Latin

Keseki - 22

Total number of words is 3744
Total number of unique words is 2067
34.7 of words are in the 2000 most common words
48.0 of words are in the 5000 most common words
55.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
atylýar. Emma iki ädim aralyk galanda, Gyzdurdy aýagy duşaklanan ýaly bolup doňup
galýar. Atamerdana meňzeş oglanyň ýüzi başga bir oglanyň ýüzüne öwrülýär. Der basyp
ysgyndan gaçan ene özüni skameýka goýberýär. Garrynyň zordan oturanyny görensoň, bir
bulgur suw alan terbiýeçi aýallaryň biri oňa tarap ylgaýar. “Bir zadyňy ogurlatdyňmy,
aldyrdyňmy, daýza?” Gyzdurdy tassyklap baş atýar: “Men ýüregimi aldyrdym, ýüregimi!”
Mana oňly düşünmedik terbiýeçi egnini gysýar...
Ýollar, ýodalar, mekdepler, çagalar öýleri... Keýpsiz Gyzdurdy bir mekdebiň sport
meýdançasynda oýnap ýören oglan-gyzlary esli salym synlap duransoň, öz-özüne
“Atamerdan ýok” diýip pyşyrdaýar, gulagynda bolsa “Eje, men bar. Gözläber. Taparsyň.
Men bar” diýen ses ýaňlanýar. “Gözüm görmesini, aýagym ädilmesini goýýança gözlärin,
balam!”.
...Başlygyň huzuryna garaşyp oturan Gyzdurdy ene sumkasyndaky bäş-atly sany gazetiň
birini çykarýar-da, eli kaskaly, işçi eşigindäki ýigidiň keşbini synlaýar. Suratyň aşagyna
“Burawçy Atamerdan Orazow” diýlip ýazylypdyr. Suraty synlaýan garrynyň ýüzi göz-
206
görtele ýaşalýana meňzedi. Hekgerilip oturan enäniň, garran bedenine täze güýç goşulýan
ýaly bolýandygy kesesindenem bildirýärdi.
Kän garaşdyran gapy ahyr açyldy. Gyzdurdy ene başlygyň ýanynda gaty uzak oturup
çykyp giden adamy, elbetde, nägile nazary bilen ugradyp goýberýär. Ol ýerinden turanda,
ondan öňürti gapa baran kömekçi gyz: “Duruň!” diýip, içerik girdi-de, işigi aňyrsyndan
ýapdy. Edilen hereketden nägile garry: “Men ýene garaşmaly!” diýip pyşyrdady.
Kömekçi gyz bärik çykansoň, gapyny açyp berdi-de:
– Indi giräýiň, Gyzdurdy ene! – diýip, garra ýylgyryp seretdi. Ýaňy görküni ýitiren gyz
Gyzdurdy enäniň gözüne ýene öňki gözel görnüşinde göründi.
“Häliden şeý diýmelidiň-dä, garagöz!” – Enäniň ýüzi ýagtyldy.
Giň kabinetiň töründäki mähnet stoluň başynda keýpsiz oturan garamurt adam, salam-a
berse berdi welin, geleni sowuk-sala garşylaýandygyny ýaşyryp bilmedi. Eli gazetli
Gyzdurdy ene oňa golaýlansoň:
– Kyrk ýyl mundan ozal Aşgabatda ýer titredi. Biziň obamyzam şähere egin diräp
otyrdy, – diýip habaryna başlady...
...Gyzdurdy enäniň elindäki gazet garamurt başlygyň eline geçýär. Ol Atamerdanyň
suratyny baş ýaýkap synlansoň, derrew ýerinden turup, kempiri gutlaýar, elini gysýar.
– Bu gaty seýrek gabat gelýän, belkem düýpden bolmaýan täsin waka, ene. Ýöne
Atamerdan bilen duşuşmak üçin sen üç gün-ä garaşmaly bolarsyň.
Garaşylmadyk habara garrynyň gözleri petredi.
– Aýdýan gepiň manysyna özüň beri düşünýäňmi, garagöz!? – diýip, kempir ör-gökden
geldi. Birdenem ol başlygyň agzyndan çykan sözleriň manysyna ters düşünendirin öýtdi. –
Heý, ýene üç günläbem garaşyp bolarmy? Men oňa çydaman, garagözüm, çydaman. Men
ozal garaşma kemini goýmadym...
– Kyrk ýyl garaşypsyň, ene, ýene üç gün çydamaly bolarsyň.
– Ol bolmaz, ogul. Sen meň ýagdaýyma düşün...
– Menem adam, ene. Men seň ýagdaýyňa gaty gowy düşünýän welin...
– Onda näme?
– Atamerdanyň işleýän ýeri bu ýerden iki ýüz elli kilometr. Tä barýançaňam aňňataňňat alaňlar, çägelik, ýol-ýoda ýok. Men beýle uly şatlygyň şanyna seni ýük maşyny
bilenem ugradyp bilerdim. Ýeňil maşyn o ýollara ýaranok. Ýöne, garry, dogrymy aýtsam,
sen o ýola çydamarsyň. Özüm-ä, ýaňy kyrkdan geçdim welin, zerur iş bilen şol ýere gitmeli
bolsamam, öňünden ýaýdanyberýän...
Esli salym dyman garry ýüregindäkini daşyna çykardy.
– Men, ynansaň, garagöz, Atamerdan janyň ýanyna eltýän ýolda ölmäge-de razy...
Garamurt, näme üçindir, sag eliniň süýem barmagy bilen stoly pitiklemäge başlady.
– Men oňa ynanýan, ene. Ýöne bolmasyz bir iş bolaýsa, seni ýük maşynyna ataryp, şol
agyr ýola ugradanym üçin türmä girmeli boljakdygyma-da ynanýan. Mende-de entek aýak
üstüne galmadyk, öý-işikli bolmadyk ogul-gyz bar...
– Onda men näme etmeli, garagöz?
– Garagözüňde saňa kanagat et diýmekden başga gep ýok, garry...
– Daş etsin welin, ogluň-gyzyň bar bolsa, özüňi meň ýerimde goýup gör...
– Ol hakda oýlanýan, ene. Ýöne meseläni desbi-dähil çözer ýaly çykalga ýok mende. Üç
günden Atamerdanyň topary nobatçylygy gutaryp gelmeli. Saňa, ene, gitmekden garaşmak
207
amatly bolar. Gül ýaly myhmanhanamyz bar. Günde üç wagtyna mugt naharam bereli.
Myhmanhanada bolmak islemeseňem, men seni öz öýüme äkideýin.
– Men, dünýäm, tutuş ömrümi şoňa garaşyp geçirdim ahyryn...
Gapydan giren çypar sary adam başlyk bilen garrynyň gürrüňiniň arasyny böldi. Gelen
adam rus dilinde gepledi. Gyzdurdy ene onuň ýeke sözüne düşünmese-de, ýakymly habar
getirmändigini aňdy, gep derwaýys bir mesele hakynda gidýän ýalydy. Sebäbi saryýagyz
ýigidiň habaryny diňlän garamurt, ilki-hä ýumrugyny bat bilen stola urdy, soňam
aşakydodagyny dişläp, ahmyr bilen baş ýaýkady. Ol esli salym bir nokada seredip
oturansoňam, telefon trubkasyny galdyrdy-da, sojap-sojap gepledi.
– On altynja gaty gyssagly halda generator ýetirmesek, iş togtapdyr, arkadag... başga
çykalga ýok. Diňe wertolýot... hany, gepi köpeltmäli-le. Men seň wertolýotyň bilen saýgak
awlamaga gitjek däl ahyryn. Gerekmi – etmeli. Gaýry çykalga ýok. Gep gutardy.
Gyzdurdy ene kä pessaý, kä gaty, kä türkmençe, kä rusça goşulyp aýdylan sözleriň
manysyna azda-kände düşünse-de, dünýäniň iň derwaýys meselesi bolan öz işiniň ikinji
derejeli işe öwrülip barýandygynyň manysyna welin düşünmedi, düşünjegem bolmady. “Bu
adamlaň ýüregi daşdanmyka, demirdenmikä? Bularda rehim-şepagat ýokmuka?”
Öz meselesi unudylandyr öýtmek bilen Gyzdurdy ene ýalňyşýar eken. Garamurt
birzatlar diýişdirdi welin, dawa-jenjel, galmagaldan ýaňa saryýagyzlykdan gyzylýagyzlyga
öwrülen ýigit birden özüne gelen ýaly boldy-da, Gyzdurdy enäniň ýanyna bardy, ýylgyryp,
elini uzatdy, birzatlar diýişdirdi. Hoş habar, ýakymly sözler düşünmeýän diliňde aýdylsa-da,
hem düşnükli, hem ýakymly bolýar eken.
Saryýagyz ýigit birdenem çalgyrt türkmençeledi.
– Atamerdan bagtly adam, mama, bagtly adam!
– Atamerdan jandanam beter men bagtly, guzym, men bagtly!
Garry özüniň bagtlydygyny hasam düşnükli etjek bolýan ýaly ýyrş-ýyrş ýylgyrdy,
içinden bolsa söz bilen aýdanlaryny delilleşdirdi: “Atamerdan jan-a, ýer yrananda,
ümedüşmez çagady. Şoň üçinem ol akly ýetensoňam, ejesini kerpijiň aşagynda galandyr
öýdüp, şu mahala çenli, belkem, umytsyz ýaşandyr. Men bolsam, oň diri galanyny öz gözüm
bilen görüpdim ahyryn. Iň ýamany, umytlykaň maňlaýyň açylmazlygy eken...”
Saryýagyz ýigit çykyp gidensoňam, esli salym keýpsiz halda dymyp oturan garamurt
başlyk, birdenem çalaja ýylgyrdy-da, Gyzdurda ýüzlendi.
– Garry, sen gorkman, wertolýota münüp bilermiň?
– Seň wertolýot diýýäniň şahly uçarmy?
– Hawa.
Ilki näme üçin beýle sowalyň berilmeginiň manysyny çaklamadyk Gyzdurdy ene:
– Wah, men ýerde-de hasa bilen ýöreýän ahyryn, garagöz – diýdi.
– Ýogsam, ogluň bilen şu gün duşuraýjakdym. Barybir, biz ol ýere wertolýot ýollamaly
bolduk. Garaşylmadyk ýerden. Bir sagat çemesi wagtyň içinde eltip taşlardy öz-ä.
– Oglumyň ýanyna ýetirjegini bilsem, wertolýot däl, men şeýtanyň üstüne münmäge-de
razy.
– Wertolýotam edil şeýtan ýaly. Şahlaram bar – diýip, başlyk eginlerini titredip, “lohloh” güldi. – Şeýtanyň şahyndan ýapyşyp uçup barşyň göz öňüme gelýär. Başbogyňam alasmanda şemala galgap barýandyr...
208
Garamurtyň öňündäki telefon jyrlady. Başlyk başga dilde gepleşdi. Gepleşigiň arasynda
Atamerdanyň adynyň tutulanyny eşiden ene depesinden dabanyna çenli tutuş gulaga öwrülen
göwresini başlyga tarap öwürdi...
Trubkanyň agzyny bir eli bilen tutan başlyk Gyzdurdy enä ýylgyryp garady-da, şeýlebir
ýakymly, şeýlebir islenilýän habar aýtdy welin, ýerinden zöwwe galan garrynyň
tolgunmakdan ýaňa injikleriniň ysgyny gaçan ýaly boldy.
– Seni ogluň bilenem gepleşdirjek, ene. Azajyk garaş. Häzir ony telefona çagyrarlar. –
Başlyk, birdenem, jaýyň içini ýaňlandyryp gygyrdy. – Gutlaýan, Atamerdan! Seň ejeň
tapyldy. Aşgabatdan ýörite gelipdir. Meň ýanymda otyr. Sen oňa meňzäbem dursuň. Ynha,
baranda özüňem meň aýdýanymy tassyklarsyň, arkadag.
Gyzdurdy ene tekepbir görnüşe girdi: “Meň oglum bolsa, elbetde, maňa meňzär-dä!”
Garry gyssansa-da, oňa turbkany beräýmän, Atamerdan bilen başlygyň özi gepleşigini
dowam etdi.
– ... Generator eltmeli wertolýot bilen ýanyňa iberýän. Toý şaýyňy tutuber. Ýöne bu hoş
habary kimiň öňürti buşlandygyny welin unutmagyn, arkadag!
Bu zamanaň adamlarynyň tapbilmezdiklerini! Enesi-hä oglunyň sesini eşitmek isläp
elewräp dur. Ol bolsa toýpaýyň aladasyny edýär...
Trubka garra tarap uzady.
– Hany gepleş!
Garrynyň eli öňe uzanam bolsa, sandyraýan barmaklary diýen etmejek boldy.
Trubkanyň gulaga tutulýan ýeri onuň kä ýaňagyna degdi, kä maňlaýynda oýnady. Telefonda
“Alýo?” diýen ses ýaňlandy...
– Balam, Atamerdan ja-an! – diýen agy hem şatlyk gatyşykly inçejik ses jaýy doldurdy.
Eneli-ogluň kyrk ýyldan soňky ilkinji gepleşigi şonuň bilenem tamamlandy. Trubka
garrynyň elinden gaçdy. Ol özüni oturgyja goýberensoň, zordan ýykylman saklandy.
Garamurt garra tarap ýylgyryp seretdi. “Men saňa düşünýän, ene!”
***
Başlygynyň manysy ýatdan çykarylyp, hantama bolmak umydy bes edilip ýörlen waka
hakyndaky geň habary, hem “Balam, Atamerdan jan” diýen nätanyş aýal sesi Atamerdanda
düşnüksiz bir täsir döretdi. Ol garaşylan ýa-da garaşylmaýan habar däl-de, ümür bolup,
duman bolup onuň beýnisine girdi. Şol ümür, şol duman Atamerdana birbada nirede,
nämahal gezip ýörendigini-de unutdyrdy, töwerekdäki aňňat-aňňat çäge depeleri-de gözüne
ilmeýän ýaly boldy. Ol geçmişini, çagalygyny, oglanlygyny ýatlady. Ýöne geçmişinden
galan kän-kän sahypaly hakyda kitabynda welin öz ejesi bilen baglanyşykly ýekeje nyşandan
gaýry doly bir sahypa-da ýokdy. Ol ýeke-täk hakyda nyşany hem tegelek ýüzüň bir
tarapyndaky, onçakly gözeliginç hem däl peşehordady. Şol ýaňagy peşehordaly aýal
Atamerdanyň kalbyna ene bolup giripdi. Ol ejesiniň ýüz keşbini göz öňüne g
etirip bilmese-de, peşehordasy welin mährinden ganylmadyk eneden galan ýeke-täk ýatlama
bolup, henizem onuň ýadyndan çykmaýardy. Çykmaýardy, ýöne şol peşehordaly ýüze
sataşmak umydynyň sapagy ýyl geçdikçe inçelip, öýli-işikli bolanyndan soň-a umytlygynyda ýitiripdi.
Atamerdan özüniň “ýertitremesiniň perzendidigini” bilýärdi. Şonuň üçinem ol ýüzi
peşehordaly aýaly hem şol elhenç wakanyň pidasy hasaplaýardy. Sebäbi ýertitreme sebäpli
çagalar öýlerine düşen oglan-gyzlaryň hemmesi bolmasa-da, esli bölegi diri galan ene-
209
atasyna, hossaryna ýuwaş-ýuwaşdan gowuşdy. Atamerdana bolsa eýe çykmady, hossar
tapylmady. Şonuň üçinem ol özüne hossar bolmaly ýüzi peşehordaly aýalyň aýatda ýokdugy
hakyndaky çaklamasynyň hakykatdygyna dura-bara ynanmaly boldy. Indi ol şeýle kysmat
bilen doly ylalaşypdam.
Atamerdan çagalar öýünden soň nebitçilik okuwhanasyny gutaryp, işe başlady. Ýöne ol
ýetimçilik derdeseri bilen gaty giç öýlenmeli boldy. “Öňüm gelenden, soňum gelsin”, ýetim
ýigidiň welin bagty çüwdi. Oňa sataşan Ýazgül hem ýaz hem ýazyň güli ýaly mylaýym
maşgala bolup çykdy. Ol Atamerdanyň göz öňünde galan ýüzi peşehordaly aýalyň bermeli,
ýöne berip bilmedik mähriniň öwezini doldy, kakasyna meňzäp duran ogly hem dünýä
inderdi. Balkanda doglansoň, adyna-da Balkan dakylan çaga häzir dokuz ýaşyny dolduryp
barýardy.
Ýetimler öýüni terk edeli bäri içdöküşjegem, maslahatçysam ýok Atamerdan özüni örän
gatybaş hasaplaýardy. Ol özüni bileli bäri sähel-mähel zat üçin müzzermändem,
ejizlemändem. Ykbalynyň sataşdyran agyr durmuşy oňa zada geňirgenmezligi, kynçylyga
döz gelmegi, ejizlemezligi öwredipdi. Ol diňe Balkan dünýä inende tolgundy. Balkanyň
dogulmagy diňebir Hudaýyň perzent berdigi bolman, hiç mahal bahasynyň-gymmatynyň
nähilidigi bilinmedik hossar berildigi bolup duýuldy, özüni giň jahanda ýalňyz hasaplan, şol
ýalňyzlygyň agyr jeza bolýandygynyň asyl manysyna kiçijik hossary Balkan dünýä
ineninden soň doly akyl ýetirdi, geçip giden ýalňyzlygyndan indi ýaýdandy. Şol sebäpli-de,
Balkan aglan mahaly hossarynyň sesini eşidýändigi üçin, Balkan ýylgyranda daýanjynyň
şatlygyny görýändigi üçin tolgundy. Şol sesi eşitmän, şol ýylgyryşy görman şunça ýyllar
ýaşap bilendigine Atamerdan haýran galdy.
Işi rowaç bolanda adamyň durmuşyndaky ýakymly pursatlar yz-yzyna gaýtalanyberer
eken. Mährem ene ýaly mähriban Ýazgülli Atamerdan, arkasy Balkan daglary ýaly daýançly
Balkan atly hossarly Atamerdan indem ejesine sataşmak üçin duşuşyk pursadyna çenli galan
minutlary sanaýar. Bu ýagdaý düýşmükä ýa hakykatmyka?
Garamurt başlyk aýtmyşlaýyn, durmuşda seýrak gabat gelýän şatlygyň asmandan
inmegine garaşýan Atamerdanyň täk özi hem däldi. Zerur şaý getirilýänçä, işden elleri boşan
adamlaram mahal-mahal wertolýotyň gelmeli ugruna seredýärdiler.
***
Gözünden gaýyp bolan ýeke perzendini bir gezek görmegi-de janyndan ileri hasaplaýan
Gyzdurdy ene wertolýota münende, öz janynyňam pikirini etmän durup bilmedi, ýaýdandy,
gorkudan ýaňa süňňüniň sandyramasyny-de saklap bilmedi. Wertolýot diňe öz göwresini
titretmän, tutuş dünýäni elendirýän ýaly sandyrap ýokaryk galyp ugranda, Gyzdurdy ene
aman-esen ýere dolanmak umydyndanam el göterdi. Ýürek bulanmakmy, baş aýlanmakmy,
maňlaý şatlamakmy – biçäre garrynyň düşen ýagdaýyny söz bilen beýan eder ýaly bolmady.
Ol ýere-de ýetmän, asmandaka amanadyny tabşyrmagyň gorkusy bilen kelemesini hem
öwürdi. Oňa garamazdan, wertolýotdaky işçileriň welin keýpi kökdi. Olar garrynyň näme
maksat bilen nirä uçup barýandygyndan eýýäm habarly bolansoňlar, degişýärdiler,
gülüşýärdiler.
– Hydaý seň ullakan dilegiňi kabul etdi, senem biziň kiçijik dilegimizi kabul et-de,
Atamerdanyň tutjak toýuny sowuş, garry!
210
Wertolýotyň uçmagyndan ezýet däl-de, lezzet alýan ýigitleriň gülküsi maşynyň
tarryldysyny basan ýaly boldy.
***
Gowulygyň diňe bir habaryny däl, gowulygyň hut özüni hem göterip gelýän wertolýot
yzakdaka arryk çekirtge ýaly bolup göründi-de, golaýlansoň, kem-kem üýtgäp, durky bilen
hoş habara öwrüldi. Adamlaryň göwnüne bolmasa, onuň adaty gödek tarryldysy hem
mylaýym owaza öwrüldi. Işçileriň hemmesi wertolýotyň adaty gonýan ýerine, skwažinadan
elli-altmyş ädimlikdäki takyra ýygnanypdylar. Onuň gonan ýerine tarap ugran işçileriň öňüni
çekip barýanam Atamerdanyň özüdi.
Wertolýotyň perleri pyrlanmasyny goýup, gapysy açylanam bolsa, oňa ýetmäge altyýedi ädim aralyk galanda, Atamerdan aýak çekdi. Onuň işdeş ýoldaşlary hem saklandylar.
Atamerdana has golaý duran işçileriň biri:
– Seňem-ä ejeňi gözläp ýüz tutmadyk ýeriň galmandy welin... – diýdi.
– Gözlenende tapylmadyk ene, ynha, öz aýagy bilen ýöräbem däl, asmandan uçup
üstüňe gelýär – diýip, ýene biri gepe goşuldy. – Muňa hemmämiz begenmeli.
– Begenmek diýen gepiň az bolýar. Atamerdan Balkan daglaryny sandyradyp toý
tutmaly bolar.
– Maksadyňa ýetdiň, Atamerdan!
Ýoldaşlarynyň sözleri Atamerdany geçmişe alyp gitdi. Ol çagalar bagyna gelýän
nätanyş aýallary synlap, ejesini gözleýär, her aýalyň ýüzüne garanynda, öz-özüne “Ejem däl”
diýen jogap bermeli bolýar...
Atamerdan şäher köçesiniň ýanýodasyndan gidip barýar. Aňyrdan oňa tarap bir aýal
gelýär. Deňinden geçip giden aýalyň ýüzüne sereden Atamerdan öz-özüne hemişe gaýtarýan
jogabyny “Ol däl” diýen sözleri aýtmaly bolýar...
Atamerdan awtobusyň salonynyň yzragynda dur. Öňdäki oturgyçlaryň birinde aňyrsyna
bakyp oturan aýal onuň ünsüni çekýär. “Belki, ejemdir”. Ol ýuwaş-ýuwaşdan öňe ýöräp,
aýalyň deňinden geçende, ýüzüne seredýär. “Däl”.
...Wertolýotyň açyk gapysyndan Atamerdana ozaldan tanyş iki sany adam görünse-de,
onuň garaşýany, çagalykdan çala ýatda galan ýaňagy peşehordaly ýüz welin göze ilmedi. Ol
uç-gyraksyz çölde howa azlyk eden ýaly birki gezek sojap dem aldy, nähili hereket
etmelidigini ýoldaşlaryndan soramak isleýän ýaly, töweregine garady.
Ene diýilýän mukaddes gudrata sataşmak, onda-da ýiten eneňe şonça ýyldan soň gabat
gelmek nähilikä? Entek enesiniň ýüzüni görmänkä, şeýle tolgunýan ogul oňa sataşaýsa dagy
näderkä? Atamerdan tolgundy: “Ejem meni tanarmyka? Tanasa näder? Men näderkäm?”
Atamerdan özüni gaty mert saýsa-da, mert dällerçe tolgundy. Diňe betbagtlygyň däl, eýsem,
bagtlylygyň ýüküni gerdeninde götermek adam ogluna ýeňil düşmejek eken.
Gazete çykaly bäri, suratyna gijeler turlubam gaýta-gaýta seredilensoň, müňüň içinden
tanalmaly ogul keşbinde Gyzdurdy enäniň nazary bir bakyşda saklandy Ýogsam
Atamerdanyň ýanynda duran adamlaryň hemmesi-de birmeňzeş reňkli, bir kysym biçüwli
işçi eşiklidi.
Elinden tutulyp ýere düşürilen garry, ozal ony, hälki bir, garrandygyny ile tekrarlamak
üçin göteren ýaly, hasasyny hem taşlap, öňe okduryldy. Indi oňa göwresine söýget ediner
ýaly daýanç gerek däldi. Ol guş urjak awçy ýaly ýapyrylyp, öňe eňdi. Ol, dogrudanam,
özüniň bagt guşuna sataşan awçydy.
211
Emma Atamerdan welin, öňe ädim urup bilmedi. Ol atylyp gaýdan kiçijik garrynyň öz
ejesi däldigini ýüzüne gözi kaklyşandan bada-bat bildi. Gözüniň makullamadygyny onuň
ýüregi hem kabul etmedi. Onuň ýüzünde Atamerdanyň aňynda, nazaynda öz ejesinden enelik
nyşany bolup galan peşehordanyň goýan yzy ýokdy. Ol garaşylmadyk geň duýgudan hem
ahmyrdan ýaňa sandyrady, tolgundy, beýle ýagdaýdan soň özüni nähili alyp barmalydygy
barada oýlandy. “Sen meň ejem däl, garry. Sen maňa eje bolup atylyp gelseňem, ýalňyşýaň.
Sen ene, men ogul. Ýöne sen başga bir ogluň enesi, menem başga bir enäň ogly” Bu sözleri
hyýalynda aýlamagam Atamerdana agyr düşdi. Bolsa-da, durmuşyň agyr hem ajy hakykaty
ony şeýle oýlanmaga mejbur etdi.
Indi näme etmeli? Durmuşdan hyýala geçen ajy hakykaty dile getirmelimi ýa-da
durmuşyň ajy hakykatyny süýji ýalana öwürmelimi? Ene bolup okdurylyp gelýän kempir,
özüniň enedigine ýüreginden ynanyp gelýän garry, Atamerdanyň kalbyndaky hakykaty bilen
badyna enelik hukugyndan baky mahrum bolmaly kempir näder? Onda ah çekmäge, ahmyr
etmäge güýç galarmy ýa-da... Eger Atamerdan hakykaty gizlese, garrynyň galan ömri
bagtyýar, gizlemese-de, betbagt bolup geçmeli. Iki çözgüdiň hiç birine-de jogap bermegiň
aňsat däldigine Atamerdanyň çaň siňen ädikleri-de şaýatdy. Ädikler öňe ädilmän, ýere
çüýlenen ýaly bolup durdy.
– Gymyldap bilmän dur-aýt bi! – diýip, ýoldaşlarynyň biri Atamerdanyň arkasyndan
itekledi. Emma agyr göwre yransa-da, çaň siňen adikler ýerinden gozganmady.
Atamerdanyň dodaklary çalaja gymyldady: “Näme etmeli?” Onuň diňe bir beýnisi däl,
depesinden dabanyna çenli tutuş göwresi şol ýeňiljek sowalyň agyr jogabyny tapmagyň
aladasynyň astynda galdy.
Enäniň dar gursagyna sygmaýan çäksiz joşguny “Bala-a-m!” diýen ýiti sese öwrülip daş
çykanda agyr alaňlar titredi, köpi gören nebitçileriň ýüregi gobsundy.
Boýnundan asylsa-da, agramy bardygy hem bildirmedik, kän ýyl bäri öwsen gam
şemalyna gurap giden garry göwre Atamerdanyň erkini elinden aldy. Ol kempiri çaga
göteren ýaly edip esli salym gujagynda saklady. Atamerdan ömründe iň soňky gezek haçan,
näme üçin gözýaş edenini ýatlap bilmese-de, edil şu mahal ýaňagynyň nemlenendigini bildi.
Ol töweregine garady. Ümüriň içinde bolup görnen ýoldaşlarynyňam hemmesi müzzeren
çaga ýaly bolup, aşak seredip durdy. Wertolýotyň edil alkymynda duran daýaw uçarman
hem elýaglygyna elini ýetirdi.
Çirkin ses tapba kesilensoň, kempiriň Atamerdanyň daýaw boýnundan köz tutan ataşgir
ýaly bolup ýapyşan arryk barmaklary hem gowşap gitdi. Gyzdurdy enäniň gury çybyga
meňzeş elleri aşak sallandy. Atamerdan enäniň göwresini emaý bilen ýere golaýladan
badyna, haýdap ýetişen kimdir biri garrynyň kellesiniň aşagyna öz penjegini ýassyk etdi.
Bir ýukaýürek ýigit sesini sandyratdy.
– Kyrk ýyldan soňky duşuşygyň netijesi şeýle bolaýmalam-da!
Gyzdurdy enäniň peşehordasyz ýüzüne garap, çommalyp oturan Atamerdan hasratly
ýylgyrdy. Onuň bu günki uly şatlygyny paýlaşýan ýoldaşlary bolsa, ol ýylgyryşa özleriçe
düşünip begendiler.
Göçgünliräk bir nebitçi bolsa, kaskasyny ýokaryk zyňyp gapdy.
– Atamerdan, gözüň aýdyň!
Atamerdan il ýüzüne tassyklaýyjy baş ats-da, işdeş ýoldaşlarynyň gutlaglaryny
ýürekden kabul etmedi. Üstesine-de, ýitiren perzendine sataşdym hasap eden enäniň,
begenmekden ýaňa bolsa-da, özünden gitmegi ony alada goýdy. Gyzdurdy ene mahaly bilen
212
aýňalmady. Onuň gözleri ýumukdy, dili hem aýlanmaýardy. Garrynyň daşyny gallan
burawçylar biynjalyk bolmanam durmadylar. “Bu şatlykly gün kempiriň ömrüniň toýly hem
ýasly iň soňky güni bolup, begenjiň soňy hasrata sapmasa ýagşydyr” diýip, howpurganam
tapyldy. Garaz, Gyzdurdy ene Atamerdana-da, onuň ýoldaşlaryna-da alada baryny berdi.
Ýüzüne “Ilkinji kömek serişdeleri” diýlip ýazylan gapyrjagyň emindenem netije çykmansoň,
garryny getiren wertolýot bilenem yzyna ugratmaly diýen netijä geldiler.
***
Şäheriň eteginde wertolýoty garşylan “Tiz kömek” Atamerdan bilen Gyzdurdy enäniň
göni nebitçileriň keselhanasyna alyp gitdi. Kempiriň ýagdaýyny barlan doktorlar näsagda
ömrüne dalaş gurjak howpuň ýokdugyny kesgitlediler. Ýöne ony, iň bolmanda, dört-bäş gün
keselhanada saklamaly etdiler.
Gyrdurdy enäniň ýanynda uzak wagt oturan Atamerdan giçagşam näsaghanadan çykdy.
Ol tä öýüne ýetýänçä-de, düýşde bolup geçýän ýaly wakadan saplanyp bilmedi. Haýsydyr bir
ýediýat kempir häzirem onuň gapdalyndan ýöräp gelýän ýalydy. Gyzdurdy enäniň
wertolýotdan düşüp, özüne tarap okdurylyşy onuň göz öňünde gaýtalandy, gursaga sygman,
zarp bilen çykan “Balam!” diýen sesi gulagynda ýaňlandy. “Men ol sözüň ýürekden
çykandygyna ynanýaryn, garry. Ýöne, özümiň welin seň balaňdygyna ynanamok. Şeýle
bolansoň, sen meniň ýürekden aýdylmaýan “eje” diýen sözüme nädip ynanjak? Seň örän
inçeden yzarlamaly duýgur ene ýüregiň Atamerdanyň başga bir enäniň ogly bolmalydygyny
syzmaýarmy? Ýa sen göre-göre, enelik duýgusy kütelip giden näsagmykaň? Sen meni öz
ogluň hasap etdiň. Ol öz işiň, öz aýgydyň. Ýöne men näme etmeli? Men indi hanja
ýöremeli?”
Atamerdanyň garaşylýan mahaldan üç gün öň öýe dolanmagy Ýazgüli hem begendirdi
hem geňirgendirdi. Emma adamsy gapydan girip-girmänkä, aýaly onuň sebäbini sorap
durmady. Çünki beýle ýagdaý her aý saýy gaýtalanyp durmasa-da, Atamerdanyň käte nobat
arasynda-da iş bilen “merkeze” gelip-gidäýmesi bardy. Ýöne zenan ýüregi bu gezek bir
üýtgeşik wakanyň bolandygyny syzdy. Atamerdan öňki Atamerdan däl ýalydy, agyr
aladanyň astynda galan adama meňzeýärdi. Ol içki jaýda eýýäm uklap ýatan Balkanyň
ýüzüne seredip çykandan soňam şol bir terzini üýtgetmedi. Ýogsam, nobatdan juda aryp
gelen pursatlary hem, uklap ýatanam bolsa, Balkanyň ýüzüni görüp çykandan soý,
Atamerdan ýadawlykdan saplanan ýaly bolýardy. Bu gezek welin beýle bolmady. Ol stoluň
başyna geçip, birki owurt çaý içensoň, Ýazgül:
– Gaty ýadaw görünýäň-le, Atamerdan? – diýdi.
– Sen ýadawlygymyň sebäbini sorama-da, näme üçin wagtyndan ir gelenimiň sebäbini
sora, Ýazgül. Araky gazetde çykan suratymy görüp, meni öz ýiten ogly diýip kabul eden bir
garry aýal, Aşgabatdan ýörite gelip, meniň yzymdan bardy...
Dogrusy, Ýazgül buraw işleri geçirilýän ýerde “adatdan daşary” waka döräp, iň
bolmanda, kimdir biriniň el-aýagynyň müçügendiginiň ýakymsyz habary aýdylar öýdüpdi.
Emma asla garaşylmadyk wakanyň beýany Ýazgüli buzdan ýasalan doň adama öwürdi.
Gürrüň Gyzdurdy enäniň keselhana ýerleşdirilen pursadyna ýetende, Ýazgül oturgyçdan
turup, aşhana bardy, ol ýerde-de näme maksat bilen gelenini ýadyna salyp bilmedik aýal eli
boş yzyna aýlandy. Içerini gurşan dymyşlygy Ýazgülüň sowaly böldi:
– Ýüzünde peşehordanyň goýan yzy ýokmudy?
213
– Gepem şonuň ýoklugynda-da! – Başga bir nokada garap oturan Atamerdan, gaýtarýan
jogabyndan özi närazy ýaly bolup, tutuksy dillendi.
Eşiden jogabyndan soň eginleri salparana meňzäp Ýazgülüň bedeni, birhili, gowşan
ýaly boldy. Ol esli salymdan soň gepledi.
– Sen o barada garrynyň özüne aýtdyňmy?
Nätjegimem bilmedim. Onsoňam, peşehorda-beýleki hakda aýdyşmaga maý-pursadam
bolmady. Meni gören badyna o pahyr özünden gitdi. Häzirem gözüni açanok...
– O biçäräň ýagdaýyna düşünýän. – Birdenem Ýazgül tisginen ýaly etdi. –
Aýtmanyňam gowy bolupdyr. – Adamsy ýüzüne sowally nazar aýlansoň, Ýazgül pyşyrdady.
– Şu mahal men özümi şol garrynyň ornunda goýup görýän...
– Ýalan sözlemelimi?
– Çynam sözleme, ýalanam sözleme.
– O diýdigiň näme?
– O diýdigim gepleme diýdigim.
Bu meselede geplemeseňem, ýalan sözledigiň bolar ahyryn... hawa-da, adama ýagşylyk
edip bolýan bolsa... O pahyryň näçe gün ömrüniň bardygam bir Hudaýa belli. Aşgabatda ýer
yranaly bäri hem kyrk ýyldan gowrak wagt geçip ýör... Peýdasyz hakykatdan peýdaly ýalan
gowudyr diýjek bolýaňmy?
Ýazgül sesini çykarman, gözýaşyny süpürdi. Atamerdan bolsa, öz sowalyny özi
tassyklaýan ýaly, aýalynyň ýüzüne seredip oturşyna, baş atdy.
***
Öňi owadan fartukly Gyzdurdy ene aşhanada nahar bişirip durka, gapy jyrlady. Ol
“Gulply däldir, geliberiň!” diýip gygyrsa-da, özi baryp işigi açýança içerik giren adam
bolmady.
Şunça ýaşasa-da, şu mahala çenli özüne gül dessesi gowşurylany ýadyna düşmeýän, gül
gowşurylmagy adaty zat däl hasaplaýan Gyzdurdy enäniň bir desse çemeniň atyr ysy bihuş
etdi. Ullakan gül dessesiniň aňyrsyndan gapydan gelen ýaş aýalyň zordan ýüzi göründi.
Onuňsesi welin oňat eşidildi.
– Gyzdurdy ene, siz biçak bagtly ene! Gözüňiz aýdyň! Men iki jaý gündogaryňyzda
ýaşaýan goňşyňyz Gülçöhre. Sizi gutlamak üçin ýörite geldim.
Ýat adamyň kepiri näme üçin gutlaýany aýdylmasa-da düşnüklidi. Şonuň üçinem ýüzi
ýylgyryşdan dola Gyzdurdy ene bir aýdan sözüni üç-dört gezek gaýtalap, gelen aýalyň
minnetdarlyk ýüküni ýetirdi.
– Nahar taýyn, garagözüm, derrewem çaý goýaýyn. Gel,geç, duz dadyp git!
– Men häzir geçip oturmaýyn – diýip, gül getiren aýal Gyzdurdy ene üçin garaşylmadyk
bir syry hem açyp gitdi. – Men Ýazgül bilen bile işleýän. Gelniňiz gaýnenesine duşany üçin
işdeş joralaryny çagyryp, dabara guramakçy. Men şol dabara gelenimizde, siz bilen bileje
oturyp, arkaýyn çalaşybereris... Men gideýin. Sizi ýene bir gezek goşa-goşa bagt bilen
gutlaýan, ene...
Gyzdurdy ene diňe ýylgyryş bilen minnetdarlyk bildirse-de, onuň ýylgyryşynyň
aňyrsynda “Goşa-goşa bagt kemi ýok. Hudaýa şükür!” diýen aýdylmadyk, ýöne kalpda telim
gezek gaýtalanan sözler bardy.
Gül getiren aýal hoşlaşyp giden badyna Balkan okuwdan geldi. Ol arkasyndaky
sumkany hem aýyrman, aşhana girdi.
214
– Men geldim, ene!
– Gelen bolsaň, gowu-da, köşejigim – diýip, Gyzdurdy ene Balkanyň maňlaýyndan
ogşady. – Men saňa garaşyp otyrdym. Senden aýlanaýyn, agtyjygym, senden aýlanaýyn!
– Sen maňa “Nadip geldiň?” diýsene, ene!
– Sen nädip geldiň, Balkan jan, balajygym?
– Seň Balkan jan balajygyň ajygyp geldi, ene.
– Wah, diljagazyňdan aýlanaýyn! – diýip, Gyzdurdy ene Balkanyň maňlaýyndan ýene
bir gezek ogşady. – Ajygan bolsa, Balkan jan balajyk sumkasyny goýsun-da, eljagazyny
ýuwsun. Seň halaýan naharyňy men häli bişirip goýdum.
Enesiniň tabşyrygynyň ikisinem berjaý eden Balkan stoluň başyna geçdi. Nahat guýup,
çaganyň öňünde goýan garrynyň özi hem garşysyna geçip, onuň işdä bilen nahar iýişine
guwançly seredip oturdy. Birdenem ol:
– Balkan jan, men ölemde sen aglamagyn, balam – diýip, diňe bir çaganyň däl, belki
özüniňem garaşmadyk haýyşyny tapdy.
Agzyna ýetirip barýan çemçesini saklan çaga garrynyň ýüzüne geň galyp seretdi.

Nämüçin?

Ebäbi men dünýäde iň bagtly adam. Hudaýam iň bagtly bndesiniň dilegini kabul
edýämiş. Men kyrk ýyl ýalňyz ýaşap, bir günüň içinde hem ogully, hem gelinli, hemem
agtykly boldum. Onda-da nähili ogul, nähili gelin, nähili agtyk!
Kakasyna, ejesine, özüne berilýän gowy baha bilen ylalaşýan ýaly, çalaja ýylgyrýän
Balkan nahar iýmesini dowam etdi. Birdenem özüne garrynyň garaşylmadyk teklip edişi
ýaly garrynyňam garaşmadyk sowalyny berdi.
– Senem ölmelimi, ene?
– Ahyr bir gün ölmeli bolar-a, balam. Ölüme bagt diýilmeýär. Ýöne meňki bagtly ölüm
bolar – Balkanyň gözüne ýaş aýlandy. Gyzdurdy çaganyň gözýaşyny aýasy bilen süpürdi-de:
- Gözýaş etme, balam – diýdi. – Men entek-entek ölmerin. Köýen kyrk ýylyma derek Hudaý
meň ömrümiň üstüne ömür goşar. Ynha, özüň görersiň...
Enesiniň ähli islegini Hudaý kanagatlandyryp ýören ýaly, garrynyň uzak-uzak
ýaşajagyna-da ynanan Balkan ölümli gürrüňden daşlaşmak isledimi-nämemi, düýpden başga
sowal tapdy.
– Ene, seň ozalky ýaşan ýeriňde mekdep barmy?
– Bar köşegim. Ony näme üçin soraýaň?
Sen aňryk gitseň, men aňyrda okajak, sen bärik gelseň, men bärde okajak.
– Olam bolar, balam – diýip, Gyzdurdy ene hem ýylgyrdy hem baş atdy.
***
Otluny ýola salyp, öz ýerine tarap barýan nobatçynyň öňünden çykan başga bir
demirýolçy, aýak çekdi-de, aňyrrakdan peýda bola Gyzdurdy enä tarap baş atdy.
– Şo kempirem soňky wagtlarda ýygy-ýygydan şu ýerde görünýär welin, bir aladajygy
bardyr-da.
– O kempir aýda ýa aý ýarymda bir gezek demirýol menzilene hökman geläýmelidir –
diýip, nobatçy ýylgyrdy. – Oňa Gyzdurdy ene diýýändirler. Ol hakda gazetlere-de ýazdylar.
Nebitdagyň otlusyny garşylaýandyr.
Demirýolçy sagadyna seretdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 23
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.