Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21

Total number of words is 3574
Total number of unique words is 2079
28.7 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
48.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
akademik A.N.Kononow etnik atlardaky gök diýen reňk adyny
“gündogar” manysyndaky tarap aňladýan söz hasaplaýar.
Dogrudan-da, türki halklaryň guran Beýik Türk Kaganaty
diýen uly imperiýanyň gündigar böleginiň ilatyna Gök türkler
diýlipdir.
Gagauzlar miladynyň VI-VIII asyrlarynda türki halklaryň
Gündogardan Günbatara göçe-göçlügi zamanynda Altaýdan
gara deňziň kenarlaryna, orta asyrlarda bolsa ol ýerden hem
Bolgariýa göçüpdirler we hristian dinini kabul edipdirler. XVIII
asyryň ahyrlarynda gagauzlaryň bir topary Bujak düzlügine
(türki halklar Bessarabiýa Bujak diýýärler), beýleki topary hem
Ukraina aralaşýar.
Bolgarlaryň we beýleki slawýan halklarynyň arasynda köp
wagtlap ýaşanlygy üçin, gagauzlaryň dilinde, dininde, eşiginde,
öý-öwzarynda, hatda adam atlarynda-da slawýan täsiri mesaňa
mälim duýlup dur. Olar barada gysgaça gürrüň bereýin.
Gagauzlaryň
adam atlary edil oruslaryňky ýaly
hristianlaşypdyr, ýöne familiýalarda Kumusçy, Gaýdarjy,
300
Garaçopan, Kurogly. Köse, Gulaksyz Büýükli ýaly türki sözler
köp duş gelýär. Hristian atlaryna “ogly” sözüniň goşulmagy
bilen familiýa ýasalyşy hem bar: Stefogly.
Geçmişde gagauz aýal-gyzlarynyň eşikleri hem uzyn
bolupdyr, diňe soňra ýewropalaşdyrypdyr. Şonuň üçin Komrat
raýonynyň Bäşalma obasyndaky garry aýallar Göwher
Saparowany görenden onuň daşyna tegelenişip, Göwheriň uzyn
köýnegini höwes bilen synladylar. Hristian dinine uýýanam
bolsalar, käbir garry aýallar uzyn türkmen köýnegini ýüzüne
sylyp ony togap etdiler:
Gagauz diline slawýan dili has-da güýçli täsir edipdir. Muňa
sözlemiň baş agzalarynyň ýeriniň üýtgemegi hem mysal bolup
biler. Türki dilleriň ählisinde sözlemiň eýesiniň birinji orunda,
habarynyň bolsa sözlemiň yzynda getirilmegi kanun bolsa gagauz
dilinde bu kada bozulypdyr. Muňa şu mysallar arkaly gowy göz
ýetirmek mümkin: Onlaryn wardylarçok kapulu ewleri hem
damlary (Olaryň köp gapyly öýleri we tamlary bardy); Hepsimiz
bileriz geçmiş ýaşamasyny ynsanlaryn (Ynsanlaryň geçmişdäki
ýaşaýşyny hemmämiz bilýäris); Kosti ewä geldi ýorgun (Kostýa
öýe ýadaw geldi); Başlady orak biçimi (Orak orumy başlandy);
Biri-biriniň ardyna kanudan uşaklar başladylar girmää, tutunyp
analaryn eteklerindän (Çagalar eneleriniň eteklerinden ýapyşyp,
biri-biriniň yzyndan gapydan girmäge başladylar).
Gagauzlar barada munça geň gürrüň bermegimiň sebäbi
geçmişde bu halkyň türkmenler bilen iňňän ýakyn etnik
gatnaşykda bolandygy, has dogrusy, şol bir kökden emele
gelendigi üçindir. Mysal hökmünde gagauzlaryň etnik adyndaky
gök sözüniň türkmen tire-taýpa atlarynda-da köp duş gelýändigini
ýatlalyň. Meselem, gök (baýat, ýomut, igdir, sakar, salyr, saryk,
teke, çowdur, ärsary taýpalarynyň düzüminde duş gelýär), gökje
(teke, gökleň, ärsary, ýomut, sakar), gökteý (abdal), gögem
(arabaçy), gögeç , gögüş (abdal) we başgalar.
XI asyrda Syrderýa boýlaryndan türkmen-oguzlaryň gökli,
okly we soltanly diýen uly üç taýpasy Balkan sebitlerine göçüp
gelýär. Olaryň gökli (gök türkmen ýa-da gök oguz. Deňeşdiriň:
gagauz) taýpasy Günbatar Türkmenistana, esasanam häzirki
301
Eýrandaky Türkmensähra ýaýrandan soň, şol göklülerden
gökleňler emele gelýär. Diýmek, ýokarda ýatlanan gök, gökje,
gökli, gökteý ýaly türkmen urug-tireleri gagauzlar bilen diňe bir
atdaş bolman, eýsem gan garyndaşdyr hem. Muny tassyklaýan
başga-da delil köp. Gagauzlaryň Komrat raýonynyň ady Goňrat
diýen türki taýpanyň adynyň biraz üýtgän görnüşidir. Häzir
Amyderýanyň iki kenarynda, Türkmenistanda bolsa Köýtendag,
Gowurdak sebitlerinde köpçülik bolup ýaşaýan goňratlar orta
asyrlarda türkmen taýpasy saýylypdyr.
Çimişli diýen gagauz etrabynyň ady hem aslynda çömüş
(çömüç, çomuç, ýagny “susak”) sözünden emele gelipdir.
Tagmasy çömüje (susaga) meňzeşligi üçin şeýle etnik at alan
çömüçli urugy we onuň ady geçen oba hem-de aryk lebapdaky
Hatap taýpasynyň obalarynda saklanypdyr.
Moldowadaky gagauzlaryň esasy watany bolan Bujak
sährasynyň ady dakylan urug hem Lebapda duş gelýär – ol Saýat
etrabynyň Bujakly obasynyň ýaşaýjylarydyr.
Gagauzlaryň durmuşynda türkmenleriňki bilen gabat gelýän
zatlar gaty köp. Ynha, Komrat şäherçesindäki haly (has dogrusy
– palas, kilim) dokalýan fabrikde gagauz gelin-gyzlarynyň
ukrain palaslary bilen birlikde hatap türkmenleriniňkä çalymdaş
palaslary dokaýandyklaryny synladyk. Bäşalma obasyndaky
“gagauzlaryň taryhy-etnografik muzeýinde” bolsa şeýle
meňzeşlikler has hem köp duş gelýär. Ynha, gagauz suratçysy
Dmitriý Sawostiniň “goç urşy” diýen üç bölümli suraty. Onuň
birinjisinde iki goç uruşýar, ikinjisinde bir goçuň ýeňlişi
görkezilýär, üçünjisinde bolsa goç eýeleri süsüşjek bolup durlar.
Agynjak türkmen durmuşy.
Toýlardaky ýaglyga towusmak we at çapyşygy hem bizdäki
ýaly. Myhmanparazlyk babatda hem gagauzlar bizden peslär
ýaly däl. Diňe ähli Moldowada bolşy ýaly, gagauzlarda-da çaý
içilmeýär. Çaý ýerine nahardan öňem, soňam, nahar wagtyndada özleriniň taýýarlan meşhur gury (“сухой”) çakyrlary
hödürlenýär. Umuman, bu ildäki adamlaryň baý-garyplygy
hem gyş üçin edilen çakyrlaryň az-köplügi bilen ölçelýär. Baý
adamlaryň ençemesi tonna çakyr sygýan bir ýa-da birnäçe
302
sementlenen ýerasty çakyrhanalary bolýar.
Gagauzlaryň ulanýan saz gurallary we olaryň atlary
biziňkiden biraz üýtgeşik: kemençe (gyjak), dowul (tibil,
ýagny deprek), bolgar gaýdasy (ýeli gutaryberende,deri gaba
agzyň bilen ýel berip, ony goltugynda gysyp çalynýan üznüksiz
tüýdük), häzirki döwürde bolsa baýan we akkordeon.
Bäşalmada gagauzlar bilen geçiren 9-10 sagat wagtymyzyň
dowamynda biz dili we gany bir, emma dini aýry bu
arkadaşlarymyz bilen dostlaşyp aýrylyşdyk: Hoş gal, Bäşalma!
Hoş gal, Garaçopan! Hoş gal, Garaçopanyň ogly ýaşajyk
Tanas!” (Ýene-de serediň: S.Atanyýazow. Bäşalma. – Sowet
Türkmenistany – 1972. – 29 fewral).
Owganystan türkmenleriniňkide
Dürli çeşmeler Owganystanda millionlap türkmeniň
ýaşaýanlygyny habar berýärler. Bu türkmenleriň ýaýran
welaýatlary,
tire-taýpalary,
meşgullanýan
hünärleri,
Owganystana has irki eýýamlarda aralaşandygy barada “Dünýä
türkmenleri” diýen kitapda (Aşgabat: Ruh, 1994, 59-69 sah.)
maglumat bardygy üçin, men bu ýerde şol türkmenler barada diňe
öz gören-eşidenlerimi we bilýän zatlarymy gürrüň bermekçi.
Owganystanyň Demirgazyk welaýatlaryndaky türkmenleriň
asly Lebapda ýaşaýan türkmenleriňki bilen bir bolup, olaryň
ýurdy hem geçmişde bir bitewi ülkäni emele getiripdir. Emma
geçen asyryň ortalarynda Orta Asyýanyň bereketli topragyny
bakna etmegi niýetine düwen iki güýçli imperiýanyňAngliýanyň we Orsyýetiň “Kim öň eýelemeşek” bäsleşiginiň
göreş meýdanyna öwrülen bu ülke asyryň ahyrynda emeli
suratda ikä bölünip, bir gan, bir ten bolan ilatyň arasyna “Hytaý
diwary” çekilýär, bu iliň gündogar bölegi Beýik Britaniýanyň
täsirindäki Owganystana, Basagadan Guşga çenli çekilen emeli
serhediň günbatar tarapy bolsa Orsyýetiň garamagyna geçýär.
1940-njy ýyllaryň öň ýanynda araçäge çitenekli sim çekilip,
ara ymykly ýapylýança, iki bölünen iliň bir tarapdan beýleki
tarapa geçmesi dowam edýär. Baý-kulaklar synp hökmünde ýok
303
edilýän döwürde we kolhoz gurluşygy ýyllarynda Lebapdan
Owganystana ýüz müňlerçe ilat bosup gitdi. Otuzynjy ýyllaryň
başynda Gultak obamyzdan köp adam şol sanda garyndaşlarymyz
hem derýanyň iki boýuny syryp, Owganystana gidipdirler,
şeýlelikde Döwletabat etrabynda ýene-de bir Gultak obasy emele
gelipdir. Atam göçüp giden garyndaşlarymyzy ýatlardy. Emma
men olaryň atlaryny ýazyp almandyryn. Munuň özüne ýetesi
sebäbi bar, birinjiden, Türkmenistan garaşsyzlygyny alýança,
daşary ýurtda garyndaşyň barlygy bilinse, ol saňa ähli ýerde
zyýanyny ýetirjekdi. Şondan howatyr etdim. Ikinjidenem, ol
ýyllarda Türkmenistan garaşsyz döwlet bolar, Owganystandaky
arkadaşlar bilen hem aragatnaşyk dikeldiler diýen pikir ýatsaktursak kellämize-de gelmezdi. Şu sebäplere görä atamdan
garyndaşlaryň atlaryny ýazyp almanlygym üçin, 1992-nji ýylyň
tomsunda Owganystanda bolanymda garyndaşlary gözläp köp
kösendim.
14 adamdan ybarat topar bolup, biz Owganystan
türkmenleriniň arasynda Magtymguly şahyryň günlerini
geçirmäge gitdik. Toparyň düzüminde Nazar Gullaýew,
Abdyrahman Mülkamanow, Kakajan Ataýew, Kasym
Nurbadow, Abdyreşid Taşow ýaly edebiýatçylar, Akmyrat
Çaryýew, Çaryýar Jumaýew, Muhammet Muhammetnyýazow
ýaly sazandalar şeýle-de daşary işler ministrliginiň işgärleri
bardy. Toparymyz Kerkiden awtobusly Basaga gelip, ol ýerde
serhetden Hamýap etrabyna geçdik. Simden geçen ýerimizde bizi
Hamýap etrabynyň kethudasy we komandany (gorag güýçleriniň
baştutany) Rozybaý Hydyrbaý hajy ogly, Şybyrgandan ýörite
gelen Aşyr Pälwan, Abdulmejit Işçi, inžener Ahmet, şeýle-de
ýerli ilatyň uly mähellesi garşy aldy. Rozybaýy, generallary
we inžener Ahmedi içine alyp, biziň awtobusymyň tozanly oba
ýoly bilen bir kilometr uzaklykda ýerleşen Hamýap etrabynyň
merkezine tarap ýuwaşja ýöräp ugrady. Türkmenistandan
gelen arkadaşlaryny garşylamaga çykan uzyn köýnekli, giň
balakly adamlaryň uly topary hem awtobusdan galman, onuň
iki tarapyndan sellelerini selkildedişip, maşyn bilen deň ylgap,
oba eňdiler. Rozybaýyň howlusynyň agzyndaky giň meýdanda
304
we ýoluň ugrunda garaşyp duran agyr märekä gözümiz düşdi.
Howla barýan ýoluň 150 metr çemesiniň iki tarapynda dik
duran selleli, köpüsi sakgal-murtly, dyzyna düşüp duran uzyn
köýnekli adamlaryň uzyn hatarlaryny göz öňüne getiriň. Ynha,
şu adamlaryň ählisi bilen salamlaşyp, onda-da iki eliň bilen
görşüp çykmaly. Bizem hatara düzülip, sag hatardakylar bilen
görşüp ugradyk. Hataryň ahyryna çykanymyzdan soň, çep hatar
bilen görşüp, yza gaýtdyk. Ýüzlerçe adam bilen görüşmegiňem
ýeňil iş däldigine şonda göz ýetirdim. Ilki-ilkiler çet ilde
ýaşaýan arkadaşlarymyz bilen duşuşanymyza begenip, olaryň
ellerini mäkäm gysyp görşen bolsak, soňky hataryň ahyrlaryna
çep elimiz bilen sag ele hemaýat edip, ony diňe tutup durup
görüşdik. Her niçigem bolsa, görüşmeklik däbini berjaý etdik.
Howlynyň içine girdik. Gadymy ärsary howlulary göz
öňümde janlandy. Derwezeden giren ýerimizde onuň çep we
sag taraplarynda at daňar ýaly pahsanyň içine goýlup gidilen
ujy tomataýly gazyklar. Diwaryň düýbünde bolsa ata beriljek
bede, ot, iým ýaly zatlary dökmek üçin edilen palçyk ahyrlar.
Howlynyň ikinji böleginde onuň bir ganatynyň uzaboýuna
gidýän basdyrmanyň aşagynda ýazylan uzyn saçagyň başyna
geçdik. Bizi garşylan mähelläniň has agyzlyraklary biziň
düşegimizde aralaş otyrlar, beýlekiler üçin bolsa gapdaldaky
balhy tutlaryň aşagyna düşek ýazylypdyr.
Bu sakgally-murtly, selleli pyýadalary ilki görenimde:
“Bä, bu obada ýaşuly adamlar has köp eken “diýip geňirgendim.
Emma häzir saçak başynda siňe synlanymdan soň weli olaryň
köpüsiniň 30-40 ýaşly adamlardygyna göz ýetirdim.
Howluda
aýal-gyz
görünmeýär.
Umuman,
bu
musulman ýurdunda ýaşaýan ildeşlerimiziň ençemesiniňkide
myhmançylykda bolanymyzda-da aýal-gyza gözümiz düşmedi.
Howlularda olar üçin aýratyn jaýlar edilipdir. Obalaryň we
şäherleriň köçelerinde-de aýal-gyz ýok, setanda-seýranda duş
geläýse-de, olaryň ýüzi bürenjekli. Diňe görmek üçin goýlan
deşikden iki sany göz ýyldyrap görünýär.
Eller ýuwduryldy, selleli ýaş ýetginjekler hatar bolup, nahar
çekip başlandan her ýerden bir pyýada turup, ýalaňaç aýaklary
305
bilen üsti naz-nygmatdan doly saçaklaryň üstünden ýöräp,
getirilen çanaklary goýup başladylar. Biziň ählimiz saçagyň
depgilenmegini gaty geň gördük. Men sag gapdalymda oturan
Abylmejit Işçiniň ýüzüne seretdim-de, geňirgenmämi duýduryp,
oňa sorag berdim:
— Abdylmejit, bizde saçaga aýak degirmegi günä
hasaplaýarlar.
Siziňkiler-ä saçagyň üstünde arkaýyn gezişip ýörler. Bu
nähili düzgün?
Abdylmejit Işçi bilen men öň tanyşdym. Ol Nowosibirskide
harby okuwyny tamamlan owgan generaly hökmünde Aşgabatda
birnäçe gezek resmi saparda bolupdy, telim gezek meniňkä
myhmançylyga-da gelipdi. Şahyr hökmünde onuň goşgulary
Türkmenistan metbugatynda-da köp neşir edildi. Ol meniň
sowalymy geň görmedi:
— Bizde däp şeýle. Nahar paýlaýan adam köwşüni çykaryp,
döwrede ýazylan saçagyň üstünden arkaýyn ýöräp bilýär. Ondan
soňam, bu adamlar bäş wagtyna täret kylyp, namaz okaýarlar.
Olaryň aýagy arassa.
Her näçe arassa diýse-de, saçagyň aýak basan ýerine
goýlan çöregi meniň iýesim gelmedi. Edil öň ýanymda ýüzbeýüz oturan Aşyr pälwan muny aňdy öýdýärin, ol beýleki topara
çörek alyp barýan oglandan bir çörek aldy-da gülümjiräp, ony
maňa uzatdy:
— Ynha, entek saçakda goýulmadyk çörekden iýäýiň!
Bu garşymda oturan kelte boýly, gür ala sakgally, çalasyn
hereketli şadyýan adam bilen ählimizi awtobusyň üstünde
Abdylmejit tanyşdyrypdy. Ýerli ilat arasynda uly abraýdan
peýdalanýan Aşyr pälwan barada men öňem gazetlerden we
Owganystandan bize myhmançylyga gelenlerden köp eşidipdim.
Ol mojahetleriň uly serkerdesi hökmünde keseki ýurtbasarlara
garşy aldym-berdimli söweşleriň ýüzlerçesine gatnaşyp, ýeke
gezek hem ýeňilmändir, türkmen obalaryny gorapdyr, türkmen
ýigitlerini daşyna jemläp, 13 ýyllap oppozisiýada bolupdyr.
Najybullanyň garşysyna göreşipdir. Öýüne gelmän, daglarda
gezip urşupdyr. Özüniň düzen uly korpusyna Ymam Buhara
306
diýip at dakypdyr. Iň uly türkmen mojahetleriniň biri bolan
Aşyr pälwan köp edermenlik görkezip, söweşlerde taplanypdyr.
Şonuň üçin hem Abdyreşit Dostum ony ýanyna çekip, öz
düzen “Jümmüş” partiýasyny esasy guramaçylarynyň biri
edip goýupdyr. Biziň baran döwrümizde general Aşyr pälwan
Dostumyň sag goly hasaplanýan eken.
Nahardan soň aýat-töwir edildi. Aşyr pälwan öý eýesine
ýüzlendi:
— Rozybaý, myhmanlara rugsat ber! Bulara Şybyrganda
uly mähelle garaşýar.
Turduk. Duşuşyk tolgunmalary zerarly, öň onçakly üns
bermedik zatlaryma häzir howsala bilen syn edýärin: howlynyň
haýatlarynyň içindäki jaýlarynyň, ýörite gözegçilik üçin
palçykdan salnan we içinden ýokarsyna çykylýan, töwereginde
hem atyşhana deşikleri bolan belent diňiniň üstlerinde egni
awtomatly, uzyn köýnekli, selleli ýigitler garawul durlar. Beýle
ýagdaýa öwrenişmänim üçin, inim digläp gitdi.
Ýeňil maşynlarda obanyň gapdalyndaky oty orlan giň atyza
gonan iki dikuçaryň ýanyna barýarkak hem ýoluň ugrunda
we dikuçarlaryň töwereklerinde eli ýaragly garawullaryň
ençemesine duş geldik.
Myhmanlar we generallar bolup, bir dikuçara ýerleşdik.
Beýlekisine ýerli ýigitleriň birnäçesi mündi. Biziň münen
dikuçarymyz sowet harby maşyny bolup, ol ençeme söweşe
gatnaşypdyr. Muňa onuň köp ýerine salnan ýamaklar şaýatlyk
edýär. Iki ýerinde-hä kelle sygar ýaly deşigem bar. Men olaryň
birinden ikinji dikuçara syn edýärin: ol kä has ýokary galýar,
käte pese düşýär, birki ýerde-hä has öňe-de gitdi. Ähtimal, ol
bizi howp-hatardan goraýan janpena bolmaly.
Dikuçary sürýänlerem uzyn köýnekli, selleli türkmen
ýigitleri. Şu tagaşyksyz eşikleri bilen bular dikuçar sürüp beri
bilermikä diýip ikirjeňleneniňi duýman galýarsyň. Emma
olar şturwalda örän ykjam otyrlar, ýol boýy hem biziň bilen
gürrüňleşip, degşip, gülşüp barýarlar. Soň görüp otursak, bu
ýerde sesden tiz uçýan MIG-leri sürýänlerem türkmen we özbek
ýigitleri eken.
307
Ýarym sagat çemesi uçup, Şybyrgan şäheriniň howa
meýdanyna gonduk. Bu ýerde müňlerçe mähelle bizi garşy aldy.
Aşgabatda bolan tanyşlarymyň hem ençemesine duş geldim.
Salamlaşykdan soň bizi ýeňil maşynlarda şäheriň merkezindäki
harby komendaturanyň myhmanhanasyna eltdiler. Kabulhanada
şäher häkimi we beýleki resmi adamlar bilen gürleşip oturan
wagtymyzda, uzyn boýly daýaw pyýada meýdan ofiseriniň
tapawutlandyryjy nyşanlary bolmadyk eşiginde içeri girdi we
ählimiz bilen görşüp çykdy. Staliniňki ýaly galyň murty ýüzüne
gelşik berip duran bu adam bilen tanyşdyranlarynda biz onuň
ady rowaýata öwrülen we şol döwürlerde sowet metbugatynda
öwran-öwran ýatlanýan Abdyreşit Dostumdygyny birbada
ynanmadygam. Emma biziň bilen oturan harby we graždan
eşikli beýleki generallaryň hem-de
uly çinli ofiserleriň
çalasynlyk bilen ör turup, doňup durmaklary, dogrudanam, bu
adamyň Owganystanyň Demirgazyk welaýatlarynyň baştutany,
serkerdesi, armiýa generaly Dostumyň hut özüdigine güwä
geçýärdi.
Dostum arassa türkmen dilinde saglyk-amanlyk soraşyp
biziň toparymyzdakylar bilen ýekän-ýekän tanyşdy, “agşamlyk
duşuşarys” diýibem çalt çykyp gitdi. Ol gidenden soň
Abdylmejit Işçi bize bu armiýa generaly barada käbir zatlary
gürrüň berdi. 1953-nji ýylda Şybyrganyň Hojadikgi obasynda
özbek maşgalasynda doglan bu pälwansypat hökümdaryň öz
ady Abdylreşit, atasynyň aty Reýimkul hajydyr, Dostum bolsa
onuň özüne saýlan tahallusydyr. Daýhan maşgalada türkmenler
bilen bile önüp-ösen Dostum Aşyr pälwan bilen mekdepde
bile okaýar. Goşun gullugyny gutaryp, ol Owganystanda gaz
gözleýän sowet gazçylarynyň toparyna işe girýär. Sowur
(aprel) rewolýusiýasyndan soň owgan hökümediniň ýerlerde
döreden meýletin toparlarynyň birine ýolbaşçylyk edip,
Şybyrgan töwereklerinde bolan söweşlerde üstünlik gazanýar.
Ony Daşkente alty aýlyk harby okuwa iberýärler. Okuwdan
gaýdyp gelip, seržantlykdan batalýon komandirligine çenli
ösýär. Onuň goşuny Kandagar we Käbil söweşlerinde aýratyn
tapawutlanýar. Dostumyň harby abraýy gitdigiçe artýar. Emma
308
Käbil häkimiýetleri hem-de owganparaz komandirler bilen
ylalaşman, 1987-nji ýylda ol özbek-türkmen diwiziýasyny
döretmek ugrunda göreşýär, Owganystanyň Demirgazygyndaky
dagynyk harby güýçleri jemlemegi, netijede 70 müň adamdan
ybarat diwiziýa döretmegi we oňa baştutanlyk etmegi başarýar.
Aşyr pälwan ýaly edenli serkerdeleri hem öz tarapyna çekýär.
Dostumyň maksady täjik, özbek, türkmen, hazary ýaly az
sanly halklaryň we halkyýetleriň hak-hukugyny ýurduň esasy
halky saýylýan owganlaryňky (paştularyňky) bilen deň etmek,
olary öz ene dillerinde okatmakdyr. Şonuň üçinem Demirgazyk
welaýatlaryň 9-sy (Mazaryşerip, Çöwüzjan, Seripul, Farýap,
Samandan, Baglan, Gunduz, Tahar we Badahşan) özüniň 12
million ilaty bilen Dostumy goldaýar. Şu uly goldawa daýnyp,
Dostum bu welaýatlardaky ululy-kiçili toparlary we dürli syýasy
partiýalary ýatyryp Demirgazyk Owganystanda Milli Yslamy
Jümmüş (hereket) partiýasyny döredýär.
Işçi bu zatlary gürrüň berip, toparymyzyň bir ýarym sagat
şu ýerde dynç almagyny, soňra şäher jemgyýetçiligi bilen
duşuşyga barmalydygymyzy habar berdi. Ýoldaşlarymyň hersi
öz otagyna girenden Işçi maňa we Kasym Nurbada özi bilen
girmegi teklip etdi. Aşgabatda-da köp bile bolanymyz üçin, ol
bize Şybyrgan şäherini görkezmegi ýüregine düwüpdir.
Işçiniň täzeje “Uaziginde” şähere çykdyk. Bolýan
jaýymyzyň howlusynyň derwezesinden başga-da bu ýere
gelýänleri barlap goýbermek üçin, ýene iki ýerde harby saklaw
goýlupdyr.
Harby komendaturanyň jaýynyň töwereklerinde ýollar
asfaltlanyp, olaryň arassaçylygyna biraz üns berilýär eken,
emma ondan uzaklaşdygyňça, Şybyrgan şäheriniň ýollaryndan
tozan turup dur, çünki asfalt düşelen ýollar bireýýäm bozulypdyr,
bazaryň töwereklerinde-de hapaçylyk höküm sürýär. Köp
ýyldan bäri uruş gidýän bu ýurtda ilkinji gören Şybyrgan
şäherim maňa 1970-nji ýylda Pakistanda we Hindistanda gören
käbir şäherlerimi ýatlatdy. Şäherleriň hapalygy-da, maşynlaryň
köplügi-de, ilatyň egin-eşigi-de, bazardaky söwdagärleriň
galmagaly-da biri-birine çalymdaş.
309
Şäheriň esasy köçelerine aýlap, Işçi bizi öz ýaşaýan
howlusyna eltdi. Biz onuň enesi Bagdagül daýza, doganlary,
çagalary, şol sanda üç aý Halaçdaky garyndaşlarynyňkyda bolup,
öz boýdaşlary bilen bu ýerdäki mekdebe gatnap, biziň hatymyzda
okamagy-ýazmagy öwrenen 13 ýaşly gyzjagazy Gülkamar bilen
hem tanyşdyk. Kasym Nurbat ikimiz Işçiniň kitaphanasyny
gördük. Türkmen, iňlis, orus, pars, paştu, arap dillerinde ýazylan
müňlerçe taryhy, edebi we ylmy kitaplar, ençeme tekjäni eýeläp
ýatan ululy-kiçili sözlükler. Biz ýakynda berlen generallyk
derejesi bilen Işçini gutlap, general eşiginde onuň bilen surata
düşdük. Öýdäkiler bilen hoşlaşyp, daş çykdyk. Howludaky uly
tuduň astynda duran kete gözüm düşdi. Iki adamlyk krowatyň
aýtymyndaky topçan şekilli, özi-de üstünde oturmak üçin dälde, ýatmak üçin niýetlenen beýle ketler öň Lebapda her öýde
diýen ýaly bardy. Ketiň ýasalyşy şeýle: dört sany 70-80 santimetr
uzynlykdaky ýogyn agaçlaryň ýokarsy köwlüp, oňa berk agaçdan
gapdal oklar ötürilýär. Şol oklara-da kendir ýüpden tor edilýär.
Üstüne düşekçe taşlanan şeýle ketlerde dynç almagyň lezzetini
onuň üstünde ýatyp görenler gowy bilýändir. Bu ketleriň
üsti aşa ýumşak-da däl, tagta topçanlaryňky ýaly gaty-da däl,
aralyk. Geň ýeri, men Pakistanyň we Hindistanyň şäherlerinde
bolanymda, öýsüz-öwzarsyz ilatyň ýaşaýan kwartallarynda
käbir adamlaryň ýatyp-turýan şeýle ketlerine gabat gelipdim. Ol
ketleriň ýasalyşy-da, kendir ýüpden üstüne edilen tor örtügi-de
birmeňzeşdi. Beýle umumylygyň ýöne ýerden däl-de, geçmişde
Orta Asyýa we Hindistan halklarynyň ýakyn gatnaşygynyň
netijesinde dörändigine göz ýetirmek kyn däl.
Bolýan jaýymyzyň howlusyna dolanyp geldik.
Ýoldaşlarymyz eýýäm aýak üstündedi, bizi duşuşyga äkitjek
ýeňil maşynlara münenleri-de bardy. Bizem Işçiniň maşynynda
olaryň yzyna düşdük. Şäherden on kilometr çemesi uzaklykdaky
Jeňňelbag diýen ýere getirdiler. Seýil bagyna çalymdaş uly bag.
Töweregi saýaly agaçlar bilen jäheklenen tegelek we belent
supanyň (aýmançanyň) üstüne halylar düşelipdir, daş-töwerek
suwlanyp, gül pürkülen ýaly edilipdir. Duşuşyga gelen märeke
esli bardy. Saglyk-amanlykdan soň bizi düşege çagyrdylar.
310
Ýerli ilatyň içinden hormatlanýan ýaşulular we ekabyr adamlar
myhmanlar bilen düşekde aralaş oturdylar, galan märeke tegelek
aýmançanyň töwereginde oturyp we dik durup, duşuşyga syn
etdiler. Şybyrgan şäheriniň we bu şäheriň düzümine girýän
ýakyn obalaryň ilaty bilen biziň duşuşygymyzy Işçi açyp,
märekäni gelen myhmanlar bilen ýekän-ýekän tanyşdyrdy,
biziň owganystanly arkadaşlar bilen bilelikde Magtymguly
baýramçylygyny geçirmäge gelendigimizi habar berdi.
Alymlaryň çykyşlaryndan soň, duşuşygyň yzy aýdym-saza
ýazyp gitdi.
Saz-söhbediň gidip duran wagty meni hol gyrada üýşüp
oturan ýaşulularyň ýanyna çagyrdylar. Aslymyň lebaplydygyny
bilip, olaryň hersi öz garyndaşlaryny soraýar. Özleri-de
Lebabyň dürli etraplaryndan, dürli tirelerden. Obalara gowy
beletligim üçin, käbiriniň garyndaşlaryny dessine salgy berdim,
beýlekileriniň bolsa adyny, tiresini we adresini ýazyp alyp, soňra
ony Lebap welaýatynyň “Türkmen Gündogary” gazetinde çap
etdirdim.
Agşam bizi welaýatyň häkimi Seýitmahmyt Datmeniş
myhmançylyga çagyrdy. Gür bagyň ortasynda sowet ofiserleri
üçin ýörite gurlan ýaşaýyş we iş jaýlary toplumynyň uly
naharhanasynda geçirilen bu çakylyga şäheriň ýolbaşçylary,
uly baýlar, ýokary çinli harby işgärler, 30-40 sany ýaşuly, şol
sanda Reýimkul pälwan dagy çagyrylypdyr. Owgan ofiserleriniň
hyzmat eden bu zyýapatyna Dostumyň özi hem gatnaşyp biziň
aramyzda oturdy. Şeýle duşuşyklaryň, zyýapatlaryň başga-da
birnäçesi boldy. Şybyrgandan Mazaryşeribe ugramalymyzyň
öňki güni agşamlyk bizi Dostumyň özi öýüne çagyrdy. Giň howly
derwezäniň sag tarapynda aşagy iki gat ýerzeminli, üsti hem
gat-gat bolan kaşaň ýaşaýyş jaýa gurulýar. Howlynyň ortasynda
gyralary sementlenen uly howuz bolup, oňa ýokardaky ýogyn
turbadan we fontanlardan suw guýlup dur. Howzuň her burçunda
gözüne gymmat baha daş oturdylan keýik heýkelleri bar. Gije
ol gözler lowurdap, täsin yşyk berýär. Howuz bilen jaýyň
aralygy gül pürkülen ýaly tämizlenip, ýere türkmen halylary
düşelipdir. Bu giň düşekde ýüz çemesi ýaşuly otyr. Biz olar
311
bilen ýeke-ýekeden görşüp, howzuň bir çetinde goýlan stollaryň
başyna geçdik. Türkmen we özbek generallary hem biziň bilen
bile oturdylar. Ýeri gelende aýtsam, bu ülkede 30-40 türkmen
generalynyň, 200-den gowrak hem polkownigiň bardygyny
aýtdylar. Biz olaryň köpüsi bilen duşuşdyk. Generallaryň ählisi
30-40 ýaş aralygynda eken.
Çakylygyň ahyrynda bize ýeňi syýyndan uzyn özbek
ýüpek donlaryny sowgat etdiler. Soňra bizi maşynlarymyza
çenli generallar we Dostumyň özi ugratdylar. Howludan
çykanymyzda, onuň daşyndaky ýollaryň ähli ýerinde üsti oklyýaragly esgerlerden doly dürli harby maşynlaryň hatarlanyp
goýlandygyny, diňe ber Dostumyň howlusynyň töweregi däl,
eýsem onuň daşyndaky ýollaryň hem saklawlydygyny gördük.
Bu ýagdaý ýurtda entekler uruş dumanynyň sowulmandygyny
habar berýärdi. Muňa biz soňra-da ençeme gezek göz ýetirdik.
Ertesi ir bilen her iki myhmany içi kondisinerli bir
“Mersedese” mündürdiler. Sürüjiniň ýanyna bir türkmen
generaly, myhmanlaryň gapdalyna hem eli awtomatly bir
türkmen esgeri münen maşynlaryň uzyn hatary Şybyrgandan
Mazaryşeribe tarap ýola rowana boldy. Hataryň öňüni üsti
ýaragly esgerler bolan uly harby maşyn çekdi, yzyna hem çalt
ýöreýän harby maşynlaryň birnäçesi tirkeldi.
Kasym Nurbat ikimiziň münen maşynymyzda general Işçi,
gapdalymyzda hem onuň esger inisi Paýzylla bardy. Barmaly
şäherimiz bilen aralyk 130 kilometr, ençeme ýeri uruş we sil
zerarly harap bolan asfalt ýoluň iki tarapy tanklaryň we dürli
harby hem-de harby däl tehnikanyň ýanan “läşlerinden”
doly. Käbir “läşler” eleme-deşik. Uçsuz-gyraksyz giňişlikler
tutuşlygyna metal bölekleri saklanýan sklady ýada salýar.
Munça ýeri metal böleklerinden arassalamagyň özi hem ýerli
ilata ençeme ýyl iş bolaýsa gerek. Bu zatlary synlap, bir wagtky
sowet ýolbaşçylarynyň bu ülkä jomartlyk bilen eçilen sansyz
tehnikasy, ýerli halky tozgunçylyga sezewar eden zanny ýaman
syýasaty barada pikir ýüwürdeniňi duýman galýarsyň.
Ýolda biz Akja şäherine sowuldyk. Şäheriň häkimi we
komandany Ahmet pälwanyňkyda düşledik. Biziň geljegimizi
312
eşidip, diňe bie şäheriň däl, eýsem uzak-ýakyn obalaryň
ýaşululary hem Ahmet pälwanyň howlusyna ýygnanypdyrlar.
Bu kiçeňräk howly Burdalyk howlularynyň biçiminde gurlupdyr:
ortada howuz, howzuň gyralary uly güjüm agaçlary. Bir tarapy
giň sypa, ondan aňyrda uzynlygyna giden belent basdyrma bolup,
sypa we basdyrmanyň ähli ýerine ärsary halylary ýazylypdyr.
Bizi üsti goýy saýaly sypada oturtdylar.
Basdyrmanyň aşagynda 50-60 çemesi selleli ýaşuly
döwre gurap otyr. Olaryň arasynda burdalyklylar hem bar
eken. Meniň burdalykdanlygymy bilip, olar uzak-ýakyn
obalardan gelipdirler. Ahmet pälwanyň özi hem Burdalygyň
çalyş urugyndan eken. Biraz oturanymyzdan soň, aýdym-saz
başlandy. Meni basdyrmadaky ýaşulularyň arasyna çagyrdylar.
Ýarym sagat çemesi olar bilen gürleşdim, soraglaryna jogap
berdim. Käbirleriniň adreslerini ýazyp aldym.
Az wagtlyk saz-söhbetden soň ýene ýola düşdük. Ýolumyz
şäheriň içinden geçýänligi üçin, men şähere syn edýärin. Köp
ýollar asfaltsyz, tozanly, trotuarlaryň ugurlary dürli dükanlar.
Şäherde türkmenden başga millet ýokmuka diýdirýär. Ähli adam
türkmençe gepleşýär. Biziň maşynlarymyz ýakynlaşyberenden
olar ýerlerinde turup, ýoluň gyrasynda üýşüşip salamlaşýarlar,
soňra–da uly gowur bilen hoşlaşýarlar.
Ýolugra biz Balh şäherine-de sowuldyk. Bu şäherde Hoja
Parsaýy Weliniň, Bibi Rabganyň kaşaň hanakalaryna, Jomart
gassap, Hoja Janbaz, Ahmet Zamçy ýaly meşhur taryhy şahslaryň
mazarlaryna zyýarat etdik. Gündogaryň bu iňňän gadymy
şäherinde häzirem ýaşaýyş dowam edýär. Häzirki tehniki
eýýamda öz ähmiýetini ýitirenem bolsa, onuň gala hökmünde
gurlan galyň diwarlary şu wagta çenli saklanypdyr.
Gadymy şähere gezelençden soň, ýene ýola düşdük.
Ir öýlänlik biz Akmyrat baýyň Mazaryşerip şäherindäki
uly saraýyna gelip düşdük. Ençeme gektar tutup ýatan giň
howly. Onuň bir tarapy aşagyna dürli-dümen ýük basylan uly
basdyrmalar, töründe dürli jaýlar we zat ammarlary. Biz ençeme
uly otaglary eýeläp ýatan haly ammaryny aýlanyp gördük. Bu
ýerde ilden satyn alnyp getirilen halylaryň ýörite arassalanýan
313
we hili, sorty, tipi, ululygy boýunça toparlara bölünýän ýörite
sehleri bar. Ol sehlerdäki maşynlary işledýänlerem türkmen
erkekleri, olaryň arasynda 60-70 ýaşan ýaşuly adamlaram hem
bar.
Myhmanhananyň agzynda bizi Giçgeldi pälwan, Neýim
hajy, Aşgabatda Akmyrat baýyň şereketini ýöredýän Jumanyýaz
hajy dagy garşy aldy. Içine halylar ýazylan giň jaýa geçdik.
Oturan ýerimizde elimizi ýuwdurdylar. Çaý, nahar başynda esli
oturdyk.
Owganystanda ýassygy tirsekläp oturmak däp däl, onda-da
bu ýerde her kimiň diwar bilen arasyna ini-boýy bir metrden hem
uly bolan äpet we örän agyr haly ýassyklaryň goýlandygyny
görüp geň galdyk. Ol ýassyklar tirseklemek üçin däl-de, arkaňy
oňa söýäp oturmak üçin goýlupdyr.
Nahardan soňam oturan ýerimizde ellerimizi ýuwdurdylar.
Daşary çykanymyzda, köwüşlerimizi syryp-süpürip, ony
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.