Latin

Keseki - 02

Total number of words is 3804
Total number of unique words is 2276
30.2 of words are in the 2000 most common words
43.2 of words are in the 5000 most common words
50.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
buýsanmakdanmy,çalaja ýylgyryp,baş ýaýkady.
Žorž Blokwil aýratyn sarpa goýulýan adam hökmünde, köplenç, goşun
ýolbaşçylarynyň golaýynda bolýardy.Bu gezegem ol janpenalar hem serkerdä ýakyn
adamlar bilen birlikde Hemze Mürzäniň yzysüre belentligiň üstünde peýda boldy.Ol
şazadanyň hereketini görensoň,sowal bermän durup bilmedi:
--Siziň Alyjenabyňyz,näme beýle baş ýaýkadyňyz-la? Bir zatdan nägile
bolduňyzmy?
Çalarak ýylgyran Hemze Mürze kalbyndakyny ýaşyrjagam bolmady:
--Gara gününde tapanyny iýip, şoňa-da şükür edip oturmaly türkmeniň oz başyna
belany satyn alşy barada öýlandym,jenap.
Blokwil serkerdä ýene bir sowal bermekçi boldy.Emma atlaryny säpjedip gelen dört
sany adamyň belentlikde peýda bolmagy berilmeli sowalyň öňüne böwet boldy.
Gelenlerden Mahmyt Mürze Aştiany bilen Hasan Aly han sertip iki bölekden ybarat
Horasan goşunlarynyň baştutanlarydy.Orta boýly,dykyz,pişge murtly Mürze Mämmet
Kowam ed-Döwledi. Türkmenler oňa “Gara sertip1” diýýärdiler.Ol tütuş goşunyň
sülsadynyň jogapkäridi.Gara sertip Nemze Mürzäniň özüne iň ýakyn hasaplaýan
adamydy.Dördünji atly adaty serbazdy. Aşakda-da bäş-alty cany serbaz durdy.
Hemze Mürze elindäki gamçynyň sapy bilen eýeriň kümüş çaýylan gaşyna kakyp
göýberdi. Şeýle hereket bilen onuň “Häzir men size bir zat aýtmakçy.Üns beriň!”
diýýändigini goşun ýolbaşçylarynyň hemmesi bilýärdi.Maşatdan çykylany bäri bile
ýörelen uzak ýol, bile geçirilen wagt Blokwili hem gajarlaryň köp endiklerine
düşünmäge mejbur edipdi.Ol hem edil eýranlylaryň biri ýaly bolup,serkerdäniň aýtjak
habaryna garaşdy. Şol mahalam Blokwiliň aty aýagy ýer tutmaýan ýaly bolup
tapyrdady.Hemze Mürze oňa ünsem bermedi.Emma şazadanyň öňünde özüni aladaçyl
edip görkezmäge endik eden Gara sertip:
--Atyňy öteräk bakaýypsyň öýdýän,jenap Blokwil?—diýdi.
Hiç kimden gep alyp galmagy halamaýan hem Gara sertibiň näme üçin beýle
diýeniniň manysyna düşünen kapral:
1
Sertip—Eýranda rus goşunyndaky “ Brigada generaly” diýen nyşana barabar harby dereje.( Awtor).
13
--Şeýle ýaly,jenap.Öz-ä bir ýerde dek durasy gelenok—diýdi.Birdenem ol jogap
şazada erbet täsir edäýmesin diýen pikir bilen hörpüni birneme peseltdi.—Haýwandyrda, jenap. Ýogsam, dek durmaly mahaly depirjeklemese-hä gowy bolardy welin...
Gara sertip ýene özüni görkezmek isledi:
--Diýeniňi etmedigiň jylawyny berkräk tutsaň, utarsyň.
Blokwil hem sertibiň aýlawly diýip aýdan gepine özüniňki ýalyrak jogap gaýtardy:
--Özi aňmaýana jylawyndan çekip düşündirjek bolmak aňsat düşesi ýok-la..
Hemze Mürze aýtjak zözleri başgalara däl-de,diňe Gara sertibe degişli ýaly, onuň
ýüzüne seredip gepledi:
--Bu gijäni şu ýerde geçirmeli bolar.Indi tä Merwe ýetilýänçä, öňümizden akar suw
çykjagy hem gümana. Entek derýadan daşlaşmankak...
Gara sertip şazadanyň sözüni bölmekdenem özüne bähbit arady:
--Boş gaplaryň hemmesi eýýäm suwdan dolduryldy,merhemetli şazada!
Sertibiň pirimi paşdy,--Hemze Mürze sözi bölüneni üçin gaharlanmady.Gaýtam, ol
sertibiň aýdanyny baş atyp makullady.
Serkerdäniň
adamlary garaşdyrybam, esasy aýtjagy Tejen derýasyndan
daşlaşylmanka düşlemek meselesi ekeni.Buýrugy kabul edip,her kim öz etmeli işi bilen
meşgullanmaga gitmek üçin häzirlenip durka,uzakdan görünýän iki sany gara öýe,oňa
ýetip barýan goýun sürüsine tarap sereden Hemze Mürze;
--Bu günki şamlyga türkmeniň berre guzusynyň etini iýmegem nesibämizde
bolaýjak öydýän—diýdi.—O sürini görýäňizmi?
Bu gezegem Gara sertip özgelerden öňürtdi.Ol şazadany “baýguşa” deňemekden
çekinip,köne nakyldaky şol sözi ýakymlyrak söz bilen çalşyryp aýtdy:
--Laçynyň rysgaly agzyna gelermiş,merhemetlim!
Şazada, näme üçindir, çalaja ýylgyryp goýberdi.
--Jaçyn diýýäniň kim bolar,sertip?
--Bu toprakda sizden gaýry laçyn bolmaz!
Blokwil sertibiň jogabyndan utandy.Ol ýüzüni bir tarapa sowdy: “Älhepus,gündogar
adamlarynyň käsiniň ýüzüniň galyňdygyny! Erkek adam edil özi ýaly erkegi utanman,
ýüzüne öwüp dur!.”
Sertipler, serheňler1 şazadanyň yzy bilen sürenlerinde,Blokwil hem olardan
galmady.
* *
.
.
Gapdaly çelgili goşa gara öýe tarap mallaryny sürüp barýan arryk aksakal bilen
sekiz-dokuz ýaşlaryndaky oglanjykdy.Aýagy çepekli,ýuzi güne ýanan oglan,edil bilbil
saýraýan ýaly ýakymly sykylyk bilen bir heňi gaýtalaýardy.Uzyn boýly goja bolsa
çaganyň owazyndan lezzet alyp,ýüzüni aşak salyp barýardy.
Uzakdan görnen atlylara birden gözi kaklyşan ýaşuly aýak çekdi-de,taýagyna
söýendi.Ol Gowşut han tarapyndan çarwa goşlaryna ýörite ýollanan çaparlardan üste
agyr howpuň abanýandygyny eşidenem bolsa,görnen atlylary şol habaryň manysydyr
öýtmedi.Sada çopan bir ýurduň üstüne goşun çekip geljek adamlar sen-men
1
Serheň—polkownik.
14
ýok,gündiziň güni beýdip,zompa peýda bolýandyr öýdüp çaklamaýardy.Üstesine-de,
ötegçiler: “Gowşut han Horasana jansyz gönderip,parslaryň Mara haçan döküljekdiginiň
wagtyny öňünden biljekmiş.Oturumly ilaty,çarwalary habardar etjekmiş” diýen ýaly
gürrüňem edýärdiler. Segsen sany aksakalyň Maşada maslahata çagyrylandygyndanam
çarwalaryň habary bardy.Şol hem türtkmenleriň kalbyna giňlik salýardy,gajarlar bilen
bolmaly çaknyşyk dep ediler diýen umyt döredýärdi.Goja çopan görnen atlylary
ilkibada-ha Gowşut hanyň çaparlarydyr öýdübem çaklajak boldy.Emma iki öýli çarwa
üçin oňça çapar iberilmejekdigi hakda öylanybam,öňki pikirinden el göterdi.Atlylar
birneme golaý gelenlerinden soň bolsa,goja öz çaklamasynyň düýpden ýalňyşdygyny
bilip galdy.Gelýänleriň bu topragyň adamlary däldikleri geýim-gejimlerindenem aýdyň
boldy.Bolsa-da, goja kişi şol atlylaryň gelmegi bilen şu gün özüniň uly bir betbagtlygyň
üstünden barjakdygynyň welin,eger-eger,pikirinem etmedi.Ol gelýänlere görkezmän,
eliniň tersi bilen oglanjyga pagtaly çakmagyny uzatdy.
--Me,muny al-da,ýet,köşek!
Çakmagy elinde berk gysan oglan taýagatymdaky depä tarap taýçanak bolup atylyp
gitdi.Ol alaňyň aňyrsynda gözden ýitensoň,kän mahal geçmänkä,tomsuň petiş
howasyny bölen goýy gara tüsse dik asmana göterildi.
Güpürdeşip gelen atlylar çopanyň ýanyna ýetip,jylaw çekdiler.Näme üçindir,gelenler
ýaşula Taňry salamynam bermedi.”Salam Hudanyň haky” diýip, içini gepleden gojanyň
özi:
--Essalawmaleýkim,Taňry bendeleri!—diýmeli boldy.Emma at üstündäkilerden
jogap gelmedi.
Gamçysynyň kümüş çaýylan sapy bilen gara ädiginiň lowurdap duran gonjuna
çalajadan urmaga başlan Hemze Mürze gögüne garady.Çopan onuň eýýäm dik asmana
çykan gara tüssäni synlaýandygyny bildi.
Şazada,näme üçindir,gaty pessaý äheň bilen gepledi.
--Sakgalyňdan uýalman,ýene salamam berýäňmi?
Aýdylan gep gelenleriň nä pisint adamdyklaryny äşgär etdi.
--Salam Hudanyň haky-da—diýip, goja sandyrady.
Bu gezek çopana mekir nazar aýlap,şazada derek geplän Gara sertip birden-ä berjek
sowalyndan öňünden göwni hoş bolýan ýaly,birdenem ýaňsylaýan ýaly özboluşly
ýylgyrdy:
--Alaňyň üstünde tüsse etmegem Hudaýyň hakymydyr,goja?
--Aý,hawa...neme—diýip,birbada aljyrap, haňk-huňka ursa-da,çopan tiz özüni
dürsedi.—Aý,oglan oýnap ýörkä ýakaýandyr-da..Agtyjagym çakmak çakmagy
öwrenýädi-de..Çaga halky ot oýnamagy halaýa-da...
--Odam bir gowy zat,goja.Türkmenler “Ot—oraz” diýýälermi?—diýip,gep gezegini
alan Hemze Mürzäniň sesindäki ýaňsylama alamaty gahar bilen garjaşyp çykdy.
Ýaşuly at üstünde howalanyp gepleýän iki kişiniň ikisiniňem rehim-şepagatdan
daşdaky adamlardygyny aňdy.Şonun üçinem ol aňyrsy görnüp duranam bolsa,çopan
mekirligine daýanjak boldy.
--O bedroý öňňünem şeýdip ot ýakdy..,
--Düýnem şeýdip ot ýakandyr ol—diýip,Gara sertip seňrigini ýygyrdy.—Ertirem
ýakar. Ýöne sen agtygyňa tabşyr: şü gezekkisi ýaly süplük ýakmasyn,ojar ýaksyn.Çölüň
ojary kändir.Ýa-da ojarýň tüssesi az bolýamy? Şeýlemi?
15
Gara sertipden soň ýene Hemze Mürze gepledi.
--Emma bizden öňürti sataşmak miýesser etse,sen öz Gowşut hanyňa aýt: “Seniň şu
günki tutanyňy şazada Hemze Mürze düýn ütüp göýandyr” diý.Makulmy,çopan?
Gowşut hanyň adamlary tutuş Garagumy otlasalaram,indi oňa tüsseden peýda ýok.Oz
tüssesi onuň öz gözüni gapar.
Hemze Mürzanin haýbatly sözlerini eşitmeginden däl-de,onuň kimdigini
tanamagyndan çopanyň süňňi sandyrady.Ol
şazada sözüni diňe ertekilerde
eşidýärdi.Häzir bolsa şazada diýilýän gudraty güýçli bolmaly diýip aňynda galan beýik
şahs bilen ýüzbe-ýüz dur.Ozi-de şazada diýilýäniň öňünde günälidigini hem içinden
boýun alýar. Bu garaşylmadyk duşuşygyň soňy nähili bolarka?!
Hemze Mürze ilki Blokwile,soňam gara tüssä seretdi.
—O tüssäň manysyna düşünýäňmi,jenap Blokwil?
Blokwil gadymdan gelýän ol pirimiň manysyny bilýänem bolsa:
--Gatybir düşünibem baramok,şiziň Alýjenabyňyz!—diýdi.
--Türkmenler bu ýerden asmana tüsse goýberip,howpuň ýetip gelýändigi barada biribirlerine habar iberýäler.—Hemze Mürze üstünde ot ýakylan depä tarap elini salgady.—
Şol depä çykyp,az salym dursaň,Merw tarapdan şuňa meňzeş ýene bir tüsse asmana
galar.Aňyrda ýene biri.. Şeýde-şeýde, ahyr ony Merwdäkiler görer.Tüsse çarwalaň
çapary bollmaly. Indi düşündiňmi,jenap?
--Indi düşündim,siziň Alyjenabyňyz!
--Ýöne biziň serbazlarymyzyň Gowşut hanyň bosagasyndan tüsseden öňürti
ätlejekdiklerini çarwalar bilýän däldirler.
Tüssä tarap ýene bir gezek nazar aýlan Blokwil Gowşut hanyň bosagasyny dälde,eden etmişi üçin alaňda ot ýakan oglanjyga,oňa sapak beren aksakala gajarlaryň
näme çäre görjekdiklerini göz öňune getirjek boldy.
Şazada pereňliniň içgepletmesini bilen ýaly, çopana ýüzlenip:
--Özüň bilen deň bolsaň-a çakmak oýnaýan çagaň çatyny aýryp,öz ýakan oduna
taşlamaly welin..—diýdi.—Ýöne onda-da ullakan günä ýok-da.Siz öz hanyňyzyň beren
buýrugyny berjaý edýänler-dä.Biz öňa düşünýäs.Emma Gowşut han Saragtda ýakdyran
odunyň alawyna Merwde köýmeli bolar.Bu ot ony dowzah ody bolup ýandyrar.
Düşündiňmi,jenap Blokwil?
Sowal berlen adam aýdylany derrew tassyklamansoň,Gara sertip:
--Düşündik,merhemetlim,düşünduk—diýip goýberdi.
Oňçakly ýerine düşmedik jogaba Hemze Mürzäniň özi hem ýylgyrmaga mejbur
boldy.
Beýle sözlerden soň şazadanyň ýylgyrmasynyň gazaba öwrüläýmeginden öňünden
eýmenen çopan özüne gelen ýaly bolup,erksiz halda:
--Düşnükli,han aga—diýdi.Şondan soň ol atlylary üns nazaryndan geçirdi.Hor
ýabynyň üstünde oturan saryýagyzdan geň adamynyň gajar däldigini çopan aňdy,
”Özüň-ä saýry millet bolsaň gerek” diýip içini gepletdi.
Çopanyň Blokwili içgin synlanyny gören Gara sertip:
--Ony tanajak bolýaňmy?—diýdi.
Çopan öz dünýäsi ýaly sada jogap gaýtardy:
--Tanamag-a beýlede dursun welin,men asyl bi ýigidiň haýsy halkdandygynam
çaklap biljekgäl.
16
--Pereňistan diýip eşidipmidiň?
--Pereňmi? Pereňistan!.. Hawa,hawa,eşidipdim.
--Eşitseň, bu adam şol ilden bolmaly.
Goja çopan Blokwiliň uzyn gonçly kaşaň ädigine,gyralary düwmeli ýaly
sapançagabyna,döşi lowurdawuk ilikden doly geýimine birlaý üns bilen ser salyp
çykansoň,ýene ädikde nazaryny saklady.Ol ädigiň başlygyna,gonjüna öwran-öwran
seredip: “Älhepus, gonjy beýle dar ädigi bi adam nädip geýýäkä?!-- diýip haýran
galdy.—Ýa aýagynda dagy tikäýýälermikä?”.
--O görünýän goşa öý seňkimi?—diýip, şazada sowal berdi.
--Meňki bolmaly
--Mallaram özüňkimi?
--Mal baýyňky.
--Özüňem baýyňkymy?
--Özüm Allaňkydyryn.
Ara dymyşlyk düşdi Şol dymyşlyk hem çopany gorkuzdy. “Ýene näme sorarka
bi?”
Ýöne hiç zar soralmady.
Çonanyň sadadan-sada gep-sözüni diňlän Hemze Mürze sowal bermäge derek
içini gepletdi: “Bu jahanda diňe gara zähmet çekmäge ýagdaýy bardygy üçünen
özüni bagtyýar saýýan adamlar bar-ow! Şu mahala çenli ýaşan ömründe şu goja
näme eşret görendir öýdýäň? Eşret nire! Daň bilen kişi malyny örä kowup,
agşamlygam yza gaýtarýandyr. Ähli aladasy hem gara garnyny gury nandan
doýurmakdyr, Bu biçäre jahanda kaşaňdan-kaşaň köşkleriň bardygynam, ol
ýerdäki zyba gözeller biulen
aýşy-aşrat çekilýändiginem bilýän däldir.
Mundanam ömür bolarmy? Mundanam ýaşaýyş bolarmy?”
Diňe Hemze
Mürzäniň garyp çopan hakyndakyb nebsiagyryjylykly oýlanmasy gojany hem
agtygyny göni gelen ajaldan halas eden bolmagy-da ahmaldy.Ol atynyň
jylawuny silkdi.
Öňe saýlanan şazadäniň yzragyndan atyny Gara sertibiň aty bilen
goşalandyryp sürüp barýan Blokwil birden garaşylmadyk sowal berdi:
--Siz türkmenleri gaty güýçli duşman hasaplaýaňyzmy,jenap?.
Gara sertip bäş-alty ädim ýol geçensoň, jogap gaýtardy.
--Top bilen garşysyna çykmaly duşman-a däl.Men şony-ha anyk bilýän.
--Onda munça görgi görüp,otuz üç sany agyr topy süýräp gelmek nämä derkardy?
--Ol syýasat,jenap.Sen harby adam ahyryn.Goý,olar Nasretdin şanyň mis
ýumrugynyň nahili zatdygyny görsünler.
--Diýmek,syýasat-da?
--Edil özi.Gödek top biziň inçe syýasatymyz.
--Ol pirimiň dogry bolmagam ahmal. Ýöne siz ondanam iňçe syýasat tapardyňyz
ahyryn.Mysal üçin,teke hanyny Nasretdiniň huzuryna çagyryp,gepleşmek syýasaty...
Sag eliniň süýem barmagyny çommaldan Gara sertip Blokwiliň “sýýasatynyň”
yzyny diňlemek hem islemeýän ýaly:
--Segra be mesjit çe kar!1—diýdi.
1
Itiň metjitde ne işi bar! ( parsça).
17
Kapral sertibiň aýdany bilen ylalaşmasa-da,onuň gaňryşyna gaýtmady.
--Eger türkmenleriň beýleki tireleri-de tekelere kömege geläýseler, nätmeli bolar?
Temezligini gaşan sertip ýylgyrdy.Ol ýylgyryşda berlen sowalyň üstünden
gülünýän ýaly alamat bardy.
--Türkmeniň tire-taýpasy dagyň daşy ýaly kän.Kän zady hem bir ýere jemlemek
kyn bolýar.Iň gowusy hem, türkmenleriň agzy birigenok.Bize-de geregi şol.Hudaý saňa
müň ýaş bersin, jenap.Müň ýyldan soň gelip garasaňam,türkmeniň agzynyň birigenini
görmersiň.Her täze gelen han “Tireleň agzy birikdi” dýip gygyrar.Emma sen oňa asla
ynanmagyn.Ol hanyň diňe öz wagtlaýyn bähbidi üçin aýdylýan boş gepdir.
--Nämä esaslanyp siz beýle ynamly pikir ýöredýäňiz?
--Sebäbi türkmenler gedem halk.Özlerem boş gedem.Gedemligem nadanlykdan
gelip çykýar.Akylly,aňly-düşünjeli adam hiç mahal gedemlik etmez.Akyllynyň
gedemligem sadalyk bolup görünýändir.
--Akylly adamlaryň sada bolýandygyna-ha menem kän gezek göz
ýetirdim,jenap.Ol pikir bilen ylalaşýan.
Pereňliniň sözlerini öz aýdýanlarynyň ählisini makullamak diýip hasap eden Gara
sertip hasam beleň aldy.
--Merhemetli Hemze Mürzäniň ijazasy bolsa,men hut şu ýerden türkmeniň bir
taýpasynyň,mysal üçin, sarygyň üstüne çapar ýollardym.
--Näme maksat bilen?
--Maksat düşnükli.”Marra be dest-e duşman baed keşd”1
--Saryk diýýäniňem duşmanyňyz bolsa,ol size topulmaly ýylany çakarmyka?
Sertip Blokwile mekir nazar bilen garady.
--Şeýdýäniňi bildirmän,ikisiniňem guýrugyny basmaly.Şony oňarsaň,iki ýylan
biri, birini hökman çakar.Biz üçin haýsy haýsyny çaksa-da, parhy ýok.Adam diýilýän
wagşy bir eneden bolan iki sany aždarhany-da uruşdyryp biler.
Sertibiň soňky aýdanlary kapralyň göwnünden turdy.Ol taýly gezek baş atdy.
.
* *
“… Alakadyr,ýylan hinlerinden ýaňa ýeriň ýüzi eleme deşikdi.
Atlar,düýeler şol çukanaklara büdräp, aýaklaryny döwýärdiler.
Gijäniň birmahaly goşunyň içinde gopgun turdy.Şol gije gurpdan
gaçan hem suwsuz galan mallaryň 2 müňüsi bagryny ýere berdi.”
Seýit Muhammet Aly al-Hýseýni.
“...Türkmeniň naýza dürtülgi kellesi syrylgydy, uzyn sakgaly şemala
galgaýardy.Ýüzündäki tyg yzyna, ýaralara garanazdan, onuň sowatly
bolandygyny bilmek kyn däldi.Onuň ýüzünde ýaňsyly ýylgyryş bar
ýalydy…”
Blokwil.
1860-njy ýylyň iýul aýy ortadan agansoň, däli çöl öz gudratyny görkezip başlady.
Gara sertip şazadanyň haýsy ugur bilen gitmek baradaky sowalyna ýerli tebigatyň
1
Ýylany duşmanyň eli bilen öldürmeli (parsça).
18
talap edişine görä däl-de,öz kalbynyň islegine hem akylynyň çatyşyna görä jogap
gaýtardy.Ol
Saragt-Mary aralygynda köneden gatnalyp ýörlen ýoly howply
hasaplap,çöl üstünden gönüläp çykmaly etdi.Gara sertibiň beýle teklibi,ony goldan
şazadanyň gelen aýgydy özlerine bähbitli bolar öýdülen umyt bilen baglydy. Olar
türkmenleriň bäşdir-ondur bolup edäýmegi ahmal çozuşyndan sowa geçmek,wagt
utmak,şonuň bilenem azyk-owkat tygşytlamak isleýärdiler.Emma ýowuz çöl welin öz
edähedine görä boldy.Iýulyň ortalarynda bolsa çölüň ýeke-täk edähedi keseden gelenler
üçin heniz sataşylmadyk jöwzady.
Başyndan aýagyna çenli on kilometr çemesi uzalyp gidýän goşunyň göteren agyz
suwy dördünji gün günortana ýetmän tamam boldy.Şeýlelikde, gürrüni köp edileni üçin
Blokwiliň uly howatyr bilen garaşan jöwzasy hörpüni has-da belentden tutup
ugrady.Her günde azyndan bäş-alty farsah1 ýol aşarys öýdüp tama eden serkerdeleriň
üç günde geçenem şonça bolmady.Ozal ýörelen ýol uzakda galyp,ürpek çägä
çykylandan soň hereket etmek has-da kynlaşdy.Ýasy paşmakly düýeler-hä, haýalam
bolsa,herhal,ädim urýardylar welin, eşek,at,gatyryň çägede duran ýeridi.Üsti agyr
ýükli haýwanlaryň töýnagy edil depesinden çekiç bilen urulýan ujy ýiti çüý ýaly bolup,
ýumşak çägä gömülýärdi.Jümle-jahan ot alan ýalydy.Adamlar özlerini güwläp ýanyp
duran ojagyň başynda-da däl-de,ortasynda ýaly duýýardylar.Onlarça serbaz,mal-gara
gurpdan gaçyp ýykylyp başlansoň,geňeşçileriniň maslahatyna gulak asan Hemze Mürze
çöl içinde goş ýazdyrmaly diýen buýryk berdi.Gündiz düşlenip,yssy birneme kiparlar
öýdülip,gije ýöremeli edildi.
Ilden öňürdip çadyryny başyna diken Žorž Blokwil ýarymaçyk eňsiden daşaryny
synlady. Ony ilki geňirgendiren zat; bu çöl-beýewanda,herhal, agaja meňzäp,ýaprak
çykaran bolup oturan ösümliklerdi.Onuň çadyrynyň edil maňlaýynda penjesini çägä
urup, garry ýolbarsa meňzäp oturan ullakan ojaryň ýüzi daraw-darawdy.Blokwil ony
yssa tap getirip bilmän,gotur açan agaç hasaplady. “Bu dünýä däl--dowzah.Onda-da
dowzahyňam iň zandyýamany.Beýle dünýäde ölmän,ýaşap bilýän adamlary
Balha,Buhara kowup,topragyna dawa etmeli däl-de, gaýtam, olaryň mertligine hem-ä
haýran galmaly, hemem guwanmaly. Beýle çydamlylygy tutuş dünýä üçin nusga
edinmeli.Beýle zulma tap getirip bilýänligi üçin olara hormat goýmaly...”
Ömründe ilkinji gezek kümüş öwüsýän ürpek çageli hakyky çölüstana düşen adam
üçin,onda-da ýewropaly üçin Garagumuň ähli zady täsindi.Blokwil dünýäni tutup ýatan
çageligiň ortasynda ada ýaly bolup saýlanyp duran takyr meýdana haýran galyp syn
etdi. Takyryň ini-boýy üç ýüz ädimden kän däldi.Şol meýdanyň serhedinden aňyrda
ýene ürpek çägeligiň dünýäsi başlanýardy.Göräýmäge,şemal haýsy tarapdan öwüssede,ol takyr çäge labyrynyň astynda ýitip gidäýmeli ýalydy.Şonda-da ojagaz meýdanyň
ýap-ýaňy sübselenen ýaly bolup ýatmagy çöle näbelet pereňli üçin düýpden
düşnüksizdi.Blokwil gündogarly adam bolan Gara sertipden ol barada soraýsa, aljak
jogabyny öňünden bilýär. ”Ol
Taňrynyň işi,jenap”. Beýle jogap pereňlini
kanagatlandyrmaly däldi.Çünki onuň Taňrynyň öz işidigine eýranlylaryň düşündirişi
bolmasa-da düşünýän pereňlini Taňrynyň takyry näme üçin döredendigi, nädip ony
takyrlygyna saklap bilýändigi gyzyklandyrýardy.
Kän mahal geçmänkä-de, Blokwili haýran eden takyryň üsti söweş meýdanyna
1
Farsah (Parsah)—Atyň bir sagatda ýöräp geçýän ýoly. Takmynan 6 km. ( Awtor).
19
öwrülen ýaly boldy.Ýöne ol söweşde adamlar ele gylyç alyp,biri-birlerini çapmaýardylar-da,hemmeler bir maksat üçin pile ýapyşyp,ölümiň garşysyna söweşýärdi.Bu mahal
nireden gelnip,nirä barylýandygyna-da,kimiň nä milletdigine-de
parh
goýulmaýardy.Ajal howpy duşmany dosta öwrüp,adamlaryň agzyny birikdiripdi.
Teşnelige uçranlaryň hemmesiniň arzuwy eli ýaragsyz duşmanyň –çölüň depäňden
inderip duran ajalyndan baş gutarmakdy.Ondan başyňy gutarmak üçinem diňe bir ýol
bardy.Ol hem çölüň öz göwsünden nem almakdy.Serbazlar bir dem alyş wagty hem
elden gidirmejek bolup, guýy gazýardylar.
Kesesinden garasaň,adamlaryň edýän hereketkleri gülkünç ýalydy Emma
çadyrdan çykyp,ýagdaýy synlaýan Blokwiliň kalbynda gülkä ýa-da geň
galmaklyga orun ýokdy.Çöl diýilýän nägehan özüniň nämedigini oňa tiz
düşündirdi.Ol guýy diýilýän zada-da düşünmelidi.Çünki şu takyryň astyndan nem
tapylaýmasa,agyzsuwsuz galan serbazlaryň köpüsi gyrylaýmalydy.
Blokwil mundan aýylganç hem bir waka bolar öýdüp çak
edýärdi.Serkerdeler hem kethudalar üçin alapalyk alnan agyzsuwy ýeterlik
bolmalydy.Serbazlaram ondan, elbetde,habarlydy.Eger-de guýy gazmakdan
netije çykmasa,ölüm bilen ýüzbe-ýüz duran serbazlaryň alapalyk suwy ele salmak
üçin baş göterip,Maryda türkmenleriň depesinden salynmaly gylyjy şu takyrda
öz
biri-birleriniň
depesinden
salmaklary
ahmaldy.Eger-de
şeýle
bolaýsa,ýaragynyň ýitiligini dünýä ýaýdyrmak üçin Nasretdin şanyň Merwe
ýörite ýollan pereňlisiniň ýagdaýy niçik bolarka? Yewropa gazýetleriniň
sahypalarynda Eýran serbazlarynyň duşman bilen bolan söweşde görkezen
edermenliklerini wasp etmäge derek olaryň bir tylum ýa-da ýeke mytara suw üçin
serdarlarynyň başyndan gylyç salyşlary taryp edilermikä? Şol sowalyň jogaby
barada oýlanyp,guýy gazýan serbazlary synlamaga çykan Blokwil “Ýok,men ony
beýdip bilmen—diýdi.—Bu biçäre serbazlarda näme ýazyk bar? Bular öz
günemasyny dolandyrmak üçin gaýdan hakynatutma gullar ahyryn.Name,hol
görünýän altmyş ýaşly goja bilen ýanyndaky on bäs ýaşly ýigdekçe gan dökmäge
höwesek bolup, bu ýere gelendir öýdýäňmi.Bu pahyrlarda ýeke günä bar,olam—
garyplyk.Başarsaň,bu biçäreleri ölüme alyp gaýdanlary paş etmeli... Menem şol
serbazlaryň biri ýaly.Ýöne olaryň ýagdaýy meniňkidenem agyr.Olar küşdüň
pyýadasy ýaly erksiz adamlar.Küştde hem pyýada pahyr mydama şany,weziri
gorap wepat bolýar.Iň soňky pyýada janyny gurban edýänçä,şa ýesir düşmeýär
diýen ýaly...”
Saragt bilen Mary aralygynda häzir,dogrudanam, küşt oýny gidýärdi.Görgüli
pyýadalar—serbazlar şanyň,weziriň başyny goramak üçin öz başlaryny halas
etmelidiler.Ýöne ol biçäreler by gezek,bu ýerde Garagumuň gazaply penjesinden
sypaýsalaram,indiki ädimde Mara ýetip,şol agalaryň başy üçin gara başy ýene orta
goýmaly boljakdyklarynyň pikirini hem etmeýän ýalydylar.Hawa-da,hakyky durmuşa
meňzeş küşt oýnunda pyýada, atly,mal-gara diňe şany goramak üçin döredilipdir
ahyryn.Durmuşam şol küşt oýnundan kän bir parhlanmaýar.
Aňyrdan öwüsýän ýalnyň içinden epgek donuny geýip çykan Gara sertibe gözi
düşen Blokwil içinden “Ana,küşt pyýadalarynyň weziri hem peýda boldy!”diýip
ýylgyrdy,onuň bu ot-ýalnyň içinde çadyryny taşlap,bärik ýönelige gelmeýändigini
aňdy.Blokwil onuň edil boýnunyň çykan ýerinden kesilen, saçy hem täze syrylan
20
kelläni sakgalyndan tutup,elinde sallap gelýänine nazary kaklyşanda,belli netijä
geldi.Bu gezekki buýruk Hemze Mürzäniň hut özünden ýeten bolmalydy.Sebäbi
serbazlarynyň harby taýynlygyna göwni ýetýänem bolsa,olaryň ruhuny götermek üçin
şazadanyň çem gelen tutarykdan peýdalanmagy halaýan adamdygyny pereňli
bilýärdi.Bu mahal bolsa serbazlaryň başyndan agyr apat inipdi.Her hili ýol bilenem
bolsa, häzir olaryň ruhunu götermelidi..
Sakgalyndan tutulyp getirilýän gara kelle Blokwile öten agşamky bolan kiçeňräk
çaknyşygy ýatlatdy.Dogry,çadyry serkerdeleriňkä golaý dikileni üçin,goşunyň gaýra
tarapynda turan gopguna Blokwiliň özi şaýat bolmandy.Ýöne töweregindäkilerden
eşitmegine görä, daňa golaý sülsadyň gyrasyndan çawap geçen on-on iki sany atly
türkmen birnäçe serbazy öldürip,üç sanysyny hem ýesir alyp gidipdiler.Şol çaknyşykda
atdan agan türkmeniň bolsa kellesi kesilipdir.
Garagumuň howry Eýran goşunlaryny Mara ýetirmän gyryp gutarjak bolýan ýaly
şeýle bir gyzdyrýardy welin,yssa näbelet däl serbazlaryň özleri-de beýle aýylganç
ýagdaý ozal hiç ýerde,hiç mahal bolan däldir öýdýärdiler.Entek beýle yssy bilen asla-da
çaknyşyp görmedik Blokwil bolsa, Gün ýere gaty golaýlan bolsa gerek diýip oý etmäge
mejbur boldy.
Serbazlaryň onlarçasynyň suwsuz ölendiginiň habary ýaýrady.Şehit ölmek howpy
özleriniňem nesibesinde bardyr öýdüp howaryrlanan serbazlar ýer köwmegi hasam
çaltlandyrdylar.Iki-ýç gulaç çuňlukdan yzgarly gum çyksa-da,basym suwa ýetiler diýer
ýaly umyt etmäge esas ýokdy.
Blokwil öz çadyryna golaýrak ýerde gazylýan guýynyň ýanynda yzgarly guma
hantamaçylyk nazary bilen seredişip duran serbazlaryň ýanyna baranda, bir goja onuň
bilindäki mytara tarap ümledi.
--Bir owrt suw beräýmeseň, halym gaty harap,jenap.Taňry bendesine rehmiň
insin!
Goja serbazyň naýynjar bakyşynyň gury söz bilen gaýtaryljak jogaba
kanahatlanmajakdygyny öňünden bllen Blokwil mytarasyna pitikledi.
Içi boş
mytara,daşyna mata örtülenem bolsa,öz ýagdaýyny duýdurýan şaňňy ses bilen “Mende
bir owurdam suw ýok” diýdi.Ol habar haýsy dilde aýdylandygyna garamazdan,hiç bir
dile düşünmeýän üçinem düşnüklidi.
Jogaba müňkürlik etmedik goja serbaz by gezek Blokwiliň sapançasyna tarap
ümledi.Ol öz kaşaň sapançasyna hyrydar bolunýandyr öýdüp;
--Bu ýagdaýda saňa owadan sapança nämä derkar?—diýdi.
--Sen düşünmediň,jenap,--diýip,dodaklary jaýryk-jaýryk bolan serbaz zordan
gepledi.—Maňa rehim et diýýän.Meni at-da,teşnelik belasyndan dyndar diýýän...
--Beýtjek bolsaň,özüňde-de ýarag bar ahyryn.
Serbaz başyny ýaýkady.
--Öz atan okuňdan ölmek namartlyk bolar.Beýtsem,Hudaý meň günämi ötmez.
--Eger seni ataýsam,Hudaý meň günämi bagyşlarmyka?
--Ynsana rehim eden bendäni Hudaý eý görýändir.. Meň uzak geplemäge-de
ragwatym ýok,jenap...—Goja serbaz ysgynsyz aýaklaryny süýräp,gazylýan guýa tarap
süýşdi.
Blokwil onuň indiki etjek hereketlerini synlamaga durdy.Onuň çaklamagyna
görä,öz ýaragyndan ölmegi namartlyk ýa-da günä hasaplaýan serbaz, eýýäm üç-dört
21
gulaç çuňluga ýeten guýynyň düýbüne özüni taşlaga-da,yzgarly hem salkyn topragy
bagyrtlap, jan bermelidi.Emma beýle bolmady.Goja serbaz kisesinden kirli ýaglygyny
aldy-da,gyzgyn çägäniň astyndan çykarylan yzgarly toprakdan penjesini dolduryp,onuň
arasyna saldy,ýaglygynyň uçlaryny hem çogmaklap, ony süzmehalta ýaly etdi.Soňra ol
toprakly duwünçegi agzyna ýetirip,iki eli bilenem mäkäm gysdy.Çaky uzgarly
toprakdan gojanyň agzyna birki damja nem daman bolmalydy.Ol ýaglykdan dodagyny
aýransoň,gözlerini süzdi:
--Şifa kardam!1
“Ýeri,agzyňa ýeten nemden peýdalanjak bolsaň,geplemän bir dur-da,akmak!—
diýip, Blokwil gaýybana käýindi.—Dodagyňa degen yzgary “Şifa kardam”diýen
pursadyň ýalynly epgek şol dem ýok etmezmi!”
Dik asmana çykan Gün Garagumy depesinden köýdürip barýan bolsa,aşagyndanam
göze görünmeýän mähnet ojak gyzdyrýan ýalydy.Iki tarapdan urýan howra çydaman,
gowrulyp,gyzylymtyl reňke öwrülen çägeden ýanyksy ys gelýän ýalydy.Gazylan
guýulardan daş çykarylýan çagesöw gumuň yzgary desbi-dähel ýok bolüp gidýänem
bolsa,şol topragy ýaňagyna sürtüp duranam bardy.
Birdenem ýaglygyndaky yzgarly gumy döken goja serbaz ýene Blokwiliň
alkymynda peýda boldy.Ol pereňliniň mytarasyna gaýtadan göz dikdi-de:
--Şonyňy maňa bersene,jenap!—diýdi.
Bu gezek öňki aýdanyna ynanmazçylyk edilendir öýden pereňliniň gahary
geldi,mazaly jogap bermäge häzirlendi.Emma teşneligiň özi bilenem gurup ugran oýny
hakda oýlanmaga mejbur bolansoň,ol gödek gepläp, gojanyň göwnüne degmegi uslyp
bilmedi.
--Name,maňa müňkür bolýaňmy,serbaz?
--Ajal ýüzüňe garap durka, müňkürlige orun bolýan däldir,jenap.Men bu gezek
senden suw dilämok, boş mytaraňy dileýän.
Blokwil serbazyň içi nemsiz gaby dilemeginiň manysyna entek düşünmesede,mytarasyny üzatdy.
--Bu ýagdaýda aýyp zat bolmaz,jenap,--diýip,mytaranyň gapagyny açan serbaz
çermegine ýapyşdy.
Gojany utandyrmak islemedik pereňli gapdala garady.Emma bu mahal ýaşulynyň
ýadyna utanç düşmeýärdi.
--Taňry ýalkasyn,doganjyk!
Blokwil ýylgyrmakdan saklandy.
--Ýene gerek bolar.Öz ýanyňda durubersin!
Goja serbaz baş atyp,oňa minnetdarlyk bildirdi.
--Dogry aýdýaň,gerek bolar.Maňlaýyňdan bir katra der çyksa-da, yrýa etmeli däl bu
mahal.
Blokwiliňem ýanýan meýdanda mundan zyýat saklanmaga ýagdaýy ýokdy.Onuňam
dodaklary gurap,ýuwdunmasy kynlaşyp ugrady.Ol çadyra tarap dolanmaly etdi,emma
ýüzugra saklanmaly boldy.
1
“Janym şypa tapdy” diýen ýalyrak. /Awtor/
22
Aýaklaryny uzyn salyp ýatan düýäniň töwereginde süllerişip ýören serbazlaryň
eňekleri,ýaňaklary gyrmyzy gana boýalandy.Ýeňsesini tüňňerdip,öňe eglen bir serbaz
ýatan düýäniň boýnundan gujaklaýana meňzeýärdi.
Golaýa gelen Blokwil düýäniň hanasyndan çykyp ýatan gözlerine nazary
kaklyşandan,haýwanyň ölüdigini bildi.Düýäniň damagyny çalan serbazlar gan
içip,teşneligi ýeňjek bolýar ekenler.
Ýagdaýa düşünen pereňli ol ýerde hem uzak saklanmady.
Blokwil çadyryna ýetmänkä,ullakan sazagyň kölegesinde çölüň gyrymsy
agaçlarynyň köküni çeýnäp oturan adamlary görüp aýak çekdi.Onuň çak edişine
görä,daş çykan badyna yzgary bugaryp gidýän topragy ýüze sürteniňden, kök çeýnemek
has peýdaly bolmalydy.Herniçik-de, ýeriň üstündäki agajyň çalymtygam bolsa janly
ýapragyny öldürmän saklaýan şol kökdi.
Çadyryna barsa-da suw ýokdugyny bilýän Blokwil iki sany köki goltugyna
gysdy.Emma ol öz işdäsiniň garşysyna gidip,köki mejbury ýagdaýda çeýnesede,agzynda ýakymsyz tagamdan gaýry zat duýmady.Bolsa-da,suwsuzlyk aýylgançdy,ol
seniň işdäň alýanyna-almaýanyna garaman,kök çeýnemäge-de mejbur edýärdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 03
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.