Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02

Total number of words is 3821
Total number of unique words is 2055
31.7 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
belleýärler. Çalasowadam bolsa, ol özüni gaty sowatly saýýardy.
Soňra eşidişime görä, ol sowadyny ýeterlik çaklap, özüne tabelçi
hem almandyr.
15
Atamyň kükregini ýassyga berip, uzak günläp tabel işleýşi
ýadymda galypdyr. Şeýle günler enem meni işe özi bilen
äkitmezdi-de, atamyň ýanynda öýde goýup giderdi. Ýöne
welin atam tabel bilen gümra bolup, maňa asla üns bermezdi.
Oýnap ýadanymsoň, men onuň hat ýazyşyna syn ederdim.
Bir zat soraýsam, atam “Hmh” ederdi, emma başyny hem
galdyrmazdy. Şol barmaşa ol bir kagyzy doldurdy-da, maňa
tarapdaky gapdalynda goýdy. Men kagyzy elime aldym. Atam
ünsem bermedi. Men ondan: “Şu kagyzy ýyrtaýynmy?” diýip
soradym. Atam kellesini galdyrman, “Hmh” etdi. Men “Hawa”
diýýändir öýdüp, ýene soradym. Ýene şol jogap. Men kagyzy
jowwa ikä böldüm. O-ho-ho! Atam böküp turdy, her elimde bir
bölegini tutup duran kagyzlarymy silkip aldy. Men gorkujygyma
aglap başladym. Atam kagyzlara bir sellem seredip durdy-da,
çignimden silkip, meni goltugyna aldy, gapyny daşyndan ildirdi
we lapaň-lapaň ädimläp, göni enem dagynyň pagta ýygýan
atyzyna äkitdi. Enem bizi görüp, hataryň aňry çetinden bärik
ugrady, ýöne atam meni düşürdi-de, sesini çykarman, gahar
bilen yzyna öwrüldi. Men möňňürip, enemiň gujagyna doldum.
Şoldur-şoldur, men atamyň hat bilen gümra wagty onuň ýanyna
barmadym.
Üç-dört ýaşly döwrümde başdan geçiren wakalarymyň
ýene biri ýadymda galypdyr. Suwly uly ýabyň boýunda
ýaşaýanlygymyz üçin, ýaş çagalary öýde ýeke goýmaýar ekenler
(garyndaşlarymyzyň ýaş çagalaryndan suwa akanlary hem
bolupdyr). Şonuň üçin enem meni ýanyndan aýyrmazdy. Bardygeldi, zerur işi çyksa, meni Öwezbike mamama tabşyrardy,
olam ýok bolsa, onda meni Öwezbike mamamyň kiçi ogly,
menden ýedi ýaş uly Pirguly agamyň ýanynda goýardy. Ýöne
men Pirguly agam bilen galmagy asla islemezdim sebäbi enematam we mamam ýok wagty ol maňa gaty darardy, şapbadam
çalaýardy.
Ynha, bir günem şeýle boldy. Enem meni Pirgula goýup
gitdi. Galmajak bolup, baý, nadaralyk etdim. Enemiň yzyndan
ylgadym. Pirguly agam tutup aldy, ýoldaşlary bilen aşyk oýnaýan
ýerine getirdi. Men ýene gaçdym. Bu gezek tuda germelen
16
sallançagyň inçejik we uzyn üýrewaç ýüpüni çözüp aldy-da, bir
ujy bilen aýagymy daňdy, beýleki ujuny hem tutuň şahasyna
berkitdi. Özleri bolsa arkaýyn aşyk oýnamaga durdular. Men
ýüpden boşap bilmän, köp urundym, tä enem gelýänçä agladym.
Her niçigem bolsa, her haýsy öz hususy ýerinde pytraňňy
oturan we biri beýlekisinden esli aralykda ýerleşen öýlerde
ýaşan adamlaryň gün-güzerany kolhoz şäherçeleriniň darajyk
melleklerinde ýaşaýan adamlaryň durmuşyndan düýpgöter
üýtgeşikdi. Meniň özüm üçin-ä şäherleşmeden öňki ýaşaýyş
gaty gowudy. Hut şonuň üçin bolsa gerek, oba şäherçeleşdirilip,
il oňa göçmeli edilende, käbir adamlar (meselem Guby mama
diýen tebip aýal, Gurbandurdy bagban we beýlekiler) göçmäge
razy bolman, öňki oturan ýerlerinde galdylar.
ŞÄHERÇEDE
1938-nji ýylda Gultak obasynyň merkezi böleginde iki
kolhoz bardy: “Komintern” we Kaganowiç. Ähli kolhozlarda
bolşy ýaly, bu iki kolhozyň öz hususy ýerlerinde pytraňňy
ýaşaýan kolhozçylaryny ýörite bölünip berlen şäherçelere
göçürmeklik planlaşdyrylypdyr. Şäherçe diýlip at berilýänem
bolsa, onda içinde ýaşar ýaly ýekeje jaý hem ýokdy, diňe obanyň
gündogarynda bir köne howlynyň galyndylary, günortasynda
bolsa kolhozyň jemgyýetçilik bähbitleri üçin ýaramly iki sany
bitin howly bardy. Ortalaryndan ýollar geçirilip, deň ölçegde
ölçenip goýlan melleklere göçüp gelen ilat öňi bilen gara öý üçin
ýer tekizläp, ony dikip ýaşamaga başlardy. Köplerden giç göçüp
gelenimiz we şol sebäpli amatly ýerleriň eýelenenligi üçin,
bize kolhoz edarasynyň jaýy bolup hyzmat edýän howlynyň
derwezesiniň öňündäki ýabyň gaýrasynda ýerleşen belentli-pesli
mellek ýetdi. Depelerini gyzgan basyp ýatan bu ýer ekmäge
düýbünden ýaramsyzdy, ony tekizläp ýer etmäge bolsa kolhozda
hiç hili tehnika ýokdy. Atam berlen ýeri tekizlejegem bolmady,
diňe ýabyň ýakasyndaky bir depejigi düzläp, gara öý oturtmak
üçin ýer edip berdi, akyp ýatan kiçi ýaba-da köprüjik gurdy.
Ýadyma düşüşine görä, biz şu ýerde 4-5 aý ýaşadyk. Güýz
17
düşdi. Atam jeňňelde kolhozyň gawunyny ekip, gijesine-de ony
goraýardy. Menem köplenç onuň ýanynda bolýardym. Ynha, bir
gün jeňňelden öýe gaýdyp gelýärdik. Men eşegiň syrtyndadym
(gepiň gerdişine görä aýtsam, atam eşigiň gowusyny tanamaga
gaty ökdedi. Biri eşek satyn aljak bolsa, goňşy obalara-da atamy
äkiderdiler. Atam özi üçin-de at ýaly daýaw eşekleri saýlardy).
Biz Jeňňelarykdan geçip, Eseniň ýeriniň gyrasyndaky
tutlara ýetenimizde, ol ýerde kolhozyň başlygy Jumal Alta
sataşdyk. Men ony gowy tanaýardym. Şäherçede goňşudyk.
Ogly Hudaýberdi dagy bilen bile oýnaýardyk. Jumal gaty
wäşidi, degişgendi, agzy hapady. Göwresi kiçi bolsa-da, özi
daýawdy. Atam onuň bilen eşegiň üstünde biraz gürleşip durdy.
Oba ugramazymyzyň öň ýanynda ol Jumala ýüzlendi:
— Jumal, ol beren mellegiňde iki-üç ýyllap idili ekin biter
ýaly däl. Maňa eker ýaly başga ýer bersene.
Jumal ýeser gözlerini oýnaklatdy-da, atamyň ýüzüne
gülümjiräp, şeýle jogap berdi:
— Atanyýaz, dogrudanam, seniň mellegiň erbet. Men saňa
jöweni baş-da-bogak (bişmäge ýakyn) bolup duran gowy mellek
bereýin. Ýöne şeýle şert bilen. Saňa Atanyýaz pälwan diýýärler.
Gel, şu ýerde göreş tutaly. Ýyksaň, mellek seniňki. Ýykylsaň,
öňki mellegiň bilen oňarsyň.
Atam “Men razy” diýip, böküp eşekden düşdi. Meni eşegiň
syrtyndan onuň yňňyrjagynyň (gaňňasynyň) üstüne geçirip,
elime-de hylany (ujy çiş taýajygy) tutdurdy. Olar baldyrlaryny
çyzgaşyp, ýoluň ortasyndaky gumaksy ýerde göreşe girişdiler.
Jumal “hopba çekmek” diýen emel bilen tas atamy ýykypdy,
ýöne ol atamyň daýaw göwresini üstünden agdaryp, taşlap
bilmedi-de, özi ýüzin ýykyldy. Dikleşdiler, täzeden tutluşdylar.
Jumal ýene hopba çekjek boldy, ýöne atam bu gezek ägädi. Ol
bu emeliň garşysyna emel ulanyp, Jumaly ýykdy. Ýöne Jumal
ýykylanyny boýun almady. Ikinji gezek tutluşyga girişdiler.
Atamyň köýnegi ýyrtyldy, ýöne oňa üns bermän, ýakalaşma
göreşi dowam etdirdiler. Jumal ýykyldy, onda-da öňküden gaty
ýykyldy. Jumal ýene ýykylanyny boýun almady, gaýtam “Sen
nädogry emel etdiň” diýip, atama götindawa etdi. Atam: “Seni
18
gowuja ýykyp, boýun alar ýaly etmesem boljak däl” diýip, üçünji
gezek göreşe girişdi. Jumal tosun bolany üçin ýadady, atam
welin çuslanan ýalydy. Şol barmaşa ol Jumalyň bilini gysyp,
özüne ýakyn getirdi. Dikleşdiler. Ynha, şol wagtam uzyn satan
atam Jumalyň aýagynyň yzyndan emel edip, öňe omzady welin,
ikisi-de diwar gaýdan ýaly, uzaboýuna ýykyldylar. Jumalyň
ýagyrnysy gumaksy ýere endigan degdi, hatda gürpüldäp
ýykylan iki göwräniň badyna kirşenli gum pöwhüldäp, tozap
gitdi. Bu gezek Jumal ýykylanyny boýun aldy. Ikisi-de üstbaşyny kakyşdyrdylar. Jumal mellegi edil şu gün berjekligini
aýtdy. Atam meni eşegiň syrtynda oturtdy, özem ýerine mündi.
Biz oba ugradyk. Eseniň ýeriniň burçundaky harabalyklara
ýetiberenimizde, Jumal atly yzymyzdan ýetdi we atama:
— Atanyýaz, sen bu uzyn kürteli (pagtaly uzyn köýnekli)
gyzyňy eşekden düşür. Seniň eşegiň gaty daýaw diýýärler. Gel
o Padagüzere çenli çapyşaly—diýdi. Men Jumalyň maňa “gyz”
diýenini gaty gördüm (şondan soň uzyn kürte-de geýmedim).
Atam biraz götermeräkdi. Ol dessine: “Gel, çapyşsaň çapyşaly”
diýdi-de, meniň elimden tutup, eşekden düşürdi we “Ho-ol tuda
tarap ýol bilen baryber” diýip, çapyşyga taýýarlygyny bildirdi.
Jumal öň gezegi atama berdi. Atam 30-40 metr ara açansoň, Jumal
atynyň jylawyny goýberdi. Giň giden şorlugyň ortasyndan aryga
çenli uzalyp gidýän göni ýolda atamyň ak eşeginiň 200-300
metre çenli Jumala ýetdirmän gidişi henizlerem göz öňümden
gidenok. Ýöne at at bolýar. Jumal atamy ýetdi, deňinden geçip,
göni Padagüzeriň köprüsine çenli atyny ýüzin salyp gitdi.
Biz şol gün mellek aldyk. Ol oturan ýerimizden uzak
däldi, kolhozyň edarasynyň ýerleşýän howlusynyň gündogar
ganatyna degip durdy. Arada diňe bir ýoljagaz bardy. Men indi
gawuna gitmän, bişip gelýän jöwenleri guşlardan goraýardym.
Enem maňa sapan örüp berdi. Rahmanguly babam bolsa ony
atmany öwretdi. Serçeleriň köpçülikleýin gonan ýerlerine sapan
atýardyk.
Rahmanguly babam dagy obanyň gaýrasyndan mellek
aldylar. Ol agyr syrkawlady. Şonuň üçin enem bilen günde
olaryňka bir-iki gezek baryp gelýärdik, kä günler men oňa nahar
19
eltip bererdim.
1941-nji ýylyň güýzi bolsa gerek. Rahmanguly babam maňa
ertir ir bilen ýanyna gelmegi tabşyrdy. Bardym. Ol çäkmenini
egnine atdy, telpegini geýdi. Biz gyşlaga tarap ýola düşdük.
Ýolda maňa ýüzlendi:
— Oglum, ne döwür, ne zamana. Ynha, pasylka diýdi,
kolhoz diýdi, öňki günümizden aýyrdylar. Gyşlagdaky hususy
ýerlerimizi hem elimizden alyp, pasylka göçürdiler. Bardy-geldi,
öňki-öňkülik bolup, ýene köne ýurdumyza göçmeli bolunsa, men
saňa degişli mülk ýerimiziň serhedini görkezeýin. Orus gitdigi
ol ýerleri sen algyn. Biz ony köp pul beriň satyn alandyrys.
Meniň köpüm ötüp, azym galdy. O günleri men görmerin, sen
görersiň—diýdi. Biz gyşlag ýerimize geldik. Babam arygyň
gyrasy bilen ýöräp, öz ýeriniň serhetlerini görkezdi. Ýabyň
gyrasyndaky uly tutlaryň we miweli agaçlaryň ýeke-ýeke
ýanynda durup, olaryň haýsylarynyň bize degişlidigini gaýtalapgaýtalap görkezdi. Ýeriň bir tarapy aryk, iki gapdaly hem ýapdy.
Onuň günbatar serhedi ekerançylyk ýeriň içinden geçýäni üçin,
babam bir uly tuduň aşagyna bardy-da, aňry gyradaky uzyn tuda
tarap elini uzatdy:
— Oglum, ýerimiziň bu ýan çeti, ynha şu iki tuduň arasyna
göni çekilen çildir. Bardy-geldi, çil ýykylaýsa-da, şu iki tudy
ýadyňdan çykarmagyn—diýip sargady.—Ine, şu görkezen
çäklerimdäki 9-10 tanap ýere gowy eýelik edip bilseň, ol seni
hiç wagt hor etmez—diýibem sözüniň üstüni ýetirdi.
Biz yza dolandyk. Şol wakalardan biraz wagtdan soň
Rahmanguly babam aradan çykdy.
Bir-iki ýyllykda men ussa Pirguly bilen gyşlag ýerimize
aýlanyp gördüm. Öňki howlulardan, atyz-çillerden, hatda
uly arykdanam derek ýok. Babamyň görkezen daragtlarynyň
birisi-de saklanmandyr. Ullakan pagta meýdanyna öwrülen bu
ýeriň haýsy böleginiň biziň mülk ýerimizdigini diňe çak etmek
mümkindi.
Atamyň 1941-nji ýylda jeňňelde gawun ekenligini öňde
ýatlapdym. Men köplenç atam bilen jeňňele giderdim. Şeýle
günleriň birinde atam maňa:
20
— Meniň obada zerur işim bar. Häzir ýanyňa
Mähemmetgulyny getirjek. Sen şonuň bilen oýnaber. Gawuna
mal-gara gelse kow. Gawun iýmäge gelene, ynha, şol
gawunlardan beriber. Men agşama çenli dolanaryn—diýdide, asylgy çöregi görkezdi. Özi-de goňşy gawunçylykda
garawulçylyk edýän Hudaýguly aga diýen garyndaşymyzyň
ýanyna gidip, ol ýerden onuň inisi Mähemmetgulyny meniň
ýanyma getirdi. Mähemmetguly meniň bilen ýaşytdaşdy. Biz
bile oýnadyk. Garaňky düşüberdi. Atamdan derek bolmady. Biz
Hudaýguly aganyň gawunyna gitdik. Ol ýerde-de hiç kim ýokdy.
Biz ýene dolanyp geldik. Ilkinji şagallar uwlaşyp başlady. Biz
gorkujygymyza çärdägiň üstüne çykdyk. Şagallaryň sesi barha
ýakynlaşýan we köpelýän ýalydy. Göwnüme bolmasa, olaryň
uwlaşýan sesleri gawunyň joýalyklaryndanam eşidilýärdi.
Biz biri-birimize gysylyşyp, käwagt ýekelikde, käwagt hem
hor bolup uwlaşýan şagallaryň uwwuldylaryny diňläp, esli
oturdyk. Sesler biraz ýatyşdy. Indi diňe gaýraky ýabyň boýunda
boguk we üýtgeşik sesli bir şagalyň uwwuldysyndan başga
ses eşidilmeýärdi. Onuň gyryk we ýakymsyz sesini öňem köp
eşidipdim. Atam oňa äňňüş (şagalyň bir görnüşi) diýerdi.
Oýna gyzyganymyz üçin, agşamlyk edinmäni unudypdyrys.
Ajygyp başladyk. Ýöne çärdäkden aşak düşüp, onuň bir
agajyndan asylgy duran torbadaky çöregi getirmäge gorkýardyk.
Gawun peýkalynyň gündogar we günorta tarapy gür gamyş
jeňňelligidi. Jeňňel bilen gawunçylygyň arasynda diňe bir ýap
bardy. Jeňňel tarapda birden şagyrdy eşidäýsek, gorkymyza
bir-birimize gysylyşyp, “Haýt, gy-yýw!” diýip, gaty ses bilen
gygyryşardyk.
Üşäp başladyk. Çärdegiň üstünde ýatmak üçin, gamyşhyşanyň üstüne ýazylan keçäniň aşagyna girip, aşagymyza hyşa
ýazyp ýatdyk. Atamyň gelenini bilmändiris. Ol bizi düşegiň
üstünde ýatyryp, üstümize ýorgan atypdyr. Mähemmetguly
ikimiz ir ertir gaty ajygyp oýandyk (atamyň gijä galmagynyň we
Hudaýguly aganyň ýoklugynyň sebäbini biz soň bildik: şonda
bir garyndaşymyz aradan çykan ekeni).
Gawunyň gyralaryndaky jeňňellikden sülgüniň we
21
kiçi towşanyň gelýän ýodalaryna atam gapan gurardy. Kiçi
gapany maňa gurdurardy. Gapanda ilkinji sülgün tutanymda
gaty begendim. Ýokary uçubilmän, ala-hasyrdy bilen tozan
turuzýan uly horazyň ýanyna iki bökenimde bardym. Ýöne
oňa el degirmäge gorkdum. Gapanyň ýüpünden tutup, towugy
pasyrdadyp, çärdege tarap ylgadym. Atam görüp, eli pyçakly
öňümden çykdy we “Awy diri öýe getirmezler” diýdi-de,
sülgüniň damagyny çaldy. Soň men towşanam tutdum. Gapana
düşende wägildäp gygyrýan towşany-da tutup gördüm. Gapan
bilen aw etmek hünärim uruş ýyllarynda, ylaýta-da atam uzak
wagtlap göz keselhanasynda ýatan döwürlerinde maşgalamyzyň
maňlaýyndan diredi: her niçigem bolsa, iýjek etimiz köplenç
mugt bolardy. Atam günde gapan gurmaga maňa rugsat
bermezdi. “Gereginden artyk aw haram” diýerdi.
MEKDEBE
Wagt geçdi, warak aýlandy, 1941-nji ýylda meniň okuwa
gitmeli gezegim geldi. Men weli gitmek islemedim. Aglapeňräp, atamdan galman gawuna gitdim. Ýöne atam-enemi ogluny
okuwdan saklaýan adamlar hökmünde oba sowetine yzly-yzyna
çagyryberensoňlar, meni bir gün enem arkasyna hopba etdi-de,
mekdebe äkitdi. 1-nji klaslylaryň okaýan ýeri mekdebiň uly
ak jaýynda däl-de, onuň günorta tarapyndaky ekerançylygyň
gyrasynda ýerleşen pagsa tamjagazdady. Mugallym aýal bizi
gowy garşy aldy, enem bir zatlar, bir zatlar diýdi, emma men
düşünmedim. Onuň dili çalgyrtdy (soň görüp otursam, ol tatar
aýaly Fawziýa ekeni).
Enem meni yzdaky boş partada oturtdy-da, özi öýe gitdi.
Men asuda oturşyma okuwçylary we mugallymy synladym.
Käbir okuwçynyň öňünde suratly kitap bardy. Edil öňümde
oturan oglan agdaryşdyryp, şeýle kitabyň suratlaryna seredýärdi.
Mende weli hiç zat ýokdy. Birazdan soň içim gysyp başlady.
Ýerimden turdum-da, öňdäki oglanyň ýeňsesinden onuň
kitabynyň suratlaryna seretmäge başladym. Mugallym maňa
“Otur!” diýip jabjyndy. Men gorkyma dessine aşak oturdym.
22
Oýan-buýan seretmäge gorkýardym. Wagt weli geçenokdy.
Şol barmaşa meniň oturan hatarymyň ikinji partasyndaky
oglan bilen ýanyndaky gyzjagaz ýerinden turup, çyny bilen
ýakalaşmaga başladylar. Olar öňem biri-biri bilen ençeme gezek
güýç synanyşan bolmaga çemeli. Syrylan kellesiniň depesinde
iki sany, çekgelerinde, maňlaýynda we ýeňsesinde goýlan
gulpajyklaryny tasadyp, gyzjagaz uzyn sesi bilen aglaýardy we
elindäki ktaby bilen oglanjygyň çem gelen ýerine suňşurýärdy.
Meniň deňimdäki okuwçynyň depderini görüp duran mugallym
ilki olara bir zat diýip gygyrdy, emma uruşýanlaryň piňine-de
däldigi üçin, olaryň ýanyna bardy, gyzjagazyň elindäki kitaby
kakyp aldy-da, ilki oglany, soňra-da möňňürip duran gyzjagazy
kitap bilen urdy. Men gaty gorkdum. Ilki partada aýbogdaş
gurup, ýygnap oturan aýaklarymy aşak salladym, soňra özümi
partanyň aşagyna goýberip, bukup oturdym. Gyzjagaz henizem
aglaýardy, mugallymam olara gygyrýardy. Men yzymda
açyk duran gapydan emedekläp çykdym-da, jaýyň syrtyndaky
kiçijik ýaba girip, öýe tarap ökjämi göterdim. Enem ýaňy öňe
gelen ekeni. Men oňa: “Mugallym meni urdy” diýdim. Enem
ynanmady, meni mugallymyň ýanyna äkitjek boldy. Kes-kelläm
garşy boldum, agladym, mekdebi weli gitmedim. Şol wagt atam
jeňňele äkidýän zatlaryny horjuna salyp, eşege mündi. Menem
onuň bilen jeňňele gitdim. Soňunyň näme bolanyny bilemok
weli, meniň bu ýylky okuwym şonuň bilen gutardy.
Gawun sowulýança, atamyň ýanynda jeňňelde boldum.
Obanyň töweregindäki meýdanlarda işlände-de ol meni ýanyna
äkitdi. Günde eşege ot ýa odun ýükläp, üstüne meni mündürip,
öýe ibererdi. Öýüň ýanyna gelip, eneme gygyrardym. Atamyň
ýüklän otuny iki bolubam eşekden agdaryp bilmezdik, çünki
atam eşegiň hirgizlemezligi (jyzzyn atmazlygy) üçin we meniň
ýykylaýmagymdan ätiýaç edip, eşege oty köp ýüklärdi, özüniň
zordan göterip, üstüne atan artmak ýüküniň her tarapyna eslije
üstünligem atyp, ony gowuja daňardy. Şeýle ýüküň ortasynda
men zordan görünýärdim.
Ýükden boşan eşegi yzyna, atamyň ýanyna äkitmäge enem
maňa rugsat bermeýärdi.
23
Şeýdip, eşek bilen ot, odun çekmegi öwreniberenimde, täze
okuw ýyly (1942-nji ýyl) ýetip geldi. Bu gezek mekdebe atam
äkitdi. Ondan bir gün öň atam bilen enem meni okamaga razy
etdiler. Eger bu ýyl okuwa gitmesem, onda meni oruslaryň şäher
mekdebine zor bilen äkidip okatjakdyklaryny, sähel zat üçin ol
ýerde uruljakdygymy aýdyp, meni mekdebe gitmäge yrdylar.
Enem 2-3 aý öň maňa mekdebe gitmäge bukja tikipdi.
Dürli matalardan guralyp, gyralaryna alaja ýüp edilen bukjanyň
kübtden asar ýaly örme bagy bardy. Enem oňa tapan kitabynyň
2-3 sanysyny salyp, bukjanyň bagyny baglap, maňa berdi. Men
ony sag tarapymda durar ýaly edip, kibtimden asdym. Oýan-bu
ýana ýöräp gördüm.
Ertesi ir bilen bezemen bukjamy asdym-da, atamyň yzyna
düşüp, mekdebe gitdim. Ýöne atam mekdebiň ýakynyna gelip
aýak çekdi. Yzdan gelýän uly oglanlara garaşdy, olar bilen
gelýän Pirguly agama meni tabşyrdy-da, özi yzyna gaýtdy.
Pirguly meni mekdebe ilkinji gelen çagajyklaryň içine eltdi, özi
klasdaşlary bilen oýnamaga gitdi.
Biraz wagtdan soň jaň kakyldy. Bizi bir klasa üýşürdiler. Her
kimiň oturmaly ýerini görkezdiler. Bize Ýagmyr Gapur diýen
obadaşymyz mugallym bellenipdir. Ol nähili oturmalydygyny,
bir zat aýtmakçy ýa bir iş etmekçi bolsaň, hökmän sag eliňi
galdyryp, mugallymdan rugsat almalydygyny, umuman, tertipdüzgüni düşündirdi-de, bizi oýnamaga meýdana alyp çykdy.
7-nji klas bilimli Ýagmyr bize köp mugallymçylyk etmedi—ol
tiz wagtdan urşa gitdi (Gapur baba diýen abraýly ýaşulularyň
biriniň ogly bolan Ýagmyr neresse uruşdan gaýdyp gelmedi).
Soňra bize goňşy obadan Hydyrberdi Aganyýaz diýip birini
mugallym bellediler. Ol 3-4 aý okatdy, ýazmagy-çyzmagy
öwretdi. Gowy ýazýanlary öwdi, haty erbet ýazýanlary bolsa
“Bu eşegiň toýnagy bilen gazap ýazan hatyna seret” diýip
käýedi. Menem ondan bir gezek käýinç eşitdim.Ýöne bu
mugallymy-da urşa aldylar. Soňra tä ýarym ýyllyk geçýänçä,
günde bizi bir mugallym okatdy. Mugallym tapylmadyk
günleri bizi güýmemegi mekdepde garawul bolup işleýän Guby
(Gurbangeldi) Allaberdä tabşyrdylar. Ol mekdebiň ýakynynda
24
ýaşaýardy, bizden 6-7 ýaş uludy. Gaty wäşidi, ýerli-ýersiz köp
geplärdi. Biz oňa Guby jynly hem diýerdik.
Mugallymlaryň çalşyrylyp durşy ýaly, klas jaýymyzy hem
ençe gezek üýtgetdiler. Öň mekdebiň esasy jaýynyň bir ýagty
klasynda okaýan bolsak, soňra mekdebiň gapdalynda ýerleşen
oba sowet jaýynyň uly klubunyň bir burçunda okatdylar.
Birazdan soň bolsa bizi ussahana üçin niýetlenip, mekdepden
100 metr çemesi uzakda, ekin meýdanynyň bir çetinde gurlan
polsuz-potoloksyz sowuk jaýa geçirdiler. Bu ýere jaňyň sesi
hem ýetmeýärdi.
Ynha, günleriň birinde mugallym tapylman, ýene Guby
klasa girdi. Biz ýerimizden turmadyk, pyňkyryşdyk. Guby
heňkirdi, üstümize gygyrdy. Bu zatlar bilen öň ymykly
öwrenişenimiz üçin, biziň piňimize-de däldi. Gaýtam, gülüşdik,
Gubynyň agzyna öýkündik. Guby ony gaty görüp durmady. Ol
bizden:
— Ýoldaş okuwçylar! Bu gün näme sapak geçeris?—diýip
sorady. Biri “Çürrümkesdi oýnalyň!”diýdi, beýlekisi “Atyzyň
içinde kesekleşme oýnalyň” diýdi, garaz, klasyň içini ala-goh
etdik. Guby ajygan bolmaga çemeli. Ol:
— Hüş-ş-ş! Ýuwaş! Bilmediňiz, bu günki sapak nan
iýmeklik sapagy. Arkaýyn nan iýiberiň—diýdi.
Biz öýden getiren nanymyzy bukjalardan çykardyk-da,
iýmäge başladyk. Guba-da berdik. Nan iýişlik gutardy. Guby
nämedir bir zat üçin aňyrsyna dönende, Babaguly jübüsinde
saklaýan togalajyk palçyk kesegi bilen Gubynyň ýeňsesine
urdy (Babaguly barada yzda ymykly gürrüň bererin). Guby uly
galmagal bilen kesegi kimiň atanlygyny sorady. Aýtmadyk,
emma ol şonda-da ol munuň Babaguludan ýetendigini bildi we
azmly:
— Babaguly, tur ýeriňden! Hany kiseleriňi çöwür!—diýdi.
Babaguly onuň diýenini etmedi. Guby Babagula tarap ugranda,
Babaguly partalaryň üstünden böküp, gapydan çykyp gaçdy.
Guby yzyndan kowdy. Atyzyň içinde yzyndan ýetdi, basdy. Emma
birdenkä çirkin sesi bilen “wä-äk!’ diýip gygyrdy-da Babagulyny
goýberdi (ol Gubyny dişläpdir). Babaguly eline bir ýatan taýagy
25
aldy-da söýelgi merdiwandan tamyň üstüne çykdy. Gubyny weli
taýak bulaýlap, ýokary çykarmady, Guby merdiwany aýyrdy,
ony egnine aldy-da, mekdebiň esasy jaýyndaky mugallymlar
otagyna gitdi. Dessine 2-3 sany mugallym geldi. Şol günden soň
Gubyny biziň klasymyza goýbermediler.
Ýylyň ikinji ýarymy bolsa gerek, bizi okatmaga täze
mugallym—Selbi Pirguly işe geldi. Şu wagta çenli biziň
aramyzda gowy okap bilýän okuwçy ýok diýen ýalydy. Diňe
geçen ýyl 1-nji klasda ýarym ýyl okan, emma uzak wagtlap
kesel bolany üçin klasyndan geçmedik Ýazbike Anna diýen gyz
okamany başarýardy.
Uruş döwründe erkekleriň köpüsi fronta gidenligi üçin,
uruşdan maýyp bolup gelen 7 klas bilimli Rozynyýaz Allaberdi,
Hudaýguly Babanyýaz, Haýytguly Pir, Ysmaýyl Rahym ýaly
erkekler, 3-4 sany hem gyz mekdebe mugallym edilip işe alyndy.
Täze mugallymymyz Selbi hem şu mekdebiň 7-nji klasyny
gutaran gyzdy. Ol gaty mylaýymdy, ýadaman-ýaltanman bize
sowat öwretmäge jan ederdi. Irginsiz zähmet öz miwesini hem
berdi: biz tiz wagtda okamany-ýazmany öwrendik. 1-nji klasyň
ahyrynda men sakynman okamany başarýardym. Atamdan latyn
harplaryny öwrenip, şu klasyň ahyrynda latyn ýazuwynda çap
bolan “Göroglyny” hem suw ýaly okardym.
Şol döwürde kolhozyň klubuna ýa-da başga bir uly jaýa
üýşürip, kolhozçylara körek çakdyrardylar (ol döwürde körek
çakýan maşyn çykmandy). Men körek çakmakdan azatdym:
şemiň ýakynynda kükregimiň aşagyna pagtany ýassyk edinip,
“Göroglyny” ýa-da haýsydyr bir dessany gaty ses bilen köpçülige
okap bererdim, muňa derek maňa il deňi bolarym ýaly pagta
bererdiler. Şeýdip, 1-nji klasy gutardyk.
AÇLYK
Urşuň agyr günleri gelip ýetdi. Garry-gurtudan başga
obanyň ähli erkek göbeklisi urşa gitdi. Atamam ençeme gezek
harby komissariata çagyryldy, emma gözi şikesliligi üçin, ol bir
gezek Kerkide göz keselhanasynda 5-6 aý ýatdy, emma bejerip
26
bilmän yzyna gaýtardylar. Ýene çagyrdylar. Bu gezek ol uzak
wagtlap Çärjewde1 ýatdy, ýöne onuň gözüni bejerip bilmediler.
Atam köp wagtlap öýden giden döwürlerinde, biz gaty
horlanýardyk. Iýmäge hiç zadyň ýoklugy üçin, açlykdan
ýerimden turubilmän ýatan günlerimem bolupdy. Bir gezek
meýdanda şeýdip ýatanymda, ýanymyza Zöhre ýeňňem
(Hudaýguly Babanyýaz diýen garyndaşymyzyň aýaly) geldi we
enemden meniň näme üçin ýatanlygymy sorady. Enem gözüniň
ýaşyny sylyp, ýagdaýymy aýtdy. Zöhre ýeňňem elindäki
düwünçegi çözdi-de, buhanka nanyň goşa ýumruk ýaly bölegini
ikä böldi we:
— Ölsegem, bile öleli. Şuny bölüşdirip beriň—diýip, nanyň
bir bölegini enemiň eline tutdurdy. Enem ol nanyň ýarysyny
maňa berdi, beýleki ýarysyny hem hamala, açlyk oňa degişli däl
ýaly, arkaýyn oýnap ýören Ýazbike diýen uýam bilen bölüşip
iýdi. Men dessine aýak üstüne galdym (Zöhre ýeňňemiň gaýyn
agasy Gurban Babanyýaz Gultak oba sowetiniň başlygydy,
urşa gatnaşan we oba hökümeti hökmünde oňa nan kartoçkasy
berilýän eken. Muňa düşýän paýy Gurban aga Burdalyk
nanbaýynda (pekarnýasynda) bişirilýän orsy nandan alyp, ony
Zöhre ýeňňem dagy bilen bölüşýän eken).
Şol wagt Zöhre ýeňňemiň bu eden ýagşylygyna dogry baha
bererden ýaş bolsamam, onuň bu hereketi hiç wagt ýadymdan
çykmady, ejize kömek beren, ýykylany goldan gowy adamlar
barada gürrüň edilse, meniň ýadyma dessine Zöhre ýeňňem
düşýär. Häzirem oba baraýsam, oňa minnetdarlyk bilen salam
hakyny berýärin.
1943-nji ýylda atam uzak wagtlap obada bolmady. Harby
komissariatyň çakylyk haty bilen giden soň, ony ençeme özi
ýalylar bilen birlikde dört sany ýük maşynyna mündürip, Kerkä
tarap äkidipdirler. Şondan soň ondan hiç hili gördüm-bildim
bolmady. Biz urşa äkidendir öýdýärdik we ertir-agşam “Atam
uruşdan sag-aman gelsin” diýip dileg edýärdik.
Atamyň ýoklugy, üstesine-de açlyk. Iýmäge halys zat
tapylmadyk
___________wagty, meniňem açlykdan ýerimden turup bilmän
1
Çärjew şäheriniň häzirki ady Türkmenabat
27
ýatan günlerimde, enem meni eşegiň syrtyna mündürip,
Ýazbikäni horjunyň bir gözüne, beýleki gözüne-de oňa taý
bolar ýaly bir agyrrak zat salardy, özi eşege münüp, öňünede Gurbangül uýamy alardy we Hojaguly daýymlara äkiderdi
(atamyň enesi Togta mamamyň dogany bolany üçin, Hojaguly,
hakykatda, atamyň daýysydy, ýöne biziň ählimiz oňa “daýy”
diýip ýüzlenerdik). Olar “Komintern” kolhozynda, biziň
öýümizden 2-3 kilometr uzaklykda ýaşaýardylar. O ýerde
baryndan garbanardyk. Gaýtjak wagtymyzda Hojaguly daýym
2-3 kilogram jöwen salnan ýaglygy enemiň eline tutdurardy-da:
—Agabeg, gaýrat ediň, özüňizi oňarjak bolaweriň. Häzir
hiç kimde-de artyk-süýşük zat ýok—diýerdi.
Ynha, şeýle agyr döwürde ýekeje sygrymyzam elimizden
aldylar (uruş ýyllarynda her hojalyk hökmany suratda ýylda
döwlete 40 kilogram et tabşyrmalydy. Maly bolmadyklaryň
öý goşlaryny zor bilen alardylar we ony satyp üzlüşerdiler).
Günleriň bir güni öýümize iki sany salgytçy geldi. Biri agsakdy
(uruş maýybydy). Olar gele-gelmäne eneme salgydy häzir
tölemelidigini duýdurdylar. Enem sygry guzlandan soň satyp
üzjekdigini aýtdy, emma olar diňlemän, göni sygyr ýataga baryp,
onuň ýüpüni çözmäge durdular. Enemiň aglap ýalbaryşyna,
soňra bolsa gargaýşyna seretmän, sygry äkitdiler. Şeýdibem şol
ýylyň salgydy bilen üzlüşildi.
Başga bir ýyl mal-garamyz bolmany, öýde-de göze ýakar
ýaly zadyň ýoklugy üçin, ýene şol hyýrsyz salgytçylar gelip,
atamyň eşegini almakçy boldular. Eşek alnanyna degýän
ullakan eşekdi. Enem eşegiň ýüpüne ýapyşdy. Ýöne salgytçy
daýaw pyýada ýüpi silkip alyp, aýagyny çözmek üçin eşege
tarap ýöneldi. Ömür depmek-dişlemek endigi bolmadyk eşegem
şol gezek salgytçynyň bet niýetine düşündi öýdýärin: hyrra
yzyna öwrüldi, ony goşa toýnagy bilen depdi. Ikinji gezek
depmäge ýetişmänkä, salgytçy gaçyp özüni gutardy we sag
eliniň hamynyň sypyrylan ýerini bir zatlar bilen daňyşdyrdy.
Soňra hüňürdäp, hapa sözler bilen sögünip, hol aňyrrakda duran
agsak ýoldaşynyň ýanyna bardy. Olar bu gezek eşegimizi alyp
bilmediler. Men weli gaty begendim, dessine eşegiň öňüne
28
bir goltuk palaç okladym. Suwa ýakýan wagtym bolmasa-da,
öňünde bir bedre suw goýdum.
Şol agyr ýyllarda et salgydyny üzüp bilmedikleriň öýünden
olaryň sana geçer ýaly haly-kilimleriniň alnanyny-da, ýeketäk aýagulaglary bolan eşekleriniň toplanyp, kolhozyň edara
howlusyna gabalanyny-da gördüm. Ol günleriň geçdigi bolsun!
Uruş ýyllarynda we onuň yzysüre 40 kilogram et tabşyranyň
bilen ähli salgydyň üzüldigi hasaplanmaýardy. Mellek,
hojalykdaky mal-gara üçinem salgyt tölemelidi. Kolhozçylaryň
şahsy hojalygynda näçe goýun, näçe geçi, näçe sygyr, hatda
näçe eşek bolmalydygyna çenli kesgitli bellenilendi. Her ýyl
hojalyklaryň maly sanalyp, artykmajyna agyr salgyt salnardy
ýa-da kolhozyň (döwletiň) hasabyna alnardy.
1945—1946-njy ýyllarda mellekdäki miweli we miwesiz
her düýp agaja-da ýoňsuz salgyt salyndy. Köp adam, şol sanda
atam hem miwe berip duran baglary çapdylar.
URŞA TAÝÝARLYK
Uruş ýyllarynda kolhozda-da, mekdepde-de urşa taýýarlyk
görmek babatda käbir işler edilýärdi. Gündiz meýdanda işläp
gelen gelin-gyzlar kolhozyň howlusyna üýşürilip, olar bilen
harby okuw geçilýärdi. Bu okuwy geçýän hem uruşdan dolanyp
gelen Allanazarow diýen daýaw pyýadady. Ol öz adynyň diňe
“ýoldaş Allanazarow” diýip tutulmagyny talap ederdi. Onuň
ähli okuwy aýallary hatara durzup, öňe-yza ýöretmekden
ybaratdy. Orus dilinde komanda bererdi. “Nalewo”, “naprawo’
ýaly buýruklary ol batly ses bilen “Nale-hu!”—“Napra-hu”
ýaly aýdardy. Aýallar onuň buýruklaryna, gykylygyna halys
öwrenişipdiler, hatarda gidip baryşlaryna gürleşýärdiler,
gülüşýärdiler. Ynha, bir gezek Allanazarow hatara düzülen
aýallara “Napra-hu!” diýip buýruk berdi. Dili duzly aýallaryň
biri hem dessine gaty sesi bilen “Alla-huk!” diýdi. Gülüşdiler.
Allanazarow olaryň sesini ýatyryp bilmedi. Şol gündenem bu
komandiriň ady “Alla huk” bolup galdy.
Harby tälim diňe gije okuw bilen tamamlanmaýardy.
29
Meýdanda işleýän kolhozçylar günorta çaýa oturan wagtynda,
olaryň ýanyna uruşdan öň goşunda gulluk eden Seýti Juma
diýen obadaşymyz egnine uly gara sumka asyp gelerdi-de, çaý
içip oturan aýallara we olaryň ýanyndaky çagalara dürli çüýşe
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.