Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07

Total number of words is 3683
Total number of unique words is 2146
29.8 of words are in the 2000 most common words
41.6 of words are in the 5000 most common words
48.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
syrylandy. Olaryň ýalaňaç kellesiniň alty ýerinde: iki çekgesinde,
maňlaýynda, ýeňsesinde we depesiniň iki ýerinde ösgün
gulpaklary bolup, ol keşdelenip tikilen araky tahýalarynyň
eteginden çykyp durardy. Okuwa girenden soň gyzlar saçyny
syrdyrmagy bes edýärler, oglanlar bolsa päki bilen kellesini
syrdyryp, maňlaýynda aýa ýaly ýerde saç goýdurýardylar.
Şol döwürde Kerki şäherinde dellekhananyň bardygy
ýadyma düşmeýär. Biz saçymyzy bile okaýan ýoldaşlarymyza
syrdyrýardyk. Ol ýyllar entek almaz-päki (lezwiýe) diýen zat
ýokdy. Şonuň üçinem goşun gullugynda ýa-da uruşda bolup
gelen kursdaşlarymyzda saç-sakgal syrmak üçin ullakan türkmen
päkiler bolardy. Biz saçymyzy şolara syrdyrýardyk.
Wakalardan öňe geçip, bu babatda ýene bir zady gürrüň
bereýin. Uçilişäniň birinji kursyny gutaryp, tomus kanikulynda
oba gelenimde, men maňlaýymda goýduran saçymy syrdyrman,
üstündenem ak papak geýip, oba geldim. Garry aýallar enemiň
ýanyna gelip, saçymy syrdyrmagymy, papagymy hem tahýa
bilen çalyşmagymy talap edipdirler. Kimdir biriniň laýyna
(jaý salmak üçin ýowara) baranymda bosa Reýimberdi aga
87
diýen ýaşuly garyndaşymyz bilen görşenimde, ol meniň elimi
goýbermän, gaýtam beýleki eli bilenem ösgün saçymdam tutup,
töweregindäkilere gygyrdy:
— Hany, maňa bir pil beriň. Atanyýazyň bu gäbi azan
oglunyň saçly kellesini boýnundan çapyp zyňaýyn.
Ýowara gelenler meniň düşen ýagdaýyma gülşüp tomaşa
edýärdiler. Şol arada Çärjewdäki medisina uçilişinde okaýan
Ýagmyr Kuly diýen ýaşuly obadaşym ýanymyza geldide,
Reýimberdi aga ýüzlendi:
— Reýimberdi aga, şäherde saç goýdurmasaň, ähli adam
saňa “lysyý” diýip at dakýar, bu söz bolsa “tilki” diýmegi
aňladýar. Özümize “tilki” diýdirmejek bolup, şäherde saç
goýdurýarys. Menem saçymy oba gaýtmazymyň öň ýanynda
syrdyrdym- diýdi. (Ýagmyr bu ýerde lysyý-“takyr kelle” we
lisa-“tilki” diýen ors sözlerini gatyşdyrýardy). Reýimberdi
aga şondan soň saçymy goýberdi we obada saçly gezmezligi
tabşyrdy.
Ýarym ýyllyk synaglar gutarandan soň, oba gitmeli gün
gelip ýetdi. Men öýe äkitmejek zatlarymy çemodana salyp,
agzyna-da asma gulp urdum we komendanta tabşyrdym. Egnime
obadan geýip gelen pagtaly gyzyl donumy, başyma tahýamy,
aýagyma-da täze satyn alan we ýörände jarkyldap ses edýän
tapoçkamy geýdim-de, ýoldaşlarym bilen Kerkiçä geçdim we
birnäçe maşyna münüp, iki günde Burdalyga aşdym.
Kanikul 12 günlük bolup fewralyň başyna Kerkä
dolanmalydy. Ýöne biz fewralyň aýagyna-da Kerkä gelip
bilmedik.
1950-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gyş gazap geldi.
Üstli-üstüne ýagan galyň gar bir aýdanam köp ýatdy, pesibeýigi deňleşdiren syrgyn hem boldy. Burdalykdan Kerkä
gidýän ulag ýokdy. Ençeme günläp aeroporty garawulladyk,
ýöne uçar gelmeýärdi. Ahyrynda, martyň başynda bir uçar
geldi. Diňe iki ýolagçy göterýän bu kiçijik uçaryň uçarmany
Kerkä gitmejekdigini, ýöne her kim 25 manatdan tölese, iki
orna dört ýolagçy alyp, derýänyň o ýüzüne —Garabekewüle
düşürjekdigini aýtdy. Köp gatnawly, emma asfaltlanmadyk
88
uly ýoluň Garabekewüliň üsti bilen geçýänligi üçin, biz razy
bolduk. Menden iki kurs öňde okaýan Akmyrat Tagan we Öwez
Hatam, oba hojalyk tehnikumynda okaýan Seýti Rahman diýen
üç obadaşym bilen biz iki adamlyk ýere zordan ýerleşdik. Her
kimiň külçe, garna dykylan gowurdak ýaly zatlar salnan uly halta
goşy bar. Olary hem uçarman biziň üstümizde goýdy. Bu uçarda
ýolagçylaryň we sürüjiniň üsti açykdy, ýöne biziň üstümizi
weli haltalarymyz ýapýardy. Sanlyja minutdan derýanyň o
kenaryna düşdük. Haltalarymyzy göterip, uly ýoluň ugrunda
ýerleşýän çaýhana geldik. Uzak garaşdyk, emma Kerkä tarap
maşyn geçmeýärdi. Garabekewüliň merkezinde hiç birimiziň
tanşymyzyň ýoklugy üçin, bu ýerden ýigrimi kilometr uzaklykda
ýerleşýän üzümçilik sowhozyna pyýada gitmeli we şol ýerdäki
garyndaşlarymyzyňkyda ýatmaly diýen karara geldik.
Meniň ýüküm agyrdy, dörtleriň içinde iň kiçisi we ejizi
hem mendim. Uly haltany ýigrimi kilometre göterip aşyryp
bilmejegime gözüm ýetýänligi üçin, haltadaky külçäniň
ýarysyny çaýhanaça berdim.
Pyýadalap, ýola düşdük. Aýagymda agyr ädigim bardy. Gyş
erbet geleni üçin, ony atam ýakynda alyp beripdi. Ädik geýdigim
dünýäm daralyberýärdi, şonuň üçin öýde köplenç tapoçkaly
gezdim. Ädigi diňe ýola geýdim. Munuň ýolda maňa beren
jebrini diýsene! Suw degende ýumşamagyň deregine, bu ädigiň
gaýşy gataýardy (teletinden däl-de, çerimden tikilýän ädikleriň
suw degende gataýanlygyna men soň-soňlar düşündim). Öýlän
Gün çykyp, gar biraz eräp başlady. Meniň ädigim hem agaç ýaly
gatap, aýaklarymy gan-gabarçyk etdi. Men ýoldaşlarymdan
esli yzdan barýardym. Öňden çykan eşekli aýala haltamdaky
çörekleriň ählisini, ol aýalyň dişli oragy bilen kesip, gowurdagyň
hem ýarysyny berdim. Oturyp, ädigimi çykardym-da, ony halta
saldym. Dolaklarymyň köp ýeri gara gan. Ak garyň üstünde
gyzyl yz galdyryp, ýoldaşlarymy ýetdim.
Güni batyryp, sowhoza geldik. Eziz Ýagşyguly diýen
garyndaşymyzyň öýüni sorap tapdyk. Onuň aýaly Abadan daýza
maňa gözi düşenden “Hih!” diýip içini çekdi-de, “Saňa näme
boldy?” diýip sorady. Ýagdaýyma gözüni ýetirip, dessine ýyly
89
suw bilen aýagymy ýuwdurdy. Eziz aga aýagymyň gan-gabarçyk
bolan ýerlerine bir zatlar çaldy, soňra ýuka mata bilen sarap berdi.
Ýaralarymyň azaryna men ol gije uklap bilmedim. Ertir tursam,
aýaklarym çişip gidipdir. Şonuň üçinem men ýoldaşlarymdam
aýrylyp, Eziz aganyňkyda ýene iki-üç gün galmaly boldum.
Ertir çaýdan soň ýoldaşlarymy ugradyp, Eziz aga bir tebip aýaly
alyp geldi. Ol aýal günde iki wagtyna aýagyma em etdi. Eziz aga
bolsa ädigime bir zatlar çalyp, ony ýumşatdy. Aýagymyň çişi
gaýdansoň, meni uly ýola çykaryp, Kerkä ugratdy. Şeýdip, 35
gün gijä galyp, uçilişä geldim. Bu gyş kanikulynda kursdaşlaryň
menden soň gelenleri-de boldy.
Uçilişede okan ýyllarymda oba aşmak ýa-da obadan Kerkä
gelmek babatda çeken azaplarym başga-da köp boldy. Iki gezek
150-160 kilometrlik bu ýoly pyýada geçdik, bir gezegem tomus
kanikulyndan Kerkä gitmek üçin ulag tapylman, 8 oglanyň
haltalaryny 5 eşege ýükläp, burdalykly kursdaşym Açyl Eziziň
atasy Eziz Nobat diýen gürrüňçi adam Kerkiçä getirip gitdi,
gaýdyşda bir daýaw eşege münüp, beýleki dördüsini hem çatyp,
öňüne salyp gitdi.
Biziň kerkili, halaçly kursdaşlarymyza gözümiz gidýärdi.
Olar wagtal-wagtal öýlerine gidip, çörek getirýärdiler. Bu babatda
bir zady gürrüň bereýin. Şäherden 12 kilometrlikde ýerleşýän
Astanababa obasyndan Döwlet Zöhirew diýen kursdaşymyz
bardy. Urşa gatnaşan bu ýaşuly student gaty wäşidi, haýwanlara
ökünmäge gaty ökdedi. Synagda mugallymlaryň käbirleri ondan
hiç zat soraman baha goýýardylar. Döwlet her altynjy gün rugsat
alyp, öýüne gidýärdi. Ynha, bu gezegem ol klas ýolbaşçymyz
Muhammetnazarowyň ýanyna geldi-de:
— Ýoldaş mugallym, maňa şu altynjy günem rugsat
beräýiň-dä. Oba baryp geleýin—diýdi.
— Ýok, bolmaz. Geçen hepde gitdiň-ä. Beýle näme zerur
işiň bar?
— Ýoldaş mugallym, kiçijik çagamy göresim gelýär.
— Näçe çagaň bar?
— Jemi dokuz.
Döwletiň gülküni tutdurýan hereketlerini synlap we
90
jogaplaryny hezil edip diňläp duran geografiýa mugallymymyz
Alyýew gürrüňe goşuldy:
— Näme üçin dokuz çaganyň beýlekilerini däl-de, iň
kiçisini göresiň gelýär?
— Ýoldaş mugallym, kiçisinden enesiniň ysy gelýär.
Mugallymlar hezil edip gülüşdiler. Döwlete ýene rugsat
berildi.
Döwlet Zöhir, Taş Begenç ýaly kursdaşlarymyz öýünden
getiren zatlaryny ýatakdaşlary bilen bile iýýärdiler. Ýöne otuz
adamlyk otagda bile ýaşaýanlaryň içinde her hilisi bardy. Getiren
bir halta külçesinden hiç kime, hat-da gapdalyndaka hödür
etmeýän ýekeöýlüler-de tapylýar. Ynha, bir günem Baýhan diýen
bir ýoldaşymyz külçe getirdi. Getiren külçeleriniň esli bölegini
çemodanyna ýerleşdirdi, sygmadygyny haltasyna salyp, agzyny
düwdi, düwünini hem çemodanyna dykdy-da, ony gulplady.
Baýhan okuwa gidende oglanlar haltanyň yzyndan tikinini
sökdüler-de, çörekleri iýdiler. Baýhan agşam nahar wagty
haltasyndan çörek almak üçin, onuň düwlen agzyny çemodandan
çykaryp, özüne çekende, içi boşan halta ýeňillik bilen eline geldi.
Baýjan böküp ýerinden turdy. Eli bilen haltanyň sökülen ýerini
barlap durşuna ýoldaşlaryna gazabyny pürkdi, sögündi. Ýöne
köp bilen oýnuň deň gelýärmi diýsene! Baýhanyň çemodanynda
gulplap saklaýan külçeleri hem uzak wagtlap gutarmady. Ony
gutarmaga-da oglanlar “kömekleşdiler”. Bu şeýle boldy.
Kanikuldan gelnenden soň, 5-10 günläp oglanlar öýden
getiren külçelerini krowatyň burçuna urup döwüp, aşakda ýörite
gaýnadylýan güpülerden bankada getiren gaýnag suwlaryna
batyryp iýerdiler. Külçe gutaransoň, iki-üç oglan bolup bileleşip,
buhanka nan, bazardan pomidor alyp, bile naharlanardyk.
Baýhan weli adama goşulmazdy. Ol bankada gaýnag getirip,
ýuwaşlyk bilen çemodanyň nomerli gulpuny açardy, bir külçe
we agzy ykjam saralan bankadaky gowurmasyny çykaryp,
tumboçkasynyň üstünde goýardy-da, iýmäge başlardy. Tutuş bir
aýyň dowamynda-da bankadaky gowurma egsilmeýärdi.
Günlerde bir gün kursdaşymyz Temirhan diýen tatar ýigidi
dört-bäşimizi üýşürip, Baýhanyň gowurmasyny alyp iýmegiň
91
ýoluny salgy berdi. Munuň üçin Baýhanyň bankasy ýaly bankany
çaý gaýnadylýan güpülerden çykan kül bilen doldurmaly (bu iş
Işdöwlet Osmanow diýen kursdaşymyza tabşyryldy). Günortan
nahardan soň bir sagatlyk dynç alynýan wagty Baýhanyň
çemodanyny açyp içindäki gowurmaly bankanyň gapagyny
külli banka urmaly-da gowurmany almaly. Bu işi Temirhanyň
özi etmelidi.
Baýhan nahardan soň we agşamyna dessine uklaýardy,
ukusy-da gatydy. Ol uklan wagty Temirhan Baýhanyň ýassygyň
aşagynda epläp goýan balagyny usullyk bilen çekip aldy,
jübüsinden açaryny çykaryp, çemodany açdy, çalasynlyk bilen
bankalary çalşyrdy. Külçeleriň hem eslisini alyp, çemodany
gulplady, açaryny hem öňki ýerine salyp, Baýhanyň balagyny
ýassygyň aşagyna dykdy. Baýhan ukudan oýanansoňam bu
ýagdaýy duýmady.
Biz goňşy otaga geçip, Baýhanyň gowurmasyny we
külçelerini dessine gutardyk. Agşam nahar wagty bu wakanyň
üstüniň açyljaklygyny ählimizem bilýärdik, ýöne kimiň
edenligini Baýhan bilmeli däldi. Şonuň üçin meniň gülegenligimi
we bolşumdan Baýhanyň bir zatlar aňaýmagynyň mümkinligini
nazara alyp, maňa ýatylýan otaga nahar wagtyndan 15-20 minut
giç gelmegi tabşyrdylar. Men şeýle-de etdim.
Ýoldaşlarymyň gürrüine görä, Baýhan bu agşam hem, edil
öňki günlerde bolşy ýaly, gaýnag suw getirip, çemodanyny
açypdyr, bankasyny we bir külçe alyp, tumboçkanyň üstünde
goýupdyr. Döwlen külçäni gaýnaga basyp hem gowurmaly
bankanyň gapagyny aýrypdyr. Gapagynyň aşagyndan göterilen
külüň tozanyna aňk-taňk bolan Baýhan böküp turup, barmagyny
batyryp, bankany barlapdyr, külüň tagamyny diline degribem
görüpdir. Soňra ol oglanlara seredip sögünmäge başlapdyr.
Hamala, hiç zatdan habarsyz ýaly bolup oturan Temirhan
Baýhana habar gatypdyr:
— Ýeri, Baýhan, näme sögünýärsiň?
— Meniň bankamdaky gowurmamy iýip, ýerine kül salyp
goýupdyrlar.
— Aý, goýsana! Seniň nomerli gulpuňy açyp biljek adam
92
barmy?
— Açypdyrlar, gowurmamy-da iýipdirler.
— Çörekleriň beri barmy?
— Bar ýaly. Çemodanda çöreg-ä bar.
Baýhan çöregiň ýarysynyň alnanyny aňşyrmandyr.
Temirhan onuň ýanyna gelýär-de, janygyp düşündirmäge durýar:
— Baýhan, gulak as! Seniň gulpuňy açyp bilen adam diňe
bir gowurmaňy däl, çörekleriňi-de alardy. Çörekler barmy,
diýmek, gowurmany hem adam alan däldir. Ýöne sen indi bir aý
bäri şunça oglanyň gözüni gargadyp (gözüni giderip, emendirip),
gowurmany özüňem iýmän ony diňe görkezip goýýarsyň.
Ençeme gezek köpi emendirip, gizlenip goýulýan zady Allanyň
küle öwürýänliginden habaryň ýokmy nä?
Bu söze ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilmän,
alasarmyk ýagdaýda galan Baýhanyň ýanyna üýşenleriň
dilewarraklary hem Temirhanyň sözüni goldapdyrlar.
Ynanjaň Baýhan gowurmanyň hut Alla tarapyn küle
öwrülenligine ynanyp, çemodanynda galan külçeleri ýoldaşlary
bilen bölüşip iýipdir.
Uruş ýyllarynyň yz ýany bolany üçin, uçilişede iýmit
ýagdaýymyz ýabygorlydy. Diňe gyş we tomus kanikullarynda
obadan getirýän 3-4 ýüz manadymyz bolaýmasa, yzymyzdan
asla kömek ýokdy. Alýan 120 manat stipendiýamyzy tutuş aýa
ýetirmelidi. Köýnek ýa balak alaýsak, bu pul indiki aýlyga çenli
ýetmezdi. Şeýle günlerde şäheriň etegindäki Çekir obasyna
gidip, dynç alyş günleri günlükçilik eden wagtymyzam bolupdy.
Açyl Eziz diýen kursdaşym bilen onuň çekirli bir tanşynyňka
gidip, günuzyn onuň jöwenini orup, agşamara hem bir tamdyr
zagara (jöwen) nan alyp gaýdardyk.
Ikinji kursuň güýzünde gawuna garawulçylyk hem etdik.
Bu şeýle boldy.
Işanguly Haýdar diýen bir obadaşymyz Kerkide poliseý
bolup işleýärdi. Ol şäheriň günbatar eteginde Doňuzköpriniň bir
kilometr çemesi derýa tarapyndaky jeňňelde gawun ekipdi. Oba
hojalyk tehnikumynda okaýan Soltanmyrat bilen güýz günleri
her gün agşamlyk bu ýere gelip, men tä gawun eňňere bolýança
93
gijesine gawun üstünde boldum. Işanguly aga gündelik iýjek
çöregimizi we gawunymyzy bererdi.
Günlükçilik etmäge iş ýok wagty aç galýan günlerimizem
köp bolardy. Kerkä ýakyn etraplardan gelenler obalaryndan
jöwen, mäş, noýba, igde ýaly zatlary getirip, bazarda satardylar
we pul gazanardylar. Obamyz uzak we çet bolany üçin, biz
ondan mahrumdyk.
1951-nji ýylyň maýynda Temirhan ýanyma geldi-de, näçe
pulumyň bardygyny sorady. Kanikulda getiren pulumdanam
esli bardy, üstesine stipendiýa-da alypdym. “350 manadym bar”
diýdim.
— Eýle bolsa, söwda edeli. Mende-de 700 manat bar. Şu
altynjy gün Garşa gideli. O ýerde orak we kerkili gyzlaryň gowy
görüp geýýän mahmal tahýalary arzan. Getirip sataly, belki,
bir manadymyz iki bolar—diýdi. Razy boldum. Aýdylan güni
derýadan geçip, bilet alman, otla mündük. Üç sagatdan, gijäniň
bir wagty Garşa bardyk. Wokzalda daňy atyrdyk. Temirhan
Garşa belet eken. Ol öňem bu ýere köp gelipdir.
Ertir gyssagly garbanyp, bazara gitdik. Orak aljak
magazinimizi belläp, jygyllykdan tahýalar aldyk. Men 20,
Temirhan bolsa 50 sany tahýa aldy. 300 manadyň galanyna
men 30 sany dişli, sorag belgisi ýaly egri orusorak aldym,
Temirhan mundan hem eslisini aldy. Meniň ýüküm ýarym halta,
Temirhanyňky bolsa tutuş bir halta. Ýükleri egnimize atyp,
wokzala geldik.
Buhara tarapdan otlynyň gelmesine az wagt galanda,
Temirhan aýry-aýry wagonlara münmegi, eger birimiz ýolda
tutulaýsagam, beýlekimiz barada hiç zat aýtmazlygy, konduktora
bermek üçin hem 10 manat taýýarlamagy tabşyrdy. Men gorkup
başladym. Ýöne alaç ýokdy, Temirhan eýýäm otlynyň yzky
wagonlarynyň durjak ýerine tarap gidipdi.
Deňimde gelip duran wagonyň konduktoryna 10 manat
berip, otla mündüm. Kerkiçä gelip düşdüm. Temirhan ýok.
Otly gitdi, wokzalda adam galmady. Temirhan weli ýok. Men
motorka tarap ugradym. Ahyrky motorkada Kerkä geçdim.
Haltadaky ýükümi biri tutaýjak ýaly, gorka-gorka uçilişä
94
geldim-de, ýuwaşlyk bilen ýatakhanama girip, ýükümi krowatyň
aşagynda gizledim.
Ertir ir bilen meni Temirhan turuzdy. Koridora çykdyk. Ol
Garşyda tutulandygyny, ýüküni alyp, özüni goýberendiklerini,
pulsuz zordan Kerkä aşandygyny gürrüň berdi. Meniň Temirhana
rehimim geldi. Ähli getiren zatlarymy oňa berýändigimi, maňa
diňe olary almak üçin çykaran 300 manadymy gaýtaryp berse
oňjaklygymy duýdurdym. Ertesi biz okuwdan soň, bazara gitdik.
Gök bazardaky demir gurallar satylýan dükanda biziň Garşydan
alan oraklarymyz ýaly oraklaryň dolup ýatanlygyny, bahasynyň
hem ondan bir manat çemesi arzanlygyny görüp, lapymyz keç
boldy. Temirhan oraklary dogduk obasy Astanababa äkidip
satdy. Tahýalary bolsa iki-üç esse gymmadyna bazarda satdy.
Şeýdip ol Garşyda ýitiren 700 çemesi manadynyň diňe azrak
bölegini alyp bildi. Ýüregimi bükgüldedenimi hasaba almasak,
men bu söwdada utmadymam, utulmadymam. Ýöne şondan soň
men peýda görmek niýeti bilen söwdanyň ýakynyna barmadym.
Kerkiden Burdalyga gitmegiň kynlygy barada men öňde
gürrüň beripdim. Ýoly asfalt bolmadygy üçin, ýagyş-ýagmyrly
döwürde bu aralyga gatnaýan ulag ýok diýen ýalydy. 1951nji ýylyň fewral—mart aýlary-da ýagynly geldi. Men gyş
kanikulynda obama gidip bilmän, Çarşaňňynyň Garahowuz
obasyndan gelen Hally Jumaguly diýen kursdaşym bilen onuň
obasyna bile gitdim. Olaryň obasyna gatnaw ýeňil: motorka
münüp, Kerkiçä geçmeli. Otla münübem 100 kilomter çemesi
ýol aşyp, Mukry stansiýasynda düşäýmeli.
Hallynyň obasy stansiýadan on kilometr çemesi gündogarda
ýerleşýän eken. Bu oba barmak üçin stansiýadan gündogar
tarap demir ýoly ýakalap gidýän ýoly külterläbermeli. Mukry
obasyndan biraz uzaklaşyp, demir ýola çykyp, töweregiňe
ser salsaň, bu ýeriň peýzažy göreni aňk edýär: çep tarapdaky
gözýetimde dag gerişleri uzalyp ýatyr. Şol gerişleriň böwür berip,
uly aýlawy emele getirýän ýerinde aňňat-aňňat gum depeleri
görünýär, Dagyň öňünde bary-ýogy iki-üç kilometr aralygy tutup
ýatan bu bölejik guma Akgum diýýärler. Geçmişde, tä obalar
kolhozlaşdyrylýança, şu gumuň deňinde, derýänyň ýakasynda
95
olam we dänajy uruglarynyň wekilleri ýaşapdyrlar. Olaryň
obalaryna-da Akgumolam we Akgumdänajy diýip at beripdirler.
Demir ýoluň sag tarapynda, üç-dört kilometr uzaklykda
aşakdan ýokarylygyna nähilidir bir seňňer uzalyp gidýär.
Hally onyň Amyderýanyň gaçysydygyny, gaçy bilen derýanyň
aralygynda giň jeňňelligiň barlygyny habar berdi.
Ynha, sagda gözýetime çenli uzalyp ýatan gaçy, çepde dag
ulgamlary. Şu ikisiniň arasynda 5—7 kilometr aralykda bolsa
ortasyny demir ýol kesip geçýän şyr meýdan. Muňa Mukrynyň
degeri (şyry, takyry) diýýärler. Tomsuna ýumurtga togalabermeli
bu şyr meýdan häzir deňzi ýada salýar. Yzly-yzyna ýagan ýagyş
we galyň gar eräp, bu meýdany ululy-kiçili köllüge öwrüpdir.
bIz demir ýoluň ýakasy bilen 6—7 kimometr geçip, şol kölleriň
arasyndan gidýän araba ýoly bilen saga sowuldyk. Biraz ýöräbem
Hallynyň obasyna geldik1
Hallynyň öýüne—hütdüjek pagsa tamyň gapdalynda tutulan
gara öýe ýakynlaşyberenimizde, ullakan goýun iti gözden gaýyp
bolan eýesini tanap, onuň öňünden ylgap çykdy, çyňsady,
Hallynyň ýolunda ýatyp-ýatyp togalandy. Biziň gelenimize
Hallynyň doganlary, ylaýta-da garryjya enesi has begendi. Ilki
ogluny bagryna basdy, soňam meniň iki egnime tapbaşlady.
Süýji sözli, hoşgylaw we mährem ene maňa öz enemi ýatlatdy.
Men bu maşgala bilen tiz öwrenişip gitdim.
Öýde odun gutaranlygy üçin, biz ertesi günortanlyk iki
eşekli bolup, Akguma oduna gitdik. Akgum bilen obanyň arasy
5 — 6 kilometr. Yhna-da, Akgum. Gözüňe söweýin, arassa çäge.
Gumuň ortalarynda bolsa gumluga mahsus bolan çöl çöpleriniň
ählisi bar.
Çagalygym Gyzylgumuň eteginde geçenligi üçin, bu gum
meniň gzöüme has yssy göründi. Biz eşeklerimizi daňyp, üç oglan
bolup, esli wagtlap oýnadyk, göreş tutduk. Gün gijigiberende-de
___________
1
Aspirant döwürlerimde we ondan soňam men bu oba ençeme geldim.
Häzir bu şyr meýdan atyz-çilli pagtaçylyk meýdanlaryna öwrülipdir. Bir
wagtky gara öýleriň iki-üç syrgynyndan ybarat kiçijik oba bolsa gyralaryny
kaşaň jaýlar jähekläp oturan ençeme asfalt köçeli şäherçäni ýada salýan uly
oba bolupdyr.
96
odun ýygmaga başladyk.
Odunlarymyzy ýükläp ugraýançak, Gün batdy. Biz
garaňkyda öýe geldik.
Agşam nahar wagtynda Hallynyň enesi mundan beýläk
gijä galmazlygymyzy, ylaýta-da Akguma ýeke gitmezligimizi
öwran-öwran sargady.
Garry enäniň gürrüňine görä, bir wagt Akgumuň ornunda
şäher bar eken. Ýöne şäher adamlary bozgaklyk edip, dinden
çykanlygy üçin, bu şäheri ýer ýuwdup, üstüni gum basypdyr. Il
arasyndaky myş-myşlara görä, anna agşamlary bu gumda yşyk
hem görünýärmiş.
Biz soňam Akguma bir-iki gezek oduna gitdik. Bir gezeg-ä
Hally bilen bu gumuň bir ýerinde çaşyp ýatan köne kerpiç
bölekleriniň we küýze döwükleriniň üstündenem bardyk.
Bu ýagdaý garry enäniň üstüni gum basan şäher baradaky
rowaýatyny tassyklan ýaly boldy. Şondan soň biz odun ýükümizi
çalt tutup, ýagtygözin oba tarap ýola düşdük.
Garahowuz obasynyň derýa tarapynda gaçy, gaçydan
aňyrda jeňňellik bolup, bu jeňňeliň içinden ýokardan aşaklygyna
serhediň simi geçýär. Biz bu ýerden tamdyrodun hem daşadyk.
Ýarym aýlyk gyş kanikulynyň ählisini şu obada geçirdim.
Takyryň suwy çekilenden soň, men bu şyr meýdanda ýykylypsürşüp, welosiped sürmäni öwrendim (Hallyda köneje tigir bar
eken).
Gaýtmaly wagtymyz geldi. Garry ene her haýsymyzy bir
halta külçe bilen ýola saldy. Gözüniň ýaşyny ýaglygynyň ujy
bilen sylyp durşuna, ol bize ak ýol arzuw etdi. Meniň ýanyma
gelibem:
— Oglum, şu günden beýläk meniň oglum ýeke däldir,
ikidir. Biri sensiň. Gelip durgun—diýip sargady. Men garrynyň
sargydyny berjaý etmäge çalyşdym. Çarşaňňa aýagym degse,
bu garry ene bilen salamlaşyp geçdim. Ol aradan çykanda bolsa
Aşgabatdan ýörite geldim.
Hallynyň garyndaşlary haltalarymyzy bir eşege ýükläp, bizi
Mukry stansiýa getirdiler, günortanky otla mündüribem Kerkiçä
ugratdylar.
97
1951-nji ýylda meniň durmuşymda ýene bir ýatdan çykmajak
waka boldy. Aprel aýynda obadaşym Işanguly Hudaýgulyny
goşun gullugyna aldylar. Ahyrky kursy gutarmaga az wagt
galanda gulluga çagyrylanyna ol gaty gynandy, biz ondanam
beter gynandyk, çünki ol bizden esli uly bolany üçin, diňe bir
obamyzyň oglanlarynyň däl, eýsem, beýlekileriň arasyndada Işangulynyň abraýy uludy. Şonuň üçinem ony gulluga
ugratmaga harby komissariata Işangulynyň ahli kursdaşlary,
ondan daşary hem 40—50 oglan-gyz bolup, toparlanyşyp bardyk.
(“Gurt agzasaň, gurt geler” diýlişi ýaly, men Işanguly barada
şu setirleri ýazyp otyrkam, 1995-nji ýylyň 12-nji awgustynda
öý telefonym uzyn-uzyn jyňňyrdady. Hojambazdan jaň edýän
erkek adamyň çalaja eşidilýän sesi Işangulynyň şu gün aradan
çykanlygyny habar berdi, men hem ýazgynyň arasyny üzüp,
oba gitmeli boldum. Uçilişäniň ilkinji ýylynda maňa agalyk
elini uzadan, meni okuwa äkiden, köp ýyllap Gultagyň orta
mekdebinde direktor, üç-dört ýyl oba sowetiň, iki ýyllap hem
kolhozyň başlygy bolup işlän we uly iliň hormatyna mynasyp
bolan uly halypam Işanguly Hudaýguly bilen baky hoşlaşdym.
Ýatan ýeriň ýagty bolsun, agam!).
Uçilişäniň durmuşyndan ýadymda galan wakalaryň ýene biri
barada gürrüň bereýin. Ol ýyllarda talyplary ýatymlaýyn pagta
ýygymyna sürmeýärdiler. Ýygymyň gyzgalaňly günlerinde diňe
6-njy we bazar günleri maşynlarda kolhoza kömege giderdik.
Şol bir ýa iki günlük pagta ýygymynda-da ýaryşlar guralardy.
Men pagta ýygmaga ökdedim. Tutly Gyzylaýak obasyndaky
ýaryşda 90 kilogram pagta ýygyp, men birinji orny eýeledim.
Ikinji orny eýelän Burly Äzer diýen obadaşym 87 kilogram
ýygypdyr. Uçilişä gelenimizden soň, ýygymda 1-nji, 2-nji orny
eýelänlere sylaglar gowşuryldy. Maňa we Nurla FZO mekdebiniň
okuwçylarynyň geýýän ýyly buşlatyny sylag berdiler, 3-nji
orundaky Esene bolsa köýnek ýetdi.
Aýlar geçdi, ýyllar geçdi, uçilişäni gutarar wagtymyzam
ýakyn geldi. 1952-nji ýylyň gyş kanikulyndan gelip, okuwa
başlanymyzdan soň, ýolbaşçymyz Mämmetnazarow klas
ýygnagyny geçdi. Ol biziň bahalarymyz ýazylan tabeli eline alyp,
98
kimiň nähili okaýanlygy barada giň gürrüň etdi. Şu wagta çenli
ähli synaglardan diňe bäşlik baha alan Gurt Hudaýberenowy
öwdi1. Maňa gezek gelende, klas ýobaşçymyz biraz
tijenmelidigimi, algebra, psihologiýa we bedenterbie boýunça
dörtlügimiň bardygyny, galan bahalarymyň bäşlikdigini, yhlas
bilen okap, döwlet synaglaryndan ýokary baha alaýsam, gyzyl
diploma ýetişjekdigimi aýtdy.
Dogrudan-da, algebra we bedenterbiýeden men gowşakdym.
Näçe okasamam, iks-igrikli mysal-meseleleri dogry çözüp
bilmezdim.
Diňe bedenterbiýeden alan dörtlügimi bäşlige düzetmek
başartdy. Bu şeýle boldy.
Boýumyň kelteligi, özümiňem ejizligim üçin granat
zyňmak, ýokarlygyna bökmek, turnik oýnamak ýaly zatlarda
men ýokary baha alyp bilmeýärdim. Mugallymlar beýleki
sapaklardan gowy okaýanlygymy nazara alyp, bedenterbiýe
boýunça bahamy artdyryp, dörtlük goýardylar. Ýöne şu okuw
ýylynyň aýagynda bedenterbie mugallymymyz Ýermolowyň
hut özi dörtlügimi bäşlige düzetdi. Muňa şeýle zat sebäp boldy.
Üçünji kursda, gyş kanikulynyň öň ýanynda men güýçli
sowuklap, keselhana düşdüm we 17 günläp keselhanada ýatdym.
Palatada meniň goňşym Miran diýen bir ermeni ýaşulusy boldy.
Türkmençäni gowy gürleýän Miran aga menden: “Küşt oýnap
bilýärmiň?” diýip sorady. Men “Ýok” diýip jogap berdim. “O
nähili beýle? Peduçilişäni gutaryp, mugallym boljak diýýärsiň,
özüňem küşt bilmeseň, utanç bolmazmy?” diýdi-de, maňa
küşt öwretmäge girişdi. Uçilişede küşt-şaşka kružogy bardy,
Işdöwlet, Temirhan, Çary Ärhan ýaly kursdaşlarym küşti gowy
oýnaýardylar, hatda ýaryşlarda öňdeligi hem eýeleýärdiler.
Sanlyja günde küşt öwrendim, keselhanadan çykmazymyň
___________
1
Gurt uçilişäni gyzyl diplom bilen gutaryp, Duşenbedäki medinstituta
giriş synagsyz kabul edilipdir. Ony hem gyzyl diploma gutaryp, iki-üç ýyl
Kerkide wraç bolup işledi. Soňra Aşgabat medinstitutynyň aspiranturasyna
girip, ilki kandidat, soňra medisina ylymlarynyň doktory boldy.
Türkmenistanyň Ylym we tehnika baradaky döwlet baýragyny hem aldy.
Häzir döwletimizde güýçli hirurglaryň biri hasaplanýan Gurt Hudaýberenow
Türkmen döwlet medisina institutynyň professorydyr.
99
öň ýanlarynda Miran agany utubam başladym.
Maý aýynda uçilişede geçilýän küşt ýaryşyna menem
ýazyldym. Öň küşt oýnanymy görmedik küştçi kursdaşlarym
ony geň görüp, üstümdenem güldüler.
Ýaryş başlandy. Onuň şertine görä, oýunda ses çykarmaly
däldi, elläniňi hökmän göçmelidi. Oýnuň birinji güni men
dört oýunçyny utdum. Ýermolow oýna eminlik edýärdi,
Çary Pirjanow, Öde Öwezgeldiýew ýaly mugallymlarymyz
hem oňa kömekleşip, ökde oýunçylaryň oýunlaryna sessiz
tomaşa edýärdiler. Yzly-yzyna gazanan dört utuşym ertesi
mugallymlaryň ünsüni meniň oýnuma gönükdirdi. Muňa ersmers bolup, bu günki oýunda-da men üç oglany utdum. Ahyrky
oýun gutaran badyna Ýermolow meniň egnime kakyp, berekella
baryny aýtdy. Klas žurnalyny çykarybam meniň dörtlüklerimi
bäşluge düzetdi.
Ýöne men bu ýaryşda birinji ýeri alyp bilmedim. Ýaryşyň
ahyrky, üçünji güni ýaryş başlanmazynyň edil öň ýanynda
menden utulanyna gahar edip, düýn-öňňinki utan kursdaşlarymyň
dördüsi jemlenişip, ýatakjaýda oýna salyp, meni urdular. Olar
bilen ýakalaşanymda, köýnegim ýyrtyldy, ýüz-gözümdede sypjyrylan ýerler boldy. Men urlanlygymy mugallymlara
aýtmadym, ýöne weli köşeşip bilmän galan garşydaşlarymyň
üçüsindenem utuldym. Netijede men üçünki ýeri eýeledim.
Döwlet synaglaryny bäşlige tabşyrdym. Biziň “a” toparymyz
boýunça Gurt bilen ikimiz gyzyl diplom aldyk. Bu diplom
ýokary okuw jaýyna synagsyz girmäge hukuk berýärdi. Men
ondan peýdalandym. Ýöne men pedinstituta girişim hakyndaky
gürrüňe geçmezden öňürti, peduçilişede bizi okadyp, ýaşlyk
kalbymyzda çuň yz galdyran käbir mugallymlarymyzy gysgaça
ýatlamakçydyryn.
ROZY KUWANOW
Gözüne gül saljak hünärini tapyp alyp, şol ugurda işläp,
özi ýalylardan ep-esli öňe çykan adamlar gaty seýregem bolsa,
il içinde tapylýar. Şolaryň biri taryh mugallymymyz Rozy
100
Kuwanowdyr. Ol Duşenbe uniwersitetiniň taryh fakultetinde
okaýarka, bu okuw jaýy geljekki taryhçylary, şol sanda Kuwanowy
hem öňki Soýuzyň taryhy şäherleriniň köpüsi we esasy taryhy
muzeýleri bilen tanyşdyrýar. Soňra Kuwanow özüniň dynç alyş
rugsadynyň esli bölegini hem şeýle gezelençlere sarp edýär. Uruş
ýyllarynda ol front ýolllaryny hem sökýär. Şeýlelikde, SSSR
taryhy diýen derslikde agzalýan ýer-ýurtlaryň aglabasyny ol öz
gözi bilen görýär. Özüniň geljekki sapaklarynda düşündirjek
temalaryna degişli wakalaryny hem okuw kitabyndan däl-de,
ylmy çeşmelerden giňişleýin öwrenýär. Şeýdilip toplanan bilimi
diňleýjä ýetirmek üçin gowy pedagogik ukyp bolsa bolany.
Olam Kuwanowda ýeterlik. Alla oňa süýji labyz, Lewitanyňky
ýaly ýogyndan ýakymly, güýçli ses we saýhally gepläp bilmek
ukybyny beripdir: hereketi we mimikany gürrüň berilýän
wakalaryň äheňi, akymy bilen dogry getirip, köpçüligi öz
agzyňa garadyp bilmek ýaly seýrek başarnygy eçilipdir. Gürrüň
berýän wakalaryny öten zamanda däl-de, häzirki zamanda
beýan edişini, olara özüni hem gatnaşýan ýaly görkezip, iki
şahsyň arasyndaky gepleşigi ýumorlar, ýomaklar, jaýdar
nakyllar, gerek ýerinde, şerebeli jogaplar bilen bezeýşini hem
ýokarda aýdylanlaryň üstüne goşsak, onda Rozy Kuwanowyň
taryh sapagyny näderejede gyzykly geçýänligine azda-kände
göz ýetirmek mümkindir. Şoňa görä-de, Kuwanowyň sapaklary
bizi ilkinji günlerden özüne çekdi. Ol sapak düşündirende, hiç
kimden ses çykmaýardy, beýleki sapaklarda bolşy ýaly, “Pylany,
ýuwaş otur!” diýen ýaly duýduryşlaram bolmazdy. Kuwanow
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.