Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24

Total number of words is 3594
Total number of unique words is 2092
30.7 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
okadyk. Olaryň hanakalary sünnälenip bejerilen serhowuzly
baglaryň içinde ýerleşip, şygyr muşdaklarynyň iň gelim-gidimli
mesgenine öwrülipdir. Baglarynda olaryň gowy muzeýleri
hem bar. Şyh Attaryň amzarynyň üstüne Alişer Nowaýy gowy
hanaka saldyrypdyr.
Häzir Maşat bilen birleşip giden gadymy Tus şäherinde
başga bir beýik şahsyň—pars edebiýatynyň iň görnükli
wekili Abulkasym Firdöwsiniň (929—1025) mary we muzeýi
ýerleşýär. Şahyryň meşhur “Şahamasyndan” alnan sahnalar
daşyň ýüzüne oýulyp çekilipdir we olar diwara berkidilip,
ýüzüne aýna tutulypdyr. Firdöwsiniň daşyň üstünde oturan
pursatyny şekillendirýän ajaýyp mermer heýkeli bolsa muzeýiň
ýanyndaky serhowuzda oturdylypdyr.
Beýik Magtymguly özüniň “San bolsam” goşgusynda:
Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,
Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz Perwany,
Jelaleddin Rumy, Jamy Elwany,
Olaryň jaýynda menem kän bolsam —
diýip arzuw eden şahsyýetleriniň mazar-muzeýlerine
zyýarat edilensoň, käbir göwünýüwürtmeler kalbyňy gaplap
alýar: beýik şahsyýetleriň mertebesini belent tutmany Eýrandan
öwrenäýmeli. Ýokarda atlary tutulan şahyrlaryň mazaarmuzeýlerini görmäge göz gerek. Olar giň meýdany tutup
ýatan lälezarlaryň, seýilgähleriň jümmüşinde ýerleşýärler. Bu
ajaýyp ýadygärliklere ikitaraplaýyn şaýol çekilip, ýakynynda
awtoduralgalar edilipdir. Zyýaratgähdäki şahsyýetiň eserleriniň
we dürli sowgatlyklaryň hem-de nyşanlaryň satuwy gowy ýola
goýlupdyr. Bu ýerde günin dynç almaga gelýänleriňem sany
köp.
Biziň ahyrky düşlän şaherimiz Maşat boldy. Bu şäheriň
Maşhat diýen arapça ady “şehit edilen” diýen manydadyr, çünki
343
yslamyň şaýy mezhebine uýýanlaryň ynanjyna görä, gadymy
Tus şäheriniň şu böleginde sekizinji ymam Rza (18 asyr) şehit
edilipdir. Maşatda onuň gabrynyň üstünde gurlan äpet binanyň
gümmezi gyzyl (altyn) bilen örtülip, ol uzaklardan gyzaryp,
owurdap görünýänligi üçin, oňa türkmenler Gyzylymam
diýýärler. Beýik Magtymguly hem bu ymamy uly pir saýyp,
mukaddes şahsyýet hökmünde hormatlapdyr:
Hajy Bekdaş, Abdylkadyr,
Hoja Ahmet, ymam Rzadyr,
Feridun bir öwlüýädir,
Baryndan medet islärin (“At islärin”)
ýa-da:
Ymam Ryza, şah-u pirler,
Niçe gözel jan içinde (“Seýran içinde”)
Biz ymam Ryzanyň mazaryna zyýarat edip, aýat okadyk.
Onuň hanakasynyň içi we daşynyň bezelişini teswirlemäge
söz azlyk edýär. Ymam Ryzanyň, şeýle-de onuň aýal dogany
Mäsumanyň Kumdaky mazarynyň töwereginde jemlenen
märekäni hem söz bilen beýan etmek gaty kyn. Bu ýerde dürli
ýurtlardan gelen we dürli dillerde gepleşýän musulmanlarada, Eýranyň dürlo künjeklerinden gelip, namaz okap oturan
dindarlara-da, özüni urup—ýaryp, käýerini ganjardyp, uky sesi
bilen aglaýan fanatiklere-de, ýüzlerçe maýyp-müjtüplere-de,
bu zatlara peýwagtyna synlap ýören turistlere-de näçe diýseň
duşmak bolýar.
Gyzylymama zyýaratyň ertesi biz Maşatdan Goçanda,
ondan hem öňki ýolumyz bilen Baçgirana gelip, Eýranda
bir hepdeläp ýanymyzda bolan we bu ýurduň gözel hem-de
mukaddes ýerlerini gezdiren ýurt eýelerine uly minnetdarlyk
bildirip hoşlaşdyk.
Hoş gal, dostlukly Eýran ülkesi! Seniň bilen meniň
Watanymyň baryş-geliş gapysy goý, elmydam açyk hem
344
hoşnieýtli bolsun!
***
Gatnaşan
ylmy
konferensiýalrymda
we
dürli
ýygnanyşyklarda öňki soýuzda, şeýle-de tutuş ýer ýüzünde
tanalýan meşhur alymlaryň, ýazyjylaryň hem-de jemgyýetçilik
işgärleriniň birnäçesi bilen duşuşmak, käbirleri bilen bolsa
ýakyndan tanyşmak miýesser etdi. Şolaryň käbirisi barada
gürrüň bereýin.
E.M. MURZAÝEW
1908-nji ýylyň 1-nji iýunynda doglup, häzir Moskwada
ýaşaýan Eduard Makarowiç Murzaýew barada öňde ýatladym.
Öňki Soýuzyň dürli şäherlerinde toponimika bagyşlanyp
geçirilýän konferensiýalaryň köpüsinde onuň bilen duşuşmak
miýesser etdi. Germaniýa, Mongoliýa, Wýetnam, Hytaý
akademiýalarynyň hormatly akademigi, SSSR Döwlet
baýragynyň laureaty, Orsyýetiň, Ermenistanyň we beýleki
käbir respublikalarynyň ylymda at gazanan işgäri, geografiýa
ylymlarynyň doktory, professor ýaly abraýly ylmy derejeleriň
we hormatly atlaryň birgideniniň eýesidigine seretmezden, bu
uly alym sadadan gaty ýönekeý bolup, ol uly bilen uly, kiçi
bilenem kiçi ýaly gürleşmegi başarýar. Murzaýew we onuň
aýaly Walentina Grigorýwna meniň türkmenligimi bilip, iki-üç
ýola Moskwada öýlerine-de çagyrdylar. Murzaýew her gezek
maňa: “Türkmenleriň duzuny köp iýdim. Olaryň dogruçyllygy,
gözsüz batyrlygy we myhmanparazlylygy üçin gowy görýärin.
Şonuň üçinem seni çagyrdyk” diýýärdi.
Dogrudan-da, E.M. Murzaýew baryp 1928—1939-njy
ýyllarda ençeme aýlap Garagumda bolup, onda ylmy barlaglar
geçiripdi. Soňky ýyllarda hem ol Garabogaz sebitlerindäki
barlaglara gatnaşypdy. By saparlar alymyň syýahatnamalarynda
we ylmy işlerinde öz teswirini tapan bolsa, türkmen geografik
terminleri baradaky ylmy makalasy baryp 1939-njy ýylda
345
Moskwada çap edilipdi. Toponimika bagyşlanan ylmy işlerinde
bu uly alymyň maslahatlaryndan we ylmy işlerinden köp
peýdalandym.
E. M. Murzaýew 1969-njy ýylyň gyşynda maşgalasy bilen
Aşgabada hem geldi. Ol döwürde çagalarym bilen Kemine
köçesiniň ugrundaky aspirantlar öýüniň 2-nji gatynda bir otagda
ýaşaýardym. Men Murzaýewi we Walentina Grigorýewnany
öýe myhmançylyga çagyrdym. Ertesi agşam sagat alta gelmäge
razy etdim. Bazardan gerekli zatlary, goňşulardan hem stol-stul
getirip, sagat alta goňşy aýal-gyzlaryň kömegi bilen dürli-dümen
nahar taýýarlamagy tabşyrdymda, özüm Murzaýewleriň bolýan
“Türkmenistan” myhmanhanasyna gitdim. Maşynly ýoldaşymy
çagyryp, Murzaýewleri Aşgabadyň gözel ýerleri, ýadygärlikleri
bilen tanyşdyrdym.
Sagat alta ýakynlanda myhmanhana geldik. Ýoldaşym
maşynyny öýünde goýmaga gitdi. Biz myhmanhanadan çykyp,
Bitarap Türkmenistan (öňki Gogol) köçesi bilen aspirantlar
öýüne tarap ýöräp ugradyk. Bolýan jaýyma ýakyn geldigem
weli, öz ýaşaýan otagymyň balkonyndan asmana göterilýän
goýy tüssäni görüp, birhili boldum. Daşyndanam:
— Be, biziň otagymyzda ýangyn bolupdyr öýdýärin—
diýdim. Murzaýew balkondan eňýän suwy we aňzak howada alasmana göterilýän goýy tüssäni synlap durşuna jogap berdi:
— Ýok, ýaş ýigit, ol tüsse däl, bug. Howa sowuk bolany
üçin, gyzgyn suwuň basyşyny köpeldendirler. Netijede seniň
batareýaň ýarylypdyr, tiz git-de, awariýa gullugyny çagyr. Biz
öz günümizi göreris.
Ylgap ýokary çykdym. Dogrudan-da batareýanyň 2—3
ýerindäki deşikden batly atylýan gyzgyn suw diwara we
potologa degip aşak gaýdýar. Otagyň içi buguň derdinden
zordan saýgardýar. Batja ýorgan-ýassyklarymyzy ezrilmänkä
alyp, goňşularyňka eltipdirler. Çagalar hem şolarda.
Awariýa gullugyndan ussalar gelip, gyzgyn suwy ýapdylar.
Ýarym sagatdan suwuň akmasy kesilse-de, bu yzgarly otagda
biz bir hepdeläp ýaşap bilmedik.
Şeýle äpet myhmanlary ýörite çagyrybam olara saçak
346
başynda hezzet-hormat edip bilmändigime bir hili bolup, usslar
işini gutaran dessine myhmanhana eňdim. Murzaýewler ýaňy
gezelenç edip gelen ekenler. Olary agşamlygy restoranda bile
edinmäge zordan razy etdim. Murzaýewiň teklibi bilen her
kim iýjek-içjek zadyny özi sargamaly edildi. Nahar başynda
Murzaýewiň aýalyna ýüzlendim:
— Walentina Grigorýewna, men sizi öýümde oturtmak,
çagalarym bilen tanyşdyrmak isläpdim. Ýöne bu gezek ol
niýetim başa barmady. Bagyşlaweriň.
— Aýdýanyňyz nä,me? Batareýany siz urup ýaraňzok
ahyry. Beýle zat her kimiň öýünde-de bolup biler. Onuň üçin asla
ökünmäň. Çagalaryňyz bilen ýene bir gelenimizde duşuşarys.
Onýança Murzaýew gürrüňe goşuldy:
— Näçe çagaň bar?
— Dört.
Är-aýalyň ikisi-de “O-ho!” diýip, bri-biriniň ýüzüne
seredişdiler. Dogrudan-da, moskwalylar üçin dört çaga ummasyz
köpdi. Murzaýew ýene sorady:
— Sen kiçi ylmy işgär, şeýle dälmi? Aýlygyň näçe?
— 112,5 manat.
— Alty baş maşgala üçin 112 manat gaty az. Aýda her kime
ýigrimi manadam düşmeýär. — Murzaýew uludan demini aldy.
Maňa ýüzlenibem: — Munça çagany eklemek üçin bilen ylmy işi
utgaşdyrmak saňa kyn düşäýmese—diýdi. Nahardan bolşulany
üçin, ol hyzmatçy gelni ýanyna çagyrdy. Hyzmatçy hasaplaşyk
kagyzyny öňümde goýandan men oňa puluny berdim. Emma
Murzaýew hyzmatça ýüzlendi:
— Alan puluňyzy yzyna beriň. Bilýäňizmi näme, bu ýigidiň
dört çagasy bar. Alýany hem 112 manat. Walentina Grigorýewna
ikimiz bir ýarym müň manat alýarys. Şonça pul alyp, dört
çaganyň hakyny iýip bilmeris. Puly menden alarsyňyz.
Men kes-kelläm garşy çykdym. Hyzmatçam näderini
bilmän ýylgyryp dur. Murzaýew onuň elinden meniň beren
pulumy aldy-da, jübime dykdy:
— Sizde bir gowy däp bar: ýaşulular bir zat diýse, kiçiler
söz gaýtarman boýun bolýarlar. Menem ýaşuly. Puly men
347
tölemeli. Gürrüň tamam.
...Ynha, bu uly alymy öýümde myhman alşym şeýle
gutardy. E.M.Murzaýew bilen soňra nirede duşsagam, ol meniň
çagalarym barada soraýardy. Uly oglum Agamyrat Lomonosow
adyndaky uniwersitetde okanda, men ondan Murzaýewlere
gawun, şetdaly ýaly ir-iýmişler iberip durdum we çagalardan
diňe şony tanyşdyryp bildim.
E.M.Murzaýew
kandidatlyk
we
doktorlyk
dissertasiýalarymy goranymda, meniň işimi goldap, alymlar
geňeşimiziň adyna gowy hatlar iberdi, özüniň toponimika
degişli käbir işlerinde-de men barada öwgüli sözler ýazdy we
meni türkmen toponimikasynyň düýbüni tutan diýip atlandyrdy.
K.K.Ýudahin
Özi orus bolsa-da, görnükli gyrgyz dilçisi, gyrgyz diliniň
düşündirişli sözlügini, gyrgyzça-orusça we orusça-gyrgyzça
sözlükleri aglaba ýeke özi düzüp, uly kollektiwiň işini ýerine
ýetiren, şu ägirt işler üçin hem öňki Soýuzda türki dilçileriň
arasyndan ilkinji bolup Lenin baýragyna mynasyp bolan
Konstantin Kuzmiç Ýudahin (1890-1975) türkologiýa ylmynda
ölmez-ýitmez yz galdyran alymdyr. Biz bu alym bilen Daşkentde
duşuşdyk.
1971-nji ýylyň iýunynda türki dilleriň şiweleriniň
öwrenilişi boýunça regional maslahat Daşkentde geçdi. Muňa
Aşgabatdan üç şiweşynas bolup gatnaşdyk (Ata Annanurow,
Göwher Saparowa we men). Onuň jemleýji maslahatyna bir söý
bilen Bişkekden Daşkente gelen K.K.Ýudahini hem getirdiler.
Geplejek däl diýse-de, başlyk ondan geplemegi haýyş etdi.
Ýudahin syrkaw halda eken, zordan ýöreýär, zordan hem
dem alýar. Eger geplemeli bolsa, onda oňa howa gelip duran
ýerde oturgyç goýmaklaryny sorady, özi-de oturyp gürledi:
— Gyrgyzlarda bir nakyl bar: “Bir tümen berip
başladybilmersiň, müň tümen beribem goýdurybilmersiň”.
Türkmenlerem “Garry oýnasa, gaý turar” diýýärler. Menem 90yň onundan giren adam. Indi başlamagym kyn. Agzym gyzyp,
348
ýürege düşübersem duýduraýyň – diýip ol ýuwaşjadan gürrüňe
başlady. – Şu asyryň başlarynda instituty gutaranymda, meni
Orta Asyýa işe iberdiler. Deň-duşlarym muny eşidip: “Öňem
Orta Asyýada üç sany türkolog işleýär (göwnüme bolmasa, ol
W.W.Radlowyň, N.P.Ostroumowyň we A.N.Samoýlowiçiň
atlaryny tutupdy öýdýärin. – S.A.) sen indi ol ýerde türkologiýadan
iş tapmasaň gerek. Gidibem oturma” diýip maslahat beripdiler.
Gulak asmadym, gaýtdym, çöregem tapdym.
Tutuş Orta Asyýa üçin üç türkologyň köp gürlen zamanyndan
oba göçüpdir. Ynha, siziň maslahatyňyza ýüzdenem köp alym
gatnaşýar.Emma bu maslahat türkologiýanyň, hatda türki
dilleriň hem umumy meselelerine däl, eýsem onuň diňe bir
şanajygyna – Orta Asyýa türki dillerinde şiweleriň öwrenilişine
bagyşlanýar. Diýmek, bu regiondaky türkologik meseleler bilen
meşgullanýanlaryň sany has köp bolmaly. Bu uzyn ömrümde
şeýle uly özgerişlikleriň bolanlygyna çäksiz begenýärin.
Ýudahin uzak wagtlap dymdy, çalt-ýaltdan dem aldy, soňra
bize üstünlikler arzuw edibem sözüni gutardy.
Çingiz Aýtmatow
Dünýäde bu meşhur ýazyjyny kimler tanamaýar?! Aman
Kekilowyň direktor döwründe Çingiz Aýtmatow institutymyza
gelip, biziň bilen duşuşypdy. Magtymgulynyň 250 ýyllyk
toýunda bu ýazyjyny ikinji gezek görüpdim we sözlerini
diňläpdim.
1988-nji ýylyň sentýabrynda Orta Asyýanyň onomastikasy
boýunça Bişkekde konferensiýa geçirildi. Muňa dilçi alym,
uniwersitetiň dosenti Begmyrat Weýisow ikimiz gatnaşdyk.
Bizi Bişkekde köne dostum, edebiýatçy alym Geňeş
Kyrbaşow öz maşynynda garşylady. Onuň bilen 1971-nji ýylda
Bişkekde tanşypdym, Aşgabatda-da ol meniňkide myhman
bolupdy.
Myhmanhanada ýerleşenimizden soň, Geňeş maňa
ýüzlendi:
— Soltanşa, öňki geleniňde saňa paýtagtyň ähli gözel
349
ýerlerini görkezip bilmändim, dogduk obamy-da görmändiň. Ol
wagt maşynym ýokdy, jaýymam kiçidi. Bu gezek men seni islän
ýeriňe aýlap, ähli haýyşyňy bitirip biljek. Çekinme-de aýdyber.
— Minnetdar, Geňeş. Uly haýyşym ýok. Çingiziň eserlerini
gowy görýärin. Başarsaň, şonuň bilen duşur. Bir kitaby ýanymda,
oňa gol çekdireli we bile surata düşeli.
Ýarym degişme bilen eden bu teklibimi Geňeş kyn gördi:
— Ynha, bu haýyşyňy bitirip biljek däl. Çingiz – uly adam.
Men öýüni bilsemem,onuň işikli-törüni baryp görmedim. Ýöne
sen bar. Ol myhmany güler ýüz bilen garşylaýar. Öýüne elteýin,
siz çykýançaňyzam, gapysyndan uzagrakda garaşaýyn.
Bizem bu teklibe razy bolmadyk. Ýöne konferensiýanyň
başlanýan güni ýygnanyşygyň boljak ýerine esli wagt öň
geldik. Oňa gelenleriň ählisi üýşmänkä, ýene bir uly ýazyjy
bilen bu ýere Çingiziň özi geläýdi. Çingizi gören dessime men
Begmyrada surat apparatyny taýynlamagy haýyş edip, özüm
Çingiziň ýanyna bardym. Türkmençe salam berdim. Görüşdik.
Çingiz salamymyzy aldy-da ;
— Türkmenistandan geldiňizmi? Türkmen garyndaşlar
kalaý? – diýip sorady.
— Ýagşy. Biziň ilimiz Size köp salam aýtdy. – Birdenem
Çingiziň Berdinazar Hudaýnazarow bilen dostlugy ýadyma
düşdi. – Ylaýta-da Berdinazar Size ýörite salam aýtmagy
tabşyrdy.
— Sag bolsun. Onuň saglygy nähili?
— Gowy, işläp ýör, ýazýar.
Soňra portfelimden Çingiziň kitabyny çykaryp, oňa gol
goýup bermegini haýyş etdim. Geňeş Çingizi men we Begmyrat
bilen tanyşdyrdy. Ol kitaba gol çekýänçä, menem özümiň
“Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi”
diýen kitabyma gol çekip, Çingize gowşurdym. Soňra biz bu
ýazyjy bilen surata düşdük.
Meniň gürleşip duranymyň Çingiz Aýtmatowdygyny bilen
myhmanlaryň ählisi bize tarap eňdi: kimsi ýazyjy bilen elleşjek,
kimsi oňa kitap berjek, kimsem onuň bilen surata düşjek.
Çingiz beýle sahnalar bilen halys öwrenişen bolmaga çemeli, ol
350
myhmanlar bilen elleşip görüşdi, surata düşdi, berlen kitaplary
hem kabul etdi. Biri gelip çagyransoň, ol töweregini gurşap alan
märekäniň arasyndan zordan özüni saýlady.
Konferensiýa açylmanka, öňki Soýuzyň görnükli toponimist
alymlary, Gyrgyzystan akademiýasynyň ýolbaşçylary, iki-üç
sany ýazyjy, şol sanda Çingiz Aýtmatow dagy prezidium stoluna
geçdiler. Çingize kitap sowgat berilmesi tä ýygnak başlanýança
dowam etdi. Onuň öňi kitapdan dolup galdy.
Ýygnagyň birinji umumy mejlisi iki sagatdanam köpe
çekdi. Çykyşlar okalýan wagty Çingiz özüne berlen kitaplary
ýeke-ýekeden gözden geçirip, olary iki topara böldi. Kiçi
topbagyň arasynda meniň kitabymam bardy. Çingiz ony açyp
gördi, käbir sahypalaryna uzak wagtlap seretdi. Esli salymdan
soň kitaby ýapyp, kiçi topbagyň üstüne goýdy. Biziň oturan
öňdäki hatarymyza gözüni aýlabam, maňa çalaja baş atdy, sag
eliniň başam barmagyny hem ýokary galdyrdy. Men onuň bu
hereketine “Gowy kitap ýazypsyň” diýen manyda düşündim.
Gunnar Ýarring
1980-nji ýylyň sentýabrynda Daşkentde III Bütinsoýuz
türkolog konferensiýa bolup geçdi. Muňa daşary ýurtlaryň
hem 20-sinden myhmanlar geldi. Olaryň arasynda şwesiýaly
belli türkolog, 60-njy ýyllaryň başynda BMG-niň baş kätibiniň
(ähtimal, Dag Hammarşeldiň) orunbasary bolup işlän Gunnar
Ýarring hem bardy. Konferensiýany açyp, başlyklyk ediji
daşary ýurtly myhmanlar bilen tanyşdyrýan wagty Ýarringiň
adyny tutanda, zalda oturanlar ony uzak wagtlap el çarpyşyp
garşylapdylar. Menem bu alymyň ylmy işleri bilen biraz
tanşypdym, çünki Ýarring Owganystan türkmenleri we olaryň
etnogtafiýasy hem-de dili, Hytaý türkmenleri, uýgurlary we
beýleki türki halklary barada ylmy iş ýazan alymdy. Onuň türki
toponimika degişli işleri hem bardy.
Konferensiýa gatnaşýan adam köp, Ýarringiň ýanynda
bolsa iki-üç adam kömekçi we terjimeçi bar. Mende Ýarring
bilen tanşyp, gürleşip bilerin diýen umyt ýokdy, emma onuň
351
bilen gürleşdim. Bu şeýle boldy.
Konferesiýada öňki Soýuzda türki dillere degişli çap bolan
işleriň sergisi guraldy. Bu sergide meniňem iki kitabym, şol sanda
“Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi”
diýen işim görkezilýärdi. Ýarring ony görüpdir, ýanyndaky
kömekçilerindenem şu konferensiýa gatnaşýanlygymy bilip,
meniň bilen duşuşmak isläpdir. Uly alymyň islegini dessine
meniň işleýän institutymyň direktory Bäşim Çaryýarowa
ýetiripdirler (Çaryýarowyň baştutanlygynda bu konferensiýa
16 alym gatnaşýardy). Çaryýarow hökümet myhmanhanasynda,
biziň bolýan “Leningrad” myhmanhanamyzdan esli uzaklykda
ýaşaýardy. Ol meniň bolýan otagyma jaň edip, ýanyna gelmegi,
Ýarring bilen duşuşmalydygymy, ýokarda ady tutulan sözlügimi
we beýleki ýanymda bar kitaplarymy hem getirmegi tabşyrdy.
Bize berkidilen nobatçy maşynda dessine Çaryýarowyň ýanyna
bardym. Onuň bilen Ýarringiň bolýan jaýyna geldik. Ýarring
6—7 adam bolup, gürleşip oturan eken. Tanyşdyk. Men ony işi
boýunça öňräkden bäri tanaýanlygymy, Owganystan türkmenleri
barada ýazanlaryny okanlygymy aýtdym. Ýarring uýgurça
ýakynrak türki dilde maňa ýüzlendi:
— Nähili, ol türkmenler barada ýazylan zatlar Size ýaradymy?
Şol işde getirilen etnografik materiallaryň Türkmenistanda
ýaşaýan türkmenleriňki bilen umumylygy barmy?
Men owgan-türkmen serhediniň iki tarapynda ýaşaýan
türkmenleriň hem şol bir halkyň emeli suratda arasy kesilen
toparlardygyny, işde ýazylan zatlaryň.hatda onda getirilýän
urug-tireleriň atlarynyň hem biri-birine doly gabat gelýändigini
aýtdym. Diňe jenap proffesoryň garaja urugynyň adyny karama
görnüşinde ýazandygyny hem belledim. Ol bu belligi dessine
ýandepderçesine ýazyp aldy.
Soňra Ýarringe kitaplarymy sowgat berdim, ol hem şwed we
nemes dillerinde çykan işlerini awtografy bilen maňa gowşurdy.
352
Mandoki Iştwan Goňur
Bu majar alymy, Budapeşt uniwersitetiniň professory
bilen men ilkinji gezek Aşgabatda IV Bütinsoýuz türkolog
konferensiýasynyň geçýän günlerinde (1985-nji ýylyň
sentýabrynda) tanyşdym, soňra onuň bilen Bişkekde we
Moskwada birnäçe gezek duşuşdyk.
Gezendeligimi, köp ýurtda bolanlygymy nazara alyp,
Aşgabat konferensiýasynda meni daşary ýurtly myhmanlara
hyzmat edýän iki-üç işgäriň ýolbaşçysy bellediler. Dürli
sebäplere görä, bu konferensiýanyň çägini gaty daraldyp, oňa
daşary ýurtdan köp myhman çagyrylmady. Diňe Majarystandan
(Wengriýadan) üç, öňki GDR-den bir, Awstriýadan hem aýaly
bilen bir alym geldi. Ol döwür sowet däp-dessurlarynyň
daş ýarýan döwrüdi. Türk aýally awstriýalydan beýlekileriň
sosialistik ýurtlardandygyna seretmezden, bu alymlardan gaty
ägä bolmaklyk, harby bölümleriň, zawod-fabrikleriň ýakynyna
eltmezlik öňünden berk tabşyryldy, magazin-zat görjek diýseler,
olary diňe bize berkidilen 12 orunlyk “Rafik” maşynynda äkidip,
ýeke-iki şähere goýbermezligi sargadylar.
Majarlaryň arasyndan Mandoki Iştwan Goňur diýen
professor türkmençe arassa gürleýän eken. Biz dessine onuň
bilen tanyşdyk, kitaplarymyzy alyşdyk. Goňur majarça we
nemesçe çykan kitaplaryna türkmen dilinde hiç hili ýalňyşsyz
awtograf ýazyp, sowgat berdi. Onuň gerek diýen kitaplaryny
tapmaga biz hem kömek etdik. Duşuşygyň ilkinji güni Goňur
bilen içgin gürleşdim. Onuň özi Majarystandaky gypjaklardan
(kumanlardan) bolup, bu iliň ata-babalary özüni türkmen
hasaplaýan eken. Goňur Moskwada okapdyr, özi bilen okan
mangyşlakly Aýşa diýen gazak gyzyna-da öýlenipdir.
Sulhumyz alşany üçin, men Goňury we onuň ýoldaşlaryny
konferensiýa günleri öýe myhmançylyga çagyrmak isledim.
Emma muňa düýbünden rugsat bermediler. Çet illi myhmanlar
Gökdepe galasyny görkezmegi haýyş edenlerinde-de, bir bahana
tapyp, olary serhet zonasy hasaplanýan Gökdepä eltmezligi berk
tabşyrdylar.
353
DHK (KGB) işgärleri tarapyndan berilýän bu tabşyryklar
barada biz myhmanlara dogrusyny aýdyp bilmeýärdik, emma
onsuzam olar muny aňyp, Türkmenistanyň howpsuzlyk
organlarynyň özlerine gaty şübheli seredýänligini gizlemän
aýdýardylar. Bularyň üstesine, öňki soýuzyň dürli şäherlerinden
gelen myhmanlary Bäherdendäki Köwata äkidenlerinde-de,
serhet zonasy diýip, bulary goýup gitdiler. Çet ilden gelen
alymlar muny juda gaty gördüler. DHK-niň adresine olaryň
bassyr-bussursyz aýdýan sözleri üçin hamala biz günäkär ýaly,
olara hyzmat edýän üç adama, şol sanda maňa-da igendiler.
Awstriýalynyň aýalynyň şäherde özbaşdak aýlanýanlygy üçin
hem bizi günäkärlediler. Şonuň üçin bularyň ýanynda bir gün bile
bolup, ertesi gününň ikinji ýarymynda dişim agyrýar bahanasy
bilen bu topardan aýryldym. Soňra Moskwada duşuşanymyzda,
Goňur Aşgabatda bolan ol ýagdaýlar barada jany ýanyp gürrüň
berdi, meniň şol gezekki syrkaw bahanasy bilen gidenimiň
sebäbine düşünenligini hem aýtdy. Soňra ol özüniň Budapeştden
maňa iberen kitaplaryny we Aşgabatda düşüren suratlaryny
alan-almanlygymy sorady.
— Ýok, men hiç zat alamok—diýdim. Goňuram:
— Hä-ä, almajagyňy bilýärdim-le.Siziň howpsuzlyk
organlaryňyz ol ktaplary bermezler. Onuň içinde türkçe “Kuran”
we Türkiýede çap edilen taryhy hem-de edebi kitaplar bardy
ahyry. Zyýany ýok, ýene bir aýa galman, sen ol kitaplary alarsyň.
Organlaryňyz ony bilmän galar ýaly ederis—diýdi.
Dogrudan-da, sähel wagtdan soň Gazagystanyň Gurýew
welaýatynyň Emba etrabynyň Gulsary şäherçesinde ýaşaýan
Magsym Ötewliýew diýen nätanyş adamdan birbada iki halta
sowgat aldym. Açdym, ikisinde-de diňe kitap. Ählisi türki
halklaryň taryhyna, etnografiýasyna, diline, toponimika degişli
ylmy, edebi we dini kitaplar. Köpüsi Türkiýede neşir edilipdir.
Içindäki hatdan bu kitaplary Goňuryň ilki gaýyn atasy Magsym
aga, soňra onuň hem maňa iberenligi aýan boldy. Poçta üsti
bilen iberilen sowgatlar daşary ýurtdan däl-de, ýurduň içinden—
Gazagystandan gelenligi üçin, organlar ony barlamandyrlar.
Şeýdip, şol döwrüň öte hüşgär howpsuzlyk organlarynyň gözüne
354
çöp atyp, Goňur ençeme elýetmez kitaplary, şol sanda türkçä
terjime edilen “Kurany” maňa ýetirdi, ýogsa şol zamanda daşary
ýurtlara gezelenje gidýänler Türkiýede çap edilen neşirler, ylaýtada “Kuran” ýaly dini kitaplar bilen tutulaýsalar, olara berk çäre
görülýärdi. Meselem, Ahal etraplarynyň biriniň raýkomynyň
birinji sekretarynyň çemodanyndan gümrükhanada “Kuranyň”
tapylandygy üçin, ol özüniň kürsüsinden taýdyrylypdy. Şu
ýagdaýy nazara alyp, men Goňuryň iberen kitaplaryny ençeme
ýyllap hiç kime görkezmän sakladym.
Goňurdan soňam kitap aldym. 80-nji ýyllaryň ahyrynda
Goňuryň aýaly Aýşa hanym “Aşgabat” myhmanhanasyndan
jaň edip, atasy Magsym aga bilen bile Gurýewden Aşgabada
gelendigini habar berdi. Men olary dessine öýe alyp gaýtdym.
Aýşa hanym maňa Goňuryň iberen kitaplaryny gowşurdy. Men
bulara Aşgabatda birnäçe türkmen halysyny, keçe, horjun ýaly
zatlary almaga hemaýat etdim.
Keçe barada gürrüň edilende, bir zady ýatlaýyn. 1987nji ýylyň awgustynda Moskwadan meniň öýüme Iştwan
Widak diýen bir majar jaň edip, özüni we we aýaly Marianany
Aşgabatda garşylamagymy haýyş etdi. Bu Iştwan Majarystanyň
Keçkemet şäherinde keçe muzeýiniň ylmy işgäri bolup, türkmen
keçelerini görmek, satyn almak, majarlary türkmen keçeleriniň
edilişi bilen tanyşdyrmak maksady bilen hem birnäçe keçeçini
Majarystana 15 günlük äkitmek üçin gelipdir. Biz bazara çykdyk,
Iştwan dürli keçeleri surata düşürdi, 5—6 keçäni satyn aldy.
Soňra men myhmanlary Türkmenistanyň halk zergäri, aşgabatly
meşhur ussa Ata Gurbanguly we onuň aýaly Ogulşirin bilen
tanyşdyrdym. Bu är-aýal Iştwan dagy bilen Keçkemete gidip, ol
ýerde keçe edipdirler, bu işiň ahli jikme-jiklikleri surata alnyp,
majar telewideniýesinde ençeme gezk görkezilipdir, gazetžurnallarda-da ol barada suratly habarlar çap edilipdir.
Ata zergäriň gürrüňine görä, Keçkemetiň keçe muzeýinde
türkmen keçelerine uly orun berilýär, olaryň nagyşlarynyň majar
nagyşlary bilen meňzeş taraplary ýörite öwrenilýär. Muzeýde içi
öý goşlary bilen bezelen türkmen gara öýi hem bar. Ata zergäriň
baran döwründe açylan keçe sergisinde türkmen gülli keçelei
355
birinji orna mynasyp bolupdyr.
Goňur ahyrky gezek maňa Hytaýyň Sinjan (Sinszýan)Uýgur welaýatyndan jaň edip, ol ýerdäki türki halklaryň arasyna
ylmy-etnogafik iş saparyna gelendigini, öz Garaşsyzlygyna eýe
bolan Türkmenistanyň obalaryna-da şeýle iş saparyny gurmagy
niýet edinýändigini habar berdi. Emma alymyň bu arzuwy amala
aşman galdy. Şondan birnäçe aý soň Makdoki Iştwan Goňuryň
aradan çykandygy baradaky nekrolog ylmy žurnallaryň birinde
çap edildi.
Öňki
Soýuzyň
içindäki
we
daşyndaky
dürli
konferensiýalarda hem-de maslahatlarda ýokarda sananlarymdan
başga-da, dünýä belli alymlaryň onlarçasy bilen duşuşmak,
tanyşmak, dissertasiýalar goraljak mahaly olaryň käbirleriniň
goldawlaryndan peýdalanmak miýesser etdi. Olaryň hersi
barada ymykly gürrüň bermegiň mümkin däldigi üçin, diňe
käbiriniň adyny tutmak we uly halypalar hökmünde olara
minnetdarlyk bildirmek bileb çäklenýärin: N.A. Baskakow, G.
I. Donidze, B.H. Karmyşýewa (Moskwa), A.N. Kononow, A.I.
Popow (Peterburg), A.P.Dulzon (Nowosibirsk), K.K.Seluýko
(Kiýew), Ş. Şaabdyrahmanow. E. Begmatow, H. Hasanow
(Daşkent), G.Koňkaşpaýew, A. Abdyrahmanow (Almaty), F.
Jelilow (Baku), Ýu. Nemet (Wengriýa), W. Zaýonçkowsiký.
A. Dubinskiý (Polşa), Faruk Sümer, Nejat Deýarbekirli, Fikret
Türkmen, Türk Dil Kurumynyň başlygy Ahmet Bijan Erjilasun,
Türk Taryh Kurumynyň başlygy Ýusup Halajogly (Türkiýe),
Germaniýada işleýänler: türk alymy Semih Tezjan, türkmen
alymy Begmyrat Gereý we ençeme beýlekiler.
Il içinde görlüp-eşidilen geň-taňlyklar barada kelam agyz
Durmuşda her kimiň öz arzuwy, höwesi, gyzyklanýan zady
bolýar, häzir oňa hobbi hem diýýärler. Öňde ýaňzydyşym ýaly,
gezmek, syýahat etmek, ýurt görmek ýaşlykdan meniň iň uly
arzuwym boluody. “Islän tapar” diýlişi ýaly, köp babatda bu
arzuwym durmuşa-da geçdi. Ykbalymy ylym bilen ymykly
baglanymdan soň, öňki Soýuzyň aglaba respublikalarynda,
356
onlarça şäherlerinde, şeýle-de daşary ýurtlaryň 20-den
gowragynda bolup görmek miýesser etdi. 60—70-nji ýyllar
aralygynda ylmy iş sapar bilen Türkmenistandaky obalaryň
ählisini, olaryň köpüsini bolsa birnäçe gezekden aýlanyp
çykdym. Özbegistanda, Täjigistanda, Orsyýetiň Stawropol
ülkesinde we Astrahan oblastynda ýerleşen türkmen obalarynda
bolup, olardan hem ylmy maglumatlar topladym. Türkmen
şiweleri bilen iş salşan we şu ugurdan işlän 13 ýylymyň
dowamynda her ýylda plan boýunça dört aý, kä ýyllarda bolsa
alty aýlap türkmen obalaryny aýlandym. Uzak wagtlap dowam
eden şeýle gezelençler we iş saparlary döwründe il içinde geňtaň wakalaryň, üýtgeşik hadysalaryň ençemesine duş gelindi.
Belli bir oba ýa-da haýsydyr bir etnik topara mahsus bolup,
beýlekilerde gabat gelmeýän däp-dessurlar, edim-gylymlar,
hojalygy ýöredişdäki üýtgeşik endikler we özboluşly ýörelgeler
çetden geleniň ünsüni dessine özüne çekýär. Meselem, Derweze
töwereklerinde, gumuň içinde ýerleşýän türkmen obalarynda uly
gola öwrüm berip oturan 60—70 sany hatara gara öýi görenimde
geň galmajakmy eýsem? Kärdeşim Nurberdi Mawyýew bilen
Bükri diýen gum obasynda bolanymyzda, şeýle meňzeş gara
öýleriň haýsyndan çykanymyzy bellemän, myhman bolýan
öýümizi tapman kösenişimiz ýadyma düşýär. Geň ýeri, şunça
çarwa öýüniň birinde-de ite duş gelmersiň. Obada it ýok. “Sürini
möjekden goramaly bolanda nätjek?” diýen soragymyza-da
gumlular ynanar ýaly jogap berdiler. Häzirki döwürde çopanlar
dowary motorly bakýarlar. Her kimde “Planeta” motory bar.
Tutuş öwrümde möjek ýok. Bir ýerde bar sesini eşidäýseler, üç
motorly ýigit ony dessine awlaýarlar. Motosikli menem sürdüm,
hatda obada mugallym wagtym deň-duşlar bilen geçiren
ýaryşymyzda öňdäki orny hem eýeläpdim. Emma gumlularyň
motor sürşi meni aňk etdi. Olaryň tigirleriň ýelini biraz çykaryp,
ürgün çägede iki tigirli motory 60—70 kilometr tizlik bilen
sürýärler. Onda-da göni däl-de, egrem-bugram edip. Şeýtmeseň
ýa-da badyny sähel gowşatsaň motor batýar.
Möjegiň yzy alnan dessine, iki motorly onuň giden ugrunyň
iki tarapyndan, biri hem ortasyndan sürýär.Möjek görnensoň,
357
ony tä ýadaýança kowýarlar. Motoryň ýanynda janawaryň näme
jany bar? 5—10 kilometrden ol halys sunugyp, syrtyny ýere
dikip oturyberýär.
Şeýle sahnalaryň gum obalaryna näbelet adamy
gyzyklandyrjagy şeksizdir. Şonuň üçin maňa täsin görnen şeýle
wakalaryň okyjlary hem biperwaý goýmajagyna ynanyp, olaryň
käbirini gürrüň bereýin.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.