Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08

Total number of words is 3632
Total number of unique words is 2099
30.9 of words are in the 2000 most common words
43.4 of words are in the 5000 most common words
49.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tagtanyň öňünde ýuwaşja gezmeläp, gerek ýerinde äheňini
beýgeldip, käwagt peseldip, wakalary beýan ederdi.
Hormatly okyjym! Rozy Kuwanow baradaky bu sözler
howaýy, ýöne bir öwginiň hatyrasyna aýdylan sözler däl.
Kerkiniň peduçilişesinde okap, Kuwanowyň sapaklaryny
diňlän ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe okuwçylar meniň sözlerime
goşulsalar gerek.
Kuwanowyň diňleýjileri özüne çekiş ukybyna bir mysal
getireýin. Men 1968-nji ýylda Kuwanow bilen Arçman
kurortynda dynç aldym. Ýatakhananyň 12 adamlyk palatasynda
101
bile ýerleşdik. Palatadaşlarymyzyň arasynda iki-üç sany taryhçy
mugallym hem bar eken. Kuwanowyň töwereginde diňleýjiler
gitdigiçe köpeldi. Öň diňe men oňa “Mugallym” diýip ýüzlenýän
bolsam, soňra kurortdakylaryň aglabasy onuň adyny “Ýoldaş
mugallym” diýip tutdular. Men palatada taryhçy mugallymlaryň
toplanyşyp, ondan ol ýa-da beýleki bir temany gürrüň bermegi
haýyş edişlerine-de ençeme gezek duş geldim.
Rozy Kuwanowyň türkmen we orus dillerinde leksiýa
okamaga ökdeligini nazara alyp, Kerki raýkomy 1970—1980nji ýyllarda ony lektorlar toparyna ýolbaşçy edip belledi. Ol şu
wezpeden hormatly dynç alşa çykyp, Kerki şäherinde ýaşady.
1996-njy ýylyň aýagynda ol 80 ýaşap aradan çykdy.
Uçilişede bize gowy bilim we terbiýe öwredip, mydama
ýagşylykda ýatlanyp ýörlen mugallymlaryň ýene birnäçesi bar.
Öňi bilen, olardan Çary Pirjanowyň adyny tutmakçy. Ol bizi
türkmen dilinden okatdy. Hünärine türgenliginiň daşyndan Çary
gaty talabedijidi, gowy okaýan okuwçylar barada gowy alada
edip, olara hormat goýýardy.
Soňky kurslarda türkmen dilinden Öde Öwezgeldiýew
okatdy. Institutdan soň goşun gullugynda bolup, esger şinelini
geýip, uçilişä gelen Öde hem işine ezber, mylaýym mugallymdy.
Beýik Watançylyk urşunyň maýyby, matematik Bekdurdy
Mämmetnazarow hem ýatlanmaga mynasypdyr. Ol üç ýyllap
biziň klas ýolbaşçymyz boldy.
Ortagürp hatdatlygym, plakat perony ulanyp, matanyň
ýa-da ullakan kagyzlaryň (meselem, mekdepde işlänimde—
görkezme esbaplaryň) ýüzüne harplary owadan ýazýanlygym,
şeýle-de, belli bir derejede surat çekip biliş endigim üçin men
surat mugallymymyz Hemra Yzbasarowa minnetdardyryn. Bu
endik mekdepde we akademiýada hem maňa uly kömek etdi.
Bu ýatlanlarymdan başga-da, uçilişede okan üç ýylymyzyň
dowamynda bizi mugallymlaryň onlarçasy okatdy. Meniň ýaly
obadan gelen we durmuşy ajy-süýjüsine gowy düşünmeýän,
beýnisi bekemedik ýaşlary dogry durmuş ýoluna gönükdirenligi,
mugallymçylygyň ilkinji basgançaklaryny jan edip öwredenligi
üçin, bu mugallymlarymyzy minnetdarlyk bilen ýatlaýarys.
102
PEDINSTITUTDA
Uçilişäniň diplomyny alyp, oba geldim we tomusda iki
aýlap, öýüň ot-çüpüne kömekleşdim, gyş üçin ot ýygnadym.
Okuwa gitmäge wagt gelip ýetdi. Men obadaky mekdebiň
direktory bilen gepleşip, mugallym bolup işlemegi ýüregime
düwdüm, çünki maşgalamyzyň gurby pesdi. Häli-häzirem sekiz
maşgala bolup, bir gara öýde ýaşaýardyk. Atama näçe aýtsagam,
ol jaý gurmak barada alada etmedi. Umuman, atam äwmezekdi,
oňa maşgalasy aç-ýalaňaç galmasa bolanydy. Mal toplamak,
mellekden artykmaç hasyl almak üçin hem kellesini agyrtmazdy.
Mekdepde işlemekçi bolýanymy enemden eşidip, atam meni
ýanyna çagyrdy we maksadymy sorady. Men maşgalamyzyň
ýagdaýyny gowulaşdyrmaga kömek etmek üçin, mekdepde
işlejekdigimi aýtdym.
—Beýle zat bolmaz!—diýip, atam çürt-kesik aýtdyda, maňa düşündirmäge başlady.—Maşgalamyz hor-zar däl.
Töweregiňe seret: adamlaryň aglabasynyň ýaşaýşy biziňki ýaly.
Hor ýaşaýanlaram bar. Sen işläniň bilenem bu maşgalanyň törüni
altyn-kümüşden dolduryp bilmersiň. Has ýokary saýlanyp, ilden
çyka ýaşamak gowam däl. Maşgalany men özüm tigirlärin. Seniň
edil okamaly wagtyň. Kerkide gowy okapsyň diýip eşidýärin.
Ýene oka. Men eneňe iki ýüz manat berendirin. Şony al-da, ertir
okamaga git.
Men gerekli dokumetlerimi taýýar etdim-de, iýulyň
aýagynda Çärjewe ugradym. Häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet pedinstitutynyň giriş komissiýasyna bardym.
Dokumentleri kabul etmegiň ahyrky iki güni galypdyr. Köp
fakultetlere eýýäm dokumentleri kabul etmeýän ekenler. Meniň
niýetläp gelen geografiýa fakultetim hem dolupdyr. Diňe iňlis
dili, fizmat we türkmen dili hem-de edebiýaty fakultetlerine
dokument tabşyrmak bolýan eken. Men soňkusyny saýladym
we dessine okuwa kabul edildim.
Şäherde Kerkide bile okap, giriş synaglaryna taýýarlanyp
ýören ýoldaşlaryma duş geldim. Olaryň köpüsi awgustyň
başynda türkmen we otus dillerinden diktant ýazmalydylar.
103
O döwürde ýüzüne okuwa girýänleriň suraty ýelmenen synag
kagyzy diýen zat ýokdy, bildirişde ýazylyp bellenen wagtda
synag edilýän jaýa giribermelidi. Meniň diktantlary gowy
ýazýanlygymdan habarly ýoldaşlarymyň haýyşy boýunça, men
awgustyň başlarynda dört-baş ýoldaşymyň ýerine girip, olara
derek diktant ýazdym we ýokary baha aldym.
1-nji sentýabrda biziň fakultetimize giren 60 studenti A we
B diýen iki topara böldüler. Meniň düşen A toparymda Kerkide
bile okan ýoldaşlarymyň hem 15-si dagy bardy. Üç ýyllap bile
okanlygymyz, onda-da obada däl-de, şäherde terbiýelenenligimiz
üçin, uçilişäni gutaran tanyş oglanlar obadan gelen ýygra
studentlerden görnetin tapawutlanýardylar, utanman, çekinmän
gürleşmegi, gerek bolsa, mugallymlara ýüz tutmagy-da
başarýardylar. Bir mysal. Sentýabryň başynda biz ähli tanyşlar
bolup jemlenişdik-de, Myrat Penjiýewi toparymyza başlyk
(klaskom) saýlamak barada belli-külli karara geldik. Myrat
uçilişäni bir ýyl öň gyzyl diploma gutaryp, obada mugallym
bolup işläpdi. Ol uzyn boýly, daýaw göwrelidi, salyhatlydy,
agrasdy. Ýoldaşlary bilen medeniýetli gatnaşmany başarýardy,
diňe bir öz mertebesini saklamagy däl, eýsem, ýoldaşlarynyň
gadyr-gymmatyny hem ýokary tutmagy hem oňarýardy.
Myradyň agzyndan hapa ýa ýalan söz eşitjek gümanyň hem
ýokdy. Biz onuň bu gylyklaryna gowy beletdik. Şonuň üçinem
biziň A toparymyzyň ýolbaşçysy bellenen Kakajan Ataýew
diýen mugallymdan Myrady toparyň ekabyry bellemegini haýyş
etdik. Ol hem razy boldy.
Biziň okuwa girenimizden iki ýyl öň açylanlygy (has
dogrusy, 1950-nji ýylda Aşgabatda uniwersitet döredilip, Aşgabat
pedinstitutynyň hem Çärjewe göçürilenligi) sebäpli, institutda
talyplaryň sany azdy. Olaryň ählisi “Çärjew” myhmanhanasynyň
ýayndaky (Daşkpori köçesindäki) ýeke gat uly myhmanhanada
ýerleşýärdi. Biz şol döwürde diňe bir institutyň mugallymlaryny
däl, eýsem, bar bolan dört-baş fakultetde okaýan ähli talyplary
hem tanaýardyk. Ýöne soňra gitdigiçe talyparyň sany köpeldi,
ýyly-ýylyna täze fakultetler açyldy, üstesine-de Marydaky
aýal-gyzlar we Daşhowuz pedinstitutlaryny hem Çärjew
104
pedinstitutyna goşdular. Netijede, talyplaryň we mugallymlaryň
sany birden köpelip galdy.
Ýöne bu waka çenli, ýagny heniz talyplaryň az wagtynda,
okuw binasynyň ýoklugy üçin, okuw jaýy hökmünde her
fakultete şäher mekdepleriniň biri berkidilipdi. Ol döwürde
şäherde awtobuslar ýokdy, okaýan ýerimiz näçe uzak bolsada, oňa pyýada gatnaýardyk. Biz birinji kursuň ýarysyna çenli
demir ýoldan gaýradaky pamyk fabrigine ýakyn mekdebe
gatnap okadyk.
1953-nji ýylyň bahar aýlarynda institut üçin gurulýan
ýatakjaýyň 1-nji korpusy ulanylmaga berildi. Biz oňa
göçenimizden soň öňki ýaşaýan jaýymyz dil we edebiýat
fakultetiniň okuw korpusyna öwrüldi. Häli-häzire çenli Çärjew
pedinstitutynyň filologiýa we taryh fakultetiniň talyplary şu
ýerde okaýarlar. Bizem dört okuw ýylynyň soňky üçüsini şu
jaýda okadyk.
ÝOL AZABY
“Ýol azaby — gör (gabyr) azaby” diýen nakyly, göwnüme
bolmasa, meniň obadaşlarym—burdalyklylar tapan bolsalar
gerek, çünki 80-nji ýyllaryň başyna çenli Burdalykdan islendik
ugra gitmek uly hyllalla bolup, bu ýagdaý onyň ýerleşen ýeri
bilen baglydy.
Başda ýaňzydyşym ýaly, geçmişde Burdalyk begligi, 20-nji
ýyllardan tä 1955-nji ýyla çenli Burdalyk etraby, ondan soň bolsa
Hojambaz etrabyndaky Gultak we Burdalyk oba sowetlerini
(häzirki arçynlyklaryny) öz içine alýan Burdalyk zonasy diýip at
alan bu ülke Amyderýanyň sag kenarynda, Gyzylgum çöli bilen
Amyderýanyň aralygyndaky darajyk zolakda ýerleşip, onuň
günortasyny Amyderýa, galan üç tarapyny hem ymgyr çöllük
tutýar. Bu ýerden günorta—Faraba barjak bolsaň 130—140
kiometr çöllügi, demirgazyga—Garşa gitjek bolsaň Gyzylgumy,
gündogara—Hojambaza we Kerkä ýetjek bolsaň hersi 10
kilometr bolan Mekan we Beşir obalarynyň deňindäki ymgyr
çägeliklerden geçmeli. Şonuň üçin Burdalyga ”Barsa gelmez”,
105
“Lebabyň Sibiri” ýaly gelşiksiz at berýänler hem köpdi. Dogry,
Burdalygyň merkezinde Beýik Watançylyk urşundan soň
aeroport gurlup, oňa kiçijik uçarlar gatnaýardylar. Ýöne meniň
talyp döwrümde il içinde “kukuruznik” diýip at alan ol uçarlarda
diňe iki ýolagçy ýerleşip, ol orunlar hem wezipeli adamlardan
artmaýardy. Ýönekeý adamlar Çärjewe gitmek üçin derýadan
gaýykly Garabekewüle geçip, Kerki—Çärjew aralygyndaky uly,
tozanly ýol bilen gatnaýan ýük maşynlaryna münmelidi.
Derýadan geçmegiň güzaby barada-da käbir zatlary
aýdaýyn. Ol döwürde Garabekewüliň ýerli häkimiýetleri
tarapyndan Burdalyga günde bir gezek baryp geler ýaly ýörite
ýolagçy gaýyk goýlupdy. Aslynda ol gaýyk 3—5 adama
niýetlenen bolsa-da, gaýykçylar pula gyzyp, gaýyga 25—30
adama çenli mündürerdiler. Ýüki agyr mahaly, ylaýta-da aşakdan
(günbatardan) ýel bolanda suwuň tolkuny gaýygyň erňeginden
aşyp, içine dökülýärdi. Beýle ýagdaýda usully oglanlaryň biri
gaýygyň düýbüne ýygnanan suwy ýörite edilen demir susak
bilen alyp, birsyhly derýa döküp gitmelidi. Gaýygyň yzynda
onuň guýrugyny (ruluny) tutup oturan daýaw gaýykçy hälişindi ýolagçylara hemleli ses bilen gymyldaman oturmagy berk
tabşyrýardy, çünki gödek hereket bilen gaýygy ýaýkyldatsaň,
öňem erňeginden suw aşyp duran gaýygyň suwdan dolup
çümäýmegi mümkindi.
Köplenç ýüküniň agyrlygy, käte-de uly tolkunlaryň
agdarmagy ýa-da ýolagçylaryň gömelteý hereketleri netijesinde
gaýygyň agýan ýa suwa çümýän halatlary hem bolýardy. Meniň
hut özüm hem şeýle hadysalaryň gözli şaýady boldum. Şolaryň
birini gürrüň bereýin.
Garabekewüliň gaýyk güzerinde köp garaşyp, ahyrda-da
giçlik öýlän derýanyň kenaryna tiken älemlerini (suw ýoluny
görkezýän belliklerini) barlap gelýän älemçiniň gaýygyna 6—7
adam bolup mündük. Aramyzda 8—10 ýaşly oglanly aýal hem
bardy. Derýanyň ortasynda gaýygyň bir gapdaly gata zada degdide, bir ýan gyşardy. Ýolagçylaryň birnäçesi gorkusyna gaýygyň
beýleki erňegine böküp mündi. Deňagramlylygy ýiten gaýyk
hem düňderildi. Her kim düňderilip ýatan gaýygyň bir ýerine
106
ýapyşdy. Onýança gaýykçy gygyrdy:
— Oglanlar, howlukmaň. Gaýygyň beýlesine geçiň. Dyzaýeter-ýetmez suwy bar.
Dogrudan-da, gaýyk suwuň saý ýerine ýetip agypdyr. Biz
ýüzüp barýan käbir goşlarymyzy alyp bildik. Meniň öýe alyp
barýan süýjüli korzinkam weli suwa çümüp gitdi.
Bagtymyza, oglanjygy Amandurdy Babalakowyň uly
çemodany halas edipdir. Çemodanyň tutawajyndan berk ýapyşan
oglanjygy gaýykçy derrew saý ýere çykardy. Gaýygy köpleşip,
beýlesine öwürdik, içindäki suwy hem dürli zatlar bilen egsip,
ýeke kürek bilen kürekläp, zordan gyra çykdyk.
Üsti köp adamly gaýygyň derýadan güýçli akýan ýerinde
suwa çümmegi zerarly pajygaly ýagdaýlar hem häli-şindi bolup
durýardy. Meselem, şol döwrüň aňzakly gyşynda üsti köp
adamly kiçi gaýygyň derýanyň aşagynda suwa çümmegi zerarly
meniň Mämi agam aýaly we ýene 5 sany obadaşy bilen derýa
gark bolupdylar.
Her niçik bolsa-da, Garabekewülden Burdalyga tarap
ýüzenden Burdalykdan Garabekewüle gaýykly gitmek ýeňildi,
çünki Burdalyk güzeri 10—12 kilometr derýanyň ýokarsynda
ýerleşýärdi. Üsti ýolagçyly gaýygy Garabekewüle ýakynlaýança
suwuň badyna goýberip, soňra gyýalap, çep kenara kürekläp
çykaýmalydy. Emma ýelken tutmak mümkin bolmadyk
ýelsiz ýa-da ýokardan öwüsýän ýelli günler Garabekewülden
derýanyň ýokarlygyna—güýçli akýan suwuň tersine gitmek
gaty hupbatlydy, çünki üstüne oglan-uşak, garry-gurty we aýallar
münen hem-de gaýykçy tarapyndan dolandyrylýan gaýygy
Burdalyk güzeriniň deňesinden hem iki-üç kilometr geçýänçä
(14—15 km) saldaw bilen tartmalydy. Saldawyň inçeräkden
uzyn (30—40 metr çemesi) ýüpüniň bir ujy gaýyga berkidilip,
her iki-üç metrden hatara halkaly beýleki ujuny gyradan barýan
ýaş ýigitler egnine alyp çekmelidi. Baş-alty daýaw oglan bolup,
gaýygy iýtmek onçakly kynam däldi, ýöne weli Amyderýanyň
kenarlary çöp-çalymly, gyýakly, käýerleri palçykly, suwly bolany
üçin, gyradan aýak ýalaňaç ýöremelidi. Tikeniň, çöňürdiň,
ylaýta-da çişi köp gyýagyň üstünden geleniňde şäherliniň näzik
107
aýaklary persala, gan-gabarçyk bolardy.
Orus halkynyň meşhur nakgaşy I.W. Pepiniň “Burlaki na
Wolge” (“Wolga saldawçylary”) diýen meşhur eserindäki gaýyk
çekýänleriň saryýagyzlygyna we eseriň adyna üns bermesek,
onda bu suraty talyp ýyllarymyzda biziň derýadan geçişimiziň
güzaply pursatyny suratlandyrýan eser hasaplamak hem boljak.
Baryp 20-nji ýyllaryň aýaklarynda Garabekewülden Burdalyga
gaýykly geçen uly ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew özüniň 1931nji ýylda ýazan “Amyderýada” diýen oçerkinde (serediň: Eserler,
6-njy tom) bu derýadan geçmegiň azabyny ökdelik bilen beýan
edipdir.
Derýadan geçmegiň bu azaplaryna-da kaýyldyk, ýöne
islän wagtyň gaýyk tapylmaýardy. Agşama çenli garaşsagam,
kä günler gaýyk gelmezdi, şeýle bolanda Burdalykdan öýe
gaýdardyk.
Garabekewülde bolsa garyndaşlarymyzyňka
baryp ýatardyk. Ertesi ir bilen ýene güzere çykardyk. Tomus
günleri has gyssanýan dogumly oglanlaryň gamyş bogup ýasan
sallarynda derýadan geçän halatlaram bolýardy. Menem bir
gezek ýoldaşlarym bilen şeýdip geçdim. Biz üç oglandyk. Ilki
esli ganyş döwüp, onuň iki-üç ýerinden ýeken bilen mäkäm
bogduk. Soňra suw degip zaýalanjak dokumentlerimizi, barja
pullarymyzy we süýjülerimizi köýnegimize dolap, selle edindik,
beýleki goşlarymyzy ykjamja gülber edip, arka atdyk. Her
kim öz salyny alybam suwa girdik. Suwuň saý ýerinde saly
göterip ýa iýdip gitdik, akyşda we suwuň çuň ýerinde bolsa saly
kükregimiziň aşagyna alyp, el-aýaklarymyzy hereketlendirip,
barmaly kenarymyza tarap ýüzdük.
Häzirki günlerde şol saldaw çeken kenarymyz bilen
biziň obamyzyň deňindäki kenara günde bäş gezek bellenen
sagatlarda uly parom gatnaýar, onuň üstüne onlarça maşyn
ýerleşýär, güzere barýan ýollar hem asfaltly. Men her gezek
obama gidenimde, paromyň üstünde topbak-topbak bolşup
gülşüp-degşip duran ýaşlary synlaýaryn we içimden: “Men
şulara hol kenardaky buýanlyk-gamyşlykdan saldaw çekipdim,
ynha, ho-ol depejigiň ýanyndan hem gaýygymyzy sag kenara
tarap kürekläp äkidipdik diýsem ynanarmykalar?” diýip pikir
edýärin. Bir gezeg-ä paromyň üstünde duran bir topar oglana
108
(olaryň içinde iki-üç sany tanaýanym bardy): “Oglanlar saldaw
sözüniň manysy näme?” diýip sorag bedim. Hiç kim bilmedi.
70-nji ýyllaryň aýagynda ulanylmaga berlen Farap—Hojambaz
şosse ýoly Farap, Mekan, Beşir çöllerini böwsüp, Burdalygyň
üsti bilen geçýär. Sanlyja sagatda Faraba, Çärjewe, Kerkä baryp
bilýän häzirki ýaşlar bu çölleriň bize beren azabyny göz öňüne
getiribem bilmezler, belki, şalman (çägede batan maşynyň yzky
goşa tigriniň arasyna zyňylýan agaç) sözüne-de düşünmezler.
Men her gezek oba baranymda—isle, gara ýol bilen şaglap
barýan maşynyň üsti bolsun, isle-de paromyň üsti—bir
wagtky güzaply ýolagçylygymy we häzirki päsgelsiz gatnawy
deňeşdirip, paromy hut şu ýerde goýduran, gara ýol çekdiren
welaýat ýolbaşçylaryna, birinji nobatda bolsa köp ýyllap
Çärjew oblispolkomynyň başlygy bolup işlän, asly Gultak obaly
merhum Rahmet Annaýewe içimden alkyş baryny ýagdyrýaryn:
“Bardalyklylary ýol azabyndan dyndyran Rahmet aga, ýatan
ýeriň ýagty bolsun!”.
***
Institutda bizi dürli sowatly we dürli gylykly mugallymlaryň
onlarçasy okatdy. Olaryň arasynda Aşgabat uniwersitetini
pedinstitutyň programmasy bilen şol ýyl (1952-nji ýylda) okap
gutaranlaryňam birnäçesi bardy. Instituty ortagürp bahalar
bilen tamamlap, dessine-de ýokary okuw jaýyna mugallym
edilip ýollanan bu mugallymlaryň käbirleri gaty gowşakdy,
pedagogik tejribesi pesdi, biziň berýän soraglarymyza jogap
berip bilmeýänleri, aljyraýanlary-da bardy. Ýöne şol ýyllarda
bizi okadan mugallymlaryň arasynda örän güýçlüleri, biçak
sowatlylary hem köpdi. Men olaryň käbirleri barada şu ýerde
gysgaça gürrüň bereýin.
AMAN KEKILOW
Bu şahyr bilen oba mekdebinde okaýarkak, okuw kitaplary
arkaly tanşypdyk. Uçilişede men onuň “Söýgi” poemasynyň
109
birinji kitabyny uly höwes bilen okapdym. Klasdaşym Aky
Aganyýaz weli poemany tutuşlygyna ýatdan bilýärdi. Ynha,
“Söýginiň” awtorynyň institutda edebiýat teoriýasyndan
okatjaklygyna biz uçursyz begendik, şahyr bilen ilkinji duşuşyga
hem her kim özüçe taýýarlandy. Men onuň “Kawkaz” diýen
goşgusyny ýatdan bilýärdim. Täze kursdaşlarmyň arasyndan
Baba Täşliýew bolsa Aman Kekilowyň ençeme goşgularyny
we “Söýgi” poemasyny tutuş ýat tutupdyr. Ýöne weli Aman
aga ilkinji sapakda özi we öz döredijiligi barada asla gürrüň
gozgamady, bize-de hiç zat aýtdyrmady. Ol gezek ol bizde uly
täsir hem galdyrmady, ýöne soňra biz bu şahyryň şadyýan,
wäşi, degişmäni gowy görýän, dogruçyl, sada adamdygyna
göz ýetirdik. Soň görüp otursak, Aman aga örän ýönekeý,
ulumsylygy asla bilmeýän şadyýan adam eken. Arakesmede
ol öz okuwçylary bilen goşulyşyp, degşip-gülşüp ýörerdi,
agşamlaryna ýatakhanalara aýlananda, talyplar bilen küştem
oýnabererdi.
Ylaýta-da Aman aga gowy okaýanlary halaýardy. Men 2-nji
kursdakam, ol “Edebiýat teoriýasy” diýen kitabyny ýazyp, ony
ýokary kurslarda gowy okaýan stipendiatlar Nazar Berenow,
Şaman Rozyýew, Jora Allakow daga okadypdyr, soňam
goýazmany maňa berdi. Menem ony okap, käbir belliklerimi
aýtdym. Şu kitap çap bolanda, Aman aga oňa bellik eden
studentleriniň adyny tutup, olara minnetdarlyk bildiripdir.
Biz institutda okaýarkak, Aman aga doktorlyk
dissertasiýasynyň we “Söýgi” poemasynyň soňky kitaplarynyň
üstünde işleýärdi, şonuň üçinem ol ýazyjylaryň Moskwanyň
etegindäki Peredelkino diýen döredijilik öýüne her ýyl uzak
wagtlap giderdi. Bir gezek ol Moskwa ugramazynyň öň ýanynda
meni öýüne çagyrdy we:
— Soltanşa, men iki aý çemesi Moskwada işlejek. Sen biziň
maşgalamyz bilen öwrenişdiň. Özüň bilýäň, biziň gyzlarymyz
bar-da, oglum ýok. Ýöne men özümi ogulsyz hasaplamaýaryn,
seni oglum hatarynda görýärin. Maşgalada erkek adam aýlanyp
ýörse gowy. Şonuň üçin sen käwagt öýe gel, zerur bolsa, Akbike
daga kömekleş. Meniň kitaphanamdan peýdalanmakçy bolsaň,
110
onda diňe öýde oka, kitaplary öýden daşary çykarma—diýip
tabşyrdy. Men onuň diýşi ýaly etdim.
Meniň durmuşymda, ilki pedagog, soňra hem alym bolup
kämilleşmegimde esli hyzmaty bolan Aman Kekilow barada,
onuň bilen soňky gatnaşyklarym dogrusynda, wakalardan öňe
geçip, käbir zatlary ýatlamak isleýärin.
Instituty gutaranymda, Aman aga maňa aspirantura
girmegimi ýa-da öz kafedrasynda türkmen edebiýatyndan
mugallym bolup galmagymy öwran-öwran töwella etdi. Ýöne
men şu wagta çenli okadan ata-eneme kömekleşmek, olara
kadaly ýaşar ýaly jaý edip bermek üçin, obama mugallym bolup
işe gitmegi berk ýüregime düwdüm. Oba-da gitdim, ýöne Aman
aga bilen gatnaşygymy kesmedim, tä ol Aşgabada göçýänçä,
her aýda diýen ýaly Aman agalara gelip durdum. Inim Myrady
Çärjew bäbekler öýüne tabşyranymsoň (bu barada soňra gürrüň
bermekçi), Aman agalara has ýygy gatnadym. Aman aganyň özi
hem Myradyň yzyndan bäbekler öýüne baryp, birnäçe gezek
habar alypdyr, ony gujagyna alyp, surata-da düşüpdir.
Bir gezek öýüne gelenimde, Aman aga meniň inim
Myrady baş gahryman edip, döwletiň çagalary, ylaýta-da
ýetimleri terbiýeläp ýetişdirişi, bäbekler we çagalar öýleri,
umuman ýaşlaryň terbiýesi barada edilýän alada barada poema
ýazmakçydygyny ýaňzytdy.
Myrat onýyllygy gutaryp, meniň ýanyma Aşgabada gelende,
men ony Aman aganyňka eltdim. Ol Myrady dessine tanap
gujaklady-da, poemaly gürrüňi gozgady we indi ony hakykata
öwürmegiň wagty gelendigini aýtdy. Arman, Aman aga niýetini
durmuşa geçirip bilmedi.
Institutyň soňky kursunda okaýarkam, Aman aga meni
edebiýat kružogyna (instituty gutaryp giden Jora Allakowyň
ýerine) ýolbaşçy belledi. Şol döwürde türkmen ýazyjyşahyrlarynyň ençemesi bilen duşuşyklar hem geçirildi.
Kružokda duşuşylan ýazyjy-şahyrlaryň atlaryny tutulmaly
bolsa, onda men Berdi Kerbabaýewiň, Çary Aşyrowyň, Towşan
Esenowanyň, Pomma Nurberdiýewiň, Taňryguly Taganowyň,
Oraz Gadamowyň, Beghan Ýagmyrowyň, halk şahyry Töre
111
şahyryň atlaryny uly hormat bilen ýatlamakçy.
Çary Aşyr bilen bolan duşuşykda onuň ýakynda çap edilen
“Ganly saka” poemasy barada okyjylar konferensiýasyny
geçirip, eser hakda men doklad etdim. Poemanyň gowy
taraplaryny belläp, onda awtoryň, şeýle-de neşirýatyň, hatda
suratçynyň goýberen kemçiliklerini ýüz görmän aýtdym. Aman
aga ownujak zatlara aşa üns berenligim üçin igenjek boldy,
emma Çary Aşyr onuň sözüni kesdi:
— Aman, zat diýme, aýtsyn. Ol gowy zatlar aýdýar—diýip,
meniň tarapymy çaldy. Ýeri gelende aýtsam, häli-häzirem Çary
aga blen duşuşanymda, ol şol gezekki çykyşymy ýatlaýar.
1955-nji ýylyň maýynda
kursumyzyň studentleri
bolup, Magtymgulynyň okan Gögeldaş medresesini görmek
maksady bilen iki günlük Buhara şäherine Aman Kekilowyň
ýolbaşçylygynda gezelenje gitdik. Esasy ýadygärlikleri,
Gögeldaşy, emiriň karargählerini aýlanyp gördük. Agşam şäheriň
teatrynda özbek dilinde “Leýli-Mejnun” oýnunyň gidýänligini
bilip, topar bolup, oňa tomaşa etdik. Oýnuň arakesmesinde
teatryň içindäki suratlary synlap ýörkäk, meniň ýanyma halaçly
kursdaşym Çary Döwranow yzyna bir ýigidi tirkäp geldi-de, oňa
meni görkezdi:
— Ynha, geregiň burdalykly bolsa, şu oglan seniň
gözleýäniň bolmaly.
Tanyşdyk. Ýaşy menden biraz ulurak Almaz Gapbarow
diýen bu ýigit Buharanyň ýakynyndaky Giçgonak diýen türkmen
obasyndan eken. Ol şondan on ýyl çemesi öň bu ýere biziň
obamyzdan göçüp gelipdir, özbek dilinde peduçilişäni gutaryp,
mugallym bolup işleýan eken. Özbek teatrynyň ýüzlerçe
tomaşaçysynyň arasynda ildeşleriniň uly toparyna duşmagy
Almazy gaty begendiripdir. Toparyň ýolbaşçysynyň Aman
Kekilowdygyny bilensoň-a ol has ekezlendi, Aman aganyň
ýanyna baryp, topary bilen öýüne myhmançylyga barmagy
özlenipler haýyş etdi. Emma Aman aga 50-60 adam bolup,
biriniňkä myhmançylyga barmagyň gelşiksizligini aýdyp, onuň
teklibini salyhatlylyk bilen ret etdi. Maňa ýüzlenibem:
— Garyndaşyň gaty görmez ýaly, sen iki-üç gün
112
Almazyňkyda myhman bol-da, Çärjewe soň baraý—diýdi. Men
ol gezek galmadym, ýöne kanikul döwründe Almazyňka ýörite
geldim.
Ýeri gelende, Almazyň soňra dogduk obasyna
dolanandygyny, Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili
we edebiýaty bölümini gutarandygyny, talyp ýyllarynda Aman
Kekilow, Mati Kösäýew, Öde Abdyllaýew, Halyl Kulyýew,
Hanguly Taňryberdiýew ýaly görnükli alymlar bilen ýygy
aragatnaşyk edendigini ýatlap geçeýin. Aman aga keselhanada
ýatanda-da Almaz onuň halyny günde-günaşa sorap durdy.
Ýene Aman aganyň Çärjewde ýaşan ýyllaryna dolanalyň.
Men onuň Bakuwda doktorlyk dissertasiýasyny goranlygy
hakdaky habary eşidip, gijem bolsa ony gutlamaga Çärjewe
geldim. Salam-helikden soň ol meniň gutlagyma ýagşydanýamandan hiç zat diýmän, iş otagyna girdi we ol ýerden bir uly
bukja getirip, öňüme oklady-da:
— Hany, şularyň içinden öz iberen telegrammaňy tap ýa-da
şol telegrammaňyň kwitansiýasyny görkez. Men seniň çykaran
puluňy tölejek—diýip, bälçiklige salyp, meni tankytlady.
Menem:
— Aman aga, ýörite gelip gutlamak isledim. Ynha-da
geldim — diýip zordan sypdym.
Aman aga 1959-njy ýylda Türkmenistan YA-nyň
Magtymguly adyndaky Edebiýat institutyna işe çagyrylýar.
Magtymguly şaýolunyň ugrundan (häzirki sirkiň ýakynyndan)
jaý alyp, ol Çärjewden Aşgabada göçüp gelýär. Men 1962nji ýylyň sentýabryna—aspiranturanyň giriş synaglaryna çenli
Aman aga bilen duşuşyp bilmedim. Giriş synaglarynyň birinden
bäşlik, beýlekisinden dörtlük baha alyp, soňky synagyň öň
ýanynda institutdan Aman aganyň adresini bilip, onuň öýüne
bardym. Aman aga bir ýaşuly bilen küşt oýnap oturan eken.
Döwüni utdurdy-da, maňa igenmäge başlady:
— Sen gelip, meniň ünsümi böldüň-de, utdurdyň. Ýogsam
bu döwi utmalydym.
Aman aganyň garşydaşy oňa:
— Öňki iki döwde-de saňa şu ýigit päsgel berdimi? Sen
113
gönüle-de “Döwüň belent” diýip boýun alaýsana—diýdi.
Aman aga myhmanyna meniň kimligimi, nähili okanlygymy,
häzir hem aspirantura giriş synagyndan geçýänligimi, eýýäm
iki sany bäşlik alanlygymy gürrüň berdi (gyzy Jeren bilen bile
synagdan geçýänligimiz üçin, Aman aga meniň ýagdaýymdan
habarly eken). Men onuň sözüne "bir bäşlik, bir dörtlük" diýip
düzediş berdim. Aman aga maňa myhmanyň kimligini aýtmady
we: “Hany, şuny utup, meniň hakymy alyp ber” diýip, maňa
öz ýerini berdi. Oýnamajak boldum, emma iki ýerden höküm
edilip durlansoň, men myhman ýaşulynyň garşysyna geçdim. Ol
ýadapmy ýa-da döwi pesmi—menden utuldy. Dälizde çilimini
çekip, Aman aga myhmanynyň utulan pursadynda içeri girdi.
Ýagdaýy bilenden soň bolsa bälçiklige salyp, meniň üstüme
gygyrmaga başlady:
— Eşek, sen eşek. Kimi utanlygyňy bilmärmiň? Ýene
aspirantura girjeksiň? Seniň bu utan aadamyň Akademiýanyň
wise-prezidenti akademik Kerim Kerimowiç Maşrykow. Indi
aspirantura girip bolaýdyň öýdýän.
Men utanyp oňaýsyz ýagdaýa düşdüm. Emma Maşrykow
maňa kömege geldi:
— Ýigit dogry etdi. “Ovunda ataňam bolsa ut” diýipdirler.
Amanyň aýdýanlary çyn bolsa, sen aspirantura girersiň. Soňky
synag nämeden?
— Filosofiýadan. Kustow diýen bir orus adamsy alýar.
Onýança Aman aga dillendi:
— O-how, Leonid Nikolaýewiç diýsene! Uniwersitetiň
mugallymy. Ýakyn dostumdyr. Gorkýan bolsaň aýt, dessine jaň
edeýin.
— Ýok, Aman aga! Men gowy taýýarlandym. Filosofiýa
meniň eý görýän sapaklarymyň biri. Meni haýyş bilen
aspirantura girizseňiz, soňundan işi ýazmaga we goramagada kömek etmeli bolarsyňyz. Gowusy, özüm güýjümi synap
göreýin. Başarmasam, oba mekdebindäki ornum garaşyp dur,
yzyma ötägiderin.
Aman aga egnime kakdy:
— Berekella! Kerim, görýäňmi meniň okuwçylarymy?
114
Bulardan tamam şeýledir.
Men aspirant döwrümde Edebiýat we Dil bilim institutlaryny
birleşdirdiler. 1968-nji ýylda oňa Aman agany direktor bellediler.
Aman aganyň teklibi bilen men ençeme ýyllap institutyň partiýa
guramasynyň kätipligine saýlandym.
Şeýdip, tä Aman aga aradan çykýança, onuň bilen bile
işledim, duz-emek boldum. Haýp ýeri, ol aradan çykanda, maňa
onuň üstüne bir gysym gum atmak miýesser etmedi. 1974nji ýylyň dekabrynda Bäşim Çaryýarow bilen Orta Asyýanyň
onomastikasy boýunça konferensiýa gatnaşmak üçin Buhara
gitdim. Ondan dolanyp gelen dessimize-de, iki gün öň Aman
aganyň ýogalandygyny aýtdylar. Ogly hökmünde eý görýän uly
halypamdan jyda düşmekligiň salan ýarasy uzak wagtlap azar
berdi.
Aman aga instituta direktorlyk eden ýyllarynda-da iş
gününiň tutuş dowamynda iş otagynda basalykly oturyp
işlemedi. Ol az wagtlyk ýygnak-beýleki bolaýmasa, iş jaýyna
girmän, bölümlerde işgärler bilen oturmagy, olar bilen mesawy
gürrüň etmegi göwy görerdi. Institutyň işini alyp barmagy,
hatda möhürini hem alym kätibi Lýudmila Mihaýlowna
Sidelnikowa ynanypdy. Işgärler islendik ýerde Aman aga ýüz
tutup, oňa çekinmän arzy-halyny aýdyp bilýärdiler. Umuman,
Aman Kekilow döredijilik adamsydy, ol uly ýazyjydy, abraýly
alymdy, ýönekeýden gelen mylaýym Adamdy, emma weli
ýolbaşçy işe ukyby-da ýokdy, höwesi-de. Ol näçe aýak diresede, akademiýanyň ýolbaşçylary, ylaýta-da Pygam Azymow köp
haýyş edip, ony wagtlaýynça instituta direktor bolmaga razy
edipdiler. Şol gysga wagtyň dowamynda-da ol ençeme gezek
direktorlykdan aýrylmagy haýyş edip ýolbaşçylara ýüz tutdy.
Ahyrynda bu haýyşy kanagatlandyryp, onuň ýerine Bäşim
Çaryýarowy direktor bellediler, Aman aganyň özüni bolsa
edebiýat teoriýasy bölümine baş ylmy işgär edip geçirdiler.
Direktor döwründe Aman aga menden doktorlyk işimiň
ýagdaýyny sorady. Men oňa heniz bu barada oýlanmanlygymy,
hatda onuň temasyny hem anyklamandygymy aýdanymda,
Aman aga dessine prezident P. Azymowa jaň etdi-de, meni
115
onuň huzuryna eltdi. Gyssag arada ikisi maslahatlaşyp, maňa
“Türkmenistanyň toponimiýasy” diýen temadan iş ýazmagy
tabşyrdylar. Bu tema institutyň planyna girizilip, üç ýyl möhlet
bilen meniň üstüme ýüklendi. Şol döwürde men bäş şiweşynas
bilen birlikde “Türkmen diliniň şiweleriniň atlasy” diýen uly
we tutumly kollektiw işi ýazmaga-da gatnaşýardym. Ondan
el çekmek mümkin däldi. Şonuň üçin soňky temany atlasyň
işiniň daşyndan, onuň bilen utgaşdyryp işlemeli boldum, bu işi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.