Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12

Total number of words is 3605
Total number of unique words is 2128
29.4 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
49.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
oturdybam, ärine jaň etdi. Sanlyja salymdan Akmaýewiň özi
geldi. Şo-ol Akmaýew, şol biziň pogon goýan Akmaýewimiz.
Gaýyr aga—uzyn pyýada, Akmaýew bolsa kelteden daýaw,
bu ikisi esli wagt gujaklaşyp durdylar, soňra saglyk-amanlyk
soraşdylar. Men bularyň gürrüňlerinden 1947-nji ýylda Kerki
welaýaty ýapylandan soň Akmaýewiň Çärjewde işländigini,
soňra Aşgabatda ministr, ministriň ösümlikçilik we ýüpekçilik
boýunça orunbasary ýaly wezipelerde zähmet çekenligini,
häzir bolsa TKP MK-nyň birini sekretary Balyş Öwezowyň
kömekçisi bolup işleýänligini bildim. Köne tanyşlar uzak
wagtlap gürleşenlerinden soň, Akmaýewiň gözi maňa düşdi we
Gaýyr agadan “Ogluňmy?” diýip sorady. Gaýyr aga-da:
— Oglum däl, bu — biziň obamyzyň oglany. Aspiranturada
160
okaýar — diýdi. Onýança men mundan artyk çydamadym-da,
gürrüňe goşuldym:
— Aly Haýrulowiç, men 1957-nji ýylyň aprelinde
Burdalygyň uçarlar meýdanynda size pogon goýanlaryň birisi—
diýdim. Gaýyr aga aňk-taňk boldy. Akmaýew bolsa böküp turup,
meni gujaklady-da, gülüp başlady, soňam ol wakany Gaýyr aga
gürrüň berdi.
***
Ynha, men şeýle adamlaryň arasynda, Burdalykda iň
köp okuwçylyly we 50 — 60 mugallymly uly mekdepde
zähmet ýoluna başlap, tutuş dört okuw ýylynyň dowamynda
durmuşyň, Maksim Gorkiniň sözleri bilen aýtsak, iň ýokary
“uniwersitetini” geçdim: ukyby, bilim derejesi, adamkärçiligi,
gylyk-häsiýeti biri-birine meňzemeýän dürli mugallymlar bilen
işleşdim. Olaryň arasynda tatarlar, azerbaýjanlar, oruslar we
bir ermeni bardy. Meniň Burdalyk orta mekdebinde işlän dört
ýylymyň dowamynda mekdepde üç gezek direktor çalyşdy.
Olaryň biri öňde agzalan Raziýa Hüseýinowa bolup, ol hakyky
pedagogdy. Iki gezek uly wezipelerden boşadylyp, onuň ýerine
getirilen we biraz wagtdan soň ýene ýokary çekilen Begelek
Öwezow il içinde gaty abraýly, şol abraýy bilenem hiç kime
gaty-gaýrym zat diýmän, aýdanyny etdirip bilýän adamdy. Ol
mekdebiň uly kollektiwiniň agzyny birleşdirmegi başardy.
Onuň ornuna gelen Baýram Hojamyradow bolsa özüni gaty
işjeň, köp zat başarýan adam hökmünde görkezmäge çalyşsa-da,
hakykatda, ol Stalin döwrüniň eli gamçyly ýolbaşçylaryny ýada
salýardy. Dogry, ol işe gelen dessine ýokary klas okuwçylaryny
klasa girizmän, mekdebiň töweregini gülala-güllüge öwürdi,
bir ýylda täze bagyň düýbüni tutdy. Ýöne weli “daşy jäjek, içi
möjek” diýlişi ýaly, mekdebiň daş görnüşi onuň esasy mazmunmaksadyna laýyk gelmeýärdi. Ýokary klaslarda okuw ýatyp
galdy. Mekdebe gelýän odunlar (ol döwürde oduny gazaklar
gumdan düýeli getirerdiler), bagdan alynýan hasyl, mekdebiň
towşançylyk we towukçylyk brigadalarynyň önümi okuwçylara
161
we mugallymlara berilmän, dumly-duşa dargadylýardy. Ençeme
mugallymlaryň hem göwnüne degildi. Hut meniň özümem
Baýramdan nägiledim, çünki ol ýaşuly mugallymlar, hatda Gully
Durdy ýaly uruş maýyby we Bibi Jomardowa ýaly özünden uly,
tejribeli pedagoglar bilen hem gödek gepleşip, olaryň göwnüne
degmegi hiç zatça görmeýärdi, men weli şeýle ýagdaýlarda
onuň hereketiniň nädogrudygyny ýüzüne aýdardym, bu babatda
mekdebiň uly ýygnagynda-da çykyş etdim. Bu gaýta ters
netije berdi: Baýram meniň ýokary klas sapaklarymy institutda
gaýybana okap ýören öz aýalyna alyp berdi oturyberdi, okadýan
sapaklarymyň sanyny (diýmek, aýlygymy) hem kemeltdi.
Meniň we ýene göwnüne ýakmaýan käbir mugallymlaryň
sapaklaryna çalt-çalt girip, olaryň diňe kemçiliklerini belledi,
sapagyň gowy taraplaryny hasaba almady. “Bellenen kemçilikler
bilen razy” diýip, aşagyna bize gol çekdirjek bolanda, “Sapagyň
gowy we kemçiliki taraplary bile bellenmese, biz gol çekjek
däl” diýip ýazdyk we gol çekdik. Şeýlelikde, mekdebiň
galmagaly welaýat bilim bölümine-de ýetdi. Bu işi çözmäge
bölümiň müdiri, meniň uçilişedäki mugallymym Ruslan
Ergeşowyň özi geldi (Hojamyradowyň kemçilikleri görkezilen
kollektiwleýin haty oňa men elin gowşuryp, ähli ýagdaýlary
hem dilden düşündiripdim). Ergeşow işler, dokumentler, klas
žurnallary bilen tanşandan soň, mekdebiň baglaryna we beýleki
hojalyklaryna aýlanyp gördi, käbir ýaşuly mugallymlar bilen
ýeke-ýekeden gürleşdi. Hojambazyň bilim bölüminiň müdiri
B. Reýimow gelenden soň bolsa mekdepde mugallymlaryň
ýygnagy geçirilip, Baýrama käýinç berlip, işinden boşadyldy.
Ýygnagyň ahyrynda menem 10 kilometrden gatnap işlemegiň
kynlygyny, Burdalyga göçüp gelmäge bolsa mümkinçiligimiň
ýoklugyny delil edip, öz obamyzdaky mekdebe geçirmeklerini
Reýimowdan we Ergeşowdan haýyş etdim. Olaram razy boldy.
ÝEDIÝYLLYK MEKDEPDE
1960-njy ýylyň sentýabrynda öz obamyzdaky ýediýyllyk
mekdepde ene dili we edebiýat hem-de aýdym sapaklaryny
162
okadyp başladym. Şol ýylyň kanikulynda üç otagly pagsa jaýyň
boýuny ýetirip, üstüni ýapdym. Gyşa çenli jaýy bitirip, içine
girmek üçin gije-gündiz diýmän işledim.
Ýediýylykda işlemek orta mekdepdäkiden ýeňildi:
klaslarda okuwçylaryň sany azdy, düzgün bozýan seýrekdi.
Dilçi mugallymlaryň köp wagty depder barlamaga gidýär, bu
ýerde ol hem agyr düşmeýärdi.
Men orta mekdepde toplan tejribämi bu ýerde-de ulandym:
her çärýegiň ahyrynda jemleýji baha görkezgiji (tabeli) elime
alyp, ýolbaşçylyk edýän klasymdaky okuwçylaryň öýlerine
aýlandym we olaryň ene-atalaryna ogul-gyzlarynyň çärýekde
alan bahalaryny okap berdim. Ökde okaýanlaryň ene-atasyna
sag bolsun aýtdym, beýlekileriň haýsy sapakdan asgynlygyny
duýdurdym, tertibi bozýan okuwçylar barada-da hiç zady
gizlämän pikir alyşdym. Okuwçylaryň sapaga taýýarlanmagy
üçin zerur gerekli stol-stul, onuň ýagtylyk çepden düşer ýaly
edilip goýulmalydygy hakyndaky haýyşymy ene-atalaryň
aglabasy tiz wagtda düzetdiler. Çärýegiň jemleri barada eneatalar ýygnagynda, hatda kolhoz radiosynda-da yzygider
çykyş ederdim. Bu ýagdaýyň ene-atalar bilen mugallymyň
ysnyşmagyna, terbiýe barada olaryň hereketleriniň bir
bolmagyna, şeýlelikde, ady belli tertipsiz okuwçylaryň hem
düzelýänligine men mekdep tejribämde doly göz ýetirdim.
Şonuň üçin ýaş mugallymlara terbiýänuň ähli zatda aýanlyk
we ene-ata bilen mugallymyň agzybirligi metodyny gözden
salmazlygy maslahat berýärin.
***
Obamdaky mekdebe geçen dessime, tomus kanikulydygyna
seretmezden, meni mekdebiň direktory Begli Gurdow ýanyna
çagyrdy-da:
— Soltanşa, mekdebimizde parta, stol-stul we klas tagtalary
ýaly zatlar ýetmeýär. Häzir Çärjewde şol zatlar paýlanýarmyş.
Sen şol ýerde okadyň.Welaýat bilim bölüminde tanyşlaryň köp,
müdir Ergeşow-a seniň mugallymyň. Sen Çärjewe git, ynha
163
dokumentler. Belki, bir zatlar getirip bilersiň—diýdi.
Men gitdim. Welaýat bilim bölüminde işleýän Gyzylgül
Gaýypowa we beýleki tanyşlarym mekdebe gerek parta, stolstul, klas tagtasy ýaly zatlary artykmajy bilen almaga kömek
etdiler, ony Garabekewüliň gaýykgüzerine aşyrmaga ulag hem
tapyp berdiler. Derýanyň güzerinde üstündäki ýüki düşürilip
duran uly baržany çekýän motorka (motorly uly gaýyk) bar
eken. Biz partalary oňa ýükläp, sag kenara geçirdik. Şol günüň
özünde-de men olary mekdebe aşyrdym.
Okuw ýyly başlandy. Täzeje partalary klaslara bölüşdirdik.
Men bu partalaryň nähili azap bilen getirilendigini, olary
hapalamaly, çyzmaly däldigini okuwçylara düşündirip durkam,
yzdaky partada oturanlaryň birisi:
— Ýoldaş mugallym, ine, şu partada siziň adyňyzam
bar—diýdi. Ýüzüm gyzyp gitdi. Baryp gördüm, onuň sagynda
meniň adym, çepinde-de Babagulynyň ady çakgy bilen köwlüp
ýazylypdyr. Näme diýjegimi bilmän:
— Ýaşlykda ýalňyşypdyrys. Biziň ol ýalňyşlygymyzy siz
bir gaýtalamaň—diýen boldum. Okuwdan soňam ol partany
mekdebiň ussahanasyna eltip, mekdebiň ussasy Guby bilen
onuň üstki tagtalaryny çalyşdym. Adymyz ýazylan tagtasyny
bolsa Babagulynyň atasy, oba sowetiniň başlygy Gaýyr aga
öýüne alyp gitdi.
Men bu mekdepde iki ýarym ýyl işleşdim. Mugallym
tapylmadyk wagty ýarym ýyllap 2-nji klasy hem okatdym.
Mekdepde açylan aýdym-saz topary köp wagt geçmänkä
uly abraýa eýe boldy: ol sekizýyllyk mekdepleriň arasynda
etrapda birinji, welaýatda hem ikinji orny eýeledi.
Bu toparda men 10 çemesi oglana saz öwretdim. Olaryň
arasyndan Baýmyrat Alyýew soňra gowy sazanda bolup ýetişdi,
ol häzir Aşgabatda Mylly Täçmyradow adyndaky döwlet
filarmoniýasynyň Pürli Saryýew adyndaky Milli saz gurallary
orkestriniň gyjakçysydyr.
Kružogyň agzalary obadaky baýramçylyklarda köpüň
öňünde we kolhoz radiosynda çykyş edip, uly iliň berekellasyny
aldy. 1960-njy ýylyň aýagynda täze ýyla bagyşlanan şagalaňly
164
konsertden soň bolsa kolhoz başlygy ähli höwesjeň artistlere
gymmat bahaly sowgatlar gowşurdy.
1961-nji ýylyň aýagynda Täze ýyl agşamyna biz başga
hili taýýarlandyk. Ýegenim Babanyýaz Rahmanberdi diýen
mugallym, Pirguly Illi diýen kolhoz ykdysatçysy, Ergeş Ahmet
diýen wäşi şafýor we Akmyrat Ybraýym diýen doktor dagymyz
rollary bölüşip, öňünden gizlinlikde Täze ýyl baýramyny
şeýleräk planlaşdyrdyk. Pirguly silkme telpekli, çäkmenli,
haýbatly sakal—murtly Görogly bolmaly. Begnyýaz özbek
eşikli Nasretdin, Ergeş täjik masgarabazynyň roluny oýnamaly.
Men bolsa doktorlaryň haladynyň gerekli ýerine ak pagta tutup,
döşüne we arkasyna-da “Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen
ýazgy ýazylyp bejerilen possuny geýip, Aýazbaba bolmaly.
Meniň telpegim has üýtgeşikdi 50—60 santimetr belentlikdäki
depesi çüri karton telpege ak matanyň ýüzüne pagta ýelmenen
tegelek etek edilip, ol sapak bilen eňegiň aşagyndan daňylýardy,
depesine-de inçejik sim çykaryp, bir ujy jübüdäki ýasy
batareýe, beýlekisi hem çüri depede oturdylan kiçijik elektrik
lampoçkasyna çatylandy. Bilege daňylan latun galaýy ýeňiň içine
tikilen sime degende, lampa ýanýardy. Ony ýakyp-öçürmek üçin
çep eliňi çala gymyldatsaň bolany. Aýazbabanyň sakgaly, murty,
gaşy hem pagtadandy. Elinde-de daşyna pagta oralan hasasy
bardy. Ynha, şeýle eleşan sypatly bäş pyýada bolup, agşam sagat
8-den soň biz obany aýlanyp, degişmä, ýumora düşünýän dogangaryndaşlarymyzyň we dost-ýarlarymyzyň öýlerine aýlanyp, täze
ýylyny gutladyk. Heniz Aýazbabany görmedik oba ýaşululary
ilki aňk-taňk boldular, Göroglyny we goňşy halklaryň lybasyny
geýnen Begnyýazy we Ergeşi tananlaryndan soň, ylaýta-da
olaryň öňden taýýarlan ýumoristik aýdyşyklaryny diňläp,
gyzylgyran gülüşdiler. Meni weli köpler tanamady. Tehnikadan
başy çukýanlar gymyldaman oturanymda-da çür depämde ýanypöçüp duran elektrik lampasynyň simleriniň galtaşýan ýerini
bilmäge çalyşýardylar. Şeýdip biz on çemesi hojalyga aýlanyp,
ahyrda-da gumuň eteginde çetde oturan Ergeşlere geldik. Ergeş
öýlerindäkileriň ählisini turuzdy. Ýetmişden geçen atasy-da
öýdäkileriň gülüşýän seslerine oýanyp, turup, ýanymyza geldi.
165
Köpi gören ýaşuly nämäniň nämedigine düşünipdir, ählimizem
tanapdyr. Günde-günaşa bizi görüp, gülşüp-degşip ýöreni üçin,
ol hem bize “oýun” görkezmek isläpdir, ýatýan otagyna gidip,
aýalynyň uzyn köýnegini, donuny geýipdir, kellesine uly ýaglyk
atyp, inçejik ses bilen “Salamaliýk” diýibem içeri girdi. Aýaly
we uly gyzlary bu gelen “daýza” bilen görüşdiler, bizem gijänyň
ýarynda çölüň etegindäki çet öýe biwagt gelen aýaly geň görüp,
agzymyzy açyp galdyk. Ýerli-ýerimizde oturanymyzdan soň,
Ergeş el çarpyp güldi:
— Haý, ata, aýagyňdaky köwşüňem çalşaýan bolsaň, seni
hiç kim tanajak däl ekeni.
Gülşük, aýdym-saz bu öýde tä daň atýança dowam etdi.
...By wakadan on ýyl soň, 1971-nji ýylyň aýagynda täze
ýyly obamda garşylamak miýesser etdi. Agşam sagat 10-larda
Hudaýberdi çagyrylan ýerimizden meni alyp çykdy-da:
“Häzir gezelenç ederis” diýdi we maşynyny otlady. Ikimiz ilki
goňşy obanyň, soňra-da öz obamyzyň köçelerini aýlandyk.
Ýaremezana gezýänler ýaly, tanyş-bilişleriniň öýlerine aýlanyp,
täze ýyl gutlaýan Aýazbabalaryň dört-baş toparyna duş geldik.
Hudaýberdi bolsa:
— Ynha, Soltanşa, seniň bir wagtky sepen tohumyň bu gün
köp bolup gögerdi. Häzir iki öýüň birinde Aýazbaba çykýar.
Heý, sen başga obalarda şeýle Aýazbabalara duş geldiňmi?—
diýdi.
Dogrudanam, men başga ýerde beýle däbe duş gelmedim.
Biziň obamyzda weli hut häzirem täze ýyl gijesi Aýazbabalaryň
ençemesine duş gelersiňiz.
***
Burdalyk—Hojambaz aralygyndaky ýol öňde teswirleýşim
ýalydy. Tomusda Mekan we Beşir çägelerinden aşmak, gyşyna
hem şorluk, palçyk ýollardan geçmek babatda üýtgän zat
ýokdy, muňa seretmezden, her bir mugallym ýylda 3—4,
direktor we müdirler aýda bir, kolhoz ýolbaşçylary bolsa
aýda birnäçe gezek Hojambaza gidip geläýmelidi. Häli-şindi
166
ýolda pajygaly ýagdaýlar hem bolýardy.1960-njy ýylyň 15-nji
maýynda mugallymlaryň Beşirde geçirilen uly ýygnagyndan
yza gaýdanymyzda, münüp gelýän ýük maşynymyz suwsuz
köne ýaba gapgarylyp, üçtündäki 32 mugallymyň bäşisi Beşir
keselhanasyna ýerleşdirilipdi. Özümem şonda seňseläp, üç-dört
gün öýde ýatypdym.
Günleriň bir güni meni kolhozymyzyň başlygy,
respublikasymda giňden tanalýan, 1961-nji ýylda Sosialistik
Zähmetiň Gahrymany diýen belent ady alan Maksat Şakulowa
iş otagyna çagyrdy. Bardym, saglyk-amanlykdan soň ol:
— Üç gün öň Hojambaz ýygnaga gidip geldim, üşäpdirin,
nehizem özüme gelip bilemok. —Çekip oturan “Belomoryny”
küldana mynjyradybam:
— Şu artybyň tagamy-da üýtgän ýaly bolup dur—diýdi.
Soňra maňa serdep:
— Hojambazyň ýolunda uzak pikir edip, Burdalygy
Hojambaza goşandan Garabekewüle goşan bolsalar gowy
bolardy diýen netijä geldim. Sen bir sowatly oglan. Şuny gowy
delillendirip, orusçalap, ýokary guramalara bir hat ýazaýsaň,
menem seni goldardym—diýdi.
Il içinde bu pikir öňem bardy, Hojambaza maşynly gidip
gören her bir adam Garabekewülli pikiri goldaýardy. Şonuň üçin
men Maksat daýzanyň aýdanlaryna goşulyp, bir hepde içinde
haty taýýar ederin diýip, ýanyndan çykyp gaýtdym.
Burdalygyň her bir obasyndan atlyabraýly iki-üç sany ýaşuly
bilen duşuşyp, olaryň pikirini diňledim. Oba sowetlerinden
we kolhoz edaralaryndan hem gerekli maglumatlary alyp,
orus dilinde ýokary iberilmeli hatyň tekstini taýýar etdim.
Onyň türkmençä terjimesini Maksar daýza we ençeme beýleki
ýoldaşlaryma okap berdim. Olaryň tekliplerini hem nazara alyp,
taýýarlan hatymy bäş nusgalykda maşinkada çap edip, ony dört
adrese: SSKP MK-a, TKP MK-a, partiýanyň Çärjew obkomyna,
Hojambaz raýkomyna Çärjewden poçta üsti bilen iberdim, soňky
nusgalygyny hem özümde sakladym. Arman, ony häzirlikçe öz
şahsy arhiwimden tapmadym, ýöne onuň takmyn manysyny
gysgaça beýan edeýin:
167
Bir wagtky özbaşdak etrap bolan Burdalygyň Hojambaz
etrabyna goşulmagy bilen onuň ilatynyň maddy, medeni we
sosial ýagdaýy gaty ýaramazlaşdy. Ol şu aşakdakylarda aýdyň
görünýär:
1. Iki çägäni söküp geçmegiň kynlygy zerarly, Burdalyga
gurluşyk materiallary we öý üçin zerur medeni harytlar (stol,
stul, şkaf, şofonýer, diwan we ş.m.) getirilmeýär, getirilenleri
hem ýolda zaýalaynyň derde ýaramaýar. Hojambazayň Beşire
çenliki obalarynda aglaba öýler şifer bilen örtülen bolsaada, Mekanda we Burdalygyň ähli obalarynda üsti şiferli ýeke
öýe gözüp dýşjek gümany ýok. Burdalyklylar bu zatlaryň iň
zeruryny, ylaýta-da gurluşyk materiallaryny Garabekewülden
gaýykly getirmäge mejbur bolýarlar.
2. Etrap merkezine gatnamagyň juda kynlygy zerarly,
pensionerler we köp çagaly eneler özlerine degişli pullary
alyp bilmeýärler (şu ýerde pensiýa we kömek pullary alyp
bilmeýänleriň 12 sanysynyň atlary getirilýär).
3. Burdalyk—Hojambaz aralygynda birsydyrgyn awtobus
we uçar gatnawy ýola goýulmaýar, gatnaw ýollaryny düzetmek
barada alada edilmeýär.
4. Burdalygyň we Garabelewüliň ilatynyň gan
garyndaşlygyna we henize çenli gyz alyp-berişýänligine
seretmezden, derýada ymykly gämi gatnawy ýok. Pula gyzyp,
kiçi gaýyklara münmelisinden artyk adam ýükleýän hususy
gaýykçylaryň eden-etdiligi zerarly, ýylda pajygaly hadysalaryň
ençemesi ýüz berýär (şu ýerde şeýle wakalaryň we olaryň
seneleri getrilýär).
Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, Burdalygyň ilatly
bu zonany garabekewül etrabyna goşmagy we Burdalyk—
Garabekewül aralykda ymykly gämi gatnawyny ýola gaýmagy
haýyş edýär.
Hatyň yzyndan “Burdalygyň aglaba ilatynyň adyndan”
diýip, gol çekdim, kärimi, adresimi we ýazylan senesini
görkezdim.
Esli wagt geçdi. Awgustyň aýaklarynda Baýly daýym toý
ertdi. Toýuň ertesi men Garabekewülden gelen garyndaşlary
168
ugratmak üçin gaýykgüzere çykdym. Gaýyga garaşyp, iýip-içip
otyrkak, başlygyň sürüjisi Ýagmyr Weýis güzere dazlap geldide, meniň Hojambaza—etrabyň baştutany Egem Penjiýewiň
kabulhanasyna sagat ikä ýetmelidigimi, edarada Hojambaza
gitmeli ýük maşynynyň maňa garaşýandygyny duýdurdy. Men
myhmanlar bilen hoşlaşyp, Ýagmyryň maşynyna mündüm.
Edara gelenden soň, Ýamyr maňa başlygyň ýanyna girip
çykmalydygymy duýdurdy.
Maksat daýza meniň hatyma Egem Penjiýewiň gaty
gaharlanandygyny, ol haty kimiň ýazdyranlygyny soranlygyny
habar berdi we özüniň adyny tutmazlygy haýyş etdi. Men
garaşyp duran maşynda sagat 11-lerde Hojambaza ugradym.
Sagat ikä däl-de, dördüň ýaryna Hojambaza geldik. Men näme
üçin çagyrylandygymy bilýärdim, hatda mundan 10—15
gün öň etrap ýolbaşçylarynyň biriniň käbir burdalyklylardan
Burdalygy Hojambazdan aýyrmaly däl diýdirip, düşündiriş
alyp gidenligini maňa habar beripdiler. Men ýolboýy Penjiýewe
berjek jogaplarym barada oýlanyp gitdim. Baran dessime-de
el-ýüzümi ýuwman, üstümiň çaň-tozanyny kakyşdyryp, onuň
kabulhanasyna bardym. Beren salamyma göwünli-göwünsiz
jogapdan soň, ikimiziň aramyzda şeýleräk terzde sowal-jogap
alşyldy:
— Hm, Soltanşa Atanyýazow diýilýän mugallym senmi?
— Hawa, ýoldaş Penjiýew.
— Sen bolsaň, şu ýere näme üçin çagyrylanyňy bilýärmiň?
— Aňýaryn.
— Şu haty sen ýazdyňmy?—Penjiýew meniň iberen hatymy
görkezdi.
— Hawa, men ýazdym.
— Hat orus dilinde örän sowatly ýazylypdyr. Muny saňa
biri ýazyp berdimi ýa özüň ýazdyňmy? —Soňra hemleli ses
bilen dowam etdi.
— Kim saňa haty ýaz diýdi? Soňam diňe bize ýazyp
oňaýanyňda bolmadymy? Näme üçin onuň nusgalyklaryny
Aşgabada we Moskwa iberdiň? Barybir, olaryňam bize gaýdyp
geljegini bileňokmy? Sen uly iliň adyndan diýip gol goýupsyň.
169
Kim ol uly il?
Men beýle abyr-zabyra garaşmandym. Biraz dymyp
durdym-da:
— Ýoldaş Penjiýew, üstüme gygyryp, abaý bilen sustumy
basyp sorag etmekçi bolsaňyz, men size jogap berjek däl—
diýdim. Olam biraz dymyp durdy-da, ýuwaş äheňde gürledi,
menem jogap berdim.
— Ýeri, bolýar, hany, ýaňky soraglara jogap ber.
Ýoldaş Penjiýew, ýaşym otuza ser urdy. Biri elimden tutup,
islemedik zadymy ýazdyrar ýaşdan geçdim. Haty özüm ýazdym.
Oňa sowadym ýetýär, çünki instituty gyzyl diplom bilen
gutardym. Haty ýazmaga mejbur eden zat hem burdalyklylaryň
ýol ýagdaýy.
— Sen tutuş burdalyklylaryň adyndan ýazypsyň. Emma
meniň elimde 10—12 düşündiriş seniň pikiriňe düýbünde garşy.
Penjiýew tahylynda bir topbak kagyz çykaryp, öňüme
oklady. Olary ýazanlaryň kimdigini takmyn bilýändigim üçin,
men ol kagyzlara asla üns bermän pert jogap gaýtardym:
— Ýoldaş Penjiýew, şol haty ýazaanlaryň üçüsi burdalykly
däl, ikisi ömründe Hojambazy görmedik adam, galanlay-da
wezipesinden gorkup düşündiriş ýazan adamlar.
— Ýagşy. Sen öz hatynda gurluşyk materiallaryny
Hojambazdan getirenden Garabekewülden getireniň arzan düşýär
diýip ýazypsyň. Gel, hasaplap göreli—diýip, maňa bir galam
bilen depder we ýük ýüklemek-düşürmek we daşamak barada
Moskwada çap edilen tarifi öňüme oklady. Bäş kubmetr tagtany
ilki asfaltsyz ýol bilen Hojambazdan Burdalyga maşynly eltdik,
soňra Garabekewülden 10 kilometr uzaklykdaky gzere “eltip”,
maşyndan “düşürdik-de”, gaýyga “ýükledik”, gaýyk bilen ol
kenara eltilen tagtalary gaýykdan düşürip, maşyna ýükledik we
15 km uzaklyga—Burdalyga “aşyrdyk”. Ýüklemek-düşürmek
işleriniň gaty gymmatlygy üçin, garabekewülden getirilen tagta
gaty gymmat düşdi. Men ýaňsyly äheňde güldüm-de, durmuşda
düýbünde beýle däldigini ýaňzytdym. Penjiýew öňden taýýrlan
plany boýunça ýene hüjüme geçdi:
— Hä, ynanaňokmy? Sen Garabekewülden getiren
170
tagtalaryňa onça tölemediňmi?
Diýmek, sen hökümetiň tarifinden az pul töläp, iliň hakyny
iýipsiň. Sen isleseň-islemeseň, ynha, Moskwada çykan şu tarif
boýunça pul töläýmeli.
Biraz dymdym-da Penjiýewiň özne sowal berdim:
— Ýoldaş Penjiýew, Burdalyga Siz gowy belet, ençeme
ýyllap Burdalyk MTS-niň direktory bolup işlediňiz, ýoluň
azabyna-da siz ýetik. Şol tarifden çykýan netijelere özüňiz beri
ynanýarmysyňyz?
Penjiýew esli dymdy, soňra tahylyndan bir kagyz çykardyda, ýüzüme dikanlap seredip, söze başlady:
— Soltanşa, gowy düşün, seniň hatyňy goldanlara-da
düşündir. Biz Burdalygy Garabekewüle bermekçi däl, asla
bermerisem. Ýöne seniň ýazan hatyň Burdalyk ilaty üçin bäş
sany ýeňillik getirdi. Ýazyp al, ynha, olar:
1. Gurluşyk materiallaryny we medeni harytlary Burdalyga
suw ýoly bilen eltip, ilaty bolelin üpjün ederis.
2. Hojambaza gatnamak üçin Burdalykdan Hojambaza we
yzyna awtobus goýlar, çöl ýollaryna-da däş ýazylyp, maşyn
geçiler ýaly ediler. Bu işe eýýäm başlandy (dogrudan-da biz
geçenimizde Mekan çägesindäki ýola gamyş düşelip ýören
eken).
3. Seniň hatyňda ýatlaýan pensiýa we kömek pullaryň üçin
indiden beýläk hiç kim Hojambaza gelmez, ol degişi adamlaryň
öýleine eltilip berler.
4. Çärjewe we Hojambaza uçmak üçin, Burdalykdan uçýan
resýsiň üstüne ýene bir reýs goşular, geljkde bolsa Gultak
obasynda-da özbaşdak aeroport açarys.
5. Garabekewüldäki garyndaşlary bilen gatnaşmak üçin,
“Moskwa” (Burdalyk) kolhozyna bir kater we 4—5 maşyn
çeker ýaly parom alyndy, ol şu aýda işe girizler.
Şundan soň Penjiýew ýerinden turdy-da:
— Soltanşa, maňa soragyň barmy?—diýdi.
— Ýok, ýoldaş Penjiýew. Meniň hatym ile şunça peýda
getiren bolsa, onda Burdalygy Garabekewüle goşmagyň hajaty
ýok.
171
— Şeýle bolsa, onda şu hatyň aşagyna “Men razy” diýip gol
çek—diýdi-de, bir haty uzatdy. Onda Burdalygy Hojambazyň
düzüminde galdyrmak barada gürrüň gidýärdi. Menem:
“Ýokardaky ýazylan bäş şert amala aşsa, men Burdalygyň
Hojambazyň düzüminde galdyrylmagyna razy” diýip ýazyp,
aşagyna gol çekdim we senesini goýdum. Penjiýew okap görüp,
ýylgyrdy-da, elimi gysdy.
Penjiýewiň ýokarda sanan bäş ýeňilliginiň ählisi amala
aşyryldy: gurluşyk materiallarynyň we medeni harytlaryň ähli
görnüşlerinden dükanlar dolup galdy, pensiýalar we kömek
pullary dessine öýlerine getirilip berildi, parom bir ýyl çemesi
üznüksiz işledi, 5—6 ýyl geçensoň, Gultak obasyndan täze
aeroport hem açyldy.
GEZMEK ÖMÜRDEN
Men iş stolumyň üstündäki aýnanyň aşagynda XIII asyryň
görnükli pars alymy Sagdy Şirazynyň galamyna degişli şeýle
setirleri owandanlap, gyzyl reňk bilen ýazyp goýdum: “Otuz
ýyl okap, otuz ýyl gezip, otuz ýylam ýazyp bolsady”. Ýetip
bolsa, onda-da Alla şonça ýaş berse, ajaýyp maksat! Çünki dil
,edebiýat, ylaýta-da halk döredijiligi, şiweşynaslyk, şeýle-de
taryh, etnografiýa we ylmyň ençeme beýleki ugurlary boýunça
iş otagyndan çykman ýazylan işler, sypaýylyp aýdylanda, gaty
guraksy bolýar. Men sözbaşy hökmünde saýlan “Gezmek
ömürden” diýen aýtgyny hem eý görýärin, ähtimal bu gezelenç
“keseliniň” meniň ganyma guýlandygyndan bolsa gerek.
Obada mugallymçylyga başlap, öý-öwzarymy biraz
düzedenimizden soň, men sähel mümkinçilik tapsam, gezelenç
etmäge ymtyldym.
1958-nji ýylyň başynda Çärjewe gelip, welaýat bilim işgärleri
kärdeşler arkalaşygynyň başlygy, baýry pedagog Rahman
Weliýewiň ýanyna baryp, meni tomus kanikuly döwründe
gowy ýere syýahata ibermegi haýyş etdim. Ol şu tomusda
Ýewropanyň daşyna teplohodly aýlanmak mümkinçiligimiň
bardygyny aýdyp, şoňa gitmegi maslahat berdi. Putýowka-da
172
goýdy, ýöne dokumentleri düzetmäge we doktordan geçmäge
gelenimde, ilki Aman Kekilowlarda düşledim. Onuň öýüne
Rahman Weliýew myhmançylyga gelen eken. Ol meniň
Ýewropanyň daşyna gezelenç etmekçidigimi Aman aga gürrüň
berdi. Aman aga putýowkanyň bahasyny eşiden dessine meni
ibermezligi, entek beýle gezelenje pul harçlardan meniň maşgala
ýagdaýymyň pesdigini Weliýewe berk duýdurdy. Şeýdibem
men bu gezelençden galmaly boldum. Soňky ýyl weli Aman
aga aýtman, öňünden Moskwa şäherine we onuň eteklerine 12
günlük syýahatyň putýowkasyny aldym, gezelenjiň möhleti
gutarandan soň hem Wolga boýundaky şäherlerde bir aý gezip,
Hazar deňziniň üsti bilen Watana geldim.
1960-njy ýylda Leningrada (häzirki Sankt-Peterburga) şeýle
putýowka aldym. Bu gezek ol şäherden başga-da, Latwiýany,
Belarusy we Moldowany gezdim. 1961-nji ýylda Moskwadan
özüme Wengriýanyň “Pannoniýa” diýen motosiklini getirip,
onuň bilen Lebap welaýatynyň dürli etraplarynda ýaşaýan
kursdaşlarymyňkyny aýlandym.
1962-nji ýylda Babaguly meni Aşgabada çagyrdy. Ol eýýäm
medinstituty gutaryp, Bekrewede harby bölümde wraç bolup işe
başlapdy. Men kanikula çykyp, Aşgabada geldim. Bäş-alty gün
Babagulynyňkyda myhmançylykda bolanymsoň, ol ertir gowy
geýinmelidigimi, ikimiziň bir ýere zerur barmalydygymyzy
duýdurdy. Ertesi Babagulynyň “Ýawasynda” şähere gelip, bir
uly jaýyň öňünde saklandyk. Babaguly maňa:
— Ynha, akademiýanyň jaýy. Hol binada dil we edebiýat
institutlary ýerleşýär. Haýsy ugry halasaň saýla, sen obada
munça bilimiňi köýdürip ýatmaly däl-de, alym bolmaly. Men
iki gün mundan öň bilip gitdim, iki institutda-da şu wagt
aspirantura dokument kabul edilýär—diýdi. Men bu teklibe aňktaňk boldum-da:
— Bä, Babaguly, sen-ä walla “Wäh!” diýlen ýaly edäýdiň.
Pikirlenmäge bir puryja ber ahyry.
— Wagt bolmaz. Men seni haýsy institutyň direktorynyň
ýanyna elteýin?
— Meniň sözümi diňlemejek bolsaň, onda meni Dil bilimi
173
institutyna elt.
Direktoryna Maşan Ýagşyýewiç Hamzaýew diýilýändigini
şol jaýdan çykanlaryň birinden sorap bildik. Babaguly edil gözi
ýok ýaly, onuň iş otagyna kürsäp girdi, menem açyk gapynyň
agzynda durun. Hamzaýew onuň salamyny aldy-da:
— Hawa, ýoldaş leýtenant, men sizi diňleýärin—diýdi.
Babaguly meni içeri çagyrdy-da:
— Maşan Ýagşyýewiç, şu ýigit—meniň ýaşlyk ýoldaşym.
Ol ömründe ýeke dörtlük alman, bäşlige okady. Şuny aspirantura
alaýsaňyz—diýdi. Hamzaýew meniň söz urşumy barlap görmek
isledi öýdýärin:
— Näme, ol ýigidiň öz dili ýokmy? Goý, özi gürlesin—
diýdi. Menem çekinibräge-de:
— Aý, meniň bir artykmaç aýtjak zadym ýok. Ynha, şu
Babaguly meni öz ugruma goýman, zor bilen şu ýere getirdi—
diýdim.
Näme, okuwa girmäge höwesiň ýokmy?
— Onçakly höwesimem ýok. Instituty gutaranyma esli
wagt boldy. Mugallymçylyk bilen halys öwrenişipdirin.
Ekzamenden gorkamok. Deň şertlerde hiç kimden pes
oturmazmykam diýýärin.
— A-ha, özüňe göwnüň ýetiş-ä gowy. Sen biziň
institutymyzdan kimi tanaýarsyň?
— Hiç kimi tanamok.
Babaguly gürrüňe goşuldy:
— Hany, Aman Kekilow meni okatdy diýmänmidiň?
— Hawa, institutda Aman aga bizi okadypdy.
Hamzaýew ýerinden turdy-da, ýene sorag berdi:
— Bally Baýramdurdyýewi tanaňokmy?Olam Çärjew
pedinstitutyny gutarypdyr (soň görüp otursam, Ballam
Hamzaýewiň aspiranty eken).
— Ballyny gowy tanaýaryn. Ol biziň kursumyzda iň
ökdämizdi. Näme, olam sizde işleýärmi?
Soňra men Hamzaýewe 1957—1958-nji ýyllarda Ata
Annanurow diýen bir dilçiniň şiwe materiallaryny ýygnamak
maksady bilen biziň obamyzda esli gün bolanlygyny,
174
şonça günläbem ony obama-oba gezdirip, ýaşulular bilen
gürleşdirenligimi, toýlara aýlanlygymy gürrüň berdim. Olam şu
institutda işleýän eken. Hamzaýew bize:
— Ýagşy. Siz häzir gaýdyň, erte sagat üçde hem şu ýere
geliň. Şonda gürleşeris—diýdi. Biz hoşlaşyp, çykyp gaýtdyk.
Aspirantura girenimden soň belli bolşuna görä, Hamzaýew
atlary agzalan üç tanşymyň üçüsi bilenem men barada pikir
alşypdyr. Ata Pöwrizede dynç alýan eken, onam çagyryp
getiripdir. Olaryň üçüsiniňem jogaby bir hörpden gopupdyr:
meni aspirantura almaly.
Ata Hamzaýewe men barada: “Birnäçe ýyl bäri obadan
çagyryp, işe ýa aspirantura almaly diýip ýören oglanym şol”
diýse, Bally meni kurslarynda iň güýçlüsi edip görkezipdir.
Aman aga bolsa biraz pikirlenip:
— Ilde Soltanşa atly köpem däldir. Belki, şonuň özüdir.
Eger ol meniň aýdýan Soltanşam bolsa, Maşan, sen ony okuwa
kabul ediber—diýipdir.
Ertesi sagat üçden 20—30 minut gijä galyp geldik.
Girenimizden, Hamzaýew bir goşar sagadyna, birem diwar
sagada seretdi, gijä galanymyz barada hiç zat diýmän, maňa
ýüzlendi:
— Ýigit, seni aspirantura almak niýetimiz bar, dokumetleriňi
alym-kätibe tabşyr. Ekzamene çagyrarys. Häzirden gowy
taýýarlanyber.
Alym-kätip M.S. Harlanowa maňa nähili dokumentleriň
gerekdigini, haýsy derslerden synag boljakdygyny (türkmen
dilinden, çet dile derek orus dilinden dilden we ýazuwdan hemde partiýanyň taryhyndan) ýazyp berdi.
Institutdan çykyp, telefon stansiýasyna geldik. Babaguly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.