Latin

Keseki - 15

Total number of words is 3798
Total number of unique words is 2121
31.7 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gojanyň aýdanlary Blokwiliň ''Türmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik'' gündeliginden sözme-söz diýen ýaly alyndy..
1
140
Kysmatyna ganly syýahat ýazylyp, ynsan wagşylygynyň aýylganç pajygalaryny
başdan geçiren Jorj Blokwil Mämmedöwez pälwanyň alkyşyndan soň hyýalynda
Arderbent sährasynyň ýollaryna düşdi. Ol çyrpynyp ýatan Horasan düzlüginiň üsti bilen
Günbatara, iki ýyl bäri gözünden uçan Parižine tarap ädim urdy. Esli salymdan soň
arzuw atyndan düşen fransuz ýene türkmen obasyna dolanyp geldi.
Blokwiliň çeken kynçylygy ýatdan çykar ýaly bolmasa-da, Mämmedöwez
pälwanyň ýürekden aýdan sözleri ony ýumşatdy. Ol goja pälwanyň gödek ellerini
mäkäm gysdy-da, töwerege nazar aýlady. Abdal serdaryň getiren habary onuň özünden
öň bu ýere gelen ýaly goňurlylaryň uludan-kiçisiniň hemmesi Mämmedöwez pälwanyň
öýüniň töweregine ýygnanana meňzeýärdi. Özüne tarap seredýän gözleriň, özüne tarap
ýüzlenen ýüzleriň onlarçasy Blokwile tanyşdy. Tanyş bolsun-bolmasyn, häzir
goňurlylaryň hemmesiniň gözleri özüne guwanç bilen, begenmek bilen bakýandygyny
Blokwil görüp durdy, hatda Eýemyrat agabegiň garyndaşynyň döle gazdyran güni
pereňlä yzgytsyzlyk bilen garan ýüz-gözünde-de häzir diňe gowulygyň, begenjiň
alamaty bardy. Blokwili Goňura gelen güni boýnundaky gara möjegi bilen gorkuzan
Çakan däli hem bir gyrada ýylgyryp durdy. Ýöne özüne begenç bilen, hoşnutlyk bilen
garaýan onlarça gözüň arasynda onuň şu mahal, iň soňky gezek bolsa-da, şeýle bir
görmek isleýän, sözsüz, diňe otly bakyş bilen sözleşmek isleýän gara gözleri ýokdy.
Blokwil nazary rehim-şepagatdan ýasalan şol sada, şol owadan, şol mähriban gara
gözlere gaýdyp hiç ýerde, hiç mahal sataşmajakdygyny ýatlap, arman çekdi. Ol ýüzüni
asmana tutdy-da, Goňur obasyny gujagyna alyp duran çigrekli gyş howasynyň
hemmesini öz kiçijik öýkenine ýygnajak bolýan ýaly döşüni güberdip, uludan dem aldy.
Ol gögüne garanynda, tutuş asmany örten gara bulutlaryň arasyndan Akmaralyň ak ýüzi
sulba bolup göründi. Blokwiliň göwnüne bolmasa, owadan ak ýüzüň al ýaňaklarynyň
üstünden birki damja gözýaş hem togalandy. Pereňli ony belent adamçylykly zenanyň,
ejize gezek gelende kalby rehim-şepagatdan doly ýuka ýürekli türkmen zenanynyň özi
bilen hoşlaşyk gözýaşy hasap etdi. Blokwil taýly gezek ýuwdundy,pessaý ardynjyrap,
bokurdagyny arçady, ahyrynda-da,asmana garap duruşyna dodaklaryny çalaja
gymyldatdy: “Hoş gal, ynsan balasy, Ynsan! Hoş gal, söýülmedik Söýgi!”
Mary- Aşgabat- Moskwa.
1973—2OO5.
141
SALLANÇAK MUKAMY
Gojuk obasynda bir dutar bar. Onuň owazy, bir seretseň, adaty dutaryňky ýaly, birde, tanyş guşuň ganat kakyşyny ýatladýar. Ozaldan diňläp ýören sazyňam şol dutaryň
kirşinden çyksa, üýtgeşik, has şirin bolýar, gulaga başgaça täsir edýär. Geň zat, ol belli
bir adamynyňkam däl-de tutuş obanyňky, iliňki. Şeýle-de bolsa, gabat gelen adam ol
dutaryň gapagyna kakyp ýörenok. Gelin toýunyň, perzent toýunyň dabarasyny şol
dutara başladýarlar. Ýekeje saz çalynýar-da, dutar ýene gabyna salynýar. Şondan soň
toý sazyny başga dutar dowam edýär.
Ol edähet Gojuk obasynda däbe öwrülip gidipdir. Hasapdan gojalaryň
aýtmaklaryna görä, onuň tutdan dutara öwrüleli bäri alty garyn aýlanypdyr.
“Garynyňam” her haýsynyň otuz ýyldygyny ??? ara alsak, Gojuk obasynyň sadap saply
dutary iki asyra golaý ýaşaberipdir.
Ýaşulylar soňky öwrümde dutara eýe bolan adamlary onçakly takyk
tanamasalaram, ilkinji eýesiniň kimdigini welin, gaty gowy bilýärler. Garrylar-a
hasabam däl, obanyň ýaşlaram Gojuk Mergeniň iki asyryň aňyrsyndan çalýan sazyny
eşidýän däldiris öýdenoklar. Çünki, olaryň dogduk obasy hem şol sazandanyň adyny
göterýär. Şonuň üçinem Gojuk Mergeniň adyny dakynýan obada ýaşaýan adamlar
känbir dile çolap durmasalaram, “men-menlik”
etmeselerem, başga obada
ýaşaýanlardan özlerini birneme artyk saýýandyklaryny, garaz, syzdyrýarlar. Olar Gojuk
Mergeniň ruhuna gaty uly hormat goýýarlar. Şol adaty owazynyňam Gojuk Mergeni
ýatladýandygy üçin üýtgeşik bolup duýulýandygy ahmal.çünki, könelen tut agajy köne
taryh ýaly bolup, geçmişiň ýaňyny şu gün bilen baglaşdyrýar, geçmişe dürs hem
mynasyp baha bermäge ýardam edýär. Şeýlelikde geçmişiň ýatdan çykmazlygyna
kömek edýän dutaryň ýitmejegine-de, hiç haçan, hiç kime berilmejekdigine-de Gojuk
obasynyň çagajyklaram ynanýarlar.
2
Goňşy öýde çag dünýä inýär. Çaganyň dünýä inmegi kyndy, dünýä indermek
ondanam agyrdy. Gojuk Mergen şol kynçylyklaryň ýygy-ýygydan gaýtalnamagyny
isleýärdi.
Dünýä inýän çaganyň berýän yzasyna tap getirip bilmän, dişini gysýan enäniň
iňňildisi daşarda eşidilmese-de, gulagyny ýere berip ýatan Gojuk Mergen ony edil
ýanynda ýaly eşidýärdi. Ene toprak dartylan dutar tary ýaly bolup, iki öýüň arasyny
baglaşdyrýardy. Şol taryň nähili kakylýandygyna, neneňsi owaz çykarýandygyna Gojuk
Mergen düşünýärdi. Ol sesi diňleýän diňe bir ölüm ýassygynda ýatan goja däldi. Ol ses
öňürti ene ýeriň süňňüne ornaýardy. Şol azaply iňňildiniň netijesinde dünýä injek
perzende Gojuk Mergenem garaşdy, ýöne oňa mukamçydanam beter ene
toprak garaşdy, zerurýet şonuňkydy. “Gaýrat et, gelin, gaýrat et. Bu sähranyň,
hossarsyz sähranyň hak hossary sensiň, hem ejiz, hem güýçli hossary sen bolmalysyň.
Bu sähra üçin sen yza iýmelisiň. Bu sähranyň geçmişi seň geçirimliligiňe bagly
bolupdy. Bu sähranyň ertesem seň giňligiňe baglydyr. Gaýrat et, gaýrat et!” Gojuk
Mergeniň ýassyk tarapdaky gulagyna goňşy gelniň iňňildisi gelse, beýleki gulagynda
“Sallançak mukamynyň” owazy eşidildi. Ol owaz müňlerçe adama durmuş sapagyny
142
berdi, müňläp ýürek şol owazyň ündewine uýdy, ol owaz erteki güne umyt döretdi.
“Taýakda ýene bir tagma galsyn, gaýrat et. Gorkma, darykma. Sen gidip barýan düýäň
howudynyň üstünde ner ogul dogurmagy başaran üýtgeşik zenan neslisiň. Gaýrat et,
gelin, gaýrat et!”.
Gojuk Mergeniň ýassyga baş goýany üç aýa ser urupdy. Onuň näsaglandygy tuutş
sähra ýaýrady. Hyzmat hödürläp gelen tebipleriň emindenem netije bolmansoň,
mukamçy kysmata ten berip ýatyrdy. Aý ýarym mundan ozal sährada «Gara ýapynjaly
aýal“ at alan gedaý Aýparça gabat gelende: «Gojuk Mergeniň derdi ýaly derdiň emini
goňşy welaýatda bir tebip tapypdyr. Men şoň ugruna çykjak“ diýen ekeni. Hälihäzirlikçe-hä ol habardanam uç çykmady. Bolsa-da Gojuk Mergen şol aýalyň aýdanyna
baş galdyrmanam durmady. Çünki, kimdigi näbelli ol aýala mukamçy gaty kän gezek,
özem, asla garaşylmadyk ýerlerde-de gabat gelipdi. Şol jadygöý ýaly gedaýyň aýdanyna
Gojuk Mergeniň, näme üçindir, ynanasy gelýärdi.
Gojuk Mergen şu gezekki ýatyşyny ýagty jahandaky iň soňky ýatuwy diýip
çaklaýardy, gaýdyp galnaryn öýtmeýärdi, taby pesdi. Emma ol iki bäri, hamala, agyr
keselinden nam-nyşan galmadyk ýaly, ölüm hakda, näsaglyk hakda pikirem etmän,
başga-başga zatlaryň aladasy bilendi. Ol güýz dolanansoň, alan hasylynyň jemini
jemleýän daýhan ýaly bolup, oklawa meňzeş taýajyklara salnan, arasy ýygjam edilen
tagmajyklary hasaplaýardy. Çep duldaky kilim torba şol taýajyklaryň saklaýan ýeridi.
Iki gün eden azabyny köýdüren Gojuk Mergen bir tarapa geçiren taýajyklaryna-da şu
gün irden ýaňadan ýapyşmaly boldy. Tagmalaryň sany iki müňe golaýlanda goja
bulaşdy. Ol ýalňyşmaly däldi. Tagmalaryň her haýsy bir adamdy, tutuş bir dänýädi.
Ýekeje kertik ünsden sypsa, ullakan bir adamyň ömrüne atanak çekildigi, onuň ynsan
sanyna alynmandygy boljakdy. Şonuň üçinem ol ýekeje tagmanam ýalňyşmajak
bolýardy. Tagmalaryň bäş-alty sanysy beýlekilerden üýtgeşikdi. Gojuk Mergen
olaryňam aşagyny çyzyp, aýratyn bellik edipdi. Şol aýratyn tagmalaryň dörän
pursadyny ol wagtal-wagtal ýatlaýardy. Bir mahal goýlan tagmalary öwran-öwran
ýatlap ýörmäge şu wagta çenli-hä Gojuk Mergeniň eli hem degmändi, mydam at
üstünde, mydam ýolda bldy. Indiden soň, ölçelip berilen günleriň sany paýawlaberende
ol ähli taýajyklaryny daşyny ýanyna alyp, är ömründe goýan çyzyjaklarynyň hasabyny
çykarmakçydy. Tagmaly taýajyklaryň sany, hakykatyna seretseň, şu mahalkysyndan tas
iki esse diýen ýaly köp bolmalydy welin, bellik etmek pikiri, arman, giç döredi. Häzirki
hasap soňky ýigrimi ýyl töweregi öredilýärdi. Ýogsam, Gojuk Mergeniň her gezek
çalnanda, Taýaga tagma basýan ׂ“Sallançak mukamynyň” gaýtalanyp ýörenine kyrk
ýyl bolup ýördi.
“Sallançak mukamynyň” türkmenleriň arasynda beýle ýörgünli bolmagyny
mukamçynyň özi-hä tötänlik hasap edýärdi. Gojuk Mergen ýaly saz çalyp bilýän, Gojuk
Mergen ýaly saz çalyp bilýän, Gojuk Mergen ýay sadap saply dutar saklaýan adam bu
sährada bir ýa-da iki bolmaly däldi, gary kändi. Gojuk Mergeniň dutaram üýtgeşik
däldi. Jadylymyşyn diýilýän söz-hä oňa sürtseňem ýokanokdy. Lebap bilen Hazar
aralygynda bar bolan, ýöne sanalyp görülmedik müňlerçe dutaryň biridi. Emma
mukamçylaryň arasynda Gojuk Mergeniňki, dutarlaryň arasynda-da şol dutaryňky
çüwdi. “Sallançak mukamyny” oýlap tapmak Gojuk Mergeniň nesibesinden çykan
bolsa, ol sazy ilkinji gezek çalmagam şol mahal ýaňy ýasalan, häzirem ady asmana
göterilen adaty dutaryň paýyna düşdi. Sähranyň hasrat hem umyt perzentleriniň
143
ykbalyna aglamaklyk, olaryň geljegi hakdaky il arzuwy bolsa ol dutaryň tanymal
bolmagyna getirdi. Ähli üýtgeşiklik diňe şondan ybaratdy. Oňa garamazdan, şol dutaryň
jadylydygy baradaky gürrüňler gün-günden köpeldi, toslananam bolsa, ol gepler
aýdylan badyna ýalan donunyň üstünden ynam donuny geýip, giň sähra ýaýrap gitdi.
Halk bir göteren zadyny göteriberýär. Halkyň ynamyna giren ejizligem özünde ýok
mähnet güýje, gudrata eýe bolýar. “Ol dutary sazyň piri Babagammar çüflänmiş!” Muňa
ynanmaýan, ynanmajak türkmen ýokdy. Aslynda welin, ol elinden onlarça dutar
çykaran Seýit ussanyň iň soňky ýasan dutarydy, Babagammara hiç hili dahyly ýokdy.
Ony sadaplanam Seýit ussanyň özüdi. Ussa Seýit diýilýän bolsa, Garabek sebitlerinde
dutar ýasamakda adygan adamdy. Ol iň soňky ýasan dutaryny saz bilen kowalaşýan,
daşkyrak garyndaşy Gojuk Mergene sowgat edipdi. “Inim, şu saz, megerem, meň
elimden çykan iň soňky saz bolar. Indi göz çöňňeldi, barmaklar diýen edenok. Senem
şuny toýa ýarat, inim. Özüňem bir zady belle: gaý-harasat, apy-tupan bu topragy ýok
edip bilmez. Diňe bir zat --gujagynda perzent dogurmagy azaltsaňyz, bu topragyň
ýitmeli pursadyny golaýlatdygyňyz bolar. Şoň üçinem bu sährada her gezek çaga dünýä
inende şu dutaram ýaňlansyn. Men iň soňky ýasan dutarymam şol şatlyga goşulsyn. Siz
şony şeýtseňiz, menem gabrymda rahat ýatardym, inim...”
Goja ussa Gojuk Mergene şol gezek kän öwüt etdi. Ýöne çagaly wesýet
sazandanyň ýüregine has çuň ornaşdy. Ýaş sazanda diňe şol mahal, garry garyndaşynyň
ýanynda onuň sözlerinden soň ilkinji gezek ömür hakda oýlanan ýaly durmuşyň
çylşyrymlylygyna haýran galdy. Seýit ussa-da many bilmez çaga bolup dünýä inendir.
Bu mahal bolsa, dünýä bilen hoşlaşýan gojanyň çal kellesi durşy bilen akyldy. Ol biçak
kän zat bilýärdi. Köp bilýän, dana adamlaryň dünýäden gitmegi bir adamyň ölümi dälde, tutuş bir dünýäniň, ýeke-ýekeden kerpiji örülen mähnet dünýäniň gitmegi bilen
baglanyşyklydy. “Goja dogry aýdýar. Dünýä ýöne bir çaga inmeýär-de, özbaşyna uly
durmuş inýär. Şol durmuşyň dogulmagyna guwanmaly, ony wasp etmeli”.
Gojuk Mergen ondan ozalam üç-dört sany täze saz döredipdi. Täze saz döredeniňe
gywanmak, täze sazy diňlemek ýakymly hem bolsa, döretmek biçak kyndy. Täze kakuw
tapylyp, on iki perdäniň üstünden barmaklar gatnaw guraýança mukamçynyň görýän
görgüsini söz bilen beýan etmek mümkin däldi. Her kakuw, her basym adamlaryň
hereketinden, daň şemalyndan, guşlaryň sesinden, ynsanyň şatlygyndan hem
hasratyndan, gözelligiň berýän lezzetinden saýlanyp alynýardy. Diňe bir müňläp
owazdan degerli mukamy seçip almak däl, şol alnan hasyly sada diňleýjiniň sada
ýüregine sadalyk bilen ýetirmek meselesi hem bardy. Iň kyny hem şoldy. Mukam diňe
bir owaz bolman, dürli-dümen güllerden bal ýygnaýan arynyň çeken zähmeti ýaly
netijeli bolmalydy, adamlara zäher däl-de, süýjülik hödürlemelidi, ýagşyny ündäp,
ýamanyň garşysyna turmalydy. Şunlukda mukamyň her bir hereketi göwnejaý edilip
sünnälenilýänçä sazanda hupbat baryny iýýärdi.
Gojuk Mergen adamyň döreýşi bilen sazyň döreýşiniň arasynda ýakynlyk,
meňzeşlik duýýardy. Saz hem adamyň dünýä inende hökman aglap, ezýet görüp inişi
ýaly azap bilen, görgi bilen döreýärdi. Ol ikisiniň dünýä inişini diňe adam dilinde
geplemeýän, söze derek owaz bilen sözleşýän saz beýan edip bilmelidi. Şonuň üçinem
adamzat bilen saz bir eneden, bir meňzeş adamdan dörän iki dogan bolmalydy.
...Kerwen ýodasyndan günbatara tarap ýorgalap barýan atyň toýnak sesine goşup,
köp hiňlenen. Gojuk Mergen heniz on iki perdä degmedik mukam tapdy. Tapylan saz üç
144
gije – üç gündiziň dowamynda, beýikden-pese inilende, goldan-gola aşylanda, epgekli
çölüň çuň guýularynyň sowuk suwy içilende ýagdaýa görä, ýere görä syntgylanasyntgylana şu mahalky şirin hem zaryn keşbine geldi. Dördünji gün geçensoň täze saza
ilki “Bäbek mukamy”, soňam “Sallançak mukamy” diýen at dakyldy. Täze mukamy
tapan mahaly onuň ýakyn ýyllarda türkmen sährasynda iň ýörgünli saz bolar öýdüp
Gojuk Mergen eger-eger pikirinem etmändi, öz arzuwy bilen iliň islegi beýle derejede
bap gelerem öýtmändi.
Wagtyň geçmegi bilen Seýit ussanyň iň soňky ýasan dutary diňe sallançak
mukamyna niýetlendi. Öz ýanyndan müňbir arzuw edýän Gojuk Mergen sadap saply
dutary ertirki ýagşy umytlaryň hatyrasyna aýady, toý-tomgy sazyny ol başga dutarda
çalmaga başlady. Sadap saply dutar bolsa diňe sallançaga ýarady. Şonuň bilenem gün
geçdigiçe gymmaty artan dutar, soňabaka gudratly zada öwrülip ugrady.
Ýaşamaga erkli sen,
Garaguma örkli sen.
Garaguma bagly sen,
Kalbyň şoňa bagla sen.
Il gülende gül, bäbek,
Il aglanda, agla sen.
Dogduk depe daglansa,
Gara bagry dagla sen...
Saza goşulyp, sazandanyň kalbynda aýlanýan şol setirleri Gojuk Mergen müňlerçe
gezek gaýtalady. Ol mydama diýen ýaly sallançagyň başynda boldy, bir günde iki-üç
gezek bäbegiň başujynda aýbogdaş gurmaly pursatlaram tapyldy. Gojuk Mergen
mydama bäbek jägildisini eşidýärdi. Inçe sazanda bolmagyna garamazdan, ol bir
bäbegiň sesini başga bi bäbegiň sesinden asla tapawutlandyryp bilmeçärdi göwnüne
bolmasa, dünýä inýan çagalaryň ählisiniň sesi bir meňzeşdi. “Geň galmaly zat,
gyzylbaşlaň çagalaram şeýdip aglaýarmyş. Adamlaryň gülküsem, agysam bir meňzeş.
Diýmek, olaryň ählisem bir eneden bir atadan dörän bolmaly. Onda näme üçin dogandogana ganymlyk edýäkä? Dünýä inende deň inýän çagalary ulalansoň, kim
zaýalaýaka? Megerem, jahana günäsiz gelýän adamyň soň sogap ýa günň gazanyşy
ýaly, çaganyň sesem soň üýtgeýändir”.
“Sallançak mukamyny” çalandan soň Gojuk Mergen esli mahallap şol sazyň
täsirinden çykyp bilmeýärdi. Sähraýy meýdanda pelpelleýän mollatorgaýlaram,
bagdaky guşlaram, agaçlaryň başlaryny yraýan şemalam çaga sesine öýkünýän ýaly
bolýardy, töweregi gurşap alan goja dünýä şol mahal ýigdelýärdi, sandan galan garry
adamlar daýawlanýardy. Şol gojalykdan daşlaşan durmuşda Gojuk Mergenem bardy.
Şonuň üçinem ol ýadamany-ýaltanmany bilmeýärdi, şonuň üçinem ol bir çalan sazy
gutaransoň, agşamky ýa-da ertirki çalynmaly “Sallançak mukamyna” ýetmäge
howlugýardy. Şonuň üçinem ol mydama bäbek jägildisini eşidýärdi. Şonuň üçinem ol tä
ýaşy bir çene barýança, özüniň perzentsiz ötüp barýandygynam günde-günaşa ýatlap
ýörmeýärdi. Ýok, beýle däl, ol özüniň perzentsizdigini her demsaýy ýatlaýardy, ýöne
şol ýagdaýy ýekeje gezegem diline getirmändi. Onuň hem özüne ýetesi sebäbi bardy.
Seýit ussanyň ýanyndan gaýdyp gelensoň, öýde bolan wakany Gojuk Mergen hiç
mahal unutmaýardy, ol wakany hem taýaklara bellenen aýratyn tagmalaryň biri ýaly
edip, mahal-mahal ýatlamaga mejbur bolýardy. Şu mahal uly il üçin Aýparça eje,
145
Aýrapça ene, göbegene bolan zenan döwürlerde Aýparça gelindi, onda-da ýaaşajyk
gelindi, owadan gelindi. Emma yzly-yzyna geçip giden rehimsiz ýyllar kem-kemden
onuň görküne zeper ýetirse, wagtyň döreden ýagdaýy onuň kejebesini daraldýardy,
ynjalygyny gaçyrýardy.
Gojuk Mergen bilen nika gyýlanyna ýedinji ýylyň içidi. Emma olaryň şol
ikibaşlygydy. Dünýä inmeli çaga niýetlenen, çuwallaryň düýbündäki düwünçeklerde
gizlenip goýlan geýim-gejimler şol gizlinligine-de ýatmaly boldy. Elbetde, beýle ýadaý
hemmeden ozal çaga önmeýän adamlaryň özlerini biynjalyk etmelidi. Ol şeýledi. Ýöne,
Gojuk Mergeniň dogany Garawul Mergen şol meselä gezek gelende elden-aýakdan
çykyberýärdi. Onuň goýan iň soňky şertine görä, şu gezek Jeýhun boýundan dolanyp
gelen badyna inisi şol işi çöp döwen ýaly edip çözmelidi. Ýogsam, “önelgesiz gelniň”
talagyny gaýnagasy berjekdi. Gojuk Mergeniňem, Aýparça gelniňem günde-günaşa
eşidýän şol bir iňirdidi. “Döw ýaly sagat inim barka, men oň gapysynyň ýapylmagyna
ýol bermen. Heleý sebäpli gapy ýapylmak hudaý işi däldir-de, bendesiniň öz elindäki
işdir”. Gyzma gaýnaagsynyň boljak işiň delilini öňünden taýylamak üçin aýdýan
sözlerini Aýparça gelin ýatdan bekläpdi.
Umuman, Garawul aga hüýlüräkdi. Ýaşlykdan ene-atadan galan iki doganyň ulusy
bolany sebäpli onuň aýdanyna Gojuk ýok diýmeýärdi. Şonuň üçinem ähli işde Garawul
özüni mamla hasaplaýardy, ýerlikli bolsun-bolmasyn, iňirdeýärdi, öwüt berýärdi. Gojuk
hem agasynyň sözüni ýykmazlyga çalyşýardy, geçirimlilik edýärdi. Olaryň ata-babsam
ýarym çarwa, ýarym çomry bolany üçin Garawul inisiniňem çarwaçylygy ýa
daýhançylygy saýlamagyny isläp, Gojugyň dutara kowalaşmagyna düýpden garşy
çykdy. Emma Gojuk agasynyň islegini doly berjaý etmedi. Ol çarwaçylykdanam üüz
döndermedi, daýhançylykdanam, ýöne dutar oýnamasynam goýmady. Şol hem
Garawulyň öz inisine mydama igenç törpüsini süýkäp ýörmegine sebäp boldy.
Garawul bilen Gojuk süýtdeş doganam bolsalar, olaryň durmuşa bolan garaýyşlary
köplenç çapraz gelýärdi. Gojugyň lebaba ugramazyndan ozal şeýle waka boldy.
Rysgallary bile bolsa-da, iki doganyň gapysy aýrydy. Garawullar öýde, Gojuk bilen
Aýparça gelin işikdäki pessejik kepbede bolýardylar.
Ertir irden eline uzyn nilli gara tüpeň alyp, Garawulyň kepbä girmegi Gojuk ilen
Aýparçany haýran galdyrdy. Şu mahala çenli görülmedik gara tüpeňiň agasynda peýda
bolmagynyň sebäbini Gojuk soraman oturyp bilmedi.
─ Inim, senem otuzyň onundaky adam! – diýip, tutan maksadynyň gürrüňsiz amala
aşjagyna ynanýan Garawul begenjini gizlemäge çalşyp, agraslyk bilen gepledi. – Şoň
üçinem iki sany tüpeň aldym. Biri özüme, birem saňa. Indi senem, dutaryňy goý-da,
köpüň ugry bilen ýöre.
Esli oýlanan Gojuk:
─ Awçy bolmak meýlim-ä ýokdy – diýdi.
Inisiniň juda sada jogaby Garawuly ýylgyrtdy. Ol gara tüpeňi diwara söýedi.
─ Men saňa awçy bol diýemok. Bi zamanda gara tüpeň aw üçinem saklanýan
däldir. Senem ýaşamaly, eklenç etmeli. Alamana gitmeli bor, üste ýagy çozsa,
gaýtarmaly bor.
─ Aý, maňa şu dutarymam bolar-la, agam – diýip, Gojuk ýüzüni aşak saldy.
Inisiniň soňky jogaby hem Garawula ýaramady. Ol ýüzüni kürşerdip, gaşlaryny
çytdy.
146
─ Dutar gowy zat. Ýöne henize çenli dutaryň kädisi bilen alamana-da gidilen
däldir, ýagy hem gaýtarylan däldir. Dutar toý-şagalaňyň guralydyr. Toý-şagalaňam
mydama tapdyryp durmaz. Asyl gara tüpeň bolmasa toý-şagalaňam bolmaz...
Dogry, durmuş şeýleräkdi. Türkmenler goňşy welaýatyň üstüne alamana-da
gidýärdiler, bidüzgünçiligem edýärdiler. Goňşy welaýatlaram edil şolar ýaly hereket
edýärdiler. Emma gara tüpeň saklaýanam bolsalar, üstlerine ýagy çozanda welin,
türkmenler jemlenmeýärdiler. Olary duşmandan halas edýän gara tüpeň däldi-de, ymgyr
çöldi. Şol sebäpli hem alaman-çaparmançylyga Gojuk Mergeniň öz garaýşy bardy.
Onuň düşünişine görä, tüpeň alyp ästüne barmasaň, goňşy welaýatyň adamlary hem
tüpeň alyp, seniň üstüňe gelmejek ýalydy. Ol iki ýurdyň arasyndaky oňşuksyzlygyň üç
sebäbiniň ikisini ol özlerinden görýärdi. Şoňa görä-de ol saýry ilatyň üstüne gara tüpeň
göterip barmazlygy özüne pent edipdi.
─ Tüpeň getiren bolsaň, taňry ýalkasyn, agam! Ýöne men ony atyp bilerin-ä
öýdemok. Ol tüpeň agasyndan inisine ýadygär nyşan bolaýsyn. Ömrüm ötýänçä,
dulumdan asyp goýaýaryn.
Inisiniň beren jogabyny ýürekden çykan jogap däl-de, içýakgyçlyk hasap edip,
gapa tarap ýönelen Garawulyň sesi ynjyk çykdy.
─ Beýtseň, gedaý torbaňam ömür boýnuňdan asyp gezümeli boljakdygyň ujy iki
däldir.
Gaýtarylmaly jogap nagtdy. Çünki, Gojuk Mergen gedaý torbasyna derek dutar
asynmakçydy. Emma agasynyň gaharynyň gelendigini bilen ýigit jogabyny dile
getirmekden saklandy.
Aýparçanyň önelgesizligi bilen bagly mesele-de bir ýanalyk edilmese, labzy ajy
dogan bilen ýaşamagyň barha kynlaşjakdygyna, gerdende göterilýän ýüküň gitdigiçe
agyrlaşjakdygyna kemsiz düşünýän Gojuk Mergen gaty aýgytly hereket etmelidi.
Meseläni hanja çözseňem, müçeleriň geçmegi, ýagdaýyň üýtgemegi, akylyň goýalmagy
bilen şu mahalky eden aýgydyňa ökünmeli däldi, şu günki çözgüdiňe soňky ýyllaryň
depesinden seredip baha kesmän, şu mahalky kesen bahaňy şol ýyllaryň depesine özüň
bilen bile alyp çykmalydy, bazar üýtgäni, bazar gyzany bilen nyrh üýtgemeli däldi.
Gojuk Mergeniň eden hereketini özünden başga hiç kim, hatda ondan hökman
habarly bolaýmaly Aýparça-da bilmedi. Sazanda uzak obalaryň birinden at ardyna
mündürip, bir aýal getirdi. Getirilen aýal gaty ýaşdy, görmegeýdi. Şonuň üçinem, gepgürrüňe, täzelige suwsan käbirleri derrew: “Gojuk Mergen önelgesiz aýalynyň üstüne
güni getiräýipdir welin, aslynda alla bermese, ikinjisiniň dogurjagyny bilýämikä?”
diýen ýaly gürrüňler ýaýratdylar.
Emma Gojuk Mergeniň getireni Aýparçanyň ornuny tutdurmak üçin getirilen aýal
däldi. Ol tebipdi. Mukamçynyň öňünden eden haýyşyna görä, saglygynda kemçilik
bolsa-da, bolmasa-da, tebip aýal Aýparça hakykaty aýtmaly däldi. “Şükür, hemme zat
düzüw. Alla miýesser eden güni hamyla galarsyň” diýen sözden başgasyny Aýparça
eşitmesizdi.
Başy ýaşam bolsa, köp adam bilen gep-söz alşyp, ýüzi açylyp giden tebip gelin
gelen netijesini sypaýyçylyk bilen beýan etjegem bolup durmady. Belkem, durmuşyň
çöp döwlen ýaly edäýmeli meselelerinde gümürtige urmagyň zelelden gaýry zat
däldigine tebip gelin başgalardan gowy düşünýändir. Ol özi bilen deň-duşrak adama:
─ Hanym! – diýip ýüzlendi. – Perzent geregiň çynyň bolsa, hatynyňy başgala...
147
Gojuk Mergende beýle niýet ýokdy. Şonuň üçine ol tebip aýalyň töwerege
eşitdirmejek bolup, at ýatagyň alkymyna barlansoň, pyşyrdabrak aýdan sözlerine
gulagam gabartmady. “Hatynyňy başgala!” Tebip ol habary aýtmak üçin ýaýdanybam
durmady. Habar hakykat bolanda-da, ony aýdan günäkär bolman, döreden günäkär
bolýardy. Aýparçaly meselede bolsa, günäkäre çäre görjek, ondan ar aljak gümanyň
ýokdy. Onda diňe takdyra ten bermek ýa-da tebip aýalyň aýdyşy ýaly, Gojuk Mergeniň
öz agasynyň isleýşi ýaly edäýmek galýardy.
Beýle teklip kim üçin, belki, agyr bolmasa-da, Gojuk Mergen üçin gerdende
göterip bolmajak ýük bolup göründi. Ol kän oýlanmadam, pikirem etmedi-de, hatynyny
başgalanyndan obasyny başgalanyny gowy gördi. “Tebip pylan diýdi, pismidan diýdi”
bilenem garyndaşlary uzak köşeşdirip boljak däldi. Olary ýalandan umydygär edibem
ýaşatmak göwnejaý däldi. Wagt diýilýän ýeke-täk hakykatçy hiç kesden ýüz görmän,
guran pirimiňi ýuwaş-ýuwaşdan paş etjekdi. Ol Aýparçanyň gözýaşyna, Gojuk
Mergeniň halyna rehimdarlyk edip durmajakdy, iňirdiniň, igenjiň iň aýylganjy hakykat
dolulygyna ýüze çykandan soň başlanmalydy. Şonuň üçinem taňlaky hökmany çözgüdi
Gojuk Mergen şu güne geçirdi, ähli goş-golamyny bir ata ýükläp, kese dagyň edil
alkymynda oturan oba göçüp geldi. Tebibiň aýdanlary ýoýlup düşündirilen Aýparça
gelin bolsa, telim ýyl ýagşy umytda gezdi.
Sährada şol mahallar tebip kändi. Olar dertlilere derman etjek bolup, ellerinden
gelenlerini gaýgyrmaýardylar. Ýöne, olaryň tagallasynda aýylganç bir hakykat bardy.
Olar näsaglara kän-kän hoş söz aýdyp, çendenaşa köşeşdirýärdiler. Emma aýdylan
köşeşdiriji sözleriň hiç haýsysy durmuşa geçmese-de, aýdylman goýlan erbetlikleriň
ählisi adamlaryň başyndan inýärdi. Tebibiň Aýparça aýtmadyk, Gojuk Mergene aýdan
çaklamasam ýalan bolup çykmady.
Täze oba gelnen güni şol ýerde ýaşaýan tanyşdan satyn alnan alty ganat ak öý
dikilenden soň, öýi gurmaga kömekleşen adamlar dargaşdylar. Iş-alada bilen halys
surnugan öý eýesi gelin ýaňy bir öz dulana geçip aýagyny uzatjak bolanda, niýeti amala
aşmady. eli çagaly bir ýaş gelin iç işikde peýda boldy. Ol gelniň goňşudygynam, uzyn
hataryň aňry çetinde ýaşaýandygam belli däldi. Ýöne bir zat bellidi. Gelin bu obada täze
peýda bolan adamlar bilen salamlaşmaga gelipdi. Gojuk Mergen garry adam bolmasada, gelin ondan ýaşynyp, Aýparça tarap ýylgyrjaklap seretdi-de:
─ Ýurduňyz gutly bolsun! – diýdi.
Gojuk Mergen gelniň pyşyrdysyny eşitdi. Bolsa-da, ony utandyrmajak bolup,
Aýparça tarap seretden boldy.
─ Bu gelin salamlaşmaga gelipdir. “Ýurduňyz gutly bolsun!” diýýä. – Ýat
adamynyň ýurt gutlamaga gelmegine gaty begenen Aýparça şeýdip dilmaçlyk eden
boldy.
Eli akja bäbekli gelin Aýparçanyň ýanyna, sag dula geçip oturdy welin, öýüň içine
döwlet dolan ýaly boldy. Çaga tarap aýratyn höwes bilen sereden Gojuk Mergeniň
gulagynda:
“Allaý-allaý alançak,
Akar suwlar bulançak
Alty ganat ak öýüň
Sag dulunda sallançak” ─diýen setirler gaýtalandy.
148
Mele gelniň goltugyndaky etli-ganlyja bäbek elde saklatmajak bolýardy, saga-çepe
çyrpynýardy, heniz dil çykmadygam bolsa, ýakymly sesi bilen bir zatlar diýmäge
dyrjaşýardy. Emma çaganyň diline öz enesem, öz enesi ýaly gelin Aýparça-da
düşünmeýärdi.
Çaganyň diline Gojuk Mergeniň arzuwy düşündi. “Öýüň tüýnügini galdyran
badymyza gapydan bäbegiň gelmegi biçak gowy boldy. Ýaşyna-da ýetmedik, heniz
adamlar tarapyndan ýamanlyga küşgürilmedik çaga jahanyň iň päk adamsy. Onda ne
günä, ne-de erbet niýet bar. Gowy boldy!”
Sazanda bir zat bolan ýaly tisgind-de:
─ Aýparça! – diýdi. Emma mahaly bilen yzy bolmady. Aýdylmaly habara gaty kän
garaşan Aýparça gelne, dogrudanam, geň ýumuş buýruldy. – Hany, Aýparça, duldan
sallançak as!
Özünde çaga ýok halatynda şindi barja goş-golamy hem ýerbe-ýer edilmedik öýüň
dulundan sallançak asmaklyk düşnüksizdi. “Täze dikilen öýüň tüýnüginden ýaglyk
asylar, gapysyndan doga sallanar welin... Biýem yrym edýändir, ýagşy niýet edýändirdä”. Adamsynyň yrymy gowudy. Ýöne aýdylan habar hakda oýlanan Aýparça tas hapa
bolupdy.
Aýparça heniz ýygnalman, iç işikde ýatan ýüpi aldy-da, tärime dakdy, köne
kilimdenem ýorgança goýar ýaly ýer etdi.
Heniz çaga dogurmadyk, ýöne çaga garaşýan gelinleriň şeýle dessurlary bardy.
Olar indi dünýä inmeli perzentlerine niýetläp, kürtejik, jambörük, köýnekjik tikýärdiler.
Ol dünýä injek çaga geýim-gejim tapylmaz diýen ätiýaçdan edilmeýärdi-de, yrym,
ynam üçin, näumyt bolmazlyk üçin şeýdilýärdi. Bu däp-dessurlardan Gojuk Mergenem
habarlydy.
Sallançaga güýmenmek bilen Aýparça gelin arzuwçyllygyň çür depesine çykdy ýada adamsyny gelinleriň endiginden bihabardyr öýtdi. Ol dulda duran çaklaňja çuwaly
başaşak silkdi-de, gözlän düwünçegini açdy welin, içinden sallançakbagy çykdy.
Sallançakly sözi orta atyp, gelniniň keýpini bozandyryn öýden Gojuk Mergen
ökündi. Amala aşmaýan, amala aşjagam gümana arzuwyny ýatlatmak, bir tarapdan,
Aýparçanyň üstünden gülmek ýaly bolýardy. Beýleki tarapdan bolsa şol gürrüňi orta
atanyny mukamçy kemem görmedi. Uzagyndan güýä ýal bolup gitmeli sallançakbag hut
şol söz sebäpli daş çykdy. Sallançakbagyň güýä ýal boldugy Aýparça gelniň umyt
ýüpüni güýäniň kertdigi, üzüldigi boljakdy. “Herki zat öz niýetlenen ornunda dursa
ýagşy. Sallançakbagam sallançaga baglansyn”.
Ujuna dürli reňkäki gotaz dakylan, düýe ýüňden işilen ýüp sallaçaga daňyldy.
Sallançak bolsa Gojuk Mergeniň arzuw sallançagydy.
─ Hany, bäbegi sallançaga sal, gelin!
Yrym edilýänine düşünip oturan gelin Gojuk Mergeniň aýdanyny derrew berjaý
etdi.
Bäbek üçin sallançakdan uly arzuw barmy! Ol sallançaga salnan badyna beýle
lezzet üçin öý eýelerine minnetdar bolýan ýaly ýylgyrdy.
Gojuk Mergen sallançagyň öňünde aýbogdaşyny gurap oturdy. Sadap saply dutar
gabyndan çykdy.
Sallançakbagy elinden goýbermän, adamsynyň gapdalynda duran Aýparça ýagdaýa
haýran bolup, mukamçynyň indiki etjek hereketlerine garaşdy. Ilkinji nobatda onuň
149
kellesine gelen pikir “Sallançak mukamy” boldy, şol saz çalynjakdyr öýtdi. Gojuk
Mergen täze saz hakda, onuň näme niýetlenendigi hakda, nähili ýagdaýda
çalynmalydygyny Aýparça telim gezek aýdyp beripdi. Täze mukamyň çalynmagy
gowudy. Ýöne ony çalmaga sebäp gerekdi ahyryn. Ýogsam ol diňleýjisiz aýdylan
aýdym ýaly gadyrsyz bolmalydy. Sebäbem gabat geldi.
Ol barada gep-söz aýtmasa-da, Gojuk Mergeniň kalbyndaky basyrylgy syr aýan
boldy. Aýparçanyň çakyna görä, sazanda öz tapan mukamyny öňürti öz öýünde, ilkinji
gezek öz öýündäki sallançagyň başynda çalmagy niýet edinipdir.
Sadap saply dutaryň kirişleri dartyldy. Tarlarynyň sesi ilkinji kakuwdan Aýparça
üçin geň hem nätanyş bolup ýaňlandy. Aýparça adamsynyň sazyny hälimi-şindi diňläp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 16
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.