Latin

Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06

Total number of words is 3736
Total number of unique words is 2065
30.5 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“Mugallymyň gyzy” ýaly ençeme eseri hemmämizden öň okap,
bizi-de olary okamaga gyzyklandyrypdy. N. Ostrowskiniň
“Polat nähili taplandy?” diýen eserini, şoňa meňzeş birnäçe
kitaby okamagyma-da Aky sebäp boldy. Biz bu okalan kitaplar
barada çekişmeler hem gurardyk.
Ökde okaýan klasdalarymdan Hudaýberdi Kerkidäki oba
hojalyk tehnikumynyň, soňra-da Aşgabatdaky oba hojalyk
uniwersitetiniň agronomçylyk bölümlerini tamamlap, öz
kolhozymyzda uzak wagtlap agronom bolup işledi.
Aky maşgala ýagdaýy zerarly bada-bat okuwa gidip bilmedi.
Okuwy gutaran dessine Garabekewüle göçüp, gaýybana okady.
35 ýyllap hem şu etrabyň medeniýet edaralarynda abraýly işledi,
hökümet sylaglaryny hem aldy. Häzir ol hormatly dynç alyşda.
Bizi 5—7-nji klaslarda-da uruşdan dolanyp gelenler ýada ýediýyllygy gutaranlar okatdylar. Olaryň hiç biriniňem
orta bilimi ýokdy. Mekdebiň direktory Akmyrat Jomardow,
Allamyrat Çaryýew ýaly birlän-ikiläni bolaýmasa, peduçilişede
gaýybana okaýanlaram ýokdy. Olara ene dilinden beýleki ähli
sapaklar ynanylýardy. Meselem arifmetikadan we fizikadan
Fawziýa okadýardy, ýöne onuň hasap ugrundan düşünjesi gaty
gowşakdy. Mekdepde bu ugurdan idili bilim alyp bilmedigimiz
üçin, klasymyzdan hasaba ökde okuwçylaram çykmady.
Peduçilişede okanymda-da men arifmetika, fizika ýaly derslerde
köp kynçylyk çekdim, iksli, igrikli meseleler-ä çözübem
bilmeýärdim.
73
Mugallym tapylmadygy üçin, 7-nji klasda himiýa sapagy
asla geçilmedi, has dogrusy, diňe bir sagatjyk himiýa okadyk. Asly
ahally Ata Işangulyýew diýen ýaşuly mugallym bir gün klasa
girdi-de, “Maňa siziň klasyňyzda himiýa sapagyny okatmagy
tabşyrdylar” diýdi, soňra stoluň başyna geçip, “Himiýa” diýen
okuw kitabyny agdaryşdyrmaga durdy. Haýsydyr bir sahypanyň
ýüzüne esli salym seretdi, okady, soňam tagtanyň ýanyna baryp,
onuň ýüzüne “Suw” diýip ýazdy:
— Himiýadan biziň ilkinji geçjek temamyz “Suw” bolmaly.
Şondan soň bize suwuň ähmiýeti, janly jandarlar we
ösümlikler üçin onuň zerurlygy, suwuň dag çeşmelerinden
derýalara, deňizlere guýşy barada giň gürrüň berdi. Mysal
hökmünde-de biziň obalarymyzyň gaýrasyndan akýan
Amyderýanyň gündogardaky daglardan baş alyp, aýagynyň
Arala guýýanlygy hakda aýtdy. Temany düşündirdim hasap
edenden soňam, ol okuwçylara “Kimiň nähili soragy bar?” diýip
ýüzlendi. Hudaýberdi Söýeg bir gülegen we wäşi klasdaşymyz
elini galdyrdy:
— Ýoldaş mugallym, meniň soragym bar.
— Hawa, soraber.
— Siz derýa Aral deňzine guýýar diýdiňiz. Derýanyň
ýakynda bolup geçen daşgynynda suw joşdy, ol hut gaçydan
aşdy, ähli jeňňeli basdy gitdi. Munça suw gije-gündiz akyp
ýatsa, Aral suwdan dolaýmaýarmyka?
Mugallym birsalym dymdy-da, oňa şýele jogap berdi:
— Sen bir zada düşün. Deňzem suwdan dolarmy? Doýmazdolmazlygy üçin oňa deňiz diýilýär. Soňam üns ber: derýa
deňze çenli ýüzlerçe kilometr ýol geçýär. Bu aralykda ekinler
suwarylýar. Ynha, seniň obaňdaky ýaplara-da suw derýadan
alynýar. Onuň ugrundaky ähli janly- jandarlaram suw içýär.
Şonuň üçin derýanyň suwy deňze barýança gaty azalýar. Şol
ujypsyzça suwuňam belli bir mukdary bugarýar. Deňziň içindede balyk diýdi, gurbaga diýdi — dürli haýwan köp. Olaram
gije-gündiz suw içip ýatyr ahyry. Şeýdibem deňzi doýmaga
goýmaýarlar—diýdi. Biz gülüşdik, mugallymyň gahary geldi.
Sapak gutarmanka-da ol klasdan çykyp gitdi. Soňam sapaga
74
gelmedi
6 — 7-nji klaslarda okatmaga mugallym tapylmadyk diňe
bir himiýa däldi. Fizika, geometriýa, algebra, matematika, orus
dili sapaklary hem orta bilimi bolmadyk mugallymlar tarapyndan
geldi-geçer okadyldy. Şeýdibem biz doly däl orta mekdebi
(ýediýyllygy) gutardyk. Jemi 17 okuwçydan üç sanysyna (şol
sanda maňa-da) taryp haty berildi. Şol döwürde tehnikumlar we
uçilişeler taryp hatyny alanlara synagsyz okuwa kabul edýärdi.
Ýöne weli ol ýyllarda biz nirede nähili okuw jaýynyň bardygyny
hem bilmeýärdik. Tutuş Burdalyk etrabynda ýeke orta mekdep
hem ýokdy (häzir bu ýerde olaryň 10-sy bar). Şonuň üçin hem
klasdaşlarymdan Hudaýberdi Söýeg Hojambaz etrabynyň
Beşir obasyndaky orta mekdepde, käbirleri derýadan geçip,
Garabekewüliň merkezindäki mekdep-internatda okuwyny
dowam etdirdiler. Akmyrat Jomardow, Raziýa Hüseýinowa,
we Allamyrat Çaryýew ýaly mugallymlaryň maslahaty bilen
men Kerkidäki pedagogik uçilişä okuwa girmegi ýüregime
düwdüm. Hudaýberdi Allanazar, Soltanmyrat Hojaguly ýaly
klasdaşlarymyň hem bu şäherdäki oba hojalyk tehnikumyny
saýlamagy meni gaty begendirdi. Ýöne weli Kerki serhet şäheri
bolany üçin, oňa dokumentsiz gitmek bolmaýardy. Şonuň
üçinem dogluş şahadatnamasyny (metrika) almak üçin biz
etrap merkezine çenli bolan 10 kilometr aralygy ençeme gezek
sökmeli bolduk, çünki kolhoz başlygy özünden rugsat bolmasa,
kolhozyndan okuwa gitjeklere dokument bermezligi ZAGS
bölüminden haýyş edipdir. Şonuň üçinem bizi köp gatnatdylar,
diňe 25-nji awgustda, onda-da etrap bilim bölüminiň müdiri
Nyýazdanowyň kömegi bilen metrika aldyk.
Okuwa gitmäge bir-bir ýarym aý öňünden taýýarlanyp
başladyk. Enem maňa iki sany bagjykly köýnek, ak we gara
matalardan iki sany uçgurly balak, bognama nagyşly täzeje
tahýa, pagtaly don tikip berdi. Aýakgabym weli ýokdy.
Enem 10 —15 tamdyr süýtli külçe ýapyp, ony jaýda
ykjam guratdy we meniň üçin ýörite bizden tiken uly haltasyna
ýerleşdirdi (uruş döwrüniň yz ýanlary bolany üçin, ol döwürde
çörek gytdy, şonuň üçinem şäherlere okuwa gidýänleriň esasy
75
ýüki külçe bolardy).
Awgust aýy aýaklaberende, obamyzdan peduçilişede
okap ýören Işanguly Hudaýguly Burdalyga gidip, etrabyň
MTS-inden Kerkiçä haçan maşynyň gitjekdigini bilip geldi.
Ol döwürde bu aralyga gatnaýan awtobus ýa başga ulag
ýokdy, diňe köp kireý töläp, ýük maşynynda gitmelidi. Ýoluň
Burdalyk—Mekan aralykda hem 10 kilometr çemesi ürgün
çägäniň üstünden geçýänligi üçin, bu ýoldan çem gelen maşyn
ötüp bilmeýärdi. MTS-de iki sany uly ýük maşyny bolup, olar
demir ýol stansiýasyndan Burdalyk üçin niýetlenen ýükleri
getirmäge Amyderýa şäherçesine ýa Kerkiçä hepdede- on günde
bir-iki gezek gatnaýardy. Ynha, bizem şol maşynlaryň birine
münmelidik.
Ugramaly gün ýetip geldi. 5 — 6 oglan bolup, Işanguly
Hudaýgulynyňka üýşdük. Külçe we beýleki zerur zatlarymyz
salnan haltalarymyzy bogup, olary artmak edip, üç eşege
ýükledik. Eşekleri yzyna alyp gaýtjak oglanlar bilen bilelikde
ýola düşdük. Köpimiz pyýadadyk. Men öz eşegimize mündüm.
Bizi enelerimiz we syrgynymyzyň adamlary ak pata berip
ugratdylar. Ugradýanlaryň arasynda Hojamyrat hem bardy. Biz
arany açmankak, ol:
— O-how, men pul tapdym—diýip gygyrdy. Onýança
ýanyndaky oglanlar hem ýeliň ygyna uçýan pullary çöpleýärdiler.
Eşegiň üstünde şu gün geýen uzyn köýnegimiň etegini düýrläp
öňüme çekenimde, onuň giň jübüsine salan otuz sany täzeje
onluklarym typyp gaçyp, ýeliň ugruna uçup dagan bolsa nätjek?!
Pullary çöpläp, eneme berdiler. Enem oglanlara sag bolsun
aýdyp, pullary maňa bermän, göni Işangulynyň ýanyna ugrady.
Eşekleriň öňünde pyýada barýan, emma häzir pul çöpleýänlere
gülşüp seredip duranlaryň arasyndaky Işangulynyň ýanyna
baryp:
— Işanguly, biziň bu oglumyz-a entek obadan çykmanka
puluny gaçyryp ýör. Puly sen al-da, muňa geregini beriber —
diýip, pullary oňa gowşurdy.
Biz ir öýlän Burdalyga geldik, ýöne MTS-iň deňinde dälde, ondan ötüp, iki kilometr çemesi uzaklykda, iki gyrasy tutly
76
könäni ýoluň kesip geçýän ýerinde düşledik we haltalarymyzy
ýoldan çetiräge çekip gizledik. Munuň öz sebäbi bardy.
Maşynyň şafýory Nikolaý diýen orus adamsy milisionerleriň
we etrap ýolbaşçylarynyň gözüniň öňünde ýük maşynyna onça
adamy mündürmäge heder edip, bizden şol ýerde garaşmagy
talap edipdir. Galyberse-de, şäherçäniň içinde başlykdan
rugsatsyz okuwa gidýänleriň bilinmegi we alnyp galynmagy
mümkindi. Şonuň üçin-de biz eşekleri dessine yzyna ugradyp,
özümiz könäniň içinde bukup, tä garaňky düşýänçä garaşdyk.
Bu ýerde bizden öň gelen 10—15 sany oglan hem bar eken.
Agşama çenli bolsa bu ýere gelenleriň sany barha köpeldi.
Garaňky gatlyşansoň, maşyn geldi. Kömekleşip, haltalarymyzy
maşyna ýükledik. 40 çemesi adamyň içi çörekden doly haltalary
maşynyň boş kuzowyny ýüzleme edip doldurdy. Uly we daýaw
oglanlar kuzowyň öň tarapynda, biz bolsa tapan ýerimizde
ýerleşdik. “Günämizi Alla geçirsin” diýi dileg etdik-de, çörekli
haltalaryň üstünde oturdyk.
Maşyn ýola düşdi. 10 — 12 kilometr geçip, ol ýoluň çöle
girýän ýerinde saklandy. Şafýor we onuň ýanyndaky Mahmut
tatar diýen daýaw ýoldaşy ählimizi maşyndan düşürip, 100 manat
pul tölemegi, pul tölänleriň hem maşynyň öňüne geçmegini talap
etdi. Pul ýygnalansoň, Mahmut ürgün çägelikde hemmämiziň
maşyndan düşüp, 2 — 3 kilometr pyýada ýöremegimizi, maşynyň
batan ýerinde daýaw oglanlaryň yzky goşa tigriň öňüne boýy iki
metr çemesi agaç (şalman) taşlamalydygyny duýdurdy. Aýdylan
ýerde maşyndan düşdük. Kuzowyň aşagyndan sogrulyp alnan
agaçlary egnine atyp, iki oglan yzky tigirleriň deňinden ýöredi.
Maşyn batyberen ýerinde, olar agajy tigriň öňüne taşlaýardylar.
Has ürgün çägeli ýerde maşyn agajyň üsti bilen bir metr çemesi
öňe süýşýärdi, ýöne agajy weli ürgün çägäniň aşagyna çuň
gömüp gidýärdi. Ony gazyp çykarýançak, esli wagt geçýärdi.
Şeýde-şeýde, iki kilometr çemesi aralygy bir-bir ýarym sagatda
geçdik. Beşiriň çägesinde hem şonçarak wagt eglenip, şafýordan
suwly ýabyň boýunda saklap geçmegini haýyş etdik we maşyna
mündük. Tigriň sepen çägeleri derlän endamymyza ýapyşyp,
tenimizi awuşatsa, yzdan ösýän ýel şor ýoldan göterilýän tozany
77
üstümize ýagdyryp, ýüz-gözümizi küle agnana dönderipdi.
Suwuň boýunda el-ýüzümizi ýuwup, suwdan gananymyzdan
soň, ýene ýola düşdük. Maşynyň üstünde haltamyzdan külçe
çykaryp, ony ýolboýy gemrip gitdik.
Gije ýarymdan agandan soň Kerkiçä gelip, motorkanyň
(ýolagçy gämisiniň) duralgasynda tä ertire çenli garaşdyk.
PEDUÇILIŞE
Irki motorkada Kerkiçeden Kerkä geçdik. Haltalarymyzy
arkamyza alyp, şähere ugradyk. Derýanyň boýundaky parkdan
geçip, oba hojalyk tehnikumyna gelen Hudaýberdi, Aky,
Soltanmyrat dagy bu ýerde öňden okap ýören Pirli Şamyrat,
Seýti Rahman dagy bilen saga sowuldylar. Men bolsa Işanguly,
Begli Gurt we beýlekiler bilen uçilişä geldim. Howluda bir-iki
sagat garaşanymyzda soň, bizi uçilişäniň ikinji gatyndaky giň
otaglara ýerleşdirdiler (birinji gaty okuw klaslary eýeleýän
eken). Men birinji kurslara niýetlenen 12-nji otagdan ýer aldym.
Üstüne atylan ýorgan-düşekleri gowy rejelenip, ak prostyn bilen
örtülen otuz sany krowatyň köpüsi eýelidi. Ony krowatlaryň
aşagynda goýlan haltalardan we çemodanlardan bilmek bolýardy.
Menem haltamy bir boş krowatyň aşagyna dykdym. Krowatyň
bir burçunda oturyp, ýoldaşlaryma syn etdim. Nätanyş ýüzler.
Käbiriniň-ä gepine-de düşünmeýärdim. Biraz oturanymdan soň,
içim gysyp başlady. Işangulynyň gözlegine çykdym. Agşama
çenli bile bolduk. Ol meniň ertir barmaly klasymy gözrkezdi.
Bile naharlandyk.
Öň bu ýerde bir ýyl okanlygy üçin, Işanguly dagy gaty
şadyýandy. Ol öz kursdaşlary bilen degişýärdi, gülüşýärdi. Men
weli hiç kim bilen goşulyşyp bilmedim. Ýat sürä düşen mal
ýaly, görenimden çekindim. Içim gysyp başlady. Men otagyma
geldim. Oglanlaryň köpüsi eýýäm ýatyrdy. Menem ýatmaga
taýýarlandym. Ilki matrasyň üstüne goýlan ak prostyny ýalaňaç
aýagymyň hapalamazlygy üçin aýyrdym-da, epläp ýassygymyň
aşagynda goýdum. Soňra beýleki prostyny ýorganyň üstüne
ýazdym we ýorganyň aşagyna girdim. Düýn gijeki ukusyzlyk
78
we gündizki ýadawlyk zerarly, derrew uka gitdim.
Ertir ir bilen 5 — 6 adam gelip, ählimizi turuzdy.
Hemmämizi ortada dik duruzdylar. Olaryň içinde bir ýaşulusy
(ol mugallym Selim Seýidow eken) bize prostyny ýorganyň
üstünde däl-de, aşagyndan ýapmalydygymyzy, ony hepdede
ýuwup bolýanlygyny, ýorganyň bolsa ýuwulmaýandygyny,
şonuň üçin ony kirletmeli däldigimizi ýeke-ýeke düşündirdi.
Uçilişede aýakgapsyz gezmegiň bolmaýandygyny, şu gün
aýakgap almalydygymyzy hem sargady.
1-nji sentýabr güni men ir bilen 1 “A” klasynyň okamaly
otagyndan orun belledim. Emma jaň kakylmanka klas oglangyzdan hyryn-dykyn doldy. Olaryň arasynda 20—25 ýaşly
daýaw pyýadalaram bardy (uçilişede biziň bilen bile uruşda
bolup gelenleriň hem ençemesi okady). Olaryň biri gele-gelmäne
meniň ýanyma geldi-de:
— Näme üçin .meniň ýerimi aldyň? Hany, tur!—diýip,
meni turzup kowdy-da, ýerimde özi otuyrdy. Men polda
oturanlara goşuldym. Okuw müdiri Seýidow bilen birlikde
iki sany mugallym klasa girdi. Müdir bize giriş synaglarynyň
boljak däldigini, şu gün we ertir ene dilinden we orus dilinden
diktant, matematikadan hem barlag iş alynjaklygyny, şolaryň
netijesinde şu toparda jemi 30 okuwçynyň okamaga galdyrylyp,
pes baha alanlaryň hem öýlerine gaýtaryljakdygyny habar berdi.
Biz hut şol günüň özünde iki diktant ýazdyk. Köp okuwçy,
şol sanda menem polda oturyp, dyzymyzyň üstünde ýa ýatyp
ýazdyk. Ertesi ir bilen matematikadan barlag iş aldylar. Uzak
wagt geçmänkä hem netijeler yglan edildi. Klasymyzdan meniň
we ýene bir oglanyň ählisi bäşlik eken. Dogrudan-da pes baha
alanlaryň atlary okalyp, olar klasdan çykaryldy. Klasda 30
okuwçy galdyryldy. Býeleki B, W,G toparlarda-da şeýle edildi.
Okuw başlananda uçilişäniň howlusy oglan-gyzdan ýaňa hyň
berýän bolsa, sentýabryň 5-inden soň ol boşap galdy. Klas
partalaryna-da doly ýerleşdik we okap başladyk.
Ýatak jaýymyzy barlan mugallymyň diýenini edip, men
şol gün Işanguly bilen gidip, bazardan özüme köwüş (tapoçka)
aldym. Ýöne uzak wagtdan bäri aýakgap görmedik aýak köwşüň
79
içinde özüni hut kapasda ýaly duýdy. Şonuň üçinem ýolda we
howluda-da mugallymyň ýok ýerinde köwşümi çykaryp, elime
alyp gezdim. Klasa ony geýip gelsemem, partanyň aşagynda
aýagymdan çykaryp goýdum. Mugallym tagta çykaraýsa, köwşi
dessine geýdim. Täze köwşi uzak geýmek miýesser etmedi. Bir
gün sapak gutaransoň, köwüşsiz oturanymy ýadymdan çykaryp,
ony goýup gaýdypdyryn. Bir-iki sagatdan soň baryp görsem,
köwüş ýok ekeni. Şeýdip, ýene dört-bäş gün aýakýalaň gezdim.
Ynha, şol günleriň birinde birinji klasa kabul edilen ähli
okuwçylary howlynyň içinde hatar duruzdylar. Ähli mugallymlar,
okuw müdirleri we direktor Ruslan Ergeşow dagy öňde goýlan
oturgyçlarda oturdylar.
Ergeşow öňe çykyp, bizi uçilişä kabul edilendigimiz bilen
gutlady. Käbir mugallymlar hem gutlag sözi bilen çykyş etdiler.
Soňra müdir Seýidow dört sany türkmen we bir sany orus toparly
klaslarda geçirilen barlag işleriň ählisinden bäşlik alanlaryň
atlaryny okap, olary öňe çykardy. Menem öňe çykdym. Jemi
15 — 20 okuwçy. Ergeşow bize berekella baryny aýtdy we
ahyrda-da:
— Ynha, şu ýigitler ýaly okaň. Bular biziň uçilişämize
abraý getirip, gowy mugallymlar bolup ýetişerler. Şeýle ogulgyzlaryna bulary okadan mugallymlar, ylaýta-da olary Kerkä
okuwa ýollan ene-atalar guwanmaga haklydyrlar—diýip, sözüni
gutardy. Ergeşowyň birnäçe gezek “ene-ata” sözüni agzamagy
maňa öz ene-atamy ýadyma düşürdi. Öňem içim gysyp, öýdäki
doganlarymy, ylaýta-da enemi göresim gelýärdi, hatda gijelerine
enem ýadyma düşende aglaýardymam. Içim gysmaz ýaly däldi,
men entek oglanlar bilen goşulyşyp, ysnyşyp bilmeýärdim.
Işanguly öýlänine, meniň hem ertirine okýanlygym üçin, men
şähere hem çykyp bilmeýärdim. Bir gezegem oglanlar bilen
bazara gidip, yza ýeke gaýdanymda azaşdym. Işangulynyň
gündelik sowmak üçin beren üç manadyny hem bir şäherli
oglana berip, onuň kömegi bilen uçilişäni tapdym. Oba hojalyk
tehnikumyna giren obadaşlarym gaty şadyýandy, çünki olar
köpçülikdi, okuwdan soň bile şäheri aýlanýardylar. Meniň
ýanyma-da eýýäm iki-üç gezek gelip gidipdiler. Olar gidende
80
men hiç kime bildirmän aglaýardym.
Ynha, meniň üçin şol agyr döwürde Ergeşowyň ene-atamy
ýada salany üçin, meniň bogazym doldy. Gözümiň ýaşyny gören
we meniň ýagdaýymy duýan Ergeşow ýanyma geldi-de:
— Bu ýigide serediň-ä. Men-ä muny öwüp durun, buda aglap dur. Bizem ilki başga şähere okuwa gidenimizde
şeýle bolupdy. Ynha, tiz öwrenişersiň—diýdi-de, elýaglygyny
çykaryp, meniň gözümiň ýaşyny süpürdi. Ruslan Alymowiç
Ergeşowyň bu hereketi meniň ömürlik ýadymda galdy.
Ergeşow öňde duran bäşlikçileriň üst-başyna-da seretdi.
Meniň we üç-dört oglanyň aýagy ýalaňaçdy. Ergeşow oturan
mugallymlaryň biriniň ýanyna baryp, onuň gulagyna bir zatlar
diýdi. Ol eline kagyz-galam alyp, biziň atlarymyzy ýazdy we
ýygnak gutaran badyna yzyna tirkäp, komendatyň jaýyndan
aýagymyza laýyk gonçly botinkalar alyp berdi. Şeýdip hem
aýakgapsyz gezmek endigimizden el çekmeli bolduk.
Ähli birinji kurslaryň arasynda direktoryň we müdirleriň
bizi öwüp, ýakymly sözler aýdanlygyna seretmezden, men tutuş
sentýabr aýynda studentlik durmuşy bilen öwrenişip bilmedim.
Gije-gündiz oý-pikirim okuwy taşlap, oba gitmek boldy. Bir gün
men okuwy taşladym-da, Işangulynyň şu günki sowmak üçin
beren üç manady bilen motorkada geçmek üçin derýanyň boýuna
çykdym. Motorka ýaňy ugrapdyr. Gijä galdym. Indiki reýse çenli
iki sagat garaşmalydy. Garaşdym. Ýöne weli kimdendir birinden
meniň derýanyň boýuna gaýdanymy eşiden Işanguly hasanaklap
geldi. Ilki käýedi. Soňra-da:
— Ynha, derýänyň aňrysyna geçdiňem-dä. Ondan aňry
Burdalyga pyýada gitjekmi? Pullaryň mende ahyry. Beýle işiňi
gaýtalama—diýip tabşyrdy.
Ertesi okuwdan soň Hudaýberi bilen Pirli gelip, meni oba
hojalyk tehnikumyna äkitdiler. Bu ýer hezillikdi, obadaşlarym
köpdi. Men tehnikuma girmedigime ökündim. Hudaýberdi
maňa:
— Henizem bir pille. Sen bize geç. Birki gün meniň
klasyma girip oka. Soň dokumentleriňi geçirersiň—diýdi. Men
şeýle-de etdim. Ertesi 4—5 sagat Hudaýberdi bilen oturyp,
81
sapak diňledim. Gijede onuň krowatynda bile ýatdym. Soňky
güni ikinji sapaga girip okamaga başlanymyzda, okap oturan
klasymyzyň gapysy kakyldy. Men gapynyň aňyrsynda türkmen
dili mugallymymyz Çary Pirjanowy we Işangulyny gördüm.
Dessine oturan partamyň aşagynda bukuldym. Olar klasa
girdiler. Işanguly Hudaýberdiden meni sorady. Olam meni
görkezdi. Men olaryň yzyna düşmeli boldum. Olar ýolda maňa
käýemediler. Pirjanow-a meniň okaýşymy öwdi, menden gowy
mugallym çykjakdygyny, şonuň üçin az wagtyň kynçylygyna döz
gelmelidigimi öz başyndan geçirenlerini mysal getirip nesihat
etdi. Uçilişä ýetiberenimizde, olar aýak çekdiler-de meniň
gelen netijämi soradylar. Men indiden beýläk uçilişede ymykly
okamaga we göwnümi bölmezlige söz berdim. Sözümde-de
durdum.
Şu ýerde men üç ýyllap duzuny iýen we okan uçilişämiziň
jaýy bilen tanyşdyraýyn. Häzir ol şäheriň günbatar çetinde,
Çärjew—Kerki şosse ýolunyň sagynda ýerleşýän bolsa, ol
döwürde bu okuw jaýy şäheriň merkezinde, seýil bagynyň
ýakynynda, ýatlanan şossäniň Doňuzköprüden geçip, merkeze
gelip direlýän we gutarýan jaýyndady. Iki uly köçäniň
çatrygyndaky burçda “G” harpy görnüşde gurlan bu binanyň
ýokary gaty ýatakhanady, aşagy bolsa okuw jaýydy. Howlynyň
gündogarynda soňra gurlan ýeke gat jaýlar hem bardy. Ýeriniň
şorlugy üçin, howludaky guýynyň suwy hem şordy. Şol sebäpli
Juma aga diýen bir täsin ýaşuly içilýän suwy eşek goşulan
çeleklije arabasy bilen seýil bagyndaky guýudan çekerdi.
Juma aga kiçijik garaja eşegini nogtalap, nogta ýüpüni
arabanyň bir gapdal agajyna daňardy. Çelegiň öňüne-de özi
oturmak we ýatmak üçin galyň düşekçe atardy. Ol Maşa diýip
at dakan eşegini at saýardy, duruzmak üçin oňa “Dur-r-r!”,
ýöretmek üçinem “Çüw, Maşa gitdik” diýip ýüzlenerdi. Getiren
suwuny suw gaýnadylýan jaýyň öňündäki çeleklere boşadyp,
ýene suw getirmek üçin baga ugrardy. Eşege ikinji gezek “çüw”
diýmek, ony taýaklamak, oňa ýol gözkezmek zerurlygy ýokdy.
Ol öwrenenje ýoly bilen gidip, şol bir baryp durýan ýerine baryp
durardy. Eşek ýola düşenden Juma aga başyndaky gyrgyz keçe
82
şlýapasyny çykaryp, düşekçäniň belent tarapyna atardy, kellesini
onuň üstünde goýup, arkan ýatardy-da, arabanyň tykyrdysyna
goşup aýdym aýdardy:
Poçeme ýa wodowoz? Potomu çto net wody.
Bu setirler şol döwürde görkezilip başlanan “Wolgo-Wolgo”
diýen täze kinokomediýada aýdylýan aýdymdandy. Juma başga
aýdym aýtmazdy, diňe ýokarky setiri gaýtalardy.
Kerki şäheri häzirki biziň görýän şäherlerimizden üýtgeşikdi:
onuň köçeleri dar, asfaltsyz, emma üsti dürli ululykdaky togalak
çagyl daşlary bilen tekiz örtülendi, kerpiç düşelen trotuarlary
hem bassyrmalydy.
Ynha, biz okap oturan otagymyzyň aýnasyndan daş
düşelen ýoldan takyrdap geçýän üsti çelekli eşek arabany we
arkan ýatan ýerinden şol takyrda goşup, “poçemu ýa wodowoz”
diýen aýdyma käte bir zowladýan Juma agany günde bäş-on
gezek synlardyk. Günleriň birinde bu aýdymyň sözleri üýtgedi
duruberdi:
Poçemu ýa Öde kel? Potomu çto başym kel.
Öde kel diýilýäni geljekki edebiýatçy alym, professor Öde
Abdyllaýewdi. Ol bizden iki kurs öňde okaýardy. Onuň kursdaşy,
şahyr Allaberdi Haýydow Juma aganyň eline bäş manat tutduryp,
ondan aýdymy üýtgedip aýtmagy haýyş edipdir. Juma aga-da
razy bolupdyr. Öde bir gün özi barada aýdylýan aýdymy eşidip,
arabanyň yzyndan kowup ýetipdir, eşegi saklap, Juma aganyň
üstüne gygyrmaga başlapdyr. Emma Juma aga: “Maňa Öde kel
boldy, başga kel boldy—tapawudy ýok, bäş manat berildimi—
şu aýdymy aýdaryn. Sowul ýoldan. Çüw, Maşa, gitdik” diýipdirde, guýa tarap ugraberipdir. Ahyrda Öde hem bäş manat berip,
bu aýdymy goýdurypdyr. Emma Juma aga ol aýdymy wagtalwagtal gaýtalady durdy, çünki Allaberdi oňa soň on manat berip
aýtdyrypdyr, Öde-de şonça töläp goýdurypdyr. Ahyrda bu gürrüň
direktora ýetdi. Juma aga-da Öde barada aýdym aýtmasyny
goýdy.
Uçilişäniň howlusy şorluk bolup, onda ýeke düýp agajam
ýokdy. 1950-nji ýylyň baharynda direktoryň ýolbaşçylygynda
talyplara howlynyň içinde, jaýlaryň öňünde çuň ýaplar
83
gazdyrylyp, oňa gowy gum döküldi, soňra-da suwarylyp, hatara
derek, tal ýaly agaçlar ekildi. Her talyba öz eken nahalyny
idetmeklik tabşyryldy. Meniň oturdan nahalym howlynyň
töründäki girelgäniň çep tarapyndady. Nahallar gowy gögerdi,
bir ýylda iki-üç metr boý aldy, biz uçilişäni gutarýançak bolsa
ol iki gat bina bilen deňleşdi. Käte bir Kerkä düşenimde, häzir
mekdep-internata öwrülen bu binanyň howlusyna girip, men şol
öz eken agajymy synlaýaryn: üç şahaly äpet agaç binadan has
ýokarda howalanyp dur.
Bir gezek şol agajy synlap durkam, mugallymlaryň biri
ýanyma geldi-de:
— Ýaşuly, kimi gözleýarsiňiz?—diýdi.
— Hiç kimi gözlämok. Bir wagt eken agajymy görmäge
geldim — diýdim-de, şol agajy görkezdim. Ol meniň kimligimi
anyklansoň: “Azajyk garaşyň” diýip, içeri girip gitdi, üç-dört
mugallymy yzyna düşüribem ýanyma geldi. Salam-helikden soň,
men olara howlynyň içindäki hatara agaçlaryň taryhyny gürrüň
berdim. Mugallymlaryň arasynda okuw müdiri hem bar ekeni,
ol şu uly arakesmede okuwçylary howla çykarmagy buýurdy,
gapdaldaky otagdan hem iki-üç stol we oturgyçlar getirtdi.
Men şol gezek ýygnananlara uly howla kölege berip oturan şu
agaçlary nähili ekenligimizi, her okuwçynyň bir hanal oturdyp,
tä okuwy gutarýança oňa seredenligini gürrüň berdim, öz eken
agajymy görkezdim, girelgäniň deňindäki ýaýbaň deregi hem
hirurg-professor Gurt Hudaýberenowyň ekenligini aýtdym. Şu
duşuşykda menden soň geplän mugallymlar ýetişdirilen daragt
ýaly gowy ýadygärligiň ýoklugyny, her kimiň öz ömründe agaç
ekip, nesillere ýadygärlik galdyrmalydygyny biziň mysalymyzda
öwran-öwran nygtadylar.
Uçilişede okap başlan döwrüme dolanyp geleliň. Dura-bara
şäher durmuşy bilen öwrenişip gitdim, käbir kursdaşlarym bilen
ysnyşdym.
Okuw maňa onçakly kyn düşmeýärdi, diňe orus dili biziň
üçin agyrdy, hiç zat düşünmeýärdik. Harby okuw, bedenterbiýe
ýaly dersleri orus mugallymlary okadýardy. Olaryň aýdýan
zatlaryny bize uruşda bolup gelen kursdaşlarymyz Taş Begenjow,
84
Jomart Babaýew dagy terjime edýärdi. Wagtyň geçmegi bilen
bu ýagdaýa-da öwrenişdik.
Orus diline düşünmeýänem bolsam, men orus dili we
edebiýaty derslerinden bäşlik alýardym. Munda meniň
ýatkeşligim kömek edýärdi: ähli geçilenleri ýa-da ýazdyrylanlary
ýat tutýardym.
Wakalardan öňe geçibem bolsam, men okuwyň birinji
ýylynyň aýagynda orus edebiýatyndan synagdan geçişimi gürrüň
bereýin. Mugallymymyz Anna Wasilýewna diýen owadan tatar
aýalydy, ýöne ol diňe orus dilinde gepleýärdi. Men ilkinjileriň
hatarynda bilet çekdim. Üç soragyň üçüsini-de gowy bilýärdim,
çünki mugallymyň ýazdyran we 50—60 sahypadan ybarat galyň
depderi dolduraňkyrlan konspekti tutuşlygyna sözme-söz ýat
tutupdym. Biletleriň birinji soragyndaky “Byliny” diýen tema
boýunça konspektden ýat tutanlarymy hiç sakynman, sähelçe-de
säginmän aýdyp berdim. Boldum edemsoň, Anna Wasilýewna
meniň ýüzüme dikanlap seretdi-de, bir zatlar-bir zatlar sorady.
Düşünmedim. Terjime etdiler. Men türkmen dilinde:
— Ýoldaş mugallym, men şu soragy başdan aýdyp
bereýin—diýdim. Mugallym:
— Hany, aýt—diýdi. Menem şol sorag boýunça manysyna
düşünmän ýat tutanlarymy bir başdan eňteriberdim. Mugallym
maňa ýazan konspektimi bermegimi talap etdi. Men ony getirip
berdim. Bezelip, sünnälenip, yhlas bilen ýazylan depderden
“Byliny” diýen temany tapdy-da, menden ony täzeden aýdyp
bermegimi talap etdi. Men aýtdym, Anna Wasilýewna tekstden
yzarlady. Sözme-söz dogry gelýändir-dä. 5—6 sahypa böküp,
başga bir temany sorady. Men weli totuguş ýaly saýradym.
Depderiň ortasyndan, yzlaryndan sorap gördi. Onuň ähli
temalrynyň tutuş ýat tutulanlygyna doly gözi ýetenden soňra
şapbady bilen maňlaýyna çalaja urup, orus dilinde şeýle diýdi:
— Kakoý trud, kakoý trud?! (Nähili ejirli zähmet?!) Bu
zähmet üçin bäşlik baha az bolýar. Orus edebiýatyndan hiç hili
düşünjäniň ýoklugy üçin, ikilik baha-da köp bolýar.
Mugallym nähli baha goýjagyny bilmän, esli salym oturdy.
Soňam orus dilinde bir zatlar diýip, bäşlik baha goýdy. Elbetde,
85
yhlasymy nazara alandyr-da.
Men beýleki synaglardan hem bäşlik baha aldym.
Birinji kursdaky synaglar barada gürrüň edilende, şeýle bir
waka ýadyma düşýär. Bedenterbiýe mugallymymyz Ýermolow
haýsydyr bie baýramçylyk gününde şäher stadionynda sport
ýaryşlarynyň geçiriljekdigini aýdyp, oňa maýka-türsük (trusy)
geýip gelmelidigimizi, şondaky çykyşlar esasynda hem baha
goýuljakdygyny duýdurdy. Köpüň içinde türsükli gezmegi çuw
ýalaňaç bolmak bilen deň görýänligimiz üçin, biz 5—6 oglan
bolup, magazinden uzynrak, aşaklary hem rezinli trikotaž
türsükleri satyn aldyk. Ony balagyň içinden geýip hem stadiona
geldik. Mugallymyň görkezen ýerinde üstki eşiklerimizi
çykardygam weli, öňi bilen biziň türsüklerimize gözi düşen
Ýermolow we beýleki mugallym gülüp başlady. Görüp otursak,
biziň türsük diýip satyn alanymyz erkekleriň türsügi däl-de,
gyzlaryň reýtuzy bolsa nätjek?!
Biz üstki balaklarymyzy geýip ýaryşa goşuldyk.
Wakalardan öňe geçip, şol ýyllarda eşik geçmek bilen
baglanyşykly ýene bir säwligimi gürrüň bereýin. Ikinji kursda
okap ýören döwrümde magazinden bir arzanja kostýum satyn
aldym. Balakdan we kitelden ybarat bolan bu kostýumyň matasy
ýüpek ýaly ýumşakdy, uzaboýa ýaşyl, sary we gara çyzmyklydy.
Men ony geýip, okuwa baranymda, kursdaşlarymyň oňa gözi
gitdi, olaram alarman boldular, ýöne öýlän magazinden bu eşigi
tapmadylar: gutarypdyr.
Bir gün şäherde şol eşigi geýip gidip barýarkam, öňümden
çykan bir garry orus adamsy meni saklady we arassa türkmen
dilinde:
— Oglum, egniňdäki eşigiňi geýip, meýdana çykmak
bolmaýar, oňa gije geýilýän požama diýilýär. Ol ofiserleriň gije
geýýän eşigi. Men türkmen atly polkunda gulluk edenimde,
bu ala-mula eşigi komandirlerimiz geýip ýatardy—diýdi. Eý
görýän eşigimden aýrylyşmak ýakmady, men ony ýene birnäçe
gün geýdim. Şol barmaşa, orus dili mugallymamyz Ýegeniýa
Konstantinowna Hohlowa diýen ýaşuly aýal hem ýaňky ofiseriň
aýdanlaryny gaýtalandan soň, men bu eşigi ýokladym—
86
hyrydary köp bolany üçin, ony Temirhana alan bahama satdym.
Gündiz, onda-da meýdanda geýilýän eşik dälligini bilen dessine,
Temirhanam ony ýoklady.
Ýanwaryň ortalarynda ýarymýyllygyň ähli synaglaryndan
dynyp, gyş kanikulyna çykdyk. Bu güne men sabyrsyzlyk
bilen, onda-da gün sanap ýetdim. Öýden gaýdalym bäri geçen
dört ýarym aý meniň üçin uzak ýyllara dönüpdi. Enem ýadyma
düşende, ony göresim gelip, ýüregim jigläp gidýärdi.
Kanikula çykyp, oba gitmek üçin entek sessiýa döwründe
taýýarlanyp başladyk. Sowgatlyk süýji, çagalara oýnawaçlar
aldyk, saçymyzy syrdyrdyk, çünki maňlaýda ösgün saç
goýdurýan adam obada erbet görülýärdi.
Saç goýdurmak we saç syrdyrmak barada gürrüňe
başlanymyz üçin, men bu barada käbir zatlary ýatlamakçy.
Obadan şähere okuwa gelen oglanlaryň ählisiniň saçy
syrylgydy. Diňe bir oglanlar däl, eýsem, gyzlaryň hem
aglabasynyň, ylaýta-da Halaç etrabyndan gelenleriň saçy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
  • Parts
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 01
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2176
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 02
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2055
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 03
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2152
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 04
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2213
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 05
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2169
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 06
    Total number of words is 3736
    Total number of unique words is 2065
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2146
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 08
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2099
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 09
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1901
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 10
    Total number of words is 3576
    Total number of unique words is 2017
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 11
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2161
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 12
    Total number of words is 3605
    Total number of unique words is 2128
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 13
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2175
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 14
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2076
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 15
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 2067
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 16
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2220
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 17
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2267
    24.9 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 18
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2169
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 19
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 20
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2112
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.6 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 21
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 2079
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 22
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2148
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 23
    Total number of words is 3554
    Total number of unique words is 2118
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 24
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 2092
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 25
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 2201
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 26
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2171
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 27
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 28
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 1988
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 29
    Total number of words is 3552
    Total number of unique words is 1980
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýola elten ýodalar (Awtobiografik powest) - 30
    Total number of words is 635
    Total number of unique words is 458
    39.2 of words are in the 2000 most common words
    52.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.