Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26

Total number of words is 3645
Total number of unique words is 2171
29.2 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gowaklara-da duş gelersiň. Käbirinde bir süri mal ýerleşjek
bu gowaklary ýerli ilat suwötük hasaplaýar we ony sum diýip
atlandyrýar.Sumbar jülgesine şol sumlaryň adynyň geçendigini
gürrüň berýärler.
Garrygalaly ýaşulular hem gaty täsin, olaryň deňinden
salam bermän geçjek gümanyň ýok. Salam bermän geçiberseň,
olar özleri salam berip, seni utandyrar. Magtymguludan, SeýdiZeliliden ýa-da beýleki şahyrlardan gürrüň açylaýsa olar saňa
uzak wagtlap, joşup gürrüň bererler.
Şeýle gürrüňçilikleriň biri Garrygala şäherçesinde
Amandurdy aga diýen bir ýaşulynyňkyda bolup geçdi. Ýerýurt atlaryna belet bu ýaşuludan men köp zatlary ýazyp aldym.
Orta nahar gelenden soň, men soragymy bes etdim. Nahar
iýildi, töwir edildi. Nahardan soň çaý içip, mesawy gürrüň edip
otyrkak men bir zat bellemek üçin gapdalda goýan ýandepderime
elimi uzadanymam şoldy welin, edil gapdaljygymda bir
hyşyldy eşitdim. Şol tarapa seredip, zähram ýaryldy. Oklaw
ýogynlygyndaky guýrugy monty goňur ýylan söýenip oturan
sandygymyň aşagyndan ýuwaşja suwlup, saçaga baka süýşüp
gelýär. Men gorkyma syçrap turdum. Öý eýesi elini daldalap,
maňa ýüzlendi:
— Haý, haý, myhman, gorkma! Ol ýylan däl lors, biz ony
pişik ýerine öýde saklaýarys. Ol saçakda naharyň ysyny alyp
372
gelýär.
Men ýylandan ölemen gorkýanlardan däl. Ýöne çaklamadyk
wagtyň onda-da edil goltugyň aşagyndaa ýylan görseň, ol
lorsam bolsa, gaty gorkýan ekeniň. Bir gapdala çekilip, ýylan
gören ýerime seredýärin. Emma ýylan mendenem beter gorkan
bolmaga çemeli: dessine bir ýere sümlüpdir.
Gürrüň berişlerine görä, zähersiz lorslar beýleki ýylanlardan
gaty çakgan we dogumly bolup, ol öýüň töweregine ýylan,
suwulgan ýaly süýrenijileri getirmeýärmiş. Syçan, alaka, hatda
ýalman ýaly gemrijileri öz hininde awlaýarmyş. Men soňra
daglyk ülkelerde azar-bizarsyz bu mahluklara köp duş gelip,
olara öwrenişip gitdim. Lorslar suwda-da beýleki ýylanlardan
çalt ýüzýän eken.
Çendir jülgesindäki Ak, Ýartygala, Gyzylymam, Agymam,
Keýikgodana, Şyhgalmyk ýaly alty-ýedi obanyň ählisini aýlanyp
çykdym. Bu jülgede-de täsin ýerler örän köp. Ynha, şu ýerdäki bir
daga Gelesen-göresen diýilýär. Rowaýata görä, geçen asyrlarda
bu ýerde Aly bakjaly diýen gereý taýpaly bir ýaşuly oturyp,
bakja ekipdir. Eýran tarapdan ýagynyň gelýändigini eşidip,
onuň öňünden çapar iberipdir. Çapar hem Alynyň sözlerini
çozup gelýän ýagynyň serdaryna ýetiripdir: “Aly bakjalygyň
üstüne ýörişiňi bes et. Geläýseň görersiň” (gelesen-göresen).
Serdar heder edip, yza dolanypdyr. Şondan soň bu daga we onuň
geçelgesine Gelesen-göresen diýen at galypdyr.
Meşhur Bezeglidere hem çendir jülgesinde ýerleşýär. Men
ol barada dilçi alym A.P.Poseluýewskiniň “Türkmenowedeniýe”
žurnalynda çap edilen makalasyny okapdym. Ýerli ilatdan hem
käbir zatlary eşidipdim. Serhet siminiň daşynda ýerleşendigi
üçin, ol döwürde bu deräni görmek hyllallady. Şonuň üçinem
Çendire gelen dessime, oba sowetiniň başlygy Berdi Ýolla
Bezeglideräni görkezmegi haýyş etdim. Berdi aga şol ýerdäki
serhet zastawynyň komandiri, kapitan çinindäki bir orus
ýigidinden bu barada rugsat aldy. Belleşilen wagtda men ýerli
mugallym Aýyt Oraznyýazow bilen zastawa geldim. Komandir
we iki esger bilen bäş bolup, biz çitenekli simden geçilýän
geçelgä geldik. Tilsimli açarlar bilen derwezäni açan dessine
373
onuň iki tarapyndan tarkyldy eşidildi, iki sany ýagtylyk raketasy
hem asmana atyldy. Töweregimizi dürli signallaryň sesi gaplap
aldy. Kapitan bir düwmä basyp, bu galmagallary ýatyrdy, bizi
derwezeden geçirip, ony gulplady, sürülgi ýerden hem onuň
yzyny basyp geçdik. Esgerler sübse bilen şüdügärde galdyran
yzlarymyzy bildirmez ýal edensoňlar, biz ýoda bilen daga tarap
ugradyk. Bezeglidere bilen simiň arasy üç-dört kilometr dagy
bar eken, üstesine, ýörelmeýän dag ýoluny gür ot-çöp basyp
gidipdir. Bu ýoluň şübheli adam geçer diýlip çaklanan ýerlerine
inçejik simleriň toplumy ýazylyp, üsti hem ot-çöp bilen örtülýän
eken. Bu gizlin “gapanlara” çolaşan ynsanyň ondan çykyp
bilmän, ele düşýänleri köp bolýarmyş. Serhetçiler ol simler
arkaly keýik, ýekegapanyň jojugy, towşan ýaly haýwanlary
hem awlaýan ekenler. Oňa biziň özümiz hem şaýat bolduk. Bu
barada biraz soň gürrüň bereýin.
Bezegliderä ýetdik. Ol ýodanyň çepinde ýerleşýän eken,
özi-de düýbi gorlan aýlaw dagyň uzyn saýawan emele getirýän
böwründe ýerleşip, uly sürini ýagyş-ýagmyrdan goramak
üçin ýasalan emeli agyly ýada salýar. Ynha, şu ýalçy daşyň
diwarlarynda we onuň saýawanynyň aşaklarynda çaganyň
çekýän suratlaryna çalymdaş dürli şekillere gözüňiz düşer. Poluň
reňki ýaly goňur boýag bilen çekilen bu suratlarda keýik, aýrak
ýaly awlanýan haýwanlar, olara ok-ýaý çenäp duran atly awçylar
çekilipdir.Käbir durmuşy wakalardan üzňe äheňde çekilen
şekilleri nakgaşlykdan ýörite sowadyň bolaýmasa anyklamak
mümkinem däl.Bu derede şeýle şekilleriň ýüzlerçesi, belki-de,
müňlerçesi bar.
1982-nji ýylda Azerbaýjanda Hazar deňziniň kenaryndaky
Gobustan dagynda edil şu hili şekilleriň goralyp saklanýan
meýdan muzeý-gorughanasyny görmek maňa miýesser edipdi.
Azerbaýjan alymlary ol şekilleri içgin öwrenip, olary 7-10 müň
ýyl mundan öň çekilen suratlar, belki-de, gizlin syrly hatlar
çaklapdyrlar. Bu döwletde ol şekillere bagyşlanan ylmy işleriň
hem ençemesi bar. Häzir Gobustan turistleriň iň gelim-gidimli
ýeridir.
Kim bilýär, deňeşdirilip öwrenilse, köp zatlaryň üsti açylsa
374
gerek, belki, Bezeglideräni bezeýän şekilleriň Gobustandakylar
bilen bir hörpden gopaýmagy-da, ondan has irki bolaýmagy-da
mümkin.
Esli wagtlap, tä gün gyzyberýänçä şekilleri synladyk, üçdört ýüz metr uzaklykdaky suwly çeşmejige iberilen esgerler
gelýänçä, daş saýawanyň salkyn kölegesinde oturyp dynç aldyk.
Esgerleriň biri elini bulap, bizi ýanyna çagyrýar. Ony görüp,
çöpüň içi bilen çeşmejige tarap eňdik. Daşyň düýbünden syzyp,
kiçijik çukury dolduran suwdan keýikler suw içmäge gelýän
ekenler. Şol çeşmäniň ýakynynda, otly-çöpli ýodanyň ugrunda
gerlen sim – “gapana” çolaşan keýigi esgerler seňseledip, birki
ýerine pyçak urup öldüripdirler. Indem ony simden aýryp
bilmän duran ekenler. Simden aýrylan uly keýigi germesatan
edip, her kim bir aýagyndan göterip, ot-çöpüň içinden sime
getirýänçäk, biz halys bolduk.
Hyzmaty üçin kapitana hoşallyk bildirip aýrylyşdyk.
***
Sungaty öwreniji alym Sähet Öwezberdiniň ýazan
makalalaryndan belli bolşuna görä, Bezeglideredäki ýaly
şekiller Çendirde başga-da bolmaly. Ol arheologlar, paleograflar,
etniograflar we diliň taryhçylary tarapyndan öwrenilmegine
garaşýar.
Toýa öwrülen ýas
Tomusda dogduk obamda dynç alýardym. Bir gün ertir ir
bilen Gaýyr aga öýümize geldi we şum habar getirdi:
— Soltanşa, halaçly doktor Allaberen Çaryýewi bilýänsiňle? Ol Burdalykda bäş-alty ýyl wraç bolup işläp, soňra Halaja
geçdi.
Men Allaberen bilen Burdalykda mugallym döwrümde
dört ýyllap duldegşir goňşy bolup ýaşapdym, çagalaryna-da
beletdim. Şonuň üçinem:
— Çaryýewi gowy tanaýaryn. Onuň bilen duz-çöregi köp
375
iýdik – diýdim.
— Tanaýan bolsaň, ol birki günlükde awariýa uçrap
aýrylypdyr. Burdalyga şeýle habar gelipdir. Biz bäş-on adam
bolup, onuň ýerine Halaja gitjek. Gidermen bolsaň gaýyga
çykaly.
Men dessine geýindim, Burdalykdan ýük maşynynda
gelenlere goşulyp, derýaboýa – gaýykgüzere çykdyk. Ýasa
gidýän on iki adam bolup, derýadan Garabekewüle geçdik.
Çärjew-Kerki şosse ýoluna ýakynlaberende, ýaşulymyz Gaýyr
aga öň duşan ulaga näçe adam sygsa münüp, Halaja barmagy,
göni sagat ikide-de seýilbagyň içindäki naharhananyň agzyna
toplanyşmagy sargady.
Aýdylan wagtda jemlenişip, ýüzümizi sortduryşyp,
Allabereniňkä ugradyk. Ol Halaç şäherçesiniň eteginde,
Magtymguly kolhozynda ýaşaýardy. Öňem men onuň bu ýerdäki
öýüni görüpdim. Allabereniňkä ýakyn gelenimizi aýtdym. Gaýyr
aga maňa ýüzlendi:
— Halaçlylaryň däp-dessury nähilikä? Erkekler ses
edýärmikäler? Eger ses edýän bolsalar, howlynyň agzynda
aglaşýarmykalar ýa-da howlynyň içinde?
Men bu dessury bilmeýänligimi aýdanymsoň, ýasa
gelenleriň biri dillendi:
— Gaýyr aga, biz öz dessurymyzy edibereli. Howla girip,
ýaşaýan jaýynyň gapysyna maňlaýymyzy diräp ses edeliň.
Muňy makul bilip, açyk derwezeden howla girdik. Itguş ýok. Sürlenişip basdyrma tarap öwrüldigem weli, mellek
tarapdan gelýän uzyn pyýada gözümiz düşdi. Agynjak
Allabereniň özi. Içimden “Bä, Allabereniň edil özüne meňzeş
dogany bar eken-ow” diýip pikir edýärin. Ol pyýada bolsa bize
tarap ýylgyrjaklap gelşine:
— Boh-ow, biziň ähli burdalykly dostlarymyz toplanyşyp
gelen ýaly-la. Geleweriň-geçeweriň – diýip, ählimiz bilen
içgin görşüp çykdy. Her görşeniniň hem adyny tutýar. Indi
bu pyýadanyň hut Allabereniň özüdigine göz ýetirip, biz aňk
bolduk. Allaberen ýene-de “Eýgelikmi?” diýip soraýar. Öldi
diýilýäniň özi öňüňden pete-pet gelende, bir bada adamyň dili
376
tutulýan eken.
Hiç kimden ses çykanok. Gaýyr aga-da özüne gönükdirilen
soraga dymmak bilen jogap gaýtarýar. Ol dymmarak adam, ýüzide agras. Allaberenem ondan ikinji gezek soramaga çekinýär.
Teý-ahyr ol bizi myhman tamyna alyp girdi. Uly otagyň içinde
tegelenişip, ýer dyrmaşyp otyrys. Her kim güljegini-de bilenok,
pyşgyrjagyny-da. Gaýyr aga-da agzyny müňk-müňk etdirip,
aşak garap otyr. Allaberen ýene oňa ýüzlenýär:
— Gaýyr aga, köpçülik bolup ýola çykypsyňyz-la.
Eýgelikmi beri? Ýa ölen-ýiten dagy barmy?
Bu gezek Gaýyr aga ýüzüni galdyryp, ýylgyrman jogap
berdi:
— Hawa, ölen-ýiten bar.
— Kim ölüpdir?
— Sen ölüpsiň. Biz seniň pataňa geldik.
Içi byjyklap duran agyr märekäniň böwedi böwsüp
çykan zarply gülküsi otagy ýaryra getirdi. Gülşüp keýpden
çykanymyzdan soň, biz wakany bolşy ýaly Allaberene gürrüň
berdik. Ol biraz dymyp oturdy-da, ýüzüni ýokary galdyryp,
gürrüňe başlady:
— Burdalyga ýollanan habar käbir babatlarda dogram.
Birki günlükde meniň familiýadaşym, Çaryýew atly bir doktor
motosiklde awariýa edip aradan çykdy. Ol bu obadan däl,
özi-de diş doktorydy, men bolsa iç doktory (terapewt). “Çala
eşiden çatma ýykar, öte eşiden öý” diýlişi ýaly, wepat bolanyň
doktor Çaryýewdigini eşiden badyna, kimdir biri onuň adyny
anyklaman, Burdalyga “Allaberen Çaryýew aradan çykdy”
diýip, biraz nädogry habar eden bolmaly. Habar nädogram bolsa
ol bir zada meniň gözümi ýetirdi: meniň abraýym bar ekeni.
Ölmeli bolaýsam, men indi arkaýyn gözümi ýumup biljek. –
Soňra ol gapdalynda ýylgyryp oturan ýigide ýüzlendi:
— Bar, tegendäki (agyldaky) uly bordakyny (baggoýny)
soý. Ýasy toýa öwreli. Burdalykdan munça adamy çagyrybam
getirip bolmaz.
Goýun soýuldy. Ol gijäni degişip-gülşüp, şöwür çekip
geçirdik, tä daň atýança bagşy diňledik. Ertesi çäş wagty hem
377
yza dolandyk.
Elli ýyldan soňky duşuşyk
Gürrüň berjek bolýan bu ýaşulym bilen men 1972-nji ýylda
Aşgabatda tanyşdym.
Ertiriň iri bilen uçardan düşen obadaşym Pirguly Rahman
aýaly Ýazgül daýzany yzyna tirkäp, öýe geldi. Bu ýaşuly obamda
sylanýan adamlaryň biridi. 30-njy ýyllarda mugallym, soňra oba
hojalygynda dürli kärlerde, hatda esli ýyl kolhoz başlygy hem
bolup işläpdi. Men ony dilewarlygy, şohlugy, köp zatlardan baş
çykarýanlygy, sowatlylygy üçin gowy görýärdim. Pirguly aga
gele-gelmäne:
— Bu gezek işlije geldim. 20-nji ýyllarda Çärjew
pedtehnikumynda bile okap, soňra Germaniýa okuwa iberilen
we ol ýerde köp ýyl bolan ýaşlyk ýoldaşym Bäşim Salyh diri,
özi-de Aşgabatda ýaşaýar diýip eşitdim. Çalt geýin, şähere
çykaly, Bäşimi tapyp ber – diýdi. Men geýnip durşuma:
— Pirguly aga, Bäşim Salyhyň adyny köp eşitdim, ýöne
adresini bilmeýärin — diýdim. Pirguly aga-da:
— Taparsyň. Çaklaňja şäherde şunça ýyl ýaşap, heý, gözlän
adamyňy tapyp bolmazmy? Aşgabatda Bäşim Salyh köp däldir,
ýekedir. Çary Nurly Bäşimi tanaýandyr. Hiç bolmasa, şonuňka
baraly – diýdi.
Çary Nurly diýen asly burdalykly çekist köp wagtlap
Lebap etraplarynda, ylaýta-da Halaçda NKWD-nyň baştutany
bolup işläpdi, pensiýa çykandan soň bolsa Aşgabada göçüp
gelip, Tekebazaryň ýakynynda ýaşaýardy. Ol öýünde eken.
Matlabymyzy aýdanymsoň, Çary aga şeýle diýdi:
— Gowy adamy gözläb-ä gelmänsiňiz. Bäşim diýeniň
Germaniýada okanda, Sowet Soýuzyna duşmançylykly
milletçi toparlanyşyklara goşulyp, öz ýurduna myjabat ýöňkän
bolmaly. Bäşim bilen Orta Asyýadan Germaniýa iberilen 30-40
okuwçynyň esli bölegi, meselem, asly Kaşgaderýaly türkmen,
soňra şol taýda taryhçy professor bolup ýetişen Baýmürze
Haýyt dagy Germaniýada galdylar (Orta Asyýanyň taryhyny
378
gowy bilýän uly alym Baýmürze aga bilen men 1995-nji ýylda
Ankarada duşuşdym – S.A.). Bäşim Aşgabada gaýdyp geldi,
ýöne ony halk duşmany hökmünde 1937-nji ýylda Demirgazyk
Gazagystana sürgün etdiler. Häzir ol Aşgabatda. Onuň ýaşaýan
ýerini bilsemem, size aýtjak däl. Soltanşa, onuňka barma. Sen
ösüp barýan oglan, halk duşmanynyňka bardy diýip, adyňy
garalamaklary mümkin.
Bu sözleri eşidip, bizem garry çekistiň öňünde özelenip
durmadyk. Daş çykanymyzdan soň, men Pirguly aga sorag
berdim:
— Bäşim aganyň asly nireden bolmaly? Belki, şu usul bilen
ony tapyp bileris.
— Bäşimiň asly Garabekewüliň Mamaş obasyndan bolmaly.
Şonuň üçin oňa Bäşim mamaşam diýýändirler.
— Şüý-ä bolaýdy. Indi gerekli adresiň tapyldygy biläýiň,
Garabekewülden Akmämmet Hümmet diýen bir şahyr dostum
ýar. Şonuňka baraly.
Bardyk. “Sumbar” magazininden günbatara sähel geçip,
Akmämmediň çyzyp beren salgysy bilen Bäşim Salyhyň ýaşaýan
öýüni dogry tapdyk. Barmaly öýümize 60-70 ädim galanda, men
Pirguly aga ýüzlendim:
— Gözleýän adamymyz şu öýde ýaşaýan bolmaly.
Öýüň salgy berlen girelgesiniň öňünde, belent agaçlaryň
goýy kölegesinde üç sany epeý pyýada ýuwaşja gezim edip,
käte durup gepleşýärdiler. “Şol adamlardan sorap göreris” diýen
dessime Pirguly aga olara dikanlap seretdi. Birdenem aýak
çekdi. Esli salym durubam:
— Ýalňyşmaýan bolsam, şol üçleriň ortakysy Bäşim Salyh
bolmaly. Hereketi, keşbi şoňa meňzeýär – diýdi. Ýakynyna
bardyk, salamlaşdyk. Men olara ýüzlendim:
— Bäşim aga Salyhow diýen bir ýaşulyny gözleýäris.
Onuň jaýyny salgy berip bilmermisiňiz?
— Bileris. – Ortaky ýaşuly beýlekileri bilen elleşip hoşlaşdy,
bize ýüzlenibem: — Ýörüň – diýdi.
Jaýy açyp, içerik girdi, yzyna dönübem:
— Giriň, hoş geldiňiz! – diýdi. Içeri girdik, diwanda we
379
kreslolarda ýerleşdik. Saglyk-amanlykdan soň bu ýaşulynyň
Bäşim aganyň özüdigini bilip, men dillendim:
— Bäşim aga, siz meni tanamarsyňyz, ýöne ýaşlyk
döwürleriňizi ýatlap dykgat etseňiz, bu ýaşulyny, belki,
tanarsyňyz.
Bäşim aga ýüzüni galdyryp, Pirguly agany synlady, biraz
dymybam: “Ýok, tanamadym” diýdi.
— Çärjewde siz gultakly Pirguly Rahman bilen bile okan
bolmaly. Belki, indi tanarsyňyz.
Bäşim aga “Pirguly Rahman. Pirguly Rahman. Gultak”
diýip, birnäçe gezek gaýtalady, ýene Pirguly agany bir synladyda, ýüzüni maňa tarap öwürdi:
— Hiç ýadyma düşenok. Tanap bilmedim.
Onýança Pirguly aga ýüzüni ýokary galdyrdy-da, Bäşim
aganyň gözlerine dikanlap seretdi, sesini gataldybraga-da:
— Tanamaly bolarsyň. Aradan şunça ýyl geçse-de, men
seni üç adamyň içinden hol gara görnüňden tanadym. Agaň
Annageldi1, sen we men üç bolup bir otagda ýaşadyk. Seni
soňra Germaniýa ugratdyk – diýdi. Bu gezegem Bäşim aga
ýaşlyk ýoldaşyny hakydasyna getirip bilmedi. Pirguly aga 15
günlük kanikulda Çärjewden Garabekewüle pyýada gidişlerini,
uwlaşýan we çöpüň içinde şatyrdaşýan şagallardan gorkujygyna
bir gije Saýatda erige çykyp, ertire çenli garaşandyklary
baradaky gürrüňini soňlaryna-da garaşman, Bäşim aga böküp
ýerinden turdy, Pirguly aga-da turdy. Iki ýaşuly jaýyň ortasynda
biri-birini berk bagryna basyşyp, esli wagt heňňildeşip durdular.
Bu iki ynsanyň uzak wagtdan soňky duşuşyga begenişip, göz
ýaşlaryny gizlemän sessiz aglaýyşlaryna syn edip, menem
ýerimden turup aňalyp durupdyryn hatda gözlerimden akýan
ýaşlary asla duýmandyrynam. Diňe bu bolýan wakalary gapydan
___________
Pirguly aganyň Annageldi diýýäni 20-30-njy ýyllarda Lebapda we
Özbegistanda rewolýusion herekete işeňňir gatnaşyp, uly meşhurlyk gazanan,
Buhara Halk Sowet Respublikasy döredilenden soň bolsa 1921—1924-nji
ýyllarda onuň esasy uly ýolbaşçylarynyň biri edilip saýlanan Annageldi
Salyhdyr. Häzir Çärjew şäheriniň merkezi köçeleriniň biri Annageldi Salyhyň
adyny göterýär
1
380
synlap duran öý bikesini görenim soň, essime geldim. Nämäniň
nämedigine göz ýetiren öý bikesi yzyna öwrüldi, aşhanada
gowrulýan etiň jazyrdysy we ysy otaglara ýaýrap başlady.
Esli wagtdan soň ýaşulular ýazylyşdylar, ikisi hem diwanda
oturdylar. Ýürekler ýerine gelenden soň, ikitaraplaýyn berilýän
soraglaryň we jogaplaryň yzy üzülmedi.Göwün solpusyndan
çyksyn diýip, men bularyň sözlerine ýeke gezegem goşulmadym.
Bäşim aganyň Germaniýa haýsy ýylyň haýsy aýynyň näçenji
gününde ugranlygyny eşidip, jübimden kagyz-galam çykardymda, şu günki duşuşyga çenli aradan näçe wagtyň geçenligini
hasaplamaga oturdym. Eý-ho, eý-ho! Tutuş är ömri geçipdir:
50 ýyl, 2 aý, 14 gün. Aperin saňa, Pirguly aga! Ýetginjeklikde
gören oglanyň goja kişä öwrülenden soňam ony ýöreýşinden
tanaýşyňa aperin! Gyzylgaýany we onuň töwereklerindäki gum
obalaryny aýlanan döwrümde “Jebel” sowhozynyň direktory
Jaýjy Patjanow meni bir düýe çopany bilen tanyşdyrypdy. Bu
çopan bir düýesini ýitirip, ony näçe gözlese-de tapmandyr.
Ençeme ýyl geçenden soň çopan Madaw töwereklerine toýa
barýar. Şol ýerde-de öz ýitiren düýesiniň köşegini däl, eýsem
köşeginden doglan agtygyny görüp, ony tanaýar. “Tapan
begener, tanan alar” diýleni, ol bir ýitiren düýesini bäş baş
edip, Gyzylgaýa aşyrýar. Il arasynda şeýle tangyr, şeýle zehinli
Şerlok Holmslaryň bardygyna aperin!
Ýarym asyrdan soňky duşuşygyň gürrüňi nahar başyndada, nahardan soňam dowam etdi. Ara bir böwşeňlik düşende,
menem dillendim:
— Ýaşulular, gürrüňiň hemmesini Bäşim aganyňkyda
gutaraýmaň, galanyny erte meniň öýümde dowam etdireliň.
Razy bolsaňyz, erte günortanlyk nahary meniň öýümde edineliň.
Razylaşdyk. Adresimi aýtdym, göni sagat 12-de “Kosmos”
kinoteatrynyň ýanyndaky bazarjygyň gazet kioskynyň öňünde
garşylajagymy aýdyp, Bäşim aga dagy bilen hoşlaşdyk.
Täsin ykbally bu adam bilen öz öýümde boljak duşuşyga
öz işleýän institutymyň direktory Bäşim Çaryýarowy we
akademiýanyň jemgyýetçilik ylymlary bölüminiň akademik
sekretary Atabal Saparowy çagyrdym (Pirguly aganyň mugallym
381
döwründe A. Saparow Burdalyk raýonynda bilim bölüminiň
müdiri bolup işläpdir).
Ertesi günortana ýakyn men sagadymyň sekunt diline çenli
radionyň signalyna dogurlap, Bäşim aganyň nemeslere mahsus
bolan jürbe-jürlügi, puktuallygy näderejede özleşdirenligini
barlamak isledim. 12-ä bäş minut galanda, kioskyň ýanyna
çykdym. Sagadyma seredýärin: 12-ä iki minut bar, emma Bäşim
aga görnenok. Bir minut galanda, uly ýoluň pyýada geçelgesiniň
çep tarapyndan howlukman ýöräp gelýän Bäşim aga gözüm
düşdi. Şu depginini üýtgetmän gelse, ol göni sagat 12-de meniň
ýanyma ýetmeli. Ol şeýle-de etdi. Özüne syn salynýanyny aňan
bolarly: görşüp durkak sagadyma seredenimde: “nemes jürlügini
nähili gördüň?” diýip sorady.
Öz öýümdäki we bu günki söhbetdeşlikden soň men Bäşim
Salyhyň geçen ýoluny şeýleräk göz öňüne getirdim.
Germaniýada Orta Asyýadan gelen oba oglanlaryna
nemes dilini, däp-dessuryny we tertip-düzgünlerini gowy
öwretmek maksady bilen olary ýoldaşlaryndan aýryp, hersini
bir maşgala berkidipdirler. Bäşimiň düşen ýeri gaty zabun
ekeni: sähel säwlik üçin dessine çäre görlüpdir. Meselem, nahat
stolunda kesilip goýlan ortalyk çöregi gysaç bilen däl-de, eliň
bilen alaýsaň ýa-da agzyňa degren çemçäňi ortalyk gaplara
sokaýsaň, öý bikesi eliniň abaýynda goýan inçejik taýagy
bilen günäkäriň eline şatladýan eken. Buýrulan işi wagtynda
we birkemsiz ýerine ýetirmeseň, aýak üstünde duruzmak, pol
ýuwdurmak, agyl, tualet arassalatmak ýaly işler goşmaça üstüňe
ýüklenipdir. Beýleki dürli säwlikler we tertipsizlikler hem bu
maşgalanyň gözünden sypmandyr. Şeýle maşgalada bir ýyl
terbiýe alyp, Bäşim dagy gimnaziýa kabul edilipdir. Üç ýyl
okap, ony gowy bahalar bilen gutarandan soň bolsa ol Berlin
uniwersitetiniň Ştutgart şäherindäki filialy bolan Ýokary oba
hojalyk mekdebiniň zootehniklik bölümine okuwa girýär. Bu
ýerde dört ýyl okaýar, ýokary bilimli, onda-da Ýewropanyň
abraýly uniwersitetiniň zootehniklik bölüminiň diplomyny alyp,
1930-njy ýylda watana dolanýar. 1937-nji ýyla çenli Bäşim dürli
kärlerde işleýär, hatda birnäçe ýyllap oba hojalyk ministrliginde
382
(narkomzemde) ministriň orunbasary hem bolýar. Şol döwürde
Bäşim TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy G. Atabaýew
bilen has ysnyşýar.
30-njy
ýyllaryň
başynda Aşgabada
Germaniýa
kompartiýasynyň görnükli wekilleri Wilgelm Pik we Walter
Ulbriht dagy gelýär. G. Atabaýew olara hyzmat edýän orus dilli
terjimeçä derek Bäşim Salyhowy terjimeçi belleýär. Gyrmyzy
donly, ak silkme telpekli bu türkmen ýigidiniň nemes dilini şeýle
bir arassa bilşine belent mertebeli myhmanlar haýran galýarlar.
Oraz Salyryň aýdýan aýdymlaryny diňläp, W.Pik terimejeden
bagşynyň näme hakda aýdýandygyny soraýar. Bäşimiň beren
jogabyna myhmanlar içlerini tutuşyp, uzak wagtlap gülüşýärler.
Bu başarnygy üçin G.Atabaýew Bäşime:”Berekellla, meniň
türkmen nemesim!” diýip, arkasyna kakýar. G. Atabaýew
Bäşime Moskwa aspirantura gitmegi hem teklip edýär. Emma
sekiz ýyllap Watandan aýra düşeni üçin, ol bu teklibe razy
bolmaýar. Soňra oňa ökünýär. “Şonda Moskwa gidäýen bolsam,
37-niň tut-ha-tutlugydan sypaýjak ekenim” diýip, Bäşim aga
mydam ýatlapdyr.
Bäşim 1937—1957-nji ýyllar aralygynda Demirgazyk
Gazagystanyň Karagandy şäheriniň töwereklerinde sürgünde
bolýar. Aklanyp, boşap gelende, Bäşimi köp wagtlap işe
almaýarlar. Ol az wagt Baýramalyda bolup, soňra Aşgabada
göçüp gelýär, bir gezek ogly Azat we gyzy Seýligözel bilen
kino tomaşa etmäge gelen Bäşim zalda, edil yzyndaky hatarda
iki sany orus aýalynyň nemesçe gepleşýändigini eşidýär, käbir
sözleri nädogry aýdýandygyny diňläbem olaryň gürrüňine
goşulýar. Bu aýallaryň birisi uniwersitetiniň çet diller fakultetiniň
dekany M.W. Kondratýewa, beýlekisi hem şol ýerde nemes dili
kafedrasynyň müdiri bolup işleýän aýal eken. Bular “arassa
nemes” bilen duşuşanlaryna begenip, ony işe çagyrýarlar. Emma
Bäşim diňe maldarçylykda işlejekdigini aýdandan soň olar uly
wezipelerdäki okuwçylarynyň üsti bilen oňa Maldarçylyk we
weterinariýa ylmy-barlag institutyna işe ýerleşmäge hemaýat
edýärler. 1958—1978-nji ýyllar aralygynda Bäşim Salyhow ilki
kiçi, soňra uly ylmy işgär wezipelerinde işläp, döwletimizde
383
düýedarçylygyň, ylaýta-da gylýalçylygyň ösmegine önjeýli
goşant goşýar. 1965-nji ýylda “Türkmenistan” neşirýatynda
onuň “Gylýallaryň ahal-teke tohumy” (ahaltekinskaýa poroda
loşadeý) diýen ylmy-populýar kitaby orus dilinde neşir edilýär.
Atlaryň dürli tohumlarynyň arasyndaky tapawutlary görnetin
görkezip duran fotosuratlar we deňeşdirme hasaplamalar bilen
bezelen bu kitapça ony ýazanyň öz kärine örän türgen adam
bolanlygyny habar berýär. Ýewropa dillerinde çykan işlerden
peýdalanyp, B. Salyhow türkmen bedewleiniň Ýewropa
we Asyýa ýurtlaryndaky çapylýan atlardan has ýokarda
durýanlygyny, şonuň üçin hem öňki Soýuzdaky köp tohumlaryň
(don, garabaýyr, garabag, adaý), şeýle-de Eýran, Owganystan,
Pakystan, Hindistan ýaly Asyýa ýurtlarynyň gylýallarynyň hilini
gowulandyrmakda ahal-teke bedewleriniň köp çekilendigini
mysallar arkaly delillendirýär. Hatda ýewropalylar hem öz
ýerli atlarynyň hili üçin diňe türkmen bedewlerini çekmegi
halaýarlar. Meselem, 1784-nji ýylda doglan dor ahal-teke ýabysy
Germaniýa düşýär. Türkmen-Atty diýlip at berlen bu bedew
Prussiýanyň at zawodlarynda döl at hökmünde ulanylypdyr.
Soňra bu atyň tohumyndan nemesleriň trakiýa, majarlaryň
nonius tipli atlary kemala gelýär, şol tohum Çehoslowakiýa,
Rumyniýa we Ýugoslawiýa atlarynyň hilini gowulandyrmagada gatnaşýar.
1904—1905-nji ýyllarda iňlisler öz baýtallaryna çekmek
üçin 214, 1919—1920-nji ýyllaryň interwensiýasy döwründe
bolsa 60 sany ahal-teke bedewini Angliýa alyp gidýärler.
Şu kitapçada Bäşim Salyhow ahal-teke bedewleriniň
arap atlaryndan däl, eýsem tersine, arap atlarynyň ahal-tele
bedewlerinden emele gelendigini göni ýazýar (8 sah), dünýäde
“arap bedewleri” diýen terminiň hem araplaryň Orta Asyýany
basyp alandan 300 ýyl soň, XI asyrda ilkinji gezek duş gelendigini
muňa delil getirýär.
Ýaşuly atşynaslaryň biragyzdan tassyklamaklaryna görä, B.
Salyhow türkmen atlarynyň nesil şejeresini örän gowy bilen adam
bolupdyr. Ol ahal-teke bedewleriniň hilini gowulandyrmaga
önjeýli goşant goşupdyr. B. Salyhowyň hut özüniň, soňra onuň
384
şägirdi T. Musagaraýewiň ýolbaşylygyndaky tagallalar netijesinde
ahal-teke bedewleriniň “Garlawaç’ diýen şahasy (liniýasy, ýagny
şol atlaryň bir ugry, tipi) döredilýär. Bu şaha 1991-nji ýylyň
18-nji oktaýbrynda, B. Salyhow aradan çykandan 13 ýyldan
soň, öňki SSSR-iň oba hojalyk ministrliginiň uly sylagyna we
SSSR Agropromynyň başlygynyň orunbasary A.S.Zlotiniň goly
bilen berlen 5813 nomerli awtorlyk şahadatnamasyna mynasyp
bolýar. Sylaglanan 10 adamyň arasynda B. Salyhowyň ady hem
bar. B.Salyhow ahal-teke bedewleriniň Gyrsakar şahasyndan
täze bir şahany—“Gaplaň” tipli atlary, Skak şahasyndan hem
“Pereň” tipli täze şahany döretmeklige işeňňir gatnaşan we bu
işe ýolbaşçylyk eden adamdyr.
Bäşim Salyhow 1978-nji ýylda 70 ýaşynda aradan
çykdy. Ondan bäri ençeme ýyl geçse-de, türkmen bedewlerini
ösdürmeklige uly üns berilýän we her ýyl Bedew baýramçylygy
geçirilýän häzirki döwürde atşynas alymlar hem-de döwletimiziň
meşhur seýisleri Bäşim agany uly halypa, belent mertebeli, täsin
ykbally adam hökmünde ýatlaýarlar
Özbek çaýy
Meniň dogduk ilim bilen Kaşgaderýa welaýatyndaky
türkmen we özbek obalarynyň
arasynda Gyzylgum çöli
ýatanam bolsa, bu iki iliň goňşokara gatnaşygy gadymdan
bäri dowam edýär. Gyzylgumuň iki tarapyndaky obalar biribiriniň edähedine we däp-dessuryna-da belet. Ýöne beýle
diýdigim olaryň urp-adatlarynyň uçdantutma meňzeşligini asla
aňlatmaýar, tersine, bu iki halkyň biri-biri bilen gatnaşygynda,
biri-birine ýüzlenişinde, çaý-nahar taýýarlaýyş däplerinde,
umuman, gündelik durmuşynda käbir täsinliklere duş gelinýär.
Şolary bilmeýän adamyň ýüzüniň gyzaraýan halatlaram bolýar.
Menem şeýle ýagdaýa duş gelipdim. Özbegistanda çaýhanasyz
oba ýa mähelle ýok bolsa gerek. Ýaşulular çaýnaha gelip, 5—6sy ortasyna bir uly çäýnegi alar-da, ençeme sagatlap söhbetdeşlik
eder, täzelikler bilen tanşar. Bazardan gyrkylan käşir, et, tüwi
ýaly zatlaryny alyp, çaýhanada naharyny özleri taýýarlaýan
385
erkek adamlaryň hem ençeme toparyna duş gelersiňiz. Bu ýurtda
kellesine ýaglyk orap, tamdyra çörek ýa-da somsa ýapyp ýören
erkeklerem asla geň görülmez. Ýöne weli köpçülik ýerlerinde
ýassyga tirsekläp ýatan özbege duş gelmersiňiz. Märekede
ýassyga gyşaraýsaňyz, ýüzüňize aýdylmasa-da, yzyňyzdan
şeýle kinaýaly gürrüňleriň ediljegi gaty ahmaldyr:
— Türkmen ýigitleri tapylgasyz adamlar weli, arman,
olaryň gapyrgalary döwük, märekede dik oturyp bilenoklar.
— Türkmenler edil ýangyn söndürijileriň düýbi züýki
bedresi ýaly düşege geçdikleri bir tarapa gyşaraýýarlar.
Şeýle kinaýaly gürrüňleri eşitmejek bolsaňyz, özbek öýünde
ýassyga gyşaraýyjy bolmaň. Özbekler “ajykdym”,”suwsadym”,
“maňa çaltrak çaý getir” ýaly sözleri hem aýtmazlar. Nahara
başlanlarynda-da, “Hany alyň!” sözlerini birnäçe gezek
gaýtalarlar, şonça gezegem oturanlaryň elleri tapaga tarap
uzar, emma nahara degrilmän, elleri agzybirlik bilen yzyna
çekilip alnar. Ägä bolaweriň: ilki “alyň-da” nahara el bassaňyz,
özüňizden başga tamşanyp oturana gözüňiz düşmez.
Ýene bir zada üns beriň: özbekler ynsan çagasyna-ha däl,
eýsem it-pişigine-de “siz” diýip ýüzlenýändirler, olaryň dilinde
“sen” sözi ýok, ýaşululara “sen” diýäýdigiňiz, bu ilde size
terbiýesiz, medeniýetsiz adam hökmünde bahar bererler.
Isle çaýhanada bolsun, isle öýlerde ýa edaralarda—bu
ýurtda käselere çaý guýmagyňam öz kada-kanuny bar, 1972-nji
ýylda ýadygärliklerini göreýin we kärdeşlerim bilen tanşaýyn
diýip Samarkanda gelenimde, bu däbi bilmän, menem utanja
galypdym. Köne tanşym, uniwersitetiniň dilçi mugallymy Nazar
Rejebow meni dilçi kärdeşleriniň ýanyna äkitdi. Tanyşdyk,
dessine-de uly hum çäýnekde orta çaý getirildi. Çaý gaýtarylyp,
biraz demini alansoň, öňüme goýlan käsä çaý guýdular.
Ujypsyzja guýlan çaý käsäniň düýbüni zordan ýapýardy. Men
käsäni çaýkamalydyr öýdüp, ol çaýy käsede birki ýola aýladymda, gapdala serpip goýberdim. Ýene guýdular, ýöne çaý
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.