Latin

Keseki - 11

Total number of words is 3760
Total number of unique words is 2194
30.7 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýylgyrdy.—Nabat tapsak,özümizem iýmän durjakgäl.
Jogap tebibe ýaramady.Ol Annabibä gyýa garady.
--Tapsak,özümizem iýmeli welin,hassa jan bilen sag janyň parhy kändir,gelin
baý. Özümiz nabady gahatçylyk geçensoň iýsegem bolar.
--Tebip apa näme etjek bolýar?—diýip, kanagat damary halys inçelen Blokwil
ahyr Akmarala ýüzlenmeli boldy.—Eger gizlin bolmasa,öňünden aýdaýsa.
Bibijemal tebip giň maňlaýyny galdyryp ýylgyrdy hemem pereňliniň edil öňünde
açyp goýan düwünçejikleriniň üstünden elini aýlady.
100
--Şeýdip,serişdirip goýamsoňam, gizlin syr bolarmy,köşek! Hudaýa şükür,seň
gözleň entek agy-garany saýgarýar ahyryn.Saýgararam,enşalla! Biý-ä kişmiş.Bularam
gant bilen zäk,biýem iňňäň ujy ýaly tirýejik.—Gorkmasyn,gyz,düşündireweri!—diýip,
tebip soň Akmarala ýüzlendi-de, öwünýän ýaly bolup gepledi.—Bibijemal tebipde hapa
ýa köne zat bolmaz.Bi kişmişem ýyljak suwa ýuwlup,üstüne ak hasa ýapylyp guradylan
kişmiş.Çybyn-çirkeýem gonan däldir.Özem Gojuk Mergen atamyzyň eken, ile belli
üzüminiň kişmişi bolmaly. Bular ýaly üzümi Rumuň bazaryndanam,Samarkandyň
dükanlaryndanam tapmarsyň.. Bulaň baryny gaýnadýas.Ýanar ot bolsa, ahli beladan
dep edýan närsedir.Asyl biynjalyk bolmasyn.Oňa göz gerek bolsa,Bibijemal tebibe-de
abraý gerekdir.Şeý diýip düşündir,keýijegim,oňa.
Soňra tebip düwünçejiklerden gerek zatlaryny saýlap,bir ýere jemledi.Olar
mäjum bolýança, bile gaýnadylmalydy.
Tebibiň emi taýyn bolýança-da esli mahal geçdi.Emma edil dilleşen ýaly,hiç
kimden ses-seda çykmady.Öz ýagdaýynyň aladasy,bilesigelijilik Blokwili geplemäge
mejbur etdi.
--Siziň beýle emiňiz bilen şu mahala çenli meniň derdim ýaly dertden saplanan
barmy,apa?
--Allanyň etjegini öňünden aýdar ýaly,men weli däl,han ogul!—Düwünçeklerini
rejeleşdirip başlan tebip pereňliniň ýüzüne garaman gepledi.—Ýöne şu emiň Taňry
bendesine nepi degmedik bolsa,nepi degmejek bolsa,nepi degjegine özüm ynanmaýan
bolsam,men bu zatlary eşrepi ýaly apalap,ýanym bilen alyp gelmezdim.
Tebibiň umytly sözleri gulagyna ýaranam bolsa,Blokwilň kalbyndaky alada
azalmady, gaýtam, em edilmeli wagt golaýladygyça, howsalasy artdy.Häzir ol
töweregindäki adamlary herhal görüp otyr,tebip aýalyň öz işine ezber bolup giden
hereketlerini çalarak synlap otyr.Tebibiň hut häzir horjundan çykaran akja matasynam
saýgarýar.Gazandaky zatdan hantama bolup, ak pişigem ojagyň töwereginde aýlanyp
ýör.Blokwil ony-da görüp otyr. Bu zatlar iň soňky gezek görünýän bolsa nädip bolar?
Tirýek,zäk,kişmişden edilen em ertirki dogmaly Günüň öňüni öz garalygy bilen
hemişelik ýapaýmazmy?
Gaýnadylan emi Bibijemal tebibiň ýanyna getirdiler.Birneme sowansoň,tebip
ondan gurt ýaly edip,iki sany logalajyk ýasady.Soňra ol aýallaryň birini kömege
çagyrdy. Kömege gelenem Akmaral boldy.
Akmaralyň eli ýalaňaç boýnuna degende, Blokwil onuň barmaklarynyň
sandyraýandygyny duýdy. Ömründe birinji gezek erkek adamyň tenine teni degen ýaş
zenanyň endamynda bolsa çümşüldi döredi.Ol aljyrajak boldy,elini ýesiriň gyzgyn
boýnuna bir eltdi,bir aýyrdy.
--Seýdipjik tutaýsana,garagözüm!—diýip,tebip Akmaralyň eliniň üstünden
mäkäm basdy.—Zat görmedik ýaly-la.Berkräk tut özüňem!
Zenanyň,onda-da görmegeý maşgalanyň ýyljak aýasy bir ýyl bäri aýal teni tenine
degmedik pereňlini tolgundyrdy.Ol hiç zat duýmaýan kişi bolup,ozüni ele almaga
çalyşdy.
Jansyz garantga meňzäp,doňan ýaly bolup oturan beýik börükli iki aýal
tebibiňem, Akmarylyňam hereketlerini
ýitilik bilen synlaýardy.Olar Akmaral
pereňliniň boýnundan tutup durka,biri-birlerine mekirlik bilen seredişdiler.Ol
seredişiňem müňkürlige öwrülip,tiz wagtda obany gybatdan doldurjagy bellidi.
101
Tebip ýesire iki gözünem giňden açmagy buýurdy.Aýdany edilensoň,onuň sesi
agras ýaňlandy:
--Bissimillahi r-rahman r-rahim! Bendäm bendäme sebäp! Bibijemal elti Durdy
Hudaýnazar gelniniň eli däl-de,Hazreti Lukman hekimniň eli bolgaý! Ýa, Biribar,
özüňden medet! Ylahy em bolgaý! Dertler dep bolgaý!
Şol pursadam Blokwiliň her bäbeneginiň üstüne bir logala baryp ýelmeşdi.
Logalalaryň üstünden arassaja pagta goýlup daňy edildi. Reňkini derrew gara öwren ak
pagta pereňliniň ýagty dünýäsini garaňkylyga aýlady..
“Bibijemal elti Durdy Hudaýnazar gelni” soňky maslahatyny berdi.
--Gözleri birneme awar.Awasa-da,daňyny aýyrmaň.Gözlerinden şabrap suw
döküler. Dökülse-de,daňyny aýyrmaň.Daňy ertire çenli dursun.
Tebibiň turmakçy bolýandygyny aňan Blokwil:
--Apa,meniň size «Taňryýalkasyndan» başga bermäge zadym ýok—diýdi.—Beýik
Alla sizi öz penasynda aman saklasyn!
Akmaral dilmaçlyk etmänkä-de «apa» sözünden özüne ýüzlenilýändigine düşünen
tebip mylaýym ýylgyrdy.
--Maňa seň ýaňky alkyşyňdan zyýat aklyk gerekgäl, köşek.Edenim em bolsun!
...Tebibiň aýdyşy ýaly boldy.Kepbesine eltilensoň,Blokwiliň gabaklary
awuşamaga başlady. Esli mahal geçensoňam, gözünde suwuklygyň peýda bolandygy
bildirdi.Şonda-da ol çydamaly boldy.
Pereňli uzyn gyş gijesini dik oturup diýen ýaly geçirdi.Ol wagtyň ir
ertirdiginem,giç agşamdygynam anyk saýgarmady.Onuň üçin wagtyň ahli pursatlary
garaňky gijä aýlandy.Ol diňe çak edýärdi.Şonuň üçinem kepbäniň içinde kimdir biriniň
peýda bolanyny duýanda, eýýäm Gün dogup,adamlar aýak üstündedir öýtdi.
--Oýamydyň,Jorž?—diýen tanyş ses eşidildi.
--Uklamogam-la.Ýöne gyşaryp ýatyrdym..Häzir gündizmi,gije,Akmaral?
--Daň atyp barýar.
--Onda sabaň haýyr bolsuň!
--Men saňa nabat suwuny getirdim,Jorž.
Ol habary eşiden pereňli çaga ýaly tolgundy.”Özleri iýmäge zat tapanok welin,
munuň edip ýören zadyny gör! Men myňa ýene münkürem boldum-da..”
--Maňa zat gerek däl,Akmaral—diýip,Blokwil sypaýyçylyk etdi.—Men bendiligede razy, kynçylyga-da.Gözüm açylsa bolýa.Ähli arzuwym şol.
--Gözüň açylmagy üçinem nabat suwuny içmeli-dä.Tebip ene şeý diýip gitdi
ahyryn.Me, iç!
Özüne tarap uzadylan şakäsäni sermeläp tapjak bolanda,pereňliniň barmaklary
Akmaralyň goşaryna degdi.Ol galtaşma göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup
geçenem bolsa,ýesiriň aýazly gyş gijesinde üşän barmaklary oda çoýunan ýaly boldy.
--Uzaga çeken betbagtlykda-da bagtly pursatlar bolmaly-da!
Ol sözleriň nabatly suw barada ýa-da özi hakda aýdylanynyň arasyny oňly açyp
bilmedik Akmaral pyşyrdady:
--Tizräk iç, men käsäni äkideýin,Jorž!
Şakäse dolabara edilip getirilen nabat sywy sowugam bolsa,Blokbiliň bedenine
ýylylyk bolup ornady.
102
* *
Bibijemal tebibiň belläp giden wagty ýetende, Blokwiliň gözüniň daňysyny
aýyrdylar.Daňy aýyrylan badyna-ha ýesiriň ýagdaýy öwerlikli däldi welin,ýuwaşýuwaşdan älem ýagtylyp ugrady.Günorta golaýlanda, pereňliniň gözleriniň görşi
näsaglamazyndan öňküsi ýaly bolmasa-da, az-kem gowulaşdy.
Erteki gününe birneme umyt döränsoň,Blokwil özüni täzeden dünýä inen hasap
etdi. Asyl ol giň jahany ýaňadandan görýändigine begenmekden ýaňa bendiliginem,kyn
gününem birbada ýadyndan çykardy.Hatda sulhunyň almaýany Eýemyrady hem ol
özüne hossar, ýakyn adam hasaplady.
Bir hepde töweregi wagt geçensoň, Blokwil tä ömri ötýänça Gojuk obasyndan
gelen Bibijemal tebibi minnetdarlyk bilen ýatlap ýörmeli derejä ýetdi,gözi asla
näsaglamadyga döndi.Uly howp geçensoň bolsa,ýene öňki köne heňňam--ýesirlik
dünýäsiniň hupbatly sagatlary başlandy...
Bir gün öýlänler Eýemyradyň gapysynda iki sany aýal peýda boldy.Olaryň ikisem
orta ýaşlaryndady.Aýallaryň juda inli bolup görünýän,gat-gat edilip, mäkäm daňlan ýüň
guşaklaryndan çen tutsaň,olar uzak ýol söküp gelen bolmalydylar.Blokwil ol aýallar
özüne hyrydar bolup gelendir öýdüp,eger-eger, çakam etmeýärdi.Gaýtam,ol ürşuň
apyla-sapylasyny sowan adamlar indi dogan-garyndaşlara myhmançylyga çykyp
başlandyr öýtdi.Entek baharyň ekin-dikin aladasy hem öňde bolansoň,häzirki elboşluk
mahaly myhmançylyk bilen oba-oba aýlanyp ýörmeli wagtdy.
Daş çykan Annabibi olar bilen görşenden soň,goňşy öýden Akmaral hem
çagyryldy.Akmaral mydama-da pereňli bilen gepleşilmeli bolanda, dilmaç hökmünde
idelýärdi.
Akmaralyň yzyna düşen iki äýal kepbä tarap ýöneldi.Blokwil diňe şondan soň
aýallaryň özüne dahylly bir alada bilen gelendiklerini çaklady.Ýöne başga ýerden gelen
adamlara özüniň nämä derkar bolup biljekdigini welin çaklap bilmedi.Üstesinede,kepbä tarap gaýdan aýallaryň yzyndan garap duran Annabibi ,näme üçindir,elini
alkymyna ýetirip, ýaňsyly ýylgyrýardy.Onuň beýtmesi hem pereňli üçin düşnüksizdi.Ol
ýa-ha gelen aýallaryň, ýa-da Blokwiliň üstünden gülýän ýalydy.Kepbä ýetip gelýän
Akmaralam çalarak ýylgyrýardy.
Gelenler ýesire salam berdiler-de,kepbäniň daş işiginde oturuberdiler.
Akmaral aýallaryň näme maksat bilen gelendiklerni beýan etdi.Habary diňlän
ýesir Annabibiniňem,Akmaralyňam näme üçin ýylgyrandyklaryna düşünip galdy.
Düşünensoň,onuň özi-de,diňe bir ýylgyrmak däl,loh-lohlap gülmäge-de mejbur boldy.
Asyl uzak obadan gaýdan aýallar Blokwili tersokan molla hasaplap, ondan haraý
isläp gelen ekenler.
Içki joşguny birneme köşeşen Blokwil:
--Menin doga-jada hiç hili dahylymýň ýokdugyny siz bu biçärelere düşündiriň,
Akmaral—diýdi.—Men beýle zatlardan asla baş çykarýan adam däl.Üstesine-de, men
doga-jada hiç mahal ynanmandymam,ynanmaýarynam.
Akmaral aýdylany düşündirende,gelen aýallaryň biri:
--Eliňden-diliňden gelýän ýagşylyk bilen Taňry bendelerine kömek etmegiň
sogap bolýandygyny,ony gaýgyrmagyň günä bolýandygyny sen oňa aýt,keýik—
diýip,edil Akmaraldanam öýkeli ýaly, ýüzüni kesä sowup gepledi.
Akmaral entek ol äýdylany Blokwile ýetirip, ýetirmänka-de:
103
--Senem ýaşyrjak bolup oturmasana,gyz—diýip,ikinji aýal-a Akmaraldan öýkeli
ýalydygyny ýaşyrjagam bolmady.—Biz muň tersokandygyny anyk bilip geldik
ahyryň.Bu hakda Hangeçen bazarynda-da her gezek gürrüň edýämişler.Ugrunda
bolmasa, dabarasy Hangeçene dolup,agza-dile düşmezdi ahyryn.
Blokwil ýene ýylgyrmaly boldy:
--Men hatda musulmanam däl.Men katolik.Siz,iň bolmanda şoňa bir düşüniň
ahyryn, apalar!
Aýdylanyň manysyna doly düşünmeselerem «apalaryň» ikisi iki ýerden
närazylyk bildirip,baş ýaýkadylar.Olaryň biri-hä özüniň juda köp bilýändigini hem
tekrarlamaga çalyşdy.
--Tersokan diňe musulmanda bolmyýa, şaýylarda-da bolýa,gyz...
--Şaýy hem musulman ahyryn,apa!—diýip,Blokwil ol aýalyň ýalňyşyny
düzetmäge synanyşdy.—Şaýylaram sizden.Ýone olar Hazreti Muhammetden onuň
giýewisi Hazreti Asedulla Alyny biraz ileri tutýalar.
--Ana,gördüňmi?!—diýip,beýleki aýal pereňliniň küşdüniň güýçlüdigini bilensoň,
ýoldaşynyň ýüzüne garady.—Hemme zatdan başy çykýan tersokan bolmaly diýip men
saňa aýtmanmydym?
Ikinji aýal hem öz işini öňe sürmäge dyrjaşdy.
--Özi aýtmasa-da,biz muň musulman däldigini bilýäs.Ýöne ol biziň bir suwluk
ýoldan paý-pyýada gelenimizem bilsin,keýik.Şonam aýt.—Birdenem bokurdagy dolan
aýal gepini kynlyk bilen dowam etdi.—Annamyrat jan indi ýarym ýyl bari gana
ukusyny alanok. Ymyzgandygy oýanýa,ymyzgandygy oýanýa.Tebip baryna
gatnadyk,molla baryna ýykyldyk.Peýda bolmady.Pereňli mollaň bize rehmi insin,keýik
Şuny oňatja düşündirip aýdaweri,dünýäm.Annamyrat jan biziň ýalňyz perzendimiz.
«Pereňli molla» sözüni eşiden Blokwil gülmelidi ýa-da ýylgyrmalydy.Emma
garşysynda başbogusy bilen gözýaşyny süpürip oturan aýalyň naýynjar görnüşi ony
ýylgyrmakdanam,gülmekdenem saklady.
Gözýaş edensoň, birneme ýüregi düşüşen aýal ýene Akmarala ýüzlendi:
--Jan keýgim, biziň zarymyz bar,zorumyz ýok. Biz hemme zady
bilýäs.Gizlejegem bolmaň.Bir oglanjyk derýa gark bolup,ýarym günden soň suwdan
cykarylypdyr.Şonam pereňli molla aga özüne getiripdir.Onam eşitdik.Ýolda gelýäkäk,
bir nätanyş aýal: «Pereňli molla okap-okap,öz batyl gözünem açaýdy» diýdi. “Ot
ýanmasa,tüsse çykmaz”.Sakasy-ha Hudaýdyr weli, bize-de rehim etsin,bi.Şuny
aýdaweri,dünýäm.Seňem eliň,diliň dert görmesin!.. Biziň bagtymyza muň diline
düşünýänem tapylaýdy...Aýdanymyň gylyny gymyldatman düşündirewer,keýgim!
Akmaral haýyşy berjaý etdi,başaryşyndan aýdylan sözleriň ýekejesinem
üýtgetmän düşündireninden soň, jogaba garaşdy.
--Men näme etmeli indi?—diýip,gaýtam, Blokwiliň özi dilmaçlyk edýäne sowal
berdi.
Akmaral dymdy.Dymmaklygyň magadyna ýetmek islän aýal gyssandy:
--Näme diýýä,dünýäm?
Aýallaryň umydyny derrew puja çykarmak islemedik Akmaral özüne ikilik etdi:
--Oýlanaýyn diýýä.
Gözýaş eden aýalyň ýüzi birneme açyldy.
104
--Ana,gördüňmi! Oýlansyn,keýgim,oýlansyn.Ertire çenli oýlanjak diýse-de,biz
daşarda garasyp oturmaga razy.
Blokwil myhmanlarynyň öz göwünleriniň isleýän jogabyny almasalar, ýan
bermejekdiklerine göz ýetirensoň,esli oýlandy.Ol musulman dogamanlarynyň,
mollalarynyň özlerine düýrmegi bilen ynanýan adamlara edip bilýän täsiri barada köp
zat eşidipdi. Üstesine-de,Eýrana gadam basmak bilen şol dogamanlaryň özlerinem
görüpdi, adamlaryň olara köre-körlük bilen ynanyşlaryna-da şaýat bolupdy.Gajar
goşunynda-da doga ýazyp berýän,çüfleýän sowatly adamlar bardy.Olar Blokwiliň hut
gözüniň alnynda duza, kişmişe,dikeç nabada dem salypdylar.Dem salnan zatlardan
serbazlaryň nep tapany kändi.Blokwil bir zada ýürekden uýmaklygyň uly netije
berýändigine ynanmaly bolupdy.
Bir gezek Blokwil surnaýçylar toparynyň din ündewçisi bilen özara gürleşip
durka,orta ýaşlaryndaky serbaz oňa ýüz tutdy.Ol özüniň her sagatda diýen ýaly aýak
ýoluna gitmeli bolýandygyny,şonlukda, halys ysgyndan düşendigini aýdyp,ýardam
etmegini sorady.Tersokan diýilýän din ündewçisi ilki bilen-ä serbazyň iki gözüniň
arasyna sag eliniň süýem barmagy bilen esli salym basyp durdy.Soňam onuň gözlerine
özüniň ujy hanjarly ýaly nazaryny dikip durka,serbaz üçin düşnüksiz sözleri
samrady.Yzyndanam parsçalap: «Şu günden şeýläk iki günde bir gezek,diňe daň saz
beren wagty aýak ýoluna gidersiň» diýip, buýruk berýän ýaly äheňde aýtdy. Minnetdar
bolup giden serbazyň yzyndan garan Blokwil içini gepletdi: «Saňa oýnatgy serbaz
diýerler!»
--Siziň çüfläniňizdeň oňa peýda bolarmyka?
Tersokan örän ynamly jogap berdi:
--Iki gün geçensoň, bar-da,özüň sorap göräý.Edil meň aýdyşym ýaly bolar.
Blokwil öz ýanyndan tersokanyňam üstünden güldi.
Bolan waka pereňliniň ýadyndanam çykyp gitmelidi welin,dörän ýagdaý ony
ýene geçen wakanyň üstünden eltdi.Aradan sekiz-dokuz gün geçensoň,Blokwil ýene
şol tersokan bilen dünýä wakalary barada gürrüňleşip durka,içi geçýän serbazyň öz
ýanlaryna gelýänini gördi-de:
--Jenap,siziň näsagyňyz ýene bärik gelýär welin...—diýip ýylgyrdy.—Içini saklap
bilmeýän bolsa gerek!
Tersokan ýene ynamly gepledi.
--Ol bu gezek başga alada bilen gelýändir.
--Ertirden agşama çermegi elindäki serbazyň şondan gaýry näme aladasy bolup
bilerkä?
--Ynha,ony özüň bilersiň.
Haýdap gelen serbaz tersokanyň öňünde baş egdi,salam berdi.
--Iltimas bolsa...
--Aýdyber,rugsatdyr! Içiň durdumy?
--Içim durdy welin…
Blokwil tersokanyň ýüzüne geň galyp seretdi. Pereňliniň müňkürlik edenini
unutmadyk tersokan, tumşugyny birneme ýokaryk tutup,gabarylýandygyny aňdyrdy.
Serbaz habaryny berdi:
--Içim-a aýdyşyňyz ýaly boldy welin,ýene biraz kömek edäýseňiz diýmäge
geldim…
105
--Içiň duran bolsa,indi näme gerek saňa?
Serbaz utanýan ýaly,ýere seredip durşuna ellerini owkalaşdyryp gepledi:
--Siz maňa daň saz beren mahaly aýak ýoluna gitmegi buýurdyňyz.Biraz
karamrak bolyar.Ukyň şirin pursady ýorgandan cykýp,aýak ýoluna gitmek gaty
ýakymsyz...
Tersokan serbaza sözuni sonlatman,elini ýokaryk galdyrdy.
--Gün dogan badyna bellesem bolarmy?
--Tüýs wagty-da!—diyip,serbaz begençli jogap gaytardy.
Tersokan geçen gezekki eden hereketlerini täzeden gaytalady-da, serbaza pata
berdi. Möhümi bitdi hasap eden serbaz minnetdar bolup gitdi.
Şol mursat öz çakynyň nädogry bolup cykandygyny boýun alan Blokwil gadymy
hytaýlylaryň näsagy em bilen däl-de, söz bilen bejerendiklerini hakydasyna getirdi...
Hut şu mahal öz garşysynda oturan iki sany aýalyň naýynjar garaýyşlaryny
synlan pereňli içi geçýän serbazyň düşen gününi ýatlamaly boldy.Şeýle hem ol
tersokanlaryň edýan işleriniň gaýry çykalgasy ýok adamlara gerekdigi,hatda zerurdygy
hakda oýlandy. “Ynanyp gelen bolsalar,belki, mendenem bulara peýda deger?”
Blokwil Akmaraldan näsag diýilýäniň näçe ýaşyndadygyny,näme bilen meşgul
bolýandygyny bilmegini sorady.
Uklap bilmeýän on alty ýaşyndaky öz deň-duşlarynyňkydan esse ýarym agyr
agramly,iýip-içip,ýarym ukuly,ýarym oýa ýatmakdan gaýry pişesi ýok ýigdekçe bolup
çykdy.
Blokwil özüne tarap siňe-siňe seredende,getirilen aklyga ser salýandyr öýden
aýal elinde saklap oturan düwünçegini öňe uzatdy.
--Boş gaýtmaly diýip,düwünçejik getiräýdik biz-ä.Molla pereňliň nepi degse...
Degerem enşalla!
Tersokan derisine girmeli eden Bloklwil,ozaldanam şeýtmäge endik edip giden
ýaly,düwünçegi tolgunman açdy.Onuň içinde her biri edil towuk ýumurtgasy ýaly
guradylan peýwendi erik bar ekeni. Pereňli erikden penjesini dolduryp aldy-da,ysgap
gördi, soňam olary bir bölek ak kagyzyň üstünde goýup,siňe seredip oturdy.
Pereňli molla diýilýän “tersokanyň” edýän hereketleriniň birini hem sypdyrman
synlap oturan iki aýal dört sany medet dileýän bakyşly göze öwrüldi.
--Siz haýsy mülkden bolmaly?
--Soltanyz mülkünden, molla aga.
Blokwil Merw alnandan soň çeken kartasyny ýatlady.Soltanyz mülki Mary
galasynyň günorta-gündogaryny alkymlap oturan oba bolmaly Soltanyzdan Semendige
çenli hem üç farsah töweregi ýol ýatyr.Yzyňa gaýdaňda-da şonça.
Göz çaky bilen öňi-yzy ölçän Blokwil myhmanlaryna tabşyryk bermäge başlady:
--Ertir namazy wagtyndan soň pyýadalap bir atlynyň yzyna düşen näsag Semendi
giň ilersindäki depäniň daşyndan üç gezek aýlansyn-da,birneme «hähini» alansoň,ýene
yza gaýtsyn.Ajygsa, nan iýsin,suwsasa, suw içsin.Çaý içmesin.Ukusy tutsa,uklamasyn.
Semendikden yza gaýdylanda,orta ýoldan gesilensoň,Seýitnasyr öwlüýäsi gabat geler..
--Dogan,muň bilmeýän zady ýok-da!—diýip,aýallaryň biri pyşyrdady.--Beýleki
aýdylany tassyklap baş atansoňsoňam,öz geňirgenmesini özi kanagatlandyrdy----Ozi
tersokan molla bolsa,öwlüýäleri bilmezmi..
106
--Seýitnasyr öwlüýade dyz epip, kurhanyň «Yhlas» süresini okap gaýtsyn.Ozi
bilmeýän bolsa, ýanyndaky okasyn...
--«Yhlas» suresi haýsy bolýaka?
--«Kulhualla» -- diýip,Blokwile derek Akmaral jogap berdi.
--Ýene gaýtalaýan,çaý içmesin,suw içsin.—Aýallaryň öňünde hakyky molla
öwrülen Blokwil düwünçekdäki erikleriň köpüsini yzyna gaýtardy.—Agşam ýorgana
girmezinden ozal şu eriklerden ýekejesini maňlaýynyň üstünden üç gezek aýlap,agzyna
salsyn.Iýende-de çüflenen erigiň özüni uklatjakdygynyň pikirini etsin.Ýassygy hem
gaty belent bolmasyn.Kellesini ýassyga göyanda-da,tersokan molla barada
oýlansyn.Men oňa uklamagy buýurýan.
Uklap bilmeýäň ýigidiň enesi bolsa gerek,eýýäm kalby takat tapan aýal erikleri
eteginde saklap oturyşyna:
--Bir doga-da ýazyp bersin,gyz!—diýip,Akmaralyň ýüzüne mylaýym nazar bilen
seretdi.—Sen-ä,keýgim iş bitirdiň.Sen bolmadyk bolsaň,pereňli molla biziň ýüzümizede garajak däl ekeni.
--Pereňli hemme kişiň möhüminem bitirenokdy welin..—diýp,Akmaral gülmänyşman gepledi.—Siziňki oňuna boldy.
--Hudaý oňuna edýändir!
Blokwil başyny başlan mollalyk işini ahyryna ýetirmeli etdi.Ol eline alan bir
bölek kagyzynyň ýüzünde esli salym galamyny oýnadyp oturansoň,öz dilinde: «Sua kop
akkompli tut le intenslon de bon žan1» diýen sözleri ýazdy.
--Muny näme etmeli?
--Ony agşamlaryna näsagyň ýassygynyň aşagynda goýuň! Öz eli bilen goýsun.
Blokwil bu hereketlerini sada adamlaryň üstünden gülmek üçin däl-de,olaryň
göwnüni ýykmazlyk üçin etdi.Şeýle hem ol «dem salan» eriginden,beren dogasyndan
peýda boljakdygyna ynandy.Sebäbi ýörite gelen adamlar pereňlä halys ýürekden
ynanýp gelipdiler.Has beterem Goltanyzdan Semendige paý-pyýada gidip gelen adam
düýpli näsag bolaýmasa,derrew agyr uka gitmelidi.
Iki aýal pereňli molla,Akmarala,ýüzugra Annabibä-de alkyş baryny aýda-aýda,
ýola düşdi.
Aýallaryň diline düşen,täze dörän tersokan pereňli mollanyň dabarasynyň dag
aşjakdygy bolsa ikuçsyzdy.
Blokwil Gebang diýilýän Hindi palmasynyň ömründe ýekeje gezek,onda-da diňe
ömrünin gutaryp, gurajak ýylynda gülleýändigini ýatlady.Ol özüni hem bu ýyl
tersokanlyk edip,ömrüniň iň soňky ýylyny ýaşap ýorendirin öýtdi.Ol öz tapan
deňeşdirmesine özi ýylgyrdy.
Aýallar ýola düşenlerinden soň kän mahal geçmänkä,Eýemyradyň guýusyndan
suw almaga gelýän gajar göründi.Onuň guýa gelşi hem düşnüksizdi.Suwa gelýän
adamyň elinde küýze ýa-da suwkädi bolmalydy.Ýesir gajar welin uzyn ellerini
hallanladyp,boş gelýärdi.Onuň pereňliniň ýanyna peýwagtyna oturmaga gelip
bilmejekdigi-de düşnüklidi.
Ýesir gajarkepbäniň agzyna gelip,aýak çekdi-de,salam-heligi hem unudan ýaly:
1
“Ýagşy adamlaryň arzuwy hasyl bolsun!”
107
--Agabeg!—diýip,sojady.—Men öz gulagym bilen eşiden habarymy size aýtmaga
geldim.
Blokwil özüniň tersokan molla bolşy barada aýdyljakdyr öýtdi.
--Senem menden doga almaga geldiňmi?
Ýesir gajar aýdylana düşünmedi ýa-da eşitmedi, ol hakda oýlanman,getiren
habaryny aýtdy:
--Şu gije sizi ogurlajakmyşlar,Agabeg!..
Habar ýakymsyzam bolsa,manysyny kellesinde aýlap ýetişmedik Blokwile täsir
etmedi.
--Ogurlajakmyşlar?!—diýende,onuň sesi hem üýtgemedi.—Ogurlanar ýaly men
nä bir tokga altynmyşymmy?
--Hawa,ogurlajakmyşlar.Sizi bu ýerden ogurlap,başga ýerde satjakmyşlar.
-Ony saňa meni ogurlajak adam aýtdymy?
Gajar öz getiren gaty möhüm hasaplaýan habaryna kembaha garalýandygyny
halamady.Bolsa-da ol öz adamçylyk borjuny bitirmek isledi.
--Maňa ony Merwiň etegindäki Gökje mülkünden meň Agabegimiň öýüne tohum
äkitmäge gelen ýesir ildeşim aýtdy.
--Menem sen ýaly bendi ahyryn.Ikimiz kime gerek? Ogurlanmasamam, bu
günde-ertede azat bolmajagym çyn.Bendilikden bendilige düşeniň üçin nä ýagdaýyň
üýtgeýamişmi?
--Oňa baha bermek meň işim däl,Agabeg.Meňki ýöne eşitdirmek.Bir bähbit
görmejek adam bendini ogurlap,bendilikde saklajak bolmaz ahyryn.Sizi satyn almak
üçin biziň merhemetli patyşamyzyň wada berendigini bizem eşitdik,türkmenlerem
bilýär ekeni.Belki, sizi Eýran patyşasyna satjakdyrlar..
Habar getirende gyssanany üçin salam bermedik gajar,gidende bolsa aýdan wajyp
hasaplan täzeligine ullakan üns hem berilmäni üçin pereňli bilen sagbollaşman diýen
ýaly gitdi.Ol Akmaralyň öýüniň aňyrsyna aýlanyp gözden ýitensoň,Blokwil özüne gelen
ýaly boldy.Gajaryň getiren habary,has beterem onuň Nasretdin şanyň wadasy baradaky
gepi täzeden güýje girdi.
Blokwil tolgunyp ugrady,özi barada ile ýaýran badyhowa gepler hakynda
oýlandy.Eýemyrat goňuryň öz ýesirine kesen nyrhyny ýene telim esse galdyrjakmyş
diýip,düýn-önnün gulagyna ýeten
habaryňam düýp manysy indi onuň aňyna
ýetdi.Bendiniň elini-aýagyny baglap, bir obadan başga bir oba eltäge-de ,dört-bäş müň
tümen nyrh kesip biljek adamlaryň ynsap barada oýlanmajaklary çyndy.Blokwiliň
kellesinde ýene Buhara,Hywa diýen howply sözler aýlanyp başlady.Iň bolmanda,tümen
gazanmak maksady amala aşmasa,aýak yzlaryny bozmak islän betpälleriň bendini
ýandak küdesiniň üstüne taşlap, aşagyndan ot bermeklerem mumkin.Şeýle wakalar
hyýalyna gelende, Blokwil şujagaz gününe-de şükür edýär.Garny doly doýmasa-da,
açlykdan ölmek howpy ýok,dündizlerine aýagy-da köplenç gandalsyz.
Blokwil gop berlen ýaly bolup ýerinden galdy-da,göni Akmaralyň bolýan gara
öýüne tarap ýöneldi.Ol çalt ýöräp baranam bolsa, gapa ýetensoň aýak çekdi-de,
Mämmedöwez pälwana öýkündi.Ardynjyrama jogap gelmänsoň,Blokwil seslenmeli
boldy.
108
--Akmaral! Man banda Žorž.Haheş mikonäm,biýand birun,bäraýýe şoma häbäri
daräm .
Eňsi takyrdady-da, gara gapy bilen garamtyl kilim aralykdan Akmaralyň ak ýüzi
göründi.
--Çe häbär? Guş mikonäm. Beguid!2
Blokwil habaryny berende,birbada aňk-taňk bolan Akmaral aýdylan howp edil
häzir amala aşýan ýaly ýakasyny tutdy.
--Ony saňa kim aýtdy?
--Tanyş gajar ýörite gelip, aýdyp gitdi..
--Beýle bolsa,Eýemyrat dädeme duýdurmaly eken-dä!
--Siz bolmasaňyz,oňly düşündirip bilmezmikäm öýdüp bärik gaýdyberdim.Meni
bagyşlaň!
...Ýesiri yzyna tirkäp,Akmaralyň gapyda peýda bolmagy edil şol mahal
bosagadan daşaryk ätlän Eýemyrady ör-gökden getirdi.Ol ikisiniň bile gelmegini
halamadyk öý eýesiniň sesi tutuksy çykdy:
--Kelte tirkelen ýaly bolup durşuňyz näme?
--Şu gije pereňlini ogurlajakmyşlar,Eýemyrat däde..Şony aýdaly diýip geldik.
Habar geňem bolsa,Eýemyrat geňirgenmedige meňzedi.
--Ony saňa kim aýtdy?
Akmaral Blokwile tarap seretdi.
Dogrusyny aýtsa,habar getiren gajaryň gününiň kynlaşmagynyň ahmaldygy
barada oýlanan pereňli hakykatdan gaçgalaklady.
--Kimden eşidileni wajyp däl,habar wajyp,Agabeg.
--Onyň-a dogry,pereňli... Be-e,şeýle gep öňem meň gulagyma ýetýädi welin,ahyr
çyn boljag-ow!--diýip,Eýemyrat edil häzir gijemeýän ýeňseçukuryny gaşady.—Boş
gürrüňdir öýdüpdim men-ä..
Habary diňlän Eýemyrat belli bir jogap hem gaýtarman, öýüne sümüldi,derrewem
yzyna çykdy.Onuň elinde sapança bardy.
Goşa nilli pereň sapançasyna Blokwil hyrydar nazar aýlady.
Eýemyrat ýaragy ýesire uzatdy.
--Me,sapançany bir yanyňda sakla!
Blokwil öz sapançasyny höwes bilen alsa-da:
--Esgeriň oksuz sapançasyndan çopanyň taýagy gowudyr,Agabeg!—diýdi.
--Gaty beýle-de däldir!—Eýemyrat ýylgyrdy.—Ogry halkynyň gorkýan zady
ýarag bilen gözdür.Ýogsam, gözüňem oky ýok ahyryn. Çopan taýagyndan haýwan
gorkýandyr. Hudaýa şükür,indi iki gözüňem öňküsi ýaly görgür.Geleniň kimdigini
saýgararsyň. Sapança oksuzam bolsa, ýanyňda dursun.Türkmende «Ogry syrty
gowşak» diýen gep bar.Batyr adamam söweşe girende ölümden gorkmaz
welin,ogurlyga gitse,görer gözden gorkar.Gorkaga ähli zat goşa görünermiş.Seň oksuz
sapançaňam oňa okly bolup görüner.
--Ogrular gelse,men olara näme diýmeli? Oksuz sapança bilen nädip goranaýyn?
1
1
2
Akmaral,men bende Žorj.Biraz bärik çykyň.Gen habar bar.
Näme habar? Men gulak asýan.
109
--Sapançany çene-de «Ataryn!' diýip gygyryber.Ogrynyň ýene bir gorkýan zady
galmagaldyr…
Eli oksuz sapançaly Blokwil tä kepbesine ýetýänçä «Ataryn!» diýen sözi içinden
gaýtalap gitdi...
* *
Guýa gaçan oglanjykdan serpaý düşen silkme telpegi çümre geýip,köne ýorgana
dolanyp oturan pereňli pikir atynyň töýnaklarynyň dükürdisinden ýaňa,gije bir çaka
baranam bolsa, uklap bilmedi.Onuň şeýle ýagdaýda ertire çenli hem çirim etmejegi
çyndy.
Daşary imi-salalykdy.Türkmenlere endik bolan agşamky çaý-çörekden soň birbiregiň öýüne ýygnanyşanlar gaýdyşsa, ýatar wagty boldy diýildigidi.Pereňliniň çakyna
görä,ogry-jümrüler,betpygyl adamlar diňe şondan soň maksatlaryny amala aşyrmak
bilen bolmalydylar.Ýatar wagty hem bireýýäm geçip gidensoň,Blokwiliň aladasy hasam
artdy.
Pereňli ýesir Eýemyrat Agabeginiň öz bendisini mugt elinden gidirmek
islemeýändigini bilýär,ýöne başga bir zada welin düşünmeýär.Eger-de Eýemyrat göňur
«Bendisini ogurladypdyr» diýen ýaman ada galmak islemeýän bolsa,eger-de Eýemyrat
goňur öz bendisini satyp gazanjak pulundan dynmak islemeýäň bolsa,näme üçin ýesiri
agzy açyk köne kepbede galdyrýarka? Näme ücin ol ýaman niýetli adamlaryň gözüne
çöp atmak maksady bilen,neneň-niçik bolýança,iň bärkisi, gijesine beri ony öz öýüne
ýatmaga çagyraýmaýarka? Ýa-da ol şeýdäýse,öz jany hem howp astynda galar
öýdýärmikä? Belkem, ol ýesir ogurlansa ogurlansyn,öz janym aman galsa bolýar
diýýärmikä?
Birdemem gijelikde kepbä tarap süýşüp gelýän gara zat göründi. Namedigi açyk
aňdyrylmaýany sebäpli, gelýän gara hasam gorkunç zada meňzedi.Onuň ýap-ýaňyja öz
kellesinde Agabeginiň bolşy baradaky dörän sowallarynyň jogabydyr öýdüp çak
etmänsoň, ýesir ýetip gelýän howpy garşylamaga häzirlendi,oksuz sapançasyna
ýapýşdy. Emma:
-Sen entek uklaňokmy-ow,pereňli molla?—diýip, kepbedäki gymyldyny duýan
Eýemyradyň sesi geldi.Onuň äpet bir gara zat bolup süýşüp gelmeginiň sebäbi bolsa,
egninde keçä dolangy ýorgan-ýassyk bar ekeni.
Içi ýorganly keçe gapdalyna güpläp düşensoň, Eýemyradyň maksadyny bilen
Blokwil:
--Siz geldi,Agabeg?—diýdi, hemem öz hereketiniň alagaraňkyda görünmejegini
bilse-de ýylgyrdy.
--Hawa,biz geldi!—diýip,ýesiriň çalgyrt gepleýşine öýkünen Eýemyrat kepbäniň
bir böwründe düşegini ýazmaga durdy.
Agabeginiň bu hereketini,bir tarapdan,özüne hormat diýip kabul eden pereňli oňa
ýakymly söz aýtmak isledi.Emma ony-da öz göwnüniň isleýşi ýaly derejede aýdyp
bilmänsoň,diňe:
--Ýagşy,Agabeg,ýagşy!—diýmek bilen çäklendi.
--Elbetde,ýagşy.Hudaýa şükür,ýagşy!—Ýüz-gözi-de görünmeýän Eýemyradyn
güňleç sesi alararaňkylygy böwsüp, pereňlä ýetdi.—Ýekeden iki gowy bolarda.”Ýekelik Hudaýa ýagşy” diýip,ýöne ýere aýdan däldirler.—Kepbede jogap sozi
eşidilmänsoň,ýene Eýemyradyň özi geplemeli boldy.—Senem-ä biz diýip görgi
110
görýänsiň welin,pereňli molla,bizem sen diýip, az let iýemizok.Hernä niýetimiz
çepbesine çöwrülip,okan namazymyz ürküzen gurbagamyza degmän durmasa ýagşydyr.
--Ýagşy!—diýip,Blokwil Agabeginiň aýdan sözlerinden özi üçin düşnüklisini
gaýtalady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 12
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.