Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09

Total number of words is 3506
Total number of unique words is 1901
26.1 of words are in the 2000 most common words
38.0 of words are in the 5000 most common words
45.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bellenilen wagtynda-da ýerine ýetirdim, ýöne “kandidatlyk we
doktorlyk işini bir awtor şol bir temadan (meniň mysalymda—
toponimiýadan) goramak bolmaýar” diýen bahana bilen
Bütinsoýuz attestasion komissiýa (WAK) ony goramaga maňa
rugsat bermedi. Şeýlelik bilen, meniň doktorlyk işim barada
Aman aganyň eden tagallasy şol wagt başa barman galdy.
Aman Kekilow 1974-nji ýylyň 13-nji dekabrynda
uzaga çeken agyr keselden soň aradan çykdy. 1975-nji ýylda
akademiýanyň alymlarynyň we ýazyjylaryň bir toparynyň
tagallasy bilen onuň ady ebedileşdirilip, Aşgabadyň pedagogik
uçilişesine Aman Kekilowyň ady dakyldy. Hökümetiň bu
karary tüýs jüpüne düşen karardyr, çünki Aman Kekilow baryp
1925—1929-njy ýyllarda şu okuw jaýynda okady (ol döwürde
bu okuw jaýy pedtehnikum diýlip atlandyrylýardy), 1930 —
1931-nji ýyllarda bolsa ol şu ýerde türkmen dili we edebiýaty
derslerinden sapak berdi. Galyberse-de, Aman Kekilowyň adyny
göterjek peduçilişe ajaýyp şahyryň dogdukobasy bolan Köşiniň
edil alkymynda, bir wagtlar köşülileriň ekin eken topragynda
ýerleşýär.
Hökümetiň şol kararynda Aşgabat şäherindäki köçeleriň
birine Aman Kekilowyň adyny dakmak hem görkezilipdi,
ýöne kararyň bu punkty uzak wagtlap ýerine ýetirilmedi. Şol
döwürde meni Aşgabat şäher häkimliginde şäher köçelerine
at dakmak we olaryň atlaryny üýtgetmek babatda döredilen
komissiýanyň düzümine girizdiler. Men ajaýyp şahyr, uly alym,
ylmy atam saýýan bu beýik ynsanyň adyny göterýän köçäniň
ugrunda ýaşamagy uly mertebe hasaplap, agzalan komissiýanyň
başlygy we onuň agzalarynyň köpüsi bilen gepleşip, Botanika
116
köçesine Aman Kekilowyň adyny dakmagy haýyş etdim, bu
köçäniň peduçilişäniň ýakynyndalygyny, günbatar ujunyň hem
Aman aganyň dogduk obasyna direýändigini haýyşyma tutaryk
edindim (meniň ýaşaýan jaýym hem şol uçilişäniň ýakynynda,
Botanika köçesiniň başlanýan ýerinde ýerleşýär). Komissiýa
köçäniň adyny üýtgedip, oňa Aman aganyň adyny dakdy,
ýöne baýra gidýän ýokary tarapynda köçäniň adyny görkezýän
tagtalarda Şaly Kekilow, aşak tarapynda Aman Kekilow diýip,
iki hili ýazyldy. Häkimiýetlere duýdurylandan soň, bu ýalňyşlyk
hem düzedildi: Botanika bagynyň gündogaryndan geçýän
Botanika köçesi Aman Kekilow köçesi diýlip atlandyryldy. Men
häzir şu köçäniň ugrunda ýaşaýaryn.
Wäşi, degişgen, gepi-sözi saýhally, parasatly, tarapgöýlügi,
tireparazlygy asla bilmeýän Aman Kekilow aramyzdan juda
ir gitdi. Ýöne ol ölmez-ýitmez çeper we ylmy eserleriň uly
toplumyny iline galdyryp gitdi. Aman Kekilow bu gün şol
eserlerinde ýaşaýar.
AMAN BERDIÝEW
Institutda okan ýyllarymda türkmen dilinden çuň ylym beren
we bu hünäre söýgi döreden mugallymym Aman Berdiýewdi. Ol
institutyň rektory (o wagtlar direktor diýlerdi) bolsa-da, özüni
örän sada we ýönekeý tutardy, hiç wagt sapagyny goýbermezdi,
bir minut gijä-de galmazdy. Görüp otursak, Aman Berdiýew 30njy ýyllarda Pygam Azymow, Maşan Hamzaýew ýaly görnükli
dilçiler bilen bile okapdyr, türkmen dil biliminiň gözbaşynda
duran ägirtlerden hem bilim alypdyr.
Berdiýew bize “Häzirki zaman türkmen dili” diýen dersden
bir ýyl, köne türkmen (arap) hatyndan hem ýyl ýarym sapak
berdi. Şu az wagtyň içinde-de ol özüniň ökde dilçiligini äşgär
etdi.
Aman Berdiýew okadýan dersinden konspekt ýazdyrmak
üçin wagt sarp etmezdi. Ol döwürde ýokary okuw jaýlarynyň
filologiýa fakultetleri üçin türkmen dilinden we edebiýatyndan
okuw kitaplary ýokdy. Şonuň üçinem sapak wagtynda
117
ýazdyrylýan konspektler iň esasy okuw esbaby saýylýardy.
Aman Berdiýew özüniň gysgaça ýazyp gelen konspektini gowy
okaýan studentleriň birine, köplenjem Myrat Penjiýewe bererdi,
biz sapakdan soň köpleşip göçürip alardyk. Sapak wagtynda
bolsa Berdiýew tagtanyň öňüne geçip, hiç hili kagyza ýa kitaba
seretmezden geçilmeli temany çintgäp-çintgäp düşündirerdi.
Düşünmedik ýerimizi gaýtalap bermäge-de ýaltanmazdy.
Institutda bizi Açyl Hudaýberdiýew, Kakajan Ataýew
ýaly okuw jaýyny ýakynda gutaran mugallymlaram, Hekim
Maşakow, Aly Hosrowy ýaly tejribeli kandidat-dosentlerem
okatdylar. Olaram öz kärine erjel mugallymlardy, ýöne bularyň
sapaklarynda dil meseleleri boýunça jedelli zat ýüze çykaýsa,
oňa-da kanagatlanarly jogap alyp bilmedik ýagdaýymyzda, biz
şol jedeliň hakyky çözgüdini Aman Berdiýewden alardyk.
***
Indi institutdaky kursdaşlarym barada-da käbir zatlary
gürrüň bereýin.
1952-nji ýylda türkmen filologiýasyna kabul edilen otuzotuzdan A we B diýen iki topara bölünen 60 talybyň köpüsi dört
ýyl okap, institutyň üçünji goýberilişinde okuwy tamamlady.
Kursdaşlarymyň arasynda gowy okap, soňra göreldeli
mugallymlar, hökümet işgärleri, alymlar bolup ýetişenleri az
bolmady. Men şu ýerde olaryň käbirini ýatlap geçeýin.
MYRAT PENJIÝEW
Öň ýatlaýşymyz ýaly, Myrat dört ýyllap biziň toparymyzyň
baştutany boldy. Salyhatlylygy, gowy okaýanlygy, mugallymlar
bilenem gowy gatnaşykdalygy üçin, ol ikinji kursdan persional
stipendiýa alyp başlady. Okuwy gutaran dessine-de Myrady
institutyň komsomol guramasynyň kätibi edip işe alyp galdylar.
1959-njy ýylda ol Moskwada merkezi akademiýanyň Dil
bilimi institutyna aspirantura girip, görnükli türkolog N.A.
Baskakowyň elinde “Häzirki zaman türkmen dilinde sanlar”
118
diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny gorady. Myrat
soňra Çärjewdäki pedinstitutda häzirki zaman türkmen dilinden
we diliň taryhyndan sapak berdi. 1971-nji ýylda ony Lebap
welaýatynyň bilim bölümine müdir edip bellediler, ol bu
wezipede 17 ýyl işläp, welaýatda magaryf işini göwnejaý ýola
goýmakda, mekdepleri zerur okuw esbaplary we gurallary bilen
üpjün etmekde, mugallym kadrlaryndan talaby güýçlendirip,
tutuş welaýatda okuwçylaryň sowatlylyk derejesini artdyrmakda
köp iş bitirdi. M. Penjiýewiň bilim bölümine müdirlik eden
ýyllarynda welaýatda 118 sany täze mekdep jaýy gurlup
ulanylmaga berildi.
M. Penjiýew welaýat bilim bölüminiň müdirliginiň daşyndan,
pedinstitutda mugallymçylygyny hem dowam etdirdi: türkmen
diliniň ekerançylyk leksikasyndan düýpli ylmy iş taýýarlady.
Munuň üçin ol özüniň zähmet rugsadyny Türkmenistanyň dürli
etraplarynda daýhanlaryň arasynda geçirdi, ekerançylyga degişli
sözleriň müňlerçesini il içinden ýazyp aldy. Myrat Penjiýew
yhlas we uly hyjuw bilen türkmen daýhanlarynyň ekerançylyga
degişli sözleriniň baý kartotekasyny (bankyny) düzdi, onuň
esasynda çap etdiren kitaplary, sözlükleri we şol sözleriň
etografik hem-de filologik derňewine bagyşlanan saldamly
ylmy işi diňe bir dilçiler üçin däl, eýsem, oba hojalyk işgärleri,
daýhanlar üçin hem gymmatly gollanma hökmünde özüne orun
aldy we awtoryna uly abraý getirdi. Şonuň üçin Myrat Penjiýew
daýhançylygyň belli-belli ugurlary we olara degişli sözler
barada oba hojalyk işgärleriniň dürli ýygnanyşyklarynda hemde neşirlerinde wagtal-wagtal çykyş etdi. 1983-nji ýylda bolsa ol
şu temadan dissertasiýa gorap, filologiýa ylymlarynyň doktory
diýen ylmy ada we professor diýen belent derejä mynasyp boldy.
Myrat 1988-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy kafedrasyna
müdirligine saýlanyp, Aşgabada göçüp geldi. 1993-1995nji ýyllar aralygynda Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
pedinstitutynda rektor boldy. Häzir Myrat Penjiýew Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda türkmen dili
kafedrasynyň professory bolup işleýar.
119
Myrat Penjiýew 20 çemesi okuw we ylmy kitaplaryň
awtory hökmünde Türkmenistan döwletinde giňden tanalýan
alymdyr. Ol Çärjewde işlän döwründe öňki SSSR-iň “Zähmet
Gyzyl Baýdak” ordenine we birnäçe medala, şeýle-de pedagogik
işi üçin H. K. Krupskaýa, il içinde geçirilýän propoganda işleri
üçin bolsa Merkezi “BILIM” jemgyýetiniň S.I. Wawilow
adyndaky medallaryna mynasyp boldy. Rektor döwründe
ol Türkmenistanyň “Gaýrat” medalyny hem aldy. Onlarça
aspirantlary we institutlarda okadan köp sanly talyplary Myrat
Penjiýewe ökde pedagog, talapkär halypa hökmünde hormat
goýýan bolsalar, döwletimiziň ylmy jemgyýetçiligi ony uly
alym we başajaň guramaçy hökmünde tanaýar.
BALLY BAÝRAMDURDYÝEW
Tutuş kursumyzda, hatda iki topar boýunça alty sany gyzyl
diploma mynasyp bolanlaryň arasynda-da Ballyny biragyzdan
okuwda iň ökdämiz saýýardylar. Dogrudan-da, ol çendenaşa
zähmetsöýerdi, okuwdan başga hiç zat bilen gyzyklanmazdy.
Ballynyň sporta gatnaşanyny, kino, teatra gidenini görmezdik.
Ol kitap we kitaphanadan başga zady bilmezdi. Biz dürli
sapaklar boýunça bilmeýän ýa ikirjiňlenýän zadymyzy Ballydan
sorap öwrenerdik. Ol bilen zadyny ýoldaşlaryndan gizläpgysganmazdy.
Instituty gutaransoň, Bally Marydaky aýal-gyzlar
pedinstitutyna mugallym edilip, işe iberildi, bu institut
ýapylandan soň bolsa iki ýyllap mekdepde işledi. 1960-njy
ýylda ol Akademiýanyň Dil bilim institutyna işe geçip, 1962nji ýylda onuň aspiranturasyna girdi. 1966-njy ýylda Bally
“Türkmen diliniň Ahal gepleşigi” diýen temadan dissertasiýa
gorap, ylymlaryň kandidaty boldy.
1967-nji ýylda Bally Baýramdurdyýew Çärjewiň
pedinstitutyna işe geçip, tä 1993-nji ýylda aradan çykýança
biregne bu ýerde mugallym bolup işledi.
Bile okanlar, işleşenler, şeýle-de onuň okadan köp sanly
talyplary Bally Baýramdurdyýewi öz hünärine ökde mugallym,
120
eserdeň, örän medeniýetli alym we pedagog hökmünde
ýatlaýarlar.
AKMUHAMMET AŞYROW
(Kemine)
1986-njy ýylyň maý aýynda Çärjew şäherindäki istituty
gutaranymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Bir
wagtky ýaş ýigitler we gyzlar indi salyhatly pyýadalr, käbirleri
bolsa çal saçly gojalar bolupdyrlar. Akmuhammet bilen 30
ýylyň dowamynda duşuşmadyklaryň biri hem ony tanamady,
çünki talyp wagty Akmuhammet inçemik, agramy bary-ýogy 45
kilogram çemesi çepiksije oglanlygyndan häzir daýaw:garynlak,
bir sentneri basyp duran epeý pyýada öwrülipdir: ýöne gülküsi,
şorta söz tapyp, ili güldüişi weli öňküligine galypdyr. Şu
häsiýetleri üçin ähli kursumyz Akmuhammede Kemine diýip,
täze at dakypdy.
Kemine talyp wagty il içinden ürç edip patefonyň
plastinkalaryny, onda-da diňe türkmen bagşy-sazandalarynyň
aýdym-sazy ýazylanlaryny ýygnardy. Şol döwürde ol patefon
satyn alyp, jaýynda köplenç şol köne aýdymlary aýtdyrardy.
Köne plastinka bar diýilse, ol etraplara hem giderdi.
Okuwy gutaransoň., Akmuhammet dogduk mekanyna—
Murgaba gidip, bäş ýyl mugallym boldy, soňra Aşgabada
Pedagogik ylmy-barlag institutyna işe çekildi. Bu ýerde ol
“Edebiýat sapaklarynda çagalar durmuşyna bagyşlanan eserleri
öwretmek” diýen temadan kitapçany neşir etdirdi (1964).
Soňra Akmuhammet Aşgabat telewideniýesinde aýdymsaz bilen baglanyşykly dürli wezipelerde işledi we türkmen
aýdym-sazlarynyň köne ýazgylarynyň saklanylýan ýerlerinde
(Moskwada, Peterburgda, Baltika döwletlerinde) bolup,
ol ýazgylaryň magnitofona göçürmesini Aşgabada getirdi.
Netijede, belli bagşylarymyzyň aýdym-sazlaryny il-güne belli
bolman, baslygyp ýatan ençeme nusgalary halka ýetirildi.
Akmuhammet döwletimiziň meşhur goja bagşylarynyň
kino we magnitofon ýazgylaryny geljekki nesillere saklamak
121
üçin hem tagalla baryny etdi. Meselem, ol ýaşy 90-dan geçen
Muhy bagşyny Sarahsdan Aşgabada getirip, onuň birnäçe
aýdymyny ýazdyryp aldy.
Akmuhammet Aşyrow “Könegüzer” (1992), “Kyrklar”
(1993) ýaly ylmy-publisistik kitaplaryň awtorydyr. Ol bagşylaryň
repertuaryndan ýazyp alan dessanlaryny hem “Türkmen halk
dessanlary” (1993) diýen at bilen neşir etdirdi. Akmuhammediň
bagşy-sazandalara we aýdym-saz sungatyna bagyşlap ýazan
ençeme göwrümli makalalary “Garagum”, “Ýaşlyk”, “Diýar”,
“Türkmen dili we edebiýaty” žurnallarynda, onlarçasy hem
“Edebiýat we sungat” gazetinde çap edildi.
Bulardan başga-da, Akmuhammediň aýry-aýry türkmen
bagşylaryna bagyşlap taýýarlan 14 sany uly (jemi 17 sagatlyk)
gepleşikleri ýazylyp alnyp, radionyň altyn fonduna alyndy. Olar
wagtal-wagtal diňleýjilere gaýtalanyp eşitdirilýär.
Elmydam bagşylar bilen iş salşansoň, Akmuhammet olaryň
durmuşyny we döredijiligini örän gowy bilýär. Dutaryny eline
alyp, islendik bagşa öýkünmegi hem başarýar. Şorta sözleri örän
jaýynda suňşuryp bilýänligi, sazandalygy, şadyýan we wäşiligi
üçin, Akmuhammet-Keminäni märekäniň bezegi hasaplaýarlar.
Türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyny öwrenmäge
goşan saldamly goşandy üçin, Akmuhammet Aşyrowa
Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri diýen belent at
dakyldy. Ol hökümetimiziň hormat hatlary bilen sylaglandy.
Häzir
Akmuhammet
Aşyrow
Aşgabat
döwlet
konserwatoriýasynyň dosenti bolup, geljekki bagşy-saznadalara
aýdym-saz folklaryndan sapak berýär. Ol şu temadan kandidatlyk
dissertasiýa ýazyp, ony 1965-nji ýylda gorady.
GYZYLGÜL GAÝYBOWA
1940-njy ýylda Aşgabatdaky peduçilişäni gutaryp,
Hozambaz etrabynyň Mekan obasyna işe iberilen Gyzylgülüň
soňky ykbaly hem Lebap ülkesi bilen bagly boldy. Ol Beşirde,
soň Hojambaz şäherçesinde mugallymçylyk etdi. 1945-nji ýylda
bir ýyllyk partiýa mekdebine iberilip, ony gutaryp gelenden
122
soň, Kerki obkomynda, 1948—1950-nji ýyllarda partiýanyň
Gyzylaýak raýkomynda ilki aýallar bölüminiň başlygy, soňra
raýkomyň sekretary bolup işledi. 1950-nji ýylda Gyzylgüli
partiýanyň Çärjew obkomyna işe geçirdiler. Bu ýerde iki ýyl
işländen soň, ol pedinstituta okuwa girdi. Gowy okady. Instituty
gutaransoň, iki ýyl Çärjew şäherinde mugallymçylyk etdi.
1958-nji ýylda ol Çärjew welaýat “BILIM” bölüminde müdiriň
orunbasary bolup işledi. 1963-nji ýylda welaýatlar ýatyrylansoň,
Gyzylgüli Aşgabada Bilim ministrligine işe geçirdiler. Ol ilki
kadrlar bölüminde, soňra hem mekdepler bölüminde tä 1986njy ýylda persional pensiýa çykýança işledi.
Döwlet we partiýa işlerinde birkemsiz işlänligi üçin,
Gyzylgül baryp 1948-nji ýylda “Hormat nyşany” ordenine,
soňra iki medala, Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň iki sany
hormat hatyna mynasyp boldy. Onda Türkmenistanyň “Halk
magaryfynyň otliçnigi” we öňki “SSSR-iň Halk magaryfynyň
otliçnigi” diýen nyşanlar hem bar.
ATA ANNAMÄMMEDOW
Kakanyň Gowşut obasyndan gelen Ata biziň kursumyzda
barja eşigini tertipli geýmekde, arassaçylykda köpümize
göreldedi. Gyzyl diplom almasa-da, ol sapaklaryny erjel okady,
institutyň woleýbol komandasyna hem gowy oýunçy hökmünde
gatnaşdy. Okuwy gutaryp, öz dogduk mekanyna mugallym
bolup gelensoň, Atanyň düzen woleýbol komandasy Aşgabatda
geçirilen spartakiadada baýrakly orny eýeldi. Sportuň daşyndan
Ata mekdebiň aýdym-saz kružogyna işeňňir gatnaşdy. 1957-nji
ýylda Ata dagynyň aýdym-saz kollektiwi Aşgabatda geçirilen
festiwalyň laureaty boldy. Şol ýyllarda Ata Annamämmedow
öz obalarynda 1924-nji ýylda açylan mekdebiň taryhyny hem
ýazdy.
Köpçülik işlerini gowy gurap bilýänligi nazara alnyp,
Atanyň Kaka etrabynyň komsomol guramasyna kätip saýladylar.
Bu wezipede işlän döwründe ol tutuş etrapda sportuň ösmegine
hemaýat etdi, hut Atanyň tagallasy bilen häzirki Şükür bagşy
123
adyndaky kolhozda gowy stadion gurlup ulanylmaga berildi.
Bu ýerden Atany Aşgabada, komsomolyň Merkezi Komitetine
işe aldylar, soňra hem ony ýokary partiýa mekdebine Moskwa
okuwa iberdiler. Okuwy tamamlap gelenden soň, Ata partiýanyň
Aşgabat obkomynda bölüm müdiri, 1978-nji ýyldan başlap hem
partiýanyň Büzmeýin şäheriniň sekretary ýalywezipelerde işledi.
Bu döwürde Atanyň ýolbaşçylygynda Büzmeýin şäherinde
tipli uly keselhana, çagalar baglary, iki sany hem orta mekdep
guruldy. Il içinde uly abraýdan peýdalanýan Ata Akmämmedow
köp wagtlap şol gurlan mekdepleriň birinde direktor bolup
işledi. Bu mekdebiň 2000-den gowrak okuwçysy, 100-den
agdyk mugallymy bar. Öz kärini birkemsiz ýerine ýetirýänligi
üçin, Ata hökümet sylaglarynyň ençemesi—Türkmenistanyň
Ýokary Sowetiniň iki sany Hormat haty we üç sany medal bilen
sylaglandy.
BABA WELIÝEW
Şahyrlaryň goşgularynyň ençemesini ýatdan bilýän Baba
Weliýew institutdan soň, Murgap etrabynda ilki mugallym, soňra
ençeme ýyl direktor bolup işledi. Soňra ol Aşgabada göçüp gelip,
Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynyň folklor bölümine
işe girdi. Ol Stawropol türkmenleriniň halk döredijiligini ürç
edip öwrendi, olaryň dessanlaryndan kandidatlyk dissertasiýany
gorady, nakyllaryny toplap, kitapça görnüşinde neşir etdi.
Baba Weliýew il içinden toplan we heniz çap edilmedik
halk ertekileriniň birnäçesini, şeýle-de “Tulum hoja” dessanyny
neşire taýýarlap, köpçülige hödürledi. Baba häzir hormatly dynç
alyşda.
REJEPMYRAT GÖKOW
Men peduçilişede Rejepmyrat bilen bile okadym, ýöne
ol “G” toparyndady. Bu ýerde biz oňa “orusça bilýän” diýip
at dakypdyk, çünki ol Gyzylaýak etrabynyň merkezinde orus
çagalary bilen bile önüp-ösenligi üçin orus dilinde gürlemäge
124
(diňe gürlemäge, emma ýazmaga däl) gaty ökdedi.
Rejepmyrat gaty şadyýandy, ol çeper höwesjeňler kružogyna
gatnaşyp, aýdymam aýdardy, tansam ederdi. Pedinstitutda okan
ýyllarymyzda, ol sportuň köp görnüşlerine gatnaşdy, boksdan,
ştangadan we ýeňil atletikadan üçünji, klassyky göreşden
bolsa birinji razrýadyň normasyny doldurdy, göreşden-ä
Türkmenistanyň II spartakiadasynda (1956) baýrakly orny hem
eýeldi.
Instituty gutaransoň, Rejepmyrat partiýanyň Kerki
raýkomynda birnäçe ýyl instruktor bolup işledi, soňra Çärjew
pedinstitutynda partiýa taryhy ugrundan aspirantura girip,
ony Kiýewde tamamlady, Garagum kanalynyň gurluşgynda
kompartiýanyň roly barada dissertasiýa ýazyp, taryh ylymlarynyň
kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy. Ol soňra uzak wagtlap,
tä 1990-njy ýylda aradan çykýança, Seýdi adyndaky TDPI-de
dosent bolup zahmet çekdi.
ALLABERDI KADYROW
Edim-gylymy, özüni alyp barşy, hereketleri babatda
kursumyzdaky oglanlaryň hiç birine meňzemeýän täsin bir oglan
bardy. Hakyky ady Allaberen bolsa-da, biz oňa Alla diýerdik. Ol
sapaklaryndan ortadan ýokarrak baha bilen okaýardy, edebiýat
boýunça weli Alla bilen deňleşip biljegimiz ýokdy. Ol gaty
okumyşdy, şahyr-ýazyjylaryň çap edilen eserleri bilen tanyşlygy
babatda ol Aman Kekilowyň hut özünem haýran galdyrypdy.
Allanyň özi hem ýazýardy, onuň käbir goşgulary welaýat
gazetinde çap hem edilýärdi.
Institutyň ikinji kursunda okaýarkak, Alla Kadyrowyň
Alla Söýegberdiýwiç diýen mahabatly, ýumor bilen dakylan
ady peýda boldy we ýörgünleşip gitdi (ol döwürde häzirki
milli intelligensiýamyzyň arasynda giňden ýaýran Pylany
Pylanyýewiç diýen ýaly orus biçimindäki atlar asla rowaç däldi).
Alla Kadyrowyň bu ady şeýle waka esasynda döredi.
Amanat kassalarda artyk-süýşük puluň saklanýanlygyny
biziň heniz bilmeýän döwrümizde, Alla kassada pul goýýan
125
eken. Bir ýoldaşymyzyň utan zaýomynyň puluny almak üçin
dört kursdaş bolup kassa baranymyzda, Alla bilen kassir aýalyň
arasynda ýüze çykan igençli gürrüňiň şaýady bolduk (kassir
bilen ýüzbe-ýüz durup gürleşýänligi üçin, Alla bizi görenokdy).
Alla ilki pul tabşyranda, adyny Alla Söýegberdiýewiç Kadyrow
diýip ýazypdyr. Bu gün bolsa kassadan pul almakçy bolup,
orderiň ýüzüne Alla Kadyrow Söýegberdiýewiç görnüşinde
atlaryň ýerlerini üýtgedipdir. Kassir aýal atasynyň adyny
(Söýegberdiýewiç diýen otçestwosyny) ortadan ýazmagy talap
edip, orderi yzyna gaýtardy. Allanyň düzedip ýazan orderini
okap görüp, bu sapar kassir aýal Allanyň üstüne çyny bilen
gygyrmaga başlady:
— Men heniz türkmende seniň ýaly adyny otçestwo bilen
ulanyp ýöreni göremok. Sen otçewtwony nireden ýazmagyda bileňok. Bu gezek Kadyrow Söýegberdiýewiç Alla diýip
ýazypsyň. Adyňy diňe “Alla Kadyrow” diýip ýazaýanyňda,
seniň 15—20 manat puluňy başga biri aljak bolup durmy?
Alla utanyp, orderi üçünji gezek dogry ýazyp berdi,
almaly üç manadyny jübüsine salyp, amanat depderçesindäki
ýazgylary barlap durka-da, Çary Döwran diýen kursdaşymyz
Allanyň elindäki depderçäni kakyp aldy. Allanyň närazylygyna
seretmezden, ählimiz depderçe bilen tanyşdyk: 50 manat
goýlupdyr. Soňra iki, üç, baş, bir gezek on manat alnypdyr,
şonçarak puluň goýlan gezekleri-de bolupdyr. Galan pul 18
manat.
Alnyp-goýulýan puluň ujypsyzjadygyny görüp, biz hezil
edip gülüşdik, Ýatakjaýa barýarkak, ýolda kassaly wakany
aýtmazlygymyzy Alla näçe haýyş etse-de, biz ony, ylaýta-da
Allanyň Söýegberdiýewiç diýen otçestwosyny kursdaşlarymyzyň
arasynda ýaýratdyk. Şol wakadan soň Alla bilen degşip, onuň
adyny Alla Söýegberdiýewiç diýip tutýanlaryň sany köpelip
gitdi. Hatda instituty gutarýanlaryň ady we familiýasy ýazalýan
jemleýji suratynyň aşagyna-da biz Allanyň adyny otçestwosy
bilen bile ýazdyrdyk.
Allanyň täsin häsiýetleriniň biri hem onuň gijelerine
uklamaýanlygydy. Biz Allanyň ýatanyny görmezdik. Köpçülik
126
bilen deň ýorgana girse-de, il uklandan soň ol ýuwaşlyk bilen
turup, çemodanyny krowadyň üstüne alardy-da, onuň burçuna
kiçijik şem berkidip, ýagtysyna tä daň atýança bir zatlar ýazardy
(ol wagt Daşköpri köçesindäki häzirki okuw korpusy biziň
ýatakjaýymyzdy, her otagda-da 20-30 oglan ýatyp-turýardy).
Şemiň ýagtysy ýatanlara päsgel bermez ýaly krowatyň daşyna
prostyndan germew ederdi. Ýazýan zady barada hiç kime hiç
zat aýtmazdy. Şonda-da biz onuň ýazýan zadyny bildik: ol
“Ömrümiň taryhy” diýen awtobiografik roman-trilogiýanyň
birinji tomuny ýazýan eken. Bu eserden çap etdiren zady
bolmasa-da, institut gutarýança Alla onuň üç tomuny hem ýazyp
gutardy. Hersi takmyn müň sahypadan ybarat bolan üç sany äpet
golýazma kitabyny özi ykjam sahaplap, daşyna lederin çekdi,
nagyşlady.
Alla kitaba sahap etmek hünärine gaty ökdedi, ol konspekt
üçin köp tagtaly umumy depderi dükandan satyn almazdy-da,
okuwçy depderinden özi ýasardy, daşyna mata ýa lederin çekip,
ony sünnäläp bezärdi, nagyşlardy. Allanyň göterýän bloknotlary
hem diňe öz önümidi.
Allaberen kitaphondy, stipendiýasynyň we düşýänje azowlak galamhakynyň ählisini diýen ýaly kitaba harçlardy.
Gowy kitaplar eline düşdügi Alla olary söküp, täzeden tikerdi
we elinje sahaplardy. Öň şalha-şalha bolup ýatan köne kitaplar
Allanyň elinden çykansoň, tanalmaz derejede täze görnüşe girip,
lowurdar durardy.
Alllanyň bloknotyndan daşlaşmankak, men onuň mazmuny
barada-da käbir zatlary aýdaýyn. Dogry, Alla bloknotyny bizden
gizlin saklamaga jan ederdi. Ýöne wagtal-wagtal bu üýtgeşikk,
ilde ýok, bezemen bloknoty jübüsinden çykaryp, oňa bir zatlar
bellärdi. Bizem onuň bellän zatlarynyň nämedigini bilmek üçin,
bloknoty käte Allanyň elinden basyp alardyk.
Päh, seniň bloknot bolaýşyňy! Bloknot bejerýän kärhanalar
şu önümiň hili, gurluşy, bezelişi, sahaplanyşy barada näme üçin
Alladan görelde almaýarkalar? Allanyň ýasan bloknotynda
edil bezemen gapjykdaky ýaly, knopka bilen açylyp-ýapylýan
gelşiklije gapajyk bar. Ony açsaň, bloknotyň sag tarapynda
127
1-den 15-e çenli nomerler bolup, her nomer 10 sahypadan
ybarat. Nomerleriň goýluşyny diýsene! Bloknotyň sag
gyrasynda nomeriň goýuljak sahypasynyň üstündäki sahypalar
tertiplije gädilip, gadigiň düýbünde nomer ýazylypdyr. Barmak
degip sürülmez ýaly, nomer ýazgylarynyň üstüne reňksiz lak
çalnypdyr.
Bloknotyň her nomeri bir zada bagyşlanypdyr. Meselem,
1-nji nomer—planlar, 2-nji nomer—çykdajylar, 3-nji nomer—
täze nakyllar we ş.m. Bloknotyň gapajygyny açyp, gerekli
nomeri barmagyň bilen basagadan, ýokarky sahypalary gapdala
serpseň bolany, bloknot ýazuwa taýýar.
Bloknotda geň-taň zatlar kändi. Meselem, onuň
“Çykdajylar” diýen bölüminde tutuş aýyň dowamynda iýmite
harçlanmaly puluň jemi görkezilip, olam hepdäniň günlerine
köpükme-köpük paýlangydy. Hepdede haýsydyr bir günüň
deňinde sowmaly puluň (köpügiň) ýerine kese çyzyk goýlupdyr.
Sorasagam, Alla onuň sebäbini aýtmazdy. Indi pikir edip otursak,
Alla şol döwürde-de oraza we açlyk arkaly berhiz tutmagyň
peýdasyna düşünen bolmaly.
Alla tutuş aýyň dowamynda günde üç wagtyna iýmeli
zatlarynyň menýusyny düzüp, bahasyny ýazyp, ony bloknotyna
bellärdi. Ol öňünden düzülen we bloknota ýazylan plany
bozmazlyga çalşypdyr, bardy-geldi, plan bozulsa, Alla
dessine özüne çäre görüpdir. Muňa mysal getireýin. Bir gün
kursdaşlarymyzyň biri Allanyň çemodanyna salmagy ýadyndan
çykaran “Protokollar” diýen golýazmasyny alyp, ony kursdaşlara
görkezip çykdy. Edil partýygnaklaryň protokollaryndan hem
arassa we tertipli. Nomeri, senesi, gatnaşanlaryň sany (jemi “üç”
adam: özi, Allaberen we Kadyrow), gün tertibi, çykyp geplänler
hem-de çykarylan kararlar ýerli-ýerinde. Käbir “ýygnaklar”
Allanyň öz planyny ýerine ýetirmänligine bagyşlanypdyr.
Ownuk-uşak säwlikler (menýunyň bozulmagy, puluň artykmaç
sowulmagy) üçin Kadyrowa duýduryşlar, kähalatda bolsa
käýinç berlipdir. “Ömrüniň taryhyndan” ýazylmadyk 15—20
sahypa ýaly uly kemçilikler üçin kä käýinç berlipdir, käte-de
Alla gündelik menýunyň bir naharyndan kesilipdir.
128
Kemçilikler düzedilendensoň aýrylan duýduryşlar
we käýinçler hem “ýygnaklarda” gün tertibine girizilip
protokollaşdyrylypdyr.
Bloknotda hepdede bir gezek kino ýa hammama
çykarylmaly 20 we 15 köpügem ýazylgydy. Kitap almak üçin
býujetden goýberilýän pul weli esli bardy: 21 manat 50 köpük.
Eşik üçin sowulmaly pul bolsa aýda diňe 6 manat. Dogrudanam,
Alla eşigine üns bermezdi, hopul-sopul geýnerdi. Jalbaryna
ötürmek üçin kemer almazdy, onuň halkajyklaryndan tanap
ýüpüni geçirip daňar gidibiýrdi. Kostýumynyň daşynada ýüp
guşak guşanaýmasam bardy.
Ofiser biçim ak papagynyň hem dessine depesini deşerdi,
jübi sagadyň aýmaty ýaly deşikden Allanyň saçy hüžžerip çykar
durardy.
Alla üçin aýakgabam problema däldi, dükandan 2—2,5
manatlyk esgi botinika alardy-da, ony gara, goňur ýaly dürli
reňklere boýap geýibererdi.
Bloknota dolanalyň. Onuň planlar bölüminde ýyllyk,
aýlyk we günlük edilmeli işleriň plany çekilipdir. Hatda tomus
kanikulynda obada mellegine tutulmaly haýat barada-da bellik
edilipdir.
Men şu ýerde Allanyň planly işlemegi gowy görýänligine
degişli täsin wakany gürrüň bereýin. Obada mugallym bolup
işleýärkäm, men Alladan hat aldym. Ol indiki ýylyň tomsunda
(aýy we anyk senesi takyk görkezilýärdi) özüniň öýlenýändigini,
şoňa gelmelidigimi ýazýardy. Bäh, öňde entek el degilmedik
13 aý bar. Men bu haty bile işleýän ýoldaşlaryma-da okap
berdim, olary Alla bilen gaýybana tanyş etdim. Kärdeşlerim ilki
gülüşdiler, Allanyň akyl-huşunyň ýerindedigini aýdanymsoň
bolsa onuň toýuna gitmegimi, toýuň senesiniň näme üçin hut
şol güne bellemeginiň sebäbini bilip gelmegimi maslahat
berdiler. Ýöne men toý tutulýan aýda Moskwa turistik gezelenje
gidenligim üçin, Allanyň toýuna baryp bilmedim, emma toýuň
hut Allanyň planda bellän gününde geçenligini, şol günüň hem
mollalar (müneçjimler) tarapyndan astronomik taýdan Alla we
onuň gelinligi üçin iň sähetli gün diýlip öňünden aýdylanlygyny
129
men soňundan bildim (Allanyň kakasy Kadyrberdi hem iliň
güýçli mollasy bolup, ol 1937-nji ýylyň tutha-tutlugynda ýok
edilipdir).
Instituty gutandan soň, Alla öz iline—Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrabyna işe iberildi. Ýerli mugallymlaryň aýtmaklaryna
görä, Alla Kadyrowyň gurnan edebiýat kabineti öz döwründe
diňe bir welaýatda däl, eýsem, tutuş Türkmenistanda-da iň
görnükli kabinet hasap edilipdir, ol şol kabinetiň işi boýunça
welaýat we döwlet boýunça geçirilen pedagogik okaýyşlarda
birinji orny eýeläpdir. Bir gezek onuň “Edebiýat sapaklarynda
we edebiýat kružogynda patefondan peýdalanyşym” diýen
temadan eden çykyşy Aşgabatda birinji orna düşüpdir we Alla
patefony bilen Moskwa şäherine Bütinsoýuz pedagogik okaýşa
iberilipdir.
Akdepede işlände, Alla ýerli we merkezi gazetler, ylaýta-da
“Mugallymlar gazeti” bilen ýygy aragatnaşyk saklady, okuw we
mekdep babatda uly-uly makalalar ýazdy.
Allanyň oba mekdebine mugallym bolup baraýan
ýyllarynda bitiren ýene bir hyzmaty ýatlanmaga mynasypdyr.
Ol Akdepe etrbynyň Körgeçemen obasyndaky 24-nji orta
mekdepde öz okadýan okuwçylarynyň güýji bilen şu obanyň
halk döredijiligini ürç edip ýygnap, ony tertibe salypdyr. Soňra
bu materiallary “Poeziýa” we “Proza” diýen iki topara bölüp,
olary Allanyň özi öýjükli depdere ownujak basma harplar
bilen sünnäläp göçüripdir. Her tagtada 34 setir ýerleşdirilen bu
ýazgylar 12 okuwçy depderiniň 276, “Girişi” bilen bolsa 284
sahypasyny eýeleýär. Onda poeziýa eserleri “Läleler” (32—37
sah.), “Hüwdüler” (38—54), “Agylar” (55—60), “Rubagylar”
(61—72), “Atalar sözi, nakyllar” (73—89), “Oýun sözler”
(90—93), “Matallar” (94—95), “Ýarymezanlar” ((95—99),
“Alkyşlar” (100), “Sanawaçlar” (101—104), “Ýaňyltmaçlar”
(105), “Ýomaklar” (106), “Yrym-ýomlar” (109—114),
proza eserleri bolan “Ertekiler” (117—238), “Rowaýatlar”
(239—252), “Şorta sözler” (253—252), “”Türkmen halk
ýumory” (259—261) ýaly bölümlere bölünipdir. Her sahypasy
meşhur neşirýatlaryň kitaplaryndaky ýaly bezelip, ýokarlary
130
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.