Latin

Keseki - 03

Total number of words is 3718
Total number of unique words is 2250
31.0 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Kök çeýnäp oturan Blokwil edil gapdalyndan geçenem bolsa,öz çadyryndan bäşon ädimlikde dikilen agajy görmän geçişine haýran galdy.Uzyn agajyň depesine naýza
daňlandy,naýzanyň ujunda-da,Gara sertibiň köpe göz edip, sakgalyndan tutup getiren
gara kellesi bardy.Blokwil ony synlap oturmaly boldy.Ok türkmeniň ýeňseçukuryndan
girip,maňlaýyny böwsen ekeni.Ňaýzanyň ýiti ujy hem okuň maňlaýda goýan deşiginden
çykyp durdy.Şeýlelikde, ol maňlaýy ýeke şahly kellä meňzeýärdi.Serbazlara gajarlaryň
edermenliginiň nusgasy hökmünde göz edilip goýlan türkmeniň sakgaly epgekli şemala
galgaýardy.Göwreden aýrylan kelläniň ýylgyrýan ýaly ýüzüni synlan Blokwil: “Öz-ä
bihal adam däl bolsa gerek!—diýip aýgyt etdi.—Ýüzi sowatly hem akylly ýüze
meňzeýär...”
Naýza dürtülen kellä adam sypatyny berýän ýüz,dogrudanam,ýylgyrýan
ýalydy.Ymgyr çölde giň meýdany tutup ýatan takyryň üstünde omadaklaşyp ýer
köwýän serbazlaryň ýagdaýyny az-kem ýokarrakdan synlasaň,ýylgyrmazça-da
däldi.Janyny göni gelen ölümden gutarmak üçin ynsanyň özünden erksiz edýän hermme
hereketi keseden seredýäne gaty gülkünç bolüp görünmelidi.
*
*
Saragt bilen Mary aralygyndaky agyr ýoly dogry ýigrimi günde geçen Eýran goşuny
1860-njy ýylyň 6-njy iýulynda Köşk obasynyň golaýyndaky soň Porsulaga adyny alan
Nyýazmet
gala diýilýän
köne berkitmäniň ýanynda ymykly goş ýazdyrdy.
Nyýazmetgala Mary topragy doly basylyp alynýança zerurlyk döräýençä ätiýaçlykda
durmaly sülsadyň esasy böleginiň hem azyk-owkadyň saklanmaly ýeri bolmalydy.
Baran ýerinde özi üçin del ýurduň ähli zady bilen gyzyklanýan Žorž Blokwil bu
ýerdäki obanyň adyna Köşk diýilmeginiň sebäbine hiç düşünip bilmedi.Töwereginde
saýasynda dem alaýar ýaly ýeke düýp daragt hem görünmeýän,kaşaňdan-kaşaň belent
ymaratlary ýok ýeriň ady näme üçin köşge ýanaldyka? Ýa-da ýanyndaky taşlanyp
gidilen öýlerden sähel beýkligi bilen tapawutlanýan, çig kerpiçden bina edilen metjit
üçin şeýle at galdymyka? Ýer-ýurda at goýmaga gezek gelende ilem-ä ýalňyşagan
däldir.Ýa-da ol özlerine şeýle ýowuz toprak beren tebigatdan närazy adamlaryň tapan
ýaňsylamasymyka?
23
Dag üstüniň belentli-pesli ýollary sökülip,Nowruzabatdan çykylaly bäri sataşan
birmeňzeş düzlük bilen ýowuz çöllük Blokwili halys lejikdiripdi.Nyýazmetgalanyň
töweregindäki içgysgynç görnüş hem göwňüne ýakmadyk pereňli derrew çadyryna
girdi.Ol ýol kartasyny açyp,”Nyýazmetgala”,”Köşk oba”,”Semendik” diýen ýazgy
etdi,garaňky düşüp-düşmänkä-de düşegine geçdi...
Ertir irden çadyryň daşyndan gelen haýbatly ses pereňlini ukudan oýardy.Onuň
çadyrynyň gapdalynda durup,bogazyna bat berýän Gara sertipdi.Ol ýanyndaky adamlara
käýinýärdi.
Çadyrdan çykan Blokwiliň gulagyna ýeten habara görä,öten agşam gijäniň bir
mahaly gajarlaryň düşelgesine aralaşan türkmenler ukuda ýatan serbazlary oka
tutupdyrlar.Belkem, diňe syýasat üçin edilen bolmagy-da ahmal ol hüjümiň goşuna
ýetiren ullakan zeperi-de bolmandy.Türkmen güllesinden diňe iki sany serbaz wepat
bolupdyr.Gara sertibiň gepine görä,üç sany gajar hem ýesir alnyp gidilipdir.
Oňa garamazdan,Gara sertibiň öz garamagyndaky adamlara käýinmägede,jabjynmaga-da,çäre görmäge-de haky bardy.Çünki ýanyna baryp duran pereňlä onuň
düşündirişinden many alsaň,türkmenleriň öten agşamky hüjümi Horasan goşunynyň
agzyna çöp ölçäp görmek üçin edilen syýasat bolmalydy.
Gara sertip aňyrdan dyňzap gelen gaharly sözleri pürkmek üçin gapdalyndaky
iki sertibiň biri,”Ferahan”diýlip atlandyrylýan polkuň serkerdesi Hüseýin Aly hana
tarap seretdi.Emma Hüseýin Aly hanyň Nasretdin şanyň hut özüne golaý adamlaryň
biridigi ýadyna düşdümi-nämemi, nazaryny onuň ýanyndaky sertibe öwürdi.Şeýlelikde,
Hüseýin Aly hanyň eşitmeli sözlerini Fathaly han Şahsöwen Bagdady eşitmeli boldy.
--Üstüňe çozmak-ha beýle-de dursun,türkmenler hatda seň ukyňy bozmaga-da
ýaýdanmaly.Türkmenler senden gorkusyna on farsah ýakynyňda asgyrmaga-da
çekinmeli..Emma sen çadyryňda mylaýym düýş görüp ýatyrkaň,olar serbazlaryňy atyp
gidýäler.Bu Eýran goşuny üçin utanç dälmidir? Bu mertemesi belent,merhemetli
şahymyzyň bize eden ynamyny puja çykarmak dälmidir?—Şany ýatlan Gara sertip
Blokwiliň çadyryna tarap seretdi-de,sesini peseltdi.—Bu habar şol çadyrdan aňryk
geçmeli däldir.
Käýelýän adamlar Gara sertibiň näme diýjek bolýandygyna düşündiler.Çünki
Blokwiliňkiden aňyrda ýene üç sany çadyr bardy.Olaryň iň çetkisi bolsa Hemze Mürze
Hişmet Döwläniňkidi.
Soňky tabşyryk bilenem gijeki bolan ýakymsyz waka sebäpli çäre görlüş sapagy
tamam boldy.
Gara sertip Blokwile:
--Şeýläk seret,jenap!—diýdi-de,günbatara tarap elini salgady.Günbatarda
Blokwiliň gözüne uç-gyraksyz meýdany tutup ýatan sary gamyşlyk göründi.Käbir
ýerinde ýap-ýaňy at toýnagynyň oýnandygy mese-mälim bildirip duran gamyşlyk ozal
içine ynsan dabany düşmedik jeňňele çalym edýärdi.—Türkmenler şol jeňňelligiň içi
bilen gelipdirler,şol jeňňelligiň içi bilenem yza gaýdypdyrlar—diýip,şony aýtmak bilen,
hiç kimiň başy çykmaýan söweş syryny açan serkerdä meňzän Gara sertip düşündiriş
berdi.--Biziň sertiplemmiz,serheňlemmiz bolsa ol barada pikirem edenoklar.—Ol indiki
aýtjak habary diňe öz harby egindeşlerine degişli bolsa-da, ýene Blokwile ýüzlenip
gepledi.—Saba owkadyndan soň şol jeňňele baryň.Günorta naharyny aw etinden
iýäýmegimizem ahmaldyr...
24
Gün guşluk bolanda, jeňňelligiň ileri tarapyny boş göýan onlarça serbaz
gamyşlygyň üç tarapyndan ot berdi.Kän mahal geçmänkä, töweregine otly halka
aýlanan jeňňeliň üstüne gara tüsseden perde tutuldy.Guran gamyşlaryň şatyrdysy,çygar
gamyşlaryň tüpeň atylýan ýaly tarkyldysy jeňňeliň içinde basga düşen
haýwanlaryň,guş-gumrularyň zenzelesine garyşyp,Nyýazmetgalanyň Cemendik
tarapyndaky giň meýdan belent asmany bilen birlikde goh-galmagala gaplandy.Gara
tüssäniň ýokaryk göni gitmegine-de päsgel bermeýän şemalsyz howada alaw halkasy
haýal gysylýardy.
Gara sertibiň baştutanlygyndaky bäş-alty sany serkerde ýanynyň serbazlary bilen
günortada,jeňňeliň ot berilmedik tarapynda jemlenipdi.Olar öz ellleri bilen döredilen
dowzaha tomaşagär bolup durdular.
Ähli jandardan öňürdip, otdan gaçan garamtyldan semiz towşan göni ilerligine
eňdi.Emma ot ajalyndan gutulan janawer ok ajalyndan sypyp bilmedi.Ýeke towşana
bäş-alty sany gara nil çeneldi.Oňli-soňly ýaňlanan tarkyldy öňki gohuň üstüne urna
boldy.Atylan oklaryň hemmesiniň nyşana degeni-degmäni belli däl,ýöne janhowluna
bir towsup ýere ýazylan owadan jandar öz gyrmyzy ganyna boýaldy.
--Aý,ol towşandan agyz tamşanar ýalam zat galan däl bolsa gerek!—diýip,aňyrdan
Gara sertibiň sesi geldi.
Blokwil Gara sertibiň “Günorta nahara aw etini iýmek” barada aýdanyny
ýatlady.Ol ýene bir zada göz ýetirdi: jeňňel towşan awlamak üçin otlanmandyda,garşydaşa bukalga bolýan gamýşlar ýok edilýärdi.Gara sertibiň esasy maksady
şoldy.Ýogsam,öten agşam ýatanlary güpbasdy eden türkmenleriň ýene gamyşlykdan
peýdalanaýmaklary ahmaldy. “Ýeri,jeňňeli otladyň-da,gijäniň garaňkylygynam
otlajakmy?!”--Bu Blokwiliň pikiri.
Töwerekdäkileriň biri gara tüssäniň başy asmana ýetýän,gara şaha,gara ýaprak
ýaýradan mähnet gara agaç ýaly bolup durşuny synlasa,başga biri oduň örüsini barha
giňeldip,öňünden çykan öl-gury çöp-çalamy ýuwdarha kimin ýalmap baryşyna tomaşa
edýärdi,ýene biri hem gep-söz alyşdyrmaýan täsin şatyrda diň salýardy.Blokwil bolsa
öz başyny tizräk ajaldan gutarmaga derek pel-pelleýän bir kepderiniň serbazlaryň
depesinde pyrlanyp ýörşüne garaýardy..
Tötänden aýagynyň astyna sereden pereňli sag ädiginiň edil burnuna
ýetip,çabalanyp ýatan çaga kepderijigi gördi.Ol gyzyletenelikden ýaňy saýlanyp ugran,
entek uçmaga ykypsyz,gaçmagyň ugruny hem bilmeýän ejiz jandardy.Eger-de kapral
öňe tarap sähelçe hereket edäýen bolsa,çaga guş öžzünden ýüz esse agyr ädigiň astyna
düşüp mynjyranaýmalydy.
Blokwil adamlaryň depesinde pyrlanyp ýören kepderiniň näme üçin ajaldan
gaçmaýandygynyň sebäbine şondan soň düşünip galdy.Asmandaky ene kepderi öz
dilinde adamlara bir zatlar diýýärdi, megerem, olara ýalbarýardy,megerem,balasynyň
halas edilmegini soraýardy.Emma wagşylyk döreden adamlar biçäre guşuň diline
düşünmeýrdiler,düşünäýselerem, olaryň özünden ejiziň arzyny diňlejekleri belli däldi.
Pereňli çaga guşy eline aldy-da,bäs-alty ädimlikde duran iki serbazyň birini öz
ýanyna çagyrdy.
--Hol depäni görýäňmi?—diýip,ol gamyşlygyň gutarýan ýerinden taýagatym
ilerde göbek ýaly bolup çalaryp görünýän şor tümmege tarap elini salgady.
--Görýän,agabeg,görýän!—diýip,serbaz tabynlyk bilen jogap gaýtardy.
25
--Şujagazy şol depäniň üstünde goýup gaýt!
Aslynda-da bu ýere özünden ketdeleriň buýrugyny berjaý etdirmek üçin
çagyrylan serbaz çaga guşy gysymyna aldy-da,görkezilen ýere tarap höküdikläp gitdi.
Blokwiliňem,serbazyňam eden hereketine olaryň özlerinden gaýry üns berenem
bolmady.Şondan soň adamlaryň depesinde janserek bolup, pelpelläp ýören ene kepderi
hem gözden ýitdi.
Ot adamlaryň duran ýerine golaýladygyça,gamyşlygyň içindäki galmagal hem
güýjedi.Galmagal güýjedigiçe-de,tüpeň sesi ýygjamlady..Tüpeň sesi ýygjamladygyçada, serbazlaryň,serheňleriň şady-horramlygy artdy.Blokwil olaryň bolşuna geň galdy.
”Adamlar ýa biri-birlerini öldürip,ýa haýwanlary atyp,ýa-da tokaý otlap,öz edýän
ýykgynçylygyna heşelle kakmaly. Geň zat!”
Bir garynlak serbaz bolsa golaý gelende atan towşanynyň guýrugyndan
ebşitläp,ýokary göterip dürşuna, öz mergenligi bilen ýoldaşlarynyň öňünde
magtanýardy.
Birdenem ýanýan gamyşlykdan atylyp çykan äpet ýekegapan göni Blokwile tarap
gaýtdy. Ara uzak bolmasa-da,pereňli ony synlamaga ýetişmedi.Ýöne onuň gözüne
bolmasa, ýekegapanyň kebzesi tütäp gelýän ýalydy.Jany karkara gelip,gyssaga düşen
wagşy haýwan gönelen ugrundan dönmedi. Onuň öňünde durmak ajalyň öňünde
durmakdy.Şoňa göz ýetiren Blokwil sapançasyny sermedi.Aljyraňňylykda sapança-da
mahaly bilen gabyndan çykmady.Pereňli özüni ýitirdi.Oňa gaçyp gutulmaga-da maý
ýokdy.Gorkana goşa göründimi ýa-da hakykatdanam, şeýlemidi—ýekegapanyň öňe
somalyp duran iki sany gylyja meňzeýän egri dişi pereňliniň garnyna sokulyp,ony
ýokaryk göteräýjek ýalydy.
Ahyr ýalaňaçlanan goşa nil pereň sapançasy hem mahaly bilen atylmady.
Blokwil sähel salymdan garnyna ot bolup guýuljak agyryny garşylamaga häzirlendi
Birdenem sapança gümpüldäp gitdi.Emma ok nyşanadan sowa geçene meňzedi—
ýekegapanyň bady gowşamady.
Wagşy haýwan bilen Blokwiliň arasy dört-bäş ädime dirände,pereňliniň gözüniň
öňünde lowurdan başga bir ýiti diş—egri gylyç ajal bilen adamyň arasyna böwet
boldy.Töwerekden ahy-waý eşidildi.
Endamyna başdan-äýak jan deri çykan Blokwil maňlaýyny tutup äşak
oturdy.Onuň görejine kaklyşan ähli zat: gara tüsse-de,tütäp duran jeňňelem,uzakdaky
metjidiň diňi-de, asyl tutuş dünýä sandyraýardy.Ony ölümden halas etmäge ýetişen
serbaz, entek jany çykman ýatan ýekegapanyň depesinden ýene birki gezek gylyç
saldy.
Haýdap gelen Gara sertip ýüzünden adam ruhy öçen pereňlini gop berip, ýerinden
turuzdy-da,näme üçindir,gülüp göýberdi.
--Indi saňa hiç mahal ölüm ýokdur,jenap!
Blokwiliň jogap gaýtarmaga dili aýlanmaýan ýalydy.
--Gaty gorkaýypsyň öýdýäň!?
Pereňli bu gezek gepledi:
--“Gorkamok”diýsem,Hudaýyň öňünde-de ýalan sözledigim bolar.Men ölüp
direldim,general…
26
*

*
“1860-njy ýylyň 19-njy iýulynda surnaý-kerna
ýyň owazy astynda biz Merwe girdik..”
BLOKWIL.
Surnaý-kernaýyň dünýäni tutan owazy serbazlara az-kem göçgün berendir
öýdäýmeseň,agyr goşunyň Mara girmegi Horasandan gaýdylaly bäri her günde edilen
adaty hereketden kän bir parhlanmady.Içinde yns-jyns ýok kendi garşylyksyz
eýelemek,sazy hernäçe gaty çalsaňam, hakyky ýeňiş derejesine ýetirip bilmeýär
ekeni.Galasyny ýa-da baş şäherini aldygyňam tutuş ýurdy eýeledigiň
bolmaýardy.Paýtagty eýelenenden soňam, ýurduň gutarnykly ýeňlişe sezewar edilmedik
gezegi taryhda köp bolupdy.Ýeňiş nokadyny goýmak üçin ýeňilen tarap ýeňlenini ykrar
etmelidi,ilat dyza çökerilmelidi.Oňa garamazdan,Gara sertibiň maslahaty bilen
şazadanyň Tährana ýollan çapary Marynyň alynmagy bilen diňe bir tekäniň däl,eýsem,
tutuş türkmeniň Eýranyň gol astyna geçendiginiň habaryny Nasretdine buşlamak üçin
günorta tarap at goýdy.
Žorž Blokwil Maru-Şahu-Jahan,Marguş,Margiani,Merw,Marw diýen ýaly atlar
bilen dünýä meşhur bolan şäher barada kop zat eşidipdi.Ol şäherde deňsiz-taýsyz
kitaphanalaryň bolanygyny,atlary äleme dolan alymlaryň,şahyrlaryň,akyldarlaryň ýaşap
geçendigini bilýärdi.Emma onuň Eýran goşunynyň arasy bilen bu berkitmä gadam
basmagy Merwiň gymmatynyň, gajar goşunynyň agramynyň gaçmagyna sebäp
boldy.Hany ol belent-belent köşgi –eýwanly,köçebagly şäher! Gajarlaryň görgi baryny
göre-göre,hupbat baryny ýuwda-ýuwda,çöl-beýewan söke-söke eýeläni şäherem däldide,heniz gurluşygy hem doly tamamlanmadyk gowşajyk berkitmedi.
Gajar serbazlary bilen deň azap çekip,Maşatdan Mara ýeten Blokwil asyrlary
başyndan geçiren daş diwarly gala derek töweregine çig kerpiçden hem saman-sypal
garylan palçykdan haýat aýlanan berkitmä sataşdy. ” Eýranlylaryň belanyň körügi hasap
edýän şäheri şümükä? Isgenderiň düýbüni tutup,Nikatoryň gelşigine getiren,özüne
adap Antiohia adyny dakan şäheri şu bolmalymy? Wagt bilen wagşylyk belent
ymaratlary-da küle öwürýär—diýip Blokwil içini gepletdi.—Adamlar wagta baha
bermeýişleri ýaly, öz wagşylyklarynyň nämedigini hem bilenoklar.Diri adam
mazarystana zyýarat edip ýörkä-de, özi ölmelidir öýtmeýär.Bu ýerde Çingiz hanyň
atlylaram bolupdylar.Olaram dabyraşyp ýörkäler, hiç mahal guma garylarys öýden
däldirler..”.
Blokwil özüni taryhyň tot-tozany siňen sahypalarynyň üstünde gezip ýören ýaly
duýdy.Ol gözüni ýumanda,dabany topragy däl-de, kelleçanaklary,sünk-saňklary
basgylap
ýörendir
öýtdi,
aýallaryň,çaga-çugalaryň
zenzelesy,gylyçlaryň
şakyrdysy,toplaryň gümmürdisi gulagynda ýaňlandy.Ol gözüni açanda bolsa bir mahal
dünýäde iň gözel şaherleriň biri bolan Mar-u-Şah-u-Jahanyň gädik-gemrik harabalary
gözüniň öňünde peýda boldy.”Taryh diýilýän zat galam bilen däl-de, hökman gylyç
bilen,ýykan-ýumranlyk bilen ýazylmalymyka? Ony näzenin zenanlaryň,sypaýy
ýigitleriň hoş ýatlamalaryndan düzüp bolmaýarmyka?”
27
..Gara sertibiň ýanynyň bäs-alty sany serbazy bilen gapdalyna gelip durmagy
Blokwili geçmişden şu güne getirdi.Ol gözüni ýumanda taryhyň galagoply suratlaryna
nazary kaklyşan bolsa,gözüni açanda-da şu günuň galagoplulygy göreçlerine
dürtüldi.Gara sertibem taryhyň sahypasyny gan bilen ýazýanlaryň biridi.Geçmiş bilen
şu gün duşuşanda, ikisi alyşdy ötägitdi.
Marynyň eýelenmegi
bilen ýeňiş daragtynyň şirin miwesinden datdym
hasaplaýan şadyýan sertip:
--Ýeri,jenap,näme beýle oýa batypsyň-la?—diýdi.
--Aý,oýa batan zadymam ýok,general.Goja Merwe aýlanyp göräýsemmikäm
diýip durdum.Sizi bu meşhur kentde hoş gördük!
Pereňliniň soňky sözleri ýaňsylama bolsa-da,keýpli sertibiň keýpini has-da
göçürdi.Ol Blokwiliň egnine çalaja kakyp goýberdi.
--Bizem sizi bu ýerde hoş gördük!..Eşidýäňmi?
--Eşidýän—diýensoňam Blokwil baş atdy.
Eşidilmeli zat ilerden gelýän surnaý-kernaý sesidi.Pereňli ozalam kän mahal bäri
gulagyny kamata getiren şol sesden gaçyp bu ýere gelipdi.
--Menem Merwe aýlanyp göräýsem diýip, bärik çykypdym.
--Ol-a hasam gowy,general!
Murgabyň mar paýapylyndan geçip,galanyň içine girenlerinde,palçyk eýläp duran
bir topar serbaza gözi düşen Blokwil olaryň näme edýänleri bilen gyzyklandy.
--Ol meň buýrugym—diýip,Gara sertip öwünýän ýaly äheň bilen jogap
gaýtardy.—Kerpiç üçin palçyk eýleýäler.Galanyň iki sany çykalgasyndan özgesini
petiklejek.
--Türkmenler gaçyp giden bolsalar,çykalgalary ýapmagyň indi näme hajaty bar?
--Türkmene ynam ederligi ýokdur,jenap.Tilkem tilkidir,türkmenem tilkidir.Ýöne
türkmen tilkidenem tilkidir.Türkmen sagyňdan girer,soluňdan çykar.Nädip gireninem,
nädip çykanynam bilmän galarsyň.
Blokwil ýylgyrdy.Ol ýylgyryşyň Gara sertibiň aýdanlaryny tassyklaýan manysy
bardy.Sebäbi ol türkmenleriň tilki sapalagyny atyp,düýnüň özünde-de gajarlaryň üsti
toply iki sany arabasyny ok-därisi bilen olja alandyklaryndan habarlydy.
Mary galasy berkitme hökmünde onçakly ygtybarly bolmasa-da, düýbi giňden
tutulandy.Häzirem onuň içinde müňlerçe gara öý bardy1.Duşmanyň gelmeginiň sähel öň
ýany teke hany Gowşut hanyň buýrugy bilen göçülende alnyp gidilen öýleriň tärimleri
niň ýeri tegelek-tegelek oýuk bolup bildirip durdy.Blokwil türkmen öýüniň içini
synlamak isledi.Gara sertip hem ol islegi goldady.
Blokwil sertibiň yzy bilen öýleriň birine girdi.Asly hem pukaranyň tünegidigi
bildirip duran oraçanyň içinde fransuzyň gözi eglener ýaly zat ýokdy.Ýerliginde-de
serenjamy-sepi ýetmedik, degerliäk goşy hem sypyrylyp gidilensoň öý halysam çyplaň
bolup görünýärdi..
Blokwil öýüň täriminden başlap,uk,tüýnük,tüýnükden sallanyp duran gödek ýüpe
çenli garyşma-garyş synlady.Ony juda geň galdyran zat hem tüýnükden daňlan ýüpüň
ujundaky tulum boldy.Ol öýden çykyp barýarka-da,yzyna gaňyrylyp tuluma
Zorž Blokwil “Türkmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik” diýen gündeliginde Mary galasynda taşlanyp gidilen öýleriň sanyny
takmynan 30.000 bardyr diýip belleýär./Awtor).
1
28
seredende,dulda ýatan degirmen daşyna büdräp, tas ýykylypdy.Blokwil tärime elini
diräp zordan saklandy.Onuň tärime el dirän ýerinde-de çemçe torba asylgy duran
eken.Torbada ýaga bişen,gum-gurum basan susagyň gödek sapy somalyp durdy.
Giden meýdany tutup ýatan galanyň ähli ýerine aýlanyp çykar ýaly däldi.Şonuň
üçinem sertip bilen kapral ortadaky depäniň üstüne çykyp,töwerege ser salyp görmeli
etdiler.
Depäniň üstünden galanyň içi oňat görünýärdi.Blokwil serdarlar,jarçylar şol
tümmegiň üstünden köpçülige ýüzlenýän bolsalar gerek diýip çak etdi.
Günüň ikindi bolmagy bilen gara öýleriň kölegeleri hem uzalyp,beýleki öýler
bilen çaknyşýardy-da,giň meýdanda üýtgeşik bir surat emele getirýärdi,Serpigi ýapyk
türkmen öýleriniň sansyz gümmez ýaly bolup oturyşy bu il bilen nätanyş pereňlini
haýran edýärdi.Gara sertip bolsa beýle görňüş bilen onçakly gyzyklanmaýan ýaly,elini
başga tarapa salgap göýberdi.
--Şol adam bu mahal näme işleýäkä,jenap?
Gün şöhlesiniň arasy bilen ýer köwüp duran adama nazary kaklyşan pereňli:
--Biri çukur gazýan ýaly-la—diýdi.
--Özem türkmen bolmaly—diýip,Gara sertip, ozalam düşnüksizligi bilen gyzykly
bolup görnen hereketi hasam täsin etdi.—Biziň adamlammyzyň o ýere baryp çukur
gazmaga haky ýok.Hiç kime beýle buýruk berlenok.
Belentlikden düşüp, ol ýere ýeten adamlar geň bir wakanyň üstünden
bardylar.Otuz ýaş töweregindäki uzyn boýly,hortap türkmen gara dere batyp çukur
gazýardy.Gazylýan çukuryň gapdalynda-da diýseň owadan bir bedew süýnüp ýatyrdy.
Türkmen üç-dort ädim golaýyna gelen adamlary ýa-ha görmedi, ýa-da görse-de,
üns bermedi.Ol öz işini dowam etdi.Gelenler esli salym dursalar-da,türkmen şol bir
hereketini üýtgetmedi.Bolýan wakany haýran galyp synlap duran Blokwil çukur
gazýany akly ýerinde däl adamdyr diýip çaklady.Onuň ölen aty gömmek üçin çukur
gazýany düşnüklidi.Ýöne ähli jemendesi,it-pişigine çenli göterilip giden galada,onda-da
duşmanyň eline geçen howply galada ol adamynyň täk özüniň galmagy welin
düşnüksizdi.Beýle hereketi diňe janyndan geçen ýa-da akylyndan azaşan adam edip
biljekdi.
Ýanyna gelnendigini aňdyrmak niýeti bilen Gara sertip çalaja ardynjyrady.Diňe
şondan soň başyny sähel galdyran türkmen salam berdi. Emma ol ýanlary ýaragly bäşalty sany adamyň üstüne abanyp durmagyna garamazdan, gaçyp gitmäge-de
meýillenmedi, edýän işini hem togtatmady.
Çukur gazýan türkmeniň bolşy Blokwile türkmen öýünde gören geň
zatlaryndanam beter täsir etdi.Ol sertibiň ýanyndaky dilmaç serbazyň türkmene tizräk
sowal bermegine garaşdy.Emma Gara sertip lal-jim bolup duransoň,dilmaç sesini
çykarmady.
Işini boldum eden türkmen piliniň sapyna daýanyp, çukurdan çykdy,iki gulakly
guralyny ýere sanjyp,maňlaýynyň derini çaldy, iki-üç adimlikde ýatan donuny alyp,
çaňyny kakyşdyrdy.Soňra ol atyň ýanyna bardy-da,onuň maňlaýyny sypady. Don atyň
kellesine oraldy,ýeňleri boýnundan daňyldy.Türkmen şol hereketleri edýänçä,
towerekdäkileriň ýüzüne-de garamady.Emma iň soňunda welin, daşyna garanmaga
mejbur boldy.Atyň maslygyny çukura tarap çekmekçi bolanda, onuň ýeke özi ejiz
geldi.Ol töweregine seretse-de,sesini çykarmady.
29
Türkmeniň sözsüz medet soraýan nazarynyň manysyna düşünen Gara sertip
nökerlerine ümledi.Haýdap baran üç sany serbaz aty çukura iteklemäge kömekleşdi.
Çykaran gumuny ýene çukura süren türkmen gaýtadan derini çalansoň, duranlara
tarap seretdi.
--Indi gep sizden!
Onuň näme üçin beýle diýmegine Blokwil düşünip bilmän galdy.
Gara sertip sowal bermän durup bilmedi.
--Sen näme üçin galany terk eden tekeler bilen gaçmadyň,türkmen? Janyňdan
irdiňmi? Biziň kimdigimizi bilýäňmi? Bala-çagaň ýokmudy?
Häliden bäri dyman türkmen çalt-çaltdan gepläp başlady.
--Siziň kimdigiňizem bilýän,janymdanam iremok,bala-çagamam bar.—Türkmen
atyny gömen çukuryna tarap elini salgady.—Şü sebäpli gidip bilmedim.Janawer
keselledi.Men haýwança-da bolman namartladym.”Öz-özüň ölüp galarsyň” diýip, muny
taşlap ýöräberdim.Haýwan meniň yzymdan bir ejiz nazar aýlady welin...—Türkmeniň
bokurdagy doldy.Ol esli salymlap gepläp bilmän,yz-yzyna ýuwdundy.
--Yzyňa gaýtdyňmy?—diýip,dilmaç Gara sertibiň aýdanyny türkmençä geçirdi.
--Hawa,namartlygyň ýaryndan gaýtmagam mertlk diýip,yzyma dolandym.Asyl
aňyrlygyna ýöräýin diýsemem, aýagym ädilmän dur.Men özümiň namartdygyma şonda
akyl ýetirdim.Men ýigrimi alty ýaşymdan bäri Garaýel sebäpli ýaşap ýördüm.Garaýel
bolmadyk bolsa, ýedi ýyl mundan ozal ölmelidim.Gürrüňsiz ölmelidim.Ol meni
ölümden gutardy.Yzymdan kowan ajala ýetdirmän, alyp gaçdy...Şonda-da mem, iň
soňunda, bigaýratladym.Öljek bolup ýatan aty taşlap gitdim.Adam käte haýwança-da
bolanok-da.
--Maňlaýyndan atyp ötägitseň bolmadymy?
Garaýeliň eýesi ilki dilmaja,soňam Gara sertibe närazy nazar aýlady.
--Türkmen,zerur bolsa,özüni atyp mertlik edip biler.Ýöne atyny atyp,namartlyk
edip bilmez.
Türkmeniň gaýtaran jogaby täsir etdimi, nämemi,esli dymyp duran Gara sertip
gödek sowal berdi.
--Indi biz seň özüňi ataýsak nätjek?
--Kysmatdyr,han aga.
--Sen bir haýwan sebäpli şu ýaşda ölmäge razy-da onda?
--Garaýel haýwan däldi.Çyn bedewdi.Çyn bedewiň adamdan mert bolýandygyna
özüm göz ýetirdim.
--Çagalaryňa nebsiň agyranokmy?
--Agyrsa nädeýin? Öz ilinde olaram ýykma-ýykylma ýaşarlar-da.
--Biz seni aman goýup,tekeleriň arasyna göýbersek, nädersiň?
--Kysmatymdanam razy bolardym,sizdenem.
--Biz tekeler bilen garpyşmaly bolsak,eliňe gylyç alarmyň ýa-da edilen ýagşylygy
unutmazmyň?
--Edilen ýagşylygy unudaryn diýmen,ýöne elime gylyç almanam diýip bilmen.
--O nä beýle?
--Ýagşylygy unutmak namartlyk bolar,üste duşman gelende, gylyja
ýapýşmazlygam mertlik bolmaz...
30
Günüň ýaşmagy bilen ses-sedasyz mazarystanlyga öwrülen gala Gara sertibiň
dünýäsini daraltdy.Ol türkmeni hem ýany bilen alyp,yza dolanmaly etdi.
Kysmatyna kaýyl gelip,serbazlaryň öňüne düşüp ugran türkmen yzyna
gaňrylyp,ilkagşamyň ümüş-tamyşlygynda eýýäm gözden ýitip ugran gum üýşmegine iň
söňky gezek nazar aýlady.
Ony synlan Blokwil çalaja baş ýaýkady: “Haýwany beýle derejede söýüp bilýän
adamyň ýüregi neresse çaganyň ýüregindenem päk bolsa gerek...”
*
*
Tähranda baglaşylan şertnama görä, Žorž Blokwil Eýran goşunynyň türkmen
topragynda geçirýän harby hereketleriňe
gatnaşmazlyga-da haklydy.Tä uruş
gutarýança, ol özüni ok ýeterden uzagrakda saklasa-da bolýardy.Emma ol gürrüni
edilýän dört sany türkmen ýesirini welin ýakyndan synlamak isledi.
Ýewropanyň berk harby tertip-düzgünine endik eden hem her ätjek ädiminden,
ujypsyzam bolsa,özüne ýokaýmagy ahmal garadan ägä bolmak isleýän pereňli türkmen
ýesirlerini synlamak üçin Gara sertipden idin almaly diýen netijä geldi.
Blokwil sertibiň çadyryna tarap barýarka, Mürze Mämmet Kowam ed-Döwlä
türkmenleriň nä sebäbe Gara sertip diýen lakam dakandyklary barada oýlandy.Ýerli
ilatyň oňa şeýle lakam berendigini başda sertibiň özi oňa gürrüň beripdi.Ýone
dogabitdi agzy ýelliräk,özüni mahabatlandyrmagy halaýan sertip bir topar serkerdäniň
içinden türkmenleriň ala-böle özüne şeýle baha bermeklerinden başgaça many
çykarýardy.Ýstesine-de,türkmenler oňa “Gara ganjyk”,”Gara ýylan” ýa-da gaýry bir
ynsanyň çekeräk durýan sypatlandyrmasyny ýöňkemän,”Gara sertip” diýipdirler.Mürze
Mammet Kowam ed-Döwläniň sertipdigem çyn,garaýagyz pyýadadygam hakykat..
Şonuň özi-de Mürze Mämmediň beýleki generallardan gowulyga tarap
tapawutlanýandygyna güwä geçmeýärmi näme? Ýogsam,iň bolmanda,duşmanyň-a saňa
özüňe mynasyp däl hem bolsa,ýigrenji lakam dakmaga döwtalap bolardy ahyryn.
Emma Blokwiliň çak etmegine görä,bu ýerdäki hakykat Mürze Mämmediň öz
baha kesişinden başgaça bolmaly ýaly.Halk lakam dakanda ýalňyşmaýar.Halkyň
dakýan lakamy adamyň içki ýa-da daşky dünýäsi bilen hökmany suratda bap
gelýär.Şeýle bolsa,ol meselede ýalňyşan türkmenler öz bala-çagasyny gyrmaga gelen
duşmanyna onuň öz göwnünden turýan lakam dakaýmalymy?
Soňky üç-gört aýyň dowamynda Mürze Mämmet Gowam ed-Döwläni birneme
tanamaga ýetişen Blokwil onuň öz iline-de,öz hökümdaryna-da ikilik,garalyk eden
gezegine telim sapar gabat geldi.Şonuň üçinem türkmenleriň öňa lakam dakmakda
ýalňyşandyklaryna pereňlide müňkürlik döremedi. ”Gara” diýen söz, köplenç halatda,
gowulygy aňlatmaýar ahyryn!”
Gara sertibiň çadyryna golaýlan Blokwil aýak çekmeli boldy.Içerden gelýän
gülki,galmagal sertibiň sary çadyryny asmana göteräýjek bolýardy.Çadyrdakylaryň
gyzyşan gürrüňiniň arasyny bölmek islemese-de,daşarda öý diňleýän ýaly bolup
durmagy özüne uslyp görmedik Blokwil içerik girmeli etdi.Ol çagyrylman geleni üçin
sertipden ötünç sorady hemem islegini beýan etdi.
31
Pereňliniň haýyşyny diňlän öý eýesi,yzyndanam onuň ýanyndaky üç adam
ýaňadandan,ýöne bu gezek öňkülerindenem has gaty gülmäge başladylar.
Gözlerini ýaşardyp gülýänlere ýasama ýylgyryp sereden kapral aňk-taňk boldy.
--Göwnüňe alaýmagyn,jenap!—diýip,Gara sertip gülkiniň arasy bilen
myhmanynyň göwnüni awlamak isledi.—Senem biziň gülýän zadymyzyň gürrünini
etdiň.Şoň üçin biz ýaňadandan gülmeli bolýas.
--.................................................?!
--Bizem şol dört ýesiriň gürrüňini edip otyrdyk.
--Uly söweşiň bosagasynda beýdip gaty gülmek birhili bolýar,jenaplar—
diýip,Blokwil hem çalarak güldi.—Gaty gülen adamyň güýç-kuwwaty gaçarmyş.
--Eý,Hudaý! Tas içegelerim gyrlypdy!—Gara sertip köşeşdi.—Geç,otur!..
Asyl,jenap,sen baryp ýatan yrymçam ekeniň-ow!
--Yryma-da käte “ha” diýäýmeli bolýa.Durmuşda her hili garaşylmadyk
wakalaram gabat geläýýär.
--Bizem şol durmuşda gabat geläýjek wakalary göz öňüne getirip gülýäs-dä.
Blokwil egnini gysdy.
Bu gezek Gara sertibiň myhmanlarynyň biri gepledi.
--Bu ýalançyda her ki zat bolýandyr.Ýöne ertir irden öýünden çykyp gaýdan
erkegiň agşam aýalynyň ýanyna aýala öwrülip baranyna gabat gelipmidiň,jenap?
Mana düşünmedik Blokwil ýene egnini gysdy.
--Düşünmediňmi?
--Düşünemok—diýip, pereňli gönüsinden geldi.—Beýle zada gabadam
gelemok,beýle zady eşidemogam.Aý,jenaplar, o gep erteki gürrüňidir-le.
--Ýok,erteki däl. Nesip bolsa,ony şu gün hakykat ýüzünde öz gözüň bilenem
görersiň.—diýip,Gara sertip pereňli üçin ozalam gümürtik gürrüňi hasam düşnüksiz
etdi.—Türkmen ýesirlerini göresiň gelýän bolsa,ýoluň açyk,jenap!...
Blokwil çadyrdakylar bilen hoşlaşyp,çykyp gaýtdy.Ol gelýärkä-de, ýaňky
tükeniksiz gülki hem düşnüksiz gürrüň zerarly ýene Gara sertip barada oýlanmaga
mejbur boldy.”Adamyň durmuşdaky eýeleýän orny bilen paýhas derejesi deňeçerräk
berilmedik bolsa,netije hökman birtaraplaýyn bolýar ekeni.Uly çaknyşyga girmeli
serdarlaryň goşunyň ykbaly hakda oýlanman,bolgusyz zatlar sebäpli tä synçgylawugy
tutýança gülmeri nähili gülkünç.Aý, gülki bilen aglamaga tutaryk bolýan zat her ilde
başga-başgadyr-da”.Blokwil oýlandygyça, ýaňky gülýänleriň garşydaşlarynyň nähili
adamdyklaryny bilmäge höwesi artdy.
*
*
Ýesir düşen türkmenleri urman-sökmän gynaýardylar. Olary diňe öldürmäge
rugsat berilmeýärdi.Ölümden bärki görginiň nähili aýylganjy bar bolsa ýesirleriň
başyndady. Olary öldürmeýänleriniň sebäbi bolsa, Mara girileli bäri ogurlanyp äkidilen
garawullar bilen iki gün mundan ozal bolan kiçeňräk darkaşda ýitenleri hasap
etseň,türkmenleriň elinde ýüze golaý ýesir serbaz bardy.Ahyrsoňy iki tarapyňam
ýesirleriniň çalşylmagy ahmaldy.
Ýesir düşen dört türkmeniň diridikleri-de ýagdaýlydy.Olaryň dördüsini-de biribirine mäkäm daňyp,Murgabyň edil kenaryndaky şor tümmegiň üstünde
oturtdylar.Ýüzleri güne ýanyp gap-gara bolan takyrkelle türkmenleri biri-birinden
32
tapawutlandyrar ýaly hem däldi.Bolsa-da, olaryň biriniň ýaşynyň gaýdyşandygyny,iki
sanysynyň otuzy töwerekländigini seljermek bolýardy.Dördünji ýesir on alty-on ýedi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 04
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.