Latin

Keseki - 18

Total number of words is 3812
Total number of unique words is 2127
31.6 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tikenekledýän howply iňňildi barha güýjeýär. Birdenem guýy gapyşýar. Hut ýekeje
hepde adamsy bilen ýaşan gelniň geljekki ýyllarynyň hemmesi şol urganyň ujuna
düzülip, kyrk gulaç guýunyň düýbünde jaýlanýar.
Eýeriň gaşyndan iki eli bilenem mäkäm ýapyşyp, küýkerilibräk oturan Gojuk
Mergeniň gulagynda şol aýylganç iňňildi ýaňadan gaýtalandy. Az salymlap daş-töwerek
168
gözden ýitdi-de, sazanda özüni çar tarapdan gysyp-gowrup alyp barýan guýunyň içinde
ýaly duýdy.
Dutar diňe şatlanmaýar. Ol gerek pursady aglamagam, adam bilen aglaşyp, onuň
derdini, hasratyny üleşmegem başarýar. Gabyndan çykmadyk sadap saply dutar Gojuk
Mergeniň hyýalynda owaz edip başlady. Hyýalyndaky täze saz küýzeli gelniň hasratyna
goşulyp, ýaş ussanyň ýasyny tutdy, onuň ýaşalmadyk ömrüniň agysyny aglady., ruhuna
sarpa goýdy.
--Soňky ýagdaýyň neneň boldy, uýam? – diýip, suw dilänine ökünen mukamçy esli
salym geçensoň sorag berdi.
─ Mahmyt aga öz gapdalyndan oraça dikip berdi. Kysmata kaýyl bolup otyryn.
Nurgulyda degerli garyndaşam ýokdy. Ýetimdi. Biziň ykbalymyzam ýetim çykdy.
Nesibä şol ýazylandyr-da.
Hatdatlaryň ulanýan dilkaw sary kagyzy Gojuk Mergeniň göz öňüne geldi. Şol
uzyn kagyzyň ýokary başyna bir-iki setir hat ýaylypdyr-da, yzy boşlugyna dur.
Ýokarky iki setiriň yzyna gaýdyp hat ýazylmaly däl. Küýzeli gelniň ykbal ýazgysy şol
ýokarky iki setir bilen tamam bolýar. Adat şony talap edýär. Türkmen zenanynyň
bolsa, il adaty bozjak gümany ýok.
─ Mahmyt aga diýýäniň öýündemidir?
─ Mahmyt ussa öýde näme işlesin! O pahyr güzeranyny dolamak üçin mydama ýer
köwüp ýörendir. Yzyna üç jumadan bir gezek dolanýa. Onam ahyr Nurguly ýaly guýy
gapjarmyka öýdýän.. Hudaý daş edewrsin! Öýläniň çagynda meň agzyma alyp duran
gepim näme?
Az salymyň içinde Gojuk Mergeniň başyna gaty kän pikir gelip geçdi. Ol pikirleriň
ählisem haýsy tarapdan, haýsy ýoldan gelýändiklerine garamazdan, durmuşda ýeke
hepde ömür sürüp, ykbal ýazgysynyň iň soňky nokadyny goýdum hasap edýän egni
küýzeli ýaş gelinde jemlendi.
Sazanda ol pikirleriň haýsysyny bijebaşy etjegini bilmän:
─ Seň adyň näme, uýam? – diýdi-de, kellesine gelmedik sowaly dile getirdi.
─ Men Aýjemal Pürli gyzy bolmaly. – Aýjemal birdenem beren maglumatyny az
gören ýa-da şony aýtmasa, gaty gabahat iş etjek ýaly, jogabynyň üstüni ýetirdi. –
Aýjemal Pürli gyzy Nurguly gelni.
Gojuk Mergen indiki etjek hereketini gowy ölçäp-biçýäne meňzäp, esli salym
geplemedi, agzyny açanda-da, öz pikiriniň häzir gaty dagynykdygyny ýüze çykardy.
─ Mahmyt ussa öýündemikä şu mahal?
─ Mahmyt ussa üç jumadan bir dolanýa diýmedimmi men size? Eşitmediňizmi?
Indiki jumada geler ol. Bu günem duşenbe.
─ Wiý, hawa, men ony ozal sorapdym-ow! – Gojuk Mergen gelinden ötünç
soraýan ýaly, mylaýym ses bilen çalt-çaltdan gepledi. – Indiki juma çenli entek mahal
kän. Mahmyt ussa üç jumadan gelýän bolsa, mahal kän.
Gep gutardy hasap edenem bolsa, Aýjemal ýene aýak çekmeli boldy.
─ Meni oraçaňa çagyr, uýam...
Mukamçynyň garaşylmadyk haýyşynda hiç hili howp bolmasa-da, onuň
düşnüksizligi Aýjemaly oýlandyrdy. Ady ile belli adam näme sebäbe oraça barjakka?
Suwsapdyr, suw içdi. Indem, öýleden soň ajykjakdygyny ýadyna saldymyka? Aýjemal
her hili pikire gulluk etse-de, Gojuk Mergeniň haýyşyna ýok diýmedi.
169
Sazandanyň aty küýzeli gelniň yzyna düşdi.
Aýjemalyň öýüne ýetilýänçä, Gojuk Mergen matlabyny doly beýän edip bilmesede, maksadynyň amala aşmagyna medet berip biljek pikirlerini emaý bilen daşyna
çykardy.
Aýjemal gelin sada bolsa-da, Gojuk Mergeniň gep jylawynyň ýoluň haýsy
gyrasyna çekýändigine derrew düşündi. Ol entek doly aýdylmadyk maksadyň aýdyljak
bolunýanlygy üçinem ýüreginiň darka ýarylman durşuna haýran galdy. Heniz mesele
keserdilip goýulmanka, gelin hakykatdan daşlaşyp, ümürli howanyň arasyndan geçip
barýan ýaly boldy.
Aýjemalyň elden-aýakdan çykman saklanmagyna sebäp bolýan başga bir delil
bardy. Olam aýdyljak bolunýan sözleriň kimiň agzyndan çykaýndygyny ýatladyp duran
pikirdi. Gelin şoňa akyl ýetirjek bolýardy.
Aýjemal ýerden ýeke çykan däldi, iki sany erkek dogany hem bardy. Iň ýakyn
hossarlary türkmençilige eýerip, ýalňyz naçaryň ojak saklap, nirdedir bir ýerlerde
ýalňyz özüniň oturmagy bilen razy bolan bolsalar, bu ýagdaý näme üçin ýedi ýady, ötüp
barýan ötegçini biynjalyk etmelimişin? Ýa-da Aýjemalyň sada doganlaryndan ýaşy uly,
köpügören adam şerigatyň kanunyny olarça bilmeýärmikä?
Gojuk Mergen türkmençilige sygmaýan zat aýtjak bolmaýar. Şonuň üçinem
Aýjemalyň ony ýürekden ýigrenesi gelenok. Sebäbi Gojuk Mergeniň ady-dabarasy,
sypaty, agraslygy ony ýigrenmäge ýol berenok. “Men näme üçin bu adama öz ýoluň
bilen gidiber, maňa akyl öwretjek bolsalar, ganybir garyndaşlam bar. Sen kim maňa
diýip bilemok?” Aýjemal ony diýip bilmeýärdi, diňe pikirini edýärdi. Sebäbi Gojuk
Mergeniň aýdýanlary onuň öz sözleri däldi-de, durmuşyň sözleridi. Durmuş bolsa
Aýjemal gelne geplemäge pursat bermeýärdi.
Gojuk Mergen atdan düşdi-de, uýany işikdäki haçja mäkäm daňdy, salam berip,
içerik girdi.
Çep dulda epeý adamynyň aýbogdaşyny gurap, boş öýi dolduryp oturmagy içerä
gelşik berip giden bolsa, uly iliň dilinden ady düşmeýän sazandanyň hut özüniň
bosagadan ätlemegi kän mahal bäri bejerilmän, çöküşen öýüň ezeneginden göterilen
ýaly etdi. Şol ýagdaýam Aýjemaly birneme aljyratdy. Ol tanymal adamynyň bu
gapydan tötänden gelendiginem birbada unutdy. “Gojuk Mergen gapydan gelse, içerde
“Sallançak mukamy” çalynmalymyş. Hakyt dutaram ýanynda. Özem şo dutar sadap
saplymyş. Şoň üçinem oň sazy jadylymyş. Gojuk Mergen näme islese, nämäni arzuw
etse, hasyl bolýamyş. Muň gapysyndan giren öýünde hökman çaga jägildemelimişin...”
Egnindäki küýzäni gyşarda-gyşarda, ýakasyny öl edenden soň, Aýjemal özüne geldi. Ol
küýzäni tärime söýäp goýdy-da, ýap-ýaňy eden pikirinden howpurgap, yza tesdi. “Muň
gapysyndan giren öýünde çaga jägildemeli bolsa... Ähli zat Nurgula aýan bolandyr. O
dünýäde men oňa näme jogap bererkäm? Ýaňky hyýalym üçin meni dowzah oduna
köýdürmezlermi?” Ol özüniň aýylganç pikirine Gojuk Mergeniň sebäp bolandygyny
ýatlap, sazanda tarap seretdi. Ýaşulynyň peşeneli ýüzüne, çal sakgalyna, bereketl janly
gözlerine nazary düşen gelin birneme köşeşjegem ýaly etdi-de özünden erksiz:
─ Bagşy aga, sen şu öýe näme maksat bilen geldiň? – diýdi. Diýse-de diýdi welin,
Aýjemal diňe bir aýdan sözlerinden däl, gödeksi çykan sesindenem uýaldy.
Aýjemal uýaldy. Onuň sözlerini eşiden Gojuk Mergenem ýaýdandy, asyl gorkdam.
Eýýämden sesini sandyradýan gelin ýürek doly açylsa dagy näderkä? Sakgalyňdan
170
sallançak ýçaýmazmyka? “Türkmen sährasynyň erteki güni, şulara bagly-da. Şu
sähranyň üstünde ýaşasalaram, ýagdaýyna düşünmejek bolýalar. Bular o dünýäň
ertesinden gorkup, bu sähraň şu gününe hossarlyk etmejek bolýalar. Menem şol
peýdasyz adamlaň biri. Menem Aýjemala aýtmaly sözümi doly aýdyp bilemok. Hany
seň merdemligiň, Gojuk Mergen? Hany seň adamlygyň, Gojuk Mergen? Hany seň
hupbulwatanlygyň, Gojuk Mergen? Bir-birimiziň ýüzümize ýürek açyp bilmesek,
bizden bu topraga hossarlyk eden bolmaz. Gaýtam topragy tozdurarys. Biz aýtmalysyny
ýüzüne aýdyp bilmesek, topragy tozdurýanlara, milleti talaýanlara-da ogrudyklaryny
gönümel aýtmaga gaýrat tapmarys. Netijede öz nanymyzy özümizi talaýanlardan diläp
iýmeli bolarys. Olam akmak baýyň aç ölüşi ýaly bolar. Sen ýüregiňi açmaly, Gojuk
Mergen, açmaly. Galany Aýjemalyň öz işi...”
─ Bagşy agaňam, keýgim, şu öýe seň ýalňyzlygyňa nebsi agyryp geldi. Diňleseň,
bir kelam sözüm bar. Diňleseň, seň üçin çaljak ýekeje sazym bar. Alsaň, bir pendim bar,
gyzym. Bagşy agaňda dagy matlap ýok. Gözi ýoguň – ýüzi ýok edip, atdan düşenime-de
günämi öt, gyzym.
Yzyndan atly-ýaragly diýen ýaly barlyp, çakylyk edilýän,elde göterilip diýen ýaly
uzak obalara äkidilýän adam bu ýerde öz gullugyny özi hödürleýär.
Sadap saply dutar gabyndan çykanda Aýjemal aljyrady, sypaty üýtgedi. Ol
ömründe birinji gezek dutar görýän ýaly, görýänine-de ynanamaýan ýaly, bir dutara,
birem ýaşa gözlerini petredip seretdi.
Ady çagalykdan bäri gulagyna ilýän, emma henize çenli görülmedik, görmek
miýesserem bolar öýdülmeýän adam dutarynyň kirişini dogrulan otyrka geplände
Aýjemal eşitmeýän ýaly boldy.
─ Ýanýoldaşyňam şeýle bolupdyr, keýgim. Imany hemrasy bolsun! Gysga ömür on
kysmatyna ýazylandyr. Ony diňe hudaý bilýär...
─ Ýok! – diýip, oraçanyň tüýnuge derek goýlan dwşigine tarap sereden Aýjemal
asmandan biri garap duran ýaly gorkup, ýakasyny tutdy. – Ýok, bagşy aga, ýok. Agzyňa
haýyr söz alaweri!
Arçalan ýapdan suw akdyrmak ýeňildi. Indi Gojuk Mergene başyny başlan agyr
gürrüňini dowam etdirmek kynam düşmedi. Ol ynam bilen gepledi:
─ “Ýok” diýip, perte aýdar ýaly, sen, keýgim, hudaýam däl, pygamberem. Men
ötüp barýan ötegçi. Megerem, ikimize gaýdyp sataşmagam miýesser bolmaz. Bu
gezzkki sataşmagymyzam, megerem alla işidir. Nesibeden gaçyp gutulma ýok. Sebäpsiz
çöp başynyň gymyldamaýandygyny özüň gowy bilýansiň. Sen maňa gulak as, uýam.
Özüňem tä men şu gapydan çykaýançam gepleme, diňle. Men öz pendimi aýdyp
gideýin, isleseň al, islemeseň alma, ol öz işiň. Ýöne, bilip goý, uýam, Gojuk Mergen
sadadyr, gönümeldir. Egri gepi bolmaz. Emma ki, ol her gabat gelen ýerde indegsiz ýük
ýazdyryp ýörenlerden däldir. Özem sözi ýykylmajak ýerde, pendi alynjak ýerde , şoňa
umyt baglaýan ýerinde gepleýändir. Senem oýlan, keýgim, aýdanyma “hä’ diýjek bol.
Ýap-ýaňam içerini howpdan, aljyraňňylykdan dolduran Gojuk Mergen Aýjemala
ýene ýarap başlady. Gelni geň galdyran zadam ile ady belli adam naçar bilen hut öz
deň-duşy ýaly, hut mähriban atasy ýaly bolup gepleşýärdi. Diňe bir gepleşmegem däl,
asyl ol ýalbarýardam, dyzyna-da çökýärdi, baş hem egýýrdi Beýle hormat Aýjemalyň
nirede gören zady! Henize çenli Aýjemal bilen durmuş hakda, gün-güzeran öwürmek
hakda dogry oturyp beýdip gürleşen, bähbitli bir maslahat beren ýakynu-ýat bolmandy
171
ahyryn. “Bu näme üçin beýdýäkä?” – diýip durmuşyň çylşyrymlylygy hem mekiralynyň kän bolýandygy hakda oýlanan gelin birdenem iňkise gitdi. Öýerip bilmän ýören
dogan-garyndaşy dagy barmyka? Aňsat ýerden... Ýok-la, Gojuk Mergen öz
garyndaşyny öýerip bilmän ýör diýilse, kim ynanar? Muň adyny eşiden türkmen asyl
sözüni ýykmaz... Onda näme üçin ol bir ýat maşgalanyň a edýäkä?
Gojuk Mergen Aýjemalyň göz öňünde iki adama bölündi. Iki bölegiň birinde iliň
agysyny aglap ýören, ejizlere hossarlyk edýän, ymgyr çölüň Hydyratasy ýaly Gojuk
Mergen, ikinji bölekde bolsa öz bähbidi üçin ýalandan ejizlemekden, şelaýynlyk
etmekdenem gaýtmaýan Gojuk Mergen göründi.
Aýjemal ony iki bölege böldi. Emma haýsy bölekdäki Gojuk Mergeniň hakykata
golaýdygyny welin seljerip bilmedi, haýsysyna bil baglajagyny bilmän ýaýdandy.
Aýjemal gorkýardy. Aýjemal ynanmazçylyk edýärdi. Iki bölünen sazandanyň haýsyna
ynanasa, şol ynanylan bölegem hakykatyň tersine çykjak ýaly bolup durdy.
─ Bu topraga hossar gerek, uýam, hossar gerek. Türkmende: “Är öldi – hatyn
talak” diýen gep bar...
Ol sözi eşiden Aýjemal hopugyp, bir zat diýjek boldy welin, Gojuk Mergen oňa
sag eliniň aýasyny görkezdi. Sazanda şol mahal adaty adama däl-de, gudratly göwrä
meňzedi. Aýjemalyň gözi bilen seretseň-ä, onuň ýokaryk galan eliniň barmaklary telim
esse ulalyp, ol, dogrudanam, göz baglap, dil baglap ýören jadygöýe çalym etdi.
─ Wadalaşdyk, keýgim. Men gepleýän, sen diňleýäň – diýende, Gojuk Mergeniň
sesem üýtgäp, öýüň içini şol sesden bölünen gurşun goşulan agyr howa gurşap alan ýaly
boldy. Ol “Sen gepleme” diýip, Aýjemala ýalbarýar. Onda-da kim ýalbarýar? Gojuk
Mergen ýalbarýar!
Haara, “Sen gepleme” diýip, Gojuk Mergeniň özi Aýjemala ýalbarýar. Aýjemal şu
mahal geple diýilse-de, bokurdagyndan ses çykar öýtmeýärdi, “Gepleme diýip,
sypaýyçylyk eden bolýandyr. Özem meň sesimi baglandyr”.
Indi Aýjemal dulunda oturan perişdä meňzeş adamdan adam diline meňzemeýän
üýtgeşik bir dile, adam sözüne meňzemeýän üýtgeşik bir söze garaşdy. Emma durabara özüni dürsän gelniň gulagyna adaty adamynyň aýdyp biläýjek gepleri eşidilip
ugrady. Bolsa-da, Aýjemal onuň aýdanlarynyň ýekeje sözüni hem sypdyrman
diňlemäge çalyşdy. Onda şeýtmekden gaýry çykalga-da ýokdy. Gelin Gojuk Mergeniň
sypatyna, hereketine jadylandy.
─ “Är öldi – hatyn talak” diýipdirler. Şol dana gep şu topragyň ykbalyna baglanyp
aýdylan bolmaly. Eger-de, zerurýetligi bolmadyk bolsa, ata-babalarymyz ol sözi aňsat
diýäýmezdiler. Ol söz biçak agyr söz, gussaly söz. Ýöne, ki, ýagdaý şol sözüň
aýdylmagyny, şol pendiň tutulmagyny talap edýär eken. Ýagdaýymyz şol dana pendiň
tutulmagy şu günemem talap edýä...
Gojuk Mergen öýdäki adam bilen däl-de, toprak bilen sözleşýän ýaly bolup, aşak
seredip oturşyna kän gepledi. Onuň aýdýan zatlaryny Aýjemal gelin ozal eşitmändi,
eşidenem bolsa, üns bermändi., üns berebem bolsa many almandy. Gojanyň sözleri
gelni görmedik, barmadyk ýerlerine alyp gitdi. Aýjemalyň telim arka aňyrdaky atababalary yssysy-sowugy aram, howasy şypaly, dagly-jülgeli, mydam gök öwsüp oturan
ýurtda durnagöz çeşmeden suw içip, arly ýyl öz-özünden azapsyz bitýän narunygmatlar iýip Oýrat diýen ýaly toprakda, Enesaý diýen ýaly beýik derýanyň
ýakalarynda ýaşaýar ekenler. Beeýle şypaly toprak hemme kişiniň küýsegi bolupdyr.
172
Basybalyjylar biziň atalarymyzy öz uçmahy topragyndan kowup, uç-gyraksyz
Garagum diýen çöl-beýewanlyga getirip dykypdyrlar.Bu ýagdaýa-da şükür etmeli.
Sebäbi, Garagumuň dowzah ýaly aýylganç howasy bolmadyk bolsa, duşmanlar
türkmeni bu ýerdenem kowup çykarardylar. Şonuň üçinem bizi ýok bolmakdan halas
eden howasynyň kömegi bilen gorap-saklan Garagumuň her adamsy, şol sanda özüni
hiç zadyň alnyndan däl hasap edýän Aýjemalam bu topraga hemaýat etmeli. Ýagşylygy
öldürmän saklamaly. Üstünde ýalky doglup, yzynda tohum goýman, ýeeke gelip, ýeke
giden adamyň bu topragy goldamadygydyr, bu topragyň iň soňky gününi golaýa
getirdigidir, onuň eden ýagşylygyna elinden geläýjek ýagşylyk bien jogap
gaýtarmadygydyr.
Gojuk Mergeniň gepi-sözi Aýjemaly otdan alyp, suwa taşlady. Ýaş gelniň baha
kesişine görä, Gojuk Mergen akylly-parasatly sözleriniň arasynda gatyragam gitdi,
aýtmasyz geplerem aýdyşdyryp, diýmesiz zatlaram diýişdirdi. Şeýlelikde, Gojuk
Mergen Aýjemaly kä gaharlandyrdy, kä-te öz döreden gaharyny öz sözi bilen
köşeşdirdi.
Iň soňunda-da Aýjemala ömür garaşylmadyk sözlerini batyrgaýlyk bilen aýtmagy
başaran goja gelniň ikinji garaşmadyk zadynam etdi. Ol dutaryň taryny çekdi-de, öý
eýesiniň ýüzüne gönüläp seretdi:
─ Gyzym, meň edähedim çaga dünýä inen öýde “Sallançak mukamyny”
çalmakdy...
Entek sazandanyň näme diýjegini bilmese-de, dutar düzülende içerä dolan şirin
owaza tolgunan Aýjemal: “Seň “Sallançak mukamyny” çalýanyňy bilýän” diýýän ýaly,
telim gezek baş atdy, myhmanyň indiki aýtjak sözlerine garaşdy.
─ ...Öýüme barybam, her çalan “Sallançak mukamyma” derek akja taýaga bir
tagma basýan. Seň tünegiňde çaga-da ýok, keýgim, sallançamgam...
Arzuw-hyýalyň depesinde gaýyp ýören Aýjemal ol sözlerden soň birden
tukatlandy. “Bu aga çagasyzlygymy maňa gyjalat berýämikä? Indi şol betbagtlygam
gel-gel öz maňlaýyma basylmalymyka?”
─ Men şu ojagyň başynda çalynjak “Sallançak mukamyny” nesýe çalýan. Ynan,
keýgim, ömrümde birinji gezek şeýdýän. Ýagşy umyt bilen şeýdýän. Men muny seň
ataň ornuňda, hut agaň ornuňda şeýdýän...
Goja sazandanyň öwrendikli bolan sagdyn barmaklary hereket edip başlady.
Mukam ýola düşdi. Saz kiçijik öýüň içini, çuwallary, torbalary dolduran soň, çogup,
tüýnükden çykyp başlady. Dünýä “Sallançak mukamyna” doldy.
Geçmişiň ajy hakykaty, geljegiň hyýaly çaklamasy, ähli kynçylyk, ähli hasrat
Aýjemalyň üstünden aýryldy. Ýaş gelin lemmer-lemmer ak bulutlaryň üstüne mündi,
dagdan-düzden öwrüm edip, ahyr sährada ýerledi, ganatlaryny ýygnap, töwerege ser
saldy.
Sonar otly ýaýlada bir ak maýa gezip ýör. Ol şeýle bir owadan, şeýle bir ak welin,
görkünden, reňkinden ýaňa gözüň-başyň aýlanýar. Onuň ýere degmeýän ýaly bolup
görünýän dört aýagam diňe sazyň hereketine goşulyp ýöreýär. Akmaýanyň ýelni
süýtden doly. Kümüş öwsüp oturan gyrymsy çoganlaryň, dänili ýüzärlikleriň, gök
otlaryň üstüne akmaýanyň ak süýdi seçelenýär. Emma onuň ýelni gowzamaýar. Gaýtam
däne-däne ak süýt dökülmesiz, gerekmejek ýere dökülýär. Çogana, ýüzärlige, gök otlara
akmaýanyň ak süýdi nämä derkar?
173
Akmaýa ak köşegini gözleýär. Emma aňyrsy çäksiz sährada ak köşek görünmeýär.
Akmaýa köşek gerek. Hökman gerek. Akmaýa nesil gerek, nesil. Hökman gerek.
Köşeksiz maýa öz maýalygyny ýitirip, diňe agyr ýük götermegi başarýan gödek güýje
öwrülýär. Maýalar bolsa, gödek güýje öwrülmeli däl, olar gözelilik üçin, botlamak üçin
bigörk çölüň keşbini gowulandyrmak üçin ýaradylypdyr. Ýük götermek üçin bolsa,
nerler bar, nerler. Akmaýanyň ak süýdi bilen köşek ýuwutmaly däl-de, akmaýanyň ak
süýdini ak köşek ýuwutmaly. Akmaýanyň näzik ýelnine ýüzärligiň gataňsy däneleri
degmeli däl-de, ol köşejigiň näzijek dodagyny duýmaly.
Sadap saply dutar saýraýar. Ol birden-birden akja köşek bolup gaçýar, birdenbirdenem akmaýa köşegine sataşmaýar, ol elewreýär, ol alakjaýar, uzyndan owadan
boýnuny uzadyp, çar tarapa seredýär. Emma bir görnüp, gözden ýiten köşek gaýdyp
nazara kaklyşmaýar. Giň sähradan ýeňil şemal öwürýär. Şemal dürli-dümen otlaryň,
haýwanlaryň ysyny getirýär. Ýüzüni asmana tutan akmaýa sähra şemalynyň içinden öz
köşeginiň ysyny aljak bolýar. Howada köşegiň ysy duýulýar. Ýöne onuň hanjadan
gelýändigini seljermek gaty kyn. Akmaýa elewreýär, akmaýa alakjaýar. Akmaýanyň
gamgyn halyna Aýjemalyň ýüregi gyýym-gyýym bolýar, oňa rehim edesi gelýär.
Akmaýanyň seçelenýän ak süýdi göýä öz göwsünden syzylýan ýaly ol mukamçy goja
duşdurman, emaý bilen döşüne elini ýetirýär, ýakasyndan barmaklaryna degen deriň
ýoky bolsa-da, Aýjemalyň başy aýlanyp gidýär. Ol özüne dul galan ýalňyz gelin
Aýjemal däl-de, akja bäbegiň enesi Aýjemal bolup duýylýar.
Aýjemal garyp öýüň içini, öz ýüregini owazdan hem ýakymly duýgudan, umytdan
hem ynamdan, ertirki güne bolan aladadan dolduran dutara seretdi. Dutara jadylymyş
diýilýäni çyn bolup çykdy. Dutar Aýjemaly joşdurdy, endiretdi. Ol öz kalbynda nämenämeleriň bolup geçýändigini onçakly seljerip bilmese-de, şu mahal düýpden
üýtgeýändirin, başga adama öwrülendirin öýtdi. Ol hatda indi bedeni dagam özge
adamyňka dönüp , teni duýmaz bolandyr öýdüp öz goşaryndan tutup gördi. Ýok, beýle
däl ekeni. Goşaram Aýjemalyňkydy, goşardan tutup duran barmaklaram. Diňe onuň
goşarynyň gürsüldisi üýtgäpdi, güýjäpdi, goşary tutýan barmaklar bolsa gowşapdy.
Başga üýtgeşiklik ýok diýen ýalydy. Bir aýdyňlyk bardy. Olam Aýjemal gelin öz
beýnisi bilen pikir edip bilmän, sadap saply dutaryň owazy näme diýse, şoňa-da tabyn
bolýardy.
Öz dulunda “Sallançak mukamy” çalnar diýen umytdan Aýjemal bireýýäm el
üzüpdi. Emma bu gün onuň garyp öýünde köpüň arzuw edýän şol mukamy ýaňlandy.
Birdenem Aýjemalyň hyýalyndaky sallançak sag dula geçip, hereket edip başlady.
Onuň hereketi mukama goşuldy. Sallançagyň içinde çaga-da bar. Ýöne onuň ýüzi
görünmeýär. Aýjemal entek ol çaganyň oguldygynam, gyzdygynam bilenok,
kimiňkidiginem saýgaranok. Belkem, özüniňkidir? Kişi çagasy üçin Aýjemalyň öýünde
sallançak gurulmaz ahyryn. Belli bir çaga niýetlenen saz her kimiň öz öýünde
çalynmaly. Kişi çagasy, kişi sallançagy üçin Gojuk Mergenem bu öýe gelmezdi. Iň
bolmanda, Aýjemalyň akyly üýtgäýen bolsa-da, akyly ýerindäki Gojuk Mergen bu öýüň
dulunda aýbogdaşyny gurap, “Sallançak mukamyny” çalmaz.
Gojuk Mergenem göýä şol sallançagy görýän ýaly sag dula tarap gözüni aýyrman
seredip otyr.
Sallançakda ýatan çaganyň ýüzi görünmese-de, sesi eşidilmese-de, onuň gyz
maşgaladygyny Aýjemal bildi. Sebäbi Aýjemalyň gulagynda:
174
Allaý-allaý, al haly
Aýda dokar bir haly.
Halysynyň kenary ─
On barmagynyň hünäri ─
Diýen hüwdi ýaňlandy. Ol täsin hüwdi Gojuk Mergeniň sadap saply dutarynyň
Aýjemalyň gulagynda henizem ýaňlanyp duran mukamyna goşulyp gitdi.
--Men gideýin,uýa—diýen ses Ajjemaly hyýal dagyndan ýere düşüşrdi.Ol özüne
gelende myhmanynyň eýýäm dutaryny ýygnandygyny gördi. Ýöne ol ýagşydanýamandan söz aýdyp bilmedi. Oňa derek Gojuk Mergen soňy aýtmalysyny hem aýtdy:
--Men gidýän, uýam. Ýöne sen özüňi maňa bergili hasap edip galsaň welin hoş
bolardym.Ýok, sen maňa bergili bolmaly d äl,--tutuş Garagyma bergili bolmaly. Meň
pendimi kabul kylyp, şu topraga bergiňi berseň Gojuk Mergenem gabrynda rahat
ýatardy. Sen, yýam şu sährada özüňden soňam ýaşar ýaly ogul ýa gyz perzent
galdyrsaň, sähra saňa minnetdar bolar, onuň ömri uzar. Ony-da meniň ruhum
syzar.Ömrüň uzak bolsun, uýam...
7
Bagtyýar beg hem onuň ýoldaşlary dagdan bärik aşanlaryndan soň türkmen
sährasynyň öz adamlary ýaly bolup, gabat gelen ýerde ilatyň toýuna-da – ýasynada
gatnaşyp gelýärdiler. Düşläp geçip gidýän çaklaňja kerwen blen hiç kes
gyzyklanmaýardam, oňa müňkürem bolmaýardy. Aslynda ol kerweniň daşky
görnüşinde, adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda müňkür bolup oturasy nyşanam
ýokdy. Bagtyýaryň kerweniniň ähli ýüki azyk-owkat, geýim-gejimden ybaratdy.
Kerwen bu gezegem gumy etekläp oturan iki hatar obada düşlemäge mejbur boldy.
Pygamber ýaşynyň toýuny toýlaýan bir adam geçip barýan ötegçileriň öňünden özi
çykdy, taýyn aşdan dadylyp gidilmese, gaty kemsinjekdigini aýtdy. Şeýlelikde, ýat
obanyň arzyly myhmanlary bolan Bagtyýar dagy diňe bir taýýar nahary iýmek däl, toý
hatyrasyna başlanan türkmen göreşine-de tomaşa etdiler. Öz wagtynda bil tutup, güýç
synanyşmak bilen gyzygan Bagtyýar beg nahary çynlakaý mürähet bilen iýse-de, göreşe
gezek gelende mürähede hem garşyp durmady. Ol öz ýoldaşlaryna-da üns bermän, aý
gurap duran adamlaryň öňrägine geçip durdy.
Göreş tutýanlaram hil-hildi. Toý hem sansyz mähelle ýygnanýan barly öýüň toýy
bolmany üçin döşi gapak ýaly, eginleri üwelip duran pälwanlaram ýokdy. Orta
çykýanlar töweregiň özli-özleridi. Ýöne göreşiň ahyrragynda öňe çykan çepiksi adam
öz ildeşlerinem-ä biparh garadyp goýmady welin, Bagtyýaram geň galdyrdy. Daşyndan
göräýmäge ol adamda göreş tutar ýaly ýagdaý ýokdy. Aýmançada taýçanak ýaly bolup
aýlanyp ýören adamyň kiçijik göwresi towugyňky ýaly inçejik aýaklaryna agram
salmaýan ýalydy. Ol görnüşi hasam gülkünç eden zat onuň bilen bil tutmak üçin orta
çykanyň garşyndaşyndan iki esse daýawlygydy. Şonlukda heniz iki bäsdeş bil
tutuşmanka, adamlaryň keýpi göterilip ugrady. Ejizjä gyjalat berýänem, onuň üstünde
gülýänem tapyldy. Iki adamyň göreşiň öýünden berýän tomaşasy, ozalkylaryň bil
tutuşyp beren tomaşasyndan zyýat boldy.
“Dogrudanam, bu ikisiniň göwresi, agramy kybapdaş bolmasa-da, orta çykmalary
nämedenkä? – Ýylgyrjaklap, öňe seredip duran Bagtyýar öz-özüne sorag berdi. – Ýa-da
175
bir ejiz bilen bir güýçlüni tutuşdyryp, tomaşa görmek türkmenleriň adatymyka?”
Bagtyýaryň kalbynda dörän soraglaram başlanmaly göreşiň gyzygyny artdyrdy.
─ Hanweli, sen bala-çagaňy ýetim goýmak niýeti bilen orta çykdyňy?
─ Batmsn bir gysanda seň ojagaz biliňi oňrup taşlamazmy? Şujagaz günüňem
özüňe kän görýäň öýdýän!
─ Abraýyň barka, bärik gaýt-da, meň ýanymdajyk oturybersene, Hanweli. Seň
menden näme tapawudyň ba?
Hanweli diýilýän ejizje adam soňky söz gatam köseleç ýaşula tarap ýylgyryp
seretdi:
─ Nury aga, seň sallançagyň başynda Gojuk Mergen saz çalypmydy?
Köseleç adam inçejik sesi bilen jakgyldap gülüp goýberdi:
─ Gojuk Mergen meň mazarymyň başynda saz çalaýmasa, ozal-a çalmandy.
─ Men çynym bilen soraýan, Nury aga.
─ Çynyň bilen soraýan bolsaň, Gojuk Mergen diýýäniň özi sallançakda ýatyrka
men ylgap ýören oglandym. Oň üçinem men senden tapawutlydyryn, Nury aga – diýip,
Hanweli ýaşulynyň sözüni böldi. – Men “Sallançak mukamyndan” pata alan bolmaly.
─ O mukamyň gudratyna men ynanýan! – diýensoň, Nury aga tutuş märekäni
ýylgyrdan gülküsini gaýtalady. – Seň menden tapawudyň bardygyna ynansamam,
Batmandan tapawutlydygyňa birneme müňkür bolýan, Hanweli jan.
Bartyýar beg türkmen obasynda düşlän ýerinde Gojuk Mergeniň adynyň
tutulmadyk, “Sallançak mukamynyň” aýtlanmadyk gezegine gabat gelmändi. Ine, bu
gezegem şol gürrüňiň gaýtalananyna şaýat boldy. Daga tarap ýola düşende diline
getirmese-de, Bagtyýaryň ýüreginiň teýinde başlan tutumyň manysyna,sadap saply
dutaryň gudratlydygyna azda-kände müňkürlik bardy. Dagdan bärik aşmak bilen ol
müňkürlik gün saýy, sagat saýy azalyp, ahyr şu günem düýpden ýok bolup gitdi. Hatda
elli-altmyş adamyň üýşüp, bary-ýogy bäş-alty adamyň göreş tutýan çaklaňja toýundada, ýatlamagyň asla derkar däl ýerinde-de, sadap saply dutar ýatlanýar. “Uly-uly hanbegleriň, alaman-çaparmançylygyň gürrüňi edilmeýär. Hatda matlaby näbelli
ötegçileriňem kimdigi soralmaýar. Gojuk Mergeniň ady welin, nirä barsaň tutulýar. Bir
emasy bolmaly. Gudratynyň bardygyny görkezmedik adamynyň boş sözüne beýle ynam
baglanmaly däl. Diýmek, biziňem saparymyz pulsuz bazara giden ýaly manysyz
bolmaly däl”.
Hanweli Batman bilen bil tutuşdy, daýaw adam çepiksini garnyna göterdi, aýlapaýlap, ony ýere pylçajak boldy. Emma beýtmek oňa birbada başartmady. Töwerekden
güýjän galmagal Batmana gaty täsir etdi. Ozalky eşidilen gürrüňler, Hanweliniň
“Sallançak mukamyny” ýatlap, biçak ynamly geplemegi daýaw admyny hasam
tijenmäge mejbur etdi. Onuň gara güýjüne Hanweliniň çeýeligi, ary ýaly ýapyşyp
ýatagy islänini etmäge maý bermedi. Tutluşyk, kesesinden seredene göreş däl-de, gülki
bolup göründi. Emma jygba-jyga gelende ähli ünsüni öňe gönükdiren Bagtyýaram
näme-nämeler bolanyny aňşyrman galdy. Ol parahat, ünjüsiz duranlygynda Hanweliniň
nähili hile gurup, Batmanyň üstüne ýykylanyny bilerdi welin, şol pursat göreşdenem bat
garşysynda duran garamurt adamyň gözlerini halamady. Tow berlen gara murty
jaýtaryp duran türkmen nazaryny nätanyşdan aýyrmaýardy. Bagtyýar ortadaky
pälwanlara tomaşa edýän kişi bolup, nazaryny şunça sowýarmykam öýtmese-de,
176
haýsydyr bir dartyş güýji onuň göreçlerini ýene şol garamurta tarap çekdi. Garamurtuň
şübheli garaýşy bardy. Garamurt garaýşy howpludy.
─ Ana, saňa, “Sallançak mukamynyň” gudraty!
─ Hanweli kel, müň ýaşa!
─ Köse, sözüňi gaýdyp al!
Bu sözler Bagtyýaryňam, märekäniňem garaşmadyk adamsynyň göreşde
ýeňendigine şaýatlyk edýärdi. Ol sözler Gojuk Mergeniň mukamynyň gudratydygyna
güwä geçýärdi. Bagtyýar hem şol gudrat hakda, sadap saply dutar hakda oýlanmalydy.
Emma Gojuk Mergenem, onuň sazam, birbada ýatdan çykdy. Garamurtuň gara gözleri
Bagtyýaryň janyny alyp barýardy. Garry atasy, bala-çagasy begiň göz öňüne geldi.
“Belkem, onuň gözleriniň bolşy şeýledir. Belkem, men ýersiz-ýere müňkür bolup, öz
aýbymy özüm açyp durandyryn. – Bagtyýar galagoply ýüreginw teselli berjek boldy.
Emma onuň bilenem beg ynjalmady. Onuň ünjüsi köşeşdiriji sözlerden üstün çykdy. –
Göwnüme bolýan bolsa, eýeli ýaly howply gözler näme üçin başga adama bakman, diňe
maňa tarap seredýäkä?”
Bagtyýar özüni düýş bilen hakykatyň arasyndaky alasarmyk dünýäde duýdy. Ol
garamurtuň gözlerinde çak edýän manysy bolsa-bolmasa-da, özüni gyra çekmeli, şonuň
bilenem bu ýerden aman-esen ugramaly diýen netijä geldi.
Bagtyýar şeýdýändigini duýdurmaýan kişi bolup, dähedem-dessemläp, yza süýşdi,
özüni adamlaryň arasyna mazaly atdym hasaplansoňam, garamurta tarap assyrynlyk
bilen ser saldy. Garamurt ozalky duran ýerinde ýokdy. Bagtyýaryň ýüregi jigläp gitdi.
“Duzaga düşäýdim öýdýän?” Birdenem ony gurşap alan howp zym-zyýat boldy. Ol
gabat gelenden gorkup, gabat gelene müňkür bolup ýörer ýaly özünde günäniň ýokdugy
hakda oýlandy. Ýogsam näme? Bagtyýaram, onuň ýoldaşlaram adam ogluna azar
berenok, hiç kimiň suwuny sowanok. Olar geçip barýan ötegçi. “Düş” diýdiler,
düşüldi., “Nahar iý” diýdiler, nahar iýildi. Bagtyýaryň öz ildeşlerem söwda-satlyga
barýan, Käbehana zyýarata barýan ile zepersiz türkmenlere azar berenoklar ahyryn.
Bagtyýaram şol türkmenler ýaly zyýaratçylaryň birimiş-dä.
Emma eýýäm bir gyra çekilip, özi duşdan bir adam bilen hyşy-wyşy edişip duran
garamurta gözi düşen Bagtyýaryň ýene endamy tikenekläp başlady. Garamurtuň
gürleşýänem, edil özi ýaly hyrsyz adamdy. Ol ýagdaý hem Bagtyýary öňküdenem beter
biynjalyk etdi.
Garamurt türkmen beýle eýmenç, beýle hyrsyzam däldi welin, “Gorkana goşa
görner” diýleni ýaly, Bagtyýaryň gözi bilen seredeniňde ol bolşundanam telim esse
howply bolup görünýärdi. Bagtyýary has beter gorkuzýan zadam garamurtuň bilnip
bolunmaýan içki dünýäsidi.
Her niçigem bolsa, ýoldaşlarynam alyp, obadan sag-aman saýlanan beg öz aýagy
bilen üstünden baran belasyndan gutulandyryn öýtdi, begendi, gaýdybam, tä ýetilmeli
menzile barylýança märeke bar ýerinde düşlemezligi özüne pent etdi.
Aýaklarynyň sandyramasyna çenli köşeşip, Bagtyýar ýaňy bir özüni dürsedim
hasap edende, ýoldaşlarynyň biri yzdan topar atlynyň ýetip gelýändigini habar berdi.
“Hileden sypsaňam, ajaldan sypma ýok eken-ow!” diýip, Bagtyýar kelemesini
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 19
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.