Latin

Keseki - 04

Total number of words is 3757
Total number of unique words is 2222
30.6 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýaşlaryndaky ýigdekçedi.Yssy hem edibilenini edýärdi.Otly epgekden ýaňa ýesirleriň
ýüzi,boýun hamlary gotur açan ýalydy.
Şor tümmegiň ýanyna gelip duran üýtgeşik adam ýaşuly ýesiriň ünsüni çekdi.
--Gajarlaň arasynda ylmyň aňrybaşyna çykan bir pereňli bar diýýädiler welin,şu
adam şol bolsa gerek.
--Ylmyň çür depesine çykan adamyň täk özüni janpenasyz—zatsyz meýdana
goýbererler öýtdüňmi?
--Özem ylmyň aňyrsyna çykan bolsa, hökman ýetmiş iki dil bilmelidir-diýip,ýesirleriň biri welilik etdi.
--Aý,oň bolup durşy-ha dile düşünýän adama meňzänok—diýip,ýene biri
Blokwile öz bahasyny berdi.
Ýaşuly özüniňkini mamla etjek boldy.
--Ony biljek bolsaňyz, bir zat diýip göräýiň Ýetmiş iki dil bilýän bolsa,haýsy
dilde gepleseňem, mana düşüner.
--Heý,ýetmiş iki sany hem dil bolarmaýt? Gajar diýersiň,özbek diýersiň,gazak
diýesiň-de, bäş-alta ýetersiň welin, dil gutaraýar-da.Ýetmiş iki dili nireden aljak?
--Bir zat soraýsaňyzlaň!.
Sowal bermeli ýesir Blokwile seredip:
--Eý,sary adam,seň adyň näme bolar?—diýdi.
Ozüne bir zat diýlenini aňan Blokwil ýylgyrdy,ýöne sesini çykarmady.
--Türkmençe-hä bilmeýär ekeni.Hany parsça-da bir zat diý.
--Eý,sary adam, ob,ob!
Ýene ýylgyran Blokwil,tanyş söze düşünip,derýa tarap elini salgady.
--Ob! Ob!
--Gördüňizmi? “Ob’ diýildi welin gozganyberdi.Gajar ekenilaýt!
--Gozgansa-da,şü adam gajara-ha meňzänok.
--Aý,gajarlaňam türkmeniň saryk,ärsary diýen ýaly, ýomut diýen ýaly
taýpalarynyň birinden bolsa nabilýäň?
--Bu na bize beýle siňe-siňe seredip durka, walla?
--Tanajak bolýandyr!
Dogrudanam,Blokwiliň ýesirlere dikanlap seredip durşy geňdi.Ýesirler ol adamyň
özleriniň daş sypatyny ýörite synlamaga gelendiginden bihabardylar.Bendilere esli
salym ser salan Blokwil: “Antropologlar türkmenler mongolpisint bolmaly diýjek
bolýalar welin,bular-a beýle däl ýaly—diýip, içini gepletdi.—Şu dört türkmen
kelleçanagynyň gurluşy bilenem,ýüzleriniň tegelek däldigi bilenem mongolpisinde dälde,ýewropisinde çalym edýär..”
Günorta tarapdan peýda bolan iki sany serbaz bir agyr zady süýräp ,bärligine
gaýtdy.Getirilýän üç gün mundan ozal ele düşüp öldürilen türkmeniň jesedidi.Serbazlar
jesedi ýesirleriň ýele tarapyna getirip taşladylar.
Jesetden şeýle bir agyr ys gopýardy welin,diýip-aýdar ýaly däldi.Beýle ýagdaý
ýesirleriň ozalam kyn gününiň üstüne urna boldy. Suwsuzlygam birbada unudyldy
diýen ýaly.Jokrama yssyda çişip, porsan jeset daş-töwerekde dem alar ýaly etmedi.
Heniz ömründe jeset görmedik ýaş ýigidiň sesi naýynjar çykdy.
33
--Kertik aga,meň ýüregim bir hili bolýa.
“Ýüregi bir hili” bolýan oglanyň derdine em etmäge ýaşuly ýesirde-de hiç hili
çäre ýokdy.Ýöne ol:
--Inim,sen erkek adam ahyryn!—diýip,birneme gyjalatly sözler bilen ýigdekçäni
köşeşdirmek isledi.
Petiş howada çöp başy gymyldamasa-da,serbazlar şemal öwüsýän tarap
hasaplap,jesedi birneme günbatara süýşürdiler.Ol hem ýigdekçäniň gabat garşysyna
düşdi.
Ýesiriň urlandygy,gynalandygy jesetden bildirip durdy.Goparylan çep gaşynyň
gan öýlüp hoňkaryp duran ýeri gözüň üstünden göýlan ýene bir aýylganç göz ýaly bolup
durdy.Kowelip yatan,içi bireýýäm gurap giden agyzdan dalaga meňzäp,gögerip giden
gorkunç dil çykyp ýatyrdy.Iç-daşynyň gany doňan hem çişen töňňeli burun jesediň
ýüzüni aýylganç bir zada öwürýärdi.Niredendir bir ýerden ysyň yzyny yzarlap gelen iki
sany ullakan ýaşyl siňek jesediň maňlaýyna gondy.Olar ganjaryp duran maňlaýyň
üstünde biri-beýlekisini itekläp keýp çekdiler,gezek-gezegine ýokary galyp,ýene aşak
indiler.
Jesedi getiren serbazlar gidibermekçi bolanlarynda, Blokwil öz gol astyndaky
esgere ýüzlenýän ýaly bolup batly gygyrdy.
--Saklanyň!
Aýak çeken serbazlar habara garaşdylar.
--Jesedi aýryň bu ýerden!
Geplän serbaz buýruk berene däl-de,jesede seretdi.
--Aýyrmaga hakymyz ýok,agabeg.
--O niçik hakyňyž ýokmuş? Siz o jesedi getirmäge hakly-da,aňyrrakda goýmaga
haksyzmy?
--Buýruk buýruk-da,agabeg.
--Beýle buýrugy kim berdi size?
--Şahsewentli müňbaşy Hurşyt han.Öžem edil şeýdip goýmagy buýurdy.
Blokwil söz diýmedi.
--Şahsewentli Hurşyt hana-da uly sertip şeýtmegi buýrupdyr—diýip,ikinji serbaz
hem aýdylanyň üstüni ýetirdi.
Serbazyň “Uly sertip” diýýäni Gara sertipdi.Blokwil dymmaly boldy.
Blokwil ýöwsellemedi, öz diýenini gögertmeli etdi.
--Eger özüňizem şol jesediň ýanynda gyşarmak islemeseňiz, aýdylany ediň!
Ýagdaýyň geň däldigine düşünen serbazlar buýrygy berjaý etmeli boldular.
*
*
“…Türkmemler näçe gaýduwsyzam bolsalar,tilki sapalaghyny
atyp,gündiz ugry kän göze görünmeýärdiler. Gije düşdügi
welin, kirpigi çalşan garawullaryň kellesini kesip, ýarag baryny
ogurlap gidýärdiler.”
BLOKWIL.
34
Blokwil öz düşen güni,ertirki ykbalynyň näme sowgat getirjekdigi hakda oýlanaoýlana,gaty giç uklanam bolsa,adaty turýan mahalyndanam ir öýandy,çadyryň içi
onçakly kapas bolmasa-da,dymyk howa depesinden basýan ýaly,daş çykaýanyny kem
görmedi.Ol eňsini goýberensoň,iki ädim ätdi-de,aýak çekdi.Öz öýünde ir saherde
daşaryk garanda, gözüne dolýan belent ymaratlara derek keşbini beýan etmek çetin
dünýä göründi.Onuň pikirine görä,eýeleri parahat ýaşap ýören mahalynda-da
ýewropalynyň nazary eglenäýjek zat baryndan ýogy ýakyn Gündogaryň bu nokadynda
göwün galkynarlyk,göz eglenerlik görnüş bolmaly däl ýalydy.Goja dünýäni ýigdeldip
görkezýän tomus säheriniňem bu tebigata täsiri ýetmeýän bolarly.Blokwiliň bu ýerde
her gören närsesini Pereňistanyň şoňa meňzeşräk närsesi bilen deňeşdirmäge endik eden
nazaryna görä-hä, tapawut ýer bilen gök ýalydy.Ýowuz tebigatynyň ýalynly howasy bu
ýerlň agaçlarynyň zanny ýaşyl bolmaly ýapraklarynyňam reňkini üýtgedipdi,olara
ýanan topragyň küljümek möhürini basypdy.Her hal,bu ýerde-de adamlar
ýaşaýardylar.Bu ýerde-de Gün dogýardy,Gün ýaşýardy. Blokwil bu günki başlanan
säheriň 1860-njy ýylyň 28-nji iýuldygy barada oýlandy,alysda galan ata Batanyny terk
edeni bäri müňlerçe ýyl geçen ýaly bolup duýuldy.Parslaryň türkmen kendi Merwi däri
ýakman,ok atman basyp aldyk hasap edenlerine-de şu guň dokuz gün bolýardy.Şol
dokuz günüň üç güni ýeňiş dabarasynyň ýelgini bilen duýdansyzrak geçenem
bolsa,beýleki günler Blokwile juda giç ýaşup,sagat adatdakysyndan haýal işleýän ýaly
bolup duýuldy.
Türkmenleriň her gijeki
bölek-büçekleýin çozuşyndan çekinilip,müňlerçe
atyň,eşegiň hem beýleki mallaryň şäheriň çäginden çykarylman saklanmagy,gaýry
aladasy hem bolmansoň,tapdygyndan gije-gündiz iýip-içip ýatan ýigrimi müňdenem
gowrak goşunyň hajatynyňam gabat gelen ýerde pytrap ýatmagy netijesinde iýulyň petiş
yssysynda ýerden göterilýän dymyljak ys adamlaryň dem almagyny agyrlaşdyrýardy.
Gara sertibiň buýrugy bilen şemal ugrundan gelýän ys-kokdan birneme daşlaşmak
üçin serkerdeleriň çadyrlary Marynyň günbatarynda Garaahmet obasyna gidýän ýoluň
gyrasynda dikilipdi.Blokwiliň çadyry hem olaryň golaýyndady.Birneme daşlaşylsada,porsap ýatan kendiň
howasynyň täsiri ol ýere-de ýetýärdi.Beýle ýagdaý
Ýewropanyň arassalygy bilen öwrenişen Blokwile örän ýokuş degýärdi,käte bolsa bu
ýere gaýtmaga döwtalap bolany üçin öz-özüni-de kötekleýärdi.
Häzir älemi synlap duran pereňli başga zat hakda-da pikir edýär.Maşatdan
çykylyp gaýdylaly bäri,her gezek başga bir görňüşde gaýtalanýan düşnüksizlik henizem
dowam edýär.Blokwil Eýran serkerdeleriniň özlerini alyp baryşlaryna akyl ýetirip
bilmeýär..Olaryň Mary topragyna gadam basanlaryna-da bir aý töweregi bolup
ýör.Emma agyr sülsadyň kethudalary henize çenli hem boş şäheri eýelänleri bilen
kanagatlanyp ýörler.Olar ne-hä şäheri taşlap yza çekilýärler,ne-de şäheri taşlap
gidenleriň üstüne hüjüme geçýärler.Gaýtam, gün saýy dogumlanýan türkmenleriň özleri
gajarlaryň üstüne häli-şindi çozuş edýärler.Hut öňňun öýlän bolan çaknysygy-da şähere
assyryn golaýlan türkmenler başladylar.Çaknyşyk türkmenleriň peýdasyna
gutardy.Gajarlaryň ýitiren serbazlarynyň sany otuza golaýlady.Blokwiliň baha
bermegine görä,wagt türkmenleriň peýdasyna işleýär..Yssy howa-da,aýak astyndaky
gyzgyn topragam türkmenleriň bähbidine.Beýle ýagdaý uzak dowam ediberse,ýeňşiň
gajarlaryň tarapynda galjagy-da belli däl.Ýörişiň soňky nokadynyň goýulmaly güni-de
barha aňryk süýşjek.Gajarlar garşydaşlaryny tizräk boýun egdiräýmeseler,aňyrda gyş
35
hem alysda däl..Gyşyň düşmegi bilen bolsa, azyk-owkat meselesi-de,mal-garanyň otiým meselesi-de şu mahalkysyndan agyrlaşmaly bolar..
Fransuz goşunynyň kapralynyň harby adam hökmünde çak edişine görä,tekeleriň
Maryny taşlap, Garaýaba çekilmekleriniň eýranlylar üçin bähbit boljagy-da belli
däl..Beýle yza çekilmekden soň,yza çekileniň söweşde rüstem gelen gezeginiň-de
taryhda köp bolandygyndan Blokwil habarly.Hut häzirem ol türkmenleriň yza
çekilmegi barada oýlananda,öz ildeşi Napoleon Bonapartyň rus goşunlarynyň söweşsiz
taşlap giden baş şäherini eýeläninden soňam gutarnykly ýeňlendigini ýatlamaga mejbur
bolýar..Ol waka elli ýyl mundan ozal bolupdy ahyryn.Kim bilýär,belki,Gara sertibiň
göwňüýetmezçilik bilen gürrünini edýän Gowşut hany ruslaryň Kutuzowy ýaly
duşmana al salmak hakda oýlanýp ýörendir,belkem,ol bu toprak üçin hakyky
serkerdedir.Taryhy wakalar,taryhy şahslar gaýtalanyp durýar ahyryn…
Säher oýlanmasyndan aýňalyp,uzak gözýetime ýene bir gezek nazar salan
Blokwil agyr goşunyň hem oýanyp ugrandygyny duýdy..Onda-munda peýda bolan
tüsse,egrem-bugram ýoda ýaly bolup,säheriň parahat howasyny bölüp, asmana
göterildi.Bolsa-da,goşunyň agramly bölegi entek ukudady,--Blokwiliň gözüniň kesýän
çadyrlarynyň töwereginde gaýda-gaýmalaşyk ýok.Goşun aýak üstünde bolsa,hökman
bildirmelidi.Cünki barjamlyraklarynyň bolaýmasa, serbazlaryň esasy böleginiň üstüni
çadyra derek Merwiň belent asmany örtýär.Olar goş-golamlaryny ýorgan-düşege
öwrüp,çem gelen ýerde,ýalazy meýdanda ýatmaly bolýardylar.Irden başga aladasy
ýok,ertir namazyny okamaýan serbazlar kebzesini Gün gyzdyrýança ýerindenem turjak
bolmaýarlar.Merw galasy eýelenenden soň-a olara azar berýänem ýok.
Ähli borjy ýerleri karta geçirmek bolan Blokwil eýýäm töwerege belet bolubam
ugrapdy.Ol entek üstünden geçip,öz gözi bilen görmedik obalarynyňam köpüsiniň
hirede ýerleşýändigindenem az-kem habarly.Merwden ilerki oba Soltanyz
diýilýär.Semendukden bir farsah bärik geçseň, derýany gujaklap oturan gür bagly oba
bar.Oňa Gojugyň bagy diýilýär.Ony käte Çogdy diýen at bilenem bulaşdyrýarlar.Emma
Çogdy ondan gündogarrakda.Gojugyň bagyndan ilerde Hojaýap obasy
ýerleşyär.Mülkbükri Mülkbagşy,Gökje,Goňur... Burkaz obasy bilen Gökjäniň arasyny
Murgap derýasy kesip geçýär.Ondan günbatarda Egrigüzer,Peşanaly,Akybaý...Tekeleriň
Merw galasyny taşlap, gaçyp baran Garaýap diýilýän berkitmesi hem şol töwereklerde
bolmaly.Ilat Garaýaba Gulaklygala-da diýýämişin.Onuňam öz gyzykly taryhy bar..
Blokwil entek ol ýerleriň köpüsini görenok.Ýöne ol dilmaçlardan,ýesirlerden,bilýän
adamlardan sorag-ideg etmäge hiç ýaltanmaýar..Hatda ol serkerdeleriň bilmeýän ýerýurt atlaryny-da bilýär.Onuň alan maglumatyna görä,Burkaz mülki bilen Ýary Gökje
mülküniň arasyndan öwrüm edýan Murgabyň sag kenarynda Mary tekeleriniň
kethudasy Göwşut hanyň öýi bolmaly. Gowşut han diýilýan serkerdä türkmenleriň örän
uly sarpa goýýandyklaryndanam Blokwil habarly...
Birdenem säheriň ümsümligi bozulyp,Soltanyzyň gunbataryndan bir tozan peýda
boldy.Ara açygrak bolansoň, turan tozanyň sebäbi entek düşnüksizdi.Ýöne onuň dört
sany atlynyň tozanydygyny Blokwil aňşyrdy.Heniz ukudan oňly açylmadyk serbazlaryň
bu mahal at çapyşmajaklary,awa-şikäre çykmajaklary bellidi.Sebäp ýok ýerinden atlary
beýle gyssamagyň bolsa geregi ýokdy.Ol örän syrly tozandy.
Kän nahal geçmänkä-de,zowwam uzyn zolagy tutup ýatan serbazlaryň ileri
çetinde galmagal gopdy.Yarym ukuly gajarlar basga düşdi.Şol ýagdaýdan hem dört
36
atlynyň birneme golaýlamagyndan many alan Blokwil säher “myhmanlarynyň” gara
kelläni etege salyp gelen türkmenlerdigine göz ýetirdi.
Atlylar golaý geldikleriçe, goh-galmagal, ahy-waý Blokwiliň gulagyna aýyl-şaýyl
eşidilip başlady.Bir seretseň,goşunyň içine ýyldyrym giren ýaly bolup gelýän dört
atlynyň ugry serkerdeleriň çadyryna tarapdy.Ukudan ýaňy açylyp başlan serbazlar bu
geň wakanyň syry öz-özünden açylýança tagapyl edyän ýaly,aňk-taňk bolup durana
meňzeýärdiler.
Blokwil düýşde görünýän yaly bolup,indi has golaýa gelen dört atla tomaşagär
bolup syn etdi.Ol öz gözi bilen görýän ahwalatyna-da ynanmak islemedi.Ynanar ýaly
hem däldi.Elleriniň ýetişdiginden saga-şepe egri gylyç aýlaýan dört atly aňk bolan
sülsadyň arasyndan gaýtawul görmän diýen ýaly geçip gelýärdi.Serbazlaryň käbiriniň
oýna tomaşa edyän ýaly baş yrap durşy Blokwile ömründe ilkinji gezek Mary
topragynda gabat gelen jöwen diýilýän çal kelleli ösümligi ýatlatdy. Dogrudanam,
ozboluşly başgaplary jöweniň başyna çalym edyän serbazlar bu mahal eli ýarag tutmaly
janly adamlara däl-de,şemal haýsy tarapa yrasa,şol tarapa-da gyşaraýýan ösümlige
meňzeýärdiler.Olar kimi ýykyp,kimsäni ýaralap gelýän duşmana gaýtawul
bermelidirem öýtmän,jadylanan ýaly, ölümiň ýolundan bilen bolýardylar.Serbazlar bu
wakanyň düýşdigi bilen hakykatdygyny parhlandyrýançalar,atlylar deňinden geçip
gidýärdiler. Gyýndan çykan gajar gylyçlary howada galgap,deňinden geçip gidenleriň
yzyndan boş haýbat bolup atylyp galýardy.Daş-töweregi diňe özli-özleri gurşap alansoň,
gajarlar duşmana ok hem atyp bilmeýärdiler. Ýöne beýle ýagdaý uzga çekmedi.
Özlerine dürsän gajarlar iki türkmeni derrew atdan agdardylar.
Çadyrynyň ýanynda durup,hakykata sygmajak bu täsin wakany synlaýan Blokwil
hyrçyny dişläp,başyny ýaýkamaga mejbur boldy,özi üçin dost hem däl,düşman hem däl
türkmenleriň gaýduwsyz batyrlygyna guwandy,özi üçin dost hem däl,duşman hem däl
serbazlaryň nalajedeýinlgine haýpy geldi.Birdenem ol haçan geleni näbelli Gara sertibiň
öz ýanynda durandygyny gördi.
--Sabaňyz haýyr bolsun,merhemetli sertip!
Sertipden mahaly bilen jogap bolmany üçin aýdylan sözler ýene gaýtalandy..Bu
gesek sertip:
--Sen ýaňsylaýaňmy,jenap?—diýdi.-- Ýa-da..
--Sabany haýyrlamakdan ýaňsylama bolarmy,jenap? Beýik Alla siziň sabaňyzy
haýyr etsin!
Gara sertip ilerik,düşnüksiz wakanyň gopýan ýerine seredip durka,özi bilen
gepleşýän ýaly hümürdedi.
--Beýik Alla sabamyzy haýyr edýän bolsa,sabamyzyň depesinde beýle topalaň
turzarmydy! O tomaşa bir ser sal ahyryn!
Blokwil sertibe tarap seretmän gepledi.
--Siz ony tomaşa hasap edýäňizmi?
Gara sertip säher howasyny zor bilen içine çekdi.
--Tomaşa kemi-hä ýok welin... Muny men Allanyň bizi iki eli bilen tutdugy hasap
edýän.
--Bu waka Allanyň näme dahyly bar?
Sertip gürrüňdeşine alarlyp seretdi.
37
--Sen musulman däl-dä,jenap.Ýogsam, Allanyň dahyly bolmasa,munça goşunyň
içine dört sany atlynyň girip bilmejegi barada oýlanardyň ahyryn.Päli azyp giräýendede,münläp gylyç dört gylyjy ikinji gezek aýlanmaz ýaly ederdi-dä.
--Bu uly syýasat hem harby hile,general.
--O nähili syýasatmyş? Dört sany sähnäni ajalyň üstüne ibermekden syýasat
bolýamyşmy? Item küşgürseň,şiriň üstüne-de topulýar ahyryn.
--Iti özünden müň esse güýçli ýyrtyjynyň üstüne küşgürmegi başarmagam iňçe
syýasat,jenap.
Gara sertip elini silkip goýberdi.
--Aý,jenap,it itdir-dä.Nirä üýr diýseň,şo tarapa-da üýrer.Ol üýrmek üçin
ýaradylan jandar-a.
--Ýok,jenap, beýle däl.Item öz tanşyna,dostuna üýrmeýärem,topulmaýaram.
Gara sertip aýdylan barada oýlanýana meňzäp dymdy.Şol mahalam galan iki
atlynyň i yzdan barýany boýnuna ýüp salnyp çekilen ýaly bolup,atynyň sagrysynyň üsti
bilen yza agdaryldy.
--Ana,gördüňmi itiň nädilýändigini!—Gara sertip gyzykly oýna tomaşa edyän
çaga ýaly bolup şatlandy.—Ony derrew düýt-müýt ederler
Gaýtarjak jogabynyň sertibiň göwňünden turmajakdygyny öňünden bilsede,Blokwil dilini dişlemedi.
--Ýöne ol düýt-müýt bolmanka,köp serbazyň tenine agyz salmaga ýetişen bolsa
gerek.
Sertip hakykatdan daşlaşman gepledi.
--Dürse dürs diýmeli.Ol aýdanyň dürs,jenap.
Blokwil bu gezek sertibiň göwnüni götermek isledi.
--Hakyky general şeýle-de bolmaly-da..Söweş hakykatyny,eger ol ýakymsyzam
bolsa,gizlemän boýun alýan generala mydama ýeňiş ýaran bolar..
Gara sertibiň bolýan işiň garşysyna gopmaga derek gep otaryp durşy hem dört
türkmeniň agyr goşunyň içinde çarp urup ýörşi ýaly düşnüksizdi.Blokwilem oňa
haýrandy.
Az-kem özüni dürsän Gara sertip birden gozgalaň tapdy.Aňyrrakda duran
serbazlaryna görkezme berip gygyrdy.Şonuň netijesinde-de şazadanyň töwereginde
bolýan saýlantgy serbazlardan on-on iki sanysyny entek diri galan üç atlynyň garşysyna
çykarmaly etdiler.Ýöne saýlantgylaram üç atlynyň özleri bu ýerden urup çykaýmasalar,
hiç zat edip biljek däldiler.Çünki üç atly bilen baş çadyr aralykda telim müň serbaz
bardy.Usti-üstüne ýatan haltalaryň, goşlaryň,suw meşikleriň,düýeleriň,gatyrlaryň,mal
otlarynyň,odunlaryň istünden geçip,duşmana tiz golaýlamak mümkin däldi.Üç atly
bolsa garaşylýanyny öňünden aňan ýaly, baş çadyrla tarap sürmän,jylawy çepe
çekdi.Şol pursadam Blokwil olary az-kem synlamaga ýetişdi.Ol omzundan ak köpük
cykaryp,öne okdurylýan owadan atlara,kellesi ak ýaglyk bilen daňlan üç gahrymanyň
hereketine haýran galdy.
Assa basyp çadyryndan çykan Hemze Mürzä gözi düşen Gara sertibiň injikleri
sandyrady.
--Sabaňyz haýyr,merhemetli şazada!—diýende, onuň inçelen sesi-de ožüniňki däl
ýaly bolup çykdy.
Goşunyň içine bir galagoplugyň aralaşandygyny aňan şazada:
38
--Bu ne ahwalat,sertip?—diýdi.
Şazadadan sowal bolan badyna dogry hem derrew jogap gaýtarmaly bolsada,sertip dymdy.
Nasretdin şadan başganyň öňünde bir sowaly iki gezek gaýtalamagy halamaýan
Hemze Mürze öz endiginden çykmaly boldy.
--Bu nä boluş? Bu nä ahwalat?
Gaýtarjak jogabyndan öňünden gorkan Gara sertip ýaýdandy,ellerini
owkalaşdyrdy.
--Garawullar gaflat ukusynda galansoň,.. üç-dört sany türkmen...
Köpi gören Hemze Mürzäni alada göýan zat onmy ýa-da on bäşmi serbazyň
wepat bolmagy,onmy ýa-da on bäş serbazyň ýaralanmagy däldi-de,çagyrylman gelen
myhmanlaryň töre geçmekleridi..Beýle ýagdaý şazada üçinem biabraýçylykdy.
Gara sertip şazadanyň sowalyna doly jogap gaýtaryp bilmän kösenip durka dörän
ýagdaý oňa kömege geldi..Ýol salan ugurlaryna gidiberseler,ýene az wagtdan goşunuň
arasyndan saýlanmaly türkmenleriň ýene birini atdan agdardylar.Hä zirlikçe
aman
galan dördünji türkmen atynyň jylawyny sülsadyň daş tarapyna çekdi. Ýöne onuň didri
sypany, sypnany belli bolman galdy.
--Ana,türkmen gaçyp gitdi!—diýip,töwerekdäkileriň öz gözleri bilen görüp duran
wakasyny olara habar bermek bilen Gara sertip öz-özünu gelşiksiz ýagdaýa saldy.—
Kowuň yzyndan!
Hemze Mürzäniň emaý bilen ýokary galan eli Gara sertibiň beren buýrugynyň
aýdylan badyna güýjüni gaçyrandygyny tassyklady.
--Syrtyňa depip durka gapjap bilmedigiňi gaçandan soň tutaryn öýtdüňmi?
Tutdurjak duşman gaçmaz.
...Hemze Mürze juda bir zerurýetlik bolaýmasa, başly-barat bolup ýatan goşunyň
içinde hiç mahal görünmeýärdi.Bu gezek bolsa,duşmanyň akla sygmajak iş edip gideni
sebäpli bolsa gerek,ol ertirlik naharyny iýmegi hem soňa goýup,belentlikden aşak
iýndi.Ýör diýilmese-de, töwerekde duranlaryň hemmesi hem şazadanyň yzyndan
ýöredi.
Şu mahala çenil gajarlaryň ähli hereketini sypdyrman diýen ýaly synlap gelen
Blokwilde bular ýaly ýagdaýda şazadanyňam özüni hähili alyp barşyny görmek höwesi
döredi.
Atdan agan üç türkmeniň ikisiniň eýýäm başynyň alnandygyny Hemze Mürzä
habar berdiler.Diri galan türkmen hem kyrk ýaş töwereklerindäki,saryýagyzdan
berdaşly adamdy.Ol öň aýagynyň biri döwlüp,urnup ýatan atynyň ýanyna hiç kimi
eltmejek bolýan ýaly, elindäki egri gylyjyny bulaýlaýardy.
Ajalyň üstüne öz aýagy bilen gelip,eden hereketiniň soňunyň ölüm bilen
gutarmagynyň ahmaldygy görňüp durka-da,henizem müňläp duşmanyň öňünde gylyç
bulaýlap durşy ony Blokwile erteki gahrymany ýaly edip görkezdi.
Serbazlar bu ýagdaýa düşen türkmeni derrewem guş üten ýaly ütübem
biljekdiler.Ýöne müňbaşylaryň biri ony diri ele salmagy buýrupdy.
Şazadanyň hut özüniň,onda-da iň ýakyn serkerdesini hem ýanyna alyp bu ýere
gelmegi türkmeniň daşyna aýlanan serbazlara täzeden güýç berlen ýaly etdi.Olar
gaýtadan hüjüme geçdiler.Hüjüm uzaga çekmedi.Türkmen bilen hut özi gürleşmek islän
Hemze Mürze “Saklanyň!” diýen yşarat etdi.
39
Juda ýadaw hem galagoply görünýän türkmen sojap-sojap dem alyp durşuna
gylyjyňyň ujuny ýere diredi,bir eli bilen maňlaýynyň derini syrdy.”Derlärçe işem
etdiň!” diýip, Blokwil içini gepletdi.
Türkmeniň sag gulagynyň gapdalyndan al gan syrygyp,berdaşly boýnunyň ýüzi
bilen aşak gaýdýardy.
Hemze Mürze bilen hümürdeşenden soň,Gara sertip türkmene ýüzlendi.
--Adyň näme?
--Maňa Artyk ärsary diýerler.
--Ýagty jahanda ýaşasyň gelýämi?
--Ýaşasym gelensoň, ata cýkdym-da...
Hemze Mürze matlabyny üýtgetdi.Ol “Özüňiz nätseňiz şeýdiň” diýýan ýaly,hiç
kime hiç hili buýruk hem bermän,yzyna aýlandy.Blokwil onuň bu ýere näme üçin
gelendiginiň,bu ýerden näme üçin gidendiginiň manysyna düşünmän galdy.Şol pursat
Gara sertibiň kellesine türkmeni ata süýredip öldürmeli diýen pikir geldi.Derrewem
buýruga öwrülen ol pikiri amala aşyrmak ýüzbaşylaryň birine tabşyryldy.
Artyk ärsarynyň her aýagyna bir ýüp daňyldy. Ýüpleriň beýleki ujy hem iki atyň
hersiniň boýnuna baglandy,atlaryň ikisiniňem sagrysyna bir mahalda gamçy degdi.
Entek Garaýapdan gaýtmanka kepenini biline orap,öz-özüne aýat-töwir çykan
Artyk ärsary her hili agyr jeza uçrasa-da, gaş çytman tap getirmäge öňünden taýyn
bolupdy.Emma çekip-çydardan çökder jeza onuň erkini elinden aldy.Artyk ärsary adam
sesine meňzemedik çirkin ses bilen gygyranda,Blokwil ses gelen tarapdan ýüzüni
sowmaly boldy.Ol ses türkmeniň çatyny aýryp,indi hem aýaklaryny göwreden goparyp
taşlamak üçin hersi bir tarapa dyzaýan atlary-da düýrükdirdi.Günbatar tarapa dyzaýan
dor at jeza berilýäniň bir aýagyny goparyp gitdi.Şondan soň Artyk ärsarynyň sesi
kesildi.
Dor atyň yzyndan gan syçradyp süýrenip barýan ädikli aýaga gözi ilen Blokwil
iki eli bilen gözleriniň öňüni penalady.

*
“…Her gün mallara ot,ýakmaga odun getirilmäge gidilýärtdi.
her gezegem giden serbazlar,at,gatyr ogurlanýardy. Indi
ok-därini hem ogurlatman saklamak başartmaýardy...”
Blokwil.
Hemze Mürze Hişmet Döwläniň bolşy,Murgabyň kenarynda goş basyp ýatyşy
Merw welaýatyny boýun egdirmek üçin gelen agyr goşunyň serkerdesine
meňzemän,derýa boýuna uzak wagtlyk dynç almaga gelen pişesiz adamyň bolşuna
meňzeýärdi.Blokwil beýle ýagdaýdan iki hili many çykarýardy.Birinjiden-ä, ýigrimi iki
müň serbaza,san-sajaksyz mal-gara harç-harajat töläp,wagtyny dereksiz geçirsede,şazada öz daýysyndan gaty-gaýrym gep eşitmejekdigini bilýärdi.Ikinjidenem,Hemze
Mürze türkmenleriň güýjüni äsgermezlik edýärdi.Şol ikinji meselede welin Blokwil
şazadanyň aýgydyny nädogry hasaplaýardy.Pereňli uly goşuna serkerdelik edip, darkaş
40
baryny gören goja esger däldi.Bolsa-da, ol duşmanyň ujypsyz güýjüni hem uly güýç
diýip
hasap
etmezligi
söweşe
ýaragsyz
girmek
bilen
barabar
hasaplaýardy.Dogry,Blokwil türkmenleriň harby taýýarlygynyň nä derejedediginden
bihabardy,ýöne
gödek
harby
güýçdenem
derwaýys
zadyň,
mekirligiň,batyrlygyň,töwekgelligiň olarda bardygyny çaklaýardy.Ony türkmenleriň
säherki guran oýnunyň mysaly hem tassyklaýardy.
Ýagdaý şeýle bolansoň,bu gün-u-saba öňkülerdenem has çökder waka bolar diýip
pereňli çak edyärdi.Indi serbazlar türkmenleriň çekilen Garaýabyna tarap däl,özleriniň
esasy goş ýazdyran ýeri bolan Nyýazmetgala ýoluna oduna-çöpe gitmeli bolsalaram,
ýaýdanyşyp durdular. Mary galasyndan bir farsah daşlaşsalaram, odunçylaryň ýanyna
diňe atly- ýaragly serbazlar goşulman,sary toplaryňam biri-ikisi süýrelip äkidilýärdi.Bu
hem Blokwiliň türkmenler tarapyndan serbazlaryň ruhuna uly zeper ýetirildi diýen
çaklamasynyň dogrudygyna güwä geçýärdi.
Serkerdeler Gowşut hanyň söweşmekden ýüz dönderip,tabyn bolup gelmegine
garaşýardylar.Blokwil
bolsa
ol
arzuwyň
durmuşa
geçmegini
gümana
hasaplaýardy.Ahyrsoňy gol gowşuryp gelmäge azda-kände meýli bar bolsa,Gowşut han
26-njy iýulda Marynyň eteginde guran kiçeňräk çaknyşyga-da baş urmazdy, 28-nji
iýuldaky ýatanyň üstüne turan gelmesin eden hilesine-de gitmezdi.Onuň şol iki
hereketiniň ikisi-de duşmanyň agzyny ysgamak,ruhy agramyny ölçäp görmek üçin
edilen harby syýasatdy. Ejizdigini boýun alyp,ozal-ahyr gol gowşuryp gelmek niýeti
bar bolsa, Gowşut han soňunyň özi üçin agyr günä bolup aýlanjak hereketlerini etmezdi.
Blokwil Gowşut hanyň hilesinden dürs many çykarylmaýanyna-da
haýrandy.Nemze Mürze-de,Gara sertibem Mary galasy eýeleneli bäri türkmenleriň
amala aşyran ýekebara çozuşlaryndan,gündiz şäherden sähel daşlaşanda ýesir edilip
äkidilen serbazlaryň sanynyň näçä ýetendiginden many ogurlamaýan ýalydy.Gaýtam,
serkerdeler,begzadalar,sypaýylar özlerini keseki bir ýurduň topragynda gezip ýören
hem hasaplaman,at çapýardylar,awa-şikäre çykýardylar, keýp çekýärdiler. Aý, gün
bolsa geçip durdy.
1860-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda ir bilen Hemze Mürzäniň belent çadyrynyň
töwereginde gaý-da-gaýmalaşyk köpeldi.Ýeňil eşiklerini geýnen şazada keýpi çag halda
daş çykdy.Goşun bölümleriniň ketdeleri,begzadalar,serheň-sertipler öňli-soňly baş
atyşyp,şazada tagzym etdiler.Birneme aňyrrakda hyzmatkärleriň topary durdy.Olaryň
yanynda garynlary içi boş gapjyk ýaly,agyzlary jäheksiz, salpygulak tazylar bardy.
Tazylara gözi düşen Blokwil şazadanyň ýene Seýitnasyr gamýşlygyna ýa-da
Popuşgum diýilýän çägesöw belentlige towşan awlamaga gitjekdigine düşündi.
Hyzmatkärleriň biri bedewiň rişmesinden tutup,biri ýalyndan ýapyşyp,ýene biri
öz elini aýak goýulýan üzeňňä öwrülip, Hemze Mürzäni ata atardylar.Emma daýaw
bedew ädim ätmänkä-de,türkmenlerden ilçi gelendiginiň habary peýda boldy.
Aw sapary başlanmanka togtadylan Hemze Mürze ol habara gaharlanar ýa-da
türkmen ilçisiniň ýene bir gün gelmelidigini aýdyp atyny sürüberer öýtdüler.Çaklama
düýpden tersine çykdy.Gaýtam,ol habar Hemze Mürzäniň keýpini göterdi.Ol derrew
atdan düşdi,aýagy ýere degip-degmänkä-de:
--Ahyr akyllaryna aýlanypdyrlar-ow!—diýdi.Onuň sesinde-de keýpiçaglygyň
alamaty duýuldy.
41
--Güýjüň deň däldigini bilendirler-dä!—diýip,Gara sertip şazadanyň gapdalyndan at
goşdy hemem onuň elindäki rişmäni emaý bilen alyp,gapdalda duran hyzmatkäre bat
bilen uzatdy.
Hemze Mürzäniň yzy bilen çadyra tarap ýönelen Gara sertip Blokwiliň
gapdalyndan geçiberende, ozi bilen gepleşýän ýaly bolup pyşyrdady.
--Şazadanyň inçe syýasaty ahyr netije berer diýip,men saňa kän aýdypdym,
jenap.Gördüňmi?
Kän mahal geçmänkä,üýşup duran sypaýylaryň,begzadalaryň aňyrsyndan ýaşy
kyrk töweregi, etegi uzyn donunyň bili guşakly,başy gara silkmeli agajet türkmen
peýda boldy.Onuň ýanynda ýaşy elliden agan ýoldaşy hem bardy. Şikär eşigini
çalşyrynyp,çadyrdan çykan Hemze Mürze,ilçini içerde kabul etmek meýli bolanam
bolsa,myhmanlaryň ýetip gelýänini görensoň,ýalpyldawuk donunyň guşagyndan
barmaklaryny geçirip duruberdi.
Türkmen ilçisi ozaldan tanyş ýaly,göni Hemze Mürzä tarap ýöredi.Ol şazadanyň
üç-dört ädim golaýyna ýetensoň aýak çekdi-de,baş atmak bilen oňa hormat
goýýandygyny äşgär etdi,yzyndanam:
--Essalawmaleýkim,belent mertebeli şazada!—diýdi.
Şazada salam aldy.
--Men teke hany Gowşut han ibn Öwezdurdy serdaryň siziň belent huzuryňyza
ýollan ilçisi bolmaly, merhemetli şazada!
--Bilýän—diýip,Hemze Mürze çalaja ýylgyran ýaly etdi.—Birki hepde mundan
ozal gelermikäňiz öýdüpdik welin,elbetde, has derwaýys alada tapylandyr-da...
Serkerdäniň ýaňsylamasyna düşünmedik kişi bolan ilçi aýdylany tassyklap baş
atdy.
--Ras aýdýaňyz,belent mertebeli şazada! Ras aýdýaňyz.Täze ýurda göçmeli
bolduk.Öý dikmeli, ojak gazmaly, mal-garanyň aladasyny etmeli... Täze ýürtda
ornaşýançagam, esli mahal geçdi.Garaz,alada gutarma ýok-da.
Ilçiniň sözleri serkerdäniň göwňunden turmady.Ol näme üçindir,sagyna-soluna
garanjaklansoň dillendi.Şazada ilçiniň öňünde özüni parahat alyp barmak islese-de,
sesiniň belent hörpüni peseldip bilmedi.
--Size kim diýerler?
--Maňa-ha Täçgök serdar diýerler.Ýoldaşymam Eýämberdi molla.Hem hemram
hemem dilmajym.Biz Gowşut hanyň ýakyn adamlarydyrys,merhemetli şazada.
--Hiçiik habar getirdiňiz?—Hemze Mürze bu sowaly hälki bir gepiň ýatymyna
görä dile getirdi.Ýogsam, ol türkmen ilçisiniň getiren habary aýdylmanka manysynyň
nämedigini bilýändirin öýdýärdi.Gowşut han Hemze Mürzäniň ahli şertini goldap,onuň
bilen il bolmak teklibini ibermelidi.
Täçgök serdar1 dil jogabyna derek hereket jogabyny ulandy.Ol çep goltugyndan
çykaran kagyzyny şazada uzatdy.
Kagyzy alan Hemze Mürze ony gapdalynda duran Gara sertibe geçirdi:
--Oka!
Berdi Kerbabaýewiň beren maglumatyna görä, Hemze Mürzä Gowşut hanyň hatyny elten ilçi
Gaýgysyz Atabaýewiň kakasy bolmaly.
1
42
Togalanan sary kagyzy derrew ýazyşdyran Gara sertip hökmürowanyna tarap
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 05
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.