Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13

Total number of words is 3803
Total number of unique words is 2175
31.1 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
obamyza jaň etdi we maňa gerekli iki dokumenti: diplomy hemde işleýän mekdebimden häsiýetnamany ertir obadan Aşgabada
gaýtjakdan gyssagly ibermegi Hudaýberdä tabşyrdy.
Dokumentler geldi, emma diplomyň içindäki bahalary
görkezýän goşundy kagyzyň ýoklugy üçin, Harlanowa ony
kabul etmedi (ol goşundy bireýýämler ýiten bolmaly,çünki men
öýde gözläbem tapmandym). Babaguly meniň diplomymy alyp,
175
Hamzaýewiň ýanyna girdi:
— Ýoldaş direktor. Ynha, gyzyl diplom. Ahli bahasy bäş
bolmasa, ol berilmez ahyry. Emma goşundysy ýok diýip alymkätip ony kabul edenok. Şony getir diýip Çärjewe ibersegem,
Soltanşa gaýdyp gelmez—diýip jibrindi. Hamzaýew diwardaky
bir düwmä basdy, Harlanowa içeri girenden:
— Goşundysy ýok bolsa, Ballynyň diplomyndakyny göçür,
bu diplomyň nomerini goý, göçürme dogry diýip gol çek we
möhür bas-da, dokumentleri kabul et—diýdi.
Şýdip, aspirantura dokument tabşyryp, oba geldim. Üç synag
boýunça okamaly kitaplary jemledim, kem-käs taýýarlandym
we çakylyga garaşdym.
Oktýabryň başynda men Dil bilimi institutynyň
direktoryndan telegramma aldym (onuň bir nusgasy etrap bilim
bölümine-de iberilipidr), onda giriş synaglarynyň 15 oktabr—15
noýabr aralykda geçýänligi, meniň işleýän edaramyň Ministrler
Sowetiniň ýörite karary esasynda maňa bir aý tölegli rugsat
bermäge borçludygy habar berilýärdi. Päsgelsiz rugsat berdiler,
wagtynda Aşgabada geldim. Institutda synaglaryň boljak
günlerini belläp, Bekrewä—Babagulynyňka bardym. Ol özüniň
üç otgaly jaýynyň bir otagyny boşadyp, maňa düşek, ýassyk
getirdi, äpişgäniň öňünde stol goýdy:
— Ynha, tä aspirantura girýänçäň, seniň jaýyň şu. Iýjekişjegiň wagtynda taýýar bolar, çagalaram seniň okamagyňa
päsgel bermez. Senden talap—okuwa girmeli—diýdi.
Ilkinji synag türkmen dilinden. Oňa çenli esli gün bar. Men
ymykly taýýarlyga girişdim. Babaguly öz öwrenişen endigine
görä, ertir sagat bäşde turýardy. Tomusda menem muňa öwrenişi
beripdim. Turan badymyza 10—15 minut baýyrlykda ylgap, bäş
minit çemesi maşkdan soň ýaşaýan ýerimiziň ýüz metr çemesi
gaýrasyndaky daş ýapdan batly akyp ýatan Bekrewe çaýynyň
sowuk çeşme suwuna düşerdik (bu çeşmäniň suwy soňra ýerasty
turbadan akdyryldy). Howanyň çigräp başlanlygyndanmy ýa
meniň sowuk suwa öwrenişmänligimden—men dümewledim.
Erbet ýeri—bir dişim agrap, gaty azar berdi, iki gije dagy asla
uklap bilmedim. Üçünji gije halys çydaman, Babagulyny
176
ukudan turuzdym. Ol meni harby bölümde özüniň müdirlik
edýän medpunktyna alyp bardy, diş doktoryny ukudan turzup
geldi. Olam agyryly dişimi gördi-de, “Aýyrmaly” diýdi. Daýaw
ýaş esger atagzyny salyp, ol dişi iki-üç gezekde bölek-bölek edip
çykardy, agzymyň içinde-de diri-bitin ýerini goýmady.
Otagyma gelip, ertire çenli hezil edip ýatdym. Ol gün
ylgamaga-da gitmedim.Ertesi öýlänlik ýüzümiň sogrulan diş
tarapy çişip, inim gyzdyryp başlady. Babaguly meni şäherdäki
diş dogtoryna äkitdi. Olar dessine maňa iki sançgy etdiler we bir
hepdeläp ultratok we bir sançgy almagy buýurdylar. Sançgyny
Babagulynyň özi etdi, toka tutmaga bolsa şähere gatnadym.
Ýüzümiň çişi birbada aýrylmady. Çişen çep çekgäm
eňegimden aşak sallanyp durdy. Otagda ony sarap goýardym,
emma şähere gatnanda, elýäglyk çep eňegimi tutup gezdim.
Şeýle halda-da synaga barmaly boldum.
Synag başlanmanka, ähli dalaş edýänleri bir jaýa ýygnadylar.
Jemi 16 adam. Olaryň birisi (şol wagtky “Sowet Türkmenistany”
gazetiniň baş redaktory Begenç Kerimi) bir gaýybana orna, galan
15-si bolsa üç sany gündizki aspirantlyk ornuna dalaş etmelidi.
Men olaryň arasyndan diňe Jereni (Aman Kekilowyň gyzy)
tanadym. Bäsdeşlerimiň köpüsi Dil bilimi institutyndan, käbiri
hem Pedagogik ylmy-barlag institutyndan we uniwersitetden
eken. Menden we tagtaly Toýly Guzyçyýewden başga obadan
gelen ýok. Men Toýly bilen bada-bat tanyşdym (ikimiziň
obadanlygymyz geýnişimizdenem bellidi).
Synag başlandy, ekabyrraklardan üç sanysy öňürti girip,
bilet çekdiler.Synagçy mugallymlaryň sany ýedi dagy bardy.
Bilet çekenler taýýarlanýança, olar arkaýyn çaý içişip, ýuwaşja
gürleşip, gülşüp otyrdylar. Olaryň ýanyna käwagt Hamzaýewem
gelip gidýärdi.
Toýly ikimiz daş gapyda goýlan hatara stullarda ýanaşyk
oturyp, ymykly tanyşdyk. Ol Aşgabat uniwersitetinde okanlygy
üçin, synag alýanlaryňam, girjekleriňen köpüsini tanaýardy.
Gepiň arasynda ol:
— Aý, jora, synag alýanlaryň ählisi, tabşyrýanlaryň
hem aglabasy şu institutyň işgärleri. Ikimiz geçmesek gerek.
177
Aspiranturadan ýykylypdyr diýen ady alandan, synaga girmän,
yza gaýdybersek niçik bolar?—diýip, maňa ýüzlendi. Menem
oňa:
— Munça gelenimize görä synanyşyp göreli—diýdim.
Ilkinji bilet alanlaryň biri jogap bermäge başlady. Gapy açyk
durany üçin, bizem daşdan seredip, onuň jogabyny diňleýärdik.
Onýança synagçylaryň başlygy Bäşim Çaryýarow “Içeri giribem
diňläbilersiňiz” diýen yşarat bilen bizi içeri çagyrdy. Girip
diňledik. Jogap berýänleriň käbiri esasy soraglaryny gowy aýdyp,
mekdep grammatikasyndan berilýän sadaja soraglara kürtdürip
ýa-da nädogry jogap berýärdiler. Toýly ikimiz pyşyrdaşyp:
“Wah, şu soraglary bize-de beräýsediler” diýişýärdik. Öň
girenleriň üçüsi türkmençe, birisi orusça jogap berensoň, Toýly
ikimizem bilet çekdik. Üç soragyň üçüsi-de düşnükli, ýeňil,
derňewem mekdepde döwnän zatlarym. Men olara taýýrlanmak
üçin kelle agyrtmadym-da, jogap berip duranyň aýdýanlaryny
diňläp otyrdym. Synagçy mugallymlaryň biri meniň ýanyma
geldi-de: “Sen näme, eýýäm taýýarmy?” diýip sorady. Menem
“Hawa” diýip jogap berdim.
Meniň jogaplarym mugallymlara ýaran bolarly, olaryň biri
meniň öňüme bir käse çaý getirip goýdy-da: “Soraglara gowy
jogap berdi. Geliň, şu ýigidiň bilim derejesini gowy barlap
göreliň” diýdi, soňra ýeke-ýekeden sorag bermäge başladylar.
“Morfologiýa bilen sintaltisiň arabaglanyşygy” diýen soraga
beren jogabymdan göwnüm suw içmedi, galanlary, ylaýta-da,
mekdep grammatikasy boýunça berlen soraglar meniň gowy
bilýän zatlarymdy. Dar çekimlileriň düşmek we düşmezlik
kadasy barada berlen goşmaça soraga şol çekimlileriň düşmegi
üçin gerek bolan üç şerti tagtada mysaly bilen jogap berdim.
Bäşim Çaryýarow bu kadany nireden okanlygymy sorady.
Menem şu temadan respublikan pedagogik okaýyşda ýörite
çykyş edip, birinji ýeri eýelänligimi aýtdym.
Men jogap beriň durkam, Hamzaýewem jaýa gelip girdi
we gapa ýakyn stoluň başynda meniň goşmaça soraglara berýän
jogabymy diňläp otyrdy, özi sorag bermedi. Çaryýarowyň soňky
soraglaryna jogap berenimsoň, ol: “Indi soraglary bes edäýeliň”
178
diýdi.
Türkmen dili boýunça synagdan diňe üç adam: Begenç
Kerimi, Toýly we men bäşlik aldyk, beýlekileriň köpüsi dörtlük,
dördüsi hem üçlük eken. Partiýa taryhyndan we orus dilinden
men dörtlük, Toýly we Begenç aga dagy bolsa bäşlik baha
aldylar. “Aspirantura kabul edilen-edilmändigiňizi öý adresiňize
ýazarys” diýlenden soň, biz öýli-öýümize gaýtdyk.
ATAMY ÖÝLENDIRIŞIM
Öňde ýazyşym ýaly, 1957-nji ýylyň 4-nji martynda enem
ýaş üstünden aýrylansoň, atam dört ýarym ýyl bari sallahdy.
58 ýaşyna seretmezden, ol gaty daýaw, sagdyn, entek garrylyk
asla heder etmedik adamdy. Şonuň üçin enemiň ýyl sadakasy
sowlandan soň, men oňa öýlenmegi teklip etdim. Atamam
“Men özüme aýal tapsamam, enesiz galan ýedi çaga, ylaýtada kiçilerine ene tapyp bilmerin. Olar öweý enäniň elinde
horlanandan meniň öýlenmedigim gowy” diýip jogap berdi.
Birki ýyldan teklibimi gaýtalabam şol jogaby eşitdim.
Hormatly okyjym! Men öýlendirmek meselesi bilen iki
ogul we inidir ýegenler bilen köp gepleşip, gerek ýerinde olaryň
üstüne herrelip, abaý-syýasat edip, hatda ýalbarybam gördüm.
Emma bu temada gürrüň edeniňde, atanyň ogul ýa-da ini
dälligine gowy düşüniň: Kynlyk bilen, örän çekinip: “Ata,bizem
eneli bolaýsak, bize-de, özüňe-de gowy boljak” diýip gürrüňe
başlarsyňam weli, ol: “Goýsana şu gürrüňi. Men senden aýal
soradymmy?” diýip, sözüni keser, wessalam.
Muny iki gezek başdan geçirenim üçin, menem bu tema
gaýdyp dolanmadym. Emma nädogry edipdirin: soňky döwürde
atam bir hili ýeldirgän ýaly bolaýdy, sähel zatda yrsarap
käýemäni, gahar etmäni çykardy. Tomus kanikuly döwründe üçdört gün maňa sögünip gezdi, bir günem elýuwaryň aşagynda
kellämi sabynlap ýuwup durkam, elindäki uzyn saply kepjesi
bilen uzaboýuna ýagyrnyma urdy, kepjäniň sapy döwlüp, özi
honda uçup gitdi. Gözümiň sabynyny süpürip, yza seretsem,
atam elinde galan sapyň bölegi bilen ýene urmaga niýetlenip
179
topulyp gelýär. Gaçdym. Kellämiň sabynyny ýakyndaky ýapdan
ýuwdum, eşiklerimi hem harman jaýda oýnap ýören Myrat bilen
Agamyrada getirdip geýindim.
Atam çagalaryny urup ýören adam däldi. Gyzlaryna-ha ol
asla gaty-gaýrym zadam diýmezdi. Meni hem mundan öň diňe
bir gezek urany ýadyma düşdi. Onda-da özüm günäkärdim.
3-nji ýa 4-nji klasda okaýarkam, men öýlänine sygrymyzy otly
ýerlere örkläp, ýakynynda oglanlar bilen aşyk oýnardym. Bu
oýun üçin amatly ýer gaýradaky arygyň Padagüzer diýen ýeridi.
Men şol günem sygry arygyň boýuna daňdym. Gyşda gazylyp,
gyralary dikligine gowy ýylmanyp taraşlanan aryk suwdan dolup
akýardy. Onuň gyralaryndaky otlanan hyşalaryň töňňelerinden
göm-gökje ösüntgiler we suw gamşynyň ösüp gelýän ýaş nesli
gury çöp bilen gyşdan çykan sygryň işdäsini oýarypdyr, ol ýabyň
gyrasyndaky şol gök otlary iýjek bolanda aýagy taýyp, suwa
gaçypdyr. Gyrada kakylan gazyk sygyr janawary ýakynyndaky
güzere tarap ýüzmäge-de maý bermändir. Dik gyradan çykjak
bolup, ol köp urnan bolmaly: toýnaklaryň yzy gyrany dilimdilim edipdir. Sowuk suwda uzak urnup, haly giden sygyr
ahyrynda suwa gark bolup ölüpdir.
Aşykdan ünsümi sowup bir seretsem, atam sygryň ýüpüni
gyra tarap çekip barýar. Pagta meýdanlaryna gyş suwuny bile
tutýan ýoldaşy Halmyrat bilen sygry çekip, gyra çykardylar.
Janawar ölüp galypdyr. Atam sygryň zynjyrly ýüpüni onuň
şahyndan çözüp aldy, gapdalynda aňk bolup, aňalyp durkam,
maňa gözi düşdi-de, elindäki zynjyr bilen urdy. Ikinji gezek
urmaga Halmyrat ýol bermedi.
Ýabyň boýunda oturyp, bu gezek meni atamyň näme üçin
uranlygy barada oýlanýaryn. Ullakan sebäp ýok. Mundan üç
gün öň atam maňa Reýim agalarynyň öýüniň ýakynyndaky
açyk meýdana örklenen göläni ýabyň boýundaky kölegä getirip
daňmagy buýrupdy. Men göläni getirmäge barsam, ol ýerde iki
göle bar. Öýümize tarapdaky kiçi göle biziňkidir öýdüp, men
ony getirip, kölegä daňdym. Emma ol biziňki däl ekeni. Yssa
galmasyn üçin, öz gölesini äkitmäge gelen Nadýa daýza (Reýim
aganyň aýaly) hol ýabyň boýunda daňylgy duranlygyny görüp,
180
boşan göläni goňşular tutup daňandyr öýdüpdir we gölesini
öýüne äkidipdir. Biziň gölämiz bolsa günde galyberipdir.
Öýlänlik ony atam kölegä daňyp, maňa agzyna gelenini diýip
käýindi. “Öz malyny tanamazam mahluk bolarmy?” diýip,
aýdanyma-da ynanmady (men goýun-geç-ä beýlede dursun,
eşek, sygyr ýaly uly mallarymyzy hem tanamaýardym. Gyşyna
boşadylyp, pagtaçylyga kowulýan sygrymyz wagtynda gelmese,
ony getirmegi hem atam maňa buýraýsa, men meýdandaky
biziňki bilen reňkdeş sygyrlaryň ählisini öňüme salyp, sürüp
gaýdardym. Biziň öýümize hiç haýsy sowulmasa, meýdana
täzeden giderdim).
Näçe pikir etsemem, atamyň öňünde eden başga günämi
tapyp bilmedim. Ýersiz iýlen taýagam barha basmarlady,
horlugym geldi. Myrada motosikliň açaryny getirdip, göni
Burdalyga –uçilişede bileräk okan ýaşlyk dostum Haýdar
Işangulynyňka gitdim. Bile gezelenç etdik, iýip-içip, gije
bile ýatdyk. Derdimi aýtmadym, emma onuň özi aňdy. Ertesi
günortanlyk menden şu çaka çenli gijäniň bir wagtyna deňeç
otursamam, ýatyp gitme endigimiň ýoklugyny, bu gezek näme
üçin beýdenligimi we tukatlygymyň sebäbini sorady. Ilki buýtarsuýtar etsemem, soň gönüläp, bolan zatlary aýdyp berdim we
horlugym gelip, kibtine maňlaýymy goýup agladym.
Azrak oturdyk. Soňra Haýdar:
— Hany, ýör, obaňa gideli—diýdi.
— Ýok, men indi öýe barjak däl.
— Öýe barmazyň-a bolmaz-da, ýöne men häzir siziň
öýüňize däl, Reýimberdi aganyňka barjak. Soňuny soň göreris.
Reýimberdi aga biziň melikler diýen tirämiziň ýaşulusydy
(Haýdar biziň obamyza gaty beletdi). Sanly salymdan motorly
onuň öýüne geldik. Salam berip, ýaňy dyzymyzy epenimizden
Haýdar oňa:
— Reýinberdi aga, Soltanşany atasy urupdyr—diýdi. Olam
sesini çykarman biraz oturdy-da, töwir galdyrdy, saçagy teläriň
üstüne goýdy-da, köwşüni geýdi, hasasyny eline alybam: “Hany,
ýörüň!” diýdi. Ol ýolda hasasyny arkasyna alyp, her elini bir
tarapyndan geçirdi-de, öz-özi bilen gepleşýän ýaly hüňürdäp,
181
biziň öýümize tarap ýola düşdi:
— Atanyýazyň päli azypdyr, päli. Onuň soňky günlerde
dälirän ýaly bolup ýörenligini aňýardymam-la. Näme indi
üç sany çaganyň atasy bolan är çykan ogly saýgylabermeli
bolarmy? Päli azypdyr mynyň, päli.
Biz öýüň gapysyna geldik. Reýimberdi aga “Hany, içeri
giriň” diýensoň, bizem onuň yzy bilen atamyň ýatýan otagyna
girdik. Atam galamdan1 ýüp iýşip oturan eken. Reýimberdi
aga onuň salamyny alman, göni gabadynda orudy-da, üstüne
gygyrmaga başlady:
— Näme üçin ata çykan ogly urduň?
Atam işini goýup, iýşilip, sag aýagynyň penjesine oralan
ýüpi çözläp, bir gapdala goýdy, uzadan aýaklaryny ýygnady-da,
sesini çýykarman oturdy. Reýimberdi aga: “Hany jogap ber”
diýip gyssaýar, käte-de hasasyny atamyň kellesiniň üstaşyry
kelemenledip goýberýär. Kiçijik göwreli, 75 ýaşly garryja
pyýada hüjüm edýär, pil ýaly pyýada bolsa müzzerilip, ýere
bakyp otyr. Ahyry Reýimberdi aga bize “Hany, siz daşa çykyň”
diýdi. Biz çykdyk. Atam ikisi jaýda ýarym sagatdanam köp
gürleşdiler. Reýimberdi aga ahyry daş çykdy, gapydan esli
daşlaşansoň, maňa baka öwrüldi-de:
— Atanyýaz heniz gaty daýaw. Ony öýlendiräýmeseň, ol
seni ýene urar—diýdi. Menem:
— “Derdini bilen dermanynam biler” diýipdirler. Reýimberdi
aga, onuň kimi almaga razylygyny hem bir bilip beriň. Maňa ol
ýene aýtmaz—diýip, ondan haýyş etdim. Reýimberdi aga ýene
içeri girdi, esli salym eglendi, çykybam:
— Permede sagymçy bolup işleýän Öwezbikäni
tanaýarmyň? Ho-ol mugallym Çary Seýidiň atasynyň dogany.
Ol irden bäri perme howlynyň bir tamynda ýaşap ýör. Şony alyp
beräýseň, ataň razy bolar—diýdi. Men guş tutan ýaly begenip,
Reýimberdi aga sag bol aýdyp goýberdim.
Öwezbike diýen gartaşyberen aýal irden bäri fermady
___________
Galam—Amyderýa boýlarynda ösýän inçe baldakly, gamyş ýaly
ösümlik. Onuň bogunlaryny döwüp, daşyndaky örtügi sogrup alyp döwseň
we suwa ezip iýşseň, ondan kendiriňki ýaly gowy ýüp edip bolýar
1
182
sagymçydy. Aýdyşlaryna görä, onuň bir ogul, bir gyzy
bolupdyr, äri urşa gidip gelmändir. Uruş ýyllarynyň gazaply
döwri çagalarynyň ikisi hem ýa keselden,ýa-da açlykdan aradan
çykypdyr. Şondan soň ol hiç kime barman, 3—4 sany goýungeçisini we birtopar towugyny özüne höwür edinip, ýeke özi
fermanyň howlusynda ýaşaýardy. Baýly daýymyň şu fermada
köp wagt işländigi ýadyma düşüp, agşam motorly onuň ýanyna
bardym we bolan gürrüňleri aýdyp berdim. Olam: “Şu weli
bolaýypdyr. Şu çaka çenli Öwez ekäniň (ol Öwezbike daýza
şeýle ýüzlenýärdi) ýada düşmeýşini diýsene. Ýogsa men onuň
bilen 7 ýyl fermada bile işledim, ol sagymçy, men göle bakýan.
“Haýyr işi jäht tut” diýenleri. Edil şu agşam gideli. Biriniň
diýenini etjek bolsa, meniň diýenimi eder. Goýun soýdurmaly
ýa-da gyrkdyrmaly bolsa-da, ol menden başga aýdýan däldir—
diýdi.
Garaňky düşensoň, biz onuň öýüne bardyk. Hiç zatdan
habarsyz kempir ikimizi gowy garşylady, derrew nahar getirdi,
bir jam gaýmak goýdy.
Nahardan soň daýym gönüläp, oňa näme niýet bilen
gelendigimizi aýtdy. Ol “Hiýh” diýip içini çekdi-de, birsalym
dymyp otyrdy. Soňra ýaglygynyň ujy bilen gözüniň ýaşyny
süpürip:
— Goýaweri, Baýly. Men senden beýle zada garaşmandym.
Näme, men är soradymmy? 25 ýyllap ýeke ýaşadym, diňe ölüp
görmedim, galanyny gördüm.Indi maňa är gerek däl, indi meniň
ärim—mallarym, towuklarym—diýdi-de, ýene aglady. Bizem
bir hili bolduk. Daýym: “Men ertir gelerin” diýensoň, daş
çykdyk we meniň motosiklimi goýan gamyşlygymyza bardyk.
Biz öýdekäk, bir zar ýagypdyr. Soňam sowuk bolup, ähli zat
jyza baglap, buza örtülip ýatyr. Meniň gyzyl “Pannoniýam”
hem ap-ak reňke boýalan ýaly, üstüniň buz örtügi zerarly, ruly
elden sypyp dur. Daýymyň asly käri mehanizator bolansoň:
“Otlajak bolubam oturma, ot almaz, buzuny döwüşdirip, idip
äkideli” diýdi. Menem motoryň üstüniň, rullarynyň buz örtügini
döwüşdirip, kakyşdyryp, ýag berdim-de depdim. Ot aldy, bizem
öýe gaýtdyk.
183
Daýym ertesi baranda-da, ondan gowy jogap alyp bilmändir.
Soňrak men Öwezbike daýzanyň inisi, meniň oba mekdebindäki
mugallymym Çary Seýidiň öýüne baryp, ähli zady bolşy-bolşy
ýaly aýtdym. Onuň bilen agşamlyk ýene ferma geldik. Saglykamanlykdan soň, Çary gürrüňe başlady:
— Eke, sen bir pikir et, mundan buýana öňüň garrylyk.
Ýeter-ýetmeziň bolar, keselläniň bolar. Soltanşa dagy bir
öňden gelýän döwletli maşgala. Dessine ogully-gyzly, agtyklyçowlukly, bir topar kömekçili bolýarsyň. Ara uzak bolansoň, tiztiz gelip-gidibem bolanok, senden dynybam bolanok. Bularyň
sözüni ýykma. Şeýtseň, menem senden razy bolaryn—diýdi.
Emma Öwezbike daýza ýene razy bolmady. Çary maňa: “Sen
gaýt. Men biraz oturjak. Erte duşuşarys” diýdi. Gaýtdym. Ertesi
ol öýe gelip, edil häzir-ä hoş söz alyp bilmänligini, ýöne ony tiz
wagtdan şu öýe geler ýaly etjekligini aýdyp gitdi.
Ferma zol-zol gatnaýanlygymyzyň sebäbi örän çalt bilindi.
Ilki fermadaky aýallar, biziň şowsuz gudaçylygymyz barada ile
şow edip çykdylar. Oba ýaşululary atam barada edýän bu aladam
üçin maňa alkyş aýdýardylar we rowaçlyk arzuw edýärdiler.
Bu gürrüň atamyň gulagyna degen bolmaly. Fermada bize
ýüz berilmeýänini aňansoň, ol müzzeräýdi. Daşarda kepbe ören
az wagtynyň dowamynda-da ol hiç kim bilen gepleşmedi, köp
wagtyny bolsa jaýynda ýatyp geçirdi. Ynha, şeýle günleriň
birinde biziň bu işimiz ýeňil çözüldi duruberdi. Bu şeýle boldy.
Obamyzda Derwüş işan diýip, ýaşy altmyşdan geçen,
öýsüz-öwzarsyz, maşgalasyz, çokgasakgal bir işän kişi bardy.
Ony şu etrapda şu asyryň başlarynda ýaşap geçen we dünýäden
öten, soňam Zöhre-Tahyryň köşgüniň deňinde, gumuň içinde
ýörite hanakada jaýlanan atly-abraýly, örän şöhratly Omar
işän hezretleriniň neberesi diýerdiler. Şonuň üçinem Derwüş
işana dil ýetirip bilýän adam ýokdy. Onuň her obada üç-dört
sany öz barýan öýleri bardy. Şolaryň haýsynyňkyda gün batsa,
şonuňkyda-da ýatyp-turardy. Kirini-çägini we ähli eşigini il
götererdi. Ony diňe bir Burdalykda däl, eýsem, Garabekewülde,
Saýat-Sakarda, hatda Farapda-da gowy tanaýardylar. Derwüş
şanyň ähli goşy uzyn syrygy bilen iki gözüne-de eşik, nas çüýşe
184
ýaly zatlary salnan şal horjunydy. Ol horjunyny egnine atyp,
syrygyny hem eline alyp gidibererdi. Ymykly bir ýerde bolman,
her gün bir ýerde ýatyp-turup ýörenligi üçin, il oňa Derwüş diýip
at dakan bolsa-da, onuň hakyky adyny bilýän ýokdy, Derşüw işan
namaz okap, oraza tutup ýören, umuman, din ýoluny ýöredýän
adam däldi, onda iliň zadyna, gyzyl-çyzylyna göz gyzdyrmak
ýaly gylygam ýokdy. Nirede şatlyk-şagalaňlyk bolsa, şol ýere
barardy, çagalary daşyna üýşürip, olar bilen oýnabererdi.
Derwüş işan bilen meniň aramam erbet däldi. Käte
öýüň deňesindäki ýoldan geçende, ony çagyryp, naharlap
goýberäýmäm bardy. Yhna, bu dynç günem mellekde jöweniň
tommaklaryny çapyp, çilini ýykyp, ýeri sürüme taýýarlap
ýörkäm, gapdaldan geçip barýan Derwüş işana gözüm düşdi,
oňa gygyrdym:
— Ahaw, pir, hany, gel, tommak çapyş!
— Tommagyňy it iýsin, men nä elime kätmen alyp
gördümmi? Çagyrjak bolsaň, sen meni nahara çagyr!
— Dogrudanan, meniň öýümde nahar iýmäniňe-de esli
wagt boldy. Ýör, men seni naharlaýyn.
Tirkeşip öýe girdik. Günorta tarapdan içine gün düşüp
duran sabatdaky düşekde oturdyk. Nahar geldi. Nahar başynda
sabadyň gözenekli germewinden hol aňyrrakda kepbe örüp
oturan atama piriň gözi düşdi-de, ol maňa sorag berdi:
— Näme, Atanyýazy öýlendirjek bolýarmyň?
“Hä-ä, bu gürrüňi pirem eşiden eken-ow” diýip, içimi
hümletdim-de, daşymdanam:
— Hawa, pir, ýöne işimiz ýol alyberenok—diýdim.
— Şol permedäki Öwezbikemi aljagyňyz ýa başga ýere-de
bardyňyzmy?
— Öz-ä şol Öwezbikedir, ýöne ol asla “bolýar” diýiberenok.
— Hany, meniň bilenem baryp gör, diýmäbilse diýmesin.
Bu kempiriň namaz okap, oraza tutup, öwlüýälere zyýarat
edip ýörenligi, işan-pire-de berk ynanýanlygy ýadyma düşdi,
piri sözüniň gaýtarylmajagyna ynanybam gaty begendim:
— O, gurbanyň bolaýyn, pirim, haçan permä gideris?
— Nahar bir iýeli, häzir gideris.
185
Men özüme töwir edindim-de, “Pir, sen iýiber” diýip,
eşiklerimi geýip geldim. Pir “Tizlikde şu öýde toý bolsun!”
diýip töwir galdyrdy. Men Myrada mellekde goýup gaýdan
kätmenimi öýe getirmegi tabşyrdym, piriň horjunyny motoryň
syrtyna—onuň oturjak ýerine atdym, motory otlap mündüm, pir
münensoň, onuň eline syrygyny alyp berdim. Öýdäkilere hiç zat
aýtmanam ferma ugradyk.
Fermadaky itleri örüzmezlik we adamlaryň ünsüni
çekmezlik üçin, men ýene motory ferma howlusyndan hol
uzakda sakladym, emma pir syrygynyň bir ujy bilen gapdalyma
symsyklady-da:
— Göni gapa sür, näme ogurlyga gelen ýaly çetde sakladyň?
Men şunça arany horjunymy göterip, pyýada ýöräýinmi?—diýdi.
Gapa gelip durduk. Daşky ojagyň ýanynda bir zada güýmenip
ýören Öwezbike daýza pir bir zat diýjek boldy, onýança-da
kempir elini daldalady-da, oňa ýalbarmaga başlady:
— Gurbanyňyz bolaýyn, pirim, hernä sögäýmäweriň!
— Sögülmejek bolsaň, näme üçin üstüňe bulary gatnadyp
ýörsüň? Sen nä Atanyýazdan gowa barjakmy, Soltanşadan oňada
ene boljakmy? Ýa sen sogapdan doýduňmy? Hany, tiz jogap ber!
— Jan pirim, meni gyssamaň, men birki gün pikir edeýin,
jogabyňy soň aýdaýyn.
Kempir soňky haýyşyny zol gaýtalap duransoň, pir
razylaşdy. Ol ýakyndaky obada düşüp galdy, men bolsa soňra
ýolugra Baýly daýymlara baryp, bolan gürrüňleri aýdyp berdim.
Pir bilen öýden çykansoň, biziň nirä gidenligimizi we işiň
ugra boljagyny atamam aňan bolmaga çemeli, ol ähli çili kätmen
bilen tekizläp, mellekdäki tommaklaryň galanlaryny çapyp
bolupdyr, olary her ýere-her ýere topbaklap, uly pagta ganar
bilen tamdyryň ýanyna daşap ýör ekeni. Men begenjime atama:
“Ata, işimiz ugruna bolaýsa gerek” diýdim. Olam diňe “Hmh”
etdi-de, başga zat diýmän, mellege tarap ugrady.
Ertesi ir bilen ählimiz bir saçagyň başyna üýşüp, çaý içip
otyrkak, öýüň ýanyna bir kiçimotor gelip durdy. Men Myrada
“Bar, habar tut” diýdim. Ol hem daş çykyp, içeri girdi-de:
— Aga, seni çagyrýar—diýdi. Daş çykdym. Fermada
186
görýän oglanym. Ol howlugyp:
— Meni Öwezbike mama iberdi. Ile gep ýassygy bolup
ýörjek däl. Bar-da, Soltanşa aýt, meni şu iki günde permeden
äkitmese, üçünji gün gelip oturmasyn diýip iberdi—diýdi-de,
yzyna dolandy. Men uly galmagal bilen öýe girdim, boljak toý
bilen ählisini gutladym we:
— Hany, çaý içişligi bes ediň, öýi tertibe salyň. Selbi,
sen Agamyrat bilen şu obadaky garyndaşlardan ussa Pirgula,
Hudaýguly aga, Gurban aga, Sary aga, Pirlä “Şu gün öýümize
ene getirjek, derrew öýe baryň” diýip aýt. Ogulhan, senem, Myrat
bilen gidip, daýylara aýdyp gel. Näzik, sen bolsa garyndaşlara
habar et—diýdim-de, özüm gyssagly geýnip, kolhozyň başlygy
Maksat Şakulowanyň öýüne ugradym. Onuň öýi goňşy Isamly
obasyndady. Barsam, ol öýündäkiler bilen çaý içip oturan eken.
Salam berip, içeri girdim. Salamymy aldy-da, öňüme-de bir käse
çaý goýdy-da:
— Gaty irläpsiň-le, eýgeliklmi?—diýdi.
— Eýgilik, Maksat eke. Enem ölende siz maňa uly goltgy
berdiňiz, derdimi deň bölüşdiňiz. Indi şatlygymy hem bile
bölüşäýseňiz. Nesip etse, eneli boljak bolýarys. Şony aýdaýyn
diýip geldim.
— Näme, Atanyýaz daýyny öýlendirjek bolýarmyň?
— Hawa.
— Oň bolsun! Şuny weli gowy edýärsiň, Soltanşa. Erkege
aýal garrandan soň gerek. Ataňa eden diňe şu ýagşylygyňam
seni behişde elter. Oňa kimi alyp berýärsiň?
Meniň gorkýanym şu soragdy, çünki fermada ýatyp,
sagymçylyk etmäge hiç aýal razy bolmaýardy, sagymçy
tapmagam başlyklar we ferma müdiri üçin kyn meseledi. Menem
çekinibräge-de:
— Hol fermada işleýän Öwezbike Rozy diýen aýal bar-a,
ana, şony—diýdim.
— Hä-ä, ol-a sagymçydyram, — Ol bir salym dymyp
oturdy-da: — Bolsa bolsun, Atanyýaz daýyny begendireniň
nämä degmeýär?! Sagymçy ýene tapylar. Öwezbike bir pukara,
gumry ýaly heleýdir. Dynar galarsyňyz. Saňa näme kömek
187
gerek? Pul-külüň ýeterlik barmy?
— Pul, mal bar, Maksat eke. Diňe şony göçürip getirer ýaly
şu gün bir ýük maşynyny beräýseňiz!
— Ýeke aýal diýip pikir etme. Onuň goşy, maly, odun-çöpi
az däldir. Ol—döwletmen aýal. Häzir edara bar, men saňa bir
ýük maşynyny, birem yzy arabaly traktor bereýin.
Men hoşlaşyp, gyssagly öýe geldim we fermadan alnyp
gaýdyljak zatlary taýýarlap goýmak üçin, Pirlä (çagyrylan
garyndaşlaryň ählisi eýýäm öýde eken) üç sany oglan we uly
uýam Ýazbikä-de iki-üç sany aýal-gyz toplamagy buýurdym.
Baýly daýym ferma eltip soýmak üçin bir tokly getiripdir. Nahar
bişirmäge-de Soltanmyrat daýym gelipdir. Men edara baryp,
berlen traktora ferma barmagy tabşyrdym, maşyny bolsa öýe
getirip, ferma gitjekleri hem oňa mündürip, ýola saldym.
Baran oglanlaryň we fermadakylaryň kömegi bilen öý
goşlaryny maşynyň öň tarapyna, yzyna-da 6—7 sany goýunguzyny ýükledik. Traktora-da äkitmeli diýlip görkezilen odunçöpleri, ykjam basylyp goýlan gury otlary ýükläp, öýe äkitdik.
Traktora rugsat berip, maşynly ýene ferma geldik. Nahardan
soň, galan-gaçan zatlary maşyna atyp, indi ugraly diýip durkak,
enemiziň 12 sany towugynyň barlygyny aýtdylar. Goňşularyň
towuklary bilen garyşyp, howluda gezip ýören towuklaryň
içinden “şol” diýlip görkezilenleriň dört-baş sanysyny oglanlar
kowalap tutdular, tutdurmadyklaryny bolsa köpleşip, taýak bilen
urup aldylar, kellesini kesibem maşyna okladylar. Ynha, şu ýerde
gödek ýalňyşanlygymyzy öýe gelensoň bilip galdym. Aýagy
biri-birine çatylyp daňlan diri towuklary towukketege goýberdik,
öldürilenleri bolsa ojagyň ýanynda üýşürip goýduk. Enemiz
ol towuklary gördi-de, ýanynda oturyp, ýeke-ýekeden gözden
geçirdi, öli towuklaryň käbiriniň arkasyny sypap, gözýaşyny
bizden gizläp, asli aglady. Men şonda ýeke ýaşaýan ynsanyň öýç
haýwany bilen edil çagasyna ysnyşyşy ýaly öwrenişýänligine
şu ýerde göz ýetirip, ol towuklary öldürenimize gaty ökündim.
Birnäçe günden soň meýdana goýberilen beýleki towuklaryň
biziň towuklarymyz bilen goşulyşman, enemiziň ýanynda
gezişini, asla ondan gaçmaýşyny, hatda onuň elinden iým iýşini
188
görenim soň-a enemizi öz perzendi ýaly ekläp-saklan, öwrenişen
janawarlaryndan aýranlygymyza, şeýdibem onuň ýüregine dag
basanlygymyza gowy düşündim.
Enemizi öýe getiren günümiz, 2-nji dekabrda men
aspirantura kabul edilenligim, 15-nji dekabra çenli pasportymy
we harby biletimi Hojambazyň hasabatyndan çykaryp, Aşgabada
gelmelidigim barada hat aldym, ýöne toý günleri bu barada hiç
kime aýtmadym. Şol gün we ertesi ähli dogan-garyndaşlarymyz,
oba-goňşular öýümize topar-topar bolup geldiler. Şol döwürde
eýýäm rowaçlanyp ugran komsomol toýlary ýaly, atam bilen
enemizi öňde oturdyp, uly toý edeli diýen teklibimize bolsa
olaryň ikisi-de kes-kelläm garşy boldular.
Toýdan üç-dört gün geçenden soň, men Aşgabatdan gelen
haty mekdep direktory Begli Gurdowa görkezdim. Ol Hojambaza
telefon edip, Bäşim Reýimow bilen gepleşdi-de, meniň
sapaklarymy okadara mugallymyň ýoklugy üçin, meni okuwa
goýbermejekligini aýtdy. Hojambaza gidibem Reýimowdan
şol jogaby aldym. Soňra institutyň direktory Hamzaýewiň
adyna “Meni işden goýberenoklar” diýip, telegramma berdim.
Ertesi meniň we direktoryň adyna gelen telegrammalarda
SSSR Ministrler Sowetiniň senesi we nomeri getirilen buýrugy
boýunça maňa işden hökman jogap berilmelidigi aýdylýardy.
Telegrammanyň bir nusgalygy Hojambaz etrap bilim bölüminede iberilipdir. Şondan soňam maňa jogap bermediler. Teý-ahyry
jogap bolmajagyny bilip, men direktora aýtman, Çärjewe uçdum,
welaýat bilim bölüminiň müdiri, uçilişedäki mugallymym
Ruslan Ergeşowyň kabulhanasyna barybam, telegrammany
görkezdim. Ol näme üçin gelenligimi we Aşgabada barmaly
wagtymdan eýýäm birnäçe gün gijä galanlygymy bildide, dessine Hojambaza—Reýimowa jaň edip, oňa biraz
käýedi. “Mugallym tapylmasa, şol sapak okadylmasyn, ýöne
Atanyýazowa ertiriň özünde rugsat hatyny bermeseň, seniň
bilen soň gepleşeris” diýdi-de, gaharly trubkany ýerinde goýdy.
Ertesi men göni Hojambaza uçdum, bu ýerde üç gün eglenibem
işden okuwa gidýänligim barada buýruk çykardyp, gerekli
dokumentleri elime aldym. Ýöne Reýimow meniň Çärjewe
189
rugsatsyz gidip, Ergeşowyň ýanyna baranlygymy gaty görüpdir,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.