uly il
ýaşaýar. Rowaýata görä, bu türkmenler soltan Sanjar tarapyndan
Surhanderýa göçürilen ýüz maşgaladan ýaýrapdyr. Geň ýeri,
290
Surhanyň boýundaky Dänew etrabynda häzire çenli Sanjaryň
ady bilen baglanyşykly bir bina saklanyp galypdyr (Dünýä
türkmenleri.—A.: Ruh, 1994,--40 s.). Gadymy geçmişde Nurata
türkmenleri bilen bir etnik birligi hem-de şiwe umumylygyny
emele getiren türkmenjüzler, edil garlyklar, goňratlar, gazaklar,
garagalpaklar ýaly, ý sesine derek, j sesini ulanýan taýpalardyr
(ýüz—jüz, ýylan—jylan, ýyly—jyly, ýyl—jyl). Olar wahtamgaly
we ýylantamgaly diýen iki uly bölümden ybarat bolup, her
bölüm hem sekiz urugdan durýar: 1) gazaýakly, kuztamgaly,
gazak, jarykbaş, kesewli, balgaly, elipli, bataş; 2) balahur,
köse, patas (bataş), garga, ýorga, ýas, tarakly, eýerçi. 1924-nji
ýylda bu ýerdäki türkmenjüzleriň 33 müňüsi hasaba alnypdyr
(B.H. Karmyşýewa. Oçerki etniçeskoý instorii ýužnyh raýonow
Tadžikistana i Uzbegistana.—M.: Nauka, 1976.—96 s.). Häzirki
döwürde bu türkmenler, edil Nurata türkmenleri ýaly, özbek
halkynyň türkmen taýpasy hasaplanylýar.
Özbegistanyň Horezm welaýatynda-da türkmenler az
däl. Ürgenç we Hywa şäherleriniň töwereklerinde, Hazarasp,
Hywa, Ýaňyaryk, Şabat etraplarynda kowçum-kowçum bolup
oturan türkmen obalary duş gelýär. Olaryň käbirlerinde türkmen
mekdepleri hem bar. Bu welaýatda ýaşaýan türkmenler etnik
taýdan ýomut, ata, gökleň, arabaçy, şyh we çowdur (igdir)
taýpalarynyň wekillerinden durýar.
Türki halklaryň dilini we etnografiýasyny öwrenýän alymlar
Horezm welaýatynda ýaşaýan özbekleri gadymy oguzlaryň
neberesi hasaplaýarlar. Dogrudan-da, gepleýişleri, çäkmen,
silkme telpek ýaly eşikleri geýişleri, öý-öwzarlary, aýdymsazlary, naharlary we ençeme beýleki edim-gylymlary taýdan bu
iliň türkmenler bilen umumylygy gaty köp. Hatda horezmliler
Magtymgulyny öz şahyrlary hasaplaýarlar, bagşylary bolsa
türkmen şahyrlarynyň sözlerine aýdym aýdýarlar. Üstesine,
häzirki döwürde Orta Asyýanyň hiç ýerinde saklanmadyk
gadymy oguz-türkmen taýpalary bolan awşarlara we gynyklara
hem şu ilde duş gelýäris. Ürgenç etrabynyň Agöýli obasynda
bolsa agöýli türkmenleri ýaşaýarlar. Bu obanyň ilatynyň atababalary iki-üç asyr mundan öň Hywa hanlary tarapyndan
291
Sarahsdan agöýli edilip getirilipdir. Basylyp alnan taýpanyň
soňra baş galdyrmazlygy üçin, onuň içinden zamun, girew
hökmünde getirilen ilata (esasan, ýaş ýigitlere) agözli diýlipdir,
çünki taýpanyň görnükli adamlarynyň, baýlaryň ogullary bolany
üçin, olar köşkde ýa-da onuň ýakynynda üstüne ak (täze) keçe
atylan gara öýlerde ýaşapdyrlar. Taýpadaşlary baş galdyrmasalar,
agöýliler hanlygyň çäginden çykman, hanyň raýatynda arkaýyn
ýaşapdyrlar, uzak ilindäkiler gozgalaň turzaýsalar weli ilkinji
nobatda han agöýlüleri gyrypdyr. Ürgenjiň ýakynyndaky agöýli
türkmenleri şeýle zamunlaryň nebereleridir.
Garagalpagystanyň
Dörtgül
etrabynyň
Akbaşly,
Akgamyş, Bagýap, Gulataw, Kelteminar, Meşikli, Misgin,
Sarymaaý, Ulubag, Emirabat obalarynda, Biruny etrabynyň
Azat, Magtymguly, Hojaili etrabynyň Burlamaz we Çatrawuk
obalarynda, şeýle-de Çomanoý We Amyderýa etraplarynda
kowçum bolup oturan türkmenleriň ençeme obasyna duş gelinýär.
Ata, ýomut, gökleň, arabaçy, garadaşly taýpalarynyň wekilleri
ýaşaýan bu obalar türkmen dilinde okaýarlar, Türkmenistan
bilen hem ýygy gatnaşyk saklaýarlar.
Garagalpagystan türkmenleri barada taryhy, edebi we ylmy
çeşmeleriň köpdügu üçin, biz olar barada ymykly gürrüň etmekçi
däl, ýöne 1992-nji ýyldan başlap Nöküs döwlet uniwersitetinde
we käbir beýleki okuw jaýlarynda türkmen bölümleri açylyp,
olarda ýerli türkmenleriň we Daşoguz welaýatynyň oglangyzlarynyň okadylýandygyny ýatlamakçydyrys.
Azerbaýjanly arkadaşlarymyzyňkyda
Aslynda, Azerbaýjan sözi milletiň däl-de, ýurduň adydyr. Bu
ülkäniň esasy ýaşaýjylary bolan türki dilli ilata sowet döwrüne
çenli gyzylbaşlar, gajarlar, Azerbaýjan türkileri, Azerbaýjanly
türkmenler (ýa-da sadaja türkmenler) diýlipdir, Kawkaz
halklarynyň köpüsi bolsa olary tatarlar diýip atlandyrypdyrlar.
Azeriler ýa-da azerbaýjanlar diýen häzirki etnik at sowet
döwründe, 1930-njy ýyllarda döredi.
Azerbaýjanly türkmenler, Häzirbegjan türkmenleri... Eýýäm
292
şu etnik adyň özi-de bu iliň türkmenler bilen ganybirdiginden
habar berýär. Hut şonuň üçin bolsa gerek, bu ülkede milletini
“türkmen” diýip ýazdyran il ýok. Türkmen tireleriniň atlary
dakylan Azerbaýjan obalaryna baryp, “Obaňyzda türkmen
barmy?” diýip dagy soraýsaňyz, ýerli ilatyň göwnüne degersiňiz.
Olar biragyzdan “Elhemdülilla, Azerbaýjanlylaryň hemmesi
türkmen” diýip jogap bererler.
Menem 1988-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda bakuwly
kärdeşim Alyikram Asadow bilen onuň dogduk mekany bilen
tanyşmaga gitdim (doktorlyk dissertasiýasy türkmen dili bilen
baglanyşykly bolany üçin, Alyikram Aşgabatda iki aý çemesi
işledi we biziň bilen gowy ysnyşdy).
Mugan daglary Bakuwdan 150 km günorta-günbatarda
ýerleşýär. Sabyrabat şäherinden geçenden soň, Araz (Araks) we
Küri (Kura) derýalarynyň boýlarynda türkmen tire-taýpalarynyň
atlaryny göterýän ençeme obalar duş gelýär: Saryjalar, salahly,
Saýatly (1940-njy ýyldan soň bu raýonyň ady Saatly görnüşinde
üýtgedilipdir), Kyryhly, Garaman we başgalar. Azerbaýjanyň
ençeme etraplarynda Awşar, Alban, Arabaçy, Baýyndur, Baýat,
Bekdili, Bujak, gazan, Gapan, Garabölük, Garagoýunly, Garaja,
Garaöýli, Garkyn, Geçili, Guşçy, Deweçi (Düýeji), Düker,
Döwler, Däliler, Zergär, Kerki, Mamyşly, Polatly, Sabyr,
Salor, Seýitler, Soltanly, Suwar, Tana, Terakime, Tirkeş, Halaç,
Händek, Çakmakly, Çakarly, Çandarly, Çepni, Çowdar, Eýmür,
Ertem, Ýaýjy ýaly oguz-türkmen taýpa-tire atlary dakylan
obadyr şäherler sanardan köp.
Ýerli alymlaryň ýazyşyça, Baku şäheriniň ýerleşýän
Apşeron ýarym adasyna-da awşar türkmenleriniň ady geçipdir.
Ilki ýerli ilat Artýom adasynyň garşysyndaky köne şähere
Äwşäran diýipdir, çünki giçki orta asyrlarda bu şäheriň düýbüni
awşar türkmenleri tutupdyrlar. Soňra bu at ýarym ada dakylypdyr.
Äwşäran (manysy “awşarlar”) diýen ýerli ady oruslar Apşeron
görnüşinde üýtgedipdirler.
Men Alyikram bilen Saýatly (Saatly) etrabynyň ençeme
obalaryny gezip gördüm. Edil Daşoguz obalaryna düşen ýaly,
gamyş basan kölleri-de, ýap-çilleri-de meňzeş. Diňe oba
293
ýodalarynda äwmän gezişip ýören ýa-da palçykda agnaşyp ýatan
ýapyrşah äpet gäwmişler, köllerinde üýtgeşik sesli, garga ýaly
gagyldaşýan gurbagalar seniň Daşoguz topragynda däldigiňden
habar berýär. Oba melleklerindäki jaýlar hem pagsadan ýa
kerpiçden salynman, agaç karkas (çöpkäre) arkaly dikeldilipdir.
Mellekleriň gyralaryna haýat ýerine bir ýarym metr belentlikdäki
gamyş çyg tutulypdyr.
Öý-öwzarynda we edim-gylymynda bizdäki bilen kybapdaş
gelmeýän zatlar dessine göze ilýär. Öýlerde pola düşek ýazylgy
bolsa-da, düşekde oturylmaýar, stol başynda naharlanylýar.
Alyikramyň öýüne gelenimizde kakasy, ejesi we doganlary
ilki Alyikram bilen gujaklaşyp, meniň bilen hem elleşip
görüşdiler. Nahar stolunyň başynda ýerleşdigem weli, 10—
12 ýaşly gyzjagaz legen bilen ýyly suwly kündük getirip,
meniň jorabymy çykarmakçy boldy. Beýle däbe ilkinji gezek
duşýanym üçin, men aňk-taňk bolup, Alyikramyň ýüzüne
seretdim. Olam bu ilde myhmanyň aýagyny ýuwmagyň oňa
bolan çuň hormatyň nyşanydygyny aýtdy. Şonda-da uzak
ýoldan derläp gelen aýagymy eýjejik çaga ýuwdurmagy ejap
edip, onuň akdyrýan suwuna aýagymy özüm ýuwdum. Gowy
däp: jänym hezil edäýdi. Alyikram weli arkaýyn aýagyny legene
tutup otyr, gyzjagaz jorabyny çykaryp, onuň aýagyny sabynlap
ýuwdy, süpürdi, soňra beýleki aýagyny ýuwdy, joraplaryny hem
ýuwmaga äkitdi.
Obalarda nahar äberilişi hem ýewropalaşypdyr: birinji
(suwuk) nahar kiçijik gapda örän az mukdarda berilýär, tabakdaş
bolup nahar iýilmeýär. Ikinji, üçünji naharlardan geregiňi öz
gabyňa alyp iýibermeli. Nahara bissimylla bilen başlap, yzyndan
töwir etmek hem adat däl.
Men Azerbaýjanly terakimeler barada köp eşidipdim,
terakime diýen adyň arap dilinde türkmen sözüniň köplük sanyny
aňladýanlygyny hem bilýärdim1. Olaryň sany Azerbaýjanda
birnäçe milliona ýetýän bolmaly. Mugan dagynyň ýaýlalarynda
terakimeleriň
___________ köpdügini eşidip, men Alyikrama olaryň arasyna
1
Azerbaýjanda terakime sözüni “türkmenler” manysynda däl-de,
“garyp çarwa”, “yza galak, medeniýetsiz çopan” ýaly manyda ulanýarlar.
294
äkitmegi haýyş etdim.
Ertir ir bilen Alyikramyň agasy Abylfazyn “Žigulisinde”
neredesiň Mugan dagy diýip, ýola rowana bolduk. Obadan
çykyp, garaýol bilen esli ýöränimizden soň çepe—düzräk
baýyrlyklara tarap sowulýan gyr ýoluna düşdük. Hol gözýetimde
başy garly belent daglar görünýär. Mugan dagy! Üsti garly uja
daglar! Belki, “Saýatly-Hemra” dessanyny ýazan şahyr dagyň
şu bölegini synlap:
Göwnüm istär Häzirbejan ilini,
Mugaan daglarynyň gary bar, gary —
diýip ýazandyr?! Ol garly daglar gaty uzakda, etekleri weli
bizdäki ummasyz gyrlaç baýyrlary ýada salýar. Bu tekiz sährada
ot köp. Ynha-da, iki-üç tandan ybarat çarwa obasy.
Jaýlaryň ýakynynda maşyn saklanan badyna iki sany
çopan iti habarymyzy aldy. Onýança öýden çykan öý bikesiniň
sesine itler üýrmesini bes etdiler. Abulfaz birzatlar diýenden,
kempir tama girip, 10—12 ýaşlaryndaky oglanjygy alyp geldi.
Salamlaşyp, görşüp çykandan soň, ol oglanjyk daňylgy atlaryň
birini çözüp, böküp üstüne mündi, uýansyz ýalaňaç atyň syrtyna
bir gamçy çalybam gözden suwamt boldy.
Bu iliň atlary gaty ullakan, ýöne gömelteýden agyraýak
görünýär.
Giden oglan sanly salymda üç atly bolup geldi. Öý
eýesi türkmenistanly alymyň terakime garyndaşlaryny sorap
gelenine monça bolup, meniň bilen täzeden gujaklaşyp görüşdi.
Ýanyndaky ýoldaşy bolsa soýmak üçin işegi göterip getirdi.
Abulfazyň çarwa terakimelerini ökde gassaplar hökmünde
öwran-öwran taryplanlygy üçin, muny iş ýüzünde barlap
görmek kararyna gelindi. Sagat bellenen dessine ýaş ýigit
güýlügsiz işegiň aýaklaryny ykjam tutdy, beýlekisi damagyny
çaldy. Iki bolup daşyna geçilen dowar sanly salymda deriden
çykaryldy, tärimiň bir agajyndan asylan dessine-de pudarlanyp,
alty minutda et ojagyň ýanyna eltildi.
Gazan ataryldy, bizem öý eýesi bilen çarwa goşuny
295
synlamak üçin agyla tarap ýöneldik.
Ynha, ullakan agyl. Bizdäkiden tapawutly ýeri—çöp-çalam
bilen daşy gabsalan tegelek agylyň iki tarapynda ýer gazylyp,
agzy dar, düýbi giň ýerdöleler täze guzlan goýunlar gabalýan
eken.
Agylyň esli uzaklygynda atlaryň daňylýan ýerleri bar. Onuň
aňyrsy gök otly giň meýdan. Şol ýerde düşek ýazyp, meýdanda
oturmaly edildi. Dumly-duşdan öňli-soňly dört atly gelenden
soň nahar çekildi.
Gelen myhmanlaryň hersi bir milletden bolup, olaryň
ählisi şu sährada mal bakýan çarwalar eken. Nahardan soň
myhmanyň hatyrasyna at çapyşygy geçirildi. Oňa öz atlary bilen
bir awar, bir osetin, iki terakime gatnaşdy. Bir kilomter çemesi
aralygyň iki tarapy bellenip, atlar çapyşyga goýberildi. Ilkinji
tapgyrda awar ýigidiniň göwresi kiçi dor ýabysy äpet göwreli
terakime atlaryny yza galdyryp, pellehana ilkinji geldi. Soňky
iki çapyşygyň ikisinde-de öý eýesiniň uly ogly birinji boldy.
Terakime ýigitleri bilen biz dostlaşyp, gujaklaşyp
aýrylyşdyk.
***
Gidilip görülse, Azerbaýjanyň köp etraplarynda, ylaýtada sap oguzlar hasaplanýan ilatyň ýaşaýan daglyk ülkelerinde
türkmenleriň geçmiş taryhyna degişli köp maglumatlaryň
tapyljakdygyna berk ynanýaryn, çünki bakuwly alymlaryň
habar bermegine görä, şol ýerlerde häzirki zaman türkmen diline
has ýakyn şiwede gepleýän il ýaşaýar, hatda käbir obalaryň
zenanlary türkmen aýal-gyzlarynyňky ýaly giň, bili guşaksyz
köýnek geýýärler. Men şol uzak etraplary gözüm bilen görmek
üçin iki gezek Bakuwda ýola şaýlandym, emma ikisinde-de bu
synanyşygym başa barmady. Birinjisinde daga galyň gar ýagyp,
dag ýollary ýapyldy, ikinjisinde bolsa meniň bilen gitmäge
höwes bildiren kärdeşim Ilhan Nuryýew keselhana düşdi. Ýöne
men Bakuwda şol etraplardan gelenler bilen gürrüňleşip gördüm
we olaryň türkmen diline has ýakyn şiwede gepleýändigine
296
göz ýetirdim, hatda s, z seslerini edil türkmen dilindäki ýaly
duşara ( dili dişleriň arasyndan daşary çykaryp) aýdýanlaram
bar eken. Garaşsyz Watanymyzyň dogruçyl taryhyny ýazmaga
taýýarlyk görülýän şu döwürde doganlyk Azerbaýjanyň şol
ülkelerinde ýaşaýan iliň içine gidip, dil, edebiýat, etnografiýa,
halk döredijiligi, hojalygy ýörediş, nahar, keşde-nagyş ýaly
durmuşyň dürli ugurlary boýunça şol iliň türkmenler bilen
umumy taraplaryny anyklap, olaryň gan garyndaşdygyny subut
etmek ylma köp peýda berse gerek. Bu ýagdaý iki doganlyk
halkyň ysnyşmagy üçin hem zerurdyr.
***
Ýokarda teswir edilenlerden başga-da, öňki Soýuzyň beýleki
ençeme respublikalarynda, daşary ýurtlaryň hem Owganystan,
Eýran, Yrak, Pakystan, Hytaý ýaly birnäçe döwletlerinde
türkmenleriň köpçülikleýin oturýandygyny dürli çeşmeler
habar berýärler. Meselem, Gazagystanyň köp welaýatlarynda
ildeşlerimiz ýaşaýan bolmaly, çünki bu ülke, ylaýta-da Syr
derýa boýlary we Maňgyşlak ýarym adasy türkmen halkynyň
halk hökmünde kemala gelen mesgenleriniň biri hasaplanýar.
Häli-häzire çenli Maňgyşlak we Gurýew welaýatlarynda abdal,
hoja, çowdur taýpalarynyň ululy-kiçili bölekleri saklanyp
galypdyr, hatda Maňgyşlagyň Bozajy (Buzaçy) ýarym adasynada çowdurlaryň bäş şahasynyň biri bolan Bozajylaryň ady
geçipdir. S.G.Agajanow Türküstan şäheriniň töwereklerinde
salyrlaryň akman we garaman bölümleriniň duş gelýändigini
ýazsa, bu şäheriň ýakynyndaky Karnak obasynyň ilaty özüni
oguz türkmenleri hasaplaýar.
Obalara türkmen urug-tire atlarynyň dakylandygyndan
çen tutsaň, türkmenler Gürjüstanda hem köp bolmaly. Krymyň
1946-njy ýylda zor bilen Özbegistana we Gazagystana göçürilen
oturymdar ilatynyň (Krym tatarlarynyň) hem esli böleginiň
türkmenlerden ybaratdygyna söz ýok. Taryhdan mälim bolşuna
görä, salyr türkmenleriniň uly bölegi 1263-1264-nji ýyllarda
Saltyk babanyň baştutanlygynda Arzyrumdan Kryma göçüp, bu
297
ýerdäki ýerli türki ilat bilen garyşypdyr, emma Krymyň ýer-ýurt
atlarynda şol salyrlaryň urug-tire atlary weli köp saklanypdyr,
hatda Krymdaky esasy derýalaryň birine-de Salyr (orusça
Salgir) diýilýär.
Salyrlaryň Kryma gelşi barada Abylgazynyň “Şejereýi
terakime” diýen kitabynda-da maglumat köp.
Türkmenleriň yzlaryna Başgyrdystanda-da duş gelinýär.
R.G.Kuzeýewiň ýazyşyna görä, başgyrtlaryň gara-gypjak
toparynyň arasynda türkmen (törökmän) atly ugur-tireler az däl,
ak-gypjaklar bolsa özlerine başgyrt türkmen diýip at berýärler.
Şu respublikanyň Baýmyk etrabynda Törökmän we 1-nji
Törökmän, Tuýmazy etrabynda-da Törökmän diýen obalar bar.
Olaryň atlary, şeýle-de başgyrt taýpalarynyň düzüminde aýy,
badrak, böri, gazan, gara, karmyş, gereý, guşçy, dag, daz, dokuz,
itemen, sary, söýündik ýaly türkmen etnik atlaryny göterýän
toparlaryň duş gelmegi bu iki halkyň hem gan garyndaşlygyndan
habar berýär.
1984-nji ýylyň güýzünde Başgyrdystanda ylmy iş saparynda
bolanymda, Ufa (başgyrtça Öfö, ýagny “oba”) şäherinde törökmän
(türkmen) diýen başgyrt urugyndan bolan bir alym toý etdi.
Aşgabatdan elten “gülaby” gawunymy, bir türkmen balzamyny
we ýazan kitaplarymdan birkisini alyp, ufaly kärdeşlerim bilen
“Jäýläu” (“Ýaýla”) atly milli restoranda geçirilen şol çaklanja
toýa menem gatnaşdym. Restoran “G” harpy görnaşindäki
jaýda ýerleşip, içi başgyrt milli nagyşlary bilen gowy bezelipdir.
Jaýyň içinde 8 sany gara öý gurlupdyr. Bizi şol öýleriň birinde
goýlan uly stoluň başynda oturtdylar. Öýleriň bezelişi, gurluşy
türkmen öýlerine çalymdaş, ýöne ony has medeniýetleşdirip,
häzirki zaman materiallaryndan, esasan, plastmassadan we
metaldan bejeripdirler. Öýlerde, umuman, tutuň restoranda
göze ilmeýän reproduktorlardan kuraýda (gargy tüýdükde)
çalynýan mylaýym başgyrt sazlary ýaňlanyp dur. Kuraýyň
kä uzyndan-uzyn sokdurylyp, hol baýyrlaryň aňyrsyndan
aşyrym-aşyrym gelýän şemaly ýatladýan zaryn owazy, käte-de
köwsarlap urýan harasat ýaly zarply we çalasyn sesi seni uçsuzgyraksyz başgyrt sähralaryndadyryn diýdirýär. Türkmenistanly
298
myhmanyň gatnaşýanlygyny bilip, iki sany kuraýça ýigit biziň
oturan öýümizde hem saz çaldy. Atamyň naý (gargy tüýdük)
çalanlygy we onuň sesine ýaşlykdan öwrenişenligim üçin,
men bu ýigitleriň saz çalşyny höwes bilen synladym, sazlaryny
diňledim. Kuraýyň gurluşy naýa meňzeş, deşik sanlary hem
deň. Bir ýigidiň kuraýy gamyşdan, beýlekisiniňki haýsydyr bir
suw ösümliginden, reňki hem çuw ak. Onda gamyň kuraýdaky
ýaly bogun ýok, syrdam, ýüzi goturak agaç turba, agramy has
ýeňil. Kuraýyň çalnyşy-da bizdäki naýyňky ýaly, diňe çep eliň
barmaklary tügdügiň üstünden däl-de, onuň aşagyndan geçirilip,
guralyň deşiklerini ýapyp-açýar.
Şu toýda synlan ýene bir täsin zadym – ol-da toýa
gatnaşýanlaryň köpüsiniň ( aýal bolsun, erkek bolsun, parhy
ýok) bilelikde gopuz çalyşlary boldy. Tanslaryň arasynda
gopuza gezek gelende, her kim jübüsinden öz gopuzyny çykaryp,
ählisi professor Zennur Uraksiniň ýolbaşçylygynda şol bir heňi
biraýakdan çaldylar.
Türkmenler bilen baglanyşykly ülkeler barada gürrüňi
dowam etdireliň.
Hut ýaňy-ýakynlara çenli Dnepr derýasynyň Gara deňze
guýýan ýerinde, Ukrainanyň Herson oblastynyň Golaýa pristan
raýonynyň “Komintern” sowhozynyň dört bölüminde Daşoguz
welaýatyndan baý-kulak hökmünde sürgün edilen türkmen,
özbek iliniň uly topary ýaşapdyr. Dilçi professor Jumamyrat
Amansaryýew, ýazyjy Esen Ataýew ýaly belli şahslar şu ilden
çykypdyr. Ýöne ýokarda sanalan ülkelerdäki ildeşlerimiziň
arasynda ýörite ylmy saparlarda bolup görmänligim üçin,
olar barada gürrüňi uzaldyp oturman, diňe gözüm bilen gören
ildeşlerim, şeýle-de türkmenleriň yzlaryna gabat gelen käbir
ülkelerim barada gysgajyk söhbet edeýin.
Gök oguzlaryňkyda myhmançylykda
1971-nji ýylyň güýzünde Moldowanyň paýtagty
Kişinýowda Bütinsoýuz şiweşynaslyk konferensiýasynyň işi
tamamlanandan soň, türki döwletleriň alymlarynyň bir toparyny
299
Gagauz iline myhmançylyga äkitdiler. Bu toparyň arasynda
türkmen şiweşynaslaryndan Göwher Saparowa, Ata Annanurow
üçümiz hem bardyk.
Paýtagtdan biziň barmaly Komrat raýonynyň merkezine
çenli 120-130 km çemesi ýol bar. Awtobusyň üstünde bize
gagauz taryhçysy M.W.Marunewiç we meşhur dilçi alym
N.A.Baskakow dagy gagauzlar barada gysgaça taryhy maglumat
berdiler.
Sözleýşi boýunça azerbaýjanlar, türkler we türkmenler bilen
birlikde türki dilleriň oguz toparyny hasyl edýän gagauzlaryň
etnik ady “gök oguz” sözleriniň bir görnüşi bolup, bu halk,
alymlaryň pikiriçe, oguzlaryň ata-babasy bolan gök türkleriň
nebereleridir. Türk alymy Ibragim Kafes ogly gök türkleriň
Altaý daglarynyň gündogarynda, Ýarkentde we Kaşgarda baryp
VI asyrda Bumyn diýen kaganyň baştutanlygynda güýçli Gök
Türk imperiýasyny döredendiklerini ýazýar.
Käbir alymlar gagauz (“gök oguz”) diýen adyň gök sözüni
Oguz hanyň Gök han diýen oglunyň adyndan gözlese, dilçi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.