Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11

Total number of words is 3701
Total number of unique words is 2161
29.8 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gürleşip ýatyrdy ahyryn”. Direktoryň meni gyssap durşy göz
öňüme gelende hopugýaryn. Aýagaldygyna sürülýän tigriň
üstünde ýüzüňi ýalap geçýän çigrek howada-da endamym gara
der boldy. Gidip barşyma, “Enem öläýdimikä?” diýen şum pikir
kelläme gelýär-de, gözümiň öňi garaňkyrap gidýär. Biygtyýar
akýan göz ýaşlarymy süpürip, tigriň depgijine has batly depip
başlaýaryn. Ynha-da, obam. Ho-ol öňdäki uly tuduň deňinden
145
çepe sowulsam—öýüm görünjek. Hopuga-hopuga uly tutdan
geçip, çepe sowuldym-da, öýümize göz aýladym. Gapymyza
bir topar adam üýşüpdir. Gözüm garaňkyrady. Öýe ýakyn
geliberenimde, başym aýlanyp gitdi, öň tigir hem bir zada degdi,
men ýykyldym. Böküp turup, däbine-däbine enemiň ýatan
jaýyna girdim. Käbäm enem ýatyr, gözüni ýumup, arkaýyn
ýatyr. Entek giň maňlaynyň ýylysam sowamandyr.
Näçe oturanymy bilmeýärin, garyndaşlaryň birnäçesi meni
süýräp diýen ýaly daşary çykardy. Şol gün giç öýlänligem enemi
ahyrky ýoluna ugratdyk. Bu gije dogan-garyndaşlar iki otagy we
gara öýi dolduryp, daňa çenli oturyp çykdylar.
Ertesi inim Myrat ýadyma düşdi. Soradym. Ony täze
çagasy bolan garyndaşlaryň biriniň öýüne äkidenligini aýtdylar.
Enemiň üçüni, ýedisini hem sowduk. Ýedisi berlen güni giç
öýlänler meni oba sowotiniň jaýyna çagyrdylar. Barsam, ol
ýerde oba sowetiniň başlygy Gaýyr aga, kolhozyň başlygy
Maksat Şakulowa, etrabyň baştutany Begelek Öwezow dagy
oturan ekenler (olar günortan biziň sadakamyza barypdylar).
Hal-ahwal soraşanlaryndan soň, olar maňa inimi wagtlaýynça
Çärjewdäki bäbekler öýüne tabşyrmagymy, öýlenip, birinji
çagam bolandan soň hem alyp gaýtmagymy maslahat berdiler.
Begelek aga Hojambaza jaň edip, inimiň ähli dokumentlerini
taýýarlap getirmegi we maňa gowşurmagy, Çärjewdäki bäbekler
öýüne hem Myrada bir ýer taýýarlatmagy kimdir birine tabşyrdy,
ertesi günortan Burdalykdan Çärjewe uçmagy hem maňa teklip
etdi. Atam dagy bilen maslahatlaşyp, men aýdylyşy ýaly etdim,
ertesi bir uýam bilen Myrady alyp, Çärjewe uçdum, ony bäbekler
öýüne tabşyryp, ol gün Aman Kekilowlarda ýatdyk-da, ertesi
ýene uçarda Burdalyga uçduk (indi Burdalyga öňki iki adamlyk
uçarlaryň ýerine 12 orunly “AN—2” uçýardy).
***
Bagyr awusy biraz könelişse-de, enem ölenden soň
günümiz kynlaşdy. Iň kiçi uýam Selbi 6, öýdäki ulusy Gurbangül
hem 15—16 ýaşyndady (iň ulusy Ýazbikäni eýýäm durmuşa
146
çykarypdylar). Öýde tamdyra nan ýapyp bilýän ýokdy. Hamyr
edip, goňşy aýallar ýapdyrýardylar. Şonuň üçin men gyssagly
öýlenmelidim.
Toýa taýýarlyk gördük, zerur zatlary aldyk. 1957-nji ýylyň
25-nji awgustynda-da men öýlendim. Ondan öňem öýlenip
bilýärdim, emma öýlenjek gyzymyň (Häsiýetiň) enesi we
agasy (olar meniň atamyň daýylar toparyndandy) gyzlarynyň
entek 17 hem ýaşamanlygyny göz öňünde tutup, sähedi biraz
gijikdirdiler (ol döwürde äre baran gyz 18 ýaşdan bir hepde kem
bolsa-da, “ýaş gyza öýlenen” diýip, onuň baran ýigidini türmä
basýardylar). Şonda-da men wagtyndan öň, ýagny 17 ýaşdan
ýaňy iki aý geçen wagty öýlendim, ýöne basylmazlyk üçin, tä
18 ýaşyny doldurýança ZAGÇ-dan geçmeli däl diýen karara
geldim. Şeýle-de etdim. Bagtyma, hiç kim meni hökümete
ýamanlamady.
Men öýlenenimden soňam çörek günümiz birbada
düzeläýmedi. Enesi öýünde gelen gelniň öz enesi, iki gelnejesi
we uly gelnejesiniň enesi bile ýaşaýardylar, olar ýaş gyza
tamdyra nan ýapdyrmag-a beýlede dursun, hatda naharam
bişirtmeýärdiler. Şonuň üçin toýdan biraz soň täze gelniň
Gurbangül uýam bilen nan ýapjak boluşlary, gyzan tamdyryň
ýanyna taýýarlanyp eltilen 7—8 nanlyk hamyrdan diňe 4—5
sany kiçi çörekden beýleki uly nanlaryň ählisini küle gaçyryşlary,
soňra-da täzeden hamyr edip, ony goňşa ýapdyryşlary ýadyma
düşýär.
***
Çagalar öýüne tabşyran inimden men wagtal-wagtal habar
tutýardym. Dynç güni ýakynlaşyberenden atam maňa: “zerur
işiň bolmasa, Çärjewe bir baryp gel. Surat apparatyňy hem
ýanyňa al-da, Myrady surata düşürip gaýt, ýene ony detdomda
(çagalar öýünde) başga çaga bilen çalşaýmasynlar” diýip zol-zol
gaýtalardy. Çärjewde okaýan Işanguly Hudaýguly, Muhy Kasym,
halaçly Allamyrat Rozygeldi ýaly dostlarym hem inimden habar
tutup durýardylar, käte suratyny hem alyp ibererdiler.
147
1958-nji ýylyň 13-nji iýunynda oglumyz (Agamyrat)
doguldy. Kyrk gün geçenden soň, çagany çileden çykardylar.
Menem Myrady alyp gaýtmak üçin atam bilen Çärjewe uçdum.
Baran dessimize ondan habar tutduk, çagalar öýüniň direktory
bilen gürleşip, Myrady erte öýe äkitjegimizi duýdurdyk. Direktor
(salyhatly orus aýaly) ertir sagat 10-a çenli ähli dokumetleri we
4—5 gün iýer ýaly çaga iýmitlerini taýýar etjekdigini bize habar
berdi. Atam ikimiz şäherde ýaşaýan obadaşymyz Salyh Orazyň
öýüne ugradyk. Onuň öýi demir ýol köprüsiniň gündogar
tarapynda, çagalar öýüniň ýakynyndady. Çaý-çörekden soň
atamy öýde goýup, Salyh ikimiz melleginde gül ýetişdirýän
gülçi bagbanyň öýüne bardyk, dört sany gowy çemen satyn
aldyk, gök bazardan hem süýji, ir-iýmiş, miwe ýaly zatlardan
ýükümizi tutup, olary çagalar öýünde Myrady ekläp-saklanlara
gowşurdyk.
Ertesi sagat 10-da Salyh bilen Myrady alyp gaýtdyk, ýöne
ol bizden ýadyrgap, maňa gelmejek bolup, nadaralyk baryny
etdi. Ýolda göterip gelýärkämem Ýeropa eşiki aýal gördügi
elini uzadyp, şoňa barjak bolup dyzady. Salyhyň öýünde uzyn
sakgally, murtly, telpekli we çäkmeniň içinde gabarylyp oturan
atama gözi düşen dessine ondan gorkup jyrlady. Salyhyň orus
eşikli aýaly eline alanda bolsa Myrat sesini goýdy. Ýagdaýa
düşünip, Salyhyň aýaly we özi biziň bilen uçýarlar meýdanyna
bile geldiler. Bagtymyza Burdalyga uçýanlaryň arasynda tanyş
tatar aýal bar ekeni. Uçara münenimizden soň, Myrat ol aýalyň
öňünde uklap galdy.
Myrady gygyrda-gygyrda öýe getirdik, emma ol ýadyrgap,
öýdäki aýal-gyzlara-da barmak islemedi. Iň erbeti, ol hiç
birimiziň elimizden nahar iýmedi. Şundan soň weli atam ony
çagalar öýünden ir alyp gaýdanymyza ökünip başlady. Hatda
ertire çenli hem hiç zat iýmese, ony yzyna eltip gelmegi maňa
tabşyrdy. Ýöne çykalga tapyldy.
Öýümiziň sesýetim ýakynynda Reýim Annagurban diýen
oňat goňşy ýaşaýardy. Ol 1946-njy ýylda uruşdan gaýdyp
gelende, şol ýanda öýlenen Nadýa atly aýalyny hem oba getirdi.
Wolga boýundaky obada önüp-ösen Nadýa örän girişiki,
148
mylaýym, zähmetsöýer aýal eken. Türkmen dilini bilmeýänligine
seretmezden, ol Reýimiň garyndaşlary, garry enesi we oba
aýallary bilen öwrenişip, soňra-ha garylyp-gatylyp gitdi.
Mälim bolşy ýaly, garnuwsyz türkmen itleri oglan-uşaga
we zenan maşgalalara degmeýärler. Geläýen sebitlerinde orus
eşikli bolany üçin, Nadýany aýal hasap etmän, oba itleri birnäçe
gezek ony ýardy. Garry aýallaryň maslahaty bilen Nadýa hem
özüne türkmen eşiklerini tikinip, beýleki aýallar ýaly geýnenden
soň, itler ony ýarmasyny goýdular.
Eýýäm 10—12 ýylyň dowamynda çalgyrdrak türkmençe
geplemegi öwrenen Nadýa daýzanyň ýanyna baryp, men ondan
orus eşiklerini geýip, inimi naharlandyryp gaýtmagy haýyş etdim.
Ol itleri öjükdirmezlik üçin eşiklerini göterip, biziň öýümizde
çalşyryndy. Myrat dessine oňa elini uzadyp gygyrmaga başlady.
Nadýanyň beren iýmitlerini hem iýdi. Tä bize öwrenişýänçä,
5—10 günläp, Myrady Nadýa daýza gatnap naharlady. Soň ol
kem-kemden öýdäkilere öwrenişip gitdi.
Çagalar öýünde tagta krowatlarda köp ýatyrylandygy
üçin, bu ýerdäki çagalaryň ýeňse tarapy ýap-ýasydy. Myrat
arkanlygyna, ýöne sag gapdalraga ýatan bolmaga çemeli, onuň
ýeňsesiniň sag tarapy tep-tekizdi. Bu-da soňy bilen düzelip gitdi.
Öýe getirenimizde Myrat heniz ýerinden turup, emedekläp
hem bilmeýärdi. Ýöne tiz wagtdan ol bu zatlary başardy. Tä
atam öýlenýänçä, oglumyz Agamyrat bilen birlikde Myrady
aýalym bakyp-bejerdi.
***
Mugallym bolan döwrümiň bütin dowamynda men etrap
bilim bölüminiň garamagyndaky metodbirleşmede türkmen
dili toparyna ýolbaşçylyk etdim. Ýylda iki gezek birleşmä
ýygnanardyk, şonda edilen gowy çykyşlar hem welaýat
pedagogik okaýyşlara hödürlenerdi, o ýerde birinji orna düşenler
bolsa respublikan pedokaýyşlara iberilerdi. Men hem welaýat
pedokaýşynda üç gezek, respublikan möçberinde hem iki
gezek birinjiligi eýeledim. 1958-nji ýylda “Ärsary dialektiniň
149
şertlerinde mekdeplerde türkmen dilini okatmak” diýen temadaky
çykyşym 1959-njy ýylda “Mugallymlaryň iş tejribesinden” diýen
ýygyndyda neşir edildi (ol meniň ilkinji ylmy işimdi). 1960-njy
ýylda “Dar çekimlileriň düşmek we düşmezlik kadalary” diýen
çykyşym üçin taýýarlan reňkli görkezme esbabymy Respublikan
mugallymlary kämilleşdiriş instituty tipografiýa usulynda
köpeldip, ähli türkmen mekdeplerine ýaýratdy.
JAPBAKLAR
Burdalyk mekdebinde ýakyndan gatnaşan kärdeş dostlarym
barada-da gysgajyk gürrüň bereýin.
Biz köplenç dört deň-duş bolup tirkeşerdik, şonuň üçin
bize Japbaklar diýen lakamy ýelmediler. Dörtleriň biri aýdymsaz mugallymy Gurbanmyrat Mämmedowdy (il içinde Guba
bagşy diýen at bilen belli bolan bu bagşynyň bäş-alty aýdymy
Aşgabat radio we telewideniýesinde-de ýaňlanýar),ikinjisi
biolog mugallym Orazmyrat (Oşşy gara) Annaýew, üçünjisi
hem ökde fizmat mugallymy Muhy Kasymowdy. Bularyň
üçüsi-de Burdalyk mekdebinden iki kilometr çemesi uzaklykda
ýerleşýän Ýabany obasyndandy.
Ýabanylaryň aglabasy goňşy obalaryndaky
ilatdan
degişmäge ökdeligi, sebsetdä (henek-ýomaga) gaty ezberligi,
garşydaşyna dessine ýumora ýugrulan jogaby berip bilýänligi
bilen tapawutlanýar. Bularyň aýallarynyň arasynda-da gepe
ezberleri köp. Ýabanylarda “ini” diýen söz ýok, olar kiçi gyzada, oglana-da “uýam” diýip ýüzlenýärler. Oglan halyma ilkinji
gezek “uýam” diýlende, men şu obaly bir keýwany aýaldan gaty
görüpdim. Emma soňra pikir ýüwürtsem, ýabanylaryň ulanýan
köp sözleri ýumora ýugrulan bolup çykdy. Bir gezegem iki
bolup Gubanyňky geldik. Daşda iki aýal gürleşip duran eken.
Salam berdik. Olaryň biri biziň salamymyzy aldy:
— Gurgunjamysyňyz, uýalarym? Baryberiň, Guba dagy
jaýda otyrlar.
Ýoldaşym gapyda garysyny ýassanyp ýatan äpet iti
görkezip, ýene olara ýüzlendi:
150
— O-how, äpet itiňiz bar eken, ol bize degäýmez-dä?
Onýança eli çagaly beýleki aýal jogap berdi:
— Arkaýyn baryberiň agasy! Itimiz agalaryna degýän
däldir.
Ynha, meniň tirkeşýänlerim şeýle adamlaryň obasyndandy.
Gepe-söze ökdämiz Orazmyratdy, Guba-da ondan kem
däldi. Gep bilen töwerekdäkileri gülüşdirmekde Muhy ikimiz
olardan asgyndyk.
Muhy nähilidir bir hokga çykarmaga ökdedi, soňam ol
utulsa-utsa, sähel zat üçin bäs ederdi. Şolaryň käbirini gürrüň
bereýin.
Işe başlan dessine Muhyny gulluga aldylar (Eles şäherinde
gulluk edýärkä, men ýörite onuň yzyndan barybam gaýtdym).
Gullukdan boşap gelenden soň, biz dört bolup awa gitdik.
Fewralyň aýagy (28-i), howanyň hem sowuk günüdi. Jeňňelde
näçe aýlansagam, awumyz oňmady, towşan-towukdan gören
zadymyz bolmady. Diňe jeňňelden akýan
aryga ýakyn
gelenimizde, hyşalykdan bir towşan turup gaçdy. Dessine
egnimizdäki tüpeňlerimizi elimize alyp, hol gaçyp barýan
towşanyň yzyndan tüpeňleri töw-de-töw boşatdyk. Towşan
barha gaty gaçdy. Onuň barýan ugrunda bir bölejik ýandaklyk
bardy, ondan aňyrda Hudaýguly diýen obadaş oglan mallaryny
bakyp ýördi, çepi suwly aryk, sag tarapy bolsa giň ýalazy
meýdandy. Towşan özüni ýandaklyga urdy, bizem ylgaşyp
baryp, onuň daşyna aýlandyk, tüpeňlere ýene ok sürdük-de,
gykuwlaşyp, towşanyň görnerine garaşdyk. Onuň gulagy nirede
görünse, şol ýere ok ýagdyrdyk. Geň ýeri, şonça okuň birem
towşana degmedi. Ahyrda-da Hudaýgulynyň arkasy julluja
tazysy ok ýaly atylyp geldi we iki bökende ýandaklygyň içinde
towşany ýetdi, ony agzyna gysybam göni eýesiniň ýanyna eňdi.
Awuny aldyran dört pyýada bolup aňalyp galdyk. Ýüzümizi
sortduryşybam arygyň boýuna çykdyk.
Pagta atyzlaryna gyş suwy tutulýandygyny üçin, aryk dolup
akýardy. Onuň ortasynda akyşyň batlydygy sebäpli, buz ýokdy,
emma gyralaryndaky hereketsiz suwuň ýüzi weli gyrpyklap,
doňup durdy.
151
Orazmyrat elindäki uzyn gamyş bilen gyradaky buzlary
döwüp durşuna ýoňsuz teklibi orta atdy:
— Muhy, sen iki ýyllap Orsyýetiň sowuk ýerinde gulluk
etdiň. Buzly suwa-da düşensiň, gara-da ýuwnansyň. Ynha, häzir
şu aryga çümüp çyk diýseler nädersiň!
Päh, Muhynyňam bäs diýseň göhi gelýär! Ol:
— Men şu suwa çümüp çykaýsam, sen maňa näme berersiň?
—diýip, onuň özüne sorag berdi.
— Üç manat bererin.
— Az bolýar.
— Onda bäş manat bereýin (uluň täze çalşylan wagty bolany
üçin, pul gaty hümmetlidi. Bäş manada dükandan 4 kilogram et
ýa-da nah köýnek jalbar almak bolýardy).
Onýança Guba-da, menem gürrüňe goşuldyk:
— Biziňem herimiz bäş manatdan bereli.
Muhy dessine çykarynmaga durdy. Bizem gapdaldaky bir
topbak hyşany otlamaga taýýarlandyk. Muhy ýalaňaç boldy-da
özüni suwa urdy. Arygyň o gyrasyna çümüp ýetdi-de, bärligine
ýüzüp gaýtdy. Ardylan käşir ýaly dym gyzyl bolubam suwdan
çykdy we ýanyp duran hyşanyň ýanyna ugrady. Men maýkasy
bilen onuň arkasyny sürtüp berdim. Muhy eňegini şakyrdadyp,
geýnip durşuna bize ýüzlendi:
— Suwa düşdüm gerek? Ertäniň özünde heriňiz bäş
manatdan berersiňiz.
Orazmyrat ýene bir ýoňsuzyny orta oklady:
— “Mekgä barsaň baryber, henizem gözüň şol öňküsi”
diýenleri. Biz-ä seni goşun gullugy biraz akyllandyraýdymyka
öýdüpdik, seniň weli şol öňküje bolşuň ekeni. Biz seni synlap
gördük.
Biz gülüşdik, Muhynyň weli jany ýandy.
— Hany, bermäbilsiňiz bermäň. Meniňem şol puly sizden
alşyma tomaşa ediň- diýdi-de, gahar edip, hol öňden ýöräp gitdi.
Bizem yzda puly on güne çenli bermeli däl diýişdik.
Ýöne Muhy ol pul aldy, onda-da iki edip aldy. Şol wakadan
üç-dört gün geçenden soň, Orazmyradyň agasy Ýagşy Annaýew
biziň aýlyklarymyzy getirdi, her birimizdenem on manat tutup
152
galdy. Algysyny alan Muhy biziň ýanymyza heýkerdäp geldi-de:
— Nätdim, oňardymmy? —diýdi.
Öňdäki dynç güni Muhy ol pula bir çebiş alyp, Ýagşy
aganyň gatnaşmagynda bize gowy oturylyşyk berdi.
Muhynyň çykaran ýene bir hokgasy okyjylary gyzyklandyrsa
gerek. Mekdepde sapak gutaryp, öýli-öýümize gaýtjak bolup
durkak, Muhy meniň ýanyma geldi:
— Şu gün bir iýpli (düşümli, peýdaly) aw bar. Ýöne sen
gülegenräk, gülüp, ähli zady bulaşdyraýmasaň ýagşy.
— Hany, aýt, bakaly. Men ýylgyrmanam bilenem.
— Aýtsam, Gowril Sergeýewiç ýaňy magazinden iki çüýşe
arak aldy. Şonuň birini onuň öýünde içip gaýdaly.
— ?!
Men geňirgenip, soragly nazarymy Muhynyň ýüzüne
dikdim. Geňirgenmezçe-de däldi. Gawril Sergeýewiç Petaýew
diýen 70 ýaşlaryndaky intelligentsypat ors adamsy Burdalyk
özbaşdak raýon wagtynda bilim bölüminde köp ýyllap mürzeçilik
edipdi, çünki ol gaty hatdat adamdy. Bir ogly bar eken, ol hem
öýlenip Gazagystanda galanlygy üçin, Petaýewiň öýünde Mariýa
daýzadan başga girip çykýan ýokdy. Onuň öýi gadymy howlynyň
bir burçundaky iki otagyň birisidi. Özi gapysyna basdyrmajyk,
işiginden hem goş-golaň goýar ýaly kiçijik hütdük jaý edipdi.
Mariýa daýzanyň 20-30 towugyndan başga, janly-jandardan
bu öýde Belýawka (“akja”) we Çernýawka (“garaja”) diýen
iki sany gürji bardy. Gawril Sergeýewiç welosipedine atlanyp,
olary ertirine 8, agşamyna 6 km ýöredip gelerdi.
Petaýew gündelik ýakjak odunyny hem welosipediň
syrtynda daşardy. Ol hiç kimiňkä barmazdy, toýda-ýasda-da
görünmezdi. Onuň öýüne-de barýan ýokdy. Şonuň üçinem
Muhynyň teklibine geňirgenipdim. Muhy bolsa:
— Petaýewiň Belýawkasy aýrylypdyr (görüň ony: “ölüpdir”
diýenok). Şonuň patasyna baryp gaýdaly.
Men geň galmakdan ýaňa gülüp başladym. Muhy bolsa:
— Sen eýýäm gülüp başladyň. Ähli plany puja çykaraýsaň
gerek—diýip hüňürdedi.
Men gülmejegime ynandyranymdan soň, Muhy öňde, men
153
yzda – Petaýewiňkä ugradyk. Ol gapysynda sebet ýaly bir zat
örüp duran eken. Muhy bara-barmaşa orusçalap:
— Gawril
Sergeýewiç, salawmaleýkim. Siziň
Belýawkaňyzyň bu dünýä bilen hoşlaşanyny ýaňyja eşidip, size
öz gynanjymyzy bildirmäge geldik. Ýatan ýeri ýagty bolsun!
(soňky jümle bizde, oruslarda bolsa «Царство ей небесное»
sözleri merhum adam üçin ulanylýar) – diýip sözüni soňlamanka,
Gawril Sergeýewiç Muhyny gujaklady-da, möňňürmäge durdy.
Muhy hem aglaýar, menem gözümi tüýkülikläp, aşak bakyp,
muňtarylyp durun. Aglaşyp bolanymyzdan soň, Petaýew bizi
basdyrmanyň aşagyndaky kiçijik stoluň başynda öz ýasan
kürsülerinde oturtdy we aýalyny ýanyna çagyrdy:
— Maşa, bilýärmiň näme? Bize ýakyn dostlar şu iki ýigit
ekeni. Burdalyga 20 ýyl hyzmat etdim. Belýawkanyň ölenligini
habar beren 5-6 adamymdan birem gelip, bize gynanç bildirmedi.
Hany, iýer ýaly nämäň bar?
Agşamlyk naharyň wagty bolubereni üçin, daşky ojakdaky
saçda bir zatlar jyzyrdap, ýagyň ysy burk urýardy. Mariýa daýzada:
— Kotlet bişip dur – diýdi.
— Hany, getir kotletiňi.
Maşa daýza çörek kesip, iki adan üçin bişirilen kotletleri
dört adama bölüşdirýänçä, Gawril Sergeýewiç bir çüýşe arak
bilen dört sany stakan getirip, olara arak guýdy. Öz stakanyny
eline alyp, elýaglygy bilen gözlerini süpürişdirdi. Muhy
ikimizem stakanlary elimize aldyk. Meniň çakyşdyrmak üçin
stakanymy Muha tarap uzatjak bolanymam şoldy welin, Muhy
Petaýewe görkezmän, tirsegi bilen meniň böwrüme symsyklady,
gulagyma pyşyrdabam ýasda çakyşdyrylman içilýänligini
durdurdy. Heniz orus ýasynda bolup görmedigim üçin, men bu
däbi asla bilmeýärdim.
Muhy içmezden öňürti uzyn ýas tostuny sözledi:
— Belýawka gaty düşbüdi, birnäçe adamdan akyllydy.
Näme, hudaýa-da ýagşy zat gerek. Ýene bir eýesine mährem iti
hudaý ýetirsin!
Ikinji gezek ýas tosty göterilensoň, Petaýewiň edil
154
gapdaljygynda ýaşaýan we öýleriniň arasy diňe kepbe bilen
bölünen goňşusy, pagtabazayň hasapçysy Pýotr Iwanowiç
Çugunow geldi. Türkmençiligi we türkmen dilini gowy bilýän,
aýbogdaş gurup oturyp, palawy eli bilen iýýän, toýa-ýasa ýerli
ilat ýaly gatnaşyp ýören Pýotr Iwanowiç kepbe germewiň
aňyrsyndan biziň gürrüňlerimizi eşidip, Muhynyň çykaran
hokgasyna-da gülüp hezil edip, biziň ýanymyza gelen bolmaly.
Ol gele-gelmäşe:
— Gadyrdan goňşularym Maşa daýza we Gawril
Sergeýewiç! Siziň öňüňizde men günäkär, ötünç soraýaryn. Işalada bilen biziň mähriban Belýawkamyzyň bizi taşlap gidenini
hem bilmändirin. Öýdäkilerem aýdaýmandyrlar. Gijem bolsa,
meniň gynanjymy kabul ediň—diýdi-de, ýaglygy bilen gözüniň
ýaşyny süpüren boldy. Petaýew ikinji çüýşäni getirmäge
gidende bolsa maňa gözüni gypyp goýberdi. Pyňkyrman zordan
saklandym.
Bu çüýşäni bäş bolup, ýumurtga heýgenek bilen içdik.
Ýene bir gezek gynanç bildirip, Gawril Sergeýewiç bilen
hoşlaşdyk. Meniň otagymyza ýetiberenimizde, Muhy dillendi:
— Üns berdiňmi, Çernýawkanyňam-a ýüzi salykdy. O
janawaram uzak ýaşamasa gerek. Bir zat bolanyny eşitdigiň
maňa aýt, onuňam ýerine bile baraly.
Men otagyma gelip, bolan wakany Anise gürrüň berdim we
ol gülüp-gülüp hezil etdi. Pýotr Iwanowiç bolsa Muhy ikimiziň
itiň ýasyna barşymyzy üstüne-de köp zat goşup, ile jar edip
çykdy.
Bizi Japbaklar lakamymyzy pagta ýygymynda-da
ödeýärdik. Ol döwürde diňe ýaňy okuw başlandygy ýokary
klas okuwçylary üçin okuw ýapylyp, olar pagta ýygymyna
sürülýärdi. Şäherçäniň okuwçylaryndan bir ýa-da iki brigada
düzülip, oňa mugallymlardan brigadir bellenerdi. Mekdebimize
Öwez Begelekowyň (Asly burdalykly Begelek Öwezow
1950—60-njy ýyllarda
Gyzylaýak, Kerki, iň ahyrda-da
Hojambaz etraplarynda köp wagtlap partiýanyň raýkomynyň
birinji sekretary bolup işlän, Türkmenistanyň Ýokary Sowetine
ençeme gezek deputat, dürli gurultaýlara hem delegat saýlanan
155
görnükli partiýa işgäridi. Ony dürli sebäplere görä, bu uly
wezipelerden aýranlarynda, her gezek temmi hökmünde dogduk
obasyndaky orta mekdebe direktor edip ibererdiler, mekdebi
ähli tarapdan göreldeli mekdebe öwrüberende bolsa ýene bir
wezipä bellärdiler) direktor edip getirilmegi bilen boş galan
mugallymlardan hem bir brigada düzülip, oňa Öwezowyň özi
ýolbaşçylyk etdi. Öň ýygan pagtaňa tölenýän ujypsyzja pul her
on günden ýa bir aýdan jemlenip berilýän bolsa, bu ýyl her gün
tereziniň başynda pagtanyň her kilosyna dört köpükden nagt
pul, başgünlük, ongünlüklerde bolsa kolhoz tarapyndan ýaglyk,
mata ýaly zatlar sylag berildi.
Guba bilen ikimiz pagta ýygmaga gary ökdedik, Muhy
bilen Orazmyrat we çolpudy. Olar biziň partykçymyzdy
(fartuklarymyzdaky pagtany ganara gapgarýanlardy). Her iki-üç
günde düşen pullary jemlap, Muha bererdik-de, öýünde dördimiz
üçin oturylyşyk taýýarladardyk. Şol günlerde Orazmyrat ikisiniň
awa gidip, palawlyk dört-bäş sülgün atyp geläýmeleri-de bardy.
Munynyň enesi Senewer mama dili we eli süýji keýwany
aýaldy. Ol Gubanyň çalýan sazlaryny, aýdýan aýdymlaryny,
nahardan keýpi köklänimizden soň aýdyşýan sebsetdilerimizi
(henek-ýomak we degişmelerimizi) hezil edip diňlärdi, käte
bolsa özem gürrüňe goşulardy.
Ynha, şeýle günleriň birinde Orazmyrat hamala mesawy
gürrüň edýänden bolup, orta söz atdy:
— Häý, oglanlar, Annamyrat kelle-de (daýaw göwreli,
äpet kellei Annamyrat aga Burdalygyň atly sünnetçisidi) öldi
gitdi, indi tutuş oba sünnetçi ussasyz galdy. Oglanlary sünnetsiz
goýberib-ä bolmaz. Öz döwründe obamyzdan kimdir birini
şägirt berip, ak pata alan bolsak, şu meselämiz çözüläýjek ekeni.
Gürrüňiň nirä degýänine düşünen Guba-da Orazmyrady
goldan boldy:
— Dogrudan-da, obada edenli ýaş oglanlarymyz-a kän.
Ynha, Muhyny gör, ol kimdem kem, akylly, gaýratly, dogumly,
onuň inçejik simleri kebşirläp ýören elleri titrejek gümany ýok.
Şuny şoňa şägirt beräýen bolsak, dynaýjak ekenik. Obamyz-a
ussaly, Muham nanly- çörekli bolardy.
156
Gubanyň öwgüli sözlerine başy aýlanan Muham:
— Hawa, hawa, men bu hünäri başarardym. Sünnet etmegiň
näme kynlygy bar, birki gezek görseň, soňam gerekli gurallaryny
tapsaň bolany-da –diýdi. Orazmyrada geregem şudy:
— Aý, ýok, Muhy, birki gezek göreniň bilen-ä sünnetçi
bolubilmersiň. Saňa ynanyp, öňüňde oglanam ýatyryp bolmaz.
Ýöne ýigrimi-otuz gezek kesip görseň, onda başga mesele.
Şonuň üçinem, ynha, men indi garradym, şerigat işindenem
galdym. Seniň öňüňde jyňkymy çykarman ýataýyn. Sen bolsa
az-azdan kes-de, isledigiňçe werziş et, öwren, birde goýberen
ýalňyşlygyňy düzet.
Biz Orazmyradyň soňky sözlerini aýdaryna-da garaşman,
gülşüp başladyk. Yzy üzülmäýän gülki Muhynyň gaharyny
getirdi. Ol oýnap oturan küştüniň çöplerini eliniň tersi bilen
pyzyp goýberdi-de, hüňür-hüpür edip, daşary çykyp gitdi.
Bizem öýli-öýümize gaýtmak üçin daşaryk çykdyk. Hol ýabyň
boýunda gezmeläp ýören Muhyny görenden Guba ol eşider ýaly
edip:
— Eý, Orazmyrat senem diliňi saklap bilmeýän ýaly. Tutuş
obamyzy ýene ussasyz galdyrdyň—diýen boldy.
Biz dagaşdyk. Muhy bize hoş geldiňem diýmedi.
Munça bolanyna görä, Muhy bilen dahylly ýene bir wakany
gürrüň bereýin.
1957-nji ýylyň aprel aýynyň başydy. Muhy ikimiz Çärjewe
gitmek üçin uçar meýdanyna geldik. Men mundan 10—15 gün
öň Çärjewdäki çagalar öýüne tabşyryp gaýdan inimi görüp
gaýtmakçydym. Muhy bolsa gyş kanikulyndan ahyrky kursy
tamamlamaga barýardy. Ýaz gününiň çalaja çisňäp duran
ýagyşly günüdi. Uçar meýdanynda adam görünmeýär, diňe
ýolbaşçylaryň münýän ýeňil maşynynyň sürüjisi motoryň
demir örtügini ýokary galdyryp, bir zatlara güýmenip dur. Bu
ýerdäki ýekeje otagdan ybarat jaýa girdik. Örän wäşi, mydama
şadyýan, diýseň degişgen aeroportçy Seýti aga uzyn stoluň
başynda saryýagyz, gara gaýyş paltoly sypaýy, bir nätanyş adam
bilen kart oýnap oturan eken. Salamlaşan badymyza Seýti aga
ýanyndaky adama:
157
— Ine, ýoldaş Akmaýew, studentlerem geldi. Ýaşlara
pogon gelişmän durmaz. Bulara bir pogon goýaly—diýdi-de,
kartlary şatur-şutur dörde böldi. Muhy ikimiz bir, Seýti aga
bilen Akmaýewem bir bolup, oýna başladyk. Dogrudanam,
birinji oýunda pogon aldyk. Pogony Akmaýew goýdy we Muha
ýüzlenip:
— Inim, sen ýaş ekeniň, ofiserem sen bolmaly—diýdide, elindäki ýeke taý altylygy Muhynyň egnine goýdy. Seýti
aga gülüp hezil etdi, Muhynyň bolsa gahary geldi. Hüňürdäp,
kartalary bölüşdirdi, maňa-da gazap bilen gowy oýnamagy
tabşyrdy. Oýna girişdik. Utduk, onda-da ne utmak—dört sany
altylygy pogon goýduk. Muhy utan dessimize böküp ýerinden
turdy we Akmaýewe garap:
— Hany, ýaşuly, egniňizi bärik tutuň. Siziň gaýyş paltoňyzada pogon ýaraşman durmaz—diýip, elindäki bir altylygy
onuň kibtine şapladyp goýdy. Beýlesine geçip, ikinji altylygy
ol egnine goýmaga ýönelende, men Akmaýewe duýdurman,
Muhyny symsakladym. Ol düşündi, elinde galan üç altylygyň
birini Akmaýewiň, ikisini hem Seýti aganyň öňüne oklady.
Muhynyň keýpi kökeldi, gahary gaçdy, ol indi gülşüp,
degşip oýnady. Onýança-da uçar gelip gondy. Biz uçduk. Uçaryň
üstünde Muhy Akmaýew bilen oturdy we oňa:
— Ýaşuly, şäherde tanşyňyz bolmasa, şu gün sizi umumy
ýatakjaýymyzda men myhman alaýyn.Studentleriň ýaşaýyş
durmuşyny görersiňiz.Student ýaly myhmanparaz adam
bolmaz. Küşt, şaşka, umuman, nähili oýny gowy görseňiz şony
oýnarys—diýdi. Ýaşuly hem şadyýanlyk bilen salyhatly jogap
berdi:
— Siziň ýaly ýaş ýigitler bilen degşip-gülşüp, bile bolsam,
oýun oýnasam armanym ýok weli, işim gyssag. Indiki gezek.
Onýança uçar Çärjewiň howa menziline gondy. Biz
ondan düşdük, ýöne nobatçy gyz uçarmanlar düşýänçä
saklanmalydygymyzy aýtdy. Akmaýewiň ullakan portfeli agyr
bolmaga çemeli, ol ony ýerde goýdy. Muhy özüniň uly gara
korzinkasyny, menem sumkamy Akmaýewiň portfeliniň ýanynda
goýduk. Onýança 10—15 sany geýnüwli epeý pyýada biziň
158
duran ýerimize ýöneldi. Olar welaýatyň uly wezpeli işgärleri
bolmaly, çünki arasynda meniň tanaýan şeýle adamlarymyňam
iki-üçüsi bardy. Olar Akmaýew bilen gadyrly salamlaşdylar,
Muhy ikimiz bir çeträge çekildik. Gelenler Akmaýewe ýetirmän,
portfeli we onuň ýanyndaky meniň we Muhynyň korzinkasyny
hem ellerine alyp, uçar meýdançasynyň hol gyrasynda duran
maşynlara tarap ugradylar. Biz olary ýetip, goşlarymyzy
ellerinden aldyk. Akmaýew ýanyndakylara erte öýlänki reýsde
Daşhowza uçmakçydygyny duýduran dessine, olaryň biri “Men
häzir bilet getireýin” diýip, gaty-gaty ýöräp gitdi. Muhy bolsa
gulagyma pyşyrdap:
— Bä, bu bile gelenimiz gaty uly adam bolmaga çemeli.
Muňa pogon goýup, edepsizlik edipdiris-ow—diýdi. Çykalganyň
deňine gelen badymyza, biz eden işimize utanyp, çaltrak
bulardan arany açmak bilen bolduk we awtobus duralgasyna
eňdik. Bolmady. Ýaňy duralga ýetiberenimzde, ýaňky adamlaryň
ýaşragy yzymyzdan gygyrdy we:
— Ýigitler, hany ýörüň. Sizi Akmaýew çagyrýar—diýdi.
Biz kürdürip, biri-birimiziň ýüzümize seredişdik. Men:
— Biz awtobusda gidibereli. Siz Akmaýewe ullakan sag
bolsun aýdaýyň—dýip, syňaýyçylyk etdim. Yzdan ýeten adam:
— Ýok, onyňyz bolmaz. Ýaşuly gaty görer. Hany ýörüň—
diýip, gaýtalap aýdandan soň, biz onuň yzyna düşdük. Gidip
barşymyza men Akmaýewiň nirede işleýänligini soradym.
— Be, bile gelibem, onuň kimdigini bileňzokmy? Ýoldaş
Akmaýew respublikanyň halk hojalygyny dolandyrýan uly
adamlaryň biri, ministr — diýip jogap berdi.
Biz ýaňky adamlaryň duran ýerine ýakynlaşdygam weli,
Akmaýew bizi ýene utandyrdy:
— Hä, ýigitler, bile gelen ýoldaşyňyzy taşlap, onuň bilen
hoşlaşman gidiberjekmi? Onyňyz bolmaz.—Ýanyndakylara
ýüzlenibem: —Hany bu studentleri barjak ýerine ugradyň—
diýdi. Biz hoşlaşyp, täzeje “Wolgalaryň” birinde Muhynyň
umumy ýatakjaýyna ugradyk. Ýöne sürüji uly ýoldan ýatakjaýa
tarap sowulýan ýoluň deňine ýetip: “indi özüňiz gidersiňiz”
diýdi-de, maşyny saklady. Muhy bolsa ondan göni ýatakjaýyň
159
agzyna eltmegi talap etdi. Sürüji gaharlandy-da:
— Ýigit, sen nähili maşyna müneniňi bilýärmiň? Bu—
obliskomyň başlygynyň maşyny. Ýatakjaýyň gapysyna baryp
ýören maşyn däl—diýdi. Muhy ýan bermedi:
— Oblispolkom bolman, obkom bolaýsyn, maňa tapawudy
ýok. Garyndaşym Akmaýew buýurdymy—äkidersiň. Ýogsa-da
göni Akmaýewiň ýanyna sür.
Sürüji bialaç maşyny sowdy, ýatakjaýyň deňinde saklady.
Muhy onda-da düşmedi, göni gapa eltmegi buýurdy, Sürüji
sögünip, hüňürdäp, gapynyň agzynda durdy. Muhy nähili
maşynda gelenligini ýoldaşlaryna güjeňlemek üçin, gyssanman,
arkaýynlyk bilen maşyndan düşdi. Sürüji weli bizden sypanyna
hoş bolup, maşynyň gazyna basyp, waz ýasap gitdi.
Akmaýewli gürrüňden uzaklaşmankak, onuň bilen soňky
duşuşygym hakynda-da aýdaýyn.
Aspirant döwrümde Aşgabada öňde ýatlanan Gaýyr
Haknazarow diýen obadaşym geldi. Ol özüniň Kerki
oblispolkomynyň başlygy bolan döwründe onuň bilen Aly
Haýrulowiç Akmaýew diýen tatar ýigidiniň işländigini, ol häzir
Aşgabatda ýaşaýar diýip eşidenligini we oňa duşuşmakçydygyny
duýdurdy. Biz şäheriň adres biýurosyndan Akmaýewiň Kemine
köçesinde ýaşaýanlygyny bilip, onuň öýüne geldik. Akmaýewiň
aýaly gapyny açdy we Gaýyr agany dessine tanady. Bizi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.