Latin

Keseki - 19

Total number of words is 3810
Total number of unique words is 2132
32.3 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
öwürmäne taýynlandy. Onýança-da gum gerişiniň gapdalyndanam peýda bolan iki sany
atly ähli zady unutdyrdy. Iki atlynyň biri şol garamurtdy. Adamlardan saýlanan
garamurt hasam hyrsyz göründi, howply wagşa çalym etdi.
177
Kerwen saklanmaly boldy. Şol pursadam yzky atlylardan gelip ýetişdi. Olar bäşaltydan kän däldiler, ýöne hemmesem ýaraglydy. Bolmanda-da garaşylmadyk ýagdaý
ýüze çykýança hem Bagtyýarda güýç synanyşmak pikiri ýokdy. Kişi topragynda az
sanly garşydaş bilenem garpyşmagyň soňunyň oňlulyk bilen gutarmajagyna ol göz
ýetirýärdi.
Garamurt gelenleriň baştutanydygyny derrew aňdyrdy. Ol ýoldaşlaryndan öňe
saýlandy-da, haýbat bilen Bagtyýara ýüzlendi:
─ Hany, myhman, indiki alaňdan aşmankaň, içiňi dök!
Onuň “içiňi dök” diýdigi näme baýlygyň bar bolsa çykar diýdigi bolýardy.
Bagtyýar öňe seretdi. Öňde depesinde gurap giden ýaňyz agaç oturan alaň bardy.
“Şol alaňdan ötülensoň, dünýä bilen hoşlaşarsyň” diýildigimikä?” Ölüm howpunyň öň
ýanynda duranam bolsa, garamurtuň sözlerine Bagtyýaryň gülküsi tutdy. Ol içki pikirini
daşyna çykarman saklanyp bilmedi:
─ Myhman hasap edilýän bolsak, biz bilen myhman ýerimizde gepleşmeli ekeniňdä. Türkmen gaty myhmanparaz diýip eşidipdik welin...
Garamurt telek gepländigini bildi. Ýöne agyzdan çykan haýbatly sözlerden soň,
edeniňi ýuwmarlan bolmagy hem ol özüne kiçilik bildi.. Indi ol öňki hörpünden pese
düşmesiz etdi
─ Men seň bilen ýaňkalaşyp gep owadanlamak üçin yzyňdan gaýtmadym. Sen
şony bil.
Bagtyýar yzyndan ýeten kowgynyň talaňçydygyna-da, Gojuk Mergeniň goragyna
çykan adamlardygyna-da akyl ýetirip bilmedi. Şol ýagdaý hökman seljermelidi. Iki
çaklamanyň haýsysy dürs bolsa, şoňa görä-de hereket etmelidi, şoňa laýyk gep
tapmalydy.
─ Siziň nirä, näme iş bilen barýanyňyz bize aýdyň.
Garamurtuň ol sözleri Bagtyýary oýlandyrdy. Nirä, näme üçin barylýany aýdyň
bolsa, şu mahala çenli gizlenip gelnen syryň ozaldanam paş edilenligidi. Dosty
Rahymynyň birneme öwünjeňdigini ýatlan Bagtyýar, syr paş edilen bolanlygynda-da,
günäni öz üstünden aýyrdy. Bagtyýar nirä, näme üçin gidýändigini aýalyna-da, hatda
özi dolanýança diri galjagy hem gümana näsag atasyna-da aýtmandy ahyryn. “Ol diline
eýelik eden däldir. Oňa hem-ä gudratly saz gerek, hemem öwünmek maksady bilen
syryny ile paş etmeli”.
Bagtyýar dosty hakdaky çaklamasyna-da ynandy welin, garamurt türkmeniňem
hakykaty bilýändigine müňkürlik edesi geldi, iň bolmanda, ony synap görmek isledi:
─ Nirä, näme üçin barýanymyz aýan bolsa, matlabyňyzy beýan ediberiň! Bir ýere
ýaman matlap bilen barýan bolsak, ýanymyza ýaragam götererdik ahyryn.
...Garamurtuň matlaby hem gara ekeni. Ol söz bilen beýan eder ýaly maksaby
bolmany sebäpli, ýoldaşlaryna tarap baş atyp goýberdi.
Türkmenler güpürdeşip, atdan düşdüler-de, düýeleriň daşyna aýlandylar. Az
salymyň dowamynda ýükler ýazdyrylyp, ganarlar başaaşak silkildi. Kerwende ýolda
ulanylmaly geýim-gejim, gap-gaçdan başga degerli olja ýokdy. Talaňçylara ýal
bolaýmaly esasy ýük – Gojuk Mergeniňki ýaly müň dutaryň bahasyna ýetjek altynkümüş başdaky düýäniň howudynyň aşagyna ykjam berkidilendi. Garamurt bilen onuň
ýoldaşlary ol hakda pikirem etmeýärdiler. Ýöne olar düýelerden düşürilen, haltalardan
silkilen onçakly bahasy hem ýok zatlardanam ýüz öwürmediler, derde ýaraýjak
178
närseleri, düşlenende düşelen haly-palaslara çenli öz atlaryna ýüklemäge häzirlendiler.
Oňa garamazdan, ätiýajy elden gidirmek islemedik Bagtyýar “altyn howuda”
ýetiläýmänkä ýagdaýdan çykalga agtardy.
--Bizden ok-ýarag, altyn-kümüş çykmadyk bolsa, sada bir ýolagçylaryň uzak
menzilden uzak menzie näme maksat bilen barýanyny- da soraň-da!
--Soradygymyz-da.—diýip, garaurt haýbatly gepledi.—Soralanda nä siz dogryňyzy
aýtjak adamlarmy?
--Bizde ýalan sözläp oturasy syr ýok—diýip, Bagtyýar ynam bilen gepledi.Bizi
ilimiziň kiçiräk bir hany siziň ilde näsag ýatan bir gojanyň halyndan habar almaga
ýollady. Hanymyzyň özi uzak ýola atlanmaga ýagdaýsyzdy.
--Hanyň çapar gönderip halyny soradýan adamy kimmiş ol? Bu etrapda-ha näsag
ýatan han-begiň bardygyny biz-ä eşidemizok—diýip, garamurtyň ýoldaşlarynyň bii
gyzykldndy.—Kimmiş o beýle belent abraýly näsag.?
--O näsag hanam däl, begem. Ol mukamçy. Oňa Gojuk Mergen diýýämişler. Siz ilde
hormaty bar kişimiş. Biziň hanymyzam oňa ozaldan uly sarpa goýýär eken.
Gojuk Mergen adyny eşiden garamurtyň gözleri ýalpyldap gitdi.
--Başda şondan başlamaly ekeniňiz-da—diýen garamurtyň sesi ahmyrly çykdy.Ol
ýoldaşlaryna-da günäkär ýaly bolup göz aýlady.
Bagtyýar bir oka iki towşan uranyna begendi. Ol hem-ä gamgyn netije bilen
gutaraýmagy ahmal howply ýagdaýy dep etd hemem bu toprakda Gojuk Mergeniň
agramynyň nä derejededine göz ýetirdi. Kalby gara talaňçy-da onuň adyny eşidenden
pälinden gaýdýan bolsa...
8
Goňşy öýde çaga dünýä inýärdi. Çaganyň dünýä iňmegi kyndy, dünýä indermek
ondanam kyndy. Gojuk Mergen şol iki kynçylygyň ýygy-ýygydan gaýtalanmagyny
isleýärdi. Ol şu gezekki çaganyňam aman-esen dogulmagynyň arzuwyndady. Goja şony
öz ömründe iň soňky dogulýan çaga bolar diýip çaklaýardy.
Gojuk Mergen öz ýagdaýynyň gün-günden peselýändigini bilýärdi. Indi oňa juda
zeruryndan artykmaç geplemegem ýeňil ýük däldi. Onuň şeýle haldadygyny bilýän
şägirdi Baýly hem azar bermejek bolup, günde gelip ýörmesini goýupdy. Goňşygolamlaryň, obadaşlaryň, ýat obalardan her gün diýen ýaly hassanyň halyny soramaga
gelip duran adamlaryň köpüsi daşardan gaýtmak, sazandanyň ýagdaýyny Aýparçadan
soramak bilen çäklenýärdiler.
Törde, tärimden asylgy duran uzyn nilli gara tüpeňde gojanyň nazary eglendi.
Gojuk Mergen ol tüpeňi kyrk ýyla basalyk wagt bäri görýärdi. Emma şonça mahalyň
dowamynda gara tüpeň ýekeje gezegem atylmandy. Ýogsam, peşeňden doly hataram
mydama onuň ýanyndan asylgy durdy. «Bir gezegem atylman, poslap gidýän tüpeňi
ýasan ussa gabrynda dik oturýamyş» diýýäler. Tutuş ömründe ýekeje gezegem
atylmajak bolsa, tüpeň näme üçin ýasalýarka? Ussasyny gabrynda dik oturtmak üçinmi?
Umuman, ýarag ussasy diýilýän kişileriň ählisi gabyrlarynda dik otursalar nähili gowy
вгкьг\ bolardy! Parahat ýaşap ýören bir erkin ýurdy tüpeň bilen özüňe tabyn etmek
bolarmy? Ýok, bolmaz. Adamlary, welaýatlary, döwletleri, şalary saz bilen boýun
egdirmeli, saz bilen eýelemeli, saz bilen bendi etmeli, ýarag bilen däl-de, mukam bilen
179
ýeňmeli. Adamlary mäşe gysyp, seçme atyp, aglatmaly däl. Olara owaz bilen bilen
tolgunma, joşgun göşýaşyny dökdürmeli! Ýöne Gojuk Mergeniň aýdany bolaýýarmy!
Gojuk Mergen bir mahal haýsydyr bir ýurtda kethuda ölende top atyp, hormat
goýýarmyşlar diýibem eşidipdi. Şol dagy goja sazandanyň asla-da maňzyna batanok.
Ýarag bilen adama hormat goýulmaýar, ýarag bilen adama haýbat atylýar, ýarag bilen
adam gorkuzylýar.
«Ömründe ýeke gezegem tüpeň atman geçýän adam barmyka?» Goja öz soragyna
ýylgyrmak bilen jogap gaýtarýar. Çüňki ol soragyň ilkinji jogaby onuň özüdi. Gojuk
Mergen ýer üstünde şunça ýyl ýaşap, tüpeň atyp görenok, tüpeňiň atylyşyna şaýat bolsada, özi henize çenli mäşe gysanok. Şony ýatlan goja başyny ýaýkady. Taýyn ýaragy
zähmet çekmänem atyp bolýar. Mäşäni gysdygyň bes. Ýöne taýyn duran dutary welin,
beýle aňsat çalyp bolanok. Saz ýürek zähmetiniň, yhlas aladasynyň uzak ýyllyk azaby
bilen çalynýar. Hudaý näme üçin aýylganç guralyň işlemesini aňsat edip, ajaýyp
guralyň öwrenmesini beýle agyr edýär-ä? Dünýäde eli ýaraglyň sanynyň eli sazlyň
sanyndan köpdügem şol sebäplimikä? Hawa-da, ýaragy her öňýäten akmagam atyp
bilýär...
Sähra. Gojuk Mergene kän ýyllar bäri tanyş sähra. Gojuk Mergene kän ýyllar bäri
tanyş, heniz oňly aýaklanmadyk şol akja köşek hem patanaklap ýör. Onuň dünýäden
gamy ýok. Içse, akmaýanyň ak süýdi, dem alsa, sähraýy meýdanyň çeşme suwy ýaly
dury hem arassa howasy. Birdenem Gojuk Mergeniň dulunda asylgy duran uzyn nilli
gara tüpeň peýda bolýar. Ony hiç kim göterenogam, getirenogam, öz-özi süýşüp, öz-özi
howada ýüzüp ýör. Týpeň ýasalan bolsa, ol ir-u-giç atylmaly. Tüpeň kesesinden syn
edilmek üçin ýasalmaýar-da, kimdir birine çenelmek üçin, kimdir birini ýaralamak üçin
ýasalýar. Gojuk Mergeniň dulundaky tüpeňem akja köşegiň awuna çykypdyr. «Älhepus,
bu nämäň alamaty bolmalyka? Ýaşaýşyň ýaňy gyrasyndan giren akja köşegi adam eli
bilen ýasalan gara tüpeň öldürmelimi?» Gojuk Mergeniň hyýalynda bolup geçýän
harasat ony halys ysgyndan gaçyrdy. Onuň maňlaýy çygjaryp, ýüregi bulanýan ýaly
boldy. Ýene sähra. Ýene akja köşek. Ýene şol gara tüpeň. Akja köşek adam ýasan
nägehandan gutulmak üçin enesine tarap gaçar. Akja köşegini yzyna tirkän akmaýa
ylgaýar. Emma olaryň ýyndamlygy gara tüpeňiň nilinden çykýan seçmäňiň tizligi bilen
deň gelmeýär. Gara tüpeňiň agzyndan çykan gara tüsse Gojuk Mergeniň gözüni gapdy.
Ol gapdalyndaky ýaglyga elini ýetirdi. Ümezlenen gözler şondan soň birneme durlandy.
Üzügiň sepgidindenmi ýa-da başga bir yşdanmy peýda bolan gün şöhlesi dünýäden
ötýän adam bilen hoşlaşmak üçin içerik girene meňzedi. Gara öý ýerinde durar, gün
bolsa ýörär, şöhläniňem ertir ýene peýda boljagy belli. Emma Gojuk Mergeniňki
näbelli. Şöhle baky ýaşaýar, adam bolsa wagtlaýyn. Ýöne Gojuk Mergen ol zatlara
özüçe düşünýär. Elbetde, hasraty, kynçylygy känem bolsa, adam bu dünýäden gitmek
islänok. Emma goja mukamçy dünýäden gitmekligiň kanunydygyna gowy düşünýändigi
üçin onuň sebäbinem özüçe ýorýar. Gojuk Mergen barha gaýralaýardy. Ýöne
iňlemeýärdi. Sebäbi iňňildi onuň özüne-de, töweregindäkilere-de erbet täsir etjekdi. Ol
öz içki iňňildisini goňşy öýden gelýän iňňildi bilen bilgeşleýinden bulaşdyrýardy. «Men
öz möwritimi ötürdim. Şol möwritiň maňa berlenine şükür edeýin. Ornum boş galanok.
Deregime adam gelýä. Ýerime adam getiriljek bolup, azap çekilişine şaýat bolup
ýatyryn. Şol näme bagt dälmi? Täze adam dogular. Täze gün dogar. Täze adamynyň
dogjagyna şükür, onuň depesinden täze günüň dogjagyna şükür. Meň günümiň söneni
180
bilen, ähli adamynyň gününiň ýaşmaýanyna şükür. Täze dogjak günüň astynda adam
ýaşasa, saz-söhbedem hiç kim öldürip bilmez. Sazyň ölmejegine şükür. Adam ýaşasa,
saz ölkmese Garagumam ölmez. Şoňa şükür1 Garagum bolsa türkmen bolar, türkmen
bolsa Garagum bolar. Şoňa şükür!
Gojanyň ýanynda bir dem aýrylman oturan Aýparçanyň şu mahal öýde ýokdugynada Gojuk Mergeniň özi sebäp boldy. Goňşy aýal geldi-de, gelniniň ýenlejek
bolýandygyny howsala bilen habar berdi. Ol habaryň näme üçin öňi bilen Aýparça ejä
ýetirilýändigi düşnüklidi. Ol uly iliň göbegenesidi.
Bolsa-da, şu gezek-hä Aýparçada göbegene bolmak höwesi ýokdy. Ol gojany ýeke
taşlap gidip biljek däldi. Emma dünýä çaga injek bolýanyny aňan badyna Gojuk
Mergene täzeden güýç gelen ýaly boldy. Onuň gubarlanan gözleri janlandy:
– Aýparça baý, ogul getirermiň, gyz? – diýip, aýalyna sereden sazanda, ‘gidiber’
diýmän, gitmäge pata berdi, ýagdaýa begenýändigini aňladyp çalaja ýylgyrybam
goýberdi.
Aýparça başga bir bahana tapyp, sapalak atjak boldy. Ony aňan Gojuk Mergen
tirsegine galdy, öňki aýdan sözüni az gören ýaly:
– Goňşy, gazanyňy ýuwup goýduňmy? – diýip, goňşy aýalyň çetine degen boldy. –
Indi öňki gysyklygyňy taşlagyn, goňşy. Indiden bu ýana nahar edeňde bir adamlyk artyk
etgin. Özüňem bilip goý, dünýä gelenem, edil gapydan gelen myhman ýaly, öz rysgyny
arkasyna alyp gelýändir. Bir adam artany bilen seň bereketiň kemelmez, gaýtam artar.
Öňki gysyklygyny goýgun, goňşy.
– Gazany dokuz aý mundan ozal taýýarlap goýdum, bagşy aga! – diýip, agtyga
garaşýan Bibigül begenip gepledi. – Gazan taýyn. Gazana atmaga-da zat bar. Ýöne
senem «Garry – gaýrat» diýenlerini etmeli bolarsyň, goňşy. Ýogsam, goňşy halky
öýkelegrägem bolaýgyçdyr. Şu sapar dutaryň kirşini gatyrak çekäýmeseň...
Bibigül goňşusynyň halyna belet bolany üçin ol sözleri nähoşuň göwnüni götermek
üçin aýtdy. Gojuk Mergenem oňa düşünýärdi.
Garaz, Aýparça eje goňşy öýe gitmeli boldy.
... Daşarda hümürdi peýda boldy. Onuň yzy bilenem, salamyna jogap gaýtarýan
ýok hem bolsa, kimdir biriniň arasyny kesmän: «Essalawmaleýkim!
Essalawmaleýkim!» diýip, gaýtalap gelýäni eşidildi. Öz obadaşlarynyň sesi bolsa,
Gojuk Mergen hökman tanardy welin, ýolboýy salam berip gelýän ýat adam bolmalydy.
Şonuň üçinem: «Taňry salamynyň gadyryny gaçyrýan bu kimkä?» diýip, goja
geňirgendi.
Taňry salamynyň gadyryny gaçyryp, gapy-gapy aýlanyp ýören tanalmaýan,
garaşylmaýan adam bolup çykdy. Ol eňsini galdyrdy-da, içerde kimiň bardygynam, asyl
öýde adam bardygyny-ýokdugyny hem oňly seljermäň, müň gapyda aýdyp, ýatdan
beklän sözlerini gaýtalamaga durdy:
– Azana musallat! Azana muçallat! «Sallançak mukamyny» azandan öňürti eşidýän
musulman çagasy kapyr bolýandyr. Azana musallat! Azana musallat! Şuny unutmaň.
Ýokardan owaz geldi! Ýokardan owaz geldi! Şeýtan aldawajy bolan sazdan daşda
duruň! Gulagyňyzy dykyň! Günä gazanmaň! O dünýäni, ahyrady ýatlaň! Şol sazy
çalýan Gojuk Mergeniň jaýy dowzahydyr. Ýokardan owaz geldi!
Şol sözler gapydan geleniň ähli aýtmaly ündewidir-dä, ol ondan artykmaç zat
diýmän gidibermekçi boldy, Emma:
181
– Musulman bendesi, içerik gir ahyryn! – diýen ysgynsyz ses ony saklady. – Sen
kim bolarsyň?
Gapydaky adam eňsini has ýokaryk galdyryp, içerik ýaňadandan seretmeli boldy.
– Essalawmaleýkim, aksakgal ata!
– Waleýkim, taňry bendesi, waleýkim! Sen kim bolarsyň? Nireden gelip, nirä
barýarsyň?
– Musulmançylygyň haky üçin diwana bolup, ile çykan adam men. Gündogardan
gaýdip, günbatara barýan. Bir söz döräpdir. «Sallançak mukamy» diýýämişler. Agzyn
adamlar, musulmançylygyň abraýyny depeleýän adamlar şol sazy aýatdan, azandanam
belent tutýamyşlar...
– O saz saňa näme zeper ýetirdi? – diýip, Gojuk Mergen zordan onuň sözüni böldi.
– O saz maňa zeper ýetirenok, ýetirmezem. Men şeýtan aldawajyndan çetde durýan
adam...
– Onda näme?
– Meni Hywa ulamalary ýola saldy. Musulmançylygyň adyndan şo sazyň
garşysyna wagyz edýän. Heý, şeýtanyň oýnawajam azandan öňe geçermi? Özüň aýt,
aksakgal ata, özüň oýlan. Sen musulman bendesi ahyryn. Ägä boluň! Ägä boluň!
«Sallançak mukamyndan» daşda duruň! Azana musallat! Ämin!
Gojuk Mergen onuň dilegi üçin el götermedi.
Gapyda duran adam mesawy gürrüň edende-de, ýat tutan sözlerinden daşlaşyp
bilmän, doga okaýan uly batly gepledi. Onuň sesi kem-kemden uzaklaşdy. Ol ündewini
gutaryp, ýene yzy üzülmez salamyna başlady.
Gojuk Mergen alada astynda galdy. Ol hiç mahal sazy diniň garşysyna goýmandy,
beýle etmek pikirine-de golaýlamandy. Mukamçy dine dinparazlar ýaly gowy
düşünmese-de, onuň kada-kanunlaryny başaryşyna görä, berjaý etmäge
çalyşýardy,namazynam okaýardy, orazasynam tutýardy, töwirinem galdyrýardy. Ýöne
ol dini hem sazyň garşysyna göreşýän däldir öýdýärdi. Din bilen sazyň her haýsynyň öz
ugry, öz ýoly, öz tutýan maksady bardy. Biri özüniň bardygyny bildirip, hereket
edýärdi, adama gulluk edýärdi, beýlekisi bolsa, ejizligi bilen, ýok zadyň adyndan
geplemek bilen ýaşaýardy. Mukamçynyň çak edişine görä, din sazyň garşysyna
gitmeýärdi-de, ýaňky ýaly ötegçiler hem olary ýola ataran dinparazlar din bilen sazy
bir-biriniň garşysyna goýýardylar. Özünden mysal alsa-sa, Gojuk Mergen ömri boýy
sazandalyk edip, ýeke gezegem diniň adyna şikest ýetirmändi.
Goja mukamçy bu bolan wakadan özüçe many çykaryp, saza, öz tapan sazyna
guwandy. Hywa ýaly, Buhara ýaly ýerlerden ýörite ýola çykylyp, sazyň garşysyna
wagyz geçirilýän bolsa, mukamyň adamlara täsir edýändigi, din kethudalarynyň sazdan
çekinýändikleri hakdy. Ýöne çaga dünýä ininde azandan öňürgi «Sallançak
mukamynyň» çalynmalydygyny, onuň şeýdilýändigini Gojuk Mergen hut şu mahal,
ömür ýolunyň iň soňky ädimlarinde eşidip galdy. Bu habara ol birbada ynanmajak
boldy. Emma käbir adamlaryň nan dilemän, suw dilemän, gabat gelen gapyda sazyň
garşysyna ündew etmek üçin şonça ýol sökmegi şübhä ýer goýmady. Sazyň garşysyna
baş göterilýär! Adamlary bala-çagadan aýyrýan, ölüme, hupbata sezewar edýän gara
tüpeňiň garşysyna hiç kim baş götermeýär. Emma ynsana diňe ýagşylyk edýän sazyň
aýagyna badak saljak bolýarlar, dutaryň näzik taryny gyrmak isleýärler...
182
9
Gojuk Mergen kän mahal bäri, has takygy, şu agyr derde ýolugaly bäri saz
çalmaýar diýen ýalydy. «Sallançak mukamynam» soňky gezek çalanyna iki aý dagy
geçiberipdi. Mukamçynyň näsagdygyny bilýän adamlar ony biynhalyk etmejek
bolýardylar. Ýöne bu sähtada dünýä inýän çagalaryň köpüisiniň sallançagynyň başynda
şol sazyň çalynýandygyny goja bilýärdi, çalynjakdygyna ynanýardy. Ol şeýledem. Täze
dünýä inen çagasyny bu ýere getirip, petrzendine Aýparça ejäniň dulundaky
sallançakda mukam diňledýänler hem kän bolupdy. Gojuk Megreniň öz şägirtlerinden
başga-da, şol mukamy öwrenmek üçin ýüz tutan dutarçylaryň möhümini bitirmän
goýberen gezegi ýokdy. Şonuň üçinem «Sallançak mukamynyň» türkmen sährasynda
günde onlarça gezek çalynýandygy hakykatdy. Emma «Sallançak mukamynyň» atasy
wagtyň gyssaýandygyny aňyp, öz sazyny ýene bir gezek, megerem, iň soňky gezek
çalmaga göwün ýüwürdýärdi. «Belkem, şu gün nesip eder...» Gojuk Mergeniň
arzuwynyň ýene arasy bölündi. Bu gezek mukamça zeper ýetiren öz kempiri boldy.
Aýparça bosagadan geplän ätledi:
– Goja, gözenegem açybermeli boljak öýdýän. Eşitdiňmi, ýaňy durna geçdi?
– Ol-a gulagyma ildi welin, kempir, durnaň sesinden çaslyrak sesi haçan eşitdirjek?
Men-ä şol owaza garaşyp ýatandyryn.
Aýparça gyssanyp, çuwala tarap geçjek bolanda tas sallançagyň üstünden ätläpdi.
Ol ullakan bir etmişiň ýaryndan gaýdan ýaly howpurgap, ýakasyny tutdy-da, ýüpüni
galdyryp, sallançagyň aşagyndan geçdi. Ol çuwaldan gerek zadyny alansoň, öňki
hereketi bilen yzyna gaýdyp, gojanyň golaýyna bardy.
– Alla ugruna edewersin welin, goja, şu çagaň-a dünýä inmesi agyr boldy. Gelin
görgüliňem ysgyn-deramaty galmady...
Şeýle diýdi-de, gyssagy özi bilen Aýparça yzyna gaňrylman çykdy. Ýöne ol Gojuk
Mergenem gaty biynhalyk edip gitdi. Gelniň güýç-kuwwaty azalan bolsa, çagaň
dogulmasy hasam kynlaşmaly-da. Gaýrat et, gelin, gaýrat et. Şu mahala çenli çydadyň,
ýene az salym gaýrat et! Şol mahal gözenegiň öňünden ala zenzele turzan towuk
käkäläp geçip gitdi. Onuň zenzelesine Gojuk Mergen haýran galdy. «Sen çekinme-de,
gygyryber, gelin. Sen bu topraga goç ýigit ýa aý ýaly gyz berjek bolup durkaň,
gygyrmaga uýalma. Anha, bir ýumurtgajyk guzlan towuk gykylygy bilen küren obany
örüzip ýör. Sen dagy... Sen dagy... Sen dagy dişiňi gysman gygyr. Sen ynsan çagasyny
jahana inderýäň. Gygyr, çekinme-de, gygyr! Dünýä adam inýänini, goý, hemmeler
eşitsin, hemmeler! Ony ilden gizlemeli däldir, gelin!»
Gojuk Mergen eýýäm eliniň üstünden aýrylyp, ala ýorganyň ortasyna ýeten gün
şöhlesine seretdi-de:
– Ana, gör, şöhle-de eýýäm meň dyzyma ýetipdir – diýdi. – Gaýrat et, gelin, ýene
biraz gaýrat et!..
10
Bagtyýar beg bu gün ýene bir türkmen obasynda, tanyş baýynyň öýünde düşlemeli
boldy. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, nireden gelýäni-hä belli beg «Nirä barýan?»
diýen sowala, köne tanşyna-da hakykaty aýtmady.
Şondan soň öý eýesi myhmana ýüzlendi:
– Bagtyýar beg, türkmeniň gelin toýuny görmek meýliň barmydyr?
183
– Kim öýlenýär? – diýip, Bagtyýar ýöne agzynyň ugruna sorap goýberdi.
Öý eýesi myhmana tarap ýylgyryp seretdi, yzyndanam: «Kim öýlenende seň üçin
parhy näme? Haýsy türkmen öýlenende-de ataň dogany bolup çykmajagy hak ahyryn?»
diýen sözler çuňşurylmalydy. Emma Bagtyýaryň myhmançylyk saprasy hemem
türkmen baýynyň ägä hüşgärligi kalbynda görän sözleri dörän ýerinde saklady. Gaýtam
ol, rast soraýarmy, jogabyny ber diýen pikire gulluk etdi:
– Gojuk Mergen öýlenýär! – Sowala jogap gaýtaran baý näme üçindir ýylgyrdy
welin, Bagtyýar öz soragy ýaňsa alynýandyr öýtdi. Ol türkmen baýy nirä, näme üçin
barylýanyny bilýändir, şoňa görä-de, kinaýaly jogap gaýtarýandyr öýtdi. Myhman
janyny barlap görmek isledi:
– Kim diýende-de tanajak gümanym ýok welin, türkmenlerden senden başga kimi
bilýäň diýseler, ýaňky ady agzajak-da.
Myhmanyň kalbynda peýda bolandyr öýden öýkäni ýazmak islän türkmen baýy
peşeneli sakgalyny sypalap, öňe-yza çaýkanyp güldi, gülkiniň arasy bilenem:
– Ýa, Bagtyýar beg, şu gezeg-ä sen meň içegelemmi gyrym-gyrym etdiň! – diýdi,
soňam ýasama ses bilen sojap-sojap gepledi. – Kän mahal bäri şeýdip gülenim ýadyma
düşenok. Bolsa-da, şu gezeg-ä sen oňardyň. Bagtyýar ber...
Ozal barlygy-ýoklugy näbelli öýkesinden ýazylmaga derek Bagtyýar gaýtam çyny
bilen öýkelejek boldy. Ol baýyň iç gyryp, içege ýyrtyp gülmegine sebäp bolar ýaly
näme gülkünç zat aýdanynyň agtaryp yzyndan ýetip bilmedi. Beg çyny bilen
öýkelejekdi welin, baýyň öz gülküsiniň syryny derrew açmagy myhmany ýumşatdy.
– Seň ol diýýän Gojuk Mergenini öýermek üçin garyndaşlary hüýr gyzlaň biri
bilen guda bolupdyrlar, Bagtyýar beg!
Gözlerini tegelän Bagtyýar gyssandy:
– Nirede?
– O dünýäde! – diýip, baý ýylgyrdy. – Hüýr gyz bolsa, o dünýäde bolar-da.
Bihuda ýere aýdylyp goýberilenem bolsa, ol habar Bagtyýary iňkise gidirdi. «O
bende eýýäm hüýr gyzlaň gujagyna dolaaýdymyka? Çeken azabymyzyň ählisiniň
reýgan boldugymyka indi? Rahymy aşna näderkä?» Ol özüniň «Hywa saparyny» şu
ýerde tamamlamaly boljagy ýa-da bolmajagy hakda oýlandy. Emma ol baýyň gümürtik
gürrüňleri zerarly özüniň tolgunýandygyny welin, sözünde, ýüzünde andyrmady.
– Be, atly-owazaly mukamçyňyz o dünýä ötägitdimi, baý? Telim gün bäri ýolda
bolamyzoň, biz-ä eşitmänem galypdyrys. Imany hemra bolsun!
– Ýok, ol entek bu dünýäden rişdesini üzenok. Ýöne gulagyma ýetişine görä,
kepenlik matasy garyşlanan ýören ýaly – diýip, bu ýerde ýylgyrmaga esas ýogam bolsa
baý ýyrşardy.
«Türkmenler sylap, depesinde götermelisinem sylanoklar welin, bular bilen
duşman dagy bolaýsaň-a, ýataňda-da gylyjyny ýalaňaçlap ýatmaly bolsa gerek» diýip,
Bagtyýar içinden öz-özi bilen gepleşdi, daşyndan bolsa, Gojuk Mergenli gürrüňden
daşlaşylaýmanka, baýyň töweregine çyzyk çekdi:
– Şol adam jadygöýmüş diýýäler welin, çynmy? Eşitmegimize görä, ol adam näme
islese, şonam edýämiş. – Birdenem myhman myssa ýylgyrdy. – Aşarak geçsem, günämi
öt welin, ýeňlesräk gelinlerem özüne tarap ýörediberýämiş ol.
Baý bu gezek ildeşiniň abraýyna dil ýetirmäge çekindimi, nämemi, ony kemsitjek
bolup durman, öz ýüregindäkini aýtdy:
184
– Geliň-gyz hakda-ha eşidemok, Bagtyýar. Men oň neneňsi jadysynyň bardygynam
aýdyp biljekgäl. Ýöne şu toprakda onuň sözi hanyň sözündenem, baýyň sözündenem
ýörgünli. Küpür geplesem, alla-da günämi ötsün, senem öt. Emma şol adam metjitde
«Allahi-akber!» diýip, maňlaýyny ýere goýan mollanyň syrtyna gepiň!» diýip bilse,
musulman milleti bolan türkmen şol mollaň syrtyna ikirjiňlenmän deper. Mundan başga
men saňa näme diýeýin, näme aýdaýyn, Bagtyýar beg? Özüň oýlanyp gör.
Gojuk Mergeniň sözüne adaamlaryň gulak asyşyna ýolda talaňçyklar dökülende
göz ýetiren Bagtyýar beg baýyň aýdanlaryna ynanmazçylyk hem edip oturmady. Ony
esasy gyzyklandyrýan zat sadap saply dutardy.
– Siziň şo mukamçyňyzyň dabarasy biz taraplara-da ýetýä. Biziň eşidişimize görä,
onuň özi däl-de, dutary jadylymyş.
– Ýogsam näme! – diýip, baý baş atdy. – Perişde nazar salan dutary bar. Ähli
gudrat şonda bolmaly. Dutaryny elinden alsaň, Gojuk Mergen taýagy elinden giden kör
ýaly biçäre bolmaly.
– Sen şo dutary öz gözüň bilen gördüňmi? – diýip, Bagtyýar baýy ahyryna çenli
sagjak boldy.
– Heniz göremok. Ýöne isleseň, şu gün agşam şo dutary ikimiz baryp göräýeris...
Sesini çykarmadyk Bagtyýar geň galýandygyny gözleri bilen aňlatdy.
– Hawa, hawa. Sen geň galyp oturma. «Türkmeniň gelin toýuny göreli» diýýänim
şoň üçin. Agşamky toýuň bissimillasyny Gojuk Mergeniň dutary etmeli.
– Onda, nesip edenden, sazandaň özünem görýäs-dä?
– Özüni görmeýäň. Özi ölüm ýassygynda ýatyr.
Bagtyýar ýene egnini gysdy.
Şondan soň Gojuk Mergeniň özüniň başga ýerdekä dutarynyň bu oba gelmeginiň
sebäbi myhmana-da düşnükli boldy.
... Çopan bilen aýaly çaga garaşýardylar. Perzentsizlik olary halys irizipdi. Emma
olar ýakyn günlerde dünýä injek çaganyň getirjek şatlygyna guwanmaga-begenmäge
däl-de, berjek yzasyna, hasratyna kaýyl bolmaga taýynlanýardylar. Sebäbi, şu gezekki
garaşylýan çagadan ozalky dünýä inen ogul-gyzlaryň hemmesi bir öwlüýäde uzyn hatar
bolup ýatyrdy. Ozal ýedi çagany ýere beren ene-ata sekizinji şeýle bolmaz öýtselerem,
hakykat başgaça netije berjek ýaly bolup durdy. Gorky bilen ynamyň haýsynyň
garaşýandygynyý bellisi ýokdy.
Çopanyň öňki ýedi çagasynyň ýedisem on günden artyk ýaşaman ýogalypdy. Bir
hepde geçensoň başlanýan gerindirme çagalaryň soňuny görýärdi. Her gezek çaga
gernip ugrandan çopan görgüli daş çykyberýärdi. Gapydan gelen tebipde, tersokanda,
enä, çagalara içirilen, çüflenen zatlarda san-sajak galmady. Iň bir köpbilmiş tebibiň
aýtmagyna görä, çopanyň aýalynyň bir ýuhanyň göwnünden turmaýandygy üçin şeýle
bolýardy. Ol ýuha dünýä inen çagalara «Atly raý» diýilýän, dermansyz-därisiz kesel
ýolukdyrýarmyşyň. Şeýdip, ýuha özüni köşeşdirýärmişin.
... Çopan bilen aýaly günorta naharyna oturanda gapydan selçeň sakgally, uzyn
boýly, çep eliniň bäş barmagam gös-göni bolup duran gedaý geldi. Ol doga okady,
ýagşy dilegler etdi-de, sakgalyny sypap, ýöräberdi.
– Taňry bendesi, ýene bir zat dileg edip gitsene! – diýip, çopan onuň yzyndan
gygyrdy.
Gedaý aýak çekdi.
185
Çopan ýagdaýyny bolşy ýaly edip gürrüň berdi, indiki garaşýan çagasynyň
ykbalyndanam gorkýandyny, oňa hiç hili emiň tapylmaýandygyny aýtdy.
Gedaý hut şol habara garaşyp, aýtmaly sözlerini ozaldan taýynlap goýan ýaly
salymyny bermän:
– «Sallançak mukamyny» çaldyrmaly! – diýdi.
– Ony kim çalya?
– Ony çalýan adama Gojuk Mergen diýerler.
– Şol adam ýeriň beýleki ujunda bolsa-da, men emedekläp gitmäge-de razy...
– Oň üçin ýeriň ol ujuna gitmeli däl – diýip, ýaşuly taýak atym aralygy salgy
berýän ýaly, gündogara tarap taýagyny salgap goýberdi. – Şundan gidiberseň, iki
günlük ýol geçensoň, öňünden dag obasy çykar. Gojuk Mergen diýseň, hemme tanar.
Şol adam gelägede, sallançagyň öňünde aýbogdaşyny gurap, kirşi çekdigi seň çagaň
gerdem bilmez, dermanam. Emi-ýomy bir «Sallançak mukamy» bolar...
Gedaý «Sallançak mukamy» diňläň mahalynda Gojuk Mergen oňa täze saz
hakynda ullakan zat diýmändi. Ol sazyň çagany ajaldan gutarýandygy barada-ha dilem
ýarmandy. Aýdylýan zatlar gedaýyň öz arzuwydy. Oba-oba aýlanyp, halkyň müňdebir
derdine, hasratyna şaýat bolup, olaryň ählisini ýüregine golaý kabul edýän gedaý iliň
arzuw-islegini kanagatlandyrar ýaly bir gudrat küýseýärdi. Onuň şunça ýyllaryň
dowamynda elini asmana göterip eden dileglerine ýokardan, adamlaryň umyt baglap
garaşýan ýerinden ses beren, rehim inderen bolmady. Göze görünmeýän şol güýjüň
seslenmejegine-de halys akyl ýetiren gedaý ýerdäki güýçlerden dalda
isleýärdi,sleginiňem hakykat däl-de, höwesdigini bilse-de, öz arzuwynyň çyn hasyl
bermegini küýseýärdi, asyl onuň şeýle boljagyna ynanýardam.
Özi ýanman, kesekiniň ýanyşyna kösenýän adam arzuwyna ynansa, özi ýedi gezek
ýanyp-sönen çopan nädir? Häli-häzirlikçe-hä belli bir oba, belli bir adam salgy berildi
welin, beýle ýagdaýa düşen adam ertekilerdäki halasgärlerdenem medet islemekden
gaýtýaz. Şonuň üçinem sada çopan eşiden habaryna müňkürlik etmelidirem öýtmedi.
Uzyn boýly, selçeň sakgally gedaý bolsa, çopany begendiren habaryny gabat gelen
gapyda gaýtalamak üçin günbatara bakan howlugdy. «Sallançak mukamynyň»
dabarasyny ýeke özüniňem eýýäm müňlerçe adama ýetirendiginden, ol adamlarynam öz
nobatynda gedaýdan eşiden geň hem ýakymly täzeligini telim esse ulaldyp, telim esse
gyzyklandyryp, şonça adama aýdandyklaryndan ol bihabardy.
... Gojuk Mergen çykgynsyz güne galdy. Haka sygynan ýaly bolup, sazanda ynam
bildirip, uzak ýoldan gelen adama onuň nebsi agyrdy. Çopanyň ynamyny ödemekde
özüniň kiç kimdigine, ejizdigine haýpy geldi. «Näme etmeli?» diýen soraga Gojuk
Mergen iki jogap gaýtarmaly däldi. Ol sowalyň çopan biçäräniň lapyny keç etjek, onuň
oýanyp ugran umydyndan el üzdürjek täk jogaby bardy. Mukamçy çopana şol hakykaty
hem aýtdy. Emma myhman saz bilen sazandanyň türkmen sährasyna allatagala
tarapyndan ýörite iberilmändigine ynanmady. Onuň aýtmagyna görä, eger-de, Gojuk
Mergen dulunda oturyp, «Sallançak mukamyny» çalmasa, iki gün mundan ozal dünýä
inen oglanjyk on günden artyk ýaşamaly däldi.
Gojuk Mergeniň yzyndan şeýle ýumuş bilen gelnendiginiň habary derrew oba
ýaýrady. Şeýle abraýly, il-günde şeýle derkar adamyň özleriniň obasyna göçüp
gelmegine hem haýran galan, hem guwanan, hemem buýsanan ildeşler Gojuk Mergeni
ýola salmak üçin hataryň çetine ýygnandylar. Ozal saz-söhbede perwaýsyz garaýan
186
adamlaram goşa tar bilen el ýaly agaja indi başgaça garamaly boldular. Obadaşlar çopan
bilen at goşup ugran Gojuk Mergeniň saparynyň rowaç bolmagyny diläp galdylar.
... Sallançaga golaý oturan Gojuk Mergen tary çekdi. Kiriş adaty kirişdi, saz adaty
sazdy. Emma onuň şeýledigine içerini hem daşaryny gabap alan gulaklaryň, gözleriň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 20
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.