Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16

Total number of words is 3709
Total number of unique words is 2220
29.2 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
meniň ýakyn dostum, sen barada gürleşeýin.
Men soňky teklibe razy boldum we ýene 10-15 günden
zähmet rugsadyna çykyp, ýanyna barjakdygyma söz berdim.
Ergeşow oňa çenli rektor bilen gürleşip goýjakdygyny aýdyp,
myhmanhanasyna gaýtdy.
***
Kiçi ylmy işgäriň bir aýa ýeter-ýetmez zähmet rugsadyna
çykyp, Çärjewe geldim. Çagalary bu şäherde ýaşaýan doganym
Näziklerde goýdum-da, özüm Ergeşowyň iş ýerine bardym. Ol
eýýäm rektor bilen gürleşipdir.
Rektoryň kabulhanasyna geldim. Kätibe kimligimi
aýdanymdan soň, ol gapyny açdy-da: “Giriberiň” diýdi. Salam
berip, içerik girdim. Rektor okap oturan kagyzyndan gözüni
aýryp, maňa seretdi-de:
— Bu gün talyplary kabul edýän günüm däl — diýdi. Men
özümiň talyp däldigimi we kimdigimi aýtdym.
— Hä-ä, Soltanşa diýsene! Talypmykaň öýdüpdirin. Sen
barada Ergeşow köp zatlary gürrüň berdi. Ol aýtmanda-da,
men seni gazet-žurnallardaky makalalaryň arkaly tanaýardym.
Ynha, Tagtabazar we Köýten baradaky iki makalaň-a gyrkyp
alyp goýdum – diýdi-de, tahylyndan kiçeňräk papkany çykardy,
içindenem gazet makalalarymy alyp, özüme görkezdi (ähtimal,
Ergeşow men barada aýdansoň, ol makalalary el ýüzünde goýan
bolmaga çemeli). Men minnetdarlyk bildirdim we:
— Kakajan Berdiýewiç, menem Siziň käbir işleriňiz
bilen tanyş, olardan peýdalandymam. 1948-nji ýylyň güýzünde
226
Nusaýda gazuw-agtaryş işlerine gatnaşandygyňyza, dünýä
ýaň salan Nusaý ritonlaryny (pil süňkünden bejerilen meý
gaplaryny) tapanlaryň arasynda Siziň hem bardygyňyza
çenli bilýärin. Eşidişime görä, üsti ritonlar howa alan dessine
zaýalanyberensoň, Peterburgdan olary saklamaga ukyply
hünärmenler çagyrypsyňyz. Olar gelip edýänçäler, gömülgi
ritonlary garawullap saklapsyňyz. 6-njy oktýabrdaky ýertitreme
gijesi Siz nobatçy bolup, gömülgi hazynalary gorapsyňyz, hatda
şeýle pajygaly hadysadan soňam nobatçylygy taşlamansyňyz —
diýdim. Ikitaraplaýyn aýdylýan hoşamaý sözler nyşana dogry
degdi: sanlyja salymda biz edil köne tanyşlar ýaly öwrenişdik,
sözümizem alşyp gitdi:
— Akademiýada ýaş alymlara az hak berilýär, olar
wagtly-wagtynda ösdürilmeýär. Şonuň üçinem kandidatlygy
goradygy olar akademiýadan gaçmak bilen bolýar. Ynha, siziň
institutyňyzda alym bolan we uly ylmy işgär saýlanmagyna
garaşyp, esli ýyl işlän Bally Baýramdurdyýew we Öwlüýäguly
Ilýasow ýaly ökde hünärli filologlar bize geçip işläp ýörler.
Olary tanaýansyň-la (men başymy atdym). Uly ylmy işgärlige
geçip, 250 manat aýlyk alaýsalar,olary paýtagtdan bäri getirjek
gümänyň ýok. Umuman, kandidat üçin 250 manadam uly pul
däl. Soltanşa, saňa biz 280 manat aýlyk bermekçi. Aşgabatdan
aýalyň we dört çagaň bilen göçüp gelýän bolsaň, olary we ähli
ýükleriňi getirmek üçin çykaran çykdajyňy, üstesine, özüňe
goşmaça bir aýlygyň, aýalyňa ýarym, çagalaryňa hem çärýek
aýlygyň, jemi müň manat çemesi pul hem berjek. Häzirlikçe
umumy ýatakjaýa göçüp gelersiň. Onuň iki otagyny bereris.
Täze ýylyň üstünde-astynda-da dört otagly jaý bilen üpjün
ederis. Nähili, razymy?
— Gaty razy, Kakajan Berdiýewiç! Meniň haýsy kafedrada
işlemelidigimi hem aýdaýsaňyz.
— Mundan üç-dört gün öň dekanlar we kafedra müdirleri
bilen bolan ýygnanyşykda olara bize işe gelýänligiň barada
duýdurdym. Pedagogika kafedrasynyň müdiri Juma Rejebow
seni öz kafedrasyna bermegi haýyş edip, ýer depdi durdy. Ol
seni okadypdyram, gowy tanaýan eken. Razy bolsaň, pedagog
227
mugallym bol. Türkmen dilinden okatjak diýseň, täze ýyla
çenli dilden doly sapak bermäge mümkinçilik ýok, sagat
sanynyň üstüni pedagogikadan ýetir. Ýarym ýyldan soň seni dil
kafedrasyna geçireris.
— Pedagogika – gowy ylym, ýöne men dili has gowy
görýärin. Öňi-soňy şol ugurdan mugallym bolaýsam.
— Bolýar. Ýarym ýyldan soň başy bitin dilçi bolarsyň.
Haçan dokumentleriňi getirersiň?
— Men häzir zähmet rugsadynda. Çagalary oba eltip,
Aşgabada giderin. Mümkin boldugyça, işimi çalt düzetjek
bolaryn.
— Bolýar. Biz saňa garaşýarys.
Men Muhammetberdiýewe minnetdarlyk bildirip, hoşlaşyp
çykdym.
***
Çagalary obada goýup, özüm tiz Aşgabada dolandym.
Işden çylmak üçin arza ýazyp, instituta geldim. Direktor
Baýmuhammet Garryýew ýok eken. Alym-kätip Lýudmila
Mihaýlownanyň ýanyna bardym. Ol özüne mahsus bolan
mylaýymlyk bilen ýalbaryjy äheňde orus dilinde:
— Oý Soltanşa, zähmet rugsadyndan wagtyndan öň
geleniňiz gowy bolaýdy? Akademiýanyň prezidenti Pygam
Azymow (ol geçen ýyl prezident saýlanypdy—S.A.) sizi gelen
badyňyza öz huzuryna ýollamagy tabşyrdy. Birki gezek sizi
sorap jaňam etdi. Oý, beýle gyssag näme işi barka? Baraweriň.
Ynha, men onuň kabulhanasyna siziň barýanlygyňyzy habar
bereýin — diýip özelendi we telefona ýapyşdy.
Azymowyň kabulhanasyna girenimden kätip meni onuň
ýanyna goýberdi. Salam berip, içerik girdim. Azymow oturmak
üçin öňündäki oturgyçlaryň birini görkezdi. Oturanymdan soň
ol hal-ýagdaýym, maşgala durmuşym, çagalarymyň sany, obada
kimlerimiň bardygy, olardan alýan we olara berýän kömegim,
maşgalamy şähere getiren-getirmänligim, nirede ýaşaýanlygym,
näçe kireý töleýänligim we şuňa meňzeşler barada ýekän-ýekän
228
soraşdyrdy. Men jogap berýärin, arasynda-da pikir edýärin:
Azymowyň meniň bilen öňkülerden has üýtgeşik äheňde
içgin gürleşmesiniň bir emmasy bolmaly, munça mus-musuň
Mustapasy nämekä? Azymowyň soňky soraglary meseläni
aýdyňlaşdyrdy duruberdi:
— Kandidatlyk diplomyňy gowşurdyk, seni gutladyk. Indi
nirede işlemekçi?
Men Muhammetberdiýew bilen bolan gürrüňleri we gelen
netijämi aýdyp, işden çykmak babatda alym-kätibe arzamy goýup
gaýdanlygymy hem duýdurdym. Emma Azymow bu zatlary
men aýtmanymda-da bilýän eken. Pedinstitutyň pedagogika
kafedrasynyň müdiri Juma Rejebow Aşgabada gelende, daýysy
Pygam Azymowa ony gürrüň beripdir. Azymow menden:
— Seni okadan, alym eden akademiýany taşlap gideriň
ýaly, nämäni gaty gördüň?—diýip sorady.
— Hiç zady, Pygam Azymowiç. Ýöne marksizm-leninizm
klassyklarynyň “Maddy durmuş—birinji” diýen bir akylly sözi
bar. Men akademiýanyň berýän 112,5 manady bilen kireýine
jaýda ýaşap, uly maşgalany ekläp biljek däl. Galyberse-de, ataenäniň halyndan habar tutmak üçin, Çärjew Aşgabatdan ýakyn.
— Seniň sözleriňe görä, ata-eneň entek öz gününi görer
ýaly. Ýylda Aşgabatdan iki-üç gezek oba baryp gelmek mümkin.
Aýlyk babatda aýdylanda, instituta seni we seniň ýaly ýene
üç işgäri uly ylmy işgärlige saýlamaga ýer we pul goýberildi.
Saýlansaň, aýlygyň 250 manat bolar. Jaý meseläň hem çözüldi.
Gogol (häzirki Bitarap Türkmenistan) we Kemine köçeleriniň
çatrygyndaky aspirantlaryň öýüniň üç gat jaýy taýýar. Saňa uly
otaglaryň biri goýuldy. Hojalyk babatdaky orunbasardan açaryňy
al-da, göçüp baryber. Saňa oktýabr baýramynyň 50 ýyllygynda
jaý bermegi-de göz öňünde tutýarys. Tutuş Türkmenistanda
toponimika, umuman, onomastika (has atlar) babatda senden
başga hünärmen ýok. Şonuň üçin öz ugruňdan dört-bäş alym
taýýarlaýançaň, institutyň ýolbaşçylary, dilçileri, ylaýta-da
Zylyha Muhammedowa we prezidiumyň agzalary bolup, seni
institutdan goýbermeli däl diýişdik. Sen şoňa razymy?
— Ýaňky aýdýan zatlaryňyz amala aşsa, men akademiýadan
229
başga ýerde işlemekçi däl.
Azymow bilen hoşlaşyp, keýpiçag ýagdaýda instituta
geldim we Lýudmila Mihaýlowna bolan zatlary gürrüň berdim.
Olam:
— Oý, Soltanşa, ýüregimden sizi gutlaýaryn. Derrew
jaýyňyzy görüp geliň—diýdi. Maňa goýlan 34-nji otagyň
açaryny alyp, oňa tomaşa etdim. Uly otag, köçe tarapda balkony
hem bar. Eýýäm göçüp gelen tanyşlaryň birinden bedre we esgi
alyp, otagyň içiniň tozanyny ýuwuşdyrdym. Şol günüň ertesi
hem men bu otagyma kireýine ýaşaýan jaýymdan goşlarymy
getirdim.
Zähmet rugsadynyň gutarmasyna bir hepde gowrak wagt
barlygy üçin, ýene Çärjewe gelip, ilki rektoryň kabulhanasyna
bardym, oňa soňky wakalary gürrüň berdim we ötünç soradym.
Soňra oba gidip, üç-dört gün boldum-da, bu gezek çagalaryň
ählisini alyp, Aşgabada geldim.
***
Maňa iki ýyla planlaşdyrylan “Türkmenistanyň toponimik
sözlügini” men 1967-nji ýylyň aýagyna düzüp gutarmalydym,
ýöne bu iş çak edilişinden has giňelip gitdi: sözlüge girizilmeli
ýer-ýurt atlarynyň sany müň çemesi diýlip bellenen bolsa, meniň
toplan materiallarym boýunça, onuň sany üç müňden aşdy, şoňa
laýyklykda işiň umumy göwrümi hem üç esse ulalmalydy.
Sentýabr aýynda şu ýylyň aýagyna gutarylmaly işleriň
ýagdaýyny barlamak üçin döredilen komissiýa meniň düzýän
sözlügimiň gidişi bilen tanyşdy: söz sanynyň we işiň göwrüminiň
üç esse artýanlygyny nazara alyp, maňa berlen möhletiň üstüne
bir ýyl goşmak baradaky haýyşym kanagatlandyrylmady:
komissiýanyň “Planyň öz wagtynda ýerine ýetirilmesi gümana,
şonuň üçin sözlügi bellenen möhletde düzüp tabşyrmak
maksady bilen, düzüji S. Atanyýazowyň ýanyna iki sözlükçini
(G. Açylowa bilen S.Altaýewi) goşmaly” diýen teklibini
institutyň alymlar geňeşi goldady. Ýöne men geňeşiň bu karary
bilen düýbünden ylalaşmaýanlygymy, işiň azaply we agramly
230
bölegini ýeke özümiň ýerine ýetirenligim üçin, ony soňuna çenli
özümiň düzüp, wagtynda ýerine ýetirjekdigimi, maňa kömekçi
hökmünde geňeşiň belleýän adamlaryna ýygnan materiallarymy
bermejekligimi örän berk aýdanymdan soň, geňeşiň başlygy
B.Garryýew meniň bilen ylalaşdy, maňa erjel işläp, plany
wagtynda amal etmegi, komissiýanyň agzalaryna bolsa noýabrda
sözlügiň gidişini ýene bir gezek barlamagy tabşyrdy.
Sözlük bellenen wagtynda düzüldi, alymlar geňeşi oňa
gowy iş hökmünde baha berdi. Wakalardan öňe geçip aýtsam,
bu iş “Türkmenistanyň toponimik sözlügi” at bilen “Ylym”
neşirýatynda 1970-nji ýylda 16,6 warak göwrümde neşir edildi.
Uly ylmy işgärlige saýlawlar
Baryp mart aýynda prezident Azymowyň meni uly ylmy
işgärlige geçirmegi ýaňzydandygyna we institutyň dilçileriniň
we edebiýatçylarynyň hersine iki (jemi dört) ornuň berlendigine
seretmezden, uly işgärlige saýlawlar uzaga çekdirildi, ähtimal,
muňa ençeme ýylyň dowamynda şol wezipe üçin iki ýer berlip,
oňa-da dalaş etjek kandidatlaryň köp boljakdygy, netijede olaryň
arasynda dörejek närazylygyň arza-şikaýatlara getirmeginiň
mümkinligi sebäp bolandyr.
Saýlaw üçin berlen iki ornuň biri leksikografiýa, beýlekisi
şiweşynaslyk bölümleriniň paýyna düşdi. Meniň şol wagtky
işläp ýören leksikografiýa bölüminde menden has öňden bäri
zähmet çekýän we dissertasiýany öň goran Sapar Güjükow uly
ylmy işgärlige esasy kandidatdy. Ol bizden ýaşuly, türkmen
diliniň köp meseleleri babatda gaty sowatly, sözlük düzmägede gaty ezberdi. Halypa hökmünde sylaýanlygym üçin, men
Sapar bilen bäsdeş boljak däldigimi onuň özüne duýdurdym-da,
dokumentlerimi şiweşynaslyk bölümine tabşyrdym. Bu bölüme
institutdan dalaş edýän adam ýokdy, ýöne menden soňra oňada birnäçe arza ýazan tapyldy, olaryň arasynda ilkinji türkmen
şiweşynaslarynyň biri, meniň institutdaky mugallymym,
uniwersitetiň dosenti H.A. Maşakow, sakar şiwesinden
dissertasiýa goran we şol döwürde Daşkentde işleýän Gülnar
231
Meňliýewa dagy hem bardy.
Meniň şiweşynaslygy höwes edýänligimiň esasy sebäbi—
ol hem ýaşlykdan il içinde bolmany, iliň şiwe aýratynlyklaryny
öwrenmegi halaýanlygymdy. Heniz oba mekdebinde mugallym
bolup işleýärkäm çap etdiren ilkinji ylmy makalam hem şiwe
sözlerine we ýerli şiwe şertlerinde okuwçylara edebi dili
öwretmek meselesine bagyşlanypdy. Galyberse-de, toponimik
sözlüge material ýygnamak üçin gyssagly we ýüzleý aýlanan
etraplarymy we obalarymy arkaýynlyga, şiwe sözlerini toplamak
maksady bilen ymykly gezip görmek meniň irden bäri ýetip
bilmeýän arzuwymdy.
Gizlin ses bermek arkaly uly ylmy işgärlige Sapar ikimiz
saýlandyk. Toponimik sözlügi düzüp gutarýançam, ýylyň
ahyryna çenli men öňki ýerimde işledim. Soňra şiweşynaslyk
bölümine geçip, täze wezipämiň syrlaryny öwrenmäge girişdim.
1968-nji ýyldan başlap, bu bölüm Daşoguz welaýatynyň şiwe
aýratynlyklarynyň atlasyny düzmegi planlaşdyrypdyr. Men hem
atlasy düzjek işgärleriň toparyna goşuldym.
Okyjylaryň arasynda şiwe atlasynyň nämedigini
bilmeýänleriň bolmagy mümkindir. Şiwe atlasy geografik karta
arkaly ilatyň dil aýratynlyklarynyň äşgär edilmesi diýmekdir.
Munuň üçin ilki atlas düzüljek sebitden obalar seçilip alynýar.
Ol obalaryň şu etrapda ýaşaýan şiwedir gepleşikleri öz içine
almagy we biri-birlerinden takmyn belli bir aralykda ýerleşmegi
şertdir. Soňra diliň fonetikasy, morfologiýasy we leksikasy
boýunça düzülen soraglar esasynda şol bellenen obalardan
material ýygnap, her sorag üçin bir karta düzülýär. Meselem,
türkmen edebi dilinde işligiň häzirki zaman formasy—ýar//-ýär
(alýar, gelýär) goşulmasy arkaly aňladylýan bolsa, şiwelerde bu
goşulmanyň aşakdaky görnüşleri duş gelýär (uzyn çekimlileriň
yzyna iki nokat goýuldy); -ýa:r (alýa:r, gelýa:r), -ýa:// -ýä: (alýa:,
gelýä:), -ýe (alýe, gelýe), -ýo:r (alýo:r, gelýo:r), -e:r (ale:r, gele:r),
-o:r (alo:r, gelo:r), -ýö:r (alýö:r, gelýö:r), -y://u: (aly:, geli:), -ady//
ädi (alady, geledi), -adyr//edir (aladyr, geledir), -du:r (aldu:r,
geldu:r), -y:du:r// -u:du:r (aly:du:r, gelu:du:r), -adu://edu: (aladu:,
geledu:), -ada//-ede (alada, gelede), -yýa:tyr//-uýa:tyr (alyýa:tyr,
geliýa:tyr) we ş.m. Atlasyň degişli kartasynda bu wariantlaryň
232
hersi aýratyn belgi (tegelek, üçburçluk, dörtburçluk, romb we
ş.m.) bilen bellendi. Ýa-da ýene bir mysal. “kaka” manysynda
şiwelerde duş gelýän ata, aba, akga, dä:de, ä:ke ýaly sözleriň
haýsy ulanylýan bolsa, obanyň deňinde şol sözüň belgisi
goýuldy. Diýmek, türkmen obalarynda haýsy goşulmanyň ýa-da
haýsy sözüň ulanylýandygyny bilmek isleýän adam şol soraga
degişli kartany alyp seretdigi bes, ol öz soragyna çalt jogap tapyp
bilýär. Ynha, şeýle ähmiýetli iş öň Balkan welaýaty boýunça
taýýar edilen bolsa, indi biz Daşoguz welaýatynyň obalaryna iş
saparyna gitmäge taýýarlanyp başladyk.
Dür däneleriň gözleginde
1968-nji ýylyň baharynda hersi iki adamdan düzülen iki
topar bolup, Gubadag we Boldumsaz etraplaryna bir aýlyk iş
saparyna gitdik. Ýöne iliň döreden sözler hazynasyny tapmak we
toplamak üçin eden bu ilkinji ylmy saparymyz onçakly ugruna
bolmady. Baharda howa barha maýlar diýen umyt bilen sapara
çykypdyk, emma tebigat tersine tutdy. Boldumsaz etrabynyň
merkezine gelip düşdügem weli, bir hepdeläp yzyny üzmän ýagyş
ýagdy. At, eşek ýaly ulagyň ýa-da zynjyrly traktoryň bolaýmasa,
köl bolup ýatan oba ýollaryndan ne maşynly, ne pyýada ýörär
ýaly bolmady. Bizem şäherçäniň myhmanhanasynda baş-alty
gün ýatdyk. Arzan naharhananyň ýokdugy üçin, günde iki-üç
wagtyna restorandan iýmitlendik. Bir aýa niýetläp alyp gaýdan
pulumyz hem sanlyja günde paýawlady. Aşgabada jaň edip,
bölüm müdirimiz Ata Annanurowa ýagdaýymyzy aýtdyk. Olam
iş bitirmän dolanmazlygymyzy tabşyrdy. Ýene ýoluň açylaryna
garaşyp ýatmaly bolduk. Ýöne indi ýerimizi üýtgetmek üçin,
garaýol bilen gatnaýan awtobusda Gubadag şäherçesine bardykda, ýene myhmanhana ýerleşdik. Asly köneürgençli Meret diýen
ýoldaşymyzy bolsa karzyna pul getirmek üçin Köneürgenje
ýolladyk. Bu ýeriň myhmanhanasy gowy eken. Birinjiden-ä,
jaýlary ýyly, ikinjidenem, gazan, çemçe-çanak üpjün gowy
aşhanasy bar. Biz bazardan et, sogan, dükandanam çörek, süýji
ýaly zatlar getirip, nahary özümiz taýýarlap başladyk. Gowy
233
ýeri, Nurberdi Durdyýew diýen ýoldaşymyz nahar bişirmäge
gaty ezber eken.
Howa barha beterine tutdy, esli günläp dynman ýagan
ýagşyň yzy gara ýazdy, yzyndanam 14—15 gradusa çenli aýaz
boldy. Ýeriň doňanlygyndan peýdalanyp, obalara çykmagy
makul bildik. Nurberdi ikimize bäş oba ýetdi.
Biz barlagymyzy Mäterýap obasyndan başladyk. Bu
obada pedinstitutda bile okan we üç ýyllap bir otagda bile
ýaşan ýoldaşym Kakajan Pirjanow bardy. Biz onuňkyda üçdört gün bolup, soraglarymyza jogaplary, halk döredijiliginiň
nusgalaryny, ýer-ýurt, tire-taýpa we adam atlary baradaky
maglumatlary ýazyp aldyk.
Jorka palçyga niýetlenmedik aýakgaplarymyz bilen buzy
erän ýola çykmak mümkin bolmadyk wagtynda, Kakajanyň
tapyp beren rezin adiklerini geýip gezdik. Indiki barmaly
obamyza Kakajan bizi at goşulan iki tigirli arabada eltip gaýtdy.
Howa kem-kemden açyldy, ýöne uzak wagtlap ýagan
ýagyş bu etrabyň obalaryna uly zyýan ýetirdi: pagsadan we çig
kerpiçden salnan jaýlaryň ençemesi ýumruldy. Diňe Boldumsaz
etrabynda şeýle köne mekdepleriň altysynyň ýykylandygyny
gürrüň berdiler. Gowy ýeri, mal-garalara biraz zeper ýetenem
bolsa, adam pidalary bolmandyr. Dogrudan-da, biz käbir
ýumrulan mekdepleri gözümiz bilen gördük, şeýle mekdeplerde
okaýan okuwçylaryň uly otagy bolan öýlerde düşekde oturyp
okaýandyklaryny hem synladyk.
Nurberdi ikimiz bize bölünip berlen bäş obanyň diňe birinden
beýlekilerini barladyk. Belleşilen güni etrabyň merkezinde ikinji
toparymyz bilen duşuşyp, Aşgabada dolandyk.
Aprel aýynyň aýaklarynda dört şiweşynas bolup, biz ýene
Daşoguz topragyna aýak basdyk. Bu gezek 45 güne niýetlenen
iş sapary üçin akademiýanyň “GAZ-63” kysymly üsti tentli
täzeje ekspedision maşynyny aldyk. Bir hepde öňünden ony
Ženýa daýy diýen orus sürüjimiz bilen otla ýükläp, Daşogza
ugratdyk. Soň bilşimize görä, Ženýa daýy ýolda dümewläpdir,
horlanypdyr, biziň gelmeli günümizden bir gün öň hem Daşogza
düşüpdir.
234
Maşynyň üstünde alty adamlyk meýdan ýorgan-düşegi,
epleme krowatlar, peşehana, benzin we agyzsuwy üçin iki sany
uly çelek, nahar bişirmek üçin enjamlar, konserwalar, süýji, çaý
ýaly zatlar bolup, sapara gatnaşýanlar ilatsyz ýerde-de bäş-on
günlük zerur närseler bilen üpjündi. Ýöne Daşoguz topragynda
olaryň bize geregi çykmady.
Biz ýene öňki ýaly iki topara bölündik-de, iň uly etrap
bolan Köneürgenjiň obalarynda işlemegi planlaşdyrdyk.
Ulag mähetçilligimiz bolmany üçin, bir aýda bu etrabyň ähli
obalarynda, üstesine-de Boldumsazda ýetişilmän galan iki
obada barlag geçirdik, Köneürgenjiň ýadygärliklerini, Şamahy,
Şirwan, Döwkesen, Akjagelin, Şasenem ýaly ençeme galalaryny
görmäge-de ýetişdik.
Ylmy saparyň wagty gutarmaga 10—12 gün galanda,
sürüjimiz indi gaýdyp maşyny otla ýüklemejekdigini çürtkesik
aýtdy
we
ony
Köneürgençden—Daşoguz—Ürgenç—
Darganata—Çärjew—Kerki—Garamätnyýaz—Ýolöten—
Mary—Aşgabat ugry boýunça sürüp äkitmäge bir ýa iki adamyň
özüne ýoldaş bolmagyny özelenip haýyş etdi. Şeýtmezçe-de
däldi, Ženýa daýy ýakynda täzeje alnan maşynynyň diňe özüni
otla ýükläp ibermäge onuň ýolda talanmagyndan heder edýärdi:
Daşoguzdan Balkana tarap gidýän gadymy Hywa ýoluna ol
näbeletdi: ol döwürde Daşoguz—Aşgabat we Çärjew—Aşgabat
şosse ýollarynyň entek planam ýokdy.
Galan işleri bitirip barmagy iki ýoldaşymyza tabşyryp, Meret
bilen men Ženýa daýynyň maşynynda ýola düşdük. Ugramazdan
öňürti Aşyr Kakabaýew adyndaky kolhozyň dükanyndan iki kip
pamyk alyp, maşynyň öň tarapynda ýerleşdirdik (Aşgabatda
pamyk gytdy). Üstüne-de düşekçeleri atdyk. Hezillik bolaýdy:
öňümiz açyk, şemallap gidibermeli, şagymyz ýumşak, edil
diwanda oturan ýaly, üstümize-de maşynyň çadyry kölege
berýär.
Agşama çenli Darganata barmak niýeti bilen guşluk
wagty ugradyk. Guma niýetlenen “GAZ-63” maşynynyň tizligi
pes bolany üçin we Ürgençden geçip, näbelet ýolumyzda
azaşanlygymyz sebäpli, garaýoluň Pitnekde gutarýan ýerine
235
ýetýänçäk, eýýäm garaňky düşdi. Biz obadan çeträge çykyp,
ýabyň boýunda düşledik, suwa düşdük, agşamlyk edindik,
epleme krowatlarymyzyň üstüne peşehana gurup, hezil edip
dynç aldyk.
Ertesi günortanlyk Darganata şäherçesinden çykyp, demir
ýoly ýakalap gaýdýan gum ýoly bilen Çärjewe ugradyk. 10—15
kilometr geçip geçmänkäk, Günüň öňi garalyp, harasat gopup
başlady. Gaý, harasat sözüni eşitsemem, onuň nämedigini
bilmeýärdim. Tebigatyň bu elhenç hadysasynyň ejirini hem
çekmeli bolduk. Sanly salymyň içinde ala-tozan we çäge
gatyşykly gara ýel edil tüweleýiň ortasynda galan ýaly etdi.
Tolkun-tolkun bolup gelýän gara ýel zerarly ýerde we töwerekde
hiç zat saýgartmaýardy. Ýüz-güzüňe batly urulýan çägäniň we
ownuk çaglyň derdinden gözüňi açmak mümkin däldi. Meret
ikimiz köýneklerimizi kellämize orap, kabina girmek üçin
maşyndan düşdük. Onuň bir ýerinden ýapyşmasaň, şemalyň
togalap äkitjegi hem mümkindi. Emma kabinanyň içi hem gaty
dymyk we tozan bolany üçin, dem almak kyndy. Tormozda
duran maşyn hem harasadyň badyna hallaň atýardy.
Köwsarlap, çar tarapdan urýan harasat takmynan ýarym
sagat ýaly dowam etdi, ýöne weli ondan soňam bir sagat
çemesi günortadan demirgazyga tarap öwüsýän güýçli gara ýel
ýatmady, ýeliň tolkunlarynyň arasynda käwagt bir maşynyň
kapotynyň üsti görnüp gidäýmese, bir-bir ýarym metr aşakdaky
zatlar edil bulanak suwuň aşagynda galan ýalydy, çäge, tozan
gatyşykly çapgyn ýel Garagumuň çägesini Amyderýa tarapa
akdyrdy durdy. Kem-kemden gara ýelem ýuwaşady, ýoluň
suduryny saýgarmak mümkin bolan dessine biz bu belent gyryň
üstünden aşak eňip, derýanyň kenaryna indik. Gowy güzeriň
deňinde saklap, el-ýüzümizi ýuwmak üçin maşyndan düşdük
we ýaňky harasatda duran ýerimizi synladyk. Başymyz aýlanyp,
gözümiz garaňkyrap gitdi. Harasada üstümizi basdyryp, maşyny
saklan ýerimiz belent gyryň çür depesi bolup, Amyderýanyň
kert kenaryndan bary-ýogy 15 metr uzaklykdady. Güýçli akýan
suwuň aşagyny ýuwmagy we kenaryň opurylmagy netijesinde
emele gelen kert gorpuň belentligi segsen, belki-de, ýüz metr
236
çemesi dagy bardy, aşakda-da Amyderýanyň mele suwy
towlanyp akyp ýatyrdy. Ýeliň ugruna ygyp ýören goýy bulutlar
ýaly, şol gyryň üstünden gelýän gara ýel henizem köwsarlap,
tapgyr-tapgyr çaň bilen çäge ýagdyrýardy. Ýer görünmeýän
şol harasatda maşyn sähel çepe alnanda, ne maşyndan, ne-de
bizden hiç derek tapylmajagyna aşakda durup göz ýetirdik we
bu beladan aman galanymyza şükür etdik.
Adam gorkanda, agzyna uçuk gaýnaýanlygyny eşidipdim.
Şol dogry eken: ertesi turanymyzda, Merediňem, meniňem
agzymyz uçuklaýypdyr.
Bu gözümiziň gorkan ýerinden basymrak arany açmak
üçin, demir ýoluň geçelgesiniň sagyna geçdik-de, gündogara
tutdurdyk.
Gaýyň tozany agşama çenli ýatmady. Garaňky düşmeziniň
öň ýanynda demir ýoly barlap ýören bir işçä duş gelip, ýakynda
obanyň bar-ýoklugyny soradyk. Ol öňdäki geçelgeden geçip,
gyrdan aşak eňen ýeriňde Üçkersen diýen obanyň bardygyny
habar berdi. Soň görüp otursak, bary-ýogy 20—25 hojalykdan
bu jeňňel obajygy Dänew etrabynyň Gabakly (öňki Kirow)
kolhozynyň bir brigadasy eken. Brigadir aýal adam bolany üçin,
mekdebiň direktoryny soradyk. Komplekt başlangyç mekdebiň
ýeke mugallymy Ergeş aga diýen daýaw pyýadanyň öýüni
sorap tapdyk. Gygyryp gepleýän Ergeş aga bizi garşy aldy, uly
toraňňynyň aşagyna ýazylan düşekde oturtdy. 10—12 ýaşly
iki ogluna baryp bir zat diýenden soň, olar eýýäm beýledäki
toraňňynyň üstüne ýatmaga çykan towuklary wakyrdadyp, iki
sanysyny alyp düşdüler.
Çaý başynda ýoldaşym Meret jaýyň gapysynda üýşüp
oturan aýallara seretdi-de, Ergeş agadan olaryň näme üçin
üýşenligini sorady. Olam:
— Birki sagat mundan öň biziň kempiri ötle ýaly bir zad-a
tutdy. Hiç ýazanok. Bu ýakynlarda doktoram ýok. Neneň edip
biziňkä aşgabatly myhmanlar gelende, oňa bir zat bolup, siziň
keýpiňizi gaçyraýmasa ýagşy—diýdi. Meret jübüsinden nählidir
bir derman çykardy we ony ýyly suw bilen içmegi tabşyrdy.
Meret ötläni bejermäge ökdedi.Köneürgençde Ženýa
237
daýyny ötle tutanda-da, öz dermany bilen onuň ötlesini ýazypdy.
Bu gezegem şeýle boldy. Ýerinden galybilmän ýatan öý bikesi
dermany içenden biraz soň, ötlesi aýrylypdyr. Biz garaňkylykda
onuň töweregini gallap oturan aýallaryň dagap gidenligini
hem duýmandyrys. Ergeş aga pagtaly don geýip, ýaňky soýlan
towuklardan nahar taýýarlap ýören gyzlaryna bir zatlar öwredýän
aýalyny görkezip, Merede ýüzlendi:
— Myhman, tebip kemiň ýok ekeni. Edeniň em bolupdyr,
hanha, ol syrkawymyz-a ojagyň daşynda aýlanyp ýör.
Nahar başynda meniň ünsümi çeken zat saçakdaky
nanlaryň ululygy boldy. Meniň gözüm çagalykdan gabarasy uly
nana öwrenişipdi, hatda nanlary kiçiräk bolanda, Rahmanguly
babamyň eneme: “Nany kiçi edip, rysgymyzy azaltjak bolýaňmy?
Tamdyra ýapylyp, repidäniň üstünde öýe getirilýän nan gapydan
göni geçmän, gyşardanda geçer ýaly bolsun” diýip sargaýany
hem ýadymda. Türkmen obalaryny şunça gezip, ululygy we
galyňlygy babatda obamda ýapylýan tegelek nanlar bilen
deňeçerräk nany Garabekewülde, Saýatda görenem bolsam,
ondan ulusyna heniz duş gelmändim. Şu ýerde obamyzyň uly
nany bilen baglanyşykly hakykatda bolan bir wakany gürrüň
bereýin.
Respublikalar arasynda pagtaçylykda özara barlagyň
geçýän döwründe Lebap welaýatyna Özbegistanyň oba hojalyk
ministriniň baştutanlygynda delegasiýa gelýär. Ol barlagy
Hojambaz etrabynyň günbataryndaky Gultak obasyndan—biziň
obamyzdan başlaýar. Nahar wagty özbek ministri saçakdaky uly
nanlaryň birini iki eli bilen tutup:
— Hutty kuýaş tek-e, kuýaş tek (“Edil Gün ýaly”)—diýip,
üç gezek maňlaýyna degrip togap edýär we Daşkente eltip
görkezmek üçin, bir nan bermegi başlykdan haýyş edýär. Başlyk
Çary Möwlamow ýanynyň çörekleri bilen iki nany ýaglyga
dolap, oňa berip goýberýär.
Mekan obasynda myhmanlaryň öňüne goýlan nan biraz
kiçiräk bolýar, Beşirde ondanam kiçi nan goýulýar. Hojambazdan
ýokardaky obalaryň birinde özbek ministri öňünde goýlan
käsäniň agzy ýaly kiçijik külçeleriň birini eline alyp, o ýan-bu
238
ýanyna öwrüp görýär-de, etrabyň şol wagtky häkimi Sosialistik
Zähmetiň Gahrymany Egem Penjiýewe ýüzlenýär:
— Ortak Penjiýew, rugsat berseňiz, biz gaýdaly. Gultak
obasynda nanyň gabarasy nähilidi, bu obada nähili? Rysgymyz
gutaryp barýar. Gutarmanka jogap beriň.
Ynha, dabarasy dag aşyp, ululygy babatda hut özbek
ministriniň özünem aňk eden obamyň nanyna men hyýalymda
Ginnesiň rekordlar kirabyndan orun goýup ýördüm, emma Ergeş
aganyň saçagyndaky äpet nany görüp, özüm aňk boldum. Biziň
obadaka seredende, bu nan ýukady, ýöne lap etmeýän bolsam,
onuň diametri 75-80 santimetr dagy bardy. Ertir turan badyma,
ýagtylykda bu nanyň tamdyryny synlamagy ýüregime döwdüm,
emma ertir ýüz beren gülkünç wakalar tamdyra el ýeter ýaly
etmedi...
Nahardan soň, biz öýden 30—40 metr uzaklykdaky tekiz
çaýyrly meýdanda krowatlarymyzy gurup, peşehanada ýatdyk.
Gündizki ýadawlyk zerarly, dessine uklap galypdyryn.
Daň bilen nähilidir bir hyşy-wyşa oýanyp, peşehananyň
içinden seretsem, jaýyň gapysynda üç-dört sany aýal-gyz otyr,
bizi oýatmajak bolup, köwşüni eline alyp, daraklygyna basyp
geçen kempir hem olardan “aşgabatly doktorlaryň” ýanyna
barmak üçin kimiň yzyndan nobatda durmalydygyny soraýar.
Ýatan ýerimde gülüp hezil etdim.
Allowarrada motoryny goýup, yzyna çagaly aýalyny tirkäp
gelýän erkege gözüm düşenden, men geýindim-de, Meredi
oýatdym:
— Tur, gardaş! Irräkden başlaýmasaň, munça syrkawy bu
gün käbul edip ýetişmersiň. Müşderileriň özüňe nesip etsin.
Hany başla!—diýdim-de, ýuwaşja ýöräp, petde tokaýlarynyň
içine siňip gitdim. Az salymdan Ženýa daýy yzymdan ýetdi. Hiç
wagt gülmeýän, köp geplemeýän agras adam häzir weli gözüniň
ýaşyny elýaglygy bilen süpürip gülýärdi. Olam nämäniň
nämedigine göz ýetirip, Merediň ýeke özüni galdyrypdyr-da,
jeňňele siňipdir. Biz säheriň salkyn howasynda biraz gezim
etdik, ol ýerde-bu ýerde sülgünleriň jorkuldaşýan seslerini
eşitdik. Bu tokaýda ýekegapan, Buhara suguny ýaly haýwanlar
239
hem bolmalydy. Emma biz olary görüp bilmän, yza dolandyk.
Ergeş aga “doktora” gelen myhmanlaryny ýola salyp, gülşüp
oturan eken. Onuň gürrüňine görä, maşynyň nömerindäki “AŞA”
belgisinden biziň aşgabatlydygymyzy bilip, ýeke derman bilen
agyr derdi dep eden Meredi hem uly doktor hasaplap, bu ýerde
oturan aýallar obadaşlaryna Ergeş mugallymlara uly doktoryň
gelenligini habar beripdirler, ertir ir bilenem dertli görgülileriň
köpüsi üstümize eňipdir. Biziň doktor däldigimizi bilebem
lapykeç halda yzyna öwürlipdirler...
***
Ýola düşdük. Maşynyň zaýalanan haýsydyr bir şaýyny
tapyp çalyşmak üçin, institutda menden bir kurs öňde okan, şol
wagt bolsa Dänewiň etrap gazetiniň redaktory bolup işleýän
şahyr Myrat Töräýewiň ýanyna sowuldyk. Ol telefon arkaly
gerekli şaýy tapyp, şofýoruň ýanyna bir oglan goşup, MTS-e
iberdi, biz bolsa Myradyň öýüne geldik. Bu ýerde Myradyň
atasy, Durdy Gylyç, Ata Salyh dagy bilen birlikde halk şahyry
diýen ada mynasyp bolan Töre şahyr hem bar eken. Gazetžurnallarda goşgularyny okanam bolsam, Töre şahyryň özüni
görmändim. Bir sagat çemesi gürleşip, onuň goşgularyny diňläp
oturdyk. Sürüji gelenden soň, ýene ýola düşdük.
Ženýa daýy guma girmezden öň maşyna ymykly
seretmegiň zerurdygyny, şonuň üçin ussahanalaryň birinde
bir gün saklanmaga mümkinçilik bermegi haýyş etdi. Mämi
Aganyýaz diýen garyndaşymyň we oba mekdebinde bile okan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.