Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19

Total number of words is 3591
Total number of unique words is 2142
30.3 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gurlup, ýoluna asfalt düşelenligini, Zahyr şanyň hem bu ýerde
ençeme günläp bolandygyny gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda gorughananyň Mitýa daýydan
başga ähli işgärleriniň türkmenligini bilip, Allaberdi pälwana
sorag berdim:
— Men bu töwerekdäki obalaryň köpüsinde boldum. Ynha,
Aky dagynyň kolhozynyň bir bölegi türkmen, ikinji bölegi
täjik. Ýakynda lakaýlar, nemesler, şäherçelerde bolsa oruslar
hem ýaşaýar eken. Emma gorughanaňyzda näme üçin beýleki
milletleriň wekilleri işlemeýärler?
Birki rýumkany artyk göterip, dili açylan Mitýa daýy
hemmeden öňürtdi:
— Ýolbarstokaýyň ok geçmeýän jeňňelligi — ýyrtyjy
haýwanlaryň we uly ýylanlaryň mekany. Gaplaň, ýolbars ýaly
güýçli haýwanlaryň mesgeninde işlemek üçin meniň we, ine, şu
oglanlaryň ýüregi ýaly arslan ýürek gerek. Bu ýerde köp adamy
zynjyrlabam saklap bilmersiň.
Allaberdi aga bu soraga başga hili jogap berdi;
— Töwerekdäki obalara syn eden bolsaň, berýleki halklaryň
topbajyk, çugdam oturan obalary bardyr. Türkmenleriň weli
aglabasy pytraňňy, biri beýlekisinden sesýetim aralykda
ýaşamagy gowy görýär. Çagalykda giň sährada, tebigatyň
gujagynda ösen ýigitlerem şeýle ýerlerde işlemäge höwesek
bolýarlar. — Soňra oturanlara ýüzlendi. — Çaý-nahardan bolan
271
bolsak, biraz gezim edeliň. Suwa düşjegiňiz düşüň, jeňňele
tomaşa ediň.
Turduk. Biz Allaberdi pälwan bilen täze tutulan sugun
gölelerini synladyk. Olaryň iň kiçisini ýakynda Gaýypnazar
tutup getiripdir. Gaýypnazaryň ady tutulandan, Allaberdi pälwan
maňa:
— Ynha, seniň tanyşmaly adamyň şol. Şu ýere gelen
badymyza biziň bilen görşen saryýagyz pyýada ýadyňa düşýärmi?
Ana, şol — Gaýypnazar. Onuň täsin taryhy bar. Gaýypnazaryň
önüp-ösen maşgalasy barada kinoda bar — diýdi. Soňra kiçijik
sugun gölesine emzekli çüýşeden süýt içirip duran ýigidiň adyny
tutdy-da: — Gaýypnazar nirä gitdi? — diýip sorady.
— Ony derýanyň ýakalaryny barlamaga iberdik. Gijräk
geler. Näme, oňa işiňiz barmy?
— Işim ýok. Ýöne aşgabatly myhmany ýakyndan
tanyşdyraýjakdym.
— Gaýypnazary menden gowy tanaýan ýokdur. Ýaşlykdan
bile önüp-ösdük. Ol barada näme sorasaňyz, men aýdyp bereýin.
Allaberdi pälwan bilen ol ýigidiň beren gürrüňlerinden
men Gaýypnazaryň geçmişi barada şu zatlary anykladym.
Gep-sözünde, geýnişinde, oturyp-turşunda häzir beýleki
deňdeşlerinden asla tapawutlanmaýan hem bolsa, Gaýypnazaryň
asly orus maşgalasyndan ekeni. Ol 1939-njy ýylda nemesleriň
geljekki çozuş etjek şäherleriniň birinde Mihail Miroşnikowyň
maşgalasynda doglupdyr. Urşuň ilkinji günlerinde kakasy fronta
gidipdir, ejesi hem wepat bolupdyr. Sopbaş ýetim galan Mişajygy
beýleki ýetimler bilen birlikde tyla, onda-da uzak Täjigistana
iberipdirler. Ol döwürlerde çagasyz maşgalalar, şeýle-de çagalar
öýlerindäki ýyly mähire zar ýetimlere rehimi inen we eklemäge
sähel mümkinçiligi bolan ata-ene şol öýlerden ogullygagyzlyga çaga alýardylar (Hajy Ysmaýylowyň “Iki atanyň bir
ogly” eserindäki Mikola Galpaklyny ýada salyň. Şondaky waka
hem türkmen durmuşyndan alnypdy). Ynha, şeýle wakany
kiçijik Mişa-da başdan geçirýär. Ony Gorgandepe welaýatynyň
Gumseňňir etrabynyň “Ýeňiş” kolhozynda ýaşaýan Döwran
Goç we onuň maşgalasy Hanzada daýza ogullyga alýar. Döwran
272
aga 1903-nji ýylda Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda doglup,
tut-ha - tutluk ýyllarynda özüni Jylyköle atypdyr. Şol ýerde-de
ol 1906-njy ýylda doglan, asly Almaty gazaklaryndan bolan
Hanzada diýen gyza öýlenipdir.
Döwran aga Mişany öýlerine getirip, baryndan ile zyýapat
berýär, gaýypdan şu öýe nazar salan Mişajyga hem Gaýypnazar
diýen türkmen adyny dakýar. Ony sünnete ýatyryp, oba
mekdebinde okadyp, hakyky türkmen terbiýesini hem berýär.
Ýigit ýetenden soň, Gaýypnazary Patma atly türkmen gyzyna
öýlendirýärler. Gorughanada duşan döwrümde (1975), onuň
ýedi çagasy bar eken: Aknabat (9-njy klas), Ogulmyrat (6),
Borjak (4), Gurbangül, Çerkez, Gandym, Çary.
Gaýypnazaryň urşa giden kakasy hem diri eken, ol general
çininde uruşdan sag-aman dolanypdyr. Köp ýyllap ogluny gözläp,
ahyrda-da onuň yzyny Täjigistandan tapypdyr. Uzak aýralyga
daglanan ýürek, mähriban perzendiň didaryna teşne peder öz
ýitigine täjik ülkesindäki bir türkmeniň öýünde sataşýar. Ogluny
tanap, onuň epeý göwresini gujaklap, begenç göz ýaşlaryny
gizlemän dökse-de, Mihail daýynyň (Mişajyga kakasynyň ady
dakylypdyr) ýüregi birbada köşeşäýmeýär, bir wagtky ogly
Mişa indi düýbünden başga adam: ady Gaýypnazar, familiýasy
Döwranow, oturyp-turşy, gepi-sözi, hatda nahar iýşi-de dogduk
iliniňkiden üýtgeşik. Onuň indi özi ata, onda-da bir-iki däl-de,
birnäçe çaganyň atasy.
“Iki atanyň bir oglundaky” Atanazar agany, Sabyr ejäni we
Anton Kalpaklini heýjana salan “yzy näme bilen gutararka?”
diýen agyr sorag bu gün Jylyköldäki Döwran aganyň tutuş
maşgalasynyň, asyl, diňe bir bu maşgalanyň däl, eýsem ähli oba
adamlarynyň kalbyny silterleýär. Hanzada daýza, edil agtyklary
elinden ýaly gidip barýan ýaly, howsalasyny ýüze çykaryp, ärine
ýüzlenýär:
— Gaýypnazar indi çagalaryny alyp, bizi taşlap gidibirmikä?
Şol soraga jogap agtyryp, edenini-goýanyny bilmän,
bolgusyz işlere güýmenip oturan Döwran aga öz ünjüsini
aýalyna bildirmezlige çalşyp, oňa göwünlik berýär:
— Perwaý etme, kempir. Sen ogluňy oda-suwa ýykylmaz
273
ýaky edensiň. Indi onuň özi salyny suwdan çykarar. “Ýedi
ýaşly aty syýgyryp, suwa ýakma” diýipdirler. Goý, meseläni
Gaýypnazaryň özi çözsün. Ganybir atamy tapdym, indi onuň
bilen gitjek diýse-de, ygtyýary, öňüne böwet bolmarys. Galjak
diýse-de, ynha, öýi. Ýöne ýalbarma, akyl berme.
Gaýypnazar bilen maslahatlaşypmy ýa dälmi – onçasy
belli däl, emma meseläni Mihail daýy çözýär. Ol bu maşgalanyň
bir arasynda birnäçe gün bolýar. Bu obadan Duşenbä, ondanam
Petrograda ugramaly wagty gelende, Döwran aganyň öýüne
ýaşulular, oba häkimiýetleri Mihail daýyny ugratmaga üýşýärler.
Mihail daýy agtyklarynyň maňlaýyndan taýly gezek ogşap,
Gaýypnazary hem soňky gezek bagryna basýar. Köpçülige
ýülenibem şeýle diýýär:
— Hakyky ata-ene çagany dünýä inderen ata-ene däl-de,
terbiýeläp kemala getiren, ony adam sanyna goşan ata-enedir.
Mişanyň ganybir atasy men bolsamam, bu günki Gaýypnazaryň
hakyky atasy Döwran aga, enesi hem Hanzada daýzadyr. Meniň
oglum ygtybarly adamlaryň goluna düşüpdir. Size agzybir
durmuş arzuw edýärin! Hoş galyň!
Şondan soň Mihail daýy Döwran aga bilen mäkäm
gujaklaşyp hoşlaşýar. Mihail daýy özüni ugratmaly maşynlaryň
birine münýär. Maşynlaryň ahyrkysy öwrümde gözden ýitenden
soň, Döwran aga gözüniň ýaşyny agtyklaryndan gizlemek üçin,
içeri girip gidýär.
Jylykölli “iki atanyň bir ogly” Gaýypnazaryň sanlyja günde
başyndan geçiren wakalary baradaky habarlar ilki ýerli, soňrada respublikan gazetlerde çap edilip, köpçülige ýetirilýär. Täjik
kinoçylary bu dürli milletlerden düzülen maşgala barada dört
bölümden ybarat kino döredýärler. Bu kino sahnalarda we täjik
telewideniýesinde öwran-öwran görkezilýän eken. Ýöne ony
görmek maňa miýesser etmedi.
***
Gorughana gezelençden soň, ata-babalarymyzyň “Myhman
gelen gapysyndan gitse ýagşy” diýen asylly däbine eýerip,
274
Jylyköl ilinde ilkinji açan gapym Aky Hudaýýaryň öýüne
geldim, bu ýerde ýene bir gije bolup, öý eýelerine minnetdarlyk
bildirdim we Şährituz etrabyna ugradym.
Şährituz bu ýerden takmyn 150 kilometr günbatarda,
Kapyrläheň derýasynyň jülgesinde ýerleşýän eken. Jylykölli
obadaşlarym Şährituzda raýispolkomyň taýýarlaýyş bölüminiň
başlygy bolup işleýän Nedirkul Nazarowyň ýanyna barmagy
maslahat berdiler. Men şeýle-de etdim. Şährituza gelip, onuň
işleýän ýerini sorap tapdym. Kätip gyza özümiň kimdigimi
we nireden gelendigimi aýtdym, ol içeri girip çykdy-da, meni
başlygyň ýanyna goýberdi.
Uzyn boýly, pälwansypat, 40 ýaşlar töweregindäki
görmegeý pyýada otagyň ortarasynda öňýmden çykyp görüşdi.
Hal-ahwal soraşdyk, tanyşdyk. Nirede işleýändigimi, näme
maksat bilen gelenligimi aýtdym, aslymyň niredenligimi eşiden
dessine maňa sorag berdi:
— Burdalagyň haýsy obasyndan?
— Doglan ýerim Burdalagyň Gultak obasy.
— Men iki mundan öň Täjigistanyň özara barlag
brigadasynyň düzüminde Türkmenistana gitdim. Şonda
Hojambaz etrabynyň pagtalaryny görmäge iberilen topara
goşulyp, ata mekanyň ähli obalarynda boldum. Gultak obasyny
hem şonda gördüm.
Kätip gyzyň getiren çaýyny guýup durşyna:
— Garyndaş myhmançylyga gelende, hemme iş
taşlanýandyr. Agşam ýolbaşçylar we garyndaşlar bilen
öýde oturarys. Häzir bolsa men seni etrabyň häkimleri bilen
tanyşdyraýyn – diýdi.
Ilki raýispolkomyň başlygynyň, soňra raýkomyň
sekretarynyň kabulhansyna baryp, olar bilen salamlaşdyk.
Ispolkomyň başlygy goňrat özbeklerinden eken. Nedirkul
ony agşam öýüne çagyrdy. Soňra biz Nedirkuluň obasyna —
Jargorgana gitdik.
Jargorgan obasy Şährituadan 14 kilometr uzaklykda,
Kapyrläheň derýasynyň sag kenarynda ýerleşip, onda täjiklerden,
türkmenlerden, goňratlardan we araplardan 150 çemesi hojalyk
275
ýaşaýan eken.
Telefonda tabşyranlygy üçin Nedirkuluň uly ogullary
Osman bilen Garahan eýýäm dowar soýup, naharyň ugruna
çykypdyrlar. Howlynyň içi-daşy syrylyp-suwlanyp, kölegede
düşekler ýazylypdyr. Entek düşege geçmänkäk, Nedirkul kiçi
ogluna gygyrdy:
— Ahmet, Hally bagşydan galan dutary getir.
Ynha, uzyn saply gadymy ärsary dutary. Kädisi uly däl,
süýnmegräk. Men Burdalykly Hally bagşynyň adyny öňem kän
eşidipdim, il ony Owganystana giden hasap edýärdi. Nedirkul
Hally bagşynyň agtygy eken.
Jylykölli ýaşulularyň Şährituzda hökman duşmaly diýip
salgy beren ýaşulusy Saparguyl Togtady. Men Nedirkuldan ony
soradym. Nedirkul Ahmede gygyrdy:
— Ahmet, bar, Saparguly agany getir. Dutaryny hem alyp
gaýt.
Sähel salymdan eli dutarly Ahmet bili bükülen hökgi
ýaşulyny yzyna tirkäp geldi. Salamlaşdyk, soraşdyk. Nedirkul
oňa meniň kimligimi we näme iş edýänligimi gürrüň berdi.
— Hä-ä, obalaryň taryhyny, olarda ýaşaýanlaryň dilini
öwrenýän diýsene! Ýagşy kesibäň bar ekeni. – Saparguly aga
sözüne dyngy berdi-de, elindäki hasasyny agaja söýedi, düşekde
ykjam ornaşybam gürrüňini dowam etdi.
— Bir gadymy nakyl bar “Dilini bilseň gujaklaşarsyň,
dilini bilmeseň pyçaklaşarsyň”. Adamyň dilini bilseň, kimdigini
bilersiň. Sähel paýhas etseň, sözi, gepi, edebi her kişiniň
niredendigini, haýsy taýpadandygyny, nähili maşgalada önüpösendigini soramazdan aýdar durar. Şu babatda bir wakany
gürrüň bereýin.
Baýak uzak ýol söküp, ýanyna bir zenan maşgala geldi.
Gele-gelmäne-de hamsygyp, gürrüňe başlady:
— Saparguly aga, siziň köp adama garyndaşyňy tapyp
berenligiňizi eşidip geldim. Maňa-da kömek ediň. Ýaşlykda şu
töwerege düşüpdirin. Daşyň köpçülik wagty garyndaşyň gerek
boljagyny bilmändirin. Ýeke galdym, indi garyndaş gerek. Ilençalanym bolmaly, ýöne olaryň nirededigini Alla bilsin.
276
— Çen bilen etrabyňy, taýpaňyzy bir bilýärmiň – diýip
soradym. Olar:
— Ýok. Atam dirikä, garyndaş diýip gelip-gidýänler bardy.
Çagakam, olardanam aslymy, ýurdumy soramak ýada düşmändir.
— Eýle bolsa, gelin, saňa sorag bar. Uly aýal gyz
doganlaryna ärsarylar eke, esgiler beýçe, saýatlylar bi:wi, käbir
taýpalaram ana, bajy, siňli diýýärler. Sen uly gyz doganyňa
ýüzleneniňde näme diýýärdiň?
— Bi:wim diýýärdim.
— Bi:wim diýýän bolsaň, garyndaşlaryňy çowdurlaryň
içinden gözle – diýip, kimleriň ýanyna barmalydygyna çenli
salgy berdim. Gelin öz garyndaşlaryny şol ýerdenem tapypdyr.
Ine, saňa dil bilmegiň peýdasy.
Eli hasaly, bili bükülen bu ýaşula ilki gözüm düşende, ony
eňki agan, aňy giden garrydyr öýdüpdim, emma gaty ýalňyşan
ekenim. Saparguly aganyň her sözi gunt düşen ýaly aýyk-saýyl,
sesi ýag içen ýaly. Diliň, sözüň inçe syrlaryna düşünip, oňa
baha berşi babatda-ha ol hiç bir dilçiden kem däl. Men özüme
gerekli adama düşanyma gaty begendim. Onýança-da Nedirkul
dutaryny düzüp oturyşyna, beýleki dutary Saparguly aga alyp
berdi:
— Myhmanyň hatyrasyna üç-dört sany adam çagyrdym.
Olar gelýänçä, hany, birki heň gaçyraly.
Saparguly aga aşagyna taşlanan ýumşak körpeçäniň üstünde
aýbogdaşyny gurup oturdy-da, dutary düzdi. Iki goňşy öňem
dutary köp bile çalşyp, biri-biriniň inip-çykyşyna gaty belet
bolmaly, elleriň deň gopuşy şondan habar berýär. Saparguly
aganyň dutar çalandaky hereketleri-de onuň daş görnüşi bilen
bap gelenok. Agzyndaky dişleriniň tükellegi hem onuň üstesine.
Sazyň arasyna bir böwşeňlik düşende, men öz iňkisimi daşyma
çykardym:
— Saparguly aga, daşyňyzdan siz esli ýaşan adam ýaly
görünýärsiňiz. Emma sesiňiz, gep-sözüňiz, dutar çalyp, aýdym
aýdyşyňyz weli käbir ýigitlere gaýra dur diýýär. Aýyp görmäň,
siz näçe ýaşadyňyz?
Ýaşula bu sözler ýaran bolarly, ol loh-loh güldi:
277
— Ýaş-a esli bolandyr, şu ýyl segsene gitdim. Köne hasaby
bilýän bolsaň, hasaplap göräý: ýylym bijin.
Men daşymdan “tüweleme!” diýenimi bilmän galdym.
Gelen myhmanlar bilen agşam esli oturdyk. Raýispolkomyň
başlygy turjak wagtynda Nedirkula:
— Sen ertir işe gitme-de, myhmany Şährituzuň gözel
ýerlerine aýla, Çiliçar çeşmäni görkez — diýip, hemmämiz
bilen hoşlaşdy.
Ertesi Nedirkul meni Kapyrläheň derýasynyň kenarlaryna
aýlady. Öz obasyndan 10-12 kilometr uzakda ýerleşýän Deşikdaş
obasyna at beren Deşikdaşy gördük. Kenardan Amyderýa
çenli gidýän ýoluň ugrundaky äpet tutuş daş (ýerli Hatap
türkmenleriniň şiwesinde ta:ba) el bilen deşilip, maşyn geçer ýaly
ötük edilipdir ( häzir ol ötügiň üsti ýumrulypdyr). Soň Çiliçar
çeşmä gitdik. Täjik dilinde Çiliçar çeşme “kyrk dört bulak” diýen
manyny aňladýar. Tebigatyň döreden bu täsinligine haýranlar
galaýmaly. Yhna, tekiz ýerde ýer oýulyp, diametri 20—30 metr
çemesi äpet tegelek howuz emele gelipdir. Onuň bir tarapyndan
uly aryk suw akyp çykýar. Howzuň gyralaryny agaç tokaýlary
jehekleýär, aşagy we kenarlary bolsa daş. Durulygy zerarly,
çuň suwuň aşagyndaky ownuk daşlara çenli gowy görünýär.
Suwuň düýbünde, daşlaryň arasynda iniňi tikenekledýän gara
ýylanlar sanardan kän. Howuzdan akyp çykýan arygyň güneş
düşýän ýapgyt kenarynda bu zähersiz janawarlaryň müňlerçesi
güneşläp, günüň ýagtysyna ýaldyraşyp, kenary gara mermer
bilen örtülendir diýdirýär. Ýanyna ýakynlaşyberdigiň olar bir
çetden özüni suwa urýar. Bu ýylanlaryň oňşuklylygyny diýsene!
Howzuň we arygyň suwunda garamtyl-goňur balyklaryň sürüleri
ýüzüşip, ýylanlar bilen ysgaşyp ýörenem bolsa, bu janawarlaryň
biri-biri bilen işi ýok.
Çeşmä “Kyrk dört bulak” diýilse-de, howzuň çar tarapyndan
we suwuň düýbünden syzylyp däl-de, atylyp çykyp duran
çeşmeleriň hem sany ýüzden köp. Ähtimal, çeşmäniň adynyň
kyrk (kyrk dört) sözi mukaddes (ylmy dilde sakramental) hasap
edilýän san bolmaly. Dogrudan-da, ýerli ilat bu çeşmäni öwlüýä
hasap edýär, onuň balyklary tutulmaýar we iýilmeýär.
Howuzdan pagta meýdanlaryna gidýän uly arygyň
278
ýakasynda, howzuň ýakynynda ençeme gektar ýere miweli bag
ekilip, kolhozçylar dynç alar ýaly sanatoriý gurlupdyr. Meniň
baran döwrümde bu ýaş bagyň käbir miweleri ýaňy bişip başlan
eken.
Gezelençden oba gaýdyp gelenimizden soň, men mekdebe
bardym we mugallymlar bilen duşuşdym. Dilçi mugallymy
ýanyma goşdular, obada üç-dört ýaşuly bilen gürleşip, agşamlyk
hem Saparguly aganyňka bardym. Nedirkul hem geldi. Köp
zady bilýän bu ýaşulynyň ýanynda birki gün bolup, ondan özümi
gyzyklandyrýan zatlary ýazyp almakçydygymy Nedirkula
duýdurdym. Ol ylalaşdy.
Saparguly aganyň gürrüň bermegine görä, Şährituz
etrabynyň türkmen ilaty geçen asyryň ortalarynda şu ýere
göçüp gelipdir. Onuň ärsary topary Burdalykdan, esgiler
Marynyň Perreňçäge diýen ýerinden, hataplar bolsa Kerkiçäniň
ýakynyndaky Borugçy obasyndan çykyp, Gowadyýan (taryhy
çeşmelerde Kabadian) düzlüginde ornaşypdyrlar. Ilki noýbadan
(lo:wla) bol hasyl alnany üçin, olaryň obasyna Lowlakär
diýipdirler. Ol oba häzir hem bar. Şondan türkmenler Jargorgan
we Deşikdaş obalaryna ýaýrapdyrlar.
Saparguly aga bu ilatyň baý halk döredijiligini hem gowy
bilýän eken. Men ondan ençene nakyldyr atalar sözlerini,
matallary, ýerli şahyrlaryň goşgularyny ýazyp aldym. Ýeri
gelende aýtsam, akademik Baýmuhammet Garryýew hem şu
obada Saparguly aganyň öýünde iki gün bolupdyr.
Mekdep-medrese görmese-de, Saparguly aga haty özbaşdak
öwrenip, köp kitap, ylaýta-da klassyk şahyrlary ürç edip okapdyr.
Goşgularyň köpüsini ýatdan bilýär. Hatda geçmiş şahyrlarynyň
çap edilen eserlerinde sypyp galan bentleri hem aýdyp otyr.
Meselem, Mollanepesiň meşhur “Aňsa” goşgusynda heniz duş
gelmedik bu bentleri men Saparguly agadn ýazyp aldym:
It gapydan gitmez ýalyn kem berseň,
Guş awyny almaz doýa şam berseň,
Doňuza jul salyp, nohut-iým berseň,
Bükriz alyp haýdar köl sesin aňsa.
279
Näkes sözlär her sözüni duz kibi,
Duzdan beter çürkär gyzyl köz kibi,
Aýyny gurşasaň (bezeseň) ketde gyz kibi,
Haňryz alyp haýdar dag sesi aňsa.
Saparguly aga Keminäniňem heniz çap edilmedik üç bent
goşgusyny aýdyp berdi:
Ýetiş aşyknyň dadyna,
Sen-sen meniň göwün hoşum,
Köýdürme yşgyň oduna,
Uzat goluň, alber bäşiň.
Boýuň meňzär dal gamyşa,
Ogşatmyşam ýaşylbaşa,
Ukyply sen her bir işe,
Ýeňiň sürpäp ýar, ýörişiň.
Kemine diýr, göwün üzmez,
Sensiz özge ýerde gezmez,
Ýeriň gaýmajagny bozmaz,
Küýzäni göterip, ýar, ýörişiň.
***
Saparguly aganyň ýanynda iki gün, Deşikdaş obasyndada şonçarak bolup, Nedirkul dagy bilen hoşlaşdym. Ol meni
Şahrituzdan Duşenbä çenli ýeňil maşynda ugradyp goýberdi.
***
Täjigistanyň Gorgandepe welaýatynyň birnäçe etraplarynda
meniň baran döwrümde adam sany täkmyn 20 müň çemesi
bolan türkmen iliniň arasynda bir aý gözlegde bolup, onuň
ýaşululary we bilermenleriniň gürrüňlerini diňlemek, soňra-da
ol il barada ýazylan taryhy çeşmeler bilen tanyşmak esasynda
280
bu arkadaşlarymyzyň taryhyny şeýleräk göz öňünde getirýäris.
Häzirki Täjigistanyň Gowadyýan we Huttalýan (Kölap—
Kulýab ülkesi) sebitleri Özbegistanyň Termez we Owganystanyň
Balh welaýatlary bilen birlikde gadymy geçmişde bir bütewi
ülkäni emele getirip, täjikleriň, türkmenleriň jan sany 40000
çadyra, ýagny 200000 adama ýetipdir (Täjigistan türkmenleri.—
K.-da: Dünýä türkmenleri.—A.: Ruh,1994.—31 s.)
Tutuş Amyderýanyň iki ýakasynda ýaşaýan ilat
haýsy kenarda durmuş gowy, howpsuz bolsa, şolarapdaky
garyndaşlarynyň ýanyna göçüpdir. Netijede, ilatyň sany we
gürlügi mydama üýtgäp, azalyp ýa köpelip durupdyr. Bu
ýagdaý Jylyköl türkmenlerine-de degişlidir. Geçen asyra degişli
çeşmelerde Jylyköl türkmenleriniň etnik ady Garatürkmendir,
hatda Jylyköl şäherçesiniň ýakynynda häzire çenli Garatürkmeniň
juýbary diýen aryk hem saklanypdyr.
Ýokarda ady geçen Saparguly Togta Garatürkmen diýen
ady şeýle düşündirýär: geçen asyryň ortalarynda Gara diýen
türkmen dadhasy )generaly) Buhara emiriniň şu ülkedäki wekili
Batyr handan rugsat alyp, ýüz hojalyk çemesi ärsaryny Lebapdan
Gowadyýana göçürip getirýär. Bu ülke Garanyň türkmenleri,
Garatürkmen diýen at galýar. Ýöne jylykölli ýaşulularyň köpüsi
garatürkmen diýen ady ärsarylaryň gara diýen bölümi bilen
baglanyşdyrýar we geçmişde şol garalaryň bu ilde has köp
bolup, soňra Owganystana geçenligini gürrüň berýär.
Her niçigem bolsa, Jylyköl töwereginde ýaşaýan häzirki
türkmenleriň aglabasy geçen asyryň ortalarynda Lebapdan,
esasan, Kerki, Halaç, Garabekewül, Saýat, Burdalyk,
Hojambaz, Çarşaňňy etraplaryndan göçüp gelip, olaryň köpüsi
ärsarylar, galanlary hem olam, salyr, hatap, esgi ýaly tapalaryň
wekilleridir. Jylykölli oturymdar türkmenler bilen gatnaşyk
eden belet adamlaryň yzyna düşüp, lebaply türkmenler bu etraba
aralaşypdyrlar. Ilki-ilkiler olar Wahşyň boýundaky tokaýlardan
gurluşyk üçin agaç çapyp, ony pytramza ýaly daňyp, Wahşdan
Amyderýa, ondanam öz obalaryna akdyryp getiripdirler. Soňsoňlar Wahşyň çägesinden altyn ýuwup almagy öwrenip, bu
ýerde topar-topar bolup, zerçöwlik etmäge gelipdirler (täjikçe
281
zerşoý/zerçöw “altyn ýuwýan” diýmekdir).
Altyn ýuwmak üçin uly desga gerek däl, tüýi, çitimi ösgün
ahky, deri ýaly ulurak düşek we çäge, suw almak üçin gap bolsa
bolany. Tüýli düşegi güzeriň suwly ýerinde oturdylan we ýörite
ýasalan ýapaşak topçana berkidip, belent tarapyna Wahşyň
çägesini döküp, üstüne-de suw guýybermeli. Çäge suw bilen
derýa guýulýar, massasy has agyr altyn dänejikleri bolsa aşak
çöküp, tüýüň ýa çitmäniň arasynda saklanýar. Soňra şol tüýli
düşegi arassa zadyň üstüne kakyp, zer owuntyklaryny toplap,
bir gaba dökýärler, üstüne simap ol zeri özüne çekip, beýleki
hapalardan saýlaýar. Şondan soň zer bilen simaply gaby oda
goýsaň, simap bugaryp, arssa altynyň özi galýar eken. Gürrüň
berişlerine görä, uzyn günüň dowamynda ýüzlerçe tonna
çäge ýuwlanda-da, alynýan altynyň agramy iki-üç gramdan
geçmändir. Ýöne geçen asyrda has köp altyn ýuwup, uly baýlyk
toplan adamlar hem bolupdyr. Sowet häkimiýeti Wahşda bu
pişäni gadagan edipdir, ýöne bu ýerde ogrynça zerçöwlik
edýänler hemişe-de bolupdyr, meniň baran döwrümde-de bar
eken.
Hut Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna çenli Jylyköl
türkmenleriniň ýaşaýan çygrynda az-köp lakaý özbekleri
bolaýmasa, täjikler we beýleki milletler ýok eken. Ýöne soň
Wahş we Kapyrläheň jülgelerine ýertitremeden ejir çeken we
beýleki täjikler köpçülikleýin göçürilip getirilmäge başlapdyr,
türkmenleriň köpüsi şondan soň täjik dilini öwrenipdirler.
Penç etrabyndaky türkmenler-ä az wagtyň içinde täjikleşibem
gidipdirler. Men şu etrabyň iki obasynda türkmenleriň
ýaşaýandygyny eşidip, şol obalara baryp gördüm. Olardaky
ýaşuly türkmenler ene dilini kem-käs saklan hem bolsalar,
ýaşlary ene dili täjikçe, maşgalada ýörgünli dil hem täjik dili
eken. Muňa seretmezden Wahş we Kapyrläheň boýlarynda
ýaşaýan türkmenleriň gepleşik dili we ähli edim-gylymy Kerki
topar obalarynda ýaşaýan türkmenleriňki bilen birdir.
Jylyköl türkmenleriň arasynda öňki Soýuzda we
Täjigistanda meşhurlyk gazanan hem-de türkmen halkyna
şöhrat getiren şahsyýetleriň sany az däldir. Bu babatda, öňi
bilen, şu ilde önüp-ösen, asly hem gyzylaýak türkmenlerinden
282
bolan Mukym Soltanowyň adyny tutmak gerek. Bu gaýduwsyz
türkmen Täjigistandam umuman, Orta Asyýada iň uly we
güýçli basmaçylar toparynyň serdary Ybraýym begi sowet
häkimiýetlerine tutup berip, Täjigistanda ilkinji milli gahrymana
öwrülýär. Duşenbedäki milli taryh muzeýinde Mukym
Soltanowa we onuň edermenligine ýörite otag bagyşlanypdyr.
Meniň baran döwrümde diri hem bolsa, paýtagtyň ýakynyndaky
Lenin etrabynyň obalarynyň birinde ýaşaýan bu ildeşimiz bilen
duşuşyp bilmedim.
Bu ülkeden Hally bagşy, Ýazmyrat Jumat ýaly görnükli
bagşylaryň, ylmyň dürli ugurlary, ylaýta-da medisina boýunça
ençeme alymlaryň,1960-njy ýyllarda Jykyköl raýkomynyň
birinji sekretary, soňpra kolhoz başlygy bolup işlän Jumaguly
Nazarow, tutuş Täjigistanda şöhrat gazanan “Moskwa” (häzir
Möwlam Garýagdyýew adyndaky) kolhoza köp ýyl başlyk
bolan Möwlam Garýagdyýew, ýokarda atlaryy tutulan Nedirkul
Nazarow we Allaberen Hudaýýar ýaly görnükli partiýa
we hojalyk ýolbaşçylarynyň çykandygy hem bellenmäge
mynasypdyr.
***
Öňki sowet imperiýasynyň dargamagy bilen Täjigistanda
başlanan graždanlyk urşy bu ýurtda ýaşaýanlaryň ähli gatlagyny
sarsdyrdy. Urşuň ýalny Jylyköl türkmnleriniň käbir obalarynada çabrady. Netijede, ol obalardan çykan bosgunlar dumlyduşa pytradylar. Olaryň esasy bölegi bolsa ata Watana gelip
düşdi. Häzir Garagum kanalynyň boýunda dörän täze oba we
şäherçeleriň köpüsinde, Lebap welaýatynyň ençeme obalarynda,
Mary welaýatynyň Hanhowuz ýaýlasynda, Ahal welaýatynyň
Gäwers etrabynyň Ýaşyldepe, 9 Aşgabat komissarlary daýhan
birleşiklerinde şol ilden göçüp gelen arkadaşlarymyza duş gelmek
bolýar (meselem, ýokarda ady agzalan Tagan Begjikowyň topary
Lebap welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow etrabynda, Nedirkul
Nazarow bilen bile gelen hojalyklar hem Hanhowuz ýaýlasynda
täze ýurt tutundylar).
283
Özbegistan we Garagalpagystan türkmenleriňkide
Özbegistan türkmenleri bilen mydama ýygy aragatnaşyk
bolandygy üçin, ol türkmenler barada bilmeýän adam az-azdyr.
Häzirki döwrüň resmi maglumatlary boýunça, Özbegistanyň
Daşkent, Samarkant, Buhara, Kaşgaderýa, Surhanderýa we
Horezm welaýatlarynda 60—65 müň, Garagalpagystanda hem
60,2 müň türkmenleriň ýaşaýanlygy habar berilýär. Hakykatda
weli doganlyk Özbegistan döwletinde ýaşaýan arkadaşlarymyzyň
jan sany has köpdür. Biz muňa şol türkmenleriň arasynda ylmy
iş saparynda bolan mahalymyz gowy göz ýetirdik.
1924-nji ýylda Orta Asiýada ýaşaýan özbek, türkmen,
täjik, gyrgyz, gazak we garagalpak halklarynyň arasynda
milli—çäk bölünişigi geçirilip, olaryň arasy emeli serhet
bilen çäklendirilýänçä, bu giň ülkäniň ähli ýerinde agzalan
halklaryň wekilleri ýaýylyp-ýaýrap ýaşapdyrlar. Şonuň üçinem
biz türkmenleriň ululy-kiçili toparlaryna öňki respublikalaryň
köpüsinde duş gelýäris. Orta asyrlarda Gyrgyzystandaky Çu,
Talas, Jetiögüz, Yssykköl sähralaryny we Syrderýa boýlaryny
mesgen tutunan türkmen taýpalarynyň uly bölegi soňra
Maňgyşlak, Balkan sebitlerine aralaşan bolsalar, olaryň beýleki
bölegi Syrderýa boýlarynda ymykly ornaşyp, şol ülkeleri
özlerine watan tutunypdyrlar. Hatda 20-nji ýyllarda ýüzleýräk
geçirilen ilat ýazuwy boýunça-da Özbegistanyň çygryndaky
türkmenleriň jan sanynyň bir million çemesidigi bellenýär. Ýöne
dil, medeniýet, din we ruhy taýdan juda ýakyn, san taýdan hem
agdyk bolan doganlyk özbek halkynyň arasynda düşen az sanly
türkmenler soňra özbek mekdeplerinde okap, özbek halky bilen
garylyp-gatylyp gidipdir. Soňra ýazuwlarda olaryň milleti hem
özbek diýlip ýazylypdyr.
Özbegistan türkmenleri barada ýazylan zatlar sanardan köp.
Şonuň üçinem, biz olar barada ymykly gürrüň etmekçi däl, diňe
olaryň giň köpçülige onçakly mälim bolmadyk taraplary barada
gysgaça ýatlap geçmekçi.
1975-nji ýylda Daşkent welaýatynyň Akgorgan etrap
“Akgorgan” sowhozynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda
284
bolanymyzda, olaryň özleriniň 30-njy ýyllarda baý-kulak
hökmünde sürgün edilenleriň nebereleridigini aýtdylar. Bu
sowhozyň alty bölüminiň ählisinde şol döwürde müňden gowrak
türkmen bolup, olaryň köpüsi sarahsly salyrlar, galanlary hem
Gazanjyk, Çärjew, Sakar etraplaryndan getirilen il eken. Olaryň
obalarynda türkmen dilinde mekdepler hem bar eken. Teke
hanyň agtygy Şamman, Şajyk, Özbegistanda at gazanan mekdep
mugallymy Kirli Patarow ýaly meşhur ildeşlerimiziň ençemesi
bilen duşuşdyk.
Samarkantda türkmen obalary barada maglumat almak
üçin, ilki bilen oblispolkoma geldik. Ýöne bu ýerde bize
Samarkant welaýatynda türkmen obalarynyň ýoklugyny, diňe
şäheriň Türkmengüzer ýa-da Kölabat diýen mähellesinde iki
müň çemesi türkmenleriň ýaşaýanlygyny habar berdiler. Biz
Türkmengüzerde bolanymyzda, şäheriň Titow we Bulungur
köçeleriniň ugrunda, Kölabat mähellesinde 150—200 türkmen
hojalygynyň kowçum bolup oturanlygyny, olaryň ählisiniň
hojambazly olamlaryň wekilleridigini anykladyk. Häzirki
Hojambaz bilen garyndaşlyk gatnaşygyny saklaýan bu olamlaryň
XVIII asyryň başlarynda şu ýere Hojambazdan gelendigini
gürrüň berdiler. Ondan öňem bu sebitde oturymdar türkmenler,
şol sanda olamlar hem ýaşapdyrlar. Türkmen, özbek, täjik we orus
dillerini suwara bilýän bu olamlaryň aýallary tamdyrda çörek
bişirmekde uly ussatlar hökmünde meşhurlyk gazanypdyrlar.
Häzir olaryň howlularynyň ählisinde gaz bilen gyzdyrylýan
uly tamdyrlar bolup, ýörite basdyrmanyň aşagynda 20—30,
käbirleriniňkide hatda 15 – 200 halta un basylyp goýlupdyr. Bu
türkmen aýallarynyň bişirýän çöreginiň Samarkant bazarynda iň
arzyly harytlaryň hut özümiz göz ýetirdik, olaryň öýlerine gelip
çörek satyn alýanlaryň, çörek sargap bişirdýänleriň ençemesine
duş geldik. Dogrudan-da, gyralaryna nagyş edilip, ortalaryna gül
basylan we hat ýazylan, şeýle edilibem sangatyň ajaýyp eseri
derejesine ýetirilen bu çörekleri gözrämeg göz gerek. Gürrüň
berişlerine görä, daşary ýurtlara saparynda hut Şaraf Raşidowyň
özem şu türkmenleriň bişiren çöregini ýany bilen äkidýän eken.
Hojambaz olamlary bilen deňeşdirendem Samarkantdaky
285
olamlar öz şiwesini, garry aýallary bolsa gadymy milli
formasyny gowy saklapdyrlar. Meselem, Lebapda “Ho diýse,
Hojambazlydyr” (Ýagny olamdyr) diýen aýtgy ýörgünli, çünki
olar öň ho sözüni köp ulanýan ekenler. Emma häzir Hojambazda
ho diýilmeýär, emma Samarkant olamlarynda bu aýratyn mesaňa
mälim duýulýar: Men uňa aýtdym ho: Gitjek bolup ýöri:rin ho:
Hojjamba:zdan şö:re (şu ýere) geldo:r (gelýär) ho: Şö:rde k:öl
ba”r ho: Haýkyrma (gygyrma) ho:
Samarkant türkmenleriniň her öýünde diýen ýaly täjik ýa
özbek milletinden alnan gelinler gaýynlary bilen örän mylaýym
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.