Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05

Total number of words is 3738
Total number of unique words is 2169
29.7 of words are in the 2000 most common words
41.6 of words are in the 5000 most common words
48.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gorkjakmy? Hiç bolmanda, meni Ballynyňka elt—diýdi.
Biz bagşyny şol itli öýden biraz uzakda ýaşaýan Bally
babanyňka eltip gaýtdyk.
Bu waka Söýün bagşynyň gözi körem bolsa, onuň käbir
duýgularynyň çendenaşa ösenligine şaýatlyk edýär.
Söýün bagşynyň özi barada-da il içinde gürrüň köpdi.
Şolaryň birinde aýdylyşyna görä, öňräk bir wagt obadaşlar
jemlenişip, deňňene edipdirler. Söýün bagşy hem oňa
çagyrylypdyr. Ol hemişekileri ýaly dutarly gelipdir. Nahar
çekilmezden öň deňňenä çykan çykdajylar hasaplanyp, oňa
gatnaşýanlaryň sanyna bölüpdirler-de, her kişä näçe pul
düşýänligi yglan edilipdir. Söýün bagşy hem şol puly töläpdir.
Nahardan soň oturanlaryň biri:
— Hany, bagşy aga, dutaryňyzy alyň-da, çalyp oturyň—
diýipdir. Söýün bagşy hem:
— Il çalsa, bizem çalaýarys—diýipdir. Deňňene üçin
pul ýygnanlar ýalňyşyna düşünip, dessine bagşydan ötünç
sorapdyrlar we onuň beren puluny yzyna gaýtarypdyrlar. Şondan
bäri Söýün bagşynyň ol sözleri biziň obamyzda iň ýörgünli
aýtgylaryň birine öwrülip galypdyr.
Söýün bagşy gürrüňe-de, ýomak-henege-de gaty ökde
eken. Ynha, şu bagşy Ýeňiş toýy güni bassyrmanyň aşagynda
saz çalyp, käwagt bolsa gürrüň bilen gyzylgyran gülüşdirip,
uzak wagtlap oturanlara hezil berdi.
Garaňky gowy düşenden soň, biz howlynyň ol jüňkünde
görkezilen kino tomaşa etdik. Soňam biz tä gije ýarym bolýança
ýatmadyk, oglanlar bilen oýnadyk. Ulular-a ertire çenli aýdymsaz diňläpdirler.
Meniň üçin Ýeňiş baýramy bu günki toý bilen sowulmady.
Ertesi çöle gidýän topar bilen atam meni çöle äkitdi.
Atam kolhozyň derňew komissiýasynyň başlygydy. Ol her
ýyl iki gezek çöle gidip, gumda bakylýan mallaryň sanawyna
gatnaşýardy. Bu gezegem kolhozyň buhgalteri Jumaguly aga,
59
atam we Ýeňiş toýuny bellemek üçin tüwi hem-de çopanlar üçin
azyk ýüklenen iki düýäni tirkege alan çopan bilen hatar kerwen
bolup, çöle ugradyk. Men düýä mündüm, beýleki adamlaryň
ählisi eşeklidi. Barmaly ýerimiz Nah diýen guýydy. Kentden
(oazisden) 40—45 kilometr uzaklykda, Gyzylgum çölüniň
jümmüşinde ýerleşen bu guýy biziň kolhozymyzyň çöldäki
merkezidi. Biz ir bilen ugranymyzdan ýolda bir düşläp, öýlänlik
Naha ýetdik. Ýeňiş baradaky şatlykly habar bu ýerdäkileriň
ählisini aýak üstüne galdyrdy. Biri-birini gutlaýan haýsy,
gujaklaşýan haýsy. Bu ýere obamyzdan goýun sagmaga gelen
dört-bäş sany aýal hem bar eken. Olaram ýeňiş sesini eşidip,
biziň ýanymyza geldiler. Aýallaryň iň ýaşulusy Bibi Gylyç
atama ýüzlendi:
— Atanyýaz aga, şu ýeňiş diýen habaryňyz çynmy beri?
Hernä çyn bolsun! Gutaraýmajak ýalydy bu peläket uruş.
Gidenlerimizem sag-aman gelsin—diýdi-de, ýaglygynyň bir ujy
bilen gözüni sylyp, çaý gaýnadyp ýören aýallaryň ýanyna bardy.
Giç öýlänler Jumaguly Bally bilen Durdy Gylyç ikisi
kiçijik guzulary sürüp, goşa geldiler. Durdy elindäki guzyny
ýere goýberip, guzulary agyla gabamaga durdy. Menem
kömekleşdim.
Durdy meniň klasdaşymdy. Ol menden üç ýaş uludy. Kelligi
üçin ony öz deňleri bilen okuwa almandylar.
Ýeri gelende aýtsam, hut uruş ýyllarynda-da biziň obamyzda
15 kel bardy. Olary topar-topar edip, Kerkä äkidip bejerdiler.
Şondan soň bu kesel bilen kesellän bolmady.
13 —14 ýaşly jahyl bolany üçin, Durdyny okuwdan rugsat
alyp, çöle iberipdiler. Ol enesi Bibi mama dagynyň sagýan
goýunlaryny kökerişmelidi we Jumaguly Balla guzy bakmaga
kömekleşmelidi. Jumaguly hem Durdy bilen basaldaşdy.
Men ýaşuly çopanlaryň we garry aýallaryň arasynda öz deňduşlarymy görenime gaty begendim. Dessine olara goşulyşyp,
işlerine kömekleşdim.
Gelen günümiziň ertesi bu goşda toý tutuldy. Günorta
nahar wagty 20—25 çemesi adam toý saçagynyň başyna üýşdi.
Töwirden soň ýakyndaky sürüleriň ýanynda galan ýoldaşlaryny
60
toý ýerine ibermek üçin, ýygnananlaryň birnäçesi çalt ördüler.
Gijäniň bir wagtyna çenli toý düşeginiň märekesiz wagty
bolmady, meýdandaky çopan-çoluklar ikiden-ýekeden geldi
durdy.
Çölde biz 10-15 gün bolduk. Kä günler men guýudan
dol bilen Jumagula suw çekişdim. Munda meniň wezipäm
düýäni bellenilen ýere çeinli iýdip äkidip, soňam yzyna dolap
getirmekdi. Gowa bilen ýokary çykarylan suwy gyradaky tagta
mündürip, ony howdana dökýän Jumagulynyň özüdi. Howdany
dolduryp, günortan bu ýerde sanamaga getiriljek süri suwa
ýakylmalydy. Süri guýa ýakynlaşyberdigi, biz 9—10 adam
bolup, mallary bölüp-bölüp, guýa tarapa goýberýärdik we iki
hatar adamyň arasyndan ylgaşyp geçýän goýunlary sanaýardyk.
San ýüze ýetende, elimizdäki bir gumalagy jübimize oklap, sany
birden başlardyk. Ahyrky goýun geçensoň, her kim öz sanyny
buhgaltere ýazdyrardy. Sanlar deň gelmeýärdi, şonuň üçin 3—4
adamyň sany dogry gelse, şony hem esas edip alýardylar.
Nah guýusynda Durdy dagy bilen oýnap, ýarym aý çemesi
wagtyň nähili geçeninem duýmandyrys. Biziň oba gaýtmaly
günümiz geldi. Kolhoza iberilmeli ýag çelekleri, ýüň we başga
zatlary düýelere ýükläp ýola saldylar.
Gumdan gelenimizden soň biziň üçin ýene bir ýakymly
waka boldy.
Uruş ýyllary biz süýji diýen zadyň nämedigini bilmedik.
Ýeňiş baýramçylygyndan soň weli her okuwça 400 gram konfet
beriljekdigini, ony hem Burdalygyň merkezi dükanyndan
almalydygyny habar berdiler. Biz mekdepden hat alyp, dört
bolup Burdalyga pyýada ugradyk. Men üç okuwçynyň paýyny
–1 kilo iki ýüz gram konfet almalydym. Aldygam. Dört burçluja
“ýassyjak” diýilýän içi bally konfet. Dessine iýip gördük. Nähili
süýji zat. Ýene iýdik, ýene, ýene... Indi iýmäýin diýip, haltanyň
agzyny näçe berk daňsamam, tä öýe gelýänçä oňa elim uzady
durdy. Öýdäkileriň hersine iki sanjakdan ýeter ýaly konfet
galdyryp, haltajygy eneme berdim.
1945-nji ýylyň kanikuly döwründe meni gowy okaýanym
üçin, bir aýlyk pionerlagere iberdiler. Lager Burdalykda, çölüň
61
etegindäki suwly ýabyň boýunda, gür erik baglarynyň içinde
ýerleşýärdi. Men şonda Burdalygyň ähli mekdeplerinden gelen
oglan-gyzlaryň ençemesi bilen tanyşdym, dostlaşdym.
Ynha, şeýdip men 5-nji klasa ýetdim. Bu klasyň okuwçylary
eýýäm işçi güýç hasaplanýardy. Ol döwürde mekdepde okuwlar
ýapylyp, okuwçylar kolhoz işine sürülmeýärdi, ýöne okuwdan
soň weli işlemelidi. Oglanlaryň köpüsi pagtada öküz bilen goş
sürýärdiler (pagtany kultiwatorlamak, oňa joýa çekmek işleri
goşöküzler bilen ýerine ýetirilýärdi). Menem goş sürdüm, ýöne
diýenimi etmedik öküze tarap çybygymy bulaýlap topulanymda,
ragtyň (azalyň) sapy elimden sypdy, ýeriň ýüzüne çykan pazanyň
(ýerdemriň) ýiti ujy hem aýagymy dilip gitdi. 15—20 gün öýde
ýatdym. Şondan soň atam maňa goş sürdürmedi. Sagalanymdan
soň bolsa hinizator bolup işleýän obadaşym Rozy Atanyýaza
meni kömekçi bellediler.
Öňi bilen hinizatoryň nämedigini düşündireýin. Uruş
döwründe adamlaryň arasynda giň ýaran iki sany kesel bardy.
Birinjisi, gözagyrydy, ol köplenç çagalaryň keselidi. Şu keseliň
güýjän döwürlerinde, agyryly gözüne noýba ýaprak ýapany
sebäpli, diňe bir gözüň agy däl, eýsem, gabaklary dym gyzyl
okuwçylar köp bolardy.
Ikinji kesel ysytmady (asly “ysytmak”, “gyzdyrmak”
sözünden). Bu kesel ula-kiçä deňdi. Ol degdigi ilki iniň (iýniň)
üşüderdi, azrak hababaýladan soň endamyň gyzyp, kelläň
agyryp başlardy. Şol döwürde jöweniň gyrasyna meň ekilerdi.
Ondan ýüp, dänesinden hem ýag edilerdi, meň çekmegi o wagtda
hiç kim bilmeýärdi. “ysytma tutanda meňiň aşagynda ýatsaň
peýdaly” diýerdiler. Ýatardyk. Meňiň aşagyndan turup, öýe
gaýtmaga mejalymyz bolmadyk wagtynda, ulular öýe göterip
getirerdiler.
Ysytma keselini ýaýradýan ýörite çirkeýler bolup, ol
suwda kelemenläp ýüzýän gurçuklardan emele gelýär eken. Bu
gurçuklaryň ýata suwlarda döreýänligi üçin, uruş ýyllarynda
şeýle suwlary dermanlap, gurçuklary ýok edýän ýörite işgärler
saklandy. Olara hinizatorlar, il içinde bolsa çirkeýçi ýa-da howuz
dermanlaýan diýýärdiler.
62
Biz iki Atanyýazow bolup, howuzlary dermanlaýardyk. Ilki
ýata suwlary barlardyk. Kelemenläp ýüzýän ysytma gurçugyny
göräýsek, ony ýörite torda tutup, içi suwly probirkalara
ýerleşdirerdik, soňra bolsa porsy dermanly gutularymyzy
arkamyza alyp, ol suwlary dermanlardyk. Suwuň ýüzünde gara
tegmiltler emele getirýän bu derman sepilen suwda ertesi hiç
hili gurçuk bolmazdy, hatda gurbagalar-da ol howuzdan çykyp,
allowarralara giderdiler.
5-nji klasda okaýan döwrümizde jahyl çykan oglanlar
hökmünde bize başga işlerem ynanylardy. Şolaryň biri barada
gürrüň bereýin.
Uruş ýyllarynda, hatda tä Farap—Kerkiçe garaýoly
ulanylmaga berilýänçä, Burdalyga getirilýän zatlar, şol sanda
mineral dökünler hem uly ýük gaýyklarynda derýa bilen
getirilerdi. Her kolhoz degişli dökünini özi daşamalydy. Munuň
üçin eşekler ýygnalyp, 5—7-nji klasyň oglanlary hem üstüne
ganar ýa horjun atylan eşeklere atlanyp, niredesiň derýa boýy
diýip ýola düşerdiler. Obadan garamyzy saýlan dessimize eşek
çapyşardyk. Biziň eşegimiz gaty daýaw bolany üçin, men hiç
kimden yza galmazdym. Babagulynyň eşegi-de daýawdy, ýöne
ol mydam haraza goşulýanlygy üçin, gowy çapyp bilmeýärdi,
duşundan geçiberen eşegi depýärdi, öňündäkini gapýardy. Şonuň
üçin eşekli Babagulyny hiç kim hataryna goşmazdy. Umuman,
Babaguly azot daşamaga diňe bir gezek gitdi. Onda-da onuň
eşegine ýüklenen azot bellenilen ýerine ýetmedi. Sebäbi üstüne
agyr ýük atylanda, bu daýaw eşek tapyr-tupur ýatyberýärdi.
Bu gezegem şeýle boldy. Iki-üç adam bolup, gaýykdan kenara
çekilen haltaly azotlary horjunlara ýa ganarlara ýerleşdirip,
eşeklere ýükläp berdiler. Bizem ýüküň üstüne münüp, yza
döndük. Ýaňy gaçydan geçenimizde, Babagulynyň eşegi birki
gezek hynçgyrdy-da, ýoluň ortarasynda ýatyberdi. Babaguly
onuň gylygyna beletdi, ol eşegi taýak bilen urdy. Eşek bolsa
bat bilen bir tarap agnady-da, üstündäki ýüki agdardy, özi-de
böküp turup, oba tarap ýazzyny beräýdi. Babaguly ganaryndaky
döküni gyra döküp, gabyny egnine atdy.
Eşeginiň azot getirip gönendirmejigini Gaýyr aga-da
63
bilýärdi, ýöne il deňinde eşegini bermedi diýdirmejek bolup,
Babagulyny iberipdi.
Bu eşegi diňe haraza goşmak üçin saklaýardylar. Gözüni
sarap goýberseň, ýanynda hiç kim bolmasa-da, ol sagatlap
aýlanar durardy. Babaguly ýa onuň enesi Keýik bolaýmasa, ol
ýanyna-da hiç kimi goýbermezdi. Beýlekiler ot-suw berselerem,
eli taýakly goranyp, oty taşlap, bedräni hem eşegiň tumşugy
ýeter ýaly ýerde goýup gaýdardylar. Bu eşek boşanaýsa, ony
diňe at bilen ýerine gabaýardylar. Atda gözüniň ody alnanlygy
üçin, ol atlyny gören dessine öz ýatygyna gelip girerdi.
Bir gezek şeýle bolupdyr. Babagulynyň we Keýigiň ýok
wagtynda, Gaýyr aga bu eşege ot-suw bermekçi bolupdyr.
Emma eşegem eşek-dä. Eýesini tanaman, salypdyr onuň eline
agzy. Çep eliniň külembike barmagyny gowy çeýnäpdir. Gaýyr
aga munuň üçin birnäçe gün keselhanada ýatdy, dutar çalanda
iň zerur bolan barmagynyň gidenine-de gynandy. Keselhanadan
çykyp gelenden soň, Rozynyýaz diýen awçyny öýüne çagyryp,
eşegini atyp bermegini haýyş etdi. Ýöne aýaly we çagalary
ýalbaryşyp, eşegiň haraz üçin gerekligini aýdyp, ony bu
gezek ölümden halas etdiler. Ýöne eşek uzak ýaşamady. Ony
Nargeldiniň ýeriniň gyrasyndaky harabaly raýşa arkanlarynda
(örklänlerinde), eşek gyzylarylaryň (eşegarylaryň) ullakan
ketegini ýumrupdyr. Arylar hem eşegi çakyp öldüripdirler.
Babagulynyň ýola döküp gaýdan azoty köp wagtlap ýatdy.,
ahyrda-da ol ýagyş-ýagmyrda ýere siňip gitdi. Biz weli bir
hepde çemesi gatnadyk. Ýöne weli ýüksüz gidişde eşek çapyşjak
bolsagam, depginimiz öňki ýaly däldi. Agyr ýük eşekleri
ýadadypdy, olar indi jyzzynlaşjagam bolmaýardy.
Men çirkeýçi hökmünde oba sowetiniň işgäridim, ýöne
haky kolhoz berýärdi (maňa ýarym zähmet güni ýazylýardy).
Oba sowetiniň başlyklygyna Gurban Babanyýaz diýen
garyndaşymyz saýlanypdy. Ol bir gün meni ýanyna çagyrdy-da:
— Men hol gün seniň eşekde azot getirişiňi gördüm. Indi sen
ýigit çykypsyň. Şonuň üçin ataň eşegini mün-de, Ýabanylaryň
mekdebinden hek getir. Ol ýerde eşegiňe ýükläp bererler—diýdi
we elime bir kagyz tutdurdy. Men muny atama aýtdym. Atamyň
64
gaty gahary geldi we:
— Öňi bilen, sen şol aýdylan mekdebi taparmyň?—diýip
sorady.
— Ýok—diýip jogap berdim.
— Gurbanyň akyly çaşypdyr. Ýumruk ýaly oglanyň ýat
oba iberilip-iberilmejegini, oňa eşegiň berlip-berilmejegini o
samsyk bilmeýärmika?—diýdi-de, Gurban aganyň beren hatyny
ýyrtyp zyňdy we:
— Bar, işiň bilen bol. Heke gitmersiň—diýdi.
Menem geziberdim.
Üç-dört günden soň Gurban aga duşup, hek barada sorady.
Menem ähli zady bolşy ýaly aýdyp berdim. Ol biraz dymdy-da:
— Häk, Atanyýaz aga kagyzy bir ýyrtmaly däl eken-dä.
Indi men Nyýazdanowy nireden tapaýyn?—diýip, hüňürdäp
yzyna dolandy. Ol agşamlyk atama duşdy, ýöne onuň ýüzüne
bir zat diýmäge çekindi.
Men çirkeýçiligimi goýdum, 5-nji klasy hem gutardym.
Tomus kanikuly döwründe meni Seýti Rozy diýen sowatsyz
brigadiriň tabelçisi edip bellediler.
Kolhozyň buhgalteri Jumaýewdi. Asly Saýadyň
çowdurlaryndan bolan bu adamyň hakyky adyny hiç kim
bilmeýärdi. Ulular oňa Jumaýüp, kiçilerem Jumaýüp aga diýip
ýüzlenerdiler. Jumaýewiň kömekçisi Jora Begidi, ol bizden 4—5
ýaş uludy.
Jumaýew bilen Jora ikisi bize tabeli işlemegiň düzgünlerini
öwretdi.
Kolhozda bary-ýogy iki brigada bardy. Beýleki brigadanyň
tabelçisi meniň klasdaşym we bile önüp-ösen ýoldaşym
Hudaýberdidi. Ol hasaba ökdedi, tabeli hem gowy işlärdi,
ýöne Jora Kerkidäki oba hojalyk tehnikumynyň buhgalteriýa
bölümine okuwa gidensoň, Hudaýberdi onuň ýerine geçirildi.
Şol döwürde her hepdede bir ýa iki gezek kolhozçylaryň
umumy ýygnagy çagyrylardy. Ýygnak günleri kolhozçylaryň
edaradan uzagrakda ýaşaýanlary gelşine edara gelip, eşeklerini
howlynyň bir ýerine daňardylar we kluba girerdiler. Öýi
ýakynlary bolsa öýüne baryp, zat-garalaryny goýup gelerdiler.
65
Öýünde çagalara seredere adam bolmadyk aýallar kluba ähli
çagalaryny özleri bilen bile getirerdiler.
Klub diýip mahabatly at berlen jaýyň ini üç, boýy hem
12—15 metr çemesidi. Onuň bir tarapynda iki sany äpeşgesi
bolup, gijeleri onuň her äpişgesinde bir çyra goýlardy. Polpotolok ýokdy. Klubuň ýekeje gapysy bolup, olam ýygnagyň
prezidiumynyň oturýan ýerindedi. Şonuň üçinem bu gapydan
girip-çykýanlara başlyk gözegçilik edýärdi. Her kim kluba
wagtynda baryp, oňaýlyjy ýer almagyň aladasyny ederdi.
Oturjak ýerini saýlan adamlar horjunyny ýa başga bir getiren
düşekçesini ýere ýazyp, ykjam ornaşardylar, çünki ýygnagyň
gijäniň bir wagtyna çekjegini her kim bilýärdi. Aýallar çagalary
üçin hem ýeriň aladasyny ederdiler, çünki enesiniň gujagynda
häzirden uky ýatan bäbeklerden beýleki esliräk çagalaryň köpüsi
hem ýygnak başlansoň uklardylar. Ýygnaga gijä galanlar ýer
tapman, klubuň töründe garaňkyda dik durardylar.
Ýygnak başlansoň gapydan çykmaga rugsat berilmeýärdi.
Ýöne bu däp bir gün bozuldy. Ol barada gürrüň bermezden öň,
ýygnagyň mazmuny bilen gysgaça tanyşdyraýyn.
Ilki kolhozyň başlygy Halnyýaz aga işleriň gidişi, gowy
we erbet işlänler, sebäpsiz işe barmadyklar barada giňişleýin
gürrüň ederdi. Eden günäsini boýun almadyklaryň we başlygyň
ýüzüne gelenleriň bäş zähmet gününi şol ýerde keserdi. Soňra
brigadirlerem uzyn-uzyn söz sözlärdiler, edilen tankytlara delil
gözlärdiler. Delil nädogry bolanda, kolhozçylaryň käbiri böküp
ýerinden turup, brigadiriň ýüzüne gelerdi. Ylaýta-da Gurbanbike
Hümmet diýen aýalyň dili duzludy. Ol hapa gürrüňler bilen
brigadiri dalap, ony geplemez ýaly ederdi. Gurbanbike
daýzanyň sözlerine wakyrdaşyp gülerdiler. Uklap oturan aýallar
hem erkekler hem ýalpa gözüni açyp, onuň aýdan sözlerini
gaýtalamagy ýanynda oturanlardan haýyş ederdiler. Bu günem
ol brigadire diýjegini diýdi, başlygy-da aýap goýmady. Onuň
sözüne “Dogry”, “Dogry aýdýar” diýip goldanlar-da boldy.
Gurbanbike mamanyň hapa sözler bilen eýini ýetirip
suňşurýan gönümel gepleri ýolbaşçylara ýaramaýardy. Ýygnakda
oňa söz bermezdiler. Gurbanbike mama bolsa söz sorabam
66
durmazdy—brigadiriň ýa başlygyň çykyşy göwnüne ýakmadyk
wagty ýerinden turardy-da, hüňürdäp, olaryň sözüni kesip, öňe
tarap ýönelibiýrdi. Ýetjek ýerine ýetensoň, ýüzüni köpçülige
öwrüp, göwnünde beslänini aýdardy, başlygy, brigadiri ýüz
görmän ýepbiklärdi.
Gurbanbike mamadan heder edip, ony ýygnaga
çagyrmazdylar, onuň özi gelerdi. Ýygnagyň barlygyny gijrak
eşiden günleri ol ýygnaga gijigip gelerdi. Gurbanbike mama
gapydan giren dessine başlygyň ýüzi gamaşardy, oturanlaryň
arasynda weli şatlykly hyşy-wyşy köpelerdi.
Başlyk-brigadir bilen dikleşip, gönüsini aýdýan adamlar
başga-da ýek-tük bardy. Käwagtlar öňe çykyp gepläp duran
brigadiriň we dik duran ýerinden oňa gaýtawul berýän
kolhozçylaryň arasynda turan jedeli, sögüşip ýatyrmak başlyga
iş bolardy.
Ynha, meniň gürrüň berjek bolan ýygnagymda weli ol zatlar
aňsatja çözüldi duruberdi. Öň gapynyň agzynda iki adam durup,
tä ýygnak gutarýança bir adam hem gapydan çykarylmaýan
bolsa, bu gezek, tersine, başlygyň özi ähli kolhozçyny klubdan
kowdy. Bu şeýle boldy.
Ýygnak uzaga çekdi. Sebäbini görkezip, ýygnakdan rugsat
aljak adama başlyk rugsat bermedi. Onuň bir zada gahary
gelipmi-nämemi, bu gün çagasyny daş çykaryp gelmekçi bolan
aýala-da ol azmly “Otur ýeriňde” diýip jabjyndy. Soň gaýdyp
gapydan çykmaga milt eden tapylmady. Törde oturanlar irkilişip
otyrdy, eneleriniň dyzyny ýassanan çagalar-a arkaýyn uklap
ýatyrdylar. Ynha, birdenem yzrakda bir üýtgeşik ses eşidildi.
Bu sesi uklamadyklaryň ählisi eşitdi. Goýdular gülkä. Uklanlar
hem oýandylar. Gülki barha batly ýaňlandy. Şol arada başlyk
ýerinden turup, ýer depip gygyrdy:
— Kim şu işi etdi? Hany, boýnuňyz alyň! Ýoldaş
kolhozçylar, şu işi eden adamy görkeziň!
Boýnuna alan bolmady, “günäkäri” görkezenem. Ýatar
ýerde gülki sesleri ýatmandan soň, başlyk yzdaky dik duranlaryň
arasyndan Annaseýit diýen bir pukara ýaşulyny öňe çagyrdy,
soňra bolsa ony günäkär hökmünde ýygnakdan kowdy (şol işi
67
eden Annaseýit aga däl-de, uklap ýatan oglanlaryň biridigini
biz weli bilýärdik). Onuň bilenem gülki sesleri ýatmady.
Hatda prezidiumda oturanlaryňam ýerinden turup, gygyrynyp
duran başlykdan beýlekileri ýüzüni ters sowup ýa aşak bakyp
gülýärdiler. Bu olaryň silkinip duran eginlerindenem bidlirýärdi.
Ahyry başlygam saklanybilmedi, olam gülüp goýberdi. Gülkiniň
arasy bilenem:
— Baryň, ähliňiz boş—diýdi.
Bu hezil waka uzaga çekýän ýygnaklaryň soňuna çykdy.
Munça bolanyna görä, kolhozyň şu kluby bilen baglanyşykly
ýene bir wakany gürrüň bereýin. Ol waka klubda gündiz bolupdy.
Gaýra gyşlagdaky ýabyň boýundaky tutlary otlany üçin, Durdy
Işçi diýen bir ýaşulyny sud etdiler. Etrabyň sudýasy Weli
Söýegow, suduň kömekçisi we iki sany oturdaş prezidiumyň
stoluna geçip oturdylar. Günä ýüklenýän ýaşula bolsa bir çetde
stul goýdular. Suda gelen obalylar klubuň töründe ýerleşdiler.
Sud başlandy. Sudýa Weli Söýegow turdy-da, mejlisi açdy. Öňde
oturan günäkäriň bir gije onlarça tudy otlanlygy üçin jenaýata
çekilýänligini oturanlara habar berdi (ol döwürler tut çapmaklyk
jenaýatdy, hatda guran tutlary hem özi ýykylaýmasa, ony çapyp
bilmezdiler). Soňra sudýa günäkäre ýüzlenip:
— Hany, Durdy Işçi, aýdyp ber. Näme maksat bilen şunça
tudy otladyň?
Ýaşuly ýerinden turdy, oturan stulynyň yzyna geçdi-de, onuň
ýaplanyp oturylýanyny iki eli bilen tutup, biraz bükülibräge-de
söze başlady:
— Ýoldaş inim Söýäkow. Tutlary otlanym çyn. Men olary
bilip otlamadym. Almaz Pirguly gaýra gyşlagda ýer sürdi, meni
brigadir onuň traktoryna suwçy belledi1 Suwy ýabyň gutaran
ýerindäki howuzdan çekdim. Gijelikde howzuň içi garaňky
bolany, şonuň üçinem suwa inilýän ýeriň görünmeýäni üçin
kükürt
çakdym. Täze çykan kükürtleriňem nähilidigini özüň
___________
Şol döwrüň STZ, ÇTZ tipli traktorlarynyň radiatorlaryna çalt-çalt suw
guýlup durulmalydy. Bir guýlan suw traktorlaryň bir aýlanyp gelerine-de
ýetmeýärdi. Şonuň üçin kä atyzlaryň iki tarapnda-da traktora suw guýmak
üçin suwçular bolardy. Özemem suwçy bolup görüpdim.
1
68
bilýärsiň inim Söýäkow. Kükürt çöpüň başyny onuň çakmagyna
sürten badyňa ol şatlap, bir tarapa atylyp gidýär. Şol gije-de
şeýle boldy. Kükürt atylyp, gapdaldaky hyşanyň içine gitdi.
Ynha, birdenem ol ýanyp başlady. Suw sepibem öçüribilmedim.
Howzuň we ýabyň gyralaryndaky hatar tutlaryň arasy gür
gamyşlykdy. Tutaşan ody şemal barha körükdirdi. Tutlar,
ýoldaş inim Söýäkow, şeýdip ýandy. Men muňa günäkär däl.
Ynha, hökümetiň çykaran şu kükürdi günäkär—diýip, geýip
ýören köne şineliniň jübüsinden bir kükürt çykardy-da, ony öňe
uzadyp şakyrdatdy. Zalda oturanlaryň biri ýerinden turdy-da,
gürrüňe goşuldy:
—Ýoldaş sudýa, dogrudanam, täze kükürtler atylýar,
jeňňelde oturan hol Gaýyr agany tanaýansyňyz. Şolam şeýle
kükürt bilen kepbetamyny otlapdyr—diýdi.
Weli Söýegow ýerinden turdy-da, stuluň arkasyna söýenip
duran günäkäre ýüzlendi:
—Seniň häzirki aýdýanlaryňa biz we oturanlar ynanar ýaly
näme tutarygyň bar? Heý, şoňa şaýadyň barmy?
—Şaýadym ýok. Tutarygym diňe şu kükürt, ýoldaş inim
Söýäkow.
—Hany onda çakyp görkez.
Günäkär dikeldi, stuluny bir gapdala süýşürdi-de, sudýalara
tarap ýöneldi. Weli Söýegowyň edil öňünde durup, kükürt çakdy.
Dogrudan-da, çakylan kükürt jazt etdi-de, ondan çykan bir bölek
uçgun gapa tarap atyldy, beýleki bölegem çöpi ýakdy. Tutaşan
çöpi aşak taşlap, aýagy bilen ony ykjam mynjyradyp durşuna,
ýaşuly kükürdi ýene çakdy. Bu gezek weli ol tüýs nyşana degdi:
öňküden beter jyztyldap, ok ýaly bolup uçan bölek göni sudýanyň
çekgesine ýelmeşdi. Sudýa çalasynlyk bilen ýelmeşen uçguny
kakdy, çekgesiniň awunan ýerini sypalaşdyrdy, jübüsinden
elýaglygyny çykaryp süpürdi we günäkäre ýüzlenip:
—Ynandyrdyň. Sen günäkär däl. Gaýdyber—diýdi.
Il dargady. Menem tabeli Hudaýberdä tabşyryp, öýe
gaýtdym.
Tabelçi döwrümde her bäş güne tabel dolduryp, ilki ony
brigadire, soňam kolhozçylara okap bermelidim. Seýti aga
69
gowy diňläp, soňundanam käbir adamlaryň hakyndan pylança
kemeltmegi, käbirine-de goşmagy buýrardy. Haky kemeldilýänler
kileň pukara garrylardy. Men Seýti aganyň sözlerine “bolýar”
diýsemem, tabelde weli olaryň hakyny kemeltmezdim. Brigadir
buhgaltere tabşyran tabellerimi barladyp, meniň bu etmişlerimiň
üstüni açdy. Kolhozçylaryň arasynda üstüme gygyrdy, ahyrdada meni tabelçilikden kowdy.
Uruş maýyby Rozynyýaz Allaberdi kolhozymyzyň
poçtalýonydy. Meni şoňa kömekçi bellediler. Men gelen hatlary
we gazet-žurnallary oba içinde öýlere paýlardym, kä günler
bolsa Burdalyga pyýada gidip, poçtany getirerdim. Men bu işi
gowy gördüm, çünki okamak üçin gäzet-žurnal öz elimdedi.
Oba içindäki ýaplar gyşyna, suw gelmezden öň gazylardy.
Aýal-gyzlar bilen birlikde bu işe ýokary klas okuwçylaryny hem
çekerdiler. Poçtalýonlygyň daşyndan, menem ýap gazmakda
öz paýymy alardym. Gazy-haşar işine ýarawy bolan erkek
adamlar we ýaş çagasy bolmadyk aýallar uly haşara, ýagny
Burdalyk nowhanasyny gazmaga ýatymlaýyn giderdiler. Gazyhaşar nowhananyň başyndan başlanýardy. Ol ýer bolsa biziň
öýümizden 25—30 kilometr çemesi uzakdady. Şonuň üçinem
obamyzdan giden haşarçylar, şol sanda meniň atam hem ilkinji
aýda öýe hepdede ýa-da on günde bir gezek gelerdi, özüniň
we goňşularymyzyň azyklaryny äkiderdi. Öýe giç gelenligine
seretmezden, ol dessine ýol şaýyny tutup, ýary gije haşara
ugrardy, çünki haşarda daň bilen adamlar bar-ýok edilip, sana
ýetişmediklere berk çäre görülýän eken, hatda stalinçilik
döwrüň kadalary boýunça, gijä galanlaryň jenaýata çekilenleri
hem bolupdyr.
Atam şoh adamdy, haşarda ol naý (gargy) we dilli tüýdük
çalyp, töweregindäkilere hezil berýän eken. Ýöne weli güýçli
we daýaw pyýadalygyna seretmezden, ol ilden artyk paý
almandyr. Mirap oňa: “Atanyýaz, seniň güýjüň-ä ýeterlik, iki
paý ölçäýeli. Zähmet günüňem köp bolar” diýende, atam: “Ýok,
mirap, il bilen deň ölçe. Güýjümi bisarpa tutsam, göwrämi
gynasam, garranymda ol meni eklemez. Men 70—80 ýaşda-da
şu göwreden çörek iýjek” diýer eken.
70
Nowhana gazylanda, atam ýaly güýçli adamlaryň ýanyna
bir ýa iki sany ahyraçy hem berilýän eken. Olaryň wezipesi
şeýle.
Aşakdan ýokary zyňylýan laýy bir batda raýyşyň üstüne
zyňmak mümkin bolmasa (raýyş belent bolanda), raýyşyň
orta gürpünde bir ýa iki ahyra (laý aşak togalanmaz ýaly tekiz
sekiler) edilip, laý ondan oňa zyňylýar. Ahyrada aýallar we
ýetginjekler işledilipdir. Gürrüň berişlerine görä, atamyň ýanyna
düşen ahyraçylar hezil edýän ekenler, çünki atam il paýyny
ýarpylaberende gazuwa başlap, laýy köplenç ahyra däl-de, raýyşa
atar eken. Gazy-haşar işleri barada munça gürrüň edenime görä,
bu gadymy hünär bilen baglanyşykly däpler barada käbir zatlary
ýatlap geçeýin.
Suwarymly ekerançylyk bilen meşgul bolýan ülkeleriň
ählisinde suw üpjünçiligi bilen dahylly zatlar mukaddes saýylýar.
Hatda haýsydyr bir öwlüýä aýdylýan zady (meselem, janlyny)
gazyçylara soýup berseň, şol kabul bolýarmyş diýen yrym
bar. Gazy-haşar işlerini öýleriniň deňine gelende, adamlar mal
soýup ýa-da bir tamdyr çörek bişirip, haşarçylary hezzetlärdiler.
Ogul-gyz arzuw edýänleriň haşarçylardan ak pata almasy hem
ýönelige däl. Ýap ýa-da guýy gazan adama goýulýan sarpanyň
şaýady hökmünde “Müň meçitden (metjitden) bir geçit (köpri),
müň geçitden bir içit (guýy)” diýen nakyly ýatlamakçy.
Biziň obamyzda-da haşar ýakynlaşyberende, gazyçylary
garşylamaga taýýarlanardylar. Ylaýta-da obanyň oglanlary
gazynyň uly köprülere ýeterine sabyrsyzlyk bilen garaşardylar,
çünki onuň öz hezili bardy.
Miraplar öt-geçli köpriniň töweregindäki paýlary pälwan
adamlara bererdi. Ötegçi köprä ýakynlaşyberende, haşarçylaryň
biri ýa ikisi onuň öňünden çykyp, arassa piliň ýa kepjäniň üstünde
bir döwüm nan goýup, oňa hödür ederdi. Däp boýunça ötegçi
duz dadyp, töwir edensoň, üç şertiň birini ýerine ýetirmelidi:
göreşde ýykmaly (diňe birini däl, eýsem, göreşmäge höwesek
haşarçylaryň ählisini), bir paýy gazyşmaly ýa-da nämedir bir zat
tölemeli. Göreşem köp tutulardy, ýöne weli ötegçileriň aglabasy
haşarçylara pul ýa iýip-içer ýaly bir zat berip, ak pata alyp
71
geçerdiler.
Poçtalýon döwrümde men etrap merkezine—Burdalyga
köp gatnaýardym. Şol ýyllar bu etrapda “Gyzyl Oktýabr”
diýen gazet çykýardy. Ynha, bir günem redaktoryň orunbasary
Mimin Rahman maňa kolhozdaky we mekdepdäki täzelikler
we kemçilikler barada gazete makala ýazyp durmagy tabşyrdy.
Ilkinji makalam çykanda, men gaty begendim, ony ähli
ýoldaşlaryma görkezip çykdym. 1947-nji ýylyň dekabrynda
gazetde “Göwnüm” diýen goşgym çap edilende weli has-da beter
begendim, ýöne, soň görüp otursam, bu goşgy Durdy Gylyjyň
“Göwnümi” bilen tas sözme-söz diýen ýaly gabat gelýärdi. Diňe
“Etrabym Tagtadyr, Bedirkent—ilim” diýen setirleri “Etrabym
Burdalyk, Gultakdyr ilim” diýip üýtgedipdirin. Muny obamyzyň
kitaphanaçysy Ogulmyrat Illi bilip, meni köpçülikde utandyrdy.
“Edebiýat ogrusy” diýen erbet ady almazlyk üçin, beýle işi
gaýtalamazlygy hem tabşyrdy. Men gaýdyp goşgy ýazmadym.
Makala ýazmagy-da goýdum, has dogrusy, goýmaga mejbur
edildim. Munuň sebäbi şeýle boldy. Bir gün günortana ýakyn
sygyr gabalýan howlynyň ýanyndan geçenimde, göle çopanyň
öz bakmaly gölelerini günorta çenli agyla gabap goýanlygyny,
aç göleleriň hem moňňuryşyp durandyklaryny gördüm we bu
barada gazete ýazdym. Göle çopany garyndaşymyz bolup
çykdy, gara mallar fermasynyň müdiri hem duldegşir goňşymyz
Berdimyrat agady. Redaksiýadan kolhoza jaň edip, olaryň
atlaryny alypdyrlar we makalada meniň adym bilen olary gowy
ýepbikläpdirler. Gazetiň obada ýaýran güni göle çopany we
Berdimyrat aga ikisi gelip, meni atama ýamanladylar. Atam
maňa gaty käýedi we gaýdyp gazete zat ýazmazlygy tabşyrdy.
Meniň poçtalýonlygym 7-nji klasda okap başlan wagtymyza
çenli dowam etdi. Sentýabr aýynyň ortalarynda mekdebiň
direktory Akmyrat Jomardow ýanyna çagyrdy-da:
—Sen kolhozdaky ähli işiňi goý. Oktýabryň 1-inden seni
mekdebiň pionerwožatysy wezipesine bellemekçi. Ertirine
uly arakesmede kiçi okywçylary oýnadarsyň hem-de tertibe
seredersiň. Aýlygyňam 400 manat çemesi bolar—diýdi. Ol
döwürde enem-atamyň ikisiniň bilelikde alýan haky hem 400
72
manada ýetmeýärdi. Şonuň üçinem tä 7-nji klasy gutaryp,
Kerkä okuwa gidýänçäm, meniň alýan aýlygym maşgalamyzyň
maňlaýyndan diredi. Enem şol döwürde eýýäm magazinlere
köp gelip başlan gülli matalardan alyp, ýorganymyzy we özüniň
hem-de gyzlaryň eşiklerini täzeledi, maňa özbaşyma ýorgan
tikip berdi.
Indi 7-nji klasdaky okuwlarymyz barada-da käbir zatlary
gürrüň bereýin.
Klasdaşlarymyň arasynda Hudaýberdi Allanazar we Aky
Aganyýaz dagy gaty gowy okaýardylar. Ylaýta-da Aky çeper
eserleri köp okardy. Ol şol ýyllarda çap edilen “Polkuň ogly”,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.