Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03

Total number of words is 3673
Total number of unique words is 2152
29.7 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
48.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gaplardaky jisimleri görkezip, nämedir bir zatlary düşündirýärdi.
“Şu çüýşäniň içindäki gazy howa goýberseň, ol ähli jandary
öldürýär” diýýäni ýadymda. Biz çüýşedäki gazlary (guşlary)
görjek bolup, onuň ýanyna üýşerdik. Ol bizi kowardy. Seýti
aganyň himiki hüjüm we ondan goranmagyň ýollary barada
okuw geçýänligine soň-soňlar düşünip galdyk.
Urşa taýýarlyk işleri mekdepde-de geçilýärdi. Ýokary
klasda okaýan oglanlara mekdebiň direktory Hajyýew tüpeň
atmagy öwredýärdi.
Ynha, bir gezek ähli okuwçylary iki günläp “hakyky urşa”
taýýarladylar. Biz 7 kilometr çemesi günbatarda ýerleşýän
“Medeniýet” kolhozynyň mekdebiniň okuwçylary bilen
uruşmalydyk. Olar bellenilen wagtda öz mekdebinden çykyp, bize
tarap ugramalydy, bizem olara tarap. Uruş meýdany “Komintern”
kolhozynyň deňinde, gumuň eteginde ýerleşen petdeli, gamyşly
jeňňeldi. Biz çybyk, gamyş, kiçiräk taýajyklar, ýüpüň bölekleri
bilen ýaraglanyp, mugallymlaryň ýolbaşçylygynda bellenilen
ýere tarap ugradyk. Jeňňele ýakynlaşyberenimizde, biz sesimizi
çykarman, bükülip ýöredik. Soňra bolsa emedekläp, bagrymyz
bilen süýşdük. Ynha, birdenem ol ýerde- bu ýerde “Ura” sesleri
eşidildi. Her kim ýerinden turup, öňündäki “duşmana” tarap
okduryldy. Garpyşdyk. Gaty urmaly däl diýlip tabşyrylanam
bolsa, käbir oglanlar öňünden çykanlary hakyt çyndan urdular.
“Medeniýetli” Akmyrat Tagan diýen oglan (ol menden 2-3
ýaş uludy) meni iki çybyk urdy, menem urdum, ýöne ol meni
depip ýykdy. Şol wagt klasdaşym Babaguly geldi-de Akmyrady
urdy. Urşuň yzy hakyky urşa ýazmanka, mugallymlarymyz
ählimizi aralap, hatara düzdüler. Ol ýeri-bu ýeri sypjyrylanlarda, kiçi okuwçylaryň aglaýanlary-da ýok däldi. Ýöne biziň
üçin bu “Uruş” gaty hezil boldy. Iki mekdebiň direktorlary
“urşa” gatnaşanlara sag bol aýdyp, iki topary hem batyrgaý
urşandyklary üçin öwdüler. Şeýle türgenleşikler ýene geçiriler
30
diýdiler, soň biz bu urşuň özümiz bilen bagly epizodlary barada
jedelleşip, mekdebe dolandyk.
Her döwür özüne kybapdaş oýny talap edýär. Uruş ýyllaryndada biz köplenç urşup oýnardyk. Kaganowiç we “Komintern”
kolhozlaryndaky ilatyň biri-biri bilen ýakyn garyndaşlygyna,
hatda ençemesiniň doganoglanlardygyna seretmezden, biz
günde okuw gutarandan soň urşup aýrylyşardyk. Munuň üçin
mekdepden ýüz elli metr çemesindäki tutlugyň aşagyna üýşerdik.
O ýerde “kominternlileriň” ýoly saga aýrylýardy, biz bolsa göni
gitmelidik. Urşy Babaguly başlardy. Ol haýsydyr bir klasdaşynyň
aýagynyň arkasyna bildirmän aýagyny goýup, onuň döşünden
itererdi. Ol ýykylardy, turubam Babagula ýapyşardy. Her kim
biri bilen ýolmalaşardy. Ýeňen tarap ýeňlen tarapy kowalap, tä
oba ýetiberýänçä keseklärdi. Köplenç, urşak oglanlarynyň biri
okuwdan galan tarap ýeňlerdi.
Günde-günaşa gaýtalanyp duran bu uruşlary hiç birimizem
çyn zat hökmünde kabul etmezdik. Şonuň üçinem “kominternli”
klasdaşlarymyzdan biri obamyza gelse ýa biz olara barsak, biribirimizden asla göwün-kine etmezdik, ýogsam kino ýa oýun
barlygyny eşidäýsek, ol obadan beýlekä topar-topar bolup
giderdik. Kino we beýleki tomaşalar barada gürrüň açanymzy
üçin, men bu babatda-da käbir zatlary gürrüň bereýin.
Uruş ýyllarynyň kinolary sessizdi, diňe hereket görnerdi.
Çarli Çapliniňkä kybapdaş kinolara hezil edip, gülşüp tomaşa
ederdik. Şol döwürde kinoapparatyň nämedir bir zadyny el
bilen towlardylar. Kinoçylar ýadap, tomaşaçylary kömege
çagyrardylar. Jahyl oglanlar ilki ony örän çalt aýlardylar, şonda
wakalar multfilmdäki ýaly tiz geçerdi. Emma çarhy aýlaýan
ýigit ýadaberensoň, wakalar barha haýallardy, ahyrynda-da
durup galardy. Soňra çarhy başga biri aýlardy.
Kinolar howluda, diwaryň ýüzüne gerlen ak matanyň
ýüzünde görkezilerdi.
Şeýle bir waka ýadyma düşýär. Ol waka sesli kino çykandan
soň boldy. Edara howlusynyň içinde “Güjüklije aýal” diýen ýaly
itler bilen baglanyşykly bir kino görkezilýärdi. Kinonyň sesi
tutuş oba ýetýäni üçin, onda üýrüşýän itleriň sesine obamyzyň
31
10-15 iti çozup geldi. Ilki gelen it adamlaryň arasyndan böküp
geçip, diwarda görünýän itiň üstüne zyňdy. Onýança ýene
birnäçe it ýetip gelip, biri-biri bilen garpyşmaga başlady. Kinony
saklamaly boldy. Dalaşýan itleri zordan aýryp kowduk.
Teatrlar we konsert brigadalary kolhoza diňe tomusda
gelerdi, çünki gyşky klub ýokdy. Oýunlar howluda, agaç tikilip,
matadan germew edilen sahnada goýlardy. Elektrik yşygy
bolmany üçin, sahnanyň öňüne egri demir tikilip, düýrlenen
we daşy sim bilen berk saralan top ýaly togalak esgini ondan
asardylar. Oýun başlamazynyň öňüsyrasy onuň üstüne kerosin
döküp otlardylar. Soňra tä oýun gutarýança, ýörite bir adam
uzyn saply gap bilen onuň üstüne wagtal-wagtal kerosin döküp
durmalydy.
Ýaşlyk döwrümizde biz uzyn gijeläp uly höwes bilen bagşy
hem diňlärdik. Gowy ýeri—biziň obamyzda Durdygylyç diýen
biçak talantly bagşy bardy (ol 1947-nji ýylda aradan çykdy).
Bu bagşynyň asly şu obadaky çowdurlardan bolany üçin, oňa
Gultakda Çowdur bagşy, Gultak obasyndan daşarda bolsa Gultak
bagşy diýerdiler. Durdygylyç bagşy “Görogly” eposynyň baş-alty
şahasyny, “Saýatly-Hemra”, “Ýusup-Ahmet” ýaly dessanlary
hem ýatdan bilýärdi. Geň ýeri, bagşynyň “Görogludan“ aýdýan
şahalary eposyň 1940-njy ýylyň neşirindäkisinden düýpgöter
üýtgeşikdi, hatda Öwez, Agaýunus, Köse ýaly esasy gahrymanlar
bolaýmasa, bulardaky personažlaryň köpüsiniň atlary hem gabat
gelmeýärdi.
Saýlaw ýa-da şoňa meňzeş syýasy wakalaryň geçirilýän
günleri oba sowetiniň başlygy Gaýyr aga Durdygylyja aýdym
aýtdyrardy. Biz ilki agşamdan bu ýere gelip, ykjam ornaşardyk.
Bagşy bir-iki sagat tirme (çöpleme) aýdymlardan aýdyp, soňra
ýaşulularyň haýyşy boýunça ýola düşerdi ( dessana başlardy).
Bir dessan ýa-da “Göroglynyň” bir şahasy ertir daňa çenli
dowam ederdi. Säher wagty bagşy “Hoş geldiňiz” diýen meşhur
aýdymyny aýdardy. Munda ol ýaşulularyň adyny tutup, olaryň
şanyna gülküli setirler aýdyp, oturanlar bilen hoşlaşardy, soňra il
dagrardy. Saýlaw döwründe şeýle agşamlar üç-dört gijeläp hem
dowam ederdi.
32
Eposdyr dessanlar ýaly halk döredijiliginiň dürli
ýadygärlikleri bilen ymykly tanşanymdan soň, şol ýyllarda
Durdygylyçdan
eşiden
nusgalarymyň
häzirkilerden
üýtgeşikdigine göz ýetirip, olaryň geljekki nesiller üçin ýazylyp
alynmandygyna juda haýpym gelýär. Nätjek-dä, ol ýyllarda biz
radiony-da bilmeýärdik, magnitofon barada eşitmändigem. Diňe
Allamyrat diýen bir obadaşymyzyňkyda patefon görüpdik.
1946-njy ýyldan başlap, Gaýyr aganyňka Annadurdy diýen
bir garabekewülli ýetginjek garyndaşy gelip başlady. Hakdan
içen şahyrçylygynyň daşyndan bu ýigit gowy sazandady. Şol
oturan ýerindäki gören we eşiden wakalaryny beýan edip, ony
gülküli ýumor we degişme bilen bezäp, ýüzüniň ugruna goşga
salardy, şol goşgyny hem haýsydyr bir aýdymyň äheňinde dutara
goşup, aýdym edip aýdardy. Mysal hökmünde bir wakany
gürrüň bereýin. Bir gezek Annadurdy sopy diýen bir ýaşulynyň
çakylygynda Annadurdy şahyr öz goşgularyny aýdyp otyrka,
oturanlaryň biri öý eýesiniň ogly Çöli bilen baglanyşykly bir
wakany gürrüň berdi. Çöli öküzarabada Burdalyk MTSinden (8 kilometr uzaklykda) nebit daşaýan eken. Bir günem
ol arabanyň üstünde uklap, köwüşlerini gaçyrypdyr. Şoňa bir
goşgy goşmagy haýyş etdiler. Annadurdy öý eýesiniň rugsadyny
alyp, oňa 4-5 küpletden ybarat “şerebeli” goşgy-aýdym goşdy.
Ynha, onuň bir küpleti:
Irkiljiräp barýar, sallap gulagyn,
Tykyrdadyp geçip gitdi çelegin,
Ýene ýagşy, aldyrmandyr balagyn,
Köwşüni gaçyran ynsany gördüm.
Gürrüňi edilýän bu şahyr bilen okyjylary ymyklyrak
tanyşdyrmagy zerur hasaplaýaryn.
Seýrek talantly Annadurdy Eýeberenow Kerkiniň 4-nji orta
mekdebini gutaryp, Aşgabatdaky mugallymçylyk mekdebiniň
fizmat fakultetine okuwa girýär. Ol fizika we matematika
boýunça berlen soraglara goşgy bilen jogap berýär. Mugallym
onuň talantyna geň galyp:
33
— Sen edebiýatçy bolmaly ekeniň. Henizem bir pille. Diledebiýat fakultetine geç—diýip maslahat berýär. Annadurdy
goşgy bilen şeýle jogap berýär:
— Konus janymdyr, sinus—ýüregim,
Tangens, kotangens—bary geregim,
Sekans, kosekansdan iýjek çöregim,
Ondan başga maňa zadyň gerek däl,
Hasap barka, edebiýatyň gerek däl.
Annadurdy maşgala ýagdaýy zerarly instituty gutarman,
Hojambaz etrabynyň Surhy obasynda mugallym bolup işledi,
soňra Mekan obasyna geçip, 27 ýyllap pagtabazyň başlygy
boldy. Şol döwürde Türkmenistanyň görnükli ýazyjylary,
alymlary, artistleri, döwlet işgärleri Annadurdyňka gelip
giderdiler. Ynha, bir gezegem onuňky ýazyjylar W. Rybin, B.
Hudaýnazarow dagy geldi. Uzak wagtlap Annadurdyny diňläp,
Berdinazar ondan näme sebäpden goşgy ýazmaýanlygyny we
neşir etdirmeýänligini soranda, Annadurdy oňa dessine goşgy
bilen jogap berdi:
Maňa goşgy ýaz diýýäň, çaý içmäge wagtym ýok,
Hahy öňki bagşylyk, ýitip gitdi aýdym-saz,
Talantla duş etmesin, ýeser eken pagtabaz.
Lebapda, Maryda, hatda Aşgabatda hem tamada hökmünde
meşhurlyk gazanan Annadurdy şahyr häzir Aşgabatda
ýaşaýar we akademiýanyň Magtymguly adyndaky Dil we
edebiýat institutynda uly ylmy işgär bolup işleýär. Ol häzir
Magtymgulynyň syrly setirlerine goşgy bilen jogap berip, ony
“Magtymguly, syrym çohdur” diýen at bilen neşir etdirdi (ýeri
gelende aýtsak, Magtymgulynyň “Üçi öwlatdan” diýen syrly
goşgusyna ýazan jogabyna Mäti Kösäýew hem ýokary baha
beripdi. 1961-nji ýylda “Ýaş kommunist” gazetiniň redaktory
bilen gürleşip, ony çap hem etdiripdi).
Ynha, meniň oba mekdebinde okan ýyllarymda obamyza
34
ýaňy şahyrçylyk ýoluna baş goşan şu şahyryň gelmegi meni we
deň-duşlarymy çäksiz begendirerdi.
Ýokarda ýazanlarymdan başga, ýylda bir ýa iki gezek
dagystanly darbazçylaram ile tomaşa bererdi. Uly baýramçylyk
hökmünde kabul edilýän şu şagalaňlardan başga, obada iliň
göwnüni galkyndyrjak tomaşalar ýokdy.
Şonuň üçinem, uruş ýyllarynda, hatda ondan esli wagt
soňam (tä kolhozymyz Woroşilow adyndaky we “Pagtaçy”
kolhozlary bilen goşulyp, onuň edarasy häzirki Isamly obasyna
göçürilýänçä) günde edaranyň öňündäki meýdança üýşüp,
“Çürrümkesdi” oýnardyk. Bu oýna sakgally-sarmykly Ally
baba, Sary aga, Aky aga ýaly ýaşulular hem gatnaşardy. Oýnuň
düzgüni şeýle: öňürti her komanda üçin bir han saýlanardy,
soňra oýunçylar iki-ikiden “azaşyp” gelmelidi (ýagny hanlardan
biraz daşlaşyp, her oglan özüne lakam ýaly bir zat saýlamalydy).
Galakda (oýnuň merkezi hasaplanýan bellikde) oturan hanlaryň
ýanyna iki ýigit biri-biriniň boýnuna gol salşyp gelerdi. Olaryň
biri hanlara ýüzlenerdi:
— Salam, salam begler!
— Alyp urduk, gullar.
— Aý gerekmi, ýyldyz? (ot gerekmi, ýalyn? polat gerekmi,
demir? we ş.m.). Oturan hanlaryň hersi bir ady saýlardy. Şeýle
bijeler arkaly komandalar bölüşilerdi. Eger bir adam taýsyz
bolsa, ol gök owlak bolardy, ýagny bir gezek bu, indiki gezegem
ol komandada oýnardy. Bije atyşmak arkaly komandalar
kowýanlar we gaçýanlar diýen iki topara bölünip, kowýanlar
galagyň töwereginde, gaçýanlar hem olaryň daşynda ýerleşerdi.
Kowýanlar gaçýanlaryň dyzdan aşagyna depse (ýa aýagyny
degirse), depilen oýundan çykmalydy, gaçýanlar galak bilen
kowýanyň arasyndan depdirmän kesip geçäýse-de, merkez bilen
arasy kesilen oýunçy (ýa-da oýunçylar) kesilen ýa-da oýundan
çykarylan hasaplanylýardy. Oýun iň soňky oýunçy ýatýança
oýnalýardy.
Kä günler howlynyň öňündäki harmanyň bir çetine üýşürilen
samanyň üstünde göreş tutardyk. Babagulynyň şäherde öwrenip
gelen “Dükdük” (gizlempeçegiň bir görnüşi), “Kim urdy?” ýaly
35
oýunlaryny oýnaýan gezeklerimizem bolardy.
Öwran-öwran Babagulynyň adyny tutýanlygym üçin, şu
ýerde ol barada käbir zatlary gürrüň bereýin.
BABAGULY
Babagulynyň atasyna Gaýyr Haknazar diýýärdiler. Ol
uzyn boýly, deşli, agras adamdy, köne sowatlydy, türkmenleriň
gadymy taryhyny gowy bilýärdi. Köp wagtlap oba sowetiniň
başlygy—iliň ýaşulusy boldy.
30-njy ýyllaryň başlarynda Gaýyr aga türkmen atly
polkunda gulluk edip, Garagumda basmaçylara garşy göreşen
we şol döwürde ofiserlik derejesine ýeten adamdy.
Obada Gaýyr aga dagynyň toparyna batyrlar diýýärdiler.
Aýdyşlaryna görä, bu tireden gözsüz batyr adamlar çykypdyr.
Ynha, Gaýyr aganyň atasy Haknazar aganyň jeňňelde eken
gawunyny parçalaýan ýekegapanlary diri tutuşy barada il
arasynda şeýle gürrüň saklanyp galypdyr. Haknazar 3-4 sany
doňzuň gawuna geçenligini görüp, olaryň arykdan yzyna ýüzüp
geçjek ýerinde, bir hyşanyň yk tarapynda gizlenip oturýar.
Doňuzlar arygyň ortasyna ýüzüp ýetiberenlerinde, eli pyçakly
öňdäki doňzuň üstüne bökýär. Aýagy ýere ýetmeýän doňuzda
näme güýç bar, onuň üstüňe topulmak howpy ýok. Ol doňzy
suwa gark edip, ysgynyny alýar, usurgadyp, çalajan doňzuň
art aýaklarynyň siňirlerini kesýär, gyra çykaryp hem ony
agaja daňyp goýýar. Diriligine agaja daňylgy şol doňzy gören
adamlardan bu wakany ençeme gezek eşidipdim.
Gaýyr aga uruş döwründe dokuz ýyllap Türkmenistan
Ýokary Sowetiniň deputaty hem boldy. 1940-njy ýylda ony
Kerki okrug (oblast) ispolnitel komitetiniň başlygy wezipesine
bellediler. Gaýyr aga 1941-nji ýylda urşa gidýänçä, Babaguly
dagy iki ýyl çemesi Kerki şäherinde ýaşadylar, Babaguly şäherli
deň-duşlaryndan orus dilini we bezzatlygy gowy öwrenip, atasy
urşa gidenden soň oba dolanyp geldi.
Öýümiz ýakyn we deň-duş bolanym üçin, men köplenç
Babaguly bilen tirkeşerdim, bile mal bakardym. Mallarymyzy
36
obanyň ilersindäki Padagüzer diýen köprüden geçirip, çepe tarap
sowardyk-da, özümiz şu ýerdäki düz meýdanda aşyk oýnardyk,
güzere suwa düşerdik. Ýoluň sag tarapy kolhozyň pagta
meýdanlarydy. Oýna kellämizi gyzdyryp, sygyrlarymyzyň pagta
girenini duýman galan wagtlarymyzam bolardy. Muny brigadir
Döwran Hojam göräýse, dessine sygyrlarymyzy öňüne salyp,
edaranyň howlusyna gabardy. Howly iki bölekdi, onuň birinji
böleginiň sag ganatynda ikinji howla geçilýän derwezesiz, mal
çykyp bilmez ýaly lakaşa (agaç germew) goýlan gädik bardy.
Edil şol gädigiň sag tarapynda-da gaty hyýrsyz, agzy hapa
Jepbar aga diýen ýaşuly garawulyň ýatyp-turýan we ussaçylyk
edýän jaýy bardy. Döwran aga sygyrlary howlynyň törki
bölegine geçirip, başlykdan rugsat bolmasa, olary eýelerine
bermezligi Jepbar aga tabşyrardy. Garyndaşlygyna seretmezden,
näçe ýalbarsagam, Jepbar aga sygyrlarymyzy bermezdi, gaýtam
ýaglyja sögünçden ýükümizi ýetirerdi. Öýümiz edaranyň
gapdalynda bolany üçin, bir gezek sygyrlarymyzyň gabalanyny
atam görüp, ony Jepbar agadan alyp berdi, maňa weli käýedi.
Başga bir gezek gabalan sygyrlar üçin başlyk olaryň eýeleriniň
bäş zähmet gününi kesdi (zähmet güni kesmek diýmek şol
günlere düşýän zähmet hakyny bermezlik diýmekdi). Munuň
üçin Babagula-da, maňa-da käýediler. Sygyrlar üçünji gezek
howla gabalanda, biz atamyzyň berjek temmisinden heder edip,
ilki brigadir Döwran aga ýalbardyk, soňra Jepbar aga. Bolmady.
Jepbar aga ussady, ussahanasyna zol-zol girip çykýardy, her
çykanda-da gapynyň agzyndan aýrylman duran üç oglana
(olaryň biri Pirguly Illidi) hapa-hap sögýärdi. Jepbar aga bu
gezegem jaýyna girdi. Jaýyň gapysy ýapaşak gurlanlygy üçin,
her gezek Jepbar aga giren badyna özi ýapylýardy. Bu gezegem
ýapyldy. Babaguly çalasynlyk bilen baryp, gapynyň zülpesini
halkasyndan ildirdi-de, oňa çöp ötürdi. Gulagy agyr Jepbar aga
ony aňşyrmady. Pirguly bilen ikimiz lakaşany açyp, howlynyň
törki böleginden sygyrlarymyzy kowup çykardyk. Biz entek
gädikden çykmankak, Jepbar aga gapyny açjak bolupdyr. Onuň
daşyndan ildirilendigini bilenden soň bolsa bolmajasyny bolup,
ala-zenzele bilen ony depmäge başlady. Ilkinji depgilerde onuň
37
söýeleri sarsyp, diwar bilen aralygyna çalnan saman suwagyň
bölekleri honda zyňlyp başlady. Soňky güýçli depgide gapy
söýeleri bilen birlikde daşary tarap yňyp gaýtdy-da, tozan turzup,
ala-şakyrdy bilen ýere ýazyldy.
Jepbar aganyň by gezekki sögüşi çeniň-çakyň bolmady.
Ol gapdaldaky palçyk basgançaklar bilen tamyň üstüne çykyp,
bezzatlygyň hem Babaguludan ýetenligini bilip, ýüzüni
Babaguly dagynyň öýüne tarap öwürdi-de, uzyn hem boguk
sesiniň ýetdiginden uly ile jar edip gygyrmaga başlady:
— Ho-o, Gaýyryň ýetimegi, how! Tama gabap gulplaryň
ýaly, sen meni eneň bilen tutduňmy, how! Hä, seniň...
Hapa sözlere ýugrulan uzyn-uzyn sögünçler biz
sygyrlarymyzy Padagüzerden aňry alyp geçenimizde-de eşidildi
durdy.
Padagüzer köprüsi bu jelegaýlarda jeňňele tarap gidýän
esasy ýoluň ugrundaky uly köprüdi. Köplenç şu ýerde
oýnaýanlygymyz we suwa düşýänligimiz üçin, köp wagtymyz
şu ýerde geçýärdi. Şonuň üçinem bu köprüden ötüp-geçýänlere
beletdik. Hepdede bir ýa iki gezek bir ýarym tonnalyk ýük
maşyny hem geçerdi (ol döwürde Burdalykda maşyn gaty azdy,
ýeňil maşyn asla ýokdy. Ýolbaşçylar atly gezerdiler. Bir ýarym
tonnalyk maşynda bolsa uly ýolbaşçylar jeňňele awa giderdiler).
Garaňky düşüberende, maşyn yzyna geçerdi, onuň ýük
gapyrjagynda (kuzowynda) awlanan sülgünleriň ep-eslisi
bolardy. Bu ýagdaý hepdede bir, käwagtlar günde-günaşa
gaýtalanar durardy. Bir gezek Babaguly sülgünden mas ýüküni
tutan maşyny raýyşyň üstünden synlap durşuna şeýle diýdi:
— Bular maşyn-maşyn çekiberseler-ä, jeňňeliň towugyny
tiz gutararlar. Geliň maşyny kesekläp, aýnasyny döweliň—
diýdi. Emma duranlaryp biri:
— Kabinada oturanlaryň ikisi-de tüpeňli. Aýnasyny
döwseň ataýmazmy?—diýip, Babagulynyň sözüne garşy çykdy.
Babaguly bolsa:
— O, tapdym—diýdi. Dogrudanam tapypdyr.
Babaguly, Pirguly we men—üçimiz maşynyň bu saparky
awa giden güni öýlänlik Padagüzer köprüsiniň edil üstünde,
38
maşynyň tigri geçäýjek ýerinde iki sany deşik etdik. (köpri
arygyň üstüne 3-4 sany tut agajy atylyp, onuň üstüne çöp-çalam
basylyp, palçyk bilen suwalyp edilendi). Bu köprüden bäş ýüz
metr çemesi uzaklykda, Babaguly dagynyň öýüniň deňinde
bolsa oba ýabynyň kiçiräk köprüsi bardy (ony Gaýyr aga edipdi).
Biz bu köprini hem açyşdyryp, maşyn säginip geçer ýaly etdik.
Özümiz bolsa Padagüzeriň ýanyndaky könede (köne ýabyň
içinde) maşyna garaşdyk. Uzakdan onuň garasy görenen dessine,
Babaguly köprüden aňry geçip, hyşalykda bukuldy, maşyn köprä
gelip, asudalyk bilen geçen wagty ol yzdan kuzowa mündi (o
wagtyň maşynlarynda yzy görkezýän aýnalar ýokdy). Tä öýüniň
deňine barýança, Babaguly ýoluň çepindäki ýaba kuzowdaky
sülgünlerden taşlap başlady, maşyn öýüniň deňindäki köprüde
säginende bolsa ondan düşüp galdy. Taşlanan towuklary özi-de
ýygnaşdy. Haltamyz dolaňkyrlady. Biz ony howlukmaç ýoldan
sowarak ýere—Nargeldiniň atyzynyň gündogar burçundaky
howzuň gyrasyna getirdik. Çaýryň üstüne dökdük. Sap horaz,
ýekeje-de mäkisi ýok. Babaguly olary saýlap taşlapdyr.
Towuklaryň sany 27. Adama 9-dan. Ýöne biz 9 towugy öýe eltip
biljek däldik. Dogrusyny aýtmaga gorkýardyk, 9 towugy gapan
bilen tutduk diýsegem, oňa hiç kim ynanjak däldi.
Babaguly öýünden bir gapan getirdi. Biz adam başyna
üç towuk alyp, olaryň hem aýaklaryny ýa bir aýagyny gapana
gapjadyp, silkeläp döwdük. “Gapan bilen tutduk” diýibem öýe
eltdik. Ynandylar.
Galan 18 towugyň ýene 5—6-syny duş gelen deňduşlarymyza paýladyk, ýöne hiç kime aýtmazlygy tabşyrdyk.
Galanyny bolsa halta salyp, ýakyndaky üzümli tutuň üstüne
çykaryp gizledik. Ýöne ol towuklar bize nesip etmedi. Şol gün
gije obanyň pişikleri ýa-da başga bir haýwan tutuň üstüne çykyp,
haltany tüýdüm-tüýdüm edipdir, horazlary bolsa perini çaşyryp
iýip gidipdir.
Maşyndan towuk alşymyz ýene 2-3 gezek gaýtalandy.
Ýöne çalt süregimize ýetdirdik. Eger Babaguly sülgünleriň diňe
horazyny almadyk bolanda biziň ogurlygymyz bilinmese-de
bilinmezdi, çünki maşynyň kuzowyndaky sülgünleriň sany esli
39
bardy.
Ogurlygymyzy bilýän adamlaram ýok däldi. Kuzowdakynyň
kimdigini görmese-de, raýkomyň maşynyndan ýabyň içine
helpildäp düşýän horazlary we olary Pirguly ikimiziň ýygnap
ýörşümizi Berdi atbakar gördi. “Awumyzdan” dadyran deňduşlarymyz hem muny bilýärdiler. Garaz, kimden ýetse-de, bu
waka barada ilat eşitdi. Kolhoz başlygy bilen oba sowetiniň
başlygy Gaýyr aga ikisine obasynda ogurlyk edilýändigi üçin
raýonyň ýolbaşçylary käýäpdir diýibem eşitdik. Horazlar barada
ýalan sözlänimi atamam bildi. Bir gün agşam naharda bişirilen
towugy iýip otyrka, atamyň agzyndan seçme çykypdyr. Ol
seçmäni eline aldy-da, çyranyň ýakynyna eltip, esli synlady we:
— Sen bu towuklary gapan bilen tutdum diýýärsiň welin,
onuň içinden seçme çykýar-la. Onda-da simden gyrkylyp edilen
seçme däl-de, hakyky gurşun seçme. Hany, göniňden gel,
towuklary nireden aldyň?—diýdi. Men:
— Aý, şu wagt ok degmedik towuk barmy?—diýip,
degişme bilen sypjak boldum. Bolmady. Atamyň sülgünleri
nireden alnanlygyny biljegi çynydy. Men onuň gaty gaharyny
getirmezlik üçin:
— Olary maňa Babaguly berdi—diýdim. Ähtimal atam
towuk ogurlygy baradaky gürrüňi eşiden bolmaga çemeli. Ol
indiden beýläk öýe ogurlyk towuk getirmezligi berk tabşyrdy.
Getireýin diýäýende-de, biz indi onça sülgüni tapyp biljek
däldik, obada uly gowur döreden şol wakalardan soň, biziň ol
öwrenişenje maşynymyz Padagüzerden jeňňele awa gitmesini
kesdi.
Babaguly bilen indi gapanda sülgün awlamaga başladyk.
Diňe bir jeňňelde däl, eýsem, obanyň ýakynlaryndaky atyzçilleriň gyralarynda-da sülgün köpdi. Olar şüdügärleriň içinde
süri-süri bolup gezerdiler. Sülgünler oba içine—mellekdäki
jöwenlere-de gelerdiler.
Şol döwürde aýallar eşeksebet bilen pagta meýdanlaryna
ders dökerdiler. Eşeksebetler tutuň çybygyndan örülerdi.
Ol edil horjun ýaly iki gözlüdi, gözleri uludy, oňa esli ders
sygardy. Sebetleriň aşagy örme gapaklydy. Enelerimiz ders
40
ýükläp berip, bizi eşege mündürerdiler-de, ony atyza dökmäge
ibererdiler. Biz barmaly ýerimize baryp, sebetiň aşagyndaky
gapaklaryň halkalaryny şol bir wagtda ýazdyryp goýbererdik.
Iki gözüň gapagy deň goýberilmese, dersi dökülen tarap ýeňläp,
sebediň agaýmagy mümkindi. Käwagtlar gapagy ýazdyrylsada, haýsydyr bir göze atylan ders berçigip, aşak dökülmezdi.
Beýle ýagdaýda sebet eşegiň üstünden agaýsa-ha, enelerimiz
gelip, ony eşegiň üstüne atyp bererdiler, agmasa bolsa dökerdik
we gapaklaryň halkalaryny ildirerdik. Biz enelerimiziň ders
ýükleýän ýerine ýetmänkäk, düşürip gaýdan derslerimiziň
töwereklerine hol ýakynlarda sürlenişip ýören sülgünler üýşerdi.
Babaguly ikimiz şol ders dökülen ýerlere gapan gurup,
birnäçe sülgün awladyk. Gurlan gapanlaryň ýakynyna sülgünler
barmasa, biz olary ýuwaşlyk bilen sürüp elterdik (ýakynyna gaty
ýöräp barsaň, towuklar uçmak bilen bolýar, ýöne hol garagörnüm
ýerden ýuwaşlyk bilen ýakynlaşyberseň towuklaryň sürüsi kemkemden daşlaşmak bilen bolýar).
Sülgüni duzak bilen tutýanlaram bardy. Oňa atam ökdedi.
Ýöne biz atamyň bu usul bilen sülgün tutuşyny görmesegem, suw
tutanda çarlak (biziň obamyzda oňa çyllyk diýilýär) awlaýşyny
weli köp synladyk. Atyzlara tagt suwy tutulanda, biz Babaguly
bilen atamyň ýanynda mal bakardyk. Atam suwly atyzda palçyga
gowy çümdürilen iki sany berk çöpe syrtmak edilen ýüp halkany
berkiderdi, halkanyň ýarysy bolsa suwdan ýokarda çöplere
germelgidi. Biziň tutup gelen diri byzawymyzyň bilinden daňyp,
ony duzagyň aşagynda ýüzýp ýörer ýaly ederdi. Biz gyra çykyp,
20-30 metrlikde çarlagyň duzaga düşerine sabyrsyzlyk bilen
garaşardyk. Çarlak suwuň ýüzündäki byzawy ýokardan görüp,
üstünde biraz pel-pelläp, birdenkä ok ýaly bolup, oňa topulýar,
byzawy alyp ýokary galjak wagty syrtmak onuň boýnundan
ilýär. Biz ylgaşyp, baryp, suwuň ýüzinde şapyrdap, gygyldap
ýatan çarlagy tutup, gyrada daňyp goýardyk. Atam herimize
birini tutup bererdi. Agşama çenli oýnap, gaýtjak wagtymyz biz
çarlaklary uçuryp goýberedik.
Wakalardan öňe geçibem bolsa, men Babagulynyň durmuşy
bilen baglanyşykly ýene käbir zatlary gürrüň bereýin.
41
Ýediýyllyk mekdepde Babaguly gowy okamady. Nirede
bezzatlyk bolsa, ol şol ýerde tapyldy. Klasda-da ol dek oturmagy
başarmazdy. Käwagtlar jübüsine gurbaga ýa-da ýylan salyp
geläýmesi-de bardy (ol çakmaýan ýylany tanaýardy). Şonuň
üçin gaharjaň mugallymlar, ylaýta-da mekdebiň direktory we dil
mugallymy Akmyrat Jomart Babagulyny urardylar. Babagulynyň
edýän hereketlerine hezil edip gülýän mugallymlaram ýok däldi.
Klasymyzda Nar Hatam diýen bir gyz bardy. Ol gaty
gaharjaňdy. Oýun etjek ýa degişjek bolan oglanlar ondan
almytyny alardylar. Bir gün Nar Babaguly bilen tersleşdi-de, ony
urdy. Olam Naryň syýa çüýşesini alyp gaçdy-da, aňyrrak baryp,
gözümiziň öňünde Naryň syýasyny içdi. Ol döwürde her kim
tapan çüýşesine syýa salyp, özi bilen mekdebe äkidip getirerdi
(şonuň üçin eşigine we kitap bukjasyna syýa dökmedik okuwçy
az bolardy). Syýa etmek üçin himiki reňkleriň we galamlaryň
ýok bolany üçin, enemiz tutgöbegi (uly tutlaryň gapdallaryna
çykýan goňur reňkli ýumşak massany, kömelegi) owradyşdyryp,
ony gazanyň garasy bilen garjap gaýnadardy. Käbir aýallar oňa
çöpboýa hem goşardylar (ýeri gelende aýtsam, şeýle usul bilen
edilen syýa uzak ýyllaryň dowamynda solmaýan eken. Ýakynda
uruş ýyllarynda şol syýada ýazan bir hatym elime düşdi. Onuň
syýasynyň garymtyl-goňur reňki täze ýazylan ýaly bolup dur.
Emma ilkinji şarikli ruçkalarda bloknota eden belliklerim weli
öz-özünden öçüp gidipdir. Bu ruçkada ýazylan hatyň ömri 20
ýyldan ötmeýän eken).
Enemiň tutgöbekden edip berýän syýasynyň tagamy hem
süýjüdi. Şonuň üçin götermäge ýaltanan wagtymyz syýamyzy
içerdik.
Babaguly hem Naryň syýasyny içdi. Öňdäki sapak
direktoryň sapagydy. Jomardow sapaga girdi. Mugallym heniz
klas žurnalyny okamaga girişmänkä, Nar ýerinden turup,
Babagulyny oňa ýamanlady:
— Ýoldaş mugallym, Babaguly meniň syýamy içdi—diýdi.
Mugallym Nara tarap bir seretdi-de, ýene žurnala gümra bolup:
— Otyr ýeriňde. Syýany içse, ol öläýmezmi? Näme oňa
jan gerek dälmi? –diýdi. Nar bolsa taňkyrap galan boş çüýşesini
42
eline aldy-da, öňe uzatdy:
— Ynha, mugallym, ol ölse-de içdi, çüýşämi boşadyp
goýdy—diýdi. Mugallym bu ýerde bir zadyň bardygyny duýan
ýaly, ýerinden turdy, üçünji partada oturan Babagulyny synlady.
Soňra:
— Hany, Babaguly, tur ýeriňden. Sen Naryň syýasyny
içäýdiňmi?—diýdi.
— Ýok.
— Onda näme etdiň?
— Hiç zat etmedim.
Babagulynyň ýüzüne seredip duran mugallym gülüp
başlady:
— Hany, agzyňy aç!
Mugallymyň gülüp durşundan onuň özüne agyr zat
diýmejegini duýan Babaguly agzyny, dişlerini görkezdi.
Ony gören güldi. Dişleriniň düýbi, diliniň üsti gap-garady.
Mugallymam esli salym gülüp durdy-da, daşary çykdy. Bizem
gülüşdik.
7-nji klasy gutaransoň Babaguly atbakar hem boldy.
Soň ol Çärjewdäki meduçilişäni gutaryp, bir ýyl Burdalyk
keselhanasynda işledi we Aşgabadyň medinstitutyna okuwa
girip, ony gyzyl diplom bilen gutardy. Umuman, Babaguly
talantyny tapdy, eýýäm Burdalykda keselhanada işlän döwründe
batyr hem ökde doktor hökmünde özüni tanatdy.
Bir zat ýadyma düşýär. Men obada mugallym bolup
işleýän döwrümde, Babaguly medinstitutyň soňky kurslarynda
okaýardy. Ol oba kanikula gelende, uzakdan-ýakyndan gelen
dertli adamlaryň uzyn hatary ertir daň bilen Babagula özüni
görkezmek üçin nobata durardy. Nepi degmese, adamlar oňa
beýle ynam bildirmezdiler.
Babaguly 1961-nji ýylda medinstituty gutardy. Ony
medisina ugrundan ofiser edip, harby gulluga aldylar, 2-3 ýyl
Bekrewede, ençe ýyl Tejende gulluk etdi. Soňra 7-8 ýyllap
Germaniýada sowet goşunlarynyň hatarynda hyzmatda boldy,
1968-nji ýyldaky Çehoslowakiýa wakalaryna-da boýdan-başa
gatnaşdy.
43
GDR-den gelenden soň harby-medisina gullugynyň
podpolkownigi, ençeme orden-medallaryň eýesi Babaguly
Gaýyrow medinstitutyň harby kafedrasynyň mugallymy bolup
işledi, daşyndan ol wraçlyk işini hem dowam etdirdi.
Häzirki wagtda Babaguly hormatly dynç alyşda, ýöne şahsy
klinikasynda öz ugruna degişli syrkawlary bejerýär.
Ýene meniň başlangyç klaslarda okaýan döwrüme dolanyp
geleliň.
Uruş wagty bolany üçin, bu klaslarda bizi okadýan
mugallymlar tiz-tizden çalyşdy durdy. Ol ýyllarda biziň
klasymyza girip-çykýan mugallymlaryň sany örän kän,
olaryň köpüsi ýadymda-da ýok. Ýöne bu mugallymlaryň
işine jany-teni bilen ýapyşanlygy üçinmi ýa-da biziň okuwa
höwesekligimizdenmi—onçasyny bilmedim, biziň başlangyç
klaslarda gowy bilim alanlygymyzy çekinmän aýdyp bilerin.
Ýogsam, uruş ýyllarynda klasda hat ýazmaga-da ak kagyz
tapylmazdy. Tagtada ýazmaga hek ýok bolsa, haşar wagtynda
arygyň raýşyna çykarylan toýun palçykdan gatap galan bölekleri
ulanardyk. Oňa sakgyz kesek diýlerdi. Mekdepde ýazuw depderi
hökmünde hem köne kitaplary peýdalanardyk. Klas we öý işleri
hem diktantlary tutgöbekden edilen goňur syýa bilen kitaba
gapdallaýyn, ýagny onuň setirleriniň tersine ýazardyk.
Kagyz ýetmezçiligi bilen dahylly bir zady gürrüň bereýin.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.