Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29

Total number of words is 3552
Total number of unique words is 1980
29.0 of words are in the 2000 most common words
40.6 of words are in the 5000 most common words
47.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bile ýatlaýanlygydyr. Göräýmäge şol ýaşdaky görlen zatlar
babatda adam hakydasy has öçügräk boljak ýaly. Emma beýle
däl. “Ol döwrüň aýallary sary leçekli uzyn bogmaç (börük)
geýerdiler. Ynha, günleriň birinde iki sany adam gelip, atamy
çagyryp, hol çetdäki tuduň aşagyna äkitdiler we nämedir bir zat
barada köp jedelleşdiler. Enem öýdedi, men bolsam çagalygym
üçin, olaryň gürrüňini diňlesemem, hiç zat düşünmeýärdim.
Köp jedelden soň, atam olar bilen razylaşdy. Ol öýe geldide, enemden bogmajyny çykaryp, kellesine ýaglyk daňmagy
talap etdi. Enem aglaý-aglaý bogmajyny çykaryp, taýýar eden
ýaglygy bilen başyny sarady, soňra bogmajynyň daşyna saralan
420
ýaglykdyr matalary çözleşdirip, emaý bilen eplap, bir ýaglyga
dolady”. 3—4 ýaşly çaganyň hakydasynda şeýle detallaýyn
zatlaryň galmagy haýrana goýýar. Megerem, ol detallar şol
setirler ýazylýança hakydanyň ikinji planyna geçip, ýyllar boýy
“içki otagda” saklanandyr-da, eser ýazylan wagty esasy plana
geçendir. Adamyň hakydasynyň şeýle durmuşa ukyplylygy,
hakydanyň şeýle “jany bekligi” her kimde duşýan aýratynlyk
däl bolsa gerek. Hut şu fakty-da agamyz Soltanşanyň içki
intellektual mümkinçilikleriniň bimöçberligini nygtamak üçin
ýatlap geçýärin.
Çagalyk, ýetginjeklik ýatlamalary, peduçulişe, soňra
pedinstitut—bularyň bary bir adamyň ömründe bolup geçen
gaýtalanmajak zatlar. Eýsem, özge adamlar—okyjylar üçin
olary ýatlap geçmegiň näme geregi bar?! Bu hakda Soltanşa
aga birnäçe gezek söz arasynda durup däl, döwnäp-döwnäp
geçýär. Ol öz ömür ýollaryndan, gören zatlaryndan hemme
üçin ähmiýetli jemlemäni, ahlaky sapaklary hem nusgalary
almak isleýär. Elbetde, okyjy üçin peýdaly hakyda—ýatlama
priýomy. Ýöne meniň hut özüm üçin-ä powestiň sap faktlardyr
wakalardan durýan netijeli goşundysyz ýerlerem örän gyzykly.
Belki, ýazyjy bolanlygym üçindir, meniň üçin-ä gaýtalanmajak
täsirler esasy zat, gaýtalanmajak täsirleriň aňyrsynda bolsa
edil mylaýym şemalyň aňyrsynda howa akymyň ýatyşy ýaly,
gaýtalanmajak durmuş wakalary ýatýar. Zehin bilen edilende
wakalardyr faktlaryň natural beýanynyň özem kalba tebigy
duýgularyň dolmagy üçin ýeterlik bolup biler. Eýsem, iň
uly sungatyň maksady hem şeýle duýgulary oýarmak dälmi
näme? “Gyşy-ýazy aýakgap geýmezdik. Aýakgabymyz asla
ýokdy. Şatlama aýazly günlerde, doňakçylykda ýakyn aralyga
aýagymyza galyň şal diolap giderdik. Şeýle günlerde mekdebe
gitmek üçin eýlenmedik derini çalarak ölläp, ýüpli ýa çöpürli
ýüzüni içine edip, çaryk şekilli aýakgap tikip bererdiler”. Şeýle
natiralistik sahypalar awtobiografik powestiň birinji bölümindede, ikinji bölüminde-de bar. Özem olar powestiň estetik hem
akyl ýetirijilik ähmiýetini hasam artdyrýar.
Awtor durmuş wakalaryny gaty dogruçyl beýan edýär. Ol
421
hiç bir zady owadanlaşdyrjak, bolşundan has sypaýy, has gözel
görkezjek bolup azara galanok. Munuň özi Soltanşa aganyň
ýazyjy hem alym hökmündäki iň gymmatly özboluşlylygymyka
diýýärin. Awtor gaty açyk, bassyr-ýussursyz sözleýär. Dogry
hem edýär. Durmuşyň elleri bilen ýazylan zady adam eli bilen
düzedip bolmaýar. Beýtseň, gaş bejerjek bolup, göz çykaryldy
diýilýäne barýar. Biz muny göre-göre geldik. Awtoryň çyn
sözlüligi—muny okyjynyň aňmagy üçin bolsa, onuň gürrüň
berilýän wakalaryň şaýady bolmagy aslaa-da zerur däldir,
okaýan zadyňa ynanyp-ynanmazlyk göz bile görmek esasynda
däl-de, entek öwrenilmedik, has çylşyrymly psihihologik
kanunlar boýunça bolup geçýär—okyjyda oňa bolan ynamy,
hormaty hem simpatiýany artdyrýar.
Ömür ýollarynyň “garalama” sahypalary ikinji bölümiň
başlarynda—“Jaý gözleginde” bölüminde gutarýar diýen
ýaly. Umuman, ömür ýollary powestiň süňňünde ilkinji
many gatlagydygyna garamazdan, iň esasy zatdyr, çünki hut
şolar Soltanşa Atanyýazowyň alym bolmazdan öňürti adam
bolandygyny görkezýärler.
Ýene bir bellemeli möhüm zat: S. Atanyýazow ýöne
bir ýatlama, memuar ýazmandyr, ol awtobiografik powest
ýazypdyr. Hut şu aýratynlygam onuň mazmunyny kesgitleýär,
ýagny awtor öz ömrüni boýdan-başa ýazga geçirenok-da, diňe
okyjy üçin geň-taň, gyzykly wakalary saýlap alypdyr. Eseriň
mazmuny düzülende, esasy prinsip—edebi-çeper gyzyklylyk
prinsipi, belletristik prinsip bolupdyr. Şonuň üçinem meniň
özüm-ä Soltanşa Atanyýazowa çekinmän ýazyjy diýip ýüzlenip
bilerdim.
2-nji gatlak: KÖŇÜL ÝOLLARY
Şu kitabyň başynda—“okyjylaryň dykgatyna kelam agyz”
diýen sözbaşysynda awtor “Ynha, ýazmalymy ýa ýazmaly
dälmi, bardy-geldi, ýazaýsam, bu ýazgylary okan tanyşlarym,
ýakynlarym maňa “Bü-ýä bir öz terjimehalyny mahabatlandyryp,
ile ýaýyp ýören şöhratparaz eken-ow” diýäýmezler-dä ýaly
422
ýaýdanmalardan, çekinmelerden soňra ahyry ýüregime daş
baglap döreden eserim häzir seniň eliňde” diýip ýazýar. Elbetde,
awtoryň ýaýdanmaçlygynyň aňyrsynda ýatan kiçigöwünliligi
oňat zat, ýňne bu powesti okap çykan islendik adam eserde
awtoryň özi hakda berýän gürrüňleriniň esasy zat hem däldigini,
özüniň kimdigini derrew aňar. Eger siz powestiň bölümlerini
iň bolmanda yzdaky “mazmun” boýunça yzarlap görseňiz,
bu ýerde awtor hakynda däl-de, onlarça adamlar dogrusynda
gürrüň berilýändigini görersiňiz. Şol adamlaryň: garyndaşlaryň,
ýakynlaryp, deň-duş, dost-ýarlaryň, işdeş-kärdeşleriň täsiri gaty
uly bolup, olar Soltanşa aganyň köňlünde uly yz galdyrypdyr.
Akyly telperräk adam durmuşyndaky zatlaryň baryny özüm
gazandym diýip pkir etmäni halaýar. Akyly tereň adam
durmuşda gör näçe adama bergili ekenim diýip pikirlenmäni
endik edýär. Soltanşa aga öz powestiniň bütin dowamynda öz
kalbyna eziz bolan adamlar barada höwes hem yssy mähir bilen
gürrüň berýär. Olara berlen sahypa, elbetde, deň däl. Edebiýat
dili bilen aýdylanda, olaryň çeper obraz derejesine ýetiriliş hem
deň däl. Aýdaly, ýöne häsiýetnama bolup duyranlaram bar, bütin
janlylygynda ýüze çykmadyk,emma şahsy töwerekleýin göz
öňüne getirýän çeper portret hem, iň soňunda bolsa, hakyky
çeper obraz derejesine ýetirilen keöpler hem bar. Şunuň bilen
baglanyşyklylykda, eseriň žanr aýratynlygy dogruda kelam
agyz aýdasym gelýär. Powest diýilse-de, sen mundan powestiň
klassyk shemasyny gözläp oturma, okyjy! Megerem, Soltanşa
aganyň bu eseri powestiň asyl manysyna—hekaýat, gürrüň,
beýan manylara has laýyk gelýändir. Çünki munda awtor öz
ömürboýy başdan geçiren zatlarynyň beýanyny beripdir.
Powestiň ilkinji sahypalaryndan hakyky janly obraz, sungat
derejesine ýetirilen obraz hökmünde hereket edýän şahsyýet
Babagulydyr. Çagalygyň bigam ýatlamalaryndaky gülküli
wakalaryň köpüsi şu at bilen baglanyşyklydyr. Garagollukda
ýakasyny tanadan bu oglanjyk okyjyda-da, awtorda-da simpatiýa
döredýär. Umuman, okyjy bu eserde ähli zada awtoryň gözi bilen
seredýär. Awtor birhili hem wakalaryň içinde gezýär, ýaşaýar,
hem şol bir wagtda-da wakalaryň üstünden seredýär. Munuň
423
özi awtoryň hakydasynyň işleýiş mehanizmi bilen baglanyşykly
aýratynlyk. Onuň aňynda öten zaman bilen häzirki zaman birhili
özboluşly suratda sepleşip gidýär.
Şonuň üçinem eseriň çeper tekstiniň derejesinde şeýle tär,
priýom emele gelýär: awtor haýsydyr bir adam hakynda gürrüň
edip, birdenem “öňe gidibräk aýtsak” diýýär-de, onuň has soňky
ykbaly dogrudaky zatlary gysgaça aýdyp berýär.
Eser awtobiografik bolany üçin fantaziýanyň, çeper
taslamanyň ulanylmaýandygy düşnüklidir. Şonuň üçinem
awtor taýýar gahrymanlary taýýarlygyna alaýypdyr diýip
pikir edilmegi hem mümkin. Emma bu beýle däl. Wakalaryň
gidişinde gahrymanyň aýry-aýry taraplaryny, gylyk-häsiýetini
açmak, faktlary gelşirip bermek bu ýerde hiç hili taýýarja zadyň
ýokdugyny görkezýär. Onsoňam hakydaňda galan detallary,
faktlary taraşlamagyňam kebşirlemegiň hem özüne ýetiksi
kynçylygy bar. Awtor köplenç ekzotik wakalary saýlap alýar.
Aýry-aýry şahsyýetleri ýatlanynda-da, olaryň özboluşly, güýçli
hem gyzykly taraplaryna ünsi çekýär. Şeýdibem eseriň ýatda
galýan geň-taň adamalar bilen dolmagyny gazanýar.
Şolaryň içinde Allaberen Kadyrow aýartyn orunda durýar.
Munuň özi täsin hadysa diýip aýdyp bolardy. Bu taýýar
belletristik obraz ahyryn. Onuň şahsyýetiniň özboluşlylygy
okyjyny haýran edýär. Durmuşda seýregem bolsa, her hili geň
şahsyýetler duşýar. Soltanşa Atanyýazow gelşirip, gyzykdyryp,
her bir jümläni, detaly ýa kiçijik epizody hut okyjynyň aňyna
maksimal derejede täsir edip biljek pursadynda getirýär.
Alymlyk beletlik bilen berýän gürrüňleri okyjyny irizmeýär.
Sebäbi ol haýsy ülkede bolsa-da, haýsy ýurtda gezip ýören
bolsa-da, birinjiden-ä, türkmen milli duýgusy bolan okyjyny göz
öünde tutýar, ikinjidenem, okyjyda bilesigelijiligi oýaryp biljek
temalary tapyp bilýär. Munuň özi, ilki bilen, degişli ülkäniň
tebigat gözellikleri, onuň ýaşaýjylarynyň durmuşynyň, däpdessurynyň hem psihologiýasynyň täsin taraplarydyr. Emma
türkmen ilatynyň arasyna düşen wagty awtor aýratynlyklary,
täsinlikleri umumymilli meňzeşlikler bilen deň tutýar, ýagny
ol türkmenleriň arasyndaka, olaryň beýleki türkmenler bilen
424
meňzeş taraplaryny göresi, agtarasy gelýär. Milli duýgusy
möwç urup duran şahsyýet millet dogruda boş, pöwhe sözlere,
sarnamalara ýüz urjak bolup duranok. Onuň her pikirinde,
niýetinde, hereketinde hem gyzyklanmalarynda milli mertebäni
näderejede ýokary goýandygy aýan bolýar.
Soltanşa aganyň jahankeşdelik ýazgylary ýöne bir ýol
ýazgylary däl, beý diýsek onuň mazmunyny-da ýoýdugymyz,
ähmiýetini-de kemsitdigimiz bolardy. Munuň özi, eger umumy
suratda kesgitlemeli bolsa, inçe ýürek duýgularyndan mahrum
bolmadyk alymyň çuňňur manyly söhbetidir. Diýmek, bu
ýazgylaryň žanryny-da edebi-publisistik eser hökmünde
kesgitlemek mümkin. Sebäbi bu ýerde okyjy ylmy hem
publisistik, ylmy hem çeper pikirlenmeleriň ňzboluşly sintezini—
utgaşygyny görüp biler. Şeýle dürli formalary utgaşdyryp, süýji
gürrüň berýän syýahatça berekella diýesiň gelýär.
3-nji gatlak: YLYM ÝOLLARY
Soltanşa Atanyýazowyň alym hökmünde
nähili
gabarysynyň barlygyny men aýtmaly däl, bu bütin ile belli.
Şonda-da onuň alymlygy dogrusynda käbir zatlary aýtman
saklanmak mümkin däl.
Alymyň ylmy gyzyklanmalary iki ýoluň - wagt hem
giňişlik ýollarynyň çatrygynda kemala geldi. Onuň dogabitdi
ýolagçylyk zandy, barmak-görmek, zatlaryň düýp manysyna
hem tebigatyna, aňyrsyna ýetmek islegi muňa sebäp bolupdyr.
Giňişlik ýollary - munuň özi ýeriň dili bilen aňladylan
hakykatlaryň ýollary diýmekdir. Dil biliminiň toponimika diýen
bölüminde öwrenilýän bu ýollar babatda Soltanşa aga ilkinji uly
hünärmen boldy, häzie hem esasy alym bolmagynda galýar. Ähli
zatlar – taryh, geografiýa bilen baglanyşykly hadysalaryňam
bary adam dilinde, sözlerinde beýan edilipdir. Soltanşa aga
ilkinji bolup türkmeniň geçmişi bilen berk baglanyşykly şol
beýany okamany başaran alym. Onuň bu ugurdan ýazan
monografiýalary türkmen okyjylarynyň arzylap okaýan gyt
kitaplaryna öwrüldiler. “Ýola elten ýodalar” powestinde şo hili
425
ylmy işleriň döreýşi, alymyň ylmyň bu ugruna nähililik bilen
düşüşi baradaky beren gyzykly gürrüňleri-de şol kitaplaryň
özünden az gyzykly däl bolsa gerek. Onuň sadadan şireli dili
okyjyny biperwaý goýmaýar.
Soltanşa aga özüniň çeper terjimehalynda peduçilişäni
gutarandan soň, instituta gelip, ilki bilen geografiýa fakultetine
girjek bolandygyny gürrüň berýär. Onda ýer-ýurt görmek,
bularyň taryhyny öwrenmek islegi, duýgusy, belki, müň ýylyň
dowamynda ýer-ýurt söküp bir ýerde oturmadyk ata-babalarynyň
geçen ýoluny yzarlamak isleginden gelip çykandyr?! Her
hal, alymyň toponimikadan başlan ylmy gyzyklanmalarynyň
bir ylmyň çäginden çykandygyny aýtmak gerek. Ol filolog
hökmünde onomastika , toponimika, etnonimika, antroponimika,
dialektologiýa bilen has içgin, has köp meşgullanypdyr. Ine,
ylmyň şu ugurlary onuň ylmy şahsyýet hökmündäki bitewiligini
üpjün edipdir. Ýöne ol ylymlar sap filologik ylymlar bolman,
taryh, etnografiýa, logika hem diliň filosofiýasy ýaly düýpsüz
pikirleriň hem faktlaryň ummanyna ýazyp gidýändir. Şonuň
üçinem bu alymyň paýhasynyň miwesi bolan ylmy işler gaty
köp taraply hem örän köpler üçin ähmiýetli, zerur işler bolup
durýar.
Soltanşa aganyň tarhyň ýollary boýunça eden syýahatlary
netijesinde “Şejere”, “Türkmeniň nesil daragty”, “Slowar
turkmenskih etnonimow” diýen ýaly saldamly ylmy işleri
peýda boldy. Bu işler öz ugry boýunça unikal-täsin, deňsiztaýsyz işlerdir. Çünki bularda türkmeniň etniki taryhy ilkinji
gezek çuňňur ylmy esaslarda lingwistik nukdaýnazardan
töwerekleýin öwrenildi. Bulara çenli halkymyzyňetnografiýasy
hem etnik taryhynyň käbir meseleleri öwrenilipdi. Emma bu
zatlaryň lingwistik derejede ýüze çykyşy, halkyň taryhynyň
onuň öz etnik sözlerinde beýan bolşy öwrenilmändi. Hemme
zat sözde, söz aarkaly ýüze çykýar. Adamy adam edýän dildir.
Islendik zady öwrenjek bolsaňam ilki bilen dile ýapyşmaly.
Soltanşa aganyň etnonimler babatdaky gözleglerine aperin
diýesiň gelýär. Şonça faktik materialyň özüni ýüze çykarmak,
toplamak, sistemalaşdyrmagyň özi näçe zähmeti, gaýraty hem
426
halkyna nähili söýgini talap edýär! Alymyň işlerini okanyňda,
halkymyzyň taryhyna degişli ägirt köp täzelikleriň üstünden
barjagyň ikuçsuzdyr. Şo hili täzelikler jemlenibem halkyň
etnik taryhynyň bütinleý başga röwüşde şekillenmegine sebäp
bolýar. Arheologlaryň gadymy şäherleriň gatlak-gatl;ak küle
öwrülen taryhyny ýuwaş-ýuwaşdan dikeldişi ýaly, Soltanşa
aga-da dilimizde birnäçe gatlak bolup galan etnik atlary ýerlikli
sistemalaşdyrypdyr. Bu ýerde üstünden 1,5—2 müň ýyly geçiren
sözlerem bar. Soňraky döwrüň önümi bolan sözlerem bar.
Bularyň manysy dikeltmek iňňe bilen guýy gazandan aňsat däl
bolmaly. Ýöne alymyň ylmy işleriniň gymmatyny hasyl edýän
zat diňe bir olara siňdirilen fiziki zahmetiň möçberi däl. Esasy
zat—onuň alymlyk zehininiň güýçlüliginde. Dürli etnonimleriň
düýp manysyny düşündirende, Soltanşa aga birwagtky—
orta asyr alymlary ýaly rowaýatlara esaslanyp oňaýmaýar.
Ol rowaýaty hem bütinleý äsgermezlik edenok weli, sözleriň
gelip çykyşyny hem manysyny düýpli, içki lingwistik hem
etnolinswistik kanunlar boýunça düşündirýär. Bu eýýäm owadan
gürlemek däl-de, hakyky manysyndaky ylym bolýar. Meselem,
alym “Bürgüt” etnonimine şeýle ylmy düşündiriş berýär:
“Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda ýaşaýan bekewül
ärsarylarynyň bir urugyna bürgütler diýilýär. Bu urugyň gazan
arygyna we oturan obasyna-da Bürgütler diýen at galypdyr.
Göräýmäge, bürgüt etnonimi öz-özünden düşnüklidir:
bürgüt diýen güýçli guşy özüne totem (ongen) edinen urugyň
ady. Ýöne gadymy türkleriň we mongollaryň arasynda bargut,
gyrgyzlarda burut, XV asyrda Aral ýakalarynda ýaşan göçme
özbekleriň düzüminde burkut diýen etnonimleriň bolmagy
beýle düşündirişiň hakykatdan üzňedigini görkezýär, çünki bir
tipdäki atlar köp gaýtalansa, onda olaryň ýüze çykyşy tötänleýin
bolman, eýsem kanunalaýyklygy emele getirýär.
Indi dürli alymlar tarapyndan ýokarda sanalan etnonimleriň
düşündirilişine syn edeliň. Gyrgyz alymy S.M. Abramzon
bargut diýen etnonimiň mongollaryň bargu taýpasynyň adyndan
we köplük sanyň –t goşulmasyndan durýandygyny ýazýar.
Başga bir gyrgyz alymy K.I. Petrow mongol-gyzgyz taýpasynyň
427
ady bolan burut sözüni ikä bölüp, onuň buru sözüni böri bilen
baglanyşdyrýar, -t bolsa köplük sanyň goşulmasydyr”. Men
bu uzyn mysaly ýöne ýere üzmän dolulygyna getirmedim.
Hut şu ýerde alymyň pikirleniş stiliniň umumy ugry hem köp
elenemtleri oňat görünýär. Halk hem ylmy etimologiýalary
deňeşdirmek, ygtybarlysy hökmünde soňa pitiwa bermek
ylmy esaslygyň alamaty. Sözüň ýüzüne çykyp duran ýönekeý
düşündirişden beýni kanagat tapanok. Şonuň üçinem has düýpli
hadysalar bolan içki lingwistik kanunalaýyklara esaslanmaly
bolýar. Ol kanunalaýyklar bolsa öz gezeginde taryhy we
etnik kanunalaýyklara alyp barýar. Şeýdip hem hakyky ylmy
düşündiriş, ylmy açyşlar ýüze çykýar.
Dile geleni üçin, şu ýerde umuman ylmy pikirlenme diýen
düşünje barada garaýşymy aýdyp geçesim gelýär. Göwnüme
bolmasa, has aňyrdan gelşine görä, ylym bizde köplenç
okumyşlyk bilen gatyşdyrylýar. Ine, orta asyr alymlarymyzyň
işlerini alyp göreliň. Olarda ylmy pikirlenme formalary edebiçeper pikirlenmäniň, dini pikirlenmäniň, filosofik pikirlenmäniň,
mistiki pikirleriň formalary bilen garyşyp-gatyşyp gidýär. XX
asyrda ylmy pikirlenme pikirlenmäniň ähli özge formalaryndan
doly differensirlendi. Şonuň üçinem sap ylmy pikirlenmä—
ýagny logiki kanunlaryň, beýniniň kanunlarynyň üstünde
gurnalýan, diňe subutnama arkaly, esasan, ýüregi däl-de beýnini
kanagatlandyrýan pikirlenme formasyna gol ýapmalydyrys.
Şeýle ylmy pikirlenmäniň ajaýyp nusgalary hökmünde bolsa
Soltanşa Atanyýazowyň ylmy kitaplaryny agzamak bolardy.
Alymyň işlerindäki ýene bir aýratynlyk—ol-da onuň ylmy
batyrlygy. Alym her hili ylmy çaklamalary öňe sürmekden
çekinip durmaýar. Bu bols okyja pikirlenmäge esas, ylmyň
ösüşine bolsa material berýä.
4-nji gatlak: JAHANKEŞDELIK ÝOLLARY
“Ýola elten ýodalaryň” birinji bölüminde “Gezmek
ömürden”diýen bir bölek bar. “Men sözbaşy hökmünde saýlan
“Gezmek ömürden” diýen aýtgyny hem eý görýärin, ähtimal,
428
bu gezelenç “keseliniň” meniň ganyma guýlandygyndan bolsa
gerek” diýip awtor onuň başynda ýazýar. Dogrudanam, gezmek,
gezelenç etmek Soltanşa aganyň iň gowy görýän zatlarynyň
biri, onuň durmuş obrazy diýseňem boljak. Ylaýta-da, kitabyň
ikinji bölüminde dürli ýurtlara, ülkelere gezelençler esasy orny
eýeleýär. Ol gezelençlerde, has dogrusy, syýahatlarda Soltanşa
aga özüni, orusça aýdylanda öz stihiýasynda duýýar. Diýmek,
onuň ylymdaky saýlap alan ugurlaryny hem şol “kesel” bilen
düşündirmek bolar.
Syýahaty köpleriň gowy görmegi mümkin, emma syýahatda
gören-eşiden zatlaryňy gyzgyny bilen hem gyzygyny gaçyrman
okyja, diňleýjä ýetirmek üçin galam işledip bilýän adam
bolmaly. Soltanşa aga galam işledip bilýän syýahatçy. Onuň
dünýäniň dürli ýurtlaryna eden syýahatlaryny suratlandyrýan
2-nji bölüm okyjynyň elinden goýduryp bolmajak sahypalardan
ybarat. Sebäbi awtor gürrüň bermäni başarýar. Ol haýsy ýurda
barsa-da, onuň bada-bat göze ilýän hem her bir adamyň bada-bat
gözüne ilmejek aýratynlaklaryny görmegi başarýar.
Awtoryň syýahatlarynyň köpüsi onuň ylmy iş saparlary
hem ylmy gözlegleri bilen baglanyşykly. Şonuň üçinem
awtoryň gürrüňleri ýöne bir syýahatçynyň däl, sybahat edýän
ýurdunyň taryhyna, diline, tebigatyna hem däp-dessuryna belet
alymyň söhbetleri. Onuň sypatyndan eruditiň (okumyşyň) hem
intellektualyň (ylym adamynyň) häsiýetleriniň jemlenmegi
söhbetleriň mazmunyna agraslygy, many çuňňurlygyny hem
aşa gyzyklylygy berýär. Mazmunyň şo hili aýratynlygy kitabyň
geljekki okyjysynyň tipini-de öňünden kesgitleýär. Ol okyjy,
meniň göz öňüme getirişimçe, pikirlenip bilýän, wagtyň hem
giňişligiň çäklerine syýahata çykmak isleýän hem syýahat edip
bilýän, özgeleriň gulagyna ilmeýän ýaşaýyş owazlaryny eşidip
bilýän, ýaş-ullylgyna garamazdan, özboluşly intellektualdyr.
Men kitabyň şeýle okyjysynyň boljaklygyna ynanýaryn hemde alym agamyzy munuň bilen gutlaýaryn. Dogrusyny aýtsam,
ýazyjy hökmünde meniň özümem eserlerimiz ýazýarkam
hemişe hut şo hili okyjyny göz öňüne getirip, şoňa niýetläp
ýazýaryn. Çünki dünýäde iň uly baýlyk — pikir, iň çyn adamam
429
pikirlenip bilýän adamdyr. Türkmen “Suw akar, daş galar”
diýýär. Dünýäde galjak zat, galybam seni, milletiňi beýgeltjek
zat—pikir, akyl, beýleki zatlar suwdur. Beýik Magtymgulynyň
äheňinde adylanda, Soltanşa Atanyýazow keşt eýledi, dünýäň
yşgynda gezdi, näbelli alyslyklaryň, görülmedik ýurtlaryň,
söhbetdeş bolunmadyk arkadaşlaryň yşgynda gezdi. Indem
özüniň ýürek duýgularyny, görlen üýtgeşik dünýälerde hyýalyna
gelen pikirlerini okyja hödürleýär.
5-nji gatlak: PAÝHAS ÝOLLARY
Gündogar alymlarynda ylmyň haýsy ugrunda işleýänligine
garamazdan, akyl işiniň iki ugry boýunça işlemek däbi ýa endigi
bolupdyr. Olaryň biri hakda biz ýaňy gürrüň etdik, ol däp dürli
ýurtlary gezip, şol syýahatdan alan täsirlerini “syýahatnama”
formasynda okyjy bilen paýlaşmak bolupdyr. Ikinjisi bolsa
köplenjem ýaşyň, kämilligiň bir çägine baranda durmuş hem
dünýä, ömür hem adamzat ýaşaýşy barada danyşmentlik
kitabyny ýazmak eken. Soltanşa Atanyýazowyň şahsyýeti
gadym Gündogaryň düşünjesindäki alymyň klassyk tipine
degişlidigini öň bellän bolsam, ýene bir gezek ýatlamakçy.
Meniň dek häzir görkezen iki aýratynlygym hem bu pikiri ýene
bir öwre tassyklaýarmyka diýýärin.
Soltanşa aganyň danyşmentlik kitaby—onuň “Edepnamasy”
biziň döwrümiziň akyl durmuşynda akyl-paýhas tejribelerini,
ömür sapaklaryny okyjy bile paýlaşmak meýli köpçülikleýin
tendensiýa öwrülmezinden has owal ýazylypdy. Meniň S.
Atanyýazowyň şu kitabynyň ýazylmagyny alymlaryň baryp bir
wagtky nesilleriniň däbi bilen baglanyşdyrmagymyň öz sebäpleri
bar. Şeýtmek bilen men gündogar intellektual durmuşynyň asyl
aýratynlyklarynyň gözümiziň alnynda dikelýändigini nygtamak
isledim. Ol durmuşyň esasy özboluşlylyklarynyň biri bolsa
gündogar paýhas durmuşynyň hem paýhas ideallarynyň düýpli
rasionanizme ýugrulanlygydyr. Rasionalizm diýmegem rasional
pikiriň—danalygyň, paýhasyň ähli zatdan öňde goýulmagy,
adamyň hem adamzadyň ösüşindäki problemalary çözmekde
430
paýhasy hem danalygy beýleki serişdelerden ileri tutmak diýmek
bolýar-da. Paýhasy prognozirlemek, belli bir kanunalaýyklary
umumylaşdyrmak esasynda geljegi öňünden kesgitlemek ukyby
uly gymmatlyga eýe bolýar.
Soltanşa Atanyýazowyň “Edepnamasy” durmuşyň dürli
ugurlary boýunça öwüt-nesihatlary özünde jemleýän kitapdyr.
Dünýewi mekdepler üçin ýazylan okuw kitaby bolmasa-da,
ol, umuman durmuşyň okuw kitabydyr. Kitabyň adynyň özem
öňden gelýän däpleriň çägindäki hadysa diýip bolardy. Orta
asyrlarda musulman Gündogarynda “edebiýat” dersi adamda
intellektual hem ahlak medeniýetini terbiýeleýän sapak bolupdyr.
“Edebiýat” häzirki çeper edebiýaty, estetikany, etikany, sözleýiş
medeniýetini we adamda akyl hem ahlak kämilligini döretmäge
kömek edýän gaýry ylymlary özünde jemläpdir. “Edepnamada” şol ata-baba ýörelgeleri dowam etdirýän kitap hökmünde
tematik ugurlara bölünýär. Eger men häzir tematikanyň
gürrüňine geçäýsem, onda söhbetiň mazasy, tagamy galmaz.
Çünki, birinjiden, edil “Edepnama” dogruda ýazmaly bolsa,
onuň mazmunyna hemmeler belet, ikinjidenem, ýöne gürrüň
bermek, beýan etmek umumanam gürrüňiň süýjüsini artdyrýan
usullar däl.
Emma men Soltanşa aganyň döredijiliginde paýhas
ýollary diýen temanyň “Edepnama” bilen çäklenmeýänligini
aýtmalydyryn. Onuň ähli ýazan zatlarynyň içinde rasionallyk
eriş-argaç bolup geçär. Munuňam sebäbi onuň, öňem aýdyşym
ýaly, intellektiniň aýratynlygydyr.
Soltanşa aganyň döwletli öýi bar. Onuň öýi mydama
myhmanly. Bu gün men şol köp myhmanlaryň biri. Alymyň
bereketli saçagynyň başynda gürrüňimiz esasan “Ýola elten
ýodalar” hakda boldy. Ine, şol söhbetdeşlikden bir parça.
Osman ÖDE: — Men kitaby golýazma görnüşinde-de,
onuň “Garagum” žurnalynda çap edilen böleklerini-de höwes
bilen okap çykdym. Eseriň žurnalda çykan parçalaryna okyjylar,
metbugat sahypalarynda we radio-telewideniýede bolsa
ýazyjylar hem ýokary baha berdiler.
Eser bilen şeýle tanyşlykdan soňam men özümi
431
gyzyklandyrýan, okyjylary hem biperwaý goýmajak käbir
sowallara jogap tapmadym. Şolar barada sorag-jogap alşaýsak
nähili bolar?
Soltanşa ATANYÝAZOW: —Jogap bermäge men taýýar.
O.Ö. — Sizi türkmen ili, şeýle-de türki dünýäniň dilçi
alymlary ilki bilen toponimist, ýagny ýer-ýurt atlaryny
öwreniji alym hökmünde tanaýarlar. Ýadymda bolsa, merhum
edebiýatçy dostumyz Ahmet Bekmyradow Siz hakda “Ýeriň
diline düşünýän alym” diýip gazete makala-da ýazypdy.
Soragym şeýle: Haýsydyr bir obanyň, şäheriň ýa-da başga bir
obýektiň, şeýle-de tire-taýpanyň adynyň hakyky manysyny ýüze
çykarmakda esasy nämäni ýa-da nämeleri nazara almaly? Bu
sorag toponimika (umuman has atlar) bilen iş salyşjak ýaşlary
gyzyklandyrsa gerek...
S.A. — Bu soraga gysga bir söz bilen jogap bermek mümkin
däl. Ýer-ýurt ady näçe gadymy bolsa, şonça-da onuň manysy
gizlin, syrly, üstüni açmasy hem kyn bolýar. Beýle atlary ýekeýeke däl-de, tutuş ulgamy bilen birlikde öwrenmek gowy netijä
getirýär. Bir myasl. Döw sözi bilen gelýän Döwgala,Döwgaýa,
Döwguýy, Döwdan, Döwkesen, Döwüň gowagy...ýaly atlaryň
manysy, göräýmäge, düşnükli ýaly. Rowaýatlar olary döw
diýen mifik jandar bilen baglanyşdyryp düşündirýärler. Emma
bu obýektlere içgin göz aýlasaň, olary özi ýaly at alan beýleki
obýektler bilen deňeşdirip görseň weli döw sözüniň türkmen
toponimiýasynda mifik jandar bilen asla hiç hili baglanyşygy
ýok, eýsem, “uly”, “äpet”, “ýoňsuz” ýaly manyda ulanylýar.
Diýmek, ýer-ýurt atlarynyň görnüşi, formasy, goşulmalary,
manysy... boýunça bir hatary emele getirýän toparlaryny biribiri bilen deňeşdirip, saldarlap öwrenmek toponimik derňewiň
ilkinji şertidir.
Relýef, ösümlikler, baýlyklar bilen bagly at alan obýektleri
ýerinde barlamak ygtybarly çeşmedir. Meselem, Goşadepe,
Egrigüzer, Ekizek, Göbekli, Gowakly, Gowurdak (kükürt dag)
ýaly ýüzlerçe obýektlere hut häsiýetli aýratynlyklary bilen bagly
at dakylypdyr.
Ýerli ilatyň berýän maglumatlary, taryhy çeşmeler,
432
hatda toponimik derňewiň ýollary, usullary gaty köp. Men bu
ýerde olaryň käbirini agzadym. Şol usullardan kompleksleýin
peýdalanylanda, uly üstünlikler gazanmak mümkin.
S.Ö:— Bilim almak, hünär saýlamak—her kesiň arzuwy.
Ýöne oňa her kim bir ýol bilen gelýär. Siz nädip toponnimist
bolduňyz?
S.A. — Aspirantura girýänçäm, men toponimika sözüni
hem eşitmändim. Ýöne gezelenç etmek, ýurt gezmek weli
meniň ýetip bilmäýän arzuwymdy. Obada ýedi ýyl mugallym
bolup işlän ýyllarymda (1956—1962) tomus kanikulynyň
aglabasyny turistik gezelençlere bagyşlap, öňki Soýuzyň
köp respublikalaryny we ýüzlerçe şäherlerini aýlandym.
Aspitranturada toponimika ýaly il içinde material toplamak bilen
baglanyşykly temalara köpräk üns berenim üçin, ýolbaşçym
M.Ýa.Hamzaýew maňa toponimikadan dissertasiýa ýazmagy
tabşyrdy. Şeýdip toponimist, soňra he dialektolog boldum.
Isleg-arzuwyma-da ýetdim. Türkmenistandaky ähli etraplary
we ululy-kiçili aglaba obalary, şeýle-de öňki Soýuzyň çäginde:
Özbegistanda, Täjigistanda, Azerbaýjanda, Orsyýetiň hem
Stawropol ülkesinde we Astrahan oblastynda ýerleşen türkmen
obalaryny aýlanyp, ylmy material topladym.
O. Ö: — Siz—dilçi alym, emma ýazan kitaplaryňyzda
(meselem, “Edepnamada”, “Şejerede” türkmen adam atlaryna
we ýer-ýurt atlaryna bagyşlanan eserleriňizde, şonuň ýalyda ençeme gazet-žurnal makalalaryňyzda) halkyň taryhyna,
medeniýetine, ruhuýetine, ýurduň geografiýasyna galtaşýan
dürli pikirler öňe sürülýär. Ylmyň dürli ugurlaryny utgaşdyryp iş
alyp barmagyň syry nämede? Ensiklopedist alymlara garaýşyňyz
nähili?
S.A: — Geçmişde Orta Asyýadan al-Horezmi, alBiruny, Ibn Sina, Al-Faraby, Omar Haýýam, Ulugbek ýaly
ajaýyp ensiklopedist alymlar çykypdyr. Ylmyň has ösen
häzirki döwründe onuň dürli ugurlaryny ýokary derejede
bilip, ensiklopedist alym mümkin däl. Ýöne işleýän ugrunyň
galtaşýan sferalaryny geregiçe öwrenmegi weli alymyň borjy
hasaplaýaryn. Munuň üçin köp okamaly. Il içinden ýa-da
433
ýazuw çeşmelerinden maglumat toplanda-da diňe ylmyň şol bir
ugruna däl, eýsem onuň işläýerin diýip pikir eden ugurlaryna
degişlilerini hem ürç edip toplamaly. Men ylmy iş saparlarynda
obalarda bolanymda diňe bir plan boýunça işelemeli temama
(melem, toponimika ýa-da dialektologiýa) degişli maglumatlary
däl, eýsem halk döredijiligi, adam atlary, däp-dessurlar we
ş.m. ugurlardan hem köp material topladym. Soňra olar meniň
kitaplaryma esas boldy. Il içinden ýygnan müňlerçe nakyllarymy
hem-de ertekilerimi hem şol ugurdan iş ýazan alymlar Kakaly
Berkeliýew we Baba Weliýew dagy minnetdarlyk bilen alyp
neşir etdirdiler.
O.Ö: — Sizi mekdep okuwçylary hem gowy tanaýarlar.
Mekdepler we okuw jaýlary bilen gatnaşygyňyzy gysgaça
ýatlaýsaňyz.
S.A.: — Meniň diplomlarymda görkezilen hünärim—
pedagog. Ýedi ýyl obada mugallymçylyk etdim. Okuwçylar
bilen duşuşmagy, özümiň gowy bilýän ugrum boýunça olara
gürrüň bermegi halaýaryn. Döwletimiziň aglaba mekdeplerinde
we ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynda okuwçylar bilen
duşuşyklar geçirdim. 1988-ni ýyldan bäri bolsa 7 we 8-nji klaslar
üçin “Türkmen dili” okuw kitabyny ýazmaga-da gatnaşýaryn.
O.Ö: — Size pedagog hökmünde bir soragym bar. Geçmiş
alymlaryň biri “Mugallymyň bahasy çagalaryna beren terbiýesi
bilen ölçelýär” diýipdir. Siziň bu pikire garaýşyňyz? Näçe
çagaňyz bar? Olara beren edep-terbiýäňiz barada aýdaýsaňyz?
S.A.: — Alym gaty mamla. Üstesine,özüme galsa-ha,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.