Latin

Keseki - 26

Total number of words is 3796
Total number of unique words is 2162
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.2 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
goldamadylar. Şol meselede Togtamyşyň ejesi Ogulaýam gelniniň tarapynda.. Çünki
soňky bäş-on ýyllykda Gojuk obasynda Ogulaý ýaly bagty çüwen gaýnene, Togtamyş
ýaly gelinlik saýlamakda utuş bijesi nesibesinden çykan eneli-ogul ýok hasap etdiler.
Sazakly obasynyň hormatlanýan, abraýly hojalygynyň terbiýesini alan gözel gyz,
özüne, boýuna-syratyna kybap gelýän Serwiboý diýen bu töweklerde asla gabat
gelmeýän at göterýän Serwi gelin
1ž gelen ýerine-de hem abraý hem döwlet alyp
geldi. Obanyň iň ýaşy uly ýaşaýjysy Arabaçy aganyň aýtmagyna görä, Gojukda soňky
elli ýyl bäri bolmaýan waka boldy. Ogulaý ýeňňäniň ozalam süýdi az bermeýän
“ireseý” sygrynyň hut toýuň yz ýany, heniz Serwiboýuň çagyryjysy-da gelmänkä ekiz
gölesiniň bolmagyny hem yrymçy kempirler täze gelniň rysgally--döwletliligi bilen
bagladylar. Emma alty ýyl bäri bal-asal bolup ýaşan çatynjalaryň sebäp ýok ýerden
aralaryna tow düşmegine gojuklylar gaty haýran galdylar. Ýagdaýa haýran galynsa-da
Togtamyşyň gelnine azar berip başlamagynyň sebäbini welin hiç kim, hatda Ogulaý
ýeňňe-de çaklamaýardam.Togtamyşyň täze tapynan gylygyny obanyň gojalary has-da
halamadylar. Sebäbi oglanlygyny at çapyşygynyň göçgünli howasynda geçirip gojalyga
ýeten ýaşulular Arça seýis ýaly uly ile belli, gazetlerde-de hälimi-şindi ady çykyp ýören
adamyň dulunda görüm-gören maşgalanyň iňirdelmäge, azar berilmäge tutaryk boljak
esas döretjekdigine ynanmaýardylar. Şonuň ýaly-da olar edil öz gözleriniň alnynda
ulalan Togtamyş ýaly asylly ýigitdenem
maşgalasyny gynamagynyň sebäbini
tapmaýardylar. Hemme kişini edil öz hususy aladasy ýaly gyzyklandyrýan sebäp bu
obada diňe Togtamyşyň özüne bellidi.Ol sebäp hem Ogulaý ýeňňäniň eden
246
hereketinden soň döredi. Umuman-a şol ýagdaýyň döremeginiň başy ene bilen ogluň
edýän arzuwynyň gabat gelmeginden başlandy. Adamsy Esen tarpa-taýyn ýogalanyndan
soň, ilkinji perzendi Jennetiň hem arkasy ýapylyp, ýuwaş-ýuwaşdan özüni dürsän
Ogulaý ogluny öýermek isleginem amala aşyryp, wagty-sagady gelende agtyk
hüwdülemek arzuwyna ýetmekçidi. Onuň wagt-sagat ölçeginiň hasaby-da bulaşdy.Özi
ilkinji çagasy Jennet dünýä inýänçä bary-ýogy üç ýyla golaý garaşmaly bolanda,
adamsy Esen ikisi howlukmasa-da, gaýnenesi howpurgaberipdi. Onuň ogluna-da
duýdurman Rahym işandan doga alyp geleni, ony gelniniň ýassygynyň iç tarapyndan
tikip goýany ýadyndady. Ogulaý doga-tumara onçakly uýup ýörenem däldi welin,
Jennetiň dogulmagyna doganyň -jadysynyň sebäp bolandygyna welin gyzy dünýä
ineninden soň berk ynandy. Ogulaýyň göwnüne bolmasa, şol doga alynmadyk bolsa
ýene üç ýyldanam Jennet doguljak däl ýalydy. Hem-ä öz geçmişinde bolan wakany
ýatlan, hemem üç däl, alty ýyl geçip ýörse-de, eline ýürekden küýselýän sallançagyň
bagy ilmänsoň, Ogulaý howsala düşüp ugrady. Dogry, Rahym işan birçak dünýäden
gaýdypdy. Ýöne onuň kesbini dowam edýän ogly Pederberdi hajydanam il-gün nep
tapýamyş diýip, Ogulaýyň gulagyna ýetýärdi.Üstesine Pederberdi hajy hut geçen ýyl
Käbä gidip gelipdi.Şonuň üçinem onuň täsiri güýçli bolmalydy. Ogulaý edýän
hereketini oglundanam, gelnindenem ýaşyrdy.Ýöne “tutuldy”. Ol Pederberdi hajynyň
öýünden çykyp gelýärkä, köçeden geçip barýan ýük maşynynyň kabinasynda oturan
ýerinden Togtamyş ejesini görüp galdy. Gördi-de, onuň hiç mahal barmaýan
gapysyndan näme alada bilen barandygyny çaklady.Onuň çaky hem dogry çykdy.
Sebäbi ejesiniň küýseýän sallançagyny Togtamyşyň özi-de küýsäp başlapdy. Serwiboý
welin Togtamyş ikisinden perzent önmegini indi islemeýän ýaly bir ýyl töweregi wagt
bäri çaga hakda dilem ýarmaýardy.Ozal perzende gaty höwesek gelniň birdenem ol
barada dil ýarmaýşy Togtamyşy hasam oýlandyrýardy. Ejesi bolsa ilkinji çagasy
Jenneti gaýnenesiniň Rahym işana ýykylyp alandygyny soň-soňlaram gürrüň eder
ýörerdi. Şol ýatlamalar ýadynda galan Togtamyş ejesini Pederberdi hajynyň öýüniň
ýanynda görende, “Durmuş gaýtalanyp durmyka?” diýip, içini gepletdi. Ol hiç zatdan
habarsyz kişi bolan bolsa-da, doganyň haçan getirlip, haçan Serwiboýň ýassygynyň
burçuna tikilenine çenli bilýärdi..Emma wagt geçse-de, onuň gaýtalanýar hasaplaýan
durmuşy özi üçin welin gaýtalanmady.
*
Gapydaky beýik balhynyň aşagyndaky münjede uklap ýatan Togtamyş gözüni
açanda, özündenem öň oýanan guşlaryň sazlaşykly jürküldisine däl-de, ileri tarapdaky
goňşy oba bilen aralyga göni serhet çekýän ýaly bolup ýatan demirýoldan geçip barýan
otlynyň sesine diň saldy. Her gün irden, belli bir mahalda Aşgabada tarap ýönelen
säher otlusyny käte hyýalyndaky erteki bilen baglaşdyrýan Togtamyş onuň ornuny giň
sährany kesip barýan uzyn hatar kerwen bilen çalşyrýar.. Kerweniň iň öňündäki boýny
mis jaňly ineriň üstünde-de öňe-yza çalaja yraň atyp barýan owadan kejebe bar,
owadan kejebäniň içinde-de bahar howasyna täze ketenisiniň buzgunç ysyny goşýan
başy kümiş gupbaly owadan gyz otyr.. Ol, elbetde, “bedew atly beg oglana” dönen
Togtamyşyň iki obanyň sere gyzlaryndan saýlap tutan Serwiboýy bolmaly.. Kerwen
Sazakly obasynyň Serwiboýuny Gojuk obasynda garaşyp oturan Togtamyşyň ýanyna
247
alyp barýar..Togtamyş kerwenli, kejebeli, janly suraty ýygy-ýygydan göz öňüne
getirýärdi. Käte bolsa säher otlusy ony köne taryhdan çykaryp, düýn, şu gün bilen
duşurýardy. Düýnki günem eýýäm gaýtalalanmajak ýatlama öwrülenem bolsa,
ýakymly ýatlamady. Serwiboý gyzyň Togtamyşyň nesibesinden çykmagyna-da şol
säher otlusy sebäp bolupdy. Aşgabadyň mehanizasiýa mekdebinde okaýan Togtamyş
bilen hasapçylyk kursuna iberilen Serwiboý ilkinji gezek şol otlynyň üstünde
tanşypdy. Bagtyna bagt bolup goşulan Serwiboý gyza sataşdyrany üçin obanyň
serhedini kesip geçýn säher otlusy iki ykbaly birikdirmegiň aladasy bilen Gojukdan
Sazakla ýollanan ýagşy niýetli sawçy bolup duýulýardy. Şol gün şol otly bolmadyk
bolsa, şol gün şol otla münülmedik bolsa Togtamyş beýle bagtyýar bolmazdy.Ol
Serwiboýy-da şeýle pikirdedir öýdýärdi. Häzir bolsa şol maňlaýyndan çykan bagtyň özi
sebäpli aýalyň esasy bagty bolan enelik paýndan mahrum bolýandygyna göz ýetirenden
soň Togtamyş şol otlynam, şol otlynyň sesinem, şol otla münülen güni hem näletledi..
Ýeri, hemme zat jüp-jüpden bap geläýmelimi diýsene! Togtamyşyňky on ikinji otly,
sekizinji wagon, on birinji ýer. Sazaklydan gelen entek nätanyş gyzyňkam hökman şol
otly, hökman şol wagon, hökman on ikinji ýer bolaýmalymyşynmy? Şol tötänden gabat
gelişlik bolmaýanda-da Togtamyş, ýigit çykan oglan ahyr bir gün kimdir birine
öýlenmeli bolardy, öýlenerdem. Ol hakykat.Ýöne şol kimdir biri Serwiboý bolman,
başga biri bolardy. Ol kimem bolsa enelik bagtyndan namut maşgala
öwrülerdi.Togtamyşyň Serwiboýdan başga betbagt boljagyň halyna-da, Serwiboýuň
halyna ýanyşy ýaly ýanarmydy? Ýok, ýanmazdy. Çünki adamçylykda, akylda-huşda,
görkde-görmekde, mähremlikde Serwiboý bilen deňleşip biljek maşgala entek dünýä
inen däldir.Belki ol maşgala-da seni söýerdi, senem ony söýerdiň. Söýgini kalp
ysnyşygy döredýär ahyryn. Ol mümkin. Ýöne söýgüliňi Serwiboýuň söýlüşi ýaly
söýmek üçin söýülýän Serwiboýuň özi bolmalydy.Onuň özünden başganyň bolsa
Serwiboý ýaly bolmagy mümkin däl.Üstesine-de hiç kime ýetdirmeýän belent söýgä
bolsa diňe Serwiboý mynasyp.Sebäbi onuň özi seni hiç bir zenanyň söýmegi
başarmajak söýgisi bilen söýýär. Ony diňe Serwiboý başarýar. Şonuň üçinem ol söýgä
hiç kimde, hiç ýerde ýok sarpaly nazar bilen garamaly.
Otlynyň sesi kem-kemden daşlaşyp, sekiz ýyl mundan ozalky hakykat geçmişe
öwrüldi. Şu güne dolanyp gelen Togtamyş Serwiboýy öz ornunda goýup gördi. Şeýle
ýagdaýa düşse, ol näder? Sowala jogap gözlenip, kän pikir edilmedi. Edil seniň barýan
ýoluň bilen gider.Ol özüni kyn güne salar.Emma seniň götermeli ýüküňi öz egnine
alar.Ol şeýdip seni bagtyýar eder. Ol barada dawa, jedele orun ýok.Çözgüt taýýar.
Säherki otlynyň sesi uzaklarda ýitip gitse-de, sekiz ýyl mundan ozalky wakalaryň
käbiri Togtamyşyň hyýalynda ýene-de gaýtalandy.Ilkinji tanyşlygyň, bir seretseň,
ullakan gyzygy hem ýok ýaly bolup görünýän wakajyklary hem ýatdan çykyp gitmeýär
eken.Togtamyş bilen Serwiboýuň başky duşuşygy kän bir gep-söz hem alşylmadyk
duşuşyk boldy.Olar bir-birege atlaryny aýdansoňlar, herhal, ikisi-de oba görümini
görenler-dä, aýtmaga gep tapylmaýan ýaly bolup dymdy. Oňa derek, edaly-da bolsa,
utanylýanam bolsa, göz-nazar iki tarapyňam içki pynhan dünýäsiniň manysyny berneme
daş çykarýandygy sebäpli ýetmeli menzile ýetip otludan düşülensoň, derrew hersi bir
tarapa gidibermeli iki ýolagçy sagbollaşyp ýola düşübermedi. Şol pursatdan peýdalanan
Togtamyş, her nçigem bolsa, erkek oglan, ýigitlik töwekgelligini görkezdi—gyzdan
barmaly ýerine çenli ugratmaga idin sorady. Garşylyk bolmady.Edil şol mahalam
248
ýigrimi ýaşlaryndaky görmegeý ýigit olaryň ýanyna geldi-de, Serwiboý bilen içgin
salamlaşdy. Ol ikisiniň sowal-jogabyndan çykan netijä görä, Kerim diýlip ady tutulan
oglan gyz bilen obadaş bolmalydy. Kerim Serwiboýyň ýanyndaky ýigidi bile otludan
düşendigi, gyza gaty golaý durandygy üçinem obadaşynyň tanşydyr öýdüp, baş atyp
salamlaşmasa-da, iň bolmanda, göz gytagyny aýlaýmaly ýalydy welin, şonam etmedi,
asla ünsem bermedi.Onuň bolşy bir ýere gyssanýana meňzeýärdi..
--Men seni ugradaýyn, Serwiboý. Ýoldaşymyň maşynam bar.
--Meni Togtamyş ugradýa—diýip, Serwiboý özüni ugratmaly ýigide tarap çalaja elini
salgady.
Gyzyň bir manyly jogaby ýanyndakylaryň ikisini-de haýran etdi.Togtamyş ýaňy
tanşylanam bolsa, özüni Kerimden artyk saýýan ýaly obadaşynyň hödürleýän
hyzmatyny gyzyň kabul etmeýşine haýran galdy. Özüni, belkem, bile oýnap-ulalan
obadaşyndanam ileri tutýan ýaly etmegine Togtamyş gyzyň nätanyş ýigide eden uly
sowgady diýip düşündi. Kerimem ol jogapdan obadaşynyň özüne nähili baha
berýändigine dogry düşünen bolsa gerek.Ol Togtamyşa-ha hiç hili yşaratam emän,
Serwiboý bilenem diňe baş atyp hoşlaşdy-da, otly menzilindäki kän sanly nätanyş
adamlaryň birine öwrülip gitdi.
Togtamyş Serwiboýuň şol hereketi hakda soň-soňlaram oýlanyp, ony bir tarapdan,
gyzyň keserliliginiň, gönümelliginiň alamaty diýip kabul etse, beýleki tarapdan, özüne
onuň nähili garaýşynyň bardygyny hem aňdy.Şeýlelikde sekiz ýyl mundan ozalky
wakany ýatlan Togtamyş ondan soňky ýyllaryň dowamynda-da Serwiboýuň adamsynyň
ýa-da gaýyn enesiniň göwnünden turmadyk, keýpini bozan saparyny ýatlap
bilmedi.Sebäbi Togtamyşyň oňa berýän bahasyna görä Serwiboý gelin keýpi
bozulmasyz adamlaryň keýpini bozup bilýänlerden däldi.
...Togtamyş ukudan ganmadygam bolsa, ýassyga gaýtadan başyny goýmady.Ol
işikden akýan uly ýabyň salkyn suwuna ýuwnup ukudan mazaly açylmaly etdi-de,
endam süpürgiç almak üçin içerik girdi. Onuň giren otagynyň töründe ejesi ertir
namazyny okap oturan eken.Ol pişik basyşyny edip, burçdaky goş-golamlara tarap
ýöredi.Ol içine rki sany ýassyk taşlanan çaga sallançagynyň egnine atylan süpürgiji
alanda, birhili, endamy titrän ýaly bolup gitdi.Sallançak hökmünde-de ulanylýan dört
tigirli çaga arabajygynyň bu içerä gelenine alty ýyl-ha bolandyr.Ol Togtamyş bilen
Serwiboýuň toýuna getirilen sowgatdy.Ol iň gadyrly, adam ömrüniň dowamatly
bolmagynyň arzuwy edilýän manyly sowgatdy.Häzir arabajygyň içinde iki sany
ýassygyň bardygy Togtamyşyň säher keýpini bozdy.Togtamyş tä ömri ötýänçä-de, ol
arabajyga ýassykdan başganyň eýelik etmejekdigi hakda oýlandy.Şunça ýyllap eýesine
garaşyp boş duran sallançak-arabajyga eýe getirmeli ene öz ömri ötýänçä-de arabajygyň
boş durjakdygyny, onuň sebäbini bilýärmikä?
Ak süpürgiji egnine atan Togtamyş derrew daş çykmak bilen boldy.
*
Pederberdi haja ýykylynaly bäri ýagdaý üýtgejek bolsa üýtgärrçe mahal geçenem
bolsa, Ogulaý ýeňňäniň öýünde gowy tarapa-ha özgerшlişik duýulmady. Ir ertir, giç
agşam iç-daş girip çykanda, oturup-turanda gelnini assyrynlyk bilen synlaýan enäniň
gözüne ilýän togalanyp başlar öýdüp umyt bilen garaýan nazaryna görünýän şol bir ak
derek ýaly bolup ýören syrdam gelindi.
249
Uzyn derek kemi ýok, serwiboý kemi ýok Serwiboý gelniň şol bir bolşudy.Ýogsam,
tebibiň-lukmanyň, mollanyň kesgitlemesini tutaryk edinmese-de, gelnem bolan,
gädikdenem garan Ogulaý ýeňňe-de gelniniň ýagdaýynda sähel özgerme bolsa ilden öň
biljekdi. Ol şu güne-hä umyt etmeýärdi welin, alty ýyl boş geçensoň, şol meselede,
indiki ýyllara-da umyt baglamaga esas ýok hasaplaýardy.Üstesine-de ogul bilen gelniň
arasynda başga bir çaprazlygyň dörändiginem Ogulaý ýeňňe hasaba alýardy. Duýgur
ene ýüreginiň döredýän ünjüsi ahyram ýagdaýy anyklamaly diýen netijä getirdi.Ogulaý
ýeňňe ýagdaýa düşünmek islegini oglundan däl-de, gelninden başlady.
--Hany, gelin, öýe gir-de, alnyma geçip otur, birki agyz gürrüň ba seň bilen—diýip,
daşarda hojalygyň maýda-çüýde aladasy bilen gümra bolup ýören gelnini içerik
çagyrdy. Içerik girilip, ýüzbe-ýüz oturlansoňam:--Gürrüň edeli diýip çagyrdym-a
welin, gürrüňimi nämeden başlap, nämede gutarjagymy bolsa özümem bilemok—diýdi.
Enäniň soňky aýdany boş söz däl eken, Ol hiç zat diýmän gelnini kän garaşdyrdy.
Emma gelni hem gaýnenesiniň maksadyny çaklamansoň, ony nädip ugrukdyrjagynam
bilmedi, ugukdyrjagam bolmady. Şonuň üçinem birneme özüni dürsän Ogulaý ýeňňe
başlan dymyşlygyny özi bozdy.
--Sen meň ýekämsiň, guwanjymsyň...—Bu-da gepbaşy bolmansoň, ýöne dymyp
oturmak islemedik Serwiboý:
-- Bilýän, enesi—diýdi.
--Men enesi diýilýän ady nesýe göterýän ene—Ogulaý ýeňňe daşyna çykmasyz edip
ýören syrynyň daş çykanyna özi hem haýran galdy hem ökündi.Ol gelniniň ýüzüne ýalta
garady. Gelniniň ýüzünde üýtgeşiklik duýulmansoň Serwiboý aýdylany oňly eşiden
däldr ýa-da aýdylanyň manysyna üns beren däldir diýip ynjaldy hem gepini arkaýyn
dowam etdi.--Onda sen gönüňden gel—diýip başlan ene gelniniň geplemegine itergi
bermäge çalyşdy.—Gaýneneň bilen däl-de, deň-duşuň, joraň bilen iç döküşýän ýaly bol.
Pynhanlyk bolmasyn...
--Meň sizden ýaşyryn syrym bolmaz. Näme bilesiňiz gelýän bolsa, bilýänimi
gizlemen.
Bu gep alşykdan soň ene gelninň ýüzüne dikanlap seretdi
--Togtamyş ikiňiziň araňyza näme tow düşdi?
--Size bir ýerden gep ýetdimi?
Ogulaý ýeňňe gelniniň sowalyny halamadymy nämemi, ýüzüni kesä sowup gepledi.
--Maňa gep ýetenok. Meň kalbym syzýa. Men ene. Bolýan ýagdaýy ene
bolmadygam biläýmeli. Togtamyş ikiňiz birigip, bir dünýä. Ol dünýä meniňem dünýäm.
Men şol dünýäde näme harasat gopýanyny hökman biläýmeli...
Gaýnenesi hapa bolnar ýaly zat aýtmadygam bolsa, Serwiboý hamsygdy.
--Gopup başlan harasatyň manysyna, sebäbine özüm düşünmesem, men size näme
aýdaýyn?
--Mert bol. Gözýaşdan peýda ýokdur, gelin.
--Men näbleýin ony haýsy döwüň çalanny... Men hiç zada düşünemok. Togtamyş
maňa seredende, bir gözünde guwanç, beýlekisinde ýigrenç bar ýaly bolup dur. Menemä ogluň göwnüni ýykmajak bolup, ýuwutmasyzynam ýuwudýan, gaty kemsiden wagtam
aglamaga derek özümi mejbur edip ýylgyran bolýan. Men hiç zat bilemok, enesi. Men
hiç zada düşünemok...
Ogulaý ýeňňe ýene gapdala seredip gepledi.
250
-- Sen zat bilmeýän bolsaň, özüm ony bilerinem, özüm oňa düşünerinem...
Diýse-de, telim aý geçensoňam, Ogulaý ýeňňäiň düşünen zadam bolmady, bilen
zadam, ogly bilen haýbatly gepleşse-de ýagdaý düzelmedi, gözýaşa daýansa-da ýagdaý
üýtgemedi, Togtamyşdan başga hiç kime düşnüksiz towly maşgala durmuşy dowam
etdi.Togtamyş bolsa her gün bolmasa-da, hepdede bir ýa-da iki gezek Serwiboýyň
keýpini bozar ýaly, Serwiboýyň gaharyny gaýnadar ýaly esassyz tutaryk tapmasyny bes
etmeýärdi. Onuň gözleýäni erbetlikdi, erbetlik bolsa, oňatlykdan kändi, her ädimde
tapylýardy.
...Güýz ir gelip, ertirlerine howanyň çigregi özüniň bardygyny duýdurýardy. Ir ertirgiç agşam el-ýüzüňi-de ýyly suwa ýuwasyň gelip durdy.
Şol güýz ertirleriniň biinde oba geňeşliginiň hasapçysy bolup işleýän Serwiboýuň
özi-de edarasyna howlugyp durka, Togtamyşyň oýlap tapýan oýunlarynyň ýene biri
bolup geçdi.
Serwiboý adamsyna ýuwunmaga kömekleşmek üçin kündügi egende, Togtamyş elini
silkip aldy.
—Näme boldy?—diýip, gelin gyssanmaç sorady.
--Näme bolar öýdýäň? Elim doňdy.
Hatda oduň üstünde goýulman, içerde duran suwly bedreden susulyp
doldurylanda-da daşarda “eliňi doňdurar” ýaly kyrk çilläniň gary küräp
duranokdy.Togtamyş oňa düşünýärdi. Ýöne onuň şol ýüzleýlik, şol esassyz ýerden
tapylýan igenç ýüzleýligi hem esassyzlygy üçinem esasly igençden has erbet täsirli
bolar öýdýärdi.
Emma Serwiboý bu mahal onuň tutýan maksady hakda oýlanman, oýlansa-da üns
bermän:
--Näme etmeli indi?—diýen gülkünjiräk hem sadalaç sowal berdi.
--Suw sowuk bolsa nädilýändir? Kündügi pejiň üstünde goýup, gaz gatyrak
ýakylýandyr. Şeýdilýändigine çaga-da düşünýändir. Ýa ejeň saňa wagtynda o zatlary
öwretmedimi?
Gyzgyn
suwuň
nähili
sowadylýandygynyň,
sowuk
suwuň
nähili
ýyladylýandygynyň çylşyrymly syrlaryny bilmeýändigi üçin kemsidilýän gelin ol
kemsidilmäni beýlesine geçirdi-de, ejesiniň ýatlanmagy barada oýlandy.Indi ejä-de
ýetilip ugralan bolsa, munuň soňy näme bilen gutararka?
Içindäki suwuňam buzly suw däldigini tassyklap duran kündügiň ýyljak
bokurdagyndan tutup ýerinden turan Serwiboý gelin özüni kemsidiоi hiç zat bolmadyk
ýaly, ýüzünem kürşertmän, gaşynam çytman, gaz peçli jaýa tarap ugrady.Togtamyş
onyň yzyndan seredip durdy. Söýgi diýilýän zadyň aýatda ýokdugyny, onuň ýöne
manysyz boş gürrüňdigini aýdýarlar welin,ol kesgitleme ýalan. Söýgi bar.Onda-da çyn
söýginiň uly dünýä ýaly giňdigini, mähren ene ýaly geçirimlidigini Serwiboý her gün,
her bir hereketinde tassyklaýar
*
Togtamyş bilen Serwiboý gelniň arasynda emeli ýol bilenem bolsa gopan harasaхyň
bölek-bölek wakalarynyň hemmesi diýen ýaly öýüň, hojalygyň çygrynda bolup
geçýär.Ol wakalaryňam käbirine Ogulaý ýeňňe şaýat bolýan bolaýmasa, kesekiler
bihabar. Emma gapylary ýapyk, aýnalary ýapyk içerde, hatda gijäniň bir mahaly bolýan
251
wakanyň şaýat ýok ýerinden, öý diňleýän ýok ýerinden ile ýaýylýanyna haýran
galaýmaly. Onda-da, diňe bir ýaýylmagam däl-de, bolşundanam has ulalan, çişirilen
görnüşde ýaýraýar. Ana, şoňa welin Togtamy\ haýran galýar.
Bir gün obanyň arçyny Hekim aga Togtamyşy ýanyna çagyrdy. Iş otagynda arçynyň
özünden başga adam ýokdy.Şonuň üçinem gysgajyk salam-helikden soň ýaşuly derrew
esasy gürrüňe geçdi.
--Men seni kesesinden çemeleşmesi kynrak bir mesele bilen çagyrdym, Togtamyş.
Maňa sen Serwiboý gelne yza iýdirýämişiň diýen habar gelip ýetýär. Kişiniň maşgala
durmuşyna, başgarak edip aýtsam, içeri işlerine gatyşmak, sen arçynam bolsaň kyn,
inim.
Hekim aga aýtjagyny gutarman goýan ýaly etse-de, aýdylmaly gep aňry ýany bilen
aýdyň boldy.Şonuň üçinem Togtamyş ýaşulynyň gepini dowam ederine garaşybam
durmady.
--Saňa ýetirilen habar gybatçy aýallaryň gepi bolaýmasyn, Hekim aga?
--Gybatçy aýallaň gepi bolsa, men oňa gynanmazdym, gep yzarlaýan ýaly ýagdaýada düşmezdim. Sen oglan-oglanjyk däl indi, Togtamyş. Gepi uzaldyp oturmaly. Men
saňa agalyk, atalyk diýsemem bolýa, maslahatyny berýän. Düzel, inim.
Togtamyş Hekim agany aýdýan sözleri üçin ýigrenmedem, onuň aýdýanlaryna
düşünýärdem.
--Sene-menesiz maşgala-da ýokdur. Ýöne aýal maşgala-da adam. Ol saňa hä diýýäni
üçin, gullugyňda durýany üçin juda berke-de tutubermeli däl. Üstünde ýöreýäniň üçin
ýeriň agramy ýokdur öýtme. Sen inim, bir bolmasy zady göz öňüne getirip gör. “
Gahar—kapyr”. Birdenem Serwiboý gelin, aýal gyzmalygyny edäge-de, etegine ot
degräýse...
Togtamyş Hekim aganyň söz bilen aýdýanlaryny hyýalynda hakykata öwürdi,
başdan-aýak ýanar ot bolup, köçäniň ugry bilen tazygyp barýan gyzyl ody göz öňüne
getirdi. Ýöne şol lowlaýan oduň içinde Serwiboýyň bardygyna welin ynanmady.
Serwiboý ol derejä ýetmeli däldi.Togtamyş Serwiboý ýanar oda öwrülmänkä, özünden
daşlaşjakdygyna ynanýardy.Häzir Hekim aganyň janygyp oturyşy hem Togtamyşyň
maksadyna ýetjegine şaýatlyk edýärdi. Şonuň üçinem Hekim aga gepläp otyrdy.
--Bardy-geldi ol aman galaýanda-da, aýala baý-peýedal gözi bilen garanyň üçin senihä demirgözenekli maşyna mündürip äkiderler welin, iliň ýagdaýyna gözegçiligi
gowşadanym üçin maňa-da taňryýalkasyn aýdylar öýtmegin. Dogry, “Är heleýiň urşy—
ýaz gününiň ýagyşy”. Ýöne...
Kalbynda saklap ýören sözleriniň hemmesini aýtmagy niýet edinen arçyn öz iş
otagyna Serwiboýyň girenini hem görmedik ýaly, ol gelip duransoňam, bir kakuwdaky
gepini dowam etdi. Togtamyşam aýdylýanlary kabul etse-etmese, sesini çykarman
diňledi.
Ýaşulynyň gepine sähel dyngy bereninden peýdalanan Serwiboý:
--Hekim aga çagyran ekeniňiz....—diýdi.
Hekim aga ozal okap oturan, emme arasy kesilen sahypasyny okamagy dowam
edýän ýaly ýene şol oňki akym bilen gitdi.
--- Dogry, “Är-heleýiň urşy --ýaz gününiň ýagşy”... Hawa, çagyrdym, gyzym.
--Kim bilen kim uruşýamyş, Hekim aga?—diýip, hiç zatdan habarsyzam bolsa,
eýýäm ýagdaýy aňan Serwiboý gelin Togtamyşy goramaga çalyşdy.
252
--At oýnadan bolmak gerekgäl bi ýerde, gelin. Men siziň kakaňyzyň ýaşyndaky
adam.”Ot ýanmasa, tüsse çykmaz”.Menden zat gizlejegem bolma, gyzym. Şu obada bir
ajalyna el bulan horaz bimahal gygyrsa-da, şoň habaryny maňa ýetirýäler.
--Biziň horazymyz bimahal gygyran däldir, Hekim aga—diýip, indi Togtamyşdan
öňürdip Serwiboý gelin gepläp başlady.—Beýle habary kim size getirýämiş?
Ýaşlara ýerliksiz käýinýäne dönüp barýan Hekim aga ýapyşalgasyny gizlemedi.
--Bizde aç-açanlyk, keýgim. Siziň ýagdaýyňyzy soňky gezek Hakberdi Nyýaz
aýtdy. Ol Togtamyş bilen bile işleýär ahyryn...
-- Hakberdi Nyýaz pohuny iýipdir, Hekim aga!-- Serwiboý agzyndan çykan gepiň
telegräk bolandygyny aýdylansoň bildi.—Bilse-de: -- Şolar ýalynyň gepine ynanýan
bolsaňyz, onda sizem....—Serwiboý “onda sizem ýaşuly adama meňzäňizok”
diýmekçidi, ýöne gutarmadyk pikiri öz galypyna salan hem çalarak ýylgyrmaga mejbur
bolan Hekim aganyň özi:
--Onsoň, menem bir zat iýmelimi?—diýen sowal bilen dowam etdi.
--Ýok, Hekim aga—diýdi welin, Serwiboý gelniň jogaby çaga gepi ýaly bolup
ýaňlandy.
Çalarak ýaňsyly ýylgyran Hekim aga başyny ýaýkady.
--Şeý diýip, yzyny düzedeweri, gelin. Ýogsam-a...—Ýaňyja, ýaňsylam bolsa,
ýylgyran ýaşuly birdenem agras sypata girdi-de, Togtamyşa göni seretdi.—Inim,
Togtamyş, ata-babalammyzyň “Öz arrygyny har eden kişi arrygyna zar bolar” diýen
gepi bar. Ikinjidenem, beýle ýagdaýyň soňunyň nähiliräk gutarýandygyny ýaňy men
saňa ýaňzytdym.
--Türmä düşersiň diýjek bolýaňmy? Eden aladaň üçin Taňry ýalkasyn, Hekim aga...
Togtamyş soňky sözüni çyny bilen aýdanam bolsa, gep gyşardanam bolsa, barybir
Hekim aga ony ýaňsylaýan manyda kabul etdi.Şonuň üçin onuň çogmak bolup duran
gür gaşlary bürjeşdi.
--Türmeden bärde-de basgançak kändir, inim. Biz beýle ýagdaýy, maşgala dawasam
bolsa, ýazgarmaly bolarys.Men öz obamda bolýan ýakymsyz ýagdaýy häkimlige-de
ýetirmeli bolaryn, eşitmedim diýme, Togtamyş, onsoň. Onda-da hut häkimiň özüni
habardar ederin.Öň-soň, birigün oň bilen görüşmelem.Ýygnak bar... Sen menden ýaman
görme, inim. Ýagdaý, düzgün şeýle.
Hekim aga “Gidiberiň!” diýen manyny aňladyp, stoluň üstünde duran şyrdagyna
elini uzatdy...
Günorta-da golaýlansoň Togtamyş iş ýerine-de gitmän, öýe tarap ugrady. Ol ýol
boýy hem Hekim aganyň ýörite çagyryp eden gürrüňi hakda oýlandy, oýlandyguyça-da
gahary geldi. Ýeri, seniň hojalygyňdaky ýagdaý bilen iliň näme işi barmyş? Men nä
gelnimi urýaňmy, tenine ýara salýaňmy? Geziberiň-dä öz aladaňyz bilen.
Ejesi hem daşardaky aşhanada güýmenip duransoň, içerik giren Togtamyş içki jaýa
ýassyga gyşaryp, bäş-üç minudam bolsa irkilmek isledi.Emma Hekim aganyň
gürrüňiniň dowamy uka derek dowam etdi.Onuň hyýalyndaky öz sesi kimdir bir başga
kişiniň sesi bolup gulgyuna geldi: “Sen beýdip, özüňem, Serwiboýam, ejeňem, il-günem
heläk edip ýörme-de, maňlaýyňda bir peşeňi boşadagada, aladadan dyn, Togtamyş,
Şeýtseň, Serwiboý gelniň ýoluny açarsyň. Şeýtseň, öz maksadyňa ýetersiň. Ýa sen
özüni atyp biljek mertlerden dälmi?” Togtamyş gulagynda ýaňlanan sözlere biri bilen
gepleşýän ýaly bolup jogap gaýtardy: “Şol peşeň hakda men senden öňürti oýlandym,
253
gadyrdan. Mert bolsaň ölmek aňsat, ýaşamak kyn. Namart bolsaň, ýaşamak aňsat,
ölmek kyn. Men mert bolup aňsat ölemsoň, Serwiboý üçin tä özi ölýänçä gutarmajak,
öňküsindenem agyr ýaşaýyş başlanmazmy? Meniň maňlaýmdan ýelmejek ýeke okum
polat çüýe öwrülip, ony biziň ojagymyza ömürlik çüýlemezmi? Sen aýallaryň
erkeklerden has mertdigini bileňok, gadyrdan. Serwiboý ölen äriniň ojagyny terk
etjeklerden däl”.
Togtamyş krowata geçip gyşarsa-da, gözüniň öňüni uky däl-de, diwardaky portret
tutdy. Şol bir duran ýerinde dört- bäş ýyl bäri asylgy portrete günde telim gezek gözi
düşenem bolsa Togtamyş ony şu gün birinji sapar görýän ýaly boldy. Şekilde
Togtamyş bilen Serwi gelin egin-egne degirişip otyrdy. Olaryň her haýsynyň egninde
bir kelle, bir ýüz bar bolsa-da iki adamyň göwresi welin bir adamyňky ýaly bolup
görünýärdi. Birdenem portretden Togtamyşyň şekli ýitip diňe Serwiboýuň şekli galdy.
Serwiboý krowatda ýatan Togtamyşa bir zat diýjek bolýan ýaly ýiti-ýiti seretdi. Emma
geplemedi.Oňa derek Togtamyş dillendi.
“--Sen maňa gulak as, Serwiboý. Sen meni unutmaly. Seniň bagtlylygyň şol
unudylmak bilen bagly.
--Men bu gapydan ölümden öňürti seni unutmak üçin gelmändim.
-- Bir öýde iki betbagt ýaşasa, onuň soňy uly betbagtlyga barar.
--Biziň ömür ahyryna çenli bagtly bolup ýaşamagymyza näme päsgel berýär?
--Ikimiziň birek-birege bolan çyn söýgümiz.
--Hakyky söýgi bile ýaşamaga päsgel berýär diýseň, oňa kim ynanar?
--Hiç kim ynanmasa-da ikimiz ynanmaly.
--Ol gaty düşnüksiz gep
--Durmuşyň özi şoňa meňzeş düşnüksizliklerden düzülen-dä.
--Sen meni ýigrenip bilersiň, Togtamyş. Sen meni ynjydyp bilersiň, Togtamyş.
Sebäbi meni ýigrenmek, meni ynjytmak seniň öz eliňdäki zat, özüňden çözülýär. Ýöne
seniň maňa bolan ýigrenjiň mende saňa bolan ýigrenç döredip bilmez. Cebäbi meniň
seni ýigrnmezligum senden däl, menden çözülýär. Meni senden diňe ölüm
daşlaşdyrar.Olam wagtlaýynça bolar.Ölümden soň ikimiz gaýtadan, ömürlik duşuşarys.
--Meniň ýagdaýym söýgimi ýigrenje öwrüp, şol ýigrenjiň saňa gowulyk getirmegini
talap edýär.
-- Ol akyldan daşlaşanyň tapjak gepi. Sen entek akyly-huşy ýerindäki adam. Biz
ýagdaýyň ugruna gitmän, ýagdaý bizi goldamaly,Togtamyş. Sen şoňa düşün”.
***
Hekim aganyň “Hut häkimiň özüne ýetirerin diýen gepi Serwi gelni, eşiden
badyna biynjalyk edip başlady. Ol-a tutuş etrabyň ilatynyň garamatyny gerdeninde
göterýän adam, biýem uly bir obanyň ýaşaýjylarynyň aladasyny etmeli adam. Olar biribirlerine, elbetde, “hä” diýýändirler. Üstesine-de, Hekim aga ýaly sylanýan ýaşuly
dürsi ters diýip aýtsa-da, häkim ynanar. Şonuň üçinem Togtamyş töhmet pidasy
bolaýmaz ýaly onuň aladasyny etmelidi. Serwiboýyň özünden başga Togtamyşda egin
dirär ýaly hossaram ýok, agramly dost-ýaram. Şonuň üçinem “ejesini göresi gelýän”
gelin gaýnenesinden atasy öýüne, günin bolsa-da, gidip gelmäge rugsat sorady. Soňky
wagtlarda-ha ýarymgöwün ýaly bolup ýaşap ýören gelnine haýpy gelýän Ogulaý ýeňňe
garşy-ha bolmady welin, gaýtam Altyn gudasyna bir bölek mawut parça bilen ak
254
ýaglygyň içini süýji- kökeden dolduryp düwünçek hem saldy. Şeýlelikde, ilki häkimlige
ýetip, soňam gurýan hilesiniň üsti açylaýmaz ýaly atasy öýüne-de görnüp gaýtmaly
eden Serwiboý gelin irden ýola düşdi.Ol awtobusa münende-de, märekeli köçeden
pyýada ýörände-de dünýäde Togtamyşdan başga adam tanamaýan, görünmeýän ýaly
diňe şonuň pikirini etdi, säher otlusynyň üstünde tanşylan pursatdan başlap, tä şu güne
çenli geçilen ýoly yzarlady. Emma şol uzak ýoluň ne başynda, ne ortasynda, ne şu
gününde Togtamyşyň aýagy büdrär ýaly päsgelçilik gabat gelmedi. Ol ýagdaý hem
Serwiboýuň bilesiglijiligini hasam gyjyklady, Togtamyşa hossarlyk etmek höwesini
artdyrdy.
Ýöne “Häkimlige bardym”, “Häkimlik kömek etdi”, “Häkimlige arz ederin” diýen
ýaly sözleri hälimi- şindi eşidip ýören gelin şol jaýyň daşky bosagasyndan ätläninden
ýöwselledi, ikinji mertebä çykanda-ha halysam gowşady.Häkimiň giň kabinetine girseň
dagy sen näderkäň, Serwiboý?
Dogrudanam, häkimiň giň kabinetine entek girmänkä, onuň gapysynyň tutaýyna
elini ýetiren barmaklarynyň sandyraýandygyny gören gelin öz-özüne gyjalat berdi, özözüni köşeşdirdi, köşeşdirse-de,
ganyny açansoňam, içerik ätlemän, bosagada
durandygyny birbada aňşyrmady.
Geleniň ýagdaýyny gözüne kaklyşandan aňan, köpügören häkimiň:
--Çekinmäň-de, giriberiň!-- diýen mylaýym sesi Serwiboý gelni biraz
dogumlandyrdy.
Serwiboý içerik girip, haýbatly stola golaýlansoň, salam berdi.
Ýerinden turup durka hal-ahwal soraşan häkim, elini salgap gelene oturmaga ýer
görkezdi.
--Ýanyma geleni, şeýdip, golaýragymda oturdaýmasam, sowuklamadanmy-nämemi,
birki gün bäri gulaklam agralaýdy. Menlik meseläňiz bar bolsa, aýdyberiň, gelin! Siz
kim, nireden geldiňiz, hyzmat nämeden ybarat?
Görkezilen ýere geçip oturan Serwiboý häkimiň başky iki sowalyna derrew jogap
gaýtardy, üçünji sowalyň jogabyna welin birheme garaşdyrdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 27
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.