Latin

Keseki - 13

Total number of words is 3781
Total number of unique words is 2192
32.5 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ekeni.Ol öňürti dilmaja ýüzlendi.
--Myhman arzyny beýan edibersin!
Hanyň ýüzüne göni garap oturan Blokwil:
--Merhemetli jenap Gowşut han!—diýdi.—Egniňizde uly iliň agyr aladasy,şeýle
hem welaýatyňyzda müňlerçe gajar bendisi barka-da,meni belent huzuryňyzda kabul
edýändigiňiz üçin size çaksiz minnetdarlyk aýtmaga borçludyryn.Ony men özümi size
garşydaş däl döwletiň raýatydygym bilen hem baglamak isleýärin.
Blokwil öz ömür ýoluny uzakdan-uzak gürrüň bilen dowam eder öýdüp çaklan
Gowşyt han onuň sözüne dyngy bereninden peýdalanmak isläp:
--Men siz hakda eşitdim--diýdi.—Abdal beg diýilýän kişiniň Maşatdan gönderen
habarynam bilýän.Elbetde,beýle ikidillilik Nasretdiniň ilkinji ähtiýalanlygy bolan bolsa,
soňkusyna geňirgenerdik. Nasretdin şanyň mertebesi belent hasap edilýän möhüride,edil öz kalby ýaly,wadasyna wepasyzdyr.Biz onuň şeýledigini ozaldanam bilýärdik
welin, segsen sany aksakalymyzy maslahat bahanasy bilen çagyryp,aýatda,megerem,
heniz bolmadyk ejizlik edeli bäri-hä...
Hanyň Abdal bege çenli habarlydygyna göz ýetiren Blokwil aýtmaly hasap edýän
zatlaryny birneme gysgaltmaly diýen netijä geldi.Indi oňa esasy maksadyny beýan
edäýmelisi galdy.
--Merhemetli Gowşut han,şa möhüriniň ähdiýalandygyna göz ýetirenimden soň,
men şa däl adam bolan siziň gapyňyzdan gelmäge mejbur boldum.Siz maňa ýardam
etmeli..
121
Gowşut hanyň köpmanyly garaýşy Blokwiliň buýruk ýaly bolup ýaňlanan
sözlerine düşündiriş talap etdi.
--Siz meniň gury ýaly gepime,elbetde,ynanmanam bilersiňiz. Ýöne ynanarsyňyz
diýen umyt edýärin.Men türkmene,türkmeniň hany bolan size hyýanatly adam
däl.Meniň siziň iliňize düşmegimem ykbal işi.Men ýagdaýy beýan edip,Merw hanynyň
adyndan Fransiýanyň hökümetine hat ýazylmagyny isleýärin.Ol hat maňa tölenmeli
puluň tiz gelmegime ýardam ederdi.
Gowşut han dymdy.Ol dymmak bilenem myhmanynyň näjüre adamdygy hakda
özüçe many çykarjak bolýardy.Blokwiliň döwlet derejesinde gep açyp,gaty ynamly
gepleýşi,özüni adaty bir harby adamdan ýokarrak tutýan ýaly bolşy,hany ol baradaky
önki pikirlerine gaýtaryp getirdi.Gowşut han heniz hiç kimiň ýanynda öz aýgydyny
beýan etmedigem bolsa, Blokwil hakda ilki eşiden badyna başgaçarak pikir hem etmän
durmady.Ony başga-başga maksatly adamydyr öýtdi.Cünki adaty bir harbynyň üç-dort
dil bilmegi,onuňam Mara çozan Eýran goşunynyň arasy bilen tötänden bu ýere gelmegi
birneme müňkürlik hem döretmän durmaýardy.Çünki dünýäniň,Orsýet,Pereňistan,iňlis
yaly döwletleriniň älemiň bähbit geläýjek ýurtlaryny biri-birinden öň eýelejek bolup
ýykgyn edýändiklerinden türkmen hany habarlydy.Üstesine-de, şeýle derejedäki
sowatly kişä türkmeniň ökderäk mirabynyňam başaraýjak işini amala aşyrmak
tabşyrylyp, uly ýurduň şasynyň derejesinde gepleşilip,onuň bu ýere ýollanmagy
onçakly ynanyljak waka däldi. Şonuň üçinem Gowşut han Blokwil barada eşidenden hiç
bir türkmeniň hyýalyna gelmeýän başga bir pikir edipdi. Pereňistanly bolmagyna
garamazdan,türkmen hany,näme üçindir, Blokwili iňlis jansyzydyr hasap etmek
isleýärdi.Gowşut nan daşyndan dymsa-da,içindäki şol pikirler,çaklamalar
dymmaýardy.Bolsa-da, hanyň dymmagynyň her sekundy Blokwil üçin onuň ýesirlikde
oturýan tutuş bir güni ýaly uzaga çekdi.
Kän garaşdyran han gepläp başlady:
--Öňi bilen-ä, biziň çakylygymyza görä bu ýere myhmançylyga gelmedik raýaty
üçin Pereňistan ýaly uly döwlete hat ýazmak gelşiksiz bolardy.Soňundanam,beýik
döwletiň raýaty Merw hany bilen däl-de,Eýran şasy bilen kepilnama baglaşypdyr
ahyryn. Şoňa görä hem beýik döwlete haty biz ýazman, kepilnama beren şanyň özi
ýazsa, dürs bolardy. Şeýle hem Nasretdiniň öz wadasynda tapylmak üçin ýazmaly haty
sizi azat ederdi, hemem bizi ýerliksiz hat ýazmak bilen düşjek gülkünç ýagdaýymyzdan
gutarardy…
Esasy mesele hasap edýänine islemedik jogabyny alan Blokwil şol jogap bilen
kanagatlanyp gaýdybermeli däldi.Ol öz arkasynda Eýran,Owgan ýaly hem dälde,olardan has belent döwletiň durandygyny nygtap,şonuň bilenem türkmen hanyny
başgarak äheňden gopmaga imrikdirmek isledi:
--Merhemetli han,siz Fransiýanyň nähili döwletdigini bilýänsiňiz.Meniň özümem,
siziň diliňizde aýtsam,şa köşgüne golaý maşgaladan bolmaly..
Guruljak bolunýan syýasata, myhmany sözüni tamamlamanka düşünen Gowşut
han ýatyma görä ýatmaly etdi:
--Biz adamlara köşge golaýlygy, daşlygy bilen baha bermeýäris.Biz ilde şa-da
ýok,köşk-de. Biz elimize düşen duşmanyň hemmesine «ýesir» diýýäris.
Handan beýle jogap alaryn öýmedik Blokwil goranmaga çalyşdy.
122
--Men siziň topragyňyzy basyp almaga gelmedim.Men size duşman bolup
gelmedim.Bu topraga düşüp eden işim, parslaryň tabşyrygy bilen edilen bolsa-da,siz
üçinem bähbitli iş, merhemetli han.
Gowşut han çep elini çalaja ýokary galdyrdy.
--Öňi bilen-ä,siz nähili bähbitli iş edenem bolsaňyz,ol biziň duşmanymyžyň
bähbidi aralyp edilen iş.Biziň duşmanymyzyň bähbidini arap iş eden adamyňam bize
dost bolmaýandygyny özüňizem blmelisiňiz.Şeýle hem bize bähbitli iş diýýäniňizi biz
sizden haýýş etmändik.—Han myhmany hörpüni gaty ýokardan tutup oturmazy ýaly,ol
düşünse gerek diýen çak bilen gizlin saklap ýören syrynyňam bir çetiniň üstüni çalarak
açyp galmagy kem görmedi.—Siziň bu toprakda bitirmeli bolan işiňizi Eýrandan başgada islendik döwlet buýrup bilerdi.Ýöne häzirlikçe ol ýumuş Eýranyň ady bilen
baglanyşýar.Çünki şu mahal biziň üstümize dökülen islendik diýilýän başga döwlet
däl-de,hut Eýran döwleti…
Blokwil geplemedi. Şonuň üçinem baş han sözüni şeýle dowam etdi.
--Ýene bir gep.Biziň ylymsyz,bilimsiz miraplarymyzyň çeken ýap,çilleriniň
ýagdaýyna göz ýetirmegi Nasretdiniň iň bisowat adamlary-da başarardy.Ol iş üçin
artykmaç harç-harajat tölenip, telim dil bilýän, ylym okan bir kesekiniň biz ile
iberilmeginiň syry hakda-da oýlanmaga bizde esas bar…
Blokwil hanyň ýüzüne mekir nazar bilen garady,ýöne nazary özüniňki ýaly
manyly nazar bilen çaknyşansoň,ýüzüni derrew aşak saldy. Ol türkmen hanynyň edýän
çakyny tassyklap, mertlik edip bilmese-de,öz-özüne: ”By çölüstanda beýle adamlar
nädip döreýärkä?!” diýen sowal bermäge mejbur boldy.
Şeýlelikde, pereňli ýesir türkmen hany bilen gep atyşyp peýda gazanmajakdygyna
göz ýetirdi.Onsoňam ol oýlanyp görýär welin,han hem özüçe mamla.Bolsa-da, ol han
huzuryna düşenine görä,indi gaýdyp bolmajak häzirki mümkinçilikden her edip-hesip
edip bähbit aramalydy. Ol hem häzirlkçe-hä başartmaýardy.
Gapyda peýda bolan ýigit:
--Han aga,Ahaldan iki sany aksakal geldi!—dýýdi.
Baş han Blokwiliň ýüzüne seredip oturyşyna habar getiren ýigide:
--Garyndaşlaň atyny baglaň,ýadawdyrlar,çaý-suwuna serediň!—diýdi-de,önki
gürrüňi dowam ediberdi.—Biz sizi özümize duşman okunamzok.Türkmeniň garşysyna
ok atmanyňyza-da ynanyp bileris... Men şu ilde baş han bolsamam,gapymda ýesir
saklamok.Men şy ilde baş han bolsamam,gapysynda bendi saklaýan adama «Bendini
azat edip göýber!» diýip bilemok. Çünki dek düýn duşmana garşy göreşiň diýip halka
ýüzlenen han bu günem duşmanyny gan döküp bendilige öwren ile tersine buýruk berse,
nähili bolar? Ýesir saklamagam, ýesiri satmagam,ýesiri azat etmegem düýnki duşmany
ýesirlige öwürmegi başaran iliň öz işi.
Ýesire seredilip aýdylan ol sözler ýesir saklaýan Mämmedöwez pälwana-da
berilýän jogapdy.Megerem, ol sözler hanyň soňky sözleri bolmalydy.Ony şeýle bolsa
gerek diýip çaklan Blokwil:
--Men siziň daşyňyza syýasat toruny gurjak bolamok,merhemetli Gowşut han –
diýdi.--Ýöne meniň beýik Fransiýanyň ogludygymy welin siz unutmaň…
Pereňliniň sesi buýruk ýaly bolup ýaňlansa-da,Gowşut hanyň sesi parahat çykdy.
--Men hiç zady unudamok.Siziň ýaňky sözi indi üçünji gezek aýdýanyňyzy-da
unudamok.. Belkem,siz öz beýik döwletiňiziň goçüsyňyz.Men oňa ýnanýan. Ýöne
123
sizem biziň kiçijik ilimiziň kiçijik dagydygymyza ynanyň. Biziň ilde “Goç näçe
güýçlem bolsa, kiçijik dagy-da süsmez” diýen gep bar. Sizem şony ýatda
saklasaňyz,belki-de,nepi deger…
*
*
Baharyň gelmegi bilen gije gysgalyp,gündiz uzaýanam bolsa,Blokwil üçin
tersinedi.Gün ýaşan badyna başlanýan, mahaly bilen gutarmaýan tukat gijeleri geçirmek
oňa gaty agyr düşýärdi.Gündiz ugruna,näme-de bolsa, bir güýmenje tapylýardy.
Öz haýyş etmegi bilen Eýemyrat goňur Blokwiliň eline pil berdi, etmeli işi
görkezdi. Ýaz howasynda kebzesini derledip işlän pereňliniň süňňi birneme ýeňledi.
Ozal daýhançylygyň nämedigini asla bilmeýän kapral ýer agdarmagam öwrendi,joýa
gazmagam. Ol iki-üç hepdäniň içinde bir tanap ýeri gyzyl dörjük edip çykdy. Bu iş
gündize degişlidi. Agşamlaryna bolsa ýene şol aýylganç içgysgynçlyk başlanýardy.
Soňky mahallarda uzyn gijede üç-dört sagatdan kän uklamaýan Blokwil öz
saglyk ýagdaýyndan howatyrlanyp başlady. Peýda bolan kellagyry mahaly bilen
aýrylyp gitmänsoň, ol beýnisine zeper ýeter öýdüp gorkdy.Ukynyň köp böleginiň
ornuny alada, pikir,arzuw-hyýal eýeledi. Berýän netijesi bolmasa-da, pereňlini
akylyndan azaşdyrman saklaýan ýene şol arzuw-hyýaldy, bir eden arzuwyndan netije
bolmajagyna göz ýetirse, başgasyna geçýärdi..Ol bir başlanan gow-u--erbet zadyň
hökman gutarýandygyny, hiç zada mätäç däl şalaryňam ölýändigini,hiç mahal mizemez
diýlip gurulýan altyna barabar kösgi-eýwanlaryňam ahyr gara guma garylýandygyny
ýatlaýardy. Şeýdibem, ol hupbatly hakykat bilen süýji arzuwyň arasyndaky gysgajyk
ömrüni uzaldýardy.
Bu gün Blokwili Agabeginiň garyndaşlarynyň biri diläp alyp gitdi. Garyndaşyň
öýi bu ýerden iki mellek gündogardady. Pereňli dörtgyraňdan garaýagyz pyýadanyň
yzyna düşüp barýarka, öz sataşyp ýören güni barada oýlanyp, ajy ýylgyrdy. Haýsydyr
bir ýarym çarwa, ýarym çomry adam fransuz kapralyny, orak, aňňal, pil, çarşak
hökmünde diläp gelen garyndaşyna işledip peýdalanmagy üçin berip
goýberýär.Üstesine-de, kapraldan şol işi etmek isleýändigini ýa-da islemeýändigini
soramalydyram öýtmeýärler. Kapralyň indi öz pikiri, öz sözi bolmaly däl, agabegler
näme diýseler, şony sesini çykarman edibermeli. Başga ýol, gaýry cykalga ýok.”Gul
bolup doglup,gul ömüre kaýyl bolup geçýänleriň ýagdaýy nähilikä? Ýa-da şol kaýyllyk
hem.. Adam gul bolup dogulmaýar ahyryn.Ol doglandan soň gula öwrülýär-ä. Onuň gul
bolup dogulmagy kanun däl, gul bolup ölmegi emeli döredilen kanun.”
Eýemyradyň garyndaşy Blokwili ozal ýary gazylan döläniň işini tamamlamak
üçin dilän ekeni. Ol ýesiriň eline pil berensoň, hojaýyn bolup sesini gataltdy, tabşyryk
berdi, şeýdibem, öýüne girip gitdi.
Az salymdan töwerekden peýda bolan oglan-uşak pereňliniň daşyny gurşap aldy.
Olar gapdalda ýatan uzyn ak töňňäniň üstünde hatar bolup oturdylar-da, ýesire tarap
seretmäge başladylar. Ýygnanan çagalaryň hemmesi hem garaýagyzdy, eşikleri-de
horaşady. Olaryň bolup oturyşlaryny synlan Blokwil özünden erksiz ýylgyrdy. Çünki ak
töňňäniň üstüne düzülen garaýagyz uşaklar öňa höwürtgäniň agzynda hatar oturyp,
eneleriniň iýmit getirerine garaşýan garlawaç çagalaryny ýatlatdylar.
Edilmeli işiň üçden bir bölegi hem gutarmanka, gara dere batyp daş çykan Blokwil:
--Biýo, gel!—diýip, oglanlaryň eke-tokarak birine parsça, türkmençe ýüzlenenide az gören ýaly, “ bärik gel “ diýen manyda elini hem bulap goýberdi.
124
Çagyrylan oglan ýesiriň edil alkymyna baryp durdy. Blokwil oglanyň bedenini
başdan- aýak öwrenmek isleýän ýaly, dabanyndan depesine çenli howlukman gözden
geçirdi-de, ahyram onuň hut düýn-öňňun iňňeden çykan owadan tahýasynda nazaryny
saklady.
Ýesire döle gazdyrýan hojalygyň ýaş hem örän owadan gelni bilen tirkeşip öýden
çykan
eli tabakly Akmaral gapydaky ýekedüýp tut agajynyň şahasyndan asylgy
süzmehaltanyň ýanyna gelip durdy.
Blokwil häzir olara känbir üns bermese-de, ilki görende owadanlygyndan başga-da,
siňe seretseň, çep aýagynyň üstüne biraz ýemseýändigi bildirýän gelni ozaldanam
tanaýardy. Sebäbi owadan gelin her gün Eýemyradyň gapysyndaky guýudan bir gezegä suw çekip gaýdýardy welin iki sapar gatnaýan wagtlary-da bolýardy.
Ýesir öýden çykanlara ullakan üns bermedigem bolsa, öýden çykanlaryň biri -Akmaral welin süzmehaltanyň gapdalynda tutup duran tabagyna däl-de, diňe döle
gazylýan ýere tarap seredýärdi.
Blokwliň tahýa gaty hyrydar göz bilen garaýandygyny duýan oglanjyk kellesinden
çykaran başgabyny oňa uzatdy. Ýesir ilki-hä tahýany üns bilen synlady, keşdeleriniň
üstünden barmaklaryny ýöretdi, geň galyp başyny ýaýkady, soňam ony kellesine geýdi.
Uly adamyň oglan tahýasyny geýenini gören çagalar, heniz bolmadyk bir gyzykly waka
tomaşa edýän ýaly gyzyl-gyran gülüşdiler.
Ýedi-sekiz ýaşly oglanyň kellesine ölçelip tikilen tahýa uly adamynyň başyna
kiçeňräk gelýärdi. Emma kellesi türkmen tahýaly fransuz ýesirini, bolýan wakany ýeke
düýp daragty penalap synlaýan Akmaralyň gözüne Blokwil fransuzam däldi, ýesirem
däldi. Ösgün buýra saçyny hasaba almasaň, ol orta barmak ýaly saryýagyz türkmen
ýigididi. Akmaral özüniň ýetişen gyzdygyny duýup başlanyndan saryýagyz ýigitleri
gorse tolgunýardy. Akmaral ol ýigidi gyzlyk joşguny şu mahala çenli hiç kim
tarapyndan hyjuwy köşeşdirilmedik zenanyň atygsap duran ýiti gözüniň görgürligi,
hyrydarlygy bilen synlady. Synladygyça-da ol özüni ýitirýän ýaly ýagdaýa düşdi,
kalbynda bolup geçýän ýakymly gozgalaňdan özi uýaldy. Ol ýesir baradaky
pikirlerinden tizräk sowaşmak üçin:
--Akmyrat, bärik gel!—diýip gygyrdy.
Blokwiliň başyndan çykan tahýany öz başyna geýen oglan çagyrylan tarapa ylgap
gaýtdy.
--Akmyrat jan, ejeň saňa täze börük tikdimi?
--Hawwa—diýen oglanyň dodagy dodagyna gelmedi.
--Gutly bolsun! Hany, göreýin!
Süzmeli tabagy ýerde goýup, Blokwiliň goňrasdan kümüş öwüsýän saçynyň
üstünde durup gelen tahýany eline alanda, kalbynyň islegine görä şeýle boldumynämemi, Akmaralyň burnuna erkek adamynyň zenan ýüregini gobsundyrýan özboluşly
ysy uran ýaly boldy.Ol ys Akmaraly tolgundyrdy. Ol tolgunsa-da maksadyna ýetdi—
Akmyradyň tahýasyny öz garşy bilen ölçäp, höwes eden zadynyň çakyny aldy. Ol
höwes Akmaralyň kalbynda Blokwil oglanyň tahýasyny başyna geýen pursaty döräpdi.
Hyýalda fransuz ýesiriniň kellesinde türkmen tahýasy peýda boldy. Tahýa Akmaralyň
elinden, Akmaralyň iňňesinden çykandy.
Ýene bir gezek “Gutly bolsun!” alan Akmyrat döle gazylýan ýere gitdi.Ol baran
badyna Blokwil gyzjagazlaryň birine ýüzlendi.
125
--Seňki adyň kim?
--Oguljahan—diýip, gulpagy taýzarylyp duran, ýedi ýaşlaryndaky gyzjagaz
jykyrdap, jogap berdi.
--Seňki ogul deýl. Seňki gyz.
--Meň adym Oguljahan. Özümem gyz. Waý, bi adamy! Hi-hi-hi...
--Waý,oňa oglan diýäýd-eý!—diýip, ýesiriň diýmedigini diýdiren, gözleri ýanyp
duran oglan ellerini çarpdy.—Bi adam oglan bilen gyzam tananok.
Blokwil çagalara üns bilen syn etdi.Olar biri-birlerine-de düýpden meňzemeýän,
hersi aýratyn bir dünýädi.Ýüz keşpleri-de,saýry göz bilen seretseň, gaty özboluşlydy.
Blokwilde olaryň suratyny çekmek höwesi döredi. Ol bäs-on ädimlikdäki tamdyra tarap
seretdi-de,çagalaryň birine ýüzlendi.
--Git, komür getir mana!
Pereňli çalgyrt geplese-de, çagalar düşündiler.
--Kömür getir diýýä saňa.
Ýumuş buýrulan oglan ylgap gitdi-de, tamdyryň gapdalynda ýatan kesewini alyp
geldi.
Blokwil piliň ýüzi bilen kesewiniň ot dörülip kömür bolup giden tarapyny
birneme inçeltdi.Gabygy sypyrylan ak töňňäniň ýüzünde, orülen gulpagy owlagyň şahy
ýaly bolup duran gyzjagazyň şekili peýda boldy. Şekil gyzjagaza şeýle bir meňzeşdi
welin,megerem, ömürlerinde ilkinji gezek surat, onda-da özleriniň biriniň suratyny
görýän çagalar oňa haýran galdylar, el çarpyp, heşelle kakdylar.
Blokwil oglanjyklaryň biriniň eliniň aýasyna kesewiniň ujuny üç-dört gezek
aýlanda,çaganyň kese bakyp duran suraty peýda boldy Jaýtaryp duran inçejik
burun,şapbat ýaly gulak,tüňňi maňlaý edil hakyky bolşy ýalydy. Ol hem çagalaryň
jykyrdaşyp, şowhun turuzmaklaryna sebäp boldy.
Uşaklaryň galmagalyna öý eýesi daş çykdy.
Ak töňňäniň ýüzündäki şekil Eýemyradyň garyndaşyny ýylgyrmaga mejbur
etdi.Ol ilki şekile,soň gyzjagaza telim öwra, gezek-gezegine seretdi. Ahyram ol
ýylgyrmasyny bes etdi-de:
--Sen, pereňli molla,adamyň suratyny çekmegiň gadagandygyny bileňokmy?—
diýdi. Blokwil ýüzüne soragly seredensoňam, ol dowam etdi.—Bilmeýän bolsaň,bilip
goý. Bu dünýäde adamyň suratyny çekseň, o dünýäde öz janyňdan jan bermeli
bolarsyň. aňa musulmançylygyň düzgünlerini bilmeýän adam diýerler.
Wagtlaýyn hojaýnyndan gep alyp galmak işlemedik Blokwil:
--Siziň Kuranyňyzda-da surat çekmek günä diýlen ýeri ýok bolsa gerek, agabeg—
diýdi.—Eger o dünýäde jan bermeli bolsa-da, men öz janymdan kesip beräýerin.
Aýdylana gülüp oňaýmaly halyna, Eýemyradyň garyndaşynyň gaýtam,gahary
geldi.
--Sen mukaddes Kurany ýapyşalga etjek bolma/ Janyňdan beýle iren bolsaň,
suraty öz iliňe baraňda çekiber. Biziň ilde şerigata sygmaýan iş etme. Sen ýaly
kapyryňam günäsini götermämizde-de, özümizem ak guş däl.
--Surat çekmek günä deýl, Agabeg.
--Günä-sogaby kapyr gowy seljerermi, musulman?—diýip, sesini gataldan
garyndaş ýene bir gezek öz yzgytsyzlygyny görkezdi.-- Hany, bolgusyz gepiňi tüket-de,
pili eliňe al. Sen bu ýere surat çekip, il güldürmäge geleňok-da, döle gazmaga geldiň.
126
Çagalar dyr-pytrak boldular.
Blokwil çukura tarap ýöredi.
*
*
*
Özüni alyp gaçmaga gelenleriň eline düşmän,uly beladan gutuldym hasaplan
Blokwiliň başyndan ýene bir bela indi.Ol ýanyňda hor çekilip,ukudan galmak bilenem,
hor-homsy gün görmek bilenem deňär ýaly zat däldi. ”Akmaral hamyla bolupdyr.Ol işiň
sebäpkäri-de pereňli ýesirmiş» diýen gürrüň peýda boldy.
Akmaralyň gapysynda hiç mahal del-dül erkegiň görünmeýändigini, özüniňem
hatary terk edip,hiç ýere gitmeýändigini nazara alsaň, hamylalyk hakyndaky gep,
dogrudanam, bir nokada syrygýardy. Ol nokat hem mejbury ýagdaýda Akmaral bilen
görüşýän, gep-söz alyşýan Blokwil bolmalydy.Başga çaklama ýokdy.Bir zat bardy—
Akmaral ýaýlaga gidip gelei bäri başga Akmarala öwrülipdi; tutukdy, keýpsizdi, özüni
alyp baryşy-da başynda bir apat bardyr diýen çaklama döremegine tutaryk berýärdi.
Goňur obasynyň iň hormatly ýaşulysy Mämmedöwez pälwanyň neberesiniň
abraýyna çek ýeirjek bolup gep gözleýänler her hili gep tapmagy başarsalaram, beýle
gürrüňiň döremegine esas bolan iki sany düýpli sebäpden bihabardylar,
Birnjien-ä, Akmaralyň hamylalygy barada tüýs ynanaýmaly tutaryk, tapyp gepi
ilkinji döreden Blokwili ogurlamaga gelen iki ýoldaşyň ele düşeni-- Halsähet gassabyň
inisi Rahymgulydy. Ol ýesiri ogurlap satmakdan geljek bähbidini köýdüreni hemem
özüni masgara eseni üçn Mämmedöwez pälwandan ar almak isledi. Ol esasy ar almak
diýibem Mämmädöwez pälwany Blokwile tölenjek puldan mahrum etmeklik diýip
düşündi. Akmaralyň ata çykyp, gylyç syrmagy başarýan, ar-hamysyny ähli zatdan
belent saýýan hossarlarynyň gulagyna gyzyň hamyladygynyň, onuň sebäbiniňem
ýesirden görülýändiginiň habaryny ýetirip bolsa, Halsähet gassabyň inisi aňsat ýol bilen
maksadyna ýetýärdi. Akmaralyňam, iň bolmanda ýesiriň öldüriljekdigi ikuçsyzdy.
Dörän gepiň çyndygynyň magadyna ýetse, namys astynda galan Mämmedöwez
pälwayň hut özüniňem, ol işi inilerine-de goýman, ýaraga ýapyşjagy çyndy. Hälsähet
gassabyň inisiniň başlan gabahat işi amala aşmaga tarap barýardy.
Akmaralyň gapysynda hiç mahal del-dül erkegiň görünmeýändigini, özüniňem
hatary terk edip,hiç ýere gitmeýändigini nazara alsaň, hamylalyk hakyndaky gep,
dogrudanam, bir nokada syrygýan ýalydy. Ol nokat hem Akmaral bilen hälimi-şindi
görşüp,gep-söz alşyp ýören Blokwil bolmalydy.Başga çaklama ýokdy.Bir zat bardy—
Akmaral ýazlaga gidip gelei bäri başga Akmarala öwrüldi; tutukdy, keýpsizdii, özüni
alyp baryşy-da başynda bir apat bardyr diýen çaklama döremegine tutaryk berýärdi.
Akmaralyň “üýtgän ýaly bolmagynyňam’” öz sebäbi bardy. Ol gysgaça beýan edilse
şeýledi: Akmaral ýazlaga gidende, goňşy ýaýlada mal bakýan bir çoluk bilen
tanyşýar.Ýagdaý iki sany başy boş adamyň bir maşgala birikmegine tarap gönükýär.
Ahyram, haýsynyň günäkärdigini Alla bilýär welin, ol ikisiniň arasyna tow düşüp, çoluk
Akmaralyň göwnüne degýär. Ol tersleşik ahyr bagtynyň açyljagyna umyt baglan
Akmadalyň ýüregine düwün hem däl, ýara salýar.Indi ähli zatdan namut galdym hasap
eden gyz şondan soň ýylgyrmasynam, adamlar bilen öňküleri ýaly adam şekilli
gepleşmegi-de unudýar. Onuň beýle ýagdaýy hem hamylalyk töhmediniň üstüne urna
127
bolup, onuň esasly gürrüňdigine ynamy güýçlendirýär.Iň ýaman ýeri-de töhmediň
döreýşinden Halsähet gassabyň inisinden, ikinji, Akmaralyň
başga adama
meňzemeginiň sebäbini-de Akmaralyň özünden başga hiç kim bilmeýänlirdi. Şol
bilinmeýänlik hem gepi köpeldýärdi, ýalany çyna öwrülen ýaly edip görkezýärdi.
Gojuk obasyndan tebip gelen güni bir topar aýalyň gözüniň alnynda, görenler
aýtmyşlaýyn, ýesiriň boýnundan,
“mähir bilen tutan” Akmaralyň, il ýatyp,
uklanyndan soň nämelere ýüz urýandygy bir Hudaýa belli, bendesi diňe gözüniň
görenine ynanýar, ýöne, kä halatda şol bendäniň gözüniň görmedik ýalanyna-da çyndan
beter ynanaýmasy-da bolýar. Iň ýamany şol. Akmaralyň horluk-semizliginde hiç hili
özgerme ýok hem bolsa, töhmetden lezzet alyp, töhmet gözleýän gözler onuň “birneme
dykyzlanandygynyň” hem gürrüňini edýärdiler.
Akmaralyň pereňli ýesiie bolan garaýşynyň manysy hem diňe onuň özüne
düşnüklidi. Ol mana Akmaralyň özünden başga, hatda Mämmedöwez pälwan ýaly
köpi gören dana adamlaram gatybir düşünä ýjek däldi. Derdi çeken biler—Blokwiliň
ýesirliginiň derdiniň yzasyna
ýesirlik derdini çekeni üçin diňe
Akmaral
düşünmelidi.Düşünýärdem. Onuň tebibiň haýyşy bilen Blokwiliň boýnundan tutmagda, tebip oňa nabatly suw içirmeli diýende, bir ýerden düşüp ýatan iki bölek aşyk ýaly
nabady ezip, bir käse süýji suw eltmegi-de,oňa rehimdar garamagy-da zenanyň erkege
bolan duýguly garaýşy däldi-de, adamyň adama bolan gatnaşygydy, Akmnaralyň
ganyndaky ynsanperwer türkmen ganynyň gatnaşygydy. Akmaralyň gyrnaklykda
geçiren uzak ýyllarynyň dowamynda çeken iň agyr jezasy açlyk, suwsuzlyk däldi-de,
ýekelikdi. Dile ikitaraplaýyn düşünilmeýän ýerde adam köpüň içinde-de ýeke bolýar
eken.Ol Blokwil ýaly täk özi kepbede ýaşaman, kän adamyň arsynda ýaşanam bolsa,
Eýran ýaly uly ýirtda-da özüni ýalňyz duýdy.Ol häzirem yzda galan gyrnaklyk
ýyllaryny ýatlasa, ýalňyz bolandygyny ýatlaýardy, şol geçen ýalňyzlyk henizem inini
tikenekledýärdi. Goňur obasyndaky pereňliniň bolsa kalbyna az-kem teselli berip biljek
Akmaraldy, diňe Akmaraldy. Sebäbi ol ýesiriň düşünýän dilinde gepläp bilýärd, ony
diňläp bilýärdi.Akmaral gyrnaklykda bolanda esasy arzuwy düşünýän dilini eşitmek,
düşünýäne öz dilinde aýdylýan sözi eşitdirmek boldy. Şonuň üçinem bendä, türkeme
garşy ok atmanyna, türkmene duşman däldigine halys ýürekden ynanylýan bendä
rehim etmek isleýän Akmaral birehimleriň gepinden, töhmedinden gaçyp, ýagşylygy
adamlardan gizläp etmelidi. Dogry, adama edilýän ýagşlyk adamdan gizlenmeli närse
däldi. Ýöne düşüilmeýän ýerinde ýamanlyga öwrülýän ýagşylyk ýamanlykdan beter
ýamanlyk bolýardy. Akmaral biçäräniňki hem şeýle boldy.Ýöne onuň üçin bir
wagtlaýyn gowulyk bardy, ol hem özüne edilýän aýylganç töhmetden özi bihabardy.Ol
hem Hudaýyň ýalkadygydy. Ýogsam ol agasy Mämedöwez pälwana-da galdyrman,
Halsähet gassabyň inisni özi maksadyna ýetirerdi.
Käte guýudan suw alyp gidýän hortap gajar ýene Eýemyradyň gapysynda
göründi. Oňa nazary düşen Blokwil täzelikler bilen gyzyklanmak üçun kepbesinden
çykdy.
Obanyň içinde erkin gezip,adamlar bilen gürleşip ýörmäge mümkinçiligi bolansoň,
gajar indi indi türkmençe-de birneme bilýärdi, şonuň üçinem il arasyndaky gepgürrüňlerden habarlydy.Ol suwa gelen mahaly Goňurdaky,hatda başga obalardaky
ýagdaý bilen,ýesir gajarlaryň hal-ahwaly bilen Blokwili hem habardar edýärdi.Bu gezek
welin Blokwil ýesiriň öz halyndan habar almaly boldy.
128
--Gulam beg,näme ýüzüň salyk görünýä-le? Agabegiň bilen araň bozuldymy?
Gulamyň sesi aladaly çykdy.
--Ilimden aýraçylygymy hasap etmesem,mende alada ýok,Agabeg.Meni seň
düşen ýagdaýyň alada goýýar...
--Ikimiziňem derdimiz bir ahyryn.Näme üçin meň ýagdaýym seni alada
goýmalymyşyn?
--Beýle däl,Agabeg.Seň ýagdaýyň gaty kynlaşýar,Agabeg.
Gulam oba ýaýran habary aýdanda,Blokwiliň başy aýlanyp gitdi.Ol özünden
erksiz halda, Akmaralyň öýüne tarap nazar aýlady,özüni ýatdan çykaryp,Akmaralyň
başyndan injek howp hakda oýlandy.Onuň çaklamalary,oýlanmalary Gulam begiň
getiren habary bilen utgaşyp,asmandan inen apata öwrüldi.
Gulamyň soňky aýdanlary Blokwili hyýaldan hakykata çykardy.
--Meň Agabegim: «O zenanyňam,pereňliňem hökman kellesini alarlar» diýýä..-Blokwiliň düşjek ýagdaýna öňünden baş ýaýkan ýesiriň soňky aýdany-da Agabeginiň
adyndan aýdanyndan pes bolmady.—Şerigatyň kadasy şeýle bozulsa,erkegem,zenanam
öldürýaler.Musulmançylygyň talaby şol-da. Bizde-de şeýle... Men seni gorkuzjak
bolamok. Ýöne bilip goý,şerigatyň düzgüni zabundyr,Agabeg.Men...
Blokwil Gulamyň soňky aýdanlaryny eşitjegem bolmady.Ol aýagynyň ýere
basylýanynam duýmaýan ýaly bolup kepbä girdi,özüni köne keçäniň üstüne goýberen
badyna-da, ilki ýyldan soň şol köne düýşi boldy.Parizde görlen düýşüň ýorgudy
ýylýarymdan soň, Goňurda amala aşjakmyka? Ýöne düýşünde görşi ýaly ol hündi gara
hem ýalaňaç aýyrhalaryň elinden däl-de,tersine—owadan zenan sebäpl onuň
hossarlarynyň elinden ölmeli bolarmyka? Blokwil bendi gajaryň hoşlaşyp gideninem
aňman galdy.
Pereňli bir sagat çemesi daşaryk seredip oturdy,öýünden çykaýsa,Akmaraly
synlamakçydy.Emma beýleki öýlerden girilip-çykylsa-da,Akmaral göze ilmeýärdi.
Belkem, ol ile ýaýran gürrüňden soň,daş çykmaga utanýandyr? Musulman dünýäsinde
şerigatyň kadalary şeýle berk tutulýarka,Akmaral beýle işe nädip baş goşup bildikä?
Ölümden gorkmadymyka?
Blokwiliň ähli çaklamalary çaklamalygyna,ähli sowallary-da sowallygyna
galýardy.Ýöne guma goýun sagmaga kömekleşmäge giden Akmaralyň yza dolananyna
üç aý töweregi bolup ýörenem bolsa,şondan bäri günde-günaşa görüp ýörse-de,pereňli
onuň daş sypatynda ýa-da özüni alyp barşynda ozalkysyndan üýtgeşik bir zat bardygyna
üns bermedimikä? Aýdylýan gep ugrunda bolsa, ol hem özgerme aňardy ahyryn.Ýa-da
ol gürrüňler töhmetçi aýallaryň ony masgaralamak üçin oýlap tapan hilesimikä?
Soňky günlerde guýudan suw almaga gelýän aýallaryň sanynyň köpelmeginiň,
ozal bir gezek görünmedikleriniňem ýygy-ýygydan peýda bolýandyklarynyň sebäbinede Blokwil indi düşünjek bolýar.
Ana,ýene iki sany aýal guýa geldi.Kyrk ýaşa ser uruberen ol iki zenany-da
Blokwil şu gezek birinji sapar görýär.Olar gelen batlaryna-da Akmaralyň öýüne tarap
assyrynlyk bilen göz aýladylar.Olary aslynda-da suw gerekligi däl,bilesigelijiligiň
heýjany guýynyň başyna getiren ýaly. Aýallaryň hereketlerini synlan Blokwil başyny
ýaýkady. Erkek adamlaram oňly doňuz däl welin,şolar ýaly ýakymsyz gürrüň çykanda,
bilesigelijilik etmekde aýallaryň taýy suwa gaçan bolsa gerek.Olar köp ýurtlarda-da bir
kakuwrak. Parižde,hatda iň ýokary öwrümlerde öwrülýän aýallaram haýsy zenanyň
129
nirede,nähili oýnaşynyň bardygyna,ol oýnaşlaryň baýlygynyň nä derejededigine çenli
şeýle bir bilmek isleýärler welin, yzarlap ,anygyna ýetäýmeseler,öýlerinde rahat oturyp
bilenoklar.Pariž hiç-le.Parižde ýagdaý düýpden başga ahyryn.On oýnaş saklasaňam,on
sany binika çaga dogursaňam, saňa dar agajy garaşmaýar.Heleýleriň gybatyndan başga
aljak jezaň ýok. Gybatdan çekinmeseň,keýp çek-de ýör!..
Suwa gelen iki aýal Blokwiliň çaklamasyny öz hereketleri bilenem
tassyklady.Olar guýudan suw çekenlerinde-de,suwy oz gaplaryna guýanlaryndada,dökän-saçan edip, aladalarynyň başga zatdygyny bildirdiler.Zenanlaryn nazary
Akmaralyň gapysyndady.Öýlerinde alada ýok ýaly,olar guýudan suw çekip
bolansoňlaram howlukmadylar,özara hümürdeşdiler,başbogularyny düzedişdiren
boldular.
Aýallaryň biri kepbä tarap göz aýlansoň,ýanyndaka çalaja ümläp, bir zatlar
diýdi.Pereňli üme-de,ümläniň eşitdirmedik sözleriniň manysyna-da düşündi.”Günäkär
şol kepbede bolmaly.Gyrnagyň baş goşup ýoren işini bir gör.Musulmançylykdan çykan
ganjyk bigäne kapyryň ýorganyna giräýipdir-dä! Girseň,indi almytyňam alarsyň..”
Suwa gelen hatynlar her näçe güýmenserem,suwdan gury çykyp gitmeli boldular.
Olar näçe hantama bolsalaram,Akmaralyň gapysy açylmady. Açylmasa açylmasyn.
Bilesigeliji aýallaryň ýene bir sapar guýa gelmegi kyn däl.Maksatlary öýlän amala
aşmasa, ertir gelerler.Adamlaryň birnäçesi şeýle-dä!
Gury giden aýallar,dogrudanam, çüwmezek ekenler.Ýene azajyk kanagat edäýen
bolsalar-a...
Olaryň gara öýüň ýeňsesine aýlananlary-da şoldy welin,Akmaral daşaryk çykdy.
Düýrmegi bilen görer göze öwrülen Blokwil ony ilkinji ädim urşundan başlap synlap
ugrady.Zenanyň ýöreýşinde,garaýşynda öňküsinden özgerme ýok ýalydy.Ýöne ol
elindäki zady ojagyň başyna taşlamak üçin kepbä golaýrak gelende,pereňli ýesir obada
edilýän gürrüň ugrunda bar bolsa gerek diýip çaklady.Ilki bilen-ä,howa maýyl bolsada,onuň egni donludy.Ikinjidenem,don gaty ýukadygyna garamazdan, Akmaralyň
birneme doluşandygy bildirýärdi.Howanyň bu maýyllygynda ol näme üçin don
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 14
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.