Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04

Total number of words is 3725
Total number of unique words is 2213
27.5 of words are in the 2000 most common words
40.5 of words are in the 5000 most common words
47.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Men 4-nji klasy gutaranymda, şol wagtky okuw müdiri Raziýa
Hüseýinowa diýen tatar aýaly mekdebiň 7-8 sany gowy okaýan
okuwçysyny paý-pyýada Burdalygyň merkezine (10 kilometr)
raýon slýotyna äkitdi. Slýotda dabaraly ýygnakdan soň gowy
okaýan okuwçylara sylaglar gowşuryldy. Öňdäkiler hatarynda
maňa taryp haty berildi. Taryp hat alanlary zalyň öňünde hatara
düzdüler. Jemi 7-8 okuwçy. Şol wagtky raýon halk magaryf
bölüminiň müdiri Weli Nyýazdanow keýtikläp gelip (ol uruş
maýybydy), bize taryp haty gowşurdy we käbirimiziň başymyzy
sypap: “Serediň. Ynha, Burdalygyň iň ökde pionerleri” diýip
öwdi. Bizden soňkulara iki depderden sowgat etdiler. Ýalpyldap
duran ak kagyzly depder berilmän, diňe ýekeje tagta kagyz (taryp
haty) berlenine kemsinip agladym. Aglanlar başga-da tapyldy.
44
Bu ýagdaý bilnenden soň, bize goşmaça üç depderden berdiler.
Kagyz gytçylygyny hut gerdenim bilen çekenim üçin,
häzirki döwürde bile işleýän ýoldaşlarym, aspirantlarym arassa
kagyzy harlasalar, çagalar depderiň ýarysyny ýazyp, beýleki
ýarysyny peýdalanman taşlasalar, men bu ýagdaýa biperwaý
seredip bilmeýärin, hiç bolmasa, olara ýokarky zatlary gürrüň
berýärin.
Şol agyr ýyllarda geýen egin-eşiklerimiz barada-da käbir
zatlary gürrüň bereýin.
Ak kagyzyň ýoklugy ýaly, mata-da ýokdy. Her öýde
dokma ýüwürdilip, biýz dokalardy. Munuň üçin köne (linter)
pagtadan ikde ýüplük egrip, ony boýap, ýumak ederdiler. Köne
pagtadan ýüplügi inçe egrip bolmaýar, munuň üçin meýdandan
ýygyp getiren pagtamyzy çigitläp, eneler ony köne pagta bilen
goşup saýardylar. Ýöne täze pagtany (kolhozyň pagtasyny)
peýdalanmak howpludy, ol jenaýat hasaplanýardy, kolhozda
şeýle pagtadan ýorgan edinen bendelerden iki sanysynyň türmä
basylandygyny hem bilýärin.
Ynha, dokmanyň erşi-argajy taýýar. Sähetli gün ony enemiň
ýolbaşçylygynda ýüwürderdik. Men 10-11 ýaşly döwrümde
öz geýjek biýzimiziň ýüplügini-de özüm egrerdim, biýzini-de
özüm dokardym. Enem diňe boýap, biçip hem tikip bererdi. Içki
eşigimiz ýokdy. Horda biýziň endamyň näzik ýerlerine nähili
täsir edýänligini özüňiz göz öňüne getiriň. Köp ylgaşan we işlän
günlerimiz goltugymyzyň aşagyny, umuman bedeniň näzik
ýerlerini biýz kertip, gan-gabarçak ederdi. Täze biýz köýnekbalak bilen bedenimiz öwrenişýänçä, uzaga gidip bilmezdik.
Gyşy-ýazy aýakgap geýmezdik. Aýakgabymyz asla
ýokdy. Şatlama aýazly günlerde, doňakçylykda ýakyn aralyga
aýagymyza galyň şal dolap giderdik. Şeýle günlerde mekdebe
gitmek üçin eýlenmedik derini çalaja ölläp, ýüňli ýa çöpürli
ýüzüni içine edip, çaryk şekilli aýakgap tikip bererdiler. Çep
paýy sagyna meňzemäýänem bolsa, ol polsuz klasda aýagymyzy
partanyň aýak goýulýan tagtasynyň üstünde goýup oturan
wagtymyz hezil bererdi, ýöne Gün çykyp, sähel gurakçylygyň
boldugy ol gatap, aýaklarymyzyň ýokarsyny we injiklerimizi
45
kertip, gara gana ýuwardy. Beýle bolanda ony çykaryp çatardykda, egnimize atardyk.
Garsyz, doňaksyz howalarda mekdebe aýakgapsyz
gelerdik. Partada oturyp, üşän aýaklarymyzy gezekli-gezegine
donumyzyň goltugyna salyp ýyladardyk (şol wagtlar aýagymyz
goltugymyza ýetýärdi).
Ýylyň az bolanda 11 aýy aýakýalaň gezýänligimiz üçin,
aýagymyzyň aşagynyň tebigy podoşy gaty galňardy, hatda
ýylgynyň syhy, buýanyň çöňürdi, gyzganyň temeni ýaly zatlar
bolaýmasa, oňa ýandagyň tikeni ýaly ownuk-uşak zatlar asla
kärem etmezdi.
Şunuň bilen baglanyşykly şeýle bir zady gürrüň bersem,
birnäçe okyjynyň ynanmazlygy-da mümkin. Ýöne ynanaýyň:
bu wakanyň onlarça şaýatlary biziň obamyzda häzirem ýaşap
ýörler.
Men 3-nji ýa-da 4-nji klasda okaýan döwrümde
mekdebimiziň ýokary klas okuwçylarynyň arasynda aýagynyň
aşagyna hat ýazmak ýoň (moda) boldy. Ilki podoşy birnäçe
millimetre ýetýän dabanyň, penjäniň ýa ökjäniň aşagyna ýüplük
geçirmek bilen öz adynyň we atasynyň adynyň baş harplaryny
ýazdylar. Gumaksy ýerlerde şol harp ýazylan dabanlardan galýan
yzlar öz eýeleriniň kimlerdigini köplenç habar berip bilýärdi.
Soňra dabanynyň aşagy has galyň oglanlar ýiti tyg bilen kesmek
arkaly oňa harp ýazdylar. Meselem, men ökjäme şu usul bilen S.
A. harplaryny ters ýazdym. Ol basan yzymda Soltanşa Atanyýaz
diýen möhürimi aňlatmalydy. Hudaýberdi diýen ýoldaşymyzyň
aýagyna H.A., Babagulynyňkyda B.G. diýen möhürler bardy.
Ýokary klasdan bolan Mähemmet Artyk diýen oglan hem
aýagynyň aşagyna öz inisiallaryny ýazyp, möhür edinipdir
(umuman, 4-nji klasdan ýokarda okaýan oglanlaryň möhürsizi
ýok diýen ýalydy). Basan yzynda onuň möhüri hapa sözi
aňladýanlygy üçin, ol yz baradaky habar mugallymlara ýetdi.
Bir gün olar ähli oglanlary mekdebiň öňüne çykardylar,
aýaklarymyzy öňe uzatdyryp oturtdylar. Erkek mugallymlaryň
hersi bir hatardaky oglanlaryň aýagynyň aşagyndaky hatlary
barlap çykdy, ýöne gözlenýan hatly aýak tapylmady. Biz ol
46
aýagyň kimdigini bilýärdik, ýöne mugallymlara aýtmadyk.
Mugallymlaram ony bildiler. Ertesi Mähemmedi mekdebe
getirip, mugallymlaryň otagynda onuň aýagynyň harply
podoşyny esli galyňlykda kädiniň paçagy ýaly edip, kesip
aýrypdyrlar. Bu operasiýa oba sowetiniň başlygy Gaýyr aga we
kolhozyň başlygy Musa Janguly hem çagyrylydpdyr.
Şol günüň ertesi mekdepde oglanlat bilen ýygnak geçirildi.
Onda möhürli dabanlaryň haty bir hepdede ýok edilmese,
Mähemmet Artygyňky ýaly kesilip aýryljakdygyny aýtdylar.
Şeýdip, dabana hat ýazmaklyk däbinden el çekmeli bolduk.
Geýýän eşiklerimiz barada munça gürrüň berenime görä,
gara öýüň içindäki goşlar we ýorgan-düşekler barada-da käbir
zatlary ýatlaýyn.
Uruş başlanmazynyň öň ýanynda şäherçä göçülip gelnenligi
üçin, onda ýaşaýanlaryň köpüsi tam salynmaga ýetişmedi. Ilatyň
aglabasy gara öýlerde ýaşaýardy. Gara öýi bolmadyklar edil gara
öý ýaly formasy bolan gümmezkepbe edinýärdiler, ýöne açylyp
ýapylýan serpigi, äpişgesi ýoklugy üçin, gümmezkepbeler
garaňky we tüsseli bolardy, emma daşynyň samanly suwag bilen
suwalýanlygy üçin, gyşda içi ýylydy. Bu öýleriň ikisinde-de öý
goşlarynyň ýerleşdirilişi meňzeşräkdi: gapydan giren ýeriňde
gazanojak bardy, onuň öňünde ini-boýy bir metr çemesi bolan,
gyrasyna pessejek erňek edilen ojagöňi aýmançajyk bolardy.
Onda gyşyna ot ýakylardy. Unundan gögi 4-5 esse köp gögümtil
massadan ýugrulyp ýasalan gömmeleri hem enemiz şu ojakda
oda gömüp bişirerdi, ony tamdyra ýapmak mümkin däldi, çünki
ol tamdyryň ýüzünden sypyrylyp gaçardy.
Tutuş obada hiç kimde kükürt ýokdy, her kim öz öýündäki
ojakda tä ertire çenli ody öçürmän saklamaga çalşardy. Munuň
üçin her öýde guradylan esli eşektezek ýa-da sygyrlopby (sygyr
tezegi) saklanardy. Ýatmazdan öňinçä enemiz tezekleriň birini
oda tutaşdyryp, tutaşdyrylmadyklaryny hem oňa degşireje
goýup, üstüni gyzgyn kül bilen gömerdi. Tezegiň örän haýal
ýanýanlygy üçin, ot bir tezekden beýlekisine geçip, ertire çenli
öçmän saklanardy. Bardy-geldi, ähli tezek ýanyp gutaran bolsa,
onda bir tarapyna çöp dürtülen eşektezegi, ýagyşdan-ýagmyrdan
47
gorap, goňşularyňka eňerdik. Aýazda ýa-da ýagynly günlerde
ýyly ýorgandan çykyp gitmek näçe agyr bolsa-da, ody saklap
bilmedigi ýa-da küle iki-üç tezegi az gömenligi üçin enemize
igenip, hüňürdäp, oda men gitmeli bolardym. Tä otly öýe
duş gelýänçäm, hatary syryp giderdim. Ýolboýy hem döwüň
öýünden ody etegine salyp alyp gaýdan Akpamyga haýpym
gelerdi: bir çeti tutaşdyrylan tezegiň çöpünden tutup, ot getirmek
ody etekde külüň üstüne döküp getirmekden ýeňil ahyry!
Oduň ýolunda kelläme gelýän ýene bir pikir ýadymda: iliň
şäherçede ýygjam ýaşaýanlygam gowy zat. Mundan on ýyl
çemesi owal bolşy ýaly, bir öý beýlekisinden allowarra uzakda
ýerleşen bolsa nädersiň?! Itleri örüzip baý, gidersiň-ä. Sebäbi
otsuz-a oňup bolanok. “Ojagyň ody öçmesin!”, “Oda geleniň,
on agyz gepi bar”, “Näme, oda gelen ýaly, gyssanyp dursuň?”—
bu aýtgylar we nakyllar, belki, şol döwürde dörändir. Şeýle
pikirlere gümra bolup, ot getirerdim.
Sowuk günlerde şu ojakda ýanýan oduň daşyna tegelenişip,
üşän ellerimizi we aýaklarymyzy oda galaşyp oturardyk. Geň
ýeri, ýylatmak üçin oda tutulýan aýaklarymyz dyzymyza
çenli ýalaňaç (çyzgalgy) bolany üçin, oglanlaryň aýaklarynyň
topugyndan tä dyzyna çenli aralykdaky iç ýüzi (oda tutulýan
ýeri) küňtüň tagtasy ýaly alabeder ýa-da zolak-zolak bolardy.
Uruş döwründe bitsiz-sirkesiz adam ýokdy. Günde-günaşa
enemiz köýnek-balaklarymyzy çykaryp, şol ojakda oda kakyp
bererdi. Uruş döwrüniň obada ösen çagalary eneleriň howurly
tamdyra ýa-da ojakdaky közüň üstüne egin-eşik kakyşyny
göz öňüne getirýändir. Munuň üçin enemiz oduň daşyndan
öňe uzan aýaklarynyň başam barmaklary bilen eşigiň iki
tarapyndan tutardy, çep eli bilen üçünji burçuny çekerdi, oduň
üstüne gerňelen eşik gyzyp başlan wagty hem sag eliniň tersi
bilen onuň üstünden urardy. Eziz döwürdeşlerim! Oda gaçyp
ýarylýan bitleriň çytdyldaşýan seslerini şu ajaýyp zamanda
ýene ýatladýanlygym üçin meniň günämi ötüň! Men bu setirleri
siziň üçin däl, eýsem, bolçulyk döwürde dolup, taýýar aşyň
eýesi bolan häzirki nesillerimiz üçin ýazýaryn. Goý, olar atababalarynyň şu günki güne ýetmek üçin çeken azaplaryny göz
48
öňýne getirip, Garaşsyz döwletimizdäki bagtyýar durmuşyň
gadyryny bilsinler.
Ýene-de gara öýe dolanalyň. Onuň gapydan girip, ikiüç ädimlikdäki sag dulunda degirmen gurlardy. Goldaşyp (iki
bolup) üwär ýaly, degirmeniň iki tarapynda düşekçe ýazyp
oturmak üçin ýörite suwalyp bejerilen sekiler bolardy. Gepiň
gerdişine görä, şu ýerde bir zady gürrüň bereýin. Enem ertir Gün
doga eşekli işe gidip, garaňky düşende-de surnugyp, ýadap öýe
gelerdi. Ondan soň bizi baryndan naharlap, ýorgana girenimizden
soňam degirmeniň daşyna geçerdi. Onuň käwagt degirmen üwäp
oturyşyna irkilýändigine, hatda degirmeniň bogazyna guýan
dänesiniň doly üwelip, boş degirmeniň takyrdap ses edýändigini
hem aňşyrmaýandygyna gözüm ýetende, eneme rehimim gelip,
ýorgandan çykardym, degirmeniň törki aýmançasyna geçip, oňa
degirmen goldaşardym. Bir käse ýa bir jam dänäni ýeke özümiň
üweýän wagtlarymam bolupdy. Bir gezek meniň üwän unumy
enem täzeden üwedi, çünki men degirmen ýeňil bolar ýaly,
onuň süýbek agajyny ýokary galdyryp-aşak düşürýän tagtasyny
artygrak göteripdirin, degirmen un deregine ýarma çykarypdyr.
Ýene gara öýüň içindäki zatlara dolanyp geleliň. Degirmeniň
ikinji sekisiniň tör tarapynda sandyk goýlardy. Her öýde köwme
nagyş edilen ärsary sandyklary bardy. Olaryň üstüne ýorganýassyk basylýardy. Öýüň töründe iki ýa-da bir sany ullakan gyzyl
çuwllar gerlip, onuň birinde goş-golam, beýlekisinde bolsa däne
saklanardy. Galla köp bolanda, olaryň gapdalyna içi doly ululykiçili çuwallar diklenip goýlardy. Ondan çep tarapda aýnatorba,
çemçetorba, duzluk ýaly ululy-kiçili torbalar tärime gerlerdi.
Gara öýüň ortasyna düşek ýazylardy. Gyşyna erkek adamlar
düşeginiň aşagyna ýazmak üçin, ýekendüşek örerdiler. Ol bir-ä
yzgary ýokary geçirmeýär, ikinjidenem, ýyly bolýar. Ýekeniň
üstüne her kim özünde bar bolan düşegi atardy. Biziň obamyzdaky
gara öýleriň köpüsinde kilim bardy. Oňa kakmadüşek diýerdiler.
Haly ýazylan öý seýrekdi. Käbir öýlerdäki gowy halylar bolsa et
salgydyny üzmek üçin diýlip alnypdy. Uruş ýyllaryndaky gara
öýleriň aglabasynda şol öýde ýatyp-turýanlaryň ählisi üçin bir
ýorgan bolardy. 7-nji klasy gutaryp, Kerkä okuwa gidýänçäm,
49
biziň öýümizde-de bir ýorgan bardy.
Agşamlaryna ojakda ýanýan otdan başga köp öýlerde içerini
ýagtyldýan zat ýokdy. Bizde çoýunçyra diýip bir zat bardy,
ol çoýundan guýlup ýasalan gap bolup, pelte goýlar ýaly ýeri
bardy. Içine ýag guýup, peltäni ýaksaň, ol ýylpyldap, ölügsije
yşyk bererdi, ýöne oňa guýara ýag bolmazdy. Şonuň üçinem
gyşda okamaga-ýazmaga hiç hili mümkinçilik ýokdy, garaňky
düşdügi garbanyp, ýorgana girerdik, enemizem degirmeniň
başyna geçerdi. Biz doganlarymyz bilen ýorganyň aşagynda
biraz depişip, degirmeniň güňleç kytyrryň-kytyrryň sesine
uklap galardyk.
Her gün diýen ýaly şeýle hereket birsydyrgyn gaýtalanyp
durany üçin, biziň beýnimiz, edil çaganyň hüwdä öwrenişi ýaly,
degirmeniň sesine halys uýgunlaşyp gidipdi: degirmeniň sesi
çykmasa, ukymyz tutmazdy. Şeýle gijelerde enemize degirmen
üwemegi haýyş ederdik. Ol ýatanam bolsa turup, degirmeniň
başyna geçirdi.
Ýöne üwär ýaly galla mydam tapdyryp durmazdy. Ras
galla-däneli gürrüňe geçdikmi, onda uruş döwründe meniň we
meniň ýalylaryň ölmez-ödi iýmitleri hem-de şol iýmiti tapmak
üçin başdan geçiren aldym-berdimli göreşleri barada käbir
zatlary ýatlamagymyz gerek. Öňi bilen, çöregiň ýerini tutýan
zadyň ýoklugyny aýdaýyn. Obada et bardy. Sülgün, towşan
diýen janawarlary islän adam tutup biljekdi, emma çöreksiz eti
iýip bolmaýan eken. Şonuň üçin men bir goýnuň iki kilogram
jöwene çalşylan ýagdaýyna-da gabat gelipdim.
Obamyzda aňyrdan gelýän baý hasaplanýan Mämi külal
ýaly barly adamlar ýa kolhoz ýalbaşçylary bolaýmasa, galan
bendeleriň öýlerindäki gallasy gyşyň ortasyna ýeter-ýetmez
gutarardy. Şonuň üçin biz gyşyna mekdepden göni ýa-da öýe
gelip, dessine elimiz haltaly ýorunja ekilen meýdanlara giderdik,
çilleriň güneş tarapynda dürterişip çykýan ýorunjalary çürtüp
alardyk. Enemiz ony ýuwup- ardyp, ýag bilen daglap, üstünede bir gysym un seperdi-de, iýer ýaly bir zat bişirip bererdi.
Has horlanan maşgalalara kolhoz bir ýa iki gezek 1—2 kilodan
jöwen bererdi. Bar bolany şol. Oňmalydy. Oňmasaň öläýmelidi.
50
Uruş ýyllarynda biziň kolhozymyzda açlygyndan gidip barýan
ýerinde ýykylyp, çişip ölenler-de boldy. Ol bendeleri iki
ýa üç adam bolup, at araba ýüklärdiler, göni öwlüýä äkidip
hem jaýlardylar. Goňşy “Komintern” kolhozynda ýaşaýan
garyndaşlarymyz beýle ejir çekmediler, olarda açlykdan ölenem
bolmady. Soňra bilnişine görä, bu kolhozyň akylly-paýhasly we
köne sowatly Rahmanguly Amangeldi diýen başlygy bolup, ol
iň agyr döwür bolan 1943—1944-nji ýyllarda artykmaç dänäniň
bir bölegini döwletden gizläp saklamagy we zerur wagty ony
mätäçlere bölüp bermegi başarypdyr. Galyberse-de, ol tut
kişmişini, igde, jigirdek, çakyldak (guradylan erik) ýaly zatlary
hem gyş saklamagyň gamyny iýipdir.
Urşuň ahyrky ýyllary we ondan soňam bu kolhozda ilgünüň aladasyny edýän hakyky daýhanlardan başlyk saýlandy.
Şolaryň biri hem Bazar Haýytdy. Uzyn boýly, syratly, peşeneli
ýüzi bolan bu adam köplenç ýabyly gezenligi üçin, il içinde
onuň ýörgünli ady Bazar ýabylydy. Esasy gürrüňimizden çete
çekilip, men Bazar aga bilen baglanyşykly käbir wakalary
gürrüň bereýin.
Köp etraplarda bolşy ýaly, Burdalyk etrabynda-da raýkomyň
ikinji sekretary orus adamsydy. Oňa Gonçaruk diýýärdiler.
Emma bu sözi ýatmaga Bazar aganyň dili öwrülmänsoň, oňa
“ýoldaş Gaňşyrawuk!” diýip ýüzlenýän eken.
Bir gezek Gonçaruk etrapda geçirilen bir ýygnakda başlyklara
ýüzlenip, obada olaryň medeniýet ýaýradyjylardygyny, şonuň
üçin uly ile görelde bolmalydygyny, täze däp-dessurlaryň hem
başlyklardan başlanmalydygyny aýdypdyr we hut häziriň
özünde oba mazaginine ýörite getirdilen medeni harytlardaan
almagy talap edipdir. Topar tutup baryp, Gonçarugyň gözüniň
öňünde başlyklar iki jüpütden trusy-maýka alypdyrlar.
Ýene bir gün etrapda ýygnak bolanda, “Medeniýet”
kolhozynyň başlygy Jepbar Mätek (ol 1993-nji ýylda 96 ýaşynda
aradan çykdy) Bazar aganyň üstünden gelipdir we oňa:
— Bazar, atlan, gideli, ýöne Gaňşyrawugyň hol günki
aldyran kirlik ýaly eşiklerini-de horjunyňa at, şu gün ony
geýen-geýmänimizi barlajakmyş—diýipdir. Olar barmaly
51
ýerine ýetiberende atlaryndan düşüp, trusy-maýkalaryny ak
köýnek-balaklarynyň üstünden geýipdirler. Atlaryny daňyp, şol
eşikleri bilen hem ýygnagyň geçiriljek jaýyna girip, oturanlary
gyzylgyran gülüşdiripdirler.
Ýaşy bir çene baran Bazar aga başlyk döwürleri hem
daýhançylygy bir gapdalyndan goýmady, pil-kätmenini gurat
saklady. Başlyklygy goýan dessine-de kolhoz üçin jeňňelde
gawun ekdi, hasylynam artykmajy bilen aldy.
Obamyzyň adamlary Bazar aganyň gawuny bilen
baglanyşykly şeýle bir wakany gürrüň berýärler.
Gawun bişen döwründe Bazar aganyň gawunçylygyna
sowlan her bir adam gerk-gäbe gawundan doýup gidýän eken.
Ynha, bir günem jeňňelde mal bakýan Öwez pamyk diýen çopan
gelýär, eşeginem daňybam, göni Bazar aganyň çärdegine barýar
(asly Kaşgaderýa welaýatyndaky pamyk türkmenlerinden bolan
Öwez biziň kolhozymyzyň çopanydy. Ol kelteräk, emma deşli
pyýadady). Bazar aga iki sany gawuny getirip, öňünde goýýar.
Öwez ikisini-de iýýär. Bazar aga soraýar:
— Öwez han, ýene iýjekmi?
— Iýäýeris, Bazar aga.
Bazar aga ýene iki gawun getirýär. Öwez olary-da iýýär.
Geň görmeden ýaňa agzy açylan Bazar aga Öwezden:
— Öwez han, nätdi, boldumy ýa ýene iýjekmi?—diýip
soraýar. 30-35 ýaşly Öwez 75 ýaşly Bazar agadan biraz çekinip:
— Bazar aga, bolubiýr. Raýkomyň sekretary ýa kolhoz
başlygy bolaýmasaň, gawundan doýup goýan barmy?—diýip
jogap beripdir. Degişmä onçakly düşünmeýän we ençeme
ýyl başlyk bolan Bazar aga Öweziň ýaňky gepindäki “başlyk
bolaýmasaň” diýen sözlerini özüne çekip, gapdalda duran ganary
eline alyp, peýkala ugrapdyr we ganara 7—8 gawun salyp, ony
Öweziň eşeginiň daňylgy ýerine getiripdir:
— Hany, Öwez, mün eşegiňe! Syrtynda otur!—ganardaky
gawunlary gaňňanyň üstüne atybam:
—Bar, ýarylyp ölseňem, öz öýüňde öl!—diýip, Öwez
pamygy kowanmyş diýen gürrüň bar.
Ynha, “Komintern” kolhozyna iliň gamyny iýýän şeýle
52
adamlaryň ýolbaşçylyk edeni üçin, bu obada açlykdan helak
bolan adam bolmady. Biziň kolhozymyzda weli adamlar
açlygyndan nämeleri iýmediler?! Kolhozlaryň sygyrlaryna iým
üçin gelýän künjara (sarun) tapylaýsa, ony owradyp, üwäp, ony
çörek ýaly bir zatlar edip iýerdiler. Başga şeýle bitagam zady
iýenim ýadyma düşmeýär. Nätjek, ölmezlik üçin iýmelidi.
Jöwen we bugdaý bişen döwürlerde biziň üstümizden
açlygyň dumany sowlardy. Mellegimizdäki dänäni yrýa etmän
döwüp alanymyzdan soň, kolhoz meýdanlarynda el bilen orlup
ýygnalan bugdaýly atyzlardan hoşa çöplärdik. Bugdaý bogulary
atyzdan harmana çekilmänkä, ol bogularyň käbirini gyrada çöpçörüň içinde gizleýän halatlarymyz hem bolupdy. Ýöne bu iş
gorkulydy, tutulsaň göni türmä gidibermelidi. Baba Hakberdi
diýen bir garry iki-üç bogy bugdaýy gizlände tutulyp, däne
ogrusy hökmünde basyldy.
Biziň syrgynymyzdan 5-6 oglan bolup, hoşa çöplemäge
bile giderdik. Atyzyň hoşasy köp bolanda, alyp gaýdan iki
fartugymyzy ýa torbamyzy derrew doldurardyk. Soňra olaryň
üstüne çykyp, depgiläp ýa bir zat bilen urup, bugdaýyň başlaryny
döwerdik, ýele sowrup, ony arassa däne edip, öýe getirerdik,
ýöne gizlin ýollar bilen öýe gelmelidi,ç ünki hoşa çöplemegi
kolhoz gadagan edipdi, Gurbanýaz agany bolsa bugdaý orlan
we orulmadyk atyzlara garawul goýupdy. Ýöne Gurbanýaz
aga il gözüne haý-küş edýänem bolsa, hoşa çöpleýän ýa-da
ýegdenekleşip, agyr torbalaryny göterip barýan oglanlary görsede görmezlige urardy.
Bardy-geldi, hoşadan göwün diýenimiz çykmasa ýa-da
atyzda garawul bolup, hoşa çöpläp bilmesek, bizar oýnardyk,
yzyndanam Hojamyrat bilen Jummyny uruşdyrardyk.
Hojamyrat menden 3 — 4 ýaş kiçidi, göwresi daýawdy,
birneme götermedi. Ol yrsarap, günde deň-duşlary bilen
urşardy, hemişe-de urlardy, ýöne uruşmasyny weli goýmazdy.
Urluberende-de, “waý, mama, jan-eý” diýip gygyrardy (onuň
mamasy Mähruw mama uly işanyň maşgalasy bolupdyr, özide obamyzyň tebibidi). Şol öwrendikli gykylygy üçin oglanlar
Hojamyrada “Mama jan” diýen at hem goýdular.
53
Ynha, bir gezegem Hojamyrady Jummy bilen uruşdyrdyk.
Jummy iki-üç ýaş kiçi bolsa-da, göwresi Hojamyradyňky bilen
deňräkdi, daýawdy. Ikisi biraz ýakalaşdylar, ýöne ýabyň ýalpak
ýerinde Hojamyrat Jummyny basyp, bagrynyň astyna aldy.
Jummy näçe dyzasa-da, onuň aşagyndan çykyp bilmedi. Şol
barmana ýabyň içinde jaýrylyşyp, gatlak-gatlak bolup ýatan
sakgyz (toýun) kesekleriň biri onuň eline ildi. Aşakda ýatan
ýerinden bir eli bilen Hojamyradyň boýnundan dolap aldy,
beýleki eli bilenem kesegiň bir tarapyndan mäkäm tutup, beýleki
tarapy bilen onuň arkasyna saýgylamaga başlady. Kesegiň awusy
çaga ýumrugyndan yzalyrak öýdýärin: Hojamyrat Jummynyň
elinden sypyp bilmän ýatyşyna bagyrmaga başlady:
— Waý, mama jan-eý, sakgyz kesek bilen ursaň uruşjak
däl-eý!
Biz oýun-oýun bilen başlanan urşuň yzynyň çyna ýazyp
barýanlygy üçin, ikisini aýyrdyk. Az salymdan aralarynda hiç
zat bolmadyk ýaly, Jummy bilen Hojamyrat gürleşip barýardy.
Hojamyrad-a asyl şadyýandam, çünki ol bu günki almaly
ýumruk paýyny artykmajy bilen alypdy.
Açlyk ýyllarynyň gyşynda biziň janymyza teselli bolan
ýene bir zat barada gürrüň bereýin. Ol hem tudananyň kişmişidi.
Tut bişen döwürlerde dürli mata-marlykdan mugjama (iki sany
taýaga çatylyp, olaryň arasynda germelen uly mata) edip, onuň
üstüne tut kakylardy. Çöp-çalamdan we ýaprakdan arassalanan
tudanalardan şirni diýip at berilýän goýy we süýji mürepbe
gaýnadylardy, galanynam serip, tutmeýiz (kişmiş) ederdiler.
Ol gutaraýsa, elimize jam ýa başga bir gap alyp, aryklaryň
raýyşyna—köne tutlaryň aşagyna giderdik. Gowy bişip,
aşagyna dökülen tudananyň bal ýaly altyn sary kişmişi raýyşyň
kesekleriniň arasynda tä ýayş-ýagmyr ýagyp çüýreýänçä
tapdyrardy. Biziň beýle ýanymyzda obamyzyň itleri hem
ysyrganyp, tutmeýiz çöpläp iýerdiler.
Işiň has gyzgalaňly günlerinde (meselem, ekişde) iş üstünde
işleýänlere kolhoz ýarma bişirip bererdi. Ýarty susak ýarma
üçin şol brigada degişli ähli adamlar we olaryň çagalary işe
çykardylar. Buýrulan işi ýerine ýetirmedige ýarma berilmezdi.
54
Biz ýarma bişýän ýere “toýa gitjek” diýip ugrardyk.
Ynha, şeýle toýlaryň birinde, 1943-nji ýylyň 1-nji maýynda
iş bilen gijä galyp gelen birnäçe kolhozça we dört-baş çaga
ýarma ýetmedi. Ulular alagopgun etdiler, aş bişirene we brigadire
agzyna gelenini diýdiler, çagalar bolsa aglaşdylar.
Obamyzda ussa Hally diýen garry, emma göwresi daýaw
adam bardy. Göräýmäge agras adam bolsa-da, ýaşulular ony
gaty wäşi we şahyr diýip öwerdiler. Ynha, bu galmagally “toýa”
ussa Hallam gelen ekeni. Ol töwerekdäkilere:
— O-how! Toýumyz barada Öwezbike1 elimdäki gazetde
bir goşgy ýazan ýaly-la. Geliň, men ony size okap bereýin—
diýip, gazeti başaşak tutup (ussa Hally sowatsyzdy), goşgyny
“okamaga” başlady. Onuň ýadymda galan käbir bentlerini
okyjylaryň dykgatyna hödürleýärin:
Düýäni ugratdyk çöle oduna,
Palta goýduk Hakga keliň tuduna,
Pukaralar hiç düşmedi ýadyna,
Öwezbike taryp etse bu toýy.
Kolhozymyz baýram toýuna başlap,
Ertirden agşama dynmazdan işläp,
Beki jan aglady çanagyn dişläp,
Öwezbike taryp etse bu toýy.
“Toýy” gursun, köp adama ýetmedi,
Oguljan2 pahyr-a duzam datmady,
Oglanlar aglaşyp hiç dyndyrtmady,
Öwezbike taryp etse bu toýy.
___________
1
Ussa Hallynyň Öwezbike diýýäni Ýagmyr diýen ýetim agtygy
bilen hüdüjek kepbede ýaşaýan Öwezbike Rejep diýen pukara aýaldy. Ol
goşgy goşmag-a beýlede dursun, eýsem sözleýän sözüni kilçikläp zordan
düşündirýärdi.
2
Oguljan—ussa Hallynyň aýaly.
55
Öwezbike tamam etsin bu sözi,
Gazandan garadyr Döwranyň1 ýüzi,
Adam hatarynda görmedi bizi
Öwezbike taryp etse bu toýy.
ÝEŇIŞ
Meniň we deň-duşlarymyň nälet siňen uruş zerarly
çeken güzaplary barada köp ýazyp, hormatly okyjylarymyň
ýüregine düşendigimi bilýärin, ýöne men muny bilgişleýin
şeýtdim. Birinjiden, “Adam başy daşdan gaty” diýen nakylyň
hakykydygyny, ýagny zerur bolanda, adamyň janynyň daşyň
çydam etmejek urgularyna döz gelmäge ukyplydygyny subut
etmek üçin şol döwre köp üns berdim. Ikinjiden, häzirki we
geljekki nesillerimiziň şu günki döwre guwanmagy hem-de
onuň gadyryny bilmegi, bu babatda olaryň ata-babalarynyň alyp
baran göreşlerine göz ýetirmegi üçin şol wakalary köpräk beýan
etdim. Galyberse-de, uly iliň depesinden gazaply urgy bolup
inen näletli urşuň salan synagyndan meniň obadaşlarymyň
mertlik bilen geçendigini nygtamak bilen olara öz hormatymy
beýan etmek isledim.
Indi obamyzda şol näletli urşuň ýeňişli tamamlanmagy
bilen baglanyşykly dabaralar we bolup geçen hem-de özümiň
gatnaşan wakalarym barada gürrüň bereýin.
1945-nji ýylyň maý aýy meniň ýadymdan çykar ýaly
bolmady. Maý baýramynyň edil öň ýanynda keselledim.
Mekdebe-de gitmedim. Mekdepde Maý baýramyna bagyşlanyp
uly ýygnak geçirilipdir. Onda mugallymlar tiz wagtda Ýeňiş
baýramynyň belleniljekdigini, urşa giden agalarymyzyň we
atalarymyzyň oba dolanyp geljekdigini aýdypdyrlar. Bu barada
okuwdan soň meniň halymy soramaga gelen Hudaýberdi gürrüň
berdi. Onuňam atasy urşa gidipdi (ol bende uruşdan gaýdyp
gelmedi).
___________
1
Döwran Hojam—brigadir.
56
Mellegimizdäki bugdaýyň bişer ýaly bolany, bişiberen
ýerlerinden kellekläp we Güne guradyp eýýäm iýip
başlanlygymyz üçin, bu ýylyň açlygyny üstümizden geçdi hasap
edýärdik.
9-nji maý güni adamlar edaranyň agzyna üýşüp, biri-birini
gutlaýardylar, şadyýan gülüşýärdiler. Kolhozyň mal doktory
Mämmetşa Juma bolsa elindäki garmony wakyldadyp, ýaşaýan
ýerinden (Işanlaryň howlusyndan), tä edara howlusynyň
agzyndaky uly tutuň töweregine üýşen märekä çenli uly galmagal
edip geldi. Adamlaryň ählisi şadyýandy.
Kolhozyň başlygy Halnyýaz aga uruş maýybydy. Ol
keýtikläp gelşine, ilki urşa gatnaşan doganlar Hudaýguly we
Gurban Babanyýaz, Rozynyýaz bagşy we beýlekiler bilen
gujaklaşyp görüşdi. Ol hem gülýärdi hem elýaglygy bilen gözüni
süpürýärdi.
Halnyýaz aga ertesi günortan Ýeňiş toýunyň tutuljakdygyny
ýygnananlara habar berdi. Öýümiz bu ýerden elli metr çemesi
bolany üçin, men toý baradaky şatlykly wakany eneme
buşlamaga ylgadym. Enemem begendi.
Ertesi uly toý boldy. Ir bilen içki howludaky guýynyň
ýanyna iki adam bolup hereketlendirilýän nasosy eltdiler-de,
howlynyň içini suwladylar. Günortana ýakyn ýygnak boldy.
Onda raýondan gelenler, soňra başlyk söz sözledi. Öýlerden
ýygnalan düşekleri tertipli ýazyp, adamlary oturtdylar-da, palaw
çekdiler. Köp adamyň uruşdan soň palawy ilkinji iýşidi.
Nahardan soň bassyrmanyň aşagynda patefon aýtdyryp,
raýondan gelen oruslar we tatarlar tans etdiler. Erkek bilen aýalyň
biri-biri bilen gujaklaşyp edýän tansyny birinji gezek görýärdik.
Geň görüp seretdik. Soňra orus aýallar garmona goşup, aýdym
aýtdylar.
Öýlän bassyrmanyň aşagynda düşek ýazylyp, ol ýere il
ýygnandy. Söýün bagşy dutar çaldy. Ol kördi. Dutar sazyna
düşünmesegem, bizem il ýaly sesimizi çykarman diňledik.
“Söýün bagşy—güýçli sazanda” diýerdiler. Belki, şeýledir.
Ýöne onuň adam tanamaga ökdedigini, onda-da aýagynyň
sesinden gelen-gideni tanaýşyny özümizem bilýärdik. Söýün
57
bagşy biziň garyndaşymyzdy. Ol Baba agalarda bolýardy. Bir
gün men Hudaýberdi bilen şu ýerdäki ýoldan geçip barýarkam,
ol tuduň astynda kölegede oturan eken. Biz sesimizi çykarman
geçmekçi bolduk. Duşuna gelenimizde, Söýün bagşy meniň
adymy tutup gygyrdy:
— Soltanşa, oglum, bäri gel! Meni ussa Şaýynyň öýüne
eltip gaýt!
Ussa Şaýy dagy obanyň ýokarsynda ýaşaýardy. Onuň erbet
iti bardy. Bizden ulurak oglanlaram onuň öýüniň ýanyndan
geçip bilmeýärdi. Il içinde: “Şaýy babanyň iti öz öýündäkilerede degäýýärmiş” diýen gürrüň bardy. Hatda Şaýy babanyňkyda
uzak wagtlap ýaşan Pir orus1 bilen baglanyşykly şeýle wakany
gürrüň berýärdiler. Pir aganyň ussa Şaýynyňkyda ýaşaýan
döwri eken. Bir gün ol namaz wagty otagyndan çykyp, näçe
gygyrsa-da, Şaýy baba ses bermändir. Pir aga namaza ýeke
durupdyr. Maňlaýyny ýere goýan wagty Şaýy babanyň iti onuň
arkasyna hopba bolup, ýeňsesine agyz urupdyr. Ýöne gaty
dişlemändir. “Tur!” diýip gygyryberse ýa-da kellesini ýokary
galdyrjak bolsa, it gyrlap, gatyrak dişläpdir. Şonuň üçin Pir aga
gymyldaman, birnäçe minutlap maňlaýyny ýere berip oturypdyr.
Namazyna howlugyp gelen Şaýy baba bu ýagdaýy görüp, itini
sögüp kowupdyr. Pir aga-da böküp turup, hasyr-husur zatlaryny
ýygnamaga başlapdyr. Şaýy baba:
— Pir, beýtme. Hiç ýok, namazyňy bir okap git—diýipdir.
Onda Pir aga:
— Hä, seniňem bir.., itiňiňem bir... Namazy-da itiň
okasyn—diýipdir-de gahar edip gidipdir.
Yhna, dabarasy dag aşan şeýle itiň saklanýan öýüne
barmaga gorkup:
— O-how, bagşy aga, men-ä Şaýy babanyň öýüne eltip
___________
Pir orsuň asly biziň obamyzdandy. Ol ýetişen okumyş eken, ýöne
özüniň molla hökmünde tutuljagyny bilip, obany taşlapdyr, oruslara
goşulypdyr we Pir orus lakamyny alypdyr. Ölmeziniň öň ýanynda ol: “Men
aýyň plançasyna öljek. Jynazama baryň” diýip, derýanyň iki ýakasyndaky
ähli tanyşlaryna bir aý-kyrk gün öňünden özi habar berenmiş, şol aýdylan
güni hem Amyderýa şäherçesinde ogly Işangulynyň öýünde ölenmiş diýen
gürrüň hem bar.
1
58
biljek däl. Iti ýaman—diýdim. Söýün bagşy menden el çekmedi.
Ol:
— Ýanyňda Hudaýberdi bar ahyry. Iki bolubam itden
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.