Latin

Keseki - 23

Total number of words is 3738
Total number of unique words is 2068
33.2 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Nebitdagyňkyň gelmegine tutuş bir sagat bar ahyryn?
215
Gyzdurdy ene her gezek bir sagat gowrak wagt öňünden gelýär.
– Işsiz garrydyr-da. Öýünde oturyp bilýän däldir.
Nobatçy baş ýaýkady.
– Beýle däl, gardaş. O pahyry çäksiz begenç öýünde oturdanok. Ol tüýs bagty çüwen
kempir.
Öýünde oturmaga goýmaýan bagtdanam bagt bolar-maýt!
– Gyzdurdy ene ýer yrananda ýitiren ogluny bir ýyl töweregi mundan ozal tapdy.
Nebitdagda ýaşaýan ogly hem Aşgabada gelip gidýär. – Nobatçy ýetip gelen Gyzdurdy enä
üns berdi. – Kempiriň şatlygynyň üstüne şatlyk goşaly...
Demirýolçy bir zat diýjek boldy. Emma ýetip gelen garry berlen salamy almak bilen
duranlaryň ikisiniňem ünsüni özüne çekdi.
– Ogluňy garşylaýasmy, garry?
– Hawwa, Atamerdan jany garşylaýan, garagöz. Atamerdan jany garşylaýan.
Gyzdurdy ene her gezek berilýän şol bir sowaldanam, her gezek öz gaýtarýan şol bir
jogabyndanam şeýlebir lezzet alýar welin, asyl ol ýüzi tanyş bolup giden nobatçyny uzakdan
görse-de, onuň “Ogluňy garşylaýasmy?” diýen sowalyny eşidilýän ýaly bolar.
– Otla çykmaly günüň gelende, gaty ir turaýýaň öýdýän?
– Ertir namazymy okaýan-da, gaýdyberýän. Atamerdan jandan zerur bu dünýäde näme
aladam barmyş meň?
– Her gezek şu ýerde seni göremde, menem begenýän. – Nobatçy bu gezek diňe bir
garrynyň göwnünden turmak üçinem däl-de, kalbyndaky hakykaty daşyna çykardy. – Bagtly
adamdan bagt, döwletliden döwlet ýokarmyş diýýäler...
Gyzdurdy ene hemme adama, has beterem demirýol menziliniň nobatçysyna öz
bagtlylygyndan bagt ýokaşmagyny, döwletliliginden döwlet ýokaşmagyny arzuw etdi.
Sebäbi nobatçy ýigit sada, mylaýym, tapbilen. Ilkinji gezek gabat gelende-de ol ýigit asla
tanamaýan kempirine baş egip salam berdi. Ýogsam bu zamanda, ýüz ýaşy arka atanam
bolsaň, ýaş-ýeleňleriň köpüsi saňa baş egmek beýlede dursun, asla salam bermänem geçip
gidýärler. Demirýol menzilindäki ýaş ýigit welin, olardan däl. Ol, üstesine, her gezek
Gyzdurdy enäniň eşidesi gelýän sözlerini gaýtalap, Atamerdanyňam adyny tutýar. Gyzdurdy
ene bolsa demirýol menzilindäki hemme adamlaryň şol ýigidiň aýdanlaryny, aýratynam
“Ogluňy garşylaýasmy?” diýen sowalyny gaýtalamaklaryny isleýär. Emma Nebitdagyň
otlusyny garşylaýan güni şatlykdan ýaňa demirýol menziline däl, giň dünýä sygmaýan
kempir şol nobatçydan başga hiç kimiň gözüne-de ilenok. Adamlar şeýleräk-dä.
Günbatar tarapdan öz bagtyny alyp gelýän otly garagörnümden peýda bolanyndan,
Gyzdurdy ene: “Adamlar-uw, şo gelýän otluda meň Atamerdanym bolmaydyr-uw!” diýip,
demirýol menzilini ýaňlandyryp gygyrybermek isleýär. Dogrudanam, gygyraýsa-ha, otly
geler-geler-de mydama arynyň öýjügine meňzäp gozgalaň tapýan menzildäki ýüzlerçe
adamdan, iň bolmanda, biri-hä «Atamerdan kim bolmaly?» diýip sorardy, garry hem:
«Atamardan jan meň oglum bolmaly» diýip, jogap gaýtarardy.
Ýagyş dagy guýup durmasa, tä garaşýan otlusy gelýänçä, Gyzdurdy ýene perronda
gezim edýär. Otly togtaberende hem öz durmaly ýerine tarap ýönelýär. Atamerdanyň
tabşyrygy şeýle. «Men haýsy wagona münjegim öňünden belli däl, eje. Sen şujagaz ýerde
dursaň, özüm ýanyňa gelerin». «Şujagaz ýer» beýik jaýyň öňündäki agaç skameýkanyň
ýany.
216
Umuman, Atamerdan garrynyň azap çekip, demirýol menziline gelmeginiň tarapdary
hem däl, ýöne gördi-bakdy welin, garşylamagy gadagan etmek enäni ullakan lezzetden
mahrum etmeklik boljakdy. Şonuň üçinem ol kempiriň raýyny ýykmasyz etdi. Gyzdurdy ene
bolsa diňe bir aýdan ýa aý ýarymdan menzile gelmek däl, gaýtam bolmajak zady – ogly
Nebitdagdan ugranda, otlynyň öňünden ýüwrüp gaýtmagy arzuw edýär.
Günbatar tarapdan peýda bolan otly ýuwaşjadan demirýol menzilene golaýlaýar. Otly
golaýladygyça-da, Gyzdurdy enaniň dem almasy kynlaşýar. Ol tolgunýar. Otlynyň tigirleri
hereketini togtatsa, oňa derek Gyzdudy enäniň ýüreginiň hereketi çaltlaşýar. Garry çep
döşüne elini ýetirýär: «Agzymdan çykjak bolma. Kanagat et!» diýip, öz-özüni köşeşdirmäge
synanyşýar. Synanyşanda näme! Synanyşanda-da begenç ýüküni götermekden ejiz gelýän
ene ýüregi köşeşäýenok.
Oňat geýnüwli, syrdamdan daýaw, eli gara diplomatly Atamerdan wagondan düşüp
gelýär. Ene ony müňüň içinden saýgarmajakmy! Bagtyýar garrynyň ýaňaklaryna şatlyk
gözýäşy togalanýar. «Edil kakasy-da. Boýuňdan-syratyňdan aýlanaýyn, balam, Atamerdan
jan!»
– Salawmaleýkim, eje!
Bu iki söz Gyzdurdy enäni Köpetdagyň iň belent gerşine tarap göterip gidýär! Sebäbi
oňa öz ogly salam berýär!
– Aleýiksalam, oglum!
Bu jogap sözleri-de garra az täsir etmeýär. Sebäbi ol öz oglunyň salamyna jogap
gaýtarýar!
Garrynyň çepiksi göwresi oglunyň uly gujagyna dolýar. Diplomatyny ýerde goýan
Atamerdan kempiri mäkäm gujaklaýar.
Atamerdanyň uzyn boýuny hasam dartgynly edip görkezýän uzyn etekli gara plaşy bilen
reňkdeş diplomatyny açyp görmese-de, ene onuň içinde näme bardygyna indi belet.
Diplomatda oglunyň ejesine niýetläp getiren, näme-de bolsa, bir kiçijik sowgady hem goňşygolamyň çagalaryny begendirer ýaly delje süýji bolmalydyr. «Ýazgül jan gelnimem
gurgunmy? Balkan jan agtyjagym oňatjamy? Enesini ýatlaýamy? – Bular her gezek
gaýtalanýan sowallar. Sowallaryň jogaby uly lezzete öwrülip dolanyp geler.
... Atamerdan bilen Gyzdurdy enäniň münmeli awtobusynyň oturgyçlarynyň hemmesi
eýýäm eýelenen eken. Garryny göterip diýen ýaly ulaga mündüren Atamerdan şadyýan ses
bilen:
– Haýsy oturgyçda ýaşy otuz bäşden bärdäki adam bar bolsa, ýaşy iki otuz bäşe ýeten
ejeme ýer bersin! – diýip gygyrdy.
Ýolagçylar gülüşdiler. Bir ýaş ýigit;
– Men otuz bäşe däl, otuza-da ýetemok! – diýip, bir ýaş ýigit Gyzdurdy enä ýerini
berdi. – Ynanmasaň, pasportyma seredäý!
Garry oturgyjyň ýapyşylýan ýerinden däl-de, gapdalynda dik duran Atamerdanyň
goşaryndan ýapyşyp oturýar hem oglunyň dil tapmaga ökdedigine begenýär. «Orazly
pahyram şun ýaly degişdendi. Çykalga ýok ýerdenem dili bilen çykalga tapaýýady...»
Gyzdurdy enäniň obasy şäher bilen sepleşip otyr diýen ýalydy. Ýer yranan ýyly diňe
kepbelerden hem pagsa diwarlardan ybarat bolan obanyň tot-tozansyz köçelerini inden telim
gatly bolmasa-da, köpüsi bişen kerpiçden gurlan owadan jaýlar bezeýärdi. Gyzdurdy
enäniňki hem köçe tarapynda biri giň, biri kiçeňräk iki sany jaý gurlan ykjamja howludy. Ol
şähere gatnaýan awtobusyň gelip durýan ýerinden gatybir uzakda-da däldi.
217
Elinden tutulyp gapydan çykarylan Gyzdurdy ene aýagy ýere degip-degmänkä, gepläp
başlady. Oňa-da köçäniň gyrasyndaky tamdyr sebäp boldy.
– Ho tamdyry görýäňmi, Atamerdan jan? – Kempir tamdyra tarap elini salgady. – Ýer
titremezinden ozalam şo tamdyr bardy. Ýöne azajyk bärräkdedi... Bir gezek sen, gözüme çöp
atyp, howludan çykypsyň-da, jompul-jompul edip, şo tamdyryň deňine ýetiberipsiň.
Tamdyryň gapdalynda-da ala köpek garysyny ýassanyp ýatan eken. Muhammet agaňky.
Muhammet aga pahyram kesegiň aşagynda galdy. Gowy adamdy özem... O köpek gaty
gyňyrdy. Hernä, edil şo mahal kakaň bir ýerden peýda bolaýýa... Baý-baý, şonda bir maňa
käýinmek käýinendir welin, gaharly sesi henizem gulagymda ýaňlanyp duran ýaly.
Oglunyň çagalygy bilen baglanyşykly bolany sebäpli, geçmişdäki käýelmegem garryny
ýylgyrtdy.
– It topulmanmy? – diýip, Atamerdanam ýylgyryşa goşuldy.
– Topulmandyr, hernä. Topulyp, seň bir ýerine tyg dagy salaýan bolsa, kakaň pahyr
meň başymdan ala ýabylynyň gününi indererdi.
Atamerdan «ala ýabyly» sözüniň manysyna düşünmeýändigini boýun aldy.
– Wah, balajygym, sen obada ösmedik-dä – diýip, Gyzdurdy ene başyny ýaýkady hem
ogluna düşündiriş berdi. – Pis açan ýaba «ala ýaby» diýilýä. Öňler oba ‘ala ýabyly’ adam
gelse, kowýar ekenler. Oglanjyklaram ony daşlar ekenler... Göwnüme bolmasa, şu ýerlerde
seň dabanyň yzlaram bar ýaly...
«Yalňyşýaň, Gyzdurdy ene, ýalňyşýaň. Bu köçelere meň daban yzymyň düşmäge haky
ýok».
Diýse-de, kempiriň göwnüni götermek islän Atamerdan ýylgyran boldy.
– Meň-ä ýadyma düşenok şo zatlar.
– Sen o mahallar kiçijikdiň, balam.
Atamerdanyň bu oba bilen baglanyşykly hiç zat ýadyna düşenok. Düşmeli hem däl.
Ýöne Nebitdagyň näsaghanasyndan çykyp, Ýazgül bilen, Balkan bilen ýakyndan tanşan
gününden bäri enäniň öz geçmişinden ýatlanlary, aýdan gep-gürrüňleri Atamerdanyň
gulagyndan gidenok. Özi-de şol gep-gürrüňlerden soň Atamerdan, birhili, başga adama,
özünden başga bir Atamerdana öwrülip barýan ýaly boldy. Şol gep-gürrüňlerden soň giň
düzlükde bag-bakja bürenip oturan bu obanyň adamlarynyň köpüsini tanaýan ýaly bolýar,
olar hakda, edil obadaş ýaly bolup, kän zatlary bilýär. Käbirleri bilen-ä, edil oglanlykda bile
oýnan däldirin öýdenok. Sebäbi Gyzdurdy ene olar hakda şeýlebir gyzykly edip gürrüň
bermäge ökde welin... Ýerden ýeke çykan bolmasa-da, Gyzdurdy enede «Sen dur, men
öleýin» diýjek hossaram ýok eken. Onuň iň ýakyn hossar hasaplaýany adamsynyň dünýäden
öten aýal doganynyň ogly Ahmet ýegendi. Atamerdan ol ýegen bilen Gyzdurdy enäni ilkinji
gezek Nebitdagdan alyp gelen sapary tanşypdy. Ýöne, näme üçindir, ilkinji gezek görendede, ony onçakly sulhy almandy.
Umuman, Gyzdurdy enäniň garyndaşlar-u garyndaş dälleri bilen tanyşmak Atamerdana
ýeňil düşmedi. Ol özüni müýnli, adamlaryň öňünde ikilik edýän ýaly duýdy. Dogry, hiç kim,
iň esasam, Gyzdurdy enäniň özi oňa asla müňkürlik etmeýär. Atamerdanyň özi özüne
müňkürlik edýär. Iň kyn ýeri hem şol. Ol öz baş goşmaly bolan işini bir tarapdan oňlasa,
beýleki tarapdan goldamady. Oňlamasa-da, goldamasa-da, indiden soň yza tesmek giçdi.
Tamdyryň deňinden on bäş-ýigrimi ädim geçilensoň, Gyzdurdy ene deň-duş, ýöne
kebzesi mazaly küýkeren kempir howlusynyň kiçijik gapysyny jygyldadyp daş çykdy-da,
töweregine garanjaklap, ýene yzyna girip gitdi. Dogry, ýetip gelýän eneli-ogly ol garrynyň
218
gözi alan däl bolmagam ahmaldyr. Ýöne Gyzdurdy ene welin oňa başgaça düşünýär.
Ogulkeýik küýki özge mahal-a, ýoldan kirpi geçsede, görýändir welin, çynar ýaly ýigidi
görmedik bolýar. Ýeri, Gyzdurda gözüň ilmese-de, Atamerdany hökman göräýmeli ahyryn
sen...
Indiki derwezäniň öňünde ýaprak peşäp ýören dört-bäş sany towuga gözi düşen
Gyzdurdy ene ýene öz ýaşlygyna, Atmerdanyň çagalygyna tarap gitdi.
– Sen kiçijikkäň, näme üçindir, towuga «pyt-pyt» diýýädiň, Atamerdan jan. – Kempir
öz aýdanyna özi ýylgyryp gepledi. – Köwüş geýdirjek bolsam: «Pytpytlaram» öz aýagy bilen
ýöreýä, menem öz aýagym bilen ýörejek» diýip aglaýadyň...
«Indiden soň men seniň ynamyňy depelesem, pes adama öwrülerin. Ýöne, sen ýene
ýalňyşýaň, Gyzdurdy ene. Towuga «pyt-pyt» diýýänem, köwüş geýmejek bolup aglaýanam
başga çaga bolmaly.» Atamerdanyň kalby bir zat, dili başga zat diýdi.
– Onsoň men şeýdip, aýakýalaňaç gezýämidim?
– Aýakgapsyz kän gezdirmeýädim. Basa düşüp geýdirýädim. Aýajygyňa tiken dagy
çümäýse, janym çykyp barýady. – Birdenem Gyzdurdy ene derwezä tarap seretdi. –
Ogulbossan-uw! Aý-uw, Ogulbossan-a!
Howlynyň daşişiginde peýda bolan, birneme ýokaryk çyzňalan köýneginiň bili erş bilen
guşalan, eli sübseli garaýagyzdan arryk aýal kempiriň göwnünden turubildi.
– Ogluň geldimi, Gyzdurdy ene? Gözüň aýdyň! Amanmy, Atamerdan, amansaglykmy? Gelin, ogul, hemme gurgunmy?
Atamerdanyň beren salamynyň üstaşyry Gyzdurdy ene gepledi.
– Hawa, Atamerdan jan geldi, goňşy. Ejesini göresi gelip gaýdyberipdir... Towuklaň
daşarda gezip ýören eken-de, ýene araky ýaly kowalap tutmaly bolaýma diýip gygyraýdym.
– Elbetde, bu jogap towuk üçin däl-de, Ogulbossan goňşyny Atamerdan bilen
salamlaşdyrmak üçin gygyrylandygyň üstüni basyrýan ýüzleý mekirlikdi.
Ogulbossan goňşy towuklaryna üns bermän, elindäki sübsesini kelemenledip, ýene
yzyna girip gitdi. Onuň özi içerik girse-de, şaňňy sesi daşaryk çykdy.
– Men ýakamdan girjek bolup ýörmäň-de, sizem birsalym daş çykaýyň ahyryn,
garasarlar. Ana, towuklaram dyr-pytrak bolup gidipdir. Siz barkaňyz indi köçä çykyp, eneňiz
towuk kowalamalymy? Çykyň howludan! Güm boluň! Anha, Gyzdurdy enäň oglam gelipdir.
Baryň, salamlaşyň. Menem birsellem sizden dynç alaýyn!
Ogulbossan goňşynyň aralary ýygy-ýygy doglan alty ogly bar. Hemmesi-de edil hindi
çagalary ýaly garaýagyz, biri beýlekisinden garagol. Olaryň iki-üç sanysy gelse-de, ägä
bolaýmasa, howlusyny akan-dökän edýändiklerinden habardar Gyzdurdy ene häzir olaryň
tapyrdaşyp howla girenlerini kem görenok. Sebäbi ol çagalar garagolam bolsalar, uly adam
ýaly bolup, edepli salamlaşmagy welin başarýarlar. Olar her gezegem Atamerdanyň gara
berenini bilen batlaryna güpürdeşip gelýärdiler. Bu gezegem şeýle boldy.
Atamerdan goňşy oglanjyklar bilen köneden tanyş ýaly bolup gitdi. Käbiriniň adyny
bulaşdyrsa-da, ýüzlerinden hemmesini-de tanaýar, haýsysynyň uly, haýsysynyň kiçidiginem
saýgarýar.
– Ana, Ogulbossanyň garaja jüýjelerem geldiler! – diýip, Gyzdurdy ene oglunyň öz
gözi bilen görüp duran zadyny habar berdi.
Atamerdan oglanjyklary ýylgyryp garşy alýar. Gyzdurdy ene bolsa, olaryň joňkuldaşyp,
Atamerdan bilen gezek-gezegine, gol gowşuryp salamlaşyşlaryna guwanýar.
– Eje, bulaň agzyny süýjetjekgämi sen?
219
Gyzdurdy ene Atamerdanyň diplomatyny açmaga-da ökdeläpdir. Ogulbossan goňşynyň
çagalaram şol diplomat açylýança garaşyp durmaga endik edipdirler. Çünki olar, iň
bolmanda, aýda bir gezek gara diplomatyň açylýanyny görýärler, aýda bir gezegem
Nebitdagdan gelen «kemput» bilen agyzlaryny süýjedýärler.
Maksatlaryna ýeten oglanlar gelişleri ýaly güpürdeşip howludan çykan batlaryna,
pessejik goňşy haýatyň aňyrsyndan nägile aýal sesi eşidilýär.
– Garasar ýaly bolup, eýýäm geldiňizmi? Gidiň, daşarda oýnaň! Size giň köçe çydaýa,
meň dar gursagym çydanok...
Gyzdurdy ene bilen Atamerdan her gezek diýen ýaly eşidilýän soňa meňzeş sözler
gulaga ilenden, bir-birege seredip ýylgyryşýar. Garry bolsa, eneli-ogluň ýylgyryşlaryndan
tükeniksiz lezzet alýar.
Atamerdan adam ararça ýoldan gelse-de, törde myhmansyrap oturmaýar. Gyzdurdy enede indi onuň gylyk-häsiýetlerine öwrenişiberipdir. Daşky jaýda diplomatyny goýan ogly
plaşyny çykaryp-çykarmanka, garry onuň ozal Nebitdagdan alyp gelen köne eşiklerini tapyp
berýär.
– Şulaňňy geýäý, oglum! Arassa geýimleň hapalanmasyn.
Atamerdan iş eşiklerini geýer-de, daşaryk ýöneler. Gyzdurdy ene hem onuň yzyndan
galmaz.
Atamerdan bu gezegem howlynyň töründäki köne-küşül salynýan kiçijik jaýda tarap
gitdi, ol ýerdenem çekiç, elbyçgy hem üç gulaç ýaly rezin turba alyp gaýtdy.
Gyzdurdy ene tamyň gapdalyna bardy-da, Atamerdanyň öňki gezek gelende öz eli bilen
ýasan agaç kürsüsinde oturdy. Şol ýerdenem ol oglunyň edýän hereketlerini synlamaga
başlady. Garry onuň näme iş etjek bolýanyny ozaldan bilýänligi üçin hiç hili sowal-zat
bermedi. Ol diňe ykbalyndan hoş bolup, öz ýanyndan ýylgyrdy. «Atamerdan jany Taňrym
maňa gaýtaryp bereli bäri öýüm öýe, howlym howla meňzäp barýa...» Diýmezçe-de däl, iki
hepde mundan ozal Ýazgül gelinem bary-ýogy iki günlük gelip-gidende-de, gije-de ýatman
diýen ýaly, kempiriň ak başyny ak bulutlaryň deňine ýetirdi. «Öz gözüň ýetip duran ňdy»
diýip, hoşhal garry geçeni ýatlady. Ýogsam näme! Ýazgül gelin tüýs bagtlynyň bagtyndan
çykan maşgala. Atamerdana sataşmagy bilen onuňam ykbalynyň üç gezek çüwendigi görnüp
dur welin, Atamerdanyňkynyň çüwşem azym-küjüm däl.
Ýazgül gelin, gele-gelmäne, bir käse çaý içdimi, içmedimi – garrynyň içerisini akandökän etdi. Palaslary, halylary çykaryp güne serdi, iki otagly jaýy, ullakan eýwany ömürylla
tot-tozan görmedik ýaly etdi, diwarlara, pola otuň ysy ýaly yslyja dermanam pürkdi. Hatda
Gyzdurdy enäniň heniz görmedik zady – ýassyklaryňan bir burçundan eriş daňyp, olary
simden asyşdyrdy, şemallatdy. Agşamlayk içeri düşeklenende-de, goş-golamlar şeýlebir
ýerbe-ýer, göwnejaş edilip täzeden goýuldy welin, jaý başga jaýa meňzän ýaly boldy. Özi-de
Ýazgül garra agyr bolup görünýän işleri-de çep eliniň barmagynda aýlady goýberdi.
Ertesi günem irden aýak üstüne galan Ýazgül Gyzdurdy enäniň köp ýyllar bäri
ulanylman ýatan gap-gaçlaryna çenli görmedigini görkezdi. Gyzgyn suwa ýatyrylyp,
arassalaýan serişdeler bilen ýuwlan çäýnek-käseler, tabaklar ýaňy dükandan getirilen ýaly
boldy.
Bolan işleri ýatlap oturan Gyzdurdy ene ýylgyryp, öz üstünden gülmäge-de mejbur
boldy. Gap-gaçly şkafyň iň töründen çykan hum çäýnegi eline alan Ýazgül, oňa seredip
durşuna esli salym pikirlendi. Köne humlugyň ata-baba döwründe çeňklenen jüründiginiň
220
misine çenli poslap giden eken, gapagynyň gyralary-da gemrik-gemrikdi. Gelin bir-ä
çäýnege, birem garra gezek-gezegine seretdi.
– Balkanyň enesi, şü çäýnekde indi özümiz-ä içmeris welin, muny öýe gelen
myhmanyň öňünde-de goýup bolmaz...
Gep soňlanman galsa-da, aýdylmaly «Zyňaýalyň!» diýen sözüň manysyny Gyzdurdy
ene derrew aňdy. «Nebis gursun, Hudaýym!» Ýöne ol şo mahal çäýnek hakda däl-de,
«Balkanyň enesi» diýen sözüň gulagyna ýakyp, ýukalan ýüregini gobsundyryp gidendigi
hakda oýlandy. «Balkanyň enesi!» Ýazgül gelin içersiniň ähli goş-golamyny zyňsa-da,
Gyzdurdy ene diňe şol iki sözi aýdany üçinem gelniniň raýyny ýykyp bilmezdi.
Içini gepledip oturan garry Atamerdana seredip pyşyrdady: «Ömrüň uzak bolsun!
Edeniňe şükür, Hudaýym, edeniňe şükür!»
Gyzdurdy ene nädip «Edenňe şükür!» diýmesin! Tanşylany bäri Ýazgül eýýäm iki
gezek garrynyň ýanyna gelip gitdi, içerä, howla serenjam berdi. Ol ilki gelende-hä Balkany
hem getirdi. «Ene, salawmaleýkim!», «Aleýiksalam, balajygym, aleýiksalam!» Gyzdurdy
ene geçen duşuşygy ýatlamakdan gözlerini süzüp, gaýtadan lezzet alýar, ýylgyrýar. Neneň
lezzet almasyn, neneň ýylgyrmasyn! Ýer urup, ýerde galan garryny Hudaý ýalkady.
Ýazgül gelin soňky gezegem ýola düşmek üçin hoşlaşanda, kempiri gujaklap,
ýaňagyndan taýly gezek ogşady. Şonda onuň gözünden birki damja ýaş hem togalandy.
Beýle yhlas, beýle rehimdarlyk, beýle ýakynlyk Gyzdurdy enäniň nirede gören zady! Onuň
öz gözleri özi üçin ýaş döken bolaýmasa, Ýazgülüňkiden başga kişi gözüniň Gyzdurdy üçin
nemlenen gezegi bolmandy. Öz jigeriňden öneniňem beýle mährem bolmaz! Ilçilikde
töwerekdäkilerem görülýär...
Soňky sözleriňem manysy ýok däl. Anha, ogly bilen gelni Heselbibini öýünden
çykaryp, howlynyň burçundaky, mal saklaýmasaň, iki aýakly girer ýaly däl hütdüge eltip
taşlady. Nämemiş, segsenden agan näsaglan garry iki hepde bäri özi daşaryk aýak ýoluna
gidip bilmeýämiş, bosagadaky basgançaga münende-düşende goltgy bermelimiş. Şo kempir
zerarly kaşaň jaýda ýakymsyz ys peýda bolanmyş. Öýe myhman gelse, ogul bilen gelin
utanýamyş. Gaýtyb-a biriňe ene, biriňe ene ýaly bolup oturan, sizi aýaga galdyran garryny
daşaryk zyňanyňyza utanyň, bihaýalar! Sizi otdan-suwdan penalap, adam eden kim diýsene!
Gyzdurdy enäniň-ä gelniniň hiç mahalam beýle doňýürek bolmajakdygyna öňünden
kepil geçip bolar. Ogluň owsary gelinde. Gelniň adam çykmasa, ogluňda-da adamçylyk
galmaz. Ýazgüle derek başga bir zalym gabat gelen bolsa: «Tapyndy eneň ýanyna özüň
gidiber, men-ä gitmen» – diýerdi. Şonça ýol söküp gelmezdi. Gelse-de, içeriň tozany
bilenem, kendirigiň gerdi bilenem işi bolmazdy... Ýeri, indi bu telefona näme diýjek?!
Gyzdurdy enäniň öýüne telefon çekilmegi-de Atamerdana Ýazgülüň beren
maslahatynyň netijesi. Ýogsam, bu ýaşdan soň kempiriň özi-hä telefon diýilýän zady
küýsäbem durmazdy. Küýsäýende-de çekilmezdi. Taňrym ikisinem deň edip, duş edipdir.
Ýogsam, biri beýlekisiniň aýdanyna «hä» diýmezdi. Sandan galan garry kempiriň tilpun
nämesine gerekmiş, suwa düşülýän jaý nämesine gekermiş diýerdiler...
Howla giren Ahmet ýegen işläp ýören Atamerdany görmän, göni daýzasynyň ýanyna
bardy. Oglunyň gelenine begenip, keýpiçag oturan garry ýegeni bilenem gadyrly salamlaşdy
hem oňa biraz igendi.
– Bir obada, bir köçede ýaşasaňam, üç aýdan bir gezek dolanaýmasaň, ýeke daýzaň
halyndan habar alaňok. Atamerdan jan, ara uzagam bolsa, eli sypynsa, gelip dur. Şu günem
geldi. Anha, işläp dur...
221
Daýzasynyň igenjine «Oh-o, görmändirinemden» başga jogap gaýtarmadyk Ahmet
ýegen Atamerdana tarap ýöredi.
Atamerdan Ahmedi ýanyna baryp durandansoň görüp galdy. Ol Ahmediň salam
berenindäki «daýy» diýen sözüni, birhili, ýaňsyly äheň bilen aýdylan ýaly gördi.
Ahmet ýegen gapdalda iki bölek bolup ýatan rezin turba gyzyklanma bilen seretdi.
– O turbany sen zaýalaýypsyň-la, Atamerdan daýy...
Atamerdana soňky söz ýene aýratyn basym bilen aýdylan ýaly bolup eşidildi.
– Zaýalamok, Ahmet ýegen, gerek boldy, kesdim.
– Kesmeli däl ekeniň-dä.
– Nämüçin?
– Men äkidäýjekdim.
– Ulanjakmydyň?
– Köçäň o tarapyndan mellegime suw geçirjekdim. Joýajyk gazyp, şu turbanam
gömmekçidim. Daýzam-a muny hiç mahalam ulanmazdy...

Geregiň şular ýaly turba bolsa, indiki gelemde tapyp beräýerin.
Beýle jogap bilenem turbanyň kesilmegi sebäpli bozulan keýp düzelmedi.

Bir zatjagaz-a dikeltjek bolýaň sen bu ýerde. Giň zat-ha däl welin, hajathana
bolsa gerek. Ozalam-a biri bar.
--Tomus suwa düşüner ýaly jaýjagaz gurjak bolýan, ýegen.
-- O kime gerek?
--Kime gerek! Diýýäňmi? Ejeme gerek. Senem derläp gelen wartyň mylaýym suw bilen
tozanyňy ýatyraýsaň, kem görmersiň.
Çalarak seňrigini ýygran Ahmet ýegen ýaňsyly ýylgyrdy.
--Yssy bolanda-da, garry aýal duşa suwa düşen ýörer-maýt? Seňem, daýy, bolşuň
birhili, türkmençiligi bilmeýäniňki ýaly.
--Türkmençilikde garry aýal bolsaň, suwa düşmän, porsap ýörmeli diýen kanun barmy?
Bar bolsa, nirede okadyň?
--Ýazmaça kanun-a ýokdur welin...
--Ýa seň öziň çileden çykaňda suwa düşürileniň bilen oňup ýörmüň henize çenlem? –
diýip, Atamerdan türkmençilikdenem başynyň çykýandygyny ýaňzytmak isledi.
--Biz-ä gerek bolsa, şäher hammamyna gidäýýäs – diýip, öwünýän ýaly gep tapan
Ahmet ýegen, soňam özüniňkini ýörgünli etjek bolýan ýokundysy bar sowal berdi. –
Sen muň gerekdigini, gerek däldigini Gyzdurdy daýzamyň özünden soradyňmy? Ýa öz
meýliň bilen gurup ýörmüň?
--Adama ýagşylyk etmek isleseň, özünden sorap ýörmeli däl. Suwa düşsün, düşmesin –
ejemiň öz işi. Men ogullyk borjumy berjaý edýän.
--Aý, seň daýzamyň hakyky ogludygyň, däldigiňem entek gatybir belli dälem
bolaýmasa...
Asla garaşylmadyk ýerden ýaňlanan bu gömelteý habar pessaý ses bilen aýdylanam
bolsa, bulutsyz asmanda gök gümmürdän ýaly bolup, Atamerdanyň ýüregine sarsgyn berip
222
goýberdi. Ol beýle ýakymsyz gepi kempiriň özi hem eşiden bolaýmasyn diýen howatyr bilen
jaýa tarap seretdi. Gyzdurdy ene howlynyň gapysyndan girip gelýän aksakal bilen gep
atyşyp, ähli ünsüni şol tarapa gönükdiripdi. Hudaýa şükür!
Çykalgasyz ýagdaýa sataşan Atamerdan, özüni birneme dürsänsoň, pyşyrdap diýen
ýaly gepledi.
--O gepi saňa kim aýtdy?
--Hiç kimem aýdanok. Özüm aýdýan. Özüm çak edýän. Menem durmuş, ýaşaýyş hakda
oýlanmaýan haýwan däl ahyryn.
--Olar ýaly çaklamaň aşagynda esasam bolmalydyr-a?
“Hymm-m” eden Ahmet ýegen ýene ýaňsyly ýylgydy.
– Başga ýerlerden Aşgabada göçüp gelmek isleýän, ýöne gelip bilmän ýörenler
gytmy? Gyzdurdy daýzam ýaly sada garryny aldajak bolýan kezzap kän ahyry... Bu
ýerem şäheriň göbegi bolmasa-da, şäher ýaly-da. Gaýtam, şäherdenem gowy.
Ümsümlik, bag-bakja... Şu mahal bir sümelge edinmegem ýeňil-ýelpaý iş däl. Şular
ýaly taýýarja mugt howly barka...
Bigünä halyna Atamerdanyň ýaňagyna töhmet şarpygy çalnan ýaly boldy. Ol näme
ederini bilmedi. Paýyş söz aýtmalymy ýa-da töhmet şarpygyň üstünden adalat ýumrugyny
indermelimi?
Ahmet ýegene dikanlap sereden Atamerdan kalbyna dolan gahar-gazaby hereket bilen
daşyna kowýan ýaly, eginlerini titredip, uludan dem aldy. Şol hereket hem onuň birneme
pessaý äheň bilen geplemegine ýardam etdi.

Ýaňky gepi şu obada senden başga-da aýdýan barmy?

Menden gaýry kim beýle zadyň pikirini etsin? Adamlaň Gyzdurdy daýzamyň
durmuşy hakda oýlanmakdan başga aladasy ýokmy? – Aýdan gepiniň soňunyň nirä baryp
degjeginden entek bihabar Ahmet ýegen öwünýän ýaly äheň bilen gepledi. – Oturan ýeke
garry bilen iliň ne işi... Adamlaň öz derdi özüne ýetik şumat. Gyzdurdy daýzamyň nä bu
obada menden gaýry hossary bamy? Şoň üçinem men boljak zady öňünden çaklaýan.
--Diýmek, sen Gyzdurdy enäniň iň ýakyn hossary bolanyň üçinem şeýle çaklama gulluk
edýär ekeniň-dä? Diýmek, sen meni Gyzdurdy eneden gabanýar ekeniň-dä? Seň näme
sebäpden beýle pikire baş urýandygyň maňa düşnükli, Ahmet ýegen”.
Ahmet ýegeniň aýdan gepi Atamerdany durmuşda bolup biläýmegi mümkin bir wakany
göz öňüne getirmäge mejbur etdi: “Gyzdurdy ene aşhanada gap-gaç ýuwup durka, Ahmet
ýegen peýda bolýar.
--Daýzaň bilen salamlaşmaga geläýdiňmi, Ahmet ýegen? diýip, garry ony güler ýüz
bilen garşylaýar.--Ynha, derrew çaý demläýin.
--Çaý demleme, daýza. Men geçip barýadym-da, hem-ä daýzam bilen salamlaşaýyn,
hemem saňa bilmän ýören derwaýys bir habarym bardy-da, şony ahyr aýdaýyn diýip
sowladym
223
.--Derwaýys habar bar bolsa, ony soňa goýmak aýtmaly ekeniň-dä, Ahmet ýegen.
--Aýtsam, daýza , sen şu ogluň hasap edip, öýüňde hojaýynçylyk etdirip ýören
Atamerdanyň öz ogluňdygyna çynyň bilen ynanýaňmy? Men-ä ynanamok. Ol sen
öleňsoň, elin howla eýe bolmak isleýän kezzap bolmaly”. Gyzdurdy enäniň ýuwup
duran şakäsesi gazanyň üstüne gaçyp, üç-dört bölege bölünýär. Garry bir gapdala
gyşarýar. Ahmet ýegen ony saklamaga ýetişmeýär. Ene ýere ýazylýar. Ahmet ony
süýräp düşegiň üstsne geçirýär-de, döşüne gulagyny tutýar. Aljyran ýigit haýdap
daşaryk çykýar. Onuň: “Haý, adamlar, ýeteweriň Gyzdurdy daýzama bir zat boldy!”
diýen howply sesi töwerege ýaýraýar.”
Şeýle göz öňüne getirmeden soň Atamerdan özi özüne ýüzlendi: “Näme üçin adamlar
hemme kişiden erbetlige garaşýarkalar? Ýa-da erbet däldenem erbetlige garaşýanlaryň özleri
erbetmikä?... Ýalňyşyny hakykat diýip kabul eden berbagt garra ýagşylyk isläp, onuň
ölümine sebäp bolmalymy? Ýok. Muňa hökman çykalga tapmaly. Erbet bilen erbet bolup
gepleşmeli”
Atamerdan Ahmet ýegeniň ýüzüne garaman gepledi.

Sen ejemiň iň ýakyny hasap edilýäni bolsaň, onda meniňem iň ýakyn garyndaşym
bolýaň-da, Ahmet ýegen?

Bolmalysy-ha şeýle ýaly.

Onda şu gün agşam iňrik garalandan soň, men seň üstüňe baraýyn welin, iki sany
iň ýakyn garyndaş bolup, özara gürrüň edeli. Bolýamy?
Ahmet ýegen ol teklipden aýratyn bir many hem çykarjak bolman:

Sen meň nirede ýaşaýanymy bilýän dälsiň-ä? – diýdi.

Sorasaň, salgy beren bolar.

Hiç kimden sorajagam bolma – diýip, Ahmet ýegen arkaýyn jogap gaýtardy. – Şu
köçäň gutaran ýerindäki hütdük meňkidir. Çep tarapky. Şondan aňyrda köne jar bardyr.

Atamerdan jan-uw!

Jaýa tarap sereden Atamerdanyň nazary Gyzdurdy enäniň ýanynda duran
aksakalda eglendi. Oňa Söýün aga diýýärdiler. Atamerdan ony tanaýardy. Çünki Atamerdan
oba birinji gezek gelende-de ilki salamlaşan ýaşulysy şol bolupdy.
Ahmet ýegen howlynyň gapysyna, Atamerdanam jaýa tarap ýöneldi.
Söýün aga Gyzdurdy enäniň ýanynda hasasyna söýenip durdy. Ol Atamerdany iň bir
eziz adamyna sataşan ýaly, gözüni-ýüzüni ýylgyryşdan dolduryp garşylady.
Ol aksakal Atamerdanyň bu obada iň ýygy-ýygydan gabat gelýän ýaşulusydy. Hem-ä
şonuň üçin, hemem salam berlende, hiç kimiňkä meňzemýän jogap gaýtarýandygy üçin goja
köne tanşyna öwrülipdi.

Söýün aga, essalawimaleýkim!

Wa-a-leýkimessalam, inim Atamerdan! Hany, görşeli! – Hasasyny goltugyna
gysan goja, iki elinem uzadyp, gaýym görüşýär. – Inim, hoş gelipsiň! Sapa gelipsiň!

Saglyk gowumydyr, Söýün aga?
224

Aý, inim, Atamerdan, men saňa nähili jogap gaýtarsamkam?! Men seň
kakaňdanam kän uly bolmaly. Bu ýaşda öwnüp durar ýaly saglyg-a hiç kimde-de ýok bolsa
gerek. Seň bilen görüşmäge-de ýolda iki gezek durup geldim. Ýogsam, aralyk üç ýüz ädim.
Emma ki, Hudaýa şükür... Seň geljegiňi bilýädim-de, ýüzüňi göreýin diýip gaýdyberdim.
Atamerdan kempire tarap eline salgaýar.

Ejem bilen-ä deňleşjek bolmagyn, Söýün aga. Biý-ä, tüweleme, demirýol
menziline-de pyýada gidip geläýýä. Özem orta ýolda dem-dynç hem alanok.
Söýün aga ilki ýylgyrýar, soňam agras görnüşe girýär.

Saňa sataşansoň, ejeň bili kuwatlandy, inim Atamerdan. Muňa uly il begendi.
Ejeňi tanaýan-u – tanamaýan öz ýiten perzendini tapan ýaly bolup begendi. Alla bendesiniň
dişini ýylgyrtjak bolsa, tapar eken. Ýöne şol diş yşramaga halys maý bolmasa, Hudaýdanam
tarhanlyga garaşmaly däl.
Ýaşulynyň gepiniň soňuna Atamerdan düşünmedi. Gyzdurdy ene düşündi. Söýün
aganyň Atamerdandan ýekeje günlük kiçi, öňki oglunyň öwezine gelen Öwezgeldisi ýer
yrananda kesegiň astynda galypdy. Megerem, Söýün aga her gezek Atamerdany
görende, öz öwezine berlenini görýän ýaly bolýandyr. Onuň şeýle bolmagy ahmal.
Ýöne Söýün aganyň Atamerdany edil öz ogly ýaly görýändigi welin ahmal däl, hakykat.
Onuň şeýledigine Gyzdurdy ene-de halys ynanýar. Aslynda ile-güne zepersiz garrynyň
ogly Atamerdanyň tapylmagyna, Söýün aga aýtmyşlaýyn, begenmedik adam ýokdur.
Onuň şeýledigini iliň gepsözünden, Atamerdana höwes bilen seredişlerindenem
biläýmeli. Ýöne iň ýakyn garyndaş bolan Ahmet ýegeniň käbir häsiýetlerini, daýzasy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 24
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.