Latin

Keseki - 27

Total number of words is 3734
Total number of unique words is 2185
30.2 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
48.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
--Çekinmäň-de, gepläberiň!
Mylaýym gepleşilse-ge, çekinme diýilse-de zandy ýygrarak Selwiboý çekindi.
Şonuň üçinem onuň jogaby üzlem-saplam, baglanyşyksyz ýaly boldy.
--Geplesem, ýoldaş häkim, meniň adamymda hiç hili günä ýok. Hekim aga-da käte
bir zadyň anygyna ýetmänem netije çykaraýýa. Hakberdi traktorçam ýalan sözleýä.
Togtamyş Mämmedow iiimiziň op-oňat ýaşaşyp ýörndigimiz dogrusynda, eger gerek
bolsa, kepilnama-da ýazyp biljek. Ol gowy adam.
Serwiboý başly-barat geplese-de, huzura gelýänleriň arasynda her hilisine, hatda
arzyny söz bilen aýtman, ýöne aglap duranlara-da gabat gelýän häkim Serwiboýuň
üzlem-saplamrak geplänini geňem görmedi-de, onuň sözüne dyngy bereninden
peýdalandy.
-- Özüňizem bilýänsiňiz gelin,meň bu etraba iňe gelenime ýaňy aýýarym boldy.Şoň
üçine entek adamlaryň öppüsini tanamagam.Togtamyş Mämmedowy welin
tanamasamam, onuň gowy adamdygyna ynanýan...
--Tanamasaňyz, nädip ynanýaňyz?—diýip, ýap-ýaňy-da arzyny doly aýtmaga söz
tapyp bilmän täbikläp duran gelniň ýaşuly adamynyň ýalňyşyny tapyşyna, ony hem şol
bada ýüzüne basyşyna haýran galan häkim ýagdaýdan inçelik bilen baş alyp çykdy.
255
--Birinjiden-ä, Togtamyş Mämmedow ýaramaz adam bolan bolsa, siz oňa durmuşa
çykmazdyňyz. Ikinjidenem, Mämmedow Togtamyş erbet adam bolan bolsa, özüniň
gowudygyna göz ýetirmeýän bolsa, siz ýaly gowy maşgalany duluna geçirmäge miltem
edip bimezdi. Üçünjidenem, Mämmedow Togtamyş let iýdirýän bolsa, siz bu ýere
ýörite gelip, erbet adamynyň tarapyny çaljak bolmazdyňyz, onuň aladasyny etmezdiňiz.
Dogry dälmi?
Ýaşulynyň aýdanlary maňzyna batan gelin derrew:
--Dogry, häkim aga, gaty dogry aýdýaňyz—diýdi.
Näçe ýyl bäri häkim bolup işleýänem bolsa, özüne ilkinji gezek “häkim aga” diýlip
ýüzlenilenini eşiden ýaşuly ýylgyranyny huzura gelene-de aňdyrmajak bolup, eňegini
sypan kişi boldy.
--Iň esasy zat, gelin, Mämmedow Togtamyş hakda-da, Hakberdi traktorçy hakda-da
Hekim aga maňa hiç zat aýdanok. Ýogsam, ol ikmiz öten agşam ikiçäk durubam
gürleşdik.
Mylaýym kabul edip, ynandyryjy hem akylly gepler aýdan häkime minnetdarlyk
bildirmek islän Serwiboý gelin jüpüne düşäýjek minnetdarlyk sözlerini hem tapman,
başga zat diýdi.
--Men ýalňyşypdyryn, ýoldaş häkim.Ýöne meň şu ýere gelenimi, eden gürrüňimi
Hekim aga-da bilmese-hä gowy bolardy.
Huzuryndakynyň gepine jogap gaýtarmazyndan öňürti, öňünde duran telefon
trubkasyny götermeli bolan häkim:
--Üç minutdan gapa geliber!—diýip, megerem, öz sürüjisine habar ýetirdi, soňam
myhmanyna ýüzlendi.—Bolýar, gelin. Siz meň ýanyma geleňzok. Menem sizi
tanamok.Dilleşdikmi?
Söz diýmän, çalaja baş atan Serwi gelin gapa tarap ýöneldi.
*
Hemişeler atasy öýüne gezmäge gelende Serwiboý edil ýaşlygyna dolanan ýaly
bolup tolgunýardy, öňünden çykan köne tanyşlary bilen alçak salamlaşýardy, mekdep
ýoldaşlaryna sataşsa, köçede durup geçeni ýatlaşýardylar.Indi welin onuň dogduk
mekanyna, söýdük mekanyna aýagy çekmeýän ýalydy. Ol hiç kime, has beterem
özüne hyrydar göz bilen garan deň-duşlaryna sataşmazlygy dileýär, adam-gara
görünmän, tizräk ejesiniň ýanyna ýetip, görer gözlerden gizlenmek isleýär.
Ile ýaýmajak bolup daşy ýaragly goralýan ýurt-döwlet bähbitli gizlin syrlaryňam
manysynyň derrew daşary ýurtlara çenli ýetýändigini hälimi-şindi telewizorda eşidýän,
gzetlerde okaýan Serwiboý oňa kän geňem galmaýardy.Şeýle beýik derejede oýnalýan
oýnuň tilsimjiklerine hatda Serwiboý ýaly orta mekdebi gutaran sada hasapçy
düşünýär.Emma şoňa düşünýän sada hasapçy iki sany sada adamynyň oba derejesindäki
manysyz diýen ýaly, hemme kişide-de bolup biläýjek, hiç kime-de—eşidene bähbidi
ýok, eşitmedigiňem eşitmäni üçin çekýän zeleli ýok maşgala syrjagazynyň köp ýere,
alysda ýatan Sazakly obasyna-da ýaýramagy, hut şonuň üçinem ejesiniň özüni sowuksala garşylamagy Serwiboýy haýran galdyrýar.
Serwiboý bu ýerde ýokka-da Altyn ýeňňe mydama onuň aladasyny başyndan
çykaryp bilmän ýören ýaly, saglyk-amanlygy hem kelteräk soraşan dessine, gyzy barada
Sazakla ýaýran ýakymsyz gep-gürrüňleriň üstünden bardy.
256
--Şo gepleri goýaly-la, eje!—diýip, Serwiboý derrew nägilelik bildirdi.
--Seň başyňda agyr gün barka men dymyp oturman—diýip, haýbatly gepläni bilen
maşgaladaky bişowluk öz-özünden ýok bolaýýan ýaly Altyn ýeňňe sesine bat berdi.-Ýeke perzendimiň bolar-bolgusyza gep, ile ryswa bolmagyna ýol bermen asyl.
Çagamyň kemsidildigi özümiň kemsidildigim. Seň sylanmadygyň iliň sylaýan Arça
seýsiniň sylanmadygy. Seň ataň “Ordenli seýis” adyny eşek bakyp alanok...
Aňyrsynda esli mahal bäri baslygyp, gemrä dönen joşgunyny birneme
gowzadaýmasa, ejesiniň başga kişiniň gepine-sözüne ýol bermejekdigini bilen
Serwiboý zordan:
--Bilýän, eje—diýip, iki zöz aýtmaga pursat tapdy. Ol iki sözem gaýtam Altyn
ýeňňäniň joşgunyna meçew berdi.
--Bilýän dälsiň. Haýsydyr bir öňýeten Arça seýis bilen Altynyň altyna barabar
gyzyny kemsitmelimişin, bizem oňa garow gaýtarman oturmalymyşyk.. Ol asla bolup
biljek zätdäl.
Şu mahala çenli ejesiniň tersu-dürs aýdanlaryny ýürekden makullamasa-da,
makullamaýanynyň sepini bildirmän daşyndan baş atyp tassyklan Serwiboýy soňky
sözler öz hakyky pikirini aýtmaga mejbur etdi.
--Togtamyş öňýeten däl, eje.Togtamyş...
--Lal bol!—Ony-da az gören ýaly “Gapyl” sözüni hem oňa urna edip yzyndan
suňşuran ene gaty gaharynyň glenedigini tassyklamak üçin elini-de silkip goýberdi.—
Sen ýene şoň tarapyny çaljak bolýaňmy? Öňýeten bolmasa, gadyr bilmez bolmasa, gül
ýaly maşgalasyny ile ryswa etmezdi. Seň sarpaňy saklamasa, seň bilen süýjürnişip
ýaşamajak bolsa çar tarapy şaýol--hanja sürse , şonja sürsün! Sen ýaly gyz dogran ene
sen ýaly gyza mynasyp eýe-de tapar...
Altyn ýeňňe “mynasyp eýe tapmak” diýmek bilen kalbyndaky pynhan syryny hem
ahli joşgunynyň esasy özenini daşyna çykaran ýaly, gepine dyngy berdi-de, uludan bir
demini aldy.
Ara düşen dymyşlyk mahaly Altyn ýeňňäniň nämeleri kellesinde aýlany nämälim
bolup galsa-da, Serwiboýuň hyýalynyň öňüni ýapyp duran tuty çalarak syryldy.
--Meň ýagdaýymy kakam bir bilmesin, eje. Üüregi çişmesin.
--Düýä münüp, hataba bukjak bolýaňmy?
--Belkem, Togtamyş entek pälinden gaýdar, düzeler.
Altyn ýeňňe gyzy bilen däl-de, gapydan gelen biri bilen gepleşýän ýaly işige seredip
oturyşyna:
--Garaşyber, düzeler!—diýip , gyjynýan ýaly bolup ýaňsylady.—Näçe garaşsaňam,
näçe ýuwsaňam gara keçe ak bolýan däldir.Küýkin bilini mazadan başga zat
dogularmaz.
--Men şoň düşeljkegine ynam edýän,eje. Togtamyşyň zandy erbet adam däl ahyryn.
Ol birden üýtgedi.
--Düzeljegine umydyň bar bolsa, eneň öýüne ýüzüňi gözýaşa ezip gelmäň näme
onda?
Ejesiniň aýdanyny juda halamadyyny tassyklap, birden Serwiboýuň gözünden
paýrap ýaş döküldi.
--Men öz syrymy saňa aýtman, kime aýdaýyn, eje? Bu dünýäde meň iň ýakynym
sen ahyryn...
257
Naçaryň ejizlemesini aňladýan sözleriniň dogrudygy ene gözýaşy bilen hem
tassyklandy. Gyzynyň halyna dözmän birneme ýöwsellän Altyn ýeňňe hörpüni biraz
peseltdi.
--Eneň iň ýakynyň bolýan bolsa, ilkibaşda näme üçin ýakynyňa hä diýmän, bigänäň
gepine yryldyň? Eneň saňa ýamanlyk isläpmidi? Eneň seň maňlaýyň garalmagyny
isläpmidi? “Şoňa göwün berme” diýip men saňa näçeler sakyrdym. Gulak asmadyň.
Näçeler ýalbardym—yrylmadyň. Söýüpmişiň! Söýüpmişin! Söýgi diýilýäň zadyň
älemde ýokdugyna indi göz ýetirdiňmi?
Söýgüden ezýet çekip ýörse-de, Serwiboý ýene söýginiň tarapyny çaldy.
--Söýgi bar, eje.
Jogap Altyn ýeňňäni ýene gyzdyrdy. Ol gyzynyň hut şeýle jogap gaýtarjakdygyna
garaşyp, jogabyny taýynlap duran ýaly, Serwiboý agzyny ýumup-ýummanka:
--Merez bar, eje!—diýdi.—Özüňçe ýoga özüňi kemsitdirmek , götermesiz ýküni
göterip gezmek, egniňden basdyrmak söýgümişmi? Ata-babalar öz maşgalasyny
kemsidipmi?
Serwi dymdy. Sowalyň jogabyny ejesiniň özi gaýtarmaly boldy.
Kemsitmändir. Ata-babalar maşgalasyny bozupmy? Bozmandyr. Sebäbi olar söýgi
diýilýän otlawajyň nämedigini bilmändirler...
--Zöhre, Tahyr, Leýli, Mejnun...
--Merez, zäher...Olaram söýşüp bal gününe batan däldirler—diýip, Altyn ýeňňe
gyzyna geplemäge maý bermedi.— Söýşüp maşgala bolany bamy şolaň? Çaga
öndüreni bamy şolaň?.. Men seň ataň bilen nika gyýlandan soň tanyşdym. Aramyzda
söýgem ýokdy, duýgam. Ynha, kyrk ýyla golaý bal bilen ýag garyşan ýaly äbe-jübe
bolup bile ýaşap ýörüs. Söýşen bolsak, biziňem maşgalamyz bireýýäm dargardy. Äraýalyň arasyny bozýan söýgi.Ol ilki gowy gördürýär, soňam...
Arça aga bosagada peýda bolaýmadyk bolsa, Altyn ýeňňäniň söýgini puja çykarmak
üçin jan çekip tapýan delilleriniň ahyry geljek däldi. Aýalynyň çasly sesini öýe
girmähkä eşidendir-dä, ol gele-gelmäne:
--Galmagalyň dik asmana çykýa-la, keýwany?—diýdi.Birdenem ol gyzyna gözi
düşensoň, argynlygy aýrylan ýaly bolup ýylgyrdy.Serwi bilen saglyk-amanlyk soraşdy,
Ogulaý gudasynyň saglygy bilen gyzyklandy.
--Galmagal seň gyzyň gelmegi bilen peýda boldy, seýis—diýip, Serwiboýy
gorkuzan Altyn ýeňňe hakykaty aýdyp başlanam bolsa, soňuny düzetdi, gyzynyň syryny
paş etmedi.—Muňa ilde ýok mawut parça gerekmiş. Menem oňa “Indi parçany baran
ýeriň etsin” diýýän. Nädipdirin, seýis? Bolýamy?
--Ýok. Bolanok, keýwany--diýip, ýaşuly aýalynyň garaşmadyk jogabyny berdi.--Arça
seýsiň gyzy näme islese, şonam geýer. Meň Serwiboýum göwni ýykylýan gyz bolmaly
däldir.
Altyn ýeňňe adamsynyň aýdanyny:
--Ikimizden başga hiç kim gyzymyzyň göwnüne degip bilmez, seýis—diýip, hem
aýlawly hem gönümel gep bilen tassyklady...
“Sazaklydan” Gojuga aşmak üçin bir şäheriň, iki obanyň üstünden geçmelidi.
Şonuň üçinem Serwiboý irgözinden ýola çykmalydy.Gün öýlä sananda ene-atasy bilen
sagbollaşan Serwiboý ejesiniň salan düwünçegini goltuklap, oba bilen şäher aralykda
gatnaýan awtobusyň duralgasyna baran badyna aňyrdan welosipedini ýuwaşja sürüp
258
gelýän Annam göründi. Ol pes boýly, dolmuş, gaşlary, saçlary hem goňras,gyzylýüz
ýigit Serwiboýuň synpdaşlarynyň biridi. Serwiboýam durmuşa çykaly bäri zol-zol
Sazakla gelip durmaýany sebäpli, iki synpdaş telim ýyl bäri görüşmänem eken. Şonuň
üçinem Annam ulagyny ýolgyradaky agaja söýäp goýansoň, Serwiniň gadyrly
gyzyklandy
--Garaşylmadyk ýerde, garaşylmadyk mahal, garaşylmadyk adam! Sen küje, Sazakly
küje?—diýip, Annam iki sözüniň arasyna sähelçe-de dyngy bermän, gepläp başlady
welin:
--Sen birjigem üýtgemänsiň, Annam!—diýip, Serwiboý onuň sözüni böldi.
Annam syunpdaşynyň berýän bahasyny bäş-alty ýyl geçse-de, daş sypatyň
üýtgemändir diýen manyda düşündi. Serwiboý bolsa syunpdaşynyň oglanklykdaky kän
hem çalt geplemek endiginiň üýtgemändigini göz öňünde tutýardy.Annam Serwiboýuň
aýdanyny tassyklaýan ýaly Serweä gezek bermän, ýene gepläp ugrady.
--Asyl bi senmiň, Serwiboý! Gözüme-de ynanamok. Şeýdip tötänden gabat
geläýmesek, mekdebi gutaralymyz bäri synpdaş gyzlarymyza-da sataşamzok diýen ýaly.
Biziň klasymyzyň gyzlary mekdebiň hemme gyzlaryndan hem edeplidiler, hem
owadandylar. Senem hasapda iň ökdämizdiň.Mydama senden göçürýädik---“Okuw
hasabynda ökdäňiz bolanam bolsam, durmuş hasabynda hiç kimçe bolmadyk bolsam
ýagşydyr, Annam jan! Durmuş hasaby matematika hasabyndan çylşyrymly eken”—
diýip, Serwiboý içini gepletdi.Annam edil klasdaşynyň hyýalyndakyny aňan ýaly
sözüni dowam edende. “Ýöne matematikadan ýetişmän yza galan klasdaşlammyz
durmuşda öňe saýlanyp gitdiler”#—diýdi.--Serwiboý bir zat diýjek boldy, emma
hýalynda mekdep ýyllarynyň içinde gezip ýören Annam garşysynda “hä-hawa”
diýişmeli gürrüňdeşi bardyr öýtmedi.—Siz ony känbir aňanam dälsiňiz, klasymyzdaky
her oglan bir gyzyň aşygydy. Ýöne o mahallar söýgi diýilýän zat telewizorda bolman,
hakyky durmuşda bolýany üçin häzirlki ýaly açyk däl eken.Söýgini daşa çykarmak,
özüň bilýädiň, utanç hasaplanardy. Biz ýygradyk, siz bizdenem ýygradyňyz. Belkem,
şol ýygralyk sebäp bolandyr, klasdaş gyzlarymyzyň bir Totuguşdan özgesi başga ýerlere
durmuşa çykyp gitdiler.Soň biz klasdaş oglanlar bolup, size goşgam goşduk.Ýatdanam
bilýän.Aýdyp bereýinmi?
Birinjiden-ä ýaş çaga ýaly towsaklap, goşgy okasy gelip duran Annamy okama
diýibem saklajak gümanyň ýokdy, ikinjidenem, Serwiboýda-da deň-duşlaryna, özüne
bagyşlanan goşgyny diňlemek höwesi bardy.Şonuň üçinem:
--Okasana, Annam!—diýende, Serwiboýuň sesi ýalbaryjy äheňde ýaly bolup
eşidildi.
Özüne diňleýji tapylanyna begenen Annam gaty çyny bilen goşgy aýtmaga başlady:
-- Gowy gyzlarymyz bardy,
Durna dek uçup gitdiler.
Utanjaň hem sadadylar,
Söýmäge ejap etdiler.
Ak durnalar, boz durnalar,
Haýsy menzile ýetdiler?
Sapakda ýatkeşdi olar,
Bizi welin unutdylar.
259
Görýäs ýolda-yzda käte,
Tötänden duşan çaglary.
Biz obanyň bilbilleri,
Bezedi özge baglary.
Ýürekleri ak pamykdy,
Ýüzleri dogan Aýdy olaň.
Ýa-ha bizi söýmediler,
Ýa bizi dogan saýdy olar.
Ýa gyzykly çeçen döwre gaýdyp barmak, ýa-da deň-duşlary küýsemek Serwiboýuň
gözüni ýaşartdy.
--Dogry ýazypsyňyz, hemme aýdýanyňyzam dogry, Annam...Ýöne olar ýaly gowy
goşgyny boljak bolansoň ýazman, öňräk ýazmaly eken-dä.
--Menem şol pikirde-dä!-- diýen Annam hem-ä özündenem birki setir goşulan
goşgynyň klasdaşyny tolgundyranyna hemem ony artistlerçe okandyryna ynanan
Annam hekgerilip ýylgyrdy.
-- Kyn görmeseň, şu goşgyny maňa-da kagyza ýazyp ber, Annam!
--Indiki duşuşýançak taýyn ederin, Serwiboý--diýip, goşgy okap, özüni şahyr
bolandyryn öýden Annam öňküsindenem beter tolgunyp gepledi.
--Oglanlaň özüňize aşykdygyny siz bilýämidiňiz, Serwiboý?
--Men-ä aňamokdym—diýip, klasdaşyna duşmak, geçene dolanmak bilen bu günki
durmuş aladasyny az wagtlyk bolsa-da unudan Serwiboý, esli wagt bäri birinji gezek
çyny bilen gülüp goýberdi.
Onuň “jak-jak” urşuny höwes bilen diňlän Annam:
--Gülkiňem üýtgemändir, Serwiboý—diýmäge mejbur boldy.—O wagtlar aýdyp
bilmezdik... oglanlar öňürti seň özüňe, soňam “jak-jak” gülşüňe aşykdylar.
-- Indi açyk geplenýän zamana ýeten bolsak, menem saňa bir açyk sowal bereýin,
klasdaş.
--Açyk jogabam menden al!
---Senem meni söýüpmüdiň?—Gönümel sowala gaýtarylan “Ýok” diýen gysgajyk
jogap Serwiboýy geňirgendirdi.-- Näme üçin? Nämämi halamadyň?
--Men hemme zadyňam halaýadym-da... Maňa gyzlar “sary pişik” diýýädiler.Men
uzyn boýly, görmegeý bolmamsoň, özümi saňa mynasyp däl hasaplaýadym.
-- Söýgi diýilýän zat dyma hör bolýamyş. Ol söýýäniniň gyzylmy-sarymy reňkine
garamaýamyş.Meniň durmuşa çykan ýigidimem senden görmegeý, senden artykmaç
däl, Annam.
--Seň sataşanyň daş sypaty üýtgeşik bolmasa-da, içi seň tanaýan ýigitleriňkiden
hem üýtgeşik hem artykmaç, Serwiboý. Sen ony depäňde götermeli.
Togtamyşy heniz bir gezegem görmedik, belki adyny hem eşitmedik Annamyň
aýdanlaryny hälkibir agyz ugruna aýdylyp goberilen badyhowa sözdür diýip kabul etsede, Serwiboý gyzyklanman durup bilmedi.
--Sen ony tanaňok ahyryn, Annam?
1). Goşgy şahyr Ahmet Gurbannepesowyňky.
260
--Tanamasamam, men onuň bujagaş görünýän ýigitlerden artykmaçdygyny bilýän—
diýip, Annam klasdaşyny öňküsindenem beter oýlanmaga mejbur etdi.—Iň bolmanda,
biziň obamyzda, meň baryş-geliş edişýän ýerlemde-hä seň sataşanyň ýaly mert adam
ýok, Serwiboý.—Serwiboýuň badyhowa sözler diýip çaklaýany birdenem durmuş
hakykatyna çenli pessaýlady. Annamyň: -Men onuň saňa näme üçin azar berýäninem
bilýän—diýmegi bolsa, Serwiboýuň inini tikenekletdi.-- Ol mert bolany üçin, seni
söýýäni üçin saňa azar berýär. Ol erkeklik edýär. Men onuň erekeklik edýändiginiň
sebäbini saňa aýtsam, özümiň erkeklik etmedigim boljak...
Annamy çaklap urýandyr öýtse-de,
hakykaty azda-kände bilmeýän adamyň
çakynyň nyşana beýle göni degmejegi hakda pikir eden Serwiboý aňk boldy. Ol
Annamyň gizleýän hakykatyny bilmek isledi. Ýöne duralga ýene ik sany obadaşyň
gelmegi, onuň yz ýanyndanam aňyrdan awtobusyň görünmegi Serwiboýa Annamyň
aýdanlary bilen içgin gyzyklanmaga maý bermedi...
Awtobus tä şähere ýetýänçä-de, Serwiboý gelin klasdaşynyň aýdan hem geň hem
düşnüksiz hem garaşylmadyk sözleri hakda oýlandy.Onuň Gojuk obasyndaky,
klasdaşynyň öýünde bolup geçýän wakalardan habarlydygy geň däldi, ol wakany
megerem “Sazaklyda” ýaşaýan öňýeten has ulaldylan görnüşde-de bilýändir. Ýöne şol
wakanyň döreýşini, sebäbini Annamyň bilýän diýmegi, ony-da aýtmaga bognunyň
ysmaýandygy gaty esasly hem matal çözmek ýaly özüne çekiji bir zatdy. Bu ýerde bir
düýpli many bolmasa, klasdaş beýle-beýle zatlary aýtmazdy.Ol Serwiboýuň düşen
ýerini bilenok, adamsyny tanamak däl, belki onuň adyny hem eşiden däldir. Annam öz
obasyndan çykýan, onda-munda entäp, bazar-küjellerde edilýän geň gürüňlere gulak
gabardyp, geň-enaýylaryny torbasyna ýygnap ýörenlerdenem däl. Şu sebäplerden many
alsaň, Annamyňky çaklama bolmalydy. Ölçere-döke şeýleräk netijä gelen Serwiboý
eşiden geň habarynyň döremeginiň sebäbini klasdaşynyň oglanka-da geplemsek
bolandygynyň, ýalany çyna barabar edip aýtmaga ökdediginiň üstüne ýükledi.
Serwiboý şähere baransoň, Gojuga tarap gidýän awtobusa ýa-da kireýkeşleriň
ulagyna münmelidi. Ol duralga ýetiberende uly ak awtobusyň öýkelek adam ýaly tüňňi
ýeňsesini görkezip ýola düşendigini görüp galdy. Indiki awtobus gelýänçä-de kän
garaşmaly boljakdy.Ol kireýkeşleriň durýan ýerine ýönelende, bir köneje ýeňil maşyn
onuň deňine ýetip saklandy. ”Ýylanyň ýigreneni narpyz...” Serwiboý hyalyndaky
nakyly soňlap-soňlamanka, “narpyzyň” özi: “Serwiboý gelin, oba barýan bolsaň-a,
mün!” diýip gygyrdy.Ulagda Hakberdi traktorçynyň täk özi bolan bolsa, Serwiboýuň
oňa münmäge aýagam çekmezdi,münmeslige bir bahana-da tapardy. Emma bu
eýýamlarda
süpürgiç degmedik hapa aýnanyň aňyrsyndan maşynyň yzky
oturgyjyndaky ýüzleri oňat görünmeýän üç sany aýaly öz obadaşlarydyr öýdensoň,
hödürlenen gullugy kabul etmezligi ýerlikszräk hasaplan Serwiboý gelin “Moskwiçe”
tarap ýöremeli boldy. Yzky oturgyçda ýer ýokdugyny gören gelin, öňdäki boş ýere,
Hakberdiniň gapdalyna münmäge mejbur boldy, çöküp giden oturgyja ornaşandan soň
bolsa, yzdakylaryň ýat aýallardygyny bilip galdy.
Gojuga barmak üçin üstünden geçilmeli obanyň deňine ýetilende maşyn
saklandy.Ýolagçy aýallar sürüjä, belkem, öňünden wadalaşylan tölegini berip düşüp
galdylar. Hakberdi aýallar bilen hasap-hesip edişip güýmenýänçä, Serwiboý pursatdan
peýdalanyp, yzky oturgyja geçmäge meýillendi. Emma şylhasy çykan maşynyň
Serwiboýuň oturan ýerindäki gapysy aýal güýji bilen çekileni üçin iç tarapyndan
261
açylmaýaram eken. Serwiboý öňki oturan ýerinde galyp, ýoly dowam etmeli
boldy.Ýogsam, Gojugyň gelinleri (diňe gelinleri hem däl) ruluň başynda öz adamsy
oturanam bolsa, ulagyň öňki oturgyjyna münmegi halamaýarlar.Öň oturgyja münýän
aýallary, näme üçindir, ýeňlesräk, kelpezräk hasap edýärdiler.
Üç aýalyň düşüp galan obasy bilen Gojygyň arasy uzak dälem bolsa, Hakberdiniň
eşegarabadan çalt ýöremýän
maşyny bilen ýarym sagat töweregi gitmeli
boljakdy.Üstesine-de, Hakberdi tä oba barýança şowlap ýatan asfalt ýol bilen sürmän,
ekerançylygyň, bag-bakjalaryň üstünden aýlanyp-aýlanyp barýan gumak ýola
sowuldy.Kän mahal geçmähkä-de Serwi gelniň “Bu näme üçin beýdýäkä?” diýen
hyýaldaky sowalynyň jogaplary ýuwaş-ýuwaşdan ýüze çykyp ugrady.
--Oba gezip gelýäsmi, Serwi gelin?
Serwiboý Hakberdi bilen gepleşmek islemese-de, uly adam bir zat soranda, onda-da
sowal hem zelelsiz-zepersizkä dyman bolup oturmagy gelşiksiz hasaplady. Bolsa-da,
söz bilen däl, hereket bilen jogap gaýtardy. Gelniň baş atandygyny görenem bolsa,
beýle jogap bilen kanagatlanmadyk bolara çemeli, Hakberdi gapdala çalarak göz
aýlady.
--Serwi, sen menden ýaşynaýýan-a dälsiň-dä, hernä? Sesiň çykanok-la? Öz
obamyzyň gelinleri menden ýaşynsa, öwlüýä kessin, halaýan däldirin. Ýaşynmanam,
sylamak bolar ahyryn, öwlüýä kessin. Öňi bilen-ä men sakgally-sarmykly ýaşuly däl,
ýaşynar ýaly.Onsoňam, maşgalasyz-malsyz ýaşap ýören halyňa, üstesine gelinlerem
senden ýaşynsa, keýpiň bozuluberýä, öwlüýä kessin. Men özümi ýaňy durmuşyň
gyrasyndan giren hesap edýän. Sen öz deň-duşuňdan ýaşynjak bolup azara galyp
oturma.
Az-kem oýlanan gelin:
--Ýok-la, ýaşynamok-la—diýdi..
Indi bäş-alty ýyl bäri bir obada ýaşalsa-da, käte-käte gapylaryndan barylsa-da, ýüzigözi görülse-de, henize çenli gep-sözi eşidilmedik gelniň sesi Hakberdiniň gulagyna
owaz bolup eşidildi.Ol alan lezzetinden hoşwagt bolup ýylgyrdy. Hudaý bermedigini-hä
gury goýýar, eçileniniň etegine-de hemme zady goşawuçlap guýaýýar!.
--Şeýt, gelin, şeýt, ýaşynma!.. Onsoňam, men Togtamyşdan, bolsa bäş ýaş uluduryn.
Olam, häli yzarlap otursaň, karam ýaşdan şeýle bolup çykar, öwlüýä kessin. Onsoňam,
bäş-alty ýaş deň-duşlyk hasaplanýar.
--Men obaň hemme adamyny doly tanabam baramok—diýip, gapdalyndaky ýaňrap
oturansoň, gepe goşulan kişi bolan Serwiboý gelin “tanamok” diýen sözi aýdyp, dlinden
bela galdy.
Ol sözden özüne bähbitli many ogurlamak islän Hakberdi:
--Tanamaly, Serwiboý gelin, tanamaly, öwlüýä kessin,—diýdi.—Ynha, çolaja ýolda
ikiçäk gabadam geldik, Meň bilenem ýakyndan tanşarsyň.Ikimizi Hudaýyň özi şu
adam-gara ýok ýolda sataşdyrandyr..
( “Hudaý saňa gowy ýoly taşlap, erbet ýoldan sür” diýdimi?”)
Hudaýa sygynmak bilen batyrlansa-da, gep şu ýere ýetende, Hakberdi joşgunyny
birden daş çykarmakdan, isleginiň yzyny aýdybermekden birbada heder etdi. Ýöne
esasy maksadyna ýardam edip biläýjek gürrüňden welin daşlaşmady.—Serwiboý gelin,
bi Togtamyş ikiňiziň araňyza düşen tow barada ile ýaýran ýakymsyz gepiň soňy näme
bilen gutardy-a?
262
--Togtamyş ikimiziň aramyzda näme tow bamyş?
Ýoluň beýgelýän ýerine ýetende, ejizlän maşynyna özi hem güýç goşýan ýaly aşaky
dodagyny çapylaryň bäri ýanyna çenli dişläp, gazy köpelden Hakberdi ulag aşak eňip,
ynjalansoň gepledi.
--At oýnadan bolmaly-la, Serwiboý. Hemme kişiň bilýänini ilden ýaşyran bolmak..
öwlüýä kessin... Keselini gizlän ystmasyny aýan eder. “Togtamyş Serwiboýuň
talagyny berjekmiş” diýen gep bar...
--Ilde gep köp, Mekgede arap..
--Bolmanda nä Mekgede özbek ýa türkmen köp bolmalymyşmy? Araplaň ýurdunda
arap köp bolar-da—diýip, özüni köp bilýän kişi edip görkezmek islän Hakberdi ýene
gürrüňiň öňki akymyna dolandy.—Är-heleýiň arasynda “talak-palak” diýen gep dörese,
o maşgalada süýji ýaşaýyş bolmyýa, Serwiboý gelin. Her kim öz göwni isläni, öz sulhy
alany bilen ýaşamaly.Muňa düşnüksiz dünýä diýýäler, öwlüýä kessin. Onuň
ýazylmadyk kanundyr welin, ýazylan kanundanam ýowuzdyr.
Serwiboýam janyna ýakmaýan gürrüň edýän adama gaýtawul betip özüni
köşeşdirmek isledi-de:
--“Il agzyny ýygyp bolmaz”—diýip nakyl getirdi.
--Ol şeýledir welin “Ot ýanmasa, tüsse-de çykmaz”—diýip, Hakberdi hem nakyly
nakyl bilen ýeňjek boldy.
Aýdara başga gep tapmadyk Serwiboý gelin garşydaşyny hüjüm bilen basmak
isläp:
--Il sen hakda-da her hili gürrüň edip biler—diýip goýberdi.
Wawwasyna basylana dönen Hakberdi ýalta gapdalyna garady.Onuň ujy çişli ýaly
nazary Serwiboýuň göreçlerini deşen ýaly boldy.
--Il men hakda ýaman gürrüň etmez. Sallahçylykda käte eşigimem kirliräk
bolýandyr. Şony gürrüň edýän adam kä agşam öz heleýini meň üstüme iberip, hapa
köýnegimi-balagymy ýuwduraýsyn...
“Sen ýalynyň köýnek-balagyny it ýuwsun! –diýip, Serwiboý içinden jogap
gaýtardy—Hudaýa şükür, saňa müň degýän eşigini ýywmalym bar meň!”
Hakberdiniň soňky gödek sözleri aýtmagy bilen ara dymyşlyk düşdi. Serwiboý gelin
indi tä oba ýetilýänçä geplemezligi özüne pent etdi. Emma onuň dymany bilenem
maşynyň içine ümsümlik aralaşmady.
--Magtymguly şahyr “Kim nan tapmaz iýmäge, Kim ýer tapmaz goýmaga”
diýipdir.Men-ä sen ýaly maşgala zar bolup ýörün. Olam... Togtamyş bol tapýa,
Serwiboý gelin, öwlüýä kessin..
Hakberdiniň aralaşylmasyz serhede golaýlap ugramagy oba ýetilýänçä geplemesiz
eden Serwiboýy geplemäge mejbur etdi.
--Hany, şu gürrüňi goýaly-la.Ýogsam, biz..
--Goýsaň, goýaly, Serwiboý gelin. Ýöne Togtamyş her gün ertir sen ýaly zenanyň
ýyljak goltugyndan çykyp gidende, begenjinden ýaňa guş bolup uçmaly.
Serwiboýyň öňe däl-de, sag egniniň üstaşyry daşaryk seredip oturmagyndan özi
bilen gepleşmek isleýän däldir diýen many çykaran Hakberdi hiňlenmäge başlady.
Ýöne onuň hiňlenmesem, Serwiboýuň gaharyny getiräýjek hiňlenme boldy.
--Alysdan gelemde, kowmazmyň, gelin?
Kirlegen köýnegmi ýuwmazmyň, gelin?
263
Gyratyma körpe bermezmiň, gelin?
Şaňňyrdap ýorganma girmezmiň, gelin?
Hiňlenmäniň yzy aýdylmanka Serwiboý öz hyýalynda onuň jogabyny berdi: “Seň
ýoranyňa gyzyl it girsin, ýerçekmiş!”
--Alysdan geleňde, Allahym alsyn!
Kirlegen köýnegňi ýel-ýagmyr ýuwsun.
Gyratyň ajygsa daşlar gemirsin,
Ýalmyldap ýorganňa ýylanlar girsin!
“Ine, munyň boldy!” diýip içini gepleden Serwiboý ýylgyrmakdan zordan
saklandy, gözüne bolsa Hakberdiniň ýorganyna girip barýan ululu-kiçili bir topar ýylan
janlandy.”Ýöne garaýürek adamy çakan ýylanlaň özlerti öläýmese gaýtam” Serwi gelin
tapan närsesine bu gezek çyny bilen ýylgyrdy.
Hakberdi dowam etdi:
--Alysdan gelemde paýym bol, gelin.
Garaňky gijede Aýym bol, gelin.
Ekeje islegme taýyn bol, gelin.
Şonda jennet bolar meň jaýym, gelin.
“Garaşyber! Nähili jennete düşjegiňi syrat köprüsinden geçeňde bilersiň”.
Oba ýetmäge iki kilometr töweregi aralyk galanda, gapdaldaky ekin meýdanyndan
ýola suw gaçan ýeriň üstünden baryldy. Suw ýoluň töweregi bilen ýaýrapdyr
diýäýmeseň, geçmesi hyllalla päsgelçiligem däldi, gyraragyndan sürüberseňem
boljakdy. Emma, näme üçindir, maşyn az-kem sowlaýman, üstüni suw basan ýoluň ugry
bilen gidiberdi. Şonda-da suw çuň bolmansoň, maşyn gury ýere çenli gidip biljekdi.
Ýöne Serwiboý maşyndan başy çykmasa-da, Hakberdiniň suwdan päsgelçiliksiz barýan
ulagy, özi ýatmasa-da, bir ýerini elläp ýatyrandygyny aňdy. Ol beýle hereketi ýönelige
tapylan pirim bolmasa gerek diýip çak etdi.
-- Serwi gelin, sen maşyndan düşäýmeseň-ä, öwlüýä kessin... Indi bi köne araba
otlanmaz.
--Men suwuň içinde duran maşyndan nädip düşeýin?
Niýetini ýamana tutan adam üçin Serbiboýuň sözleri amatly tutaryk bolaýmalydy.
Şonuň üçinem Hakberdiniň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. “Hudaýyň özi işimi oň
edäýjek öýdýän” Ol ýasama hereket bilen suwly ýola tarap göz aýlan boldy.
--Dogrudanam, özüm kömekleşäýmesem, düşer ýaly hem däl eken, öwlüýä kessin...
Diýse-de, Serwiböý obadaşy adamçylykdan çykgynç hereket eder öýdüp garaşmady.
Emma maşynyň gapysyny açyp, köwşi-zady bilen suwa giren Hakberdi ulagyň öňünden
aýlandy-da, Serwiboýuň oturan tarapyndaky gapynyň ýanyna bardy. Ol gapyny
açansoň,:
--Hany eliňi uzat—diýip,gelniň goşaryndan tutjak boldy.
--Gel, men seni göterip düşüreýin, Serwiboý! Ýogsam aýagyňam, geýim-gejimiňem
öl bolar. Oba bäýdip barsaň... Kän mahal bäri sen ýaly göwnüme hoş ýakýan ýükem
göterip göremok, öwlüýä kessin. Şu gün sen meni şol arzuwyma ýetiräý, gelin!
Serwiboý elini silkäp alanda, ýaňadandan hüjüme geçen Hakberdi ony gujaklady.
Gelin her hili garşylyk görkezse-de, dar maşynyň içinde goranmak üçin hereket
etmäge-de ýagdaý ýokdy.
264
--Wah, meni iteklän gollaryňdan aýlanaýyn, gelin jan! Ak mapraç gelne itekletmegi
arzue edip ýördüm.
-- Çek eliňi, nejis!
--Wah, maňa sögýän dilleriňe döneýin, gelin jan! Sen ýaly owadan gelniň sögünjem
men ýaly dula söýünç bolup eşidilýär. Dilleriňe döneýin! Gögün, gelin, sögün. Ögünjiň
maňa hoş ýakýa
Serwiboý güýjünde bary bilen itekläp ony özünden daşlaşdyrsa-da, dyzyndan aşagy
öl-myžžyk Hakberdi zyňlan gara tomzak ýaly bolup, ýaňadandan topuldy.
--Sen ýaly owadan gelniň näzik tenine tenim degse-de meň üçin eşret.
Serwiboý maý tapyp onuň ýaňagyna ýarpyk çalmaga ýetişdi.
Wah, şarpygyň dagy ýag ýaly eken!
--Ýok bol, ýezit, ýok bol! Uly illm bilen gygyryp, il masgarasy ederin!
-- Ak mäkiýan bolup gygyr, Serwiboý jan! Hakberdem gyzyl horaz bolup
mäkiýanyň sesinden lezzet alsyn, Serwiboý jan! Gygyr, mäkiýanym, gygyr! Bu janym
seň şirin sesiňe gurban bolsun, gelin jan!
--Maňa “;an” diýýýän diliň çüýresin..
--Dilim çüýrese-de saňa “jan” diýmäge ýarar. Sen “jan” diýilmäge mynasyp gelin
ahyryn
--Çekil yza, namart!
Hakberdi birdenem ýeli gaçan pökgi ýaly bolyp, atylyp durmasyny bes etdi. Onuň
sesi hem parahat çykdy.
--Sen özüňi har etme, Serwiboý. Sen guma zyňlan kemput ahyryn.Togtamyş seni
itden beter ýigrenýär. Men saňa şü gara gözlemmiň üstünden orun bereýin. Men seni
elimiň aýasynda saklaýyn.Sen maňa heleý bol. B ärde ýaşamagy uslyp bilmeseň,
Gojugy terk edip gideli. Nirä gideli diýseňem, men seniň yzyňdan kelläm, bilen
togalanyp gideýin. Maňa heleý bol, gelin. Özüňi har etme! Gadryňy biljegiň gadryny
bil.
--Saňa it heleý bolsun, nejis!
Hakberdi gaýtadan bat alyp, hüjüme geçdi, Serwiboýy berk gujaklap, ogşajak
boldy.
Serwiboý ejesiniň salan gaty süýjüdenmi, tokga gantdanmy edilen uly düwünçegini
bat bilen aýlap, Hakberdiniň maňlaýyndan saldy.
--Ine saňa heleý, ýezit!
Mäkäm degen daş ýaly gaty düwünçek başyny aýladymy-nämemi, çaýkanan
Hakberdi tas suwa ýykylypdy. Ol zordan aýak üstünde saklanyp maňlaýyny tutdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 28
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.