Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17

Total number of words is 3600
Total number of unique words is 2267
24.9 of words are in the 2000 most common words
35.8 of words are in the 5000 most common words
42.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Aky Aganyýazyň şu ýerde ýaşaýandygy üçin, Garabekewüliň
Üzümçilik sowhozynda saklanmaga makul bildik. Maşynam
bejerildi, özümizem iki gün dynç aldyk. Halajyň Esenmeňli
obasynyň deňinden guma girip, Çaskak, Garamätnyýaz
şäherçeleriniň, Halajyň, Garabekewüliň, Türkmengalanyň
ençeme guýularynyň üstünden geçip, üç günde Ýolöten suw
howdanyna ýetdik. Gyr ýollarynda azaşyp, serhede çykan
ýerlerimiz hem boldy. Ýolötende, Maryda birki gün saklanyp,
Aşgabada geldik.
240
***
Daşoguz welaýatynyň galan etraplarynda iki işgär bolup,
birnäçe aý iş saparyna gitmek arkaly şiwe materiallary ýygnaldy.
Welaýatyň atlasyny möhletinde düzüp tabşyrdyk, ýöne şondan
ýarym ýyl öň Soýuz akademiýasynyň tabşyrygy boýunça,
öňki respublikalarynyň ählisinde milli şiwe
atlaslaryny
düzmek planlaşdyryldy. Türkmen şiweşynaslary hem diňe
bir Türkmenistanda däl, eýsem öňki soýuzyň ähli ýerinde
ýaşaýan türkmen obalaryny öz içine alýan lingwistik atlasy
düzmegi planlaşdyrdylar. Ýaşaýjylaryň şiwe aýratynlyklary we
obalaryň aralary göz öňünde tutulyp, jemi 341 oba, şol sanda
Türkmenistandan 274, Garagalpagystan we Özbegistandan 47,
Stawropol ülkesinden 12, Täjigistandan 6, Astrahan oblastyndan
hem iki sany türkmen obasy atlasa girizilmeli edildi.
Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň atlaslaryna niýetlenip
düzülen soraglar gözden geçirilip, olarda ýatdan çykarylan zerur
soraglar bu gezeki programma girizildi, ähmiýetsiz hasaplanan
ençeme soraglar bolsa aýryldy. Netijede, “Türkmen diliniň
lingwistik atlasy” üçin 125 sorag (her sorag bir karta) alnyp,
olaryň 28-si fonetikadan, 26-sy morfologiýadan, 71-si hem
leksikadan seçilip alyndy. Soraglaryň täzeden düzülendigi üçin,
atlasa öň material ýygnalan obalardan hem goşmaça maglumat
toplamak planlaşdyryldy.
Atlas düzmek işi material ýygnamakdan başlanýar. Şonuň
üçin bäş şiweşynas bolup, biz ýylyň dört, käwagt alty aýyny
obalarda geçirdik, Türkmenistanyň ähli etraplaryny täzeden,
beýleki respublikalardaky türkmen obalaryny bolsa ilkinji gezek
aýlanyp çykdyk. Okyjylar üçin gyzykly bolar diýen umyt bilen
men şol iş saparlarynyň käbirleri barada gürrüň bereýin.
Orsyýete ilkinji raýat bolan ildeşlerimiziňkide
Demirgazyk Kawkazyň giň sähralarynda, Orsyýetiň
Stawropol ülkesinde türkmenleriň ýaşaýandygy hemmä
mälimdir. Olaryň obalaryndan maglumat ýygnamak üçin, men
241
1975-1976-njy ýyllaryň dowamynda üç aýlap şu türkmenleriň
arasynda boldum.
Uzak ülke, meniň üçin ýat il. Oňa gitmek Türkmenistandaky
obalara giden ýaly däl. Şonuň üçin bu iliň edim-gylymy
bilen öňünden biraz tanyşmak üçin, ilki Sapar Kürenowyň
“Demirgazyk Kawkaz (Stawropol) türkmenleriniň gepleşiginiň
aýratynlygy” diýen kandidatlyk dissertasiýasyny we “Stawropol
türkmenleri hem-de olaryň medeni baýlygy” (Aşgabat:
Türkmendöwletneşir, 1962) diýen kitabyny okap çykdym,
bu ülkede bolup gören Sapar Kürenow, Baba Weliýew, asly
şol ülkeden bolan alym goňşularym, dosentler Şabanaly we
Aýsenem Jumaýewler, ykdysady ylymlaryň doktory, professor
Reýse Bakasowa dagy bilen hem gürrüňdeş boldum.
Stawropol türkmenleri baradaky köp sanly çeşmelerden
we iliň ýaşulularyndan toplanan maglumatlardan çen tutup,
halkymyzyň bu böleginiň taryhyny gysgaça şeýle suratlandyrmak
mümkin.
XVI-XVII asyrlarda Maňgyşlak we Balkan sebitlerinde
ýaşaýan türkmenleriň ýagdaýy gaty kynlaşýar. Töweregini
gurşap alan şalyklaryň we hanlyklaryň, şeýle-de galmyk, nogaý
hem-de gazak feodallarynyň nökerleri bu iliň üstüne ýygyýygydan çozup, ili has agyr güne salýar. Şonuň üçin Maňgyşlakda
ýaşaýan çowdurlar,igdirler, abdallar we söýünjajylar Astrahana,
Peterburga köp gezek ilçi iberip, Orsyýetiň raýatlygyna kabul
edilmegini sorap, orus hökümetine ýüz tutupdyrlar. S.Kürenowyň
ýazyşyna görä, ilkinji gezek 1653-nji ýylda Demirgazyk Kawkaza
1665 hojalyk göçüp gelipdir. Ýöne biz bu seneden öň hem şu
etrapda türkmenler ýaşandyr çak edýäris, çünki, birinjiden,
Maňgyşlak türkmenleriniň arzalaryndan olaryň Demirgazyk
Kawkaz ýaýlalaryna beletdigi äşgär görünýär. Ikinjiden, 1564nji ýylda Dinahmet Nogaý tarapyndan Iwan Grozna ýazylan
hatda “Demirgazyk Kawkazda özüniň raýaty bolan türkmen
ulusynyň ýaşaýandygy” görkezilipdir ( Продолжение древней
Российской Вивлиофики, ч. XI.-Спб, 1801.-103, 110-111 с. ).
Üçünjiden, Ipanow raýonynyň Aşaky Barhançak (Damak Agyl)
obasynda ýaşaýan, 1897-nji ýylda doglan Jumaly Jangazyýewiň
beren gürrüňine görä, bu ülkä türkmenler 1485-nji ýylda Edil
242
(Волга) boýlaryndan göçüp gelipdirler.
Türkmenleriň ululy-kiçili bölekleri bu ülkä soňam tapgyrtapgyr göçüp baryp, olaryň sanynyň 18000 öýlä, jan sanynyň
bolsa 90-100 müňe ýeten wagty hem bolupdyr. Olar ilki Astrahan
töwereklerinde ýaýrap, soňra Kuma (türkmençe Kumi), Terek,
Manyç, Kalaus (Gylawuz) derýalarynyň boýlaryna göçüp gelip,
çarwaçylyk edipdirler. Şol döwürlerden başlap hem bu giň ýaýla
Türkmensähra (“Туркменская степь”) diýlip atlandyrylmaga
başlaýar.
Türkmenler bu ýere göçüp gelensoňlaram özleriniň öňki
çarwa däplerini saklap, gyşyna Kumi derýasynyň sag kenarynda
(“gyşlagda”) oturyp, ýazyna hem onuň çepine (“ýazlaga”)
göçüpdirler. Orua dilli ilat olaryň ýazlagyna Летняя Туркменская
Ставка (“ Tomusky Türkmen ýaýlasy”), gyşlygyna-da Зимняя
Туркменская Ставка (“Gyşky Türkmen ýaýlasy”) diýen resmi
at beripdir, ol at kitaplara we kartalara hem girizilipdir. 1923-nji
ýylyň 6-njy noýabrynda BMIK Prezidiumynyň karary bilen bu
ýerde döredilen etraba-da Летняя Туркменская Ставка diýen
adyň gysga görnüşi – Türkmen diýen at dakylypdyr. Bu raýon
1956-njy ýylda goňşy raýon bilen birikdirilýänçä, öz adyny
saklady. Ýöne partiýanyň Stawropol ülke komitetiniň birinji
sekretary bolup işlän, soňra SSKP MK-nyň sekretary bolan
M.A.Suslowyň tagallasy bilen bu etrap 1970-nji ýylda ýene
Türkmen ady bilen täzeden dikeldildi.
Demirgazyk Kawkaza göçüp gelen taýpalar bu ýerde hem
öňki däplerini ýöredip, taýpa-taýpa bolup oturýarlar. Meselem,
igdirler, esasan, Kumi, çowdurlar Gylawuz, söýünjajylar bolsa
Manyç derýalarynyň boýunda ýaýlaýarlar.
Otly-suwly giň ýaýlada ýaşaýan maldar iliň içinden uly
baýlar hem ýetişipdir. Meselem, geçen asyryň ahyrlarynda
Musa hajy (ýerli ilatyň ulanyşy Mu:sa:jy) diýen baýyň ençeme
müň goýny, ýüzlerçe düýesi, tohum sygyrlary, artezian
guýusy, hatda ýeňil awtomaşyny hem bar eken. Onuň haşamly
gowy jaýy we äpet bagy şu wagta çenli saklanyp, ol bag şu
baýyň ýaşan Musahajyagyl obasynyň resmi suratda orusça
Türksad (Туркменский сад, ýagny “türkmen bagy”) diýlip
atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr (Lewokumsk raýonynda
243
ýerleşen bu obada häzir oruslar ýaşaýar). Şu ýerde Dawut
atly ýerli şahyryň Musa hajynyň ölümi zerarly düzen bir agygoşgusy bilen tanyşdyraýyn (goşgy Edilbaý obasynda 1900nji ýylda doglan Eselbek Hajyahmedowyň dilinden ýazylyp
alyndy):
Ha, ýaranlar, musulmanlar,
Pany dünýä ýalan eken,
Şäherini aýra salyp,
Musa hajyn alan eken.
Suwly artezian guýusy,
Çöli tutan köp düýesi,
Awtomobiliň eýesi,
Onuň dünýäsi solan eken.
Artezianda bardyr bagy,
Üçuruwyň beýik dagy,
Garyplaryň ýüpek ýagy,
Onuň güli solan eken.
Ýylkysy ýylan bagyrly,
Guýusynyň agzy çygyrly (çarhly),
Moňraşan gyzyl sygyrly,
Mal eýesiz galan eken.
Atlary akgurt azuwly (azyly),
Öýleri Stambul ýazuwly,
Aty ýaryşda ozuwly,
Dal budagy (pudagy) solan eken.
Kafyr hyýaly ozupdyr,
Ömrüni gysga ýazypdyr,
Dawut taryhyny düzüpdir,
Dünýälermiz solan eken.
244
Uzak asyrlaryň dowamynda Demirgazyk Kawkazda
ýaşaýan nogaý, tatar, galmyk, gyrgyz, gazak, orus ýaly
halklaryň wekilleri bilen ýakyn gatnaşyk edenligi, nogaýlardan,
esasanam, tatarlardan gelin alanlygy Stawropol türkmenleriniň
medeniýetine, diline öz täsirini ýetiripdir. Men bu ilde
bolanymda, tatar ýa nogaý gelinli maşgalalara köp duş geldim,
mekdeplerde höwesjeňleriň çykyşlarynda türkmen okuwçylaryň
ökdelik bilen tatarça aýdym aýdyşlaryny we tans edişlerini
(biýleýişlerini) hem synladym. Türkmenler bu goňşularyndan
ençeme däp-dessurlary hem alypdyrlar. Meselem, nogaýlardan
ýakasy dik, bili büzmekli uzyn erkek geýimlerini, tatarlardan
naharlaryň dürli görnüşlerini, galmyklardan bolsa, galmyk
çaýyny taýýarlamagy kabul edipdirler. Bu çaý gaýmak, mesge,
gara çaý, owradylan dalçyn ( orusça korisa), jöwez (muskatnyý
oreh) galamper (gwozdika), ynjyr (injiriň guradylany), kişmiş
ýaly zatlar garylyp, ilki gazanda taýýarlanýar we litrlik şakäseler
püre-pür doldurylyp, her kime bir käseden äberilýär. Ilkinji
gezek bu ilde myhmançylykda bolanymda, Stawropolyň meşhur
ak bugdaýynyň unundan öý pejinde elin bişirilen myssyjyk
çörek bilen bir şakäse şeýle üýtgeşik çaýy içip, uzak günläp
nahar küýsemän gezipdim.
Şu ýerde hut ýaňy-ýakynda, 1970-nji ýyldan soň Kawkaz
halklaryndan geçen bir däp – gyz alyp gaçuw barada gürrüň
bereýin.
Bu ýerdäki türkmenler öz tirelerinden gyz almaýarlar, çünki
tiredeşler biri-birini dogan hasaplaýarlar. Beýleki tirelerden
gyzly özi bilen gida bolnup, toýuň sähedi bellenensoň, gyz
ýigit bilen tanyşýar, duşuşýar, sähetli güne sähel galanda-da,
ýigit gyzy alyp gaçyp, ony birnäçe gün aýal doganynyňkyda
ýa-da başga bir garyndaşynyňkyda saklaýar. Şol döwürde
ýigidiň ene-atasy birnäçe ýaşulyny öýüne salyp, gyzyň öýüne
ötünç soramaga gelýär (ýerli ilat oňa dileg diýýär). Özeksuwat
obasynda bolanymda,15-20 kilometrlikde ýerleşen başga bir oba
giden dilegçileriň arasyna goşuldym. Sylag-serpaý bilen ýedisekiz erkek we üç-dört aýal bolup, münen ýük maşynymyz gyzy
gaçan öýüň gapysynda saklandy. Bu öý dilegçilige gelinjeginden
245
habarly bolmaga çemeli: howluda iki gazan nahar atarylypdyr,
ähli ýeri syryp-süpürilip, myhmanlar üçin giň düşek ýazylypdyr.
Howlynyň içinde-daşynda öz işine güýmenip ýören, iki-üç bolup
gürleşip duran adamlaryň sany esli bolsa-da, biziň öňümizden
çykan bolmady. Maşyndan düşüp, howla girdik, salam berdik.
Görüşmeg-ä beýlede dursun, hatda salamymyzam almadylar.
Çagyrylmasagam, ýaşulularymyz bilen boş düşege geçip
oturdyk. Birazdan soň bir ýaşuly düşege geldi. Dilegçileriň
iň ýaşulusy pessaý ses bilen oňa ýüzlendi, öz tentekleriniň
bolgusyz iş edenligini, şonuň üçinem ötünç soramaga, dilege
gelendigini mälim etdi. Ilki-ilki ýaşuly dilegçiniň sözüne pitiwa
etmän, ýüzüni gyjakçynyň ýüzi ýaly kese-kese sowdy, ýöne
däp boýunça aýdylmaly gowy sözler, haýyşlar ýerli-ýerden
suňşurylyberensoň, ýaşuly gyzyň atasyny we ýene iki-üç
ýakynyny ýanyna çagyrdy. Dilegçiler haýyş etdi, öý eýeleri ilki
gödeksi gürleşdiler, soňra barha ýumşap, olaryň haýyşyny kabul
etdiler. Dessine nahar çekildi.
Nahardan soň dutar getirildi. Öý eýeleriniň biri dutary
gabyndan çykardy, kädisinden aýrylyp goýulýan ýedi perdeli
sapy nurbat bilen kädä ykjam berkitdi-de, içegeden edilen
ýogyn tarlaryny çekip, dutary düzdi. Ilki-ilkiler güňleç sesli
dutary we onuň owazyna goşup, bokurdakda gaýnadylyp
aýdylýan aýdymlary geňirgenenem bolsam, soň-soňlar oňa
öwrenişip gitdim, gadymy ata-babalarymyzyň heňlerini we
bokurdak owazlaryny gorap saklap, biziň günlerimize ýetiren
bu bagşylary lezzet alyp diňledim.
Bagşy iki aýdym aýdyp, dutary we aýdymlar ýazylan depderi
ýoldaşyna geçirdi (Stawropol türkmenleri ýasda aýdylýan agyly
goşgulara aýdym, bagşylaryň aýdýan aýdymlaryna bolsa yr,
ýyr diýýärler. Bagşylar aýdymy köplenç ýan depderlerinden
okap aýdýarlar). Bu oturanlaryň aglabasynyň dutar çalmagy we
aýdym aýtmagy ökdelik bilen başarýanlygyna haýran galdym.
Ýene meni haýrän galdyran zat, ol-da ilki görenimde
dilege gelen topar bilen gyzy gaçan topar biri-birini tanaýan
däldir öýdüpdim. Bu pikirim düýbünden nädogry bolup çykdy.
Nahardan soň bu topardakylaryň ählisi atlaryny tutuşyp,
246
degişip-gülşüp garylyp-gatylyp gitdi. Bir ýerde bagşy diňläp,
onuň häsini ýetirip oturan bolsalar, beýleki çetde içgä biraz
kellesini ümezleden iki pyýada nämedir bir wagtky kinesini
ýatlaşyp, “çowdur dawasyna” tutýardylar. Ol dawanyň yzy
hem äbe-de-jübelik bilen gutarýardy. Geň ýeri, Boldumsaz
çowdurlarynyň oturylyşyklarynda-da gülşüp, degşip, bagşy
diňlenýän şol bir märekede iki topar bolup edilýän we soňy
gowy gutarýan dawalary, sahnalary synlamak maňa miýesser
edipdi. Ol şu iliň “çowdur dawy” (“dawasy”) diýen däbi eken.
Üç-dört asyr mundan öň aýrylyşyp, biri-birinden has uzaklara
düşen taýpadaşlaryň arasynda şol bir däbiň saklanyp galyşyny
diýsene!
Geň galan zadym başga-da az bolmady. Toý töwiri
galdyryldy, turulmazdan öňürti dilege gelenleriň ýaş ulusy ýene
iki aýdan toý tutuljagyny, oňa öňünden habar beriljegini aýdyp,
ýigidiň atasyna: “Hany, gyzyň süýt hakyny töle!” diýdi. Olam
jübüsinden iki sany täzeje ýüzlük çykaryp, gyzyň atasynyň
öňünde goýdy. Towşan Esenowanyň “Literaturnaýa gazetada”
“Nälet siňen galyň” atly makalasynyň çykyp, Türkmenistanda
galyňa garşy güýçli göreşiň gidýän, galyň alyp-berýänleriň
käbiriniň tutulyp, türmä dykylýan zamanynda köpçülikde açaçan galyň berilmegi meniň üçin gaty geňdi. Görüp otursam,
ülkede diňe türkmenleriň arasynda saklanyp galan galyň (süýt
haky, süýt paýy) tölemek däbi aç-açan edilýän eken. Ýöne
ýaşulular gyzyň galyňy üçin kesgitli nyrh – göni 200 manat
kesipdirler. Düzgünden çykyp, 250 manat galyň alanyň üstüne
ýaşulular üýşüp, “Sen Türkmenistanyň agyr galyňyny bu ýerede getirjek bolýarmyň?” diýip, oňa berk käýäpdirler we artyk
alan 50 manadyny öz ýanlarynda galyň töläne gaýtaryp bermäge
mejbur edipdirler.
Maşyna münenimizden soň, men toýuň näme üçin iki aýdan
soňa goýulýanynyň sebäbini soradym. Bu ilde islendik wagty:
gyz gaçyrylyp getirilen badyna-da, dilege gidilmezden öňem,
soňam, hatda gelen gelniň çagasy bolansoňam toý ediberýän
ekenler.
247
***
Mangyşlakda türkmen taýpalarynyň çowdur birleşigine
giren igdir, söýünjajy we çowdur diýen üç sany uly taýpa
türkmenleriň içinde ilkinji bolup Orsyýet raýatlygyny meýletin
kabul edenem bolsa, olaryň güzerany bu toprakda-da aňsat
bolmaýar. Orus häkimiýetleri türkmenleri galmyk jemgyýetine
goşup, galmyk hany Aýuke hana tabyn edipdirler. Netijede, olar
hem orus, hem galmyk häkimleri tarapyndan iki taraplaýyn
ezilipdirler. Üstesine, Orsyýetiň gazaply gyşyna taýýar
bolmadyk çarwa hojalygy galyberse-de, täze Watanda bu halkyň
depesinden inen mergi, ysytma, hakym ýaly elhenç keselleriň
epidimiýasy bir wagtlar jan sany ýüz müňe ýeteňkirlän türkmen
ilatynyň üzül-kesil kemelip, geçen asyryň aýaklarynda 12—13
müňe çenli azalmagyna getiripdir.
Orus häkimiýetleri bu türkmenleriň köp asyrlap dowam
eden göçme çarwa durmuşyny üýtgedip, olary zor bilen oturymly
etmek syýasatyny hem ulanypdyrlar. Ilkinji gezek 1863-nji
ýylda ýokary Barhançak (ýerli türkmençe ady Baş Agyl—“baş
oba”) obasy, soňra beýlekiler oturymlylyga geçirilýär. Oturymly
ýaşaýşa ukyby, ýekeje-de oba hojalygy guraly bolmadyk çarwa
ilaty üçin zor bilen girizilen täze ýaşaýyş düzgüni türmeden
enaýy däl bolsa-da, ol muňa kem-kemden öwrenişmäge mejbur
bolýar.
Sowet häkimiýeti ýyllary içinde-de ülkedäki türkmenleriň
ýaşaýyş durmuşy we obalarynyň medeniýeti beýlekileriňkiden
pes bolmagynda galypdyr. Meselem, oruslaryň we tatarlaryň
obalary asfalt düşelen ýolly, trotuarlyy, klubly, kinoteatrly, öýleri
suw kranly, kaşaň mekdepli, radioly bolsa, türkmen obalarynyň
köpüsinde bu zatlar ýok, girdejilerem juda az eken. Şonuň üçin
meniň baran ýyllarymda bu ildeşlerimiziň arasynda maşynly,
motorl-a däl, eýsem telewizorly öýe-de juda seýrek duş geldim.
Giň giden ýapgytlaryň we düzlükleriň jümmüşinde, biri
beýlekisinden esli uzaklykda ýerleşen bu obalarda meni köplenç
ýeke at goşulan iki tigirli arabalarda äkitdiler.
Bir wagtlar türkmen çagalarynyň okaýan mekdeplerinde
248
4-nji klasa çenli türkmen dilinde okadylan bolsa, meniň bu
ülkä aýlanan ýyllarymda ene dili ders hökmünde-de mekdep
programmasyndan aýrylypdyr. Türkmen (has dogrusy, ýerli
türkmen) dilinde çap edilen “Lenin baýragy” (baýdagy) atly gazet
hem ýatyrylypdyr. Diňe Türkmenistan döwleti Garaşsyzlygyny
gazanandan soň, ýene başlangyç mekdeplerde Türkmenistandan
iberilýän okuw kitaplarynyň we maksatnamalarynyň
esasynda okuwlar türkmen dilinde okadylyp başlandy (Dünýä
türkmenleri.—A.” Ruh, 1994.—“Stawropol türkmenleri” diýen
bölüme serediň).
Men bu ülkä ilkinji gezek ylmy iş saparyna gelenimde,
Stawropol şäherinde ülke ispolkomynyň başlygynyň birinji
kömekçisiniň kabulhanasyna baryp, oňa özümiň näme iş
bilen gelendigimi aýdyp, türkmen obalarynda işlemäge ýerli
häkimiýetleriň ýardam etmegi üçin görkezme bermegini hem
haýyş edipdim. Ol şeýle haty berip, yza gaýdyşda-da ýanyna
gelip geçmegi tabşyrdy. Soňky duşuşykda men oňa türkmen
obalarynyň ýagdaýy, iliň ýaşaýyş derejesiniň beýlekilerden
pesdigini gizlemän aýtdym. Kömekçi maňa şeýle ýaşaýyş üçin
türkmenleriň özüniň günäkärdigini, çünki olaryň obalarynyň
geljegi ýok ilatly punktlar hasaplanýanlygy üçin, ol obalarda
tipli mekdep, asfalt ýol, radio, klub, magazin, suw krany ýaly
medeni gurluşyklaryň geçirilmeýänligini, şäher tipli uly obalara
göçmäge bolsa türkmenleriň razy bolmaýanlygyny gürrüň berdi.
***
Häzirki wagtda Stawropol ülkesiniň Ipatow, Türkmen,
Arzgir, Blagodarnensk we Neftekumsk raýonlarynda jemi 18
sany türkmen obasy bar. Olaryň atlary şulardyr: Tomus Stawka,
Çur, Maştakgulak, Sarygamyş (oňa Çöňkeý we Şarahalsun
hem diýilýär), Ýaňyguýy (Kulikowy-Kopani), SabanAntusta, Edilbaý, Başanta, Ýusupgulak, Baş Agyl (Ýokary
Barhançak), Damak Agyl (Etekki Barhançak), Özeksuwat,
Deşikli (Abdylgazy), Jelal (Mahaç), Gapgaç, Myrzabek,
Mahmytmekdep, Ulybyýurt.
249
1989-njy ýylyň maglumatlaryna görä, bu obalarda 16 müň
çemesi türkmen ýaşaýar. Men olaryň ählisinden ýerli gepleşige,
etnografiýa, ýer-ýurt, tire-taýpa, we adam atlaryna, halk
döredijiligine hem-de urp-adatlaryna degişli material topladym.
Şolaryň esasynda bu ildeşlerimiziň ata watanyndan üç-dört
asyr mundan öň aýdylanlygyna seretmezden, olaryň milli däpdessurlarymyzy, gadymy edebi we medeni nusgalarymyzy gowy
we üýtgewsiz saklanlygyny ynamly aýdyp bilerin. Meselem,
türkmen dutary hem geçmişde edil goňratlaryňky ýaly perdesiz
bolup, tary içegeden edilipdir, soňra ýüpek, ahyrda-da simtara
geçilipdir diýen gürrüň bar. Stawropol türkmenleriniň dutary
bu milli saz guralymyzyň içege tarly we 7 perdeli döwrüni
üýtgetmän saklapdyr (häzirki dutarlaryň 13 perdesi bar). Diýmek,
türkmeniň geçmişini, edebi we medeni mirasyny öwrenýänler
üçin bu türkmenler gymmatly hazynadyr.
Bu iliň urp-adatlaryndan ýene birisi barada gürrüň
bereýin. Köp türkmen taýpalarynda bolşy ýaly, Stawropol
türkmenleriniň gelinleri hem gaýynlaryndan we ýaşululardan
ýaşynýarlar, gaýynlarynyň atlaryny tutmag-a beýle-de dursun,
hatda olar bilen atdaşlaryň atlaryny hem agza almaýarlar. Şeýle
atdaşlara gelinler “a:dy gy:n a:ga” ýa-da “a:dy gy:n da:ýy” diýip
ýüzlenýärler.
***
Stawropol türkmenleriniň şahyrlary we şahyrana
döredijiligi, olaryň arasynda ýörgünli bolup, bagşylar tarapyndan
köp aýdylan “Görogly”, “Döwletýär”, “Terekemli-Hemra”,
“Aşyk Garyp”, “Bahtymguly” (Magtymguly Pyragy hakynda),
“Abdyrahman”, “Bendimämmet”, “Ýusup-Ahmet”, “Ymam
Mäti” ýaly dessanlar, şeýle-de atly bagşylar barada Sapar
Kürenowyň ýatlanan kitapçasynda ymykly gürrüň edilýändigi
üçin, bu ýerde olar barada gürrüňi uzaltmakçy däl. Diňe bu iliň
öz bagşylaryna bolan uly hormatyny aňladýan şeýle bir täsinlige
ünsüňizi çekeýin.
Özeksuwat (Aşaky we Ýokarky Özeksuwat), Deşikli, Jelal,
250
Gapgaç, Myrzabek, Mahmytmekdep, Ulybyýurt diýen türkmen
obalaryny öz içine alýan etrabyň merkezi Neftekumsk şäherinde
Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna bir
ajaýyp ýadygärlik gurlupdyr. Ýadygärligiň ortasynda iki ýigidiň:
pilotkaly türkmen we tuwulgaly (kaskaly) orus esgeriniň kellesi
şekillendirilen we belentligi 7 metr bolan äpet heýkel howalap
dur. Türkmen esgeriniň şekiline 1940-njy ýylda Deşikli
obasynda doglan we il içinde hormatlanýan bagşy Arfapolat
Toýlymuhammet ogly Kartalyýew nusga bolupdyr. 1975-nji
ýylyň oktýabrynda men bu bagşy bilen öz obasynda ýörite
duşdum we aýdymlaryny diňledim. Ol birnäçe gezek Aşgabada
gelip, telewideniýede çykyş hem etdi.
Aşakda biz Demirgazyk Kawkaz türkmenleriniň heniz
çap edilmedik nakyllaryndan we şiwe sözlerinden käbirlerini
getirmegi makul bildik (olardaky uzyn çekimlileriň yzyna iki
nokat goýuldy, ýe, ýo, ýu, ýa goşma çekimlileri bolsa iki harp
arkaly berildi).
Nakyllar:
A:galy ini:niň I:njisi başga, ekejili uýa:nyň sewi (sesi)
başga.
Agsak alsaň, sag dogar, tentek alsaň soý (ýakynyňy,
neberäňi) kowar.
Aýrylmagyl höwrüňden, golu:ň ta:ýmaz (aýrylmaz)
böwrüňden.
A:k niýetli:niň aty a:rmaz, do:ny tozmaz.
A:lysdaky:nyň
aty
ozandan
ýowukdaky:nyň
(ýakyndakynyň) taýy ozsun.
A:lys ýeri ýowuk (ýakyn) eden at—öwlüýä, ýat ýeri tanyş
eden gyz—öwlüýä.
Ana:mda bolsa dilä:rin, a:ýa:mda bolsa ýala:ryn.
Anasy gaşganyň (sakaryň) balasy burnak.
Ata—ýezne, ana—gazna.
At bilä:ni oýnan taýyň arkasy ýagyr bolar.
Aş dileme, di:ş dile.
Berene bä:ş köp, alana alty a:z.
Gelin ýüzün ýaşyrar, sesin da:gdan a:şyrar.
251
Bu:gartma:m a:z bolsa-da, gä:girtmä:m (düýe çalym) köp
bolsun.
Buka:nyň (döl öküziň) haramzadasy buzawyň (göläniň)
a:rasynda ýatar.
Ga:n çykanyny garga biler, ja:n çykanyny—molla.
Gezegen endige (öz howlusyna) gelmez.
Gelne garadyň—keri (yza) garadyň.
Goýun hürken (ürken) ýerine ýaýylmaz.
Gözüň a:gyrsa, eliň dyý (ýyg), içiň agyrsa—agzyň.
Göýmet (düwünçek, sowgat) istä:p görüşmez.
Gyryna (daşyna) çyksaň, içine gi:rme.
Doganyň ýitigin y:zlaş, tapylsa, ne ýagşy, tapylmasa,
göwnüne ýagşy.
Dogdugyna begenme, gurdugyna (ýaşadygyna) begen.
Düýesi bolan ýu:rt a:ç bolmaz.
Dul na:ça:ryň üstünde tulum ýa:ly söz bar.
Dul na:ça:ryň üstüne Buharyň iti syçar.
Il agzyna elli arşyn bö:z (biýz) ýetmez.
Iňňe-de ny:ýaz (aýdylan sadaka), inen-de (düýe-de) ny:ýaz.
Ýa:g iýen a:la garga, ýaşyk (maslyk) iýen gara garga—
ikisi-de ýa:zda deň.
Ýalym a:z bolsa-da, ýalagym gi:ň bolsun.
Ýarly (garyp) ýamanar-da guwanar.
Ýatanyň sepgeli (zyýany) turana deger.
Kiçkeý (kiçi) baýram-da garny doýrar.
Kişi aty derçeň (derlegiç), kişi do:ny kirçeň (kirlegiç).
Köp ýaşyň arasynda bir gart (garry, çal) sä:ne (sähne)
boladyr, köp gartyň a:rasynda bir ýaş dä:ne (dana) boladyr.
— Nesi:p, kandan geýetirsiň? (gelýärsiň).
— Agzaladan geýetirin.
— Nesi:p, kanda baýatyrsyň? (barýarsyň).
— Agzybi:re baýatyryn.
Ogul dogana gün dogar.
O:ýda bol, gyrda bol, berdejizüde (baharyň 10 gününde)
öýde bol.
Özüňi da:lda (ýadaw) bilseň, ýo:ldaşyňy öldi bil.
252
Sa:banda (ekişde) saýraşsaň, yndyrda (harmanda, çäç
wagtynda) yňryşarsyň (eňreşersiň).
Sök (dary) aşa ynanyp, a:lys gitme.
Suw so:ra:n çelegin ýaşyrmaz.
Sygyr şekeriň tagamyny bilmez.
Tükenjek goýun tükün (tüýün) iýer.
Her zyýa:n—bir öwüt.
Edil (Wolga) gargasy Edile uçar, ýaýyk (Ural derýasy)
gargasy — Ýaýyga.
Eşege dakylan (ýa-da eşegiň gazygyna daňylan) at osurak
bolar.
Stawropol türkmenleriniň şiwe sözleri
Demirgazyk Kawkaz türkmenleriniň gepleşigi häzirki
türkmen edebi dilinden onçakly tapawutlanmaýar we ömürboýy
Türkmenistanda ýaşap gelýän öz taýpadaşlarynyň — igdirleriň,
çowdurlaryň, söýünjajylaryň we abdallaryň gepleşigi bilen,
esasan, meňzeşdir. Üstesine, XI asyryň görnükli dilçisi Mahmyt
Kaşgarynyň “Diwanynda” getirilen gadymy türkmen sözleriniň
bu iliň gepleşiginde bir wagtky durkuny üýtgetmän saklap, ony
biziň günlerimize ýetirendigini aýtmalydyrys. Meselem: suwlat,
ýaşyk, gatran, üwemek, ga:law, goýan, büýnüz, sançgy,
torgaý, emçi, ga:bak, soý, syrlamak we başgalar (bu sözleriň
manysy aşakda düşündirilýär).
Öňde ýatlaýşymyz ýaly, töweregini gurşap alan beýleki
türki we türki däl halklar bilen ýygy gatnaşyk netijesinde
bu iliň gepleşigine edebi dilimizdäkiden üýtgeşik sözleriň
ençemesi aralaşypdyr. Bu bolsa Stawropol türkmenleriniň
gepleşiginiň Türkmenistandaky taýpadaşlarynyňkydan biraz
tapawutlanmagyna getiripdir. Bir mysal. Türkmenistandaky
çowdurlarda we igdirlerde gelinler gaýynlaryna olaryň adynyň
yzyna aja (“eje”) we ä:ke (“ata”) sözlerini goşup ýüzlenýän
bolsalar, olaryň Stawropol ülkesindäki garyndaşlarynyň
gelinleri ata:m, ana:m giýewleri bolsa ataý, anaý diýip ýüz
tutýarlar. Bu iliň gepleşigini ymykly öwrenmek arkaly, biz bu
253
ýerde ýaşaýan üç taýpanyň arasynda hem dil nukdaýnazaryndan
käbir tapawutlaryň bardygyny ýüze çykardyk. Meselem, uly
aýal-gyz doganyna (umuman, özünden uly aýallara) çowdurlar
tota, igdirler aja, söýünjajylar hem afa diýýärler. Ýene-de
mysallar: çä:je (söýünjajy), kelnafa (igdir) – “gelneje”; ka:ka
(çow., söý.) kä:ke (çow.) – “aga”; ata/ä:ke (söý.)/ dä:de (çow.)
– “kaka” (отец); ba:gjyk (söý.)/ püti (igd.) – “bagjyk” we ş.m.
Indi Stawropol türkmenleriniň edebi dildäkiden tapawutly
sözleriniň käbirini sanap geçeliň. Kese çyzykdan soň onuň
manysy getirildi. (Okyjylaryň dykgatyna: Stawropol türkmenleri
s,z seslerini orus dilindäki ýaly, ýagny dili dişlerden daşary
çykarman aýdýarlar, h sesi hem ysgynsyz, bogaz diwarlary biribirine ýakynlaşdyrman aýdylýar).
Buruntyk—göle emip
A:gyl—oba
bilmezligi üçin, onuň
A:daw— ýatlamak
burnunyň üstüne daňylýan
Azbar—howly
çitenekli demir
Aýuw—aýy
Büýnüz—şah
Arakçyn—tahýa
Ga:bak—kädi
Aruw-a) gözel, b) nagyş,
Gadak—çüý
keşde
Gaýraw—ýiteltmek, kesgir
Atan—biçilen düýe
etmek
Aş gaýtaru—womyn, töwir
Ga:law—örmek (kerpiç)
etmek
Galak—susak
Ba:ba—kakanyň we ejäniň
Gapdal—don
kakasy
Garabugdaý-rož
Bagana—gara öýüň zat
Gart—garry erkek, ýaşuly
asylýan sütüni
Ga:rşan-möjek, gurt, böri
Ba: gtakar—bilek
Gasmak—kesmek (gazanda)
Ba:z-çöp—çalamdan edilen
Gatran—smola
agyl
Ga:fa—ganjyk
Baýrak—baýdak
Gaşykbörek—börek
Bakla:n/batryja:n-pomidor
Genje—iň kiçi çaga
Baky—rmis
Goýan—towşan
Balçy:wyn—balary
Gö:bek-külçe
Bargy—baýrak
Gö:nesuw-simap
Basamak—merdiwan
254
Batmak—batga
Göçme—lgöçme, çarwa
Belkenek—tüýi ösgün bagana Gulak—käl
Biýlew—tans etmek
Gurgaşyn-gurşun
Bö:rük-a) telpek: b) aýallaryň Gurdaş-ýoldaş, dost (oglan)
baş gaby
Gurmak—ýaşamak
Bugy—sugun
Kençir—esgi, letde
Buýrat-egin, ýapy
Kep 1—gäp, şekil
Bu:kir/sa:wan—plug
Kep 2—saman, üweýän
Gu:rtga—garry kempir
stanok
Gutulmak-gutarmak
Kepli—ýagdaý
Gyr-a) daşary; b) aýak ýoly
Ker—iyz,arka tarap
Daz—kel, saçsyz
Kesek—bölek, bölüm
Dasdar—gyňaç
Kirşensa:byn-el sabyn
Da:şgalja-şakäse
Kişen—atyň üç aýagyna
Deki:n—mugt
aýyrýan hoz salynýan duşak
Derin—çuň
(orusça muskatnyý oreh)
Dönen—ýaş at
Köwül—şetdaly
Dyýuw—ýygmak,
Köküş—hindi towuk, indýuk
çäklendirmek
Körfe—tüýi ösen bagana
Jilwe—ýap, joýa
Kürt—possun
Jöwez—agzyň ysyny
Kürfek—bagana
Jylby—ratyň ala ýüpi
Maňkaýafalak-çopanaldar
Iýew—pyýada
(guş)
Irge—biçilen goç
Maşdak—pes, kelte, gysga
Ýawyşgan(ýowşan)-çak Minder—düşekçe
jagunduz
Mysafyr—myhman
Ýagşy ýo:la bar—ýoluň
Oýuw—keçäniň gaýmasy
ak bolsun; sag bol
Orman—tokaý
Ýalçy—gul, günlükçi.
Ö:gürmek—gygyrmak
Ýa:r—jar
Örnek-nagyş, keşde
Ýarly—garyp
Peremeçe—etli börek
Ýaşyk—maslyk; porsy et
Piçen—malyň iýýän oty
Ýez—bürünç (bronza)
Pyşlak-peýnir
Ýow-garyndaş
Päpi-ördek
Ýowuk-ýakyn
Sa:ýyl-gedaý
255
Ýogurt-gatyk
Ýuwan-uýan
Ýük-üstli-üstüne basylyp
goýlan düşek
Ýükek-käse ýäşigi
Ýylga-käl, saý; jülge
Ýyr/yr-aýdym
Keneta:ndan-birdenkä,
duýdansyz
Sokuw-a) urmak (tiken),
Çakmak (ary, ýylan);
b) surat almak
Sokurzurman-körmüş,
köralaka
Sök-dary ýarmasy
Sywa-mazar
Sy-hormat
Syýa:l-üçin, ötrin
Syrganawuk-taýgançak
Syrlamak-reňklemek
kysymly gamçy
Ta:babörek-börek
Ta:ý-gaç, git, ýit, güm bol
Tahyl-oňat
Tebe-depe
Tereze-äpişge, penjire
Terek-daragt
Til, tel-sim
Towa:n-saman
Torgaý-serçe
Totowur-kiçi käse; okara
Türi-pil, kepje
Tä:rimöý-gara öý
Uw-awy
Urluk-tohum
Sançgy-naýza
Saçmak-ekmek (ekin)
Selkinjek-hiňňildik
Senek-çarşak, wilka
Seçen-dile çeper, dilewar
Soý-kowum, garyndaş
Çara-kersen
Çarh-beden
Çeki:n-çanli, deňeç
Çekir-göz
Çekki-terezi
Çelgi-wagtlaýyn saman agyl
Çerindilik-malyň iç ýagy
Çetlewük-çigit
Çipiý-jüýje
Çewçe-käse
Çölmek-çerepisa,şifer
Çu:rtgy-at üçin çybyk
Şelik-daça
Şirä:-üstüne ýorgan goýulýan
telär
Şugundyr-käşir
Şyba:n-merinos (goýun)
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.