Latin

Keseki - 24

Total number of words is 3739
Total number of unique words is 2085
32.0 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolsa-da, Gyzdurdy ene-de halap duranok. Müňkürlik, gabanmaklyk ara düşýärminämemi, garaz, Atamerdan şu howlynyň bosagasyndan atlän gününden bäri ol birneme
tutuk görünýär.

Ahmet ýegen nä “gidýänem” diýmän, gidiberdi-le? – diýip, Gyzdurdy ene
ogluna ýüzlendi.
Jogap gaýtarmaly adama derek Söýün aga çalaja baş ýaýkap gepledi.

Seň şo ýegeniňem, Gyzdurdy, düşnüksiz bir yşarat. Käte dagy pete-pet gabat
gelse-de, öz bermeli salamyny sen diläp almaly. Ol salam-helik alyşmagam ýokuş görýän
ýäly. Ýeri, bolýa-da...
Gyzdurdy ene hem-ä ýaşulynyň aýdanyny tassyklady, hemem öz ýegeniniň tarapyny
çaljak boldy.

Öz-ä şeýleräk welin, her bendäni Hudaýyň ýaradyşy bardyr-da, Söýün.

Onyň dogry. Ýöne salamam Hudaýyň haky-da – Söýün aga gaýtmak bilen boldy.
– Bor, inim Atamerdan, gelen bolsaň, gowy edipsiň. Şeýdip, eliň sypynan wagty geljek bol.
Gyzdurdy ikimiziňem indi näçe gün ömrümiz galandyr öýdýäň. Bişen gawun sapagyndan
haçan tänse tänäýmelidir. Gelip dur. Şeýdip garry eneňi sylasaň, senem Alla ýalkasyn, il
sylar. Görjegiň gowy bolsun!

Bor, Söýün aga. Senem biz illere gezmäge bar.
225

Biz indi o ýollardan galdyk, inim! – diýip, derwezä tarap ýönelen Söýün aga
ýylgyryp gitdi.
Atamerdan ony gapa çenli ugratdy.
Ýaşuly giden badyna Ogulbossan goňşynyň “garasarlarynyň” biri uçup geldi.

Gyzdurdy ene, suratçy gelýä, suratçy! Ol günki gelen agsak suratçy.

“Agsak” diýme köşek. Eşidäýse, ýaman görer.

Ol adam agsag-a?

Agsagam bolsa, agsak diýme. Ynha, sen gap-garaja-da welin, saňa hiç kim “gara”
diýenok, Yklym diýip adyňy tutýalar-a.

Hany gelsin, eden işini göreli! – diýip, Atamerdanam suratça garaşdy.
Egninden gözilginç ullakan ala sumka asynan suratçy, bu gün oljasy oňupmy-nämemi,
keýtikläp gapydan gireninden:

Garry ene, essalawmaleýkim! – diýip, şeýlebir çasly gygyrdy welin, onuň bir
howla beren salamy tutuş oba-da ýetjekdi.
Gyzdurdy ene aleýik aldy.
Atamerdan bilenem salamlaşandan soň suratçy derrewem ala sumkasyna ýapyşdy.

Öz çagalaň suratyny tanarmyň, ene?
“Öz çagalaň” diýen gepe monça bolan Gyzdurdy ene gülümjiredi.

Öz çagalarynyň şekilini tanamazam ene bolarmy, garagöz? Tanamajak gümänym
barmy?!

Özlerine meňzedip çykaran bolsaň-a, tanar welin – diýip, suratçynyň
öwünjeňdiginden bihabar Atamerdan degişdi. Ol degişme-de suratçynyň özüni hasam
öwmegine tutaryk boldy.
Ol Atamerdana närazy nazaryny aýlady...

Men o tetelli suratçylardan däldirin, gadyrdan. “Agsak suratçy” diýen ýörgünli at
agsaklygym üçin berlenok, ezber suratçydygym üçin berildi. Tutuş Türkmenistanda, inçe
sungatdan baş çykarýan adam bolsa, meni tanaýandyr. Tanamaýanlaram dikdüşdilerdir.
“Öwnemok” diýen suratçy gyralary ýalpyldawuk, ýöne arzanbaha reňk bilen haşamlanyp
jäheklenen portrete seretdi. – Şu üçüň birihä, sen bolmaly, gadyrdan.
Ulaldylan suratda Ýazgülüň, Atamerdanyň hem Balkanyň şekili bardy.

Garry ene, şu portretiň bir ýetmezi bar. Onam saňa aýdaýyn – diýip, agsak
suratçy ertiriniň aladasyny şu günden başlady. – Men aýagymy süýräp gidemsoň, aýtman
gitdi diýip, hüňürdäp oturma...

Hä, erbediräk çykaýypmy? – diýip, aýlawsyz Gyzdurdy ene garaçyny bilen
gyzyklandy.

Suratçy tekepbirlik bilen baş ýaýkady.

Meň elimden erbet iş çykmaz, ene. Men hakyky gaty halallap alýan
ussatlardandyryn. Maňa harsal işden düşen hak ýokanok.

Onda näme? – diýip, ýüzüne biynjalyklyk alamaty çaýylan garry gyssandy.
226

Şu portretde seň keşbiň kemlik edýär. Men şo hakda aýdýan. Ogluň, agtygyň
gelniň gapdalynda olary dünýä beren enäniň keşbi bolmasa, elbetde, ýeri oýular durar. Şeýle
dälmi?
Suratçynyň aýdany kalbyna jüňk bolan ene ýylgyryp baş atdy.

Ol aýdýanyň-a dogry, garagöz.

Agsak garagözüň hemme aýdýanlaram dogrudyr. Maňa nädogry zat aýtmaklyk
öwredilmändir, ene. Ol kemçiligi düzetmeli.

Aý, ynha ejem ol öýüne gezmäge baranda ýa-da agtygy bilen gelni bärik gelip
jemlenemizde, täzeden surata düşäýeris.
“Ol öýüne baranda’ diýen sözüň begençli täsiri garrynyň başyny aýlap goýberdi.
Atamerdanyň tertii suratçyny kanagatlandyrmady.

“Nagt algyl, nagt bergil, nesýe söwda kylmagyl”. Siziň hemmäňiziň başynyz
jemlenýänçä, häzirlikçe, ejesi bilen oglunyň bile oturan suratyny alaýyn. Bir hepdedenem
ulaldyp getireýin. Razymysyňyz?

Sen, arkadag, biz razy bolmasagam, öz diýeniňi gögertmän goýmarsyň. Ýöne
men iş köýnegimi beri çalşyryp geleýin – diýip, Atamerdan içerik girip gitdi.
Gyzdurdy ene portreti synlady.

Edil janly ýaly-da...
Garrynyň soňky aýdany hem suratçy üçin ýene bir gezek öwünmäge ýapyşalga boldy.

Ony çykarýan adam ussat bolsa, şeýle çykýa-da, ene. Öwünýä diýme, garry. Men
hakykatçydyryn. Gowam bolsa, erbedem, bolsa, hakykaty aýdaýmalydyryn. Enemden şol
häsiýet bilen dogupdyryn.
Atamerdan geýnip gelensoň, eneli-ogly ýanaşyk oturdan suratçy, öz ussatlygyny
görkezjek bolýan ýaly, her hili hereketler edip, surat aldy. Ol surat alyp durka-da geplemän
durup bilmedi.

Soň başyňyz jemlenende-de, jaň edäýiň. Şo günüň özünde gelerin...
Şonuň bilenem ala sumkasyndaky harytlary eýeli-eýesine gowşurmaga howlugan
suratçy kän eglenmän , öz ýoly bilen boldy.
Ol gidenden soň, Atamerdan porteti synlady.

Öwünjeňräk diýäýmeseň, elinden iş gelmän duran-a däl eken ýaňky.

Käsip diýildigi näme bolýar?

Eli hünärli adam-da.

Suraty haýsy jaýdan asmaly bolar, eje?

Asmaly ýerini saňa özüm görkezerin – diýip, portreti hem eline alan garry
ýerinden turdy.
Çüý bilen çekiç alyp gelen Atamerdan garrynyň yzyna düşdi. Gyzdurdy ene başga ýerde
saklanman, öz ýatýan otagyna bardy. Ol Atamerdana öz krowatynyň garşysyndaky diwary,
diwarda-da belli nokady barmak basyp görkezdi.
227

Edil şu ýerden as, oglum! Gyşaryp ýatyrkamam siz bilen gümürdeşer ýaly şu ýeri
gowy bolar.

Surat bilen nädip gümürdeşjek, eje?
Gyzdurdy ene uludan dem aldy.

Wah, balam seň eneň asla jogap gaýtarmajak garamça bilenem sessiz gepleşmäge
ökdeläp gidendir.

Ony nädip öwrendiň?

Ony maňa Hudaý öwretdi. Hudaý kalbyma guýdy.

Geň zat!

Geň däl. Surat-a bir göze görnüp duran şekil. Bir iş etjek bolsam, aýatda ýok
kakaň pahyr bilenem gürleşýän.

Dur, eje! – diýensoň, portreti görkezilen ýerinden asan Atamerdan elinden tutup
ejesini krowatyň gyrasynda oturtdy, özi hem onuň gapdalynda dyz epdi – Boldumy?
Göwnüňe jaýmy?

Boldy, boldy. – Ýeriňden turup portrete golaýlan ene şekildäkileri barmagy bilen
görkezýär. – Sen, Balkan jan, Ýazgül jan.

Ýene bir hepdeden ikimiziň suratymyzam ýaňky öwünjeň ýoldaş getirer. Indiki
gelemde özüm asyp bererin ony.

Bor, balam, sen gelinçäň garaşaryn.

Hany gürrüňi dowam et. Onsoň kakama näme diýýäň sen?

Gyzdurdy ene ýene krowatyň gyrasyna geçip otyrdy.

Maslahat soraýan.

Olam jogap gaýtarýarmy?

Olam jogap gaýtarýa. Şoň “hä” diýen maslahatyny alsam, işim oňuna bolýa
ötägidýä.

Atamerdan özüni garrynyň ornunda goýup görýär. Iki sany uly otagly, bir giň
eýwanly jaý. Täk özi ýaşaýan kempir. Içeri gum-gukluk. Has beterem agşamaralar –
içgysgynç mahal. Ol pursat goňşy-golamam öz agşamlyk aladasy bilen gümrä. Hiç kim hiç
kimiň gapysyndan barmaýan, dünýäniň tukat bolýan mahaly. Şol pursat ýalňyz adamyň
wagty nähili geçýärkä? Elbetde, şol tukatlykdan çykalga gözleýän biçäre aýal hyýalynda
aýatda ýok adamlar bilenem gepleşmeli bolýandyr-da.

Haýran galaýmaly!

Oňa haýran galma. Men seň bilenem näçe ýyllap hyýalymda gepleşip gezdim.
Ynanaý, Atamerda jan, seň sesiňem eşidýädim men. Ýöne gulagyma gelýän çagajyk sesiňdi.
Ýap-ýaňylaram ýorgana giremde, sen maňa: “Eje, ýatjakmy?” diýýäň. “Hawa, Atamerdan
jan, ýatar wagtam boldy” diýýän. Ertir gözümi açamda sen maňa: “Eje, sag-aman
turduňmy?” diýýäň. Hyýalymda seň bilen bileje oturup çaý içýäs.

Ýanyňda bolmasamam...
228

Wah, balam, sen diri ýitikdiň ahyryn. Ozal-ahyr sataşjagyma umydym bardy-da.
Uruşdan ýaman hat alanlaram henizem garaşýarlar-a. Ene kalby duýgur-da..
Atamerdan garrynyň goşaryndan tutup ýüzüne garady. “Ene kalby duýgurdyr welin...
Ynam, ynanmak nähili gowy zat! Ynamsyz ýaşaýşyň boş howadygyna men seň mysalynda
göz ýetirdim... Ýöne, Ahmet ýegen ýaly haýwanyň dili seniň ynamyňy puja çykaryp,
ýüregiňi ýarmasa ýagşydyr. Seniň bagtly hasap edýän döwrüň iň betbagt döwre öwrüläýse,
men näme etmeli bolaryn? Ondan soň men nädip ýaşaryn?”

Eje sen çagalaň şekiline seret-de otur, men-ä öz iş-aladam bilen bolmaly.
Eli çekiçli Atamerdan gapa tarap ýöneldi...
Ähli dertden-beladan, agyr aladalardan rüstem gelýän zat, dogrudanam, ynam eken.
Bitmeýän iş ynam bilen ýapyşylanda bitýän eken. Gyzdurdy enäniň ýediýat adamy öz
bagryndan önen perzendi diýip ynanmagy onuň dar dünýäsiniň serhetini açyp goýberdi,
hasratly geçýän, özi-de gaty haýal geçýän agyr günlerini şatlykly hem çalt geçýän sagatlara
öwürdi. Kempiriň mydama ýanýoldaşy bolan ýüregagyrysy hem indi bir ýyl bäri ýadyna
düşmeýän ýaly. Ozal tä daň atýança oýaly-ukuly ýatýan garry indi uzynly gün ýortan argyn
çaga ýaly rahat ýatyp, ukynyňam nämedigini bildi. Indi ol Atamerdany göz öňüne getirmese,
ýaz paslyndan bölünip ýasalan ýaly mylaýym gelni Ýazgüli göz öňüne getirmese, tokarja
bolsa-da, garrynyň dyzyna münüp, ýakymly ses bilen “ene” sözüni gaýtalaýan mölegöz
Balkan bilen hyýalynda gepleşmese, güni hem geçmeýär. Ozal öz içki dünýäsinden çykyp
bilmän, maň bolan kempir indi geplemsege öwrüldi. Ony Gyzdurdy enäniň özi-de aňman
duranok. Aňsa-da, özüne, diline erk edip bilenok, erk etjegem bolanok. Onuň täze tapynan
gylygyny goňşy-golamam, il-günem geňlänok. Gaýtam guwanýar. Durmuşdan dymmak,
tukatlanmak paýyny artykmajy bilen alan garry ömrüniň ahyryndabir başgaça ýaşasyn-da.
Beýle başgaça ýaşaýşy oňa Hudaý berdi. Eý, Alla! Sen nähili gudrat! Eý, Taňrym, sen nähili
tarhan! Seniň şeýledigiňe hemmeler düşünýär. Seniň şeýledigiňe Gyzdurdy enemiz
hemmelerdenem gowy düşünýär.
Ýaşan ömrüniň köp bölegini hasrat bilen geçiren Gyzdurdy ene durmuşyň ajysynyň
süýjüsinden kän bolýandygyny öz gerden terezisinde çekensoň, oňat bilýär. Ol adamyň
soňunyňam aýralyk bilen gutarýandygyna-da akyl ýetirýär. Ölüm diýilýän zat ähli janlyjandara deň-dermen ýetýän, ýaşaýşyň iň bir adyl zady. Ölüm baý üçinem, gadaý üçinem,
dana üçinem, akmak üçinem dep-deň. Gyzdurdy ene-de oňa kaýyl. Ölmek bagt däl. Ýöne
Gyzdurdy ene Atamerdana sataşman dünýäden ötende nähili boljak ekendiginiň,
Atamerdany tapandan soň dünýäden ötende nähili boljakdygynyň hyýaly görnüşini
kellesinde aýlap, özüniň bagtly ölüm bilen dünýäni terk etjekdigine ynandy. Il gowy zat.
Ýakyn hossaryň bolmasa-da, il saňa hossarlyk eder. Ol düşnüki. Ýöne deňli-derejeli, abraýly
ölmegem bagt ahyryn. Abraý, hormat diňe dirä däl,, ölä-de zerur. Krowatynyň gyrasynda
oturan Gyzdyrdy ene şol zatlar barada pikir aýlady.
Türkmençilikde aýal gölegçilere goşulyp öwlüýä gitmeýändigi sebäpli Gyzdurdy ene
mazar başynda durup, adam jaýlanyşyny ömründe ýeke gezegem görmändi. Ýöne öwlüýäde
229
berjaý edilýän däp-dessurlaryň ählisini welin jikme-jik bilýärdi. Ynha, Gyzdurdy pahyryň ak
kepene çolanan çepiksi göwresini mazaryň kiçi öýünde goýarlar, üstüne kerpiç örerler.
Jesediň üstüne gum syrygyp durmaz ýaly kerpiçleriň arasyndaky yşlary hem gataňsy palçyk
bilen suwarlar. Mazaryň uly öýündäki iki ýa-da üç adam o dünýäden bu dünýä
dolanýarnýaly bolup gabyrdan daş çykar. Gyzdurdy enäniň ýatlamak islän wakasynyň esasy
bölegi şondan soň başlanar. Mäti mollamy ýa-da Sapar sopumy – haýsysy öwlüýä gitse:

Merhumyň iň ýakyn hossaryndan kim bar? – diýip gygyrar.

Ogly Atamerdan Orazly bar – diýen jogap ýaňlanar.

Rugsatmydyr, Atamerdan Orazly?

Rugsat! – diýip, Atamerdan jogap gaýtarar.

Eneň jaýyna bir gysym gum at!
Atamerdan aýdylany eder.
Merhum jaýlanyp aýat okalandan soň, ýene sowal-jogap başlanar.

Merhum bolgan Taňry bendesi Gyzdurdy Orazlydan algyly adam barmydyr?

Ýok.

Ýok.

Ýok.

Gyzdurdy pahyrdan algyly adam ogly Atamerdan Orazlynyň ýanyna baryp
hasaplaşsyn.

Merhum bolgan Taňry bendesi Gyzdurdy Orazla bergili adam barmydyr?

Ýok.

Ýok.

Ýok.

Gyzdurdy pahyra bergili adam ogly Atamerdan Orazlynyň ýanyna baryp
hasaplaşsyn.
Agyr märeke öwlüýäden oba ugranda-da, gölegçileriň öňüni Atamerdan çekip gaýdar.
Adam ömrüniň iň soňky pursadynda bolmaly wakany öňünden göz öňüne getiren
Gyzdurdy ene ýüzüni ýokary galdyrdy. Ýeri, Atamerdanyna sataşmadyk bolsa,
Gyzdurdy ene bu dünýäni terk edende jaýlamak üçin kimden rugsat sorardylar? Elbetde,
ykbaly bagtyny açmadygam bolsa, enäniň soňky rugsadyny berenem, hossar ornunda
mazara bir penje gum atjagam tapylardy. Ýöne öz balaň, öz balaň bolýar-da. Gyzdurdy
ene üçin esasy şol.Bagtlylyk hasaplasa-da, ölümli pikirden daşlaşmak islän Gyzdurdy
ene daş çykmaga hyýallananda, birki howly günbatarda ýaşaýan Jumaguly mugallym
içerde peýda boldy.

Jumaguly salam bereni bilen çäklenäýjekdi welin, garrynyň özi oňa tarap elini
uzatdy.

Görüşäýeli, Jumaguly jan!
Sag eliniň tirseginden barmagyna çenli süňk ýaly gaty barmaklara sypatdyryp görşen
mugallym enäniň mährem hereketlerini halady. Oňa ýüregi gobsundy.
230

Seni görsem, ejemi gören ýaly bolaýýan-da, Gyzdurdy gelneje...

Sebäbi ejeň pahyr bilen gowy görüşýädik-dä.

Belkem, şoň üçindir... Çaý goýaýynmy?

Çaý goýma, Gyzdurdy gelneje. Meň şähere telefon etmek aladam bardy-da, şoň
üçin geldim. Ýaňy daşarda Atamerdan bilen salamlaşamda özüne-de aýtdym welin, şu
telefony çekdirib-ä uly iş etdiňiz.Biz üçinem kem bolmady. Zerurlyk bolanda, kantura ylgap
durmaly däl. Atamerdan uly iş bitirdi.

Jumagulynyň ýakymly sözlerinden hoşal bolan garry, elbetde, ýylgyryp gepledi.

Ömrüň uzak bolsun, Jumaguly jan! O jaýa gir-de, nirä jaň etmeli bolsaň, ediber!
Tilpun işläp durandyr.
“Atamerdan uly iş bitirdi!” Jumaguly mugallymyň bu sözleri Gyzdurdy ene üçin bir
sandyk puldanam gymmatly. Gyzdurdy enäniň nähili edenli-diýenli ogly bar! Ynha,
Jumaguly nijeme ýyl bäri mugallymçylyk edýärem welin, öýüne telefon çekdirip bilenok.
Ýogsam, iliň bisowat alasamsygyna çenli adam etjek bolup, kyrk ýaşamadyk neressäniň saçy
çalardy. Bu ýylda-täze ýylda çekiljegem belli däl. Asyl telefon tutuş şu köçäniň ugrunda diňe
Gyzdurdy enede bar. Sapargeldi Çakanyň on alty çaga dogrup, Gahrymanlyga ýeten aýaly
dogmalarynyň bäş-alty sanysyny yzyna tirkäp, medalynam keteni köýnegiň döşünden
dakynyp, telefon goýýan edara barsa, “Ýagdaý ýok. Mümkinçilik dörän mahaly çekeris”
diýip jogap beripdirler. Gyzdurdy enäniň öýünde bolsa gara telefon jarlap dur. Garrylyga
ýeten adam tekepbirligem halaman dyrmaýar. Kempir onçakly şöhratparaz bolmasa-da,
öýüne telefon çekilmegine az-kem buýsanmanam duranok. Il-gün telefonlyk işini bitirensoň
oňa “Taňry ýalkasyn” aýdyp gidýär. Şol nämä degmeýär! “Şu gün amanadyňy tabşyrsaňam,
“Armanly geçdim” diýseň, küpür gepledigiň bolar, Gyzdurdy gyrnak. Edenne şükür!
Tilpunam tilpun welin, abraýy nämä degmeýä! Onuň meň abraýym üçin däl-de, Atamerdan
janyň hormaty üçin goýlanynam uly il bilýär.” Garry enä-de geregi şol. Gyzdurdynyň ogly
abraýly bolsa, özi abraýly, ogly biabraý bolsa, özi biabraý. Öýe telefon çekilmegi kim üçin
üýtgeşik dereje bolmasa-da, Gyzdurdy ene üçin derejelikdenem beter bagt boldy.
Nebitdagdan gelýän “Ene-e, men seň Balkanjygyň” diýen çaganyň janyna teneräk şirin
sesini eşitmek hem üçin ýöne boş ses bolsa-da, Gyzdurdy ene üçin tükeniksiz bagt hem
çäksiz lezzet.
Telefon gepleşiginden soň Jumaguly mugallymyň agzyndan çykan minnetdarlyk ýüküni
göterip ugran Gyzdurdy ene ogluna tarap ýöneldi. Ol gapydan çykanda, Atamerdanyň
ýanynda üç-dört sany adamyň durandygyny gördi. “Indi howlymyň gelim-gidimem köpeldi.
Hudaýa şükür!” Gyzdurdy enäniň göwnüne bolmasa, ýanyndaky adamlar bilen Atamerdanyň
jyny jyňkyryşmaýan ýalydy. Golaý baran kempir egni kino surat alýan kameraly, ösgün saç
ýaly gaşlary gözlerini ýapyp duran ýigidi tanady. Ol garry bilen Atamerdany telewizorda
görkezmek üçin öňki gezek gelen oglanlaryň arasynda-da bardy.
Gyzdurdy ene ýanlaryna baranda, salam-helikden soň, oglanlaryň biri:
231

Bagt guşy depäňe gonupdyr, Gyzdurdy ene. Gözüň aýdyň! – diýip, dilewarlyk
etdi. – Üç-dört aý mundan ozalam gutlapdyk welin, ýene bir gezek gutlaly diýip geldik.
Atamerdan bolsa... Ýöne bagtyňy ilden gizlejek bolmagyň näme hajaty bar? Şeýle dälmi,
garry?

Gyzdurdy ene entek nämäniň-nämedigine açyk düşünmese-de, aýdylan gepiň
ýatymyna görä jogap gaýtardy.

Gowulygy basyrmalam däl, mazamlamam däl...
Jogabyň ikinji bölegini taşlap, birinjisini tutaryk edinen ýigit Atamerdana ýüzlendi.

Gördüňmi, Atamerdan? Köp ýaşan, köp gören adamyň gepine hä diýmeli.
Gowulygy basyrmaly däl eken. Düşündiňmi?

Düşündim welin, ejem “ýaşyrmaly däl” sözüniň yzyndan “mazamlamaly däl”
sözünem aýtdy ahyryn. Gowulyk mazamlanyberse, gülkä öwrülýär. Sizem şoňa düşüniň.

Geň galmaly! Biregne ýigrimi ýyl telewideniýede işleýän welin, henize çenli
şöhratdan gaçýan adama gabat gelmändim. Şöhrat beýiklik ahyryn.

Biz beýk däl. Beýik bolmagam islämzok. Ýöne, biliň, şöhratdan gaçýany şöhrat
beýgeldýär, kowalap tutjak bolýany, şöhrat masgara edýär.

Telewizoryň ekranynda bäş sekund görünmek üçin bize para hödürlýänlerem bar.
Telewizorda görünmek bagt ahyryn!

Biz ol bagtyýarlardan däl.

Siziň bagtyýar kemiňiz ýok. Ony eýýäm uly il bilýär.

Hakyky ý üçin akylly mugallym ýaly bir bolmaly. Mugallym öz okuwçysynyň
bilýän zadyny gaýtalap durmaly däl-de, onuň heniz eşitmedik, bilmeýän zadyny aýtmaly.
Öňki gezek geleňizde, men hemme aýtjak zatlarymy aýtdym. Bir zady zol-zol gaýtalap
durmakdan size-de abraý gelmez, bize-de.
Gelenleriň ýolbaşçysy bolsa gerek, ýaşulurak biri gaşlaga garap gepledi.

Abraýly janymyzy kemsitdirmäňem, arzanam satmalyň. Gitdik!

Soňky sözler telewideniýeden gelenleriň ugruny howlynyň derwezesine tarap
öwürdi.
Olar gidensoňlar, Gyzdurdy ene:
--Gapyňdan geleni kabul etmeseňem, göwnüňe degmän ugratmalydyr, balam – diýip,
ogluna öwüt berdi.

Bu ýerde göwnedegişmeklik ýok,eje. Bu ýerde iki pikir biri-biri bilen bap
gelenok.

Ýeri, bolýa-da!—diýäýp, oglunuň göwnüni ýykmak islemedik Gyzdurdy ene
derrew ylalaşdy. – Indi maňa gulak as. Şu gün agşam Artyk agalar aýdylan janly berýäler.
Düýnem, “Gelse, hökman barsyn” diýip, senem çagyryp gitdiler.
Atamerdan Artyk aganam, onuň nirede ýaşaýanynam bilmeýärdi.

Şoňa meň hökman gitmelimi, eje?
232

Hökman diýn zat ýok, oglum. Ol bir sylanyşykdyr, alşykly çemçedir. Dyz
epersiň-de, duz dadyp gaýdyberersiň. “Pylanam geldi” diýerler. Minnetdar bolarlar...
Agşamara janly aýdylan ýerden çykyp gaýdan Atamerdan öýe-de sowulman, Ahmet
ýegeniň üstüne gitdi. Ol ýolboýy garaşmadyk ýerden öz düşen güni hakda pikir aýlady.
Ahmet ýegeniň tapan şyltagy barada oýlandy. Oýlandygyça-da, Ahmet ýegeniň günä ýüki
agralyp barýan ýaly bolup duýuldy. Ondan nämäni gaty görmeli? Näme üçin onuň üstüne
gitmeli? Bolup bilýän hakykaty aňýandygy, çakýandygy üçinmi? Onuň çak edýän
imansyzlary durmuşda kän ahyryn. Hakykatçy adama, gaýtam, hormat goýmaly dälmi? Ol
dogry. Emma Ahmet ýegen hakykat hakda pikir edýändigi üçin günäkär. Ahmet ýegeniň
hakykatçy bolany üçin günäkärden ganhora öwrülmegem gaty daş däl. Ol häzir ýigrenilýän
adama öwrüldi. Çünki Ahmet ýegen öz daýzasynyň halyna biýnjalyk bolman, başga bir
zadyň çözgüdini edýän ýaly. Ol Atamerdanyň ýatsa-tursa kellesine gelmejek pikirine gulluk
edýär. Onuň esasy günäsi şonda. Onuň çaklamasyny günä öwürýän şol. Atamerdan Ahmet
ýegeniň hakykat diýlip çaklaýan pikiriniň ile ýaýylmagy bilen özüne ýöňkeljek gara barada
hem alada edýär welin, Gyzdurdy enä hyýanat etmek niýeti bolmany üçin beýle ýüki
götermäge özünde güýç tapjakdygyna ynanýar. Emma ony has biýnjalyk edýän zat Ahmet
ýegeniň şyltagynyň ile ýaýylmagy netijesinde Gyzdurdy enäniň düşjek güni. Atamerdan
şondan gorkýar. Ol gorky indi ýylýarym wagta çekip ýören ene bagtynyň netijesiniň
aýylganja sapaýmagy bilen baglanyşykly.
Ahyry şeýle gutarjak bolsa näme üçin ilkinji duşuşykda Atamerdan hakykaty aýtmady? Ahyry
şeýle gutarjak bolsa näme üçin Atamerdan zeleliň öňünden gaçmady? Näme üçin wertolýot
çölüstana gonan pursady etjek bolýan ýagşylygynyň ýamanlyk bilen utgaşmagy barada oýlanmady?
Mert bolup seljerseň, seniňem eden etmişiň Ahmet ýegeniň amala aşyrmagy ahmal etmişinden ýeňil
däl, Atamerdan.
Atamerdanyň pynhan syry pynhanlygyny, ýitirse, Gyzdurdy ene-de tapan bagtyny ýitirmeli
ahyryn. Onuň bagtyny ýitirmegi bolsa hökmany suratda ölüm bilen baglanyşmaly. Indi diňe ýalňyz
bir ýyl – şol syryň pynhanlygyny saklamaga synanyşmak ýoly bar. Betbagty bagt taýagy bilen urup
öldürmegiň garamaty gaýtam gylyç bilen çapyp öldürmegiň garamatyndan agyr bolaýmasa. Şol
barada oýlanýan Atamerdany Ahmet ýegeniň öýüne tarap alyp barýan ädimleri ýygjamlandy.
Atamerdan Ahmet ýegeniň jaýyna golaýlanda “Aý, köçäniň gutaran ýerindäki hütdükdir” diýen
gepini ýatlamaly boldy. Jaýyň, dogrudanam, hütdük kemi ýokdy. Atamerdan kyrk ýaşlaryndaky
Ahmet ýegeniň bir topar çaganyň atasydygyny bilse-de, ony beýle derejedäki jaýda ýaşaýandyr
öýdüp çaklamaýardy. Ol howluly bolup, howluly, howlusyz bolubam howlusyz däl eken. Haýat
ýerine çem gelen zatdan – demir böleklerini, döwük şiferleri, taşlanan traktoryň zyňyndy şaýlaryny
dikip taşa edilendi. Howla nazary düşenden ýagdaýy aňlan Atamerdanyň Ahmet ýegene nebsi
agyrdy, haýpy geldi. Ýöne şeýle göz-gulban howlunyň eýesiniň günasi sebäpli gopaýmagy ahmal
waka welin nebsiagyryjylygyň, haýpygelijiligiň kömegi bilen ýuwulmagy günä bolmaly däldi.
Şonuň üçinem Atamerdan öz tutan maksadyndan bir dabanam yza tesmesiz etdi.
Haýsy deşiginden sümülseňem, gapy hasap edäýmeli howlynyň bir böwründen ätläp, kepbä
meňzeş tagaşyksyz jaýyň öňünde saklanan Atamerdan, kimdir biriniň peýda bolandygyny
içerdäkilere aňdyrmak üçin ýasama ardynjyrady.
Edil şol ardynjarama garaşyp duran ýaly, Ahmet ýegen gaty tiz daş çykdy.
He, Atamerdan daýy! Bi senmiň? Geljek diýpdiň welin, geläýdiňmi?
233
Ahmet ýegeniň sesi mylaýym çykanam bolsa, Atamerdan welin aňyrdan tutup gelen hörpüni
peseltmedi, sesi kesgitli ýaňlandy.
Atamerdan, gelerin diýse, geläýýändir.
Gulaga ýakymsyz, äheňiň ysyny aňan Ahmet ýegen jaýyň gapysyna tarap elini salgady.
Gelen bolsaň gaty gowy-da. Öýe gireli, daýy!
Mylaýym çakylygam Atamerdany gowşatmady.
Atamerdan Ahmet bilen ikiçäk gürleşäýsem diýýä. Şeýle teklibi nähili görýäň sen?
Oňat görýän welin... Içerik giräýeli!
Içerik girmäli.
O näme üçin?
Ikimiziňki içeri gürrüňi däl, jaryň gyrasynda edilmeli gürrüň.
Soňky sözler Ahmet ýegeni düýrükdirdi.
Bor, bor, Atamerdan daýy. Ýöne men egnime bir zat ataýyn.
Egniňe zat atmagyň geregi ýok. Men seni uzak saklaman... pikirimiz çapraz gelmese.
Hany, düş yzyma.
Bolýa, bolýa.
Atamerdan howludan daş çykdy-da, köçäniň gutarýan ýerinde keserip ýatan gamyşly jara
tarap ýöneldi. Ahmet ýegenem onuň yzy bilen ýöremeli boldy.
Gyrasyna zir-zibil dökülen, çöp-çalam basan köne jar agşamyň ümüş-tamyşlygynda içi wagşy
haýwanly hatarly jeňňel ýaly bolup görünmek bilen Ahmediň kalbyna ünji saldy. Emma ol
kellesindäki “Sen meni nirä alyp barýaň?” diýen sowaly welin diline getirip bilmedi.
Jaryň edil gyrasyna baryp aýak çeken Atamerdan yza döndi. Ýüzi aýdyň görünmese-de, Ahmet
ýegen, onuň gaharlydygyny saýgardy. Şonuň üçin ol ägäräk bolmak niýeti bilen Atamerdana üç-dört
ädim ýetmän, aýak çekdi. Atamerdan onuň eden hereketiniň manysyna düşündi.
--Bolgusyz gep tapmaga gorkman, golaýyma gelmäge çekinýäňmi? Süýş bärräk.
--Meň gulagym ýiti.
--“Dag Muhammede gelmese, Muhammediň özi daga baraýar”. Sen süýşmeseň, men
süýşäýerin.
Näme diýjek bolýaň, Atamerdan daýy?
Men saňa daýy däldirin Ahmet. Ýöne Atamerdandyryn –
Golaýa gelen Atamerdanyň sesi gahardan ýaňa haýbatlan bolsa, Ahmediň sesi gorkudan ýaňa
inçeldi.
O nähili daýy dälmişiň? Gyzdurdy daýzamyň ogly meňňem jan ýaly daýym bolmazmy?
Seň kakaň bilen meň ejem süýtdeş dogan ahyryn. Onsoň men nädip saňa ýegen bolmaýyn?
Ahmet jogaba derek sowal eşitmeli boldy.
Şu günki maňa aýdan gepiňi başga adamyň ýanynda agzyňdan sypdyrdyňmy sen? –
Atamerdanyň gyzgyn demi Ahmet ýegeniň ýüzüne çabran ýaly boldy. – Ýöne, göniňden gel. Men
egri gepi halaýan däldirin. Şuny saňa öňünden aýdyp goýaýyn.
Ahmet ýegeniň sesi öňküsindenem inçeldi.
Adam oglunyň ýanynda dil ýaramok. Duz ursun, Atamerdan daýy, duz ursun!
Mahmyt işandan ant iç diýseňem, içeýin. Heý, beýle, gepem başga adamyň ýanynda aýdyp,
bolarmy!
Mahmyt işan ýatan ýerinde rahat ýatsyn. Ýöne seň gepiň erkegiň gepimi?
Gaýdyp agzyňy açyp bilmeziň ýaly, häzir men seni şu pohly jara-da süssürip gidip bilýän. Seň
diliň sebäpli öň-soň bir adam ölmeli bolsa, ejem ölenden sen ölseň maňa ýeňil düşer.
234
Kesgitli aýdylan söz iş ýüzünde amala aşyrylyp barylýan ýaly, Ahmet ýegen gyssanyp gepledi.
Ynanýan, Atamerdan daýy, ynanýan.
Onda sen ýene bir zada ynan. Seň şu günki aýdan gepiň gulagyna ýetäýse, ejemiň ýüregi
ýarylar...
Indi oňa-da düşünýän.
Düşünseň, eger seň töhmetiň sebäpli ejeme bir zat bolaýsa, men seni ýagty jahanda
ýaşatman, Ahmet. Şonam sen bilip goy.
Bilýän.
Bilseň, gep gutardy. Özüň oýlan.
Köçä tarap gönügen Atamerdanyň ädim urşunda-da gahara dolan adamyň hereketi duýuldy.
Onuň yzyndan garap galan Ahmet ýegen gapdalynda duran adama öz pikirini aýdýan ýaly
bolup pyşyrdady.
Gepine “hä” diýäýmeseň, şüý-ä, dogrudanam, aýagyňdan tutup, jara zyňyp goýberjegaýt.
***
Atamerdan Ahmet ýegen bilen, duşuşyp, öýe gelende, Gyzdurdy ene köne şkafynyň öňünde bir
topar düwünçegiň arasynda oturan eken.
Geldiňmi, balam?
Geldim, eje.
Şeýdip, iliň toýuna-ýasyna-da görün-de, obaň bilen öwrenişiber. Nätjek, ykbalyňa
ýazylandyr-da. Ýogsam sen bu oba bilen täzeden tanyşmaly bala-ha däldiň welin. Göbek ganyň
daman ýer-ä şü bolmalydyr.
“Aý, Gyzdurdy ene, Aamerdanyň göbek ganynyň nirede damandygyny indi bir Alla bilýän
bolaýmasa..” Diýse-de, Atamerdanyň garrynyň aýdýanlaryna ynanasy gelip, Gyzdurdy enäniň ogly
bilen baglanyşykly ýatlamalarynyň özi bilen baglaşmagyny hem kem görenok. Ol kyrk ýylky
arakesmeden soň diýýän, başda ýalan ýaly bolup eşidilen “eje” sözi bilenem indi öwrenişiberdi.
Gyzdurdy ene-de indi oňa haýsydyr bir nätanyş garry däl-de, ene ornuna geçip barýan mährem aýala
öwrüldi. Ol öz mekany Nebitdaga barsa-da, yzyna, eje diýilýän dünýäde iň eziz, iň ýakymly sözüň
eýesiniň ýanyna gaýdasy gelip dur.
Eje, ömür boýy ýygnan baýlygyňy hasaplaýaňmy? – diýip, Atamerdan ýylgyrýar.
Düwünçegi, puly ejeň baýlyk hasap etmeýä, oglum. Seň ejeňde diňe üç sany baýlyk
bardyr. Biri sen, biri Balkan jan, biri-de Ýazgül jan gelnim. Başga baýlygy men baýlyk hasap
etmeýän.
Aý, näbileýin... sandygyňy açyp otursaň...
Balkan jan üçin düýe ýüňünden ellik örüpdim-de, şony tapaýyn diýip yşgaby açdym.
Kempir etegindäki ellikleri atamerdana uzatdy. – Öz elim bilen ördüm.
Bi işleri gözem alanok welin, göwün etdim-de...
Ýekebarmak ellikler ýeterlik tow iýdirilmedik sapakdan örülendi, ýüňüniň reňkem birsydyrgyn
däldi. Emma olary synlan Atamerdan özüne tarap üns hem mähir bilen seredip duran goşa garaja
gözüň tamasany ödedi.
Agtygyň-a bulary görse, guş bolup uçar, eje. Gelniň şular ýaly sap düýeýüňden örülen
ellek alaýyn diýip ýördi. Biý-ä tüýs ýerine düşen sowgat boldy.
Gyzdurdy ene aýdylan sözlere hoş bolup, dylym-dylym etdi.
235
“ Eneň öz eli bilen öreni” diýgin. Bazardan alandyr öýdäýmesin. Özem indi bi beýle
sowgadyň iň soňkusy bolaýmasa...
Näme üçin beý diýýäň, eje? Öňde segsen bar. Segsenden aňyrda togsanam bar...
Togsandan aňyrda ýüzem bardyr welin, indi göz çöňňeripdir, Atamerdan jan.
Inçe işden galynaýdy öýdýän...
Indiki gezek gelemde, men seni doktora äkidip, äýnek alyp, bererin welin, kösenmän inçe
iş eder oturarsyň.
Gyzdurdy ene, näme üçindir, äýnekli gürrüňe ünsem bermän, elliklere tarap elini salgady.
Ýadyňdan çykaraýmagyn!
Ýatdan çykmaz ýaly edäýerin.
Düýeýüň ellikler Atamerdanyň diplomatyna girdi.
Ynjalan ene ýylgyrdy.
... Ýorgana giren Atamerdanyň Ahmet ýegeniň gepi bilen huşuny eýelän gündizki aladasy
düýşe aýlandy. Düýşde Gyzdurdy enäniň ýaşaýan obasynyň adamlary elleri çarşaklymy-da, orakly
Atamardany kowalap ýörler. Gaçyp-tezip surnugan Atamerdan ahyr ele düşýär. Sud başlanýar.
Hemme kişi garalowjy.
Ses, söz eşidilmese-de, “gepleýän” adamlaryň elleriniň herekedinden, ýigrenç bilen
seredişlerinden, tolgunyşlaryndan hemme kişiniň Atamerdany günäkär edýändigi bildirýär.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 25
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.