Latin

Keseki - 06

Total number of words is 3690
Total number of unique words is 2126
30.3 of words are in the 2000 most common words
42.2 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
zady ýok.Tekeler üstümize çozaga-da,gylyçlaşyk başlansa, şu çukuryň içinde durup,
gylyç aýlamaly bolarmy? Elbetde,beýle bolmaz.Ýöne buýruk buýruk-da.
Gowusy,jenap,sen meni gepletmesene! Özüň bilýäň…
Ýusup hany pereňli däl-de,başga bir garaşylmadyk ýagdaý geplemäge
goýmady.Derýa tarapdan top atylmaga başlady.
Arasyna mahal salyp gümmürdeýän toplaryň oky Hemze Mürzäniň belent
çadyrynyň dikilen ýerine ýetmese-de,goşunyň içine mazaly aralaşýardy.
Näme üçindir,Blokwil saklanyp bilmedi.
--Käbir generalyň atylmaz diýýän toplary atylyp başlady!
--Ony bizden düşen ýesirler atýan bolaýmasa—diýip,Ýusup han hem “käbir
generallar” bilen pikirdeşdigini aňdyrdy..
--Hähili-de bolsa, öz okyň,öz däriň bilen atylýan top özüňe gonükdirilse,bir hilidä.
--Onyň-a dogry, jenap.
Top oklary has golaýa düşmäge başlady.Blokwil Ýusup hanyň çigninden tutup,
ilerräk ýoräp ugrady.Olar ýedi-sekiz ädim ýöran batlaryna, edil Ýusup hanyň öňki duran
ýerine top okunyň biri gelip düşdi.
Ýusup han ol tarapa seredip,başyny ýaýkady.
--Hut depämden düşjek ekeni... Sen,jenap,meni göňi gelen ajaldan gutardyň.Men
bu bergimiň aşagyndan nädip çykarkam?!
--Söweşde algy-bergi hasaplaşylmaýar,han...
Uzak mahala çeken gümmürdi ýatyşandan soň,türkmenleriň berkitmesinden çykyp
gaýdan üç-dort ýüz sany adam derýa tarap ýöneldi.Olar kenara ýetensoňlar,näme
üçindir iki topara bölündiler-de,öz aladalary bilen gümra boldular.
Blokwil türkmenleriň edýän hereketini haýran galyp synlady.Olar suwa tarap
harsaň-harsaň töňňemi,agaç baryny çekýärdiler.Arkasy gara tüpeňli,elleri aňňally,orakly
adamlar aýagaldygyna gamyş ýygýardylar,desse bogýardylar.Pereňli olarýň näme bilen
meşgul bolýandyklaryna birbada düşünmedi.Ýöne häzirki hereketiň ýesir düşen ýigit
Ýegengeldiniňki ýaly mala ot ýygmak aladasy däldigi welin bellidi.Ýusup han beýle
ýagdaýy türkmenler derýanyň üstünden köpri salmakçy bolýarlar diýip düşündirdi..
Şondan söň Blokwiliň geňirgenmesi hasam artdy.Birinjiden-ä,soweş gidip duran
mahaly hiç zatdan gypynç etmän,köpri salmaga başlanmagy geňdi.Ikinjidenem,köpriniň
diňe gajarlaryň üstüne çozmak maksady bilen gurulýandygyndan başga manysy
bolmasa-da, serbazlaryň,sertipleriň türkmenleriň edýän hereketine göwnübir garap
durmaklary geňdi.Pereňli üçin ýene bir geň zat: goşunyň ýaralananlar bilen meşgul
bolýan az böleginden özgesi günorta naharyny taýýarlamagyň ugrundady.
Blokwil Tährana gelen gününden başlap,Gündogar adamlarynyň köpüsinde
biagyry häsiýetiň,şu günki işi ertä goýmaga bahana tapmak gylygynýn bardygyna üns
berýärdi.Bolsa-da, olaryň ajal bilen ýüzbe-ýüz duran halatlarynda-da,birinji derejeli işi
53
ikinji derejä geçirişleriniň welin haýran galyp, yzyndan ýetip bilmeýär.Serkerdeler
ýigrimi dört sany topuň iki sagadyň dowamynda boş işländigindenem,olaryň özlerini
uly çykdaja goýandygyndanam,iň esasam,ol ýagdaýyň goşuna göwnüçökgünlik
getirendigindenem netije çykarjaga meňzemeýärler.Gaýtam,Blokwiliň gulagyna
ýetmegine görä,käbir serdarlar Hemze Mürzä, häzirlikçe, hüjümi bes edip, yza,Mara
çekilmegiň,birneme dem-dynç alyp,Garaýaba gaýtadan gaýtmagyň maslahatyny
berýärmişler.Pereňliniň gelýän aýgydyna görä,eger-de gajarlar ilkinji, netijesiz
hüjümden soň Nerwe çekilseler,hut şol sebäpli hem tutuş ýörişiň bişow gutarmagy-da
ahmaldy.Sebäbi Maryda dört-bäş gün ýatyp gaýdanyň bilen goşunyň sany ýa-da güýji
artmaýardy. Gaýtam, ol top baryny arladyp gurlan söweşiň netije bermändigini
serkerdeleriňem boýun alýanygynyň güwäsi bolýardy.Ol bolsa serbazlaryň ýeňmek
ynamynyň peselmegine getirmelidi.Ol uruş tilsimlerinden düýpli baş çykarmaýan adam
üçinem düşnüklidi.
16-njy sentýabrda öýlän sagat üçlerde täze salnan köprüden atylyp geçen müňe
golaý atly türkmen gajarlaryň üstüne hüjüme başlady.Hüjüm bilen birlikde-de,atlylaryň
gelýan tarapyndan şeýlebir tozan turdy welin,Blokwil onuň diňe at töýnagyndan
göterilýän tozan däldigini aňdy.Ýöne Gowşut hanyň hut özüniň oýlap tapan emeli
tozanynyň Mädemini ýeňlişe sezewar eden söweşde-de türkmenlere uly ýardam
bolandygyny gajarlaram,Blokwilem bilmeýärdi.Tozan ähli zady bulaşdyrdy,bir atlyny
telim atly edip görkezdi,howada galgaýan gylyçlaryň sanyny köpeltdi.Ala tozanyň
içinden atylyp çykýan atlaryň yzy tükenmeze sapan ýaly boldy.Ol hem gajarlaryň
üstüne ýetip gelýän howpuň güýjüni artdyryp görkezdi.
Köpri gurlup başlanandan çozuşyň boljakdygyny çaklan Blokwil bu hüjümiň
soňunyň nähili gutarjakdygy barada welin belli bir aýgyt edip bilmedi.Hatda onuň ol
barada uzak oýlanmaga wagty hem bolmady.Ol ozüniň ýurt görmek,il tanamak
maksady bilen razylyk beren saparynyň ganly sapara öwrülip barýandygy barada
oýlandy.Bu gün onuň ýaş ömrüniň
iň soňky gününiň bolaýmagy-da
ahmaldy.Gözýetimde peýda bolan,ýiti gün şöhlesi bilen çaknyşanda alaw ýaly
ýaldyraýan ýüzlerçe egri gylyjyň biriniň pereňliniňem ömür tanapyny kesäýmegi
mümkindi.
Çozup gelýän türkmen atlylary arany ýygjamlatdyklaryça, ahli zat: olaryň
eşikleri,hereketleri, ýüz-gözleri aýdyň görňup başlady.Duşmanyň howuny basmak üçin
gajarlaryň yz-yza gümmürdeden toplary-da islendik netije bermedi.Atylan oklaryň
köpüsi eňip gelýän atlylaryň üstunden aşyp, Murgabyň kenaryndaky gamyşlyga baryp
düşýärdi.Gajar toplarynyň sesi türkmen atlylarynyň gykuwyna goşulup,gaýtam, ýetip
gelýän howpuň üstüne howp goşýardy.
Sary toplardan ýene netije bolmajakdygyna göz ýetiren gajarlar garpyşyga
häzirlendiler.Ýüzi Günli hem şirli tuglar ýokary galdy,gylyçlar gyndan çykdy.Öňdäki
howpy duýan atlar kişňediler,burunlaryny parryldatdylar.Iki tarapdan turan galmagal
dünýäni lerzana getirdi.
Sapançasyny ýalaňaçlanam bolsa,Blokwil ony atmalydyram öýtmedi.Sebäbi ol
aljyrady,äňk boldy,dünýäni unutdy.
Tyg degen atlaryň çirkin kişňemesem,eýerden agýan adamlaryň nalasam düýşde
görülen adam iýiji aýallaryň sesine öwrüldi. Zenezele dünýäni tutdy dünýäni
tutdy,tot-tozan güýjedi.
54
Öňden gelýän türkmwniň öz boýnundan gylyç salanyny-salmanyny pereňli görüp
bilmedi.
Ol depesinde oýnan at toýnagyndan gutulmak üçin bir tarapa gaçjak bolanda, ähli
galmagal birden kesildi.Onuň üçin darkaş tamam boldy,gorky-ürki gutardy.Ol özüni
uka gidendirin öýtdi...
Çukuryň içinde guma bulaşyp ýatan Blokwil gözüni açanda,dünýä parahatdy,tottozan ýokdy,iň esasam,aýal esi eşidilmeýärdi.Pereňli başyny göterip,
öňi bilen derýa tarap seretdi.Oňkülerden üýtgeşik zat görünmedi.Ol kellesini,ýüzüni
sypaşrdyrdy.Gan akyp ýa-da çişip duran ýeri ýokdy.Ol özüne gylyç degmän,atylyp
gelen atyň omzy bilen kakyp geçendigini bilmeýärdi.Pereňli öz
bolup
ýatyşyndan utandy, ýerinden turup,üst-başyny kakyşdyrdy,iki okyndan birini
hem atmadyk sapançasyny, gumuny kakyşdyryp,gabyna dykdy.Ol töweregine
ser salanda çaknyşykda wepat bolanlaryň jesediniň doly ýygnanmandygyny
gördi.Çäşerip, keserip,tüňňerişip ýatan maslyklaryň
arasynda,elbetde,
türkmenleriňem jesedi bolmalydy.Ýöne wepat bolanlaryň içinde aýal jesedi
ýokdy. “Hudaýa şükür! Men olaryň maslygyndanam eýmenerdim... “
Näme maksat bilen şeýdyänini-de aňşyrman,Blokwil serkerdeleriň çadyrlaryna
tarap ýöneldi.Çadyrlar öňki ýerindedi.Diýmek,çozuş eden türkmenler,goşunyň
jümmüşine tarap topulanam bolsalar,esasy çadyrlaryň duran ýerine ýetin bilmän,ýa-da
ýetmegi maksadam edinmän, yza dolanan bolmalydylar.
Blokwil kän ýöremänkä,gaçybatalga üçin gazylan bir çukuryň gyrasynda oturan
hor ýetginjegi gördi.Eýran goşunynda esgerlige berilýän haky almak üçin altmyşy arka
atan gojalaryňam,öz peýwagtyna gaýdan ýa-da kimdir birine derek iberilen on dort-on
bäs ýaşly ýetginjekleriňem bardygyny Blokwil bilýärdi.Emma çukuryň gyrasynda
çöküne düşüp oturan ýigdekçe juda arrykdygyndan bolsa gerek,öz ýaşyndanam
bärräkde bolup görünýärdi.Pereňli ýap-ýaňy at toýnagynyň oýnagy bolan meýdanda
onuň ýeke özüniň beýdip oturmasy bilen gyzyklandy.Ol,dogrudanam,bir zada
güýmenýärdi.
Oglanyň balagynyň öni öl-myžžykdy,peşewini saklap bilmeýäne meňzeýärdi.Ol öz
peşewinden eden palçygyndan uzyn nilli top ýasapdy.Indi hem şol topa ok ýasajak
bolýardy.
Blokwil oglanyň edýän işini,ýanyna gelip durana biparh garap oturyşyny synlap,ony
toplaryň gümmürdisinden,apy-tupandan,adamlaryň biri-birlerini kerçeýişlerinden ýaňa
aňyna zeper ýeten diýip düşündi.
--Adyň näme,serbaz?
Oglandan jogap bolmady.Ol üstüne abanyp duranyň ýüzüne çaga naýynjarlygy
bilen seretdi.Serbaz ýanyna geleniň kalbynda bar hem bolsa,heniz dile getirmedik
sowalyna jogap gaýtardy.
--Men top ýasadym,agabeg.Indem oňa ok ýasajak bolýan,agabeg.Muny gör.Bu
Isfihan topy bolmaly.Arman, ok ýasamaga peşewim ýetmedi.Seň peşewiň kän
dälmi,agabeg?
Ýigdekçäniň halyna nebsi agyran Blokwil başyny ýaýkady-da, ýoluny dowam
etdi. Ol serkerdeleriň çadyrlarynyň dikilen ýerine golaýlanda, türkmenleriň çozuşynyň
gajarlara abyrsyz urgy bolandygyna düşündi.Hemze Mürzäniňkiden uzagrakdaky bir
çadyryň ýanynda dört-bäş sany jeset süýnüp ýatyrdy.Belent çadyrlaryň ýanyna diňe
55
serkerdeleriň jesediniň getirilýändigini bilýän Blokwil,tanýş ýüze sataşaryn
öýdüp,ýatanlara täzeden nazar aýlady,emma wepat bolanlaryň arasynda onuň ýakyndan
tanaýany ýokdy.Ýöne ol tanyş bolmasa-da,çetdäki jesede üns bilen seretmeli boldy.
Seretmezçe-de daldi.Ýüzüne aksowult reňk ornan jesediň böwsülen köýneginiň
eteginden gana boýalan içegeler çykyşyp ýatyrdy.Beýle gözilginç görnüşiň üstüni
örtmegem hiç kimiň huşuna-da gelen däl bolarly.
Şazada ýakyn adamlaryň bu ýere gelenleriniň hemmesiniň ýüzi salykdy.Aňry
çetdäki çadyrda agyr oýa batyp oturan Hemze Mürze pereňliniň göz öňüne geldi.
Elbetde,serkerdäniň bu mahal näme hakda pikir aýlaýandygyny bilmek gyzyklydy.Ýöne
bu pursat näme barada oýlanylýandygyny bilmek üçin töwerekdäki sertipleriň ýüzüne
seretmegem ýeterlikdi.
Blokwil yza,özüniň gum basan çadyryna tarap dolandy.
* *
.
r
“…Jerendepede ikitaraplaýyn garpyşyk boldy. Farahon polkunyň
serbazlary “Ýa,Alla!” diýip, öňe saýlandylar. Bukuda ýatan
Bukuda ýatan türkmenler olary güpbasdy edip,70 serbazy
ödürdiler. Olar aty batga batan Hesen hanyňam başyny kesdiler”.
Seýit Muhammet Aly al-HÜSEÝNI.
“…Biziň söbügimize münen türkmenler yzymyzdan gülle baryny
ýagdytyp gelýärdiler.Men bir giň
garymdam geçmäge
geçmäge synanyşanymda atym bilen bile ýykyldym”.
BLOLKWIL
Gajar goşunynda iň abraýly serkerde hasap edilýän Hesen hanyň öldürilmegi
hemem artilleriýanyň görnükli sertibiniň birini türkmenleriň ýesir almagy bilen
serbazlar öňküsindenem beter ruhdan düşdüler.Gajarlaryň her gün diýen ýaly edýän
hüjümleriniň türkmenler tarapyndan ýesir,olja almak bilen yza serpikdirilmegi Hemze
Mürzeden ýagdaýa başgaça çemeleşmegi talap etdi.Ol yzly-yzyna bolan telim
şowsuzlykdan soň,geňeşçileriniň maslahat bermegi bilen Mara çekilip, çynlakaý
taýynlyk gormeli hem Garaýaba ýaňadandan hüjüme başlamaly diýen netijä
geldi.Şonuň üçinem 1860-njy ýylyň oktýabrynyň ikisinden üçüne geçilýän gije
daňdanlar gajarlaryň Garaýapdaky ähli goşuny,sülsady bilen Merwe çekilmeli diýen
buýruk peýda boldy.
Müňläp-müňläp serbazyn,mal-garanyň edýän hereketini,gijelik hem bolsa,görer
gözden gizlemek mümkin däldi.Bitertip yza çekilýän goşunyň şakyrdysy,galmagaly
töwerege ýaýylýardy.Şonuň üçinen gajarlar ýaňy bir farsah çemesi ýol geçenlerinde,
garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy.Duşmanyň yza çekilýäninden habarly türkmenler
goşunyň barýan ýolunyň iki tarapyndaky bukulardan çykyp hüjüm etdiler.Olar ýarym
ukuly hem aljyraňňy goşunyň gyrak-bujagyndan darap-darap geçýärdiler-de,ýene
yza,gamyşlyga tarap eňip,gözden ýitýärdiler.Gajarlar bolsa olaryň yzyndan gamyşlyga
girmäge heder edýärdiler.
Şeýle ýagdaý yzy üzülmän diýen ýaly gaýtalanyp dursa-da,her gezegem birnäçe
serbaz atdan,gatyrdan agdarylsa-da,agyr goşun öňe hereket edýärdi.Ol çalak-çulak
taýagyň urgusyny duýmaýan hamy galyň garry pil ýaly bolup,ýuwaşja süýşüp
barýardy.Goşunyn öňünde bolýan wakadan yzy,yzynda bolýan wakadanam öňi
56
habarsyzdy.Habarly bolaýanda-da,yza çekilmeli diýen buýruk alan
sussupes
serbazlaryň tizräk Mara ýetmekden gaýry pikiri ýokdy…
Iki tarapdan ary çozýan ýaly bolup dalansa-da,goşun burkaz mülküne gadam
basdy, Ol ýerden Mara çenli aralyk uzak hem däldi.Emma şol ýakyn aralygy geçmek
gajar goşuny üçin on farsah ýol geçendenem agyr düşdi.Olara Maryda galan general
Aga Reza Ažedanbaşynyň sülsadyna baryp birikmek başartmady.
Türkmenler Garaýapdan gaýdan goşunyň Maryda galan goşun bilen birikmezligi
üçin elden gelenini eden ekenler.Edil hinden çykan ýaly bolup,derýa tarapdan
duýdansyz peýda bolan atlylar bu gezek goşunyň başky bölümüniň üstüne
döküldiler.Öňdäki sap bilen barýan Blokwil sönky hüjüm eden türkmen atlylarynyň
sany müň ýarymdan az däldir diýip çak etdi.
Iki taraplaýyn gylyçlaşyk başlandy.Şol mahalam derýa tarapdan peýda bolan
ýene bir bölek atly gajar goşunynyň ikinji sapynyň üstüne eňdi.
Blokwil türkmen gylyjynyň elýeterinden daşrakdady.Şeýle hem ol serkerdeleriň
toparyna golaýrakda bolany sebäpli,özüniň goraglydygyny bilýärdi.Serkerdelere
janpenalyk edýän saýlantgy serbazlar garşydaşlaryny golaýa getirer ýaly
däldiler.Aslynda köp zatdan habarly türkmenlerem olara şeýlebir golaýlaşjagam
bolmaýardylar.Seýlelikde, Blokwil türkmenleriň söweş pirimlerini birneme keseräkde
durup synlamaga mümkinçilik tapdy.Onuň aýgyt edişine görä,türkmenleriň gajarlardan
esasy tapawudy uçursyz tiz hereket edýändiklerindedi. Olaryň atlary hem örän
ýyndamdy, atlar çalt gelişleri ýaly,yza serpilenlerinde-de,
başky tizligini
gowşatman,süýnüp gidýärdiler.
Blokwil turkmenleriň
gajar goşunynyň öňüni kesmän ýa-da,şeýtmäge
mümkinçilikleri bolsa-da,jümmüşine aralaşman,diňe çepden hüjüm etmeklerinden
özüçe many çykardy.Türkmenleriň esasy maksady gajarlary gyrmak däl-de,goşunyň
ýoluny üýtgetmek ýalydy.
Çozan türkmenleriň arasyndan saýlanan gara telpekli bir ýigit göçgünli atyna erk
edip bilmedimi-nämemi,gajarlaryň gapdalyndan öwrüm edip, yza gaýtmaga derek
goşunyň jümmüşine kürsäp urdy.Agzyndan ak köpük saçyp gelen at badyny birneme
gowşatsa-da,Blokwiliň deňindenem geçip gitdi.Pereňli at üstünde oturan ýigidiň elinde
üýtgeşik bir ýaragyň bardygyny görmäge ýetişdi.
Türkmeniň elindäki gulaçýarym çemesi taýagyň ujuna berkidilen zat ýenjilip,ujy
ýitilenen gupbady.Ýaňy dogan Günüň şöhlesi düşüp ýaldyraýan kümüş gupba
Gündogara onçakly belet däl pereňlä üýtgeşik bir ýarag ýaly bolup göründi.
Geň ýaragly ýigidiň atyna gajar goşunynyň arasyny böwsüp geçmäge maý
bermediler.Dumly-duşdan herekete giren serbaz gylyçlarynyň biri atyň öň aýagyny
sandan çykardy.Tüwdürilip giden atyň eýerinden zyňlan türkmeniň gara telpegi
başyndan sypanda,onuň aýal maşgaladygy aýan boldy.Düýrlenip, telpegiň içinde
gizlenen goşa gara saç çözlenip gitdi. Ol ýalaňajam däldi, adam iýýänem. Lar örän
owadan, ýirimi ýaşlaryndaky gelindi.Onuň çaksyz owadnlygy şol gyssagarada-da
gözellig baha bermegi başarýan fransuzyň ünsüni çkdi. “Düş tersine bolýar eken!”
Zenana tarap agzyny açyp sereden Blokwil: “Agyr goşunyň ýeňil goşundan
çekinmesiniň syry düşnükli!”—diýip içini gepletdi.Şeýle hem ol uruş diýilýän daşýürek
nägehanyň wagşylygynyň ýene bir gezek gözli şaýady boldy.Ol nägehan çagasynyň
57
ýüpek ýaly gulpagyny sypamaly nepis ele inçe sungatdan ýasalan ýarag berip,nepis
sungaty-da,hepis zenany-da gödek bir güýje öwürýärdi.
Haýdap gelen hyýrsyz serbazyň gylyjy galyp bilmän ýatan geliniň depesinden
indi.Gara saç gara guma garyldy,gara baş gyrmyzy gana boýaldy.Gelinden ses-seda
çykmady.Uruş diýilýän gara güýç zenan gözelliginiň öňünde-de geçirimlilik etmedi.
..Türkmenler Gowşut hanyň oýlap tapan piriminiň amala aşmagyny
gazandylar.Goşunyň başky sapynyň öňündenem bir bölek teke atlylarynyň peýda
bolmagy bilen, Mara tarap hereket edip bilmedik serbazlar howpsuz tarapa-- gunortagündogara sowulmaly boldular.
Türkmenleriň gan döküp,jan berip,öz duşmanlaryny barýan ýolundan
sowýandyklarynyň sebäbi Blokwile soň düşnükli bolup galdy.
Mara goýberilmän,şaheriň ilersinden gündogara gönükmäge mejbur edilen goşun
ýene bir farsah çemesi ýol geçensoň,Seýitnasyra baryp ýetdi.Ozal geçilen ýol bolany
sebäpli Blokwil ol ýerlere beletdi. Serkerdeler awa-şikäre çykanda ýanlary bilen gaýdan
pereňli bu töwereklere telim gezek aýlanypdy.
Seýitnasyrdan ýokarda Popuşgum, soňra Semendik bardy.Ondan aňyrda gajar
goşunynyň sülsady goýlup gaýdylan Nyýazmetgala ýerleşýärdi. Marydan sowulmaga
mejbur edilensoň, gajar serkerdeleriniň indiki maksady özlerini şol ýere atmakdy.
Seýitnasyryň deňinden birneme geçilende, syw basdyrylan ýollary, gözýetimi
tutup ýatan peslikdäki gür gamyşlyga ser salan Blokwil eýranlylaryň asla garaşmaýan
ýene bir wakasynyň boljakdygyny çaklady.Çünki üç aý myndan ozal geçilende,ömür
akar suw görmedik bu ýerler tebsiräp ýatyrdy.Güýzüň düşmegi bilen suwuň bolaman
gaýtam gytalýandygy-da bellidi.Asmandan bolsa gajarlar bu topraga gadam basanlary
bäri ýekeje damja nem dammandygyna-da Blokwiliň özi şaýatdy. Hiç mahalam ekin
ekilmedik çöketliriň suwa basdyrylmagy ýöne ýere bolmaly däldi.Blokwil şol barada
oýlanýardy.
Uzakdan täze gazylan ýaplardan çykarylan gum üýşmekleri çil-çil bolup
görünýärdi. Ol hem ýöneligiň alamaty däldi.Terslin-oňlyn çekilen çiller sanardan
kändi.Blokwil özüni görmese-de gaty mekir serkerde hasaplaýany Gowşut hanyň ýene
bir geň pirim oýlap tapandygyna öňünden ynandy.By giden meýdana ýap gazmak,çil
çekmek üçin gaty kän güýç hem wagt gerekdi.Beýle agyr iş düýpli manysy,zerur geregi
bolmasa,uruş gidip duran mahaly amala aşyrylmaly tutum däldi.
Ýoluň iki tarapy-da güýzüň tylla reňke boýan gür gamyşlygyna basyrylyp ýatyrdy.
Geçilmeli aralygyň suw basdyrylan bölegi basym gutarar diýen niýet bilen batgalykdan
esli ýörelensoň,iki tarapdaky gamyşlykdanam iniňi tikenekledýän galmagal
turdy.Pereňliniň aýgydyna görä,her tarapdan atylyp çykan türkmen atlylarynyň sany üç
müňden az däldi.Olar uly gykuw bilen ýola tarap eňdiler.Gajarlar näme bolup geçýänine
oňly düşünmänkälerem, garpyşyk başlandy.
Türkmenleriň bir bölegi gylyçlaşyga girse,beýleki bölegi arabalaryny zordan
gymyldadyp gelýän topçularyň daşyna aýlandy.Ol ýerde ullakan çaknyşygam bolmady
Blokwil türkmenleriň üsti toply arabalary eýýäm yza öwrüp,gatyrlary gamçylap
barýandyklaryny görüp galdy. Uly güýç hasap edilýän toplaryň duşman eline düşmegi
serbazlary aljyratdy.Olar gaçmak bilen boldular.
Müňbaşylar öz serbazlaryny saklajak bolup, aýaga galdylar.Emma yzdakylaryň
gaçýanyny gören esasy bölümiň nökerleri hem gaçmaga meýillendi.
58
Şahsewentli müňbaşy atyny öňe däbsedi-de,gaçyp barýan bir nökeriniň yzyndan
ýetip,onuň depesinden gylyç saldy.Eýesi eýerden agan at uzaga gitmän,yza aýlandy.
--Gaçmak meýilliň kysmaty şudur!—diýip,müňbaşy serbazlaryna tarap gygyrdy.
Gaýtadan gyjyçlaşyk başlandy.Ýöne ol uzaga çekmedi.Öz pirimlerini öňden öňat
bişiren türkmenler üçin gylyçlaşyp söweşmek örän amatly boldy.Çünki bir tarapy suw
goýberilen çöket şorluga direlen gajarlar gaçyp-kowup uruşmaga maý
tapmadylar.Türkmenler bolsa diňe öňe hereket edip,duşmany şol batgalyga tarap
gysýardylar.
Hemze Mürzäniň janyny goraýan serbazlar türkmenleri oňa golaýlaşdyrmajak
bolup,mertlerçe söweşýärdiler.Şazadanyň töwereginde atdan agýan serbazlaryňam,
türkmenleriňem
sany
köpelýärdi.Batgalygam
bolsa,saýlantgy
janpenalar
garşydaşlarynyň salýan gylyjyna gylyç bilen jogap gaýtarmagy başarýardylar.Geň
zat,şu aldym-berdimli ýagdaýda diňe öz janyny ölümden gutarmagyň aladasyny etmeli
Blokwiliň kellesine “Häzir Merjen hanym hiredekä?” diýen garaşylmadyk sowal
geldi.Merjen hanym diýilýän Hemze Mürzäniň aýalydy.Horasanlylaryň Merw ýörişiniň
uzaga çekjekdigini bilýän hemem söweşiň gansyz boljakdygyna ynanýan şazada öz
aýalyny-da ýany bilen alypdy.Aýalyny ýany bilen alyp gelen serkerde diňe Hemze
Mürze däldi.Blokwil ony bilýärdi.Ýöne Blokwil başga bir zady welin,elbetde,öňünden
bilmeýärdi.Şazada Hemze Mürze Merw söweşi özi üçin şowsuz gutarandan soň
Maşada tarap gaçanda Merjen hanymy taşlap gidipdi.Äri taşlap gaçan namysjaň hem
altyn-kümşi çakdanaşa kän hatyn gaçanyň yzyndan kowjagam bolmady.Ol uruş
gutaransoň,Marynyň ilersinden özüne kaşaň jaý gurup ýaşaberdi.Soň ol ýer uly obalyga
öwrüldi.Onuň ady hem Merjen obasy1 bolup galdy...
.
...Türkmenler gysyp ugransoň,Blokwil eliniň ýetişdiginden atyny gamçylamaga
başlady.Emma topukdan aşagy şor batga gömülýän ýabynyň näçe jan etse-de, öndürýän
ýoly ýokdy.
Birdenem batgaly gamyşlyk tamamlanyp,gaçyp gutulmaga inçejik bir umyt
dörände, ýagdaý gaýtadan bulaşdy.Blokwiliň aty beýik çile çykanda,öňünde içi suwly
garym
peýda boldy.Garym çiliň edil gyrasyndan başlanýardy.Näme etjegini
bilmän,töweregine ýaltaklan Blokwil aljyrady.Töwerek baş-başady,jan-janady.Serbazlar
duran tutular edip gaçýardylar.Olaryň känbir garşylyk hem gökezmän gaçyşlaryndan
ruhlanan türkmenler gykuw bilen kowýardylar.
Blokwil günbatara tarap seredende, Eýran toplarynyň2 hemmesiniň türkmenler
tarapyndan ele salnandygyny bildi.Toplary gaty ykjam goraglap alyp barýanlaryň sany
bäş ýüzden az däldi.”Goşunyň ruhuny göterjek toplar duşmanyň eline düşen bolsa
meseläniň gutarnykly çözüldigi” diýip,Blokwil aýgytly netijä geldi.
Yzdan eli gylyçly iki sany türkmen ýetip gelýärdi.Oňde içi suwly garym bardy.Ol
howpludy.Ýzdan ýetip gelýän howp ondanam aýylgançdy. Öňdäki ajaldan sypjak
bolsaň, ýeňseden gelýän ajalyň üstüne sürmelidi,başga ýol ýokdy.Blokwil iki ýoluň
umytlyragyny saýlady,suwly garym,her hal,depäňden injek ýalaňaç gylyç däldi.Onuň
aty içi läbikli garymyň ortasyna düşdi. At şünça dyzasa-da, beýleki raýşa çykmak
Mary şäherinden 2-3 km günortadaky Merjen obasy häzirem bar. Oňa “Merjenli perreň” hem diýilýär.(Awtor.)
2
1860-njy ýylyň Merw jeňinde gajarlardan olja alnan 33 sany topy Gowşyt hanyň buýrugy bilen Merw şäherinde,
Murgabyň kenarynda hatarlap goýýarlar.Ol toplar 20-nji asyryň 30-njy ýyllaryna çenli hem saklanypdyr.Türkmenleriň
gahrymançylygynyň nuusgasy hökmünde duran toplaryň soňra nirä ýitirim edilenini anyklamak awtora başartmady.
1
59
maksadyna ýetmedi.Ýokarda eli gylyçly tekeler peýda boldy.Beýleki iki türkmenem
ýeňseden gelip ýetişdi.Bir jan üçin iki tarapdan gelen ajal birikdi.Indi olardan sypnaga
hiç hili umyt ýokdy.Blokwil sapançasyna ýapyşdy.Ýöne ol erkek adamyň özüni juda
ejiz görkezmejek bolup edäýen howaýy hereketidi.Läbik suwa çümüp çykan
sapançasynyň bu mahal atylmajakdygyny Blokwiliň özi-de bilmelidi.
Ýokardan inip gelen gara penje Blokwiliň ýakasyndan ebşitläp tutdy.Ýokardan
inen ölümiň ony hatga iki ölümdenem gutarmagy ahmaldy.Şonuň üçinem pereňli
ýokardan gelen,aman goýaýmagy az-kem umytly ölüme garşylyk hem görkezjek
bolmady.

*
“...Türkmenler beýle ganly awa garaşman ekenler.Zyjyr,
gandal ýetmezçilik edýärdi.Agşamlyk bolsa bizi bir topar
towugyň aýagyny daňan ýaly ikiden-üçden güýlüp
taşladylar…”
Blokwil..
Blokwile diňe kysmata kaýyl bolaýmak ýoly galdy.Ony urmadylaram,gynamadyla
ram-da,bir türkmeniň atynyň ardyna göterip mündürdiler.Atyň hereketiniň sarsgynyna
Blokwiliň burny öňünde oturan kellesi ýaglyk bilen daňlan türkmeniň ýeňseçukuryna
degip-degip gaýdýardy.Türkmeniň boýnunyň ýüzi bilen syrygýan ajymtyk der
pereňliniň ýüregini bulaýardy.Eli arkasyna mäkäm baglanandygy sebäpli, onuň ýüzüni
saga-sola öwräýmese,yza süýşmäge mumkinçiligi ýokdy.Üstesine-de,darkaşyň kowhagaçdysyndan ýaňa endamyndan ak köpük saçylan atyň sagrysyndan,garnynyň
aşagyndan göterilýän howanyňam ysy ýeňseçukurdan gelýän ysdan enaýy däldi.
Blokwiliň üst-başy-da gara läbige bulaşandy.Ädiginiň gonjundan girip,başlygyna
ýygnanan labikli suwdan ýaňa ol henizem öžüni şor batgalygyň içinde ýaly duýýardy.Ol
özi bilen bolýan bu külpetleri düýşdür öýdüp kabul etmek isleýärdi welin,töwerekdäki
görünýän ýagdaý ony düýşden hakykata getirýärdi.Töwerekde bolsa henizem şol kowha-gaçlykdy.Batga batan atlaryny taşlan serbazlar hanja barýanyny-da aňşyrmaýardylar.
Her kim öz gara başyny ajaldan gutarmagyň aladasy bilendi.Blokwil gajarlaryň düşen
gününi Hudaý tutmaklyk hasaplady.San taýdan,güýç taýdan gaty agdyk goşun öz
mümkinçiliginiň üçden bir derejesini-de ulanyp bilmedi.
Sary toplary süýräp giden türkmenler eýýäm gözden ýitipdiler.Blokwil toplaryny
elinden aldyran goşuny bili omurylan ýylan bilen deňedi.Indi ol ýylany,zäheri näçe
güýçli bolsa-da,çopan taýagy bilenem alsa boljakdy.Ýylan gaçybam,agzyna özün
baraýmasaň, çakybam biljek däldi.Türkmenleriň bolsa jansyz ýatan ýylana-da, agyz
tarapyndan golaýlamajaklary hakdy.
Eýýäm ýarym sagat bäri ýesirlik dünýäsiniň agyr howasyndan dem alýan Blokwil
batgadan çykan bäş-on sany serbazyň arasynda Gara sertibiňem bardygyny görüp
galdy.Ol ýetişibildiginden atyny gamçylaýardy.Duşmana garşylyk görkezmäge ýagdaýy
ýok ol toparjygyňam ýüzi ilerikdi. ”Serkerdeleriň özleri-de gaçyp başlan bolsa,iş
60
tamam” diýip,Blokwil ýagdaýa gutarnykly baha berdi.Ýöne gaçyp barýanlaryň
arasynda Hemze Mürze welin onuň gözüne ilmedi.
Suw goýberilen çöketlikden çykylandan soň,ýagdaýyň pereňliniň aýdyşy ýalydygy
belli boldy.Ýesir düşen serbazlary
otuzdan-kyrkdan bir topar edip, sürüp
barýardylar.Olar hut şeýle täleýe öňünden boýun bolup gelen ýaly, garşylygam
görkezmeýärdiler,çöp-çalama urup, gaçjagam bolmaýardylar.
Gapdaldan atyny dabyradyp gelen gara murtly,hyýrsyz türkmen jylaw çekipçekmänkä, Blokwili alyp barýana bir zatlar diýişdirdi.Bliokwil gürrüňiň özi barada
gidýändigini aňdy.Birdenem hyýrsyz türkmen gaty çalgyrdam bolsa,düşnükli
parsçalady.
--Sen gajarlar bilen gelen pereňli bolmalymy?
Hakykat ýüze çyksa,türkmenlere duşman däl halyna duşman okunylýan ýesiriň
günäsi ýeňlär diýen pikire umyt baglan Blokwil berlen ýeke sowala telim gezek baş
atmak bilen jogap gaýtardy.
Şondan soň hyýrsyz türkmen çalarak ýylgyrdy-da,beýlekä ýene bir zatlar
diýişdirdi, özi hem atdan düşdi.
Turkmeniň ýylgyrmasyny rehimdarlyk diýip kabul edip,birneme ynjalan Blokwil
gaty daňlansoň,gurşup ygran gollarynyň ýüpi çözüler öýdüp tama etdi..
Ulagdan düşen türkmen atynyň boýnuna daňlan iňçejik ýüpüň esli bolegini kesip
aldy-da, ýesire golaý geldi.Iki türkmen ýene bir zatlar barada gep alyşdy.Blokwil
gürrüňiň manysyna düşünmese-de,ediljek hereketden erbetlige garaşmady.Çünki
hyýrsyz türkmeniň ýylgyrmasyndan soň rehimdarlyk bolmalydy.
Henizem ýylgyryp duran türkmen elindäki ýüpüň bir ujuny Blokwiliň çep
aýagyndaky şor palçykly ädigine daňandan soň,ähli zat düşnükli boldy.Ýesiriň elleriniň
daňylgydygyny ahmal gören türkmen onuň aýaklaryny-da atyň garnynyň aşagyndan
ýüp salyp çatdy.Ol şondan soňam ildeşine ýene bir topar zatlar diýip atlandy.
Blokwil beterinden beterine uçrady.Ozal erkin hallan atyp gelýän aýaklaryň
gymyldamasy indi diňe atyň edýän hereketine bagly boldy.Oturmagam kynlaşdy,
gozganmagam. “Bularyň hüşgärdiklerini! Elimi, aýagymy daňmanlarynda-da,indi men
nirä gaçyp bilerkäm?” Öz ýagdaýy hakda,türkmenleriň hereketi hakda öýlanan
Blokwiliň gülküsi tutdy.Eger-de Hemze Mürze,Gara sertip hem beýleki serkerdeler ele
düşmän gaçyp gutulan bolsalar,beýle hüşgärlik bilen goralýan diňe Blokwildi.
Pereňliniň
gözüniň
ýetýän
ýerindäki
ýesirleriň
ýekejesi-de
ata
mündürilmän,batgaly aýaklaryny süýräp, pyýada barýardylar.Olja öwrülen gymmatbaha
pars atlarynyň köpüsi eýýäm eýesini täzeläpdi. Garşylyk görkezen ýa-da garşylyk
görkezmäge gaýymrak negäsi bolaýmasa,ýesir gajarlaryň elleri-de daňylgy
däldi.Häzirlikçe ýesirlik ejirini çekýan bir Blokwildi.
Serbazlary Mara tarap sürüp barýan
türkmenler başlaryny dik tutup,töwerege
gedemlik bilen garaýardylar.Hatda olaryň aýaklarynyň astyndaky atlaram,ýeňiş
şemalynyň ýelginini duýýan ýaly,ýeňillik bilen ädim urýardylar.
Blokwiliň münüp barýan aty artlaşykly bolansoň,beýleki atlar ýaly ýeňil gopup
bilmese-de,käbir hereketi bilen keýpiniň çagdygyny aňdyrýardy.Onuň syrtyna uzyn
saply sübse daňlan ýaly uzyn guýrugy yzyny üzmän ýesiriň kä ädiginiň gonjuny,kä
buduny sypap geçýärdi.
61
Blokwil ýesir düşenleriň ilkinjilerinden däl ekeni.Entek Mara ýetilmänkä,orulman
galan bugdaýy at töýnagynyň depeşeginiň astynda galyp,sypala öwrülen giň meýdana
ýygnanan daşy goragly ýesirleriň sany sanardan kändi.Ilkibada Blokwili hem şol ýere
eltdiler.Ýöne ony ýesirlere goşman,gaýrarakda oturan ýeke kepbäniň ýanynda atdan
düşürdiler.Kepbäniň işigindäki agaja ýüp bilen baglanan Blokwil özi ýesir halyna
beýleki ýesirleri synlady.
Nirede ele salnandygyna garamazdan,näme üçindir,ýesirleriň hemmesini birbada
bu ýere getirýärdiler.Blokwil türkmenleriň ýetişgenligine,teptiplidigine haýran
galdy.Eýýäm hasap ýöredýän aksakallar hem peýda bolupdy.Gojalar ýesirleriň otuzdankyrkdan başyny jemläp,olary nirädir bir ýerlere ugradýardylar, bendileriň hemmesini
bir ýerde kän saklamazlygyň aladasyny edýärdiler.Şeýdibem, olar bendiler türkmenlere
howp salmaz ýaly ýagdaý döredýärdiler.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 07
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.