Latin

Keseki - 08

Total number of words is 3771
Total number of unique words is 2231
31.5 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gözýaş dökmekden ýaňa suwsuz agaç ýaly gurap giden kempir Blokwile öz
enesini ýatlatdy.Ýeliseý meýdany diýilýän giň köçe bagynyň Parižden çykyp gaýdýan
ýeri onuň göz öňüne geldi.Şol ýoluň gyrasynda, gaýgy-hasratdan ýaňa horlanyp çöpe
dönen Elen hem gara ýeri ýumruklaýar,ogluny ýatlaýar,körpesiniň gelmeli ýoluna
garaýar.Edil Marydan Goňura gaýdýan ýolda oturan türkmen enesi ýaly,pereňli ene hem
zaryn-zaryn aýdym aýdýar.Her enäniň zaryn aýdymy dürli dilde bolsa-da,manysy
birmeňzeş.Ýöne iki enäniň ýola garaýan gözleriniň manysy bir bolsa-da,olary ýola
garamaga mejbur eden sebäp başga-başga. Türkmen enesiniň ogullary üste çozan
duşmandan özlerini,enelerini,topragyny goramak üçin wepat boldular.Pereňli enäniň
körpesi bolsa meslige çydaman, öz peýwagtyna öýden gidip,enesiniň gözlerini ýolda
goýdy.
Blokwil
türkmen
aýalyň
zaryn
sözlerine
düşünmese-de,manysyna
düşünýärdi.Şonuň üçinem ýer bagyrtlap oturan enäniň bagtynyň ýatmagynda özüniňem
günäsi bar ýaly hasap etdi.
Kempiriň zaryn sesinden tizräk daşlaşmak islän Eýemyrat atyna gamçy
çaldy.Atyň sagrysyna degmeli gamçy Blokwiliň sag buduny çawap geçdi,Birki saly
örülen gamçynyň beren yzasy pereňlini gözüni ýumup,dodaklaryny dişlemäge mejbur
etdi.Atyň sagrysyna degmeli gamçynyň ýesiriň buduna degmegi bilgeşleýinden edilen
hereket däldi.Ýöne Blokwil ony türkmen enesiniň ahy-zaryna sebäp bolanlaryň biri
hökmünde özüne görlen çäre diýip kabul etdi.
Ýene birneme ýörelenden soň,uly ýol giň meýdany tutup ýatan Hoja Abdylla
gonamçylygynyň günortasyndan bardy.Ara esli hem bolsa, düýn-öňňun dörändigi
bildirip duran mazarlar at üstünden görünýärdi.Gonamçylykda onlarça täze mazaryň
birbada döremegininiň sebäbine-de Blokwil düşündi.Ol hem pereňliniň ykbalyndan
çykan ganly syýahatyň netijesidi.
Hut şu mahalam Hojabdylla gonamçylygyna tarap bir tabydy göterip gelýärdiler.
Blokwil musulman bendesi dünýäden ötende, gölegçi sanynyň kän bolýandygyny,ýat
adamlaryňam sogap gazanmak üçin merhumy ugratmaga gelýändigini bilýärdi.Emma
häzir öwlüýä tarap alnyp gelinýän tabydyň daşyndakylaryň sany on bäş-ýigrimiden kän
däldi.Blokwil onuňam sebäbini çaklady.Uruşda tenine ýara düşenlerden henizem ölýäni
kändi.Olary uruşdan öňki dowürdäki ýaly deňli-derejeli jaýlamaga mümkinçiligem
ýokdy,erkek adamam ýetmeýärdi.
Blokwil bu gezegem özi üçin bir täzelik açdy: Gölegçiler heniz deňine gelmänkä,
Eýemyrat goňur atynyň jylawyny çekdi.Ol ylgap diýen yaly gölegçileriň öňünden
çykdy,tabydyň bir agajyny egninde goýdy.Şeýdibem, ol egni tabytly ýedi-sekiz adim
ýöränsoň,ýene garaşyp duran atynyň ýanyna geldi.
Göňurly eýere gonan mahaly Blokwiliň nazary bilen nazary kaklyşdy.Şonda
Blokwil onuň gözlerinden: “Ana,siziň eden işiňiziň netijesiniň ýene biri!” diýen ýaly
many okady.Pereňli hojaýynynyň nazaryndaky many bilen ylalaşmasa-da, onuň eden
hereketini makullady.”Soňky ýoluna barýan adama hormat göýmak nähili edeplilik!”
72
Uzak wagtlap idi-yssywatsyz galan bag-bakjalara güýzüň çigrekli şemaly-da
çalansoň,Goňur obasy öňküje görkünem ýitiripdi.Töweregi alaň-açyk oba ýetim galan
ýaly egnini gysyp otyrdy.”Bu çaňap ýatan obada meniň her sagadym güne,her günüm
aýa aýlanmazmy?--diýip,Blokwil öňünden ýaýdandy.—Iç döküşmäge-de,derdinişmägede adam tapylmaz. Kim seniň diliňe düşüner,kim seniň derdiňi paýlaşar? Bular meniň
dilimi däl, Fransiýanyň bardygynam bilýän däldirler...”
“Ölümliginden tutsaň,ysytmasyna razy geler”—Hywa,Buhara ýadyna düşen
Blokwil birdenem,ykbalyň özüni tozap ýatanam bolsa şu oba getirip taşlanyna-da şükür
etdi.Bäş ýüz manatlyk ýesiri bäş manada alyp bilýän nepkeşleriň girisine iläýen bolsaň
näderdiň?
...Eýemyrat goňuryň uzyn kepbesiniň ýeňsesini titup ýatan giňiş ýer jöwenlikdi.
Bişip,ýygnalmaly möhleti bireýýäm ötenem bolsa,uruş sebäpli orulman galyp,başlaryny
aşak salyp oturan, çal kelleli tukat gojalara çalymdaş jöwenlere sereden Blokwil bu ekin
barada ozalam bir gezek daşyrakdan görendigini, eşidendigini ýatlady.Mundan bäs-alty
ýyl ozal Pariž gazýetleriniň biri Orta Asyýa welaýatlarynda bir başynda müňe çenli
dänesi bolýan “jöwen” atly geň ösümlik hakda ýazypdy.
Kepbäniň gapdalyna gelip,hemişeki endigine görä jylawyny çekdirmän saklanan
atdan düşen Eýemyrat:
--Hany,senem düş!—diýip,Blokwiliň ýüzüne garady.
Pereňli buýrugyň manysyny aňdy.Eli arkasyna daňylgylygy sebäpli, ol atdan
düşjek bolanda,tas ýanbaşlygyna gaýdypdy.Onuň entireklänini görse-de,Eýemyrat
ýardam etjek bolmady.
Şol mahalam uzyn kepbäniň öňündaki hatar üç sany gara öýüň birinden agar
çäkmeni ýasgynjaň alan daýawdan gelen pereneli ýaşuly çykdy.
Oňa gözi düşen Eýemyrat ýüzüniň hyrsyz perdesini syryp aýyrdy-da:
--Mämmet kaka,salawmaleýkim!—diýip,mylaýym seslendi
Salam alam Mämmedöwez pälwan;
--Düýnki gidişiňe mahaly bilen yzyňa köwlenmediň welin,at töýnagy dükürdese,
daş çykmak bilen boldum—diýdi.Birdenem ol Blokwile tarap garady.—Ýanyňam
myhmanlymydy? Gelen—döwlet!
--Myhmanly-ha geldim welin,döwletmi,bidöwletmi,Alla bilsin!
--O diýdigiň näme bolar?
--Piliň sapyndan tutup biljek adam-a däl bi.Gul paýlanyşygynda biziň
maňlaýymyzdan çykan şü sypaýy ýesir boldy.Pereňistan diýen ildenmiş özem.Biz muň
dilini bilmesek,bi biziň dilimizi bilmese... Sahyt pälwan diýen ýaşuly dyzap duransoň...
Özem saňa salam aýtdy...Bu gul başymyzdan ýal ýagysy bolup inmese ýagşydyr...
--Sahyt pälwan bize ýamanlyk etmez—diýip,ýaşuly ynam bilen aýtdy-da,inisiniň
alyp gelen guluny ýaňadandan synlady.—Gajarlaň arasynda bir pereňli bamyş
diýýädiler welin,şol bolmaly-da onda?.. Aý, parslaň içi bilen gelen bolsa,dymyp gezen
däldir-le.Herhal, pars dilinde gepleýändir.
--Men-ä şu sypatly adam hiç dilde-de gepläp bilýändir öýdemok.
Ýesire tarap seredip duran Mämmedöwez pälwan:
--Hali şumo,banda Hudoýi?1—diýdi.
1
Halyň niçik, Taňry bendesi?
73
--Hub! Hub!1-diýip,tanyş söz eşidenine şatlanan pereňli baş atdy.
--Bi parsça-ha bilýä welin,biziňem o dili bilşimiz ýabygorly-da—diýensoň,ýaşuly
inisiniň ýüzüne garady.—Ýadap gelen Taňry bendesine,elini boşadyp, baryndan owkat
bir beriň!
Eýemyrat tabşyrygy eşitmedik ýaly:
--Ýesirler birneme saýpal tapýança,bulaň el-aýagynam gatybir boşadybermeli
dälmişin—diýdi.— Gowşut hanyň tabşyrygy şeýlemiş.
Ol habara ýagşydan-ýamandan jogap gaýtarmadyk Mammedöwez pälwan ýene
gara öýe girdi.
Hormatlanýan ýaşulynyň bu ýerden gitmegi agaçlaryň aşagyndan,jöwenligiň
içinden jyklaşyp duran oglan-uşagy erkine goýberdi.”Pälwan agalara gelen sary
gulpakly geň guly” görmek höwesi çagalary bendiniň daşyna ýygnady.
Çagalar üýşensoň,olaryň arasynda iki sany garry aýal hem peýda boldy.Entek özi
gelmänkä, del guluň gürrüňi oba ýaýransoň, töwerekdäkiler ony haýran galyp
synladylar.
Aýallaryň biri:
--Şü adam türkmençe däl,başga bir üýtgeşik dilde gepleýämiş,gyz!—diýip,özi
üçin täsin habary beýlekä ýetirdi.
--Başga dilde-de gepläp bolýamyka?!—diýip,ikinji aýal geňirgendi.
Eýemyrat atyny baglamaga gidensöň-a Blokwiliň töweregi tomaşahana öwrüldi.
Çagalar ýesiriň geň donunyň öňündäki hatar goýlan tegelejik zatlara haýran galyp
seretdiler.Heniz bagjykdan başga zat görmedik oglanlar üçin owadanja ilikler gaty täsin
bolup göründi.
Dogumly oglanlaryň biri ýesiriň ilikleriniň iki sanysyny goparyp aýagaldygyna
gaçyp gitdi.Ýene birnäçe oglan şol hereketi gaýtalady welin,Blokwiliň döşünde ýeke
ilik hem galmady.Blokwil ýylgyryp oňaýmaly boldy.
Üçünji gara öýden çykyp gaýdan otuz ýaşa golaýlan zenan maşgala hem bu ýere
gelensoň,ýesiri üns bilen synlady.Ol öýden çykanyndan şeýlebir owadan ýöriş bilen
gaýtdy welin,edil ädim urman,ýeriň ýüzünden şüýşüp gelýän ýalydy.Birneme
atýüzrägedin saryýagyz maşgala örän görmegeýdi.Nazaryna nazary düşende, Blokwil ol
zenanyň ykbalynda agyr bir waka bolandyr diýip çaklady,owadan gözleri hasrata doly
zözeliň,iň bolmanda, ýanýoldaşy gajar çozuşynda wepat bolandyr öýtdi
Blokwiliň çaklamasy ugrunda ýok hem daldi Ýöne onuň ýanýoldaşy uruşda
wepat bolmandy-da,otuz ýaşa ýetip ýorenem bolsa,ol henize çenli ýanýoldaş
görmändi.Akmaral atly ol maşgalanyň ýüzüne sereden Bloklwil onuň gamgyn
gözlerinde beýleki iki aýalýň bakyşyndaky ýaly geň adam,geň zat görmek howesi-de
ýok hasap etdi.
Ýesir ünsüni oglan-uşaklara göňükdirdi.Onuň daş-töweregi yluly-kiçili,tegelekmi,
gyýtakmy gözden doludy.Ol gözler ýesire haýran galyp seretse,ýesir hem olaryň dürlidümen eşiklerine,boluşlaryna geň galyp garady.Şol bir mahalda-da ol özüni garaja
gözlerden ýasalan gözenegiň içindäki maýmyna,türkmen çagalaryny-da heniz maýmyn
görmedik tomaşagärlere meňzetdi.Dogrudanam,indi näçe mahal bäri ýuwunmadyk-
1
Ýagşy.
74
ardynmadyk, sakgal-murty syrylmadyk,kirli saçy ösüp giden,üst-başy zer-zaýa ýesiriň
häzirki ýagdaýy gözenegiň aňyrsyndaky hapa maýmyndan känbir parhlanmaýardam.
Blokwiliň nazary ýene Akmaralda saklandy.Onun şol manysyz ýaly parahat
bakyş bilen seredip durşudy.Ol ýesire tarap seretse-de,oňa derek başga bir zat görýän
ýalydy. Birdenem,görmegeý zenanyň ala gözleriniň çekgesinden birki damja ýaş
togalanyp gitdi. Bu mahal ol gözýaş ýöne ýerden dörän bolmaly däldi.Blokwil onuň
sebäbini bilmek isledi.”Saňa seredip durka,sen hakda oýlanýarka,gözünde ýaş damjasy
döreýän adamynyň
özünde-de seniň ykbalyň bilen baglanyşykly bir delil
bolmalydyr.Ýöne bu çölüstanda ýaşaýan zenanda Parižden düşen adam bilen näme
baglanyşyk bolup bilerkä?” Blokwil öz sowalyna jogap tapyp bilmese-de,Akmaralyň
gözlerinde peýda bolan damjalary özüne duýgydaşlygyň alamaty diýip kabul etdi.
Ýol tarapdan çybyk ata atlanyp,çapyp gelen ak sakgally,başy açyk arryk adamyň
peýda bolmagy ýesiriň tomaşaçylarynyň ünsüni böldi.Ol ýaşuly köp obalarda tanalýan
Çakan däli diýilýän adamdy.Aýagy ýalaňaç,balagynyň bir gonjy hem dyzyna çenli
çermelen,çakdanaşa atýüzli geň däliniň sypatyna Blokwil aňk bolup garady.
Çakan aga oglan-uşagy gorkuzyp ýören dälilerdenem däldi-de,ile zepersiz,öz
ugruna aýlanyp ýörendi.Emma bu gezek welin ony görenler tomaşa edilip durlan ýesiri
hem unudyp,gaçmak bilen boldular.Sebäbi däliniň boýnyndan bir gulaç ýaly gara ýylan
asyl-asyl bolup durdy.
Töwerekdäkileriň hemmesi jöwenlige urup,gara öýleriň arkasyna geçip
gizlendiler.
Akmaral welin dälidenem,ýylandanam eýmenmeýän ýaly,öňki duran ýerinde
durdy-da, Çakan aganyň indiki etjek hereketlerine garaşdy.
Blokwiliň edil alkymyna gelip “atynyň” jylawyny çeken däli ilki-hä geň
adamynyň ýüzüne dikanlap seretdi,soňam ýylgyrdy.Emma onuň ýylgyrmasy-da
pereňliniň janyna aram bermedi..Ol hernäçe dogumlyrasa-da, ýagdaýdan eýmendi.
Ýylanyň Gün şöhlesine ýalpyldaýan guýrugy çalaja çyrpynýardy,kelle tarapy bolsa
topulmaga amatly nokat gözleýän ýaly iki tarapa elewreýärdi.Onuň agtarýan şol amatly
nokady pereňli ýesiriň özi bolmagam ahmaldy.Şu mahal ýylandan gorkup ökje
göteräýse, däli söbügine müner öýdüp çaklan Blokwil hem oňa syr bildirmeýän kişi
bolup,ýaşuly özüne tarap süýşdügiçe,edil şonuňky ýaly ýuwaş hereket bilen yza
tesdi.Bolsa-da, ol ikisiňiň arasy barha golaýlaýardy.
Blokwil Akmarala tarap garady.Zenan onuň garaýşyndan dalda isleýän alamat
duýdy.Ol ýesire düşnüksiz dilde dälä bir zatlar diýdi.Aýdylany diňlän däli gözlerini
öýnadyp hekgerildi.Akmaral ýene bir zatlar diýdi,mylaýym ýylgyrdy Görmegeý
maşgalanyň owadan ýylgyryşy hatda dälä-de täsir etdi.Ol ýylgyryşa ýylgyryş bilen
jogap gaýtardy.Ak gollaryny uzadan Akmaral dälä gara öýleriň ýeňsesinden geçýän
ýola tarap ugur görkezdi.Çakan aga baş atdy.Ýagşy söz,ýakymly bakyş ýylany hinden
çykardy. Şonluk bilenem boýny gara möjekli goja görmegeý zenanyň görkezen
tarapyna ýöredi.Ol derrewem gara öýleriň arkasynda gözden ýitdi.
Blokwil Akmaralyň öňünde baş atyp hem ýýlgyryş bilen minnetdarlyk bildirensoň:
“Gözellik ýamany ýagşa öwürýär” diýip içini gepletdi.
.
**
75
Ýesir düşen serbazlaryň sany köp bolansoň,tekeleriň her öýünde diýen ýaly bendi
bardy. Saç-sakgallary ösgün hem wagtly-wagtynda ýuwulmaýan geýimli
diýäýmeseň,olar ýerli adamlardan kän bir tapawutlanmaýardylaram.Şonuň üçin adamlar
sygyr dölä,saman kepbelere gabalyp goýlan ýa-da daş-içde görünýän elleri bagl-u—
bagsyz
gullara
indi
geň
galybam
seretmeýärdiler.Gaýtam,oglan-uşaklar
alçagrak,mylaýymrak ýesirler bilen gepleşjek bolup azara galýardylar.
Blokwiliňki welin tersine boldy. Pereňistan diýlen ýurtdan gelip ýesir düşen
adamy görmek isleýän oglan-gyzjagazlaryň sany kändi.Asyl ulularam juda bolmanda
bir zady bahanalap Eýemyrat goňuryň işigine gelen bolýardylar-da, öýüň ilersindäki
kepbäniň agzyna garamak bilendiler.Kepbe bilen öýüň arasy otuz-kyrk ädimden daş
däldi.
Pereňliniň saklanýan jaýynyň gapysy-da ýok diýen ýalydy.Köp bölegi döwlen
gapynyň agaçsyz ýeri ýylgyn çybyklaryndan örülen taşady.Ol taşa Blokwile şäher
türmesiniň gözenegini ýatladýardy.Pereňli, hakykatdanam, türme tussagy ýalydy: aýagy
gandallydy,taşlanan ýeri köne kepbedi,aýak ýoluna çykmaly bolanda-da, daşy
gözlüdi.Ol yzyna dolananda, ýoluna garalyp durulýardy.Onuň hiç hili güýmenjesi-de
ýokdy.Iň ýamany-da şoldy.Pereňliniň Goňur obasyna gelip ýaşan bäş gününiň bäşisi-de
şol içgysgynçlyk bilen geçdi.
Gündiz howa yssa golaý bolsa-da,Blokwol gijelerine horlanýardy,güýzüň çigregi
daňdanlar mazaly üşedýärdi.Oňa aşagyna taşlamaga köne çuwal,üstüne ýapynmaga-da
sary gaçan ýorgan berdiler.Pereňli öten agşam gijäniň köp wagtyny uklaman diýen ýaly
geçirdi.Eýemyrat göňur ahmal galmajak bolup,ýüp bilen mäkäm daňylgydygyna
garamazdan,gije ugra döwük gapynyň daşyndanam ullakan bir gara töňňäni söýäp
goýyardy.
Öten agşam il ýatansoň, tegelenip dogan Aý gaty kän mahallap Blokwiliň ýylgyn
gapysynyň yşlaryndan jyklap durdy.Şol hem onuň uzak wagtlap uklamazlygyna sebäp
boldy.Ýaşaýan kümesi,kümäniň üýtgeşik gapysy,daş-töwerek ýesire entek nätanyşam
bolsa,dolan Aý tanyşdy.Ol edil Pariž gijesini terk edip,bu ýere göçüm eden
ýalydy.Aýyň içindaki dag gerişlerine çalymdaş tegmillerem ozaldan tanyş nyşandy.Bir
üýtgeşiklik—Aý tegelenip doganda, ozal Blokwiliň üşän gezegi bolmandy.Aý dogan
pursatlary Parižiň zyba gözelleri bilen Senanyň boýna seýle çykýan Žorž howa
çigregem bolsa üşemeýärdi, tersine,dabanyndan ot sýçraýardy,agzyndan ýalynly sözler
çykýardy.Gözelleriň gyzgyn dünýäesine düşen kapral sowugy, çigregi duýmaýardy.
Goňurda bolsa ýagdaý düýpden başgady.Aýda-da,howada-da mýlaýymlyk,
töwerek-daşda-da ýakym,mähir ýokdy,dünýäniň keýpliligi,rehim-şepagaty gaçan
ýalydy.Oňa garamazdan,oturyp, gyşaryp,gapynyň yşlaryndan synlanýan şol Aý
Blokwiliň ýeke-täk howandarydy.
Hatda bir ýyl mundan ozalam Aý şuglasynyň astynda yşk posasyndan gana-gana
öýüne ýadap dolanýan ýigide päkize otag,arassa ýorgan-düşek,işdäsi bar bolsa,dürlidümen nahar garaşýardy.Häzir bolsa
Fransiýanyň dworýan toparynda boltelkilikde,agaýana,kynçylygy bilmän ýaşan ýigit nirdedir bir ýerdäki tozgun ülkäniň
haýsydyr bir taşlandy kepbesinde ýalňyz ýatyr.
Ykbal diýilýän çylşyrymly närsäniň kylaýýan oýunlaryna bir bakyň! Parižiň baý
öýüniň töri özüniňki bolan erkin adam bu gün türkmeniň garyp tünegindenem orun
76
tapman,içine köne-küşül taşlanýan samanhanada ýatyr.Onda-da arkaýyn ýatmagam
däl.Uklan mahaly sähel gymyldasa,posly gandalyň sesi onuň gözlerine çiş kakylan ýaly
edýar.
Goňur ýesirliginiň altynjy güni Blokwiliň asla garaşmadyk bir wakasy
boldy.Öýlänler Eýemyradyň işigine bir atly geldi.Kän mahal geçmänkä-de,öý eýesi
kepbäniň gapysyndaky taşany açdy-da,ýesire “Daş çyk!” diýen manyda ümledi.Blokwil
aýdylany berjaý etdi.
Gelen adam ýesire siňe-siňe seretdi. Blokwil ony tanamady.Myhmanyň atynyň
bökdergisinde kiçeňräk halta bardy.Gelen bökdergini çözdi,haltany başşak
silkdi.Haltadan Eýemyrat göňur üçin nätanyş,Blokwil üçinem tanyş bolan bir topar zat
döküldi.Pytrap giden zatlaryň arasynda kagyzmy,galammy,gönümelje agaçmy,çüýe
meňzeş ýylmanajyk demirlermi,garaz,goňurlylaryň heniz görmedik närseleri
bardy.Getirilen zatlara gözi düşen Blokwil geň galdy.Olar pereňliniň Gojuk obasynyň
ilersindäki batgaly çöketlikde ýesir düşende gaçyp galan enjamlarydy.
Getirilen goşlaryň arasynda surat alýan abzal,dürbi yaly iň gymmatbaha zatlar
ýokdy.Öz zatlaryndan gutarnykly tamasyny üzen pereňli getirilenlerine-de az
begenmedi. Ýöne Gojuk batgalygynda galan zatlaryň Göňurda öz eýesini tapmagy
welin ony gaty geňirendirdi.
Eger-de ol zatlaryň hemmesi hak eýesine gowşurylsa,Eýemyradyň gaty
tarhanlyk etdigi boljakdy.Kitapsyz,galam-kagyzsyz oňup bilmeýän ýewropaly üçin
häzirki ýagdaýda getirilen zatlar hem bagtdy.
Gelen adam birdenem bilguşagyna gysdyrylgy sapançany aldy-da,ony Blokwile
uzatdy.Emma pereňlä ýetmänkä,sapançany Eýemyrat garbap aldy.
--Sapançadan oýun bolmaz,garyndaş. Onda-da goşa nilli sapançadan.Kagyzgalamlaryny nätse şeýtsin,ýöne munä ýarag ynanylmasa ýagşy.
--Oky ýok-la!—diýip,gelen adam ýylgyrdy.—Halki bir öz zady bolansoň
beräýmesek...
Eýemyradam öz gezeginde çalaja ýylgyrdy.
--Tüpeň diýilýän närse,oksuzam bolsa,ýylda bir gezek öz-özünden atylarmyşyn,
garyndaş.Neneň- niçik bolýança, sapança mende durubersin-le.
Blokwil goşa nilli pereň sapançasynyň özüniňkidigini tanady.
--Muň bizdedigini nädip bilip ýörsüňiz-aýt?—diýip,Eýemyrat geň galyp sowal
berdi.
--Sen,goňur,uly bir hazynaň üstünden baraýan ýaly-la!—diýip,gelen adam sowala
degişli däl ýaly gep aýdansoň,Eýemyrada mekir nazar aýlady.—Munuň nirededigini
tutuş Söýünhan nesli bilýän bolsa nädersiň.Bi asyl Pereňistan diýilýäň ýurduň tütjar
baýynyň oglumyş ahyryn.Nyrhyna-da öz ynsabyň çatyp aýdan teňňäňi tölejekmişler.Il
arasynda şeýle gürrüň bar.Arkasy gaty güýçlümiş.
Pytraşyp ýatan kagyz- galamlara ýene bir gezek göz gezdiren Eýemyrat:
--Menem şeýleräkmikä diýip çak edýän...
--Şoň üçinem muňa beter dozümli ýapyşmasaň-a kem bolmaz.—Myhman
Blokwiliň aýagyndaky gandala seretdi.—Muň zatlarynam ýaşulular ýörite eltip gowşur
diýip, meni bärik gönderdiler.
Gelen adam sagbollaşdy-da,atyna atlandy.Ol ugranda-da baş atyp,Blokwile hem
hoşlaşyk yşaratyny etdi.
77
Eýemyrat goňur çaparyň soňky aýdan sözleri barada oýlandy.Ol näme üçin öz
guluna eglişik etmelikä?..Belkem,göwnüne degilmän saklansa,ýesiriň töleg nyrhy
ýokarlanar? Name üçin onuň hiç kime derkar däl,bolgusyz kagyz-petekleri ýörite çapar
bilen Goňura getirilmelimişin? Bu ýönelige-hä bolmaly däldir.Obalara paýlanan
gajarlaryň haýsynyň nirede,kimiň elindedigini bilmek mümkin dälkä, diňe munuň
yzyndan gelinmegi köp zatdan habar bermeýärmi?.. Şeýle pikirlerden soň Eýemyrat
goňur şu günden başlap, öz ýesirini asla gözden sypdyrman saklamaly diýen netijä
geldi.
Blokwil hojaýynynyň ýüzüne garap bir zatlar diýişdirdi.Parsçadan başy
çykmaýan Eýemyrat garşysynda duranyň sesini eşitse-de,gepinden many alyp bilmedi.
--Men seň parsyňa düşünýänmi?—diýip, ol ilki özi bilen gepleşdi,soňam öýe
tarap seredip gygyrdy.
Daş işikde peýda bolan aýal buýruga garaşdy.(Ol Eýemyradyň aýaly Annabibidi).
--Bi bir zatlar diýýä welin,diline düşünemok-la.
--Seň düşünmeýän diliňe men nädip düşüneýin?
--Akmaraly çagyr diýdigim-dä şol,walla.
--Hälden şeý diý-dä onda.
Akmaralyň bärik ýonelenini gören Blokwil onuň çagyrylandygyny aňsa-da,näme
üçin çagarylandygynyň welin manysyny alyp bilmedi.
Eýemyrat bilen birki agyz gepleşen Akmaral:
--Çe mihahi begui?1—diýip, parsça ýüzlenende,ýagdaýa aňk bolan Blokwil tanyş
sözleri eşidip,tisginip gitdi.Naçe gün bäri öz düşünýän dilleriniň birinde adam bilen
gürleşmegi arzuw edip ýören pereňli edil ýakyn hossaryna sataşan ýaly bolup
begendi.Ol Eýemyratdan etjek haýyşyny aýtmagy soňa goýup:
--Farsi äz koja midanid?2—diýdi.
Ol ýene bir zatlar diýmekçi boldy welin,Akmarala ýüzlenen Eýemyrat onuň
badyny aldy.
--Nameler samrap dur-aýt bi?
Akmaral ýesire islegini beýan etmelidigini düşündirdi.
--Islegim şundan ybarat--diýip,Blokwil baş atdy.—Men,tä baham tölenip,azat
bolýançam siziň bendiňiz. Bolsa-da, siž maňa häzirkiňizden başgaça çemeleşmeli. Men
gaçmakçy bolsamam, bu çölüstanyň ýol-ýodasyny bilemok.Gaçmak meýlimem
ýok.Meni beýdip gabap saklamakdan size-de,maňa-da peýda ýok.Gowusy,meniň
meseläm çözülýänçä,güymenjelik iş tapyp beriň.Meniň Agabege ýüzlenmekden
islegim şol.
--Muň düşnüksiz güjüridiniň manysy näme?
Ýesiriň aýdanlary düşündirilenden soň,az-kem oýlanyp duran Eýemyrat:
--Hany,entek kagyz-peteklerini bir ýygnaşdyrsyn.Bize-de oýlanmaga puryja gerek
--diýdi-de,öýüne tarap ýöneldi.
Akmaral hanja ýörejegini bilmeýän ýaly ortada galdy.
Höwes bilen kagyzlaryny ýygnaşdyryp oturan Blokwil:
--Siz meni haýran galdyrdyňyz!—diýip, begençli dillendi.
1
2
Näme diýmekçi bolýaň?
Siz nireden parsça bilip ýörsüňiz?!
78
Şol mahalam gapydan boýnuny uzadan Eýemyradyň sesi haýbatly çykdy.
--Senem oň ýanynda sömelip durma-da,öz aladaň bilen boluber,gyz! Parsça
bilýän diýibem türkmençiligi unutma.Onsuzam biziň gep ýükümiz ýetik.
Aýdylana gulak asan Akmaral öýe tarap ýöräberende,Eýemyradyň özi ony aýak
çekmäge mejbur etdi.
--Oň Pereňistandandygyny-ha bilýäs.Adynyň nämedigini bir sorap gaýt.—“Žorž
Anri Gulibef de Blokwil” diýen sözleri eşiden Eýemyrat gaşlaryny bürjeşdirdi.—Ýeke
adamyňam eşek ýüki ady bolarmy-aýt?! Meň-ä oňa dilimem öwrülmeýä.Ony birneme
kelteldip aýtsaň bolmaýamyka?
Uzyn ada derek diňe Žorž diýilse-de bolýandygyny eşiden Eýemyrat ynjaldy.
Ýüki birneme ýeňläne dönen Blokwil Akmaraly mähirli nazary bilen öýe tarap
ugratdy.Soňra ol öz zatlaryny kepbä getirdi-de,burçda tertipleşdirip goýdy.Birdenem ol
ullakan galyň depderi gaýtadan aldy.Depderiň ilkinji sahypasynda “TÜRKMEN
ILINDÄKI ÝESIRLIK. 1860” diýen ýazgy peýda boldy.Blokwil özüniň Agabeg diýip
ýüzlenýän hojaýyny Eýemyradyň kepbä tarap gelýänini görüp,depderini öňki ýerinde
goýdy.
Samanhananyň işiginde eli orakly duran Eýemyrat ýesire “Daş çyk!” diýen
yşarat etdi.Iş buýruljakdygyna göz ýetiren pereňli eden haýyşynyň ýer alýandygyna az
begenmedi.Ýesiriň aýagy gandaldan boşadyldy.
Blokwili yzyna tirkän Eýemyrat jöwenlige tarap gitdi.
Döwri geçip, gurap giden jöwenler Eýemyrat gyrasyndan girenden şatyrdap ses
etdi.Mellekde mekan tutan sansyz serçe çal bulut bolup asmana göterildi.
--Guş-gumrulara ýal boldy-da!—diýip,Eýemyrat özbaşyna hümürdedi.
Agabeginiň ýanyna baryp aýak çeken Blokwil buýruga garaşdy.Şol pursadam ol
öz düşüp ýören güni barada oýlandy,çalajadan hyrçyny dişledi.Dünýäniň iň medeniýetli
hasaplanýan ýurdunda,onuňam iň ýokary derejesinde aýlanyp bilim alan,üç sany dil
öwrenen gedem ýewropaly,gel-gel,indi kimlere bakna bolmaly! Gel-gel,kimleriň
buýrugyny berjaý etmeli! Onda-da nähili buýruk! Köne hem hapa orak bilen jöwen
kelleklemeli. Aslynda,Blokwil jöwen diýilýän ösümlik ekilen pele ömründe ilkinji
gezek girýän bolsa, orak diýilýän guralyňam heniz sapyndan tutup görenok.
Ýesiriň Agabegi “Seret,öwren!”diýýän manyda ümledi-de, jöweniň birki başyny
kesip görkezdi.Soňam ol oragy Blokwiliň eline tutduransoň, ýene yşarat bilen “Garaş”
diýdi-de,çalt-çalt ädimläp, kepbä tarap gitdi,derrewem yzyna dolandy.Eýemyrat iki
tarapyna hem paltanyň sapy ýaly taýakdan goşa tutaý edilen götergiji Blokwiliň
ýanynda goýdy.
--Şuňa semmer diýilýä,Jorj—Eýemyrat getiren guralyna tarap elini salgady.—
Zemmer.Muň bilen gum daşasaňam bolýa,ders daşasaňam.Sen muňa jöweniň başyny
ýygnarsyň.Gerek bolar,özüňem muň adyny belle.Zemmer,zemmer.
--Zember!—diýip,Blokwil Agabeginiň yzy bilen ol sözi gaýtalady.
Ýesiriň mana düşünişini öz ukybynyň netijesi hasaplan Eýemyrat monça bolup
ýylgyrdy.
--Alada edilse,bolmanam durjak däl ýaly.
Eýemyrat öňki ýygan jöwen başlaryny zemmere taşlady,ýene birki baş ýygybam,
näme etmelidigini gaýtadan görkezdi.
79
Göňurly beýdip alada galyp durmasa-da,eline orak berlende,zemmer getirilende
näme etmelidigine Blokwil düşünipdi.Şonda-da ol pereňliniň ýekeje dänesini-de ýere
gaçyrmajak bolup jöwen ýygyşyny görenden söň, ynjalyp öýüne gitdi.
Öýläniň yssa golaý howasynda hereket eden pereňlini,beýikligi adam boýuna
barabar kapas jöwenlik derrew derletdi.Bolsa-da,ol buýrulan işe howes bilen ýapyşdy.
Çünki ýüňüň,deriniň ysy aňkap duran kepbede ýalňyz özüň içiňi hümledip oturmak
derläp jöwen ýygmakdan müň paý agyrdy.
Birdenem jöwen ýapraklarynyň şagyrdysynyň arasy bilen “Taňry bendesi!”
diýen ses eşidildi.
Blokwil yzyna garanda, Akmaralyň golaýda durandygyny gördi.Çaky,Akmaral
bu ýere görer gözden gizlenip gelipdi.Onuň jöwenligiň gür ýerine gelip saklanmagy-da
şondan habar berýärdi.
Blokwil tüýs ýewropalynyň äheňinde,ýöne parsçalap:
--Sizi ýene gorýänime men örän şat!—diýdi.—Siz pars dilini nireden öwrenip
ýörsüňiz? Özüniz-ä türkmen zenany.
Megerem,ömründe ilkinji gezek özi bilen “siz” diýlip gepleşilýän Akmaralyň
gulagyna ýesiriň sözleri ýasama ýaly bolup duýuldy.Asyl ol üns berip görýär
welin,ýesir parsça geplände-de, käbir sözleri parslaryň aýdyşyndan üýtgedibräk
aýdýar.Ýöne bu mahal Akmaral onuň parsça nähili gepleýändigini seljermek üçin
gelmändi.Ony bu ýere getiren başga bir maksatdy.
--Men siziň adyňyzyň Ahmaraldygynam bilýän.
Blokwiliň çaga gürrünine çalymdaş bu gepi Akmaraly ýylgyrtdy.
--Ahmaral. Owadan at!
--Ahmaral däl,Akmaral.
--Akmaral.Barybir owadan at.
--Menem seň adyňy doly ýat beklemesemem,Žorždugyňy bilýän.
Akmaralyň jogaby hem ýesiriňkiden üýtgeşik bolmady.
--Žorž diýseňizem ýeterlik.—Akmaralyň aksowult ýüzüne garan Blokwil
birdenem onuň düýpden garaşmadyk sowalyny tapdy.—Siziň janyňyz sagmy? Agyrýan
ýeriňiz barmy?
--Sen näme,tebipmi?
--Tebib-ä däl welin,men kän kitap okadym.Tebipçilik hakdaky kitaplar bilenem
tanyşlygym bar.
--Tebibe-hä baryp göremok welin,agyrýan ýerim bagrymmyka diýýän.
Blokwil sag tarapdaky gapyrgasynyň aşak ýanyna elini ýetirdi.
--Su ýeriň dykylyp,käte-käte agram salyp duran ýaly bolýarmy?
Öz ýagdaýy göni aýdylyp durlansoň geň galan Akmaral hekgerildi.
--Mahal-mahal şeýle-de bolýa...
Jöwenligiň içinde gizlenip,ýesir bilen gürleşip durmak Akmaral üçin hem
gelşiksizdi, hem howpludy.Ol gizläp getiren bir bölek çöregini Blokwile uzatdy.
--Men saňa nan getirdim...
--Men aç däl.Getireniňiz üçin Taňry ýalkasyn!—Diýse-de,Blokwil çörege tarap
hyrydar nazar bilen garanyny gizläp bilmedi.Onuň dili bir zat diýdi,seredişi bolsa başga
zatdan habar berdi.
80
--Ertirden bärem seň näme iýeniňden habarym bar. Men bu işde molla
çykandyryn...
--Sizem ýesirlikde bolduňyzmy?—Blokwil bu sowaly ýaňsylama alamaty bilen
aýtdy.
Jogaba derek çöregi zemmeriň içindäki jöwen başlarynyň biriniň üstünde goýan
Akmaral öýüne tarap hem gitmän,ilerligine ýöredi.Blokwil onuň beýle hereketiniň
manysyna düşündi.
Akmaral bilen ýene bir gezek ikiçäk duşuşygyň bolaryndan bolmazyny ýakyn
hasaplaýan ýesir pursatdan peýdalanmak isledi.
--Siz meniň bir haýyşymy bitirip bilersiňizmi,Akmaral?
Pereňliniň bu gezek “Ahmaral’ diýmän “Akmaral” diýenine üns beren zenan
çalaja ýylgyrdy-da,aýak çekdi.
Onuň saklanmagyny haýyşa gulak asmaga razylyk diýip düşünen Blokwil islegini
tiz beýan etdi.
--Merwin aňyrsynda,.Alaşaýap boýundaky topazlar mülkünde meniň bir tanşym
bendilikde bolýar.Adyna Ýusup han diýýärler.Şoňa bir hatjagaz gowşar ýaly etmeli...Bu
ýerde sizden başga dilime düşünjegem,maňa rehim etjegem ýok.Ýusup han.Alaşaýap
boýy.Topazlar mülki. Ýadyňyzdan çykmazmy?
Haýyşy diňleýänçä sähel salym aýak çeken Akmaral ýoluny dowam etdi.Blokwil
onuň yzyndan umytly garap galdy.”Başarman diýmese,aladasyny etjekligidir.Hemme
milletde-de rehimdaram bolmaly,birehimem”
Zemmeriň ýanynda aşak oturan Blokwil Akmaralyň goýup giden çöregine elini
ýetirdi,birdenem çöregi öňki ýerinde goýup,öz ellerine seretdi.Jöwen başynyň totytozany siňen barmaklaryny synlan pereňli ýene öz geçmişini ýatlamaga mejbur
boldy.Her nahardan ozal ýyly syw,burna ýakymly ysly sabyn bilen ýuwulýan,akja
süpürgiç bilen süpürilýän uzyn barmaklaryny häzir ol özüniňkidirem öýtmedi.Goňura
düşeli bäri hem adamlaryň ähli hereketlerini üns bilen synlaýan Blokwil bu ýerde
sabynyň nämedigini bilmeýän bolsalar gerek diýen netijä geldi.Bular ertir irdenem
kündük diýilýän gabyň jüründiginden gysylyp çykýan suw bilen ellerini çalaja
ölleýärler-de,ýuwundyk hasap edýärler.Düýn Agabegiň aýaly kir ýuwdy.Ýesir kepbäniň
içinde oturan ýerinden aýalyň hereketini elin synlady.Ullakan gazana atylan
gyzylymtyl ota ol geň galyp seretdi.Şol ot sabyna derek ulanylýan bolara çemeli.Belki,
ol sabyndanam gowudyr.Çarwa adamlarynyň başynyň çykmaýan zady barmy!
Pereňlini geň galdyran “gyzylymtyl ot” çogandy.
Ellerini kakyşdyryp,barmaklaryna üfleşdiren Blokwil ýaňsyly ýylgyrdy:
--Ynha,eliňem gowy edip ýuwduň,jenap kapral! Indi saňa köşk adamlarynyň
dannap iýýän telim dürli naharyny çekip başlarlar.—Ol ýaňsylamasyndan soň
Akmaralyň eden hereketiniň manysy barada oýlandy.”Ol seniň açdygyňdan habardar
ekeni.Eger-de elinden gelse, tapsa, Akmaral saňa tagamly-tagamly nahar bermekdenem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 09
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.