Latin

Keseki - 10

Total number of words is 3771
Total number of unique words is 2273
30.6 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
biriniň eşidäýmeginden, şonluk bilenem Akmarala gep geläýmeginden çekinýärdi.
Dörän pursatdanam peýdalanman,Akmaral öýe girip gidensoň,Blokwil Ýusup
hana ibermekçi bolan hatynyň ykbaly barada belli bir netijä geldi.Hat topaz mülküne
ýetirilen däl bolmaly.Gaýtam,hatyň mazmuny bilen topaz mülkündäki Ýusup hana
derek Goňur mülkündäki Eýemyradyň tanyşdyrylan bolmagy-da ahmal.Türkmen
zenany öz ganybir garyndaşlarynyň garşysyna gidip,ömründe ilkinji gezek görýän
bigänesine kömek etmeli däl.Bu birinjiden.Ikinjiden,hat başga biriniň kömegi bilen
Eýemyradyň goluna düşäýen bolsa,onuň nireden,kimiň üsti bilen peýda bolandygynyň
syry açylyp,Akmaralyň hereketi garyndaşlaryna dönüklik diýlip hasap
edilerdi..Akmaral
öz
garyndaşlarynyň
öňünde
biabraý
bolmakdan
gorkmalydy.Şeýlelikde,ol Ýusup hana gowuşmaly haty Eýemyrada görkezmesede,belanyň öňünden gaçmak üçin öz eli bilen ýok edip göýberen bolmalydy. Şoňa göräde beren wadasynda durup bilmedik zenan ýesiriň gözüne görünmäge,onuň bilen
sözleşmäge uýalýandyr.
Blokwil öz çaklamasynyň haýsy şahasynyň dürsdügine akyl ýetirip bilmese-de,
ýazan hatynyň Ýusup hana gowuşmandygyna,hiç mahalam gowuşmajakdygyna welin
ynandy.Indi onuň bendilikden gutulmagy üçin ýeke ýol bardy.Ol hem gaçmakdy.
Gaçmak meselesiniňem esasy iki ýolunyň ikisi-de ýapykdy.Birinjiden-ä,onuň aýagy
gandallydy, ikinjidenem, gaçmak üçin at gerekdi.Gaçmaga maý döräýende-de,ol işi diňe
öňuňi gijelige tutup amala aşyrmak mümkindi.Emma hiç mahal hüşgärligi elden
bermeýän Eýemyrat goňur gün ýaşan badyna atyny ýerkümä salýardy-da,gapysyna
telim öwrüm zynjyr aýlap mäkäm gulplaýardy.
Bolsa-da,Blokwil gaçmak diýen ýeke-täk umydyndan düýpgöter el üzmedi.
Hyýalynda Agabeginiň almagöz bedewiniň jylawyna elini ýetirýän pereňli ýesir ýüzüni
gündogara tutup,Jeýhuna ýetýärdi,derýanyň kenaryny syryp gidişine-de Owganystana
barýardy. Jeýhunyň,Owganystanyň nirededigini, ol ýerlere niçiksi ýol bilen
aşmalydygyny bolsa Blokwil gowy bilýärdi.Sebäbi ol gysga ömrüniň esli bölegini
dünýä ýurtlarynyň,derya-deňizleriň nirede,nähili ýerleşýändigini öwrenmek bilen
geçiripdi.
91
Gaçmak hakdaky arzuw bu günde-ertede amala aşjak arzuw däldi..Emma
pereňliniň özi welin beýle pikir etmeýärdi,maksady gaty tiz başa barar öýdýärdi.Çünki
ýüregi ýuka Akmaraldanam eden umydy puja çykansoň,indi ol öz gamymy özi
iýmelidi.Özüniň bolsa elinden gelmegi mümkin zat—gaçmaga synanyşykdy.
At tapylsa,hatda aýagy gandally bolsa-da,Blokwil maksadyny amala aşyraryn
öýdýär.Ol zyndanda ölüme garaşyp öz ajalyňa öleniňden Watana eltýän ýoluň ilkinji
ädiminde öldürilmegem gahrymançylýkdyr diýen aýgyt edýär.
Eýemyrat goňur irdenki gidişine gün ýaşyberende yzyna köwlendi.Gidende
keýpiçag giden Agabegiň gelende keýpsiz gelendigini Blokwil bir bakyşda aňdy.
Belkem,ýadaw hem keýpsiz
gelen Agabeg atyny salansoň,kümäniň agzyny
gulplamagam unudar? Sussupeslik nämeler etdirmeýär!
Eýemyradyň keýpsizligi pereňliniň umyt keýpini oýardy.Ol şu gije atýatagyň
agzyny barlap görmeli etdi.Jennet ýaly ýerden çykaryp,dowzah ýaly ýere getirip zyňan
ykbal, belkem,tersine-de hereket eder?!
Gündiz ugruny Eýemyradyň gapysyna gelip-gidýänleri sanap,synlap,wagtyny
birneme ýeňilräk geçirýän Blokwiliň gijesi hupbat bilen daňa ýetýär.Gün ýaşan badyna
tüm-garaňkylyga gaplanýan dünýä şeýle bir içgysgynçylyga öwrülýär welin,hiç kim
bilen gepleşmän-sözleşmän, kepbede täk özüň oturmak agyr güzap.Iň ýaman ýeri-de
şeýle tukat gündizleriň,şeýle içgysgynç gijeleriň öňde näçesiniň bardygynyň belli
däldigidi.Şol näbellilik hem çalaja umyt eder ýaly çykalga dörese-de, Blokwili ol
tarapa itekleýär.Ol,elbetde, öňi bilen gowulyk hakda arsuw edýär,ýöne şy mahalky
ýagdaýyny ýa ýagşy,ýa ýaman tarapa özgertmek üçin hiç zatdan gaýtjak däl.
Garaňky gijeleri birneme gysgaldýaň ýagty ýatlamalar hem gaýtalana-gaýtalana
ýesiri halys irizdi. Üstesine,geçen gowy günleriň ýatlamasy soňky wagtlarda ters netije
berip başlady.Gaýdyp gelmejek,taryha öwrülen gowy geçmiş şu günki ýaman hakykat
bilen deňeşip,pereňliniň hasrat ýüküni agraltdy.
..Gije bir çaka baranda, pereňli ýesir gündizden taýynlap goýan esgisine elini
ýetirdi.Ol esgini gandalyň daşyna dolamak üçin niýetläpdi,Gije,aýak ýoluna çykmak
bahanasy bilen atýataga tarap ýönelmeli ýesiriň gandaly şakyrdap,gara öýde ýatanlary
oýarmaly däldi.Gandal sähel şakyrdasa, Eýemyradyň derrew daş çykýandygyna
Blokwil ozal iki gezek dagy şaýat bolupdy.
Köne letdäni gandalynyň daşyna saraşdyran pereňli gündizki berlen çörekden
iýmän, ýörite goýan birki döwüm ýalysyny hem tapyp,gysymyna gysdy.Ol şojagaz
çörek bilen Agabeginiň atynyň göwnüni awlamagy niýet edinýärdi.
Gije şeýle bir garankydy welin,çyrasyz kepbe bilen daşarynyň tapawudy hem
ýokdy.Bolmalysy gaty giň,ýöne häzir dar bolup duýulýan dünýäde Blokwiliň täk
özünden başga yns-jyns ýok ýaly. Garankylykdan gorkýana meňzäp, itlerem
üýrmeýärdi,Goňuryň bol çöpi bolan eşeklerem aňňýrmaýardy.
Şol ümsümligi-de özi üçin ýagşa ýoran Blokwil aýagyny ýuwaş-ýuwaşdan
süýräp, kepbäniň gapdalyna aýlandy.Ol her näçe dogumlyrasa-da,iki tarapyny deňledim
hasap etse-de,maksady uly howp bilen bagly bolany sebäpli tolgunýardy.Atýataga
barýan ýolda ätlän ädiminiň sany näçe artsa,howsalasy hem şonça artýardy.Atýatagyň
gapysy gulplanman galan bolaýsa... At näderkä? Türkmeniň duýgur aty geleniň öz eýesi
däşldigini aňyp, gulaklaryny gyrpyp topularmy ýa-da.. Pereňli ýesir ýelaýak bedewiň
üstüne özüni atyp ýetişse-hä, hiç kimiň onuň garşysyna edip biljek çäresi
92
bolmaz.Duýlaýsa-da,onuň gaýdyp ele düşmejegi belli.Agabegiň almagöz aty ony
garaňky bilen penalap,derrew umma alyp gider.Töwerek aýaga galýança-da, Blokwil
kowgy ýetip bilmez ýaly aralyk aşar.
Atýataga çenli dört-bäş ädim galanda,janyny barlamak islän ýesir yzyna garady.
Yzda hem edil öňdaki ýaly goýy garaňkylykdan başga zat görünmedi.Garaňkylygyň
içinden salkyn şemal öwüsdi.Blokwiliň alada,gorka ýugrulan bedeni salkyn şemaly-da
duýmady.
Töwerekde garamça ýokdugyna ynansa-da,atýatagyň gapysyna golaýladygyça,
pereňliniň ýüreginiň urmasy çaltlandy.Ol gapa tarap uzan eliniň sandyraýandygyny
duýdy. Gapynyň gulpludygy ýa-da däldigi äşgär bolýança, umyt hem namut diýen
dünýä telim gezek girip çykan Blokwiliň maňlaýy çygjardy.Ol gapy açylan badyna
Agabeginiň almagözüne diýjek ýakymly sözlerine çenli oýlady,atyň adam ýaly düşbi
bolýandygynyň pikirini etdi.Eger çyn bedew akylly adam ýaly bolýan bolsa,sanlyja
salymdan üstüne gonjak kesekiniň agramyny ýük hem görmeli däl,ýokuşam.Ol adam
keseki bolsa-da,şu mahal ejiz,ýagşylyga mätäç.Mätäç,ejiz adama adamlaryň özleri
medet bermek islemeýän bolsalar,oňa çyn bedew hossarlyk etmeli.Çyn bedewler
mydama-da ejize howandarlyk edipdirler ahyryn.Çyn bedewiň adamy ölümden gutaran
gezegi-de köp bolupdy.Pereňli ýesiriň häzirki düşen ýagdaýy-da ölüm bilen barabar
bolmasa-da,onuň edil bäri ýany.Şonuň üçinem...
Blokwiliň näçe mahal bäri eden arzuwyna,serhetsiz umydyna ýumruk ýaly gara
gulp gysgajyk hem gutarnykly jogap berdi.Çygjaryp duran gyzgyn barmaklar buz ýaly
posly gulpa degende,ýesiriň tenine ornan ýakymsyz sowuklyk ýüregine ýetip
togtady.Şol sowuklyk onuň ýap-ýaňy hem gyzyp duran umydyny doňduryp taşlady.Ol
doňuň indi näçe günden,näçe aýdan,näçe ýyldanam erejegi belli däl.
Gapa kimdir biriniň gelenini gören bedew hokrandy.Atýň sesi ýesiriň gulagyna:
“Yzyňa gaýdyber!” diýen
jogap bolup eşidildi.Blokwil
howanyň ýakymsyz
çigreginem,aýagyndaky gandalyň agramynam,bedeniniň tutuş derländiginem şondan
soň düýup başlady.Ol yzyna gaýdanda bolsa seresap bilen ýörejegem bolmady,diňe
gaçyp galsa ertir görlüp, müňkürlik döredäýmegi ahmal kone letdeleri gandalyň
daşyndan sypyryp goltugyna saldy.Ýasy çili dabanlap ugran pereňli kepbesine
ýetiberende, gara öýüň işiginde garaňka meňzäp kimdir biriniň durandygyny
gördi.Ol,elbetde,Eýemyrat göňurdy.Pereňliniň Agabegi öýüň gapysyny açanynyýapanyny-da bildirmän, içerik girdi.
* *
Urşuň agyr labyryny gerdeninde çekip,bosgunçylykdan dolanan tekeleriň
bu ýylky,köpüsini ýitirip,azyny ýygnan ýylgallasy-da halki bir ölmez-ödülige ýetjekdi.
Ýygnalmaga ýetişilmänsoň,uruş dabanynyň astynda zer-zaýa bolup,gara ýere garylan
gallanyň öwezini başga zat bilen doldurmalydy.Doldurmaga-da zat ýokdy.Garynlary
doly doýrulmasa-da,bendilere hem ölmez-ödi owkat berilýärdi.Şolam ýesir saklaýan
öýlere agyr ýükdi.Şonuň üçinem bendiler boşamaga howluksalar,gul eýeleri hem
olardan tizräk dynmaga howlugýardylar.Bendileri hak-heşdeksiz azat edip
goýberibermek hem islenmeýärdi. Iň bolmanda,olar üçin çykarylan harajadyň beri
bahasyny almalydy.
93
Bendileriň köpüsi-de öz ýagdaýlaryny,hem hojaýynlarynyň ýagdaýyny birneme
ýeňilleşdirmek üçin pile-çarşaga ýapyşypdy.Blokwiliňki bolsa olam däl.Pereňli ýesir
güýmenjelik gara zähmetdenem mahrum.Birki gün jöwen ýyganyny hasaba almasaň,ol
pişesiz oturan tussag.Oňa beýleki bendiler ýaly obanyň içinde arkaýyn gezmäge-de
rugsat berilmeýär.Onuň daş örüsi Eýemyrat goňuryň bir tanap melleginiň aňry çeti.
Tekepbir pereňli Akmaraldanam eden tamasy çykmansoň,indi hiç kime-de
ynanmaýar,şol mesele barada hiç kim bilen sözleşmek höwesi-de ýok.Ýogsam,
Akmaral bilen gepleşmäge pursadam döräpdi welin,özi dil ýarmansoň, atalap durmak
hem islemedi.
Bir gezek gapy-gapy aýlanyp ýören täjir Eýemyradyň işigine-de geldi.Uzyn
boýly, gyrçuw sakgally,arkasy haltaly adam gelen wagty töwerekde hiç kim ýokdy.Täjir
pereňliniň nirede saklanýanyny ozaldan bilýän ýaly, kepbä tarap seretdi hemem:
--Ýüpek parça bar,mawut mata bar!—diýip gygyrdy.
Ozüne tarap gyzyklanma bilen garaýan täjiriň nazaryna nazary kaklyşan
Blokwiliň keýpi öňküsindenem bozuldy.”Indi geçip barýan nepkeşem saňa tomaşa
etjek.Bu ýagdaýdan-a öleniňem gowudyr”-diýip,terkidünýä aýlanan ýesir
gaharlandy,öz-özüni ýigrendi. Birdenem aýdanyny nädory hasaplady.”Elbetde,mert
bolsaň ölmek kyn däl, mert bolsaň, ýaşamak kyn.Senem ýaşajak bol.Ölseň häzirkije
umydyňdanam dynarsyň.”
Täjiriň sesine Annabibi bilen Akmaral daş çykdy.Aňyrky öýlerdenem üç-dört
sany aýalyň gelmegi bilen nepkeşiň ýany kiçijik bazara öwrüldi.Haltadan çykan dürlidümen mata ýene halta girdi.Olara derek başgalary göründi. Owadan matalara hyrydar
göz, nebsewür nazar bilen seretselerem,aýallardan mal alany bolmady.Olaryň mal
almaga pullary-da,çalşyk etmäge harytlary-da ýokdy.Aýallaryňky hälki bir ýagşy zada
ser salmakdy.Mata almasalaram,owadan harytlardan gözlerini aýryp bilmeýän aýallar
öýli-öýüne gidibermediler.
Bu gapyda söwdasynyň oňmajagyna gözi ýetse-de,täjirem mallaryny ýygnap,
başga gapa gitjek bolup gyssanmady.Ol aýallaryň gözüni mawut bilen,ýüpek parçalar
bilen perdeläp,kepbä tarap ýöneldi.
Blokwil onuň özüne tarap gelýänini görüp ýylgyrmaly boldy.Aýallar bilen
söwdasy oňmadyk täjir kepbede oturan ýesire haryt hödürlejekmikä?
Täjir Blokwile salam berensoň,iki elini hem uzadyp görüşdi.Ol parsça gepledi.
--Men siziň ýanyňyza Agabeg Ýusup hanyň haýyşy bilen geldim.Siziň ýollan
hatyňyz oňa gowşupdyr...
Ol habary eşiden Blokwil aýallaryň arasynda duran Akmarala tarap seretmeli
boldy.Zenan özüne tarap garamaýanam bolsa,pereňli utandy.”Adam kä halatda bir
zadyň anygyna ýetmänem, oňa özüçe nyrh kesmäge döwtalap bolýar-ow!”
Hem daýylaryna gidýän hem taýyna baş öwredýän täjiriň getiren habaryna
görä,awşarlaryň serdary Ýusup han Blokwiliň hatynyň mazmunyny Buharadan
gelip,Maşada barýan bir tanşyna aýdypdyr hem hatdaky haýyşyň kimlere,nähili edilip
ýetirilmelidiginiň ýollaryny salgy beripdir.
Elbetde,Goňura gelip ýeten habar Blokwiliň ýesirlik ykbalynyň çözgüdi
däldi.Emma ol ertirki güne haýsydyr bir kiçijik umyt bilen garaşmaga ýapyşalga, umyt
döredýärdi. Çykgynsyz gündäki ýesire bu hem ýagşylygyň alamaty bolup täsir etdi.
94
Habar getiren täjir agzy batlyrak adam eken.Ol Blokwil bilen hoşlaşyp,haltasynyň
ýanyna baransoň,heniz öýli-öýüne gitmedik aýallaryň öňünde haýbatly-haýbatly
geplemäge başlady.Aýallar soramasalaram,ol özüniň täjirlik dünýäsinden gep açyp,
Buhara, Hywa, hatda
Isfihan ýaly ýerlere çenli aýlanyp,dünýä syýahat
edýändigini,söwda-satyk işinde tanymal kişidigini gürrüň berdi.Soň ol,göýä diýersiň,
goňurly aýallar Eýran serkerdeleriniň hemmesini ýüzünden tanaýan ýaly,olaryň
köpüsiniň adyny tutdy,awşar Ýusup han bilen ham-şamdygyna çenli
aýdyşdyrdy,gürrüňiniň yzyny bolsa Eýemyrat goňuryň bendisine syrykdyrdy,onuň
kimdigini,basym islendik baha berlip satyn alynjakdygyny Ýusup hanyň gepine
salgylanyp, habar berdi...
Ýusup hanyň tanyş täjiriniň gelip-gitmegi bilen Blokwiliň ýagdaýy birneme
özgerjege meňzedi.Öýleden soň öýüne dolanan Eýemyrat Ýusup hanly habary
eşidenden Akmaraly yzyna tirkäp,ýesiriň kepbesine geldi.Ony esasy gyzyklandyrýan
mesele Blokwile tölenmeli puluň mukdarydy.Ol tölegiň haçan iberiljekdigini bilmek
isledi.
Ol sowala häzir anyk jogap berip bilmejekdigini,Ýusup hanyň şu günki ýollan
adamynyň getireniniň entek boş habardygyny aýdan Blokwil:
--Siz maňa näçe nyrh kesmekçi,Agabeg?—diýdi.
Eýemyrat öz ýesirine kesjek nyrhy hakda kän mahal bäri öýlanyp,anyk karara
gelendigi sebäpli,tiz jogap gaýtardy.
--Iki müň tümen tölemeli bolar.
Akmaral jogaby parsça geçirende,Blokwil gülmekden zordan saklandy-da,ony
pereň puluna öwreňde, togsan müň franka golaý bolýandygyny hasaplady. “Onça
tümeniň biziň pulumyzdan näçe bolýandygyny bilýäňmi?” diýmek isledi.Emma tölegiň
boljakdygynyň habary gulagyna ilenden ýumşap ugran Eýemyradyň gaňryşyna gaýtmak
bilen diňe öz ýagdaýyny agraltjakdygy baradaky pikir ýesire dilini dişletdi.
--Beýle nyrh gaty çökder bolýar,Agabeg!
--Çökder däldir.—Ýesir dünýäden habarsyz oturandyr öýdýän Eýemyrat arkaýyn
gepledi hemem öz tutanyny berkitmek üçin öwündi.—Bizem gul bazarynyň ýagdaýyny
bilemizsoň,şol nyrhy aýdýandyrys.
--Beýle däl,Agabeg.Siziň diýýän nyrhyňyza alty gul alyp bolýar.
Ýalňyşynyň dogry çykarylýandygyny bilen Eýemyrat hilegärlige urjak boldy.
--Biziň diýen nyrhymyz tölenmese,seniňem iliňe gowuşmak möhletiň uzaýmasa,
pereňli... Seniň bahaňy sen keseňok,men kesýän.
Blokwiliň Agabegine gaýtarmaly jogaby nagtdy.Ýöne ol entek gaýa ýok,gopuz
ýok ýerden dawalaşman,şu günki ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen häzirki
dörän pursatdan peýdalanmak isledi.
--Nyrh barada yzymdan gelnenden soň gepleşiler,Agabeg.Ýöne sizden bir islegim
bar.Hut şu mahal boşatsaňyzam, meniň täk özümiň gidip biljek ýerim ýok.Gaçar diýen
pikiri kelläňizden çykaryň-da,maňa birneme erkinlik beriň...
--Bendi adama nähili erkinlik gerekkä?—Eýemyrat haýyş bilen ýüzlenene dälde,dilmaçlyk edýäne seredip gepledi.
--Iň bolmanda, aýagymy halys ýara eden gandalymy aýryň.Iň bolmanda,
töwerek-daş bilen gepleşmäge-sözleşmage rugsat beriň.Iň bolmanda,güýmenjelik iş
95
buýruň.Siz musulman ahyryn.Ahyreti ýatlamak gerek.. Bu ýagdaýda meniň özözümden näsaglap,ölüp gitmegimem ahmaldyr..
Blokwiliň soňky sözleri Eýemyrada gaty täsir etdi.Etmezçe-de däl. Pereňli
keselläge-de öläýse,gul satyp baý bolmakçy adamyň gury galjagy ikuçsyz.Ölen ýesir
üçin hiç kimiň pul tölemejegi belli. Gaýtam,gapysynda gezip ýören bendisiniň ugruna
seredilmäni üçin keselläp ölendigi sebäpli,öý eýesine gep gelmegi-de ahmal.Gep gelenihä hiç welin,gan-hun talap ediläýse... Munuň arkasam-a gaty güýçlümiş diýýäler..
Şonuň üçin bolsa gerek, Eýemyrat goňur pereňeňliniň haýyşyny
kanagatlandyrmak hakda oýlanyp, ahyram tassyklaýjy baş atdy.
* *
Blokwil dili siňňillä döndi.Ol mümkin bolan kesel bilen ölümi tutaryk edinip,öz
Agabeginden birneme erkinlik gazanan gününden kän mahal geçmänkä,
näsaglady.Pereňli iki gözüne-de garasuw iýnip başlandyr öýdüp çaklady.Gün geçdikçe
onuň dünýäsi daralyp,göreçleriniň öňündäki gara perde gitdikçe reňkini goýaldyp
başlady.Ol özüniň häzirki hor-homsy ýagdaýyny,bendilikde geçiren gara günlerini
unutmaga mejbur boldy,gelejekde maňlaýyndan çykjak şu mahalkysyndanam kyn
ýagdaýy hyýalyna getirdi. Onuň ähli pikiri-oýy-aladasy gözi hakdady.Ol iki
gözündenem galansoň, Watanyna dolanmagy azatlyk-da hasap etjek däldi. Görlen şunça
güzaplardan soňam enesiniň güler ýüzüni,dost-ýarlarynyň sypatyny,gözel Pariži,tanyş
gözleri görmejek bolsa,gelin-gyzlaryň, tebigatyň görkünden lezzet almajak bolsa,beýle
azatlyk öňa nämä derkar!
Blokwil azatlyk diýen sözüň manysyna dünýä erkin nazar salmak,dünýäniň ynsan
üçin döreden gözelliklerinden doly lezzet almak,oňa guwanmak diýip düşünýär.Indi ol
näme etmeli? Onuň gelýän aýgydyna görä, orak bilen pil işletmekden,gaňňa
ýasamakdan, ýüp işmek,at çapmak,düýä,eşege gowy edip ýük urmakdan gaýry zat
bilinmeýän bu çarwa ilde göz bejermek ýaly inçe işe ýanaşyp biljek adam bolmaly
däl.Blokwil özüniň hor-homsy gününden dynmak üçin alada edip bilmedigem
bolsa,göze gezek gelende elinden, dilinden geljek hereketiň hemmesini etmeli.
Pereňli ýesir şu güne çenli daşarda oýnap ýören çagalaryň elleriniň,aýaklarynyň
hereketini çalarak saýgaran bolsa,indi ýagdaý hasam beterledi.Bu gün ol guýynyň
agzyna aýlanan,öňden tanyş sekinem çala aňşyrýar.Guýynyň aňyrsyndaky äpet zat—
Eýemyradyň alty ganat öýi-de,küdäniň sudury ýaly bir üýşmek bolup göründi. “Häzir
men şol öýi çala saýgarýan bolsam,ertir ýagty jahany görmekdenem mahrum bolaryn...”
Ýüregine düşen howul Blokwili derrew kepbeden çykardy.Ol Eýemyradyň öýüne
tarap ýöneldi.
Kepbe bilen gara öý aralykdaky ýoly nähili geçenini hem aňşyrmadyk Blokwil
türkmen ýaşulularynyň edýän hereketini ýadyna saldy—gapynyň agzynda aýak
çekip,birki gezek ýasama ardynjyrady. Içerde hümürdi peýda boldy.Emma hiç kim daş
çykmady. Blokwil Goňura düşeli bäri geçen aýlaryň dowamynda ilkinji gezek
Eýemyradyň gapysyny açdy.
--Essalawmaleýkim,Agabeg!
Garaşylmadyk ýagdaýa haýran galan Eýemyrat tas käsesini elinden gaçyrypdy.
--Baleýkimessalam,Jorj.—Ol gaty ir gapydan gelýän adama türkmenleriň adaty
aýdaýýan gepini aýtdy.—Näme,düýş dagy gördüňmi? Pygamberler ýorgudy bolsun.—
96
Birdenem ol gap dulda oturan aýalynyň ýüzüne garady.—Eýgilik bolsa-ha, bi daň bilen
gapydan gelmezdi.Akmaraly çagyr!
Annabibi gidensoň,Eýemyrat Blokwile düşek üstüne geçmegi mürähet etdi.
Aýagyny gaty ägä basýan ýesir bosaga bilen ojak aralykdaky iki-uç ädim ýoly
dört-bäş ädimde geçip,külüň gapdalynda çommaldy.Onuň çommalyp oturjak bolşy hem
tagaşyksyzdy.Ojaryň mis reňke owrülen közünden göterilýän howur pereňliniň öňe
uzan ellerine hoş ýakdy.
Blokwiliň öňkülerinden has naýynjar sypatyny synlan Eýemyrdyň kalbynda
nebsagyryjylyk duýgusy oýandy.”Muňa näme bolýaka?”
--Me,bir käse çaý iç,Jorj!
--Ýok,Agabeg,içme ýok.
Onuň göwnüni götermek islän öý eýesi:
--Käsäni eliňe alsaň «içme» bolar-da...Sen indi patdyk-sutduk geplejegem,Jorj—
diýip, Eýemyrat hoşamaý ýylgyrdy.—Çaý türkmeniň hörekden öňki hezzetidir,öz-ä.
Gör-dä!
--Man hasta,Agabeg.
--O nä hassalyk? Tüweleme,daşyňdan seretseň-ä, sen hassa adama çalym edeňok.
Blokwil barmagy bilen gözüne ümledi.
--Çaşmi hasta,Agabeg,çaşmi...
Şol mahalam:
--Eýemyrat däde,çagyran ekeniň—diýip,salam beren Akmaral içerik girdi—
Näme hyzmat?—Ol Blokwiliň oturanyny görensoň, näme hyzmat bilen
çagyrylandygyna düşündi.
--Sälämälik—diýip,Blokwil gelene salam berdi.
Ýesiriň Akmarala salam berşine hezil edip gülen Eýemyrat:
--Sen «sälämälik» diýmeli däl,Jorj.Ol diýmeli.”Salamaligi” aýal maşgala
diýmeli.
Mana düşünen Blokwil,ýylgyrasy gelmese-de,baş atyp ýylgyran boldy.
--Akmaral,bi bir alada bilen-ä gelipdir welin,”Gözüm agyrýa” diýjek bolýamy,
nämemi.Düşünişsene!
Akmaral özüne soragly nazar aýlandan,Blokwil agzynyň ýetişdiginden gepläp
başlady.Ol şeýle bir janygyp-janygyp gepledi welin,Eýemyrat hut agzyny açyp galdy.
--Öz-ä bi gaty çyny bilen janykdy.Näme diýýä?
--“Gözüme garasuw injek bolýa” diýýä.
Eşidenine müňkür bolýan ýaly, Eýemyrat geň galyp,baş ýaýkady.
--Garasuw inýänini nädip bilýämiş? O nä tebipmi? Garasuw inse, men nädeýin?
Meň elimden näme gelýä?
Blokwil Akmaralyň dilmaçlyk ederine-de garaşman,Eýemyradyň agzyndan çykan
sözi gaýtalady.
--Tabib! Tabib,Agabeg!
Eýemyrat ol söze dilmaçsyzam düşündi.
--Garasuw inýän bolsa,men-ä tebibiňem nepi deger öýdemok.Honha,Ýagşymyrat
burkazyňam birki ýyllykda gözüne garasuw inende, barmadyk tebibi,ýykylmadyk
mollasy galmadam welin...Ahyr ol-a kysmata kaýyl gelip,köşeşmeli boldy.Garasuw
inýäni çyn bolsa,munuňam maňlaýyna ýazylan şoldur-da.Meň elimden näme gelýä...
97
Akmaral ýesiriň jogabyny garyndaşyna düşündirdi.
--«Gan aldyrmaly» diýýä. “Gündogar tebipleri gan almaga ussat” diýýä.
Eýemyrat ýene başyny ýaýkady.
--Alhepys,gepe düşünmese-de,muň bilmeýän zady ýog-aýt! Ozi-hä bir saýry
millet welin...Gan aldyrmagy nireden bilip ýörsüň diýsene!..Gaş bejerjek bolup,göz
çykaraýsak nätjekkä bi? Ganyny aljak diýibem ganyna galaýsak... Üstesine gan—hun
bergilem bolsak.Bular ýalaka bir zat bolaýsa,yzyndan top süýräbem
gelewersinler.Onsoň kim jogap okamaly bolar? Ýa—men,ýa-da—Mämmet kakam...
Eýemyradyň jogabyna Blokwiliň gaharynyň gaýnandygy entek ol geplemänka
hem ýüzünden bildirdi.
--Parslar «Geçä-jan,gassaba ýag gaýgy» diýýäler..
--Ony-ha türkmenlerem diýýä welin,diýilse, men nädeýin?—Eýemyrat hem
ýesiriň jogabyny halamandygyny duýdurdy.—Cen muňa aýt,Akmaral. «Sen-ä geçi däl»
diý. “Eýemyrat goňuram gassap däl” diý.
Blokwil Eýemyradyň ýüzüne garap oturyşyna gaharly gepledi.
--Bi nä jabjynyberdi-le?—diýip,öý eýesi gyssandy.
--«Eger—diýýä,--tebip çagyryp,ganymy aldyrmasaňyz,--diýýä,--men öz gan
damarymy özüm keserin—diýýä. “Onsoň müň tebip getirseňizem, giç bolar” diýýä
.”Kör bolup ýaşanymdan ölenim gowudyr” diýýä.
--Ana,gördüňmi? Meň ýaňky aýdanyma barýa-da!—diýensoň,Eýemyrat esli
salym oýlanyp oturdy.—Bäş şaýy gazanjak bolup,bizem öz başymyza özümiz bela
satyn almadyk bolsak ýagşydyr,Akmaral.
--Şeýle ýaly—diýip,ýesiriň tarapyny çalmaga-da çekinýän Akmaral ýaýdandy. -Men-ä näme diýjegimi bilemok,Eýemyrat däde. Ýöne gan aldyrany bilen adam öläýesi
ýok-la.Batyl galany üçin soň bizi günertlemezi ýaly, aýdanyny edäýmeli bolar-da.
Akmaralyň teklibi Eýemyrady aýgyda getirdi:
--Gan aldyryp,önküsindenem beter bolaýsa,bizden ýaman görmezmi? Şoňa näme
diýerkä? Sorap gör.
Blokwil kesgitli jogap gaýtardy.
--Men sizden ýaman görmejekdigime kepil geçip,öňünden dilhat ýazmaga-da
taýyn..
--Beýle bolsa, başga gep—Eýemyrat baş atdy.—Gojuk obasynda Bibijemal tebip
bardyr.Gidip,şony alar geläýerin.Bendäm bendäme sebäp.Belki...
*
*
“ ...Türkmenler kişmiş,gant,zäk hem tirýek garylyp
gaýnadylan emi gözüme ýapmagy maslahat berdiler.”
BLOKWIL
.
Gyşyň düşmegi bilen oturumly ýere göçüp gelmek aladasy ýaz çykaryna goýlany
sebäpli,goňurlylaryň hemmesi entek yza dolanmandy.Köp wagt bäri adam
ysyny,haýwan ysyny almaýan agzy ýapyk kepbeleriň,mal ýataklarynyň gapylary kerep
baglap gidipdi. Eýesiz jaýlaryň guran agaç ýaly jansyz oturmagy ozalam tukat obany
öňküsindenem sus edip görkezýärdi.Şonuň üçinem Goňura arkasy haltaly täjir gelsede,boýny torbaly gedaý aýlansa-da, ol oglan-uşaklar üçin dabara öwrülýärdi.Aýagy
ýeňil çagalar gedaýýň yzyna düşüp,özleri hem gedaý ýaly bolup, gapy-gapy syrmaga-da
98
ýaltanmaýardylar.Gedaý ýa-da täjir hataryň bäri başyndan gireninden,şeýle adamyň
gelýändiginiň habary eýýäm hataryň beýleki çetine ýetýärdi.
Bu gezegem şeýle boldy.Eýemyrat goňur entek Gojuk obasyndan dolanyp
gelmänkä,pereňli ýesir üçin tebip getirilýändiginiň habary tutuş oba ýaýrady.Şonuň
üçinem Eýemyrat gelmänkä, onuň gapysynyň garamçasy köpeldi.
Gyşyň örküjidigine garamazdan,irden maýlap başlan howa günortanlar-a
köýnekçe gezibermeli etdi.Iliň sylaýan tebibini köne kepbede garşylamagy makul
bilmedik öý eýeleri daşarda düşek ýazdylar.Tebip şol düşegiň üstünde näsagy
görmelidi.
Blokwil şu mahala çenli ýadynda beklän türkmen sözleriniň hemmesini
depderine ýazyp,olaryň manysyny,fransuz,pars,arap dillerindäki sözler bilen deňeşdirip
görýärdi.Ol fransuz dilinde-hä türkmen dili bilen gabat gelýän meňzeş sozlere
duşmaýardy.Emma onuň gelen aýgydyna görä,türkmen dilinde arap,pars sözleriniň
gabat gelýän pursady gaty kändi.Blokwil “çarşak”,”ataşgir” diýen türkmenlerde
ulanylýan sözleriň parsçadan geçendigini, ýagny olaryň parsça «ataş –gir»--ot tutmak,
«çar-şah»--dört—şah sözünden ýasalandygyny belläpdi.Üç dilde ulanylýan sözleriň
köp bolmagy hemem Blokwiliň ýatkeşligi,erjelligi,oňly geplemegi başarmasa-da,
türkmen dilinde edilýän gürrüňiň näme barada gidýändigine düşünip başlamagyna
ýardam edipdi.Şonuň üçinem Eýemyradyň gapysynda öňli-sönly peýda bolan dört-bäş
adamyň dilleşen ýaly: ”Hany,tebip gelmedimi?”, ýa-da «Bu gün ýesire tebip
getirýäňizmi?» diýen ýaly sözleriniň manysyna düşündi. “Tebip enteg-ä gelenok”
jogaby alan adamlar gelişleri ýaly hem yzlaryna gaýdýardylar.
Emma gaty daýaw göwresine hem galyň hamly ýüzüne bap gelmeýän kiçijik
paşşyk burunly adam welin,tebibiň entek gelmändiginiň habaryny eşitse-de, mahaly
bilen gitmedi.Ol kümsük adamyň nazary bilen töweregi gözden geçirdi.Onuň esasy
synlaýan ýeri hem Blokwiliň bolýan kepbesidi.
Blokwil güneşe ýazylan keçä gecip oturandan son,paşşyk burunly adam kepbaniň
içine-de assyrynlyk bilen nazar aýlady,ilerligine gidýän çile seretdi, seredýändigini
bildirmezlige çalşyp,Blokwiliň özüni hem gowy synlady.
Pereňli edilýän hereketleri jikme-jikligi bilen saýgaryp bilmese-de,ýatan-düşen
zat agtarýan ýaly iliň gapysynda kümsükläp ýöreniň hereketlerini halamady,ony tüýsi
bozuk kişi bolsa gerek diýip çaklady...
Gojugyň bagy diýilýän obadan at münüp gelen,gartaşanam bolsa, entek
görmegeý, aýagy sary mesili tebibi aýallar göterip diýen ýaly eýerden düşürdiler.Ol
aýallar bilen egin kakyşyp görşenden soň,buýruk beriji äheňde ýyly suwly kündük hem
arassa elsüpürgiç getirilmegini talap etdi.Ol elini uzak wagtlap ýuwandan söň, näsagyň
ýanyna bardy.
--Amanmy,han,aman-saglykmy?—diýip,Blokwiliň diňe baş atyp beren salamyny
alandan soň tebip derrew işe girişdi.
Blokwil tebibiň edýän hereketlerini görensoň,ozalky çarwa iliň tebibiniň öňki
derdiň üstüne dert goşaýmagam ahmaldyr diýen howatyrlanmasyndan birneme
daşlaşdy. Bibijemal eje pereňliniň çep eliniň neşder sanjyljak ýerini haýsydyr bir otuň
ysy gelip duran suwuklyk bilen tämizledi,päkize ak mata dolap getiren guralynyň ujuny
hem telim öwra süpürdi.Garaz, ol öz çygryndaky ätiýaçlygy doly berjaý etdi.Ýesiriň
gany alnyp, neşder sanjylan ýeri hem arassa mata bilen daňyldy.
99
Emma şondan soň Blokwiliň gabaklaryny agyrdyp diýen ýaly çöwrüp gözüni
barlan tebip nasagyňam,onuň eýeleriniňem keýpini götermedi.Onuň aýtmagyna
görä,gan almaklyk gözüň ýagdaýynyň gowulanmagyna onçakly täsir ýetirmeli däldi.
--Tebipçilik ýolumda men şular ýaly gözagyra iki gezek sataşdym—diýip, Bibijemal
eje gapdalrakda oturan Eýemyradyň ýüzüne seredip gepledi.—Ozaly-ha Hudaýdandyr
welin, şol iki adam gözüne eden emimden nep tapdy...
Eýemyrat şol näsaglara edilen emi bu ýerde-de gaýtalamagyny tebipden
ýalbaryjy äheň bilen haýyş etdi.Tebip razylaşdy-da, öý eýesi aýala içi arassa suwly
gazany ojaga atarmagy tabşyrdy.Ol ot ýakylyp,gazan atarylýança, nepisje haly
horjunyndan çykaran dürli göwrümdäki duwünçejikleri öňündaki matanyň üstünde
hatarlaşdyryp goýdy.
Ullakan tomaşa howlugýan ýaly bolup gelen ýene birki sany äýal öňki duranlaryň
üstüne urna boldy.Olaryň yzynda bilesigeliji çagalaryň hem üç-dört sanysy bardy.
Keçede gowuşgynsyz halda aýbogdaşyny gurap oturan Blokwil tomaşagärleriň öz
daşyna üýşmegini halamasa-da,ýagdaýa kaýyllyk bilen dymmaly boldy.
Pereňliniň pikirini bilen ýaly Akmaral:
--Näme,adam görmediňizmi?
Baryň,öz gapyňyzda oýnaň!—diýip,çagalara
ýüzlendi. Onuň «Gyzym,saňa aýdaýyn, gelnim,sen düşün» edip,çagalaryň üsti bilen
ululara-da ýüzlenmeginden ullakan netije çykmady.Çagalar birneme yza
tesselerem,ulular aýdylany eşitmedik boldular.Töwerekde garantga ýaly bolup oturan
belent börükli aýallar gymyldamalydyram öýtmediler.
Blokwiliň garşysynda oturan tebibem salamlaryny alsa-da,goňşy aýallaryň
çüýjerilişip oturyşlaryny halamaýan ýaly,olaryň ýüzlerine-de garaman,öz aladasy bilen
gümra boldy.
Tebibiň etjek eminiň nämedigini bilmek isläp, Blokwiliň içi byjyklap
barýardy.Çünki ol ylymsyz-bilimsiz tebipleriň ukybyna hiç mahalam ullakan bil
baglamandy,olaryň çykygy ýerine salmaga ussatdyklaryny,döwük-ýenjigi seýiklemäge
ökdediklerini bilýärdi. Ýöne gorer göz ýaly näzik agza tebibiň nep edip biljekdigine ol
ynanmaýardy.Eýemyrat goňuryň «Gaş bejerjek bolup,göz çykaraýmasak ýagşy» diýşi
ýaly,entek töweregi birneme saýgarýan göreçdenem jyda düşüläýmegi ahmaldy.Ýöne
bu ýurtda Blokwil üçin şol tebiplerden gaýry ýapyşalga ýokdy.
Ojagyň başynda tabşyrylan işleri berjaý eden Annabibi bilen Akmaralam bärik
gelip,tebibiň indiki buýurjak ýumuşlaryna garaşdy.
--Bu biçärä ýaňky gan alnyşdan soň, nabat suwuny berseňiz-a gowy bolardy—diýip,
tebip Annabibä ýüzlendi.
--Şü pilleki gahatçylykda nabat barmy, jan ýeňňe!?—diýip,Annabibi ýaňsyly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 11
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.