Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25

Total number of words is 3710
Total number of unique words is 2201
28.2 of words are in the 2000 most common words
40.3 of words are in the 5000 most common words
47.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Süňk atdaşlar
Şiwelere degişli material ýygnamak maksady bilen N.
Mawyýew ikimiz Kerkä gitdik. Şäherde köne tanşym Rahman
Kerimowa duş geldik. Ol menden birki ýyl soň instituty gutarypdy
we Tutly Gyzylaýak obasynda mugallym bolup işleýärdi.
Rahman bizi obasyna äkitmek isledi. Emma onuň obasyna biraz
soňra barjagymyzy aýtdyk. Ilki şäheriň ýakynyndaky obalarda
işlerimizi bitirip, hepde—on gün soň Tutly Gyzylaýaga geldik.
Rahmanyň öýüni öň görüpdim, ony soraman taparyn öýdüpdim.
Emma dört-bäş ýylyň içinde oba üýtgäp gidipdir, köçelere asfalt
düşelip, onuň gyralarynda bişen kerpiçden köşk ýaly jaýlar
gurlupdyr. Tapyp bilmejegime göz ýetirip, obanyň ortasynda duş
gelen birinden Rahmanyň öýüni soradym. Maşynymyz salgy
berlen öýe gelip saklanan badyna bir garaýagyz daýaw pyýada
bizi garşylamaga çykdy. Salamlaşdy-da, bizi öýüne çagyrdy.
Öýe girdik. Öý bikesi biziň bilen bir maşynda gelen etnograf
alym Anna Pirgulyýewa bilen görüşdi, soraşdy, ony oturdybam
daşky gazan-ojagyň ýanyna çykyp gitdi. Öý bikesi-de, öýüň
içindäki zatlar hem meniň tanşym Rahmandan habar bermeýär.
Iňkise gidip, bizi garşylan ýigide ýüzlendim:
— Rahman Kerimiň öýüne dogry geldikmi beri?
— Hawa, Rahman Kerimiň öýi şu.
— Özi nirede?
— Ynha, men Rahman Kerim.
Aňk-taňk boldum. Bu Rahmany ilkinji görşüm, meniň
soraýan Rahmanym däl. Soraýan Rahmanymyň öýüne köp
gelenligim, onuň enesi Abadany we gelni Tawusy gowy
358
tanaýanlygym üçin, ýene öý eýesine ýüzlenýärin:
— Meniň soraýan Rahmanym biolog bolmaly, gelnine-de
Tawus diýýändirler.
Onýança öý eýesi ýüzüni daşary öwrüp, öý bikesini çagyrdy:
— Tawus, barik gel, seni myhmanlar soraýar.
Ol gelen soňam maňa ýüzlendi.—Ynha, şu—Rahman
Kerimiň gelni. Ady-da Tawus.
Bu gezek ählimiz geň galmakdan ýaňa aňk bolduk. Öý
eýesi mundan artyk bizi gynamany özüne uslyp bilmän, gülkiniň
arasy bilen şeýle gürrüň berdi.
— Men siziň haýsy Rahmanyňka geleniňizi bada-bat aňdym.
Biziň obamyzda Rahmanlar iki. Ikisiniňem atalaryna Kerim,
enelerine Abadan, aýallaryna-da Tawus diýýärler. Ählisi atdaş,
üstesine kärleri-de bir: agronom. Men oba hojalyk institutynyň
agronomçylyk bölümini gutardym, atdaş bolsa pedinstitutyň
agronom-biologiýa fakultetini. Diňe işleýän ugrumyz aýry, ol—
mugallym, men—şu kolhozyň agronomy. Bize il çüňk atdaşlar
diýýär. Siziň ýaly myhmanlaryň, hat-habarlaryň, hatda hakheşdeklerimiziň çalşyp düşýän halatlary hem bolýar. Emma
biz gaty oňşukly, süňk atdaşlygymyza-da örän guwanýarys.
Häzir atdaşy taparys. Biziňkä ýalňyşyp gelseler-de, atdaşyň
myhmanlary duz-çörek dadyrylman gaýtarylýan däldir. Arkaýyn
oturyň — diýdi-de, çagalarynyň birini Rahmanyň yzyndan
iberdi.
Nämäniň nämedigine göz ýetirip, biz ynjaldyk. Nurberdi
maňa jaýyň töründe asylgy duran portreti görkezdi: Kaýum
Taňrygulyýewiň suraty. Geňleýänimizi aňan Rahman biziň
soragymyzdan öňürtdi:
— Tanadyňyz. Ol meniň agam Kaýum. Kaýumyň atasy
Taňrygulynyň bäş ogly bolýar. Kerim, Abdyrahman, Gapbar,
Kaýum, Penji. Meniň atam şol doganlaryň iň ulusy.
Onýança beýleki Rahman hem geldi. Çaý-nahardan soň,
onuňka gitdik. Bu obada üç gün bolup, gerekli materiallarymyzy
aldyk, birnäçe ýaşuly bilen gürleşdik.
Tutly Gyzylaýaga soňam köp geldim. Agronom Rahman
soňra kolhoza köp wagt başlyk boldy. Bir gelenimde, Rahmanyň
359
awariýa zerarly ýogalandygyny aýtdylar. Öýüne baryp, aýattöwir edip gaýtdym. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, süňk atdaşlaryň
ulusy! Häzir aramyzda ýogam bolsaň, seniň ornuňy çagalaryň
tutupdyr: iki gyzyň obada mugallym, ogluň seniň käriňi dowam
etdirmek üçin, agronomlyk ugrundan ýokary bilim alypdyr. Agaň
Penji bolsa obanyň ortasynda şäher parkyndan hiç babatda kem
bolmadyk uly seýil bagyny ýetişdiripdir. “Penjiniň bagy” diýlip
at berilýän bu seýilgähde oba ilatynyň medeniýetli dynç almagy
üçin ähli mümkinçilkler: tir, bilýard otagy, sport meýdançalary,
kinozal we beýlekiler bar. Ýazyjy agaň Kaýum Taňrygulyew
muzeýi hem bu bagyň gelim-gidimli ýerine öwrülipdir.
Goja Hazaryň ýakasynda
Bol suwly pagtaçylyk etraplarynda önüp-ösen islendik
adam ilkinji gezek Türkmenistanyň çöllük we deňizýaka
sebitlerindäki obalaryna düşäýse, onuň heniz görmedik ýa-da
öňki görenlerinden üýtgeşik we täsin zatlartyna gabat geljekdigi
şübhesizdir. 1966-njy ýyldan başlap Balkan welaýatynyň
obalaryna eden ilkinji ylmy saparlarymda menem şeýble
täsinlikleriň ençemesini geň galmak bilen synlapdym.
Çetden baran adam ilki bilen bu obalaryň aglabasynda
suwuň ýetmezçiligini duýar. Agyz suwuny uzakda ýerleşen
guýulardan we çeşmelerden daşap içýän obalaryň hem
ençemesine duş gelersiňiz. Şeýle obalarda gök daragta ýa-da
ekine gözüň düşmez. Obalylaryň agyz suwuna nähili aýawly
çemeleşýänligini göreniňde, eliňe artykmaç suw akytmaga ýada çaýkamak üçin owurdyňy dolduryp suw almaga ejap edersiň.
Her öýde suw saklanýan çsti ýapyk sement howdan bardyr. Barly
hojalyklarda iki howdana-da duş gelersiňiz. Suw gytçylygy
howdandaky suwy gözüň görejei ýaly gorap saklamaga, sähel
mümkinçiligiň bolsa, onuň üstüni dolduryp durmaga ýerli ilaty
mejbur edipdir. Bu barada Esenguly obalarynyň birinde gören
şeýle wakamy gürrüň bereýin.
Deňiz ýakalaryndaky ilatyň öýleri gaty üýtgeşik, olar
aýaklaryň (agaç sütünleriň) üstünde gurulýar. Aýaklytam
360
diýlip at berilýän bu jaýlaryň ýokarky (ikinji) gatyny göterip
duran sütünleriň arasy açyk, ähtimal, ol ýelli günlerde deňiz
tolkunlarynyň we ýeliň öýüň aşagyndan zowwam geçip
gitmegi üçin edilýän bolsa gerek. Ýokarky gatda ýerleşen we
birnäçe otagdan ybarat öýe basgançak arkaly çykylýar. Öýüň çar
töweregi gyrasy germewli tutuş basdyrma bilen gurşalýar. Oňa
ýerli ilat saýawan diýýär. Tomusda gün haýsy tarapa aýlansa,
saýawanyň kölege tarapyna düşek ýazyp oturybermeli. Jaýyň
üstüniň şifer ýa-da çerepisa örtgüsi weli basdyrmadan esli öňe
çykyp, ispanlaryň sombrero şlýapalarynyň giň etegini ýatladyp
durandyr. Bu ýagdaý gelşik üçin, iň esasy-da jaýyň üstüniň çagyş
ýagýan meýdanu giň bolsun diýlip edilýär. Şiferden aşak eňýän
suw nowajyklar arkaly jaýyň burçuna, ol ýerden hem rezin turba
bilen aşak guýulýar.
Ýagyş ýagaýar uçurlarynda öýdäki ähli jemende daşardan
ýa-da balkonda asmana seredip durandyr. Ýagşyň iri damjalary
şiferde deprek kakyberse, tutuş oba ilatynyň sürüsi daga ýaýrar.
Ekabyrrak biri rezin turbany howdanyň agzyndan aýryp, şiferiň
tot-tozanynyň ýuwlaryna garaşýandyr. Ondan arassa suw gelip
başladygy maşgalabaşy howdanyň ýanynda durana höküm eder:
— Suwy lara tut, lara!
Bu ilde howdana lara diýýärler. Turbadan oňa guýulýan
suwuň sesini ýagşyň aşagynda köýnekçe duranlaryň ählisi
sazyň sesi hökmünde kabul edýändir. Eger suw jürläp guýulsa,
onuň sesini gamgyn saz diýip düşüniň: kä lara, kä asmana
bakyp duranlardan ses çykmaz. Bardy-geldi, turbanyň suwy
zogdurylyp eňiberse weli şadyýan marş ýa-da tans heňiniň
çalyndygy biliň. Ýagşyň astynda duranlaryň asudalygyndan
derek galmaz: kimsi aýdyma tutdurar, kimsi ýanyndaky bilen
degşip-gülşer. Lar suwdan dolyberse, gaýda-gaýmalaşyk has
artyp, yzy maşgala tansyna ýazyp gider. Güýçli ýagýan ýagşyň
astynda sümmülbaý ezilen tutuş maşgalanyň uludan-kiçä ähli
agzalarynyň depýbän küştdepdisine tomaşa et, oňa goşup, hor
bolup aýdýan aýdymlaryny hezil et-de diňle.
Suw gytlygy deňiz ýakasynyň ilatyna diňe bir suwdan
tygşytly peýdalanmagy däl, eýsem agyz suwuny almagyň
361
dürli usullaryny, ajy suwy süýjetmegiň ençeme ýollaryny hem
öwredipdir. Meselem, çägeli çöllükde ýaşaýanlaryň takyrda kak
gazyp, ondan suw içýänligini her kim bilýär. Emma Merkezi
Garagumdaky şol takyrlaryň ýanynda ýerleşýän ajy guýularyň
suwuny ýönekeýje usul bilen süýjedýändiklerini göreniňde weli
gumly ata-babalarymyzyň gidroinženerlik paýhasyna aperin
aýdaýmak galýar. Bu şeýle edilýär.
Gumdaky takyrlaryň ýagyş suwy ýygnanýan çetinde guýy
gazylýar. Adatça, guýynyň suwy ajy, emma mal içmek üçin
ýaramly bolýar. Onuň ajy suwuny süýjetmek üçin, ýagyşly bahar
aýlarynda guýynyň ýakynyna üýşen suwy guýa guýdurmak
gerek. Ýokardan inýän suwuň örümli guýynyň aşagyny köwüp
hapalamazlygy üçin, ilki guýa çäge eňterýärler. Çäge ajy suwuň
üstüni örtenden soň, kak suwy oklar (joýajyklar) arkaly guýa
akdyrylýar. Daş-töweregine toplanan suw toprakdan syzyp hem
guýynyň düýbüne ýygnanyp bilýär. Ýokardan şogurdap inýän
hem-de syzyp geçýän süýji suw çäge bilen üsti örtülen we
massasy ýagyş suwundan has agyr bolan ajy suwuň üstünden
basýar, ony aşak we dumly-duşa iterip, özüne orun alýar. Ajy
suwuň üstünde emele gelen şu süýji suwly gatlaga (linza)
gumlular gyrgyny diýip at berýärler. Gyrgyny näçe galyň we
tutýan aýtymy giň bolsa, başgaça aýdanda, ýyl ýagyşly gelse,
çarwalar beýle guýulardan uzak wagtlap suw içip bilýärler,
guýularyň bu tipine-de çyrla diýýärler, ähtimal, çyrla sözi
“şyrlamak” işliginden emele gelip, kak suwunyň guýa şyrlap
guýulýanlygy bilen baglanyşykly dörän bolsa gerek.
Hazar ýakasynda ýaşaýan ilat deňziň şor suwuny
süýjetmegiň başga hili usulyndan peýdalanýar. Ynha, şeýle
usullaryň birisi.
Deňziň kenaryndaky ýa-da onuň adalaryndaky çägelikde
dyzboýy çukur gazsaň, ondan suw çykýar, onda-da içmäge
ýaramly suw. Çägäniň garny ýarylyp (köwlenip, gazylyp,
çägesi çermelip) edilýän beýle çukanaklara ýakaly ilat iýşme,
maňgyşlakly türkmenler (çowdurlar) bolsa yza (çekimlileri
gysga aýdylýar) diýip at berýärler. Maňgyşlaklylar yzalara jykyr
gurup, onuň suwy bilen ýer suwaryp, bakja hem ekipdirler.
362
Bu sebitde Bakjaly diýen ýerler hem bar. Türkmenbaşy (öňki
Krasnowodsk) şäherinden 45 kilometr günortada, deňziň
içine süsňäp gidýän dilkaw ýarym adanyň aýagynda ýerleşen
şäherçäniň Gyzylsuw diýen adynyň döremegine hut şeýle
iýşmeler sebäp bolupdyr. Gyzgylt reňkli çägelikde gazylan
iýşmeler suwy çäge bilen kybapdaş görneni üçin, ilat ilki süýji
suwly şol iýşmelere, soňra bolsa şu ýerde düýbi tutulan türkmen
obasyna Gyzylsuw diýip at berýär. Orsyýet imperiýasynyň
beýik hökümdary Pýotr Birinjiniň buýrugy bilen bu topraga
iberilen orus goşunlary düşläp, knýaz Bekowiç-Çerkasskiniň
ýolbaşçylygynda baryp 1716-njy ýylyň 3-nji noýabrynda
Gyzylsuwda ilkinji orus galasynyň düýbüni tutýarlar we oňa
Gyzylsuw adyny orus diline terjime edip, “krepost Krasnyýe
Wody” diýip at dakýarlar. Bekowiçiň ekspedisiýasynyň pajygaly
tamamlanmagy bilen gala taşlanýar we dargadylýar. Häzir bu
ýerde ol dartgynly wakalara şaýatlyk edýän nyşan hökmünde
Bekowiçiň adyny göterýän maýak we obanyň günbatar çetinde
dikilen çaklaňja ýadygärlik saklanypdyr.
Krasnyýe wody galasynyň dargadylan wagtyndan 152 ýyl
geçensoň, 1869-njy ýylda Hazar ýakalary oruslar tarapyndan
eýelenýär, polkownik Stoletowyň goşunlary şol ýylyň 5-nji
noýabrynda Şagadam diýen ýerde täze orus galasynyň düýbüni
tutup, oňa öňki galalarynyň Krasnyýe Wody diýen ýakymly
adyny biraz üýtgedip, Krasnowodsk görnüşinde at dakýarlar.
Gyzylsuw şäherçesi barada gürrüň gidýänligi üçin, bu täsin
oba bilen ymyklyrak tanyşdyraýyn.
250—300 çemesi hojalykdan ybarat bolan bu oba meniň şu
wagta çenli gören obalarymdan düýpgöter tapawutlanýar. Onda
tigirlenýän bir zada: ne maşyn-traktora, ne motor-welosipede,
ne araba, hatda durmuşda zerur bolan galtaklara we çaga
kolýaskalaryna-da gözüň düşjek gümany ýok. Bu obada tigirli
zady sürmek mümkin däl, çünki oba balykgulaklaryň owuntygy
bilen garyşan deňiz çägesiniň üstünde gurlupdyr, bu çäge bolsa
aýagyň aşagynda tolkunyp, üstünden basan zady dessine özüne
dartýar. Köwüşli aýak tä injige çenli çäge gömülýänligi üçin,
bu oba ädikli ýa çepekli geläýmeseňiz, köwşüňizi eliňize alyp,
363
aýakýalaň gezmeli bolarsyňyz. Hut şu ýagdaý sebäpli, obanyň
köp gatnaýan ýollaryna tagta düşelip, trotuar şekilli ýodalar hem
edilipdir. Kenar bilen uzalyp gidýän bu obanyň bäri çetinden
beýleki çetine ýerli ilat gaýykly gatnaýar. Şol maksat bilen
taýmyl diýlip at berilýän motorly we motorsyz gaýyklar—
her maşgalanyň öz aýagulagy öýüniň deňinde gazyga daňlyp
goýlupdyr. Bu obanyň öýleri hem, edil beýlaki kenarýaka
obalarynda bolşy ýaly, aýaklaryň üstünde gurlan aýaktamlardyr.
Gyzylsuw obasy öň deňziň içine süsňäp gidýän insiz
ýarym adanyň aýagynda ýerleşen bolsa, Baku—Türkmenbaşy
parom gatnawy üçin Gyzlsuw kanalynyň gazylmagy bilen onuň
orny hakyky ada öwrüldi, uly gämileriň ýüzüp geçmegi üçin
niýetlenen bu kanal gury ýer (materik) bilen obanyň arasyny
kesdi. Şonuň üçinem Gyzylsuwa häzir diňe gaýykly gelmek
mümkin. Oňa Türkmenbaşy şäherinden “Almaz” atly teplohod
birsydyrgyn gatnaw edýär.
Aýakly jaýlarda ýaşalýan kenarýaka obalarynda, adatça,
gök ösümlige gözüň düşmez, sebäbi suw gyt, çägeli kenar
hem ösümlik ekmek üçin ýaramsyz. Üstesine-de, çarwaçylyk
bilen meşgullanan we häzir hem bu kärini dowam etdirýän iliň
ekerançylyk endikleri az, ol endik suwuň bol ýerlerinde indi
döräp gelýär. Ähtimal, şonuň üçin bolsa gerek: bu ilde ýeke düýp
agaja-da bag diýilýär. Umuman, Günbatar Türkmenistanda “Bir
düýp bag ekdim” diýýärler. Men muny ilki eşidenimde, gaty geň
görüpdim. Görmezçe-de däl, meniň önüp-ösen ilimde azyndan
ýarym gektar çemesi ýeri eýeleýän we onlarça, hatda ýüzlerçe
düýp miweli agaçlardan ybarat bolan daragtlar toplumyna bag
diýilýär, baş-on düýp agaçdan bag bolmaýar. Bag babatdaky
düşünjäni kenarýaka ilatynyňka gabat gelmezligi netijesinde
men Esenguly şäherçesinde oňaýsyz ýagdaýa-da düşdüm.
Bu etraplaryň ýer-ýurt atlaryny gowy bilýän ýaşuly
hökmünde şäherçede Esen aga diýen bir ýaşuly bilen duşuşmagy
maslahat berdiler. Şäherçäniň salgy berlen çetine bardym-da,
tor örüp oturan üç-dört ýigitden Esen aganyň öýüni soradym.
Ýigitleriň biri ýerinden turdy-da:
— Öňdäki şalmandan (simagaçdan) çepe öwrül-de, göni
364
gidiber. Çepiňde bir bagly öý bardyr, şolam Esen aganyň öýüdir—
diýip, salgy berdi. Görkezilen ugur bilen gidip, ýoluň aýagyna
çykdym, emma bag görmedim. Ýene şol ýigitleriň ýanyna
dolanyp gelip, ol syrgynda bagly öýi görmändigimi aýtdym.
Ýaňky salgy beren ýigit igençli terzde öňüme düşdi-de, Esen
aganyň öýüni görkezdi. Men ondan “Hany bag?” diýip soradym.
Ol öýüň bir gapdalynda daşyna simden germew edilen, boýy hem
iki garyş çemesi ýekeje igde nahalyny görkezdi. Esen aga deňiz
suwuny süýjedýän desgadan her bedresini on köpükden satyn
alýan suwy bilen suwaryp, özünden soňkulara bag ýadygärlik
galdyrmak niýeti bilen, şu bir düýp igde nahalyny idedýän eken.
Näçe geň görsemem, ony bu ýigide duýdurman, içimden pikir
ýüwürtdim: “Dogry-da, walla, hiç hili gök çöpüň ýok ýerinde
ýeke düýp dyz boýy nahala bag diýäýmeseň, oazislerimizdäki
ýaly miweli baglary nireden aljak?”
60-njy ýyllaryň ortalarynda Çeleken (häzirki ady Hazar)
şäherinde we Etregiň köne şäherçesinde ýerleşen medeni-seýil
baglaryna (parklaryna) hem tomaşa edipdim. Seýilgäh kemi
ýok, seýil eder ýaly rejelenen ýollary, ýodalary, hata aýmançalary
hem bar. Onda sünnälenip ekilen agaçlar göni hatarlary emele
getirýarler. Ýöne weli ol agaçlar beýleki seýilgählerde görýän
daragtlarymyz däl-de, ýaşlykda gözümiziň öwrenişenje tanyş
ösümlikleri: ýylgyn, çerkez, gandym, sazak.
Dogry, men soňky ýyllarda Älemlide (Priçalda),
Garadepede, Çelekende, Awazada bolanymda, käbir ökde
adamlaryň öz melleklerinde alma, erik, garaly, nar, hatda hurma,
badam, limon ýaly miweli daragtlary ösdürip ýetişdirendiklerini
hem synladym. Ynha, Esenguly etrabynyň Garadepe obasynda
ýaşaýan Hatam Nurbat (ýazyjy Kasym Nurbatyň dogany)
obadan 4—5 kilometr uzaklykdaky düzlüge ýygnanýan suwa
sowma edip, ol ýere miweli agaçlar ekipdir. Soňra bu ýerden
guýy gazyp, bagyň tutýan meýdanyny esli giňeldipdir. Häzir
Hatamyň sowmasy diýlip at berilýän bu bagy görmäge göz
gerek, ol suwsuz sähranyň jümmüşinde jennetiň bagyny ýadyňa
salýar. Bu bagda üzüm, erik, alma, nar, şetdaly, garaly, hurma
ýaly miweli daragtlar kemsiz ýetişipdir. Onuň datly miweleriniň
365
tagamyny dadan her kes suw bilen üpjün etseň we zähmet
çekseň, “gara altynyň” mekany saýylýan bu ülkäni bag-bakjanyň
mesgenine öwürmegiň doly mümkindigine göz ýetirýär. Ýakyn
wagtda Garagum kanalynyň bir golunyň bu ülkä getirilmegi
bilen şeýle baglartyň sany has köpelse gerek.
Hormatly okyjylarym, döwletimiziň subtropik zonasy
hasaplanýan Etrek düzlüklerinde Jeýhunyň mele suwuna
ýetişdiriljek şol baglaryň miwesinden hezil edip iýersiňiz,
enşalla. Şonda uly baglaryň buşlukçysy bolan hazirki az sanly
bagjagazlary ýetişdiren we ýerli ilatda baga höwes döreden
Hatam ýaly gerçeklere alkyş aýtmagy unutmaň!
Jögi çadyrynda
Bu ýerdäki jögi sözüniň “jögülik etmek” söz düzümindäki
jögi sözi bilen hiç hili dahyly ýok. Özbegistanda, Täjigistanda
we Lebap welaýatynda ýaşaýan olat oba-oba aýlanyp dilegçilik
edýän Orta Asyýa syganlaryna jögi diýýär. Gepleýişleri
hindileriňki bilen bir we täjik diline ýakyn bolan bu etnik topar
özüne multoni ýada jugi diýýär. Ýeri gelende aýtsak, jögi sözi
hindiçe bolup, ol “gedaý”, “ykmanda” ýaly manylary aňladýar,
aslynda bu söz, şeýle-de hindi ýoglarynyň ýog diýen ady we
orus fantastik ertekilerindäki Baba Ýaga (“ýog baba”) sözleri
şol bir kökden emele gelipdir. Ynha, bizizň gürrüňimiz şol
jögüler hakynda.
Täjigistanda, Özbegistanyň hem Kaşgaderýa welaýatynda
jögüleriň uly topary ýaşaýar. Öz milli edähedine görä, olar
bahar we tomus aýlarynda 7-10 maşgala bolup, eşekli il
içine çykýarlar. Obanyň gapdalynda otly-suwly seleň ýerlerde
çadyrlaryny dikip,iki-üç gün bolýarlar, soňra beýleki obalara
göçýärler. Adatça, ar-aýal ýanyna bir ýa iki çagasyny hem alýar.
Gündizine çadyryň ýanynda iki-üç erkek galyp, çagalara we
eşeklere seredýär, aýallar bolsa egnone haltasyny (horjunyny)
we uzyn syrygyny atyp, iki ýa üç aýal bolup, obalary aýlanýar,
dilegçilik edýär, pal atýar. Jögi aýallary baran öýlerindäki aýalgyzlar bilen özbekçe, käbirleri türkmençe gepleşip, ýerli iletyň
366
ýaşaýşy bilen tanyşýar, özüne ýaran edim-gylymlary olardan
öwrenýär, käte ownuk-uşak zat satyn ýa alyp, jerçilik hem edýär.
Dilegçilige baran öýlerinden olara çörek, ýumurtga, gowurma,
pul ýaly dürli-dümen zat berip gaýtarýarlar. Pal atany ýa-da
tebipçilik edeni üçin aýratyn hak tölenýär.
Jögi aýallaryň kiçijik aýna seredip aýdýan pallaryny-da köp
diňläpdim. Anyk zat aýtman, “janly diýsemmi, jansyz diýsemmi”
ýa-da ýiten mal hakynda atylýan palda “ak diýsemmi, ala
diýsemmi” ýaly ikuçly, gümürtik jogaplary köplenç hakykatdan
üzňedi, emma weli olaryň käbirleriniň dogry geläýýän halatlaryda bolýardy.
Bir gezek gara mallaryň gyşyna meýdana kowulýan
döwründe bogaz sygrymyz agşam öýe gelmedi. Men motosiklli,
atam hem eşekli ony iki-üç günläp gözledik. Derek bolmady.
Şol günleriň birinde öýümize iki sany jögi aýal dilegçige geldi.
Enemem dessine olara pal atdyrdy. Uzyn sözleriniň ahyrynda
garry jögi aýal sygrymyzň gölesini yzyna tirkäp öýe geljekdigini
habar berdi. Atamam, menem pala ynanýan adamlar däldik.
Jöginiň palyny atama aýtdym, ol jögä sögündi-de, eşeklinip,
ýene sygyr gözlegine ugrady, menem mekdebe gitdim. Işden
gelsem, sygrymyz gölesi bilen öýde daňylgy dur. Palçy jöginiň
aýdyşy ýaly, gölejigini yzyna tirkäp, onuň özi öýe geläýipdir.
Enem maňa jögüleriň düşlän ýerinden palçy aýaly tapyp, oňa bir
towuk bilen 10-15 ýumurtga eltip bermegi tabşyrdy.
Göwün açýan giň meýdanda, tebigatyň gözel ýerlerinde
dikilen jögi çadyrlary ýaşlykda-da meni özüne maýyl edýärdi.
Bu sähraýy adamlaryň öz peýwagtyna, hiç kime garaşsyz,
aladasyz il gezişleri-de, meýdanda gerlen çadyrlarda spartanlar
ýaly ýaşaýyşlary-da, hatda nämedir bir zada gahary gelende,
uly köçäni dolduryp barýan aýal-erkek jögüleriň eşegiň
üstünde elindäki uzyn syryklary bilen biri-birlerini şark-daşark saýgylaýyşlary-da, ýolbaşçysynyň ýeke gykuwyndan soň
bolsa döwlen syryklaryny oklaşyp, dessine sessiz, üýnsüz ýola
düşüşleri-de meniň çaga kalbym üçin gaty geňdi. Obamyzyň
ýakynynda jögüler düşläýse, üç-dört oglan bolup barardyk, jögi
oglanjyklary bilen tanşardyk, käwagt bile-de oýnardyk, käte
367
göreşem tutardyk. Ýaşlykda beýnä guýlan şeýle täsirler ulanan
soňam kelleden çykmaz eken: häli-häzirem jögüler obasyny
göräýsem, olaryň çadyrlarynyň deňinden biperwaý geçip
bilemok.
1971-nji ýylyň aprel aýynda Darganata etrabynda ylmy iş
saparynda boldum. Etrabyň ähli obalaryny aýlanyp, iň ahyrda
Şyharyk obasyna geldim. Obadaky işlerini birýüzli edip,
galan iki-üç günümi şu obada geçirdim. Mekdebiň direktory
Gully Baýjykow bilen Soltan Sanjar galasyny, Soltan Sanjar
gowagy ýa-da Zümkän diýilýän meşhur gowagy, şu ýerdäki
düz känini aýlandyk (derýanyň şu ýerinde bent gurlany üçin,
bu agzalýan ýerleriň ählisi, şeýle-de iki kenardaky ençeme
obalar häzir Düýeboýun suw howdanynyň aşagynda galdy).
Gaýtmazymyzdan bir gün öňinçä şahyr Halyl Kulyýewiň
öz agasy Kasyma iberen hatyny gowşurmak üçin, Gazojak
şäherçesine gitdik (Kasym bu ýerde awtoinspektor bolup
işleýän eken). Şol döwürde Şiharyk obasy seňňer bolup uzalyp
gidýän gyryň ilersinde, Gazojak bolsa onuň gaýra tarapynda
ýerleşýärdi, aralary hem iki-üç kilometr. Gazojaga barmak üçin
gyrdan aşmaly. Gully we mekdebip dilçi mugallymy üçümiz
pyýadalap, Gazojaga ugradyk. Gyryň ýapajanda, gülli gök
otlaryň ortasynda ýerleşen gumaksy meýdanda ýedi-sekiz sany
jögi çadyry dikilipdir. Bir gyrada bäş-alty çaga oýnap ýör. Aýalgyzlar görünmeýär, ähtimal, olar dilegçilige oba siňen bolmaly.
Iki sany erkek adamyň hersi öz işi bilen gümra: biri eşekleri
örkläp ýör, beýlekisis meýdan gaz plitajagynda jaý gaýdadynýar.
Içimden “bä, bu jögüler gaty medeniýetli ekenler-ow, çaklanjaň
gaz plitadagam göteripdirler” diýip pikir edýärin. Çadyrlaryň
ortasyndaky uly ak çadyr, ähtimal, bu ordanyň baştutanynyňky
bolmaly. Oňa seredip, içimdäki pikirimi daşyma çykaranymy
duýman galdym:
— Gully, baharyň şu ajaýyp döwründe, açyk—meýdanda
şol ak çadyrda kölegeläp, dynç almagam-a hiç bir kurortdan
kem däl bolsa gerek.
Üçünji ýoldaşymyz dillendi:
— Çadyryň kölege tarapyny ýokara serpip, gülli meýdany
368
synlap şöwür çekmek hasam hezildir.
Şeýle göwünýüwürtmeler bilen şäherçä gelenimizi duýman
galdyk. Kasyma duşup, hatyny gowşurdyk, şäherçäni aýlandyk,
käbir dükanlara girip çykdyk. Gully dagy gerek-ýaraklaryny
we iýip-içer ýaly zatlary alansoň, yza dolandyk. Ýolumyz ýene
çdyrlaryň üstünden düşdi. Öz dillerinde jedirdeşip oýnap ýören
çagalardan başga hiç kim görünmeýär. Gün gerşi gyzdyryp
başlany üçin, erkekler öz çadyrlaryna sümüpdirler. Gully
çadyrlaryň ýanynda aýak çekdi-de:
— Ýörüň, şol ak çadyra baryp göreliň! — diýdi. Men höwes
bilen razylyk bildirdim. Bardyk, gapy ornundaky tutyny serpip,
içine seretdim. Maýkaly, sport balakly, 40-45 ýaşlaryndaky
dolmuş pyýada arkaýyn uklap ýatyr, gözündäki äýnegini hem
aýyrmandyr. Başujunda sahypalaryň arasyna kagyz goýlan kitap
ýatyr. Gapdalynda oturan üç-dört ýaşly çagajyk bizden üýşenip,
ýatan pyýada gysmyljyrady we ony oýatdy. Ol böküp turup,
türkmen dilinde:
— O-how, biziňkä myhmanlar gelen ýaly-la diýip – dillendide, ýeke-ýeke görüşdi. Soňra düşekleri düzedişdirýänçä, az
salym daşda garaşmagymyzy haýyş etdi. Öý eýesi eplengi duran
körpeçeleri rejeli ýazyp, onuň üstüne täzeje ak örtgüler örtdi we
bizi içeri çagyrdy. Onýança beýleki çadyrlardaky iki erkek jögi
hem geldi. Saglyk-amanlyk soraşdyk, tanyşdyk. Çadyr eýesiniň
ady Turajan (Törejan) bolup, ol Kaşgaderýa welaýatynyň Kitap
şäherine etrap kommunal hojalygynyň başlygy bolup işleýär
ekeni. Temirleňiň doglan we önüp-ösen ýerleri bolan Şährisebiz
we Kitap sebitleri Garşy şäherinden 130 km çemesi uzaklykda
ýerleşýär. Men bu şäherleri 1975-nji ýylda görüpdim. Kitap
şäherinde asly Halaç etrabynyň Çohbetde obasyndan bolan
Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, Özbegistanyň at gazanan oba
hojalyk işgäri Muhammetguly Jumanazarow hem ýaşaýar. Bu
adam köp ýyllap partiýanyň Kaşgarderýa welaýat komitetiniň,
soňra Kitap raýkomynyň sekretary bolup işläpdir, biziň baran
döwrümizde bolsa bagçylyk sowhozynyň direktory eken. Men
Turajandan Jumanazarowy tanaýan-tanamaýanlygyny soradym.
Turajan bu ady agzan dessime:
369
— Eý-ho-o, men Jumanazarowy gaty gowy tanaýaryn.
Men onuň elinde dört ýyl işledim. Häzirem onuň bilen goňşy
ýaşaýaryn – diýip jogap berdi. Bu umumy tanşymyz meni
Turajan bilen ysnyşdyrdy oturyberdi.
Öz dillerinde bir zatlar diýşenlerinden soň, erkekleriň birisi
daş çykyp, tutudan bizi jyklaşyp, duran çaga jögüjikleri hol aňry
kowdy, beýlekisi bolsa palçykdan suwalyp edilen ojakda ot
ýakmaga girişdi. Turajan ýanynda duran termosdan käselere çaý
goýuşdyryp:
— Täze çaý gaýnaýança içip oturyň—diýip bize hödür
etdi. Erkekleriň birisi orta arassa saçak ýazdy, iki-üç torbadan
saýlanyp alnan çörekleri hem onuň üstüne atdy. Dürli-dümen
çörekler, olaryň içinde petiri-de bar, hamyrlysy-da, gatlaklysyda. Saýlap iýibermeli, bu çörekler jögi aýallaryň düýnki obadan
dilegçilik edip ýygnan çörekleri bolmaly. Bir jam gowurma
getirilip goýlandan soň, Turajan bir torbadan bir çüýşe arak
çykardy, Gully hem Gazojakdan alan iýmitlerini orta goýup,
ol-da bir çüýşe Çykardy. Ilkinji tost jögi-türkmen dostlugynyň
hatyrasyna göterildi.
Jögi çadyryndaky şagalaň ýaňy gyzyberende, obadan
ýüküni ýetiren aýallar hasalaryny süýreşip, ikiden-üçden
gelmäge başladylar. Gele-gelmäne-de öz dillerinde: —O-how,
bize myhman gelipdir” diýişýärdiler (pars dilini biraz bilýänim
üçin, men olaryň täjikçe gepleýişlerine çalarak düşünýärdim),
obadan toplanan ýumşak çörekler, bişen ýumurtga, byzmyk
ýaly gowy zatlaryny biziň saçagymyza getiribem özleri nahar
bişirmegiň ugruna çykdylar.
Diller açylansoň, Turajan özüniň Garşyda ýaşaýan
türkmenler bilen ýakyn gatnaşykdadygyny, mundan ençe ýyl öň
Hojambaz etrabynyň Beşir obasyndaky pagtabazda bir ýyllap
işländigini, şonuň üçin hem türkmen dilini gowy bilýändigini
gürrüň berdi (dogrudan-da, 60-njy ýyllaryň ortalarynda 10—15
öýli jögi Beşir obasynda hatar tutup oturyp, iki-üç ýyl ýaşapdy,
olaryň erkekleri günlükçilik edýärdiler, käbirleri pagtabaz, MTS
ýaly ýerlerde hem işläpdiler. Häli-häzire çenli Beşirde, FarapKerkiçe şosse ýolunyň gaýra ýakasynda jögüleriň oturan şol
370
ýerine ýerli ilat Jögisyra diýip at berýär).
Jögi aýallarynyň obadan getiren towugyndan bişiren täzeje
çorbasyndan we saçakdaky dürli-dümen iýmitlerden geregimizi
edinip, çadyr eýelerine minnetdarlyk bildirdik, adres alyşybam
olar bilen gadyrly hoşlaşdyk.
Turajan Aşgabada birki ýola gelip gitdi, menem Şährisebzde
bir gezek onuň myhmany boldum. Şäheriň gündogar çetinde, giň
mellekde onuň guran kaşaň köşgüni we bag-bakjasyny synlap,
şeýle uly baýlyga eýe bolan bu kişiniň kiçijik orda baştutanlyk
edip, oba gezişine haýranlar galdym. Muny aňan Turajan
maňa öz ata-baba däplerine wepalylyk üçin gadymy kärlerini
ýöredýändiklerini, uly hojalyga başlyk edilip belleneli bäri il
içine çykyp bilmeýändigini gynanyp gürrüň berdi.
***
1995-nji ýylyň tomsunda Gazojakda gudalarym Zylyha we
Babahan Janybekowlaryň toýuna gitdim. Toýda Şyharygyň bir
wagtky mekdep direktory Gully Baýjykow bilen hem duşuşdym.
Ol pensiýa çykypdyr, oba adamlary hem Gullyny ýaşulular
geňeşiniň başlygy saýlapdyrlar.
Toýuň ertesi biz şol jögi çadyrynda oturan ýerinizi görmäge
gitdik. Gyryň diňe bir ýapaçlary däl, eýsem onuň üsti hem mellek
we jaý bolup gidipdir. Bir wagtky belent saýan gyrym tekizlenen
ýaly bolaýypdyr. “Ynha, şol çadyrlaryň dikilen ýeri” diýip
görkezilen ýerde uly agaçlar ösüşip otyr. Ak çadyryň ornuny
bolsa bişen kerpiçden salnan jaý eýeläpdir. Gepiň gysgasy, gyryň
bu ýapajy çärýek asyr mundan öň görenimdäkiden düýpgöter
üýtgäpdir.
Bezegli dere
Beýik Magtymgulynyň aýagynyň degen topragy bolan
Garrygala etrabynyň ähli obalaryny, dere-düzlerini we
ýaýlalaryny 1966-njy ýyldan başlap, ençeme gezek terslin-oňlyn
aýlanyp çykdym, aglaba çeşmeleriniň suwundan datdym, gür
371
jeňňellige basyrylyp oturan derelerinde sülgün (ýerli gepleşikde
depetowuk), käkilik ýaýlalarynda towşan awyna-da gitdim.
Bahar aýlary Sumbar we Çendir jülgelerini görmäge
göz gerek. Göýä diýersiň, tebigat ähli gözelligini jomartlyk
bilen şu ýere eçiläýen ýaly. Bu ýeriň ösümlikler dünýäsi hem
täsin: jülgäniň ýabany we ekilen baglarynda şahyr Meretguly
Garryýewiň taryp eden gözel Sumbar narynyň birnäçe
görnüşlerini synlamak mümkin. Ýerli ilat daşy we dänesi ak,
tagamy hem süýji nara enar, turşumtylyna bolsa nar diýýär. Şu
jülgedäki ösümlikçilik institutynyň baglaryndaky zeýtun, hurma
ýaly miweli del daragtlar seni çet ülkä düşäýdimmika diýdirýär.
Jülgeleri jähekläp gidýän belent baýyrlaryň käýerindekäýerinde hoňkaryp, tör tarapy garaňkyrap ýatan ululy-kiçili
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.