Latin

Keseki - 20

Total number of words is 3820
Total number of unique words is 2169
31.5 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
birem ynanmaýardy. Dutaram görlüp ýören tut agajyndan ýasalman, heniz ynsanyň
görejine kaklyşmadyk agaçdan ýasalandy. Şonuň üçinem dutar hakda aýdylýan gepler
howaýy gürrüň bolman, hakykat bolmalydy. Ol dutaryň owazy näme edip biler diýseler,
hatda ölini direlder diýilse-de ynanaýmalydy.
Belki, şeýle bolsun! Saz adam aňynyň owaza öwrülen güýji ahyryn. Ol her zat
etmäge hakly. Gatybaş adamyny agladyp bilýän, doňýürek adamyň ýüregini eredip
bilýän saz ähli zada-da ukyply bolmalydyr.
... Deri birneme gaýdyşan sazandany ýaňadandan der basdy. Hakyky dünýä bilen
arabaglanyşygy wagtlaýynça togtadan adamlar özleriniň saz derýasynyň içinde duýup,
hereketleri bilenem mukamça çalym etdiler. Mukamçyny der basanyny görüp,
birnäçeler çygjaran hasap eden maňlaýlaryna el ýetirdiler.
Gojuk Mergen sallançaga gözüni dikdi. Akja köşek akmaýanyň gapdaly bilen
türkmen sährasynda ädimläp ugrady.
Ýaşagama erkli sen,
Garaguma örkli sen.
Garaguma bagly sen.
Kalbyň şoňa bagla sen.
Il gülende gül, bäbek.
Il aglanda, agla sen.
Dogduk depe daglansa,
Gara bagry dagla sen...
Adaty içgepletmesi mukamça bu gezek az göründi:
Ajallar duzaklansyn,
Seň ömrüň uzak bolsun!..
Çopan ata sallançaga gözüni dikdi.
Çopanyň mal bakýan beýikli-pesli meýdany. Sadap saply dutaryň sesine aýak
goşup, dorja taýçanak peýda bolýar. Ol saga-sola säpjäp, öňde keserip ýatan gyrasy uçut
gaýaly gorpdan geçjek bolýar. Taýçanak ondan hökman geçäýmeli. Çünki gorpuň
aňyrsynda çeşme bar. Taýçanak şol çeşmeden suw içmeli. Ol yza gaýdyp, bat alýar-da,
bökmäge gorkup, gorpuň gyrasyndan gapdala sowulýar. Her hili ýagdaý bolanda-da,
onuň ýeke çykalgasy bar – gorpdan geçäýmeli. Taýçanak ýa-ha gorpa gaçyp ölmeli, ýada suwa ýetmeli. Haýsysyny saýlasaň saýlaýmaly. Taýçanak her gezek bat alanda
çopanyň jany pitige münýär. Ozalam şol aýylganç gorp zerarly ýedi sany taýçanagyny
ýitiren çopany der basýar.
Saz güýjeýär, dutar sandyraýar, taýçanak aýgytly hereket edýär. Ol bat alyp,
ýaňadandan gorpa golaýlaýar. Ol bat alyp, ýaňadandan gorpa golaýlaýar. Çopanyň gözi
garaňkyrap, başy aýlanýar. Taýçanagyň ol gorpdan böküp geçmejegi çyn. Emma
çopanyň hyýalynda sadap saply dutaryň owazy taýçanaga ganat bolup ýelmeşýär. Ol
asmana göterilýär, emaý bilenem gorpun ol tarapynda ýerleýär...
187
Çopanyň sekizinji çagasynyň on günün, on aýyň, on ýylyň üstünden aman-esen
ätlemegi, ene-atasyny, obadaşlaryny, çopany tanaýanlary begendirse, şol tötänlik
«Sallançak mukamyny» mukamlykdan jadylyga, ony döreden adamy hem adaty
adamlykdan perişdelige öwürdi. Sadap saply dutar bilen Gojuk Mergeniň tarypçysy
köpeldi.
... Türkmen baýy Bagtyýar begi hem beýleki mymanlaryny yzyna tirkäp, toý ýerine
baranda gün ýaşyberipdi. Basym nahar çekiljekdi. Golaýda bugaryşyp duran gara
gazanlardan türkmen çekdirmesiniň ysy göterilýärdi. Bagtyýar üçin ojagyň başynda
münder bolup duran ýagjymak kersenlerden başlap, gapynyň köne kilimine çenli geňdi.
Ol ähli zady nebsewürlik bilen synlaýardy. Emma onuň esasy garaşýany öňdedi.
«Ýetmiş ýaşyndaky Gojuk Mergen öz öýünde kesel ýatan bolsa, haýsy Gojuk Mergen
öýlenip biler? Ölüm halyndaky adamynyň özi bu ýere gelmedik bolsa, dutary nädip
düşüp ýör? Näme üçin düşýär?» Bagtyýar şol sowallaryň jogabyny bilmäge howlugdy.
Ogul öýerýän şar gara sakgally, heniz kyrk ýaşa-da ýetmedik adam gabyndan
çykarylmadyk dutary elinde saklap durşuna adamlaryň ählisi eşider ýaly batly gepledi:
– Adamlar, şu dutara atamyz Gojuk Mergeniň sadap saply dutary diýýäler. Men
dört günlükkäm şü sallançagymyň gapdalynda çalnypdyr. Şolam meni ölümden halas
edipdir. Şuň eýesiniň hormatyna meň adyma Mergen dakypdyrlar. Kakam bende öz
agtygynyň dünýä inenini görmän gitdi. Ýöne, ogul agtygy bolsa, adyna Gojuk dakmagy,
sallançagynyň başynda «Sallançak mukamynyň» çalynmagyny wesýet edip gitdi.
Atamyň ogul agtygy boldy. Adyny Gojuk dakdyk, ýöne, bir hepdeläp, obasynda
garaşsagam, sazanda öýüne gelmänsoň, «Sallançak mukamyny» çalmagy oglanyň
öýlenerine goýduk. Yrym etdik. Emma ki, sazanda atamyz başy ýassykda bolany
sebäpli, bu toýa-da gelibilmänsoň, sadap saply dutaryny berip goýberipdir. Biziň gelin
toýumyzda öz dutarynyň saz etmegine göwün bildiripdir.
... Dutar ikindinden bäri garaşyp oturan sazanda uzadyldy.
Saz-söhbetden, onda-da türkmen heňinden onçakly baş çykarmaýan Bagtyýar
begiň sadap saply dutaryň näme hakda gürrüň berýäni parhyna däldi. Onuň öz aladasy,
öz pikiri bardy. Onuň göwnüne häzirki dutar çalyp oturan adam uzak bir iliň sazandasy
däldi-de, Rahymy handy. Ol: «Bu dutara näçe gün guwanaýarkaňyz?» diýip, içini
gepletdi-de, gapdalyndakylara aňdyrman, döşüniň çep tarapyny usullyk bilen sypady.
Gözi bilen gören, eşiden käbir wakalaryndan soň Gojuk Mergeniň gudratyna indi
azda-kände ynanmanam durmaýan Bagtyýar nirede, nähili ýagdaýda bolsa-da,
ýoldaşlaryndan ýabany ýatmazylygy öz öňünde şert edip goýdy. Şonuň üçinem türkmen
baýynyň özbaşyna ak öý hödürläýmeginiň öňünden gaçan beg howanyň kapasdygyny
bahanalap, myhmanlaryň hemmesiniň düşeginiň daşardan ýazylmagyny gazandy.
Beýle yssy howada don bilen ýorgana girilse hem-ä gülkünç boljakdy, hemem ol
ýagdaýdan başgaça many çykarylyp, Bagtyýaryň bolşuna müňkürlik ediläýmegem
ahmaldy. Şonuň üçinem aýak ýolundan gaýdylanda, ädimini ýygjamladan Bagtyýar
ýoldaşlary gelmänkä ýerine geçdi, donuny çykaryp, gapdalynda epläp goýdy-da,
dermanly gutyny hem ýassygynyň aşagyna saldy. Ertirem ol il örmänkä oýanyp,
agşamky hereketlerini tersine etmelidi, hiç kime görkezmän, gutyny ýene goltugynda
gizlemelidi.
Ýoluň argynlygyndan hemem ertir ir oýanmaly bolany üçin Bagtyýar derrew
uklamalydy. Uky diýer ýaly begiňki şirin uky däldi-le. Golaý-goltumda it üýrmeg-ä däl,
188
serçe jürküldese-de, ol gözüni açaýardy. Türkmen sährasyna çykylaly bäri onuň ýeke
gije hem arkaýyn ukusyny alan gezegi bolmady.
Başyny ýassyga ýetiren beg derrewem uklady. Emma il örmänkä oýanyp, öz
aladasyny etmeli myhman, danyň ümüş-tamyşlygynda, ukynyňam tüýs süýji mahalynda
galmagaly bilen diňe bir öz ýoldaşlaryny däl, baýyň hataryny hem aýaga galmaga
mejbur etdi.
Golaýda peýda bolan çygşylda gözüni açan Bagtyýaryň imany göçdi. Ol diňe «Edil
özi-dä!» diýip, Rahymy hanyň salgyny beren jadygöýini ýatlap, içini gepletmäge
ýetişdi. Soň ol içgepletmäge-de ýaramaýan ýaly bolup, gymyldaman ýatdy. Aňyrdan
garaňky gije bilen çalymdaş bolup, süýşüp gelýän gara zat göni Bagtyýara tarap gaýtdy.
Şonda Bagtyýar ortadan ýer alman, bir çetde ýatandygyna ökünip, öz-özüne gargyndy.
«Aý, geçip barýan bir beladyr-la. Ýatanlar bilen näme işi bar?» diýip, ol özüni
köşeşdirjek boldy. Emma ol gaha bela geçip ötägitmedi. Gaýtam ol golaýlaşdygyça,
barha aýylganç sypata girip, Bagtyýaryň ýanyna ýetensoň saklandy.
Dem almasy kynlaşyp ýatyşyna kelemesini öwürýän Bagtyýar gara belany elin
synlamaga ýetişdi. Ýöne gözüniň görýänine ýüregi ynanmady. Rahymynyň salgyny
berýän jadygöýi adama meňzemelidi. Emma Bagtyýaryň gözüne görünýän zat başga
belady. Onuň ýüzi hem ýokdy, ellerem. Ýok, Bagtyýar ýalňyşan ekeni. Gara bela aşak
oturanda onuň adamyňky ýaly iki sany eliniň bardygy belli boldy. Sebäbi ol, edil nirede
goýlanyna ozaldan belet ýaly, Bagtyýaryň donunyň goltuklaryny barlaşdyrmaga durdy.
Şonda onuň eli donuň goltuk jübüsindäki pully haltajyga degdi-de, maýda teňňeler
şaňňyrdap ses etdi. «Dony, teňňäni alyp, başymdan sowlaýsa-ha...» diýip, Bagtyşar
hudaýyň, pygamberleriň adyna bir topar mal aýtdy. Emma gara belany donam, içi
teňňeli haltajygam gyzyklandyrmaýar ekeni. Ol beriň donuny öňküsi ýaly edip, epläp
goýdy-da, ýerindenem turman, Bagtyýara tarap süýşdi. Şonda Bagtyýar ol belanyň kelle
sudury baram bolsa, ýüz-gözüniň gara palçyga suwalan ýaly tekizdigini açyk saýgardy.
Ýöne ol edil adam ýaly bolup dem alýardy, göwnüne bolmasa, onuň ýüregi hem
Bagtyýaryň ýüregi bilen deň gursüldeýän ýalydy.
Rahymy hanyň salgyny beren ujuna barmak oturdylan uzyn gara kesewi döşüniň
üsti bilen bokurdagyna tarap süýşüberende welin, Bagtyýaryň sabyr-takaty gutardy. Ol
bir-ä jynssyz gygyryp, dikelenini, birem ol gara belanyň gara ganatlaryny kakyp, uçup
gidenini bilip galdy. Soň ol ynjaldy.
Sygyrlar molady, itler üýrdi, baýyň hatary aýaga galdy, ýoldaşlary Bagtyýaryň
ýüzüni ýelpediler. Emma beg ol zatlaryň baryndan bihgabrdy.
Ýüzüne küýzäniň sowuk suwyny sepip, begi özüne getirdiler. Emma ol gören
ahwalaty hakda hiç zat aňtmady. Bagtyýar beg bolan waka düýşem bolsa, hakykatam
bolsa, diňe ýassygyň aşagyndaky gutujyk bilen baglanyşykly bolmaly diýen aýgytly
netijä geldi.
11
Goňşy öýde çaga dünýä inýärdi. Çaganyň dünýä inmegi kyndy, dünýä indermek
ondanam agyrdy. Gojuk Mergen şol iki kynçylygyň ýygy-ýygydan gaýtalanmagyny
isleýärdi.
Gün guşluk ýerinden geçende-de goňşy öýden gelýän iňňildi jägildi bilen utgaşyp
ötägitmedi. Ol iňňildi ölüm bilen, hasrat bilen baglanyşykly iňňildi däldi. Bolsa-da, goja
189
sazanda onuň tizräk tamam bolmagyna garaşýardy. Ol ses tamam bolsa, hem aýal
azapdan dynjakdy, hemem täze bir adam dünýä injekdi. Şonlukda Gojuk Mergeniň
taýajyklaryndaky tagmalaryň sany köpeljekdi.
... Gojuk Mergeniň iň soňky gezek barmak basan tagmasy öňki gelýänlerden
tapawutlandy. Tagma başgalardan tapawutlansa-da, onuň döreýşinde hökman bir emma
bolaýmalydy. Şeýle özboluşly tagma her taýakda iki-üçden köp däldi. Onuň şu mahalky
tutup oturan tagmasy bolsa “Düýe tagma” diýen at alypdy.
... Maýly baý öz atasyndan tapawutlanýandygyny märekä subut etdi, ogul agtygy
bolanda goluny giňden açdy, tarhanlyk etdi. Ol degişdi, gülüşdi, adamlaram güldürdi.
Ol henizem diri gezip ýören atasynyň iki süri malyň eýesi halyna dyzyna guýruk
ýapmaly bolanda goýnuň agzyna ýüň daňyp, öldürmäge dözmän, diri malyň
guýrugyndan kesip alandygyny ýatlady. Şeýdip ol öz atasynyň barypýatan gysykdygyny
subut etdi.
Maýly baý gürrüňini gutaranda Gojuk Mergen: “Baý aga ol hekaýaty näme sebäbe
ýatlap otyrka?” diýip, öz-özüne sowal berdi.
Şol sowalyň jogaby bilen alys ýoldan gelen sazandadan başga-da gyzyklanan adam
bar ekeni:
– Baý aga, ýaňky gepler ýöne ýere-hä aýdylmaly däl?! – diýip, çetde oturan bir ýaş
ýigit gygyrdy. – Sen özüňi ataňdan asgyn hasap edýäňmi ýa üstün?
– Men Maýly baýyň atasy Şämi baýdan näme tapawudynyň bardygyny bildirmek
üçin gepläp duryn-da...
– Baý aga, gaty göräýme welin, geplemekde-hä Şämi baýy ompa oturtjagyňy subut
etdiň sen.
– Diňe geplemekde däldir! – diýip, gülmäge esas bolmasa-da, keýpi kök Maýly baý
gülesiniň gelip durandygyny tassyk etdi.
– Gury sözden palaw bolmaz, baý. Ýag bilen tüwem gerekdir. Şonam bil.
– Bermejekden basyp aljakmy? – diýip, kimdir biri baýy gijjeledi.
Maýly baýyň soňky gülküsi hasam artykmaçdygyny bildirdi.
– Men zat gysganamok welin, berjek serpaýyma myhmanyň üstüne getirip ýapyp
biljekgäl-dä!
– “Dag Muhammede gelmese, Muhammet daga baraýar”. Biz seň myhmanyňy
göteräge-de, berjek serpaýyň üstüne eltäýeris. Şunça bolup, bir sazanda güýjümiz
ýetmese... Şeýle dälmi, myhman?
Gojuk Mergen näme jogap gaýtarjagyny bilmedi, gobsundy, ardynjyrady, egnini
gysdy. Umuman, Gojuk Mergen edilýän gürrüňleriň oýundygyna-da, çyndygyna-da
düşünip bilmedi.
– “Dile geldi, bile geldi!” Tur, myhman! – diýip, wäşiräk biri eýýäm Gojuk
Mergeniň eline ýapyşdy. – Tutan mahaly kesäýmeseň, bu baýlar gaty sypjykdyr.
Ýa-ha gülki-degişmäniň güýjemegi bilen oýnuň soňy çyna ýazdy, ýa-da Maýly baý
ozal kalbyndan çykaran serpaýyny süýjütjek boldy, garaz, ol Gojuk Mergeniň elinden
tutup, ak öýden daşlaşdy.
Maýly baý geçen ýyldan galan ýandak küdesiniň ýeňsesine aýlandy-da, mähnet bir
neriň owsaryndan tutup geldi. Ol ýylgyrjaklap, töweregine garanjaklady:
– Maýly baý bilen Şämi baýyň tapawudy, häzirlikçe, şundan ybarat, adamlar!
190
– Häzirlikçe şondan ybarat bolmanda-da, düýeden uly sowgat edip bilmejegiň çyn
ahyryn, baý!
– Beý diýme, düýeden uly pil bar!
Ýandak küdesiniň töweregi gep-gürrüňden, hyşy-wyşydan doldy. Kim Maýly baýy
göçdi hasap etdi, kim onuň tarhanlygyny taryplady.
Henize çenli minnetdarlykdan gaýry halat-serpaý alyp görmedik Gojuk Mergen, ak
ýürekden berilse-de, baýyň owsarly eli öňe uzandan, yza tesdi. Bir düýe bilen Maýly
baýyň döwletiniň egsilmejekdigine düşünýän adamlar:
– Beýtme, bagşy!
– Utanma!
– Berenden al, urandan gaç! – diýşip gygyryşdylar.
– Maýly baýam begenensoň beýdip eçilýändir.
Adamlaryň töwellasy Gojuk Mergeni hasam utandyrdy.
Sazandanyň gözüne dikanlap sereden maýly baýyň ýüzi hiç mahal ýylgyrmadyga
meňzedi. Ol gaty agras sypata girdi, sesi hem üýtgedi:
– Hälki gürrüňleň hemmesi oýundyr-henekdir, myhman. Sen bu neri äkitmeli
bolarsyň.
– Ol bolmaz, baý aga...
Töwerekdäkilerem dymdylar. Baý indi düýäni çyny bilen ýa-da ýöne mürähet üçin
hödürläniniň haýsam bolsa birini subut etmelidi. Ol öňküsindenem agras sypata girdi:
– Sallançak başyndaky saz ak ýürekden çalyndymy, bagşy ýa-da ol saz?...
Her näme edilip kemsidilse-de, Gojuk Mergen maýly baýyň şol sowalyndan beter
tolgunmazady. Ol sesiniň sandyraýandygyny gizlejek bolsa-da, başarmady:
– Uçmaň ak guşy ýaly günäsiz çagany aldasam, gabrymda dik oturmandy, baý?
Saňa başga ýürek bilen garasamam, neresse çagaň öňünde ikilik edip bilmen. Agzyňdan
çykýan söz näme, baý?
Bolsa-da baý öňki kaddyny üýtgetmedi. Ýöne ol Gojuk Mergeniň hakykaty
aýdýandygyna welin ynandy.
– Edil mukamyň ak ýürekden çykyşy ýaly, şu inerem ak ýürekden çykarylan
serpaýyň bolmaly, myhman aga. Munça saçak gaýtarmajak bolsak, seni onça ýoldan
çagyrmazdyk ahyryn. Bu iner eýesine gowuşmaga garaşýady. Toýuňa ýarasyn!
--Toýa niýetledimi, al!
– Indi yza tesmek uslyp bolmaz, bagşy!
Gojuk Mergen mundan telim suwluk uzak ýollara gidende-de, halat-serpaý
hantamaçylygy bilen gitmeýärdi. Ony saza bolan söýgi, mukama adamlaryň edýän
ynamyna bolan guwanç ýola çagyrýardy, şol guwanç oňa güýç-kuwwat berýärdi.
Adamlaryň ertirki güne bolan ynamyny berkitmäge ýardam edip bilmegi ony
ganatlandyrýardy. Şeýdip ol adamlaryň möhümini bitirýärdi. Onda-da nähili möhüm!
Sähra adamlaryna iň zerur, iň gerekli işi Gojuk Mergen edýärdi. Iliňem düşünişine görä,
ol işi Gojuk Mergenden gaýry hiç kes, baýam, hanam, pälwanam oňarmajakdy. Onuň
edýän işi altyn-kümüş bilen satyn alnyp bolunmajak, güýç bilen gazanylmajak işdi.
Üstesine-de, baý bolsun, garyp bolsun, parhy ýok, Gojuk Mergen ýylgyryşdan,
minnetdarlykdan başga serpaýa garaşmaýardy.
Şu mahal welin mukamçy özüniň näme hakda oýlanandygynam bilmän, baýyň
sowgadyny kabul edip, ýola düşdi.
191
Ýol welin, uzakdy. Heniz üçden bir aralyk hem geçilmänkä, toýdan ýeten paý
Gojuk Mergeniň özünem-ä mazaly irizdi welin, atyny hasam ysgyndan gaçyrdy.
Mukamçy atdan gaýry mal-garanyň häsiýetine onçakly belet bolmasa-da, iner hakda
oýlanyp, diňe belli bir adamynyň eline öwrenişip, şoňa endik eden mal ekeni diýen
netijä geldi. Ol düýe Gojuk Mergene sowgat üçin däl-de, görgi üçin berlen ýaly boldy.
Iner birden-birden-ä öňe dyzap, sazandanyň atyny dazladyp çekiberýärdi. Şonda gojuk
mergen eýeriň gaşyndan agman zordan saklanýardy. Birdenem ol düýe iner güýjüni
sarp edip, yza tesýärdi. Sazandanyň aty bolsa, agyr göwräni öňe çekjek bolýardy. Güýç
sarp edýän at hem bolsa, Gojuk Mergenem görgi baryny görýärdi.
Göräýmäge, düýäni çekmekden ýa-da düýeden aslyşmakdan gaýry zada pursat ýok
ýaly halatda-da, Gojuk Mergen Maýly baýyň hut öz inisini ataryp, çakylyk
ibermeginden başlap, tä baýyň ugradanda göterip diýen ýaly ata mündürişine çenli
ýatlady. Gojuk Mergeniň baha kesişine görä, şol iki aralykda ähli zat adam hereketiniň
çäginden çykmady. Ýöne ol düýeli meseläni welin, indiden soň, ýoluň esli bölegi
geçenden soň aňyna sygdyryp bilmedi. Adamlaryň Maýly baýy gijjeleýişleri, sazanda
töwella edişleri ýaňadandan onuň hyýalynda gaýtalandy. Bolsa-da, inere gözi düşende
ol aljyrady. “Men nähili iş edipdirin? Sen barmadygam bolsaň, Maýly baýyň toýam
tutulardy, sazam çalnardy. Saz çalýan gytmy? Şonça sazandanyň içinden saýlanyp
çagyrylmagyň özem saňa goýlan aýratyn hormat dälmi? Şoň özi bir düýe däl, bir süri
düýeden gymmat serpaý dälmi? Sen bolsaň, saza derek mal aldyň, Gojuk Mergen.
Hyzmatyňa derek mal alýan bolsaň, hyzmatyňy satdygyň bolmazmy? Saz-söhbet
satylmaýar ahyryn...”
Şeýle pikirlere gümra bolan Gojuk Mergen ýol gyrasyndaky jykyryň üstünden
geleninem duýman galdy.
– Ýaşyň uly bolsa, salawmaleýkim, ötegçi! – diýip, gümürdeşere adam tapman, içi
gysyp giden jykyrdy ony gören badyna gygyrdy.
Gojuk Mergen garry adamyň ýagdaýyna biparh seredip bilmedi. Ol şunça il gezsede, saçy-sakgaly ap-ak ýaşulynyň köýneksiz işläp ýörenine ömründe ilkinji gezek gabat
geldi. Eşegi ýeke bolansoň, ýaşuly oňa gop berip, jykyr aýlaşýardy.
Ötegçi atynyň jylawyny çekensoň, jykyrçy ýşuly bir düýp gabaraly ýandagyň
üstüne atylan ak köýnegini aldy-da, geýdi. Gojuk Mergen bolsa: “Aý, ýuwandyr-da,
serendir-dä” diýip, içini gepletdi.
Emma bagjygyny daňyp duran ýaşulynyň özi öz syryny açaýdy:
– Inim, jyn ýaly bolup ýalaňaç göründim welin, hatamy öt. Aý, şu ýerden adamgara geçibem duranok-la diýdim-de çykaraýdym. Ertirden agşama çenli derläp duran
kebzä köýnek çydanok. Onsoň, şu letdämi aýan bolýan.
Ýaşulyny utandyrmajak bolan Gojuk Mergen nakyl getirdi:
– “Aşyny aýan aşa ýeter, donuny aýan – toýa” diýipdirler, agam. Belki, toýa
ýetäýediň-dä!
– Hawa-da, köneler bimany gep aýtmandyrlar – diýip, ol söz göwnünden turan
ýaşuly ýylgyrdy.
Soňra iş-alada, gün-güzeran hakda söhbet boldy. Geplemsegrägem bolsa, jykyrçy
ýaşuly Gojuk Mergene ýarady. Şonuň üçinem ol gojanyň ýeke eşek bilen jykyr aýlaýşy
hakda oýlanyp: “Eger eşegi iki bolanam bolsa, biçäräniň, belki, beýdip özi aýlanyp
ýörmezdi – diýen netijä geldi. – Gel, şu ineri men şuňa bagş edeýin. Bolmanda-da, meň
192
muny sürübaşy etjek gümanym ýok... “Sallançak mukamyny” çalanym üçin bu gezek
oba düýe alyp barsam, maňa ýeneki gün möhümi düşjek adamlar näme etmeli bolar?
Şol sazdan maňa düýe-hä däl, jinnek ýalyjagam aklyk gelmesin!”
Gojuk Mergen aýgytly karara geldi.
Nätanyş ötegçiniň teklibine jykyrçy müňkür boldy hem geň galdy:
– Sen, inim, ogra-ha meňzäňok. Ogry bolaýaňda-da, azap baryny çekip, ogurlap
malyňy gabat gelene peşgeş berip gidibermezdiň. Iň bolmanda, deregine eşegimi bir
dileseň.
– Atym barka, eşegi men nädeýin? – diýip, Gojuk Mergen ýylgyrdy. – Seň
eşegiňem janyma dert bolar-da.
Eşiden habary ýaşulyny aljyradan ekeni. Ol näme gepleýänini bilmeýän ýaly öz
aýdanynyň tersine gitdi:
– Bular ýaly bedewiň barka, meň agta eşegimi başyňa ýapjakmy?
– Menem şony aýdyp durun-da.
Şu gep-gürrüňlerden soň-a jykyrçy ýaşuly Gojuk Mergene hasam ýarady. Onuň
aýgyt edişine görä, jykyrçy aňyrsy görnüp duran pukara bolmalydy. “Düýäni oba eltip,
soýamda-da, şu garyba berenimden uly sogap gazanmasam gerek. Goý, bende
peýdalansyn, mally bolsun”.
– Ýaşuly, alsaň-a şuny saňa ene süýdünden halal berýän. Mal ogurlyk däl, beýleki
däl...
– Inim, sen haýsy baý bolarsyň? Haýsy baýyň ogly bolarsyň? Ýa sen meň
üstümden güljek bolýaňmy?
Gojuk Mergen ýaşulynyň beýdip durşuna doňjagam boldy-da, ýene köşeşdi. Ol
özüni jykyrçynyň ornunda goýup gördi. Şonda ol tarhanlygynyň Maýly baýyň
sahylygyndan telim esse ýokarydygyna göz ýetirdi.
– Agam, baýdan iner almajagyňy aýdaýyn. Ýöne, asyl yzarlaşyp durmaly. Maňa şu
mal gerek däl. Şu mal, dogrymy aýtsam, meň janyma hossa boldy.
– Sen onda adyňy bir aýt ahyryn!
– Gojuk Mergen diýip eşidipmidiň?
– Aý, oň adyny eşitmedik türkmen bamy! – diýende, ýaşulynyň ýadaw gözleri
janlanyp gitdi. – Sen oň nämesi bolarsyň, inim? – Ötegçiniň arkasyndaky dutara indiden
soň nazary düşen goja ýene bir sorag berdi. – Ýa şägirdimiň?
– Şägirdi hasap edäý.
– Sen Gojuk Mergeniň şägirdi bolsaň, iner hakda aýdanyňa-da ynanýan, inim...
12
Goňşy öýde çaga dünýä inýärdi. Çaganyň dünýä inmegi kyndy, dünýä indermek
ondanam kyndy. Gojuk Mergen şol iki kynçylygyň ýygy-ýygydan gaýtalanmagyny
isleýärdi.
Emma wagtyň bir çaka barandygyna garamazdan, goňşy öýden gelýän iňňildi çaga
jägildisi bilen utgaşyp ötägitmedi. Gojuk Mergeniň göwnüne bolmasa, çaga dogurýan
aýalyň sesi indi ysgynsyz çykýan ýalydy. Aýal ýaşdy. Ilkinji çagasy bolýardy. Şonuň
üçinem ol ejir çekýärdi. Ilkinji çaga dogranda, dünýä inen bäbeginiň ýüzüni görmäge
ýetişmän, dünýä bilen hoşlaşýan eneleriň betbagtlyklaryna-da Gojuk Mergen az şaýat
193
bolmandy. Şol belalary ýatlanda gojanyň halysam ynjalygy gaçdy. “Saňa näme boldy,
Aýparça? Çaga dogurýana medet etmeýän aýaldan göbegene bolmaz-a”.
Gojuk Mergen tutuş ömrüni göbegene bolup geçiren aýalyna bil baglaýanam bolsa,
şu gezeg-ä birneme müňkürlik edýäne meňzedi. Ol öz hüňňürdisini Aýparça eje eşidip
oturan ýaly, hereketini görýän ýaly, ýaňky igenjiň yzyndanam ýüzüni kürşertdi. Emma
gojanyň gaharlanany bilen ýagdaý üýtgemeýärdi. Iňňildi bolsa, barha pessaýlady,
garaşylýan jägildi hem çykar ýerde çykmady.
Mukamçynyň ýüregi gürsüldisini güýçlendirdi, mukamçyny der basdy. Şol ýürek
gürsüldemänem, şol der basmanam oňlulyga ýormadyk goja dikeldi. “Dünýäde ýene bir
adamyň inmegine garaşylýarka, oňa derek iki tabyt göterilmeli pursatlaram bolupdy.
Eý, Hudaý, o pikir nirden meň başyma gelip ýörkä?” Birdenem iňňildi güýjedi. Emma
garaşylan jägildä derek “Waý, ölýän-le!” diýen zaryn ses eşidildi. Agzy ýaşmakly gelin
ýanynda kempirler otyrka, beýdip gygyrýan bolsa, onuň ýagdaýynyň halys egba
boldugydy.
Gojuk Mergen awuna bökjek bolýan garry gaaplaňa çalym edip, agramyny iki eline
geçirdi-de, çök düşdi. Onuň gözüne tärim, tärimden soňam gara tüpeň keserip göründi.
Goja ýerinden turanda tärimem, tärimden asylgy gara tüpeňem birbada gözden
ýitip, olaryň ýerine gara duman geldi. Duman kem-kemden syryldy. Ýene tärim, gara
tüpeň öňki orunlaryna dolandy. Ol başy aýlanandyram öýtmedi. Goja zordan tärime
elini ýetirip, söýget tapynansoň, gözüni ýumdy-da:
Ajallar duzaklansyn,
Ömrüňiz uzak bolsun! – diýip pyşyrdady. Ýeri, özi şeýle ýagdaýdaka... Ýok, Gojuk
Mergen ömri boýy aýdyp geçen aýdymyny ýene ýekeje gezek, ölmezinden ozalam
gaýtalamagyň arzuwyndady. Şol setirleriň gaýtalanjakdygyna ol öňem umyt baglaýardy
welin, şu gün ertirden bäri-hä, halysam ynanypdy. “Gaýrat et, gelin, gaýrat et! Ýene
biraz tagapyl et! Özüňem maksadyňa ýet, menem ýetir! Çyda gelin, çyda! Seň takdyryň
şeýle ahyryn. Sen şeýdip, görgi görmeseň, ahyrzamana bolardy, bireýýäm bolardy.
Gaýrat et, gelin, gaýrat et!”
Gojuk Mergen tärimi yzarlap barýarka, eli gara tüpeňe degdi. Ony tot-tozan basyp
giden ekeni. Tärimden aýrylan tüpeň tozan, ýüküni esli ýeňletdi. Ýüz-gözüni gabap alan
tota ünsem bermedik gojanyň sandyraýan barmaklary ýaşulyny iň soňky maksadyna
ýetmäge ýardam edip biljek bir peşeňi hem alyp gaýtdy.
Daşaryk çykanda ýap-ýagty bolup duran dünýä Gojuk Mergeniň gözlerini
gamaşdyrdy. Ol buşugasy gelse-de, çaga jägildisine garaşyp, ertirden bäri öýden
çykman ýatanyny şonda duýup galdy. Ol esli ýerdäki gamyşlyga seretdi, ýagdaý hem
isleg şol tarapa gitmegi talap etdi. Emma goja öz isleginiň garşysyna gopdy. “Gasygy
ýarylyp ölene gabat gelmedim. Senem öläýmersiň. Çyda”.
Mukamçy öz öýüniň günbataryna geçdi-de, gara tüpeňe ok saldy. Çaga dogurýan
aýal ysgynsyz iňleýärdi, arasyny kesip-kesip iňleýärdi. “Oň sesini men eşidýän bolsam,
olam meňkini eşider”. Gojuk Mergen iki iňňildiniň arasyndaky ümsümlikden
peýdalandy. “Haý, ýeteweriň ho-ow!” Goja şeýle bir çirkin gygyrdy welin, ol sesiň
näsag adamynyň bokurdagyndan çykanyna-da ynanar ýaly bolmady. Ol ses on ädimdäki
öýe däl, obanyň beýleki çetine-de ýetmelidi.
Gojuk Mergeniň gykylygy kesilip-kesilmänkä, gara tüpeňiň gümpüldisi töweregi
lerzana getirdi. Heniz tüpeň atyp görmedik, üstesine-de ysgynsyz goja mäşe gysylanda
194
arkanlygyna agdarylyp gitdi. Onuň kebzesi öýüň gamyşyna degdi. Ol ýykylandan soň
balagynyň öl bolanyny bilip galdy. Ol begenjinden ýaňa birbada ýerindenem gozganjak
olmady.. Çünki onuň gulagyna ertirden bäri garaşan sesi geldi.
...Gara tüpeňi çuwala söýäp, ýerine geçen Gojuk Mergen uzak ýeke ýatmaly
bolmady. Aýparça eje geldi. Onuň ýüzi örän ýadawdy, ýöne özi welin, baýrak alan
pälwana meňzeýärdi. Ol ýene bosagadan gepläp ätledi:
– Üç aýal bolup otursam welin, gelni gorkuzmak, tisgindirmek hiç haýsymyzyň
kellämize gelmändir. Akyly çaşan garry diýjeksiň welin, Gulburun aga ýene bizden
paýhasly geldi. Erkek adam-da. Ýogsam, mundan aňry gidiberse, gelin heläk boljakdy...
Garaz, garaşylan çaga aman-esen dünýä indi. Her hili bolanda-da öz atan okunyň
nyşanyna degendigine Gojuk Mergeniň ynanasy geldi. Ol bu babatda öwnäýmegem
biedeplik hasap etmedi. Eger aýallar çaganyň dünýä inmegine tüpeň sesi kömek edendir
öýdýän bolsalar, tüpeňi kimiň atandygynam bilsinler-dä.
– Sizden paýhasly bolar ýaly, Gulburun aga kelekden kelle getiripmi, Aýparça
baý?
Aýparça eje adamsynyň sowalyny juda geň görýändigini aňdyryp, çep elini agzyna
ýetirdi:
– Il-gün, muň aýdýanyny! Ýaňky gümpüldini eşitmän, sen nä...
Gojuk Mergen ýylgyrdy-da, aýalynyň diýesi gelmän goýan sözüni dowam etdi:
– Ker açdyňmy diýjek bolýaňmy?
– Men ony diýjek bolmadym welin, özüň diýip, dogry etdiň. Ker bolmadyk
adamam tüpeň sesini eşitmezmi? – Birdenem Aýparça çuwala tarap seretdi-de,
ýylgyrdy. Onuň nazary gara tüpeňde eglendi. – Asyl ol seň işiňmidi, goja? Ne gawun,
ne mawun Gulburun agadan beýle işiň çykjagyny geňem görüpdim-le.
Gojuk Mergen edil çaga ýaly bolup ýyljyraklady.
Aýparça ejäniň ýylgyryşynda bolsa, öz adamsyna buýsançly guwanç bardy. Onuň
ölüm ýassygynda ýatan adamsy ömrüniň iň soňky günlerinde-de adamlara ýagşylyk
edýär, ýagşylygy daşaryk çykarmak, goňşy öýe ýetirmek üçin gojanyň nähili görgi
görendigi, iň soňky güýjüni sarp etmeli bolandygy Aýparça eje üçin düşnüklidi. Şol
düşünmekligem Gojuk Mergeniň ozalam belent tutulýan sarpasyny hasam beýgeltdi.
– Ogul getirdiňmi, gyz? – diýip, Gojuk Mergen gaty kän garaşan jogaby bilen
gyzyklandy.
– Gyz! – diýen Aýparça eje-de, sowalyňam, jogabyňam indi özi üçin birinji derejeli
mesele däldigini aňladyp, ondan has zerur iş hasap edýän habaryna geçdi. – Ýanymyzda
oturan aýal goňşy welaýatda tapylan dermany ele salmaga gyssanmagy ýatlatdy. Bil
guşap ugruna çykylaýmasa, entek han-beglere-de ol derman ýetmeýämiş. Şony saňa
ýene ýatladaýyn diýip, gyssandym... Il-gün seň üçin mal ýygnamakdanam
çekinjekgämiş... Bizem, iň bolmanda, meň gursakçam bilen egmäm-ä berip bilerdik...
Agzyny berk ýumup, gözlerini süzen Gojuk Mergen başyny ýaýkady:
– Dert dostuňda bolmasyn, derman – duşmanyňda, kempir!
14
Aýparça eje daşardaky ojagyň başyndady. Gazanda çorba gaýnap durdy. Ol
adamsynyň iýýän zady az bolsa-da, onuň ömri boýy halap geçen naharyny – kädili
çorba bişirmegi niýet edinipdi. Aýparçanyň aşpyçak bilen esli haýwankädini maýdalap,
195
gazanyň gapagyny galdyranam şoldy welin, soňky mahallarda bu obada gara bermeýän
gedaý aýal peýda boldy.
Geleniň salamyny alansoň, kädi böleklerini gazana atan Aýparça mätäje emlemäge
öýden bir zat alyp çykmak üçin ýerinden turan badyna gedaý aýal özi üçin alada
edilmezligini haýyş etdi.
– Maňa zat gerek däl, dogan. Şu çakda meň iýýän-içýän zadymam ýok diýen ýaly.
Indi aýaklammam oňly ädilenok. Ölüm pilläm golaýlap ýören bolaýmasa. Indi bir
gitsem, bu ýerlere gelerimden gelmezim ýakyndyr, dogan...
Gedaý öz ýagdaýyny beýan edýän şoňa meňzeş bir topar söz aýdansoň, Aýparça
eje saklanyp bilmän:
– Ötüp barýanyň kimdigini soramagam-a uslyp däl welin, sen kim bolarsyň? –
diýdi.
Ýukajyk perdäniň aňyrsyndan gedaýyň ýylgyrýandygy bildirdi.
– Men şu gezek seň ýanyňa özümiň kimdigimi aýtmaga sowuldym, dogan. Ikimiz
indi ýa görüşeris, ýa görüşmeris. Ölüm pilläm golaýlap ýör diýdim-ä... Menem bir öýüň
lälik gyzydym. Gedaý bolubam dogulmandym. Enemem bardy, atamam. Gedaýdan
başga adymam bardy, abraýymam. Äre berdiler. Äre berlen günümem çyragym söndi.
Enem-atam sorag-ideg etmän berdi. Sataşanym iflis neşebent bolup çykdy. Obasynda
durarlyk galmansoň, sähraň başga bir künjüne göçüp gitdik. Bizden bala-çaga-da
önmedi. Neşeden arasyny üzdürjek bolup, eden iňirdilerimme çydaman, ärim maňa-da
tirýek öwretdi. Özüme duýdurman, azdan-köpden, käsäme-çaýyma tirýek atyp ýören
bolsa nädersiň! Kän mahal geçmänkä, menem özi ýaly lüt tirýeki boldum, dogan. Oň
ahyram ýaman gutardy...
Gedaý aýalyň aýdýanlaryny üns berip diňläp oturan Aýparçanyň göz öňünde şeýle
bir durmuş janlandy.
Türkmen sährasynyň jennete öwrülýän döwri bolan bahar paslydy. Tebigatyň gözel
görnüşini bozýan ýaly bolup barýan garry eşegiň ýüzi çöle tarapdy. Eşegiň üstünde
köne-küşül öý goşlary bardy, goş-golamyň gapdalydanam sallam-sajak edilip,
kündükmidir elek asylypdy. Kesesinden seretseň, üstüne ber-bibat edilip goş basylan
eşegi masgarabazyňkydyr öýdäýmelidi. Telim düwünli ýüpüň ujundan tutup, eşegi idip
barýan, ýaşy otuz töwereklerindäki ýigidiň egnindäki geýim-gejimem eşegiň üstündäki
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 21
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.